#Article 1: Telewizor (385 words)


B. Rozingiň şägirdi W.K. Zworykin elektron telewideniýesiniň tehnikasynda hakyky öňe gidiş­lik gazanypdyr. Ol rewolýusiýadan soňra Amerika göçýär we bu ugurda işleýär. Ol 1923-nji ýylda bütinleý elektron esaslardan ugur alýan telewideniýäniň üstünde işläp başlapdyr. Ol 1931-nji ýylda dünýäde ilkinji gezek “Ikonoskop” atlandyrylýan mozaiko fotokatodly geçiriji elektron turbany döredip, elektron telewideniýäniň ösüşiniň esasyny goýupdyr.

Şekilleri optiki – mehaniki ulgamda ýaýlyma bermek bilen yzygiderli telegepleşik bermek ABŞ-da 1927-nji ýylda, Germaniýada 1929-njy ýylda başlapdyr. Elektron esaslarda ilkinji yzy­giderli gepleşik UKW – diapazonynda 1935-nji ýylda Germaniýada, 1936-njy ýylda Angliýa­da, Italiýada we Fransiýada başlapdyr. Gepleşikleri bildiriş edip, ýaýlyma çykmak 1936-njy ýylda Beýik Britaniýada başlapdyr.

Eger-de 1947-nji ýylda ABŞ-da 180 müň töweregi telewizor bolan bolsa, 1953-nji ýyla çenli onuň sany 28 milliona çenli artdy. (ýagny her ikinji maşgalada telewizor bardy). Bazar 6 ýylyň içinde gara-ak telewizorlardan dolupdy we amerikanyň radiosenagaty halk köpçüligi üçin ni­ýetlenen täze haryt döretmek maksady bilen reňkli telewizorlaryň üstünde çynlakaý işläp baş­lady.

NTSC ulgamy işläp bejerilenden we döredilenden soňra, 1953-nji ýylda ABŞ-da yzygiderli reňkli telewizion gepleşikler berlip ugrady. Şonda hem reňkli telewizorlar peýda boldy. Şol dö­würde onuň ortaça müň dollar töweregi bahasy bardy, (awtoulagyň bahasynyň ýary), oňa hyzmat etmek bolsa, bir ýylda çen bilen ýene-de şonça baha baryp ýetýärdi. Mysal üçin, hep­dede diýen ýaly hünärmenleriň gelip, sazlap gitmegini talap edýärdi .

Şonuň üçin, ABŞ-da reňkli telewizorlar diňe 12–15 ýyldan soň, giň halk köpçüligi üçin öndüri­lip başlanypdyr. (diňe 1966-njy ýyla çenli ilkinji 10 million reňkli telewizor satyldy). Şonuň ýaly hem ýapon radiosenagaty ABŞ-yň bazary üçin arzan reňkli telewizorlaryň önümçiligini tiz ýola goýdy.

Öňki SSSR-de yzygiderli telegepleşikler 1939-njy ýylyň 10-njy martynda başlapdyr. Bu ýurt­da telewizor önümçiligi 1932-nji ýylda ýola goýlan hem bolsa, ilkinji sowet telewizory 1940-njy ýylda öndürilip, “KWN–49” atlandyrylypdyr. Eýýäm 1957-nji ýylda öňki Soýuzda telewizorlaryň sany bir milliondan geçýärdi. Reňkli telewizorlar 1958-nji ýylda öndürilmäge girişilse-de açyk satuwda bolmandyr. Netijede, 1958-nji ýylda ozalky SSSR bilen Fransiýanyň arasynda reňkli telewideniýe babatda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekilýär we giň halk köpçüligi üçin niýetlenen ilkinji reňkli gepleşik 1967-nji ýylyň 7-nji noýabrynda ýaýlyma berlip başlanýar. Il­kinji reňkli telewizorlar hem Fransiýadan satyn alnypdyr.

XXI asyryň başynda bolsa, eýýäm suwuk kristallik we plazma ekranly telewizorlar köpçülikle­ýin öndürilip ugrady. Häzirki zaman telewizorlarynyň ölçegi birnäçe esse uly bolup, örän takyk görkezýär. 2008-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda ilkinji lazer telewizory satuwa çykdy. 2010-njy ýyl­dan soň, telewizion priýomnikleriň mundan buýanky ösüşinde ýokary takyklykdaky 3D telewi­zorlar has ileri tutulyp başlandy.

Çeşme: zaman gazeti




#Article 2: Türkmen edebiýaty (625 words)


Türkmen edebiýaty—iň gadymy edebiýatlaryň biridir. Ol özüniň taryhyny gadymy zamanlardan alyp gaýdýar. Türkmen edebiýaty bizi gadymy zamanlardan başlap, şu günlere çenli halkyň ýaşaýşy, durmuşy, dürli wakalara gatnaşyşy, gahrymançylyklary, pajygaly ýagdaýlary, arzuw-islegleri, bagtly-şatlykly durmuşlary bilen bizi tanyş edýär. Halkyň döreden şahyrana eserleri: “Gorkut ata”, “Oguznama” , “Kowusnama”,”Görogly” , “Şasenem-Garyp” ýaly onlarça eposlardyr, dessanlar köp asyrlar mundan öňki gahrymançylykly, durmuşy, taryhy wakalary habar berýär. -Türkmen halky öz taryhyny gadym zamanlardan alyp gaýdýan edebiýatyň has ösen döwri orta asyrlardyr. Bu asyrlarda Orta Azyýada Mahmyt Kaşgary “Diwany- Lügat et-türk” , Abu Abdylla Muyzzi (1047- 1127), Omar Haýýam (1048- 1122), Sanjar (1083-1157) “Seljuknama”, Hoja Ahmet Ýasawy (1103-1166) , Aly “Kyssaýy-Ýusup” (1233), Mahmyt Pälwan (1247-1326), Ahmet Burhaneddin Siwasly (1345-1398) Horezm1i “Muhabbetnama” (1353), Seýit Nesimi  (1370-1417), Alyşir Nowaýy (1441-1501) ,Wepaýy “Rownakyl yslam” (1464) , Muhammet Fizuly (1500-1563), Muhammet Baýramhan (1505-1561). Abdyrahym Baýramhan ogly (1556-1626), Berhudar Türkmen “Ragna we Zyba” Garaja oglan (1606-1679) ýaly beýik şahyrlar ýaşap, öz eserleri bilen dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyny baýlaşdyrypdyrlar. Orta, asyrlaryň iň görnükli meşhur yazyjylarynyň biri Muhammet Baýramhandyr. Ol diňe bir şahyr, bagşy-sazanda däl-de , Hindistanda Mongollar köşgüniň baş weziri , harby serkerde-”Han- hanan” hem bolupdyr. Baýramhanyň türki, pars, urdy dillerinde ýazan goşgulary asyrlar geçip, biziň döwrümize ýetipdir.

XVIII asyr türkmen edebiýatynyň özboluşly ösen döwrüde ýaşan görnükli, öňde görüji pikirli söz ussatlary:“Döwletmämmet- Azadynyň (1700-1760) “Wagzy-azat” , “Magtymguly-Pyragynyň” (1733-1783) graz'danlyk Lirikasy, Nurmuhamet-Andalybyň (1710-1770) “leýli-Mejnun”, “Ýusup-Züleýha” , “Oguznama” , Abdylla -žabendänin (1720 -1800) , “Gül “ Bilbil”, “žabährem” , Syýahatnama , “Ĺžeýdaýynyň (1730 -1800 )” , “Gül-Senuber” Mahmyt Gaýybynyň (1734-1800) , “Otuz iki tohum kyssasy” , Gurbanaly Magrupynyň (1740-1810) “Seýpelek-Medhaljemal” , “Döwletýar”, “Ýusup-Ahmet” , “Aly beg-Baly beg” ýaly eserleri türkmen edebiýatyny , dilini we medeniýetini biçak ösdürýär. XVIII asyr türkmen edebiýatynda agzybirlik, il-ýurdy söýmek we ony goramak , bir bitewi döwlete birleşmek , mertlik , batyrlyk , wepalylyk , ar-namysly bolmak “ baş temalar suratlandyrylan.Çeper edebiýatda milli özboluşlylyk , täze mazmunly poeziýa , realistik ugur , progressiw ideýalar has aýdyň dużulýar .

XIX asyrda türkmen edebiýaty döwrebap ösüş ýoluny geçýär. Bu döwrüň türkmen edebiýatynda XVIII asyrda düýbi tutulan esasy temalar, progressiw ösdürilýär , kämilleşdirilýär.

XIX asyrda özleriniň dürdäne eserleri bilen külli türkmene özüni tanadan klassyk şahyrlar: Mämmetweli Kemine, Seýitnazar Seýdi, Gurbandurdy Zelili , Mollanepes , Annagylyç Mätäji we başgalar ýaşapdyr. Bu talantly şahyrlaryň durmuşy dogruçyl beýan edýän , zähmetkeşiň duýgy-dünjesini, ýürek owazyny çeper aňladýan goşgulary ýüreklere teselli berip, dilden -dile geçip gelipdir.

XIX asyrda türkmen topragy dürli taryhy wakalaryň şaýady bolupdyr. Muny Abdy Setdar Kazynyň “Jeňnama” (Tekeleriň uruş-kyssa kitaby) poemasy tassyklaýar. “Jeňnama” (1862) poemasynyň üsti bilen beýik akyldar Magtymgulynyň türkmen tirelerini birleşdirmek , bir bitewi türkmen döwletine-ýeňilmez güýje öwürmek baradaky progressiw ideýlarynyň XIX asyrda durmuşa geçip başlandygyny açyk aňýarys.

XX asyryň başyndaky (1900-1917) türkmen edebiýatynyň taryhyny Döwletmämmet Balgyzyl , Molladurdy , Baýram şahyr , Körmolla, Durdy Gylyç ýaly halk arasynda giňden tanalan şahyrlar bezeýär . Bu şhyrlar öz eserlerini , esasan durmuşy , sosiyal deňsizlik temalarda düzüp, türkmen edebiýatyna öz goşantlaryny goşupdyrlar.

Türkmen sowet edebiýaty (1917-1990) özüniň döreýiş we ösüş başlangyjyny beýik Oktżabr Sosialistik rewolżusiýasynyň ýeňşinden alýar. Onuň döreżiş we ösüş prosesi ýurdumyzdaky sosiýalistik durmuş ajaýyp söz ussatlarynyň -ýazyjy -şahyrlaryň: Mollamurtuň, Berdi Kerbabaýewiň Ata Gowşudowyň, Agahan Durdyýewiň, Oraz Täçnazarowyň, Hydyr Derýaýewiň, Nurmyrat Saryhanowyň, Ata Salyhyň, Aman Kekilowyň, Gara Seýitliýewiň, Towşan Esenowanyň, Kerim Gurbannepesowyň we başgalarynyň döredijilik talanty bilen berk baglanyşýar. Türkmen Sowet edebiýaty geçen taryhy döwrüň içinde tema, ideýa-çeper-çilik janr taýdan has ösýär we kämilleşýär. Onuň taryhyny Beýik Oktýabr, W.Ý.Lenin, partiýa, türkmen halkynyň geçen taryhy -rewolýusiýon ýoly, beýik watançylyk urşunda sowet halkynyň beýik Ýeňşi, parahatçylyk, halklaryň dostlygy, Sowet adamsy we onuň zähmet hem ahlak sypatlary barada ýazylan ýüzlerçe çeper, şahyrana eserler bezeýär .

Türkmen edebiýatyny öwrenmekde onuň ençeme asyrlyk taryhyny yzarlamakda, ýüzlerçe talantlaryň döredijilik dünýäsine göz aýlamakda bize şu “Türkmen ýazyjylarynyň portretleri” diýen komplekte girýän 16 ýzyjy-şahyryň kömek berjekdigine ynanýarys.

Makalanyn alynan yeri

Türkmen edebiýaty

Şahyr Aman Kekilow (rusça)




#Article 3: Baýramaly (939 words)


Baýramaly Türkmen aga özüni bileli bäri oba bolup görmedik şäher. Şonuň üçin hem ol Türkmenistanyň iň taryha baý we gadymy şäherlerinden biri. Meň çagalygymda Merw 2500 diýip, şäheriň 2500 ýyllygyny bellejek bolup ýördüler ýöne bu sany has az görüp soň ol proekt goýbolsun edildi.

Baýramaly esasanda ex-Maru-Şahu-Jahan we gadymy Merw hökmünde ýagny Seljuk Imperiýasynyň paýtagty hökmünde tanalýar. Bu şäherde Seljuklaryň iň soňky Soltany Sanjar ýaşapdyr we işe gatnapdyr. Onuň dünýä belli mawzoleýi şäheriň daşynda ýerleşýär we örän restawrasiýa mätäç. Biz çagakak şäheriň parkyndaky karusel (çertowoýe kolso) işleýärdi we her gezek iň beýik nokada çykanymyzda Soltan Sanjary görmäge höwes ederdik. Bu gubura gitmek üçin taksiçilere „Soltan Sanjara gitjek“ diýmeli, olar hem “Bolýar” diýseler münmeli, bolmasa  öz işiň bilen bolubermeli.

Has tapawutlyrak aýratynlygy dini temada; bu esasan hem garaşsyzlykdan soň meşhur boldy. Ol hem şol Soltan Sanjaryň ýakynlarynda Bureýde we Aslami diýip iki sany mukaddes öwlüýaniň guburlarydyr. Bular Muhammet Pygamberiň ýoldaşlary bolup, Yslam dinini ýaýbaňlaşdyrmak maksady bilen bu territoriýalara gelipdirler. Halk bu mukaddes adamlara örän ýokary hormat goýýar. Umuman olaryň ýatan ýerleri halk arasynda “Bureýdalar” diýlip atlandyrylýar we köp merhumlar bu ýerde jaýlanýar.

Mundan başgada bu ýerde halk arasynda Hoja Ýusup Baba diýilýän meşhur musulman alymynyň gubury bar we onuň adyny göterýän metjit bar. Iň soňky gezek gidenimde ol ýerde bir kino düşürülýärdi. Bu ýeri hem halkyň uly hormatyna eýedir.

Şu gürrüňini edýän taryhy kompleksimiň içinde Gyzlar gala diýip uly gala we Oglanlar gala diýip kiçiräk gala bar. Bular barada herhili gürrüňler edilýär edil öz eşdişime görä gadym zamanlarda Oglanlar galadan Gyzlar galasyna ok ýetirip bilenler ol ýerden gyz almaga mynasyp bolýarmyşyn. Bu elbetde rowaýatdyr.

Bulardan başga hem Ahmet Sapançy diýilýän biriniň gubury bar. Herhili mollalaryň we öwlüýäleriň mazary bar. Bularyň hemmesi örän könelen binalar we olar ýykylyp barýan şäher galasynyň içinde ýerleşýärler. Baýramalydan çykyp Lebap tarapa ýola düşeniňde ýada Zähmet tarapa çep tarapda bir uly tamdyr görünýär. Muňa biz Baýramalylylar Hajymeligiň tamdyry diýýäris. Bu gurluş çyndanam äpet bir tamdyra meňzeýär we ulularyň gürrüňine görä öňler onuň körüginden maşynly girip içinden gamyş ýygyp gaýdýan ekenler. Has ulalanymdan soň taryhda munuň ilat tarapyndan buz saklamak üçin ulanylandygyny bilip, erteki şäherde ýaşaýandygym hakyndaky guwanjym ýitip ýok boldy.

Eýsem Baýramaly ady nireden geldi? Men hem bilemok emma bu ýerde Baýramaly diýip bir han ýaşapdyr. Onuň adyny göterýän Baýramalyhangala şäheriň bazarynyň ýanynda ýatyr.

Geçen iki asyrda bolsa bu şäher ak patyşanyň dynç alýan ýeri hökmünde ulanylypdyr we Ýewropa medeniýetinden uşak-düşek edinip galypdyr. Şäher merkezinde häli-häzirem köne Hristiýän ybadathanasyň harabasy beýgelip dur. Köne binalar hem bir ors yzynyň bardygyny mese-mälim görkezýär. Gürrüňlere görä Nikolaýyň gyzy ýaramansoň ol bu şähere aýratyn üns beripdir we owadanlaşdyrypdyr. Şäherde ors ilaty ep-esli bar.

Iň soňky 70 ýylyň gürrüňini hemmämiz bilýäris. Şäherimiziň esasy köçesi ozallar Çkalowdy, Garaşsyzlykdan soň ol Watan köçesi boldy. Gagarin Andalyp boldy, beýle diýsem Gagarin şahyr bolandyr öýdäýmäň, Gagariniň adyny göterýän köçesine indi Andalybyň adyny götermek nobaty geldi diýjek bolýaryn, umuman şeýdip köp zadyň ady üýtgedi.

Bu şäher örän kozmopolit – köpmilletli. Bu ýerde edil özüm ors nemes, özbek, ýewreý, pars, azerbeýdjan, uýgur, buluç, gazak we türkmen gördüm. Elbetde bularyň sany azlyk emma türkmen tapaýmagam gaty aňsat däl. Bularyň hemmesi bir millet ýaly dost ýaşaýarlar. Türkmenler. Hemmämiziň bilýän türkmenlerimiz. Her tohumdan bar. Toý zat bolsa üýşüp begenýäris. Baýramaly Türkmenistanyň her künjeginden gyz alyp berýär. Şäheriň her ýerinde ýaşaýarlar. Nämüçindir her milletiň öz etmeli işi bar ýaly bolup dur. Meselem gurluşyk we montýor ýaly işlerde işleýän orslary ýaman köp gördüm. Azerbeýdjanlar bolsa, bulara pürsiýan hem diýýärler öýdýän men hiç tapawudyny bilip bilmedim, esasan mal bakyp etini satýarlar; birhili bulara men biznesmen diýýärin. Krasnowostoçnyý diýlen köçede örän köplük bolup, diňe şolar diýseňem boljak. Gowy ýaşaýarlar. Uýgurskaýa diýip bir köçe bardy. Bu ýerde öňler gündogar Türkistandan gelen uýgurlar ýaşaýar. Bular hem türki halklara degişli. Buluçlar umuman garaýagyzrak millet we parslaryň diline meňzeş dilde gepleýärler. Köpüsi türkmençe bilýärler. Şäherde köplük bolup ýaşamaýarlar, ýakynda ýerleşýän obalarda ýaşaýarlar. Nämüçindir bunlar özlerine buluç diýilmegini halamaýarlar. Sögmek diýip düşünýärler. “Özüň buluç” diýseler hem gaty görüp ýörmeli däl. Tatarlar bar, orslar ýalyrak ýaşaýarlar saryýagyz bolýarlar. Ors doganlarymyzy bolsa hemmämiz bilýäris. Ýokarda agzalanlaryň hemmesi garyşyk ýaşaýarlar.

Ilat esasanda döwlet edaralarynda ýagny banklarda, mekdeplerde, zawodlarda (Masložir, Masloprom ýaly) we sanatoriýada işläp pul gazanýar. Baýramalynyň bazarynyň soňky ýyllarda möwç alyp ösýändigine şaýat boldum. Ilat sanyny emma 75.000  we 80.000 arasyndadyr .

Günorta-gündogar Türkmenistanda Marydan 35 kilometr ýalyrak aralykda ýerleşýär. Mary welaýatynda Marydan soň ikinji uly şäher. Bu 4000 müň manatlyk benzine 15 Baýramala baryp bolýar diýmek. Baýramalydan hiç ýerik barman Türkmengala, Ýolötene, Mara we Lebaba gidip bolýar. Marydan Lebaba gitjek bolsaň Baýramalydan geçäýmeli. Baýramalydan 11-de otla münseňiz ertir 9-da Aşgabadyň wokzalynda oýanarsyňyz, elbetde ýolda irkilip bilerin öýtseňiz. Demir, howa we gara ýol bilen Baýramala gelip bolýar.

Baýramalyda bir böwrek sanatoriý bar. GDA-nyň (SNG) içinde meşhur bolupdyr. Örän baglyk ýer bolup, Baýramalynyň merkezinde ýerleşýär we ýaşlaryň duşuşyk ýeri bolup hyzmat edýär. Baýramala girip barýan wagtyňyz uly daşlar bilen Baýramaly kurort şäher diýlen ýazgyny görersiňiz. Bu daşlaryň sebäpkäri şol owadan dynç alyş merkezidir. Ol prezidentimiz Saparmyrat Nyýazowyň adyny göterýär.

Okuw jaýlaryndan halk arasynda Tehnikum diýilýän Agrobiznes mekdebi bar. Oba hojalyk uniwersitetiniň filialy we iki ýylda buhgalteriýa, weterinariýa ýaly ugurlarda hünärmenleri taýýarlaýar. 13 sany dünýewi, 1 sany zehinliler mekdebi we bir sany türkmen-türk mekdebi bar.

Dynç almak üçin restoranlar, diskotekalar we barlar kän. Taryhy zat görmek isleýän we ýanynda surata düşmek üçin owadan bina gözleýänler üçin kän owadan bina ýok. Kinoteatryň daşyny gowy edip reňkläpdirler. Öýlenýänler baky oda gül goýup şol ýerde surata düşýärler.

Uly bazar onuň ýanynda mal bazar bar. Söwda gyzgalaňly gidýär, sebäbi şol töweregiň Nýu Ýorka gitmek üçin ýola çykan halky Baýramala gabat gelip hemme işlerini şol ýerde bitirip bilýär.

Sözsoňy hökmünde

Baýramalyny gürrüňlere sygdyrmak mümkin däl. Bir adamyň gürrüňine sygdyrmaga bolsa synanşyp oturmaly hem däl. Iň gowusy gelip görüň.





#Article 5: Sport (398 words)


Türkmenistanyň Milli Futbol Ligasy

Türkmenistanda sportyñ her hili gornüşleri bar olar aşakda:

Aşgabat, Bitaraplyk aýynyñ 4-i (TDH)
Kataryn paytagyty Dohada gecyan Aziya oyunlarynda shu gun tupenden ok atkam boyunca gecirilen yarysha gatnashyan Igor Pirekeyew
Turkmenistanyn topary ucin ilkinji kumush medaly gazandy. Ashgabatdan 35 yashly halkara derejeli sport ussady bu ustunligi 50 metr aralykdan yatyp ok atmak
boyunca gecirilen yaryshda gazanmagy bashardy. Yaryshyn shu gornushi boyunca 20 yurtdan sportcularyn

Igor kwalifikkasion yaryshda 592 ocko toplap ikinji derejani gorkezdi.
Fiinalda bolsa ol 100,2 ocko toplap, umumy toplamaly ockonyn bashden birini yygnady we netijede ol jemi

HTTU bilem Nebitci Turkmenistanyn Superkubogy ugrundaky yaryshda 
ozara baslesherler.
Gecen yyl Turkmenistanyn futbol assosiasiyasy tarapyndan yurdumyzyn 
cempiony we Kubogynyn eyesi ucin esaslandyrlan Superkubogy almak 
ugrundaky yaryshda Halkara turkmen turk uniwersitetinin futbol topary 
bilen Balkanabadyn Nebitci topary ozara basleshdiler. Yaryshyn ikinji
dushushygy Bitaraplyk ayynyn 6-syna aralyk meydancada -Mary shaherinin 
futbol meydancasynda gecer.
Yaryshyn shertlerine layyklykda dushushygyn esasy wagtynda taraplar 
oyny denme-den tamamlap yagdaylarynda, oyna yene-de 15 minut ybarat 
iki tapgyr gohular. egerde oyunlar yenede denme-den tamamlanyp, yeniji 
belli bolmasa, onda FIFA nyn duzgunine layyklykda 11 metrlik jerime
urgulary gecirilip Superkubogyn eyesi belli kesgitlener.
Final yaryshyna FIFAnyn emini Kakabay Seyidow, onun komekcileri 
Muhammet Owezdurdyyew we Bagtyyar Atajanow eminlik ederler. 
HTTU-nyn futbol topary shu yyl yurdumyzyn cempiony boldy 
we Kubogyny eyeledi. Nebitci bolsa milli birinjilik ugrundaky 
yaryshlarda 4 gezek kumush medala eye boldy. 
Gecen yyl HTTU Marynyn Merw toparyny 4:1 hasabynda utup, 
Turkmenistanyn Superkubogyny eyelemegi bashardy.

Taze olimpiya suw sport toplumy dabaraly yagdayda acyldy.
Beyik serdarmyzyn ak patasy bilen acylan toplumyn umumy yapyk meydancasy 24820 ine dordul metrdir. Ol uc binadan ybarat bolup on bash binasynda halkara we olimpiya kadalaryna hemde sportyn suwda oynalyan gornushlerinin dunya federasiyasynyn talaplaryna gabat gelyan iki sany suw howdany yerleshendir. 1nji suw howdanynyn uzynlygy 50 metr ginligi 25 metr cunlugy uc metr bolup
bu howdan yuzme, sinhronly yuzme, sport yaryshlaryny gecirmek ucin niyetlenendir. Bu howdanyn umumy meydany 1 250 ine dordul metr bolup gowrumi 3 750 kub metrdir. 

Toplumyn orta binasynda turgenleshik tirnashor , woleybol zallary
ish otaglary habar berish serishdelerinin wekilleri ucin niyetlenen otaglar, 200 orunlyk restoran yerleshendir. 
Toplumyn 3 nji binasynda okuw turgenleshik icllerini gecirmek, gelen myhmanlara dync almaklary ucin iki sany suw howdany we tomasha meydancalary yerleshendir. Sheyle hem bu binada cagalan wagtlaryny shatlyk shagalan bilen gecirmek ucin iki sany suw dagjagazy atly atiriksion gurnalandyr. Toplumyn suw howdanyndaky
munlerce tonnalyk suwyn agramyny gotermek ucin howdanynyn binyady yorite usul bilen guruldy.




#Article 6: Türkmenistan (1734 words)


Türkmenistan merkezi Aziýada bir döwletdir.
Goňşy döwletler: Owganystan, Eýran Yslam Respublikasy, Gazagystan we Özbegistan.

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň günbatar böleginde demirgazyk giňişligiň 35,08-nji we 42,48-nji, gündogar uzynlygynyň 52,27-nji we 66,41-nji graduslarynyň aralygynda, Köpetdagyň demirgazygynda, günbatarynda Hazar deňzi, gündogarynda Amyderýa aralygynda ýerleşýär. Türkmenistanyň çägi günbatardan gündogara 1110 kilometre we demirgazykdan günorta 650 kilometre uzalyp gidýär we 491,2 müň inedördül kilometr meýdany tutýar. Türkmenistan demirgazykda Gazagystan Respublikasy bilen, gündogarda we demirgazyk-gündogarda Özbegistan Respublikasy bilen, günortada Eýran Yslam Respublikasy bilen we günorta-gündogarda Owganystan bilen serhetleşýär, günbatarda bolsa Hazar deňziniň suwy tolkun atýar.

Türkmenistan çäginiň ýerüsti gurluşy boýunça deň bolmadyk iki bölege bölünýär: uly-düzlük-çöllük we kiçi-dag etek we daglyk. Türkmenistanyň ähli düzlük bölegi geografiki gatnaşykda Turan pesligine (oýluklaryna) degişlidir, onuň çäklerinde landşaftyň üç topary tapawutlanýar: a) üsti tekiz belentlik, b) çäge çöllük, ç) dag etek tokaýly düzlük. Birinji topara Krasnowodsk tekiz belentligi, Üstýurduň we Maňgyşlagyň ýakalary, ikinji topara-Merkezi, Günorta-Gündogar we Zangunz Garagumy, üçünji topara-Köpetdagyň we Paropamiziň ähli demirgazyk etekleri degişlidir.

Türkmenistanyň çäginiň ýerüstüniň azyndan bäşden bir bölegini daglar eýeleýärler. Onuň günorta serhedinden Köpetdagyň gerişleri uzaýar, ondan demirgazyk-günbatarda Uly we Kiçi Balkan daglary ýerleşendir. Türkmenistanyň gündogar çetinde Köýtendag daglary bardyr, olar Gissar dag ulgamyna degişlidir.

Düzlük ýerler esasan tekizlikde goňrumtyl toprak bilen we dag etekleri takyr görnüşli gadymy düzlükler, Garagumyň ymgyr çägi çäge-çöllügine, derýaly jülgeler, çemenlik, otluk ýerler, şorluk ýerler bilen gurşalandyr.

Türkmenistan üçin çölüň aram mylaýym görnüşli kontinental klimaty häsiýetlidir: dowamly gurak jöwzaly tomus, salkyn çygly güýz, az garly o diýen sowuk bolmadyk gyş. Demirgazyk-gündogarda we günorta-günbatarda gyş döwrüniň dowamlylygy – bir aý, ýurduň demirgazygynda we demirgazyk-gündogarynda dört aýdan gowrak. Ýanwar aýynyň ortaça temperaturasy demirgazyk-gündogarda –6 gradusdan aşak, günorta-gündogarda we günorta-günbatarda +3 gradusdan +5 gradusa çenli bolýar. Iýulda ol +25+32 gradus çäklerinde üýtgäp durýar. Türkmenistanyň düzlük çäklerinde ygalyň ýyllyk mukdary 150mm, Aral ýakasynda we Garabogaz köl aýlagynda 100, daglyk sebitlerinde - 350 mm-den geçmeýär. Arid şertlerinde ekerançylygy ösdürmek emeli suwaryşa esaslanyp alnyp barylýar.

Ekerançylygyň geografiki ýerleşişi ilkinji nobatda - suwaryş suwlarynyň ýaýraýşy, olaryň möçberi we peýdalanylyş derejesi bilen baglanşyklydyr. Türkmenistanda suwaryş maksatlary üçin, esasan, derýa we ýerasty suwlary peýdalanylýar. Garagum çölünde maldarçylygyň esasy suw üpjünçiligi guýular arkalydyr. Derýanyň suwlaryny suwaryş üçin peýdalanmak maksady bilen suwaryş ýaplary gazylýar.

Türkmenistanyň iň uly derýasy Amyderýa bolup, ol ýurdumyzyň gündogar-demirgazyk bölegini kesip geçýär. Ekişe ýaramly ýerleriň we ilatyň köp bölegi bolsa ýurduň günorta-günbatar böleginde ýerleşýär. Emma ol ýerde suw upjunçiligi örän ýetmezçilik edýär. Ýöne suwaryş suwunyň gaty çäkli ýerlerinde suw bilen üpjün etmek maksady bilen, Amyderýanyň suwunyň bir bölegini günorta-günbatara Garagum derýasy bilen gönükdirildi.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri, ol welaýat hukukly administratiw-territorial gurluşly birlikdir. Aşgabadyň düzümine dört etrap — Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Köpetdag we Büzmeýin etraplary girýär.

Türkmenistanda bäş sany welaýat — Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarydyr. Her welaýat etraplara bölünýär. Türkmenistanda 43 etrap, 6 şäherlerdäki etraplar, 51 şäher, olardan 11-si etrap hukukly şäher, 62 şäherçe, 605 geňeşlik (oba ýerli düzümler) we 1719 sany oba ilatly ýerlerdir.

Raýon emele getiriji täsirleriň esasynda, Türkmenistan aşakdaky raýonlara bölünýär:

Şeýlelikde, Türkmenistanda raýonlaşdyrmagyň 9 basgançagy emele geldi. Olaryň birinjisi we ikinjisi döwlet ähmiýetli mikraýonlardyr. Üçinjisi kiçi raýonlardyr. Dördünji, bäşinji, altynjy, ýedinji, sekizinji we dokuzynjy basgançaklar - mikraýonlardyr. Bu sistema girýän birlikleriň 8-si (kiçi raýonlardan başgasy) adminstratiw organlary tarapyndan edara edilýär. Munuň özi ykdysady-durmuş raýonlaşdyrma bilen adminstratiw-territoriýal bölünşigiň bir bütewi sistemasyny ýene-de bir gezek subut edýär.

Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan döwleti Gündogaryň we Günbataryň köp ýurtlaryna tarap gidýän gadymy “Beýik Ýüpek” söwda ýollarynyň çatrygynda, geografik taýdan iňňän amatly ýerde ýerleşýär. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň territoriýasynyň üsti bilen Gadymy we Orta asyr döwürlerinde hem dünýä bazarlaryna tarap kerwen ýollary, ýodalary geçipdir. Uzaklarda başlanan kerwen ýolunyň bir şahsy öz döwründe gadymy siwilizasiýa merkezleriniň biri bolan Merwiň üsti bilen geçipdir. Gündogardan Ýewropa tarap uzalyp gidýän kerwen ýolunyň söwda merkezleriniň biri bolan gadymy Köneürgenç hem “Türküstanyň derwezesi” diýlip atlandyrylypdyr. Beýik ýüpek ýolunyň ýene bir şahasy ilki Murgap derýasynyň boýy bilen, soňra Owganystanyň üstünden Hindistana çenli baryp ýetipdir.Gündogaryň we Günbataryň gadymy söwda aragatnaşyklaryny Türkmenistanyň çäkleriniň üsti bilen amala aşyrmakda uly orny bolan Beýik ýüpek ýoly indi biziň täze döwrümizde-Garaşsyzlyk zamanamyzda ýene-de dikeldilip başlandy. Ýöne bu gezek usul kerwen ýollary boýunça däl-de, polat reýsleri arkaly dikeldilýär. Tejen-Sarags-Maşat demir ýolunyň gurulmagy bilen Türkmenistanyň üstünden Transaziýa kontinentara demir ýol magistraly açyldy we ol Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen gidýär. Ol Pekinden (Hytaý) Ýewropanyň bosagasynda ýerleşen Ystambula (Türkiýä) çenli ýetýär, Pars aýlagyna hem ýeter. Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň Ýewropa bilen Aziýanyň çatrygynda ýerleşmegi, onuň geosyýasy ýagdaýynda örän uly amatlyklyklar döredýär. Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan Hazar deňziniň gündogar kenarynda Amyderýa çenli ýarym million kwadrat kilometre golaý (491,2 müň kw.km) demirgazykdan günorta bolsa 650 km, uzylyp gidýýär. Merkezi Aziýanyň ähli meýdanynyň 12,2%-I Türkmenistanyň paýyna düşýär. Şeýle-de bolsa, Merkezi Aziýa garşsyz döwletleriň arasynda Türkmenistan Gazagystandan soňrf umumy meýdany boýunça iň iri döwlet hasaplanýar. Ilaty 24 million adama golaýlaşan goňşy Özbegistanyň hem tutýan meýdany Türkmenistanyňkydan az. Özbegistan gündogarda Owganystan düwleti bilen Türkmenistanyň araçäk serhetleriniň uzynlygy 864 km, Eýran Yslam Respublikasy bilen bolsa 1,5 müň kilometr golaýlaşýar. Türkmenistan demirgazyk günbatarda Gazagystan döwleti bilen hem araçäkleşýär. Merkezi Aziýanyň döwletlerine garanda Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň Ýewropa bölegine ýerleşen ykdysady-geografik raýonlaryna, Kawkazyň garaşsyz döwletlerine has ýakyn we amatly ýerleşmegi bilen tapawutlanýar. Ol döwletler Merkezi Aziýa döwletlerine özleriniň transit ýüklerini Türkmenistanyň üsti bilen daşaýarlar. Hazar deňziniň kenaryna Türkmenbaşy porty Merkezi Aziýanyň “Günbatar derwezesi” hasaplansa, “Türkmenabat-Goňrat-Beýnew” demir ýoly derwezesi. Merkezi Aziýanyň beýleki döwletlerine garanda Türkmenistanyň duzluk territoriýalary has agdyklyk edyar. Bu bolsa yurdumyzyn dunya bazarlaryna tarao cykalgalaryn has kop bolmagyna amatly shertler doredyar. Mysal ucin, Türkmenabat-Haýraton aralygynda Amyderya-Hyrat we Atamyrat-Ymamnazar awtomobil yollary arkaly Lyutfabat, Etrek-Gurgen, Aşgabat-Gowdan-Bajygyran awtomobil yollaryndan bashga-da, Eýran Yslam Respublikasyna tarap Tejen-Sarahs-Mashat demir ýolunyn gurulmagy dunya bazaryna täze çykalgadyr. Türkmenistan landşaftynyn esasy bolegini meýdany boýunça Sahara we Gobi çöllüklerinden son dünýäde üçünji orny eýeleýan Garagum çöli tutýar. Ol hojalyk taýdan heniz az özleşdirilen. Ol ýaşaýşyn seýrekligi, juda az orumlaşanlygy, yssylygy bilen tapawutlanyar. Emma ýerasty tebigy baýlyklaryn kopdurliligi bilen Türkmenistan indi dünýä bellidir. Türkmenistanyň giň meýdanynyň 7%-gür ilatly obalaryň, suwarymly ekerançylyk massiwleriniň, iri şäherleriniň, gür gatnaw ýollaryň, oazisleriň paýyna düşýär. Derýa jülgeleriniň, suwaryş kanallarynyň, dag etekleriniň özleşdirilen ýerleri-oazisler Türkmenistanyň köplenç çetki künjeklerinde ýerleşýärler. Garagum derýasynyň zonasy Türkmenistanyň günorta böleginiň ululy-kiçili köp oazislerini ýeke-täk suwaryş sistemasyna birikdirýär.

Uzynlygy 1300 kilometr Garagum derýasy Türkmenistanda ykdysady we durmuş özgerişkleriniň baş zonasydyr. Geografik taýdan has günortada ýerleşişi boýunça Garagum derýasynyň zonasy goňşy Özbekistanyň Mürzeçöl, Garşy kanallaryň zonalaryndan özüniň agroklimatik resurslary boýunça has amatlylygy bilen tapawutlanýar. Garagum derýasynyň zonasynda ýagtylygy we ýylylygy has köp talap edýän inçe süýümli gowaça we beýleki oba hojalyk ekinleri ösdürilip ýetişdirilýär. Garagum derýasynyň zonasynda ýurdumyzyň ilatynyň deň ýarsyndan köpüsi ýaşaýar. Halkara Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (EKO-nyň) agzasy bolmak bilen, Türkmenistanyň geosyýasy ähmiýeti barha rowaçlanýar. EKO girýän 10 döwletiň ählisiniň 300 million adamdanam gowrak ilaty bolup, olaryň umumy meýdany 7960 müň kwadrat kilometrdir. Türkmenistan EKO-nyň geografik giňişliginiň merkezinde ýerleşýär. Onuň üsti bilen esasy halkara demir ýol magistrallaryň (“Transaziýa”, “Demirgazyk-günorta”) we turbaprowodlaryň geçirilmegi barada birnäçe iri möçberli taslamalar işlenip düzülýär. Türkmenistanyň klimat resurslary, gün radiýasynyň ýokary derejeli oba hojalygyna ýaramly günleriň köp bolmagy, klimatyň gurak we kontinentallygy bilen häsiýetlendirilýär. Tutuşlygyna alanynda Türkmenistanyň agroklimat resurslary oba hojalygyny, onun esasy ugry suwarymly ekerançylygy alyp barmak üçin amatlydyr. Ýurdumyzyn mineral-çig mal resurslary boýunça dünýäde baý ýurtlaryň hatarynda durýar. Mundan başga-da, Türkmenistanyň territoriýasy himiki çig mallaryň, gurluşyk materýallaryň zapasyna hem baý ýurt hasaplanylýar.

Ýurdumyzyň ykdysady oba hojalygy örän möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanda öndürilýän önümleriň 40%-den gowragy oba hojalyk önümleridir.

Türkmenistanyň oba hojalygy, esasan, iki pudakdan: ekerançylykdan we maldarçylykdan ybaratdyr. Ekerançylyk oba-hojalykda öndürilýän umumy önümiň 67%-ini we maldarçylyk 33%-ini öndürýär. Şeýlelikde ýurdumyzda oba hojalygyň esasy ugry ekerançylykdyr. Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Turkmenbaşynyň “Täze oba” syýasatyna laýklykda, oba hojalygynda hususy eýeçiligiň ösmegine giň ýol açyldy. 1998-nji ýylda oba hojalygynyň umumy önüminiň 62%-ini ilatyň hususy hojalyklary öndürdi. Geljekde onuň tutýan orny has artar. Türkmenistanda azyk bolçulygyny döretmekde oba hojalygyň uly orny bardyr. Oba hojalygyň umumy önüminiň ýarysyndan gowragy azyk önümleriň paýyna düşýär.

Ýurdumyzda himiýa senagatynyň ilkinji kärhanasy Merkezi Garagumda ýerleşen Derweze kükürt zawodydyr. Ol 1928-nji ýylda guruldy we jöwzaly klimat şertlerinde, transport taýdan amatsyz bolany üçin, bu zawod diňe 1961-nji ýyla çenli işledildi. Gowurdakdaky kükürdiň käni açylandan soň, ol ýerde 1932-nji ýylda kükürt zawody işe girizildi. 

Himiýa senagaty has köp pudakly senagat. Ol dag-magdan himiýa, esasy himiýa, nebit himiýa, durmuş himiýasy we farmasewtika ýaly himiýa senagaty köp pudaklary öz içine alýar.

Ýurdumyzda ekerançylygyň aşakdaky pudaklary ösdürilýär

Ýokardaky ekinlerin tutýan meýdany 1 mln. 700 müň gektardan (1999-njy ýylda) gowrak bolup, olarda esasy orun däneçilik we pagtaçylyga degişli. Däne ekinleriniň we gowaçanyň ekin meýdanlary ähli suwarma ekerançylygyň 80% -ne barabardyr.

Awaza - Türkmenistanyň Milli Syýahatçylyk Zolagy (Awaza-MSZ). Hazar deňziniň gündogar kenarynda, Türkmenbaşy şäherinden 12 km günbatar tarapynda ýerleşýär. 15 iyunda 2009 — birinji 3 oteller girizildi.Hazar deňziniň Türkmenistana degişli kenarýakasy örän täsin jana şypaly ýumşak howasy we baý tebigy mümkinçilikleri bilen tapawutlanýan ekologik taýdan arassa zolakdyr. Bu taslama Türkmenistanyň diňe özünden 1 milliarddan gowrak $-ny, daşary ýurt maýa goýujylaryň 4 milliard $-ny gönükdirmek göz öňünde tutuldy. Häzirki wagtda Awa­za­nyň meýdany 1,700 gektar möçberinde kesgitlenildi.

Ilatyň sanynyň artyşy, esasan, iki sany usul bilen kesgitlenilýär. Birinji usul, bu öň ygtybarly we umumy Kabul edilen usul-ilatyň uçdantutma ýazuwynyň geçirmekden, ikinji usul bolsa, heý ilatyň köpelişini hasaplamakdan we oňa baha bermekden ybaratdyr. Ilatyň uçdantutma yazuwynyň materiallarynyň ylmy we praktiki ähmiýeti ulydyr.

Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň taryyhynda ilkinji gezek ilatyň uçdantutma ýazuwy GDA döwletleriniň arasynda ilkinji bolup 1995-nji ýylyň 10-njy ýanwaryndan 20-nji ýanwaryna çenli geçirildi.

Türkmenistanyň Birleṣen Milletler Guramasynyň 1995-204-nji ýyllar döwründe ýer şarynyň ilat ýazuwynyň nobatdaky tapgyryny geçirmegi yglan edenden son, bu möhüm işi amala aşyran ilkinji döwletdir:

Türkmenistanyň ilat sanynyň kopelişiniň tablisasy 

Awtomobil ulaglary

Awtomobil ulaglary döwletiň ykdysadyýetiniň iň wajyp baglaşdyryjy bölegidir.
Her ýylda awtomobil ulaglary bilen 500 million tonna golaý ýük daşalýar we 1 milliard ýolagçy gatnadylýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurtda awtoulag serişdeleriniň sany 3 esseden hem artdy. Awtoulaglar parky şu aşakdaky ýaly bölünýär: 77% — ýeňil awtomobiller, 19% — ýük we ýöriteleşdirilen awtomobiller we 4% — awtobuslar.

Häzirki wagtda döwlet ähmiýetli awtoýollaryň uzynlygy 13,7 müň km barabardyr. Mundan başga-da şäheriçi we ýerli ähmiýetli, gaty örtükli köp çatrykly ýollaryň ulgamy bardyr. Şu günki gün umumy uzynlygy 1,6 müň km barabar bolan „Türkmenbaşy-Aşgabat-Mary-Türkmenabat“ we „Aşgabat-Garagum-Daşoguz“ awtomagistrallarynyň gurluşygy boýunça işler güýçli depginlerde alnyp barylýar. Awtomagistrallaryň umumy giňligi 31 metr, her bir gatnalýan böleginiň giňligi 12,25 metrdir. Şu obýektlerdäki işleri 2010-njy ýylda tamamlamak bellenildi.

Türkmenistan bäş welaýat we aýratyn paýtagt şäherden ybaratdyr.

Häzirki wagtda Türkmenistanda 16 sany ýokary okuw jaylary bar we olarda 250 dürli kärler boýunça ýokary hünärli spesialistler taýýarlanylýar. Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasysy, Halkara türkmen-türk uniwersitetiti. Ýokary tehniki kolleji, Türkmenistanyň polisiýa akademiýasy täze ýokary okuw mekdepleriniň hataryna girýär.

Ýurdumyzda Galkynyş hereketiniň, teatrlardyr çeper höwesjeňler köpçüliginiň durmuş medeni roly artýar. Biziň maksadymyz Türkmenistanyň ykdysadyýetini düýpli özgertmekdir, ol özgerişlikler bolsa halkyň hal-ýagdaýyny uzul-kesil ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.




#Article 7: Aşgabat (1094 words)


Aşgabat (Parsça: عشق آباد Ashq-abad), Türkmenistanyň paýtagty. Aşgabat şäherine degişli 5 etrap we 1 şäherçe bardyr.

Aşgabat – Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagt şäheri, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, ylym-bilim we medeni merkezidir. Şäher garaşsyzlyk ýyllarynda düýpgöter özgerip, Orta Aziýanyň uly syýasy ykdysady merkezlerinin birine öwrüldi. Aşgabat Köpetdag etegindäki düzlükde we Garagum çölün oňa yanaşýan böleginde, deniz derejesinden 214 240 metr belentlikde, demirgazyk ginligin 37°31' gündogar uzaklygyň 57°31' ýerleşyär. Şäherin ýer üsti dag etekden çöllüge tarap kem-kemden peselýär. Aşgabat şäheri ykdysady-geografik jähtden amatly ýer- de ýerleşyär. Ol yurdumyzyň dürli sebitlerini birleşdirýän ulag ýollarynyň çatrygydyr. Bu ýerden Türkmenbaşy-Türkmenabat, Aşgabat-Daşoguz demir we awtomobil yollary geçyär. Halkara aeroporty arkaly Aşgabat dünýäniň dürli döwletlerini birleşdirýän howa yollarynyň çatrygy hasap lanýar. Bu bolsa şäherin durmuş-ykdysady merkez hök münde ösmegine uly yardam edýär. VŞäherin suw üpjünligi Garagum derýasynyň, Köpet- dagdan akyp gelýän uly bolmadyk çeşmeleriň we yerasty suwlaryň hasabyna amala aşyrylýar./ Aşgabat şäheri gadymy Yüpek ýolunyň ugrunda, gala laryň ýerleşen ýerinde emele gelipdir. Şäherin häzirki or- nunda bolan köne gala Parfiýa patyşalygynyň gülläp ösen döwrüne, ýagmy biziň eýýamymyzdan önki 300-nji ýyllara degişlidir. 1881-nji ýylda ozalky Ashabat obasynyň ýer- leşen ýerinde ruslaryň harby berkitmesi döredilipdir. Zakaspiý oblastynyň söwda-senagat, harby işleri şu ýerde jemlenip, gonsy döwletler bilen ykdysady gatnaşyklar yola goýlupdyr. Şäher ýuwas-ýuwaşdan ösüp başlaýar. 1924- 1991-nji ýyllar aralygynda Türkmenistan Sowet Sosialistik respublikasynyň paýtagty bolýar. Şol ýyllarda şäherde uly bolmadyk senagat kärhanalary peýda bolýar. 1948-nji ýyl. da bolan aýylganç ýertitremesi şäherin bütinleý diýen ýaly weýran bolmagyna getirýär. Sonra Aşgabat şäheri täzeden dikeldilýär. Häzirki wagtda Aşgabat ög ösüşinin täze döwrüni baş dan geçiryär. Garaşsyzlyk ýllarynda paýtagtymyzy ös- dürmek barada döwlet syýasaty yöredilip gelinýär. Şonuň netijesinde, Aşgabat örän gysga döwrün içinde üçünji mün. ýyllygyň ajaýyp şäherine öwrüldi. Ilatynyň sany boýunça Aşgabat ýurdumyzyň iň uly şäheridir. Şäherde ýurdumyzyň ilatynyň 12,7%-ine golay jemlenendir. 1897-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň maglu- matlaryna görä, şäherde 19,4 müň adam ýaşapdyr. Soňky 110 ýylyň içinde onun ilaty 40 essä golaý artdy. v Aşgabat yurdumyzyň iň köp milletli şäheridir. Bu ýerde ilatyň esasy bölegini tutýan türkmenler bilen birlikde rus lar, tatarlar, ermeniler, azerbaýjanlar, ukrainler uly etniki toparlary emele getirýärler.V v Aşgabat şäheri 0,47 mün inedördül kilometr meýdany tutýar. Aşgabat döwletimizin welaýat derejesi berlen pay. tagt şäheridir. Şäher dolandyryş taýdan bäş sany şäher et- raplaryna bölünýär: Köpetdag, Azatlyk, S. Nyýazow adyn daky etrap, Çandybil, Arçabil. Asgabat şäheri döwletimíziň iri senagat merkezi hasap lanýar. Bütin Türkmenistanda öndürilýän senagat önü- minin 5,7 %-i şäherin paýyna düşyär. Ykdysadyýetiniň esasyny senagat pudagy düzyär. Şäheriň senagaty garaşsyzlyk ýyllarynda düzüm taýdan düýpli özgerdi. Häzirki wagtda Aşgabat şäherinin senagat önümçiliginin düzüminde elektroenergetika, maşyngurluşygy we metal işläp be- jermek, ýeňil we azyk senagaty, derman-himiýa senagaty esasy orun tutýar. Aşgabadyň elektroenergiýa bolan üpjünçiligini durnuk- ly kanagatlandyrmak maksady bilen şäherin günorta böle ginde 2006-njy ýylda ýyllyk kuwwatlylygy 254,2 megawata deň bolan gaz turbinaly döwlet elektrik stansiýasy işe gi- rizildi. Häzirki wagtda Aşgabadyň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak üçin güýjenmesi 220 KW deň bolan halkalaýyn tok geçiriji ulgamy gurulýar. Yurdu- myzda öndürilýän maşyn gyrluşyk önümleriniň 90%-e go- laýy Aşgabat şäherinin paýyha düşyär. Şäherde dürli önüm leri öndürmäge ýöriteleşen «Türkmenmaşyngurluşyk», «Nebitmaşyngurluşyk», «Azykmaşyngurluşyk», «Demir», «Elektrotehnika», «Santehönümler» zawodlary hereket edýär. Aşgabat şäherinde awtoulaglary, teplowozlary we durmuş-medeni tehnikalary bejerýän merkezler hem ýerleşendir. Şäherin gurluşyk materiallary senagatynyň iri kärhanalaryna aýna, «Demirbetonönümleri», «Arkaç kombinatlary degişlidir. Paýtagtymyzyň gurluşyk toplu myny ösdürmek işi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze şähergurluşyk syýasaty esasynda amala aşyrylýar. Derman-himiýa Aşgabat şäherinin yöriteleşdirilen se- nagat pudaklarynyň biridir. Aşgabadyň «Saglyk» derman kärhanasynda Türkmenistanda ösýän derman otlardan we beýleki ýurtlardan getirilen çig mallardan dermanlaryň 90-dan gowrak görnüşi öndürilýär. Bilelikdäki «Türkmen- derman Ajanta Farma Limited» kärhanasynda dermanlaryň gerdejik, süýri däne we ürgün görnüşleri çüýşejiklerde we derman çüýşelerde sanjym serişdeleri, melhemler, diş ýuwulýan serişdeler öndürilýär. «Tenekar» derman kär hanasy infuzion erginleri taýýarlamaga niýetlenen suwy taýýarlaýan çylsyrymly köp tapgyrly ulgamdan, infuzion erginleri taýýarlaýan, infuzion erginleri derman çüýşelere guýýan we olara ýarlyklary ýelmeýän bölümlerden durýar. Häzirki wagtda kärhanada infuzion erginleriň 16 görnüşi- nin önümçiligi yola goýuldy. Berkarar döwletin bagtyýarlyk döwründe AŞgabat şä- herinde ýeňil senagaty ösdürmeklige aýratyn orun beril. ýär. Şäherin senagat önümleriniň 40%-den gowragy ýeňil senagatyň paýyna düşýär. Aşgabat şäherinde häzirki za man tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan «Türkmenbaşy» we «Aşgabat» dokma toplumlary, medisina we kosmetiki pamyk önümlerini öndürýän, «Yüpek», «Argaç» ýün egriji, haly, «Türkmengalkan» aýakgap, «Ahab, «Bahar» tikinçilik fabrikleri, «Egriji» kärende kärhanasy ýerleşyär. Häzirki wagtda şäheriň demirgazyk-günbataryndaky dokma top lumynyň ikinji nobatdakysynyň gurluşygy alnyp barylýar. Öndürýän önümleriniň möçberi boýunça azyk sena gaty ýeňil senagatdan son ikinji orunda durýar. Aşgabat şäherinin azyk senagaty kärhanalary, esasan, et, süýt, süyji-köke, çakyr, piwo öndürmeklige ýöriteleşdirilendir. Şäherde döwlet we hususylaşdyrylan söwda merkez lerinin we kärhanalarynyň, durmuş hyzmaty edaralarynyň uly toplumy ýerleşyär. Aşgabat ýurdumyzyň welaýatlary, şeýle hem dünýänin köp döwletleri bilen aragatnaşygy üpjün edýän ulag geçel- gesiniň möhüm wezipesini ýerine ýetirýär. Şonuň üçin yur. dumyzyň merkezine Aşgabat-Mary-Türkmenabat, Aşga- bat-Daşoguz, Aşgabat-Türkmenbaşy awtomobil we demir ýollarynyň şahalary uzalýar. Yurdumyzyň welaýatlaryna, goňşy döwletlere gidýän demir, awtomobil ýollary Aşgabat säherinin ulag-geografiki ýerleşişini amatlaşdyrýar. Şäher- de ýurdumyzyň iň uly, halkara ülnülerine layyk gelýän de mir yol we awtomobil menzilleri, aeroport ýerleşyär. Şäheriň daşyna 200 kilometrden gowrak aýlaw yolunyň gurluşygy tamamlandy. Yolun ugrunda estakadaly, köp şahaly awtomobil mobil ýollarymyň 7-sini we köprülerin 3-sini, jemi uzynlygy 6,8 km bolan awtomobil yollarynyň 2-sini öz içine alýan des galar toplumy guruldy. Aşgabat şäherinin Arçabil, Gökde- re jülgeleri, Köpetdagyň Gindiwar gerşi ýurdumyzyň esasy dynç alyş sebitidir. Aşgabat ylmyň we medeniýetiň uly merkezi hasaplan- ýar. Paýtagtymyzda Türkmenistanyň ylymlar akade miýasy, 2011-nji ýylyň maglumatlaryna görä ýokary okuw mekdepleriniň 19-sy, orta hünär mekdepleriniň 11-si, baş- langyç hünär okuw mekdepleriniň 13-si, orta mekdepleriň 97-si, ministrlikleriň we edaralaryň ylmy-önümçilik institut. lary we tejribe merkezleri, Milli medeniyet merkezi, Merkezi kitaphana, Medeniýet ministrliginiň Türkmenistanyň Baş milli, Medeniýet merkeziniň Prezident, Şekillendiriş sun gaty muzeýleri, «Türkmenhaly» döwlet korporasiýasynyň Türkmen halysynyň milli muzeyi hem de Türkmenistanyň Merkezi bankynyň milli gymmatlyklar muzeýi we sergi köşgi, teatrlar, beýikligi 211 metr bolan telewizion minara ýerleşyär. Şäherde saglygy goraýyş edaralarynyň onlarçasy, şol sanda saglyk öyleriniň 10-usy, hassahanalaryň 14-üsi halka hyzmat edýär. Aşgabat şäheri abadanlaşýar, hakyky paýtagt şäherine öwrülýär. Önuň meýdan-çäginde täze häzirki zaman kada laryna gabat gelýän ymaratlar (ýokary okuw mekdepleri, administratiw jaýlar, hassahanalar, ýaşaýys jaýlar we dürli desgalar) gurulýar. Ön belleýşimiz ýaly, Aşgabat şäheri eko logik taýdan arassa şäherleriň biri bolmagynda galar. Onun çäginde 157 gektar meýdanda 30-a golaý sport desgalaryny öz içine alýan «Olimpiýa» şäherjigi gurulýar. Aşgabat Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny amala aşyrýan merkezidir. Şu nukdaýnazardan alnanda Aşgaba- dyň halkara ähmiýeti örän uludyr. Şäher ylalaşdyryjy merkez hökmünde möhüm halkara syýasy gepleşikleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki halkara guramalarynyň dünýä dere jesinde wajyp meseleleri çözmek bilen baglanyşykly masla- hatlar hem geçirilýär. 2007-nji ýylda Aşgabatda ştab-kwar- tirasy ýerleşýän BMG-nin Orta Aziýa boýunça Öñüni alys diplomatiýasynyň Sebit merkezi açyldy. Yewropa döwletleri bilen ykdysady, syýasy we medeni gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen «Ýewropa öýi» merkezi hem hereket edýär. 




#Article 8: Mary (1236 words)


Mary (Pars dilinde: مرو) – (Marguş, Merw) häzirki Mary şäheriniñ ady.

Mary welaýaty 1970-nji ýylyň 15-nji dekabrynda [resmi görnüşde] döredildi. Mundan ozal, ilkinji gezek 1939-njy ýylyň 21-nji noýabrynda döredilip 1963=nji ýylyň 10-njy ýanwarynda ýatyryldy. Türkmenistanyň g.o-gündogarynda ýerleşýär. GDA döwletleriniň iň günorta nokady bolan Çilduhtar obasy bu welaýatda ýerleşýär. Demirgazyk-gündogarda we gündogarda Lebap, Günbatarda Ahal, günorta we güorta-gündogarda Owganystan bilen araçäkleşýär. Meýdany 87.1 müň km2 5 sany şäher, 15 sany şäherçesi bar 400 töweregi oba geňeşi bar.

çÖL ZONASYNDA mURGAP DERÝASYNYŇ BASSEÝNINDE ÝERLEŞÝÄR. Günortasy Paropamiz dag etegidir, territoriýasy günortadan demirgazyga 500 we gündogardan günbatara 470 km uzap gidýär.  Merkezinde Murgap derýasynyň deltasynyň çökündileri ýerleşýär. Murgap deltasy Ýolöten tarapdan başlanyp ýelpewaç görnüşde demirgazyk-günbatara uzalyp gidýär. Murgap we Tejen derýalarynyp aralygynda ýerleşen Bathyz belentliginiň iň belent depesi 1267metre ýetýär.

Welaýatyň ýer gabygy tebigy gzas we nebitiň uly zapaslaryna baýdyr.

Klimaty ahs kontinentaldyr. Tomsy yssy, gurak we dowamlydyr. Iýulyň ortaça temperaturasy 28-32 gradus aralygyndadyr. Kä ýyllar ýazyna we güýzüne ekinleri sowuk urýar. Tomsuna g.o-dan güýçli we tozanly, yssy ýeller öwüsýär.  Muňa owgan ýelleri hem diýilýär.

Gyşy sowuk däl, gar seýrek ýagýar. Ýanwar ortaça temperaturasy 2,0 gradus. Ygal mukdary 115 millimetrden 270 mm-e çenli.

Pars dilinde häzir hem şeýle ulanylýar.

Türküstanyñ (Merkezi Aziýanyñ) iñ gadymy şäheri bolup häzirki Baýramaly şäheriniñ ýanynda ýerleşendir. “Mary”, “Merw” atlary tutuş daş töweregi gurşap alyp duran ýerler hem göteripdir.
Merw şäheri biziñ eramyzdan öñki VII asyrda öñki Erk-gala şäherçesiniñ ýerinde döräpdir we gysga wagtyñ içinde tutuş wahanyñ (oazisiñ) paýtagty bolýar hem-de Ahmedinleriñ döwletiniñ bir bölegi bolýar.
B.e. öñ 330-njy ýyldan 323-nji ýyllar aralygynda Aleksandr Makedonskiniñ soltanlygynyñ (imperiýasynyñ) düzümine girýär (Margiana Aleksandriýasy), b.e. öñ 323-nji ýyldan 250-nji ýyllar aralygynda Selewkidleriñ döwletiniñ (Atiohiýa Gäur-gala şäherçesi), b.e. öñ 250-nji ýyldan 209-njy ýyllar aralygynda bolsa Baktriýa patşalygynyñ düzümine girýär.
B.e. öñ III asyryñ soñynda b.e. öñ 224 ‎‎‎‎‎‎‎ýyla çenli Part (Arşaklylar, Parfiýa) soltanlygynyñ düzüminde özbaşdak dolandyrmaga hukukly bolan aýratyn welaýat hökmünde berk orun tutýar.

X asyrda ýazylan “Hudul-älem” atly kitabda ýazylyşyna görä, ol uly Horasanyñ iñ uly şäherleriniñ biri bolmyş, öñler Horasan emirleriniñ paýtagty bolup, soñlar Buhara paýtaht bellenipdir. “Hudul-älemiñ” näbelli ‎‎ýazyjysy “Merw safaly we nygmatly ýer, onuñ galasy bar, şony Tähmuris saldyrypdyr, şonda (sasanid) paşalarynyñ köp köşkleri bar we bütin Horasanda şondan gowy şäher ýok..., ol ýerde gowy pagta bitýär...” diýip ýazypdyr. Gadymy çeşmelerde Mary “Merw-e Şahjan”, “Merw-e Şah-jahan” atlary bilen gabat gelýär. Orta asyrda uly Horasanyñ meşhur şäherlerinden biri hasablanypdyr. Ilkinji gezek Mewi abadanlaşdyran Jemşidiñ kakasy Tähmuris (pişdady dinastiýasyndan) diýlip görkezilen taryhy çeşmeler hem bar.
İñ uly ösüşe Merw Beýik türkmen-seljuklarynyñ soltanlygynyñ we Horezm şalarynyñ Döwletiniñ düzüminde bolan wagty (XI ortasynda XIII asyra çenli) ýetýär. 1221-1222 ýyllar mongollaryñ çozmagy netijesinde şäher düýbinden weýran (harab) edildi we talanyp, ýaşaýjylary öldürildi we sürgün edildi.
Merw şäheri seljuklar döwründe Soltan Sanjaryñ paýtagty bolýar. Emma oguzlar Sanjary ýeñenlerinden soñ, üç gije-gündiz şäheri garat (talañ, harab) edýärler, şol sebäpli şäherde kän weýrançylyk emele gelýär. Bu şäher soñabaka ýene-de abadanlaşýar ýöne Çingiz hanyñ döwründe mongollar şäheri düýpden weýran edip, onuñ müñlerçe ilatyny gyrýarlar, göýä diñe dört adam diri galanmyş. Şeýlelikde, tä Şahruhyñ döwrüne çenli Merw şäheri weýran bolup galýar. Şonuñ döwründe (XIV asyr) Merwa ýene-de jemagat (köpçülik, halk) üýşüp başlaýar, şäher abadanlaşyp ugraýar. Merw şäheriniñ abadanlaşmagy, medeni merkeze öwrülmegi ugrunda Soltan Sanjaryñ (XI-XII) eden hyzmaty uludyr, şonuñ döwründe şäherde uly kitabhanalar, köşkler emele gelipdir, ol weýran bolan şäheriñ ýanynda täze şäher saldyrypdyr. Bu iki (köne we täze) şäher barada Nowaýy özüniñ pars dilinde ýazan bir şygrynda “Ỳaş Merwynyñ ýürek mülki yşk arkaly abadandyr. Köne Merwyny hem-de täze şäheri bina eden Sanjardyr” diýip ýazypdyr. Merwynyñ suwy geçmişde Murgapdan ybarat bolan Merwerut üpjün edilipdir, ol derýa Merwda gutarýan eken.

a) Erkgala

Erkgala göwrümi boýunça gadymy Merw şäheriniň ulgamyna girýän galalaryň iň kiçisi bolsa-da, ýaşy boýunça iň ulusy, belentligi boýunça hem iň beýigidir. Onuň tutýan meýdany bary-ýogy 20 gektara barabardyr. Häzirki wagtda ol gala däl-de, dagyň çykmasy kyn baýyrlaryna çalym edýär. Onuň saklanyp galan beýikligi ortaça 25-28 metre ýetýär. Geçirilen köp sanly arheologik barlaglar galanyň ahemenitler döwrüne degişli hökümdaryň köşgi bolandygyny äşgär etdi. Erkgalanyň içinde köşkden başga-da uly edara jaýy, skladlar, gorhana, nökerler üçin kazarmalar bolupdyr.

 
b) Gäwürgala

B.e. öňki III asyryň ikinji ýarymynda selewkit hökümdary Antioh Soter özüniň güýçli goşuny bilen Merwe gelende, ol bu töwerekleriň bol suwuna, mes toprakly ýerlerine göz gyzdyryp, Merwi özüne paýtagt edinmegi, ony düýpli gurlan gala bilen berkitmegi ýüregine düwüpdir. Erkgala oňa darlyk edipdir. Şonuň üçinem ol bu galanyň günortasyndaky bag-bakjalyga bürenip oturan ilatly ýeri göz öňünde tutup, şol ýerden hem takyk oýlanylan plan esasynda grekleriň gala guruş usulynda äpet galanyň gurluşygyna başladýar. Örän tiz wagtda bina edilen bu dörtgyraň galanyň diwarlary 6 metre ýetýän galyňlykda bolup, onuň her bir gapdal ganatynyň uzynlygy hem tas 1,5 kilometre ýetipdir.

Geçmişde “butparazlaryň galasy” ýa-da “kapyrgala” ady bilen tanalan bu gala biziň günlerimize GÄWÜRGALA ady bilen gelip ýetipdir. Ol 400 gektara golaý meýdany öz içine alýar. Orta asyryň Ibn al-Fakih, Idrisi, Makdisi ýaly arap dilinde ýazan awtorlarynyň işlerinden mälim bolşuna görä, Gäwürgalada iki sany erkek we aýal adamynyň şekili bilen bezelen Keýmerzuban atly gadymy öýüň we sežde edilýän uly metjit jaýynyň bolandygy mälim. Gäwürgalanyň dört tarapky diwarlarynyň dördüsinde-de derwezeler bolupdyr, galanyň içine kanal çekilipdir, galanyň içki diwaryny deň dörde bölýän goşmak şekilli uly köçeler bolupdyr, bazar meýdançasy, degirmençiler we hazarçyllar kärhanasy ýerleşipdir. Antioh Soter Gäwürgalanyň daşyna 230 kilometre golaý halkalaýyn daşky galany hem saldyrypdyr.

 
ç) Soltangala

Onuň bina edilen wagty seljuklar neberesiniň dolandyran wagtyna gabat gelýär. Ol seljuk soltanlary Mälik şa we Alp Arslan tarapyndan XI asyryň ikinji ýarymynda-XII asyryň başynda saldyrylan bolmaly. Bu hem onuň soltanlaryň saldyran galasy - Soltangala hökmünde adykmagyna sebäp bolupdyr.

Gapdal diwarlary 1,7den 2,2 kilometre çenli uzaýan Soltangala Gäwürgalanyň duldegşir günbatarynda ýerleşýär. Bu iki galanyň arasyndan bolsa gadymy döwürlwrden tä mongol goşunlary tarapyndan weýran edilýänçä uly ykdysady ähmiýetli kanal bolan al-Ruzeýk (al-Razik) ýaby akypdyr. Soltangalanyň boýy 8-9 metre ýetýär, diwarlarynyň düýbi esasan 4,5 metre ýetýän galyňlykda pagsadan tutulypdyr. Iki metre çenli çürelip gidýän ýokarky gatlaklarynda bolsa 31×31×7 sm we 27×27×5 sm ölçegdäki çig kerpiçler ulanylypdyr.

Gäwürgala bilen deňeşdirilende Soltangalanyň diwarlary has gowy saklanypdyr.

 
d) Şähriýar gala

Şähriýar gala gadymy Mary şäher galalarynyň içinde iň kiçisidir. Bary-ýogy 20 gektara golaý meýdany tutýan bu galanyň diwarlarynyň salnyşynda belli bir forma eýerilmändir. Gala tutuşlygyn ýoýulan kwadrata çalym edýär. Ol esasan 27×27×6 sm ölçegdäki çig kerpiçlerden pagsa bilen aralaşdyrylyp salnypdyr. Häzirki wagtda gala diwarlarynyň saklanyp galan galyňlygy 2,8-3 metre, beýikligi hem 8-10 metre ýetýär.

Galanyň içiniň demirgazyk hem-de deirgazyk-günbatar böleklerinde kazarmalaryň, athanalaryň galyndylaryny, ortada we günorta-gündogarda hem edaradyr ýaşaýyş jaýlarynyň harabalaryny görmek bolýar. Olardan ilkinji bolup göze ilýäni köşk jaýydyr. Köşgüň içinde bary-ýogy ýekeje süýnmek zal bolup, ol öz wagtynda seljuk soltanlarynyň diwany-kabulhanasy bolup hyzmat edipdir.

 
e) Isgender gala hem-de kiçi Soltan gala

Ýerli halkyň dilinde şeýle atlar bilen tanalýan bu galalaryň ilkinjisi Soltan galanyň demirgazygynda, ikinjisi hem onuň günortasynda ýerleşýär. Ýerleşiş aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, taryhçy alymlar olara /zleriçe “Demirgazyk aýlaw” hem-de “Günorta aýlaw” diýip at beripdirler. Döwri boýunça aýlawlaryň ikisi-de Solatangaladan soň salnan bolmaly. Isgender galanyň 200 gektara golaý giň meýdany öz wagtynda Merw şäheriniň örän gür oturan ilatly ýeri bolupdyr. Eger-de kiçi Soltan galanyň gündogar bölegindäki Bureýda bilen Gifariniň guburlarynyň başujynda , Teýmirleň döwründe salnan goşa binany hasp etmeseň, bu galanyň içinde gadymýetiň ýerden saýlanyp duran ýekeje diwaryna-da gözüň düşmeýär.

 
i) Şaýym gala

Araplar döwrüne degişli ýadygärlikleriň biridir. Käbir alymlar ony Abu Muslimiň harby lageriniň galyndylary hasaplaýarlar. Şaýym gala Gäwürgalanyň 1,5 km. günorat-gündogarynda ýerleşýär. Onuň 1,28 kw.km. meýdany bolup, gala diwarlary pagsadan hem-de25×25, 5×5, 24-25×25 ölçegdäki çig kerpiçler, aram-aram hem 26,5 ×?×5 sm. ölçegde bolan kerpiçler ulanylyp salypdyr.

[1] Türkmenistanyň ylymlar akademiýasy Şaja Batyrow adyndaky taryh instituty Türkmenistan kiçi ensiklopediýasy.




#Article 9: Türkmen milli oýunlary (351 words)


Oýna azyndan 7-8 oýunçy gatnaşýar. Sanawaç sanalandan soň bijesi galan oýunçy möjek bolan bolup orta ýatýar. Beýleki oýunçylar gol tutuşyp, onuň daşyndan aýlanýarlar. Ýuwaş-ýuwaşdan möjege ýakynlap, ahyry birisi oňa elini degirýär. Şol wagt „oýanan“ möjek daşynda aýlanyşyp ýören, onuň oýananyny görüp gaçmaga başlan guzulary kowalamaga durýar. Bellenilen pellehana — „çopan ýatagyna“ çenli möjege guzulardan hiç birini tutmak başartmasa, ol ýene orta geçip ýatan bolýar. Eger birini tutaýsa, tutulan oýunçy möjek bolmaly bolýar.

Tööňe-töňňänem oýnajaklaryň sany 7-8-den az bolmaly däl. Ilki bilen hemme oýunçylar sygar ýaly aýlaw çyzyk çyzmaly. Sanawaç sanalyp, bijesi galan töňňe bolmaly. Töňňe bolan oýunçy aýlaw çyzygyň daşynda bir çetde oturýar. Beýleki oýunçylar odun çöplemäge giden bolýarlar. Şonda bir oýunçy töňňäni tapan bolup „Töňňe tapdym, geliň muny „öýmüze“ äkideliň“ diýip gygyrýar. Oýunçylaryň hemmesi töňňäniň daşyna üýşýärler.

Ony goparan bolup, soň göterip aýlaw çyzygyň içne getirýärler. Töňňe garşylyk görkezmeýär. Töňňäni aýlaw çyzygyň içinde goýup, oýunçylar ýene-de odun çöplemäge giden boýarlar. Şol wagtam Töňňe oýanýar. Ol oýunçylardan islänini kowalamaga başlaýar.
Töňňäniň elini degirip bilen oýunçysy tutuldygy hasaplanýar. Emma gaçyp aýlaw çyzygyň içine girip bilen oýunçy halas bolýar. Oýunçylaryň hiç birisi tutdurman, aýlaw çyzyga girip bilseler, töňňe ýene-de töňňeligine galýar. Eger oňa oýunçylardan birini tutmak başartsa, tutulan oýunçy töňňe bolýar.

Bu oýny oýnamak üçinem oýunçylaryň sany 7-8-den az bolmaly däl. Bu gezek ini iki ädim çemesi bolan iki sany parallel çyzyk çyzýaň. Oýnuň dowamynda bu çyzyk „köpri“ bolup hyzmat eder. Sanawaç sanalyp, bijesi galan bu gezegem möjek bolýar. Beýleki oýunçylar bolsa guba gazlar bolýarlar. Olar ganatlary — ellerini galgadyp „köpriň“ golaýyna gelýärler. „Köprüde bolsa „möjek“ otyr. Gazlar ondan köprüden geçirmegini haýyş edýärler. Möjek bolsa olardan nirä barýanlaryny soraýar. Her guba gaz öz bilýän şäheriniň adyny aýdýar. Möjek gazlara: „Giden şäheriňizden maňa sowgat getirseňiz, geçireýin“ diýýär. Gazlar razy bolýarlar.

Möjek olary köprüsinden geçirýär. Gazlar köprüden geçip, bir salym ganat kakyp ýüzýärler, soň yzlaryna geçmek üçin ýene-de köprä gelýärler. Möjek olardan: „Boýun alan sowgatlaryňyzy getirdiňizmi?“ diýip soraýar. Gazlar „ýok“ diýip hersi birýana gaçmaga başlaýar. Möjek gazlary köprüsinden geçirmän tutjak bolýar. Tutulan oýunçy möjek bolýar, köprüden geçip bilen gazlar bolsa halas bolýarlar. Eger Möjek gazlaryň hiç birini tutup bilmese, ýene-de möjek bolmaly bolýar.

EÝHO - 




#Article 10: Gawun (343 words)


Gawun — Türkmen gawunlarynyň şan-şöhraty barada dünýäniň belli jahankeşdeleri we taryhçylary gyzykly maglumatlary galdyryp gidipdirler. XII asyrda ýaşap geçen fransuz syýahatçysy „Men hiç ýerde şeýle datly tagam datmandym“ diýse, on ikinji asyryň meşhur taryhçysy Al-Makdisi: „Merwiň kösükli ösümliklerine hem-de gawunlaryna taý geljek zat ýokdur“ diýipdir. Merw we Horezm gawunlaryny arap halyflary Mamunyň we Wasihiň köşklerine daşy buz bilen gurşalan gurşun gaplarda eltipdirler. Olar eltilmeli ýerine zaýalanman eltilen halatynda her gawun üçin 700 dirhem töläpdirler.

Fransua Bernýe on ýedinji asyrda gyş paslynda Delide Orta Aziýadan getirilen gawunlaryň gymmat bahadan satylýandygy hakynda ýazypdyr. Ol gawunlary pagta dolap eltýän ekenler. Türkmen gawunlary hytaý imperatorlarynyň, hindi şalarynyň we arap halifleriniň desterhanlaryny bezese, şirin-şeker türkmen gawunlary Soltan Sanjaryň, Baýram han Türkmeniň we beýleki türkmen hökümdarlarynyň söýer aşy bolupdyr.

Orta Aziýaly täjirler gawunlary Ýewropa hem äkidipdirler. Ýöne gawuny barjamly, baý adamlar satyn alyp bilipdir. Umuman, gawun şa desterhanyna mynasyp ýokumly iýmit hasaplanypdyr. Ýewropa patyşalary dabaraly gawun iýişlige öz golastyndakylaryň diňe golaýlaryny çagyrypdyrlar. Gawuny ýewropalylar diýseň gowy görüpdirler. Mysal üçin, Rim imperatory Klawdiý Albin ertirlik naharynda gawun iýmegi gowy görýän eken.

Lukman Hekim diýlip tanalýan meşhur Ibn Sina hem türkmen gawunlarynyň dürli kesellere dermandygyny aýdyp, olary öz tebipçilik işinde giňden ulanypdyr. Sebäbi gawunlaryň düzüminde gant, karotin, S,R witaminleri, adam organizmi üçin gymmatly minerallar köp. Gawun peşew halta, öt halta, bagra, az-azdan iýilse aşgazana, içegelere oňat täsir edýär. Ol nerw rahatlygyny döredip, keýpiňi çag edýär. Gün şöhlesiniň ýakymsyz täsirini aýyrýar. Waharman gawunynyň ternesi inçekeseliň, öýken keselleriniň, demgysmanyň dermanydyr.

Türkmenistanda gawunyň haýsy döwürlerden bäri ösdürilip ýetişdirilýändigi barada taryhyň saralan sahypalarynda maglumatlar bar. Muňa Merwde gazuw-agtaryş işleri geçirilen wagty gadymy Gäwürgaladan tapylan gawun çigitleri hem şaýatlyk edýär. Biziň eýýamymyzyň VI asyrynda Türkmenistanda bakja ekinlerini, esasanam gawundyr garpyz ekýän daýhanlar ýer üçin tölenýän salgytdan boşadylýan eken.

Biziň günlerimizde ýurdumyzyň babadaýhanlary gawunlaryň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirýärler. Sahawatly topragyň nury çaýylan bereketli gawunyň ösdürilip ýetişdirilişine ünsüň güýçlenmegi ýöne ýerden däldir. Merhemetli Prezidentimiziň gawun baýramyny bellemek hakynda Perman çykaryp, şol baýramyň döwlet derejesinde bellenip geçilmegi türkmen gawunlaryny döreden ata-baba daýhanlarymyza uly hormatymyz bolup, beýleki bir tarapdan bolsa bu datly bakja önümiň ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýändigine buýsanjymyzdyr.

EÝHO - 






#Article 12: Türkmen dili (1319 words)


Türkmen dili ençeme müňýyllyk taryhy bolan türkmen halkynyň milli dilidir. Türkmen dili - türki dilleriň oguz dilleri toparyna degişlidir. Ol Türkmenistanyň resmi dili bolmak bilen, şeýle hem Eýranda, Owganystanda, Türkiýede, Garagalpagystanda, Täjigistanda, Gazagystanda, Özbegistanda, Stawropol ülkesinde, Astrahan oblastynda bölekleýin ulanylýar.

Häzirki zaman türkmen edebi diliniň kemala gelip başlan eýýamy Magtymguly Pyragydan başlanýar we onuň ösýän we kämilleşýän döwri täze galkynyş eýýamydyr.

Elipbiý

Öz köküni Oguz han türkmenden alyp gaýdýan türkmen dili ýetmişden gowrak döwlet guran türkmenleriň durmuşynda aýgytly hyzmaty ýerine ýetiripdir we häzir hem Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda döwlet dili hyzmatyny ýerine ýetirýär. Türkmen dili daşary ýurtda ýaşaýan türkmenleriň hem milli dilidir. „Gorkut Ata” eposy, Ýusup Balasagunlynyň, Hoja Ahmet Ýasawynyň, Ýunus Emräniň, Nowaýynyň, Nesiminiň, Fizulynyň, Azadynyň, Magtymgulynyň, Andalybyň ... eserleri türkmen dilinde ýazylypdyr we asyrlaryň dowamynda türkmen halkyna gulluk edip gelipdir.

Edebi diliň agzeki we ýazuw görnüşleri bar. Agzeki sözleýiş - bu ilkinji nobatda gepleşikdir. Gepleşik adatça gysga ýa-da ulurak sözlemlerden ybarat bolup, gürrüňdeşlikde amala aşyrylýar. Ol özüniň dürli heňde aýdylýandygy we duýgy öwüşginlerine baýdygy bilen tapawutlanýar. Ýazuw sözleýşi bolsa haýsydyr bir Görüş dilini döredip bilenok, ol diňe doly ýa-da doly däl görnüşe geçirilen sesli sözleýşi gaýtalamaga (okamaga) ýardam edýär. Ýazuwda ulanylýan dyngy belgiler hem janly sözleýşiň intonasiýasyny, dürli öwüşginli many-mazmunyny doly berip bilenok. Ýazuw arkaly beýan edilen sözleýiş ýazýan adamyň ýok ýagdaýynda oňa düşünilmegi üçin niýetlenilýär. Ol agzeki sözleýişden tapawutlylykda diňe bir döwürdeşler üçin niýetlenilmän, eýsem geljekki nesil üçin hem niýetlenilendir. Ýazuw sözleýşi sözleriň örän taraşlanylyp saýlanylyp alnandygy, söz düzümleriniň hem sözlemleriniň has dolulygy bilen agzeki sözleýişden tapawutlanýar.

Fonetika - (grekçe: [phonetike] [phone – ses]) – diliň ses gurluşy baradaky ylymdyr. Fonetikanyň amaly bölüminiñ biri-de orfoepiýadyr ([orthos] – dogry we [epos] – „söz” diýmekdir). Ol „dogry aydylyş baradaky ylym” diýmekdir. Fonetika bilen [grafika] hem (grekçe: [grapho] – „ýazýaryn” diýmek) yakyn baglanyşyklydyr. Ol sözleýşiň seslerini harp arkaly şekillendirmek bilen meşgullanyar.

Söz ýasalyş – täze sözleriň döreýiş serişdeleri we usullary hem-de bar bolan sözlerin düzümi (gurluşy) baradaky ylym.

Grammatika (grekçe: [grammatike]) – diliň gurluşy baradaky ylym. Ol iki bölümden: morfologiýadan hem-de sintaksisden ybarat.

Morfologiya (grekçe: [morphe] – şekil, [logos] – ylym) – grammatikanyň bir bölümi bolup, sözüň üýtgeýşini we dilde bar bolan söz toparlaryny öwrenýär.

Sintaksis (grekçe: [sintaxis]) – „düzmek” diýmekdir). Ol söz düzüminiň we sözlemleriň görnüşlerini, gurluşyny öwrenýär.

Fonetikanyň we grammatikanyň esasynda türkmen diliniň orfografiýasy (dürs ýazuwy) we punktuassiýasy işlenilip düzülipdir. 

Orfografiýa dogry ýazmagyň düzgünleridir.

Punktuassiýa bolsa dyngy belgilerden peýdalanmagyň düzgünleridir.

Leksikologiýa (grekçe: [lexis] – „söz” we [logos] – „ylym”) – diliň sözlük düzümi baradaky ylym.

Frazeologiýa (grekçe: [phrasis] – „beýan ediliş”) – dilde ulanylýan durnukly söz düzümleri baradaky ylym.

Stilistika - diliň labyzlylyk serişdeleri we olaryň sözleýişde ulanylyş şertleri baradaky ylym.

Sözleýiş medenýeti dil biliminiň edebi diliň normalarynyň sözleýişde amaly ulanylyşyny öwrenýän bölümi.

Türkmen dili hakynda, onuñ söz baýlygy barada ilkinji ylmy maglumatlar XI asyryň meşhur dilçi alymy Mahmyt Kaşgarlynyň arap dilinde ýazan “Diwan-y-lugat-at-türk” atly üç jiltden ybarat sözlüginde berilýär. Diwanyň adyny türkmen diline “Türk dilleriniň sözlügi” diýip terjime etmek mümkin. Bu sözlük diýlip atlandyrylsa-da, onda ses kanunalaýyklyklary, söz ýasalyş, söz toparlary we sözlem hakynda hem maglumatlar berlipdir. Alym sözlüge girizen mysallaryny türkmen we beýleki türki dillerde, olara berýän düşündirişlerini bolsa arap dilinde ýazypdyr. Mysallar hem arap diline terjime edilipdir. Bu sözlük arap dilinde gürleýän musulman halklar üçin niýetlenilipdir.

Belli sözlükşynas S.Altaýew XX asyryň sowet ýyllarynda (70-nji ýyllara çenli) sözlük düzülişini üç döwre bölýär: 1) 20-30-njy ýyllar; 2) 40- 50-nji ýyllar; 3) 60-70-nji ýyllar.

Ilkinji sözlükleriň biri J.A.Belýaýewiň düzen rusça-türkmençe sözlügidir (Aşgabat, 1913). Geçen asyryň 20-nji ýyllarynda iki dilli adalgalar sözlüguniň zerurlygy ýüze çykýar. 1926-nji ýylda “Краткий русско-туркменский словарь применительно к нуждам государственной статистики ТССР” (Aşgabat, 1926 ý.) diýen sözlük neşir edilýär. Bu sözlük esasan oba-hojalygy, jemgyýetçilik-syýasy we ylmy-tehniki adalgalary öz içine alypdyr. 1956-njy, 1968-nji ýyllarda “Rusça-türkmençe” sözlügiň bir tomlugy, 1968-nji ýylda şol sözlügiň gysgaça görnüşi, 1986-87-nji ýyllarda iki tomlugy neşir edilýär. 1962-nji ýylda ilkinji gezek türkmen diliniň düşündirişli sözlügi (“Türkmen diliniň sözlügi” ady bilen) neşir edilýär. Aýry-aýry ugurlar boýunça hem sözlükler neşir edilýär. 1967-nji ýylda S.Myradowanyň halyçylyga we el hünärine degişli sözlügi, 1971-nji ýylda S.Atanyýazowyň ýer-ýurt atlarynyň düşündirişli sözlügi, 1960-njy ýylda B.B.Kerbabaýewiň düzen “Botanika terminleriniň rusça-türkmençe sözligi”, 1962-nji ýylda Ç.B.Baýryýewiň, M.H.Dawlekomowyň düzen latynça-rusça-türkmençe medisina sözleriniň sözlügi, 1974-nji ýylda J.Hudaýberdiýewiň “Anatomiýa terminleriniň latynça-rusça-türkmençe sözlügi”, 1973-nji ýylda G.Mälikgulyýewiň fiziki adalgalaryň rusça-türkmençe sözlügi, 1976-njy ýylda “Türkmen diliniň frazeologik sözlügi”, 1988-nji ýylda A.Babakulyýew, O.Akmämmedow tarapyndan düzülen “Türkmen diliniň ykdysady terminleriniň gysgaça sözlügi”, 2004-nji ýylda M.Babakulyýew, Ö.Muhammetberdiýew tarapyndan düzülen “Maglumatlar tilsimatynyň adalgalarynyň sözlügi”, bulardan başga-da, 80-90-njy ýyllarda ikidilli okuw sözlükleri, şeýle-de dürs ýazuw hem dürs aýdylyş boýunça sözlükler neşir edildi.

Ýöne türkmen dili boýunça düşündirişli okuw sözlikleri, omonimik, etimologik sözlükler, manydaş sözleriň (sinonimleriň), garşyklykly manyly sözleriň sözlükleri heniz neşir edilenok. S.Atanyýazow tarapyndan düzülen “Türkmen diliniň sözköki sözlügi” (2004ý.) etimologik sözlük düzmek babatda edilen ilkinji synanyşykdyr.

Stilistika – bu diliň labyzlylyk serişdelerini we aragatnaşyk etmegiň maksady, ýagdaýy (ebeteýi) hem-de ulanylýan şertleri bilen baglylykda olaryň sözleýişde ulanylyş kanunalaýyklygyny öwrenýän dil baradaky ylmyň özboluşly bir ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda türkmen edebi diliniň birnäçe özboluşly stilleri aýratynlandyrylýar. Olara ylmy, resmi-iş, jemagatçylyk, çeper, gepleşik stilleri degişlidir. Bu stiller aragatnaşyk etmegiň (pikir alyşmagyň) şertlerine görä iki topara – gepleşik we kitap stillerine bölünýärler. Kitap stillerine bolsa ylmy, resmi-iş, jemagatçylyk, çeper stilleri degişlidir. 

Ylmy stil – bu adamyň ylmy işine mahsus bolup, ylmy pikirlenmäniň özboluşlylygyndan gelip çykýan umumy alamatlary (berk logiki yzygiderligi) bilen, şeýle-de bir topar hususy alamatlary boýunça tapawutlanýar.

Resmi-iş stil adamlaryň hem guramalaryň arasynda hukuk we kanunçylyk ulgamlarynda iş hem resmi gatnaşyklary alyp barmak üçin ulanylýar.

Jemagatçylyk (publistik) stili – bu stil ilkinji nobatda köpçülikleýin habar beriş serişdelerine (gazet, radio, teleýaýlym) häsiýetlidir.

Çeper eseriň stili - çeper eser pikir alyşmak, gyzyklanma döretmek, habar bermek hyzmatlaryny ýerine ýetirmek bilen birlikde, täsir etmek, tolgundyrmak (estetik) hyzmatyny-da özünde jemleýär. Eseriň awtory okyjyny öz gahrymanynyň ykbaly üçin tolgunmaga, gyzyklanmaga mejbur edýär.

Gepleşik stili - sözleriň aýdylyşynda gysgaltmalara ýol berilmegi (alýa, gelýä…), agzeki sözleýşe mahsus işlik zaman şekiliniň köp ulanylmagy (alamok, gelemok), sözlem agzalarynyň grammatik taýdan normalaşan tertibiniň bozulmagy (Geldiler gidenler), üm-yşaratlaryň ulanylmagy, şonuň netijesinde-de sözleriň, söz düzümleriniň, sözlemleriň taşlanylmagy (ulanylmazlygy) bilen ýüze çykýar. 

Aňladýan leksik many görnüşleri, söz üýtgediji goşulmalary we sözlemde ýerine ýetirýän sintaktik hyzmatlary boýunça sözler söz toparlaryna bölünýärler. Ol iki topara: özbaşdak many aňladýan söz toparlaryna we özbaşdak many aňladmaýan söz toparlaryna bölünýär. Ylmy grammatikada söz toparlary  isimlere, işliklere we kömekçi sözlere bölünýär.

Özbaşdak many aňladýan söz toparlary:

Atlar – bu söz topary bolup, zatlary, düşünjeleri, hadysalary, wakalary aňlatmaga hyzmat edýärler. Olar kim? näme? nire? diýen soraglara jogap bolýarlar.

Sypatlar – nähili? neneňsi? nätüýsli? haýsy? diýen soraglara jogap bolýan, öz manysynda zatlaryň alamatyny jemleýän sözler bolan söz toparydyr. Sanlar - näçe? näçenji? diýen soraglara jogap bolup, zatlaryñ, düşünjeleriñ sanyny, mukdaryny (bir, iki, üç, dört, bäş) ýa- da sanalmakdaky tertibini (birinji hatar, bäşinji öý, üçünji dükan) añladýarlar.

Çalyşma – bu öz hususy manysy bolmadyk we beýleki söz toparlarynyñ (atlaryñ, sypatlaryñ, sanlaryñ) sözleriniñ ýerini çalyşýan sözleri özünde jemleýän söz toparydyr.

Işlik – bu hereketi ýa-da zadyň ýagdaýyny bildirýän sözleri özünde jemleýän söz toparydyr. Ol näme etdi? näme edýär? näme etjek? näme eder? diýen soraglara jogap bolýar.

Hallar gymyldy-hereketiň alamatyny, hal-ýagdaýyny, nähili ýagdaýda ýüze çykandygyny görkezýän özbaşdak manyly söz toparydyr. Hallar sözlemde işliklere baglanyp, ahwalat hyzmatynda gelýärler. Olar söz üýtgediji goşulmalary kabul etmeýärler.

Özbaşdak many aňladmaýan söz toparlary:

Baglaýjy kömekçi - sözleri, söz düzümlerini we goşma sözlemleriň ýönekeý sözlemlerini özara baglamaga hyzmat edýän kömekçi sözlere hem-de ownuk böleklere diýilýär.

Sözsoňy kömekçiler özbaşdak many aňladýan sözleriň arasyndaky dürli hili garaşly gatnaşyklary aňladýarlar. Sözsoňularyň haýsy gatnaşygy bildirýändigi olaryň öň ýanynda gelýän sözleriň manylary bilen baglanyşykly ýüze çykýar. 

Ownuk bölek - sözlere, şeýle-de sözlemlere dürli many ýokundylaryny berýän söz böleklerine diýilýär.

Modal sözler (latynça modus terjime edilende tär, gyşarma) - gepleýäniň habar berýän maglumatyna dürli derejeli hem-de görnüşli garaýşyny aňladýan sözlere diýilýär.

Ümlükler – bular gürleýän adamyň içki duýgusyny – begenjini, şatlygyny, gynanjyny, haýran galmagyny, gahar-gazabyny, gorkusyny, nägileligini, ýigrenjini we şuňa meňzeşleri bildirýärler, ýöne olary atlandyrmaýarlar.

Ses we şekil (obraz) aňladýan sözler - tebigatyň janly-jandarlarynyň, jansyz zatlarynyň seslenmesine öýkünilip, şol seslenmelere meňzedilip aýdylýan sözlere ses aňladýan sözler diýilýär. Zatlaryň, hereketleriň we ş.m. şekiline, durkuna, daş sypatyna meňzedilip aýdylýan sözlere şekil (obraz) aňladýan sözler diýilýär.




#Article 13: Magtymguly (2013 words)


Türkmen halkynyň beýik şahyr ogly Magtymguly Pyragy gökleň türkmenlerindendir. Ol takmynan, 1724-nji ýylda Gürgen derýasynyň boýunda, Hajygowşan diýen ýerde eneden dogulýar. Ol ömrüniň​ köpüsini​ Etrek, Gürgen, Garrygala sebitlerinde geçiripdir. Şahyr Älem belgilidir diýen şygrynda Ýaz geler, wagt-da gidre, gaflata çykmyş gözlerim. Açaýyn diýsem açylmaz, ne agyr uýkulydyr; Bilmeýin soranlara aýdyň, bu garyb adymyz: Asly-gerkez, ýurdy-Etrek, ady-Magtymgulydyr diýip, öz adyny we niredendigini, kimlerdendigini aýdýar.

Magtymguly Pyragy başlangyç terbiýäni kakasy Döwletmämmet Azadydan alýar. Ol bu barada: Ylym öwreden ussat-kyblam pederdir - diýip ýazýar. Magtymguly ilki oba mekdebinde okaýar. Onuň ilkinji mugallymyna Nyýazsalyh diýer ekenler. Magtymguly örän zehinli we ýiti akylly bolupdyr. Ol dürli kitaplary çakdan- aşa köp we irginsiz okapdyr. Magtymguly ýaş wagty kakasyndan, ejesinden we obanyň garry adamlaryndan köp-köp halk rowaýatlary, goşgy-gazallary, erteki we nakyllary höwes bilen diňleýär eken. Ol kakasy Döwletmämmet Azadynyň döreden eserleriniň köpüsini ýatdan öwrenipdir.

Magtymgulynyň zehinliligine, okuwa höwesliligine göz ýetiren Döwletmämmet onuň ylymly adam bolup ýetişmeginiň aladasyny edipdir. XVIII-nji asyrda Etrek, Ahal, Mary sebilerinde güýcli medreseler bolmandyr. Şonuň uçin hem Döwletmämmet Azady öz oglyny ilki Halajyň Gyzylaýak obasynda ýerlesýän, sol wagt güýcli hasap edilen Idris babanyň medresesinde okuwa iberýär. Magtymguly bu medresede birnäçe wagt okaýar. Soňra ol Buhara gidýär, Buharada Gögeldaş atly medresä okuwa gidýär we onda iki ýyl okaýar. Şahyr sol medresede ders berýän şiriralyly türkmen Nury Kazym ibn Bahr bilen hem tanyşýar we onuň bilen dostlaşýar. Emma medresedäki talyplaryň tertip-düzgüniniň bozuklygy Magtymgulynyň bu medresäni taşlamagyna sebäp bolýar.

Magtymguly esasy bilimi Hywadaky «Sirgazy» medresesinde alýar. Ol «Sirgazy» medresesinde üç ýyl okaýar. Medresede berilýän dersleriň daşynda hem Gündogaryň görnükli şahyrlary: Nyzamynyň, Nesiminiň, Fizulynyň, Nowaýynyň we başgalaryň eserlerini irginsiz okaýar. Ol medresede okaýanlaryň arasynda özuni derrew tanadyp, zehinli talyplaryň hataryna goşulýar. Okuwyň ilkinji ýylynda Magtymguly talyplaryň halypasy bolýar. Soňky ýylda bolsa, mugallym özi ýok wagty ders geçirmegi-de Magtymgula ynanýar ekeni. Magtymguly öz döwrüniň iň bilimli we düşünjeli adamy bolup ýetişipdir.

Magtymguly Pyragy XVIII-nji asyrda ýaşan, türkmen klassyky edebiýatynyň kämilleşmegine örän uly goşant goşan, türkmen edebi dilini ösdürmekde uly işler bitiren şahyrdyr.

Türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragy, takmynan 1733-nji ýylda Gürgen derýasynyň boýunda Hajygowşan diýen ýerde eneden dogulýar. Ol ömrüniň köpüsini Etrek, Gürgen, Garrygala sebit-rinde geçiripdir. Şahyr Äleme belgilidir diýen şygrynda:

Bilmeýän soranlara aýdyň bu garyp adymyz,
Asly-gerkez, ýurdy-Etrek, ady-Magtymguludyr

diýip, öz adyny, niredendigini, kimlerdendigini aýdýar. Magtymguly başlangyç terbiýäni öz kakasyndan alýar.

Şahyr ilki oba mekdebinde, soňra Halajyň Gyzylaýak obasynda ýerleşýän Idris babanyň medresesinde bilim alýar.

Buharadaky Gögeldaş medresesine okuwa girýär, ýöne talyplaryň bozuklygy, ony bu medresäni taşlamaga mejbur edýär. Magtymguly Hywadaky Şir-gazy medresesinde okap bilim alýar we öz döwrüniň bilimli we düşünjeli adamsy bolup ýetişýär.

Magtymguly jahankeşde adam bolupdyr. Dünýäniň köp ýerlerine syýahat etmek duýgusy onda ýaşlykda döreýär. Bu syýahatlar şahyryň dünýägaraýşyny giňeldipdir. Magtymguly oglan okatmakdan başga tanymal zergär bolupdyr we kümüşden, altyndan dürli bezeg şaýlaryny ýasapdyr. Magtymgulynyň maşgala ýagdaýy jedelli meseleleriň biri bolup durýar. Goşgularyna esaslanyp, onuň Meňli diýen gyzy söýendigini, ýöne käbir sebäplere görä alyp bilmändigi hakda alymlar netijä gelýärler. Magtymgula Akgyz diýen ýeňňesi dakylýar.

Ondan iki ogul bolup, olar hem ýaşlykda ýogalýarlar. Şahyr ogullarynyň ölümine gynanyp, Yzlamaýan bolarmy, Mübtela kyldy“ eserleri döredipdir.

Magtymguly örän parasatly, gepe çeper, märekesöýen adamdy. Ol özüniň gowy häsiýetleri bilen halka görelde görkezipdyr, akyl-paýhasy bilen köp adamlary terbiýeläpdir.

Magtymguly, takmynan, 1791-nji ýylda Atasary diýilýän çeşmäniň boýunda, Soňudagyň ýanynda aradan çykýar. Ony kakasynyň ýanynda Garry molla (Eýranda) gonamçylygynda jaýlapdyrlar.

Magtymguly döredijilik işine ýaşka başlapdyr. Goşgy düzmekde köp zady kakasy Döwletmämmet Azadydan öwrenipdir. Magtymguly goşgularyny köpçüligiň üýşen ýerinde, toý-meýlislerde okap berip, adamlary gahrymançylyga, ar-namysly, hüşgär bolmaklyga çagyrypdyr. Onuň ylham çeşmesi halk we onuň güzerany bolupdyr.

Şahyryň döredijiligi dürli temalarda bolan köp sanly şygyrlardan we poemalardan ybaratdyr. Onuň öz golýazmalary bize gelip ýetmändir.

Magtymguly köp şygyrlaryny Pyragy lakamy bilen düzüpdir Onuň döredijiligi XVIII asyr türkmen durmuşyny öwrenmäge örän köp material berýär. Magtymgulynyň şygyrlary, esasan, watançylyk, gahrymançylyk, öwüt-nesihat, sotsial-deňsizlik, yşky-liriki, dostluk barada gumanistik ideýalary öňe sürýär.

Magtymgulynyň döredijilik tematikasy giň we hertaraply. Onda türkmen halkynyň geçmişi, geljegi we şol wagtky ýagdaýy göz öňüňe gelýär.

Beýik akyldar Magtymgulynyň döredijiliginde durmuşy goşgular esasy 
orunlaryň birini eýeleýär, Ol çilim çekmek, nas atmak, ogurlyk, nähak 
gan dökmek ýaly pis häsiýetlere garşy göreş alyp barypdyr. Özüniň 
goşgularynda (Kyly-kal bolar, Düýşüne degmez, Çilimkeş, Nas 
atan) olary rehimsiz ýazgarypdyr. Şol göreşds çeper dili ýarag hökmünde ulanypdyr.

Şahyr Nas atan şygrynda nas atanyň hapasyzçylygyny görkezip, ony 
masgaralaýar we şu kärini taşlamaga çagyrýar:

Akar durar üsti-başyň poh eder,
Senden gaçar deňi-duşuň, nas atan!

Şahyr özüniň eserlerinde gybatkeşligi, töhmeti iň bir ýaramaz häsiýet 
hökmünde ýazgarýar:

Ömrüň ýele berme, azma ýoluňdan,
Agyrtmagyl ili-günüň, gybatkeş.

Magtymguly ýaman häsiýetleri ýazgarmak bilen erbetlikleri dini 
düşünjeleriň üsti bilen tertibe salmaga synanyşypdyr.

Şahyr gelin-gyzlaryň edepli, päkize, mylaýym bolmagyny isläpdir, 
ata-enäni sylamaýan, hapysa gelin-gyzlary pisläpdir.

Bardyr gözel, sirke basar saçyny,
Artmaz-ýuwmaz tabagynyň, daşyny,
Sylamaz atasyn, ene ýaşyny
Anyň hyzmatyndan gaçasyň geler.

Magtymguly ýaramaz häsiýetlere garşy göreşmek temasyny edebiýatda giň 
möçberde işläp we propagandirlän şahyrdyr.

Şahyryň döredijiliginde adamlarda oňat häsiýetleri terbiýelemekde uly orny owüt-nesihat häsiýetli şygyrlar tutýar. Bu temadan Magtymguly Janyna degmez, Durasyň geler, Ýör biläni, Il ýagşy, Zor bolar, Bolar seolkkyftkitkmj,, Aýrylma ýaly onlarça şygyr ýazypdyr. Şahyr bu goşgularynda döwürdeşlerine asylly terbiýe bermek, olaryň mert, ar-namysly bolmaklaryny nesihat edip, binamys, namartlary ýaňsa alypdyr. Şahyr Gerekdir diýen şygrynda:

Giň ýerde garga deý bolsun wehimli,
Ýerinde hünäri işi gerekdir

diýip, ýigidiň göwrüminiň giň, gerekli ýerinde hünäriniň bolmaly-dygyny, hüşgärligini beýan edipdir.

Magtymgulynyň Il biläni şygrynyň:

Goç ýigide toýdur-baýram,
Her iş gelse, il biläni

setirleri agzybirligi ündäpdir, Şahyr Janyna degmez goşgusynda hesiýeti boýunça gapma-garşy adamy suratlandyrýar.

Adam bar müň tümen iýdirseň azdyr,
Bardyr adam - iýen nanyna degmez.

Şahyr oňat hesiýetleri ündände, ýaramaz häsiýetleri ýazgaranda, wagyz-nesihat etmek tärinden peýdalanýar. Ol ähli türkmen ýigitlerini jeň meýdanynda şu sypatda görmek isleýär:

At salanda doňuz kimin topulyp,
Aýy kimin asylyşy gerekdir.

Magtymguly oňat-gylyk häsiýetler adamyň bezegi diýip düşünipdir.

Magtymgulynyň döredijiliginde sotsial-deňsizlik meselesi düýpli işlenen temalaryň biridir. Onuň bu temada ýazan eserlerine Salar guşun aňlamaz, Gaça başlady, Ötüp baradyr, Ýat bolar, Il gözlär, Käre döndi, Golda bary bolmasa, Ajap eýýam gelmedi ýaly şygyrlar degişlidir.

Magtymgulynyň döwründe türkmen topragy daşary ýurt basybalyjylary, içerki han-begler tarapyndan depelenipdir. Şu ýagdaýy şahyr Gaça başlady diýen şygrynda şeýle beýan edýär:

Gömüldi derýalar, ýykyldy daglar,
Ýetimler gözýaşyn döke başlady.
Orramsydan bolan haramhor begler,
Ýurdy bir ýanyndan ýyka başlady.

Şahyr zamanasyny erbetligiň mekanyna öwren adamlary ýazgarýar:

Magtymguly özüniň adalatsyzlygyň höküm sürýän jemgiýetinde ýaşaýandygyny, şeýle jemgyýetde zadyň, malyň, baýlygyň bolmasa aljak galaň ýokdugyny Golda bary bolmasa şygrynda görkszipdir:

Zamana beýledir, göze ilmezler,
Her ýigidiň golda bary bolmasa...

Magtymguly adyllygy depeleýän adamlary diniň üsti bilen toba etmäge, amana getirmäge çalyşýar.

Magtymguly, bu dünýäniň namysyn,
Ýygyp-düýrüp ele berdim hamysyn,
Pikir derýasyna aklym gämisin
Batyrmyşam çyka bilmen neýleýin?

diýen setirlerinde bolsa ýurtdaky ýagdaýyň şeýle bulaşyklygyndan baş çykaryp bilmeýändigini aýdypdyr. Şahyryň goşgularynda pikiriň gysga we dogry berilmegi bu goşgularyň ýatda oňat galmagynyň ilkinji şerti bolup durýar.

Watançy şahyr Magtymgulynyň gahrymançylyk, il-ýurt, agzybirlik, birleşmek hakyndaky şygyrlary onuň döredijiligine iň görnükli orunlaryň birini eýeleýär. Bu temada Magtymguly Türkmeniň, Ýeli Gürgeniň , Depe nedir, düz nedir, Öňi-ardy bilinmez, Döker bolduk ýaşymyz, Gidiji bolma, Gözlär men, Başy gerekdir, Mert bolmaz ýaly birnäçe goşgular döredipdir.

Magtymguly hakyky watançy hökmünde türkmen ýurduna, onuň gözel tebigatyna, baýlygyna, batyr ýigitlerine guwanypdyr. Şahyr Gidiji bolma şygrynda:

Gel köňlüm, men saňa nesihat kylaý:
Watany terk edip gidiji bolma

diýip, öz döwürdeşlerine ýüzlenýär. Magtymguly Türkmenistanyň, aýratyn hem öz önüp-esen ýeri bolan Etrek, Gürgen töwerekleriniň giň, gözel we hasylly sähralaryny, daglaryny, tebigy baýlyklaryny, goç ýigitleri taryplaýar. Şahyryň Ýeli Gürgeniň, Türkmeniň şygyrlarynyň şu setirleri-de oňa güwä geçýär:

Öňünde belent dag, serinde duman,
Deňizden öwüser ýeli Gürgeniň.
Bulut oýnap, baran dolsa çaýlara,
Akar boz bulanyp, sili Gürgeniň,
ýa-da

Dagda, düzde kowsa, saýýatlar diri,
Ala bilmez, ýolbars ogly türkmeniň.

Beýik şahyryň döwründe türkmen taýpalary dagynyk ýaşapdyrlar. Halk hemişe talanypdyr, ajaýyp zatlar weýran edilipdir. Magtymguly hemişe şeýle pajygaly durmuşdan gutulmagyň aladasyny edipdir. Ol keseki duşmanlardan goranmak üçin ýigitleri mertlige, gahrymanlyga çagyrypdyr:

Ýaşy ýeten arap atyň şanynda,
Mälim bolmaz depe nedir, düz nedir.
Ýüňi ýeten goç ýigidiň ýanynda,
Atmyş nedir, ýetmiş nedir, ýüz nedir.

Şahyr il-ýurt üçin hyzmat eden goç ýigitleri dabaralandyrýar, tersine namartlary, il-ýurduna hyýanat edýänleri näletleýär. Şu jähtden şahyryň şu setirlerini ýatlamak bolar:

Aga begler muhannesiň on müňi -
Mert ähliniň alty ýüzüne degmez.

Gaýraty, namysy, ary gerekdir.

Magtymguly dagynyk ýaşan türkmen taýpalaryny birleşdirmek bilen ýurduň özbaşdaklygyny, halkyň asuda ýaşamagyny gazanmak bolar diýen netije gelipdir. Bu ideýa şahyryň Türkmeniň, Döke bolduk ýaşymyz, Türkmen binasy ýaly şygyrlarynda öz beýanany tapypdyr:

Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.

Teke, ýumut, gökleň, ýazyr, ärsary
Bir dowlete gulluk etsek bäşimiz.

Magtymgulynyň watançylyk, gahrymançylyk temada ýazan eserleri taryhy taýdan anyklygy, takyk manysy, çeper obrazlara baýlygy bilen-de tapawutlanýar.

Magtymguly şahyr dostluk, söýgi temasyndan hem birtopar goşgy ýazypdyr. Bu temadan onuň Gözel sen, Gülzardan aýryldym, Uýat eýleýir, Bu derdi, Boýlaryňa, Durasyň geler ýaly ençeme goşgulary bar. Magtymguly yşky-liriki temada ýazan goşgularynda öz söýgülisi Meňli bilen baglanyşykly prograssiw pikirleri öňe sürýär. Ol gelin-gyzlaryň durmuşda uly hormata, söýgä mynasyp bolmalydyklaryny nygtamak bilen, olaryň owadanlyklaryny Gözel sen şygrynda şeýle taryplaýar:

Gyzyl diýsem-gyzyl, al diýsem-al sen,
Hindistanda şeker, Bulgarda-bal san,

Akyldar şahyr Magtymguly gelin-gyzlaryň akylly, pähimli edepli bolmaklaryny isläpdir, olaryň mertebesini ýokary tutupdyr. Bu ideýa Durasyň geler diýen goşgusynda örän çeper berilýär:

Gözel bardyr gözellerden zyýada,
Onyň gullugynda durasyň geler,
Edepli-ekramly, mylaýymzada,
Tä ölinçäň bile ýöresiň geler.

Bardyr gözel, sirke basar saçyny,
Artmaz-ýuwmaz tabagynyň, daşyny,
Sylamaz atasyn, ene ýaşyny,
Anyň hyzmatyndan gaçasyň geler.

Magtymguly Bilen bolmasa diýen goşgusynyň şu setirlerinde il-günüň daşyny gorap ýören goç ýigitleriň özüne mynasyp ýary bolmasa, hemişe armandadyklaryny nygtaýar:

Är ýigidiň içi doly armandyr,
Gara göz, inçe bil ýary bolmasa.

Şahyr aýal-gyzlary satmak, dakylmak we köp aýallylyk ýaly zyýanly dessurlara garşy durupdyr. Şu babatda şahyr gumanistik pikirleri öňe sürüpdir.

Magtymguly edebi dili halk medeniýetiniň ösmeginiň, hökmany şertleriniň biri hasaplapdyr. Ol bu işi ählihalk işi diýip düşünipdir. Magtymguly edebiýatynyň diliniň halka düşnükli bolmagy ugrunda göreşip, çeperçilik serişdelerini öz eserlerinde örän ýerlikli ulanypdyr. Onuň şygyrlarynda halka düşnüksiz pikirlere, arap-pars sözlerine seýrek duşulýar. Bu bolsa onuň goşgularynyň höwes bilen okalmagyna sebäp bolýar. Magtymguly halkyň diline daýanmak bilen, ondan dilewarlygy we sadalygy öwrenipdir. Şahyr dili ösüş we göreş guraly hökmünde ulanypdyr. Magtymguly metaforalary, kapyýalary, ulaltma ýaly çeperçilik serişdeleriniň giňden ulanylmagy, şahyryň goşgularynyň çeperçiligini we obrazlygyny artdyrypdyr.

Magtymguly, garyplaryň gözýaşy
Daglary ýandyrar, ereder daşy.

Şahyryň dörtleme formasyndaky goşgularynyň köpüsi on bir hem sekiz bogunly setirlerden ybarat. Magtymgulynyň dörtleme formasynda ýazan eserlerinde kapyýa, redif goşgynyň birinji bendinde dürli hili ulanylypdyr.

Bala sesin diňlär, asyp gulagyn, (a)
Döke-döke gözýaşynyň bulagyn, (a)
Bir jeren aldyrsa elden owlagyn (a)
Mäleý-mäleý gözlemeýen bolarmy (b).

Şahyryň bäşleme we altylama formadaky şygyrlary, esasan, 14-15 bogunly bolup, kapyýa we rediftaýdan hem meňzeşdir.

Beýik şahyr Magtymgulynyň eserleri durmuşyň dürli-dürli taraplaryny öz içine alýar. Magtymgulynyň döredijiligini örän oňat bilýän, gündogary öwreniji E.E.Bertels ony Jemşidiň jamy bilen deňeşdirýär. Jemşidiň jamy ýaly, Magtymgulynyň döredijiliginden hem islän zadyňy, bilmek isleýän meseläňi tapmak bolýar. Magtymguly türkmen klassyky edebiýatyny dünýä okyjylaryna tanadan genial şahyrdyr.

Magtymguly türkmen şahyrlarynyň köpüsiniň halypasydyr. Magtymguly öz döwürdeşlerine we özünden soňky ýetişen şahyrlaryň döredijiligine uly täsir edipdir. Bu täsir, ylaýta-da Zeliliniň, serkerde şahyr Seýdiniň, Keminäniň, Mollanepesiň, Mätäjiniň döredijiliginde görünýär. Magtymguly şahyry gara-galpaklaryň beýik şahyry Berdak (Berdimyrat-1827-1900) hem halypasy hasaplapdyr. Ol bu barada Yelardym.men diýen şygrynda şeýle ýazýar:

Magtymgulyny men okap,
Sözlerini etdim togap.
Kemi barmy beriň jogap?
Şol şahyry yzlardym men.
Magtymgulynyň Türkmeniň diýen goşgusyny özi ýazdymyka

Magtymgulynyň eserleri türkmenleriň örän baý halk döredijiligi hem-de Gündogaryň ýazuwly edebiýaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şahyryň döredijiliginiň folklor bilen baglanyşykly bolmagy onuň eserlsriniň has-da gymmatyny artdýar. Wagt geçdigiçe, şahyryň aforizmleri halk içinde folklorlaşyp gidipdir:

Çagyrylan ýere bar, otur-da turma,
Çagyrylmadyk ýere barma, görünme...

Hat-da ilat şular ýaly setirleri aýdanda, ony kimiň döredendigine gözi ýetmese-de, Magtymguly aýdypdyr diýýär. Beýik söz ussady Magtymgulynyň poeziýasy XIX asyryň ortalarynda Orta Aziýa, Russiýa, Ýewropa halklarynyň arasyndaky metbugatda görnüp başlaýar. Onuň essrleri köp alymlaryň, syýahatçylaryň ünsüni çekipdir. Şahyryň terjimehaly baradaky makala bilen birnäçe goşgusyny görnükli slawýan alymy we syýahatçysy Hodzko 1842-ýylda çap etdirýär. Alymlar A.Wamberi, W.W.Bartold, E.E.Bertels, L.N.Samoýlowiç, L.Klimowiç we başgalar şahyryň döredijiligine uly baha berip öwrenýärler.

Türkmen edebiýatçylaryndan B.A.Garryýew, G.O.Çaryýew, B.Kerbabaýew, M.Kösäýew, Z.B.Muhammedowa dagylar Magtymgulynyň eserlerini toplamakda we çap etmekde birnäçs işleri geçirdiler. 1926, 1940, 1942-nji ýyllarda şahyryň eserler ýygyndysy çapdan çykdy. 1947-nji ýylda hudojnik A.Hajyýew Magtymgulynyň suratyny döretdi. Şahyryň ady Türkmen döwlet uniwersitetine we iň uly köçä hormatlanyp dakyldy. Aşgabatda ýerleşen şahyryň ýadygärliginiň ýanynda her ýyl poeziýa baýramçylygy geçirilýär.

Iň köp bilinýän milli duýgular bilen ýogrulan goşgularynyň arasynda Türkmeniň,Türkmen binasy goşgularyny mysal getirmek bolar.

Magtymgulynyň ady häzirki günlerde birnäçe ýerde ulanylýar. Onuň adyny göterýän uniwersitet, mekdep, guramalar bar. 




#Article 15: Gurbannazar Ezizow (184 words)


Gurbannazar Ezizow
(1940-1975)

Gurbannazar Ezizow - talantly türkmen şahyry, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi.

Gurbannazar Ezizow 1940-njy ýylyň 1-nji martynda Aşgabat saherinin Büzmeýin obasynda eneden bolýar. 1948-nji ýylda mekdebe barýar we 1959-njy ýylda Aşgabat şäherindäki 29-njy orta mekdebi tamamlaýar. Şol ýyl Türkmen döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetine okuwa girýär. Uniwersiteti 1964-nji ýylda tamamlaýar we Çagalar edebiýatynyň birleşen neşirýatynyň redaksiýasyna işe iberilýär. Şol ýylam goşun gullugyna çagyrylýar. 1965-nji ýylda gullugy tamamlap geleninden soň, 1970-nji ýyla çenli “Edebiýat we sungat” gazetiniň poeziýa (şygyrýet) bölüminiň müdiri bolup işleýär. 1972-nji ýyldan ömrüniň ahyryna çenli Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginde edebi geňeşçi bolup işleýär.

Gurbannazar Ezizow 1975-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Turkmenbaşyda ýaş ýazyjy-şahyrlaryň bütinsoýuz duşuşyklary wagtynda Gazanjyk obasynyň ýanyndaky şossede tragiki ýagdaýda (sowet esgeri tarapyndan atylyp öldürilýär) aradan çykýar. Onuň bilen bilelikde moskwaly şahyr Wasiliý Şabanow we türkmen şahyry Ýuriý Rebinow hem aradan çykýar.Onuň dört gyzy we bir ogly bar....

Gurbannazar Ezizowyň Mähriban Käbesi GÜLNABAT EJE 2017-nji ýylyň 25-nji aprelinde 97 ýaşynyň içinde aradan çykdy.

Şahyr Gurbannazar Ezizowyň öz okamagynda arhiw goşgulary hem saklanyp galypdyr. Onuň Türkmenistanyň aýdym arhiwi bolan  internet saýtynda hem käbir janly sesde aýdylan goşgulary diňleýjiler köpçüligine ýetirilipdir. 




#Article 16: Kerim Gurbannepesow (1133 words)


Kerim Gurbannepesow Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Kerim Gurbannepesow 1929-njy ýylda Gökdepe etrabynyň Ýylgynly obasynda eneden dogulýar. Obadaky ýedi ýyllyk mekdebi gutarýar. Uruş döwrüniň agyr kynçylyklary sebäpli olaryň maşgalasy Tejene göçmeli bolýar. Şahyr 1945-1946-njy ýyllarda Tejen derýasynyň boýunda gurulýan suw howdanynyň gurluşygynda işlän döwründe ýörite gurluşykçylar üçin çykarylýan gazetde jogapkär sekretar bolup işleýär. 1949-1951-nji ýyllarda goşun gullugynda bolup dolanyp geleninden soň ýene-de žurnalistlik kärinde işe başlaýar.

Kerim Gurbannepesow Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlaýar. Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginde, “Tokmak”, “Sowet edebiýaty” žurnallarynda jogapkär wezipelerde işleýär. Ol Ýazyjylar soýuzynyň başlygynyň orunbasary, Dolandyryş agzasy(Член управления), Türkmenistanyň Ýokary sowetiniň deputaty bolup il-ýurduna jany-teni bilen hyzmat edýär. Şahyr Kerim Gurbannepesow 1988-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda aradan çykýar.

Günämizi bagyşlaýar eneler. 
Sebäp – 
				eneleriň ak süýtli döşi 
Köp-köp garalygyň günäsin ötýär. 
Şeýdibem kemelýär eneleň ýaşy... 
 
Ene balasyna buýurdy ýumuş, 
Ol diýdi: «Özüň et oň ýaly işi!» 
Ýandy ene. Emma ötdi günäsin. 
Kemeldi enäniň ýene bir ýaşy. 
 

												giç gelme, balam..» 
Ogly bolsa enä çenedi daşy. 

												Emma günäsin ötdi. 
Kemeldi enäniň ýene bir ýaşy. 
 
Ýigrimi ýaşyny doldurdy ogul. 
Gapak ýaly boldy tüýlüje döşi. 

												adam bol, oglum!» 
Gysyldy, gysyldy enäniň dişi. 
 
Ene dişin gysdy otuzki gezek, 
Her gezek gysanda 
												gaçdy bir dişi. 
Enäniň her gaçan dişine derek 
Ýaprak dek saralyp, 
Gaçdy bir ýaşy...

Şahyr! Şahyrlygyň çyn bolýan bolsa, 
Sönüp, ýanyp, ýene sönüp, ýanyp git. 
Ynsanlyk ýazgydyň çuň bolýan bolsa, 
Gara ýere çümüp, 
												çykyp, 
																çümüp git. 
 
Hem akyl ber, hem iliňden akyl al. 
Kitapdan däl, gara ýerden nakyl al. 
Alan zadyň demiň bilen ýakyp al, 
Soň ýene-de ýeriň süýdün emip git. 
 
Dag ýoluna, çöl ýoluna belet bol, 
Dag ýolunda – çat açmaýan polat bol. 
Çöl ýolunda – tirkeş-tirkeş bulut bol. 
Teşne görseň, dodagyna damyp git. 
 
Ýol agyrdyr: müň ýanylar, öçüler. 
Bagtly ýollar kynlyk bilen geçiler. 
Ýel ygyna şaglap gitse geçiler, 
Sen öküz dek 
								ýele garşy yňyp git. 
 
Bagt paýlansa üç baýlygy ilki al: 
Ylgap baryp saglyk bilen erki al. 
Ýany bilen çuwal-çuwal gülki al, 
Soň tapylar, galan zady zyňyp git. 
 
Dost paýlansa «Äber!» diýip gyssanma, 
Alaňdan soň – gysgaltma hem gysgalma. 
Dileg etse – 
								gözlerňi hem gysganma, 
Birin ber-de, 
								biri bilen oňup git. 
 
Ha çaryk geý, 
Ha çokaý geý, 
Telpek geý – 
Parhy ýokdur: geýseň bolar erkek deý. 
Ýöne weli şypbyldama çepek deý. 
Aýna gonçly ädik ýaly doňup git. 
 
Sorasaň aýdaýyn kyýamat nedir? 
Erkekler ownasa – kyýamat şodur. 
Her başy telpeklä goýmagyn gadyr. 
Bäş telpegi 
								bir gyňaja daňyp git. 
								 
Gözelligi 
								sor bagryňa, öýkenňe. 
Söýülseň söý, söýulmeseň süýkenme. 
Söýgi hem goşgudyr! Kişä öýkünme, 
Öz möhrüňi, öz közüňi goýup git. 
 
Ýeňip ýaşa: ahyrda ýeň, başda ýeň, 
Tomusda ýeň, ýazda, güýzde, gyşda ýeň. 
Söýgiňde ýeň, gaýgyňda ýeň, işde ýeň – 

				oguldan 
												ýeňilip hem ýeňip git. 
 
Ýeňsin ogul 
								dil bilen däl, iş bilen, 
Seňkä görä has ýitiräk huş bilen. 
Aýak däl-de, parasatly baş bilen 
Ýeňse ogul – 
								gözüň rahat ýumup git. 
								 
Gözüň sürtüp merhum enäň alnyna, 
Bir aglapdyň. Indi beri aglama: 
Öz balaňy eliň bilen jaýlama, 
Nobatyňda mele ýere sümüp git. 
 
Dünýä gelmegiň-de 
												nobaty ýagşy, 
Ýene ölmegiň-de 
												nobaty ýagşy. 
Men diňe bir zatda nobata garşy: 
Dost öýünde islän çagyň gonup git. 
 
Başarsaň – köplügiň içine garyş, 
Tanyşdan dost tutun, ýatlardan – tanyş. 

Köplük bilen awtobusa münüp git. 
 
Köpelsin öýüňde ýürekdeş myhman – 
Ýary işçi bolsun, ýarysy daýhan. 
Elbetde, alymam, şahyram hökman. 
Üýşüp, çaşyp, 
								çar tarapa eňip git. 
								 
Şeýle dostlar bilen gezseň birsellem – 
Ýetersiň iň uly matlaba çenlem. 
Gadamyň giňden ur! 
Entekler ellem 
Hol öňde-le... Ýaş hakynda dymyp git. 
 
Haly wagtyň meňzemegin kilime, 
Diri wagtyň gyssanmagyn ölüme. 
Öçen wagtyň öýkünmegin çilime – 
Içi közli ojar ýaly sönüp git. 
 
Ýene bir söz (magtanmak däl, öwüt däl): 
Mazaryma daş oturtmak sargyt däl. 
Mele ýeriň astynda-da daş gyt däl, 
Bakylyk şol: 
Şol daşlara siňip git.

Gaňňalyň oýunda – Tejende galdy 
Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň. 
Okgeçmez ýylgynlaň içinde galdy 
Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň. 
 
Bir ýandan uruşdy, bir ýandan hasrat. 
Hasrat bolçulykdy, hezillik gahat. 
Şol ýowuz ýyllara gelipdi gabat 
Meniň ýigit wagtym, 
Seniň gyz wagtyň. 
 
Däriler ýanýardy, ys köpelýärdi, 
Gidýänler gelýänden has köpelýärdi, 
Toýlar azalýardy, ýas köpelýärdi 
Meniň ýigit wagtym, 
Seniň gyz wagtyň. 
 
Söýüşmek düşmejek ýalydy ýada. 
Emma Söýgi diýen jadyly zada 
Höküm etmez eken hiç hili kada, 
Heniz ýigit wagtyň, 
Heniz gyz wagtyň. 
 
Diýerdim: «Geregim, çen boldy, oýlan! 
Ähli boýdaşlaryň başlary boglan...» 
Sen diýerdiň: «Garrap 
																barýarmyň, oglan? 
Äwmäň öz wagty bar, 
Sabryň öz wagty!» 
 
Boýnuňdan gelerdi jeňneliň, ysy, 
Goýnuňdan urardy tümmüliň ysy, 
Demiňden kükärdi müň gülüň ysy 
Meniň ýigit wagtym, 
Seniň gyz wagtyň. 
 
Kem-kemden golaýlap lebiňe lebim, 
Çabyrap başlanda demiňe demim, 
Näz bilen iterdiň: «Hany edebiň? 
Söýgi bulaşmazmy 
Edep az wagty?..» 
 
Oňuşmaly bordum saçlaryň ysgap, 
Leb gadagan wagty – olam bir hasap. 
Ýöne beýle hasap düşmezdi aňsat: 
Hasap ýitýän eken 
Dyzba-dyz wagtyň. 
 
Çykarmy ýadymdan şol täsin pursat? 
(Çykjak bolaýsa-da bermen rugsat!) 
Gursagmyň üstünde gürsülläp gursak, 
Keteniň içinde 
Gyzyl köz wagtyň. 
 
Sagatlar tiz geçdi, tiz geçdi şeýle. 
Ýaňja-da guşlukdy, bolupdyr öýle, 
Sen diýdiň: «Pylan jan, gaýdaly öýe, 
Ýigdiň öz wagty bar, 
Gyzyň öz wagty». 
 
Şo mahal ýokardan geldi bir owaz, 
Seretsem toraňňy urup dur perwaz 

Görmändim saýamyň 
Beýle ýaz wagtyn!» 
 
Derýa hem seslendi: «Etmäň ätiýaç, 
Size kast etjege taparyn alaç. 
Siziň kimin birek-birege mätäç 
Görüpdim ne derýa, 
Ne tekiz wagtym». 
 
Asmanda pel-pelläp bir goja bürgüt, 
Gygyrdy: «Siz juda mynasyp jübüt. 
Ýöne weli gyşa galaýma, ýigit, 
Miwe ýetişdimi – 
Ýygna güýz wagty!» 
 
Tokaý bürgüdinden alyp ak pata, 
Gyşa galmazlyga edipdik wada. 
Ýa sen sada bolduň ýa-da men sada, 
Birden tupan gopdy Dünýäň ýaz wagty. 
 
Bilmedim, nämäniň hesibi boldy, 
Eneň bir sawçynyň ýesiri boldy. 
Şeýtdi-de özgäniň nesibi boldy 
Meniň ýigit wagtym, 
Seniň gyz wagtyň. 
 
Atdylar maşyna. Ses etdiň aglap. 
Topuldym. Çekdiler golumdan towlap. 
Bir menzile gitdim yzyňdan ylgap, 
Gök kürtelem bolsaň, 
Entek gyz wagtyň... 
 
Bir gujak alynsaç, bir gujak çokul, 
Üç gujak örümsaç, on gujak akyl – 
Şunça hazynany bir kürtä bukup, 
Ýitdiň gözlerimden Daňyň saz wagty. 
 
...Dogry aý ýarymdan dolandyň sen soň. 
Öň meňkidiň weli, meňki däl onsoň... 
Şonda men diýipdim: «Sen bagtly bolsaň, 
Hem-ä meniň bagtym, 
Hemem öz bagtyň». 
 
Şo bada ýüzüňde göründi ünji. 
Gözleriňden gaçdy üç sany hünji, 
Soň gaçdy dördünji onsoň bäşinji... 
Şoldy iň mert wagtyň, 
Iň ejiz wagtyň... 
 

Daşa çyksam – asman 
												depämden basýar». 
Şu goşgyň, henizem bagrymy kesýär, 
Tas şahyr bolupdyň 
Çuwalgyz wagtyň. 
 
Tas şahyr, bolupdyň. 
												Borduňam, belkem. 
Şahyrlyk ýangyndan başlanýan eken. 
Ýene gaýdyp gitdiň. 
												Sowaşdym kem-kem, 
Şonda-da kuwwat sen 
Her ýalňyz wagtym... 
 
Kim bolsa-da saňa sataşan kişi, 
Çagalaň bagtyna sag bolsun başy. 
Ýöne seň başyňa salaýsa gyşy. 
Gijä öwrülmezmi 
Oň gündiz wagty? 
 
Çümdürse eliňe ýekeje tiken, 
Şol tiken müň bolup bagryma çöker. 
(Şygryma düşüner yşk ýükün çeken, 
Çekmedik ýitirer 
Öz eziz wagtyn). 
 
Ýene şuny bilsin ol bagtly oglan: 
Beýle gyz dogmandy, indi hem dogmaz. 
Dogsa-da ýüz ýyldan bir gezek doglar, 
Onda-da säheriň 
Iň tämiz wagty... 
 
...Arada aýlandym Tejen ýerlerne, 
Ýaşlyk ýyllarmyzyň geçen ýerlerne, 
Seredip gözýaşyň seçen ýerlerňe, 
Geçirdim bir gije, 
Bir gündiz wagtym. 
 
Gaňňaly hem otyr öňki ýerinde, 
Toraňňy hem otyr öňki ýerinde, 
Şol derýa hem ýatyr öňki ýerinde. 
Bir tapmadyk zadym öňki ýerinden – 
Meniň ýigit wagtym, 
Seniň gyz wagtyň.




#Article 17: Palaw (174 words)


Palaw, Tüwiden taýynlanýan naharlaryň arasynda palaw iň saýlanýanydyr.Ol, umuman, Gündogar halklaryň arasynda giň ýaýran nahar bolansoň, ony taýarlamagyň usullary-da dürli-dürli. Türkmen halkynyň arasynda hatda her taýpanyň, her tiräniň öz bişiriş usuly bar diysek-de ýalňyş bolmaz. Meselem, Türkmenistanyň deňiz ýaka raýonlarynda ete derek balyk atybam, balykly palaw bişirilýandigini belläp gecmeli.Şoňa görä palaw taýarlamagyň usulynda umymylyklar-da, ayratynlyklar-da bar, ýöne köplenç bişiriliş usullary bir meňzeş. Esasy aýratynlyk onuň içine atylýan zatlarda we näçe atylýanlygynda.

Toý palawy beýlekilerden känbir parhlanmaýar ol köp mukdarda bişirilýär. Şonuň üçin aşagy köýmez ýaly, atyljak başga bir gazanda gowrulýar. Taýýar bolup palaw tabaklara salnanda, eti dogralyp, üstüne goýulýar.

Şalynyň birinji hasyly, ýagny gök tüwi elde dowülmegi bilen taýýarlanylýan palaw görnüşidir.

Arassalanan we suwda ýumşadylan mäş bilen taýýarlanylýan palaw görnüşi. Arassalanan tüwi bilen mäş garyşdyrylyp bişirilýär.

Tüwi ýerine wermişel ulanylýan palaw.

Beýi gatylan palaw görnüşi.

Şalgam gatylan palaw görnüşi.

Towuk eti ulanylmagy bilen bişirilýän palaw görnüşi.

Saryýag ulanylmagy bilen taýýarlanylýan palaw görnüşi.

Künji ýagy ulanylmagy bilen taýýarlanylýan palaw görnüşi.

Guýruk ýagy ulanylmagy bilen taýýarlanylýan palaw görnüşi.

Sygyr ýilik ýagy ulanylmagy bilen taýýarlanylýan palaw görnüşi.




#Article 18: Kebap we çişlikler (410 words)


Malyň budundan ýa-da böwregasty etinden alyp, ony tegelek ýa-da dörtburç görnüşde kesişdirmeli. Duzdur burç goşup, pyçagyň ýeňsesi bilen biraz ýenjişdirmeli. Taýyarlanan kebabyň iki ýüzüne-de gyzyp duran ýagda gowurmaly. Onuň her iki bölegi bir gaba ýerleşdirilip, gök sogan, ukropdyr petruşka bilen saçaga getirilýär.
Taýyarlamak üçin 800 gr et, 20 gr mesge, duz we burç gerek.

Aşgabat Kebaby
Täze soýlan goýnuň budundan alyp, ony et üweyji maňyndan sogan bilen bile geçirmeli. Duzdur burç hem goşup garyşdyrmaly. Ony heýkelli kebap görnüşindäki ýaly edip, saçda mesgä gowurmaly. Ýene bir saçda sogan gowrup, gowrulan kebaby-da üstüne goýmaly we azrak suw guýup, buguna bişirmeli. Sonňra üstüni basyrmaly. Dogralan gök sogan, ukrop we ýaly tamdyr çöregi bilen saçaga äberilse, kebab işdalije iýler.
Taýyarlamak üçin 700 gr et, 100 gr sogan, 30 gr mesge, duz we burç gerek.

Heýkelli Kebap 
Ýokary sortly etiň budundan we guýruk tarapyndan almaly, ony çapyşdyrmaly. Soňra ona mesge bilen maýda dogralan sogan goşmaly. Ýarym taýyar farşa ýumurtgany garyşdyrmaly, duzdur burçyny hem unutmaly däl. Massany el bilen öwüp pugtalandyrmaly. Taýyar farşy kebap syhyna 8-10 sm uzynlykda düzmeli hem-de közüň üstňnde bişirmeli. Taýyar bolansoň, ukrop, sogan, sirke sepişdirip, saçaga geçirmeli.
Taýyarlamak üçin 2,2 kg goýun eti, 200 gr sogan, 8 sany ýumurtga, 500 gr gök sogan, 50 gr ukrop bilen mesge, duz we burç gerek.

Gapyrga Çişligi
Dowaryn etiniň gapyrgalaryny 2-3 bölege bölip duzdur burç sepmeli. Oňa mayýa dogralan sogany, turşurak nar suwuny, lawr ýapragyny atyp hemmesini mazaly garyşdyryp goýmaly. 6-8 sag. duransoň, ony sazak közüniň üstünde bişirmeli. Taýyar bolan çişligiň üstünde maýda dogralan gök sogan, ukrop petruşka sepip saçaga eltäýmeli. 
Taýyarlamak üçin 1 goýnuň gapyrgasy, 1 kg sogan, 500 gr nar, duz, burç, 1 bogyn ukrop, petruşka, gök sogan gerek.

Böwrek Çişligi
Dowaryn böwreklerini inedordul görnişde kesişdirmeli. Dogralan sogany, ukropdyr petruşkany goşup, 1-2 sany nary-da maýdalap garyşdyrmaly. Duzdyr burçuny sepip, 1-2 sg-lap goýmaly. Soňra olary çişlik syhlaryndan geçirip, sazak közünde bişirmeli. Çişlik maýda dogralan gök sogan, ukrop we petruşka bilen saçaga eltilýär.
Taýyarlamak üçin 6-7 böwrek, 3-4 düýp sogan, ukrop, petruşka, duz we burç gerek.

Bagyr Çişligi
Edil böwrek çişliginiň bişirilişi ýalydyr.
Taýyarlamak üçin1 kg-dan bagyr bilen sogan, ukrop, petruşka, duz we burç gerek.

Çopan Çişligi
Goýun etiniň çylka ýerinden alyp, ony her bölegi 25-30 gr-a barabar bolar ýaly bolüşdirmeli. Sogany tegelekläp kesip, ukropy dograp, duzdur burç bilen garyşdyrmaly. Soňra hemmesini garyp, majum etmeli. Ony syrçaly gapda 10-15 graduslyk jayda 4-5 sagat goýmaly. Kebap ojar ya sazak közünde bişirilýär.
Taýyarlamak üçin 1,8 kg et, 150 gr sogan, gök sogan, ukrop, duz we burç gerek.




#Article 19: Tamdyrlamalar (441 words)


Tamdyrlamalar goýnuň (tokly, guzy), geçiniň (çebiş, owlak), guşuň (towuk, juýje, gaz, ördek) bitewi etini tamdyrda onuň öz buguna bişirmek arkaly tayyarlanýar. Gusşyr dowar kiçi boldugyça, onuň taýyarlanyş möhleti şonça azdyr.

Tokly Tamdyrlamasy
Soýlan toklyny dört bölege bölmeli, onuň etli ýerini dilişdirip, taýyarlanan durus däni salar ýaly etmeli.Arassalanan sogany, ukropy, petruşkany, gök sogany maýda dograp, arça hem lawr ýapragyny aralaşdyryp goýmaly. Etiň dilnen ýerlerine bu garyndyny dykyşdyrmaly, duzdyr burç sepip, birneme goýmaly. Aýratyn gazanjyň içine ýaňky durusdäni hem-de artylan kädidir kartoşkany, noybadyr käşiri, pomidory salmaly. Sazak ýakylyp gyzdyrylan tamdyryň közüni orta üyşürip, gazanjygy-da közüň üstünde jaýlaşdyrmaly. Soňra iki sany ýogyn simi tamdyryň agzyna goýup, dört bölünen tokly etiniň aýaklaryny sim bilen saraşdyryp ýa-da etden geçirip, şoňa berkitmeli. Etleri salanyňyzdan soň, tamdyryň hiç ýerinden bug cykmaz, iki ýan deşiklerini makam suwamaly. Onuň agzyny-da gapak bilen ýapyp oňatja suwamaly. Goçmak görnüşinde sallanan eti azyndan 75-90 min. tamdyrda saklamaly. Güýçli bug emele gelmegi netijesinde etiň çorbasy aşak közüň üstünde goýlan gaba syrygyp, tagamly çorba emele gelýär. Gabyň içindäki farşlar bolsa akyp bişýär. Şeylelikde, tutuş tamdyrlama taýyn!
Taýyar bolan tamdyrlamany bölüşdirip mejimlere salmaly. Onuň gazana syrygan çorbasyny şakäselere guýup, saçaga çekibermeli. Tamdyrlama täze ýapylan tamdyr çöregi bilen saçaga goýulsa, naharyň tagamy üýtgeşik bolýar.
Taýyarlamak üçin 1 toklynyň tutuş läşi, 2 kg sogan, 2-3 düýp sarymsak, 500 gr käsir, sogan, ukrop, petruşka, duz, burç, lawr ýapragy we arça ýapragy gerek.

Owlak tamdyrlamasy
Munuň taýyarlanyşy-da edil tokly tamdyrlamasy ýalydyr. Kem-käs tapawudy şeyle: birinjiden, owlak tamdyrlamasy bary-ýogy 30-40 min. dowamynda taýyn bolýar; ikinjiden, ol täzeje bişirilen gatlakly petir bilen saçaga getirilýär.
Taýyarlamak üçin owlagyň tutuş las, 1 kg-dan sogan, kartoşka, käşir hem kädi, 200 gr pomidor, 100 gr noyba, hersi 2 bogy ukrop, petruşka, gök sogan, 3-4 sany lawr ýapragy, 10 gr arça ýapragy, duzdyr burç gerek.

Jüyje Tamdyrlamasy
Soýlup arassalanan jüyjeleriň etini bölekläp duzdyr burç sepmeli we tokly tamdyrlamasyndaky ýaly taýyarlanan durus danipita salyp goýmaly. Ýene bir pita ýaňky durucdeden salyp, gyzdyrylan tamdyr közüniň üstünde ýerleşdirmeli. Soňra soýlan jüyjeleri tamdyryň ücune sallap, agzyny berk suwamaly. Tamdyrlama 20-30 min-da taýyar bolýar. Saçaga getirilende, ýany bilen çorbasyny-da aýratyn gapda äbermeli.
Taýyarlamak üçin 4-8 sany jüyje, 1 kg-dan sogan, kartoşka, käşir, 1-2 bogudan gök sogan, ukrop, petruşka, duzdur burç gerek.

Kädi Tamdyrlamasy
Ilki palaw kädini kesip, iki bölege bölmeli we içindäki çigitlerini aýryp, arassalap, ýuwmaly. Ýene bir gapda aralaşdyrmany taýyarlamaly. Oňa dogralan sogan, käşir, pomidor, ukrop petruşka, duz atyp garysdyrmaly. Soňra taýyarlanan durusdani kädiniň içine dykyşdyryp, iki bölegi biri-birine sepleşdirmeli. Onuň daşyny ak syk mata bilen birnäçe gat dolamaly. Dolanan kädini tamdyryň kozsuzrak goruna gömmeli. Gömen wagtyňyzda, gowusy, ilki daşyna kul aýlan, soňda ol ýanmaz.
Taýyarlamak üçin 1 kädi, 200 gr sogan, 100 gr käşir, pomidor, ukrop, petruşka, burçdyr duz gerek.




#Article 20: Ahal welaýaty (2650 words)


Ahal welaýaty ýurdumyzyň günortasynda ýerleşip, Köpetdagyň gündogar we nerkezi bölekleriniwe dag etek düzlüklerini, Tejen derýasynyň jülgesini hem-de Garagum çölüniň günbatar bölegini öz içine alýar. Sebitiň çäklerinde ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäheriniň ýerleşmegi welaýatyň durmuş-ykdysady ösüşine oňaýly täsir edýär. Ahal welaýaty ýurdumyzyň ähli welaýatlary bilen araçäkleşýän ýeke täk durmuş-ykdysady sebitdir. Welaýatyň tutýan meýdany 97,16 inedördül km bolup, ýurduň çäginiň 19,9%-ni tutýar. Onuň düzümine 9 etrap: Bagtyýarlyk, Ak bugdaý, Baharly, Gökdepe, Kaka, Babadaýhan, Sarahs, Tejen, Altyn asyr; 5 şäher: Büzmeýin, Tejen, Gökdepe, Baharly, Änew; 13 şäherçe, 104 geňeşlik we 278 oba girýär.

Ahal welaýaty ýer üstüniň gurluşy boýunça günortadan demirgazyga tarap, esasan, 3 bölege (daglyk, dag etegi düzlük we peslik) bölünýär. Olardan peslik bölegi (Merkezi Garagum) welaýatyň meýdanynyň köp ýerini tutup, gadymy Amyderýanyň, getirintgilerinden düzülendir. Ol öz düzümine günorta-gündogarda Tejen derýasynyň deltasyndaky mes toprakly ýerleri, demirgazykda Üňüz aňyrsyndaky Garagumuň bir bölegini alýar. Garagum çöli günortada medeni landşaftly dag eteginiň düzlügi bilen sepleşýär. Bu çölüň hojalyk ähmiýeti uludyr. Ol welaýatyň esasy öri meýdany bolup hyzmat edýär. Ondan başga-da çölde tebigy gazyň, nebitiň we aýna önümçiligi üçin çig malyň gorlary bar. Dag etegi düzlügi Köpetdag gerşine parallel ugurda günorta-gündogardan, demirgazyk-günbatara uzalýar ony baýyrlyklar we Köpetdagdan gözbaşyny alýan çaýlaryň hanalary we deltalary düzýär. Onda akar suwlaryň, mes toprakly ýerleriň barlygy sebäpli, welaýatyň esasy ekerançylyk zolagyna öwrüldi.

Ahal welaýatynyň territoriýasy tebigy gaza, nebite baý hasaplanylýar. Sarahs we Yejen etraplarynyň çäginde, Merkezi Garagumda tebigy gazyň uly gorlary bar. Döwletabat we Tejen (Garajaowlak) ýurdumyzdaky uly gaz ýataklaryna degişlidir. Welaýatyň çöllük böleginde tebigy gazyň uly gorlary Syh, Topjulba, Toparjulba, Çemmerli, Goýun, Kyrk guýy, Atasary känlerinde ýüze çykaryldy. Soňky ýyllarda bu sebitdäki Ýylakly, Gutlyaýak, Mydar ýataklarynda nebitiň baý gorlarynyň bardygy anyklanyldy. Bu durmuş-ykdysady sebit gazylyp alynýan baýlyk- lardan gurluşyk materiallaryna hem baýdyr. Aýratyn hem kwars çägesinin, toýnuň, hek we çäge daşlarynyn, dolomitin, çagyl materiallarynyň gorlary uludyr. Olaryň senagat merkezlerine ýakyn ýerleşmegi welaýatda aýna, demir-beton, sement önümçiliklerini ýola goýmaga müm- kinçilik döredýär. Kwars çägesinin, gipsiň, hek daşynyň Baharlyda, dolomitiň Keletede we Kaka etrabynda, çagyl daşlarynyň Gowşutda, Kakada, Duşakda, kwars çägesinin Babadurmazda baý gorlary bar. Olaryň köpüsi önümçilikde peýdalanylýar.

Welaýatyň klimaty çürt-kesik kontinen tal bolup, oña tomsuň yssy, gysyna bolsa sowuk bolmagy, howanyň cyglylygynyň pesligi, atmosfera ygallarynyň az- lygy häsiýetlidir. Bu sebitlerde howanyň temperaturasynyň uly tapawudy duýulýar. Aýazsyz döwrün dowamlylygy çölde 230 güne, daglyk ýerlerde bolsa 190 güne ýetýär. Howanyň temperaturasynyň seýle ýagdaýy welaýatda ýylylygy ha- layan gök we bakja ekinlerini, aýratyn-da, inçe süyümli go- waçany ösdürip ýetişdirmek üçin oñat şert döredýär.

Welayatyň suw üpjünçiligi Gara gum derýasy, Tejen derýasy, Köpetdagdan gözbaşyny alyan çaýlar, yerasty suwlaryny cykarýan dik guýular we kärizler arkaly amala aşyrylýary Garagum derýasy welaýatyň çägin- den gündogardan günbatara 307 km aralykda kesip geçyär. Ol welaýatyň suw üpjünçiliginiñ gowulanmagyna düýpli täsir etdi. Derýanyň suwuny rejeli peýdalanmak maksady bilen onun boýunda göwrümi 750 mln m bolan Hanhowuz, şgabadyň eteginde Gurtly (49,5 mln m) we Gündogar 6,3 mln m'). Gökdepe etrabynyň çäginde göwrümi 550 mln m bolan Köpetdag suw howdanlary guruldy.vOlardan iň ähmiýetlisi Hanhowuz suw howdanydyr. Tejen derýasynyň welayatyň Sarahs we Tejen etraplaryny suw bilen üpjün etmekde ähmiýeti uludyr. 2005-nji ýylda onun boýunda Türkmenistanyň we Eýranyn bilelikde peýdalanmak mak. sady bilen göwrümi 1,3 mlrd m bolan Dostluk suw howdany guruldy. Aşgabadyň golaýynda sil suwlaryny bir yere jem leýän, «Bagyr» suw howdany 2010-njy ýylda ulanylmaga be- rildi. Häzirki wagtda Kaka etrabynyň Gozgangala obasynyň golaýynda «Gozgançaý» suw howdany gurulýar.

Ahal welayaty uly ýer bay lyklaryna eýedir. Ähli meýdanynyň 74%-i oba hojalygynda peýdalanylýar. Şonun 87%-i öri meýdanlarydyr. Welayatyn ekerançylyk ýerlerinin umumy möçberi 376,4 mün gektara barabar. Geljekde özleşdirmäge ýaramly ýerler günbatar we merkezi Köpetdag etegi düzlüginde, Gäwers düzlügin de 1,2 mln gektara ýetýär. Ahal welaýatynyň çäginde esasy ýaýran toprak görnüşlerinden goňur (dagda), mele çemen topraklary, şorluklary bellemek bolar. Eger düme ekeran cylygy alnyp barylýan ýerlerde gonur topraklar ýaýran bol. sa, suwarymly ekerançylyk ýerlerini aglaba mele topraklar tutýar. Çemen topraklary gözbaşyny Köpetdagdan alýan çaýlaryn, yaplaryň boýunda ýaýrandyr we suwarymly eke rançylykda uly orun tutýar. Takyrlar, esasan, çöllük ýerlerde ýaýrandyr.

Ahal welayatynyň çäginde yurdumyzyň ilatynyň 14,5%-i ýaşaýar. Ilatyň ortaça ýyllyk ösüş depgini yokary bolmagy- na galýar. v Ahal welaýaty oba hojalyk önümçiliginiň ösen sebitle riniň biri hasaplanýar. Welayatda ähli ilatyn 67,1%-i oba ýerlerinde, 32,9%-i bolsa şäherlerde we şäherçelerde yaşa- ýar. Oba ilaty welayatyň çäginde ýerleşyän 104 geñeşlige degişli 278 obada, şäher ilaty bolsa 5 şäherde we 12 şäher- çede jemlenendir. Welaýatdaky etraplar ilatymyň sany bo- ýunça düypli tapawutlanýarlar. Welaýatyň çäginde ilat örän endigansyz ýerleşýär. Ilatyň ortaça gürlügi umumy meýdan-çäk boýunça 1 km-e 8,3 adama deňdir. Yöne ilatyň esasy bölegi Köpetdag ete gi düzlüginde, Tejen oazisinde, Garagum derýasynyň zo- lagyndaky işlenilip bejerilýän ýerlerde ýaşaýar. Ol yer lerde ilatyň gürlügi has yokary bolup, tersine, welaýatyň Garagum çölüne ýanaşyan uly böleginde, şeýle-de Köpet- dag dag ulgamynyň çäklerinde ortaça gürlük örän pes dir. Etraplaryň medeni zolaklarynda ilatyň gürlügi 1 km 200-300 adama çenli ýetýär. Aşgabat şäheriniň we beýleki şäherlerin töweregindäki zolaklarda bu görkeziji 500-600 adama çenli artýar.

Ahal welaýatynyň ykdysadyýeti oba hojalyk-senagat häsiýetine eýedir. Onuň ähmiýeti diňe önümçiligiň sebitara ýerleşdirilişindäki we zähmet bölünişigindäki orny bilen däl-de, eýsem döwletiň paýtagtynyň onuň çäginde ýerleşýändigi bilen hem kesgitlenýär. Eýeleýän meýdany boýunça (19,8%) welaýat ýurtda Balkan welaýatyndan soň ikinjidir. 2012-nji ýylyň başyna onda ýurduň ilatynyň 14,5%-i ýaşaýar (dördünji orun). 2012-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna welaýatyň oba ilaty onuň umumy sanyndan 58%-e deň boldy.

Gök önümleri (ýurt boýunça umumy ýygnalan hasylyň 35,8%-i), azyklyk bakja (35,9%) we üzüm (78,8%) öndürmekde welaýatyň oba hojalygy birinji orunda durýar.
 
Düýeleriň (35,2%) we  guşlaryň (25,8%) baş sany boýunça sebit ýurtda öňdäki orunda durýar. 2011-nji ýylda dowarlaryň sany olaryň ýurt boýunça umumy baş sanyndan 26,3%-e  (ikinji orun), gara mallaryň baş sany bolsa 12,6%-e deň boldy.

Ahal welaýaty ahalteke bedewlariniň gadymy mekanydyr, olaryň baş sany köpelýär.

Welaýatyň ulag ulgamyna awtomobil, demir ýol we geçiriji turba ulaglary girýär. 2011-nji ýylda ýurduň umumy ýük dolanyşygynyň 16,3%-i we ýolagçy dolanyşygynyň 11,0%-i onuň paýyna düşdi (sebitleriň arasynda, degişlilikde, dördünji we altynjy orunlar).
Bölek satuw söwda haryt dolanyşygynyň möçberi boýunça 2011-nji ýylda welaýat ýurduň sebitleriniň arasynda dördünji orny eýeledi (10,4%).

Sebitde ençeme saglygy dikeldiş resurslary bar, şol ýerlerde döwrebap şypahana edaralary we dynç alyş zolaklary döredilendir (“Arçman”, “Gökdere”, “Ýyly suw”).
Welaýatyň çäklerinde ekerançylyk medeniýetiniň dürli eýýamlarynyň, parfiýalylaryň we beýik seljuklaryň hökümdarlyk eden wagtlarynyň taryhy ýadygärlikleri bar, ol ýerlere syýahatçylyk gatnaw ugurlary açyldy (Nusaý, Sarahs, Altyndepe).
Ahal welayatynyň hojalygy köp ugurly bolup, onda gaz senagaty, himiýa, gurluşyk materiallary, yeňil we azyk se. nagat pudaklary, däneçilik we pagtacylyk, miweçilik we üzümçilik esasy ýöriteleşiş pudaklary hasaplanýar. Şol pudaklaryň öndürýän önümleriniň köpüsi boýunça welaýat ýurdumyzda görnükli orun eýeleýär. / Senagaty. Ahal welayaty ýurdumyzda senagat önüm- çiliginin in ösen sebitleriniň biri hasaplanýar. Senagat üçin mineral çig mallaryň dürli görnüşlerinin uly gorlarynyň bol magy, oba hojalyk çig malynyň öndürilişinin artmagy, zäh- met baýlyklary, demir ýol we awtomobil yollary bilen üpjün- ligi, şeýle-de ýurdumyzyň esasy senagat merkezi Aşgabat şäheriniň welaýatyn çäginde ýerleşmegi bu ýerde senagat önümçiliginin ösmegine itergi berýär. Yurdumyzda öndüril- ýän senagat önümleriniň öndürilişinin umumy möçberinde welaýatyň paýy 16%-den geçýär. Ahal welayatynyň senagat önümçiliginin düzüminde ýangyc-energetika toplumy esasy orun tutýar. Jemi sena gat önüminiñ 78,3%-i bu toplumyň paýyna düşyär. Sonra önümiň möçberi boýunça işläp bejerýän senagaty (ýeňil we azyk senagat pudaklary- 20,4%) tapawutlanýar. Welaýatyň etraplary boýunça senagat önümçiliginin ge- rimi we pudaklaýyn düzümi birmeňzeş däldir. Öndürilýän ähli senagat önüminin 72,2%-i (tebigy gazy cykarmagyn hasabyna) Sarahs etrabynyň paýyna düşyär. Yöne Abadan şäherinde, Ruhabat we Baharly etraplarynda senagat önüm- çiligi köp ugurlydyr. Şeýle-de bu etraplarda soňky yllarda senagatyň ösüş bady yokary. Onuň esasy sebäbi, bu yer. lerde täze senagat kärhanalarynyň gurulmagy bolup durýar. Ahal welaýatynyň meýdan-çäginde mawy yangyjyn uly gorlary jemlenendir. Häzirki güne çenli welaýatda tebigy gazyň we nebitiň 30-dan gowrak ýataklarynyň bardygy anyk lanyldy. Olaryň bir bölegi häzirki wagtda peýdalanylýar. Sarahs etrabynyň çäginde ýerleşýän Döwletabat ýurdumyz- da in uly gaz känleriniň biri hasaplanýar. Welaýatda tebigy gazyň cykarylyşy 2011-nji ýylda 19,4 mlrd m-e deň boldy. Çykarylýan gaz kondensatynyň möçberi-de ýylsaýyn art yar (62,2 mün tonna). «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşinin 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda Ahal welaýatynda ýangyc-energetika toplumyny ösdürmek boyunça uly wezipeler goýulýar. Geljekde Mer kezi Garagumda we Sarahs etrabynyň çäginde tebigy gazy suwuklandyrýan desgalar, nebiti gaýtadan işleýän kärhana işe giriziler. Welaýatyň senagat önümçiliginde elektroenergetika pudagynyň ähmiýeti-de barha artýar. Yurdumyzda öndüril- ýän elektrik energiýasynyň 15,7%-i onun paýyna düşyär. 2011-nji ýylda 2996,9 mln KWt elektrik energiýasy öndü- rildi. Welaýatyň çäginde 2 sany ýylylyk elektrik stansi ýasy işleýär. Abadan şäherindäki gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň durky täzelenip, kuwwatlylygy artdyryldy. 2011-nji ýylda bolsa Akbugdaý etrabynda «Ahal-1» gaz tur binaly elektrik stansiýasy ulanylmaga berildi. Ahal welaýatynyň çäginde dürli mineral gurluşyk ma- teriallarynyň, ýagny sement, aýna çig malynyň, dolomitiň, çagyl-çäge garyndysynyň, gurluşyk daşlarynyň we hek daşynyň uly känleri ýerleşýär. Olar gurluşyk materiallary senagatyny ösdürmek üçin esas bolup durýar. Gurluşyk ma- iteriallary senagatynyň ösdürilmegine itergi berýän şertleriň biri-de welayatyň çäginde ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinin ýerleşmegidir. Garaşsyzlyk ýyllarynda Aşgabat şäheri we onuň töweregindäki ilatly ýerler hakyky gurlu syk meýdançasyna öwrüldi. Elbetde, bu ýerde uly möçberde alnyp barylýan gurluşyk işleri dürli görnüşdäki gurluşyk materiallarynyň önümçiligini gineltmekligi talap edýär. Yurdumyzda öndürilýän sementiň agramly bölegi, gurluşyk kerpijinin 10,2%-inin, ýygnama demir-beton gur. namalarynyň we önümleriniň 20,6%-iniň, magdan däl gur. luşyk materiallarynyň 60,6%-inin Ahal welaýatynda öndü- rilýändigi bu pudagyň ähmiýetiniň uludygyny görkezýär. Welayatyn çäginde gurluşyk materiallaryny öndürýän 24 kärhana ýerleşyär. Olaryň esasy bölegi Abadan şähe- rinde, Baharly we Ruhabat etraplarynda jemlenendir. Döw letimizde ilkinji mermer zawody Owadandepede işe girizildi. Yurdumyzyň halk hojalygynyň demir we demir önüm- leri bilen üpjünligini gowulandyrmak maksady bilen, metal galyndylarynyň (lomuň) esasynda işleyän metallalurgiýa zawody Ruhabat etrabynyň demirgazygynda Owadandepe. de guruldy. Himiýa senagaty Ahal welaýatynda garaşsyzlyk ýyl- larynda ösdürilip başlanyldy. Onun esasy kärhanalary 2004-nji ýylda işe girizilen Tejenin karbamid zawody, Yaşlyk şäherçesindäki Kagyz kombinaty we Ruhabat etrabyndaky turba zawodydyr. Karbamid zawody ýurdumyzyň oba ho- jalygyny azot dökünleri bilen üpjün edýär. 2011-nji ýylda kärhanada 128,9 mün tonna karbamid öndürildi. Geljekde kärhananyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak göz önünde tutulýar. Yaşlyk şäherçesinde dünýä ülňülerine layk gelýän kagyz önümlerini öndürýän kärhana işleýär. Ol gowaça galyndylaryny we däne ýygnalandan sonra galýan samany çig mal hökmünde gaýtadan işleyär. Kärhananyň kuwwat- lylygy ýylda 30 mün tonna kagyz öndürmekden ybaratdyr. Yurdumyzyň suw hojalygynyň we ýaşaýyş-jaý jemagat hojalygynyň edara-kärhanalaryny plastmassa turbalary bi- len üpjün etmek maksady bilen gurlan turba zawody häzirki zaman enjamlary bilen abzallaşdyrylan. Yenil senagaty özüne 27 kärhanany birleşdirýär. 2011-nji ýylda pudagyň kärhanalarynda 73,8 mün t pagta süýümi,42.6 mln m nah matalar, 2,8 mln sany örülen önümler, 3,829 mln jübüt jorap öndürildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda öz ýerli çig malymyza esaslanýan, dünýä ülňülerine laýyk gel- yän ýokary tehnologiýaly dokma kärhanalarynyn onlarçasy guruldy. Düzümine 25 kärhanany birleşdirýán azyk senagat pudagy Garaşsyzlygymyzyň gysga döwründe uly ösüşe eye boldy. Yurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ba- batynda maksatnamalary çāklerinde häzirki zaman kär hanalary işe girizildi. Häzirki günün talaplaryna layk gelýän galla önümleri kombinatlary (Ruhabat etrabynda, Tejen şäherinde, Anew, Kaka şäherçelerinde), Ruhabat etrabyndaky çagalar iýmiti zawody, miwe şirelerini we to mat goýultmasyny öndürýän «Ruhubelent» kärhanasy we başgalar munuň aýdyň mysalydyr. Ahal welayaty üzümdarçylygyň, miweçiligin ösen sebiti hasaplanylýar. Şoña baglylykda ýurdumyzda çakyr önümle- rini we şerbetli içgileri öndürýän kärhanalaryň 10-usyndan 5-si onuň çãginde ýerleşyär. Olara Abadan şäherindäki çakyr zawody, «Gökdepe» (Gökdepe etraby), «Zähmet», «Owadandepe» (Ruhabat etraby), «Änew» (Ak bugdaý et- raby) çakyr kärhanalary degişlidir. Olarda 40-dan gowrak görnüşdäki çakyr önümleri öndürilýär.

Ahal welayatynda oba hojalygy ykdysadyýetin esasy pudaklarynyň biridir. Halk hojalyk pudaklarynda işleyän ilatyň 60%-e golaýy oba hojalyk önümçiliginde mesgul lanýar. Taryhy maglumatlara görä, Köpetdag etegindäki düz- lük dünyäde ilkinji emele gelen gadymy ekerancylyk we maldarçylyk sebitlerinin biri hasaplanýar. Bu ýerlerde dünyä edebiýatynda Jeýtun, Änew, Göksüýri medeniýeti ti ady bilen belli bolan ekerançylyk, senetçilik merkezleri döräpdir. Şol irki ykdysady-medeni merkezlerinin dörän döwürlerini taryhçylar bizin eýýamymyzdan önki 5-6 mün ýyllyga degişli edýärler. Ekerançylyk Ahal welaýatynda Bamy-Mäne aralygynda we Tejenin golaynda Göksüýrüde has ösüpdir. Bu ýerlerde ýaşan ata-babalarymyz ýerlerini dagdan gelýän ýagys sil suwlarynyň hasabyna ekipdirler. Olar dine bir ýagys suwunyň gelen ýerine ekin ekmän, eý- sem, emeli suwaryş arkaly hem ekerançylygy ösdüripdirler. Şeylelikde, bu ýerlerde oturymly ekerançylyk-maldarçylyk medeniýeti döräpdir. Ata-babalarymyzyň gadymy döwürlerden bäri peý- dalanan mes toprakly meýdanlarynda, olaryň hojalygy ýöretmek boýunça toplan baý tejribeleriniň esasynda oba hojalyk önümçiligi bizin günlerimizde has kämilleşdi we uly önümçilik pudagyna öwrüldi. Tebigy şertler welayat- da oba hojalygyny ösdürmäge uly mümkinçilikler dö- redýär. Garaşyzlyk ýyllarynda welaýatda oba hojalygynyň ekerançylyk pudaklarynda uly özgerişlikler bolup geçdi. Welayatyn ähli ekin meýdanlarynyň möçberi 376,4 mün gektara barabar. Soňky ýyllarda däneli ekinleriň meýdany artdyryldy. 2011-nji ýylda onuň möçberi 229,5 müň gektar- dan geçdi. Gowaça ekilýän ýerlerin möçberi-de köpeldi. Häzir- ki wagtda 125 mün gektara golaý meýdanda gowaça, esa. san-da, onuň inçe süyümli görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Döwletimizde öndürilýän dänänin üçden birine gola. ýyny, pagtanyň bolsa 20,6%-ini Ahal welaýaty berýär. Wela ýatyň hojalyklarynda gök we bakja ekerançylygy, miweçilik we üzümçilik hem ösdürilýär. 2011-nji ýylda welaýat bo- ýunça öndürilen bakja ekinlerinin we kartoşkanyň 93 %-i hususy hojalyklaryn paýyna düşyär. Şonun üçin-de bu ekinleriň hasyllylygy-da ýylsaýyn artýar.
Ahal welayatynda maldarçylygyň ösüşi ekerancylygyn geografiýasy we öri meýdanlary bilen baglanysykly. Wela ýatyň oazis böleginde gara mallary, gusçulyk, gylýalcylyk, ýüpekçilik ösdürilip yetişdirilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda däneli ekinlerin meýdanynyň artdyrylmagy maldarçylygyn ösmegine uly itergi berdi. Sonky ýyllarda maldarcylyk hu- susy hojalyklarda has çalt depginler bilen ösdürilýär. Durmuş-ykdysady sebitinde dowardarcylygy ösdürmek üçin gowy mümkinçilikler bar. Demirgazygynda Garagum çöli, günortasynda Köpetdag eteginin düzlügi we baýyrlyk- lar, daglar bolup, olaryň öri meýdanlarynyň hasyllylygy yo- karydyr. Yurdumyzdaky dowarlaryn 26,3 %-i (4513 mün baş sany) Ahal welayatynyň paýyna düşyär. Welayatda gara mallaryň sany 2011-nji ýylda 279 müne golaýlady. Mallaryň baş sany boýunça Sarahs, Tejen, Baba- daýhan, Baharly, Ak bugdaý, Ruhabat etraplary tapawut- lanýarlar. Ahal welaýatynda düýedarçylygy, gylýalcylygy ösdür- meklige hem uly üns berilýär. Olaryň baş sany ýylsaýyn köpelýär. Welaýatyň hojalyklarynda 43,7 mün baş düye we 6,2 mün baş gylýal bar. Ahal welayaty ahalteke atlarynyň watany hasaplanýar. Sonky ýyllarda bu pudak uly ösüşe eye boldy.

Welayatyň durmuş-ykdysady tay dan ösmeginde ulaglar ulgamynyň, ýagny ulag yollarynyň we ulaglaryn dürli görnüşlerinin işinin guralyşynyň uly äh- miýeti bardyr. Ahal welayatynda hem ýurdumyzda bolsy ýaly, kämil ulaglar ulgamy döredildi. Ilatyň ýerleşişinin häzirki meýdan-çäk şekilinin eme le gelmegi köp derejede demir yollaryň geçmegi bilen baglanysyklydyr. Welayatyn gür ilatlaşan dag etek düzlügi boýunça günbatardan gündogarlygyna uzaboýuna Türkmen başy-Aşgabat-Mary-Türkmenabat demir yoly geçyär. Ol ýurdumyzyň esasy ýük we ýolagcy gatnawynyň möhüm damary bolup durýar. 1996-njy ýylda uzynlygy 132 km bolan Tejen-Sarahs demir yoly ulanylmaga berildi. Sarahsda 2,5 mln t ýüki geçirip bilýän halkara menzili guruldy. 2006-njy ýylda gurlan, uzynlygy 560 km bolan Aşgabat Garagum-Daşoguz demir ýolunyň ýarysyna golaýy Ahal welaýatynyň meýdan-çäginden geçyär. Bu bolsa welaýatyň demirgazyk çöllük böleginiň durmuş-ykdysady taýdan ös- dürilmegine uly itergi berýär. Demir yolun geçmegi bilen bu ýerlerin hojalyk taýdan özleşdirilmegi uly gerime eye bolar. Ahal welayatynyň hojalyk toplumynyň we ilatynyň ös- meginde awtomobil ulaglarynyň täsiri hem örän uludyr. We- layatyn çäginde ýurdumyzyň paýtagty Asgabat şäherinin ýerleşmegi awtomobil yollary bilen üpjünligin gowy bolma gyna yardam edýär. Welaýatyň ähli etraplary, şäher we oba ilatly yerleri awtomobil yollary bilen birleşdirilendir.

Garaşsyzlyk ýyl- larynda sebitin durmuş taýdan ösüşi uly sepgitlere ýetdi. Welayatda durmuş maksatly desgalaryň uly toplumy here ket edýär. Täze dowürde Gökdepe etrabynda «Ene mähri» hassahanasy, köpugurly hassahana, Abadan şäherinde 10 mün orunlyk stadion, Ruhabat etrabynyň Gypjak, Baba- arap, Yzgant obalarynda dünýä ülnülerine laýyk gelýän saglyk öyleri, mekdepler, çagalar baglary, sowda merkez leri we beýleki medeni-durmuş maksatly desgalar gurlup ulanylmaga berildi. Olardan başga-da Ahal welaýatynda 4 stadion, 130 sport desgalary bar. Welayatyn çäklerinde 3 muzey we 1 teatr hereket edýär. 2012-nji ýylda welayatda 6 mekdep, 11 sany çagalar baglary guruldy. 2013-nji ýylda 28 mekdebin, 28 çagalar baglarynyň gurluşygy dowam edýär. 

 
Döwletimizde yglan edilen uzak möhletleyin maksatnama- laryň çäklerinde Ahal welaýatyny durmuş-ykdysady taydan ösdürmek babatda uly wezipeler goýulýar. Geljekde baý nebit we gaz gorlarynyň esasynda welaýatda ýangyç senagaty uly ösüşe eýe bolar. Şonuň esasynda onuň çäginde nebi ti gaýtadan işleýän zawod, iki sany gazy suwuklandyrýan kärhana gurlar. Her bir etrapda yenil we azyk senagatynyň kärhanalaryny gurmak göz önünde tutulýar. Oba hojaly- gynda däneçilik we pagtacylyk bilen birlikde gök-bakja eke. rançylygyny, miweçiligi we üzümdarçylygy, maldarçylygy ösdürmek boýunça uly wezipeler bellenilýär. Welayatda obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherlerin we etrap merkezlerinin ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça işler üçin hem uly maliye serişdeleri harçlanylar. Şoňa baglylykda 2008-2020-nji ýyllarda wela ýatyň etraplarynda 98 sany mekdebe çenli çagalar edara. lary, 30 sany orta mekdepleri, 77 sany medeniyet öyleri, 40 sany sport mekdepleri, 32 sany sport desgalary, şeýle-de durmuş-medeni maksatly desgalaryň uly toplumy gurlar. Ahal durmuş-ykdysady sebitinin çäginde ýerleşyän et- raplar, şäherler tutýan meýdany, tebigy şertleri, ilatynyň sany, hojalygynyň ýöriteleşiş ugurlary boýunça biri-birinden tapawutlanýarlar.




#Article 21: Hazar deňzi (110 words)


Hazar deňzi (, ) — Ýernyn in büyük axmaz köl. Ýewropa we Aziýanyn kesişmesynde yerleşýar. Dibinde okean tipli yer qatı yerleşdiyine we deňiz ölçülerin malik olduğuna göre deňiz adlanır. Axmaz olduğundan tärkibinde duznyn faizi 0,05% Volga çayının deltasında 1—3%-dir. Suwdyn säviyyesy deyişkendir, hazırda o okean səviyyesinde täqmiban 28 metr aşağıdır. Onu dünyanın başqa iri suw hövzälärinden äsas färqi dünya okeanı ile heç bir birbeşa olmamasydyr. Qädim xäritälerdä Hazar deňizi Gilan deňizi kimi adlandırılırdı.

Hazariň meýdany 380 000 km²-dir. Sahil xättinin ümumy uzunlygy (perimetri) 6 380 km-dir. In uzun sahasynyn uzunlygy 1 205 km, eni 554 km, in därin ýeri 1 025 m-dir. Türkmenistan, Russiýa, Eýran, Azerbaýjan we Gazagystan bilen serhetleşýär.




#Article 22: Gadymy Ürgenç (2318 words)


Köneürgenç:
Gadymy Horezm döwleti hakynda käbir maglumatlar Eýrandaky dag gaýalaryndaky ýazgylarda, Zaratuştra dininiň esasy kitaby bolan Awestada, pählewi edebiýatynda, grek--latyn, we Hytaý ýazuw çeşmelerinde duş gelýär. Emma diňe bu maglumatlar Horezmiň şöhratly ozalky keşbini dikeltmek üçin asla ýeterlik däldir. Orta Aziýa, Ýakyn we Orta Gündogaryň Gadymky halklarynyň döreden döwletleriniň ykbalynda uly rol oýnan Horezmiň wakalara baý taryhynyň ençeme sahypalary nämälim bolany üçin, baryp 1937-nji ýylda SSSR Ylymlar akadeiýasynyň «Horezm arheologik ekspedissiýasy» döredilipdi.

Horezmiň uly we gadymy şäherleriniň biri - Köneürgenç barada maglumat has hem az. Araplar ýurdy basyp almazdan öňkü Ürgenç (Gürgenç, Jurjaniýa) hakda hiç hili ýazgy ýok diýmek bolar. Dogry, Awesta kitabynda agzalýan Urwa şäherini käbir alymlar Ürgenç diýip düşündirýär.

Şahyň üstünden garan, öňki häkim Iýas ibn Abdyllany aýryp, onuň ýerine öz inisi Ubeýdylla ibn Muslim al Bahilini goýýar.

Seýlelikde Horezmde iki hökümetlilik peýda bolýar. Askajamuk Amyderýanyň sag kenarynda derýadan gündogarda, Kät şäherinde bolsa, häkim we emirler çepde , Ürgenje ýakyn bir ýerde ýa-da hut Ürgenjiň özünde bolýarlar. Arap dini hadymy Ibn Fadlan 992-nji ýylda bu ýerleriň üsti bilen Ýolgadaky Bulgarlara tarapa geçende, Horezmiň paýtagaty Kät eken. Emma Ürgenç weli günsaýyn güýçlenip ugrapdyr. 992-nji ýylda Kät säheriniň ýerleşen ýerini Amyderýa köwüp ýykypdyr. Bu wakadan bir ýyl geçenden soň, gadymy Horezmşalar nesliniň düýbini tutan Afrig patyşanyň iň soňky wekili Abu Abdylla Muhammet öldürilýär. Ürgenjiň emiri Mamun iki bölekden duran Horezmi bir döwlete birleşdirýär. 995-nji ýyldan başlap tä 17-nji asyra çenli «Horezmiň paýtagty» diýlende diňe Ürgenç göz öňünde tutulýar. Mamunyň ogullary Aly (997–1004-nji ýyllar) we Mamun II (1004–1017-nji ýyllar) döwründe Horezm doly özbaşdak bolýar.

Sol wagt Ürgenç bütün gündogaryň iň uly şäherine öwrülipdir. Şäherde söwda, senetçiliik, sungat we ylym ösüpdir. Emiriň köşgü köp sanly akyldarlaryň jemlenen merkezine öwrülipdir. Käbir awtorlar Mamun II köşgünde işlän alymlar toparyna «Akademiýa» hem atlandyrýar. Sebäbi döwrüň belli alymlarynyň köpüsi Horezmiň köşgünde jemlenipdirler. Horezmiň baýlygyna Gazna şäheriniň soltany Mahmudyň gözi gidip we güýç toplap, 1017-nji ýylda Ürgenji basyp alypdyr.

Seýdip Ürgenç ilki Gaznewilere, soň bolsa olary taryh meýdanyndan gysyp çykaran Seljuklylara tabynlykda bolupdyr. Seljuk Mälikşa (1072–1092) asly Garçistanly bir adamdan Anuştegin atly Türk gulamyny satyn alýar. Ol özüniň akyl-paýhasy bilen beýleki gulamlardan tiz saýlanýar. Soltan Sanjaryň (1118–1157) höküm süren döwründe Anuştegin Horezme häkim edip bellenýär. Anuşteginiň agtygy Atsyz (1097–1127) döwründe Horezmiň özbaşdaklygy üçin ýenede hereket başlanýar. Ýöne tiz wagtdan Atsyz bilen Sanjaryň arasyna tow düşýär. Bu iki soltanyň arasynda birnäçe uruşlar bolup geçýär. Sol uruşlar hakynda giňräk maglumat Ibn al Asiriň «Kämil» taryhynda we Sihabeddin an-Nesewiniň «Soltan Jelaleddin Mangburnynyň ömür beýany» kitabynda aýdylýar. Atsyzyň ogly Ilarslan 17 ýyl şalyk eden soň, 1172-nji ýylda aradan çykýar.

öne omuň uly ogly dälde kiçisi Soltanşa tagty eýeleýär. Iki doganyň arasynda dogan jeň 1200-nji ýylda Tekeş wepat bolýança dowam edýär, tagta bolsa Tekeşiň dogany Alaeddin lakamly Muhammed çykýar.

Köp ýerlerini basyp alyp uly imperiýa döreden Alaeddin Muhammet şa, ýurda mongollar çozanda aljyraňňylyga düsýär. Olardan gaçyp gutulmak isläp «beýik horezmşa» 1220-nji ýylda Kaspi deňiziniň Abeskun adasynda gözgyny ýaddaýda «amanadyny tabşyrýar», şonda hatta onuň jesedini dolamaga kepen hem tapylmansoň, nökerleriň biri köýnegini berýär. Muhammediň ogly Jelaleddiniň mongollar bilen eden merdana söweşleri Ürgenç bilen gös-göni dahyly hem ýok diýmek bolar.

Mongolar çozmazdan sähel öň Arap alymy Ýakut Ürgenje gelip görüpdir. «Men ony 1219-njy ýylda tatarlar (ýagny mongollar) almazdan öň görüpdim. Mundan baý we gowy şäheri öň görenim ýadyma düşenok. Ony tatarlar ýykandan soň bu sözlerimiň ýalan ýaly ýaňlanmagy mümkin, sebäbi meniň soň soňlar eşidişime görä, şäherden nam nyşan galmandyr. Şäherde ýaşan adamlaryň barysy öldürilipdir... Baýlykda, ulylykda, ilatyň köplüginde we mylakatlylygynda Horezmiň baş şäheri ýaly şäher älemde ýokmuka diýýärin» diýip, Ýakut ýazýar.

Sol ýyllarda Ürgenji suw basmak howpundan saklap duran bendiň bolandygyny Ýakut ýatlaýar. Şäheriň bir bölegi suwuň sag tarapynda, býlekisi çep tarapynda bolupdyr. Amyderýanyň suwyny belli bir derjede saklap duran bendi halk her ýylda abadanlaşdyryp durupdyr. Bendi mongolaryň ýykandygyny ýa-da gözegçiliksiz galansoň öz-özüniň ýykylandygyny kesgitlemek kyn. Taryhçy Ibn al-Asyr bendi mongollar weýran etdiler diýip tassyklaýar. Her halda Ürgeji suw basypdyr. Şäher sag, ýagny demirgazyk tarapy birazrak belendiräk bolany üçin, onda üç sany ymarat abat saklanyp galypdyr.

Ürgenjiň (Horezmiň) halykynyň käbir özboluşly aýratynlyklaryny taryhçylar belläpdirler. «Oturyşyp--turuşmany gowy görýän, çenden aşa myhmansöýer, batyr we söweşde edermen adamlar» diýip al Mukaddesi olary taryplaýar. «Şäheriň ilaty söweşjeňlikde we ýaýdan ok atmaklykda meşhurdyr» diýip, awtory näbelli «Hudud el-älem» kitabynda bellenýär.

Özüniň örän zähmetsöýerligi bilen tanalýan Ürgenç ilaty mongollaryň eden weýrançylygyny ýüz ýyl geçip-geçmänkä düzeldipdir. Altyn Ordanyň tabynlygyna düşende bolsa, häkim Kutlug Temiriň we onuň aýaly Törebeg hanymyň döwründe şäherde binäçe kaşaň ymaratlar peýda bolýar.

Gaydmy Ürgenje bagyşlanyp ýazylan ýörite kitap bolmasa-da aýry-aýry kitaplarda gysgajyk we üzňe habarlar duş gelýär. Kitap düzüji Fasih Hawari özüniň «Mujmali Fasihi» (Fasihiň ýygyndysy) atly eserinde her ýylda ýüze çykan hadysalary gysgajyk beläpdir. 707-nji hijri ýylynda (1307-1308-nji milady ýyly) Ürgençde bolup geçen wakalar hakda Fasih Hawari şeýle ýazýar¦ «Horezmiň Jurjaniýesinde emir Toluk ibn Kuç-Temir öldü. Soltan Muhammed Hudabende Uljaýtu han Nejmeddin Kutlug Temiri horezmşa edip belledi we ony Horezme ýollady.»

Bu maglumatdan Ürgençde birnäçe ymarat we Orta Aziýada iň beýik minarany bina etdiren Kutlug Temiriň şähere haýsy wagtda gelendigi mälim bolýar. Ilat kem-kemden özüni tutup, ýene-de şäher gurluşygyna giň gerim beripdir. Ürgençliler häkimi hem özleriniň ýokary medeniýetine çekipdirler. Her halda Kutlug Temir halkyň döredijilik başlangyçlaryny goldapdyr. Şäherde uly gurlyşyk gidipdir. Ürgenji 1333-nji ýylda gören Marokkoly syýahatçy Ibn Battuta seýle ýatlaýar¦ «Ol ilatyň gürlüginden ýaňa tolkun atýan deňzi ýada salýar. Bir gezek men bazaryň Sur atly merkezine atly girdim. Märekäniň şeýle gür ýerine ýetdim weli, yzyma dolanyp bilmän, köp eglendim. Birnäçe wagtdan soň yzyma öwrüldim. Şäheriň çetinden uçmahdan baş alyp gaýdýan dört derýanyň biri-Jeýhun derýasy akýar. Ol Itil (Wolga) ýaly doňýar. Adamlar buzuň üsti bilen bäş aýlap iki ýana geçýärler».

Özüniň ýatlamalarynda Ibn Battuta aýazly günleriň birinde Amyderýanyň orta akymlarynda ýerlesen bir döwleti dolandyryp ýören emirleriň birini görendigini we onuň bilen salamlaşmaga dodaklarynyň gowuşmandygyny ýazýar. «Meniň bu halymy görüp, emir güldi we soňra köp pul peşgeş berip, aw awlamaga barýan ýoluny dowam etdirdi». soň Ibn Battuta Horezme gelip, has demirgazykda ýerleşen ülkäniň erbet sowugyndan azar çekendigini ýazýar.

Fasih Hawariniň ýygyndysynda ýazylyşyna görä, 1336-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Kutlug Timur ölýär. Ol özüniň bina etdiren S'habiýa atly medresesinde jaýlanypdyr. Ibn Battutadan ýedi ýyl soň, ýagny 1340-njy ýylda bu ýere gelen Florebsiýa söwda firmasynyň wekili Balduççi Pegoletti şäheriň ähmiýetini şeýle kesgitleýär¦ «Aziýanyň çuň alyslyklaryna aralasyp ýörmegiň hiç hajaty ýok, sebäbi Horezmiň paýtagty Ürgençde Ýewropa bazarlary üçin zerur bolan ähli harydy satyn almak mümkin».

Soňky sözlerinde hamala Ürgenç tiz dikeldilen ýaly bolup görünýär. Ýöne hakykatda beýle bolmandyr. Iberilen wekil 15 ýyldan yzyna dolanan bolsa-da, weýran edilen säheriň diňe bir bölegi—Kagan mähellesi (kwartaly) täzeden dikeldilipdir.

Temiriň döwründe, esasan, söwda ýollary Ürgençden sowulyp geçipdir. Desti-Gypçakda çarwa özbek hanlarynyň öz aralaryndaky tire—taýpa uruşlary köpelip, Ürgenjiň öň gatnaşyk saklanan Altyn Ordanyň merkezlerinden hem arasy kesilipdir. Altyn Ordada başlanan uruş Temirleň ölenden soň onuň mirasdarlarynyň tagt üçin eden uruslaryna meňzeşdir. Altyn Ordadaky başagaýlykdan peýdalanyp, Temirleňiň ogly Sahruh Horezmi eýeläpdir. Emma 15-nji asyryň ikinji ýarymynda Horezm ýenede özbaşdaklyk gazanypdyr.

Temirleň we onuň ogullary, Seýbany han we onuň tiredeşleri, Eýran şasy Ysmaýyl I Ürgençde öz häkimlerini otudypdyrlar. Bu hanlar we soltanlar döwründe ne-hä bir uly ymarat salynypdyr, ne-de bir kanal gazylypdyr. Ykdysady we medeni taýdan pese düşen Ürgenjiň ýagdaýyny syýahatçy Jenkinson 1558-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda görüpdir. Ol şeýle ýazgy galdyrypdyr¦ «Ürgenç şäheri düzlük ýerde ýerleşipdir. Onuň töweregine 4 mile golaý palçykdan ýasalan haýat salynypdyr. Öýler hem palçykdan, olar tertipsiz we ýykyljak bolusyp durlar. Bir köçäniň üsti basyrygly, Ürgençliler ony bazar hökmünde ulanýarlar. Agzalalykly uruşlar döwründe şäher ýedi ýylyň içinde dört sapar bir hanyň elinden beýleki hanyň eline geçipdir. Şonuň üçin bu ýerde täjirler az, barjalary hem juda garyp. Tutuş şäherde men, barja ýogy dört top mata satyp bildim. bu ýerde satylýan esasy harytlar Buharadan we Eýrandan getirilýär. Olar hem şeýle bir az hatda ýazyp oturanyňada degenok. Kaspi deňzinden Ürgenç şäherine çenli ýaylyp ýatan sähra Türkmenleriň ýurdy diýilýär. Ol ýurt Hajymhana we onuň bäş sany inilerine tabyn. Olaryň biri «uly han» diýip atlandyrylýar. Emma oňa ýaşaýan ýerinde we soraýan welaýatynda gulak asylaýmasa, başga ýerde idili boýun egmeýärler. Munuň sebäbi onuň inileriniň her haýsynyň özbaşdak han boljak bolmagyndadyr...»

Umuman, 18-nji asyryň ahyrynda dörän taryhy şertleriň netijesinde Ürgenç hiç haçan öňki şan--şöhratyna ýetmändir. Şol şertleriň esaslary hökmünde uly taryhy wakalaryň Mawaranahra geçmegini, Horezmi özara uruşýan çarwa özbek hanlarynyň eýelemegini, Ýewropa, Hindistan we Hytaý arasyndaky söwdanyň deňiz ýollary bilan amala aşyrylmagyny, Amerikanyň açylmagy bilen bu şäheriň Ýewropa söwdasyndan çetde bolup galmagyny, Amyderýanyň ugrynyň üýtgemegi bilen şäheriň akar suwdan daşda galmagyny we ş.m.-leri görkezmek bolar.

Taryhçy hökmünde tanalýan Abulgazy hem tagta çykandan bir ýyl soň, Hywa şäheriniň demirgazygynda gala saldyryp, adyna Täzeürgenç dakýar. 1646-njy ýylda gadym Horezm döwletiniň paýtagty Ürgenjiň ilatyny ol ýere göçürip alyp gidýär. Şeýlelikde, Horezm döwletinde Ürgenç ady bilen iki döwlet emele gelýär.

Köneürgenç etrabyndaky gadymdan özleşdirilip gelen ýerleri suwlandyrmak üçin 1831-nji ýylda kanal çekilipdir. Halk gadymy paýtagtyň demirgazyk tarapynda orun tutup başlapdyr. Ürgenji täzeden dikeltmegiň iň soňky synanşygy Muhammet Emin (Mädemin) hanyň (1846-1855) ady bilen baglydyr. Ol Ürgenji paýtagt etmekçi bolupdyr we 13--14-nji asyrlarda Altyn Ordadan bellenen häkimleriň köşkleri ýerleşen jaýyň töweregine haýat hem saldyrypdyr. Han Türkmenlere garşy uruşda öldürilipdir we onuň arzuwy başa barman galypdyr.

Ülkäniň 17-nji asyra we ondan soňky döwüre degisli resmi hatlarynda «Horezm hanlygy» diýilen at diňe rus we günbatar Ýewropa adabiýatyna mahsusdyr. Öz resmi hatlarynda ülkäniň adynyň Horezm diýilip tutulandygy üçin 1920-nji ýylyň rewololýussiýasy netijesinde onuň territoriýasynda dörän respublika Horezm Halk Sowet Respublikasy ady dakylypdyr.

Parahat söwda ýollary bilen üpjün edilen haryt alyş—çalyşygy arap halifatyna tabyn halklaryň ösüşiniň ähli taraplaryny öz akymyna girizipdir. «Ägirt uly möçberde baglaşylan söwda şertnamalary Uzak Gündogarda hem, Alys Günbatarda hem alynyp barylardy we şol sertnamalardan gelýän pul tölegleri girdeji hökmünde düşýän salgytlardan we haraçlardan has çalt köpelerdi» diýip, 10-njy asyryň bir ýazyjysy belläp geçipdir.

Ol döwüriň Horezm döwleti halkara söwdasynyň iň uly merkezleriniň birine öwrülipdir. Gündogar Ýewropanyň, Orta Aziýanyň, Eýranyň we beýleki ýurtlaryň söwda satyk bähbitleri bu döwlet bilen ysnyşykly gatnaşyk etmek bilen bagly bolupdyr. Uly baýlyklaryň toplanmagyna getiren giň söwda ülkäniň şäherleriniň ulalmagyna, obalaryň giňelmegine, senetçiligiň we sungatyň ösmegine, feodal ahlagyň pugtalanmagyna getiripdir. Ürgenjiň bazarlary Güdogar Ýewropa bilen Gündogar Aziýada öndürülen harytlardan doldurylypdyr.

Şol wagtlarda üç sany halkara kerwen ýoly bolup, biri Mawaranahrdan gelse, ikinjisi Buharadan çykyp, Warahsa (Amyderýanyň sag tarap kenary bilen, Surahanyň üstünden geçip), Kät, Has, Nuzkat, Nukbag (Porsy), Mizdakhan aşyp Ürgenje gelipdir. Şu ýoluň Mary tarap gidýän sahaşy-da bolupdyr. Ol Tahiriýadan Günortarakda ýerleşen Nuskary (Gabakly) rabatynda ýoluň ikä bölünmeginden emele gelipdir. Şahalaryň biri gönü gönorta -- Amul şäherine gitse, beýlekisi gumuň jümmüşinden Mara çykypdyr. Hywanyň 19-njy asyra degişli ýazgylarynda bu ýol «Taht ýoly» diýlip atlandyrylýar.

Üçünji ýol -- Şähristan ýoly diýlip atlandyrylypdyr. Baryp Kusanlar döwründe dörän Zamahsardan kerwenler Şähristana we Nusaýa gelipdirler. Bu ýol günbatar Horasandan başlanyp, Gyzylarbatdan Garagumyň içinden geçip, Uzboýdaky guýularyň ugry bilen Çermenýaba (Çermenýap) tarap uzapdyr. Ol Çermenýabyň kenary bilen Zamahsara ýetipdir we ol ýerden Arda-Husmitan şäherine baryp, Ürgenç we Kät şahalaryna bölünipdir. Zamahsardan Ürgenje gidýän ýoluň has gysgaragy hem bolupdyr. Bu ýoluň Ýedi weli atly ýerden geçip, bir topar rabatlaryň—kerwensaraýlaryň üsti bilen Zamahsara ýeten bolmagy mümkin. 10-njy asyrda al-Mukaddasy Kiçiürgenç atly säheriň bolandygyny ýazan bolsa , 13-nji asyryň başynda Ýakut Kiçiürgenjiň uly Ürgençden üç parsah (parsah—6-7 kilometre deňdir) aralykda ýerleşýändigini kesgitleýär. Merhum Ý. Gulamow Ýedi welili Kiçiürgenç bilen bir hasap ederdi.

Ürgençden günbatara gidýän söwda ýoly Üstýurtdan Emba we Itil (Wolga) derýalaryna ýetipdir. Sol ýerde ýol birnäçe şahalar bölünipdir. Ürgençden gaýdan bu ýollaryň Itil derýasynyň kenarlaryndan gadymy Hazar we Bulgar döwletlerine gidýän şahalary bolupdyr. «Taryh al-Masudi» atly kitapda Horezmlileriň suw ýollaryndan hem peýdalanandyklary bellenilýär. Wolga derýasynda Horezmiň dürli önümleri ýüklenen uly gämileri ýüzüpdir.

Uly kerwen ýollary bir görseň, çar tarapa dargaşyp, bir giden ulyly-kiçili gala we obalara degip geçip, ýene-de esasy şaýolda birigpdirler. Şeýle ýollaryň hut horezm wadisiniň (wadi—oazis) özünde birnäçesiniň bolandygyny al-Mukaddasi belläpdir. Ol üç sany ýerli ähmiýetli kerwen ýolunyň ugrunda ýerlesen şäherleriň, galalaryň özara näçeräk daşlykda ýerleşendiklerini ýazyp görkezipdir.

Ürgenjiň gös-göni gatnaşmagynda edilen söwdada haýsy harytlaryň ulanylandygyny bilmek hem gyzyklydyr. 10-njy asyryň başyna degişli seýle maglumaty al-Itahri ýazyp galdyrypdyr¦ «Horezm -- hasylly, iýmite we miwä baý şäher. Onda diňe hoz ýok. Bu ýerde uzak ýurtlarda satmak üçin pagtadan we ýüňden köp zatlar öndürilýär. Şäherde ýaşaýanlaryň aýratynlygynyň biri hem baýlygyny we edermenligini aýan etmeklilige höwesliligidir. Horasanyň beýleki ilatyna garanyňda, bular özge ülkelerde köp duşýar, olar köp syýahat edýärler. Köp sanly Horezmlileriň ýaşamaýan uly säheri Horasanda duşmaýar. Horezm ýurdynda altynyň, kümşüň, gymmatbaha daşlaryň magdany ýok. Olaryň baýlygynyň abraýly bölegi mal saklamak we türkler bilen söwda etmekden önýär. Slawýanlardan, hazarlardan we olaryň goňşy halklaryndan, şol sanda türklerden düşýän gullaryň aglabasy, şeýlede sähra tilkileriniň, senjabyň, gunduzyň derileri bularyň elinde jemlenýär».

Köneürgençden başlanyp Yzmyhsirde gutarýan gadymy kerwen ýoluny göz öňüne getirjek bolup synanşalyň. Şonda şeýle marşruty çak edip bolar¦ Köneürgrnç—Kiçiürgenç (Ýedi weli) 3 parsah, Kiçiürgenç—Sazakly öwliýä 3 parsah, Sazakly öwliýä-Tüýnükli öwliýä 1 parsah, Tüýnikli öwliýä-Ak depe 1 parsah, Ak depe—ikinji Sazakly öwliýä 2 parsah, Ikinji sazakly öwliýä—Yzmyhsir 1 menzil. Bu ýerde ikinji Sazaklydan Yzmyhsire çenli bolan bir menzillik, ýagny ýedi parsah aralyk, elbetde, «öwliýäsiz» bolan däldir. Su iki merkeziň arasyndaky gadymy gonamçylyklaryň astynda galapyn antik we orta asyra degişli arheologik ýadigärlikleriň ençemesi gömülip ýatyr.

Içeriki söwda degişli kerwen ýollarynyň başga ugurlarynyň hem bolan bolmagy mümkin. Mysal üçin, has soňraky asyrlarda Ürgençden gelýän ýol Ýedi welä barman geçen bolmagy mümkin, sebäbi Kiçiürgenç diýilen at köpçüligiň ýadyndan çykyp onuň ýerine gonamçylyk döränsoň kerwenler başga bir ýerde düşlemeli bolandyr. Şeýle ýerleriň biri hökmünde Mädeminhanyň galasyny görkezmek bolar. Hywadan ýörite Köneürgeji görmek üçin gaýdan Eýranly ilçi we alym Rizakulihan Hidaýatyň 1851-nji ýylda geçen ýoly gyzyklydyr. Ol Hywadan cykyp Daşhowuza gaýdypdyr. Soň Hilaleýinde, ýagny Ýylanlyda bolup, Ak depä gelipdir. Ak depeden soň Mädemingalada hem bir gije ýatyp, Köneürgenje gelip ýetipdir. Bu agzalan ýerlerde ilçiniň atly hemralary gijelerine düşlemeli bolupdyrlar. Ol ýurdyna dolanansoň «Safar nama-ýi-Horezm» atly kitap ýazypdyr. Hidaýat Köneürgenje eden sapary wagtynda bu gadymy şäherde gören gadymy ymaratlaryny we ýaşap geçen meşhur adamlary hakda ýatlamalar galdyrydyr.

Horezmiň paýtagty Hywa säherine göçürilenden soň hem Köneürgenje geler durar ekenler. Täze paýtagtyň gözel ymaratlary köp bolsada Köneürgençdäki gadymdan galan nusgalar köpçüligiň ünsünden düşmändir. Hywadan gaýdýan ýol Täzeürgenje, Şabada, Daşhowuza, Porsa degip geçip Köneürgenje gelipdir. Hywadan gaýdýan ýollaryň başga şahalary-da bolupdyr. Mysal üçin, Hywa, Gazawat, Tagtanyň üsti bilen ýene-de Daşhowuza ýa-da Ýylanla çykylýan ýollar bolupdyr. Biziň günlerimiziň asfalt ýollary hem gadymy kerwen ýollarynyň käte üstünden, käte golaýyndan geçip Köneürgenje ýetýär.




#Article 23: Alp Arslan (936 words)


Hökümdarlygy: Seljukly hökümdarlygy

Doguldy: 20.01.1029.

Özünden öň: Çagry beg

Özünden soň: Mälik şa

Aýal(lar)y: Seljan hatyn

Çagalary: 1. Muizzeddin Mälikşa

Atlary we lakamlary: Adududdöwle.

Lakamy: Ebu Şuja.

Dini ady: Muhammet.

Hakyky ady: Alp Arslan bin Çagry bin Mikaýyl bin Seljuk bin Dükak

Kakasy: Çagry beg.

Dini: Yslam.

Ölümi: 15.12.1072. (43 ýaş) Merw.

Muhammet ibn Dawut (1029 ­­­­­­­­­­­­­­ - 1072), Seljuk Türkmenleriniň ikinji soltany, Seljukly döwletini guran Seljugyň agtygy. Yslam dinine baglanandygy üçin Muhammet adyny aldy, harby üstünligi üçin bolsa oňa Alp Arslan lakamy dakyldy. 

Alp Arslan (doguldy 20.01.1029-öldi15.12.1072) Beýik Seljukly döwletiniň ikinji soltany bolan türkmen hökümdarydyr. Alp Arslan Türkmenleriň Orta Aziýadan Anadola geçmekligini başladan ökde serkerde hökümdardyr. Hakyky ady Muhammet bolup, iň ýörgünli ady Alp Arslandyr. Beýik Seljukly döwletini guranlaryň biri bolan Çagry begiň ogly we Seljukly soltany Togrul begiň jigsidir. Alp Arslan dogulan wagty hakynda maglumatlar her hili wariýant berýärler. Taryhçylaryň belleýşiçe 1029-1032-nji ýyllar aralygyny görkezýär. Ol kiçilikde ata münüp ok atmany öwrendi. Çagalyk ýyllarynda Daňdanakan söweşinde we ş.m. söweşlerde üstünlik gazanan Seljuklaryň ýeňilmezekdigine göz ýetirýär. Kakasynyň ölüminden soňra Horasandaky Seljukly hökümdarlygyny (häzirki G.o. Türkmenistan) dolandyrdy. Togrul beg 1063-nji ýylda ölende Seljukly hökümdarlygynda tagt ugryndaky söweşler başlandy. Ogly bolmadyk Togrul beg özüniň wesýetinde Çagry begiň ogullaryndan Süleýmanyň tagta geçmegini wesýet edipdir. Seljukly weziri Amidulmulk bu wesýeti ýerine getirdi we Reý şäherinde Süleýmany soltan diýip tagta çykardy. Soňra Çagry begiň uly ogly Alp-Arslan Arslan Ýabgunyň ogly Gutulmuş bilen käbir emir we şazadalar Süleýmanyň patyşalygyny hasap etmediler. Kazwin şäherinde Alp Arslanyň adyna hutba okaldy. Gutulmyşyň Reýiň gabadyna gelip şäheri gabady wezir Amidul-Mülk bolsa hökümdar Alp Arslandan kömek sorany üçin, hutbany onuň adyna okatdy. Gutulmuş bolsa Alp-Arslan bilen Damegan ýakynlaryndaky söweşde öldi. Alo Arslan Reý şäherinde Seljukly döwletiniň tagtyna çykdy. Soňra Amidul mülkiň ýerine Nyzamylmülki goýdy[1] Ilkinji ýörüşi Gruziýa (Gürjüstan) we gündogar Anadoly taraplara boldy. Bu ýötüşlerde ogly Mälikşany we weziri Nyzamylmülk dagylar hem bardy. Wizantiýanyň tabynlygyndaky Kars we Ana çenli ýörüşlerini dowam etdirip bu ýerleri eýeledi. Bu ýötüşleriň netijesinde Abbasy halyfy Kaim bi-Emrillä Alp Arslana «Ebu Feth» (Fatyhlaryň atasy) lakamyny berdi (1064) 1065-nji ýylyň soňlarynda Üstýurt we Mangyşlak taraplaryna ýörüş etdi. Etrapdaky Gypjaklar bilen Türkmenleri hemaýaty astyna aldy. Alp Arslan Seljuk begiň Jent şäherindäki mazarlygyna zyýarat edip, Merw şähere bardy. 1066-1067-nji ýyllarda Kerman mäligi bolan jigsi Kawurdyň gozgalaňy sebäpli Kermana tarap birnäçe esgerleri bilen gitdi. Kawurd beg baş goşunynyň birinji bölegi böwsülensoň gala yza tarap çekildi we bir ilçi ugradyp bagyşlanmagyny sorady. Soltan bu haýyşy kabul etdi we Kerman mäligi bolup ýerinde oturmagyna hem rugsat berdi. 1068-nji ýylda täzeden topalaň turuzan Kawurdyň üstüne täzeden goşun çekip gaýtdy. Emma öz goşunynda Kawyrdyň ýan-ýoldaşlarynyň boluo biljekdigini nazara alyp yza çekildi. Anadolyda bolsa Togrul beg tarapyndan ugrukdyrylan Türkmen çozuşlary dowam edýärdi. Emir Afşin 1067-nji ýylda Kaýseri eýeledi. Wizantiýa imperatory Roman Diogens IV Türkmenleri Anadolydan (Kiçi Aziýa) çykartmak üçin 1068-nji ýylda ýörüşe çykdy we Halap galasyna çenli ýörüşini dowam etdirdi. Emma Türkmenleri yza serpikdirip bilmese-de Amorium şäherini eýelemegi başardy. Imperator Roman ikinji sapar ýörüşe çykdy we bu gezek Ýewfrat derýasyna çenli hereket etdi. Seljukly akymy her tarapdan hereket edip Malatiýa çozdylar we Konýany eýelemekligiň küýüne düşdiler. Soltam Alp Arslan 1067-nji ýylda ikinji sapar Gürjüstana tarap ýörüşe çykdy. Gürjüstan patyşasy Bagrat IV Alanlar bilen birleşip musulman döwleti bolan Şeddadylar elindäki Errany eýeläp Genjäniň golaýyna çenli gelipdiler. Soltan Alp Arslan 1067-nji ýylda Errana gelende we Şeddady emiri Fazl bilen Şirwan emiri Ebul-Eswar oňa boýun bolanlaryndan soňra Gürjüstana girdi. Şekki taraplaryny basyp aldy IV. Bagrat bolsa Seljuklylar bilen bolan söweşde gaýtawul berip bilmän gaçdy. Soltan Gürjüstanyň her tarapyna basybalyjylaryny gönderip Tiflisi ele geçirdi. Soňra Bagrat ötünç sorap Alp Arslana tabyn boldy. Mekkäniň şereplisi Muhammet bin Ebi Haşim 1070-nji ýylda Alp Arslanyň huzuryna gelip, Mekkede hutbanyň Abbasy halyfyna we Seljukly soltanynyň adyna okalandygyny aýtdy. Soltan Alp Arslan Fatimiler döwletiniň weziri Nasr ed-Döwle bin Hamdanyň maslahaty bilen Fatimiler döwletini tozdurmak üçin Müsüre bir sapar ýörüş etdi. Soňra Wizantiýa çozup girdi. Soltan ilki bilen Malazgirt we Erjişi eýeledi. Diýarbekrdäki Süweýda (Siverek) we Tulhum ýaly birnäçe galalary yzly-yzyna basyp aldy. Soňra 1071-nji ýylda Wizantiýa häkimýetindäki Urfany gabady emma alyp bilmedi. Urfadan Halaba tarap hereket eden Soltan şäheri gabap Mirdasogullaryndan Mahmydyň elinden şäheriň açaryny kabul edip aldy we onuň özüniň günäsini bagyşlap ony öz wrzipesinde oturtdy. Şama tarap baran Soltan Alp Arslan Wizantiýa imperatory Roman Diogeniň uly goşun toplap musulman topraklaryna basypalyşa çykandygyny eşitdi. Şol sebäpden yza döndi. Iki goşun Malazgirt meýdançasynda garşylaşdy. Soltan Alp Arslanyň baştutanlygyndaky Seljukly goşuny Hilal söweş tilsimi (taktika) bilen söweşe girdi. Bu söweşde Alp Arslanyň bir esgeri Wizantiýa imperatory Roman Diogeni masgaraçylykly ýagdaýda ony Soltanyň garşysyna getirdi. Soltan Alp Arslan imperatory tussag etdi[2][3]. Soltan Alp Arslan günbatardaky Seljukly serhetlerini giňeldişi ýaly, gündogardaky Seljuk Türkmenleriniň hem topraklaryny giňeldýärdi. Soltan Alp Arslan bilen Garahanlylaryň arasynda düşünişmezlik ýüze çykdy we olara tarap Alp Arslan bir sapar ýörüşe çykdy. Ol Amyderýadan (Jeýhun) geçdi we ýörüşini togtatdy. Emma başyna gelen betbagtçylyk zerarly Garahanlylara tarap ýörüş edip bilmedi. Ýusup el-Horezmi atly gala serkerdesi Soltany hanjar bilen ýaralady.

Alp Arslan, ýesir edip alan Garahanly gala serkerdesiniň gyzy Hankona öýlenipdir. Onuň kakasynyň ady Ýusup Horezmi bolupdyr. Ýusup Horezmi tussaglykdaka Alp Arslanyň gaharyny getirdip mertlerçe söweşe çykmagyny sorapdyr. Alp Arslan onuň eliniň çözülmegini we hanjar bermeklerini buýrupdyr. Wezir wekiller bu işiň howplydygyny düşündirseler-de Alp Arslan onuň elleriniň çözülip garpyşmagyny isläpdir. Onuň elleri çözülip eline hanjar beripdirler. Alp Arslan gaharyna onuň üstüne ylgap bir demde ýere ýazmakçy bolupdyr. Emma onuň aýagy çadyryň ýüpüne ilişip ýykylypdyr. Pursatdan peýdalanan ýesir Ýusup Horezmi onuň böwründen hanjary sanjypdyr. Şeýdip 1072-nji ýylda Alp Arslan şol ýarasyndan şehit bolup öldi. 2002-nji ýylyň Iýul aýyndan başlap tä 2008-nji ýyla çenli Awgust aýyna Alp Arslan aýy ady dakyldy. Muny Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy esaslandyrypdy. 2005-2006-njy ýyllarda Ýusup Halaçoglynyň baştutanlygynda Maryda (Merw) başlanan gazuw agtaryş işleri geçirlende Alp Arslanyň mazarynyň üstüni açdylar[5].




#Article 24: Balkan welaýaty (799 words)


Balkan - häzirki döwürde Türkmenistanyň bäş welaýatynyň biriniň ady.

Balkan welaýatynyň ilkinji häkimi---Rejepmämmet Puhanow.

Türkmenistanyň günbatarynda ýerleşýän Balkan welaýatynyň meýdany 138,5 müň inedördül kilometre barabar bolup, ýurdumyzyň umumy meýdanynyň ýüzden 28,4 bölegini tutýar. 

Ol günbatarda Hazar deňziniň üsti bilen Azerbaýjan, Russiýa Federasiýasy, ýer üsti bilen demirgazykda Gazagystan we Özbegistan, günortada Eýran bilen, gündogarda Ahal welaýaty, demirgazyk-gündogarda Daşoguz welaýaty bilen araçäkleşýär. 

Türkmen halkynyň iňňän gadymy watany bolupdyr. Uly we Kiçi Balkan daglary bu sebitlerde ýerleşýär. Olara umumy Balkan Daglary ady geçipdir.

Balkan welaýaty öz taryhyny has irki döwürlerden alyp gaýdýar ýöne gynanasakda ol wagtlardan biziň günlerimize köp maglumatlar gelip ýetmändir. Biz Balkan welaýatynyň taryhyna Oguz hanyň döwründen alyp gaýdýas.

Häzirki Balkan welaýatynyň topraklarynda bu günki günlere çenli köp hanlyklar, soltanlyklar, şalar, ýurtlar, uruglar we ş.m. öz hanlyk-soltanlyklaryny sürüp ýaşap geçendirler. Olardan esasylary:

Oguz han türkmeniň kynyk taýpasyndan bolan Gara hanyň oglydyr. Rowaýatlara görä Oguz han eneden bolanda 3 günläp öz ejesinden ene süýdini emmändir, çünki ejesi gaýry dinli bolansoň we başga maglumatlara görä Oguzhanyň ejesi Yslam dinini kabul edip öz balasyny gizlinlikde emdiripdir ýagny Yslam dinini kabul edenini bildirmän. Oguz adyny bolsa, ýene-de rowaýatlara görä Oguz han 1 ýaşyny dolduranda il ýaşululary ol oglanjyga näme at goýmaly dip geňeş edenlerinde, Oguz hanyň özi dillenip: Oguz, Oguz han bolar menden geljekde uly hanlyklar, soltanlyklar iň güýçli ýurtlar dünýä hökümdarlary bolar dip çaga öz adyny özü aýdypdyr.

Käbir türkologlaryň aýtmagyna görä Oguz hanyň 2 aýaly bolupdyr we bu günki Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe döwletleri Oguz hanyň 1-nji aýalyndan bolandygyny belleýäler.

Mete han-aslynda käbir alymlaryň aýtmagyna görä Oguz han dip başga bir käbir alymlaryň aýtmagyna görä bolsa Oguz han däl Mete han başga bir şahs adam dip belleýäler. Bu bir jedelli taryhy mesele. Mete han taryhda öz adyny 49 sany goşun adam sany bilen beýik hytaý imperatoryny bir gijede basyş edip, alyp ol imperatoryň kellesini kesmegi bilen we hytaýlylary gorkuzyp beýik hytaý diwaryny gurdurmagy bilen öz adyny tanadandyr.

Alp Arslan - Seljukly döwletiniň 2-nji soltany Çagry begiň oglydyr. Ol taryha şeýle girýär: Merw-den başlap  (1040-njy ýyl Daňdanakan söweşinden başlap) häzirki Owganystanyň, Eýran Yslam respublikasynyň, Yragyň, Azerbaýjan döwletiniň, Gruziýanyň, Ermenistanyň, Kawkazyň günorta we günbatar, Russiýa federasiýasynyň Soçi şäherine çenli ähli territoriýany basyp alyp Seljukly döwletiniň baýdagy dikip dolandyran türkmendir(Türkmenistan hem öz içine girýär). Ikinji ýörişinde 1071-nji ýylda bolsa häzirki Türkiýe döwletiniň Malazgirt şäherini duşmanlardan azat edip, territoriýasyny giňeldip türklere sowgat eden adamdyr. Emma ömri gysga bolup 1072-nji ýylda aradan çykýar we onuň ýerine ogly Mälik şa geçýär. Mälik şanyň atasy Çagry begiň buýrugy we islegi boýunça hazirki Türkiýe döwletiniň Antalýa şäherine çenli basyp alyp atasynyň soňky deminde ýatyrka oňa atasyna bir gysym topragyny getirip bermekdi, Mälik şa atasynyň isleginem ýerine ýetirdi.

Jelaleddin Meňburun -  taryhda Çingiz hany öldüren türkmen dip tanalýar. Dogulan ýeri ýagny kakasynyň Çingiz handan öz goşunynyň pes bolanlygy üçin gaçyp häzirki Balkan welýatynyň Ogurjaly adasynda aýaly Aýçiçek hatynyň dogurmagy esasynda Jelaleddin Meňburun dünýä gelýär.

Balkan welaýatynda häzirki wagtda taryhy ýer .

Balkan welaýaty ykdysadyýeti we senagaty bilen beýleki welaýatlardan has öňde ilkinjileriň hataryndadyr. Sebäbi welaýatyň topragynyň asty hem üsti hem baýlyklara bürenendir, Hazar deňzinde esasy nebit we gaz gorlarynyň gazylyp alynmagy. Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda bolsa, çig maly täzeden işlenip dünýä derejesinde we dünýä bazarlaryna eksport edilip satuwa çykarylmagydyr.

Mundan başgada Balkan welaýatynda ýerli kiçi,orta we uly telekeçileriň, hususy kärhanalaryň, açyk we ýapyk paýdarlar jemgyýetileriniň, jemagat hojalyklarynyň, daşary ýurdyň iň öňde baryjy kampaniýalarynyň, holdingleriniň  bereketli. halal, mukaddes Balkan topraklarynda işläp daşary ýurtlara öz önümlerini,hyzmatlaryny eksport we import etmegi bilen düşündirilýär.

Oba hojalykda Balkan welaýaty örän pes derejededir sebäbi topragynyň himiki elementleriň mekany bolanlygy bilen we şor topraklary bilen düşündirilýär.

Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň narlary, Bereket we Serdar etrabynyň gawundyr garpyzlary welaýatyň içinde has meşhurdyr.

Balkan welaýaty taryhda hem şugünde hem iň köp gelim-gidimli ýerleriň biri bolupdyr. Sebäbi welaýatymyz Gojaman Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýänligi üçin.

Häzirki wagtda Balkan welaýatynda 4 görnüşde içerki we halkara-ulag gatnawlary amala aşyrylýar. Olar:
 Deňiz gatnawlary

 Howa Gatnawlary-Balkan welaýatynda 3 sany aeroport bar
Häzirki wagtda halkara howa gatnawlary diňeje ýük gatnawlary bilen amala aşyrylýar (2020)

Içerki gatnawlar:

 Gara ýol gatnawlary
Halkara Gara ýollar bilen Balkan welaýaty demirgazygynda Gazagystana we günortasynda Eýran yslam respublikasyna gatnawlar amala aşyrylýar.

Içerki Gara ýollar bilen bolsa Türkmenbaşy-Balkanabat-Bereket-Serdar-Aşgabat ugurlary boýunça gatnawlar amala aşyrylýar.
 Demir ýol gatnawlary
Halkara demir ýol gatnawlary Balkan welaýtynyň Bereket etrabynyň üsti bilen tranzit arkaly Gazagystandan Eýran Yslam respublikasyna ýük gatnawlary amala aşyrylýar.

Içerki demir ýol gatnawy Türkmenbaşy-Balkanabat-Bereket-Serdar-Aşgabat ugurlary boýunça gatnawalar amala aşyrylýar.

Balkan welaýaty geografiýasy boýunça ähli geografik ýerleriň mekanydyr. Welaýatymyzda 3 dag, 1 deňiz, 2 derýa, 1 goraghana we 1 çäkli goraghana, 1 wulkan, 1 çöl, 2 aýlag, 2 ýarymada we 2 ada bardyr. Olar:
 Daglar:

 Ýeketäk Hazar deňzi

 Derýalar:

 Sünt-Hasardag goraghanasy we Ogurjaly çäkli goraghana

 Ýurdumyzda ýeketäk ýerleşýän wulkan hem Balkan welaýatynda ol palçykly wulkandyr ýagny patlawuk diýlip atlnadyrylýar.

 Garagum çöli

 Aýlaglar:

 Adalar we ýarym adalar:

 Balkan welaýatynyň futbol komandalary:

 Balkan welaýatyndan çykan halkara ýeňijiler:




#Article 25: Daşoguz welaýaty (268 words)


Daşoguz welaýaty
Türkmenistanda administratiw bölek.

Bu welaýat türkmenistanyň demirgazygynda ýerleşip, demirgazyk-günbatarda, demirgazykda we demirgazyk-gündogarda Özbegistanyň düzümine girýän (awtonom) Garagalpagystan respublikasy we Horezm welaýaty bilen, günortada Türkmenistanyň Ahal welaýaty bilen, günorta-gündogarda Lebap welaýaty bilen, günorta-günbatarda bolsa Balkan welaýaty bilen araçäkleşýär. Meýdany 73.4 müň km2. Ilaty: 893.7 müň adam.(1994 maglumaty)

Demirgazygyny Horezm pesligi, Günortasyny Üňüz aňyrsy Garagum tutýar. welaýaty, gündogardan günbatardan Amyderýanyň gadymy hanalary bolan Döwdan we Derýalyk kesip geçýär. Bu hanalaryň ugrunda Orungum, Öwezaly, Urpakgum, Ataçagan, Sekizatly, Bäşoý, Garaporsaň, Lawak, Eşegarbat ýaly çägelikler, Garadaşly, Gökçäge ýaly birnäçe uly bolmadyk köller ýerleşýär.

Pesligiň demirgazygynda palezoý we mezozoý döwürleriniň jynslaryndan düzülen uly bolmadyk Gubadag, Misginata, Ýylangyr belentlikleri ýer tutýar.

GUbadagda mermer we granit, käbir ýerlerde oňat hilli kerpiç we keramiki önümleri taýýarlamakda ulanylýan toýun, Düzgyrda nahar duzynyň çykýan ýerleri bar.

Beýleki welaýatlara garanda has demirgazykda ýerleşensoň Daşoguzda gyş sowugrakdyr.  Ýanwar aýy ortaça temperaturasy -4 we-7 gradusdyr. Käwagtlar -36 derejä ýetýän we geçýän aýazlar hem bolýar. Tomus yssy hemde gurak bolýar, Iýul aýy ortaça temperaturasy 27-29 gradus, käwagtlar +43-44 gradus hem bolýär. BU welaýatyň territoriýasy Türkmenistanda ygalyň iň az ýagýan ýeridir, bir ýylda ýagýan ygal mukdary 100 millimetre ýetmeýär. 86-98 millimetr bolýar. welaýatyň klimaty bu ýerde Şaly, orta süýümli Gowaça we beýleki oba önümlerini ýetişdirmäge amatlydyr. Welaýatyň esasy suw çeşmesi amyderýadyr.

welaýatyň esasy ilaty türkmenler bolup ol ilatyň 60%a golaýyyny tutýar(1995 maglumaty), özbekler, gazaklar we ruslar hem ýaşaýar. Ilat gürligi ortaça: 1 km2-de 12.2 adam bolup, ol hemme ýerde birmeňzeş däldir. Ilatyň agramly bölegi oazis bşleginde ýerleşýär. GUbadag, Boldumsaz etraplarynda 1 km2 110-115 adam bolsada Üňz aňyrsyndaky Garagumda bu görkeziji 0,1 adamdyr. Merkeziň welaýaty Daşoguz şäherinde bu görkeziji 139,3 adama barabardyr.(1995 maglumatlary)




#Article 26: Balkanabat (212 words)


, (Öňki ady Neftedag, Nebitdag) Türkmenistanda bir şäher, Balkan welaýatynyň merkezi şäheri. Uly Balkan dagynyň eteginde ýerleşýär. Deňiz derejesinden 17m beýiklikde. Koordinatalary [39°31′0″N 54°22′0″E.  

Ilaty: 120800 adam(2011ý). 

Dili: türkmen, rus, emma statistikanyň aýtmagyna görä 2011-nji ýyldan bäri dogan her 10 çagadan 7-8 türk dilinde telewidnýa kanallary seretmegi esasynda türk dili gürleýänleriň sany rus dili güreýänleriniňkiden köpelýär, rus dilinde gürleýänler ýitip barýar, diňe uly ýaşdakylar SSSR-den galanlar gürleýärler.

Milleti: türkmen

Pul birligi: manat

Taňs: küştdepdi

Uly Balkan dagynyň etegenide ýerleşýän Balkanabat şäheri, beýik nokadynyň ady Arlan.

Nebitdag şäheri ilki başda 13-nji demirýol duralga eken. Ol 1933-nji ýylda Transkaspi demir ýolunyň ugrunda nebitiň uly gorlarynyň tapylmagy bilen düýbi tutulýar. Hökümet topary bilen Türkmenistana  gelen akademik, geolog I.M.Gubkin Nebitdaga kömek berilmegini guramak üçin uly iş alyp bardy. 1946-njy ýylda şäher derejesi berildi (käbir maglumatlara görä 1933-nji ýyl). 1933-nji ýyla çenli 13-nji stansiýa ýada demiryol duralgasy diýlip, 1936-njy ýyla çenli Neftedag, 1999-njy ýyla çenli Nebitdag we 1999-njy ýylyň başynda ýagny ýanwar,fewral aýlarynda Nebitdag şäheri  adyny Balkanabat şäheri diýlip üýtgedildi. Balkanabat şäheri diýilmeginiň düýp sebäbi asyl manysy Balkan sözünden gelip çykyp şeýleräk düşündirilýär: Balkan welaýaty esasan topragynyň astynyň hem üstüniň hem baýlyklar bilen gurşalyp alynanlygy sebäpli topragyndan bal-akýar, bal-akan diýlip goýulýar.  

Balkanabat häzirki döwürde nebit we tebigy gaz öndürmede senagat merkezidir.  

Şäherdäki sport topary:

Şäherdäki bilim ojaklary:




#Article 27: Daşoguz (107 words)


Daşoguz (öňki: Daşhowuz, iňlis: Dashoguz, rus: Дашогуз öňki rus: Дашховуз, Ташауз). Türkmenistanyň demirgazyk bölegindäki Daşoguz welaýatynyň merkezi şäheriniň adydyr. Demirgazyk ykdysady raýonyn iň uly senagat, ulag, medeniýet we durmuş, administratiw merkezidir. Ilat sany - 227 184 adam. (2009)

Türkmenistanyň demirgazyk-gündogarynda, Şabat kanalynyň iki ýakasynda ýerleşýär. Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada daşlygy - 546 km, Garagalpagystanyň paýtagty Nöküse çenli 76,6 km, Özbegistanyň Horezm welaýatynyň merkezi şäheri Ürgenje bolsa 80 km daşlykda. Şäherde demir ýol wokzaly we aeroport ýerleşýär. Aeroport şäherden 10 km daşlykda.

Şäheriň resmi adynyň gelip çykyşy Dädem Gorkut eposynda ady geçen Daş Oguzlardan gelýänligi bellenilýär. Irki döwür Oguz taýpalary Iç Oguz we Daş Oguzlar diýilýän iki şahamça aýrylýardylar.




#Article 28: Saparmyrat Nyýazow (212 words)


Saparmyrat Ataýewiç Nyýazow (Сапармырат Атаевич Ныязов Nyíazow) ýa-da Türkmenbaşy - Türkmenistanyň ilkinji prezidenti.

Öz döwründe dünýäniň iň totalitar, despotik we repressiw diktatorlaryndan biridi. Daş-töwereginde şahsyýet kultyny öňe sürdi. Şahsy geň isleglerini ýurda ýükledi. Mysal üçin, türkmenler hepdäniň hepdeleri we günleri “Ruhnama” awtobiografiýasynyň salgylanmalaryna üýtgedildi

Okuwyny tamamlap Büzmeyin GRES-inde inzener bolup işe başlayar. 

Türkmenbaşy Türkmenistanyn 3 gezek gahrymanydyr. (Türkmenistanyn Garaşsyzlygy, Türkmenistanyn Bitaraplygy we Türkmenistanyn bugday garaşsyzlygyklary üçin)

Saparmyrat Atayewic Nyyazow 1940-njy yylda Asgabat etrabynyn Gypjak obasynda doguldy. Milleti turkmen. Bilimi yokary, hunari - inzener-energetik. Zahmet yoluna 1959-njy yylda baslady. 1967-nji yylda Leningradyn politehniki institutyny tamamlandan son, Buzmeyin GRES-inin ussasy, uly ussasy bolup isledi. 1970-nji yyldan 1985-nji yyla cenli partiya we sowet organlarynda jogapkarli wezipelerde isledi. 1985-nji yylda ol Turkmenistan Ministrler Sowetinin Baslyklygyna bellendi, sol yylyn dekabrynda bolsa Turkmenistan Kommunistik partiyasynyn Merkezi Komitetinin plenumynda TKP MK-nyn birinji sekretarlygyna saylanyldy. 1990-njy yylyn 27-nji oktyabrynda ahlihalk saylawlary netijesinde ol respublikanyn prezidentligine saylandy. 1991-nji yylyn mayynda Dunya turkmenlerinin gumanitar birlesiginin prezidentligine saylanyldy. S.Nyyazow ykdysady we syyasy ylymlaryn doktory, professor, Turkmenistan Ylymlar Akademiyasynyn akademigidir. Halklaryn arasyndaky dostlugy we parahatcylygy pugtalandyrmakda bitiren hyzmatlary goz onunde tutulyp, S.A.Nyyazowa birnace abrayly halkara bayraklary berildi.
Saparmyrat Nyyazow Magtymguly adyndaky Halkara bayragynyn birinji laureatydyr. Ol Turkmenistanyn in yokary tapawutlandyrys derejesi bolan Turkmenistanyn Gahrymany diyen hormatly adyn we “Altyn Ay” medalynyn uc gezek eyesidir.




#Article 29: Eýran (845 words)


Eýran Yslam Respublikasy ( — Jomhuriýe Eslamiýe Iran, şeýle hem Eýran (,  ýa-da Persiýa) — Aziýanyň günorta-günbatarynda döwlet. Paýtagty — Tähran şäheri.

Territoriýasynyň ululygy boýunça dünýäde 16-njy orunda durýar. Ýurduň araçäkleriniň umumy uzynlygy 6420 km. Türkmenistan, Owganystan, Päkistan, Yrak (Kurdistan welaýaty), Türkiýe, Azerbaýjan bilen araçäkleşýär.

Ilaty 82'011'700 adamdan gowrak bolup, şonuň 71 %-ti şäherlerde ýaşaýar. Paýtagty Tähran şäheri (7,1 millliondan gowrak). Paýtagtda ýurduň 10 prosentden gowrak ilaty jemlenendir. Esasy şäherleri Yspyhan, Şiraz, Nişapur, Abadan, Kum, Bender-Abbas, Maşat. Ilatyň artyş depgini 4 %-te golaý. Çaklamalara görä, 2015-nji ýyla çenli Eýranyň ilatynyň 78 mln adama ýetmegi mümkin. Ýaş sostawy boýunça Eýran dünýäniň iň ýaş ýurdy hasaplanýar (ilatyň 50 %-ni 15 ýaşa çenli etginjekler düzýär). Ilatynyň 99,5 %-ti musulmanlardyr.

Image:Caravansarai Karaj.jpg | Käräj1,460,961
Image:Eram garden.JPG | Şiraz1,227,331 
Image:Qom masjed-e-hazrat-masumeh.jpg | Kum1,046,578
Image:Ahvaz Bridge.jpg | Ahvaz841,145

Konstitusiýa laýyklykda EYR-yň ykdysady ulgamy döwlet, kooperatiw we hususy pudaklara daýanýar. Döwlet pudagy ykdysadyýetiň agramly bölegini elinde saklaýar. Goranmak senagaty, nebit-himiýa toplumy, metallurgiýa senagaty ýaly ykdysadyýetiň  keşigini çekýän pudaklar onuň elinde jemlenendir. Touhid ykdysadyýeti maýanyň bir elde jemlenmegini çäklendirmekde özüni kapitalizmden, döwlet pudagyny çäklendirmekde bolsa sosializmden tapawutly hasaplaýar.

Homeýni daşary syýasatda “Ne Günbatara, ne Gündogara, diňe ortalyk ýola eýermeli!” diýen özboluşly ugry öňe sürdi. Bu syýasata Eýranda “Üçünji ýol” ýa-da “Homeýniniň ýoly” diýlip at berildi.

Eýranyň ABŞ-nyň Tährandaky ilçihanasynyň 63 sany wekilini 444 günläp zamunlykda saklamagy eýran-amerikan gatnaşyklaryny erbetleşdirdi. 1980-nji ýylyň 22-nji aprelinde Ýewropa Ykdysady Hyzmatdaşlygy Eýrana ykdysady gabaw yglan etdi. Eýranyň ABŞ-nyň banklaryndaky goýumlary “doňduruldy”.

Ali Akbar Haşemi Rafsanjanynyň prezidentligi. 80-nji ýyllaryň ahyryndan başlap Eýran uly özgerişler döwrüni başdan geçirýär. Ösüşiň yslam ýolunyň täze basgançagy prezident Rafsanjanynyň ady bilen baglanşyklydyr.

Döwlet dili pars dili. Agdyklyk ediji millet azerbeýjanlar bolup (ähli ilatyň 30,3 %), olar yslamyň şaýy mezhebine uýýarlar. Parslar (41,92 %-ti), kürtler (9,1 %), türkmenler (3,17 %), araplar (2,2 %), buluçlar özbaşdak etniki toparlar hasaplanýarlar (Cesme: Ilatyň 29 %-ti oba hojalygynda, 13,5 %-ti senagatda, galan bölegi bolsa hyzmat ediş sferasynda zähmet çekýär. Işsizleriň sany 1,8 mln. adama golaý.

Awtomobilü transporty transportyň esasy görnüşidir. Eýran kalendary boýunça 1358-1367-nji ýyllar aralygynda (1979-1989 ýý.) 402 km magistral ýollar, 4831 km şosse ýollary (ini 7 metr), 10320 km ikinji derejeli ýollar (ini 5-7 metr) guruldy. 1989-njy ýylyň martyna çenli Eýranyň ýollarynyň umumy uzynlygy 167 müň km bolup, şonuň 14 %-ti magistral ýollardyr. Eýranyň daglyk ýerlerde ýol gurmakda baý tejribesi bar.

Eýranda demir ýollar döwlete degişlidir. Olar ýylda 6672 müň ýolagçy we 8047 müň tonna ýük daşamaga ukyply. 1979-njy ýyla çenli Eýran demir ýollarynyň uzynlygy 4567 kilometrdir. Häzirki döwürde 1000 kilometrlik ýollaryň gurluşygy alnyp barylýar, ýene-de 500 kilometrligi planlaşdyrylýar. Eýran, Tejen-Sarahs-Maşat demir ýolunyň Maşatdan Sarahsa çenli aralygyny gurdy.

Nebit Eýranyň esasy baýlygy hasaplanýar. Onuň barlanan zapaslary 90,5 barrele (nebitiň halkara ölçeg birligi, 1 barrel 159 litre deň-J. G.) Nebit we nebit önümleri ýurduň yksportunyň esasyny düzýär. 1979-1986-njy ýyllarda nebit Eýran gaznasyna 120 mlrd dollar girdeji getirdi. Bir günde 4,2 mln barrel nebit çykarmaga mümkinçiligi bolsa-da OPEK-iň (nebiti eksport ediji döwletleriň guramasynyň) kararyna laýyklykda nebit çykarmagyň bir günki çägi (kwotasy) Eýran üçin 3 mln 340 müň barrel diýlp kesgitlenildi. Abadan, Yspyhan, Tähran şäherlerinde nebiti gaýtadan işleýän zawodlary bar.

Ýaponiýa, Germaniýa, Italiýa, Türkiýe, Beýik Britaniýa, Siriýa, Hytaý, Günorta Koreýa, Päkistan, Merkezi Aziýa respublikalary Eýranyň esasy söwda partnýorlarydyr. Eýran daşary bazara nebit, haly, çoýun, pisse we guradylan miwe önmlerini, bekre balygynyň işbilini, we ş.m. çykarýar. Daşary ýurtlardan bolsa metal konstruksiýalary, enjamlar, däne, agaç materiallary, medisina abzallary we ş.m. getirilýär.

Häzirki wagtda Eýranda 176 sany döwürleýin neşirler hereket edýär. Olaryň bir ýyllyk möçberi 450 mln ekzemplara ýetýär. Neşirleriň 103-si hususy sektora degişlidir. Döwürleýin neşirleriň 60 %-ti yslam ynkylabyndan soňra çykyp başlady. Metbugatyň 9 %-ti ýokary bilimliler, 29 %-ti aýallar we çagalar, 36 %-ti bolsa ilatyň ähli gatlagy üçin niýetlenendir. Žurnalistleriň diňe 1,6 %-ti uniwersiteti “žurnalistika” hünäri boýunça tamalanlardyr. Ähli žurnalistleriň 13 %-ti aýal-gyzlardyr. KEÝHAN, ETTELAAT, RESALAT esasy gijeki, JOMHURI-ýe ESLAMI, ABRAR irki gazetlerdir. KEÝHAN INTERNEŞNL, TEHRAN TAÝMS iňlis dilindäki gazetlerdir.

Medeniýet we Yslam ugry Ministrligine degişli. 486 kitaphanada 333 müň kitap saklanýar. 1988-nji ýylda Eýranda 4873 kitap neşir edilipdir.

Sowatsyzlygy ýok etmekdäki bitiren işleri üçin Eýran ÝUNESKO-nyň ýörite diplomyna mynasyp boldy.

Eýranda mukaddes Kurany-Kerimi öwrenmäge örän uly ähmiýet berilýär. Ony öwrenijileriň sany 1988-nji ýylda 6 mln. adam bolanlygyndan, 1994-nji ýylda 17 million adama çenli ýetdi.

Eýranda 166008 orunlyk 264 kinoteatr bar. Olarda ýylda 1 milliona golaý tomaşaçy Eýran we daşary ýurt filmlerine tomaşa edýär. 1993-1994-nji ýyllarda Eýran kinematografy 125 halkara festiwalyna gatnaşyp, 34 sany baýraga mynasyp boldy. Bu özboluşly rekorddyr.

Eýran administratiw taýdan 24 sany ostana (prowinsiýa) bölünip, olar 499 şäheri we 50000 obany özüne birleşdirýärler. Ine şol ostanlar : Tähran, Merkezi, Gilan, Gülüstan, Mazenderan, Azerbeýjan, Bahtaran we Huzestan, Fars, Kerman, Horasan, Yspyhan, Seýistan, Bulujystan, Kürdüstan, Hemeden, Çaharmahal we Bahtyýary, Lurystan, Ilam, Kahgiluýe we Boýer Ahmad, Buşer, Hormuzgan, Zanýan, Ýezd.

Eýranyň resmi baýdagy ýokardan aşak ýaşyl, ak, gyzyl reňkde bolup, merkezinde gerbiň suraty ýerleşdirilen. Baýdak 22 gezek gaýtalanýan “Allah Akbar” (“Allah Beýikdir”) diýen söz bilen bezelendir.

Eýranda iki kalendar: Hijri kamary (Aý) we Hijri Şemsi (Gün) kalendarlary ulanylýar. Täze ýyl 21-nji martda (Nowruz) başlanyp, şol ýylyň 20-nji martynda tamalanýar. Hepde şenbe güni başlanyp, juma güni tamamlanýar. Juma resmi dynç alyş günüdir. 11-nji fewralda (22-nji bahman) Yslam ynkylabynyň ýeňiş güni baýram edilýär.




#Article 30: Gazagystan (439 words)


Gazagystan - Merkezi Aziýada ýerleşýän döwlet. Onuň umumy meýdany 2.717.300 inedördül kilometre barabardyr. Döwlet dili – gazak dili. Prezidenti – Nursultan Nazarbaýew. Hökümet başlygy – Karim Masimow. Ilaty – 16 milliondan gowrak adam. Paýtagty – Nursultan.

Gazagystan tutýan meýdany boýunça dünýäde dokuzynjy orunda durýar. Gazagystan Türkmenistan, Russiýa Federasiýasy, Özbegistan, Gyrgyzystan we Hytaý Halk Respublikasy bilen araçäkleşýär. Şeýle hem ýurduň günorta-günbataryny Hazar deňzi, günortasyny bolsa Aral köli ýuwýar. Iri şäherleri: Nursultan, Almaty, Garaganda, Çimkent, Semeý, Akmolla, Aktau we ş.m.

Gazagystanda işleýän ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň kompaniýalary nebitgaz we dag magdany senagatynda işleýär. Türk kompaniýalary bolsa söwda, telekomunikasiýa, myhmanhana dolandyryjylygy, dokma we hyzmat sektorynda iş alyp barýarlar. Türk gurluşyk kompaniýalary Gazagystanda alyp barýan gurluşyk taslamalarynyň umumy bahasy 2 milliard dollardan geçýär.

Döwlet dili: Ýurduň konstitusiýasyna laýyklykda, ýurduň döwlet dili gazak dilidir. Ýurtda rus dili hem giňden ulanylýar. Ýurduň ilatynyň agramly bölegi şäherde ýaşaýar. Şäherleri we olaryň ilatynyň sany: Almaty (Gazagystanyň öňki paýtagty, 1,3 million ilaty bar.) Garaganda (600 müň), Çimkent (400 müň), Pawlodar (350 müň), Yst-Kamenogorsk (350 müň), Semipalatinsk (330 müň), Taraz (Jambul, 310 müň) we beýlekiler.

Gazagystan – prezident respublikasydyr. Häzirki konstitusiýa 1995-nji ýylyň 30-njy awgustynda kabul edildi we 1998-nji ýylda oňa birnäçe üýtgetmeler girizildi. Döwlet baştutany – prezident. Ol ýurduň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitleýär, ýurduň hökümetiniň ähli organlarynyň işine gözegçilik edýär. Mundan başga-da, ýurduň prezidentiniň köp ygtyýarlyklary bar. Ýurduň ýokary kanun çykaryjy organy – parlament. Ol iki palatadan: Senat we Mejlisden durýar. Senatyň ygtyýarlyk möhleti 6 ýyl. Onuň düzüminiň ýarysy her 3 ýyldan täzeden saýlanýar. Senatyň düzüminde 47 deputat bar. Olaryň 7-si prezident tarapyndan saýlanýar. Mejlisiň düzüminde bolsa 77 deputat bar. Olar ählihalk saýlawlary esasynda 5 ýyllyk möhlete saýlanylýar. Gazagystanyň parlamenti konstitusiýa üýtgetmeler girizýär (prezidentiň teklibi boýunça), döwlet büjetini, hökümetiň hasabatyny we maksatnamasyny tassyklaýar, kanun kabul edýär, halkara ylalaşyklaryny tassyklaýar. Ýurduň ýerine ýetiriji häkimiýeti – premýer-ministriň ýolbaşçylygyndaky hökümet alyp barýar.

Gazagystan Birleşen Milletler Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Ýewropa Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, NATO-nyň „Parahatçylyk üçin hyzmatdaşlyk“ maksatnamasynyň, Bütindünýä Söwda Guramasynyň agzasydyr. Şeýle hem Gazagystan Nebiti eksportirleýän ýurtlaryň guramasyna (OPEK) synçy hökmünde gatnaşýar.

Gazagystanyň ykdysadyýeti çalt depginlerde ösýär. Ýurduň halk hojalygynda dag magdany senagaty öňdäki orunda durýar. Oba hojalygynyň ösdürilmegine hem uly ähmiýet berilýär. Gazagystan ykdysady taýdan bäş bölege bölünýär. Ýurduň demirgazyk böleginde däne hojalygy, daş kömri we demir magdanlarynyň çykarylmagy, maşyngurluşyk, nebit önümleriniň önümçiligi we energetika pudagy has ösen. Gündogar böleginde reňkli metallurgiýa, energetika, maşyngurluşyk we tokaý hojalygynda ösüş gazanyldy. Gazagystanyň günbatary iri nebitgaz çykarylýan sebit hasaplanýar. Ýurduň merkezi bölegindäki halk hojalygynyň esasy pudaklary – gara we reňkli metallurgiýa, maşyngurluşyk we maldarçylyk. Gazagystanyň günortasynda pagta, şaly, bugdaý, dürli bakja we gök önümler, miweli agaçlar, üzüm ýetişdirilýär. Günorta böleginde ýeňil we azyk senagaty hem-de balyk hojalygy ösendir.




#Article 31: Özbegistan (724 words)


Özbegistan Merkezi Aziýanyň merkezi we demirgazyk-günbatar böleginde ýerleşýän döwletdir. Ol gündogarda Gyrgyzystan we Täjigistan, günortada Owganystan, günorta-günbatarda Türkmenistan we demirgazykda Gazagystan bilen serhetleşýär.

Ýurduň umumy tutýan meýdany 448,9 müň inedördül kilometre barabar. Onun 425,4 müň inedördül kilometrini guryýer, 22 müň inedördül kilometrini bolsa suw tutýar. Özbegistanyň guryýer serhediniň umumy uzynlygy 6221 kilometr bolup, Owganystan bilen 137 kilometre, Gazagystan bilen 2203 kilometre, Gyrgyzystan bilen 1099 kilometre, Täjigistan bilen 1161 kilometre we Türkmenistan bilen 1621 kilometre barabar serhedi bar.

Ýurduň agramly bölegini düzlükler (bäşden dört bölegini) tutýar. Olaryň iň ulusyna Turan düzlügi diýilýär. Ýurduň guňdögar we demirgazyk-gündogaryny Týan-Şan we Pamir daglarynyň şahasy tutýar. Şol ýerde-de ýurduň iň beýik dag gerşi (4643 metr) ýerleşýär. Ýurduň merkezinde bolsa dünýäniň iň uly çöllerinin biri bolan Gyzylgum ýaýlyp ýatyr.

Özbegistan gazylyp alynýan tebigy baýlyklara-da baý. Ýurtda tebigy gazyň, daş kömrüniň, altyn, wolfram, nebitiň we beýleki magdanlaryň gory bar. Ýurduň çäginden Amyderýa we Syrderýa akyp geçýär. Şeýle hem Özbegistanda birnäçe emeli köller bar. Olaryň biri Çardarin suw howdanydyr.

Prezident Yslam Karimow 1990-njy ýyldan bäri ýurduň baştutany bolup gelýär. Ýokary kanun çykaryjy organy - parlament - Oliý Majlis. Özbegistan hökümeti – Ministrler kabineti. Prezident tarapyndan bellenýär

Özbegistan administratiw taýdan 12 welaýata, Garagalpagystan awtonom respublikasyna we paýtagt şäher Daşkende bölünýär. Ýerli häkimiýeti häkimler dolandyrýar. Olary Prezident belleýär we ýerli saýlaw organlary tarapyndan tassyklanýar. Garagalpagystanda özüniň ministrler geňeşi bar.

Özbegistanda 30 million 485 müň adam ýaşaýar. Ilatyň 80 göterimini özbekler tutýar. Şeýle hem ýurtda 100-den gowrak milletden adam ýaşaýar. Ýylda ilat sany 1,67 göterim artýar. Özbegistanda dogluş derejesi 2005-nji ýylda 1000 adama 26,22 adam boldy. Orta ýaş dowamlylygy - 64,19 ýyl.

Döwlet dili - özbek dili. Ýurduň ilatynyň 74 göterimi özbek dilinde gürleýär. Şäherlerde rus dili ýaýrandyr, şäher ilatynyň 14 göterimi rus dilinde gürleşýär. Konstitusiýa laýyklykda, Özbegistan dünýewi döwlet hasaplanýar. Ilatyň 88 göterimi yslam dinine, 9 göterimi bolsa hristian dinine uýýar.

Ilatyň 42 göterimi şäherlerde ýaşaýar. Iň iri şäheri - Daşkent. Ýurduň paýtagtynda 2,3 million adam ýaşaýar. Rus ilatynyň ýarysyndan gowragy Daşkentde ýaşaýar we şäheriň ilatynyň 30 göterimini tutýar. 1966-njy ýylda şäherde ýer titräp, uly zyýana goýdy. Daşkent gysga wagtyň içinde täzeden dikeldildi. Daşkentde respublikanyň senagat kärhanalarynyň agramly bölegi ýerleşýär. Şonuň üçinem şäher ýurduň ykdysady, bilim we medeniýet merkezi hasaplanýar.

Samarkand ýurtda ululygy boýunça ikinjişäher. Samarkand - 1930-njy ýyla çenli Özbegistan SSR-niň paýtagty bolup, häzirem özüniň arhitektura ýadygärlikleri bilen meşhurdyr. Fergana jülgesinde hem birnäçe uly şäherleri bar: Namangan, Andijan, Fergana, Kokand. Şeýle hem ýurduň iri şäherleriniň arasynda Buharany hem agzaman geçmek bolmaz. Bu gadymy şäher uzak ýyllaryň dowamynda özbek halkynyň iri syýasy we medeniýet şäheri bolýar. Nöküs şäheri Garagalpak awtonom respublikasynyň paýtagtydyr.

Özbegistan industrial-agrar ýurt hasaplanýar. Ýurduň halk hojalygynyň esasy pudaklary - dag magdany, ýeňil we azyk senagaty we maşyngurluşyk. Oba hojalygynda ekerançylyga uly üns berilýär.
Özbegistan Respublikasynyň 2008-nji ýylyň 9 aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen maslahatda ýurduň ykdysadyýeti geçen ýyl sazlaşykly ösdi. Dokuz aýyň jemleri boýunça jemi içerki önüminiň ösüş depgini 9,4 göterime deň boldy. Senagat önümçiliginde 12,4 göterim, hojalyk harytlarynda 18.4 göterim, gurluşyk işlerinde 8.4 göterim, oba hojalygynda 4.1 göterim ösüş gazanyldy.

Ýurduň daşary söwdasyndaky we eksportundaky oňyn ösüş depginleri milli ykdysadyýetiň ösüşine saldamly goşant goşdy. Daşary söwda dolanyşygy 40,9 göterim, eksport bolsa 62,9 göterim ösdi. Özbegistanda kiçi telekeçiligiň ösdürilmegi üçin hem amatly mümkinçilikler döredilýär. Telekeçileriň öz işlerini sazlaşykly alyp barmagy üçin salgyt babatda käbir ýeňillikler döredilýär.

Geçen ýylyň tomsunda ýurduň ähli ýerinde 821 çagalar sagaldyş merkezleri ulanmaga taýýar edildi. Olarda 252034 çaga dynç aldy. Malim bolşy ýaly, 2008-nji ýyl ýurtda „Yaşlar ýyly diýlip yglan edilipdi. Şonuň üçin 1103,2 milliard sum pul goýberildi. 240 müňden gowrak ýokary we orta hünärment mekdeplerini tamamlan ýaşlar iş orunlary bilen üpjün edildi.

Özbegistanda ýaşlara maddy taýdan kömek berilýär. Işe ýerlemek gaznasyndan 1,5 müň adama 2045 million sum möçberinde äz möçberli karzlar berildi. Şeýle hem ýurduň banklary ýaş telekeçilere yzygiderli pul kömeklerini berip dur. Ýaş çatynjalary jaý bilen üpjün etmek maksady bilen jemi 45,9 milliard sum karz berildi. Oba yerlerinde 1200 ýaş mugallym maşgalalara jaý gurmak üçin ýer bölünip berildi.
Dünýäniň köp ýurtlaryny gurşap alan maliýe-ykdysady krizise garamazdan, ýurduň ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösüşini gazanmak maksady üçin dürli çäreler durmuşa geçirilýär.

Meydanda garaşsyzlygy alamatlandyrýan ýadygärlik bar.

Türkmenistan-Özbegistan: giň möçberli hyzmatdaşlyga tarap Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. 2008-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 132,3 million dollara barabar boldy. Bu görkezijide 2007-nji ýyla garanyňda 38 göterim ösüş gazanyldy.
Iki ýurduň arasyndaky gumanitar gatnaşyklar hem ösdürilýär. Ýurtlaryň medeniyet we sungat işgärleri Türkmenistan we Özbegistanda geçirilýän festiwallardyr sergilere yzygiderli gatnaşýarlar.




#Article 32: Afrika (216 words)


Afrika — Ortaýer deňziniň we Gyzyl deňziň günortasynda, Atlantik okeanyň gündogarynda we Hindi okeanynyň günbatarynda ýerleşýän bir kontinent. Ol ululygy boýunça Ýewraziýadan soň ikinji kontinentdir. Şeýle hem oňa Afrikadan we ýanaşyk adalardan ybarat bolan dünýä bölegi diýlip at berilýär. Afrikanyň meýdany 30 065 000 km² ýa-da gury ýer meýdanynyň 20,3 %-inden ybaratdyr, adalary bilen bolsa — 30,2 million km² çemesi bolup, şeýlelikde Ýer ýüzüniň umumy meýdanynyň 6 %-ini we gury ýeriň 20,4 %-ini tutýar. Afrikanyň territoriýasynda 55 sany döwlet, 4 sany ykrar edilmedik döwlet we 5 sany garaşsyz territoriýa (ada) ýerleşýär.
Afrika ilatynyň sany sany boýunça dünýä ilatynyň 10/1 bölegini tutýar. Territoriýasy 30,3 mln km2. Gury ýeriň 5/1% tutýar. Afrika Ýewropadan 14 km Gibraltar bogazy arkaly bölünýär. 1859-60 ýyllarda Suls kanaly gurulmazdan öň Aziýa bilen gury ýer arkaly birleşýärdi. Afrikanyň çägi Tunisden GAR-a çenli 8000 km, Senegoldan Somala çenli 7,5 müň km uzalyp gidýär. Afrikanyň esasy çägi ekwatorial giňişlikde ýerleşip, gün şöhlesiniň iň köp düşýän yssy klimatly ýeridir. Çäginiň birnäçe bölegi ekwatordan uzakda ýerleşip, gurak klimatly ýerdir. Onuň demirgazygynda 8 mln km2 çägi tutýan Sahara çöli ýerleşýär. Afrikanyň çäginiň 5/1 böegi daglyk ýerdir. Afrika şertli günbatar, gündogar, günorta, demirgazyk, merkezi we ekwatorial diýip bölünýär. Madakaskar adasy aýry aýdylýar. Afrikanyň ilaty soňky wagt çalt köpelip başlady. Öň haýal ösýärdi. Meselem: b.e.sepgidinde Afrikanyň ilaty bary-ýogy 16 mln adamdy.




#Article 33: Hindistan (2118 words)


	
	

	

Hindistan Respublikasy (, , ) — Günorta Aziýada döwlet. Hindistan tutýan meýdany boýunça dünýäde ýedinji, ilat sany boýunça bolsa, ikinji orunda durýar. Ol günbatarda Päkistan, demirgazyk-gündogarda Hytaý, Nepal we Butan, gündogarda Bangladeş we Mýanma bilen araçäkleşýär. Mundan hem başga, Hindistanyň günorta-günbatarda Maldiw adalary, günortada Şri-Lanka we günorta-gündogarda Indoneziýa bilen deňiz araçägi bär.

Hindistan Günorta Aziýada, demirgazyk giňligiň 8-37-nji graduslarynyň, gündogar uzaklygyň 68-97-nji graduslarynyň aralygynda ýerleşýär. Tutýan meýdany – 3 mln.287 müň 732 inedördül km. Meýdanynyň ululygy boýunça Hindistan dünýäde 7-nji ýerde durýar. Ýurduň territoriýasy demirgazykdan günorta tarap 3219 km, gündogardan günbatara – 2977 km. uzalyp gidýär1. Umumy serhetleriniň uzynlygy 14103 km, deňiz kenarlary 7000 kilometrdir.

Hindistanyň alty sany döwlet bilen gury ýer serhedi bar. Gündogarda Bangladeş (4053 km.) we Mýanma (1463 km.), demirgazykda Hytaý (3380 km.) Nepal (1690 km.) we Butan (605 km.), günbatarda Päkistan (2912 km.) bilen araçäkleşýär. Günortada ýurduň kenarlaryny Hindi ummanynyň suwlary ýuwýar. Palk bogazy ýurdy Şri-Lanka adasy, gündogarda Bengal aýlagy, günbatarda Arap deňziniň suwlaryndan bölüp aýyrýar. 

Hindistanyň döwlet gurluşy federatiw respublikadyr. Onuň düzüminde 25 sany ştat we 7 soýuz territoriýasy bar. Paýtagty Deli şäheri. Ýerine ýetiriji häkimiýet Prezidente we Premýer-ministre degişlidir. Prezident döwletiň ýolbaşçysy hasaplanýar. Kanun çykaryjy häkimiýet iki palataly parlament tarapyndan amala aşyrylýar. Parlamentiň ýokary palatasyna halk palatasy, aşakysyna – ştatlaryň geňeşi diýilýär. Has täsirli syýasy partiýalary Hindi Milli Kongresi we Bharatiýa Janata Parti hasaplanýar.

Hindistan özbaşdak döwlet hökmünde dörän gününden başlap parahatçylyk söýüji daşary syýasat ýöredýär. Aslynda-ha Hindistanyň parahatçlyk söýüjiligi halkyň milli aňyýetinden gelip çykýar. Hindi halky öz tebigaty, dini ygtykady boýunça zorlugy, urşy ýigrenýän halk. Taryhda hindi halkynyň öz goňşularynyň üstüne çozmanlygy-da halkyň milli häsiýetinden gelip çykýar. Emma watanyny goramaga gezek gelende welin, hindiler hiç bir halkdan kem durmandy. Jawaharlal Nerunyň goşulmazlyk hereketini döretmek pikiri-de öz çeşmesini halkyň milli däbinden alypdy (seret §41!).

Hindistanyň daşary syýasatynda dünýäde parahatçylygy berkarar etmek ugrundaky göreşde birnäçe täze teklipler bilen çykyş etdi. Olaryň it möhümi 1988-nji ýyldaky dünýäni 2010-njy ýyla çenli ýadro ýaragyndan we zorlukdan halas etmek baradaky hereketleriň meýilnamasydyr. Hindistan 1985-nji ýylda döredilen Günorta Aziýa sebitiniň hyzmatdaşlygy bileleşiginiň (SAARK) agzasy bolup, Günorta Aziýa döwletleri bilen gatnaşyklarynyna üns berýär.

Hindistanyň daşary syýasatynda iň bir wawwaly ýeri onuň goňşusy Päkistan bilen gatnaşyklarydyr. Serhet dawalary bu iki ýurduň arasynda birnäçe çaknyşmalara getirdi.

Hindistan özüniň daşary syýasatynda Merkezi Aziýa sebitiniň garaşsyz döwletlerine, aýratyn-da Türkmenistan bilen däp bolan gadymy gatnaşyklary dikeltmäge üns berýär. Döwlet ýolbaşçylarynyň birek-biregiňkd resmi saparlary mahalynda özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygynyň hukuk binýady goýuldy. Iki döwletiň arasynda ykdysady, ylmy-tehniki we medeni babatda ýygjam gatnaşyklar ddbe öwrüldi. Iki halkyň hem göz guwanjyna öwrülen Baýram han Türkmeniň 500 ýyllyk ýubileýi 2000-nji ýylda ýurtlaryň ikisinde-de dabaraly bellenip geçildi. Hindistana türkmen gazyny eltmegiň taslamasy iki ýurduň arasyndaky uzak döwre niýetlenen hyzmatdaşlygyň aýdyň şaýadydyr.

Hindistan ilatynyň  sany boýunça dünýäde Hytaýdan soňra ikinji ýerde durýar. Ilatynyň sany 936 mln.545 müň 814 adam (1995 ý. maglumatlary). Ilatyň ortaça gürlügi 1 inedördül km. 285 adam7. Ýurduň ilatynyň aglaba bölegini, has takygy 72%-ni indo-ariler tutýar. Olar 300-den gowrak etniki topara bölünýär. Ilatyň 25% töweregini drawidler, 3%-ni mongoloidler düzýär. Hindistanda 500-den gowrak halkyýet we taýpa bardyr. Döwlet dili hindi we iňlis dilleridir. 14 sany dil (bengal, tamil, tellugu w.b.) ýurduň dürli ştatlarynda resmi dil hökmünde ulanylýar. Hindi diliniň bir şahasy bolan urdu dili ýurduň demirgazygynda giň ýaýrandyr. Ýurtda 1652 dil we şiwe bar.

Agalyk ediji din induizm bolup, ilatyň 82,6%-ti bu dine uýýar. Ilatyň 11,4%-ti yslam, 2,4%-ti hristian dinine ynanýar. Sikhler ilatyň 2%-ne, buddaçylar bolsa 0,7%-ne barabardyr.

Dogulýanlaryň sany1000 adama 27 çagadan düşýär. Çaga ölümi 1000 çaga 76 çagadyr. Ilatyň ortaça ýaşy erkeklerde 58, aýallarda 60 ýaşdyr. Ilatyň zähmete ýaramly böleginiň 65%-ti oba hojalygynda zähmet çekýär.

Hin­dis­ta­nyň ter­ri­to­ri­ýa­sy Hin­dis­tan ýa­rym ada­sy­ny Gimalaý we Karakorum daglarynyň bir bö­le­gi­ni, Hind-Gang düz­liginiň gün­do­gar bö­le­gi­ni, Bengal aýlagyn­da­ky hem-de Arap deňzin­dä­ki ada­la­ryň bir­nä­çe to­pa­ry­ny öz içi­ne al­ýar. Ke­nar ýa­ka­sy­nyň uzyn­ly­gy 12 müň inedördül kilometre go­laý. Ke­nar­la­ry pes we gow­şak dil­kaw­la­nan­dyr. Hin­dis­ta­nyň ter­ri­to­ri­ýa­sy­nyň 3/4 bö­le­gi­ne go­la­ýy düz­lük­ler we te­kiz dag­lyk­lar­dyr.

Iň uly kö­li Kaş­mir jül­ge­sin­dä­ki Wular kölü­dir. De­kan te­kiz dag­ly­gyn­da­ky Lonar köli wul­kan­ly ýer­dir. Hin­dis­ta­nyň ter­ri­to­ri­ýa­sy­nyň köp bö­le­gin­de gy­zyl top­rak­lar ýaý­ran­dyr. On­da baş­ga-da gy­zyl-sa­ry fer­ral­lit, gy­zyl-go­ňur, gy­zy­lym­tyl-go­ňur, gy­zyl fer­ral­lit, çal, çal-go­ňur, çe­men, kül­jü­mek, dag-çe­men, all­ýu­wi­al top­rak­lar bar.

Hin­dis­tan ýa­rym ada­sy­nyň we Hind-Gang düz­lü­gi­niň te­bi­gy ösüm­lik­le­ri, esa­san sa­wan­na­lar­dan (aka­si­ýa, pal­ma) hem-de to­kaý­lar­dan (tik, san­dal, bam­buk) yba­rat. Hin­dis­ta­nyň de­mir­ga­zyk-gün­do­ga­ryn­da ýap­ra­gy­ny dök­ýän ga­ry­şyk to­kaý­lar, gün­ba­tar dag­la­ryň ýe­le eň­ňit­le­rin­de, Gang we Brah­ma­put­ra der­ýa­la­ry­nyň del­ta­la­ryn­da ebe­di gök öwüs­ýän ga­ry­şyk to­kaý­lar ös­ýär.

Hin­dis­ta­nyň fau­na­sy Hindi-Malaý welaýaty­na de­giş­li­dir. Süý­dem­di­ri­ji­ler­den maý­myn­lar, su­gun­lar, an­ti­lo­pa­lar has hä­si­ýet­li bo­lup, hin­di pi­li, ýol­bars, pan­te­ra, gi­ma­laý aýy­sy duş­ýar. Şir, gap­laň, kaş­mir su­gu­ny bü­tin­leý di­ýen ýa­ly gyr­lyp gu­ta­ryp­dyr. Guş­la­ryň, süý­ren­ji­le­riň we ba­lyk­la­ryň fau­na­sy baý­dyr. Hin­dis­tan­da za­po­wed­nik­le­riň we mil­li park­la­ryň 47-si bar.

Ýer üstüniň gurluşy boýunça ýurdy üç sany tebigy zolaga bölmek mümkin. Dekan düzlügi Gündogar we Günbatar Gat dag ulgamy bilen gurşalandyr. Bu daglar bütin Hindi ýarym adasyny diýen ýaly gurşap alýar. Hindi-Gang düzlügi hem öz gezeginde iki bölekden durýar: gündogarda Gangyň we Brahmaputranyň çygly tropiki zolagy hem-de günbatarda gurak Tar çöllügi. Ýurduň demirgazygyny dünýäde beýik daglaryň biri Gimalaý daglary gurşap alýar. Dünýaniň ikinji beýik nokady hem-de Karakorum dag ulgamynyň iň beýik nokady Çogori (8611 m.), dünýäniň üçünji beýik nokady Kançenjanga (8586 m.), Nangarparbat (8126 m.) Hindistanda ýerleşýär.

Subekwatorial, musson, ýurduň demirgazygynda tropiki. Ýylyň dowamynda üç sany howa möwsümini tapawutlandyrmak bolar: gurak salkyn (noýabr-fewral), gurak yssy (mart-maý), çygly yssy (iýun-oktýabr). Hindistanyň köp böleginde gyş aýlary gurak bolýar. Diňe ýurduň demirgazyk-günbatarsynda siklonlar bilen bagly gyşdaky ygallaryň möçberi tomusdakydan köp bolýar. Ygallaryň ýyllyk mukdary Tar çöllüginde 100–250 mm. bolanlygyndan Çeranpunjide (Tamilnad ştaty) 12 müň mm. çenli üýtgäp durýar. Çeranpuji Ýer ýüzünde iň ýagyşly ýer hasaplanýar3. Martdan başlap howa gyzyp, maýyň ahyryna çenli çenli ol maksimuma ýetýär (käbir etraplarda 400 çenli). Iýunda ýagyşlar möwsümi başlanýar: temperatura pese gaçyp, howanyň çyglylygy 95%-te we ondan hem ýokary galýar. Tomusda günorta-günbatardan öwüsýän musson ýelleri çygly, ýagyşly howa akymlaryny getirýär. Sentýabr aýynda musson ýelleriniň möwsümi gutaryp, 25-270 aralygynda ortaça temperatura saklanýar. Käbir etraplarda siklonyň yzyna gaýtmagy harasatlar, hatda taýfunlar (ýeliň tizligi 100 km/sagada çenli) bilen utgaşýar. Noýabr-fewral aýlarynda demirgazyk-gündogardan öwüsýän passat ýelleri gurak howanyň saklanmagyna özüniň täsirini ýetirýär.

Kömür Hindistanyň esasy tebigy baýlyklarynyň biridir. Hindistan daşkömri gazyp almakda dünýäde 4-nji, gorlary boýunça 5-nji, eksport etmekde 7-nji ýerde durýar4. Gujaratda we Assamda tebigy gazyň gorlary bar. Ýurtda atom energetikasy üçin ýaramly uran bar. Demir magdanlarynyň umumy gorlary boýunça (27,3 mlrd. t.) Hindistan dünýäde ilkinji ýerlerde durýar5. Hromitiň gorlary 14 mln.t.,marganesiňki – 180-195 mln.t., mis magdanynyňky – 266 mln.t., gurşun-sink magdany – 110 mln.t.ýetýär. Ýurtdaky boksitleriň gorlary 3,5 mlrd.t. barabar bolup, bu babatda Hindistan dünýäde bu çig maly öndürýän Ýamaýka, Kamerun, Braziliýa ýaly döwletlerden soň 4-nji ýerde durýar.

Ýurduň içinden Gang, Brahmaputra, Godawari, Narmada, Krişna, Mahanadi, Kaweri, Tapti ýaly esasy derýalar akyp geçýär.

Hindistanyň senagaty babatda aýdylanda hususy we döwlet pudagynyň utgaşykly işlemegi ýola goýuldy. Döwlet pudagy nebit we nebit önümlerini,  daşkömri, elektrik energiýasyny öndürmegi esasan öz elinde saklady. Umuman, ýurtda öndürilýän senagat önüminiň 40% çemesini döwlet pudagy berýärdi. Hususy pudak esasan maşyn gurluşygy, ýeňil senagaty, oba hojalygyny, hyzmat ediş ulgamyny öz elinde saklaýar.

Hindistan ilkinji gezek 1980-nji ýylda özüniň ilkinji hemrasyny kosmosa uçurmagy başardy. 90-njy ýyllardy Hindistan kosmosy özleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy 10 döwletiniň birine öwrüldi. Hindistan demir ýollarynyň uzynlygy boýunça dünýäde 4-nji, ylmy-tehniki hünärmenleriniň sany boýunça 3-nji orna geçdi. Emma, milli girdejiniň ilatyň jan başyna düşüşi boýunça dünýäde yzdadyr.

Daş asyry döw­rün­de Hin­dis­tan­da adam­zat jem­gy­ýe­ti­niň bo­lan­ly­gy ba­ra­da ar­heo­lo­gik ta­pyn­dy­lar şa­ýat­lyk ed­ýär­ler. Hind der­ýa­sy­nyň jül­ge­sin­den ta­py­lan bü­rünç me­de­ni­ýe­ti­niň il­kin­ji se­ne­si goý­lan ga­lyn­dy­lar b.e.öň 3 müň ýyl­ly­gyň baş­la­ry­na de­giş­li­dir.

XV asy­ryň ahyr­la­ryn­da Hin­dis­tan­da il­kin­ji ko­lo­ni­al gul edi­ji­ler-por­tu­gal­lar peý­da bol­ýar. XVI asy­ryň I ýa­ry­myn­da olar de­ňiz ýa­ka­syn­da­ky oba­la­ryň en­çe­me­sin­de (Goa, Da­man, Diu we başg.) or­na­şyp, Hin­dis­ta­nyň di­ňe bir söw­da­sy­ny ele al­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, ba­syp alan ter­ri­to­ri­ýa­la­ry­nyň ila­ty­ny ko­lo­ni­al eksp­lua­ta­si­ýa se­ze­war ed­ýär­ler. De­mir­ga­zyk Hin­dis­ta­ny bir­leş­dir­mek Beýik Mogollar dinastiýasy döw­rün­de ama­la aşy­ryl­ýar. XVIII asy­ryň I ýa­ry­myn­dan Mo­gol­lar di­nas­ti­ýa­sy dar­ga­ýar.

XVII asy­ryň baş­la­ryn­da Hin­dis­tan­da Ýewropa söwda kapitaly peý­da bol­ýar. Hin­di tä­jir­le­ri­niň kö­me­gi bi­len iň­lis­ler, gol­land­lar, fran­suz­lar hin­di önüm­le­ri­ni sa­tyn alyp, ola­ry di­ňe bir Ýew­ro­pa däl, eý­sem, Eý­ra­na, In­do­ne­zi­ýa, Ýa­po­ni­ýa, Hy­ta­ýa we baş­ga ýurt­la­ra hem çy­ka­ryp­dyr­lar. Döw­let­le­riň, Mogol imperiýasy­nyň mi­ras­dü­şer­le­ri­niň ara­syn­da­ky tog­ta­ma­ýan uruş­lar Hin­dis­tan­da iň­lis we fran­suz  çak­ny­şyk­la­ry­na ge­ti­rip­dir

Ost-Hin­dis­tan kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň söw­da eks­pan­si­ýa­syn­dan har­by eks­pan­si­ýa­la­ra geç­me­gi üçin amat­ly ýag­daý dö­red­ýär. Be­ýik Bri­ta­ni­ýa bi­len Fran­si­ýa­nyň ara­syn­da­ky dün­ýä­de bi­rin­ji­lik ga­zan­mak ug­run­da­ky gö­reş Hin­dis­ta­nyň ter­ri­to­ri­ýa­sy­ny hem öz içi­ne al­ýar. 1746-63-nji ýyl­lar­da Gü­nor­ta Hin­dis­tan­da Ost-Hin­dis­tan kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ara­syn­da­ky dyn­gy­syz di­ýen ýa­ly al­nyp bar­lan ur­şuň ne­ti­je­sin­de iň­lis­ler öz bäs­deş­le­ri­ni do­ly der­bi-da­gyn edip, Ben­ga­li­ýa­ny ba­syp al­ýar­lar we Kar­na­ti­gi hem-de Audy was­sal ga­raş­ly­ly­ga se­ze­war ed­ýär­ler. De­li­niň ba­sy­lyp alyn­ma­gy bi­len (1803) Be­ýik Mo­gol iň­lis Ost-Hin­dis­tan kom­pa­ni­ýa­sy­nyň oý­nat­gy­sy­na öw­rül­ýär.

Hin­dis­tan­da mil­li azat edi­ji­lik he­re­ket­le­ri tä­ze­den ýo­ka­ry gö­te­ril­ýär. 1946-njy ýyl­da go­şun­da, flot­da we awia­si­ýa­da iň­lis­le­re gar­şy köp­çü­lik­le­ýin çy­kyş­lar bol­ýar. 1946-njy ýy­lyň aw­gus­tyn­da Hin­dis­tan­da J. Neru­wyň baş­tu­tan­ly­gyn­da wagt­la­ýyn hö­kü­met dü­zül­ýär. 1947-nji ýy­lyň 15-nji aw­gus­tyn­da Hin­dis­ta­nyň ter­ri­to­ri­ýa­syn­da iki sa­ny tä­ze ga­raş­syz döw­let: Hin­dis­tan we Päkistan do­mi­ni­on­la­ry dö­re­ýär. 1949-njy ýy­lyň 26-njy no­ýab­ryn­da ka­bul edi­len tä­ze Konstitusiýa bo­ýun­ça Hin­dis­tan res­pub­li­ka diý­lip jar edil­ýär. Kons­ti­tu­si­ýa 1950-nji ýy­lyň 26-njy ýan­wa­ryn­dan güý­je gir­ýär.

Hin­dis­tan ag­rar-in­dust­ri­al ýurt. Nebit, hi­mi­ýa, al­ýu­mi­niý se­na­ga­ty, ma­şyn gur­lu­şy­gy se­na­ga­ty bar. Hin­dis­tan mi­ne­ral we ener­ge­tik re­surs­la­ra baý­dyr. Çy­ka­ryl­ýan köm­rüň 3/4 bö­le­gi di­ýen ýa­ly Da­mo­dar jül­ge­sin­de jem­le­nen­dir. Gün­ba­tar Hin­dis­tan­da tä­ze ne­bit­li-gaz­ly et­rap­lar işe gi­ri­zil­di. Atom çig ma­ly (uran mag­da­ny) ga­zy­lyp alyn­ýar. Ga­zy­lyp alyn­ýan de­mir mag­da­ny­nyň 1/2 bö­le­gi­ne go­la­ýy eks­port edil­ýär. Mar­ga­nes, slýu­da, bok­sit, al­tyn, al­maz, mis mag­dan­la­ry ga­zy­lyp alyn­ýar. 1984-85-nji ýyl­da 157 mlrd. kwt/ elekt­roe­ner­gi­ýa ön­dü­ril­di. Ga­ra we reňk­li me­tal­lur­gi­ýa, ma­şyn gur­lu­şy­gy hem me­tal iş­läp be­jer­ýän, hi­mi­ýa, se­ment, ka­gyz, dok­ma, gant, po­lig­ra­fi­ýa se­na­ga­ty ösen. Al­ýu­mi­niý se­na­ga­ty ös­ýär. Dok­ma we azyk se­na­ga­ty ýur­duň ga­dy­my pu­dak­la­ry­dyr. Azyk se­na­ga­tyn­da gant önüm­çi­li­gi esa­sy or­ny eýe­le­ýär. Hö­kü­met ow­nuk kär­ha­na­la­ryň we hü­när­ment­çi­li­giň ös­me­gi­ne gol­daw ber­ýär. 1985-nji ýyl­da de­mir ýo­ly 62 müň km-e go­laý, aw­to­mo­bil ýo­ly 1700 km. bol­dy. Esa­sy port­la­ry-Bom­beý, Kal­kut­ta we beý­le­ki­ler. Hal­ka­ra äh­mi­ýet­li ae­ro­port­la­ry Bom­beý­de, Kal­kut­ta­da, De­li­de we Mad­ras­da ýer­leş­ýär.

Esa­sy ekin­le­ri: şaly, bugdaý, arpa, mekgejöwen, gowaça, şekerçiňrik, çaý, kofe, kauçuk we baş­ga­lar.

Hin­dis­ta­nyň ýa­rag­ly güýç­le­ri gu­ry­ýer go­şun­la­ryn­dan, Hindistan howa güýçlerin­den we Harby-deňiz güýçlerin­den yba­rat. Baş ser­ker­de­ba­şy-pre­zi­dent. Go­şu­na go­ran­mak mi­nist­ri gös-gö­ni ýol­baş­çy­lyk ed­ýär. Go­şun, awia­si­ýa we flot meý­le­tin­le­ri top­la­mak ýo­ly bi­len komp­lekt­len­ýär: Hin­dis­tan­da äh­lu­mu­my har­by borç­lu­lyk ýok. Ofi­ser­ler dü­zü­mi har­by uçi­li­şe­ler­de hem-de mil­li ka­det kor­pu­syn­da taý­ýar­la­nyl­ýar. Ofi­ser­le­riň bir bö­le­gi go­şu­nyň ýö­ri­te ugur­la­ry bo­ýun­ça da­şa­ry ýurt­lar­da taý­ýar­lyk geç­ýär.

Hin­dis­ta­nyň me­de­ni­ýe­ti dört müň bäş ýüz ýyl­dan bä­ri ösüp gel­ýär. Ge­çen müň­ýyl­lyk­lar­da ýur­duň me­de­ni­ýe­tin­de ösüş­ler hem ga­za­nyl­dy, tä­ze-tä­ze me­de­ni ojak­lar dö­re­dil­di, saz we dür­li sun­gat gör­nüş­le­rin­de tä­ze­çil ide­ýa­lar eme­le gel­di.

Uni­wer­si­tet­ler­de we beý­le­ki ýo­ka­ry teh­ni­ki mek­dep­ler­de ýaş­la­ra iň­lis di­lin­de bi­lim be­ril­ýär. Hin­dis­tan­da 226 uni­wer­si­tet, 4.7 müň ta­kyk we gu­ma­ni­tar ugur­lar­da bi­lim ber­ýän kol­lej­ler, 1.9 müň mu­gal­lym­çy­lyk, 185 in­že­ner-teh­nik we 359 luk­man­çy­lyk kol­le­ji he­re­ket ed­ýär. Ýur­duň iri uni­wer­si­tet­le­ri: Kal­kut­ta (150 müň ta­lyp), Bom­beý (150 müň ta­lyp), Ra­jast­han (150 müň ta­lyp), De­li ( 130 müň ta­lyp), M.K Gan­di adyn­da­ky uni­wer­si­tet (150 müň ta­lyp). Ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de 6.5 mil­li­on talyp bi­lim alýar. Ol hem ýur­duň 17-23 ýaş ara­ly­gyn­da­ky ýaş­la­ryň 5-6 gö­te­ri­mi­ni tut­ýar.

Ýurt­da köp ugur­ly yl­my-bar­lag ojak­la­ry­nyň iň­ňän uly ul­ga­my dö­re­di­lip­dir. Ola­ryň ara­syn­da döw­le­te de­giş­li yl­my-bar­lag eda­ra­la­ry bi­len bir ha­tar­da hu­su­sy bag­lag ins­ti­tut­la­ry we la­bo­ra­to­ri­ýa­la­ry hem bar. Olar yl­myň dür­li ugur­la­ry bo­ýun­ça iş alyp barý­lar­lar. Yl­my-bar­lag ins­ti­tut­la­ryn­da däp bo­lan ylym­lar luk­man­çy­lyk, ag­ro­no­mi­ýa, we­te­ri­nar­çy­lyk, me­teo­ro­lo­gi­ýa, hä­zir­ki za­man ylym­la­ryn­dan atom ener­gi­ýa­sy, älem gi­ňiş­li­gi­niň öw­re­niş we elekt­ro­ni­ka ýa­ly ugur­lar­da iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Ol Hin­dis­ta­nyň Mum­baý şä­he­ri­niň ki­no­in­dust­ri­ýa­sy­nyň si­no­ni­mi ha­sap­lan­ýar. ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyn­da­ky Golliwud meň­zeş edi­lip at­lan­dy­ry­lyp­dyr. Bolliwud Bombeý we Gol­li­wud söz­le­rin­den eme­le ge­ti­ri­lip­dir. Bol­li­wu­dda­ky meş­hur ki­no­stu­di­ýa­lar “Fil­ma­laya” we “Film City” şä­he­riň de­mir­ga­zyk bö­le­gin­de ýer­leş­ýär. Her ýyl Bol­li­wu­dyň ki­nos­tu­di­ýa­la­ryn­da 600-700 film su­ra­ta dü­şü­ril­ýär. Olar esa­sa­nam hin­di hem-­de ur­du we pen­jab dil­le­rin­de çyk­ýar.

Soň­ky ýyl­lar­da Bol­li­wu­dyň film­le­ri gün­ba­tar ýurt­la­ryn­da hem meş­hur­lyk ga­za­nyp baş­la­dy. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de-de Bol­li­wu­dyň meş­hur akt­ýor­dyr akt­ri­sa­la­ry gü­n­ba­tar ýurt­la­ry­nyň film­le­rin­de su­ra­ta düş­mä­ge baş­la­dy­lar. Şol bir wagt­da gün­ba­tar­ly ki­no ýyl­dyz­la­ry-da Bol­li­wu­dyň film­le­rin­de esa­sy keşp­le­ri jan­lan­dyr­ma­ga hö­wes bil­dir­ýär­ler.

Hin­dis­tan ga­dy­my bi­na­gär­lik ýa­dy­gär­lik­le­ri­ne örän baý ýurt. Ýur­duň paý­tag­tyn­da-da şeý­le ýa­dy­gär­lik­le­riň köp san­ly­sy­na duş gel­mek bol­ýar. Bu ýer­de ga­dy­my dö­wür­ler­den bi­ziň gün­le­ri­mi­ze çen­li sak­la­nyp ga­lan kä­bir bi­na­la­ryň gur­lu­şy ak­ly­ňy haý­ran ed­ýär. My­sal üçin, Hin­dis­ta­nyň iň be­ýik yma­ra­ty bo­lan Kutb Mi­nar. On­da dür­li eý­ýam­la­ryň tä­sin nus­ga­la­ry­ny özün­de jem­le­ýän me­de­ni we di­ni mi­ra­syň ut­gaş­ma­sy­ny gör­mek bol­ýar. Di­wa­ryn­da Gur­ha­nyň aýat­la­ry hem mi­na­ra­nyň gur­lu­şy­gy ba­ra­da­ky mag­lu­mat­lar ýa­zy­lan bu ýa­dy­gär­lik şä­he­riň aja­ýyp ýe­rin­den 72 metr be­lent­li­ge ho­wa­la­nyp dur. Onuň aşak­dan ýo­kar­ly­gy­na ta­rap aý­la­nyp gid­ýän 379 bas­gan­ça­gy bar. Aýt­mak­la­ry­na gö­rä, bas­gan­ça­gyň di­ňe 156-njy­sy­na çen­li çy­kyp bol­ýar. Kutb Mi­nar­da­ky de­mir sü­tü­ni-de ha­ky­ky gud­rat di­ýip, ha­sap edip bo­lar. Be­ýik­li­gi 7 metr, ini iki adam eli­niň uzyn­ly­gy­na ba­ra­bar bo­lan bu de­mir sü­tün 4-nji asyr­da di­ki­lip­dir. 15 asyr­dan gow­rak wagt ge­çen­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, ol he­ni­ze çen­li pos­la­man­dyr. Şol wagt­lar şeý­le uly de­mir bö­le­gi­ni nä­dip gu­ýan­dyk­la­ry we ony pos­la­maz ýa­ly nä­me eden­dik­le­ri hä­zi­re çen­li ylym­da uly syr bo­lup gal­ýar.

Lo­tos yba­dat­ha­na­sy Bahaýi dini­niň dün­ýä­niň dür­li yk­lym­la­ryn­da bar bo­lan ýe­di yma­ra­ty­nyň bi­ri­dir. Onuň tas­la­ma­sy­ny as­ly eý­ran­ly bo­lan ka­na­da­ly ar­hi­tek­tor Fariborz Sahba lotos gülü­niň keş­bin­de dö­re­dip­dir. Yba­dat­ha­na­ny gur­mak üçin se­riş­de dün­ýä bo­ýun­ça ba­haizm di­ni­ne uý­ýan­lar ta­ra­pyn­dan ýyg­na­lyp­dyr. Onuň gur­lu­şy­gy 1980-nji ýyl­da baş­la­nyp 1986-njy ýyl­da hem ta­mam­la­nyp­dyr. Yba­dat­ha­na 27 sa­ny lo­tos gü­lü­niň ýap­ra­jy­gyn­dan yba­rat bo­lup, ol be­ton­dan gur­lup­dyr we için­den owa­dan mer­mer daş­la­ry bi­len be­ze­lip­dir.

Zaman Türkmenistan gazeti - 




#Article 34: Ukraina (695 words)


Ukraina ( ) — Gündogar Ýewropada döwlet. Günortada onuň serhetlerini Gara deňiz we Azow deňzi ýuwýar, ol gündogarda we demirgazyk-gündogarda — Russiýa, demirgazykda — Belarus, günbatarda — Polşa, Slowakiýa we Wengriýa, günorta-günbatarda — Rumyniýa we Moldawiýa bilen serhetleşýär.

Ýurduň paýtagty we iň iri şäheri — Kyýiw.

Ukrainanyň umumy tutýan meýdany 603,7 müň inedördül kilometre barabar bo­lup, ol bu görkeziji boýunça Ýewropada öňdäki orunlarda durýar. Ukraina meý­dany boýunça dünýäde 42-nji orny eýeleýär. Ukraina Russiýa Federasiýasy, Polşa, Slowakiýa, Wengriýa, Rumyniýa, Moldowa we Belarus bilen araçäkleş­ýär. Ýurduň günorta bölegini Gara we Azow deňizleri ýuwýar.

Ukraina döwleti Ýewropada baý mineral serişdeleriniň köpdürliligi bilen tapawut­lanýar. Köp ýyllaryň dowamynda Ukraina kömür, demir we marganes magdanla­ryny çykarmakda dünýäde öňdäki orunlary eýeläp geldi. Ýurduň esasy kömür känleri Donesk sebitinde ýerleşýär. Olaryň gory 109 milliard tonna barabardyr. Mundan başga-da, Lwow-Wolynsk sebitinde-de kömür gazylyp alynýar. Dnepr sebitinde goňur kömrüň 6 milliard tonna barabar käni tapyldy. Şeýle hem, Ukrai­na döwleti demir magdanlaryna hem baý ýurtdur.

Ukrainada magdan däl gazylyp alynýan baýlyklaryň köp gory bar. Bu babatda Ýewropada öňdäki orunlary eýeleýän Ukrainada nebitdakylyň (ozokerit), tebigy kükürdiň we grafitiň känleri bar.

Bu döwletiň haýwanat we ösümlik dünýäsi hem baýdyr. Ýurtda dürli ösümlikleriň görnüşleriniň 30 müňden gowragy bolup, agaçlaryň 76 görnüşi bar. Döwletiň umumy meýdanynyň 14 göterimini tokaý zolaklary tutýar. Dub, buk, sosna, ýel ýaly agaçlar agdyklyk edýär. Tebigy ösümlikler maldarçylygyň, balaryçylygyň ösmegine oňaýly täsir edýär. Dürli ösümlikler lukmançylykda-da giňden ulanyl­ýar. Ýurtda ösümlik dünýäsini goramak babatda hem iňňän uly işler alnyp baryl­ýar. Ýurtda dürli görnüşdäki goraghanalaryň 2270-e golaýy işleýär. Ýurtda haý­wanlaryň 45 müň görnüşi bolup, olaryň 28 müňüsi ýabanydyr (bu san dünýä faunasynyň 2 göterimine barabardyr). Gara deňzinde haýwanlaryň 2,4 müň gör­nüşi, Azow deňzinde bolsa 400 görnüşi bar. Iki deňziň akwatoriýasy hem balyk senagaty taýdan amatlydyr. Ukrainanyň “Gyzyl kitabyna” seýrek duş gelýän haýwanlaryň 85 görnüşi girizildi.

Ilaty: Ukrainanyň ilatynyň sany 50 million adama golaýlaýar. Ilat sany boýunça Ýewropada Germaniýadan, Italiýadan, Beýik Britaniýadan we Fransiýadan soň­ra 5-nji orunda durýar. Bu görkeziji boýunça Ýewropanyň umumy ilatynyň 7,3 göterimini, dünýä ilatynyň bolsa 1 göterimini tutýar. Ilatyň agramly bölegi şäher­lerde ýaşaýar. Oba ýerleriniň ilatynyň sany 15 milliondan geçýär.

Ukraina administratiw taýdan 24 welaýatdan we Krym awtonom respublikasyn­dan ybaratdyr. Kiýew we Sewastopol ýurduň kanunçylygy tarapyndan belleni­len ýörite derejä eýedir. Ukrainada 446 şäher, 490 etrap, 907 şäher tipli etrap­ça we 10196 sany oba bar.

Ýurduň paýtagty Kiýewiň ilatynyň sany 2 million 800 adamdyr. Kiýew häzirki wagtda Ýewropanyň iri şäherleriniň biri bolmak bilen ýurduň ylym, bilim we me­deni merkezi hasaplanýar. Bu ýerde Prezidentiň köşgi, Ýokary Rada (parla­ment), Ministrler Kabineti we ýerine ýetiriji döwlet edaralary, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalary ýerleşýär.

Kiýew Ukrainanyň maliýe merkezi hem hasaplanyp, ýurduň Milli banky, täjirçilik we beýleki ýöriteleşdirilen banklar, iri kompaniýalaryň we daşary ýurt maliýe ins­titutlarynyň wekilhanalary bar. Kiýew dünýäniň 130-dan gowrak döwleti bilen söwda-ykdysady, maliýe-kredit, ylym-bilim, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlyk edýär.

Ukrainanyň ikinji uly şäheri Harkowdyr. 1,5 milliondan gowrak ilaty bolan Har­kow gadymy şäherleriň biridir. 1 million 147 müň ilatly Dnepropetrowsk şäheri ýurduň iri senagat merkezidir. Şäher 1776-njy ýylda Dnepr derýasynyň kena­rynda port şäheri hökmünde guruldy. Ilatyň sany boýunça dördünji orunda dur­ýan Donesk şäheri 1869-njy ýylda döredilip, ýurduň iri senagat merkezleriniň bi­ridir. Şol ýerde kömür magdanynyň ummasyz uly känleri bar. Odessa şäherini bilmeýän ýokdur. Ol Gara deňziň kenaryndaky esasy port şäher bolup, 1789-njy ýylda gurlupdyr. Ukraina tebigy, arhitektura ýadygärliklerine we goraghana­lara baý ýurtdur. Kiýewde 30-a golaý muzeý bar.
 
Daşary syýasaty: Ukraina dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyk­lary ýola goýmak ugrunda uly işleri alyp barýar. Soňky ýyllarda Ukraina tarapyn­dan öňe sürülen köp sanly başlangyçlar dünýä döwletleri tarapyndan uly gol­daw tapdy. Merkezi we Gündogar Ýewropa ýurtlary bilen bir hatarda Ukraina hem Birleşen Milletler Guramasynda dünýä ykdysadyýeti bilen aýakdaş gitmek isleýän döwletlere goldaw bermek üçin birnäçe kararlaryň kabul edilmegini ga­zandy. 2000-nji ýylda Kiýewde BMG-niň wekilhanasy işläp başlady. Mundan başga-da, BMG-niň başga-da köp sanly edaralarynyň wekilhanalary hereket edýär. Ukraina 50-ä golaý iri halkara guramalaryň agzasydyr.

Ukraina Ýewropa Bileleşiginiň Brýusseldäki ştab-kwartirasynda hemişelik wekil­hanasyny açdy. Ýurtda bolsa şol wekilhana bilen işleşýän ýörite komitet döredil­di. 1998-nji ýylyň iýunynda ýurduň Prezidenti tarapyndan Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigine integrasiýa strategiýasy tassyklandyly. Häzirki wagtda Ukrainanyň Ýewropa Bileleşiginiň assosirlenen agzalygy boýunça ylalaşyk gazanylmagy ug­runda gepleşikleriň alnyp barylmagy göz öňünde tutulýar.

Ukraina 1992-nji ýylda Ýewropanyň Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy­nyň agzasy boldy. Häzirki wagtda Ukraina bu gurama bilen işjeň gatnaşyklary alyp barýar.




#Article 35: Russiýa (116 words)


Russiýa, Orsýet ( — Rus'; resmi ady — Russiýa ýa da Russiýa Federasiýasy) — Gündogar Ýewropada we Demirgazyk Aziýada ýerleşýän ýurt. Ol dünýäde iň iri döwletdir (17 075 400 km² ýa-da Ýeriň ş guryýer meýdanynyň 11,46 % (1/9), ýa-da adam ýaşaýan guryýeriň 12,65 % (1/8)).

Russiýanyň döwlet dili — rus dili.

Ol 16 sany ýurt bilen araçäkleşýär (dünýäde iň uly görkeziji), olar guryýer boýunça şu ýurtlardyr: Norwegiýa, Finlýandiýa, Estoniýa, Latwiýa, Litwa, Polşa, Belarus, Ukraina, Gruziýa, Azerbaýjan, Gazagystan, Hytaý, Mongoliýa, Demirgazyk Koreýa; ol deňiz boýunça Türkiýe, Ýaponiýa we ABŞ bilen serhetleşýär.

Russiýanyň paýtagty — Moskwa.

Russiýanyň pul birligi — Rus rublesi.

Uly şaherleri: Moskwa, Sankt-Peterburg, Gazan, Wolgograd, Perm, Ufa, Woronež, Omsk, Samara. 

meydany   ilaty 2002y    merkez saher




#Article 36: Amerikanyň Birleşen Ştatlary (411 words)


Amerikanyň Birleşen Ştatlary, ABŞ (, ) — Demirgazyk Amerikada döwlet. ABŞ döwlet gurluşy federal, ştatlar we ÿerli hökümetlerden ybaratdyr.

Amerikanyň musulman ilaty dürli etnik, dil, ideologik, sosial, ykdysady we dini toparlardan düzülendir. Amerikadaky musulmanlaryň sanyny takyk aýtmak kyndyr sebäbi ABŞ-da ilat sanawy hasaba alynanda dini degişlilik hasaba alynmaýar. Çaklama esasynda (2008-nji ýylyň dekabry) gelnen sanlar 2 milliondan 7 milliona çenli barýar.


Aşak-da görkezilişi ýalydyr  Olaryň aýtmagyna görä ABŞ-daky musulman gurama we medreseleriň sany 2300-den gowrakdyr. Ady geçen saýtyň beren maglumatyna görä ştatlardaky metjit sany aşakda görkezilişi ýalydyr (ştat ady we ştatdaky metjit sany formatynda görkezilen):


Metjitler barada has köp maglumat üçin seret: ABŞ-daky ýerli metjitler sanawy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary ykdysady taýdan güýçli ösen ýurt. Ýurduň magdan, himiýa, ýeňil we maşyngurluşyk senagaty has ösen. Atom we kosmos pudagy hem çalt depginlerde ösýär. Oba hojalygynda ekerançylyk pudagyna uly üns berilýär. Syýahatçylyk pudagy hem ýurduň iň girdejili pudaklarynyň biri hasaplanýar.

Bulardanam başga ABŞ ýarag söwdasynda hem işjeňdir we ABŞ 96 döwlete (2016-njy ýylyň maý aýyndaky hasabat) ýarag satýar.ABŞ 2001-nji we 2016njy ýyl aralygyndaky jemi ýarag söwdasynyň 33 göterimini amala aşyrdy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary özüniň tebigy ajaýyplyklary we taryhy ýadygärlikleri bilen jahankeşdeleri özüne bendi edýär. Ýurduň paýtagty Waşingtonda Kapitol binasy (paýtagtyň iň beýik binasy hasaplanýar), Ak Tam – ýurduň döwlet baştutanynyň resmi kabulhanasy, Waşingtonyň ýadygärligi (152 m), Pentagon (Goranmak ministrliginiň jaýy) we Federal aňtaw edarasy, Arlington hatyra gonamçylygy, Milli sungat galereýasy, Kongresiň kitaphanasy, Smitson institutynyň muzeýi, ABŞ-nyň öňki prezidentleri Jorj Waşingtonyň, Jeffersonyň hem-de Abraham Linkolnyň (Abraham Lincoln) memorialy ýaly köp sanly taryhy ýadygärlikler, muzeýler ýerleşýär.

Nýu-Ýork şäherinde bolsa Azatlyk statuýasy ýaly owadan ýerler bar. Şeýle hem Amerikanyň Florida ştatynda Ewergleýds Orlando milli goraghanasy we oňa degişli „Uolt Disneý dünýäsi“ şatlyk-şagalaň bagy bar. Maýami-Biç kurort sebiti jahankeşdeleriň iň bir gelim-gidimli ýeri hasaplanýar.




#Article 37: Günorta Afrika Respublikasy (1428 words)


Günorta Afrika Respublikasy (GAR) (; ) — Afrika kontinentiniň günorta böleginde ýerleşýän döwlet. Ol demirgazykda Namibiýa, Botswana we Zimbabwe, demirgazyk-gündogarda Mozambik we Swazilend bilen serhetleşýär.

Afrikanyň günortasynda ýerleşýän döwlet. Kenarlaryny Atlantik we Hindi okeanlary ýuwýar. Tutýan meýdany 1,2 million inedördül kilometr. Ilaty 43 million adamdan geçýär. Olaryň 76 göterimi afrikalylar, galan bölegini bolsa beýleki milletler tutýar.

GAR-da dürli halklaryň we etniki toparlaryň arasynda ulanylýan dilleri hem hasaba alanyňda, ýurtda 11 sany dil ulanylýar. Olar: afrikaans, iňlis, ndebele, kosa, zulu, pedi, suto, tswana, swazi, wenda we tsonga. Käbir maglumatlara görä, zulu iň köp ýaýran dil hasaplanýar. Ilatyň 22,9 göterimi şol dilde gürleýär. Halkyň 17,9 göterimi kosa, 14,4 göterimi Afrikaans, 9,2 göterimi pedi we 8,6 göterimi iňlis dilinde gürleşýär. Iňlis dili resmi we iş ýüzünde köp ulanylýar.

Günorta Afrikanyň ilatynyň 80 göterimi diýen ýaly hristian dinine uýýar. Şeýle hem ýurtda induizm, yslam we iudaizm dinine hem uýýanlar bar. Ýurduň ilatynyň belli bir bölegi bolsa ýokarda agzalan dinlere uýman, eýsem öz däp-dessurlaryna ynanýarlar.
Afrika yklymynyň günorta böleginde ýerleşýän GAR demirgazykda Namibiýa, Botswana we Zimbabwe, demirgazyk-gündogarda Mozambik we Swazilend bilen araçäkleşýär.
Umumy maglumatlar

GAR Afrika yklymynyň etniki taýdan köp milletli ýurdy hasaplanýar. Ol tebigy baýlyklara baý bolmak bilen çäklenmän, eýsem-de yklymyň ykdysady taýdan iň ösen ýurdudyr. GAR ykdysady ösüşi boýunça dünýä ýurtlarynyň arasynda öz ornuny aldy. GAR 50-den gowrak halkara guramalaryň agzasydyr, şeýle hem 1946-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edildi. Ýurtda ösümlikleriň 16 müň görnüşi bar. 18 sany milli seýilgäh döredildi. GAR-yň käbir goraghanalary Dongola goraghanasynyň düzümine girýär. Günorta Afrika ýewropalylaryň aralaşmagy bilen ýurduň haýwanat dünýäsi barada täze maglumat çykyp ugrady. Ýurdun baý haýwanat dünýäsi bar. Soňky ýyllarda dürli görnüşdäki haýwanlaryň awlanmagy azaldy. Ýurduň köp böleginde pillere duş gelmek bolýar. Mundan öň köp duş gelinýän haýwanlardan ýolbarslara indiden beýläk diňe Krýuger milli seýilgähinde duş gelmek bolýar.

GAR-daky şahtalarda we fermalarda işlemek üçin Swazilend, Lesoto we Botswana ýaly ýurtlardan adamlar gelýärler. 2003-nji ýylda GAR-dan ABŞ-a, Ýewropa ýurtlaryna, Awstraliýa we Täze Zelandiýa 10 müňe golaý adam iş bilen gidýär. Olaryň agramly bölegini lukmanlar. hasapçylar we mugallymlar tutýar. 2000-nji ýyldan bäri emigrant we immigrantlaryň arasyndaky tapawut kem-kemden azalýar.

Günorta Afrika federalizm elementi bolan respublika. 1996-njy ýylda kabul edilen konstitusiýa hereket edýär. Döwlet baştutany we Ýaragly güýçleriň baş serkerdebaşysy – prezident. Prezidentiň iş möhleti bäş ýyl, ol iki gezekligine şaýlanyp bilýär. Kanun çykaryjy organy iki palataly parlament ýerine ýetirýär. Olar Milli Assambleýa (400 orunlyk) we Milli welaýatlar geňeşi (90 orun). Milli assambleýadaky deputatlar 5 ýyllyk möhlete saýlanýar. Prezident – Mbeki Tabo. Ol 2004-nji ýylyň 23-nji aprelinde prezident saýlandy. Ondan öň bolsa 1999-njy ýylda prezidentlige saýlanypdy. Prezidentiň orunbasary-Mlambo-Ngkuka Fumzile. 2005-nji ýylda bu wezipä bellendi. Döwlet 9 welaýatdan durýar. Olar: gündogar Keýp, Gauteng, günbatar Keýp, Kwazulu-Natal, Limpopo, Mpumalanga, erkin respublika, demirgazyk-günbatar we merkezi Keýp.

Ýurduň kazyýet ulgamy roman-golland we iňlis hukugynyň ýörelgeleri esasyndan döredildi. Döwletde konstitusion, ýokary apellýasion, ýokary kazyýet we magistratur kazyýetler hereket edýär.

Günorta Afrika dünýäniň ähli ýurtlary bilen şol sanda Afrika döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmagy özüniň daşary syýasatynyň ileri tutyan ugurlarynyň biri hasaplaýar. Botswana, Lesoto we Swazilend bilen ykjam gatnaşyklar ýola goýuldy. Günorta Afrika Beýik Britaniýanyň Afrika yklymyndaky esasy daşary syýasy hyzmatdaşy hasaplanýar. Prezident Mbeki ýurduň halkara jemgyýetçiliginde we dünýädäki abraýyny belende galdyrmak üçin işjeň zähmet çekýär. GAR – BMG-niň işjeň agzasydyr. Şonuň üçin hem bu döwlet BMG-niň Afrika yklymyndaky parahatçylyk hereketlerine işjeň gatnaşýar.

Günorta Afrika köp partiýaly döwlet. Ýurtda 20 sany syýasy partiýa hasaba alyndy. Olaryň iň abraýlylary şeýleräk:

Günorta Afrika Respublikasy Afrika yklymynda ykdysady gatnaşyklar babatda iň ösen ýurtlaryň biridir. Dünýä ülňülerine laýyklykda bu ýurt jan başyna düşýän girdeji babatda ýokary görkezijilere eýedir. Ýurduň ilatynyň işe ýaramly bölegi orta hasap bilen 15,23 million adam.

Senagat pudagy ýurduň umumy milli girdejisiniň 31,6 göterimini tutýar. Senagat pudagynyň esasyny gaýtadan işleýän senagaty düzýär. Ýurtda gara metallurgiýa, reňkli metallaryň önümçiligi (GAR hrom we marganes önümçiliginde dünýäde öňdäki orunlarda durýar), altyn we platin böleginiň önümçiliginde ösen. Döwletde oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalar işleýär. «SAB-Miller» atly piwo şereketi öz önümlerini dünýäniň 11 ýurduna satýar. Günorta Afrikada dokma, tikinçilik, aýakgap we himiýa (kömürden benzin alynýan zawodlar) ýaly pudaklar hem ösýär. Kagyz we sement önümçiligi hem işe girizildi.

GAR - mineral serişdelere hem baý ýurt. Magdan senagatynyň esasy pudagy - altyndyr. Günorta Afrika altyn gazyp almakda dünýäde öňdäki orunlarda durýar. Onuň merkezi Ýohannesburg şäheridir. Käte bu şähere «altyn şäher» hem diýilýär. Ilkinji şahta 120 ýyl mundan ozal açylypdyr. Altynyň gory azalýar. 2004-nji ýylda onun çykarylyşy 346 tonna çenli azaldy. 2001-nji ýylda bolsa bu görkeziji 500 tonna barabardy. «Anglo platinum» şereketi platin metalyny çykarýan iri şereketleriniň biri hasaplanýar. GAR-da «BMW», «Mersedes», «Toýota», «Mazda», «Ford» ýaly dünýä belli awtomobiller ýygnalýar. «General Motors» şereketi Port-Elizabet şäherinde golçur kärhanasyny açdy.

Günorta Afrikanyň ykdysadyýetiniň häzirkizaman tehnologiýalary bilen doly üpjün edilen ösen pudagydyr. Oba hojalygy pudagynda öndürilýän esasy azyk önümleri bilen ilat doly üpjün edilýär. Ýurtda arahis, mekgejöwen, mango, günebakar, bugdaý, şeker çiňňirik, nohut, pagta, arpa ekilýär. GAR gök önüm we miwe (ananas, apelsin, üzüm, alma) eksport edýär. Oba hojalygyna ýygy-ýygydan bolýan guraklyk ýaramaz täsir edýär. Ýurtda maldarçylyk, guşçulyk hem ösen. GAR angor geçişinin derisinden ýasalýan moher önümçiliginde dünýäde birinji orunlarda barýar. Her ýyl derýalardan we ummanlardan 700 müň ton-nabalyk we beýleki suw jandarlary tutulýar. Bir million tonna çenli tutmaga rugsat berilýär. Derýalardan krokodiller hem tutulýar.

Daşary söwda ýurduň ykdysady ulgamynda esasy rol oýnaýar. Eksport bilen importyň mukdary bir ugurda barýar. 2005-nji ýylda orta hasap bilen import 52,97 milliard dollar, eksport 50,91 milliard dollar. Esasy import edýän harytlary: ulag, nebit, himiýa önümleri. Import boýunça esasy hyzmatdaşlary: Germaniýa, ABŞ, Hytaý, Ýaponiýa, Beýik Britaniýa, Fransiýa, Saud Arabystany we Eýran. Esasy eksport edýän harytlary: mineral çig mallar (almaz, altyn we platina), awtoulag, tehnika, hojalyk harytlary we şerbetler. Eksport boýunça esasy hyzmatdaşlary: ABŞ, Beýik Britaniýa, Ýaponiýa, Germaniýa, Gollandiýa. «De Birs» şereketi göwherden ýasalan şaý-seplerini Londondaky, Nýu-Ýorkdaky we Tokiodaky dükanlarynda satýar. 2005-nji ýylda Parižde dükan açdy.

Ýurduň çäginde sarp edilýän elektrik energiýasynyň 80 göterimi 20 sany elektrik beketlerinden öndürilýär. Şeyle hem bir atom stansiýasy hereket edýär. Ol 1985-nji ýylda Keýptaun bilen Saldanýa-Beý şäherleriniň arasynda gurlupdyr. Günorta Afrikaly alymlar ýadro generatoryň nusgasyny oýlap tapdylar. Ýurduň energiýa ulgamy Botswananyfl, Lesotonyň, Namibiýanyň we Swazilendiň energiýa ulgamy bilen birikýär. GAR bu ýurtlara elektrik energiýasyny satýar. 2003-nji ýyldaky maglumata görä, ýurtda 215,9 milliard kWt/sagat elektrik energiýa öndürilip, onun 10,14 milliardy eksport edildi.

Ýurduň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biridir. Daşary ýurtly jahankeşdeleri umman kenary, tebigy ajaýyplygy ýerli halkyň baý medeni gymmatlyklary özüne çekýär. Jahankeşdeler her ýyl Durbanda geçirilýän «Afrikanyň kenary» atly festiwala hem gatnaşýarlar. Ýurtda käbir ýeňillikleriň döredilmegi syýahatçylaryň sanyny artdyrdy. 2001-nji ýylda ýurda 5,9 million syýahatçy geldi. 2005-nji ýylda bu görkeziji 6,7 million adama ýetdi. Soňky 2-3 ýylyň içinde hyzmat ediş nyrhy ýewropa derejesinden hem köpeldi. Esasy syýahatçylyk merkezi - Durban. Syýahatçylyk senagatynda 539 müň adam zähmet çekýär.

Günorta Afrikanyň paýtagtyndaky botanika bagy we dag garbanyşhanasy UNESKO-nyň bütindünýä miras sanawyna girizildi. Şeyle hem ýurtda köp sanly muzeýler, milli seýilgähler. zulu, kosa ýaly halklaryň döwrebaplaşdyrylan obalary, goraghanalary bar.

Afrikaly çagalar üçin ilkinji mekdep baryp 1799-njy ýylda Kap koloniýasy döwründe açylypdy. 1994-nji ýyla çenli döwletiň mekdep ulgamy jynsparazlyga esaslanýardy. Aparteid ulgamyň ýatyrylmagy bilen ýurtda ýaşaýan ähli halklaryň bilim almaga mümkinçiligi döredi. Mekdep bilimi hökmanydyr. Ýokary okuw mekdepleriniň ulgamyna 20 uniwersitet 15 tehniki mekdepler girýär. 2002-nji ýyldaky maglumatlara görä, Keýptaundaky uniwersitetiň 6 fakultetinde 672 mugallym zähmet çekýär we 16 müň talyp bilim alýar. Şeýle hem Pretoriýa şäherindäki uniwersitetde 1460 mugallym, 26 müň talyp, Günorta Afrika uniwersitetinde 1074 mugallym we 117 müň talyp bar. Günorta Afrika uniwersiteti iň iri bilim ojagy bolup, bu ýerde dünýä ülňülerinde bilim berilýär. 2003-nji ýylda Keýptaunda Afrika yklymynyň ilkinji matematika bilimleri instituty açyldy. 1990-njy ýyllaryň soňlarynda ýurtda kompýuter hünärmenlerini taýýarlamak üçin gazna döredildi. 2002-nji ýyldan başlap, ýokary okuw mekdepleriniň bilim derejesiniň hilini artdyrmak maksady bilen täze reformalar durmuşa geçirilip başlandy. Döwlet bütjetinden bu reformalar üçin 3,1 milliard rand bölünip berildi.
Teatry: Keýptaunda ilkinji teatr 1801-nji ýylda açyldy. 1920-nji ýyllarda teatrlarda afrikaans dilinde teatr oýunlary sahnalaşdyrylyp başlandy. 1950-nji ýylda ýazyjy we dramaturg Ezeldi Mpahiele tarapyndan ilkinji teatr topary döredildi.

Ýurduň kinematografiýasy 1912-nji ýyldan soň ösüp ugrady 1915-nji ýyldan başlap “Kilarni film” kinostudiýasy yzygiderli çeper filmleri surata düşürip başlady. Sesli kinolaryň çykyp başlamagy bilen ýurtda iňlis we afrikans dillerinde kinolar surata düşürildi. 1979-njy ýyldan bäri Durban şäherinde Afrikanyň günorta böleginiň halkara kinofestiwaly geçirilýär. 2004-nji ýylda golliwudyň kino ýyldyzy asly ýohannesburgly Şarliz Teron «Oskar» baýragyna mynasyp boldy. Şeýle hem ol «Altyn şar» baýragyna mynasyp bolan ilkinji afrikaly aktrisa hem boldy.

Belli günorta afrikaly režissýor Leon Şusteriň surata düşüren filmi Berlin kinofestiwalynda baýraga mynasyp boldy. 2005-nji ýylda şol festiwalda Günorta Afrikanyň «Karmen» atly filmi hem baýrak aldy.

Şeýle hem günorta afrikaly režissýorlar Ramadan Sulemanyň (“Zulunyň söýgi haty” filmi) we Teddi Materiň (“Maks we Mona” filmi) sungatyna ýokary baha berildi. Soňky ýyllarda Keýptaun şäheri kinoindustriýanyň merkezine öwrülip barýar. Her ýyl bu ýerde 12-13 sany kino surata düşürilýär.




#Article 38: Berdinazar Hudaýnazarow (1038 words)


 

Berdinazar Hudaýnazarow — Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Berdinazar Hudaýnazarow 1927-nji ýylda öňki Ýerbent etrabynyň Düwünli guýusynda (obasynda) dünýä inýär. Başlangyç bilimi şol ýerde alýar. Beýik Watançylyk urşunyň öňüsyrasy Ýerbent çarwaçylyk etraby Amyderýa boýlaryna göçürilende, Berdinazaryň maşgalasy hem şol ýere göçýär. Geljekki ýazyjynyň ýetginjekligi gazaply uruş ýyllaryna gabat gelýär. Çekip-çydardan kyn durmuş ýaş Berdinazary tiz taplaýar, ol agyr zähmetde bişişýär. 

Berdinazar 1946–1948-nji ýyllarda öňki Kerki welaýatynyň «Täze ýol» gazetinde, soňra Kerki etrabynyň «Pagtaçynyň sesi» gazetinde edebi işgär bolup işleýär. 1946-njy ýylda bu gazetlerde onuň goşgulary peýda bolup ugraýar. Ýaş şahyryň goşgulary okyjylarda uly gyzyklanma döredýär. Her ýazyjy-şahyr bir ýol bilen edebiýata gelýär. Berdinazar Hudaýnazarow merkezden alysda, obada – zähmetiň gaýnaýan ýerinde kyn şertlerde ýaşap, özüniň hakyky şahyrdygyny ykrar etdirýär. Ol 1956-njy ýylda Garagum derýasynyň gurluşygynyň köp tiražly gazetinde gezme habarçy bolup işleýär. Eýýäm şol ýylda onuň «Ýaş kommunist» gazetinde Gyzgyn sähra» poemasy çap edilýär. Hut şu poema hem edebiýatymyza uly bir zehiniň gelendiginiň buşlukçysy bolýar. Poema şygryýet muşdaklarynyň arasynda uly seslenme döredýär. 

Berdinazar Hudaýnazarow 1957-nji ýylda Moskwanyň Maksim Gorkiý adyndaky Edebiýat institutyndaky Ýokary edebiýat kursuna okuwa iberilýär. Moskwada Edebiýat institutynda ol Mihail Swetlow, Ýaroslaw Smelýakow ýaly meşhur rus şahyrlaryndan tälim alýar. Edebiýat institutynda okaýan döwründe şahyryň «Gyzgyn sähra» poemasy Moskwada rus dilinde neşir edilýär. Berdinazar Hudaýnazarow köp ýyllaryň dowamynda çeper döredijilik işi bilen meşgullandy we okyjylaryň göwnünden turýan çeper eserleri döretdi. Berdinazar Hudaýnazarow Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginiň başlyklygyna saýlanyldy, Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň başlygy wezipesinde işledi. 

Berdinazar Hudaýnazarowyň publisistikasy hakda-da, drama eserleri hakda-da, eserleri boýunça döredilen kinofilmler hakda-da giňişleýin gürrüň etmek mümkin. Ol rus şahyry Aleksandr Twardowskiniň, awar şahyry Resul Gamzatowyň we beýleki şahyrlaryň ençemesiniň eserlerini türkmen diline terjime etdi. Berdinazar Hudaýnazarowyň terjimesinde ol eserler terjime däl-de, ussat türkmen şahyrynyň hut özi tarapyndan ýazylan poeziýa eserleri ýaly ýaňlanýar. Berdinazar Hudaýnazarow tutuş ömrüniň dowamynda türkmen edebiýatyny ösdürmek aladalary bilen ýaşady, onuň ody bilen girip, küli bilen çykdy. Türkmen edebiýatynyň aýry-aýry meseleleri, ýaşlaryň döredijiligi barada makalalar bilen metbugat sahypalarynda yzy giderli çykyş etdi. BerdinazarHudaýnazarow 2001-nji ýylda aradan çykdy.

Berdinazar Hudaýnazarow şygryýeti mukaddes hasaplap, onuň mertebesini hemişe belent tutan şahyr. Ol şahyryň borjuna, şygryýetiň wezipesine düýpli düşünmek bilen şeýle diýýär:

Goşgy ýürekden çykýar,

Meňzeşdir ol perzende.

Aklym siňsin her bende,

Şeklim siňsin her bende.

Mährim siňsin her bende,

Gahrym siňsin her bende.

Her bir söz ussady çeper döredijilikde özüniň gowy bilýän, ýürekden söýýän, özüni tolgundyrýan, galama ýapyşmasa, öz erkine goýmaýan temasyna, meselesine ýüzlenýär. Ýerbentde dünýä inen Berdinazar üçin dogduk mekany, Garagumuň giň sährasy, depeleri, gollary, gum obasy, adamlary örän eziz hem mähriban. Geljekki şahyrda Wa tana bolan uly söýgi hut şu ýerden başlanýar. Şahyryň çagalygy çölüň jümmüşinde geçýär:

Ýerbent çöli uzap ýatyr

Garagumuň ýüreginde,

Çagalygmyň yzy bardyr,

Her golunda, her eginde.

Şahyr üçin Garagumuň jana şypa beriji howasy-da, akylyňy haýran edýän gözel görnüşi-de, gazaply ýakyp–ýandyryp barýan jöwzasy-da biçak gymmatly. Hut şeýle çöl durmuşy-da onuň ýaşlygyny taplaýar:

Ýumurtgany otsuz-zatsyz

Gyzgyn gumda bişirdim men.

Suwsuzlykda güni dogrup,

Suwsuz güni ýaşyrdym men.

Düňle sähra bolan söýgüsinden, oňa bäş barmagy ýaly beletliginden başga-da Berdinazar Hudaýnazarow gumlularyň häsiýetini, edim-gylymlaryny, endiklerini, däp-dessurlaryny, ruhy dünýäsini örän çuňdan bilýär, olaryň içki dünýäsine inçeden aralaşýar. Bu hakykaty şahyryň «Gumlular» goşgusy-da tassyklaýar:

Göwünleri çäge ýaly arassa,

Bedenleri gurşun ýaly berkdir.

Sadalygy, sagdynlygy olara,

Meger, tebigatyň özi beripdir. 

Gadymlardan gelýän gymmatly däpler,

Gum içinde namys kimin goralar.

Tanyşmakçy bolsaň, öz adyň däl-de,

Ilki ataň-babaň ady soralar.

Şahyr öz eserlerinde ajaýyp ynsan häsiýetlerini wasp edýär. Gözel häsiýetler her döwürde-de ynsan bezegi. Şonuň üçin döwrüň üýtgemegi, durmuşyň täzelenmegi şahyryň eserlerini köneldip, many-mazmun taýdan gymmatyny pese gaçyryp bilmeýär. Şahyryň döredijiliginiň irki döwürlerinde ýazan we «Adam hakynda aýdym» atly goşgular ýygyndysynda (1964) ýerleşdirilen «Täze ýyl arzuwlary» goşgusyny okanymyzda-da, muňa göz ýetirmek mümkin:

Adamzat eşretiň eýesi bolsun,

Dynçlyk dünýämiziň söýesi bolsun.

Adamyň adamda öji bolmasyn,

Bar kişiniň güni ajy bolmasyn.

Hatarlarmyz bolsun mydama jebis,

Namysyň öňüne düşmesin nebis.

Şu setirlerde ündelýän pikirler häzirki döwürde-de öz ähmiýetini ýitirenok. Şahyr ynsany bezeýän sypatlar hakynda oýlanýar. Ol türkmeni hakyky türkmen edýän, onuň milli merte besini, milli buýsanjyny belende göterýän häsiýetleri öz döwürdeşleriniň her birinde görmek isleýär. Şahyryň soňky döwürde neşir edilen «Meniň dünýäm» atly kitabynyň başynda ýerleşdirilen «Goşgular başy» diýen şygyrda şeýle setirler bar:

Agzy aşa ýetse aýnaman bilýän,

Synaga salynsa ownaman bilýän,

Özüni oýnatman, oýnaman bilýän,

Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.

Öz aslyny bilýän, pederin bilýän,

Pähimiň, paýhasyň gadyryn bilýän,

Umuman, özüniň ederin bilýän,

Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.

Berdinazar Hudaýnazarow öz eserlerinde möwsümleýin, geldi-geçer wakalara däl-de, durmuşdaky durnukly ahlak hem ruhy gymmatlyklara ýüzlenýär. Şahyryň liriki gahrymany ynsany hakyky ynsan edýän, onuň mertebesini ýokary göterýän sypatlaryň goragçysy hökmünde çykyş edýär. Hakykata gol ýapmak, dogruçyllyk şahyryň döredijilikde baş ýörelgesi. Ol iňňän kyn şertlerde-de şol haky katy aýtmagyň ebeteýini tapýar. Şahyr ynsan mertebesini ýokary götermäge aýratyn üns berýär. Bu pikir onuň köp eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Ynsap, päklik, halallyk, ynsan mertebesi, ar-namys ýaly adamy bezeýän häsiýetler şahyryň eserlerinde gozgalýan baş meselelerdir. Şahyr eserlerinde adamlary özlerinde şeýle hä siýetleri terbiýelemäge, saklamaga, hiç bolmanda, ol ajaýyp häsiýetleriň ýok bolup gitmegine ýol bermezlige çagyrýar. Berdinazar Hudaýnazarow ululy-kiçili poemalaryň birnäçesini döretdi. Şahyra ilkinji meşhurlyk getiren iri göwrümli eseri «Gyzgyn sähra» poemasydyr. Şahyr Garagum derýasynyň gurluşygynyň köp tiražly gazetiniň gezme habarçysy bolup işlän döwründe çölde kanal gurujylaryň arasynda ýaşaýar we olaryň durmuşyndan bu eseri ýazýar. Öz gahrymanlary bilen bilelikde duz-çörek iýip, bir howadan dem alyp ýaşamagy, olaryň durmuşyna ýakyndan belet bolmagy, galyberse-de, tebigy zehin şahyra uly üstünlik getirýär. «Gyzgyn sähra» poemasynda täsirli wakalar poeziýanyň şirin-şerbedine, gahrymanlaryň çuňňur duýgusyna ýugrulyp çeper suratlandyrylýar. Eserde şygyr setirleri owazly, akgynly. Bu eser barada Tükmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesow şeýle ýazýar: «Ellinji ýyllaryň or tasynda Berdinazar Hudaýnazarowyň biziň edebiýatymyza gelmegi bilen poeziýamyz täze öwüşgin aldy. Poeziýamyzyň «Gyzgyn sähra» diýen liro-epiki, soňra «Seniň ýaşlygyň bolupdy» diýen liriki poemalar bilen baýlaşmagy uly hadysa bolupdy. Sebäbi şundan ozalky türkmen sowet poeziýamyzda gahrymanyň pynhan içki dünýäsine, çylşyrymly ykbalyna, şeýle çuňňur, özboluşly aralaşylmandy. «Gyzgyn sähradaky» gahrymanlaryň döwrebaplygy, söweşjeňligi, baý ruhy, «Seniň ýaşlygyň bolupdydaky» liriki gahrymanyň uly şahsyýeti, kämil oýlanmalary biziň poeziýamyz üçin täzelikdi». Şahyryň her bir ýygyndysy, hatda her bir goşgusy çeper hadysa, çeper açyş hökmünde okyjylaryň aňyna siňdi. Onuň täsin, dürli reňklere, öwüşginlere baý şahyrana dünýäsi bar. Kerim Gurbannepesowyň aýdyşy ýaly, Berdinazar Hudaýnazarowyň poeziýa dünýäsi örän lezzetli. Ol dünýäniň içi giň. Howasy arassa. Ondan dem aldygyňça, dem alasyň gelýär. Şonuň bilen birlikde bolsa, ol dünýäniň howsalasy-da, aladasy–da özüne ýetik. Ol dünýäde gögem gürleýär, ýyldyrymam çakýar, tupanam turýar. Emma durmuş hemme bela-beteri ýeňýär. Durmuşy ykrar edijilik, ruhubelentlik şahyryň poeziýasyny tapawutlandyrýan esasy aýratynlykdyr.




#Article 39: Döwletmämmet Azady (335 words)


Döwletmämmet Azady 1695- nji ýylda doglan, türkmenleriň beýik şahyrlaryndan biridir. Türkmenistanyň Garrygala oblastynyň, Etrek derýasyyň boýundaky Gürgen raýonunda ýaşan. Edebi lakamy - Azady.

Kakas - Magtymguly Ýonaçy Ýonaçy - dürli gol hünarleri bilen birlikde, ýona tikipdir şonun üçin oňa Magtymguly Ýonaçy diýipdirler. Ýonaçy ogluna öz kakasynyň-Döwletmammediň adyny dakýar.  Ýöne bu oglunyň ýaşlykdan “GARRYMOLLA” diýen lakamy ýörginli bolyar. Şu fakt garrymollanyň diňe bir kakasy Magtymguly-ýonaçy sowatly bolman, eýsem onuň atasy Döwletmämmet-ýonaçynyň hem halk arasynda “Molla” adyny alan hatly- sowatly adam bolandygyna güwä geçyär. Diýmek, Azady arkama-arkam aňyrdan gelyän sowatly, medeniyetli we gurply maşgalada dünýä inipdir, terbiýie alypdyr.

Döwletmämmet-Azady ilki oba mollasynda sowadyny çykýar. Soňra Hywa medreseleriniň birinde okuwyny dowam etdirýär. Medrese döwründe ol arap, pars dillerini kämil öwrenýär. Türki ýazuw dilini oňat özleşdirýär. Şol wagt şu dillerde ýazylan we talaplara elýeter bolan edebiýata, taryha, filosofiýa, esasan hem yslam dininiň taglymatlaryna degişli kitaplary, golýazma ýygyndylary irginsiz okaýar we öwrenýär. Megerem, şol ýyllarda onuň öz halkyna neneňsi hemaýat etmelidigi baradaky özboluşly oý-pikiri tertibe girip ugrandyr. Sebäbi Hywada okap, Nyzamyny, Nowaýyny, Jamyny, Hysrow Dählewini… okamazlyk, bilmezlik mümkin däl ahyry. Belki ony türki dilde eser ýazmaklyga iteklän Alyşir Nowaýy bolandyr!?

Döwletmämmet-Azady Nowaýynyň “Sabai saýýar” (“Edi älem”) eseri bilen tanşanda, onuň 36-njy babynda Bähramyň Nowaýa ýüzlenip aýdýan şu sözlerini-de okandyr: “Olaryň ( Nyzamy, Dählewi, Jamy dagy göz öňünde tutulýar) farsy kelamlary farsy äheňler bolup, ondan çykan owazlar hem farsy labzyndady… Olary farsyçany bilyän kişiler okap, köp türki halklar ondan bibähre galypdyrlar. Sen öz nyzamyňny türki dilde ýazdyň, farsy dilinde yazmagy ar-namys bildiň…

Dünýädäki şahslar içinde kim türki bolsa, ol ýeriň halklary hem türki dilde gepleşýärler. Sen şu halaty hasaba alanyň sebäpli türki ulusyny (ilini) gaty begendirmekde, ylymly-bilimli etmekde, edebi döredijilik işine ugrukdyrmada uly tapawut dòredersiň”

Döwletmämmet-Azady 65 ýaşap, 1760-njy ýylyň mart aýynda aradan çykýar. Magtymguly kakasynyň ölümüne bagyşlap ýazan “Atamyň” diýen elegiýasynda onuň 65 ýaşandygyny şeýle ýatlaýar:

Döwletmämmediň jaýlanan ýeri Etrek çaýy bilen Soňy dagynyň arasynda-Aktokaýda ýerleşýän Garry molla diýen gonamçylykdadyr. Döwletmämmet Azadynyň 《Wagzy-azat, 《Behiştnama》, 《Hekaýaty- Jabyr ensar》, 《Rubagyýat ez ruýy- zary we doga》diýen eserleri we birnäçe goşgulary bize gelip ýetipdir.




#Article 40: Gökdepe urşy (703 words)


Gökdepe söweşi (1880-1881) (Ikinji Ahal-Teke ekspedisiýa) 

Birinji Ahal-teke ekspedisiýasy şowsuz tamamlanandan soň, patyşa hökümeti haýal etmän, Ahalyň ýerlerini basyp almak üçin ikinji ýörişe güýçli taýýarlyk görüp başlaýar. Bu taýýarlyk örän düýpli hem ar almak ruhunda geçirilipdir. 1880-ýylyň başynda ikinji Ahal-teke harby ýörişiniň baştutany edilip 1873-nji ýylyň Hywa ýörişine hem-de 1877-1878-nji ýyllardaky rus-türk urşuna gatnaşan general M. Skobelew bellenýär. Şol wagt Nurberdi Han ýaraman ýatan eken. Onda-da ol Yzgantda gyssagly maslahat geçirýär. Maslahatda ähli ilaty Gökdepä ýygnamaly edilýär. Emma Nurberdi han basym ýogalypdyr. Onuň ýerine ogly Magtymgulyny bütin Ahalyň hany diýlip yglan edilýär. Ol ýaş eken. Şonuň üçin Dykma Serdar onuň wezirligine, Gurbanmyrat Işan bolsa bütin Ahalyň kazylygyna bellenipdir. Galanyň gurluşygy güýçlendirilipdir.

General Skobelew 1880-nji ýylyň maý aýynda Krasnowodskä gelýär. Ol dessine rus goşunlarynyň ýerleşen ýerleri we olaryň ýagdaýy bilen tanyşýar. Ol goşunyň ok-ýarag, azyk-suw bilen üpjün edilmegine uly üns berýär. Hazar deňziniň kenaryndan başlanan demir ýol Baleýşem menziline çenli ýetirilipdir. Generalyň buýrugy bilen rus goşunlary haýal etmän Bama süýşüp gelipdirler. Ýoldaky obalary weýran edipdirler.

Şkobelew Bamyda esasy güýçlerini goýup, 1880-nji ýylyň iýul aýynyň başlarynda 800 atly, 10 top, 8 raketa stanogyny alyp, Gökdepäni öwrenmek üçin barlag ýörişini geçirýär. Ol Gökdepäniň golaýyndaky Ýegenbatyr galasyny we Ýaňgala obasyny eýeläpdir. Şol ýerden Gökdepe galasy bilen baglanyşykly özlerine gerekli maglumatlary alyp, yzyna – Bama gidipdir. Ruslaryň yza çekilýän ýoluny kesmek üçin Dykma serdar bilen Gulbatyr serdar patyşa goşunlarynyň üstüne hüjüm edipdir. Şol gün Berkeli hanyň baştutanlygynda Mary türkmenlerinden 800-den gowrak atly Gökdepä kömege gelipdir. Olar hem gyzgyny bilen söweşe giripdirler. Ruslar bilen bolan çaknyşykda türkmenlerden 200-e golaý adam heläk bolupdyr. Olaryň arasynda bäherdenli Hudaýar Han, Marydan gelen Berkeli han bar eken.

Ruslar Gökdepe galasyna aýgytly hüjüm etmezden öň, ony pugta öwrenip, galanyň nusgasyny çekipdirler. Galanyň umumy meýdany 100 gektardan gowrak bolupdyr. Diwarynyň düýbüniň galyňlygy 11 metre, depesiniň galyňlygy 6 metre golaý, beýikligi bolsa 10-12 metre golaý bolupdyr.

Galany goraýjylaryň ýaragy juda ýöntem bolup, esasan, sowuk ýaragdan ybarat eken. Olarda bary-ýogy 4-5 müň tüpeň bar eken. Galany goraýjylar kömek bermeklerini haýyş edip, Mary we Hywa türkmenlerine ýüz tutupdyrlar. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy: «Şol uruşda ähli tireleriň wekilleri, şol sanda Daşhowuzdan hem Gökdepä gelip, türkmen topragyny goradylar» diýip belläpdi. Marydan Topaz hanyň baştutanlygynda dekabr aýynyň 11-inde 2 müň atly gelip, 1881-nji ýylyň ýanwar aýyndaky söweşlere gatnaşypdyrlar.

Rus goşunlary ýuwaş-ýuwaşdan öňe süýşüp, tazeden Ýegenbatyr galasynda ymykly ornaşýarlar. 1880-nji ýylyň dekabr aýynyň ortasyna çenli şol ýere 38 rota, ýüz sany atly topar, eskadronlaryň 11-si, 72 top, 11 raketa stanogy, 5 müňe golaý naýzaly, 2 müň gylyçly goşun, müň topçy jemlenipdir. Bu ýere ot açýan ýaraglar üçin köp sanly ok, 150 put däri hem-de köp mukdarda azyk daşalypdyr. Şeýlelikde, Gökdepe galasyna hüjüm etmäge hemme zat taýýar edilipdir. Soňra rus goşunlary aýgytly söweş geçirip, harby taýdan has ähmiýetli bolan Ýaňgala obasyny eýeleýär. General Skobelew gala aýgytly hüjüm etmezinden öň, ony gabamagy ýüregine düwýär. Onuň bar aladasy gala ýygnanan türkmenleri galadan çykarman gyrmak bolupdyr. Türkmenler hem galany goramak üçin berk taýýarlyk görüpdirler. Her bir türkmen tiresiniň ýolbaşçysy we olaryň goramaly ýerleri anyk kesgitlenipdir.

Patyşa goşunlary her näçe jan etseler-de, olara galany doly gabamak başartmandyr. Sebäbi galanyň günbatary hem-de demirgazyk tarapy tutuşlygyna galany goraýjylaryň ygtyýarynda bolupdyr. Olar şol ýerlerden islän wagtlary girip-çykyp bilipdirler. Umuman, galany goraýjylaryň gaýraky gum bilen arasy üzülmändir. Magtymguly han ýaş bolansoň, galanyň içinde ähli işlere umumy ýolbaşçylyk etmek Dykma serdar bilen Gurbanmyrat işanyň hem-de Orazmämmet hanyň elinde jemlenipdir. Gala ýygnanan ilat şol adamlary goldapdyr, olaryň yzyna düşüpdir.

Türkmenler gylyç, pyçak, hyrly tüpeň, syryklaryň ujuna gyrkylyk, synny berkidilip ýasalan naýza bilen şol döwrüň iň kämil ýaragy bilen ýaraglanan rus goşunlaryna garşy gahrymanlarça söweşipdirler. Türkmenler garpyşma söweşine ökde bolansoň, ruslar olary golaýyna getirmän, köplenç, tüpeň we top okuna tutupdyrlar. Galany goraýjylar elleri sowuk ýaragly gijelerine çozuş edipdirler. Jemi üç gezek 1880-nji ýylyň dekabr aýynyň 28-inde, 30-ynda we 1881-nji ýylyň ýanwar aýynyň 4-ünde gijeki çozuşlar geçirilipdir. Birinji çozuşa 4 müň adam, ikinji çozuşa 6 müň adam, üçünji çozuşa bolsa 12 müň adam gatnaşypdyr. Şunuň ýaly köpçülikleýin çozuşlara diňe uly ýaşly adamlar gatnaşman, 14-15 ýaşly ýetginjekler hem gatnaşypdyrlar. Birinji çozuşda türkmenler ruslaryň Apşeron polkunyň 4-nji batalýonynyň baýdagyny, iki sany dag topuny, köp mukdarda ok-däri, ençeme berdanka tüpeňini olja alypdyrlar. iki gezekki çozuşdan soň, ruslar türkmenleriň gije çozuş tilsimini (taktikasyny) düýpli öwrenip, onuň garşysyna zerur goranyş çärelerini geçiripdir. Uzyn gije söweşe taýýar bolup durupdyrlar. Şonuň üçin türkmenleriň 4-nji ýanwardaky bolan üçünji çozuşy şowsuz tamamlanypdyr. Söweş meýdanynda ýüzlerçe adamyň jesedi galypdyr.




#Article 41: Türkiýe (1023 words)


Türkiýe (), resmi ady Türkiýe Respublikasy () — bir bölegi Aziýanyň günorta-günbatar böleginde, beýleki bölegi Günorta Ýewropada ýerleşýän döwlet. Ýurduň territoriýasynyň easy bölegi Anatoliýa ýarymadasynda (Kiçi Aziýa ýarymadasy) Gara deňiz bilen Ortaýer deňziniň aralygynda ýerleşýär.

Türkiýe gündogarda Gruziýa, Ermenistan, Azarbeýjan we Eýran bilen; günortada — Yrak we Siriýa; günbatarda — Gresiýa, Bolgariýa bilen serhetleşýär. Onuň kenarlaryny dört sany deňiz ýuwýar: Gara deňiz, Ortaýer deňzi, Egeý deňzi we Mermer deňzi.

Türkiýeniň umumy tutýan meýdany 814,578 inedördül kilometr bolup, şonuň 790,200 inedördül kilometri Kiçi Aziýa ýarym adasynda, galan 24 müň inedördül kilometri hem Ýewropadadyr. Ýagny, Balkan ýarym adasynyň günorta gündogaryndadyr.

Türkiye dünýäniň iň täsin ýerinde gadymy Aziýanyň, Ýewropanyň we Afrikanyň biri-birine iň golaýlaşýan ýerinde, Aziýanyň Ýewropa bilen araçäkleşýän ýaýlymynda ýerleşýär. Ol günortadan demirgazyga 550 kilometre, gündogardan günbatara 1600 kilometre uzalyp gidýär.

Üç tarapy deniz bilen gurşalan Türkiye döwleti Birinji jahan urşundan soň, 1923-nji ýylda Mustafa Kemal Atatürk tarapyndan esaslandyrylýar. Türkiye dünýäniň birnäçe abraýly guramalarynyň agzasydyr. 2005-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkiye Ýewropa Bileleşigine doly hukukly agza bolmak üçin gepleşiklere başlady.

Türkiýeniň Uly Millet Mejlisi 1920-nji ýylyň aprel aýynyň 23-inde döredildi. Ol ýurduň kanun çykaryjy organydyr. Deputatlar halk tarapyndan her 5 ýylda bir gezek geçirilýän saýlawlaryň netijesinde saýlanýar. Mejlisde 550 deputat bar.

Ýurduň ýerine ýetiriji häkimiýetine premýerministr ýolbaşçylyk edýär. Ol Ministrler Kabinetine başlyklyk edýär. Premýerministr Mejlis tarapyndan 5 ýyllyk möhlete saýlanýar. Türkiye «Ýurtda parahatçylyk - dünýäde parahatçylyk» ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirip, ony sebitdäki yurtlar bilen özara bähbitli gatnaşyklar, hormat goýmak esasynda dowam etdirýär.

Türkiýeniň territoriýasy ýerasty magdanlara baýdyr. Ýurtda altyn, kümüş, mis, boksit, wolfram, simap, demir, marganes, daş we goňur kömür, nebitdir gaz çykarylýar. Hromitiň gorunyň çykarylmagy we eksport edilmegi, wolframyň we sürmäniň gory boýunça Türkiye dünýäde birinji orunlaryň birini eýeleýär. Bu ýerde bütin günorta-gündogar Aziýa boýunça daş we goňur kömrüň iň iri ýataklary bar. Himiki çig mal we tebigy gurluşyk materiallar hem köp dürlüligi bilen tapawutlanýar.

Türkiýeniň baý haýwanat dünýäsi bar. Munda Aziýa bilen Ýewropanyň biri-biri bilen araçäkleşmeginiň uly täsiri bar. Täsin geografiki ýerleşişi we dürli howa şertlerine eýe bolandygy üçin bu ýurduň ösümlik dünýäsi beýleki ýakyn Gündogar ýurtlarynyňka seredeňde örän baýdyr. Ýurtda 9 müňden gowrak ösümlik görnüşi bar.
Şeýlelikde. ýurtda diňe bir Ortaýer deňziniň faunasynyň görnüşleri bolman, eýsem Ýakyn we Gündogar Ýewropa Kawkaz hem-de Arap ýarym adasynyň faunasyna degişli haýwanlara duş gelmek bolýar.

Türkiýeniň esaslandyryjysy Mustafa Kemal Atatürküň ýaşan kyn döwründe bitiren uly işleri, alyp baran üstünlikli syýasatlary, syýasy meselelerdäki öňdengörüjiligi bilen dünýäde meşhur bolan şahsyýetdir.

Dünýäde meşhurlyk gazanan Türk sungat ussatlary-da az däl. Olardan pianinoçy Fazyl Saý we Süher Pekinel, opera aýdymçysy Leýla Genjer, edebiýatçylardan - Orhan Pamuk, Ýaşar Kemal, Nazym Hikmet, Mehmet Akif Ersoý, Hüseyin Nihal Atsyz, şahyrlardan,-Nuri Bilge Jeýlan, Ferzan Özpetek dagy dünýä medeniyetine uly goşant goşan ady belli şahsyýetlerdir.

Matematika boýunça birnäçe teoriýalaryň üstünde işlän Jahit Arf molekulýar biologiýa we kwant teoriýasy babatda ylmy işler ýazan Oktay Sinanogly, taryhçy Halil Inaljyk we Ilber Ortaýly, beýni hirurygy Gazi Ýaşargil dagy bolsa dünýä ylmyna goşant goşan türk alymlary hasaplanýar.

Türk aşhanasy hytaý we fransuz aşhanalary ýaly dünýäniň iň meşhur hem baý aşhanalarynyň biridir. Geografiki ýerleşişi we gadymy taryhy ýurduň aşhanasynyň baý bolmagyna öz goşandyny goşupdyr. Türk aşhanasy Mesopotamiýa we Balkan aşhanasyndan hem täsirlenipdir. Osman imperiýasynyň aşhanasy bolsa türk aşhanasynyň esasyny düzýär. Osman imperiýasynyň aşhanasynda dürli hilli çorbalar, zeýtun ýagyna ýatyrylan gök önümler, etli naharlar, balyk, börek we süýji tagamlar taýýarlanylýardy. Şeýle hem ýurduň her taýpasynyň we obasynyň özüne mahsus tagamlary hem bar.

Türkiýeniň Döwlet Teleradiokompaniýasy (TRT) ýurduň ilkinji teleýaýlymydyr. Ol 5 teleýaýlymy we 5 radiosy bilen ýaýlyma çykýar. TRT-niň döredilmegi bilen göz önünde tutulan maksadyň beýleki ýaýlymlar bilen bäsleşmek ýa-da girdeji gazanmak bolman, eýsem, jemgyýetiň bähbidini gorap, ýokary hilli gepleşikleri taýýarlamakdan ybaratdyr. Türkiýeniň bazarynda 21 milli, 14 sebitara we 229 sany ýerli teleýaýlymlar bar. Iň köp tomaşa edilýän ýaýlymlar: Samanýolu, Kanal D, ATV, Show TV we Stardyr. Ýurtda ykdysadyýet meselelerine we habarlara üns berýän ýaýlymlar hem az däl. Ýurduň iň köp okalýan gazetleri: Posta, Hürriyet, Zaman, Radikal, Milliýet we Sabah gazetleridir:

Türkiýeniň kinematografiýasynda ilkinji kino 1914-nji ýylda surata düşürildi. Şol döwürde Fuat Uzkynaý Aýastefanosdaky rus ýadygärliginiň ýykylmagy atly filmi surata düşüripdi. 1914-2006-njy ýyllar aralygynda 4827 sany serial we film surata düşürildi. Metin Erksanyň režissýorlygynda Suwsuz ýaz atly reňksiz film 1964-nji ýylda halkara Berlin kinofestiwalynda Altyn aý baýragyna mynasyp boldy. 1970-nji ýylda Ýeşilçam kino industriýasy ýurduň kinematografiýasyna uly goşant goşdy. Türkan Şoraý, Filiz Akyn, Ýylmaz Güney. Kadir Inanyr, Ediz Hun ýaly kino ussatlary öz filmleri bilen türk tomaşaçylarynyň söýgüsini gazandy.
Häzirki ýyllarda-da kino industriýasy çalt depginlerde ösýär. Iň köp tomaşa edilýän filmler: GORA, Dondurmam Gaýmak, Gurtlar jülgesi, Atam we oglum.

Türkiýede sporta uly üns berilýär. Ýurtda sportuň iň gowy görülýän görnüşleriniň biri hem futboldyr. Türkiýeniň futbol boýunça milli ýygyndysy hem bu ugurda uly üstünliklere eýe boldy. 2002-nji ýylda geçirilen dünýä futbol çempionatynda Türkiýeniň milli ýygyndysy hormatly üçünji ýere mynasyp boldy. Şeýle hem 2000-nji ýylda Belgiýa bilen Gollandiýanyň bilelikde gurnan Ýewropa futbol çempionatynda bolsa ýygyndy topar altynjy orny eýeledi;

Türkiýeniň birinji futbol ligasynda çykyş edýän Galatasaraý futbol topary 1999-2000-nji ýylda UEFA-nyň kubogynyň finalynda Angliýanyň Arsenal toparyndan üstün çykyp, bu kuboga eýe bolan ilkinji türk toparydyr. Şol ýyl ol Ýewropanyň Süper kubogyny eýeläp, dünýädäki iň meşhur futbol toparlarynyň hataryna goşuldy. Bu toparyň düzüminde çykyş edýän Hakan Şüküri hem-de häzirki wagtda-da Ýewropanyň güýçli toparlarynda oýnaýan Tunjaý Şanlyny we Nihat Kahwejini köp sanly futbol janköýerleri tanaýar.

Adana | Adyýaman | Afýonkarahisar | Agry | Aksaraý | Amasýa | Ankara | Antalýa | Ardahan | Artwin | Aýdyn | Balykesir | Bartyn | Batman| Baýburt | Bilejik | Bingöl | Bitlis | Bolu | Burdur | Bursa | Çanakkale | Çankyry | Çorum | Denizli | Diýarbakyr | Düzje| Edirne | Elazyg | Erzinjan | Erzurum | Eskişehir | Gaziantep | Giresun | Gümüşhane | Hakkari | Hataý | Ygdyr | Ysparta | Ystanbul | Izmir | Kahramanmaraş | Karabük | Karaman | Kars | Kastamonu | Kaýseri | Kyrykkale | Kyrklareli | Kyrşehir | Kilis | Kojaeli | Konýa | Kütahýa | Malatýa | Manisa | Mardin | Mersin | Mugla | Muş | Newşehir | Nigde | Ordu | Osmaniýe | Rize | Sakarýa | Samsun | Siirt | Sinop | Siwas | Şyrnak | Tekirdag | Tokat | Trabzon | Tunjeli | Şanlyurfa | Uşak | Wan | Ýalowa | Ýozgat | Zonguldak




#Article 42: Serdar (283 words)


Serdar (öňki ady Gyzylarbat, SSSR wagtynda rusça Kizyl-Arbat, ýagny Кизыл-Арбат diýip ýazylýardy) bu Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Balkanabat we Türkmenbaşy şäherinden soň üçünji uly şäheri. Ilaty 50000 töweregi. Bu şäher Aşgabat we Balkanabat şäherleriniň arasynda, olardan takmynan deň aralykda ýerleşýär. Serdar şeýle hem etrap bolup, ol Janahyr, Purnuwar, Hojagala, Goç, Zaw, Paraw, Çukur diýen ýaly birnäçe obalary we daýhan birleşiklerini öz içine alýar.

Bu zawodyň düýbi 1882-nji ýylda esasy demir ýol ussahanasy hökmünde tutulýar. 1992-nji ýylda ussahanany rekonstruksiýa edýärler. 1928-nji ýylda onuň ady Parawoz remont ediş zawodyna üýtgedilýär. 1947-nji ýylda bolsa häzirki adyna eýe bolýar. Beýik Watançylyk urşy döwründe bu zawodda broneotlylar bejerlipdir we goranyş önümleri ýasalypdyr. 1947-nji ýyldan bäri sisternalary bejermek bilen meşgullanýar. 1992-nji ýylyň başynda 4 we 8 osly sisternalary remont edýärdi, wagon tekerlerini bejerýärdi we şaý-seplerini ýasaýardy.

Bu zawod Garaşsyzlyk döwründe Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Niýazowyň başlangyjy bilen guruldy we häzirki wagtda ýüplik çykarmak bilen meşgullanýar. Zawod öz önümlerini esasan daşary ýurtlara eksport edýär.

Serdaryň aýal-gyzlary uzak wagtlardan bäri halyçylyk ussatlyklary bilen meşhurdyr. Bu ýeriň halyçylary 20-nji asyryň birinji ýarymynda dünýäde iň uly ölçegli teke gölli halysyny dokadylar we ol haly Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Häzirki wagtda ol haly Aşgabat şäheriniň haly muzeýinde saklanýar.

Bu zawod SSSR döwri gurulyp, häzirki wagtda hem önüm bermegini dowam edýär. Zawodyň çykarýan önümi esasan daşary ýurtlara eksport edilýär.

Serdar şäheriniň ösümlik ýag kärhanasy pagta çigidinden nahar ýagyny çykarmak boýunça ýöriteleşýär. Zawodyň önümi içeri we daşarky bazarlarda uly islege eýedir.

Han Ahmet (Türkmenistanyň premýer ministri bolan)

Röwşen Hallyýew (Türkmenistanyň belli halk aýdymçysy bolan)

Türkmenistanda belli zyýarat edilýän ýerleriň biri.

Rus patyşa döwründe gurulan, öň serkow (церковь) bolan.

Öň Kaçkowskiý ýa-da Orlýonok diýip atlandyrylýardy. 2016-njy ýylyň tomsunda bu ýerde täze çagalar sagaldyş merkezi guruldy we işläp başlady.




#Article 43: Gana (1472 words)


Gana Günbatar Afrikadaky döwlet. Paýtagty - Akkra. Tutýan meýdany - 238,54 müň inedördül kilometr. Administratiw taýdan 10 welaýata bölünýär. ilaty - 20,76 million adam. Döwlet dili - iňlis dili. Dini - hristian. Yslam we däp bolan käbir afrikan ynançlaram bar. Pul birligi sedi. Milli baýramy - Nowruz aýynyň 6-sy. Şol gün Gana ýurt garaşsyzlygyny yglan etdi (1957-nji ýyl). Gana Birleşen Milletler Guramasynyň, Afrika Birligi Guramasynyň, Afrika Bileşiginiň, Günbatar Afrika ýurtlarynyň Ykdysady jemgyýetiniň agzasy.

Kontinental döwlet. Günorta serhedini Atlantik okean ýuwýar. Günbatarda Şirmaýy Kenar respublikasy, demirgazykda Burkina-Faso we gündogarda Togo bilen serhetleşýär. Kenar serhediniň uzynlygy 539 kilometr.

Ýurduň tutýan meýdanynyň agramly bölegini düzlikler tutýar. Günorta-günbatarynda we gündogarynda Aşanti we Kwahu platolary ýaýylyp ýatyr. Akkra şäheriniň etraplarynda ýygy-ýygydan ýer titreýär. Iň beýik gerşi - Afajoto dagy (885 m). Peýdaly gazylyp alynýan baýlyklary - almaz, alýuminiý, asbest, altyn, demir, hek daşy, duz, marganes, nebit, tebigy gaz, uran, hrom we galaýy.
Ilaty: Günbatar Afrikanyň iň bir gür ilatly ýurdy hasaplanýar. 2001-nji ýyldaky maglumatlara görä, ilatyň gürligi 1 inedördül kilometre 79,2 adam düşýär. Ilat orta hasap bilen ýylda 1,36 göterim artýar. Ýurtda 65 ýaşa ýeten ýaşaýjylaryň sany 3,7 göterime barabar. Ortaça ýaş dowamlylygy - 56, 27 ýyl (erkelerde -55,36 ýyl, aýallarda bolsa 57,22 ýyl). Ykdysady taýdan işjeň ilaty 9 milliona adama ýetýär.
Gana - ýarym etniki döwlet. Ýurduň ilatynyň 40 göterimi şäherlerde. ýaşaýar. iri şäherleri -Kumasi (610,6 müň adam), Tamale (259,2 müň adam), Tema (225,9 müň adam), Obuasi (118 müň adam), Teşei (112,9 müň adam). Ilatyň 1,5 göterimini bolsa ýewropalylar tutýar. 2002-nji ýylda Liberiýadan 9,5 müň adam, Serra-Leoneden 2 müň adam we Togodan 1 müň adam göçüp geldi. 1990-njy ýyllarda Gananyň raýatlary Ýewropa ýurtlaryna işlemäge gitdiler. 2001-nji ýylda Ýewropa ýurtlarynda 65 müň sany ganaly emigrant hasaba alyndy.

Döwlet gurluşy: Respublika. 1993-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 7-sinde kabul edilen Konstitusiýa hereket edýär. Prezident - ýurduň baştutany we ýaragly güýçleriniň baş serkerdebaşysydyr. Ol ähliumumy saýlawlar esasynda dört ýyl möhlete saýlanýar. Bu wezipä iki möhlete saýlanyp bilýär. Bir palataly parlamente deputatlar hem (200 adamlyk-ýerli milli assambleýa) ähliumumy saýlawlar esasynda dört ýyllyk möhlete saýlanýar. Prezident - Kufuor Jon Kofi Aguekum, onun orunbasary Alhaji Mahama Aliu.
Goranmak güýji: Ýurduň Ýaragly güýçleriniň düzüminde 7 müň adam bar. Olaryň 5 müňi gury ýerde, 1 müňi denizde we 1 müňi bolsa howa güçýlerinde gulluk edýär. 2002-nji ýylda ýurt goranmak üçin 328 milliard sedi möçberinde pul harçlady.

Gananyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklary - oba hojalygy we altyn gazylyp alynýan senagatydyr. 1996-njy ýylda Tema (ýurduň iri senagat merkezi) şäherinde erkin ykdysady zolagy döredildi.

Senagaty: Ykdysadyýetinde magdan senagatynyň möhüm ähmiýeti bar. 1990-njy ýyllarda magdan senagatynyň önümçilik pudaklaryna öňdebaryjy tehnologiýa ornaşdyryldy. Gana kakao hasylyny ýygnamak we eksport etmek, almaz, altyn, marganes gazyp almak boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýär. Marganes magdanyny gazyp almakda dünýäde 8-nji orunda durýar. 2002-nji ýylda 1 milliard 136million tonna marganes magdany gazylyp alyndy. Dokma, aýakgap. tikin senagatynyň kärhanalary bar. Tokaý senagatynyň kärhanalary öz önümleriniň ep-esli bölegini eskport edýär.

Ýurtda importyň möçberi eksportdan geçýär. 2003-nji ýylda 3,24 milliard dollarlyk hant daşary ýurtlardan satyn alnan bolsa, 2,64 milliard dollarlyk haryt satyldy. Esasy satyn alýan harytlary: tehnika, nebit we azyk önümleri. Import boýunça esasy hyzmatdaşlary: Nigeriýa (20,8 göterim), Beýik Britaniýa (7 göterim), ABŞ (6,4 göterim),
Italiýa, Hytaý we Şyrmaýy Kenar respublikasy (6 göterim) hem-de Germaniýa (4,6 göterim). Gana öňden belli altyn, kakao, kauçuk, agaç önümlerini eksport edýän ýurtdyr. Şelýe hem almaz, alýuminiý, ananas, boksit, agaç önümleri hem daşary ýurt bazarlaryna satýar. Esasy eksport edýän hyzmatdaşlary: Gollandiýa (14,6 göterim), Beýik Britaniýa (9,7 göterim), ABŞ (6,9 göterim), Germaniýa (6,4 göterim), Fransiýa (5,7 göterim), Nigeriýa (4,7 göterim), Belgiýa (4,4 göterim) we Italiýa (4,1 göterim).
Energetika: Ýurtda elektrik energiýanyň 70 göterimi agaç kömrüni ulanmak arkaly öndürilýän bolsa, 15 göterimi nebit önümlerinden we galan 15 göterimi hem Wolta derýasynyň kenaryndaky Kponge we Akosombo gidro elektrik beketlerinden alynýar. Ýeketäk energiýa ulgamy ýok.

Ýerli ýaşaýjylar üçin ilkinji mekdep pormgallar tarapyndan 1529-njy ýylda açylýar. Ýurtda 9 ýyllyk bilim hökmanydyr. Çagalar 6 ýaşynda mekdebe barýarlar. 2001 -nji ýylda başlangyç mekdepleriň gatnaşygy 80 göterime ýetdi. Okuwçylar 12 ýaşdan başlap orta mekdebe gatnaýarlar. Orta mekdepde bilim iki döwürde üç ýyldan berilýär. 2003-nji ýylda Afrikanyň Ösüş banky Gana bilim ulgamyny kämilleşdirmek üçin 27,55 million dollar karz pul we 6,89 million dollar gaýtargysyz pul kömegi berdi. Mekdepleriň kompýuterleşdirilmegi dowam etdirilýär. Ýokary okuw ulgamynyň düzüminde 4 uniwersitet, 6 politehniki institut we 11 kollež bar. 2002-nji ýylda Gana Döwlet uniwersitetiniň (1948-nji ýylda açyldy) ýedi fakultetinde 608 mugallym zähmet çekip, 8.8 müň talyp bilim aldy. Şol ýyldaky maglumatlara görä, Kumasi şäherindäki Nkrumy uniwersitetinde 487 mugallym we 11,6 müň talyp bardy. Ýokary okuw jaýlarynda bilim iňlis dilinde berilýär. 1985-nji ýyldan bäri ýurtda ilatyň uly ýaşdaky böleginiň arasynda sowatsyzlyga garşy göreş alnyp barylýar. 2004-nji ýylyň Aprel aýynda ýurduň mejlisi bilim üçin býujetden bölünip berlen 78 million dollara barabar bolan pul serişdesini tassyklady.
Saglygy saklaýyşy: Ýurtda gyzzyrma, gökbogma, gyzamyk we ýokanç keseller giň ýaýrandyr. Arassa agyz suw gytçylygy bar. 2004-nji ýylyň ortalarynda 300-e golaý hassahanada 1400 lukman we 9 müň şepagat uýasy zähmet çekdi. 2002-nji ýyldaky hasaplamalara görä, umumy içerki önümden 4,2 göterimi saglygy saklaýyş pudagyna harçlanýar eken.

Gana –resmi ady Gana respublikasy, ol Afrikanyň günbatarynda ýerleşip, 238305 km2 meýdany tutýar. Paýtagty Akkra Gana 10 welaýata bölünýär. Ilaty 19 mln 300 müň adam. Döwlet dili – iňlis dili, pul birligi – sedi. Döwlet gurluşy respublika, baştutany-perzident. Gana ösen dag-magdan senagaty bolan,agrar ýurtdur. BMG-nyň agzasy.

Häzirki Gananyň etniki toparlary yzygiderli migrasiýanyň netijesinde döredi. Olaryň käbiri (akanlar) demirgazykdan geldiler, beýlekileri (we,ga) gündogardan geldiler. XV asyrda akanlar ýerli ilaty gysyp çykaryp kenarýakalaryny özleri eýelediler. Akanlaryň irkidörän döwlet birleşmeleri söwda edipdirler we biri-biri bilen uruşlar alyp barypdyrlar. XVII asyrda aşantiler öz paýtagty Kumasiden ýöriş edip, döwlet bileleşikleriniň ählisini özüne tabyn edýär.

XV asyryň ahyrynda Gana gelen ilkinji ýewroopalylar portugallar bolup, olar bu ýerde galalar salypdyrlar.

Portugallar bu ýerden altyn, gul alyp gidipdirler. Altyn kenar – diýen at hem şundan galypdyr. Altyn kenaryň baýlyklary beýleki Ýewropa ýurtlaryny hem gyzyklandyrypdyr. Niderlandiýa, Şwesiýa, Daniýa, Russiýa, Beýik Britaniýa bu ýerden palma ýagy, pil çünki, maýmyn derisi ýaly zatlary demir gurallar bilen alyş-çalyş edipdirler. Iň köp girdeji gul söwdasyndan gelip, 1770-nji ýylda 6000, 1783-nji ýylda 10000 gul satylypdyr. XVII asyrda Altyn kenar ugrundaky bäsleşikde Beýik Britaniýa üstün çykýar. XIX asyrda kenar ýakasynda ornaşan iňlisler bilen içerki etraplarda agalyk edýän aşantileriň arasynda uruşlaryň bolmagyna getirdi. 1901-nji ýylda Aşantiniň çägi hem baknalyga öwrüldi.

Şol ýylda täze konstitusiýa girizilip, kenar ýakasyndaky iri üç şäherden (Akkra, Keýp Koast, Sekondi) hersinden bir wekil Kanunçykaryjy maslahata saýlanmaga hukuk alýar.

iki jahan urşy aralygynda Altyn kenarda halk köpçüliginiň göreşine ýolbaşçylyk eder ýaly syýasy partiýa ýokdy.

Altyn kenar ikinji jahan urşy döwründe Angliýanyň tarapynda urşa çekildi. 70 müňden gowrak adam iňlis goşunynda uruş hereketlerine gatnaşyp, Etiopiýanyň, Birneony azat etmäge gatnaşdylar. Uruş bahanasy bilen salgytlar girizildi, kakao, palma önümleri, kauçuk, beýleki çig malyň daşary ýurda çykarylyşy artdy.

Uruş ýyllarynda Kanunçykaryjy maslahatyň afrikan wekilleri iňlis hökümetinden uruşdan soň Altyn kenarda nähili syýasatyň ýörediljekdigini, demokratik konstitusiýanyň girizilmegini, dolandyryjy toparyň atrihanlaşdyrylmagyny talap edýärler. 1943-nji ýylda konstitusiýanyň taslamasy iňlis ministrine berilende, bu taslama ret edilýär.

Altyn kenaryň garaşsyzlygy ugrunda işjeň göreşijileriň biri Kwamo Nkrumadyr. Ol özüniň “Baknalyk ýurtlaryň işçilerine, daýhanlaryna, intellegensiýasyna ýüzlenmesinde” baknadarlyga garşy köpçülikleýin göreşe çagyrdy.

K.Nkruma doly garaşsyzlygy talap edýär. 1953-nji ýylda K.Nkrumanyň teklibi boýunça Kanunçykaryjy maslahat iňlis parlamentinden Altyn Kenaryň özygtyýarlynyň jar edilmegini talap edýär. Halk köpçüligi bu çözgüdi goldaýar. Emma iňlis baknadarlary bilen ylalaşyjy syýasat alyp barýan toparlar oňa garşy çykypdyrlar. Hat-da ýurdy böleklere bölmek howpuny hem döredipdirler. 1956-njy ýylyň saýlawlarynda ýene Halk partiýa ýeňiş gazanypdyr.

Iňlis hökümeti Togonyň günbatar bölegini Altyn kenara birleşdirmek bilen Gana ady bilen özbaşdak bermäge mejbur bolýar. Netijede 1957-nji ýylyň Nowruz aýynyň 6-da Gananyň garaşsyzlygy jar edilýär. Ýurduň taryhynda täze döwür başlanýar. Milli ykdysadyýeti, medeniýeti ösdürmäge başlanylýar. Halkara we syýasy ýagdaýýny pugtalandyrmakda aýgytly ädim ätdi. Angliýa tarapyndan boýnuna dakylan 1957-nji ýylyň esasy kanunyna laýyklykda Ganada monarhiýa düzgüni çaklanýardy. Kanuna laýyklykda ýurduň baştutany iňlis karoly onuň Ganadaky wekili iňlis general gubernatorydy.

Gana daşary syýasatda bitaraplygy saklady. Birnäçe döwletler bilen ilçi gatnaşyklary ýola goýdy. 1963-nji ýylda atrikan döwletleriniň Addis-Abeba maslahatynda Afrikan birligi guramasy döredilýär. Baknadarlygy ýok etmek ugrunda afrika halklaryny göreşe çagyrmak maksady bilen Gana Afrikanyň garaşsyz döwletleriniň (IV.1958ý) we Afrika halklarynyň (XII.1958ý) maslahatlaryny çagyrdy. Muňa jogap edip ABŞ, Angliýa Ganada syýasy dildüwşük gurady. 1966-njy ýylyň Baýdak aýynyň 24-de K.Nkruma hökümetden çetleşdirilýär. Onuň ýerine hökümete Milli azat ediş maslahatyny döreden polisiýa we goşun serkerdeleri gelýär.

Iňlis dilinde çap edilýän gazetler: Ganian taýms, Deýli grefik (hökümetiň gazeti). Hepdelik gazetler: Mirror (hökümetiň gazeti), Standart Uikli spekteýtor, Ekou we Eskpiriens. Ýurtda 1957-nji ýyldan bäri hökümetiň garamagyndaky Gana habarlar gullugy hereket edýär. 1965-nji ýyldan bäri teleýaýlymlar we 1935-nji ýyldan bäri bolsa radio-ýaýlymlar işleýär. 2002-nji ýylda ýurtda 40,5 müň adam internet ulgamyndan peýdalandy.

Syýahatçylygy: Ýurduň geografik ýerleşişi, deňiz kenarlary, aw meýdanlary daşary ýurtly jahankeşdeleriň ünsüni çekýär. 1970-nji ýylda ýurtda syýahatçylygy, ösdürmek ugrunda işler durmuşa geçirilip başlandy. 1996-njy ýylda syýahatçylyk pudagyny ösdürmek barada2020-nji ýyla çenli döwür üçin toplumlaýyn milli meýilnama düzüldi. 1999-njy ýylda syýahatçylyk pudagy 342 million dollar girdeji getirdi. 2001-nji ýylda ýurda 438,8 müň daşary ýurtly jahankeşde geldi. Nige- „riya, Angliýa, Germaniýa, ABŞ we Fransiýa ýaly döwletlerden ýygy-ýygydan syýahatçylar gelýärler.




#Article 44: Garagum (239 words)


Garagum çöli Türkmenistanda ýerleşýär. Tutýan meýdany 350,000 km² bolan bu çöl Türkmenistanyň 70 prosentinden gowragyny öz içine alýar. Adynyň Garagum (Gara Gum) gumunyň reňkiniň beýleki çölleriň gumundan garaňky reňkde bolanlygy sebäplidir.
Türkmenistanyň çäklerindäki ähli çägelik düzlükleri öz içine alýar.

Garagumuň iň uly böleginiň iki dürli ady bolup, oňa Peslik Garagum ýa-da Merkezi Garagum diýýärler. Ýer üstüniň deňiz derejesinden beýikligi töweregindäki ýerlerden pes bolany üçin oňa Peslik Garagum diýilýär. Merkezi Garagum diýilmeginiň sebäbi bolsa bu çägelik meýdanyndan günbatarda-da, gündogarda-da, demirgazykda-da, günortada-da başga çägelikleriň ýerleşýändigi üçindir. Merkezi Garagum Balkan, Ahal, Mary welaýatlarynyň çäklerine ýaýrandyr.

Tutýan meýdany boýunça ikinji uly çägelige Üňüzaňyrsy Garagum diýilýär. Bu çägelik tutuşlygyna diýen ýaly Daşoguz welaýatynda we Lebap welaýatynyň demirgazyk-günbatar çetinde ýerleşýär.

Meýdany boýunça üçünji ýerde durýan çäge-düzlüge Günorta-Gündogar Garagum diýilýär. Bu çägelik Merkezi Garagumuň gönüden-göni gündogardaky dowamydyr. Günorta-Gündogar Garagum Lebap hem-de Mary welaýatlarynyň çäginde ýerleşýär.

Garagumuň hemme ýeri boýdan-başa çägeler bilen örtülen däldir. Günorta böleginde toýunly düzlükler takyrlyklar bilen cäge gerişleriniň, depeleriniň utgaşykly ýer üstüniň giňden ýaýran çäkleri öri meýdanlary üçin ýylyň bütin dowamynda amatlydyr. Ata-babalarymyz “Gumum bar – humum bar” diýip ýöne ýere aýtmandyrlar. Türkmen halkynyň sallançagy, gowgaly ýyllarda goragçysy bolan we ony maldarçylyk, gurluşyk önümleri, şeýle hem dürli ýerasty baýlyklar bilen bol-elin üpjün edýän bu ümmülmez giňişlik, sözüň doly manysynda, ülkämiziň genji-hazynasydyr, tükeniksiz baýlygydyr. Şuny göz öňünde tutup, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnamada:

Gaýmagyň galňasyn, synman gaýnagyn,  
Goýny Garagumly – gorly türkmensiň!

Garagumuň – desterhanyň, hazynaň,  
Rysgal-bereketli, barly türkmensiň! –

diýip ýazýar (275-276 s.).




#Article 45: Hytaý Halk Respublikasy (4088 words)


Hytaý Halk Respublikasy (), gysgaltmasy HHR ýa-da ýönekeý Hytaý — Gündogar Aziýada yerlešyän döwlet, ilat sany boýunça dünýäde iň iri döwlet (1,3 mlrd. gowrak, ilatyň aglabasy — etniki hytaýlylar, (özlerini atlandyryşlary — han); Russiýadan we Kanadadan soň territoriýasy boýunça dünýäde üçünji orunda durýar.

Goňşy döwletler: Ýaponiýa, Russiýa, Demirgazyk Koreýa we Taýwan.

IX asyryň başynda demiriň öndürilişi VII asyr bilen deňeşdirende 2,5 gezek artdy - kümüş 2 gezek. Duz öndürmek ösdi . Irrigasiýa – suw gurluşygy ösdi. Ekin meýdanlary giňeldi. Hasyllyk artdy, ýüpek gurçugyna üns berildi. Çaý, gant çiňrigi,pagta ekildi.

Hünärmentçilik ösdi. Guýma manetalary hökümet öndürdi. Harby  we oba hojalyk gurallary kämilleşdi. Ýüpek, kagyz öndürmek, çakyrdarçylyk, gant gaýnatmak, gämi gurluşygy ösdi.

Köp ussahanalar – işçi kärhanasy söwda hünärmentçiligiň merkezlerinde ýerleşipdirler. Olar daýhanlardan salgyt hökmünde alynýan önümleriň hasabyna işläpdirler. Onda iri ýer eýelerine degişli adamlar işledilipdir.

Jemgyýetçilik zähmet bölünişigi netijesinde hünärmentçilik oba hojalykdan bölünip aýrylypdyr. Şäherlerde hünärmentçiligiň jemlenmegi bilen  Çanan, Loýan ýaly şäherler baýapdyr. Mukaddes ýerlerde, gämi duralgalarynda täze şäherler peýda bolupdyr. Süýthor, söwdagärler peýda bolupdyr. Bu pula bolan talaby güýçlendirilipdir. Kagyz pullar metal bilen çalşypdyr. X-XI asyrda bolup geçýär.

Şäherleriň hünärmentçilik, söwda merkezleriniň ykdysady kuwwatynyň artmagy öz-özüňi dolandyrşa geçmäge mümkinçilik beripdir. Şäherler döwletýerlerinde ýerleşipdirler. Obadakylar garyplaşyp, olara hojalyk ýöretmek kyn bolupdyr. Bölünip berilen ýerleriň peýdasy pes bolup jemgyýetde deňsizlik güýçli duýlupdyr.

Hytaýda döwlet hökümetiözüniň syýasy, ykdysady funksiýalarynyň amala aşyrmak üçin raýat, harby adamlary we harby güýçleri artdyrmaly bolupdyr.

Sebäbi oňa goňşy ýurtlar howp salyp durupdyr, üstesine ýurduň içki howpsuzlygy üçinde zerurdy.

Goşunda edara ediji gatlagy artmagy, ýurtda boş ýerleriň artmagyna getirdi. Bu ýerler iri ýer eýeçiligiň eline geçdi. Hususy ýer eýeçiligi diňe ýokary synp wekilleriniň arasynda ýaýramak maýda ýer eýelerinde-de bolupdyr. Üstesine VIII  asyrda Koreýa Tan nebereleriniň golundan boşady.Asly türk bolan An lu-şan Mongoliýanyň territoriýasynda ep-esli ýerlere eýeçilik etdi. Onuň elinde harby güýç bardy.

Kudanlar günbatarynda manžurlar, uýgur eýeçiliklerini Hytaýyň demirgazyk ýerlerini eýelediler. Gündogar Aziýada  Kudan döwleti iň güýçli döwletleriň birine öwrüldi. Ýöne has-da hytaýlylar we boýun egdiren halklarygarşylyk görkezip başlady. Hytaý welaýatlarynda kudanlylara garşy uly gozgalaňlar turdy. 960 ýylda goşun hem kudanlylara garşy göreşe aýga galýar. Suk nebereleriniň agalygyda şu döwürden başlanýar. (960-1279) 300 ýyla golaý dowam edip  Sun beýik döwletiň paýtagty Kaýfyn bolupdyr,  soňra Hançžou bolýar. Dokmaçylyk  senagaty ösdi, Tehniki täzelikleriň ornaşdyrylmagy, dokmaçylyk stanioklarynyň täzelenmegi,  dokma howlulary peýda boldy. Olar ýüpegi srap bereni üçin salgydy, dokalan mata görnüşinde alýardy. Şäherleriň sany onuň ilatyda gün-günden artypdyr. 1400-1700 müň ilat ýaşapdyr. Söwda pul dolanyşygynyň ösmegi bilen mis ýetmezçiligi duýulýar, öňe derek demir pullar çykarylýar. X asyryň ahyrynda XI asyryň başlarynda kagyz pullar döräpdir.

Bu ýerde agrar syýasata syn etsek ýeriň aglaba köpüsi süýthor, ýokary gatlagynyň elinde jemlenipdir, 80 %  ýerleri nkärende beripdirler. Käbir hojaýynlaryň 300-500 müňlerçe kärendeçisi bolupdyr. Salgytlaryň sany gün-günden artýardy. 150 ýylyň içinde 200-den gowrak iri we maýda gozgalaňlar bolup geçipdir. Kudan we Tungus basybalyjylaryna garşy gozgalaňlaram başlanýar.

XI asyryň 30-40 ýyllarda  ýagdaý ýitileşenden soň reformator orta çykdylar.

Ýöne olaryň reformalary durmuşa geçmedi. Ýokardaky özgerişleri geçirip, dörän ýagdaýdan çykalga gözlediler, ol hem bolmady. Ýurtdaky gozgalaňlaryň köpüsi basybalyjylara garşy gönükdirildi. 1125 ýylda Kudan döwleti dargady. Kudanlylaryň bir bölegi Merkezi Aziýa gitdi, Gara hytaýlylaryň döwleti döräp 1211 ýyla çenli ýaşady.

Ýöne Mongol çozuşlaryda güýçlendi. 1215 ýýlda Pekini eýeldiler. Mongollar şu ýerde oňat öz agalygyny dikeltmegi üçin 70 ýyla golaý wagt gerek bolupdyr. Mongol çozuşlary Hytaýyň ykdysady, durmuş ösüşine, medeniýetine ters täsir etdi.

Demirgazyk köp ýerleriň ilaty gidip, boşap galdy, esasy ilat günortada ýaşaýardy. Ýurdy ilki başda mongollaryň özi dolandyrdy. Çingiz hanyň ogly Ugedeý (1229-1241) soň Hubilaý (1269-1291) ol salgydy ýola goýdy, ilat ýazuwyny geçirdi. Ahyr soňy demirgazyk Hytaýyň iri ýer eýelerini döwleti dolandyrmaga çekmeli boldy. Ol XIII asyryň 90 ýyllarynda Ýawa adalaryna harby deňiz ýöreşini gurady.

XIV asyryň ortalarynda Ýuan imperiýasynyň ykdysadyýeti pese gaçdy. Huanhe derýasy ugruny üýtgetdi. Ekin meýdanlaryny suw basdy. Şäher bazarlary boşap galdy. Köp ussahanalar dükanlar ýapyldy. Täze kagyz pullaryň girizilmegi bilen hünärmentleriň, söwdagärleriň, süýthorlaryň tozmagyna getirdi. Ýurtda ýagdaý çylşyrymlaşdy. Daýhanlar ýaraga ýapyşdylar, olary şäherliler hem goldady. Daýhan hereketleri synpy ezişe we mongol agalygyna garşy gönükdirildi. 

Mongol çozuşlary ýurduň hojalygyny pese gaçyrdy. Çžu Ýuanyň goşuny 1368 ýylda demirgazykda Pekini eýeläp, Çingiz hanyň iň soňky nesli gaçdy. Täze Min nebereleri häkimiýete geçdi.

XIV asyryň başlarynda Min imperiýasynyň teýmirler döwleti bilen gatnaşyklary çylşyrymlaşýar. Hytaýlyklar Wýetnama çozup girip 1406-njy ýylda ony Hytaýyň bir welaýatyna öwrüpdirler. Hytaýlylar deňiz arkaly aragatnaşyk etmeklige uly üns beripdirler.

XV asyryň II-ýarymynda Min imperiýasy gowşap başlapdyr. Hytaýda maliýe çökgünligi başlapdyr. 1428 ýylda hytaýlylar Wýetnamdan çykýarlar we garaşsyzlygyny berdiler.

XX asyryň başynda Hytaý yzagalak, ýarym bakna ýurtdy. Hytaýyň bu gözgyny ýagdaýyna garşy birnäçe gozgalaňlar bolupdy. Şolaryň içinde iň görnüklisi 1911-1913-nji ýyllaryň Sinhaý rewolýusiýasydyr (Sinhaý şol döwürde ulanylan hytaý ýylnamasy boýunça ýylyň ady). Bu rewolýusiýa hytaý halkynyň meşhur ogly Sun Ýatsen ýolbaşçylyk edipdi.

Sun Ýatsen XIX asyryň ahyrynda - XX asyryň I çärýeginde Hytaýdaky syýasy göreşiň görnükli ýolbaşçylarynyň biridir. Ol 1867-1925-nji ýyllarda ýaşapdyr. XIX asyryň ahyrynda Hytaýyň paýlaşylmagyna garşy çykyş edýär. ABŞ-nyň Hytaý babatdaky “açyk gapylar we deň mümkinçilikler” syýasatyny ýazgarýar. 1905-nji ýylda “Birleşen bileleşik” atly syýasy guramany döredýär. Sun Ýatsen Sinhaý rewolýusiýasynyň serdarydyr. 1912-nji ýylda Gomindan partiýasyny esaslandyrýar. 1917-nji ýylda Hytaýyň günortasynda Sun Ýatseniňökümeti döredilýär. Bu ýeri indiki ynkylabyň taýýarlanýan ýerine öwrülýär. 1925-1927-nji ýyllaryň rewolýusiýasy başlanan wagty ol aradan çykýar.

Sun Ýatsen entek 1905-nji ýylda Hytaýdaky rewolýusion guramalaryň birnäçesini birleşdirip, “Birleşen bileleşik” atly syýasy guramany esaslandyrdy. Onuň maksatnamasy hökmünde Sun Ýatseniň “halkylygyň üç ýörelgesi” öňe sürüldi. Millilik mançžur neberesiniň hem-de daşary ýurt agalygynyň soňuna çykmagy, sap milli dolandyryşy ornaşdyrmagy göz öňünde tutýardy. Halk häkimiýeti monarhiýa gurluşynyň agdarylmagy we respublikanyň jar edilmegi bilen berkarar edilmelidi. Halk abadançylygy ýörelgesi ýere bolan eýeçilik hukugyny deňleşdirmegi, ýerleri kem-kemden millileşdirmegi göz öňünde tutýardy.

Rewolýusiyanyň başlanandygyny ABŞ-da eşiden hytaý rewolýusiýasynyň serdary Sun Ýatsen 1911-nji ýylyň 25-nji dekabrynda watanyna dolanyp gelipdir. 29-njy dekabrda Nankinde bolan rewolýusion maslahat Hytaý Respublikasynyň döredilýändigini jar etdi. Sun Ýatsen onuň wagtlaýyn prezidentligine saýlanyldy.

Mançžur dolandyryjylary gozgalaňdan gorkup, goşun generaly, mekir syýasatçy Ýuan Şikaýy häkimiýete çagyrdylar. Ol tiz wagtda demirgazyk Hytaýyň hökümdaryna öwrüldi. Netijede Hytaý ikä bölündi : demirgazygynda Ýuan Şikaý, günortasynda Sut Ýatsen ýurdy dolandyryjylardy. Ýuan Şikaýy Ýewropa döwletleri goldaýardy. Ýurdy birleşdirmek üçin Hytaýyň iki böleginiň arasynda urşuň başlanmagy mümkindi. Ýuan Şikaý hem pursatdan peýdalanyp, özüni häkimiýete getiren Sin neberelerine dönüklik edip, eger-de respublikanyň prezidentligine saýlanylsa, monarhiýany agdarmaga Günorta Hytaýyň wekillerine söz berdi. Sun Ýatsen parahatçylygyň hatyrasyna meýletinlik bilen wezipesinden çetleşdi.

Ýuan Şikaý tizlikde parlamenti dargadyp, çäklendirilmedik hökümdara öwrüldi. Konstitusiýadan demokratik azatlyklar baradaky maddalar aýryldy.

Halk hereketinden gorkan Muzaffareddin şa Tähranyň we Kermanyň häkimlerini wezipesinden aýyrdy. Halkyň talaplaryny diňlär ýaly “Adalat öýlerini, açmaga söz berdi. Şanyň wada beren zatlaryny yza çekdirmegi närazylygyň gaýtadan güýçlenmegine getirdi. Gozfalaň tutuş Eýrany gurşap aldy. Şanyň Muşir ed-Döwläni hökümetiňökümeti döredilýär. Bu ýeri indiki ynkylabyň taýýarlanýan ýerine öwrülýär. 1925-1927-nji ýyllaryň rewolýusiýasy başlanan wagty ol aradan çykýar.

Sun Ýatsen entek 1905-nji ýylda Hytaýdaky rewolýusion guramalaryň birnäçesini birleşdirip, “Birleşen bileleşik” atly syýasy guramany esaslandyrdy. Onuň maksatnamasy hökmünde Sun Ýatseniň “halkylygyň üç ýörelgesi” öňe sürüldi. Millilik mançžur neberesiniň hem-de daşary ýurt agalygynyň soňuna çykmagy, sap milli dolandyryşy ornaşdyrmagy göz öňünde tutýardy. Halk häkimiýeti monarhiýa gurluşynyň agdarylmagy we respublikanyň jar edilmegi bilen berkarar edilmelidi. Halk abadançylygy ýörelgesi ýere bolan eýeçilik hukugyny deňleşdirmegi, ýerleri kem-kemden millileşdirmegi göz öňünde tutýardy.

Rewolýusiyanyň başlanandygyny ABŞ-da eşiden hytaý rewolýusiýasynyň serdary Sun Ýatsen 1911-nji ýylyň 25-nji dekabrynda watanyna dolanyp gelipdir. 29-njy dekabrda Nankinde bolan rewolýusion maslahat Hytaý Respublikasynyň döredilýändigini jar etdi. Sun Ýatsen onuň wagtlaýyn prezidentligine saýlanyldy.

Mançžur dolandyryjylary gozgalaňdan gorkup, goşun generaly, mekir syýasatçy Ýuan Şikaýy häkimiýete çagyrdylar. Ol tiz wagtda demirgazyk Hytaýyň hökümdaryna öwrüldi. Netijede Hytaý ikä bölündi : demirgazygynda Ýuan Şikaý, günortasynda Sut Ýatsen ýurdy dolandyryjylardy. Ýuan Şikaýy Ýewropa döwletleri goldaýardy. Ýurdy birleşdirmek üçin Hytaýyň iki böleginiň arasynda urşuň başlanmagy mümkindi. Ýuan Şikaý hem pursatdan peýdalanyp, özüni häkimiýete getiren Sin neberelerine dönüklik edip, eger-de respublikanyň prezidentligine saýlanylsa, monarhiýany agdarmaga Günorta Hytaýyň wekillerine söz berdi. Sun Ýatsen parahatçylygyň hatyrasyna meýletinlik bilen wezipesinden çetleşdi.

Ýuan Şikaý tizlikde parlamenti dargadyp, çäklendirilmedik hökümdara öwrüldi. Konstitusiýadan demokratik azatlyklar baradaky maddalar aýryldy.

Hytaýda köpçülikleýin halk hereketleriniň başlanmagyna Pariž parahatçylyk maslahatynyň Şandun welaýatyndaky öň Germaniýanyň eýelik eden territoriýalarynyň geljekki ykbaly baradaky adalatsyz karary sebäp boldy. Şandunyň esasy bölegini Germaniýa 1898-nji ýylda Hytaýdan zor bilen, 99 ýyllyk möhlet bilen “kärendesine” alypdy. Birinji jahan urşunyň başynda bolsa Ýaponiýa Germaniýa garşy urşan bolup, Şanduny basyp alypdy. Hytaý hem 1917-nji ýylda urşa gatnaşmasa-da, Germaniýa garşy uruş yglan edipdi.

Pariž parahatçylyk maslahatynda Hytaýyň wekilleri Şanduny hak eýesine-Hytaýa bermegi talap etdiler. Emma Şandundaky Germaniýanyň eýeçilikleri maslahatyň karary bilen Ýaponiýa berildi. Hytaý wekilleri gahar edip, Wersal şertnamasyna gol çekmändiler.

Parižde uruşda ýeňijileriň Şandun meselesini Ýaponiýanyň peýdasyna çözmegine närazylyk bildirip, 1919-njy ýylyň 4-nji maýynda talyp ýaşlar, işçiler Pekiniň köçelerine çykdylar. 4-nji maý hereketi diňe şol gün gutarmady. Ol Hytaýyň 60 şäherinde işçileriň syýasy iş taşlaýyşlarynyň başlanmagyna itergi berdi. Şu hereketiň täsiri bilen kommunistik partiýa döredi. Bu hereketler öz netijesini berdi. Waşington maslahatynda Ýaponiýa Şanduny Hytaýa bermäge mejbur boldy. Şeýlelikde, 1917-1921-nji ýyllardaky ynkylap ugrundaky göreşiň netijesinde dünýäde birnäçe patyşalyk düzgünleri agdaryldy, täze özbaşdak döwletler döredi. Bu döwürde hatdjemgyýeti düýpli özgertmekligi talap edýän, köpçülikleýin halk tolgunyşyklary bolup geçdi. Ýigriminji ýyllaryň başyndan başlap, dünýäde ynkylap ugrundaky tolgunlyşyklar pese düşüp başlady.a birinji jahan urşunda ýeňiji bolan, üstesine-de bireýýämden bäri bazar ykdysadyýetli döwletler bolan, parlament demokratiýasynyň nusgawy ýurtlaryna öwrülen Beýik Britaniýa, Fransiýa, ABŞ ýaly döwletlerde hem syýasy, durmuş dartgynlylyk ýagdaýy döräp, jemgyýeti düýpli özgertmekligi talap edýän, köpçülikleýin halk tolgunyşyklary bolup geçdi. Ýigriminji ýyllaryň başyndan başlap, dünýäde ynkylap ugrundaky tolgunlyşyklar pese düşüp başlady.

XX asyryň 20-nji ýyllarynda Hytaý öňküsi ýaly ýarym bakna ýurtdy. Ýurtda syýasy dartgynlylyk dowam edýärdi. Ýurt dagynykdy. Her bir welaýatyň ýolbaşçysy ähli Hytaýyň hökümdary bolmak üçin göreşýärdi. Hökümdarlaryň özara dawalary, ýaraglanyşygy haýdatmaklary halkyň durmuş ýagdaýyny barha agyrlaşdyrýardy. Olaryň özara dawalary daşary ýurt talaňçylaryna Hytaýy talamaga mümkinçilik döredýärdi.

Beýik Britaniýa, Fransiýa, ABŞ we Ýaponiýa ýaly döwletleriň hersi bir hökümdary goldap, Hytaýy şol “öz adamsynyň ýolbaşçylygynda” bir bütewi döwlete birleşdirmegi gazanjak bolýardylar. Olar “öz adamlaryny” ýaraglandyrýardylar. Soňrak bu dawa SSSR hem goşuldy. Özara uruşlar adaty ýagdaýa öwrülipdi. Durmuş kynçylyklaryndan we daşary ýurt hojaýynlarynyň sütemlerinden ejir çekýän halk ýene-de ynkylap ugrundaky göreşe baş göterip başlady.

Hytaý halkynyň rewolýusion milli azat edijilik göreşine Sun Ýatseniň ýolbaşçylygyndaky Gomindan (Milli partiýa) we Çen Dusýunyň ýolbaşçylygyndaky Kommunistik partiýa ýolbaşçylyk etdiler. Bu iki partiýanyň ikisiniň-de esasy maksadynyň biri daşary ýurt agalygyny ýok etmekdi. Şu meselede partiýalaryň garaýyşlarynyň meňzeşligi olaryň ýakynlaşmagyna getirdi. 1923-nji ýylda Kommunistik partiýa daşary ýurt agalygyny we ýurt yzagalaklygyny ýok etmek üçin bileleşip göreşmegi Gomindana teklip etdi. Gomindan birleşmäge garşy bolmady. Çünki, Sun Ýatsen diňe SSSR-den kömek almak üçin hem kommunistler bilen birleşmäge taýýardy. Iki tarapyň-da birleşmäge bolan islegi we Moskwanyň täsiri bilen 1924-nji ýylda hytaý kommunistleri Gomindan bilen bir bütewi bileleşige birleşdiler. Bir bütewi göreş ugrunyň emele gelmegi milli azatlyk we demokratik ynkylabyň taýýarlanmagynda möhüm şertleriniň biri boldy.

Hytaýda ynkylap ugrundaky hereketler köplenç ýurduň günortasyndan başlanýardy. (Sinhaý ynkylabyny ýatlaň! §6 seret). Ýigriminji ýyllarda hem ýurduň günortasy has ynkylaplaşan sebit bolmagyny saklaýardy. Üstesine-de, Günortadaky welaýatlaryň birinde-Guançžouda (Kantonda) Sun Ýatsen häkimiýete gelipdi. Onuň hökümeti tizlikde ynkylap ugrundaky hereketiň merkezine öwrülip, goňşy welaýatlara rewolýusion täsirini ýetirýär. Sun Ýatseniň hökümetini Hytaýyň beýleki hökümdarlary-da, daşary döwletler-de ykrar etmediler. Emma Sinhaý ynkylaby döwründe reworlýusiýnayň serdary hökmünde özüni tanadan, demokratik meýilli Sun Ýatseniň halk arasyndaky abraýy barha artýardy. SSSR-iň ýolbaşçylary-da Sun Ýatseni goldap, onuň ýolbaşçylygynda Hytaýyň birleşdirilmegini isleýärdiler.

Sun Ýatsen berk düzgün-tertipli goşun bolmasa ynkylabyň ýeňip üstün çykmajakdygyna göz ýetiripdi. Ol aýratyn-da dünýä döwletleriniň on dördüsiniň çozuşyny yza serpikdirmegi başaran Russiýanyň Gyzyl Goşunyna göwni ýetip, gözi gidip, şonuň ýaly ynkylapçy goşun döretmegiň arzuwyndady. Şonuň üçin Sun Ýatsen harby kömek sorap, general Çan Kaýşiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçiligi Moskwa ýollaýar. Gepleşikleriň netijesinde SSSR birnäçe harby maslahatçylary (W.K.Blýuher, M.M.Borodin, P.A.Pawlow) Hytaýa ugradýar. Olaryň kömegi bilen Huanpu derýasynyň kenarynda harby ýolbaşçylary taýýarlaýan harby mekdep açylýar. Harby mekdebiň ýolbaşçylygyna Sun Ýatseniň ynamyna girmegi başaran Çan Kaýşi bellenýär. Harby mekdebiň açylmagy ynkylaba taýýarlykda ýene bir öňegidişlik boldy.

Syn Ýatseniň Guançžoudaky hökümetiniň abraýynyň artmagy Demirgazyk Hytaýdaky hökümdarlaryň käbiriniň watançylyk meýillerini oýardy. Olaryň biri general Fen Ýuýsýan duýdansyz Pekini basyp aldy we ol Sun Ýatseni goldap başlady. Ol öz goşunyny “Milli goşun” diýip jar etdi. Pekinde ählihytaý maslahatyny geçirmek maksady bilen Hytaýyň, ýerli ýolbaşçylaryny çagyrdy. Bu ýygnanyşyga Sun Ýatsen hem çagyrylypdy. Ýygnakda Hytaýy birleşdirmegi we merkezi häkimiýet organlaryny döretmegi ara alyp maslahatlaşmalydy. Sun Ýatseniň islegi-de şoldy. Ýöne, ýygnaga gatnaşmak üçin Pekine gelende ol agyr kesellidi. 1925-nji ýylyň 12-nji martynda Sun Ýatsen ýogaldy.

Ynkylabyň serdarynyň biwagt ýogalmagy ynkylabyň başlanmagynyň öňüni almady. 1925-nji ýylyň güýzünde iňlisler tarapyndan Hytaý talyplarynyň oka tutulmagy, “30-njy maý hereketiniň” başlanmagyna getirdi. 1925-nji ýylyň 30-njy maýynda Şanhaýda jemgyýetiň tas ähli gatlaklarynyň gatnaşmagynda syýasy çykyşlar ýaýbaňlandy. Milli azat edijilik ynkylaby başlandy. Onuň baş maksady ýurduň doly garaşsyzlygyny gazanmak we bir bitewi Hytaý döwletini döredip, feodal agalygyny ýok etmekdi. Ynkylap demokratik, milli azat edijilik häsiýetlidi.

Ynkylap Hytaýdan entekler tamakin ABŞ we Beýik Britaniýany gorkuzdy. Olar 1927-nji ýylyň ýazynda 170-e golaý harby gämilerini Hytaýyň suwlaryna getirdiler. Nankini oka tutdylar, üstesine-de oka tutulandaky çykdajylaryň öwezini dolmagyny talap etdiler. Nankiniň oka tutulmagy we kemsidiji talapnama Çan Kaýşi bilen kommunistleriň arasynda dawanyň başlanmagyna getirdi. Kommunistler daşary ýurt harby gämilerini ýok etmegi teklip etdiler. Çan Kaýşi ABŞ we Beýik Britaniýa bilen gizlin gepleşikler geçirýärdi.

Çan Kaýşi 1927-nji ýylyň aprelinde kommunistler bilen hyzmatdaşlygy bes edip, olaryň birnäçesini jezalandyrdy. Kommunistler onuň bu hereketini dönüklik hasap edip, Çan Kaýşä garşy göreşip başladylar. Şeýlelikde, ynkylapçylaryň arasynda bölünişik bolup geçdi.

Çan Kaýşi 1927-nji ýylyň aprelinde döwletiň paýtagtyny Nankin şäherine geçirdi. Ol 1928-nji ýylyň ahyryna çenli Hytaýy birleşdirmegi başardy. Hytaýy Çan Kaýşiniň ýolbaşçylygyndaky Gomindan partiýasy tä 1949-njy ýyla çenli dolandyrdy.

Çan Kaýşi rus harby maslahatçylaryny ýurtdan çykmaga mejbur etdi. 1929-njy ýylda Hytaýyň Russiýa bilen diplomatik gatnaşyklary kesildi. Çan Kaýşi ABŞ-a we Beýik Britaniýa arka direýärdi. Ol şolaryň kömegi bilen SSSR-den kömek alýan Hytaý kommunistleriniň Gyzyl Goşunyny, Sowet obalaryny derbi-dagyn etmek isleýärdi. Sowet obalaryna garşy otuzynjy ýyllaryň birinji ýarymynda bäş gezek uly ýöriş gurady. Birinji ýörişde 100 müň, ikinji ýörişde 200 müň, üçünji-de-300 müň, dördünjide-500 müň esger Sowet obalaryna garşy sürüldi. Bu ýörişleriň dördüsinde-de Gomindan asgyn geldi.

Raýatara urşunyň ýaýbaňlanýan döwri Ýaponiýa duýdansyz Hytaýyň Mançžuriýa welaýatyna goşun girizdi. Hiç hili söweşsiz diýen ýaly 1931-nji ýylyň sentýabrynda Mançžuriýa Ýaponiýa tarapyndan eýelendi. Ýurduň esasy hojaýyny Çan Kaýşi ýaponlara garşy göreş alyp barmakdan ýurduň içindäki duşmanlaryna-kommunistlere garşy uruşmagy derwaýys hasaplap, Mançžuriýany gorajak hem bolmady.

Çan Kaýşi Sowet obalaryny ýok etmek üçin bäşinji ýörişe has düýpli taýýarlyk gördi. Oňa ABŞ pul kömegini we harby uçarlary edinmekde ýardam berdi. Ýöriş german harby maslahatçylarynyň ýolbaşçylygynda taýýarlandy. Ýörişe 1 mln. adamly goşun gatnaşdy. Gyzyl Goşun ýaňy üç ýüz müň adama ýetipdi. Gomindanyň bäşinji ýörişinde Gyzyl Goşun ýeňildi. Sowet obalary ýok edildi. Gyzyl goşunyň az sanlysy 1934-nji ýylyň güýzünde ýurduň demirgazyk-günbataryna tarap gaçmaga mejbur boldy. Olar birnäçe welaýatlaryň üstünden geçip, 12 müň kilometrlik ýol söküp, 1936-njy ýylyň güýzünde Şensi, Gansu we Ninsýa welaýatlarynyň çatrygynda ornaşdylar. Olar Ýanýan şäherini merkez edindiler. Bäşinji ýöriş netijesinde Hytaýdaky sowetler hereketi basylyp ýatyryldy.

Mançžuriýany uruşsyz eýelän Ýaponiýanyň işdäsi açylyp, ol Hytaýyň beýleki sebitlerine ýörişe taýýarlyk görýärdi. Çan Kaýşi 30-njy ýyllaryň ortalaryndan başlap, SSSR-den Ýaponiýa garşy uruşda kömek almak üçin onuň bilen gepleşikler geçirdi. SSSR hem Ýaponiýanyň güýçlenmeginden, öz serhetlerine ýakyn bolan Demirgazyk Hytaýda berkleşmeginden howatyrlanýardy. Şeýle şertlerde SSSR Hytaýa ýapon basybalyjylaryna garşy uruşda kömek bermäge razylaşdy. Ýöne SSSR raýatara urşunyň we kommunistleriň jezalandyrylmagynyň bes edilmegini Çan Kaýşiden talap etdi.

Çan Kaýşiniň öz goşun generallarynyň arasynda-da raýatara urşunyň ýatyrylmagynyň we ýaponlara garşy bileleşip göreşmegiň tarapdarlary köpelipdi. Öz goşun generallarynyň we SSSR-iň talaby boýunça Çan Kaýşi kommunistlere garşy urşy bes etdi. Kommunistler we Gomindan ýene-de birleşip, Ýaponiýa garşy bir göreş ugruna birleşmek barada 1937-nji ýylyň ýazynda ylalaşdylar. 1927-1937-nji ýyllaryň raýatara urşy netijesiz tamamlandy.

Ikinji jahan urşy tamamlanandan soňra Hytaýda syýasy ýagdaý dartgynly bolmagynda galýardy. Çan Kaýşiniň ýolbaşçylygyndaky Gomindan partiýasy bilen Mao Szedunyň baştutanlygyndaky Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň (HKP) arasynda göreş dowam edýärdi (seret §22!). 1937-1945-nji ýyllardaky ýapon basybalyjylaryna garşy hytaý halkynyň watançylyk urşy döwründe Gomindan we HKP-nyň arasynda wagtlaýynça oňşuklylyk dowam edipdi. Umumy duşmana - ýaponlara garşy olar bilelikde göreşdiler. Emma uruş gutarandan soňra agzalan partiýalaryň ikisi-de öz gurultaýlaryny geçirip, biri-biriniňkä düýbünden çapraz gelýän maksatnamalary kabul edipdiler. Olaryň diňe biri durmuşa ornaşdyrylyp bilinjekdi, diýmek bu iki partiýanyň arasynda uruş gutulgusyzdy.

Gomindan partiýasy Hytaýy 1927-nji ýyldan bäri dolandyrýardy. Emma partiýanyň ýolbaşçysy Çan Kaýşiniň Hytaýyň ähli ýerine hökümi ýöremeýärdi. Ýurt iki bölege bölünip, onuň uly bölegi Çan Kaýşiniň garamagyndady. Hytaýyň 300 mln. ilatly bölegini Gomindan, 100 mln. ilatly Demirgazyk-Gündogar bölegine (Mançžuriýa) bolsa Kompartiýa hojaýynçylyk edýärdi. Iki tarap hem sözde ýurdy parahatçylykly birleşdirmek barada çykyş etseler-de, iş ýüzünde olar täze urşa taýýarlanýardylar.

HKP-niň 1 mln. 280 müň çemesi esgerli goşuny bardy. Gomindanyň bolsa 4 mln. 300 müň adamly goşuny bardy. Ýaraglanyşyk babatda taraplar deňeçerdi. Emma urşuň ykbaly diňe goşunyň sanyna bagly däldi.

Halkyň bu dawa gatnaşygy barada aýdylanda uruş döwri Gomindan partiýasy barja abraýyny hem döküpdi. HKP-nyň agzalary bolsa Ýaponiýa garşy uruş döwri watanyny goramakda watandaşlaryna nusga bolupdy. Uruş HKP-nyň abraýyny halkyň arasynda artdyrypdy. Şonuň üçin bu dawada halk köpçüligi HKP-ni goldaýardy. Üstesine-de ol SSSR-iň kömegi bilen söweşe ukyply goşun döredipdi. Ýaponlar ýeňlenden soňra Kwantun goşunynyň ýaraglary hem HKP-nyň ygtyýaryna berlipdi.

Ikinji jahan urşy gutaran badyna agzalan taraplar dessine biri-birine garşy urşa başlamaga milt edip bilmediler. Diňe 1946-njy ýylyň ortalarynda Gomindan urşa taýýarlygy boldum edip, kommunistleriň eýeleýän ýerleriniň üstüne hüjümee geçdi. Raýatara urşy başlandy. 1946-1949-njy ýyllaryň raýatara urşunda HKP ýeňiş gazandy. Gomindan ýeňlip, onuň tarapdarlarynyň galyndylary Taýwan adasyna gaçyp, janyny gutardylar. Kommunistleriň goşuny Taýwan adasyny zabt etmäge synanyşmady. Çan Kaýşi bu ýerde “Hytaý Respublikasy” atly döwlete ömrüniň ahyryna çenli ýolbaşçylyk etdi. Hytaý emeli ýol bilen ikä bölündi (seret §59!).

Hytaý sosializmi turuwbaşdan özboluşlulygy bilen dünýäniň beýleki sosialistik ýurtlardaky we SSSR-däki gurluşdan tapawutlanýardy. Muňa mysal edip SSSR-de iri senagat kärhalary gyssanmaçlyk bilen döwletiň haýryna geçirilip, raýatara urşunyň başlanmagyna kanunalaýyk hadysa hökmünde garalan bolsa, bu tejribe Hytaýda ulanylmady. Hytaýda senagat kärhanalary eýeleriniň elinden zorluk bilen alynmady. Diňe hususy önümçiligiň üstünden döwlet gözegçiligi dikeldildi. Hususy senagat kärhanalaryna döwlet tabşyrygy berlip, olaryň önümlerini döwlet satyn aldy. Elbetde, harytlaryň bahasyny döwlet kesgitledi. Hususy söwda bilen meşgullanýanlaryň dükanlarynyň üstünden döwlet gözegçiligi dikeldildi. Döwlet hususy söwdägärleri hakyna tutup işletdi.

Oba hojalygynda hem hytaý sosializmi özboluşludy. SSSR-däki ýaly ur-tut kolhoz gurluşyna geçilmän, Hytaýda köpçülikleýin daýhan zähmetini guramagyň ýönekeý görnüşlerinden başlanyldy. Döwlet wagtlaýyn, möwsümleýin daýhan birleşiklerini döretmäge ýardam berdi. Daýhanlar birleşmä goşan ýeriniň möçberine, orta goýan zähmet guralyna we öz çeken zähmetine görä hak alýardylar.

Hytaýyň geçiş döwrüniň esasyny 1958-1961-nji ýyllara niýetlenen ikinji bäşýyllyk maksatnamasy düzmelidi. Emma bäşýyllyk maksatnama ýerine ýetirilip başlanyp başlanmanka onda bellenilen sepgitler Mao Szedunyň gözüne gaty az göründi. Mao Szedun gysga wagtda ýurdy tiz ösdürmek isledi. Ikinji bäşýyllygyň görkezijilerine täzeden seredip, ýurduň öňünde mümkin bolmadyk, öňkä seredende birnäçe esse artdyrylan maksatnamany goýdy. Ýekeje mysal, öňki bäşýyllyk maksatnamada bäşýyllygyň ahyryna çenli 10 mln. tonna polat öndürmek bellenilen bolsa, täzesinde ol 10 esse köp öndürilmelidi. Ykdysady ösüşiň ähli ugurlary babatda hem şeýle edildi. Mao Szedunyň gysga wagtda tiz ösüş ýörelgesi “Uly böküş” diýlip atlandyryldy. Bu syýasat 1958-1961-njy ýyllary öz içine aldy.

Hytaýyň kommunistik hökümetiniň alyp barýan içerki syýasatyna garşy halkyň närazylygy başlandy. Mundan peýdalanyp intelligensiýa we döwlet emeldarlarynyň bir bölegi halky döwlete garşy öjükdirýärdi. Döredijilik işgärleri Mao Szedunyň prototipini çeper obrazlaryň üsti bilen tankytlaýardylar. Özüne garşy hereketiň başlanandygyna düşünen Mao 1966-1976-njy ýyllarda intelligensiýa we döwlet, partiýa emeldarlarynyň bir bölegine garşy ýurt möçberinde göreşe başlady. Bu göreş taryha “medeni ynkylap” ady bilen girdi.

ABŞ kommunistik düzgünli Hytaý hökümetine garşy 50-60-njy ýyllaryň dowamynda duşmançylykly syýasat alyp bardy. Ol HHR ýaly dünýäniň iri döwlletini ykrar etmändi. 60-njy ýyllarda ABŞ Hytaýyň baş duşmanlarynyň biri hasaplaylýardy. Ýapon-hytaý gatnaşyklary barada aýdylanda Ýaponiýanyň ABŞ-nyň täsirinde bolanlygy sebäpli hat-da ýapon-hytaý diplomatik gatnaşyklary-da dikeldilmändi.

Hytaý Kommunistik partiýasy soňky 20 ýylyň içinde ýurdy özgerdişler ýoly bilen dkidip, Hytaýy ykdysady ösüşiniň depgini boýunça dünýäniň ilkinji ýediligine goşdy. Senagat we oba hojalygy ösdi. 1978-1998-nji ýyllar aralygynda jemi içerki önüm 362,4 mlrd ýuandan 7955,3 mlrd ýuana çenli, ýagny tas 22 esse artdy. Ykdysady ösüşiniň umumy möçberi boýunça Hytaý dünýäde 7-nji, ösýän ýurtlaryň arasynda 1-nji orny eýeleýär.

Hytaýyň eksportynyň we importunyň möçberi 1950-nji ýylda 1,13 mlrd dollar bolanlygyndan 1998-nji ýylda 323,9 mlrd dollara çenli, ýagny 286 esse artdy. Häzirki wagtda Hytaý dünýäniň ähli döwletleri bilen diýen ýaly söwda-ykdysady gatnaşyklaryny alyp barýar. Daşary söwdasynyň möçberi boýunça Hytaý dünýäde 9-njy ýerde durýar.

Hytaý Halk Respublikasy (HHR) döredilen mahaly oba hojalygynyň we senagatynyň gatnaşygy 58,5% we 30% bolan bolsa, 1998-nji ýylda ol senagatyň peýdasyna üýtgedi (18%:49,2%). Munuň özi Hytaýyň senagatlaşan ýurda öwrüldi diýildigidir. Hytaý galla, pagta, et, ösümlik ýagy, kömür, polat, sement, süýümleri, telegörkezijileri öndürmekde dünýäde birinji ýere geçdi. Reňkli metallary eretmekde, himiýa süýümlerini, gämileri, mineral dökünleri, şekeri, elektrik energiýasyny öndürmekde hem Hytaý öňdebaryjy döwletleriň hataryna girýär.

Hytaýyň 1979-njy ýylda özgerdişler we aç-açanlyk syýasatyna geçmegi bilen onuň daşarky dünýä bilen aragatnaşygy ýygjamlaşdy. 1997-nji ýylyň ahyryna çenli hytaý ykdysadyýetine goýlan daşary ýurt maýasy 464 mlrd dollardan geçdi. Soňky 8 ýylyň içinde daşary ýurt maýasyny peýdalanmakda Hytaý ösýän ýurtlaryň arasynda 1-nji, dünýäde bolsa ABŞ-dan soň ikinji ýerde durýar. Häzirki wagtda Hytaýda daşary ýurt maýasynyň gatnaşmagynda 310 müňden gowrak kärhana hasaba alyndy.

Sosializm gurluşygynda Mao Szedunyň marksçylyga dogma hökmünde çemeleşmegi uly kynçylyklara getiripdi. 10 ýyly (1966-1976) öz içine alan “medeni ynkylabyň” netijesinde sosialistik gurluşyga uly zeper ýetirildi (seret §47!).

Mao Szedun ýaly HKP-nyň çepçi ganatynyň wekili bolan Den Sýaopiniň “medeni ynkylabyň” ýalňyşlyklaryny düýpli düzetmek synanyşygy birbada ýol almady. Ol iki gezek işden çetleşdirilip, sürgüne iberildi. 1977-nji ýylda häkimiýete gaýtadan gelen bu adam birnäçe wagtlap Hytaýy ösdürmegiň ýollaryny gözläpdir.

HKP-nyň XIV Ählihytaý gurultaýynda (1992ý. oktýabry) Hytaý Kompartiýasynyň öňbaşçysy Szýan Szemin hytaý özboluşlylygy bilen sosializm gurmagyň nazaryýetiniň esasy düzgünlerini beýan etdi. Ol diňe öz ýoluň bilen gitmegi, kitaplardan göçürilen dogmalary üýtgewsiz durmuşa ornaşdyrmazlygy, daşary nusgalara eýermezligi göz öňünde tutýar. Hytaýda sosializmiň başlangyç tapgyry 100 ýyla golaý dowam etmeli diýlip göz öňüne getirilýär.

Sosializm gurluşygynyň esasy meselesi öndüriji güýçleri baknalykdan halas etmek, jemgyýetiň baý-garyp gatlaga bölünmeginiň öňüni almak, umumy ösüşiň netijesinde halkyň abadançylygyny, bolçuçylygyny gazanmak bolmalydy. Ylmy-tehniki ösüşi gazanmak zähmetkeşleriň bagtly ýaşaýşynyň açary diýlip düşünilýärdi. Hytaýyň dünýä bileleşigi üçin açyk, elýeterli bolmagy özgerdişler syýasaty üçin amatly halkara ýagdaýyny döretmelidi.

Sosializm gurmagyň hytaý strategiýasy “üç ädimi” göz öňünde tutýar. Birinji ädim geçildi: ol 1980-nji ýyla garanda jemi milli önümiň iki esse artmagyny göz öňünde tutupdy. Ikinji ädim XX asyryň ahyryna çenli jemi milli önümiň ýene iki esse artmagyny hem-de halkyň ýaşaýyş derejesini orta gürpe ýetirirlmegini gazanmagy göz öňünde tutupdy. Bu wezipd hem hötde gelindi.

Üçünji ädim XXI asyryň birinji ýarymyny öz içine almaly. Hytaý Halk Respublikasynyň döredilmeginiň 100 ýyllygyna çenli jemi milli önümiň jan başyna düşýän mukdary boýunça Hytaý dünýäniň ortaça ösen döwletleriniň hataryna çykmaly. Halk gurply ýaşap, döwrebaplaşdyrmak esasan tamamlanmaly.

Ýurduň bitewiligi babatda bu nazaryýet “bir döwlet-iki gurluş” ideýasyny öňe sürýär. Ol Hytaýa gaýtarylyp berlen Gonkong (Sýangan), Aomyn (Makao) ýaly ýerlerde hem-de Hytaýyň aýrylmaz bölegi hasaplanýan Taýwanda kapitalistik gurluşyň saklanyp galjakdygyny aňladýar.

Hytaý özboluşlylygy bilen sosializm gurmak üçin ykdysadyýetde önümçilik serişdelerine jemgyýetçilik eýeçiligi saklanyp galmak bilen eýeçiligiň beýleki görnüşleri hem döwlet goldawyndan peýdalanýar. Hususylaşdyrmak işine kem-kemden ýol arçalýar. Planly-haryt hojalygy bazar düzgünleşdirilişi bilen utgaşdyrylýar.

Den Sýaopin jemgyýetçilik eýeçiligine esaslanýan pudagyň agalyk etmegini we ählumumy bolçulygy gazanmagy sosializmiň hökman saklanylmaly ýörelgeleri hökmünde göz öňüne getirýärdi. Ýogsam, onuň pikiriçe, Hytaýyň sosializmden ýüz öwrüp, kapitalistik ösüş ýoluna düşen, onuň ykdysadyýetiniň belli bir derejede ösen ýagdaýynda-da adamlaryň azajyk bölegi baýajakdy. Ilatyň galan 90%-ti bolsa garyplara öwrülmelidi. 1 mlrd gowrak garyby bolan ýurtda bolsa ykdysadyýetiň üstünlikli ösüşi we durmuş goraglylygy mümkin däldi.

Hytaý maddy nygmatlaryň paýlanylmagynda deňleşdirmekden, hemmäni bir aýakdan sürmekden boýun gaçyrýar. Ykdysady höweslendirmeler ulanylýar. 1978-nji ýylda Hytaýdaky ykdysady özgerdişleriň maksady sosialistik bazar ykdysadyýetini döretmek diýlip yglan edildi.

Özgerdişleriň amala aşyrylmagy üçin Hytaý halkyň demokratik agalygyny berk saklaýar. Köppartiýalylyga ýol berilýänem bolsa, Hytaý onuň Günbatar nusgasynyň tarapdary däl. Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagy (HWÄÝ) halkyň öz häkimiýetini amala aşyrmagynyň esasy guramasy hasaplanýar. Onuň kanun çykaryjy, gözegçilik etmek, kadrlary bellemek we wezipesinden boşatmak hukuklary bar. HWÄÝ halk bilen ýygjam gatnaşyklary saklaýar.

Hytaýa degişli bolan Taýwan adasy 1590-njy ýylda portugallar tarapyndan basylyp alnypdy. Simotoseku şertnamasyna (1895) görä Ýaponiýa Taýwany Hytaýdan bölüp aýrypdy. 1949-njy ýylda Hytaýda halk ynkylaby ýeňenden soň gomindançylaryň galyndylary Taýwana gaçyp, ol ýerde “Hytaý Respublikasyny” jar etdiler. 1949-1971-nji ýyllar aralygynda Taýwan hökümeti kanuny däl ýagdaýda BMG-de Hytaýa wekilçilik etdi.

Den Sýaopiniň teklibi bilen 1979-njy ýyldan başlap “bir döwlet, iki gurluş” ýörelgesiniň esasynda Taýwany Hytaýa birikdirmek hereketi başlandy. Emma 1988-nji ýyldan başlap Taýwanyň dolandyryjylary bölünijilik syýasatyny ýöretdi. 2000-nji ýylyň 18-nji martynda geçirilen saýlawlaryň netijesinde Taýwanda demokratik güýçler ýeňiş gazanyp, Gomindan partiýasy häkimiýetden çetleşdirildi. Umuman, Hytaý daşary syýasatda ýurduň bütewiligini saklap galdyrmak syýasatyny ýöredýär. Hytaý diňe Taýwanyň Hytaýyň aýrylmaz bölegidigini ykrar edýän döwletler bilen gatnaşyk edýär.

Şu güne çenli Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda döwletara we hökümetara resminamalaryň 30-a golaýyna gol çekildi. Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy söwda-ykdysady, medeni we bilim ugurlarynda alnyp barylýar. Iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 50 mln. dollardan geçdi. Türkmenistanda Hytaýyň maýadarlarynyň gatnaşmagynda kärhanalaryň 10-sy gurulýar. Hytaý hünärmenleri Günbatar Türkmenistanda nebit ýataklaryny özleşdirmäge gatnaşýarlar. 2000-nji ýylyň 5-7-nji iýuly aralygynda HHR-iň döwlet başlygy Szýan Szeminiň Türkmenistana resmi sapary boldy.

Bilelikdäki türkmen-hytaý Jarnamasyndan bölek “Taraplar ähli ýurtlaryň öz syýasy, ykdysady ulgamyny we sosial gurluşyny kesgitlemäge, öz ýaşaýşyny üpjün edýän modeli saýlap almaga we öz ýurdunyň ýagdaýlaryna laýyklykda adam hukuklaryny goramaga haky bardyr. Islendik bahana bilen, şol sanda “Adam hukugynyň özygtyýarlylykdan artykmaçlygy” hakdaky tezisi we garaşsyz döwletleriň özygtyýarlylygyny dsgermezlik etmek üçin “ynsanperwer gatyşmak“ teoriýasyny peýdalanyp hem hiç bir ýurduň başga bir özygtyýarly ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmaga haky ýokdur diýip hasap edýärler”.




#Article 46: Iňlis dili (795 words)


Iňlis dili (english,the english language): Angliýa­nyň we Beýik Britaniýa­nyň res­mi di­li, ABŞ-nyň otuz bir şta­ty­nyň res­mi di­li, Irlandiýa­nyň, Kanada­nyň we Malta­nyň res­mi iki di­li­niň bi­ri, Awstraliýa­nyň we Täze Zelandiýa­nyň res­mi di­li. Ol Azi­ýa­nyň kä­bir döw­let­in­de (Hindistan, Päkistan we beý­le­ki­ler) res­mi dil hök­mün­de ula­nyl­ýar.

Hin­di-­ýew­ro­pa dil­ler maş­ga­la­sy­nyň ger­man di­li­ne de­giş­li­. Ene di­li hök­mün­de ula­ny­jy­la­ryň sa­ny 410 mil­lio­na go­laý, ikin­ji di­li hök­mün­de gür­le­ýän­ler hem 1 mil­liard tö­we­re­gi. BMG-niň al­ty res­mi we iş dil­le­ri­niň bi­ri.

Şu diliň lek­si­ka­sy­nyň 70 gö­te­ri­mi alyn­ma söz­ler­dendir. Ýa­zu­wy la­tyn elip­biý­si­niň esa­syn­da VII asyr­dan bä­ri do­wam edip gel­ýär. Dürs ýa­zu­wyn­da dä­be öw­rü­len ýa­zuw esa­sy orun eýe­le­ýär.

Iň­lis di­li­niň dürs ýa­zu­wyny hin­di­-ýew­ro­pa dil­ler maş­ga­la­sy­nyň ara­syn­da öw­ren­me­si iň kyny ha­sap­lan­ýar. Ol ir­ki Gal­ky­nyş döw­rü­niň iň­lis di­li­ni şöh­le­len­di­rip, hä­zir­ki bri­ta­ni­ýa­ly­la­ryň, ame­ri­ka­ly­la­ryň, awst­ra­li­ýa­ly­la­ryň we beý­le­ki di­li ula­ny­jy­la­ryň gep­le­şik di­li­ne bü­tin­leý ga­bat gel­me­ýär. Söz­le­riň hem­me­si di­ýen ýa­ly baş­ga­ça ýa­zy­lyp, oka­lan­da aý­dyl­ma­ýar. Şu­nuň ýa­ly “oka­ma­gyň düz­gü­ni” ka­da­ny boz­ma­gyň ýo­ka­ry gö­te­ri­mi bi­len çäk­len­di­ri­len bo­lup, nä­hi­li hem bol­sa ha­ky­ky ma­ny­sy­na tä­sir ýe­tir­ýär. Bu dili öwrenýänleriň her bi­ri tä­ze sö­züň ýa­zy­ly­şy­ny we oka­ly­şy­ny öw­ren­me­li bol­ýar­lar. Şo­nuň üçin söz­lük­ler­de her bir sö­züň ýa­zy­ly­şy­nyň usu­ly­ny gör­kez­mek düz­güne giripdir.

Häzirki zaman iňlis diliniň düýbüni tutanlar – german taýpalary angllar,sakslar we ýutlar bolup,V asyryň ortalarynda Britan adalaryna göçüp gelipdirler.Şu döwürde olaryň dilleri nemes we frisleriňkä ýakyn bolupdyr we ol özüniň soňky ösüşinde,beýleki german dillerinden arasyny açypdyr.Gadymy iňlis dili bolan,anglo-sakson dili (köp sanly barlag geçirijiler gadymy iňlis dili hasaplaýarlar) az özgerişlere sezewar bolupdyr.Iňlis dili ýüzýyllyklaryň dowamynda Ýerde iň köp ulanylýan dilleriň biri.Oňa Beýik Britaniýanyň alyp baran syýasaty,esasan hem Demirgazyk Amerikada we Awstraliýada alyp baran syýasatlary ýardam edipdir.Ikinji Jahan urşundan soňra iňlis diliniň ähmiýeti has artdy.Häzirki wagtda döwürleýin we döwürleýin däl neşirler,telewideniýe,kino,radio,kitaphana fondlary,iňlis Internet sektory we beýleki çeşmelerden ybarat iňlis dilindäki maglumatlar giňişligine,möçberine we mazmunyna görä deňsiz taýsyz.Inlis dilinde ägirt uly möçberde çeper we ylmy-tehniki edebiýatlar ýazylan.Tehniki,tehnologik,patent resminamalary,ylmy eserler köplenç iňlis dilinde ýazylyp,soňra beýleki dillere terjime edilipdir.Bularyň ählisi iňlis dilini dünýäde aragatnaşygynyň möhüm serişdesine öwürýär.

Hä­zir­ki za­man iň­lis di­li­niň düý­bü­ni tu­tan­lar – ger­man taý­pa­lary angl­lar, saks­lar we ýut­lar bo­lup, V asy­ryň or­ta­la­ryn­da Bri­tan ada­la­ry­na gö­çüp ge­lip­dir­ler. Şu dö­wür­de ola­ryň dil­le­ri ne­mes we fri­sleriňkä ýa­kyn bo­lup­dyr we ol özü­niň soň­ky ösü­şin­de, beý­le­ki ger­man dil­le­rin­den ara­sy­ny açyp­dyr. Ga­dy­my iň­lis dili bolan, ang­lo–sak­son di­li (köp san­ly bar­lag ge­çi­ri­ji­ler ga­dy­my iň­lis di­li ha­sap­la­ýar­lar) az öz­ge­ri­şe se­ze­war bo­lup­dyr.

Angl-saks­lar Be­ýik Bri­ta­ni­ýa gö­çüp ge­lip, ýer­li ýa­şaý­jy­lar – kelt­le­re gar­şy gö­reş alyp ba­ryp­dyr­lar. Kelt­ler bi­len bu bag­la­ny­şyk ga­dy­my iň­lis di­li­niň gur­lu­şy­na we onuň söz­le­ri­ne tä­sir et­män­dir di­ýen ýa­ly­dyr. Kelt­le­riň ga­dy­my iň­lis di­li­ne şeý­le gow­şak tä­si­ri­ni, ang­lo-saks­lar bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, kelt me­de­ni­ýe­ti­niň gow­şak bo­lan­ly­gy bi­len tes­wir­le­nýär. Bri­ta­ni­ýa­da rim­li­le­riň tä­si­ri ga­ty uly bolupdyr. La­tyn söz­le­ri ga­dy­my iň­lis di­li­ne bir­nä­çe tap­gyr­lar­da gi­rip­dir. Bi­rin­ji­den, la­tyn di­lin­den al­nan söz­le­riň bir bö­le­gi­ni Ýew­ro­pa­nyň de­mir­ga­zyk se­bit­le­ri­niň ger­man dil­li ila­ty ola­ryň he­niz Bri­tan ada­la­ry­na gö­çüp bar­ma­zyn­dan ozal, ka­bul edipdirler. La­tyn söz­le­ri­niň ýe­ne-de bir bö­le­gi hris­ti­an­ly­gyň Britaniýa ara­la­şan döw­rü­ne de­giş­li­dir.

Iň­lis di­li­niň in­di­ki ösüş tap­gy­ry 1066 ýyl­dan 1485-nji ýyl­la­ra çen­li ara­ly­gy öz içi­ne al­ýar. 1066-njy ýyl­da ga­dy­my nor­man – fran­suz şi­we­sin­de gür­le­ýän nor­man­la­ryň gel­me­gi bi­len iň­lis di­li tä­ze lek­si­ka gat­la­gy­na eýe bo­lup­dyr. Uzak wagt­lap nor­man-fran­suz di­li Ang­li­ýa­da but­ha­na we ýo­ka­ry syn­pyň do­lan­dy­ryş di­li bol­ma­gyn­da gal­ýar.

Nor­man - fran­suz di­li 1385-nji ýyl­da ýa­ty­ry­lyp, iň­lis di­li ula­ny­şa gi­ri­zi­lýär. 1483-nji ýyl­da par­la­ment ka­nun­la­ry iň­lis di­lin­de ne­şir edil­mä­ge baş­laýar. Iň­lis di­li­niň esa­sy ger­man di­li bol­sa-da ol öz dü­zü­mi­ne ga­dy­my fran­suz di­li­ni­niň ägirt yly möç­ber­dä­ki söz­le­ri­ni gi­ri­zip­dir we bu ýagdaý dil ga­ry­şyk­ly­gy­na alyp ba­ryp­dyr. Ga­dy­my fran­suz söz­le­ri­niň ara­laş­ma pro­se­si tak­my­nan 1200-nji ýyl­dan tä or­ta asyr iň­lis dili döw­rü­niň ahy­ry­na çen­li do­wam edip­dir. Bu ýag­daý 1250-1400 ýyl­lar ara­ly­gyn­da ýo­ka­ry de­re­jä ba­ryp ýet­ýär.

Hä­zir­ki za­man Ang­li­ýa­nyň iň­lis di­li­niň ösüş döw­ri XV asy­ryň ahyr­la­ryn­dan baş­la­ýar. Ki­tap ne­şir et­megiň ös­me­gi we kitaplaryň giň­den ýaý­ra­dyl­ma­gy bi­len ki­tap di­li­niň ka­da­la­ry­nda dur­nuk­laş­ma­ bo­lup geç­ýär we fo­ne­ti­ka we gep­le­şik di­li öz­ge­rip baş­la­ýar.

Iň­lis di­lin­de köp san­ly şi­we­ler bar. Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da ola­ryň gör­nüş­le­ri Ame­re­ka ga­ra­nyň­da, has köp bo­lup, XX asy­ryň or­ta­la­ry­na çen­li or­ta at­lan­tik (Mid-At­lan­tic) şi­we­si esa­sy ede­bi­ýat ka­da­sy bo­lup­dyr.

Iň­lis di­li­ni we beý­le­ki giň­den ýaý­ran dil­le­ri ula­ny­jy­la­ryň ta­kyk sa­ny­ny kes­git­le­mek ýe­ňil däl. Dür­li çeş­me­ler iň­lis di­li­ni ula­nýanlaryň sanyny dün­ýä­de ikin­ji we dör­dün­ji ýe­re çen­li ara­lyk­da goý­ýar­lar. Bi­rin­ji ýe­ri iki es­se ara­ny açyp, hy­taý di­li eýe­le­ýär. Da­şa­ry ýurt di­li hök­mün­de iň­lis di­li­ni bil­ýän­le­riň sa­ny hak­da­ky mag­lu­mat­lar aý­dyň­laş­dy­ryl­ýar. Bu ba­ra­da 600 mil­li­on­dan tä 1,2 mil­li­ar­da çen­li ara­lyk­da­ky san­lar ag­zal­ýar.

Iň­lis di­li ýüz­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da Ýer­de iň köp ula­ny­lan dil­le­riň bi­ri. Oňa Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň alyp ba­ran sy­ýa­sa­ty, esa­san hem De­mir­ga­zyk Ame­ri­kada we Awst­ra­li­ýa­da alyp ba­ran sy­ýa­sa­tlary ýar­dam be­rip­dir.

Ikin­ji ja­han ur­şun­dan soň­ra iň­lis di­li­niň äh­mi­ýe­ti has art­dy. Hä­zir­ki wagt­da dö­wür­le­ýin we dö­wür­le­ýin däl ne­şir­ler, te­le­wi­de­ni­ýa, ki­no, ra­dio, ki­tap­ha­na fond­la­ry, iň­lis In­ter­net sek­to­ry we beý­le­ki çeş­me­ler­den yba­rat iň­lis di­lin­dä­ki mag­lu­mat­lar gi­ňiş­li­gine, möç­be­rine we maz­mu­nyna görä, de­ňsiz – ta­ýsyzdyr. Iň­lis di­lin­de ägirt uly möç­ber­de çe­per we yl­my – teh­ni­ki ede­bi­ýat­lar ýa­zy­lan. Teh­ni­ki, teh­no­lo­gik, pa­tent res­mi­na­ma­la­ry, yl­my eser­ler köp­lenç iň­lis di­lin­de ýa­zy­lyp, soň­ra beý­le­ki  dil­le­re ter­ji­me edi­lip­dir. Bu­la­ryň äh­li­si iň­lis di­li­ni dün­ýä­de ara­gat­na­şy­gy­nyň mü­hüm se­riş­de­si­ne öwür­ýär.




#Article 47: Ýaponiýa (1278 words)


, resmi ady  — Gündogar Aziýada ada döwleti. Ol Ýuwaş okeanda, Ýapon deňziniň, Hytaýyň, KHDR-nyň we Günorta Koreýanyň we Russiýanyň gündogarynda ýerleşýär. Demirgazykda Ohot deňzinden başlap, tä günortada Gündogar Hytaý deňzine we Taýwana çenli territoriýany eýeleýär.

Paýtagty: Tokio

Meýdany: 377,944 kw. km.

Ilaty: 127,960,000 adam (2011 ý.)

Gimn: Kimigayo

Resmi dili: Ýapon

Hökümet baştutanlary: Naruhito (Imperator), Shinzo Abe (premýer-ministr)

Pul birligi: Ýen

Iň belent nokady: Fujiýama wulkany (3776 m)

Agalyk ediji dini: şintoizm we buddizm

Jemi içerki önümiň möçberi boýunça dünýäde 3-nji orny eýeleýär. Ýaponiýa BMG-niň, G8-iň, G20-iň agzasydyr. Ýaponiýa konstitusion monarhiýa döwleti bolmak bilen, Akihito ýurduň imperatorydyr.

Ýaponiýa – konstitusion monarhiýa. Häzirki konstitusiýasy 1947-nji ýylyň 3-nji maýynda güýje girýär. Konstitusiýa laýyklykda Ýaponiýanyň nesilden-nesle geçýän imperatory “döwletiň we halkyň bitewiliginiň simwoly” hasaplanylýar. Ol parlamentiň görkezmegi boýunça premýer-ministri, hökümetiň görkezmegi boýunça Ýokary suduň başlygyny we agzalaryny belleýär. Kanun çykaryjy ýokary organy – parlament, ol 2 palatadan — Wekiller palatasyndan (4 ýyllyk saýlanylýar) we Maslahatçylar palatsyndan (6 ýyllyk saýlanylyp, her 3 ýyldan ýarysy täzelenýär) ybarat.

Ýaponiýanyň sud sistemasyna baş kazy we kazylaryň 14-sinden ybarat Ýokary sud baştutanlyk edýär. Ýokary sud konstitusion suduň funksiýalaryny hem ýerine ýetirýär. Apellýasion sudlaryň 8-si, esasy ýerli sudlaryň 49-sy hem-de olaryň bölümleriniň 232-si we başga sudlary bar.

Ýaponiýanyň tebigatynyň esasy aýratynlygy onuň aram, subtropiki we tropiki guşaklyklarda hem-de adalarda ýerleşip, materikden izolirlenmegi arkaly kesgitlenilýär. Kenar çyzygynyň umumy uzynlygy 30 müň km-e golaý. Uly ýarym adalary – Kii (Honşu adasynda), Oşima (Hokkaýdo adasynda) we başgalar. Territoriýasynyň 3/4 böleginden gowragyny belentlikler we daglar tutýar. Peslikler aýry-aýry sebitlerde bolup, kenar ýakasynda ýerleşýär. Hokkaýdo adasyndaky esasy gerişler Sahalin we Kuril adalaryndaky gerişleriň dowamydyr. Honşu adasynyň orta bölegini döwülmeleriň (jaýryklaryň) zolagy bolan Fossa-Magna (uzynlygy 250 km) kesip geçýär. Onun üstünden ençeme wulkan, şol sanda Ýaponiýada iň beýik Fujiýama (3776 m) wulkany ýokary göterilýär. Honşu adasynyň merkezi böleginde Hida, Kiso, Akaişi (beýikligi 2900–3192 m) gerişleri ýerleşýär. Ýaponiýada (Honşu adasynda) beýikligi 3000 m-den geçýän 16 dag depesi bar. Honsýu adasynyň günorta-günbatarynda Kinki düzlügi we Biwa köli ýerleşýär. Sikoku adasynyň iň beýik ýeri Isidzuti dagy (1981 m), Kýuşu adasynda bolsa Kunju wulkany (1788 m) hasaplanylýar. Rýukýu adalarynda plato we pes daglyklar agdyklyk edýär. Ýapon adalary Günbatar Ýuwaş umman geosinklinal guşaklygyň düzümine girýär. Ýaponiýanyň territoriýasy ýokary seýsmikligi (weýran ediji ýertitremeler 1855, 1891, 1897 ýyllarda, 1923 ýylda Tokio weýran bolýar, 1995 we 2011-nji ýyllarda güýçli ýertitremeler bolýar), aktiw wulkanizm (150 töweregi wulkan bolup, onuň 40-a golaýy hereket edýär) bilen häsiýetlendirilýär. Wulkanik raýonlar mineral we termal çeşmelere baýdyr. Gazylyp alynýan peýdaly zatlardan kömür, kükürt, demir, marganes, gurşun-sink, mis magdanlary, nebit, hromit, altyn, kümüş we simap bar.
Klimaty musson, demirgazygynda aram, Ýapon adalarynyň günorta böleginde subtropiki, Rýukýu adalarynyň köp böleginde tropiki. Umuman, klimaty çygly. Ýyllyk ygaly 800–3000 mm.  Ýurtda gysga, bol suwly, dag derýalarynyň gür ulgamy bar. Olardan ululary – Honsýu adasynda Şinano, Tone, Kitakami, Hokkaýdo adasynda Işikari. Kölleri köp, emele gelişleri boýunça dürli-dürlüdir. Ululary: Biwa (meýdany 716 kw.km), Inawaşiro, Towada, Kutçaro, Kasumigaura, Saroma. Demirgazykda küljümek, çemen-batga topraklar, aram guşaklygyň günorta böleginde goňur tokaý, subtropiklerde, tropiklerde sary we gyzyl topraklar ýaýrandyr. Ýaponiýanyň territoriýasynyň 2/3 böleginden gowragyny tokaýlar we gyrymsy agaçlar tutýar. Ýaponiýada agaçlaryň we gyrymsy agaçlaryň 700-den gowrak, otlaryň 3000-e golaý görnüşi bar. Ýurtda süýdemdirijileriň 270, guşlaryň 800-e golaýy, süýrenijileriň 110, Ýaponiýa ýanaşýan deňizlerde balyklaryň 600-den gowrak, mollýusklaryň 1000-den gowrak görnüşi bar. Ýaponiýanyň faunasynda endemik hem-de relikt görnüşler köp. Hokkaýdo we Honsýu adalarynda möjek, tilki, torsuk, ýenot görnüşli it, diňe Hokkaýdo adasynda goňur aýy, samyr, gornostaý; Togara aýlagyndan günortada tropiki fauna (uçýan itler, köp sanly tropiki guşlar we mör-möjekler) bar. Ýaponiýada guşlardan daşdeşen, jokjoky, garlawaç, durna, teterew, leglek, gyrgy, bürgüt, hüwi, kenar ýakalarynda deňiz guşlary duşýar. Süýji suwda ýaşaýan balyklardan zagara, lakga, ýylan balyk, minogalar, kenar ýakasyndaky suwlarda balykçylyk ähmiýetli balyklardan Ýuwaş okean takgazy, tunes, treska, kambala bar.

Ýaponiýa bir milletli ýurt bolup, ilatynyň 98.5%-inden gowragy ýaponlardyr. Ýurduň gadymy ilatlary aýnlar we ýamatolar. Resmi dili – ýapon dili. Ýaponiýa ilatynyň sany (2011 ýylda 127 mln-dan gowrak adam) boýunça dünýäde 10-nji orny eýeleýär. Ilatynyň ortaça gürlügi 1 kw. km-de 337.1 adam (2010). Esasy şäherleri – Tokio, Osaka, Ýokohama, Nagoýa.

III asyrda Ýamato diýen uly taýpa birleşigi döreýär. Şu birleşigiň esasynda, synpy jemgyýetiň formirleniş prosesinde ýapon döwleti emele gelýär. Feodalçylyk gatnaşyklarynyň ösmegi bilen bir hatarda gul eýeçilik gurluşy döreýär. VII asyryň ortalarynda – XII asyryň ahyrynda Ýaponiýa irki feodalizmi, XII asyryň ahyrynda – XVI asyrda ösen feodalizmi başdan geçirýär. Ýaponiýada kapitalistik manufaktura XVIII asyryň ahyrlarynda – XIX asyryň I ýarymynda ýüze çykýar.

Ýaponiýanyň dolandyryjy toparlary Sowet Russiýasynyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakyndaky ähli tekliplerini ret edýär, ABŞ, Beýik Britaniýa, Fransiýa bilen dil düwşüp, Sowet respublikasynyň garşysyna ýaragly interwensiýa ýoluna düşýär. Ýapon goşunlary 1918-nji ýylyň 5-nji aprelinde Wladiwostoga düşürilýär. Olar Sowet Primorýesini okkupirleýärler we Sibire çozýarlar. Mundan-da başga,

ýapon hökümeti Koreýany we Hytaýy koloniýalaşdyrmak işini dowam etdirýär. Halk köpçüligi Sowet Russiýasynda interwensiýany bes etmegi talap edýär. Ýaponiýanyň agressiw daşary syýasaty reaksiýanyň ýurduň içinde hüjüme geçmegi bilen utgaşýar.

Manjuriýany okkupirlemegi we Hytaýdan bölüp aýyrmagy II jahan urşuna tarap ädilen ädim bolýar. 1937-nji ýylyň iýulynda Ýaponiýa bütin Hytaýy basyp almak üçin urşa başlaýar. 1938-nji ýylda Ýaponiýa Hytaýyň ykdysady taýdan has ösen ähli gündogar bölegini okkupirlemegi tamamlaýar. Ýaponiýa sowet we mongol araçäklerinde prowokasiýalar edýär, emma güýçli gaýtawullara sezewar bolýar (uruşlar Hasan kölüniň, 1938, Halhin-Gol derýasynyň ýanynda, 1939 we başga ýerlerde geçýär).

Manjuriýany, Demirgazyk Koreýany, Günorta Sahalini we Kuril adalaryny azat edýär. 1945-nji ýylyn 2-nji sentýabrynda Ýaponiýa gürrünsiz boýun egmek hakyndaky akta gol çekýär. ABŞ atom bombasyny ilkinji gezek synag edipdi. 1945-nji ýylyň awgustynda ABŞ-da iki sany atom bombasy bardy. Şolaryň biri 1945-nji ýylyň 6-njy awgustynda Hirosima, beýlekisi 9-njy awgustda Nagasaki şäherleriniň üstüne taşlanyldy. Iki şäherden tas ýarym mln. parahat ilat öldürildi ýa-da maýyp edildi. Şäherleriň ikisi-de weýran edildi. Ýaponiýanyň uruşda ýeňiljekdigi görnüp duran ýagdaýynda, SSSR-iň Ýaponiýa garşy urşa goşuljak wagty atom bombasyny ulanmak harby zerurlyk däldi.

Bazar ykdysadyýetine geçmek bilen ýurduň ykdysadyýeti örän çalt depginde ösýär (II Jahan urşundan soňra). Jemi milli önüminiň möçberi boýunça dünýäde (ABŞ we Hytaýdan soň) 3-nji orny eýeleýär. Awtomobil gurluşygy boýunça dünýäde 2-nji orny eýeleýär.. Pul birligi – ýen.

Bilim ulgamy 1947-nji ýylyň “Bilim barada esasy kanunyna” laýyklykda gurulýar. 6 ýaşdan 15 ýaşa çenli bolan çagalar üçin hökmany okuwy 9 ýyllyk. Başlangyç mekdebi 6 ýyllyk (6 ýaşdan 12 ýaşa çenli), onuň bazasynda 3 ýyllyk uly orta mekdebi bar. Kiçi orta mekdepden uly orta mekdebe geçmek giriş synaglary we test boýunça barlamak esasynda amala aşyrylýar, okuwy pully.
Ilkinji uniwersitetleri 1868-nji ýylyň rewolýusiýasyndan soň açylýar. II Jahan urşundan soň uniwersitetleri modernirlendi, okuwyň möhleti 4 ýyla çenli (medisinada 6 ýyl) gysgaldyldy. Uly döwlet uniwersitetleri: Tokio (1877), Kýoto (1897) uniwersitetleri, Osakadaky uniwersitet (1931), Sap-porodaky Hokkaýdo (1876), Sendaýdaky Tohoku (1907) uniwersitetleri, hususy uniwersitetlerinden Nihon uniwersiteti (1889) we başgalar.

Ýaponiýada gadym zamanda (VII asyryň ortalaryna çenli) aýdym-goşgy döredijiligi we mifologiýa giňden ýaýrapdyr. Ýapon dilinde ýazylan ilkinji ýadygärligi – “Kodziki” ýyl ýazgysy 712-nji ýylda düzülýär. Onda mifler, ertekiler, taryhy rowaýatlar, aýdymlar ýerleşdirilipdir. 759-njy ýylda ilkinji ýapon poetik antologiýasy “Manýosýu” peýda bolýar. IX asyryn ortalarynda birnäçe nowellalardan ybarat. “Taketori-monogatari» powesti ýüze çykýar. Murasaki Sekibuwyň (978 ?—1016) X asyryn ahyrynda – XI asyryň başlarynda döreden “Genji – monogatari” eseri Ýaponiýanyň klassiki edebiýatynyň naýbaşy bolýar. Ösen feodalizm döwrüniň (XII-XVI asyrlar) edebiýatynyň harby-feodal günki epopeýasynyň ýüze çykmagy, dramaturgiýanyň we renga poeziýasynyň gülläp ösmegi, şäher edebiýatynyň peýda bolmagy häsiýetlidir. Hünärmenler, söwdagärler poeziýa ussatlygy boýunça ýaryşlar gurapdyr we ýaryşda üstün çykanlaryň eserler
ýygyndysy düzülipdir. Giçki feodalizm döwrüniň (XVII asyr – XIX asyryň 60-njy ýyllary) edebiýatynda demokratik meýiller agdyklyk edýär. XVIII-XIX asyrlaryň sepgidinde proza žanry täzeden pajarlap ösýär.
XIX asyryň 30-40-njy ýyllarynda sentimental roman ýazmak giň ýaýraýar. II jahan urşunda (1939-1945) ýapon militarizmi derbi-dagyn edilenden soň, Ýaponiýa edebiýatynyň ösüşinde täze etap başlanýar. Bu döwre tradision, demokratik we sengoha («uruşdan soňky topar») akymlarynyň çylşyrymly özara täsirli häsiýetlidir.  60-70-nji ýyllarda ylmy fantastiki we detektiw romanlar ýazmak has rowaçlanýar. Ýaponiýada Nobel baýragynyna mynasyp bolan iki ýazyjy bar – Ýasunari Kabawata (1968) we Kenzaburo Oýe (1993).




#Article 48: Koreýa Respublikasy (970 words)


Koreýa Respublikasy (  tehan minguk) — Günorta Aziýada döwlet, ol Koreý ýarymadasynda ýerleşýär. Ýurduň resmi däl ady — Günorta Koreýa.

Goňşy döwletler: Hytaý, Ýaponiýa, Russiýa we Demirgazyk Koreýa.

XX asyryň ikinji ýarymynda Koreýa respublikasynyň dőreýşi, onuň syýasy-ykdysady ősüşi, daşary syýasaty barada düşünje bermek bilen talyplarda watançylyk duýgularyny terbiýelemek.

Koreýa respublikasy Koreýa adasynyň Günorta bőleginde bolup, ol Çedjudo adasyny hem őz içine alýar. Ol 1948 – nji ýylyň 15 – nji awgustynda respublika diýip jar edýär. Paýtagty – Seul. Çägi-100-210 kw2, ol – 9 welaýatdan. 5 şäherden ybarat. Ilaty 51 mln 70 adam. Dili – koreýa dili. Dini – buddizm we hristian. Puly – wona. (pul birligi). Esasy şäherleri – Seul, Pusan, Tegu. Tebigy baýlygy çäkli.

Koreýanyň ilaty Merkezi Aziýadan, Altaýdan gelen gelmişeklerden düzülipdir. VII asyrda olar bileşip, Koreýany dőredipdirler. 1892-nji ýylda Çeson nesilşalygy Koreýany ýapyk diýip yglan etdi. Koreýa 1904-1905-nji ýyllaryň rus-ýapon urşunda Ýaponiýanyň ýeňmegi bilen bu ýerde őz agalygyny dikeltdi, 1910-njy ýylda Koreýany őzüniň doly baknasyna őwürdi. Koreýa daşary ýurtlylar üçin açyk boldy.

Koreýanyň çäginde 300-e golaý wulkaniki adasy bar.

Ikinji jahan urşundan (1939 – 1945) soň, Ýaponiýanyň derbi –dagyn edilmegi bilen Koreýada Ýapon baknadarlygy puç boldy. (Koreýa 1905 – nji ýyldan Ýaponiýanyň baknasydy, 1910-njy ýylda bolsa ol Koreýany anneksirledi-çägini eýeledi). 1945-nji ýylyň Alp-Arslan aýynyň 15-i Koreýanyň azat edilen güni hasaplanyp, koreý halkynyň milli baýramçylygy diýip bellenilýär. Potsdam maslahatynyň karary boýunça (17. VII – 2. VIII. 1945.) 38 – nji parallel boýunça çäklendirilen çäk geçirildi. (ini 4 km, uzunlygy 250 km.) Günorta Koreýada amerikanlar őz gőzegçiligi astynda bolan raýat edar edişini düzdüler. 1948 – nji ýylyň Magtymguly aýynda BMG – nyň “Koreýa meselesi” boýunça barlag toparynyň gőzekçiligi astynda Milli ýygnaga saýlaw boldy. Alp-Arslan aýynyň 15-de Koreýa respublikasy jar edildi. Onuň prezidentligine 1919-njy ýyldan bäri ABŞ – da ýaşan Koreýa emigranty Li Syn Man saýlandy. Demirgazygyň we Günortanyň partiýalarynyň maslahaty boýunça bütün yurt boýunça ýokary halk ýygnagyna saýlaw geçirildi. (Günortada gizlin) Onuň netijesi esasynda 1948-nji ýylyň Ruhnama aýynyň 9-da Koreýa halk Demokratik Respublikasy jar edildi. Onuň ýolbaşçylygyna Kim Ir Sen saýlandy. Koreýa resmi ikä bőlündi. Iki dőwletiň arsyndaky gatnaşyklar dartgynly boldy. KHDR –ň ýolbaşçylary “Watanyň birleşdirilmegi we doly garaşsyzlygyň” zerurlygy hakda habar berse, Li Syn Man “Demirgazyga ýőrüş” hakda çykyş etdi. 38 –nji parallelde birnäçe gezek harby çaknaşyklar boldy. 1950-nji ýýlyň Oguz aýynyň 25-de harby hereketler başlandy. KHDR –ň goşuny 3 günden soň Seuly eýelediler we günorta çuňlaşdylar. BMG –ň Howpsuzlyk Geňeşi KHDR –ny agressor diýip belledi. Ruhnama aýynyň 15-de ABŞ goşunynyň 50 müň desanty Inçhona düşürildi. Indi olar KHDR kőp çägini eýeläp, KHR –ň serhedine baryp ýetdiler. ABŞ –a garşy SSSR we KHR –ň goşuny çykyş etdi, olaryň harby uçarlary harby herekete gatnaşdy, olar KHDR-e ýarag we harby enjamlar berdiler. Netijede ýylyň ahyryna BMG –ň goşuny 38 –nji parallele serpikdirildi. 1953-nji ýylyň Gorkut aýynyň 27-de ýaraşyga gol çekildi.

Şäherler weýran boldy, 9 mln adam őldi. Uruş Günorta Koreýanyň ykdysadyýetine kőp zeper ýetirdi. Ol ABŞ –a bakna boldy. Li Syn Man 1960 –njy ýyla çenli prezident boldy. 60 –ýyla çenli yurt agrar ýurtdy. Ýer őzgerdişi geçirildi. Dőwlet iri ýer eýelerinden ýeri satyn alyp, daýhanlara satdy. Senagat gowşakdy. Ýaşaýyş derejesi pes.

Oba – hojalygynda esasy pudak-ősümçilik ősdürmek. G/o Koreýanyň 22 % çägi bejerilýär. Onuň 18 % suwarymly ekin ýeri 2,8 mln mw. m. Däneli ősümlikler –bugdaý, arpa, şaly. Tehniki medeni ekinler – gowaça, temmäki, kenep. Bakçaçylyk alnyp barylýar. Maldarçylykda iri şahly mallar, doňuz, guşçylyk alnyp barylýar. Şeýle hem ýüpekçilik we deňiz hojalygy bilen meşgullanýarlar. Demir ýolunyň uzunlygy 6 müň km, awtomabil ýoly 54 müň km. Uly gämi duralgalary-Pusan, Ulsin, Inçhon, Masan. Howa transporty- ősen harby uçar duralgalarynyň gür seti bar.

ABŞ –ň harby bazalary bar. Eksport –esasan hem senagat őnümlerini edýär: dokma, gämi, polat, çoýun, telewizorlar, magnitafon, hasaplaýýş tehnikasy, aýakgap, faner, himiki őnümler. Ykdysadyýeti esasy ABŞ we Ýapon puluna bagly. Senagatda iri kärhanalar şonuň hasabyna işleýär. 1983-nji ýylda kőmür 19 mln tonna őndürildi, wolfram – 4,7 müň tonna őndürilip, dünýade birinji orny eýeledi, ol wolfram Sandon, Kanwon welaýatlarynda çykýar. Şeýle hem demir, marganes, mis, kümüş, altyn, duz, grafit we ş. m. çykýar. Elektrik energiýa – 50 mlr kwt. Importy – nebiti gaýtadan işlemek – maşyn, electron, dokma őnümleri, awtomobil, gämi, takyk enjamlar, elektro tehnika enjamlary –ősen. Ykdysadyýetde 15 mln adam işjeň gatnaşdy. Oba – hojalygynda balykçylyk we tokaýçylygy- 29 %, senagaty-25 %, sőwdada we hyzmatda 21 % adam, transport aragatnaşygy – 4%, gurluşykda – 5% adam gatnaşdy. Işsizlik – 1,5 mln adamdy.

Koreýa respublikasy industrial ýurda őwrüldi. Yurduň beýle çalt ősmeginiň aýratynlyklary: 1. Taýwandan pul almagy, ABŞ-dan 1,5 mlrd pul almagy, Ýaponiýadan 1965-81-nji ýyllarda 12 mlrd amerikan dollaryny almagy; 2. Arzan işçi güýji ulanmagy.

Diktator düzgüni ýyllarynda Koreýa respublikasynda syýasy ýagdaý durnuksyzdy. Talyplar demokratýanyň bozulýandygy, ABŞ–ň harby güýçleriniň saklaýandygyna, ownuk we orta emläkliler bolsa biznesiň dőwlet tarapyndan goldanylmaýandygyna nägililik bildirýärdi.

Halk gőni prezident saýlawyny geçirmegi we konstitusiýa (1980 ý) üýgeşme girizmegi talap etdi. 1987-ýylda ählihalk referendumy-ses bermesi geçirildi. Halkyň 93,7 % gőni prezident saýlawyna we Konstitusiýa üýtgeşmeler girizmäge ses berdi.

Daşary syýasatda esasy ABŞ, Ýaponiýa, Taýwand, Gankong, Singapur bilen ýakynlaşdy. 1988-da 24-nji olimpiýa oýunlarynyň geçirilmegi onuň daşary syýasatyny has işjeňleşdirdi. Harbylaryň 30 ýyllyk dolanyşygyndan soň 1993-nji ýylyň Baýdak aýynda prezident bolup raýat syýasatçysy Kim Ýen Sam saýlandy. Ol Demolratik liberal partiýanyň (dolandyryjy) wekilidi. Ol giňmasştably őzgerdişler girizmäge başlady. Iki Koreý dőwletiniň arasyndaky gatnaşyklar-1953-nji ýylyň ýaraşygyndan soň 2 Koreýanyň arasy dartgynly boldy. Demarkasion-ýurdy ikä bőlýän çägiň günorta tarapyndan 38 –parallel boýunça demir biton diwary dikeldildi. 1980-nji ýylyň ahyrynda dartgynlyk gowşady. 1991-nji ýylda Bitaraplyk aýynda ýaraşyk, birek–birege çozmazlyk we hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşyldy. Olar Koreýa ýarym adasynyň ýadroýaragsyz sebite őwrülmegi hakda dilleşdiler.

Koreýanyň birleşdirilmeginiň őz nogsanlyklary bar. Oňa päsgel berýän ulyly-kiçili şertleri bar.

Seul –bolsa hernä demirgazyk Koreýa őzüniň kesel ykdysadyýeti we gedaýlaşan ilaty bilen Günortanyň “gerdednine” düşer diýip gorkýar. Günbatardaky Germaniýanyň birleşigine syn eden Günorta Koreýa şol külpetiň őz başyna düşse çydamajakdygyny boýun alýar. Iki Koreýa hem birleşmegi başarman, hat –da birleşmäge gyssanmaýarlar. Emma bütün dünýä ynanmazlyk buzunyň eräp, Koreýanyň birlşmeginiň tarapdarydyr.




#Article 49: Ýapon dili (520 words)


Ýapon dili (“Nihingo”, aýdylyşy “nihingo”, “nihöňňo”; ) —Ýaponiýanyň ilatynyň milli dili bolup, dünýäde bu diliň 125 million adamdan gowrak ulanyjysy bardyr. Ol ýapon günorta-günbatar adalarynyň diller maşgalasynyň agzasydyr we mundan başga-da onuň koreý-altaý diller maşgalasyna gatnaşygynyň barlygy hakynda hem aýdylýar. Grammatik we sözlük aýratynlyklary esasynda bu diliň 2 görnüşi bardyr, ýagny hyöjungo-“standart ýapon dili” we kyötsügo-“umumy ýapon dili”. Standart ýapon dili (hyöjungo) syýasy dil hökmünde 1900-nji ýyla çenli ulanylypdyr. Soňra umumy ýapon dili (kyötsügo) ulanylyşa giripdir. Ýapon diliniň kýötsügo görnüşi häzirki wagtda gürleýişde ulanylsa-da, mekdepde okuwlar, teleradio gepleşikleri we syýasy resminama işleri hyöjungo görnüşinde alnyp barylýar. Häzirki döwürde ýapon dili Ýaponiýada we Ýaponiýanyň daşyndaky döwletlerde jemi 130 million adam tarapyndan ulanylýar. Ýapon dili dünýäde iň köp geplenilýän dilleriň hatarynda dokuzynjy bolup durýar. Ýapon dili ýapon ýa-da ýapon-rýukýuan dil maşgalasyna degişli bolup durýar. Ýapon dili bilen baglanşykda ençeme dil maşgalasy agzalyp geçilýär ýöne bularyň hiç birisi hem alymlar tarapyndan biragyzdan kabul edilen däldir. Ýapon dili agglutinatiw dillerden bolmak bilen birlikde bu dilde hormat bilen ýüzlenmek üçin örän köp görnüşli sözler bardyr. Bu bolsa ýapon jemgyýetiniň köp gatlaklylygy bilen düşündirilip biliner.

Ýapon dili üç sany ýazgy arkaly ýagny üýtgedilen hytaý harplary (başgaça ady kanji), üýtgedilen hytaý harplarynyň iki bogunly görnüşi (başgaça ady hiragana) we katakana atly harplardan düzülendir. Döwrebäp ýapon dilinde latyn elipbiýi hem (ýapon dilinde romaji) ulanylýar. Latyn elipbiýi esasan şereketleriň ady, reklamalarda we ýapon harplary kompýutere geçirilende ulanylýar. San hökmünde bolsa arap sanlaryndan başga-da sino-ýapon (ýapon sanlary) giňden ulanylýar.
Beýleki diller ýapon diliniň baýlaşmagynda örän uly orny eýeleýär. Hytaý dili ýa-da hytaý dilinden üýtgäp geçen sözler ýapon diliniň baýlaşmagynda azyndan 1500 ýyl bäri öz täsirini görkezip gelýär. XIX asyryň aýaklaryndan başlap hidi-ýewropa dil maşgalasyndan we esasanam iňlis dilinden ençeme söz ýapon diliniň has-da baýlaşmagyna getiripdir. Ýaponiýanyň XVI asyrda Portugaliýa bilen soňra bolsa XVII asyrda Niderlandiýa bilen söwda bolanlygy sebäpli ýapon diliniň baýlaşmagyna portugal we golland dilleriniň hem uly täsirleri bolupdyr.
Geografiki taýdan ýapon dili
Ýapon dili diňe Ýaponiýanyň çäginde geplenilýär diýsek ýalňyş bolar. Ýaponiýa Koreany, Taýwany, Hytaýyň käbir ýerlerini ,Filippinleri we Ýuwaş okeandaky käbir ýerleri ikinji jahan urşy wagtlarynda basyp alypdyr.

Ýaponiýadaky ýerli ilatyň dili we şiwesi II asyryň başlarynda Ýewropa ýakyn bolan aziýalylaryň we Ýuwaş umman adalarynyň ýaşaýjylarynyň gelmegi bilen üýtgänligi çaklanylýar. Emele gelen dili bolsa ýapon günorta-günbatar adalarynyň dilleri diýlip atlandyrylypdyr. III asyra degişli Hytaý resmi-iş kagyzlarynda gadymy ýapon sözleriniň birnäçesi gabat gelýär. Emma tutuşlygyna ýapon dilinde ýazylan resminamalara diňe 8 asyrdan soň gabat gelinýär. Ýapon diliniň köki hytaý dilinden gaýdan bolmasa-da, hytaý diliniň gadymy ýapon diline eden täsiri güýçli bolupdyr. Muny ýapon dilinde duşýan birnäçe hytaý sözleri bile düşündirmek bolar. Häzirki zaman ýapon dilinde bolsa ýewropa dillerinden gaýdýan birnäçe alynma sözlere hem gabat gelinýär.

Ýapon diliniň döwürleri:

Ýapon dili agglýutinatiw dildir (ýagny dürli morfemasy bolan sözleriň birigip, dürli sözleri emele getirmegi). Onuň çekimsiz sesleriniň uzynlygy we çekimileriniň  arassa aýdylmagy beýleki dillerden tapawutly fonetikany emele getirýär. Sözleriniň ýazylyşy boýunça ol üç topara bölünýär: hiragana katakana, kanji. Işlikler zaman we işlik şekilleriniň goşulmalaryny kabul edýärler.

Häzirki wagtda dünýäniň iň ösen uniwersitetlerinde ýapon dili ikinji dil hökmünde öwredilýär. Hatda orta mekdeplerde-de ýapon dili bardyr. Ýapon medeniýetiniň, tehnologiýasynyň, animasion filmleriniň ýaýramagy bilen bu dili öwrenmäge höwes edýän halklaryň sany barha artýar.




#Article 50: Laos (296 words)


Laos, bir döwlet Aziýa'da. Goňşy döwletler: Taýland, Wýetnam, Kamboja we Hytaý. Häzirki Laos 14-nji asyrdan XVIII asyra çenli Günorta-Gündogar Aziýanyň iň uly patyşalyklarynyň biri hökmünde bar bolan Lan Xang bilen taryhy we medeni aýratynlygyny yzarlaýar. Günorta-Gündogar Aziýada merkezi geografiki ýerleşişi sebäpli bu patyşalyk ýerüsti söwda merkezine öwrüldi we ykdysady we medeni taýdan baý boldy. Birnäçe wagtdan bäri dowam eden içerki dawa-jenjelden soň Lan Xang üç aýry patyşalyga - Luang Phrabang, Wientiane we Çampasak bölünipdi. 1893-nji ýylda bu üç sebit fransuz goraghanasyna girdi we birleşip, häzirki Laos diýlip atlandyrylýan zady emele getirdi. Japaneseapon basybalyjylygyndan soň 1945-nji ýylda gysga wagtyň içinde garaşsyzlyk gazandy, ýöne 1949-njy ýylda özbaşdaklyk gazanança Fransiýa tarapyndan gaýtadan dikeldildi. Laos 1953-nji ýylda Sisawang Wongyň döwründe konstitusion monarhiýa bilen garaşsyz boldy. Garaşsyzlykdan soňky raýat urşy başlandy, onda Sowet Soýuzy tarapyndan goldanýan kommunistleriň garşylygy, soňra ABŞ tarapyndan goldanýan harby reimesimleriň täsiri astyndaky monarhiýa garşy söweş başlandy. 1975-nji ýylda Wýetnam söweşi gutarandan soň, kommunist Pathet Laoshäkimiýet başyna geldi we raýat urşuny bes etdi. Laos soňra 1991-nji ýylda dargadylýança Sowet Soýuzynyň harby we ykdysady kömegine garaşlydy

Laos dilinde ýurduň ady Muang Laos (ເມືອງ ລາວ) ýa-da Pathet Laos (ປະ ເທດ is), ikisiniňem manysy “Laos ýurdy” diýmekdir 

Laosyň demirgazygyndaky Annamit daglaryndaky Tam Pa Ling gowagyndan gadymy adam kellesi tapyldy; kellesi azyndan 46,000 ýyl, bu günorta-gündogar Aziýada tapylan iň gadymy häzirki zaman galyndylaryna öwrüldiLaosyň demirgazygyndaky Giçki pleýositene degişli ýerlerde Hoabinhian görnüşlerini öz içine alýan daş eserler tapyldy. Arheologiki subutnamalar beöň 4-nji müňýyllykda ösen agronom jemgyýetiniň bardygyny görkezýär. Jynaza bankalary we beýleki mazarlar bürünçden ýasalan zatlaryň takmynan 1500-nji ýylda dörän we demir gurallary beöň 700-nji ýyldan belli bolan çylşyrymly jemgyýeti görkezýär. Taryhy başlangyç döwür Hytaý we Hindi siwilizasiýalary bilen aragatnaşyk bilen häsiýetlendirilýär. Lingwistik we beýleki taryhy subutnamalara görä, Tai dilli taýpalar 8-10-njy asyryň arasynda Guangxi şäherinden günorta-günbatara Laosyň we Taýlandyň häzirki sebitlerine göçüpdirler. 

 




#Article 51: Taýland (1425 words)


Tailand (), Tailand Patyşalygy ( ) — Günorta-Gündogar Aziýada döwlet, ol Hindi-hytaý ýarymadasynyň günorta-günbatar böleginde we Malakka ýarymadasynyň demirgazyk böleginde ýerleşýär. Ol gündogarda Kamboja we Laos, günbatarda — Mýanma we günortada — Malaýziýa bilen serhetleşýär.

Umumy tutýan meýdany: 514 müň inedördül kilometr.

Ilaty: 65,4 million adam.

Paýtagty: Bangkok.

Pul birligi: Bat.

Tailand – Günorta-Gündogar Aziýada ýerleşýän döwlet. Ol Hindihytaý ýarym adasynyň günorta-günbatarynda we Malakka ýarym adasynyň demirgazygynda ýerleşýär.

Taýland gündogarda Kamboja we Laos, günbatarda Mýanma, günortada Malaýziýa bilen araçäkleşýär. Taýland 1939-njy ýyla çenli Siam diýlip atlandyrylýardy. Ol “thaý” sözünden gelip çykýar. Ýurduň döwlet dili bolan taý dilinde “thaý” sözi erkinlik diýen manyny berýär. “Taýland” (Thailand) ýurduň iňlisçeleşdirilen görnüşidir.

Taýland patyşalygy Günorta-Gündogar Aziýada ýerleşip, ýurduň günbataryny Andaman deňzi ýuwýar. Taýlandyň territoriýasy demirgazykdan günorta tarap uzalyp gidýär. Demirgazyk burçundan günorta burçuna çenli aralyk 1860 kilometre deňdir. Taýlandyň howasy dürli-dürli bolup, sebitde ýerleşýän ýurtlaryň howasyndan tapawutlanýar. Ýurduň howasy oba hojalygy üçin örän ýaramlydyr. Ýylda iki gezek hasyl ýygnalýar. Ýurduň dürli howa şertleri syýahatçylyk pudagynyň ösüşine hem oňyn täsirini ýetirýär. Ýurda ýylyň her paslyndan daşary ýurtly syýahatçylar yzygiderli gelýärler.

Tokaýlar ýurduň meýdanynyň 10 göterimini tutýar. Ýurduň demirgazygynda we günorta böleginde tokaýlyklar bar.

Döwlet gurluşy

Ýurtda döwlet baştutany – patyşa. Ýurduň premýer-ministri patyşa tarapyndan bellenýär. Iki palataly parlament- Milli geňeş. Ol wekiller palatasy we senata bölünýär. Wekiller palatasynda 480 deputat, Senatda bolsa 150 deputat bar. Palatalaryň agzalaryny halk saýlaýar. Aşaky palata (wekiller palatasy) her dört ýyldan, Senat bolsa 6 ýyldan bir gezek saýlanýar.

Ýurduň ilatynyň agramly bölegini taýlar tutýar. Şeýle hem ýurtda Laos, Hytaý ýaly ýurtlaryň adamlary hem ýaşaýar. Ýurduň ilatynyň 94,6 göterimi buddizm dinine uýýar. Ilatyň 4,6 göterimi musulman. Ilatyň gürlügi – bir inedördül kilometre 118 adam düşýär. Ilatyň dörtden bir bölegi şäherde ýaşaýar.

Taýland patyşasy ýurduň baştutany hasaplanýar. Ýurtda patyşa maşgalasyna uly hormat goýulýar. Bu hormat patyşa Phumiphonyň halkynyň abadan we parahat durmuşda ýaşamagy üçin edýän aladasyndan gelip çykýar. Buddizm we beýleki dinler ýurduň medeniýetinde we durmuşynda öz ornuny alypdyr. Ýurduň milli heýkeltaraşlyk sungatynda muny görmek bolýar.

Ykdysadyýeti

Ýurduň ykdysadyýeti sazlaşykly we çalt depginlerde ösýär. Ýurtda syýahatçylyk pudagy hem ösen. Dünýäniň iň iri tüwi we rezin eksport edýän Taýlandyň ykdysadyýeti esasan Bangkogyň daş-töwereginde jemlenýär.

Taýland tebigy baýlyklara baý ýurt. Ýurtda galaýy, wolfram, marganes, demir, sink, kömür, gymmat bahaly daşlar ýaly gazylyp alynýan peýdaly baýlyklar bar.

Ýurduň merkezi böleginiň ykdysady gatnaşyklary has ösen. Bangkok we onuň eteklerinde köp sanly iri senagat kärhanalaryna, banklara we söwda kompaniýalaryna duş gelmek bolýar. Ýurduň düzlüklerinde şaly, şeker çiňňirigi, mekgejöwen ýaly ekinler ekilýär. 1970-nji ýyllarda ýurduň ykdysadyýeti orta hasap bilen 7 göterim ösýärdi. Soňky ýyllarda bu görkeziji 13 göterime çenli ýokarlandy. Ýurduň ilatynyň işe ýaramly bölegi 34 million adama deňdir. Olaryň 57 göterimi oba hojalygynda, 17 göterimi senagatda, 11 göterimi söwdada, 15 göterimi hyzmat we döwlet gullugynda zähmet çekýär. Ýurduň ilatly nokatlarynyň agramly bölegi elektrik energiýasy bilen üpjün edilen.

Ýurtda maldarçylyga hem uly üns berilýär. Daýhanlaryň aglabasy et üçin towuk köpeldýärler. Şonuň hasabyna hem ýurtda towukçylyk pudagynda ep-esli ösüş gazanyldy. Ýurduň ilaty balykçylyk bilen hem meşgullanýar. Olar dürli deňiz jandarlaryny hem tutýarlar. 1990-njy ýyllaryň ahyrlarynda Taýland deňiz jandarlaryny tutmakda dünýäde öňdäki orny eýeledi.

Ýurduň gaýtadan işleýän senagaty 1990-njy ýyllardan soň çalt depginler bilen ösdi we iň girdejili pudaklarynyň birine öwrüldi. 1996-njy ýylda bu pudagyň girdejisi umumy içerki önüminiň 30 göterimine deň boldy. Bu ugurda elektronika, nebit-himiýa, awtoulaglaryň ýygnalmagy we zergärçilik has-da ösdi.

Soňky ýyllarda ýurduň daşary söwdasy barha artýar. Eksport edýän esasy harytlary: kompýuter, elektrik sazlaýjylar, zergärçilik önümleri, taýýar egin-eşikler, mata, plastikadan ýasalan dürli önümler, galaýy, oba hojalyk önümleri (tüwi, kauçuk) we deňiz önümleri. Import edýän esasy harytlary: ulag, hojalyk harytlar, nebit we nebit önümleri. Taýland eksport edýän önümleriniň aglaba bölegini ABŞ-a iberýär. Ikinji orunda Ýaponiýa dur. Ýaponiýa öz gezeginde Taýlanda içerki bazary üçin zerur bolan harytlary satýar. Ýurda esasy maýa goýum ABŞ we Ýaponiýadan gelýär.

Ulag ulgamy: Taýlandyň demir ýollarynyň umumy uzynlygy 4 müň kilometr. Ol Bangkoky ýurduň demirgazyk we demirgazyk-gündogarynda şäherler, şeýle hem Malaýziýa we Singapur  bilen birleşdirýär. Ýurduň ösen garaýol ulgamy bar. Olaryň umumy uzynlygy 70 müň kilometr. Döwrebap garaýol ulgamy bilen ýurduň islendik nokadyna baryp bolýar. Ýurduň öz içindäki gatnawda suw transporty köp ulanylýar. Bangkokyň halkara aeroportundan Ýewropanyň köp ýurduna, Aziýa, Amerika we Awstraliýa gündelik howa gatnawlary amala aşyrylýar. Esasy deňiz portlary: Bangkok porty, Sattahip porty, Phuket porty, Songkhla porty, Kantang porty. Söwda gatnaşyklarynda Bangkok porty ulanylýar.

Pul birligi: Ýurduň pul birligi-bat. Ýurduň maliýe ulgamyna Taýlandyň banky jogap berýär. Ol 1942-nji ýylda döredildi. 1975-nji ýyldan bäri Taýlandyň biržasy döwletiň gözegçiliginde hereket edýär.

Oba hojalygy

Taýland dünýäniň iň iri tüwi öndürýän we eksport edýän ýurdy hasaplanýar. Ýurt her ýyl dürli görnüşdäki tüwileriň 9 million tonnasyny dünýä bazaryna çykarýar. Oba hojalygy pudagy ýurduň umumy içerki önüminiň 10 göterimini tutýar. Şeýle hem ýurtda mekgejöwen, ananas, kakos, banan we beýleki miweler ýetişdirilýär.  Taýland bu miweleri hem daşary ýurt bazarlaryna ýerläp, gowy girdeji gazanýar.

Şäherleri

Ýurduň iň iri şäheri Bangkok hasaplanýar. Metropoliten şäheriň düzümine birnäçe şäher eteklerindäki etraplar girýär. Şäher Çauphraýa derýasynyň gündogar kenarynda ýerleşýär. Derýanyň günbatar kenarynda bolsa Thonburi şäheri ýerleşýär. Soňky maglumatlara görä, şäherde 12 milliondan gowrak adam ýaşaýar. Bu görkeziji hem şäher ilatynyň 60 göterimi tutýar.

Nakhonratçasima, Korat ady bilen hem tanalýan şäher ýurduň gündogar böleginiň iri ykdysady we administratiw merkezi hasaplanýar. Ol demir we gara ýollaryň esasy uzeli bolup durýar. Gündogardaky Ubonratçathan şäheri hem ösüp barýan söwda merkezleriniň biri hasaplanýar.

Taýlandyň günortasynda, Malaýziýa bilen serhetleşýän ýerinde Haýtaý şäheri ýerleşýär. Ol Bangkogyň demirýol magistralynyň ugrunda ýerleşýär.  Haýtaý şäheriniň üsti bilen Malaýziýa kauçuk satylýar.

Çeperçilik sungaty

Taýland milli çeperçilik sungaty bilen meşhurdyr. Ýurduň ähli ýerinde, şol sanda Bangkok we Çiangmaý ýaly iri şäherlerde çeperçilik sungatyna degişli merkezlere duş gelmek bolýar. Taýland – Aziýada ýüpek we dokma toplumyna degişli önümleriň önümçiliginde öňdäki orunlarda durýar. Ýurduň şäherlerindäki dükanlarda dürli hilli we arzan bahadan sowgatlyk harytlaryny satyn almak mümkin.

Baýramçylyklary: Taýlandyň milli baýramçylyklary ýylyň dürli möwsümleri bilen baglanyşyklydyr. Songkhran (Täze ýyl) bahar paslynyň gelendigini habar berýär. Ol aprel aýynyň 12-14-i aralygyna deň gelýär. Bu baýramçylyk üç gün dowam edýär. Baýramçylygyň çäginde adamlar birek-birek bilen suw sepişýärler.

Maý aýynda oba hojalyk möwsüminiň başlanandygyny alamatlandyrýan baýramçylyk, Budda bagyşlanan Wisakha-pudja baýramçylygy bellenýär. Sentýabrda  Ok-phansa baýramçylygy bellenýär. Ol ýagyş möwsüminiň tamamlanandygyny alamatlandyrýar.

Bilimi: Ýurtda başlangyç bilim hökmanydyr. Ýurtda uniwersitetlerdir, tehniki, mugallymçylyk, oba hojalyk institutlarynyň birnäçesi hereket edýär. Bangkokdaky ýurduň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Çulalonkorn 1917-nji ýylda, Tammarsart bolsa 1933-nji ýylda döredildi. Ýurtda Ramkamheng, Kasetsat we Mahidon uniwersitetleri hem hereket edýär.

Metbugaty: Taýlandda onlarça gündelik gazetler neşir edilýär. Olar taý, hytaý we iňlis dillerinde çykýar. Köp tiražly gazetleri: „Tai rat“, „Deýli nýus“, „Siýam rat“, „Sisýan žibao“, „Szinhua žibao“, „Bangkok post“, „Neýşn“.

Ýurduň tele we radio ýaýlymlary döwletiň gözegçiliginde saklanýar. Ýurduň döwlet radioýaýlymy „Radio Taýland“ gepleşiklerini efire taý dilinde berýär. Şeýle hem birnäçe radio stansiýalar we 11 telestansiýalar işleýär.

XI asyrda taýlar Hytaýyň günortasyndan göçüp gidýärler. XIII asyrda bu ýerde birinji döwlet döredilýär. 1350-nji ýylda Aýýuthaýa patyşalygy esaslandyrylýar. Patyşalyk dört ýüz ýyl hökümdarlyk edip, öz territoriýasyny giňeldýär. Soňra Taýland patyşalygy döreýär. Ol häzir Birleşen Milletler Guramasynyň, Bütindünýä bankynyň agzasydyr.

Gözel ýerleri

Ýurduň paýtagty Bangkokda patyşanyň köşgi, uly kitaphana, muzeý, Çakriniň köşgi we köp sanly ybadathanalar bar. Şäherde 400-den gowrak ybadathana bar. Samutprakarnede dünýäniň iň iri krokodil fermasy ýerleşýär. Dünýä belli deňiz kurortlary: Ça-am we Huahin. Pattaýa – Taýlandyň dünýä belli kurorty hasaplanýar. Onda pil goraghanasy bar.

Ýurduň iň uly şäheri we paýtagty bolan Bangkokda 6 milliondan gowrak adam ýaşaýar. Şäheriň eteklerini hem hasaba alanyňda ilatynyň sany 11 milliondan geçýär. Şäheriň meýdany 1.565 inedördül kilometre deň bolup, onuň eteklerini goşanyňda 7.761 inedördül kilometre deň bolýar. Şäher derýanyň kenaryndan ýerleşýär.

Bangkok Günorta-Gündogar Aziýanyň iň çalt we ykdysady taýdan sazlaşykly ösýän şäheri hasaplanýar. Bütindünýä meteorologiýa gullugy Bangkogy dünýäniň iň yssy iri şäheridigini aýdýar. Şeýle hem bu şäher dünýäniň iň köp syýahatçy gelýän şäheri hasaplanýar.

Şäheriň halkara derejesindäki ady Bangkok. Ýurduň döwlet dili bolan taý dilinde şäheriň ady “Krung Thep” diýlip atlandyrylýar. Ol “Perişdeler şäheri” diýen manyny berýär.

Doganlaşan şäherleri

Bangkogyň birnäçe doganlaşan şäherleri bar. Olar şeýleräk:

Pattaýa

Pattaýa Taýlandyň iri şäherlerinden biridir. Paýtagt Bangkogyň günorta-gündogarynda, takmynan 165 kilometr uzaklykda Taýland aýlagynyň kenarynda ýerleşýär. Şäher administratiw taýdan Çonburi welaýatyna degişli bolandygyna garamazdan, onuň öz-özüni dolandyryş merkezi bar. Pattaýa sözi “günorta-günbatar  munson şemaly” diýen manyny berýär. Şäher dünýäniň iň owadan dynç alyş zolaklarynyň biri hasaplanýar. 2005-nji ýyldaky maglumatlara görä, şäher şol ýyl 5,4 million syýahatçyny myhman alypdyr. Soňky ýyllarda bu şähere Gündogar Aziýa we Russiýa ýaly ýurtlardan gelýän syýahatçylaryň sany barha artýar.

Şähere işlemäge we syýahat etmäge gelýän daşary ýurtlularyň sanynyň artmagy netijesinde şäherde köp gatly jaýlar gurlup ulanmaga berlip başlandy. Şeýlelikde şäher köp gatly jaý babatda Bangkokdan soň ikinji orna geçdi. Pattaýa öň syýahatçylyk babatda ýurtda arzan şäherleriň biri bolupdyr.

Şäheriň esasy köçeleriniň biri bolan Walkin strit köçesi hemişe köp adamly bolýar. Köçäniň ugrunda dürli dükanlar, adamlaryň wagtyny hoş geçirmekleri üçin teatrlar, restoranlar bar.




#Article 52: Fizika (130 words)


Fizika gadymy grek dilinden gelip tebigat, tebigat bilimi manysyna gelyar. Energiya we güç, maddanyn harekedi yaly zatlary ögrenyar. Maksady bütin alemin syrlaryny öwrenmek. Fizika ylmyny taryhy özgerişine göra iki şaha bölüp bileris:

Klassik fizika

Elbette klassik fizikanyn ösmegine goşant goşan bir topar fizikçi bardyr, emma Newton bularyn hemmesinden önde geler. Çünki ylymyn namedigine kesgitleme getiren ylym adamy Newtondyr. Newtonyn aytmagyna göra, bir teorinin fizika kanuny bolmasy üçin tejribe bilen tassyklanmasy gerekdigini aydyp geçyar. Bu bütin ylym kanunlary üçin geçerli bolyar. Klassik fizikanyn esasy içine alyan zatlary mehanika, termodinamika, statistik fizika ve elektromagnetizm.

Hazirki zaman fizikasy

Hazirki zaman fizikasy ya-da modern fizika 1900-nji yylda Max Planck bilen başlayar. Klassik fizikanyn kabir yagdaylary düşündirip bilmedigi üçin modern fizika yüze çykyar. Modern fizika kuantum fizikasy we Einsteinin teorileri bilen güllap ösyar.

Fizika taslama




#Article 53: Uly Balkan dagy (111 words)


Uly Balkan dagy – (Balkan daglarynyň bir bölegi)-  Türkmenistan döwletiniň günbatar çäginde,  kaspi derýanyň  kenar ýakasynyň gündogar çäginde ýerleşýän uly dag gerşleri. Gury Uzboyuň ugry kiçi Balkan dagyndan we Köpetdagyň günbatar çet gerşinden aýratyndyr.

Dag gerşleri Türkmenistanyň günbataryndan gündogara 60 km uzynlygyna uzalyp ini bolsa 20 km ýaýrap gidýar. Uly Balkanyn çür depesi- Arlan dagy bolup onyn boýy 1880 metre baryp ýetýär. Arlan dagy ýapy beýik görnüşinde bolup, demigazygynda kert inelgeleri we günortasynda has ýapy eňňitleri özünde jemleýär. Aýratyn görnüşde gurnalan hek daşlary, gumly ýura ulgamy  we  hek gatlaklaryny özünde jemleýär. Kertler örän ýalaňaç halda bolup  esasanda  demirgazyk gerişleri dikligine gaýtýar we günorta gerşleriniň ýapgytlarynda bolsa, giň gowaklara-da duş gelmek bolýar. 




#Article 54: Amyderýa (277 words)


Amyderýa Türkmenistanda bir derýadyr. Amyderýa öz gözbaşyny Owganystandaky Hindiguş daglaryndan alyp gaýdýar ve Aral deňizine guýýar.

Amyderýa – Merkezi Aziýanyň iň uly derýasy. Ol Owganystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň çäginden geçip, Aral deňzine guýýar. Derýa ep-esli ýerde Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň tebigy araçägi hasaplanýar.
Uzynlygy 1 415 kilometr, goşandy Penj derýasy bilen 2 540 kilometr. Onuň 1 000 kilometri Türkmenistanyň çäginden geçýär. Amyderýanyň suwunyň ortaça mukdary 2 000-2 200 metr kub/s, ol gyşyna 500 metr kub/s-a çenli azalýar. Ol Mart aýynda köpelip başlaýar we İyun-İyul aýlarynda iň ýokary derejä ýetip, 4 000-6 000 metr kub/s-a çenli köpelýär. Amyderýanyň suwunyň şeýle düzgüni oba-hojalyk ekinlerini suwarmak üçin örän amatlydyr. Derýanyň ýyllyk suwunyň akymynyň ortaça mukdary 64 kilometr kub. Amyderýa gözbaşyny Owganystandaky belentligi 4900 metr bolan Hindiguşdaglarynyňdemirgazyk eňňidindäkiWrezewskiý buzlygyndan alyp,ilki Wanjir,soňra Wahanderýa ady bilen akýar.Wahanderýa bilen Pamir derýasynyňbirleşmeginden bolsa,Penj derýasy emele gelýär.Wahşyň Penje guýýan ýerinden başlap,tä Aral deňzine çenli Amyderýa adyny alýar.Gunduz,Surhab,Kafirnigan hem-de Surhanderýa Amyderýanyň esasy goşantlarydyr.Amyderýa dünýäde iň bulanyk suwly derýalaryň biridir.Onuň1 metr kub suwunyň düzüminde 3kilograma çenli gyrmynça bardyr,derýa joşanda ol 5-7 kilograma çenli köpelýär.Amyderýanyň halk hojalygynda uly ähmiýeti bar.Termez şäherinden Aral deňzine çenli gämi gatnaýar.Onuň 1metr kub suwunyň düzüminde 3 kilograma çenli gyrmança bardyr, derýa joşanda ol 5-7 kilograma çenli köpelýär. Amyderýanyň halk hojalygynda uly ähmiýeti bar. Termez şäherinden Aral deňzine çenli gämi gatnaýar. Onuň boýunda Termez, Atamyrat, Türkmenabat, Ürgenç, Nöküs, ýaly şäherler ýerleşýär. Amyderýanyň suwy bilen merkezi Aziýa ýurtlarynda we Owganystanyň 8 million gektardan gowrak ýer suwarylýar. Amyderýadan Garagum derýa, Garşy, Amy-Buhara, Türkmenderýa ýaly kanallar suw alýar. Derýanyň suwuny tygşytly ulanmak üçin onuň goşantlarynyň we hanasynyň ugrunda Nurek, Ragun, Düýeboýun ýaly uly suw howdanlary guruldy. 
Bu derýa geçmişde Oks (Oguz) derýasy hem diýlipdir, oňa gepleşikde Jeýhun hem diýilýär.




#Article 55: Halkara Informatika Olimpiadasy (222 words)


Halkara Informatika Olimpiadasy (IOI, International Olympiad in Informatics) informatika dersi boýunça mekdep okuwcylarynyñ arasynda her ýilda geçirilýän bäsleşikdir. Birinji HIO 1989-nji ýylda geçirildi.

Bäsleşik 2 günlük kompýuter programmirlemekden we algoritmik meseleleri cözmekden ybarat. Her okuwcynyn ozi ayri ýaryşýar. Gatnaşýan her Döwletden 4-e çenli okuwcy getirmek bolýar (2004-nji ýylda 81 golaý yurt gatnaşdy). Okuwçylar öz ýurtlarynda geirilýän Döwlet bäsleşiklerine görä saýlanýarlar. Meselem, Türkmenistanyň adyndan gatnaşýan topar, Turkmenistanyñ mekdep okuwcylarynyñ arasynda geçirilýän Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy zamanasynyñ altyn zehinleri atly informatika we kompýuter tehnologiýalarynyñ esaslary dersi boýunça bäsleşige görä saýlanýar.

Türkmenistan IOI99(diñe ýolbaşçy), IOI2000, IOI2001(dine yolbascy), IOI2002, IOI2003, IOI2004, IOI2005 (1 bürünç medal), IOI2006 (1 altyn medal) gatnaşdy we IOI2007 taýýarlyk görülýär.

IOI2007 Horwatiýa döwletinde geçiriler.

Bäsleşigiñ her gününde okuwçylara 3 sany mesele we olary cozmek ucin 5 sagat berilyar. Her okuwcynyn yeke ozi ishlemeli, dine oz kompyuteri bilen we okuwcydan, kitapdan hic hili komek almazdan. Meseleleri cozmek ucin okuwcylar C, C++ yada Paskal programmirleme dilinde programma yazmaly we ony 5 sagat gecmezden on ibermeli bolyarlar. Synag gutaranyndan sonra, onden tayyarlanan gizli testler (koplenc 10-20 test bolyar) bilen hemme kisinin programmalary barlanyar. Her dogry gecen test ucin okuwcy belli bir baha alyar. Yazilan programma belli bir wagtyn icinde ishini gutarmaly, rugsat edilen yatdan artykmac ulanmaly dal we dogry jogap cykarmaly.

Birinji we ikinji gunlerde alynan ballar jemlenyar. Yapilis dabarada okuwcylara olaryn bahalaryna gora medallar paylanyar.




#Article 56: Seýit Nesimi (1369-1417) (140 words)


Neýlerem

Dilbera, men senden aýru tende jany neýlerem,
Täju tahtu mülku malu hanymany neýlerem.

Isterem waslyň jemalyn tä kylam derde dewa,
Men seniň bimaryňam özge dewany neýlerem.

Çoh dogalar kylmyşam men halykyň dergähine,
Çün myradym hasyl olmaz men dogany neýlerem.

Eý, musulmanlar, biliň kim ýar ile hoşdur jahan,
Çünki ýardan aýra düşdüm bu jahany neýlerem.

Dilber aýdar: eý, Nesimi, sabr kyl, etme fygan,
Şimdi efgan etmesem, daňla fygany neýlerem.

Ýüz döndermenem

Ýüz müň jefa kylsaň maňa, men senden ýüz döndermenem,
Janym dahy gurban kylar, men senden ýüz döndermenem.

Duşman geler garşymyza, umyduwar özi duşa,
Duşmanlaryň körlügine men senden döndermenem.

Men seni söwdüm jan ile, gul olmuşam gurban ile,
Ant içerem Kuran ile, men senden ýüz döndermenem.

Isamysyň, Musamysyň ýa Ýusuby Kenganmysyň,
Walla, janym janymysyň, men senden ýüz döndermenem.

Eý, Nesimi, aşykmysyň, Hak ýoluna sadykmysyň,
Közerdigiçe ýanarmysyň, men senden ýüz döndermenem.




#Article 57: Nurmuhammet Andalyp (399 words)


Nurmuhammediň kakasyna Seýidahmet,ejesine Hansoltan diýipdirler.
 		 	

Nurmuhammet Andalyp
(1660-1740)

Taryhçy, terjimeçi, filosof türkmen edebiýatynyň taryhynda ilkinji dessançy şahyr diýip tanalýan Nurmuhammet Andalyp alymlaryň täze barlaglar boýunça Ýylanly etrabynyň Garmazy obasynda eneden dogulyp 1740-nji ýylda aradan çykypdyr. 
Nurmuhammet türkmeniň düýeçi tiresiniň Seýilhan neslindendir. Onuň atasynyň adyna Akmuhammet, kakasynyň adyna Seýitmuhammet ýa-da Seýitahmet, ejesiniň adyna bolsa Hansoltan diýer ekenler.
Şahyr özüniň ady we ýaşan ýerleri barada “Ýusup-Züleýha” dessanynda şeýle ýazýar:

Sözde Tahallusym idi Andalyp,”

Şahyryň ýaşlygy Garamazy obasynda geçýär. Ol ilki oba mekdebinde soň bolsa, Hywada medrese bilimini alypdyr. Onuň Bagdatda okanlygy baradada maglumatlar bar. Şahyr okuwyň daşyndan Gündogar edebiýatynyň klassyklaryny ylmy-filosofik işlerini halk döredijilik eserlerini yhlas bilen okap, öz döwrüniň ylym bilimini kämil ele alan adam bolup ýetişýär. 
Nurmuhammediň esasy kesp-käri daýhançylyk hem agaç ussaçylygy bolupdyr. Ol kakasyndan öwrenen daýhançylyk işleri bilen bir hatarda oba adamlaryna araba, jykyr ýasaşmak bilen meşgullanýardy.Nurmuhammet ýaşaýyş-durmuşy bilen baglanyşdyryp, özüne Garyp diýen lakamy alypdyr. Gül atly gyzy söýüp, özüni onuň yşkynda saýraýan bilbil hasaplamak bilen Andalyp (Bilbil) diýen edebi lakamy göteripdir.

Nurmuhammet-Andalybyň nebereleri barada takyk maglumat ýok diýerlikdir. 
Nurmuhammediň kakasyna Seýidahmet,ejesine Hansoltan diýipdirler.

Türkmen edebiýatynyň taryhynda edebi ösüşimize has güýçli tâsir eden belli şahyrlar köpdür.Şolaryň biri-de XVII asyryň ikinji,XVIII asyryň birinji ýarymynda ýaşap geçen Nurmuhammet Andalypdyr.Onuň türkmen edebiýatyndaky ornuny we hyzmatyny şeýle kesgitlâp bolar: Nurmuhammet Andalyp orta asyrlar türkmen edebiyatynyň ösüşine goşant goşan,onuň iň oňat edebi dâplerini umumylaşdyran hem-de bularyň esasynda tâze nusgawy türkmen edebiyatynyň ösüşini kesgitlân şahyrdyr.Orta asyrlaryň baý tejribesini we gazananlaryny jemlemek üçin şahyryň öz döredijiligi hem baý we köptaraply bolmaly.Andalyp hut şu hili şahyrdyr:     
Ol  gazallary,muhammesleri,murabbaglary,müstezadlary ýazan şahyrdyr.
Ol Nowaýy,Fizuli ýaly ussatlaryň gazallaryna ýigrimiden-de köp tahmys baglan tahmysçy şahyrdyr.
Ol Oguznama,Risaleýi-Nesimi ýaly uly göwrümli kyssaly mesnewileri düzen şahyrdyr.
Ol Sagdy-Wakgas,Kyssaýy-Fyrgun ýaly kyssaly uly goşuklary (goşgulary) goşan şahyrdyr.
Ol Leýli-Mejnun,Ýusup-Züleýha,Baba Röwşen,Zeýnel Arap ýaly birnâçe dessanlary döreden dessançy şahyrdyr.
  Şeýlelikde, Nurmuhammet Andalyp Orta asyrlar edebiyatynyň pellehanasynda, Tâze asyr edebiýatynyň sakasynda duran şahyrdyr.
  Beýle şahyr bolmak üçin gaty okumyş, juda zehinli hem zâhmetsöýer adam bolmaly, iň esasy-da,köp 
okamaga-köp bilmâge,dogabitdi zehiniň açylmagyna ýardam edýân maşgala we durmuş şertlerine eýe bolmaly. Nurmuhammet Andalypda bu şertleriň hemmesi bar eken.Ol 1660-1665-nji ýyllarda ylym,medeniýet we edebiýat ojagy bolan gadymy Köneürgenç topragynda dünýâ inýâr.Şahyryn kimligi barasynda onuň öz dilinden eşitmek soňky nesiller üçin ýakymly we gyzykly, ynamly-ygtybsrlydyr.
   
   İsmim idi Nurmuhammet Garyp,
   Sözde tahallusym idi Andalyp.

   Şâhrimiz Ürgenç welaýat idi,
   Hanymyz Şirgazy hemaýat idi.

  Bu setirlerde şahyryň döredijilik lakamy bilen ylmy derejesi görkezilipdir.Bu ikisi onuň eserleriniň many açarydyr.Şahyryň edebi lakamy Andalyp sözüniň manysy 




#Article 58: Oguznama (922 words)


Oguznama — Türkmen Ruhunyň birinji eýýamy biziň eýýamymyzdan öňki V müňýyllykdan biziň eýýamymyzyň 650-nji ýylyna çenli aralygy tutýar. Bu eýýamda milletiň ruhy gözbaşy Oguz handyr, halal, sada türkmen zähmeti bilen gün görýär. Oňony öküzdir. Öküz öz zähmeti bilen tebigaty özgerdýär. Öküz ene ýeriň hasyl bermegine sebäp bolýar. Öküz ýaşaýşy, dünýäni, jemgyýeti herekete getirýär.
 
Eger Oguz hanyň ýoly gönümellik, halallyk hem adyllyk ýoly bolsa, onda ol ýoldan ýöremegiň dyzmaçlyk, gaýduwsyzlyk hem-de mertlik diýen ýörelgeleri bardyr.

Ýoly ýörelgeli ýeňer. Oguz han Türkmeniň öküz sypaty zähmetsöýerlik, jepakeşlik, erklilik, güýçlilik, döwletlilik alamatlaryny özünde jemleýär. Eger onuň ýoly bitewilik, agzybirlik hem-de jebislik ýoly bolsa, onda bu ýoluň jepakeşlik, erklilik, güýçlilik we zähmetsöýerlik ýaly ýörelgeleri bardyr.

Dirä – ýörelge,

Ölä – gonalga – diýipdir Oguz han Türkmen.

Bu pähim onuň eýýamynda türkmenlerde işjeňligiň iň ýokary derejä ýetendigini görkezýär.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny almagy Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Milli Galkynyş syýasatyny yglan etmegi bilen baglanyşykly halkyň geçmişdäki taryhy we edebi ýadygärliklerini kompleksleýin we etaplaýyn öwrenmeklige alymlar düýpli üns berip başlaýarlar.

	
Biziň döwrümize çenli saklanyp galan gündogaryň ýazuw ýadygärlikleri gadymy halklaryň şol sanda türkmenleriň sosial-ykdysady we syýasy taryhynyözboluşlu şohlelendirýär.
	
Sowet taryh ylmy şeýle taryhy we edebiýat ýadygärliklerini öwrenmekde ep-esli öňegidişlikler gazandy. Taryhçy alymlar Gündogar halklaryň taryhyna degişli bir topar original işleri döretdiler. Şol bir wagtda ylmy taýdan unikal we wajyp pars, arap we türki dillerdäki orta asyr awtorlarynyň eserleri ylmy taýdan düýpli derňewden daşda galyp diňe spesialistleriň  az bölejigine elýeter boldy.
	
Şeýlelik bilen Gündogar halklaryň ösüşiniň umumy kanunalaýyklygyny hem-de spesifiki aýratynlyklaryna obýektiw häsiýetnama bermekde zerur bolan baý maglumatlar dil bilmezlik we kommunistik partiýanyň hökmürowanlyk syýasaty bilen bagly giň okyjylar köpçuligi üçin elýeter bolmady. Biziň günlerimizde Gündogar halklaryň şol sanda türkmen halkynyň gadymy ýazuw ýadygärliklerini ylmy dolanşyga girişmekligiň türkmen halkynyň ösüşiniň irki döwürlerini öwrenmekde uly ähmiýete eýedir.
	
IX asyrdan türkmenler diýlip atlandyrylan oguzlar häzirki Türkmenistanda Azerbaýjanda, Eyranda, Türkiýede, Yrakda ýaşaýan türki halkalaryňnesilbaşylary hasaplanýar. Olaryň arasyndan Seljuklar, Horezmşalar, Osmanlar dinastiýalarynyň wekilleri orta çykdylar.
	
Türki taýpalarynyň şol sanda türkmenleriň irki taryhyny birneme doly şöhlelendirýän ýazuw ýadygärlikleriň içinde fundamental hem-de klassik iş hasaplandy. XIV asyr musulman taryhçysy Fazlallah Raşidaddiniň (ylmy dilde “Oguznama” “Ähliumumy taryh” ) ýa-da “ýyl ýazgylarynyň jemi” hasaplanýar. Bu işde oguzlaryň taryhy giňişleýin beýan edilip, awtor oguz taýpalaryny alynky Aziýadaky yslama uýýan türki taýpalarynyň ötenleri hasaplanýar. “Oguzlaryň taryhy” ýa-da “Oguzlaryň hem-de olaryň nesilleriniň, türkleriň soltanlarynyň we (wladyka) –larynyň taryhy” diýip doly at bilen atlandyrylýar. Bu eser diňe bir ýazuw çeşmelerine esaslanman eýsem halk döredijiligine degişli bolup onda rowaýatlar hakykat bilen sepleşip gidýär.
	
Oguzyň legendar taryhy türki halklaryň edebiýat ýadygärligi hökmünde köp alymlar tarapyndan öwrenildi. Aýratynda Oguznamanyň goşgy formasyndaky warianty giň analizlenip dörän döwründen başlap alymlaryň ünsüni özüe çekdi.  Oňa ilkinji bolup nemes alymy F. Dits üns berip ony nemes diline terjime etdi. Oguznamanyň tekstiniň üstünde W.W. Radlow “K woprosu ob uýgurah”, Bartold W.W. “Tureskiý epos i Kawkaz” diýen işlerinde hem-de Riza Nura, Pellýu P. Banga W. soňra Orkun H.N. Şerbak A.M. Eraslan N. Kononow A. N. işlediler.

Beýleki halklar ýaly oguzlar-da öz urugynyň geneologiýasyna düýpli üns beripdirler. Mahmyt Kaşgarlynyň belleýşi ýaly oguzlar 24 sany taýpa bölünipdir. (Oguzhan we onuň ogullary, agtyklary). Mahmyt Kaşgarlynyň XI asyrda döredilen belli sözlüginde şol 24 oguz taýpalarynyňda ady tutulýar. Reşiteddin oguzlaryň geneologiýasynda has takyk stabilleşen maglumatlary berýär.

Oguznama Stambulda Topkanyň kitaphanasynda saklanýar. Onyň başlangyjy “Bismillahi ar-rahmani-r-rahim … ” diýip başlanyp, onda Nuh Pygamber öz ogullaryna ýer şarynyň adam ýaşaýan ýerlerini bölüp berende uly ogly Ifata (Ýagfasa) ol “Gündogar üstleriň Türkmenistan bilen bilelikde berýär “ diýilip aýdylýar.

Golýazmanyň mazmuny şeýle :

Jemi 17 bapdan durýar.

Egerde A.N. Bernştamyň “Istiriçeskaýa prawda w legende ob Oguz - hane” diýen makalasyny göz öňünde tutmasaň  “Oguznama” taryhçylar tarapyndan düýpli derňelmedik işleriň biridir. Ýöne bu eserde türk-oguzlarynyň Hytaýyň demirgazyk oblastlaryny, Türkistany Tebeti, Hindistany, Ural daglarynyň iki tarapyny, Emba, Ural, Wolga derýalarynyň aşak akymlaryny Orsýetiň Günortasyny, Demirgazyk Kawkazy, Zakawkazýeni, Eýrany, Anatoliýany, Yragy, Siriýany, Müsüri basyp alşy barada baý maglumatlar bar. “Oguznamada” destanyň umumylaşdyrylan wersiýasynyň düzülen döwrüne çenli dowam eden Oguz han baradaky rowaýatlar-da ýerleşdirilipdir. “Oguznama” dürli halkyýetleriň we halklaryň dil döredijiliginiň önümidir. Onda çarwa taýpalarda patriarhal gatnaşyklarynyň kemala gelip başlan döwründen bärki köp sanly maglumatlar ýerleşdirilen. A.N. Bernştam “Oguznamada” taryhy prosesiň bäş sany döwrüni belleýär.

a)	Patriarhal gatnaşyklaryň kemala gelmegi

b)	Synpy gatnaşyklaryň kemala gelmegi

c)	Gunlar döwri. Modeniň dabaralanan döwri. (209-174 b.e.öň)

d)	Türki halklar döwri VI – VIII asyrlar

e)	Peçenek – Polowesler döwri IX – XII asyrlar

Bernştamyň döwürleriniň içinde bir döwri, ýagny seljuklar döwrünide goşmak biziň pikirimizça dogry bolýar.  Oguz hem-de Däde Gorkut baradaky iň irki maglumatlar mamlýuk taryhçysy Abu Bahra ibn Abdallah  ibn Aýben ad Dawadari   (1332-nji ýogalan)-niň taryhy işlerinde ((“Durar at-tijak wa gurar tawarih az-zaman”) “Žemçužina wensow i  wse otbornoýe w letopisýah wremeni”)) berilýär. Ol şeýle belleýär türki halklar bu kitaby nesilden nesle geçirýär. Bu kitapda olaryň (oguzlaryň) taryhynyň başlanyşy, olaryň döreýşi hem-de olaryň ilkinji beýik hökümdary Oguzyň durmuşynyň beýany berilýär. 
	
Oguznamanyň haýsy döwürde ýazylandygy barada bir zat aýtmak kyn. Ýöne biziň pikirimizçe bu kitap XIV asyrda Ilhanstan  agalyk eden döwründe ýüze çykan bolmagy mümkin. Sebäbi şu döwürde Ilhanlaryň köşgünde uýgur ýazuwy, ruhy we medeni durmuşynyň dowam etmegi oňa ilkinji nobatda täsir etmegu mümkin. Hut uýgurlaryň Oguz nagan baradaky destany türkleriň taryhynyň Oguz han baradaky powestiň döremegine şert döredipdir.
	

	
Oguznama diňe bir kesgitli halkyň döredijiliginiň netijesi däldir. Onda taryhy hakykaty görkezýän köp halklar bilen ilki türki halklar bilen baglanyşykly çeşmeler öz şöhlelenmesini tapýar. “Oguznamada” Raşiteddin hökümdarlaryň genealogik tablisasyny berýär. Ol Nuh Pygamberden başlanyp, soň onuň ogly ýafes, Dib, Çawkuhan, soňra Gara han Oguz hanyň atasy, soňra Oguz han (1000 ýyl ýaşaýar 116 ýyl patyşalyk edýär). Soňra Gün han 70 ýyl ýaşap 70 patyşalyk edýär. Soňra Dib Ýawkuthan şeýdip jemi 36 oguz hanlarynyň dolandyran ýyllary görkezilip soňy Sejuk Togrul Soltan bilen tamamlanýar.




#Article 59: Aba serdaryň gozgalaňy (307 words)


Aba serdaryň gozgalaňy - 16-njy asyryň ortalarynda Etrek we Gürgen türkmenleriniň Astrabat häkimleriniň zulumyna garşy gozgalaňy. 16-njy asyrda Etrek we Gürgen derýalarynyň aşak akymynda, Astrabat welaýatynyň demirgazyk regionlarynda ekerançylyk we ýarym çarwaçylyk bilen meşgyllanýan türkmen (gökleň, okly, ýemreli we beýleki) taýpalary ýaşapdyrlar. Olar Hywa hanlygynyň raýaty hökmünde Horezm soltanlaryna agyr salgyt (pul, mal we nöker) töläpdirler hem-de Eýranyň ýerli (Astrabat) häkimiýetileri tarapyndan gysylyp, talanyp gelipdirler. 1550-nji ýylda Astrabadyň täze häkimi Keçel Şahberdiniň türkmenlerden agyr paç ýygnamaga synanyşmagy zerarly gozgalaň başlanypdyr. Okly taýpasynyň kethudasy Aba serdaryň baştutanlygy astyndaky gozgalaňçylar Keçel Şahberdiniň garyndaşy, gözegçilik we salgyt ýygnamak üçin goýlan Şatyr begi öldüripdirler. Gahar-gazaba münen Keçel Şahberdi goşun çekip baranda, okly türkmenleri onuň goşunyny derbi-dagyn edip, özüni hem öldüripdirler. Şondan soň gozgalaň bütin türkmen obalaryny gurşap alypdyr we Astrabadyň käbir beýleki sebitlerine hem aralaşypdyr. Bu ýerlerdäki Eýran çinownikleri gaçyp gitmäge mejbur bolupdyrlar. Eýran şasy Tahmasp şanyň (1524-1578) uly goşun iberip, Aba serdar gozgalaňyny ýatyrmak üçin eden birnäçe synanyşygy başa barmandyr. Aba Serdar Eýran bilen ozaldan hem urşup gelen Ürgenç we Durun welaýatlarynyň hökümdary Aly soltan bilen ylalaşmak baglaşypdyr we onuň galapyn özbeklerden ybarat bolan goşunyna daýanyp, 1554-58 ýyllaryň dowamynda birnäçe agyr söweşler edip, ajaýyp ýeňişler gazanypdyr. Türkmen atly goşunynyň şöhratly serkerdesi Aba serdaryň dabarasy çar töwerege ýaýrapdyr. Bütin kenarýaka türkmenleri 10-12 ýylyň dowamynda Eýran häkimiýetlerine garaşsyz diýen ýaly bolupdyrlar. Gozgalaňy güýç bilen ýatyrmak başartmansoň, gajar feodallary Aba serdaryň janyna haýynçylykly kast etmäge girişipdirler. Aba Serdar ukuda ýatyrka, gapy hyzmatkäri, asly eýranly bir adam tarapyndan öldürilipdir (1564). Onuň kellesi Astrabat häkimine sowgat hökmünde getirilip berilipdir. Şondan soň gozgalaň kem-kemden ýatyşypdyr. Aba serdar gozgalaňynyň uly taryhy ähmiýeti bolupdyr. Ol gozgalaň şowsuz gutarsa-da, türkmenleriň uly syýasy güýç hökmünde, öz azatlygy we özbaşdaklygy ugrunda keseki ýurt feodal ezijilerine garşy göreşmäge ukyplydygyny görkezipdir. Gozgalaň ýatyşandan soň hem birentek wagtlap Astrabat ülkesinde türkmenleriň täsiri güýçli bolupdyr. Eýran çinownikleri olaryň içerki işine gatyşyp hem-de salgyt salyp bilmändirler.




#Article 60: Abazalar (121 words)


Abazalar - esasan, Garaçaý-Çerkes Respublikasynda ýaşaýan halk. Olaryň käbir toparlary Adygeý Respublikasynda hem de Kislowodsk raýonunda duş gelýär. Ilatynyň sany 25 müň adam (1970). Abazalaryň ep-esli bölegi 19-njy asyryň 60-njy ýyllarynda Türkiýe göçüp barýar. Abazalaryň dili kawkaz dilleriniň adygeý-abhaz toparyna girýär. Olaryň asly musluman-sünnilerdir. Abazalaryň ata-babalary Gara deňziň gündogar kenarynda yaşapdyr. Etniki taýdan iki topara - tapaita we şkaraua diýen taýpalara bölünýär. Bu taýpalaryň dil aýratynlyklary häzir hem bar. Esasy kärleri geçmişde uzak öri meýdanlarynda mal bakmak, ekerançylyk, demirçilik hünärmentçiligi we ýüň-ýüplük egirmek bolupdyr. Biziň günlerimizde maldarçylyk, ekerançylyk, käbir ýerlerde emeli suwaryş arkaly bagçylyk, bakjaçylyk bilen meşgullanýarlar. Dili we medeniýeti boýunça abhazlara ýakyn. Bolşewik Rewolüţiýasyndan soň Abazalaryň öz ene dilinde ýazuwy döredildi. Olar kabardin we orus dillerini, hatyny deň derejede bilýärler.




#Article 61: Abaý Kunanbaýew (167 words)


Abaý Kunanbaýew (10 Awgust 1845 - 6 Iýul 1904) - Meşhur gazak şahyry, aň-bilim ýaýradyjysy, jemgyýet işgäri, Çokan Welihanowyň, Ibraý Altynsarynyň öňde baryjy demokratik pikirlerini ösdüriji, gazak edebiýatynyň düýbüni tutujy. Ol Semeýde Ahmet Ryza mollanyň medresesinde okaýar we şol bir wagtda ýerli rus mekdebine-de gatnaýar. Rus syýasy sürgün edilenleriň kömegi bilen rus dilini, öňde baryjy rus edebiýatyny öwrenýär. Rus şahyrlarnyň goşgularyny, rewolýusion-demokratik pikirlerini gazak zähmetkeşleriniň arasynda propagandirleýär. Şeýle ýol bilen rus ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerini gazak obalaryna ýaýradypdyr. Gündogaryň köp edebi eserlerini (Şanama, Leýli-Mejnun, Görogly we ş.m.) dil üsti bilen halk köpçüligine ýetiripdir. 
Ol ajaýyp eserler döredipdir. Onuň käbir liriki goşgulary saza-da geçirilipdir. Abaý Kunanbaýewiň eserleri diňe 1909-njy ýylda ilkinji gezek Sankt-Peterburgda neşir edilipdir. Onuň eserleri dürli dillerde çap edildi. Abaý Kunanbaýew gazak we beýleki sowet halklarynda köp okalýan ýazyjy-şahyrlardan biri bolupdyr. Gazak ýazyjysy M. O. Auezow bolsa Abaý Kunanbaýewiň döredijiligini ebedileşdirmek maksady bilen onuň durmuşyna degişli 2 tomdan ybarat Abaýyň ýoly romanyny (1956) ýazdy. Ol roman köp dillere, onuň Abaý atlandyrylan 1-nji kitaby bolsa türkmen diline terjime edildi.




#Article 62: Abdal türkmenleriniň Russiýanyň raýatlygyna geçmegi (145 words)


Abdal Türkmenleriniň Russiýanyň raýatlygyna geçmegi - 19-njy asyryň başlarynda Maňgyşlakda agyr ykdysady-syýasy ýagdaý döreýär. Maňgyşlagyň türkmen ilaty Hywa hanlarynyň we gazak feodallarynyň üznüksiz çapawulçylyklaryna sezewar bolýar. Bu agyr ýagdaýdan çykmak üçin abdal türkmenleriniň aksakgallary Russiýanyň raýatlygyna geçmek niýeti bilen 1801-nji ýylda özleriniň 4 adamdan ybarat wekilini Peterburga ýollaýarlar. Maňgyşlak türkmenleriniň wekilleri 1802-nji ýylda Peterburga barýarlar we rus imperatory Aleksandr I tarapyndan kabul edilýär. Wekiller maňgyşlak türkmenleriniň Russiýanyň raýatlygyna kabul edilmegini rus patyşasyndan haýyş edýärler. Olar Maňgyşlagyň üstünden dürli taraplara geçýän söwda kerwenlerini goramak, Maňgyşlagyň türkmen ilatyny çapawullardan gorar ýaly rus berkitmesiniň bina edilmegini we Maňgyşlak ýarymadasynyň töwereginde Hazar deňzinden düwlen awlamaga rugsat berilmegini soraýarlar. Olaryň haýyşlary kanagatlandyrylýar. 1803-nji ýylyň 27-nji aprelinde Maňgyşlakda ýaşaýan türkmenleriň abdal taýpasynyň adyna ýazylan  hat wekillere gowşurylypdyr. Bu hatda olaryň Russiýanyň raýatlygyna kabul edilýändigi aýdylýar. Bu waka Hazar deňziniň gündogar kenarlarynda ýaşaýan beýleki türkmen taýpalarynyň arasynda Russiýanyň raýatlygyna geçmek meýillerini güýçlendirýär.




#Article 63: Abdallar (148 words)


Abdallar - türkmenleriň çowdur taýpasyna degişli tire. Abdallar 19-njy asyra çenli özbaşdak taýpa bolup, soň çowdur birleşmesine girýär we türkmenleriň oguzlara degişli bolan çowdur taýpasynyň düzülmegine ýardam edýär. 19-njy asyryň başynda Abdallar takmynan 2000 öýli, 12 müň adamdan gowrak bolupdyr. Abdallaryň dili türkmenleriň çowdur diline degişlidir. Birnäçe rowaýatlara görä Abdallar Abdal babadan ýaýrap, Mazendaranyň daglyk regionlarynda ýaşaýarlar. Soň tä 19-njy asyra çenli Maňgyşlakda ýaşapdyrlar. Abdallar 19-njy asyrda galmyklaryň gysmagy hem-de ýaşaýyş agyr bolmagy zerarly çowdyrlar bilen Horezme göçýärler. Abdallar ilki bilen Daşhowzuň golaýynda Abdalýaş diýen ýerde oturypdyrla. 20-nji asyryň başynda TSSR döwründäki Kalinin raýonynyň günorta-gündogaryndaky Buldumsazyň gündogarynda ornaşýarlar. Alymlar Abdallary gadymy halk bolan eftalitler bilen baglaşdyrýarlar. Muňa Abdallaryň çagalaryna geýdirýän burç emjek ady bilen belli bolan tahýalary hem şaýatlyk edýär. Eftalitleriň şazadalary dörtburçly we altyburçly tahýalary geýipdirler. Bulardan başga-da, Abdallaryň ady özbekleriň lokaý taýpasynda duşýar. Owgan dürränilerine hem Abdal diýlip aýdylypdyr. Abdallar ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgul bolupdyrlar.




#Article 64: Abdy Beg Şirazy (121 words)


Abdy Beg Şirazy (Hoja Zeýnel - Abidin Aly Abdy beg Nüwidi Şirazy, 1515-80) - türki kowumlardan bolup, eserlerini pars dilinde ýazan görnükli şahyr. Ol 3 diwanyň, 3 hamsanyň hem birnäçe taryhy eseriň awtorydyr. Onuň diwanlaryna girýän şygyrlary heniz tapylanok. Şirazynyň hamzalarynyň birinjisine - Mazharul asrar, Jamy Jemşidi, Mejnun we Leýli, Heft ahtar, A'ini Isgenderi; ikinjisine - Jöwheri ferd, Defderi dert, Ferdewsül arifin, Enweri tejelli, Haza'ini malkut; üçünjüsine - Rowzat as-sypat, Duhtarul azhar, Jennetul esmar, Zynatul Awrak, Sahyfatul yhlas diýen eserleri girýär. Gündogardaky iň meşhur sýužet esasynda ýazylan Mejnun we Leýli peomasynda Emir Hysrow Dehlewiniň, Abdylla Hatyfanyň atdaş eserleriniň täsiri güýçli duýulýar. Şirazynyň bulardan başga Takmilatul ahbar atly eseri hem bar. Onuň Salaman we Absal, Tarabnama, Dibaçatul beýan diýen eserleri heniz tapylanok.




#Article 65: Abdylkadyryň gozgalaňy (256 words)


Abdylkadyryň gozgalaňy - 1832-47 ýyllarda Alžiriň ugrunda fransuz basybalyjylaryna garşy Abdylkadyryň ýolbaşçylygynda halk gozgalaňy. 1830-njy ýylda ýurdy basyl almak maksady bilen Alžire fransuz ekspedission korpusy düşürilýär. Ýerli häkimiýetler boýun egdirilýär. Bütin ýurtda fransuzlara garşy ilatyň çykyşlary başlanýar. 1832-nji ýylda Günbatar Alžir taýpalarynyý başynda Abdulkadyr durýar. Urşuň iki ýylynyň dowamynda Oran welaýatynyň arap-berberi taýpalary fransuzlary birnäçe gezek ýeňip, olary ýaraşyk şertnamasyny (1834-nji ýylyň 24-nji fewralyndaky Demişel şertnamasy) baglaşmaga mejbur edýärler. Fransiýa Oran welaýatynyň öňki territoriýasynda Abdylkadyryň häkiniýetini ykrar edýär, ol ýerde basybalyjylara garşylyk görkezilýän döwründe gozgalaýçylar özleriniň döwletini (emirligini) döredýärler. 1835 ýylynda uruş täzeden başlanýar. Birnäçe ýeňilişlerden soň general Býužo Fransiýanyň adyndan Tafi ýaraşyk şertnamasyna (1837 ýylynyň 30 maýynda) gol çekýär. Şertnama emirligiň sostawyna hazirki Alžiriň ähli territoriýasynyň diýen ýaly girizilmegini tassyklaýar. Emirlik 8 welaýata bölünip, olaryň başynda emiriň ýerli häkimleri, goşun serkerdeleri durýar. Taýpa we feodal opolçeniýelerine goşmaça 10 müňe golaý adamy bolan atly we pyýada goşundan hem-de artilleriýadan ybarat regulýar goşun döredilýär. Ýarag we ok-däri öndürmek işleri ýola goýulýar. Abdylkadyr fransuzlara garşy uzak wagtlyk urşa taýarlanmak bilen birnäçe goranyş liniýalaryny döredýär. 1838 ýylynyň 18-nji oktýabrynda fransuzlar Tafi şertnamasyny bozýarlar. 1843 ýylynda genera Býužonyň 100 müňden ybarat goşuny iri feodallaryň dönükligi netijesinde gowşan emirligiň territoriýasyny eýeleýär. Abdulkadyr Marokkoda gizlenýär. Fransuz goşuny Marokko kürsäp girýär we Isli derýasynyň boýunda (1844 ýylynyň 12 awgustynda) Marokko soltanynyň goşunlaryny derbi-dagyn edýär. 1845-46 ýyllarynda göreşini togtatmadyk alžir halky kolonizatorlara garşy täzeden baş göterýär. Marokkodan dolanyp gelen Abdylkadyr täzeden gozgalaňa baştutanlyk edýär. 1847 ýylynda gozgalaňçylar ýeňilýär. Abdylkadyr ýesir alynýar. Deň bolmadyk göreşde Alžir döwleti ýeňilse-de, alžir halkynyň kolonizatorlara garşy göreşi dowam edýär.




#Article 66: Sünt-Hasardag goraghanasy (926 words)


Günbatar Köpetdagyň tebigaty üýtgeşik bolup, bu ýerde Türkmenistanyň iň köp dürli ösülmlik, haýwanat dünýäsiniň bolmagy we Merkezi Aziýanyň başga ýerlerinde duşmaýan seýrek görnüşleriň gabat gelmegidir.

Günbatar Köpetdagyň tebigatynyň özboluşludygyny we östümlik dünýäsiniň baýdygyny XIX asyryň ahyrynda XX asyryň başynda bu sebiti gelip barlan barlagçylar giňden belläpdirler.

Şondan soňky ýyllarda jemgyýetçilik edaralar, has-da 30-njy ýyllarda döredilen Garrygaladaky Bütinsoýuz ösümçilik institutynyň Türkmen tejribe stansiýasynyň işgärleri çagyryşlar bilen çykyş edip, Günorta-Günbatar Köpetdagyň täsin tebigy toplumlaryny, bu ýerde goraghana düzgüni arkaly goramaklygy ündäp geldiler. Köp ýylyň dowamyndaky tagallalaryň netijesinde 1977-nji ýylyň dekabrynda bu sebitde Köpetdag goraghanasynyň filialy döredildi. 1978-nji ýylyň 20-nji dekabrynda bolsa aýratyn Sünt-Hasardag döwlet goraghanasyna öwrüldi. Goraghananyň meýdany üç sany bölekden ybaratdyr: Merkezi, Aýdere, Çendir. Sünt-Hasardag döwlet goraghanasyna degişli bir dag zakaznigi bar. 0l goraghananyň Merkezi böleginiň günortasynda ýerleşýär. Goraghananyň tutýan meýdany 3026 gektar.

Günbatar Köpetdagyň biologik durlüligi geň galdyrýar, bu ýerde Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlikleriň we haýwanlaryň ýarysyna golaýy duş gelip, olaryň köp bölegi bolsa Sumbar howdanynyda we onuň Çendire guýýan ýerinde duşýarlar.

Günorta-Günbatar Köpetdagyň ösülmlik dünýasiniň juda özboluşlylygy diňe amatly howa şertleri bilen bagly bolman, eýsem sebitde ösümlikleriň emele gelmeginiň taryhyn-da Ortaýerdeňíz we Eýran östümlik dünýasiniň wekilleriniň aralaşandygyna hem baglydyr.

Häzire çenli goraghananyň territoriýasynda ýokary derejeli ösümlikleriň 1322 görnüşi anyklanan, olardan 150 görnüşi endemiklerdir. Goraghananyň territoriýasynda ösümlikleriň 800 görnüşi duşýar we olardan 32 görnüşi türkmen selmelegi, grek rýabinasy, türkmen armydy, Siwersiň almasy we başgalar Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna, şeýle-de 3 görnüşli Raddeniň elwany, Guguň çigildemi, çylşyrymly sogan Tebigaty goramagyň halkara soýuzynyň (TGHS) Gyzyl kitabyna girizildi. Sumbar we Çendír derýalarynyň jülgelerinde badamlaryň, hozlaryň, narlaryň, injirleriň, üzümleriň görnüşleriniň hem köp dürlüsi jemlenendir. Bu ýerde gymmatly, dünýa möçberinde gabat gelýan, iň ýokary sortlardan tapawutlandyryp bolmaýan ösümlikleriň bolmagy, bu derýalaryň julgelerini miweli agaçlaryň tebigy pitomnigi hökmünde tanatdyrdy. Subtropik we beýleki miweli ösümliklerden başga-da bu ýerde goraga mätäç däneli we mal iýmiti üçin ulanylýan ösümliklerem ösýär, olara bogunlyçaýyr, ýabany süle, arpa, çowdary, bir ýyllyk we köp ýyllyk ýorunjalar we başgalar degişlidir.

Dünýäde diňe şu goraghanada ösýän, 1938-nji ýylda Türkmen tejribe stansiýasynyň öňki direktory O.F.Mizgirýowa tarapyndan ylma belli bolan Türkmen selmelegi täsin ösümlikleriň biridir. Türkmen selmelegine ýakyn, şu uruga degişli Ortaýerdeňiz görnüşleri adamlara gadymy döwürlerden bäri belli bolup, ýerli tebipler dürli kesellere garşy ulanyp geçipdirler. Ol tohumçylyga ornaşdyrylyp, ýetişdirilende täze bir gök ekinleriň biri bolardy we bu täsin ösümlik biologik çalt hem-de dermanlyk maddalaryň hem çeşmesidir. Selmelegiň öwrenilmegi, onuň gadymy döwürlerden bäri bejeriş usullarynyň tapylmagyna getirmegi mümkin. Häzir goraghanada bu gymmatly ösümligiň 400-e golaý duýbi saklanyp galypdyr.

Ýerli floranyň başga-da köp ösümliklerini efir ýagyny, reňkleri , şepbikleri (smola) almak üçin we bezeg ösümlikleri hökmünde hem ulanýarlar.

Günbatar Köpetdagyň haýwanat dünýäsi-de özüniň köp dürliligi we üýtgeşik sypatlary bilen tapawutlanyp, olaryň aňyrsy Ortaýerdeňiz, Merkezi Aziýa görnüşleriniň utgaşmaklygyndan gelip cykandyr.

Goraghananyň ekologik ulgamlarynda duşýan oňurgasyz haýwanlaryň görnüşleriniň sany gös-göni ösümlik dünýäsi we landşaftyň dürlüligi bilen berk baglanyşyklydyr. Oňurgasyz haýwanlaryň faunasy heniz doly öwrenilen däldir, şonuň üçin hem olaryň içinde seýrek we endemik görnüşleriň köp bolmagy mümkin. Mör-möjekleriň 12-görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi.

Bu sebitde ýaşaýan oňurgaly haýwanlaryň faunasy gowy öwrenilendir. Günorta -Günbatar Köpetdagyň çäginde ýerde-suwda ýaşaýanlaryň we süýrenijileriň 38, guşlaryň 250, süýdemdirijileriň 76 görnüşleri duşýarlar. Oňurgaly haýwanlardan Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna ýerde-suwda ýaşaýanlaryň 7 görnüşi girizildi, olardan 4-si zemzen, göklors, türkmen eublefary, kepjebaş goraghanaň çäginde duşýarlar. Guşlaryň 14 görnüşi duşup, şolaryň 11-si goraghanada duşýarlar, olardan bürgüt, sakally garaguş, ütelgi, ýylançy gyrgy, turaç, sähra göwenegi, gajar we başgalar Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Süýdemdirijileriň 20-si duşup, şolaryň 17-si goraghanada gabat gelýär. Olardan kiçi nalburun, üçreňkli gijesi, bars, dag goçy, syrtlan, gunduz, itaýy, oklykirpi we başgalar Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi.

XX asyryň dowamynda ýerleriň yzygiderli ulanylmagy, ilatyň sosial ýagdaýynyň çylşyrymlaşmagy tebigy sredanyň ýitmegine, ol bolsa köp görnüşleriň ýitmegine getirdi. Soňky ýüz ýylyň içinde sebitde turan gaplaňynyň, buhara sugunynyň, aýynyň, dag goçunyň ýitmegine, ýok bolmagyna getirdi.

Häzirki döwürde ýitmek howpy abanýan haýwanlara syrtlany, barsy, dag goçuny, gorkezmek bolýar. Dag goçlarynyň we doňuzlaryň sanynyň azalmagy bilen barslar öý haýwanlaryna topulmaga mejbur bolýarlar we dawaly ýagdaýlary döredýär. Goraghananyň golaý ýerlerinde öý haýwanlaryna barslaryň topulmagy bolmaly hadysa. Barslaryň öý mallaryny iýip ýerli ilata berýän zyýanynyň öwezini doldurmak üçin 2000-nji ýylyň güýzünden Ýabany Tebigatyň Bütindünýä Fondynyň maksatnamasy işe başlady. Bu maksatnamany synag edip Sumbar jülgesinde, goraghanaň territoriýasy bilen serhede ýakyn ýaşaýan ilatly ýerde ýerine ýetirýärler. Eger bu geçirilýän synag netijeli bolsa onda Türkmenistanyň başga ýerlerinde hem ýagny bu ajaýyp pişigiň ýaşaýan ýerlerinde şonuň ýaly işler amala aşyrylar. Ýabany toýnaklylaryň baş sanyny goramak we dikeltmek bu Köpetdagyň daglarynyň bezegi bolan barsy saklamagyň girewidir.

Häzir ýitmek howpy abanýan seýrek guşlaryň-da sany kemelýär, ýogsam-da olaryň sany hiç wagtam ýokary bolmandy, olara sakally garaguş, gara leglek, ýylançy gyrgy, turaç we beyleki guşlary görkezmek bolar.

Goraghananyň ylmy bölüminiň işgärleri ýylyň bütin dowamynda goraghanada we onuň töweregindäki ýerlerde tebigatyň hadysalaryna gözegçilik geçirýärler. Goraghananyň döredilmeginiň 20 -ýylynyň içinde uly ylmy gözleg işlerini alyp bardylar, her ýyl “ Tebigatyň ýyl ýazgysy” çykarylýar. Dürli ylmy neşirlerde goraghananyň ylmy işgärleriniň onlarça makalalary çykdy, olarda goýulýan meseleler, Günbatar Köpetdagyň tebigaty, onuň meseleleri we goragy gowulandyrmak barada bolup geldi.

Goraghanada 1500-ä golaý kitap fondy we dürli žurnallar saklanýan, ylmy kitaphana bar. 2500-den hem gowrak gerbariler saklanýar. Günbatar Köpetdagyň täsin tebigatynyň gözelligi barada goraghanada muzeý döretmekligiň işleri-de ýaýbaňlanyp ugrady.

Goraghana döredilen gününden başlap, onda zoopitomnik döredildi we käbir haýwanlaryň biologiýasyny çuňňur öwrenmeklik ýola goýuldy. Şu wagta çenli zoopitomnikde gulanlar, jerenler we guşlaryň dürli görnüşleri saklandy. Häzirki döwürde zoopitomnikde pars sülgüni, turaç saklanyp, olaryň kapasada saklanşyna gözegçilik ýola goýuldy. Ol guşlary köpeldip, ätiyaçlyk baş sanyny döredip, geljekde tebigata goýbermeklik maksat edilýär. Zoopitomnik goraghananyn merkezi mülkinde Parhaýda ýerleşýär, gelen myhmanlar bu ajaýyp guşlary öz gözleri bilen görüp bilerler we başgada biziň ýurdumyzyň özboluşly sebiti bolan Günbatar Köpetdagyň tebigy toplumlaryny goramak we öwrenmek boýunça goraghananyň işgärleriniň geçirýän işleri bilen tanyşarlar.




#Article 67: Ibn al-Mukaffa (205 words)


Abdylla Mukaffa (Abu Muhammet Abdylla ibn al-Mukaffa, 724-759) - arap ýazyjysy. Terjimeçi. Abdylla Mukaffa döredijilik işine 20 ýaşynda başlaýar. Ol ilki Omeýýat halifi Merwan ibn Hubeýriň, soň onuň dogany Dawut ibn Hubeýriň, häkimiýetiň Apbasylara geçmegi bilen bolsa Ahwazdaky dikme Isa ibn Alynyň köşgünde işleýär. Yslam dinini hem şol döwürde kabul edýär. Ol Isa üçin köp ese ýazypdyr, onuň ýegenlerini okadypdyr. Ony al-Masuryň Basradaky dikmsi Sufýan ibn Muawiýa ele salyp, ilki çapyşdyrýar, soňra bolsa peçde ýakýar. Abdylla Mukaffa biçak asylly, ylymly, pähimli, ynsanperwer adam bolup, özüniň gysga ömründe fars şalary hakdaky Hudaýnama, farslaryň däp-dessury, medeniýeti hakdaky Aýynnama, Nowşirwan adyl hakdaky At-Täç, adalatlylaryň durmuşy hakdaky Addürrül ýetime we al-jöwhera as-samina, meşhur gozgalaňçy hakdaky Mazdak ýaly taryhy kitaplary, Aristoteliň Kategoriýalar, Analitika ýaly filozofiki kitaplaryny farsçadan arapça geçiripdir. Özü bolsa Risalat as-Sahaba (Sahybalar hakda traktat), Al-eden al-kebir (Beýik işler hakda nesihat), Al-edep al-sagyr (Ownuk işler hakda nesihat) ýaly birnäçe gymmatly eser ýazypdyr. Ylaýta-da ol maryly Barzuýäniň (6-njy asyr) sanskritten pählewi diline geçiren Kalyla we Dimna atly hindi eposyny arapça çeper terjime edenligi bilen meşhurdyr, çünki bu epos şondan soň ispan, latyn, ýewreý, fars, frek, iňlis, italýan, golland, türk, nemes, fransuz, gadymy slawýan dillerine terjime edilip, dünýäniň köp ýerlerine ýaýrapdyr. Bu epos SSSR-de hem rus, azerbaýjan, özbek dillerinde neşir edildi.




#Article 68: Abdylkadyr (101 words)


Abdylkadyr (1808-1883) - alžir halkynyň fransuz kolonizatorlaryna farşy azat edijilik göreşinde ýolbaşçysy. Alžiriň milli gahrymany. Onuň asly gurply feodal urugyndan bolupdyr. 1832-nji ýylda Günbatar Alžiriň taýpalary Abdylkadyry hökümdar edip saýlaýarlar (tiz wagtda ol emir titulyny alýar). Talantly serkerde, akylly we gujurly syýasatçy Abdylkadyr 1832-47 ýyllarda Alžirdäki fransuz okkupantlaryna garşy gozgalaňa ýolbaşçylyk edýär. Abdylkadyr alym, operator we şahyr hökmünde Alžirde halk mekdepleriniň döredilmegine ýardam edýär, gymmatbahaly golýazmalaryň kitaphanasyny döredýär. 1847-52 ýyllarynda Fransiýada ýesirlikde bolýar; soňra Damaskide ýaşaýar we ol ýerde din taglymaty bilen meşgullanýar. 1860-njy ýylda Damaskide guralan hristiýan gyrgynçylygy wagtynda, ol druzlaryň hem-de maronitleriň arasyndaky duşmançylygyň bes edilmegi ugrynda çykyş edýär.




#Article 69: Abdyllaýew Habyp Muhammedowiç (120 words)


Abdyllaýew Habyp Muhammedowiç (1912-1962) - özbek sowet geology, mineral-geologiýa ylymlarynyň doktory. ÖzSSR Ylymlar Akademiýasynyň akademigi (1947), SSSR Ylymlar Akademiýasynyň korr-çleni (1958), ÖzSSR Ylymlar Akademiýasynyň prezidenti (1956-62), Lenin baýragynyň laureaty (1959). 1941-nji ýyldan SSKP çleni. Ol Orta Aziýa industrial (häzirki Daşkent politehniki) institutynyň teoretiki meselelerini, magdanlaryň çykýan ýeri hakyndaky taglymaty, skarnlar problemasyny we onuň bilen bagly bolan madanlaşmany işläp düzdi. Ýer gabygyndaky esasy gazylyp alynýan zatlaryň döreýiş we paýlanyş kanunalaýyklyk teoriýasyny öňe sürdi. 1970-nji ýylda Metallogeniýa gazylyp alynýan peýdaly zaglaryň çykýan ýerleriniň gözleginiň teoretiki esasydyr diýen monografiýasy üçin ölenden soň oňa Biruny adyndaky respublikan baýragynyň laureaty deýen at berildi. Abdyllaýew Lenin ordeni, iki gezek Zähmet Gyzyl Baýdak ordeni, üç gezek Gyzyl Ýyldyz ordeni, Hormat Nyşany ordeni we birnäçe medal bilen sylaglandy.




#Article 70: Abdyllahan galasy (192 words)


Abdyllahan galasy - Baýramaly şäheriniň demirgazyk-gündogar çetinde ýerleşýän gadymy ýadygärlik. Ol köne Merw şäheriniň galyndylarynyň bir bölegi bolup, 15-nji asyryň 1-nji ýarymynda bina edilýär. Galanyň günorta-günbatar diwarynyň uzynlygy 695 m. günorta-gündogar diwary bolsa 630 m. barabar. Diwaryň galyxlygy 2,5–3 m. kä ýerlerde 6 m. ýetýär. Onuň beýikligi 5–7 m. Abdyllahan galasynyň dört burçunda äpet tegelek küňreler, diwarlaryň ugrunda bolsa ululy-kiçili 42 küňre ýerleşýär. Abdyllahan galasy 44 goranyş küňresi bilen berkidilýär. Abdyllahan galanyň iki sany derwezesi bolup, Eýrandan, Horezmden, Samarkantdan, Buharadan, Toharystandan we beýleki ýurtlardan gelen täjirler şol derwezelerden şähere giripdirler hem-de söwda işleri bilen meşgullanypdyrlar. Galanyň içinde metjit, medrese, köşk, birnäçe howuz we ş. m. ýerleşýär. Metjidiň üç tarapdan girelgesi bolup, onuň içi birnäçe otagdan ybarat. Medresäniň jaýy özbaşdak bolman, metjit bilen birlikde tutuş bir ymaraty emele getirýär. Galanyň demirgazyk-gündogar burçunda hökümet köşgi ýerleşýär. Köşk hem goranyş küňreleri bilen berkidilýär. Abdyllahan galasynda şäheriň arassaçylygyna belli bir derejede üns berlipdir. Kir suwlary we ş.m. hapa suwlar çem gelen ýere dökülmän, guýy şeklinde gazylan çukurlara çekilen keramiki turbalar arkaly akdyrylypdyr. Gala, esasan, günorta tarapdan akyp geçýän kanalyň suwy bilen üpjün edilipdir. Ondan başga-da galanyň içinde 4 sany uly howuz bolup, olarda köp suw saklanypdyr.




#Article 71: Abdyrahman Jamy (255 words)


Abdyrahman Jamy Nuretdin ibn Ahmet (1414-1492) - Şahyr, alym. Şahyryň ata-babalarynyň asly Yspyhanyň golaýynda ýerleşýän Deşt diýen ýerdendir. Olar şol ýerde ep-esli wagt ýaşahlaryndan soň, Horasanyň Jam diýen welaýatyna göçüp gelýärler we kazyçylyk, müftüçilik käri bilen meşgullanýarlar. Abdyrahman Jamy bolsa Jamda doglany üçin, edebi lakamyny Jamy diýip saýlap alýar. Ol pars dilini, edebiýatyny, şeýle hem arap dilini oňat bilipdir. Ondan başga-da geometriýany, filozofiýany, hadysy, yslam dininiň kada-kanunlaryny, Kurany okamagy, oňa düşündiriş bermegi, edebiýat teoriýasyny hem oňat bilipdir. Şahyr Samarkandyň we Hyradyň medreselerinde okapdyr. Şahyryň tälim alan alymlaryndan Möwlana Şahabetdin Muhammet Jajaremini, Möwlana Sagdetdin Kaşgaryny, Kazy zadeý-Rumyny ýatlamak bolar. Ol Sagdetdiniň gyzyna öýlenýär. Ondan dört ogly bolýar, emma üçüsi ýaşlykda aradan çykýar. Şahyr olaryň ölümine bagyşlap, elegiýalar hem ýazypdyr. Onuň dogany Möwlana Şemseddin Muhammet hem öz döwrüniň bilimli hem meşhur tebiplerinden biri bolupdyr. Teýmiritleriň döwründe ýaşanlygy üçin onuň eserlerinde şol dinastiýada häkimlik eden Babyryň, Soltansöýün Baýkaranyň, Ebu Saidiň, Ulugbegiň atlaryna duş gelinýär. Ol Azerbaýjanda häkimlik eden türkmen emirleri bilen ýakyndan aragatnaşykda bolupdyr. Hatda olaryň birnäçesine bagyşlap şygyr hem döredipdir. Jahan şa türkmen bolsa öz diwanyny, zer jähekli bir possun sowgat iberipdir. Öz döwürdeşi, meşhur şahyr, döwlet işgäri Alyşir Nowaýy bilen tanşyp, onuň bilen dostlaşýar. Nowaýy ony öz ussady hökmünde hemme tarapdan goldaýar, kömek edýär. Şahyr Kaşky diýen şygyryny Nowaýynyň türki dilinde ýazan Käşki atly şygrynyň esasynda döredýär. Ol Hyrada, Samarkanda, Merwe, Faraba, Bagdada, Daşkende, Mekgä, Töwrize syýahat edipdir. Şahyr köp sanly özboluşly eserler döredipdir. Olardan Ýusup-Züleýha, Sibhat el-Abrar, Nefahat el-üns, Baharystan, Salaman we Afzal, Tuhfat el-Ahrar, Risalen-aruz, Arba-in (Çehel-hadys), Häft ewren, Harednamai-Isgenderi diýen eserleri görkezmek bolar.




#Article 72: Abdysetdar Kazy (308 words)


Abdysetdar Kazy Jeňnama atly taryhy poemanyň awtorydyr. Ol 19-njy asyryň başynda Gökdepe sebitlerinde dünýä inip, 19-njy asyryň II ýarymynda aradan çykypdyr diýlip çak edilýär.  Öz döwrüniň sowatly we düşünjeli adamy bolupdyr. Ol Jeňnama eserini 1862-nji ýylda ýazypdyr. Poema mesnewi formasynda ýazylyp, 2200 setirden ybarat. Awtor bu eserinde 1858 hem-de 1861 ýyllarda türkmenleriň birleşip, Eýran şasy Nasretdiniň talaňçy goşunlaryny derbi-dagyn edişi barada gürrüň berýär. 1858-nji ýylda Nasretdin Japargulyny baş edip, Garrygala sebitlerine agyr goşun ýollaýar. Şu taryhy jeňde türkmenleriň köp tireleri birleşip, watan ugrunda gahrymançylykly göreşýärler. Söweşe Nurberdi han ýolbaşçylyk edýär. Guramaçylykly we agzybir alynyp barlan şol söweşde talaňçy duşman goşunlary ýeňilýär. Şahyr eseriniň 1-nji bölüminde ine şu taryhy ýeňşi taryplaýar. Şahyr türkmen taýpalarynyň birleşip alyp baran watançylyk hereketiniň taryhy ähmiýetine dogry baha beripdir we şeýle birleşmäniň, dostlaşmanyň ýene-de rowaçlanmagyny isläpdir. Eseriň 2-nji bölüminde eýran goşunlarynyň 1861-nji ýylda Mara eden uly çozuşy hakynda söhbet açylýar. Garrygalada masgara bolup ýeňlen Nasretdin şa Hemze Mürzäniň baştutanlygynda türkmenleriň üstüne 70 müň adamly goşun sürýär. Emma bu gezekde şanyň agyr goşuny türkmenleriň birleşen güýjüne çydap bilmeýär. Bu taryhy söweşe Gowşut han ýolbaşçylyk edýär. Ahal türkmenleri hem Nurberdi hanyň ýolbaşçylygynda Mara kömege gelýär. Gazaply jeň talaňçy duşmanlaryň ýeňilmegi bilen gutarýar. Abdysetdar Kazy poemanyň bütin dowanymda watan ugrunda alnyp barlan urşuň tarapynda durýar. Duşmanlara aç gurt ýaly daraýani halkynyň aryny-namysyny özbaşdaklygyny goraýan gerçekleri wasp edýär. Parahat ilaty talamaga gelen gelmişekleri paş edýär. Eser şeýle uly taryhy ýeňiş gazanan halky we onuň gaýduwsyz ogullaryny taryplaýan muhammes bilen tamamlanýar. Poemada aýratyn alnan gahryman hereket etmän, tutuş halk hereket edýär. Şonuň üçinde eseriň diliniň we stiliniň agyrlygyna garamazdan, onda uruş kartinalary, halk köpçüliginiň watançylyk hyjuwy we duýgulary real görkezilýär. Poema ilkinji gezek rus dilinde 1914-nji ýylda Kniga rasskazow o bitwah tekinsew (Tekeleriň uruş kyssa kitaby) ady bilen Peterburgda akademik A. N. Samoýlowiç tarapyndan ylmy-düşündirişli çap edilýär. Eser gysgaldylan görnüşde Jeňnama ady bilen türkmen dilinde 1943inji ýylda çap edildi.




#Article 73: Abiwert (110 words)


Abiwert (Bawert) - Kakanyň raýon merkezinden 4 km demirgazyk-günbatarda ýerleşýän orta asyr şäherleriniň harabaçylygy. Ol ýerde biziň eramyzdan öň 1-nji müňýyllykdan başlap, tä 18-19 asyrkara çenli ýaşaýyş bolupdyr. Abiwertiň umumy tutýan meýdany 42 gektara barabar bolup, ol ýerde 18-nji asyrda Nedir şa döwründe türkmenleriň alyli taýpasy ýaşapdyr. Şäher gür ilatly bolupdyr. İlat, esasan, ekerançylyk we belli bir zerejede maldarçylyk bilen hem meşgul bolupdyr. Şäheriň daş-töwereginde gadymy ekerançylyk ýerleriniň sudury mese-mälim görnüp dur. Şäherde 3 sany howuz, birnäçe guýy bolup, olar ilata agyz suwy beripdir. Şäheriň 2 sany bazar meýdançasy bolup, onda senetçilik we oba hojalyk harytlary satylypdyr. 1876-njy ýylda Deregeziň hany Allaýar han Kaka sebitlerini basyp alandan soňra, Abiwert taşlanýar.




#Article 74: Abolisionizm (216 words)


Abolissionizm (latynça: abolitio - ýok etmek, ýatyrmak) - 1) haýsy hem bolsa bir kanunyň ýatyrylmagyny talap edýän jemgyýetçilik hereketi; 2)XVIII-XIX asyrlarda Angliýanyň, Fransiýanyň we beýleki Ýewropa ýurtlarynyň koloniýalarynda gulçulygyň ýatyrylmagy ugrunda ýaýbaňlanan göreş; 3)XVIII-XIX asyrlarda ABŞ-da negrleri gulçulykdan azat etmek ugrundaky hereket. 1833-nji ýylda gulçulyga garşy göreşmegiň Amerikan jemgyýetiniň döredilmegi milli masştabda guramaçylykly abolissionistik hereketiň başlangyjyny goýdy. Abolissionizm plantatorlara - gul eýerine garşy ýer ugrunda göreşýän fermerleriň giň köpçüligini, plantassiýalarda işleýän işçileri, öňde baryjy inteligensiýany, negrlei azat ediş hereketiniň işgärlerini, gulzulygy ýurtuň kapitalistik ösüşine päsgel berýär diýip hasaplaýan buržuaziýanyň bir bölegini özüne birleşdirýär. Duglasyň baştutanlygyndaky iň rewolýussiýon toparlary gulçulyga garşy göreşde ýaragly güýjüň ulanylmagynyň zerurlygyna düşünipdirler. J. Braunyň (1859) ýolbaşçylygyndaky gozgalaň gylçulyga garşy göreşde esasy ähmiýete eýe bolýar. ABŞ-da Granždanlyk urşunyň (1861-1865) gidişinde halk köpçüligi gulçulygy ýok etmekde görnükli rol oýnaýar. Prezident Linkolnyň 1863 ýylynyň 1-nji ýanwaryndaky manifestine görä, gozgalaňa gatnaşan günorta ştatlaryň negrleri azat diýlip yglan edilýär. 1865-nji ýylda ABŞ-nyň konstitutsiýasyna girizilen 13-nji düzedişe laýyklykda ABŞ-da gulçulyk ýatyrylýar we gullar şahsy azatly alýarlar. Emma gulçulygyň formal taýdan ýatyrylmagyna garamazdan, negrler hakykatda gullardan az tapawutlanýan agyr şertlerde ýaşapdyrlar. Olar ýerden we iň ýönekeý graždanlyk hukuklaryndan mahrum edilýär. ABŞ-da negrler biziň günlerimizde hem jyns taýdan kemsitmelere sezewar edilýär. Prograssiw güýçler negrleriň jyns taýdan kemsidilmegine garşy, olaryň deň hukuklylygy ugrunda alyp barýan göreşlerinden Abolissionizmiň rewolýussiýon däplerini giňden ulanýarlar.




#Article 75: Abonent telegrafirleme (176 words)


Abonent telegrafirleme - iki taraplaýyn telegraf habarlaryny gös-göni bermek üçin abonentler (kärhanalar, edaralar, guramalar) arasyndaky elektrik aragatnaşygynyň görnüşi. Telefon aragatnaşygyna meňzeş bolup, onda habarlar hat üsti biln berilýär we kabul edilýär. Ýygylykly telegrafirleme metodynyň ulanylmagy magistral aragatnaşygynyň bir telefon kanalynda köp sanly telegraf kanallaryny döretmäge mümkinçilik berýär. Munuň özü abonent aragatnaşygyny arzanladýar. Telegraflarda abonentleri birleşdirmek üçin el bilen işledilýän abonent telegrafirleme stansiýasy ýa-da awtomatik sistemada işleýän abonent telegrafirleme sistemasy oturdylýar. Bu maksat üçin abonentde awtomatik usulda jogap beriji rulon görnüşli telegraf startstop apparaty hem-de çagyryş pribory bolup, olan stansiýa bilen iki priwodly liniýa arkaly birleşdirilýär. Stansiýada abonentleri awtomatik birleşdirmek üçin Abonent telegrafirlemäniň awtomatik sistemasynda telefon gözleýjili statiwlerden peýdalanylýar. Abonentdäki çagyryş priborynyň nomer ýygnaýyjy diski bolup ol telefonuňka meňzeşdir. Daşary ýurtlarda (ABŞ-da, Angliýada, Germaniýada) Awtomatiki telegrafirleme 20-nji asyryň 30-njy ýyllarynda döreýär. 1947-nji ýylda Moskwadaky Merkezi telegrafda el bilen işledilýän 30 nomerli abonent telegrafirleme stansiýasy guruldy. Soňra awtomatik işleýän has köp nomerli abonent telegrafirleme statsiýasyna geçildi we bu hili stansiýalar SSSR-iň başga ýerlerine giň ýaýrapdyr. Netijede, 1968-nji ýylda SSSR-de gurlan şeýle stansiýalaryň umumy sany 14 müňden gowrak bolupdyr.




#Article 76: Abraziw gural (247 words)


Abraziw gural - metaly, derini, agajy, aýnany, dag jynslaryny we bulary mehaniki işläp bejermek üçin abraziw materiallardan ýasalan gural. Esasan, iki görnüşde, ýagny gaty Abraziw gurallara (ýylmaýyjy tegelekler, segmetler, çalgydaşlar) hem-de çeýe Abraziw gurallara (lentalar, diskler we b.) bölünýär.  Abraziw gurallar metalyň, aýnanyň, daşyň, agajyň, deriniň we beýleki emeli materiýallaryň üstlerini işlemekde hem-de dag jynslarynyň gazylyp alynýan ýerlerindäki burawlaýyş işlerinde ulanylýar. Esasy häsiýeti kesiji gurallary ýiteltmekden ybaratdyr. Kesijilik ukybyny gowulandyrmak üçin Abraziw gurallary almazlar, almaz galamlar, abraziw tegelekler, gaty splawlar we polat diskler bilen çalýarlar. Çalma prosesinde kesijilik ukybyny artdyrmak bilen Abraziw gurala dogry görnüş (forma) berilýär. Öz görnüşleri, daşky ölçegleri, olary ýasamakda ulanylýan abraziw materiallaryň gatylygy, tebigy gurluşy boýunça özara tapawutlanýarlar. Abraziw gurallaryň keramik berkidijisi abraziw işleriň köpüsinde, magnezial we silikat berkidijisi bolsa gatadylan polady ýylmamakda, owadanlamakda we ş. m. ulanylýar.

Abraziw gurallar 19-njy asyryň ikinji ýarymyndan başlap (ýylmaýjy stanoklaryň döräninden bäri), senagat usuly arkaly öndürlip başlandy. Abraziw guraly ýasamakda elektrokorund (normal, ak, monokorund be başgalar), kremniý karbidi (ýaşyl we gara), sintetik hem tabygy almazlar ulanylýar. Standart Abraziw gurallaryň görnüşi 12 müňe ýetýär. Elektrokorunddan we kremniý karbidinden ýasalaýan ýylmaýjy tegelekleriň diametri 3-den 1100 mm çenli, galyňlygy bolsa 0,5-200 mm bolýar. almaz dänelerinden (bakelit, metal we keramik baglanyşyklarda) ýasalýan ýylmaýjy tegelekleriň diametri  6-dan 300 mm çenli we iş halkasynyň galyňlygy 1,5-5 mm çenli, ini 3-den 20 mm çenli bolýar. Ýylmaýjy derijigiň düşegi mata ýa-da  kagyz bolup, onuň elektrokorunddani kremniý karbidinden, aýnadan we kremniden ýasalaýan kesiji däneleri bolýar. Ýylmaýjy derijik el bilen ýa-da mehanizirlenen usulda ýylmaýyş işlerinde ulanylýar.




#Article 77: Abraziw materiallar (176 words)


Abraziw materiallar - materiallary, minerallary, dag jynslaryny, aýnany, keramik materiallary, agajy, derini, rezini we beýleki mehaniki işläp bejermekde ulanylýan gaty maddalar. Abraziw materiallar tebigy we emeli görnüşde bolýar. Tebigy Abraziw materiýallara almaz, korund, granit, naždak, kremen we b.; emeli Abraziw materiýallara bolsa elektrokorund, monokorund, kremninin, boruň karbidi, sintetik almaz degişlidir. Abraziw materiallar gatylygy, berkligi, özlüligi we daşky görnüşleri bilen tapawutlanýar. Abraziw materiýallaryň gatylygy ýörite gatylyk şkalasy boýunça kesgitlenýär. Abraziw däne köplenç kristalllik bölejik, käbir ýagdaýlarda bolsa monokristal görnüşinde bolýar. Abraziw ukyplylyk däneleriň kütelmegine çenli sürtülip aýrylýan materialyň gyryndysynyň mukdary bilen häsiýetlendirilýär we ol abraziw dänäniniň materialynyň fiziki häsiýetlerine hem-de üstünüň ýagdaýyna baglydyr. Abraziw materiallar abraziw ukyplylygy boýunça şeýle tertipde ýerleşýär: almaz, kub görnüşli bor nitridi, kremniý karbidi, monokroynd, elektrokorynd, naždak, çakmak daşy. Abraziw guralyň gatylygy uly tizlik bilen kesmäge mümkinçilik berýär. Mumuň özü birwagtda işleýän köp sanly tyglar bilen materialy ýeterlik derejede ýonmagy üpjün edýär. Abraziw materiallar abraziw gurallaryň formasyna we niýetlenişie baglylykda, abraziw gurallar berkidilen dänejikler görnüşinde ýa-da ýylmaýjy derijik, poroşok, pasta görnüşinde peýdalanylýar. Däneleriň ölçegleri elek analizi, suwuklykda çökdürmek ýa-da başga usullar bilen kesgitlenýär.




#Article 78: Abrikosow Alekseý Iwanowiç (128 words)


Abrikosow Alekseý Iwanowiç (1875-1955) - sowet patolog anatomy, SSSR Ylymlar Akademiýasynyň (1939) we SSSR MYA-nyň akademigi (1944), Sossialistik Zähmetiň Gahrymany (1945), Döwlet baýragynyň laureaty (1942). 1939-njy ýyldan SSKP çleni. Abrikosow 1899-njy ýylda Moskwa uniwersitetini gutarýar. Ol 1920-nji ýyldan ömrüniň ahyryna çenli Moskwa uniwersitetiniň medisina fakultetiniň (1930-nji ýyldan Moskwanyň 1-nji medisina institutynyň) professory, 1944-51 ýyllarda SSSR MYA-nyň Hormal we patologik morfologiýa institunyň direktory. Abrikosow patologik anatomiýanyň dürli meseleleri hakdaky köp sanly ylmy işleriň awtorydyr, Abrikosow pataloglaryň Moskwadaky ylmy jemgyýetini  esaslandyryjy  we onuň hormatly başlygy (1938). Abrikosowyň ylmy işleri, esasan, öýken inçekeseline, simpatik nerw düwünleri, myşsa çiş kesellerine degişlidir. Abrikosow ýokary medisina okuw jaýlaryny üçin patologik anatomiýa boýunça okuw kitaplarynyň we birnäçe gollanmalaryň awtorydyr. Ol Polşa Ylymlar Akademiýasynyň kopp-çleni. Abrikosow Lenin ordeniniň ikisi we Zähmet Gyzyl Baýdak ordeni bilen sylaglanýar.




#Article 79: Repetek goraghanasy (545 words)


Repetek Döwlet biosfera goraghanasy 1927-njy ýylyň 27-nji oktýabyrynda Gündogar Garagumyň ajaýyp gara ojar tokaýlaryny hem-de onuň daş-töweregindäki meýdanlary gorap saklamak üçin döredildi. Goraghananyň wezipesine Garagumyň çägeli çölüniň aýratyn, özboluşly üýtgeşik ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek, goramak hem-de dikeltmek işleri girýär. Olardan başga-da demir ýol duralgalaryň, säginelgeleriň we öri meýdanlardaky guýularyň töwereklerini gök-bakjalyga öwürmäge uly üns beriliär.

Repetek goraghanasy Garagumyň merkezi böleginde Lebap welayatynyň Türkmenabat şäherinden 70 km günortada, Amyderýa bilen Garagum derýalarynyň aralygynda, Repetek demirýol stansiýasynyň ýanynda ýerleşýär. Goraghananyň meýdany 34600 gektara deň.

Repetek goraghanasy döredilmezden ozal Repetek çäge-çöl stansiýasy işleýärdi. Onuň düýbi 1912-nji ýylda Rus Imperator Geografiýa jemgyýeti tarapyndan onuň wise-Prezidenti belli geograf we syýahatçy P.P.Semýonow-Týanşanskinyň işjeň gatnaşmagyna tutuldy. Merkezi Aziýanyň çöllerini öwrenmek ylmynyň düýbini tutujy W.A.Dubyanskiý ylmy stansiýanyň düýbini tutmakda ýakyndan kömek eden guramaçydyr we onuň ilkinji direktorydyr (1912-nji ýyldan tä 1928-nji ýyla çenli).

Ylmy stansiia goraghana bilen bilelikde 1998-nji ýyla çenli işledi. Stansiýa ýapylandan soň goraghana Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasyndan Tebigaty goramak ministirligine goşuldy. Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň hasabynda goraghana jemi 1941-nji ýyldan soň, şol şanda 1962-nji ýyldan dünýä belli Çöller institutynyň (häzirki wagtda Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instituty) bölümleriniň hasabynda boldy.

Soňky maglumatlara görä Repetek goraghanasynda oňurgasyzlaryň 1343 görnüşleri we kiçi görnüşleri hasaba alyndy. Repetegiň mör-möjekleriniň 7 görnüşi 1999-njy ýylda çapdan çykan Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Olara buýnuzganat empuziýa, hinçi murtlak çekirtge, Pawlowskiniň murtlak çekirtgesi, Uwarowyň çölçüsi, Sumakowyň çekirtgesi, wyžžldawuk antia tomzagy we türkmen burunlak tomzagy degişli.

Oňurgaly haýwanlaryň arasynda ýerde-suwda ýaşaýanlaryň (Amphibia) - 1 görnüşi, süýrenjileriň 22 görnüşi, olaryň 2 görnüşi - zemzen we kepjebaş Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Kepjebaş Tebigaty Goramagyň Halkara Soýuzynyň (TGHS) Gyzyl kitabyna hem girizildi.

Repetek goraghanasynyň guşlarynyň 202 görnüşinden 13 görnüşi (oturumly, höwürtgeleýän, gyşlaýan, uçyp geçýän, göçüp-gelip yören guşlardan) Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Olara bürgüt we çöl serçesi, ýylançy gyrgy, gajar we togdary, gyzgylt gotan, buýraly gotan, adaty syçançy, mazar garaguşy, ütelgi, sähra göwenegi, gyzylbaş bezziltligi, hüwi degişli.gajar, buýraly gotan, mazar garaguşy we sähra göwenegi TGHS Gyzyl kitabyna girizildi.

Goraghananyň süýdemdirijiler faunasy 29 görnüşi öz içine alýar we olardan 3 görnüşi – garagulak, keýik we oklykirpi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi.

Goraghanada kömelekleriň 197 görnüşi we kiçi görnüşi, toprak suwotylarynyň 68 görnüşi, epifit lişaýniklaryň 4 görnüşi, baldagy ýaprakly mohlaryň 4 görnüşi, açyk tohumlylardan gnetopsidleriň 1 görnüşi we gülli ösümliklerden 120 görnüşi bellenildi.

Repetek çäge-çöl ylmy stansiýasynda we Repetek goraghanasynda uly ylmy -barlag işleri geçirildi. Ylmy barlaglaryň esasy netijeleri çap edilen1000-den gowrak ylmy makalalarda, işlerde, ýygyndylarda we monografiýalarda ýazylyp beýan edildi.

Tebigy ösüşinde amatsyz ýagdaýyň bolmagyna garamazdan, ýerli ilatyň we odun taýýarlaýjy edaralaryň päsgel bermegine garamazdan, Repetek goraghanasynda Gündogar Garagumyň ajaýyp garaojar tokaylary, sebitiň biologik dürliliginiň esasy merkezi, kanagatlanarly ýagdaýda goralyp saklanylýar.

Uly çäge uşgamlary, tümmek we aklaň çägeleri garaojarly jülge görnüşli peslikler bilen bilelikde ýeke-täk gorag ýygyndysyny-köp bolmadyk (30 golaý wekil) keýigiň (jereniň) durnukly populýasiýasyny, seýrek guşlar bolan bürgüdiň, ýylançy gyrgynyň we çöl serçesiniň ýaşaýan ýerini emele getirýärler. Seýrek guşlaryň birnäçe görnüşi üçin goraghananyň ýerleri wagytlaýynça gaçalga bolup hyzmat edýär. Repetek goraghanasynda

seýrek mör-möjekleriň hem uly topary ýaşaýar. Bu ýeri türkmen burunlak tomzagynyň ýeke-täk ýaşaýan ýeridir.

Goraghananyň ekologik-aň-bilim we habar ýaýratmak işiniň esasyny tebigaty goramak barada alnyp barylýan sapaklar, gündelik gazet-žurnallarda çap edilýän makalalar, radiodaky we telewideniýedäki çykyşlar düzýär. Lebap welaýatynyň we Türkmenabat şäheriniň edara-kärhanalarynyň işçileri, talyplary, mekdep okuwçylary sapaklary diňleýjilerdirler. Goraghana Halkara biosfera statusy berilenden soň bu ýere dünýäniň 70-den gowrak ýurdundan adamlar gelip gördüler.




#Article 80: Köýtendag goraghanasy (673 words)


Goraghananyň we onuň töwereginiň klimaty hem edil tutuş tebigy keşbi ýaly diýseň özboluşlydyr. Ygallaryň ortaça bir ýyldaky mukdary 402 mm bolup, onuň möçberi dag eteklerinde azalyp, beýiklikde bolsa 700–800 mm ýetýär. Bahar aýlary çagbaly ýagyş ýaganda, derelerde sil akymlary döreýär.

Köýtendagyň ady onuň relýefiniň mahsus aýratynlygyny örän jaýdar häsiýetlendirýär. Ol “kuhi” diýen pars we “teň” diýen türk sözlerinden gelip çykyp, “geçmesi kyn dag” diýen manyny aňladýar. Hakykatdan hem bu daglyk ýerler köp sanly jülgedir dereler bilen dilkawlanandyr. Olaryň iň uzyny Hojailgazbaba (28 km). Has owadany çuňlugy 600 m çemesindäki Daraýyderedir. Onda grek hozundan, üzümden, kawkaz dagdanyndan, injirden, sütükli kerkawdan, zerawşan arçasyndan ybarat tokaýlyk ýerleşýär. Gün şöhlesi düşmeýän agaçlaryň aşagynda ýylyň bütin dowamynda sowuk dury suwly çeşme akyp ýatyr. Belentligi 27 m bolan täsin şaglawuk ýerleşýän, eňňitleri kert darajyk Umbardepe jülgesi görenleri aňk edýär.

Köýtendagyň ösümlik örtügi dag eteklerinde otjumak ösümlikler toplumynyň, ýokarda bolsa güýçli bozulan agaç we gyrymsy agaçlaryň zerawşan arçasynyň agdyklyk edýän guşaklygy ýerleşendir. Dagyň üstki böleginde ýassyk şekilli tikenli ýarymgyrymsy ösümlikler mesgen tutýarlar.

Goraghananyň florasynda pamir-alaý görnüşleri agdyklyk edýärler, beýleki görnüşleri hem hasaba alanyňda, bu ýerde 872 görnüşiň ösýändigi anyklanyp, şolaryň 10% -i diňe şu ýerlerde ösýän (endemik) görnüşlerdir (beýik çigildem, çomuç, çyryş we beýlekiler). Halk hem ylmy medisinada ulanylýan derman ösümlikleriniň hem 130-dan gowrak görnüşi duş gelýär. Gymmatly ösümliklerden Gordýaginiň kleomesi, Nikitiniň esparesti, beýik çigildem, Wiktoryň gaýrajy ýaly ösümlikler Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň ikinji neşirine girizildi.

Endemiklerden bellemelisi Merkezi Aziýanyň başga hiç ýerinde tapylmadyk Popowyň Kugitangiýasynyň urugy diňe şu ýerde duşýar. Öňler Köýtendagda zerawşan arçasynyň arçalyklarynyň giň meýdanlary bardy, häzirki wagtda bolsa arçalyklar çapylyp we ýangynyň esasynda örän azaldy. Goraghanada olar bölekleýin görnüşde abat galdylar. Daglardaky toprak örtügini ýel tozatmagyndan we suwuň zaýalamagyndan goramakda ösümlik örtüginiň esasan hem tomusky örtüginiň ähmiýeti örän uly.

Köýtendagyň haýwanat dünýäsi hem baý we dürli-dürlidir. Bu ýerde-suwda ýaşaýanlaryň 2 (ýaşyl gurlawuk, köl gurbagasy), guşlaryň 100 (sakgally garaguş, gajar, dazzarkel, mazar garaguşy, sähra garaguşy, gyrgy, depe syçançysy we başgalar) we süýdemdirijileriň 40-a golaý görnüşi duşýar. Juda seýrek we gymmatly haýwanlaryň görnüşlerinden gara leglegi, uzynguýruk siňekçini, hindi ütelgisini, goňur aýyny, geçigaplaňy, burma şahly dag tekesini, köýten kör ýalaňaç balygyny we başgalary ýatlamak bolar.

Goraghana umumy meýdany 90 müň ga çemesi bolan üç sany Garlyk, Hojapil, Hojaburjybelent zakaznikleri degişli. Köptaraplaýyn Garlyk zakaznigi (40 müň ga) Köýtendagyň günorta ýapgydyny we Amyderýa çenli daglyk ýerleri öz içine alýar. Ol dünýä meşhur Garlyk karst gowaklar toparyny, melhem suwly Gaýnarbaba çeşmesini köýten kör balygynyň ýaşaýan ýerasty köllerini, Sinjir, Kettekiň, Abdere, Bulakdere ýaly çuň we gözel jülgeleri goraýar.

Hojapil landşaft - paleontologik zakaznigi (31,6 müň ga) Köýtendagyň goraghana girmedik demirgazyk bölegini, Köýten jülgesiniň ýokary guşaklygyny we Gowurdak pes daglygynyň demirgazyk-gündogaryny öz içine alýar. Ol takmyndan 150 mln ýyl mundan öň ölüp giden ajdarhalaryň aýak yzlary saklanyp galan “Dinozawrlar platosyny” gözel dereli “Kyrkgyz” gowagyny, şaglawukly Umbar deräni, Kette, Aýgyr, Horjun ýaly karst kölleri Köýten obasyndaky köp asyr ýaşan çynarly hem arnap tokaýjygyny, Garadepäniň ýanyndaky pisse tokaýlygyny goraýar.

Hojaburjy belent landşaft zakaznigi (17,6 müň ga) Köýten obasynyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşip, Sakyrtma, Hojaburjybelent, Tahtatag gerişlerini öz içine alýar. Bu ýerde meşhur pisse tokaýlygy (1,5 müň ga) we dagyň deňi - taýsyz künjekleri goralýar.

Zakazniklerde ýatlananlaryň köpüsi dünýä, sebit, döwlet we ýerli ähmiýetli tebigy ýadygärliklerdir.

Goraghanada haýwanlaryň sanyny we göçüşini anyklamak, ösümlikler barada maglumat toplamak, karst gowaklaryny we beýleki tebigatyň döreden täsinliklerini öwrenmek, ilatyň arasynda ekologiki bilim hem terbiýe bermek işleri geçirilýär. Toplanan ylmy maglumatlaryň netijeleri, kitaplarda, ýygyndylarda, gazet hem žurnal sahypalarynda çap edilýär.

Şonuň bilen birlikde radiýoda we telewideniýede goraghananyň tebigaty barada gürrüň edilýär. Bu ülkede ilatyň az ýaşaýanlygy we onuň adamyň täsirine az sezewar bolýandygy üçin, bu goraghana diňe bir syýahatçylar däl-de mekdep okuwçylary üçin hem täsin ýerdir.

Bulardan başga-da bu ýeri dag jynslarynyň ýalaňaç gatlagyna has hem gumdaşlarynyň gyzylreňdäki gatlaklaryna baýdyr we belli botanik M.G. Popow “Tutuş landşaft ajaýyp gyrmyzy gyzyl reňkde, ýalpyldap duran gök asman bolsa, bu künjegi dürli reňklerden dolduryp gözellik berýär” diýip belläp geçýär. bu ýerde dürli reňkli dag gözellikleriniň birnäçesi ýagny owadan hedizarum, ýalpyldawuk çigildem, çyryşlaryň birnäçe görnüşi we başga uly bezeg ösümlikleri ösýär. Ýokarda aýdylanlaryň hemmesi bu ýeri Türkmenistanda ilkinji “Köýtendag” milli tebigy seýilgähini döretmäge mynasyp ýeriň biri diýip belläp görkezýär.




#Article 81: Köpetdag goraghanasy (1130 words)


Ýurdumyzyň günortasynda Türkmen-Horasan dag ulgamynyň demirgazyk bölegi bolan gözel Köpetdagyň gerişleri uzalyp gidýär. Gurluş aýratynlyklaryna baglylykda bu dag ulgamlaryny Günbatar, Merkezi we Gündogar Köpetdaga bölýärler. Gymmatly agaçlaryň (türkmen arçasy, türkmen kerkawy, kawkaz dagdany) çapylmagy, malyň köp bakylmagy, çensiz aw edilmegi ýaly adam täsiriniň artmagy Köpetdagda goralýan ekologik ulgamlaryň döredilmeginiň zerurlygyna getirdi. Merkezi Köpetdagda tokaý işlerini ýola goýmak boýunça ilkinji synanyşyklar XX asyryň 20-30-njy ýyllarynda başlandy. 1948-nji ýylda Köpetdag tokaý hojalygy döredildi. 1976-njy ýylyň 19-njy awgustynda bolsa Merkezi we Gündogar Köpetdagyň hem-de dag etegindäki düzlükleriň ekologik ulgamlaryny diketltmek we gorap saklamak maksatlary bilen Köpetdag döwlet goraghanasy döredildi. Bu goraghana Ahal welaýatynda ýerleşýär. Goraghana berkidilen ýerleriň içinde dürli gorag düzgünli bölek ýerler bar. Gönüden-göni diňe goraghana degişli ýerleriň tutýan meýdany 49,7 müň gektar. Bu ýerde iki sany Kalinin (15 müň gektar) we Mäne-Çäçe (60 müň gektar) zakaznikleri, şeýle hem gorag zolagy (32,8 müň gektar) we iki sany Garaýalçy we Çarlyk ýadygärlikleri bar.

Merkezi Köpetdagyň döreýiş taryhy irki ýura eýýamyndan başlanýar, hek döwrüniň ahyryna çenli bu ýedäki ägirt giňişlikleri deňiz tutupdyr. Häzirki daglaryň ilkinji sudurlary paleogeniň ahyrynda neogeniň başynda ýüze çykyp ugrapdyr.

Goraghanada oňurgasyzlaryň faunasy has köpdürliligi we baýlygy bilen tapawutlanýar, olaryň görnüşleriniň sany 1000-den hem geçýär. Oňurgasyzlar barada söz açylanda ilki bilen aladasyz uçup ýören, dürli öwüşginli kebelekler okyjylaryň göz öňüne gelýär. Bezegindäki reňkleriň köpdürlüligi boýunça hiç bir jandary kebelekler bilen deňeşdirip bolmaz.

Bu ýerde duşýan iň iri we owadan kebelekleriň biri hem gözel Mahaondyr (ol troýan urşunyň gahrymany bolan lukmanyň hatyrasyna atlandyrylan). Kebelekleriň bedeniniň yz tarapynda ýüreginiň ýerleşýändigini, ganynyň bolsa ýaşyl reňkdedigini bilmek bolsa has hem geňdir.

Türkmen şaşkaçysy atly kebelegiň dünýäde bar bolan 3 populýasiýasynyň biri Manež derede (Germap uçastogy) ýaşaýar. Garaýalçy jülgesinde bolsa, kallimah we kaspiý aňyrsy tutuksy aýypisint kebelegi gabat gelýär. Köpetdagda duşýan mör-möjekleriň 15 görnüşi (bulaýjy teneçir, orden lentaly lesbiýa kebelegi, ýelkenganat aleksanor kebelegi, kallimah, akgurt möýi we başgalar) Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Sähra süýri çekirtgesi bolsa Tebigaty goramagyň halkara soýuzynyň (TGHS) Gyzyl kitabyna hem girizldi.

Goraghananyň çäklerinde oňurgaly haýwanlardan balyklaryň 15 görnüşi duş gelip, olardan kaspi aňyrsy garabalyk we türkmen ýalaňaç balygy Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Ýerde-suwda ýaşaýanlaryň 3 görnüşi gabat gelýär. 43 görnüşinden durýan süýrenijileriň özboluşly faunasy bolup, olaryň 8-si (türkmen eublefary, zemzen, pişikgöz ýylan, göklors we başgalar) Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi.

Köpetdagda guşlaryň örän köpüsi ýaşaýar. Ýurduň goralýan ýerleriniň arasynda diňe Köpetdag goraghanasynyň çäklerinde adaty syçançy, laçyn, hindi dag towugy, ak petekeli we ala jokjokylar, gara gögümtil jikjiki, arçasar ýaly guşlar höwürtgeleýär. Köpetdag goraghanasynda goralýan guşlaryň arasynda towukşekilliler otrýadyndan seýrek duşýan we az öwrenilen hindi dag towugy aýratyn orun tutýar. Beýik dag depelerindäki gür bolmadyk arçalyklarda arçasar duş gelýär. Bu ýerde uly guşlar bolan dazzarkel, garaguş, maslykçy we iň kiçijik eýran aldawajy ýaly guşlar hem duşýar. Köpetdagyň gaýalarynda gara leglekleriň gurýan özboluşly höwürtgeleri hem synçylaryň ünsüni özüne çekýär.

Köpetdag goraghanasynyň çäklerinde ýaşaýşy batgalyklar we tokaýlar bilen bagly guşlaryda görmek bolýar. Käbir ýyllarda Durnalar bu ýerde dynç alýarlar, iýmitlenýärler we güneşli günleriň birinde süri-süri bolup asmana göterilýärler we öz dogduk mekanlaryna höwürtgelemäge gidýärler. Güýzüne bolsa ýene-de şu ýerden täze neslini yzyna tirkäp, Eýrana tarap gyşlamaga uçup gidýärler. Goraghanada duşýan guşlaryň 11 görnüşi (adaty syçançy, bürgüt, sakally garaguş we başgalar) Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi, gajar bilen sähra göwenegi bolsa TGHS-nyň Gyzyl kitabyna hem girizildi.

Gündogar Köpetdagyň etegindäki tebigy şertleriň, bu ýerde gulanlary köpeltmek üçin we pisse agaçlaryny ösdürmek üçin ekologik talaplara laýyk gelýändigini ylmy barlaglaryň netijeleri görkezdi. Bary-ýogy onlarça ýyl mundan öň hem gulana ýitip gitmek howpy abanýardy. Bu çydamly haýwanlary Köpetdag goraghanasynyň meýdanlaryna gaýtadan aralaşdyrmak işleri 1978-nji ýylda başlandy we 1985-nji ýyla çenli Bathyz goraghanasyndan 60 gulan getirilip goýberildi. Häzirki wagtda Mäne-Çäçe we Kalinin zakazniklerinde umumy sany 650-ä ýetýän gulanlaryň ýaşaýşa ukyply populýasiýasy döredildi. 350 gektar meýdana ekilen pisseler hem ilkinji hasylyny berip başlady.

Süýdemdirijileriň 67 görnüşi bolup, olaryň 12-si (üçreňkli gijeçi, itaýy, syrtlan we başgalar) Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Goşatoýnaklylaryň gijeki awçysy hasaplanylýan uly owadan pişik-alajagaplaň, gulan, dag goçy we dag tekesi TGHS-nyň Gyzyl kitabyna hem girizildi. Ýabany toýnaklylaryň sanynyň azalmagy uly ýyrtyjy haýwanlaryň sanynyň kemelmegine getirýär. Şonuň üçin hem ýyrtyjy wagşy haýwanlaryň sanyny ýokarlandyrmak üçin, ilki bilen ýabany toýnaklylaryň baş sanyny goramak we köpeltmek zerurdyr.

Gözelligi we syrlylygy bilen Köpetdagyň ösümlik dünýäsi hem özüne çekýär. Aýratynda dag girişlerinde hemişe gök-salyp gözüňi dokundyrýar. Arçalyklaryň howasynda olaryň pürüniň gaýtalanmajak hoşroý ysy duýulýar, howanyň yssylygy näçe ýokary bolsa bu ysyň täsiri hem şonça güýçlenýär. Arçanyň garamtyl-ýaşyl pürleri bakteriýalary öldürmek häsiýetinde eýedir. Arçalyklardaky tämiz howanyň peýdalydygy, adamlaryň şähdini açýanlygy, keselli haýwanlaryň bolsa öz kesellerinden dynmak üçin şu ýerik gelýändikleri ir wagtdan bäri bellidir. Arça ekologik taýdan örän ýowuz şertlerde ösmek bilen kert gaýalary, düýpden tekiz ýapylary we dag derelerini janlandyrýar. Onuň kökleri agajyň düýbünden bir näçe metrlere uzalyp, ýeriň üst ýüzi bilen ýzylyp gidýärler. Arçalyklar köp guşlara we süýdemdirijilere gaçybatalga bolup hem hyzmat edýär. Emma arçalyklaryň esasy gymmatlylygy dag gaýalaryny berkidýänliginde we ygal ýygnaýanlygyndadyr. Arça Köpetdagyň ösümlik örtüginde agdyklyk edýän agaçdyr.

Adaty injir hem görenleri geň galdyrýar. Köküni kert gaýalardaky ýarçyklaryň arasyndan goýberip ösýän injir şireli hem-de derman häsiýetli miweleri we özboluşly ysy bilen adamlara şatlyk paýlaýar. Adamlaryň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan bu ösümlige gadym wagtlardan bäri uly hormat goýlupdyr we 5 müň ýyl mundan öň adam tarapyndan medeniýetleşdirilen ilkinji ösümlikleriň biridir. Gadymy rowaýata görä, injir Rim şäherini esaslandyryjy Romulyň diri galmagyna ýardam edipdir.

Bu ýerdäki ömri gysga otjumak ösümlikler (efemerler we efemer şekilliler) hakykatdan hem owadandyrlar. Çigildemleriň 16 görnüşinden Köpetdag goraghanasynyň çäklerinde 7-si ösýär. Olardan iň bellisi açyk gyzyl gülli-Miheliň çigildemi. Apreliň ikinji ýarymynda garamtyl melewşe gülli gladiolus gülleýär. Şular we beýleki güller diňe bir seleksionerler üçin däl-de, eýsem medeni ösümlikleriň gelip çykyşyna göz ýetirmekde hem möhüm ähmiýete eýedir. Goraghananyň çäklerinde we onuň töwereginde ýokary derejeli ösümlikleriň 1400 töweregi görnüşiniň bardygyny bellemek gerek. Olardan 24 görnüş Türkenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi, aýratyn hem grek, eýran, türkestan rýabinalary, türkmen popowiolimony we başgalar. TGHS-nyň Gyzyl kitabyna Atabaýewiň haramçybygy, Guduň çigildemi, zakaspi giasinti girizildi. Bu ýeriniň ösümlikleriniň köpüsi (270 görnüş) endmikdir. Köpetdagyň ösümlik dünýäsi derman ösümliklerine hem baýdyr (jerebaý, zirk, boýbodron, helihrizum, yşgyn we başgalar).

Pes derejeli ösümlikleriň arasynda mohlar, lişaýnikler we paporotnik görnüşliler adatydyrlar. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna lişaýnikleriň 3 görnüşi (Oksneriň aspisiliýasy, tabajykly tornabea, dag teloshistesi), mohlaryň 1 görnüşi (trhostomopsis) we paporotnik görnüşleriniň 1 görnüşi (tüýli aspelinium) girizildi.

Goraghananyň işgärleri tarapyndan halk köpçüliginiň arasynda ekologik bilimleri ýaýratmakda hem köp işler geçirilýär. Işgärleri tarapyndan halk köpçüliginiň arasynda ekologik bilimleri ýaýratmakda hem köp işler geçirilýär. Işgärleriň metbugatda, telewizorda, radioda ýygy-ýygydan edýän çykyşlary, okaýan sapaklary, mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän bäsleşikleri ilatyň ösümlik we haýwanat dünýäsindäki gyzykly zatlary bilmegine kömek edýär. Köpetdag goraghanasy Türkmenistanda “Parklaryň (seýil-gähleriň) ýörişi” atly hereketiň başyny başlaýjy bolup çykyş etdi, 1996-njy ýyldan başlap şeýle hereket ýurdumyzda her ýylda geçirilýär. Her ýylda taýýarlanylýan “Tebigatyň ýyl ýazgysy” hasabatynyň, ylmy makalalarydyr, kitaplaryň esasyny geçirilýän ylmy barlaglaryň netijeleri düzýär.

Köpetdag goraghanasy seýrek duşýan we ýitmek howpy abanýan köp ösümlikler we haýwanlar üçin ygtybarly gaçybatalga öwrüldi we olaryň saklanyp galmagyna kepilnama bolup durýar. Ülkämiziň iň gözel künjeklerinden biri bolan Köpetdag goraghanasyna gelip görüň!




#Article 82: Hazar goraghanasy (1003 words)


Türkmenistanda bir goraghana.

Hazar döwlet goraghanasyny döretmegiň taryhy Türkmenistanyň Hökümetiniň ýörite çykaran karary esasynda 1932-nji ýylda başlanýar. Şonda Etrek derýasynyň aşaky akymyny we Esenguly deňiz aýlagyny öz içine alýan Esenguly ornitologik (guşlaryň) goraghanasyny döredilýär. Ol 1968-nji ýylda Krasnowodsk döwlet goraghanasyna öwrülýär. Oňa Krasnowodsk we Demirgazyk Çeleken diýlip umumylykda atlandyrylýan ýalpak suwly deňiz aýlaglarynyň tutuş ulgamy goşulýar. Garaşsyz Türkmenistan Hökümetiniň karary bilen 1994-nji ýylda ol Hazar döwlet goraghanasy diýlip atlandyrylýar we onuň düzümine uly deňiz adasy Ogurjaly zakaznigi hem goşulýar. 

Goraghana adaty gury Zakaspi çöllüginiň, Kaspiniň deňiz suw ýüzüniň we Eýranyň Astrabat subtropiki welaýatynyň sepinde ýerleşýär. Onuň ýeri biri-birinden ep-esli uzaklykda ýerleşýän 3 sany bölekden ybarat : Hazar, Esenguly we Ogurjaly zakaznigi. Goraghananyň umumy tutýan meýdany deňiz suw ýüzi bilen bilelikde 269 müň gektar.

Hazar bölegi. Çöllüge gatnaşýan bir kilometrik gorag zolagy bilen gurşalan Türkmenbaşy (ozalky ady Krasnowodsk), Demirgazyk Çeleken, Balkan, Mihaýlowsk aýlaglaryny öz içine alýar, onuň tutýan meýdany 192,3 müň gektar. Şolardan 159,3 müň gektar ýokarda görkezilen aýlaglaryň akwatoriýalary tutýar. Galanlary kenar ýakasyndaky şorluk we çöllükdir, deňiz adalarydyr we burunlarydyr. Bu ýeri dürli suwasty ösümlikleriň, şonuň ýaly-da oňurgaly haýwanlaryň faunasynyň iňňän bol ýeridir.

Ogurjaly zakaznigi Ogurjaly deňiz adasynda ýerleşýär. Onuň tutýan meýdany 7 müň gektara barabar. Ol Türkmen aýlagyny deňiziň açyk böleginden bolýar we materik kenaryndan takmynan 35–40 km aralykda ýerleşýär. Onuň ýeri tekiz bolup, ot ösümlikleri bilen berkän çägeliklerden we şorluklardan durýar.

Esenguly bölegi. 68,7 müň gektar meýdany, şolardan akwatoriýalar - 35,9 müň ga tutýar we landşaftlarynyň gurluşy boýunça biri-birinden tapawutlanýan 4 bölege bölünýär :

I - ol kenar ýakasynyň we deňziň ýalpak ýerlerini öz içine alýar;

II - ol ozalky Esenguly aýlagynyň territoriýasyny öz içine alýar;

III - bu bölegi süýji suwly kiçi Delili kölüni we gurap galan uly Delili kölüniň güýçli ösen gamyş, ýylgyn jeňňelliklerini we suwasty ösümliklerine baý ýerlerini öz içine alýar;

IV - Garadegiş guryýer bölegine çemenlik - otly ösümlikler, ösgün ýylgynlyklar degişlidir.

Goraghananyň howasy gije-gündizde we möwsümlerde köp üýtgäp durýan, güneşli günleriň bolçulygynda, az ygally kontinental temperaturalydyr. Şol bir wagtda Kaspi deňziniň we onuň aýlaglarynyň giň suw meýdanlarynyň gös-göni golaýda ýerleşmegi goraghananyň howasyna ýumşadyjy täsirini ýetirýär, aýratyn hem Günorta bölegine, ol tomusda has çyglylygy we gyşynyň ýumşaklygy bilen tapawutlanýar.

Goraghananyň tebigaty juda dürlüligi bilen tapawutlanýar. Hazar döwlet goraghanasynyň häzirki wagtdaky ösümlik dünýäsiniň gülli ösümlikleriniň 360-dan gowrak görnüşi bar diýlip hasaplanylýar. Olaryň köp dürli görnüşi Esenguly bölegindedir. Agramly bölegi bolsa efemerlerdir (gurak ýerde bitýän gysga möwsümli ösümlikler). Şolardan 9-sy endemik bolup, Türkmenistanda seýrek duş gelýär. Bu ýerde ösýän zakaspi şorasy Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir (1999 ý). Bulardan başga-da deňiz aýlaglarynda suw otlarynyň 41 görnüşi, gülli ösümlikleriň 5 görnüşi ösýär. Bu suw otlary, zoobentosyň 29 görnüşi (her dürli gurçuklar, mollýuskalar we mör-möjekler) bilen bilelikde millionlarça we ýüz müňlerçe uçup geçýän we gyşlaýan azu-köp derejede goraghananyň içinde mekan tutýan suwguşlary, kenar-ýaka guşlary we balyklaryň wekilleri üçin esasy iýmit bazasy bolup hyzmat edýär.

Goraghananyň haýwanat dünýäsi örän dürlüligi bilen tapawutlanýar. Bu ýerde diňe oňurgaly haýwanlaryň 420-den gowrak görnüşi ýaşaýar. Şolardan 48 görnüşi balyklardyr, lososlar maşgalasyndan Kaspi azatmahysy we azatmahy balyklary Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi.

Ýerde we suwda ýaşaýanlardan gurbagalaryň iki görnüşi, ýöne süýrenjileriň bolsa köp görnüşi (29) ýaşaýar. Olar gury ýerdäki we suwyň töweregindäki pyşdyllar, zemzen we birentek owunjak hažžyklar, ýylanlar, köp sanly suw ýylanlary, zäherli ýylanlardan alahöwren, kepjebaş.

Goraghanadaky oňurgaly haýwanlardan iň köpsanlysy iň köpsanlysy guşlardyr. Şu wagta çenli olaryň 21 otrýada degişli 293 görnüşi anyklanyldy. Olar gagaralar, tersaýakşekilliler, gündizki ýyrtyjylar, çulukşekilliler, towukşekilliler, gylguýruklar, kepderiler, ikatýoklar, hüwiler, toklutaýlar, uzynganatlylar, serçeşekilliler we başgalar.

Suw we kenar-ýaka guşlarynyň millionlarçasy ýaz we güýz pasyllary goraghananyň eşretli suwly-batgaly haýyrlanylýan ýerleriniň üstünden uçup geçýärler. Olardan ýüz müňlerçesi arly gyşy (5 aýa çenli) geçirmek üçin şu taýda galýarlar. Şol wagtlar goralýan deňiz aýlaglarynyň giň akwatoriýalarynda olar gara (sakar baraklar we käbir ördekler), gyzgylt (gyzylgazlar, gyzylbaşlar), gar ýaly ak (guwlaryň 3 görnüşi) reňkli ençeme adalary emele getirýärler. Balkan aýlagyndaky Ufra ýarym adasynyň gaýalarynyň gyralarynda we dagada adasynda ägirt uly akguýruk we uzynguýruk bürgütler sakçy dek guşlara seredip oturýarlar we ýarawsyzlaryny tutýarlar. Şeýdip bürgütler guşlaryň arasynda keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak bilen arassaçylyk rolyny ýerine ýetirýärler.

Guşlaryň hut şeýle köp bolmagy goraghananyň akwatoriýalary Kaspi deňziniň, gidrologik, gidrohimik we biologik düzgünini kemala getirmekde möhüm rol oýnaýar. Şoňa görä deňziň (Türkmenbaşy, Demirgazyk Çeleken, Balkan we Mihaýlowsk) aýlaglar ulgamy halkara ähmiýetli suwly batgaly haýyrlanylýan ýerler hökmünde Ramsar konwensiýasynyň aýratyn sanawyna goşulandyr.

Goraghananyň süýdemdirijileri haýwanat dünýäsiniň biologik dürlüligi boýunça ikinji orny eýeleýärler (olaryň 49 görnüşi belli bir derejede onuň haýyrlanylýan ýerlerine baglydyr). Olardan has häsiýetlileri Kaspi deňziniň endemikasy bolan Kaspi tüleni, gulakly kirpi, alakalar, atýalmanlar, towşanlar, gamyş we ýabany pişikleri, adaty tilki, keýikler we beýlekiler.

Goraghananyň haýwanat dünýäsiniň biologik dürlüliginiň 10%-den gowragy (45 görnüşi) seýrek duş gelýänlere we ýitip ýogalyp barmak howpy abanýanlara degişlidir, şoňa görä olar Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Olaryň arasynda balyklaryň 2 görnüşi, süýrenijileriň 5 görnüşi, guşlaryň 31 görnüşi, süýdemdirijileriň 7 görnüşi bar.

Bu aýratynlyklaryň ählisi goraghananyň ylmy bölüminiň köp ýyllaryň dowamynda geçiren barlaglary netijesinde ýüze çykaryldy. Goraghananyň alymlary tarapyndan häzirki wagta çenli “Tebigatyň ýyl ýazgysy” boýunça 26 kitap taýýarlanyldy, goraghananyň we Kaspiniň günorta-gündogar kenarynyň galtaşýan ýeriniň haýwanlary we ösümlikleri öwrenildi we bähbitli meýilnama temalaryň ylmy-barlag işleri ýerine ýetirildi. Goraghananyň alymlary barlag işleriniň birenteginde Garaşsyz ýurdumyzyň tebigatyny ygtybarly goramaklyga we tebigy resurslaryny rejeli peýdalanmaklyga gönükdirilen ylmy taýdan esaslandyrylan teklipler taýýarladylar.

Goraghananyň möhüm wezipeleriniň biri-de biziň Garaşsyz, Baky Bitarap döwletimiziň tebigaty goramak baradaky syýasatyny giň köpçülige ýaýratmakdan ybaratdyr. Şu maksat bilen Hazar döwlet goraghanasynyň ylym bölüminiň işgärleri, inspektorlar topary diňe soňky 5 ýylyň dowamynda müňden gowrak sapak okadylar, gürrüň geçirdiler, gezelenç guradylar, radio we telewideniýe boýunça çykyş etdiler.

Goraghananyň baý tebigat Muzeýi 1986-nji ýyldan bäri hereket edip gelýär. Onuň 4 sany giň zallarynda goraghananyň kartasy, haýwanat dünýäsiniň biologik dürlüliginiň ekspozisiýasy, “Bizde köp güneşli gün, deňiz we guş bar” diýen Hazar döwlet goraghanasynyň nyşanlarynyň biri, Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň simwoliki şekili ýerleşýär.

Başga-da bu ýerde haýwanat we ösümlik dünýäsiniň şekilleri ýerleşdirilen, olaryň içinde has hem guşlaryň, süýdemdirijileriň, balyklaryň, mör-möjekleriň garantgylary hakykylygy we çeperçiligi bilen tapawutlanýar.

Biziň Garaşsyz we Bitarap döwletimiziň genji hazynasynyň birini abat saklamak boýunça möhüm wezipäni ýerine ýetirýän Hazar döwlet goraghananyň işgärleri Türkmenistanyň deňiz-ýaka böleginiň ajaýyp tebigat gözelligini, haýranlar galdyrýan hadysalaryny görmek üçin we ýakyndan tanyşmak üçin ony gelip görmäge çagyrýar.




#Article 83: Gaplaňgyr goraghanasy (895 words)


Gaplaňgyr döwlet goraghanasy 1979-njy ýylyň 19-njy awgustynda döredilen, Daşoguz welaýatynyň çäginde, Türkmenistanyň demirgazyk-günbatar çetinde ýerleşýär. Goraghananyň esasy maksady çöl meýdanlaryny, ösümlik we haýwanat dünýäsini goramakdyr. Möhüm çäreleriň hatarynda Üstýurdyň dag goçlarynyň, jerenleriň, gulanyň, itaýynyň sanyny saklamak we dikeltmek göz öňünde tutulýar. “Gaplaňgyr” diýen adyň ozal bu ýerlerde “gum gaplaňynyň” (gepardyň) mesgen tutanlygy sebäpli dörändigi öňe sürülýär.

Goraghana 282,2 müň gektar meýdany eýeleýär, ondan başga-da onuň garamagynda umumy meýdany 821 gektar bolan Şasenem we Sarygamyş zakaznikleri döredildi. Zakaznikleriň wezipesi Sarygamyş kölüniň suw giňişliklerinde ýaşaýan guşlary goramakdan, jerenleriň, aýraklaryň (dag goçlarynyň) we saýgaklaryň sanyny köpeltmekden, şonuň ýaly-da gulanly ozalky mesgenine gaýtadan uýgunlaşdyrmakdan we köpeltmekden ybaratdyr.

Goraghananyň ýer üstüniň özboluşly keşbini gyryň endigan, daşly we eňňit meýdanlary, kert çüňkler, çöketlikler, gury hanalar, aňňat-aňňat gum depeleri ýaly dürli şekiller döredýärler.

Bu ýerde ýylyň ortaça temperaturasy +11° gradus. Iň sowuk aý bolan ýanwarda ortaça temperatura -5° gradusa çenli aşaklaýan bolsa, iýul aýynyň ortaça temperaturasy +28° gradusa barabar bolýar. Ýylyň dowamynda maýyl günleriň sany 210 güne ýetýär. Atmosfera ygallarynyň häsiýeti boýunça goraghana Türkmenistanyň gurak, ygalyň mukdary 100 millimetrden az bolýan meýdanlarynda ýerleşýär. Toprakdaky bar bolan yzgaryň aglabasy eýýäm aprel aýynda harçlanyp gutarýar. Şonuň üçin tomus aýlary otjumak ösümlikler topragyň ýokarky gatlaklarynda yzgaryň ýetmeýänligi üçin ösüp bilmeýärler.

Goraghananyň ösümlik dünýäsi häzirki wagtda ösümlikleriň 300-e golaý görnüşini öz içine alýar. Olaryň ýarpysyndan gowragy selmeler, atanak güllüler, çylşyrymly güllüler, däneliler we kösükliler maşgalasyna degişli bolup durýar. Häsiýetlendirilýän bu meýdan çöllükleriň günorta we demirgazyk aşaky zolagynyň sepgidi üçin mahsus bolan ösümliklerden ybaratdyr. Gaplaňgyr gyrynyň ösümlik örtügi gysga boýly, ýarym gyrymsy ösümliklerden, esasanam boýurgandan ybaratdyr. Otjumak ösümliklerden bolsa birýyllyk selmeler, seýregirägem bolsa gyrtyç, käbir efemerler we beýleki köp otlara duş gelmek bolýar. Gyrda örän seýrek gögeren pes boýluja gara sazaga hem duş gelinýär. Ygalyň köp bolan ýyllarynda Gaplaňgyryň üsti köp görnüşli efemerleriň galyň örtügi bilen örtülýär, ondan başga-da Garaşor çöketligi bolsa hiç hili ösümligiň ýoklugy bilen tapawutlanýar.

Ýokarky Uzboý ugrunyň çägelikleri bolsa ösümlikler bilen berkleşendir. Sarygamyş kölüniň ýakalaryndaky ak çägeliklerde bolsa ýylakly garyşyk-sazaklar giň ýaýrandyr. Çäge depeleriniň aralaryndaky pesliklerde gara sazaklara-da sataşmak mümkin. Goraghananyň meýdanlarynda seýrek duş gelýän ösümliklerden hywa şorasy we Krasnowodsk çägemigi (ýumşak tohumlyja) ösýär. Bular Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümliklerdir. Bu ösümlikler goraghanada ylmy taýdan öwrenilýär we olary tebigy ýagdaýda ösmäge ýaramly ýerlerine göçürmek we medeni zolakda ösdürip ýetişdirmek boýunça işler geçirilýär. Şonuň ýaly-da, goraghanada toýnakly haýwanlaryň ot-iýmler bilen üpjünçiligi we onuň haýwanlara edýän täsiri içgin öwrenilýär.

Bu ýeriniň haýwanat dünýäsi özboluşlydyr we seýrek hem gymmatly görnüşlere baýdyr. Goraghananyň we zakaznikleriň meýdanlarynda ýabany haýwanlaryň 26, guşlaryň bolsa 150-den gowrak görnüşine duş gelmek bolýar. Olardan süýdemdirijileriň 10 görnüşi, guşlaryň 11, süýrenjileriň 6 görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.

Süýreniji haýwanlardan goraghananyň meýdanlarynda jyňňyldawuk we galkanlyja asjagazlara, ýylanlaryň 8 görnüşine, çöl ýylançylaryna, takyr patmasyna, zemzene we birnäçe suwulgan görnüşli süýrenijilere sataşmak bolýar. Goraghananyň meýdanlaryndaky haýwanlardan esasanam dag goçlary, jerenler (keýik) we gulanlar ünsüňi özüne çekýär. Olaryň hemmesi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Jeren seýrek duş gelýän haýwanlaryň biri bolsa-da, oňa goraghananyň ähli ýerinde sataşmak mümkin. Emma, tä adamlar tehnikanyň kömegi bilen şeýle haýwanlary köpçülikleýin gyryp başlaýança, olaryň sany azda-kände durnuklydy. Çölleriň adam tarapyndan güýçli özleşdirilip başlanmagy netijesinde jerenleriň tebigy arealynyň (ýaýran ýeriniň) gysgalmagy, käbir gazaply gyşlaryň olaryň iýmsizlikden köpçülikleýin gyrylmagyna getirmegi, hemmesiniň üstesine-de, käbir zandyýaman adamlaryň häzirki zaman tehnikasynyň kömegi bilen edýän brakonýerçiligi jerenleriň sanynyň örän çalt azalmagyna, käbir ýerlerde bolsa has seýrekleşmegine ýa-da ýitip gitmegine getirdi. Goraghana döredilenden soň bolsa bu haýwanlaryň sany aç-açan köpelip başlady.

Dag goçlary hem goraghanada seýrek duş gelýän, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen haýwanlaryň biridir. Olara esasanam günorta Üstýurdyň Gaplaňgyr gyryna birleşýän berk gaýalarynda we Gaplaňgyr çüňkinde duş gelmek bolýar.

Gulan Daşoguz welaýatynda ýitip giden toýnakly haýwanlaryň biri hasaplanýardy. 1983-87-nji ýyllarda goraghananyň işgärleriniň tagallasy bilen Bathyz goraghanasyndan gulanlaryň 100-den gowragy Sarygamyş çöketligine getirilip goýberildi. Gulanlar özleriniň öňki mesgenine tiz uýgunlaşdylar. Häzirki wagtda Zeňňibaba kölüniň töwereklerinde, Sarygamyş çöketliginde, Üstýurt gyrynyň eteklerinde, Ýedihowuz takyrlyklarynda gulan sürileri gabat gelýär. Bulardan başga-da toýnakly haýwanlardan saýgaklara we ýekegapanlara duş gelmek bolýar. Saýgak Tebigaty Goramagyň Halkara Soýuzynyň Gyzyl kitabyna hem girizildi.

Goraghanada ýyrtyjylardan möjek, sähra pişigi, torsuk, tilki, şagal, garagulak, itaýy ýaly haýwanlar hem ýaşaýarlar. Şonuň ýaly-da oklykirpä duş gelmek bolýar. Bulardan garagulak, itaýy we oklykirpi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.

Gemrijilerden goraghanada esasan hem towşan, sary we inçe barmak ýumran (alaňňyrt), bozsyçan, öý syçany we atýalman ýaly haýwanlar ýaşaýarlar.

Türkmenistanda guşlaryň 340-dan gowrak görnüşi bolup şonuň 150-ä golaýy Daşoguz welaýatynda duş gelýär. Olar hem biri-birinden özüniň ýaşaýyş obrazy bilen tapawutlanýar. Käbiri çölde ýaşaýan bolsa, käbirleri suwuň ýakasynda mekan tutynýar. Biri uçup geçýär, beýlekisi hemişelik ýaşaýar. Guşlardan iň köp sanlysy serçeler otrýadyna degişlidir. Bularyň arasynda has giň ýaýrany torgaýlardyr. Goraghana ýyrtyjy guşlaryň köpdürliligi bilenem ünsüňi özüne çekýär. Bu ýerde bürgüt, ütelgi, depe syçançysy, ýylançy gyrgy, göwenek we şuňa meňzeş guşlara has köp duş gelmek bolýar.

Sarygamyş kölüniň töwereginde hem guşlaryň 83 görnüşi bolup, olardan 7 görnüşi bolup, olardan 7 görnüşi (gyzgylt we buýraly gotanlar, kaşykçy, gyzyl gaz, körje, garabaş çarlak, ak guýruk garagyş) Tüürkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizlen görnüşlerdir.

Goraghanada Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen, seýrek duş gelýän guşlaryň biri hem togdarydyr. Bu örän az öwrenilen guşlaryň hataryna girýär. Bu guş san taýdan örän az bolup, berk goraga alnandyr.

Goraghanada ylmy-barlag bütin ýylyň dowamynda yzygider geçirilip, onda tebigatda bolup geçýän her hili hadysalara gözegçilik hem-de ösümlikleriň we haýwanlaryň seýrek duş gelýän we ýitip ýok bolup barýan görnüşlerini ylmy esasda öwrenmek, köpeltmek we gorag saklamak boýunça iş geçirilýär. Goraghananyň ylmy-bölüminiň işgärleri Türkmenistanyň beýleki goraghanalary bilen tejribe alşyp durýarlar. Ylmy işleriň netijeleri kitaplarda, gazetlerde we žurnallarda çap edilýär, ylmy konferensiýalarda ara alnyp maslahatlaşylýar.




#Article 84: Bathyz goraghanasy (1107 words)


Bathyz döwlet goraghanasy Türkmenistanyň Günortasynda Eýran we Owganystan bilen araçägiň golaýynda, Tejen we Murgap derýalarynyň aralygynda ýerleşýär. Bu ülkäniň gözel we gazaply tebigatynyň we Merkezi Aziýanyň çäginde diňe şu ýerde saklanyp galan bary-ýogy 150 sany gulan-onagranyň ýeke-täk populýasiýasynyň bolmagy, hem-de ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baý we dürli görnüşlerini saklamak üçin gaýragoýulmasyz çäreleri kabul etmeklik tutanýerligi talap edipdi. Professor Rozanow gulanlary goramak üçin ylmy taýdan esaslandyrylan, Bathyzyň bütin tebigy toplumy hakynda goraghana döretmek barada maglumat taýýarlaýar we Türkmenistanyň hökümetine gowşurýar. 1941-nji ýylyň 3-nji dekabrynda agyr harby döwüre garamazdan Bathyz döwlet goraghanasy döredilýär.

Bathyz goraghanasynda başga-da seýrek, gymmatly haýwanlar we ösümlikler goralyp saklanýar, olaryň köpüsi başga hiç ýerde duş gelmeýär. Ýewroaziýanyň hiç ýerinde Bathyz goraghanasynda goralyp saklanýanlara meňzeş tebigy toplumlaryň ýoklugy sebäpli, ol 2000-nji ýylyň başynda doly esasda dünýäniň has möhüm goraghanalarynyň hataryna girizildi we ÝuNESKO-nyň Bütindünýä medeni hem tebigy mirasynyň Sanawyna girizilmäge hödürlendi.

Goraghana 87680 gektar meýdany eýeläýär. Şonuň ýaly-da onuň garamagynda üç sany zakaznik bar : Çemenebit, Pulhatyn we Gyzyljar.

Goraghanada, ýer üstüniň pisse tokaýlygy, çöllük sähra, akymsyz çöketlikler diýilýän, şertli atlar dakylan dürli keşpleriň üç görnüşini tapawutlandyrýarlar.

Pisse tokaýlygy daş görnüşi boýunça sawanna meňzeşdir. Agaçlar bir-birinden has açyklykda ösüp, olaryň şahalary beýlekileriňki bilen galtaşmaýarlar. Pisse agajy 300 ýyla we hatda 500 ýyla çenli ýaşap bilýär. Ol, gadym eýýamlardan bäri adama peýda getirýän, täsin ösümlikdir. Bu agaç baradaky ýatlamalar baryp biziň eýýamymyzdan öňki V asyrda hem duş gelýär. Rimliler özüniň Aziýa eden ýörişlerinde pissäni Italiýa getiripdirler, ol ýerden bolsa Ispaniýa äkidilipdir. X asyrda pisse agajy Merkezi we Demirgazyk Amerika düşüpdir.

Pisse nämesi bilen adamyň ünsüni özüne çekdikä? Ilkinji nobatda tagamly, örän ýagky miweleri - pisseleri bilen. Onda günebakardakydan bir ýarym- iki esse köp ýag bolup, onuň tagamy ýokary hilli hoz we zeýtun ýaglarynyňkydan pes däldir.Pissäniň maňzynda 24 prosent beloklar bar. Pisse hozjagazlary şol durşuna we duzlanan görnüşde naharda goşmaça iýilýär, şonuň ýaly-da konditer we kolbasa senagatynda şirinnanlary (tortlary), şokolady, buzgaýmagy, kolbasanyň ýokary sortlaryny taýýarlamakda ulanýarlar. Miwelwrinden başga-da pissäniň şepbigi - terraktin atly gymmatly zat hasaplanýar we boýagdyr renkleýji senagatda ýokary hilli çeperçilik rňkleri öndürmekde ulanylýar. Onuň ýapraklaryndaky düwürli ösüntgilerden (buzgunç) eýleýji maddalar alynýar, ýerli ilat bolsa haly dokanlarynda ýüňi we ýüpegi gyrmyzy we goýy gyzyl reňklere boýamak üçin ony ulanypdyrlar. Ondan başga-da, pisse derman ösümligidir.

Pisse tokaýyndan gündogarda ýapgyt gerişli baýyrlary, jülge şekilli peslikleri bolan çöllük sähra onlarça kilometre uzalýar. Bu ýerde biz göýä tupan sowulan badyna doňup galan äpet ýer ummanyna düşýäris. Sähralar we dag baýyrlary - Bathyzyň ýer üstüniň esasy keşbini döredijileridir.

Ýeroýlanduz - şeýle ady landşaftyň üçünji tipi bolan akymsyz çöketlik özünde göterýär. Çöketligiň 500 m çuňlugy bolup, meýdany - 300 km barabardyr. Çöketligiň döremegine Tetis deňziniň aşagyndaky hereket edýän wulkaniki öjak sebäp bolupdyr. Geçen şol gadymy döwürlerde dag jynslary bolan magmalar ýer çuňlugyndan ýokary göterilip, ýokarysyna çykyp bilmän, gadymy deňziň düýbüni gümmez şekilinde galdyryp, dag jynslarynyň uly harsalary şekilinde gatap galypdyrlar.

Şeýle akymsyz çöketlik ertir irden ýa-da günüň şöhlesine ertekilerdäki ýaly owadandyr. Ondan göwrak gara andezit- bazalt depeleri enaýy görnüşde nahar duzy bilen dolan şor kölüň kenarynda seleňläp durlar, gurak döwürler bolsa şorluga öwrülýärler. Bu çöketlik edil ýer taryhynyň açyk kitaby ýaly. Bu ýerdäki ýeriň gabygynyň gatlaklary, geň enaýy depeleriň ýapgytlaryndaky açyk kert oýulan ýerleri görüp, biziň ülkämiziň geçmişde hakykatdan-da täsin geologiýasynyň bolandygyny bellemek bolar.

Ýeroýlanduzuň akymsyz çöketliginiň enaýylygy diňe bular bilen çäklenmeýär. Goraghana üçin, bu ýerleri iň gymmatly gorag haýwanlary bolan gulan we keýikleriň esasy ýaşaýan ýeri bolmak bilen hem ähmiýetlidir.

Gulan - az sanly saklanyp galanlygy bilen adatdan daşary gymmatlyk bolman, eýsem ol adam üçin ähmiýetliligi bilen tapawutlanýar. Adam aty gulan bilen çaknyşdyryp, duzly suwy, iýmiti dannamaýan, uzak ýörişlere çydamly täze atyň täze görnüşini döretmek üçin köp synanyşypdyr. Bu haýwanyň şeýle geň häsiýetlerini Onore de Balzak „Şagren derisi” diýen esrinde ýazýar.

Awstriýa barlagçysy Antemius miladydan 8 müň ýyl ozal, Alynky Aziýanyň we Mesopotamiýanyň çöllerinde „ol ata öwrenişdirilipdir hem harby grek iki tigirli arabalarynda ulanylypdyr” diýip belläp geçýär. Ýaňy ýakynlarda gulanyň galyndysy günorta Türkmenistanda, Mäne obasynyň golaýynda ýerleşýän gadymy şäher bolan Altyndepede arheologlara gazuw-agtaryş işlerinde tapmak başartdy. Gulanlary mis-daş asyrynda (eneolit döwründe miladydan 1 müň ýyl öň) adamlar häzirki Türkmenistanyň çäginde ulanypdyrlar.

Bathyzyň ösümlik örtügi örän baýdyr. Bu ýerde 1050 görnüşdäki damarly ösümlikler (442 urug, 76 maşgala), olaryň arasynda 75 görnüş (aşaky görnüş) endemikdir. Ösümlikleriň 13 görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl Kitabyna (1999) girizildi. Olar Türkmenistanyň “Gyzyl kitabynyň” ösümlik görnüşleriniň umumy sanynyň 12%-ni tutýar. Olar Bathyz düýegyrany, Owgan injiri, Wasilçenkonyň astragaly we Guşgy astragaly, çägemik, Bathyz pissesi, trihostomopsis, Guşgy çigildemi we başgalar.

Bathyz sähralygy özüniň gözelligi hem täsirliligi bilen tapawutlanýar. Martyň aýagynda - apreliň başynda gülleýän çülälekler we pakpakylar gyzyl reňkli giň meýdanlary emele getirýärler. Çägelerde sary hem ak çigildemler tapawutlanýarlar. Gülleýän sygyrdiliniň ýaşyl-ak öwüsýän meýdanlary apreliň ahyrynda sähralygy tutýar. Şu döwürde pisse tokaýlygynda, gök ýapgytlyklarda ak gül çogdamlaryny ýaýradyp, gülläp oturan, Koçiň dadranlaryny hem görmek bolýar. Maý aýynda kaspi we äpet soganlary, astragallaryň hem birnäçesi gülleýärler we meýdanlara gözellik berýärler.

Bathyzyň haýwanat dünýäsi - toýnaklylaryň ýüzläp sürileri, ölän haýwanlaryň maslyklarynyň üstündäki gyrgydyr, gajar sürileri, çeşmeleriň ýanyndaky jeňňelliklerdäki alaja barslar we sähradaky möjek çagajyklarydyr. Bathyzyň ýyrtyjy wagşy haýwanlary hemme adamlaryň gözüne gönüden-göni görünmeýär. Bathyzda ýyrtyjylaryň şasy diýip, hiç bir şübhesiz uly owadan pişik - barsy görkezip bolar. Bathyzda toýnaklylardan -gulanlar, goçlar we keýikler ilkinji bolup göze ilýärler. Olar we maslyk iýiji guşlar bu ýerlere uzak ekzotiki döwletleriň gözelligini berýär.

Goraghanada haýwanlardan ýerde-suwda ýaşaýanlaryň 2 görnüşi, süýrenijileriň 39 görnüşi, guşlaryň 257 görnüşi we süýdemijileriň 36 görnüşi (aşaky görnüş) ýaşaýar. Bu ýerde oňurgasyz haýwanlaryň 1326 görnüşi (görnüşleriň has kiçisi) anyklanandyr. Şol sanda olaryň 108 görnüşi (8,1%) çäkli ýerlerde ýaşaýanlardyr.

Bathyzyň haýwanlarynyň 53 görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl Kitabyna (1999) girizilendir ýa-da „gyzyl kitap” görnüşleriniň 35%-dir. Bular Boliwaryň hudaýatysy, hinçi murtlak çekirtge, Bathyzyň wyžžyldawuk tomzagy, kryžanowskiniň şyrkyldawuk tomzagy, Bathyzyň jyk-jyk tomzagy, Ýakobsonyň hozanagy, düwürtükli as, menekli halsid, Çernowyň ýylan şekilli suwulgany, zemzem, kepjebaş, gök lors, gara leglek, balykçy gyrgy, adaty syçançy, mazar garaguşy, bürgüt, ak durna, togdary, garagulak, gulan, alajagaplaň, keýik we başgalar. Kepjebaş, balykçy gyrgy, gajar, ak durna, mazar garaguşy, üç reňkli gijeçi, alajagaplaň we gulan Tebigaty Goramagyň Halkara Soýuzynyň (TGHS) Gyzyl kitabyna hem girizildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy 1995-nji ýylyň 15-nji dekabrynda çykaran „Türkmenistanyň döwlet goraghanalarynyň tipli düzgünnamasy” diýen kararyna laýyklykda goraghana ylmy-barlag edarasy diýen statusa eýe boldy.Bathyzyň tebigy toplumy barada 4200-den gowrak habarlar, kitapçalar we birnäçe monografiýalar çap edildi. Goraghanada garaşsyz döwletleriň köpüsiniň talyplary önümçilik praktikasyny geçýärler. Aşgabadyň, Moskwanyň, Sankt-Peterburgyň, Riganyň, Kiýewiň, Daşkendiň, Ýerewanyň, Permiň we beýleki şäherleriň alymlary Bathyzyň materiallary esasynda 47 kandidatlyk we doktorlyk dissertasiýasyny goradylar.

Goraghananyň ýanynda tebigat Muzeýi we giň ylmy kitaphanasy bar. Her ýyl Türkmenistanyň dürli künjeginden köp adamlar Bathyzyň ekologiki ýodalaryna gezelenje gelýärler hem-de milli buýsanç bilen Watanymyzyň şeýle gözel ýerine göz ýetirýärler.

Haýwanlaryň we ösümlikleriň seýrek görnüşleri goraghanany Türkmenistanyň iň gözel ýerleriniň birine öwürýär. Goraghana gelip görmek, onuň özboluşly tebigaty bilen tanyşmak - ýatdan çykmajak täsir galdyrýar.

Бадхызский заповедник




#Article 85: Amyderýa goraghanasy (1038 words)


Amyderýa döwlet goraghanasy 1982-nji ýylda Amyderýanyň orta akymynyň hem-de ýakyn ýerleşýän çöllük ýerleriň ekologik ulgamlaryny öwrenmek, goramak we öňki derejesine getirmek maksady bilen döredildi. Ol Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Farap, Darganata we Seýdi etraplarynyň çäklerinde ýerleşýär. Goraghana üç bölekden: sag kenarda Gyzgala-Nargyz, çep kenarda Görelde we Gabakly böleklerden durýar. Goraghananyň häzirki meýdany (akwatoriýany goşmak bilen) - 49,5 müň ga. Goraghananyň garamagynda Kelif döwlet aw zakaznigi bar. Ol 1970-nji ýylda döredildi. Onuň meýdany 103 müň gektar. Zakaznigiň haýyrly ýerleri guşlaryň höwürtgelemegine, gyşlamagyna we olaryň 200-den gowrak görnüşiniň göçüş döwri düşlemegine uly ýardam edýär.

Goraghanada jülgeli we arnaly tokaýlyklar, gyrymsy agaç ösümlikleri bilen örtülen we ýarymörtülen ulgam-depeli çägeler, aklaň çägeler, şorluklar gowy görkezilendir.

Goraghananyň çägine Amyderýanyň suw ýüzüniň bölegi hem girýär. Şeýle-de bu ýerde sil suwundan ýygnalýan wagtlaýyn suw howdanlary hem bar.

Goraghananyň bölekleri Turan pesliginiň Demirgazyk landşaft raýonynyň çöl zolagynda ýerleşýär we yssy, gurak howasy bilen häsiýetlendirilýär. Goraghana golaý ýerlerde howanyň ortaça temperaturasy ýyl boýunça +10° dan demirgazyga, +15° günorta çenli bolup, absolýut minimumy - 31° we maksimumy +45° bolýar. Iýul aýynyň ortaça temperaturasy +29°, ýanwaryňky 0,40 bolýar. Gar örtügi 5-8 sm. galyňlykda örän seýrek bolýar we 10 günden köp durmaýar. Şemalyň ýagdaýy ýylyň bütin dowamynda ýokarlygy bilen häsiýetlendirilýär, tozanly tupan ýylyň dowamynda 19-20 gün, kä wagtlar ondan hem köp bolýar.

Goraghana döredileni bäri ýokary derejeli ösümlikleriň 200-e golaý görnüşi aýan edildi. Tokaý florasy garyplygy bilen tapawutlanyp, bu ýerde bary-ýogy ösümlikleriň 86 görnüşi anyklanyldy, olaryň diňe 15 görnüşi adatydyr. Olara deregiň iki görnüşi - pette we toraňňy, igde, jungar söwüdi, ýylgyn, çemiş, buýan, adaty gamyş, hyşa, kendir, şorçaýyr degişlidir. Däneliler, çylşyrymlygülliler we ýylgynlar dürli görnüş aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Bu ýerdäki tokaýlygyň gyrymsy agaçlary we iri otlary geçip bolmajak jeňňellikleri döredýärler.

Çöl bölekleriniň ösümlik dünýäsi tokaýlara garanda baýdyr. Görnüş baýlygy boýunça birinji ýeri Merkezi Aziýanyň çöl ýerlerine mahsus bolan selmeler eýeleýär. Atanakgülliler, çylşyrymlygülliler we kösükliler görnüşleriniň sany boýunça köpdürler. Çölüň ösümlik örtüginiň esasyny ak sazak, borjak, gandymlar, sözen, şoralar, şeýle hem köp sanly efemerler düzýär.

Goraghananyň territoriýasynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlikleriň görnüşleri bellenilen däldir. Seýrek girizilen ösümlikleriň görnüşleri bellenilen däldir. Seýrek duş gelýän görnüşlere çöl kriptodiskusy, Bergiň gaz sogany, çal ýaprakly süýtleňňiç, çöl şorasy, Koganyň bergiýasy degişli.

Goraghananyň haýwanat dünýäsi köp dürlüligi bilen tapawutlanýar. Oňurgasyz haýwanlar faunasy birnäçe ýüz görnüşden durýar. Möýleriň 80 görnüşi ýüze çykaryldy, köpüsi ilkinji sapar tapyldy. Mör-möjekleriň içinde tomzaklar bilen kebelekler köpräk öwrenilendir. Tokaýlaryň mör-möjek faunasy gowy öwrenilendir, olaryň içinde has hem garynjalar we wyžlaýan tomzaklar agdyklyk edýär.

Agaçlarda uzynburun tomzaklar köp duş gelýär. Çölde görnüş aýratynlyklarynyň köplügi we köpsanlylygy boýunça jik-jik tomzagy, gijeki kebelekler, torjumak ganatlylar, garynjalar tapawutlanýarlar. Şeýle hem wyžlaýan tomzaklar köp duş gelýärler. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen görnüşlerden agaç hudaýatysy, Boliwariýn hudaýatysy, altynokat tomzagy, toraňňynyň serhoş kebelegi, toraňňynyň pile egriji kebelegi goraghanada duş gelýär.

Amyderýanyň kanallaryň, kollektorlaryň suwunda balyklaryň 44 sany görnüşi ýaşaýar, olardan bekre balygy, uly we kiçi amyderýa pilburny, çortan şekilli akmarka Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Pilburun we bekre balyklary Tabigaty goramagyň halkara soýuzynyň (TGHS) Gyzyl kitabyna hem girizildi.

Ýerde we suwda ýaşaýanlaryň goraghanada iki görnüşi bar - ýaşyl gurlawuk we köl gurbagasy. Goraghananyň faunasynda süýrenijileriň 28 görnüşi bolup, olar esasan çöl ýerlerde duş gelýärler. Olaryň içinde sähra pyşdyly, sähra hažžygy, gum patmasy, torjumak suwulgany, okýylany köpsanlydyr. Ýurdumyzyň iň uly suwulgany, - zemzen we göklors Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi.

Goraghananyň territoriýasynda ýylyň dürli möwsümlerinde guşlaryň 250-ä golaý görnüşi ýaşaýar. Bu köp görnüşlige goraghananyň göçüş döwründe uçup geçýän guşlaryň ýolunda bolmagy sebäp bolýar. Guşlaryň 105-e golaý görnüşi goraghanada höwürtgeleýär. Goraghananyň çäginde hemişe ýaşaýan guşlaryň biri hem amyderýa sülgünidir. Gorag düzgüniniň birkemsiz berjaý edilýändigi üçin onuň sany goraghananyň tokaýlarynda artdy. Tokaýda köplenç buhara jikjikisini, akganat daşdeşenini, gijelerine gygyrýan melemtil sary hüwüjigini görmek bolýar. Kertlerde gögerçinler, kürkürekler, gökgargalar, hüýpüpikler höwürtgeleýärler. Howdanlaryň boýunda hokgarlar, suw serçeleri, çuluklar duş gelýärler. Ýuwaş-ýuwaşdan halkaly gumrular goraghananyň territoriýasyny eýeläp başlady. Höwürtgeleýän görnüşlerden bürgüt, ýylançy gyrgy, ütelgi, hüwi, sähra göwenegi, mermer ördegi, togdary, çakryk Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Tebigaty goramagyň halkara soýuzynyň (TGHS) Gyzyl kitabyna sähra göwenegi, mermer ördegi girizldi.

Süýdemdirijiler 41 görnüşden ybaratdyr. Toýnaklylardan tokaýda ýabany doňuz we buhara suguny, çölde - keýik ýaşaýar. Soňky iki görnüş Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi, şeýle hem buhara TGHS-nyň Gyzyl kitabyna girizildi.

Süýdemdirijiler 41 görnüşden ybaratdyr. Toýnaklylardan tokaýda ýabany doňuz we buhara suguny, çölde - keýik ýaşaýar. Soňky iki görnüş Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi, şeýle hem buhara suguny TGHS-nyň Gyzyl kitabyna girizildi. Tebigaty goramagyň halkara soýuzynyň (TGHS) Gyzyl kitabyna sähra göwenegi, mermer ördegi girizildi.

Süýdemdirijiler 41 görnüşden ybaratdyr. Toýnaklylardan tokaýda ýabany doňuz we buhara suguny, çölde - keýik ýaşaýar. Soňky iki görnüş Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizldi, şeýle hem buhara suguny TGHS-nyň Gyzyl kitabyna girizildi. Haçanda bahar aýlary çöllerde ýaňy otlar gögerip başlanda, doňuzlar we sugunlar çöle çykýarlar. Goraghananyň territoriýasynda goragyň netijesinde buhara sugunynyň sany durnuklylygyna galýar we olaryň sany 30-40 aralygynda üýtgäp durýar. Ýyrtyjy süýdemdirijilerden şagal, tilki, torsuk, sähra pişigi, alajagözen adatydyr, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen garagulak we segaby hem bu ýerde duşýar. Gemrijilerden sany boýunça alakalar we öý syçany köpdür. Uly, ikindi we gyzyl guýruk alakalary, esasan çölde duşýar, tokaýda köp bolmadyk ýylgyn alakasy ýaşaýar. Şeýle-de beýleki çöl ýaşaýjylary - ýumran, tüýlek aýakly atýalman hem adatydyr. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen hindi oklykirpisiniň sany örän azaldy. Towşan giň ýaýrandyr. Mör-möjek bilen iýmitlenýän süýdemdirijilerden gulakly kirpi tokaýda ýaşaýan kiçi uzuntumşuklyja, çöl ýaşaýjysy alasyçan adatydyr. Goraghananyň territoriýasynda göçýän ýarganatlardan - çypar agşamçy tapyldy. Ol Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi.

Ylmy-barlag işleriniň netijeleri boýunça birnäçe ylmy-çeper makalalar çap edildi, täze aýratyn goralýan ýerleri döretmäge bäş sany delilnamalar taýýarlanyldy. Goraghananyň ygtyýaryndaky sebitiň çäklerinde ylmy stasionarlaryň seti ýola goýuldy. Oňurgaly haýwanlaryň görnüş düzümi we ýaýramagy öwrenildi, olaryň sanyna gözegçilik edilýär. 1996-njy ýyldan başlap goraghana “Parklaryň Ýörişi” atly halkara baýramçylygyna gatnaşýar. Bahar güllerini goramak, balyjyklary halas etmek, pyşdyllary goramak, tebigaty zibillerden arassalamak ýaly tebigaty goraýjy aksiýalar geçirilýär.

Tebigaty goramak temasyna degişli surat we düzme bäsleşiklerini, surat sergisini guraýarlar. 1999-njy ýylyň iýun aýynda Amyderýa goraghanasynyň muzeýi döredildi. Muzeý eksponatlary goraghananyň işgärleriniň güýji bilen toplandy. Muzeý ekspoziýasynda süýrenjileriň we guşlaryň görnüşleriniň gäpleriniň 15 sanysy, şol sanda zemzen we hüwi, garagulagyň hamy, sugun şahy, keýigiň, ýabany doňuzyň we şagalyň kelleçanagy, guşlaryň höwürtgesi, gadymy daşa öwrülen tiken bedenliler, balykgulak, gadymy akulalaryň dişleri, oňurgasyz haýwanlaryň 255 görnüşiniň we ösümlikleriň 35 görnüşiniň kolleksiýasy bardyr. Goraghananyň muzeýini görmäge okuwa çenli çagalar we mekdep okuwçylary, başga şäherlerden, ýurtlardan syýahatçylar gezelenje köp gelýärler. Goraghana - bu ýerde saklanyp galan tokaýlaryň ekologik ulgamlaryny goramakda hem habar ýaýradyjy merkez bolup durýar.




#Article 86: Absolýut gara jisim (139 words)


Absolýut gara jisim - tolkun uzynlygyna baglanşyklysyzlykda, öz üstüne düşýän ähli şöhlelenme akymyny islendik temperaturada doly siňdirýän jisim. Absolýut gara jisim himiýa düzümine garamazdan, temperatura baglylykda tolkun uzynlygy dürli bolan ýagtynyň we energiýanyň spektlerini şöhlelendirip biler. Absolýut gara jisime deň gelýän jisim ýokdur. Eger jisimiň üstüni gurum gatlagy ýa-da platina garasy bilen örtseň, onda onuň siňdirme ukyplylygy ýagty spektriniň uzak infragyzyl böleginde bire ýakyndyr. Praktikada absolýut gara jisimi içi boş, diwarlarynda ýylylygy geçirmeýän diňe bir kiçijik deşikli kamerada amala aşyrmak mümkün. Şol kiçijik deşikden şöhle kameranyň içine düşüp, birnäçe gezek döwülýär we yzyna gaýtarylýar. Şöhläniň şol deşikden çykyp, yzyna gaýtmagynyň ähtimallygy örän ujypsyz bolmagyna görä, şol şöhle kameranyň içinde doly siňdirilýär diýip alynýar. Absolýut gara jisimiň ýagty goýbermegini öwrenmek kwant teoriýasyny döretmekde uly rol oýnady. Absolýut gara jisim belli häsiýetli şöhläniň çeşmesi bolany üçin, ol kwant etalony hökmünde ulanylýar.




#Article 87: Absolýut goşmaça gymmat (112 words)


Absolýut goşmaça gymmat - goçmaça gymmat öndürmegiň bir görnüşi, kapitalistik kärhanalarda iş gününi uzaltmagyň hasabyna alynýan goşmaça gymmat. Karl Marksyň görkezişi ýaly, kapitalistik önümçilik diňe bir haryt öndürmek bolman, eýsem ol öz asyl manysy boýunça, goşmaça gymmat öndürmekdir. Goşmaça gymmat öndürmegiň, esasan, iki usuly: absolýut w e otnositel goşmaça gymmat öndürmek usuly bar. İş gününi uzaldyp, işçiniň öz işçi güýjüniň gymmatlygynyň diňe ekwiwalentini öndürip bilýän çäklerinden çykarylmagy we bu goşmaça zähmetiň kapital tarapyndan eýelenmegi - absolýut goşmaça gymmatyň öndürilişi ine şundan ybaratdyr. Absolýut goşmaça gymmatyň öndürilmegi kapitalistik sistemanyň ähliumumy, esasy we otnositel goşmaça gymmatyň öndürilmeginiň ugur alyş punkty bolup durýar (Karl Marks, Kapital, 1-nji tom, 1 kitap, TDN, Aşgabat 1962, 555-556 sahypalar).




#Article 88: Absolýut ideýa (118 words)


Absolýut ideýa - obýektiw ideýalizmiň pelsepe sistemasynda esasy düşünjeleriň biri. Onuň esasy wekilleri belli nemes filosofy Gegel we onuň pelsepe sistemasyny dowam etdirijilerdir. Obýektiw ideýalizmiň beýleki görnüşleri ýaly, absolýut ideýa hem tebigatdaky we jemgyýetdäki hemme zatlary döreden, olaryň ýaşamagyny, üýtgemegini kesgitleýän maddy dünýäden ýokary bir ruhy başlangyçdyr diýip ykrar edýär. Obýektiw idealistler ol ruhy başlangyja baky ideýa, dünýä ruhy, dünýä erki diýýärler. Gegeliň Absolýut ideýasynyň beýleki obýektiw idealistik taglymatlardan düýpli tapawudy - onuň pelesesiniň dialektiki idealizm sistemasy bolanlygydyr. Marksizmiň düýbüni tutujylar Gegeliň pelsepesiniň gymmatly  tarapyny - dialektikasynyň peýdaly ýerini tankydy analiz esasynda alyp, onuň mistiki, idealistik taraplaryny taşladylar. Absolýut ideýa düşünjesi adamlaryň özünden üzňeleşdirilen hem absolýutlaşdyrylan adam paýhasydyr diýip, dialektiki materializm görkezýär.

Türkmen Sowet Ensiklopediýasy, Tom 1, sah.14-15




#Article 89: Kyýat han (567 words)


Kümüşdepede ýa-da Esengulyda,takmynan,1754-nji ýylda eneden dogulýar. Kaspi deňziniň kenarýakasyndaky türkmenleriñ hany, oña Kyýat beg, Gyýat beg, Kyýas beg hem diýilýär.

Kyýat hanyñ ömrüniň irki döwri barada maglumatlar mälim däl. Ol garamaýak halkdan saýlanyp çykan demirçi ussanyň ogly. Özi hem ussaçylyk bilen meşgullanypdyr. Ýaşap geçen ýerleri Kümüşdepe, Esenguly, Çeleken etraplarydyr. Kyýat hanyñ Ýagşymämmet(Ýagşymuhammet), Kadyrmämmet atly ogullary bolupdyr. Onuň ady ilkinji gezek 1813-nji ýylda peýda bolýar.Etrek Gürgen Türkmenleri şol ýyl Fatali şanyň garşysyna uly gozgalaň turuzýarlar we Patyşa Russiýasynyň Russiýa-Eýran urşuna gatnaşýan kafkazdaky goşunlary bilen gatnaşyk açýarlar.

Russiýa-Eýran uruşy gutaryp, Gülüstan şertnamasyna gol çekilende, Kyýat han öz egindeşleri bilen şol ýerdedi. Kyýat han özüniň ýakyn adamlary bilen wekil hökmünde gepleşik geçirmek üçin Kafkaza iberilýär.
Şondan soñra onuň ady taryhy meşhurlyk gazanýar. Ol Türkmenleriň Russiýa raýatlygyna geçmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär. Astrahan, Baku we Eýran bilen söwdany ýaýbaňlandyryp, uly baýlyk gazanyp, kenarýaka Türkmenlerniň hanyna öwürilýär.

Kyýat han 1819-1921-nji ýyllarda M.I.Ponomarýowyň we N.N.Marawýowyñ, 1836njy ýyllarda G.S.Karaliniň ekspediýalaryna köp ýardam berendigi, Teblisdäki Kafkaz dikmeleriň ýanyna ençeme gezek baryp, Russiýanyň raýatlygyna geçmek barada tagalla edendigi, Patyşa Russiýasynyñ öňünde beýleki bitiren hyzmatlary üçin Medal, gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanýar.

XIX asryñ 20-30-njy ýyllarynda Kyýat han we onuň ogullary Astrabat, Mazandyran, Gilan bilen Bakunyñ, Astrahan arasynda deňiz ýollary arkaly bolup geçýän söwda gatnaşyklarynda esasy täjirleriň birine öwrülip, barlyşyksyz bäsdeşlik göreşine gatnaşýar. Şol söwda bäsdeşligi ýaramaz netijeler getirýär. Kyýat hanyñ söwdasy bolaşýar. Deñizde we kenarda alamançylyk, Talaňçylyk güýçlenýär, täjirler öldürilýär. Şeýlelik bilen, Russiýa-Eýran gatnaşyklary ýitileşýär. Bu gapma-garşylyklaryñ ýitileşmeginiň esasy sebäbi şol döwürde, el degirilmedik baýlyklaryň ummasyz zapaslarynyñ barlygydyr.

Bu baýlyklara eýe bolmak üçin bir tarapdan Russiýa, beýleki tarapdan Eýran bilen Kyýat hanyñ arasynda barlyşyksyz göreş başlanýar.
Bu göreşde kyýat hanyñ garşysyna has duşmançylykly hereketi asly Eýranly, ýöne söwda bähbitleri üçin Rus raýatyna geçip, Masihi dini kabul eden Mir Bagyrof amala aşyrýardy. Onuñ maksady şu söwda ýolundan Kyýat hany aýyrmakdy, ony ýok etmekdi.

Wagtyñ geçmegi bilen Kyýat han we onuñ ogullary hakykatdanam hem söwda meýdanyndaky bäsdeşligiñ pidasi bolýar.
Şowsyzlyklara garamazdan,Kyýat han kenar ýakasynda ýaşaýan Türkmenlerniñ Eýran şalarynyñ zülüminden azat bolmagy üçin Russiýa raýtlygynyñ geçmek ugrunda göreşýär. Muña uzak wagtlap baştutanlyk edýär.
Bu hereket Russiýa-Eýran uruşy tamamlanandan soň has hem giň gerim alýar. Patyşa hökümeti Kyýat hanyñ haýyşy boýunça kenarýaka Türkmenlere azar bermezligi telim gezek Eýran hökümetine duýdurýar.

Geñeşe gatnaşan kazylar,Han-Begler Russiýa hökümetiniñ adyna ýüzlenme kabul edip,ony G.S.Kareline gowşurýarlar.20777 sany maşgala özleriniñ Russiýanyñ raýatlygyna kabul edilmegini haýyş edýär.

Eýran şu tritoriýany hut öz ýerleri hasap edipdir.Şonuñ üçin hem Şah häkimleriher edip-hesip edip,Kyýat hany we onuñ ogullaryny ýok etmegiñ ýollaryny agtarýarlar.
Gülüstan we Türkmençaý şertnamalary boýunça Eýranyñ Kaspi deñizinde harby flot saklamaga haky ýokdy.
Duz,balyk,nebit satmakda Kyýat hana bäsdeşlik edýän Eýranly söwdägärleriniñ kömegi bilen dildüwşük gurulýar.Russ komandiri E.W.Putýatin 1842-nji ýylyñ iýulynda Ýagşymämedi (Ýagşymuhammedy )tussag edýär.
Ýaşynyñ soñunda oglunyñ tussag edilmegi Kyýat hana gaty agyr degýär.Ol 80 ýaşyndan geçen garrylygynyñ göz öñünde tutulmagyny,özüniñ we oglunyñ watanyna göýberilmegini haýyş edip,Patyşah hökümetiniñ kafkazdaky häkimi genral P.Golowine arz ýazýar.
Oglunyñ tussag edilmeginde bir düşünişmezlik bolandyr diýip,ol Bakuwa gaýtýar.Alty aýlap Bakuwda garantinede bolýar.Onuñ arza üstüne arzalaryna,haýyşlaryna hiç kim gulak gabartmaýar.Kyýat hanyñ 30 ýylyñ dowamynda Rus-Türkmen aragatnaşyklaryny berkitmekde bitiren hyzmatlary hasaba alynmaýar.Oña kömek edäýjek köne tanyşlary general A.P.Ýermolof we N.N.Murawýof dekabristlar bilen aragatnaşykda bolandyklary üçin Nikolaý I gazabyna duçar bolupdyr.
Kyýat han 1842-nji ýylyñ 12-nji dekabrynda Bakuwdan Teblise getirilýär.Kawkaz häkimleri I.Paskowiç,G.W.Pozen Ýaly generallar ozallar Kyýat hany dabarly garşylap,oña hezzet-hormat edip ýören adamlardy.Ýöne welin bu gezek olar ony zyndana taşladýarlar.
Kyýat han Teblisde 1843-nji ýylyñ mart aýynyñ ortalarynda ejizläp,iki gözi gapylyp,89 ýaşynyñ içinde zyndanda aradan çykýar.




#Article 90: Aba serdar (318 words)


XVI asyrda Türkmenistanyň Etrek, Gürgen etraplarynda ýaşap geçen görnükli türkmen serdary Aba serdar türkmeniň okly taýpasynyň kethudasy bolupdyr. Ol türkmen taryhynda “Aba serdaryň gozgalaňy” ady bilen belli bolan halk gozgalyňyna başarjaň serkerde hökmünde ýolbaşçylyk edipdir. Bu gozgalaňyň döremegine halk köpçüliginiň çykgynsyz jebir-sütemlere sezewar edilmegi sebäp bolupdyr.

Şol döwürlerde Etrek, Gürgen türkmenleri (gökleň, okly, ýemreli we beýlekiler) Hywa hanlygynyň raýaty hökmünde Horezm soltanlaryna agyr salgyt (pul, mal we nöker) töleýär ekenler. Munuň üstesine-de 1550-nji ýylda Eýranyň Astrabat welaýatynyň täze häkimi Keçel Şahberdiniň hem türkmenlerden agyr paç ýygnamaga synanyşmagy netijesinde, halys degnasine deglen halk ezijilere garşy aýaga galýar.

Gozgalaňçylar Aba serdaryň baştutançylygynda Eýranly salgyt ýygnaýjylaryň ýolbaşçysy hem-de Keçel Şahberdiniň garyndaşy Şatyr begi öldürýär. Muny eşidip, gahar-gazaba münen Keçel Şahberdi türkmenleriň üstüne agyr goşun çekip barýar. Okly türkmenleri onuň goşunyny derbi-dagyn edip, özüni hem tutup öldürýärler.

Şondan soň gozgalaňyň dabarasy dag aşýar. Bütün türkmen obalaryna, şeýle hem Astrabadyň käbir etraplaryna ýaýraýar. Eýran şasy Tahmasp şanyň (1527-1578) uly goşun iberip, Aba serdaryň gozgalaňyny ýatyrmak üçin eden birnäçe synanyşyklary şowsuz bolupdyr.

Aba serdar Eýran bilen öňden urşup gelýän özbek hökümdary Aly soltan bilen ylalaşyk baglaşýar we onuň  köpüsi özbeklerden ybarat bolan goşunyna daýanyp, Eýran goşunlarynyň 1554-nji hem-de 1557-nji ýyllarynda uly hüjümlerini kül-peýkun edýär. Bu ýeňişler Aba serdara uly şöhrat getirýär. Ol bütün Astrabat welaýatyny diýen ýaly öz raýatlygyna geçirýär.

Türkmen atly ýigitleriniň serkerdesi Aba serdaryň bu söweşleriniň netijesinde bütün kenarýaka türkmenleri 10-12 ýyllap Eýran häkimiýetlerine garaşsyz bolupdyrlar.  Gozgalaň netijesinde Etrek sähralaryndaky türkmen taýpalarynyň birleşmesi emele gelipdir. Birleşme Aba serdar öldürilenden (ol ukuda ýatyrka Eyran häkimiýetleriniň ýörite tabşyrgy bilen, öz pars aýalynyň guly tarapyndan öldürilýär) soň hem birnäçe wagtlap dowam edipdir we türkmenleriň özbaşdaklygyny gorap saklapdyr.

Batyr serkerde Aba serdaryň baştutanlyk eden gozgalaňy onuň öldürilmegi bilen kem-kemden ýatyşan hem bolsa, Türkmen halkyna syýasy taýdan uly abraý getiripdir. Soň-soňlar hem Astrabat ülkesinde türkmenleriň täsiri güýçli bolupdyr. Umuman, Aba serdar türkmen halkynyň azatlygy, garaşsyzlygy ugrunda jan aýaman göreşen gaýduwsyz serkerde hökmünde taryhda yz galdyran şahslaryň biridir.




#Article 91: Absolýutizm (228 words)


Absolýutizm (latynça: absolutus - garaşsyz, çäklendirilmedik) - absolýut monarhiýa; feodalizmiň dargap, kapitalistik gatnaşyklaryň dörän döwründe emele gelen iň soňky feodal döwlet formasy. Özüniň synpy mazmuny boýunça Absolýutizm asylzadalaryň, iri ýer eýeleri-mülkdarlaryň diktaturasydyr. Absolýutizmiň emele gelşi we ösüşi dürli ýurtlarda dürli-dürlidir. Ýöne Absolýutizm hemme ýerde feodalizmden kapitalizme geçiş döwründe emele geldi. Feodal jemgyýetiniň krizisiniň ýitileşmegi bilen feodalçylyk ekspluatassiýa garşy daýhanla gozgalaňlary giň gerim aldy we şäher garyplarynyň çykyşlary artdy. Şu şertlerde dworýanlar gatlagy öz agalygynyň ömrüni uzaltmak üçin ayk diktatura ýüz urmaga mejbur boldular. Bu diktaturanyň häsiýetli aýratynlygy agalyk ediji synpa gös-göni garaşly bolmady we ondan gatnaşyk boýunça özbaşdak, ýöne onuň bähbitlerini gyşarnyksyz goraýan güýçli döwlet serişdeleriniň döredilmegidir. Absolýutizm öz döwründe taryhy taýdan özgerdiji rol oýnady. Ol syýasy dagynyklygyň galyndylaryny ýok edip, feodal aýrylyşygyň soňuna çykdy, ýurdy ykdysady taýdan birleşdirdi we kapitalistik gatnaşyklaryň ösmegine ýardan etdi. Absolýut monarhiýa manifaktura önümçiligini ösdürmek üçin karz pul goýberdi, gümrük sistemasyny öz kontrollygyna aldy, merkantalizm syýasatyny ýöretdi we täze söwda bazarlaryny basyp almak üçin koloniýal uruşlar alyp bardy. Aziýa ýurtlarynyň köpüsinde kapitalistik gatnaşyklaryň haýal ösmegi zerarly Absolýutizm has uzaga çekdi. Buržuaziýanyň özmegi bilen absolýut monarhiýa özüniň özgerdiş häsiýetini ýitirdi, kapitalizmiň we bütin jemgyýetiň ösüşine päsgel berýän ýurdy dolandyryş şekline öwrüldi. Ösen kapitalistik ýurtlarda Absolýutizm buržuwa rewolýussiýalary netijesinde ýok edildi. Kapitalizmiň gowşak ösen ýurtlarynda, buržuwa proletarlaryň güýçlenmeginden gorkup, feodal absolýut monarhiýalar bilen dildüwüşige ýüz urdy we bu ýurtlarda absolýut monarhiýa buržuwanyň mülkdarlyk monarhiýasyna öwrüldi.




#Article 92: Al-Makdisi (152 words)


ABU ABDYLLAH MUHAMMET ibn Ahmet ibn Abu Bekir al-Mukaddasy, al-Makdisi (946/47 - takmynan 1000) - arap taryhçysy, geograf, syýahatçy. Ol Iýerusalimde doglypdyr. Yslam ýurtlarynyň köpüsinde diýen ýaly syýahat edipdir. Ol 985 ýylynda Samanitler üçin Yklymy öwrenmek üçin iň oňat bölüniş (Ahsan at-takasym fi Marifat al-akalim) diýen iş ýazypdyr. Awtor soňra Fatimitler üçin onuň giňeldilen görnüşini taýýarlapdyr. Kitap 2 bölümden ybarat bolup, onda ilki umumy geografik, metodik, terminologik, awtobiografik häsiýetli maglumatlar berlipdir. Ondan soňra Arap ýarymadasy, Yrak, Akur (Mesopotamiýa we Arap Kiçi Aziýasy), Siriýa, Müsür, al-Magryp .. ýurtlary beýan edilipdir. Kitabyň II bölümi al-Maşryk, Horasan, Sejestan, Mawerannahr (Syrderýa we Amyderýa arasy), Deýlem (Gilýan), ar-Rihap (Azerbaýjan, Ermenistan, Kawkazlar), Jibal (Midiýa), Huzystan, Fars, Kerman we Sind ýurtlaryny öz içine alýar. Awtor her bir ýurdyň geografiýasyny, ilatyny we olaryň kärlerini, ykdysadyýetini, syýasy gurluşyny, peýdaly magdanlaryny, däp-dessurlaryny we ş.m jikme-jik beýan edipdir. Ol kitap Halifat ýurtlarynyň taryhyny, geçmişdäki geografiýasyny, ykdysadyýetini, medeniýetini we ş.m. öwrenmek üçin möhüm materialdyr.




#Article 93: Muhammet al-Idrisi (152 words)


Abu Abdyllah Muhammet ibn Muhammet aş-Şerif al-Idrisi (1100-65) - arap geografy we syýahatçysy. 

Ol Seutda (Ispaniýada) doglyp, Kordowada okapdyr. Portugaliýa, Fransiýa, Angliýa, Kiçi Aziýa syýahat edip gelensoň, 1138 ýylynda Palermo göçüp, Sisiliýa koroly Rožer II-niň (1130-54) köşgünde bolupdyr. Onyň tabşyrygy bilen geografiýa boýunça iş ýazypdyr. Ol ömrüniň ahyrynda Seuta gaýdyp gelip, şol ýerde aradan çykypdyr.

Awtor taryhy geografiýa we taryh boýunça gymmatly çeşme bolan Welaýatlara syýahat edip ireniň güýmenjesi (Nuzhat al-muştak fi-htirak al-afak) diýen eser ýazypdyr. Ol eser Ýewropanyň, Afrikanyň we Aziýanyň käbir halklary barada gyzykly maglumatlar berýär. Awtor ýer ýüzüni 7 yklyma, her bir yklymy 10 bölege bölüp, her bir bölegiň kartasyny taýýarlapdyr. Onuň işiniň Afrika, Pireneý ýarym adasyna, Sisiliýa, Italiýa, Fransiýa, Şotlandiýa, Irlandiýa, Germaniýanyň welaýatlaryna, Balkan ýarym adasyna bagyşlap ýazylan bölegi has gymmatlydyr. Ol Aziýa baradaky materiallaryny ýazanda, özünden öňki alymlaryň işlerinden peýdalanypdyr. Onuň II ýygyndysy Seýil-sapa bagy (Raud al-üns ba nuzhat an-nafs) bolup, ondan diňe käbir bölekler saklanyp galypdyr.




#Article 94: Süleýman Rawendi (102 words)


ABU BEKIR MUHAMMET ibn Aly ibn Süleýman ar-Rawendi - Eýran taryhçysy. Ol Ispihanda doglupdyr. 1174-1184 ýyllarda Hemedanda musulman hukuk ylymlaryny we kalligrafiýany öwrenipdir. 1181-1189 ýyllarda seljuk soltany Togrul II (1175-1194) köşgünde kalligrafiýaçy bolup işläpdir. 1190 ýylynda Hemedan emiri Fahretdin Alawynyň ogullarynyň terbiýeçisi bolupdyr. 1206 ýylynda Konýa göçüp gidipdir. Ol şol ýerde-de ölüpdir. Awtor 1202-1205 ýyllarda Konýa soltany Giýasetdin Keýhosrawa (1192-1200, 1204-1210) bagyşlap Ýürekleriň dynç almagy we şatlyk gudraty (Rahat as-sudur we aýat as-surur) diýen kitap ýazypdyr. Onda Seljuk döwletiniň 11 asyryň başyndan 1199 ýylyna çenli bolan taryhy beýan edilýär. Ol eser Seljuk döwletiniň 1160-1199 ýyllardaky taryhy boýunça esasy çeşme bolup hyzmat edýär.




#Article 95: Ebu Jafer Taberi (249 words)


Ebu Jafer Muhammet ibn Jerir Taberi (838-923) - görnükli taryhçy. Onuň asly eýranly. Ol Hazar deňziniň günorta-gündogar kenarynda ýerleşýän Tabarystan welaýatynda doglupdyr. Arabystan ýarym adasyndaky döwletlere uzak wagtlap syýahat edenden soň, Bagdada barýar. Ol döwrüniň klassyky bilimini alýar we birnäçe uly eser ýazýar. Ol orta asyrda bütin dünýä taryhynyň ilkinji awtorlarynyň biri hökmünde tanalýar. Onuň Taryh ar-rusul wa-l-mülýük (Pygamberleriň we patyşalaryň taryhy) atly işi (dünýäniň döreýşi hakyndaky töwrat rowaýatlaryndan başlanmak bilen) yslamyň döreýşiniň we arap halifatynyň taryhyny beýan edýär. Bu işde Eýranyň, Orta Aziýanyň gadymy we irki orta asyrlar taryhy ep-esli orun tutýar. Onuň işlerinde arap serkerdeleri tarapyndan Horasanyň, Eýranyň beýleki ýerleriniň, Owganystanyň we Orta Aziýanyň basylyp alnyşy barada gyzykly maglumatlar bar. Alymyň ýazan işleri doly saklanmandyr, biziň günlerimize çenli örän az bölegi gelip ýetipdir. Galyberse-de, olar täzeden işlenipdir we baryp 10 asyrda arap dilinden fars diline terjime edilipdir. Şol terjimäniň awtory Samanitler dinastiýasynyň weziri Abu Aly Muhammet Balamydyr (974 lynda ölen). Balamynyň arap dilindäki golýazmany ilki redaktirläp, soňra terjime edendigini sowet gündogary öwrenijileri subut etdiler. Şol terjime eýran-täjik prozasynyň ilkinji ýadygärliklerinden biri bolup, taryhy çeşme hökmünde onuň uly ähmiýeti bardyr. Tabary kanun we teologiýa boýunça-da köp işleriň awtorydyr. Onuň şol işleriniň arasynda kanun hakyndaky ylymlar boýunça Kitab ihtilaf al-fukaha (Hukuk öwrenijileriň dürli garaýyşlarynyň kitaby) diýen ýörite traktaty bar. Şol eserinde dürli ugurlardan musulman kanuny hakyndaky ylymlaryň teoriýasyny işläp düzüpdir. Şeýle hem Tafsir al-koran (Gurhana düşündiriş) diýen at bilen gurhana 30 tomdan ybarat ýörite düşündiriş ýazypdyr. Tabarynyň hyzmaty arap-fars orta asyr istoriografiýasynda bütindünýä taryhy boýunça ilkinji bolup iş döredenligindedir.




#Article 96: Abu Müslimiň gozgalaňy (404 words)


ABU MÜSLİMİŇ GOZGALAŇY - Orta Aziýada araplaryň agalygyna garşy gönükdirilen halk köpçüliginiň antifeodal hereketi. Orta Aziýanyň, şol sanda Türkmenistanyň halklary arap hökümdarlaryna garşy birnäçe gezek gozgalaň turzup, keseki ýurtly basybalyjylaryň ýigrenji häkimiýetini agdarjak bolup, köp güýç sarp edipdirler. Şeýle gozgalaňlaryň iň görnüklilerinden biri-de Abu Müslimiň gozgalaňy hasaplanýar. Abu Müslim görnükli goşun serkerdesi we uly döwlet işgäri bolupdyr. Abu Müslim gozgalaňy 747 ýylynda Marynyň eteklerinde başlanypdyr. Abu Müslim öz tarapdarlary bilen Marynyň günbatarynda ýerleşip, birnäçe berkitmeler döredipdir. Onuň esasy daýanç nokady Mahuwan obasy eken, bu ýerde ol dört aý bolupdyr. Abu Müslimiň çagyryşlary ýerli ilatyň arasynda giňden ýaýrapdyr. Käbir obalaryň ilaty onuň ygtyýaryna 1000-2 golaý pyýada esger beripdirler. Arap basybalyjylaryna garşy göreşiň baýdagy astynda hemme synplaryň wekilleri birleşipdirler, daýhanlar we garyp senetçiler bilen bir hatarda Abu Müslimiň goşunynda söwdagärler hem, ýerli han-begleriň wekilleri hem bolupdyrlar. Abu Müslim özüniň hemme goşunyny dolandyrmak üçin Mahuwanda merkez döredipdir. Bu ýerde onuň goşunyna girýänleriň spisogy ýöredilipdir we her bir esgere belli bir mukdarda aýlyk berlipdir. Abu Müslimiň ýanyna gullar hem gelip, onuň düzýän goşunyna gatnaşmaga isleg bildiripdirler. Abu Müslim gullary hem kabul edipdir, emma olary goşunyň umumy bölegine girizmändir-de, olar üçin aýratyn bir lager gurapdyr. Gullar gozgalaňyň ýeňmegi netijesinde özleriniň ýagdaýynyň gowulanmagyny gazanmagy umyt edipdirler. Araplaryň taýpara duşmaçylygyndan peýdalanyp, Abu Müslim Maryny eýeläpdir. Soň gozgalaň has üstünlikli bolupdyr. Abu Müslimiň çagyryşyna Gündogar Horasanyň hemme şäherlerinden: Marydan, Saragtdan, Abiwertden, Nusaýdan, Hyratdan, Talkandan, Balhdan we başga şäherlerden gelipdirler; 100 müň adama golaý gozgalaňçy ýygnanypdyr. Abu Müslim merkezi hökümete garşy çykyş edipdir. Abu Müslim gozgalaňy Günbatar Eýrana we Yraga çaltlyk bilen ýaýrapdyr. Gozgalaňçylaryň goşunlary Tigr derýasynyň çep goşandynyň ýanynda halif Merwan II-niň goşunlary bilen çaknyşypdyr. Howul-hara toplanan we gerekli ýaraglar bilen üpjün edilip ýetişilmedik halif goşunlary Abu Müslim tarapyndan derbi-dagyn edilipdir. Merwan II az sanly goşuny bilen zordan gaçyp gutulypdyr. Soňra omeýýatlaryň tarapdarlary derbi-dagyn edilipdir, halif tagtdan düşürilipdir we tutulyp öldürilipdir. Şeýlelikde, halifatda häkimiýeti täze dinastiýa - Apbasitler dinastiýasy ele alypdyr. Täze dinastiýanyň wekilleri göreş wagtynda beren wadalaryny ýerine ýetirmändirler. Diňe ýerli han-begleriň ýagdaýy gowulanypdyr, olar araplar bilen bir hatarda döwleti dolandyrmak işine çekilipdirler. Emma salgytlaryň we borçlaryň agyr ýüki astynda horlanyp gelen zähmetkeş köpçüligine- daýhanlara we şäher senetçilerine dinastiýanyň çalyşmagy hiç hili ýeňillik getirmändir. Gaýtam, daýhanlaryň feodallara garaşlylygy öňküden hem artypdyr. Apbasitler halifatynyň halif Mansur (754-775) Abu Müslimi Horasanyň hökümdary wezipesine belläpdir. Emma halif Mansur ýurtda täzeden möwç alyp ugran gozgalaňlardan we Abu Müslimiň kalk köğçüligi arasyndaky şöhratyndan az howatyrlanmandyr. Şonuň üçin halif Mansuryň buýrugy bilen Abu Müslim dönüklik bilen öldürilipdir.




#Article 97: Al-Utby (131 words)


ABU NASYR MUHAMMET ibn Abdal-Jepbar al-Utbi (eng:al-'Utbi, Abu al-Nasr Muhammad ibn 'Abd al-Jabbar) (961-1022/36) - Orta Aziýa taryhçysy. Ol Horasanyň hökümdary Abu Aly Simjurynyň (983-993) mürzesi bolupdyr. Soňra Gaznanyň hökümdary Söbükteginiň, 997-nji ýylda ol ölensoň, onuň ogly Ysmaýylyň, soňra ikinji ogly Mahmydyň mürzesi bolupdyr. Ol bu ýerde işlän döwründe syýasy taýdan-da möhüm rol oýnapdyr. Al-Utby öz eýelän ýokary wezipesini, bütin edebi talantyny peýdalanyp, 1021 ýylynda Soltan Mahmyt Gaznawynyň taryhyny - Döwletiň sag goly kitaby (al-Kitab al ýemini) diýen kitabyny ýazyp gutarypdyr. Al-Utbynyň bu kitaby stil taýdan örän oňat we çeper ýazylypdyr. Ahmet ibn Aly al-Manini 1144-47 ýyllarda şol kitaba düşündiriş ýazypdyr. Ol 1286 ýylda düşündirişi bilen bilelikde Kairde çap edilipdir. Al-Utbynyň ol kitaby Orta Aziýa taryhynyň 975-1021 ýyllar aralygyndaky döwri barada möhüm çeşme hasaplanýar. Ol öz kitabynda terjimehalyny hem ýazyp galdyrypdyr.




#Article 98: Al-Faraby (333 words)


Abu Nasyr Muhammet ibn Tarhan al-Faraby (870-950) — Orta aziýaly türk alym. Ol şol döwürde arap Gündogarynyň uly ylmy, dini, medeni merkezleri bolan Damask, Bagdat, Basra, Halap ýaly şäherlerinde terbiýe we ylym alypdyr. Öz döwrüniň bilimli, çuň döredijilik pikirli, paýhasly, akyly köp adamy: tebigaty öwreniji, matematik, lukman, astronom, sazanda, psiholog, din adamy, etik, sosiolog, himik, filosof bolupdyr. Ol adamzat biliminiň ähli ugurlaryny döredijilikli ele alypdyr we olaryň her birine önjeýli goşandyny goşupdyr. Alym ylymlaryň dürli pudaklaryna degişli 200-den gowrak iş ýazypdyr. Emma biziň günlerimize çenli onuň işleriniň diňe ujypsyzja bölegi gelip ýetipdir. Ýöne şolar-da onuň barlaglarynyň giňligine we çuňlugyna ynandyryjykly şaýatlyk edýär. Ol tebigy-ylmy, sosiologih we yslam dini mowzuklardan işler ýazyp, olarda öz döwrüniň öňde baryjy jemgyýet pikirlerini beýan edýär. Ol şol işlerinde tüýs döredijilik pikir-paýhasly, hakyky alym hökmünde çykyş edýär. Faraby arap dilinde şygyrlar hem ýazypdyr.

Ol 870-nji ýylda Türküstanyň Farab welaýatynyň “Wesiç” obasynda dünýä inipdir. Tebigat filosofiýasy bilen bir hatarda, metafiziki temalar bilen içgin gyzyklanan Merw mekdebine degişli bolupdyr. Musulman filosofiyasyň taryhynda sözüň doly manysynda filosofiki dünýägaraýşyň mysaly, nusgasy hökmünde kabul edilen Faraby, ykbalyny filosofiýa we ylma bagyş eden asuda, parahat häsiýeti bilen tanalan akyldardyr. Ylmy tälimine Bagdatda başlapdyr, öz ýurduna dolanyp kazylyk wezipesinde işläpdir. Filosofiýa bolan höwesini şahsy ylmy barlaglaryň netijeliligi bilen kanagatlandyrypdyr. Zamanasynyň esasy ylymlary bolan grammatika, arap edebiýaty (belagat), logika, arifmetika, aýdym-saz, geometriýa we astronomiýa degişli uly işleri geçiripdir. Tükmen, arap we pars dillerinden başga, assiriýalylaryň dilinden baş çykarandygy barada käbir maglumatlar getirilýär. Faraby, samany emiri Nuh ibn Samanyň çakylygy bilen Buhara barypdyr we emiriň haýyşy boýunça ilkinji musulman-türkmen filosofiýasynyň ensiklopediýasy bolan “el-Taglimus-sany” atly eserini ýazypdyr. Emma nämedir bir sebäpden bu eser, “samanylaryň” saraýynda çykan ýangynda ýanyp ýok bolupdyr. Häzirki wagtda şol eser barasynda düzümindäki temalardan başga hiç hili maglumat saklanyp galmandyr. Faraby şol eseriniň şähraty sebäpli ol “mugallimus-sany” (ikinji ussat diýlip kabul edilipdir. Birinjisi bolsa Aristotel hasaplanypdyr) lakamyna miýesser bolupdyr. Seýfuddöwläniň çakylygy boýunça Halp şäherine baran akyldar ömrüniň ahyrky ýyllaryny şol ýerde geçiripdir, ähmiýetli eserlerini hem bu ýerde taýýarlapdyr. Ylmy syýahatlarynyň birinde 950-nji ýylda Şamda aradan çykypdyr.




#Article 99: Sirajeddin Jüzjany (146 words)


ABU OMAR MINHAJETDIN OSMAN ibn Sirajetdin Jüzjany (eng:Abu Umar Minhaj al-Din Uthman bin Siraj-al-Din Juzjani) (takmynan 1193 ýylynda doglan) - orta asyr taryhçysy. Ol Eýranda doglupdyr. Ol Demirgazyk Owganystanda Gur soltanynyň köşgünde gulluk edipdir. Ol Nimruza (Seýistana) 2 gezek (1225-26) ilçi edilip iberilipdir. Ol 1226 ýylynda mongol basybalyjalaryndan gaçyp, Demirgazyk Hindistana gidipdir. Ol ýerde Sind häkimi Nasyretdin Kubaçä ony Firuza medresesine müdir edip (1227) belläpdir. Kubaçä hökümet başyndan aýrylandan soň, 1228 ýylynda ol Delä gidipdir. Deli soltany Şemsetdin Iltutmuş (1210-36) ony kazy edip belläpdir. Ol 1247 ýylyndan başlap Şemsetdin Iltutmuşyň ogşy, Deli soltanlygynyň hökümdary bolan Nasyretdin Mahmyt şanyň (1246-65) köşgünde bolupdyr. Ol özüniň Tabakat-i Nasyry diýen kitabyny takmynan 1260 ýylynda ýazyp gutarypdyr. Onuň bu eserinde syýasy wakalar bilen birlikde, şäher durmuşy, feodal eýeçiliginiň formalary, sektantlaryň çykyşlary we ş.m. beýan edilipdir. Ol kitap Deli soltanlygynyň hem-de Eýranyň (mongollaryň çozuşy döwründäki) taryhy barada gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär.




#Article 100: Ebu Reýhan Biruny (297 words)


ABU REÝHAN BIRUNY Muhammet ibn Ahmet (973-1048) - Horezmde önüp-ösen alym, filosof, şahyr, lingwist. Ol geografiýa, matematika, minerologiýa, astronomiýa, farmakologiýa ýaly ylmyň dürli pudaklaryna degişli uly açyşlar edipdir. Ol köp sanly tebigy-ylmy, fil-sosiologik, syýasy-etik we poetik traktatlar ýazypdyr. Onuň ylmy we dini işleri özüniň köptaraplylygy, giňligi, meseleleriň batyrgaýlyk bilen goýluşy hem-de olaryň çözülişiniň originallygy bilen tapawutlanypdyr. Özara gan dökülişikli dawalaryň, dyngysyz harby çaknyşyklaryň, azat edijilik hereketiň güýçlenmegi, imperiýalaryň (Sasanitler, Gaznewiler, Garahanlylar, Seljuklar) ýykylmagy, dinastiýalaryň we häkimleriň (Mahmyt Gaznewi, Kabus, Mamun, Masut) çalşyp durmagy sebäpli, ol Gündogaryň dürli ýurtlarynda (Owganystanda, Eýranda, Hindistanda) sergezdanlykda ýaşamaly we eser döretmeli bolupdyr. Arap syýahatçysy geograf Ýakut Hamawy (13. asyr) Mary metjidiniň wakyfnamasynda bu uly alymyň kitaplarynyň ady ýazylan uly spisogy görenligini hanar berýär. Emma olaryň köpüsi ýa-ha ýitip ýok bolupdyr, ýa-da Gündogaryň we Günbataryň köp ýurtlarynyň kitaphanalarynda sanlyja golýazma galypdyr. Onuň 154 sany eseriniň ady belli bolup, olardan bize gelip ýeteni 40 çemesidir. Beýik akyldaryň Geçen nesilleriň ýadygärlikleri, Hindistan, Minerologiýa, Farmakognoziýa, Masudyň kada-kanuny, ýaly işleri biziň günlerimizde hem gymmatyny gaçyrmadyk kitaplardyr. Ýokarda agzalan işleriň birinjisinde (Geçen nesilleriň ýadygärliklerinde) awtor matematika, astronomiýa, meteorologiýa ýaly ylymlaryň esasy prinsipleri hakynda gürrüň berýär. Ol şonda Orta Aziýanyň gadymy halklarynyň ahlaklaryny we däp-dessurlaryny häsiýetlendirýär. Olaryň taryhynda bolup geçen esasy, has möhüm wakalary, dinlerini beýan edýär. Abu Reýhan Biruny özüniň göwrümi we içine alýan meseleleri boýunça ensiklopediýa ýaly bolan bu uly işinde Gündogaryň we Günbataryň köp halklarynyň - horezmlileriň, sogdularyň, farslaryň, araplaryň, ýewreýleriň, grekleriň, rimlileriň, we başgalaryň kalendarlaryny , ýyl hasaplaýyşlaryny deňeşdirýär hem analizleýär. Onuň beýleki işi (Hindistan) Hindistanyň taryhyny, aýratyn-da onuň baý ruhy medeniýetini öwrenmekde häzire çenli möhüm çeşme bolup gelýär. 19. asyryň iň görnükli rus gündogar öwrenijisi W. R. Rozen bu ajaýyp eser barada şeýle diýýär: Bu özboluşly ýeke-täk ýadygärlikdir we Günbataryň hem Gündogaryň ähli gadymy we orta asyr ylmy eserleriniň arasynda oňa taý geljegi ýokdyr....




#Article 101: Abdylkerim as-Samany (144 words)


Ebu Sad Abdylkerim ibn Muhammet ibn Mansur As-Samany (1113-1167) - Orta Aziýa taryhçysy. Ol gelip çykyşy boýunça arap bolup, alym maşgalasynda doglupdyr. Ýaş wagtynda kakasy ölüp, ilki kakasynyň dostutynyň, soňra daýysynyň elinde terbiýelenipdir. Daýysy bilen syýahata gidipdir. Ol Nişapurda, Yspyhanda, Hemedanda, Damaskda, Ýerusalimde, Tusda, Yrakda, Mesopotamiýada, Hijazda we başga ýerlerde bolupdyr. Şol ýerlerde alymlardan rowaýatlar, hekaýalar diňläpdir, Bagdada baryp, 8 ýyl (1136-43/44) ýaşapdyr. Ol 1143 ýylda Merwe gelip öýlenipdir, al-Ahmediniň medresesinde okapdyr. As-Samany 40-dan gowrak eser; şol sanda Bagdat al-Hatybyň taryhynyň dowamy - 15 tom, Marynyň taryhy - 20 tomdan gowrak, geografiýa sözlügi, awtoryň şyh-mugallymlarynyň sözlügi, biografiýalar ýygyndysy, Genealogik atlar kitaby (Kitab al-ansab) we başgalary ýazypdyr. Olaryň köpüsi Orta Aziýa şäherleri mongollar tarapyndan weýran edilende ýok bolupdyr. Şolardan Genealogik atlar kitaby, Marynyň taryhy bize gelip ýetipdir we neşir edilipdir. Olar Orta Aziýa we Horasan barada gymmatly taryhy, biografik we geografik çeşme bolup hyzmat edýär.




#Article 102: Ebu Said Gardezi (122 words)


Ebu Said Abdylhaý ibn ez-Zahhak ibn Mahmyt Gardizi 11-nji asyryň fars (Eýran) taryhçysy. Ebu Said 1048-50 ýyllarda Gaznawy soltany Abdyreşit ibn Mahmyt Zeýn el-Milla (1049-53) bagyşlap, Ýyl ýazgylarynyň bezegi (Zeýn al-ahbar) diýen taryhy iş ýazypdyr. Ol bu işinde gadymy Eýran patyşalarynyň (yslama çenli), halifleriň (1032-nji ýyla çenli), Horasanyň (1041-nji ýyla çenli), Gaznawy soltanlary Mewdudyň, onuň ogly Mesudyň, agtygy Mahmydyň, Hindistanyň, Aziýadaky türk taýpalarynyň taryhy, musulman, hristian, ýewreý, hindi dini baýramçylyklary we ş.m. barada ýazypdyr. Onuň bu işi Horasanyň 1041-nji ýyla çenli bolan taryhyny öwrenmekde esasy çeşme hasaplanýar. W. W. Bartoldyň Türküstan-mongollaryň çozuşy döwründe (1 bölüm, 1898) we 1893-94 ýyllarda Orta Aziýa gidilişi barada hasabat (1897) diýen kitaplarynda Ebu Saidiň bu ýygyndysyndan bölekler çap edilipdir, ol iş 1955-nji ýylda Tähranda doly çap edilipdir.




#Article 103: Ebu Ýakup Ýusup al-Sakkaky (226 words)


ABU ÝAKUP ÝUSUP ibn Muhammet as-Sakkaky (eng:Abu Yaqub Yusuf al-Sakkaki ) - 14. - 15. asyrlarda Horezmde ýaşap geçen şahyr. Şahyryň terjimehaly barada maglumat gaty az, ýöne Alyşir Nowaýynyň Mejalysun-Nefaýys atly kitabynda, Ýakyny şahyryň Ok we ýaý diýen eserinde onuň adyna duşmak bolýar. Ýakyny ony türki edebiýaty kämilleşdiriji, şol ugurda gaýduwsyz göreşiji şahyr hökmünde suratlandyrýar. Mawerannahrly bolsa-da, ol Samarkantda ýaşap, şol ýerde hem döredijilik işine başlaýar. Onuň 14. asyryň ahyrlarynda doglan bolmagy mümkin. Sebäbi onuň şygyrlarynyň arasynda Emir Temiriň neberelerinden bolan, 1405-09 ýyllarda häkimlik eden Halyl soltana bagyşlanyp ýazylan kasyda bar. Bu kasydany, megerem, şahyr otuz ýaşlarynda ýazan bolmagy mümkindir diýip, özbek alymy N. M. Mollaýew çaklaýar. Şahyryň eserlerinde Ulugbege bagyşlanyp kasyda hem bar. Ol 15. asyryň ortalarynda aradan çykypdyr. Şahyr güýçli lirik bolupdyr, ol özbek edebiýatynda kasyda janryny esaslandyrjylaryň biri hasaplanýar. Onuň dil bilimi barada hem ýazan işleri bar. Olaryň arasynda Miftahul-ylym (Ylymlaryň açary) atly kitaby has ähmiýetlidir. Bu kitap soňra Muhammet ibn Abdyrahman Gazwini tarapyndan täzeden işlenýär we Talhys ady bilen medreselerde okuw kitaby hökmünde okadylýar. Bar bolan maglumatlara görä, ol edebiýaty, dili oňat bilşi ýaly, astronomiýany-da gowy bilipdir. Astrnomiýa hakynda Habyb-essiýer atly kitaby ýazypdyr. Şahyryň eserleri dolulygyna bolmasa-da olardan göçürilen birnäçe nusga ýadygär galypdyr. Olaryň biri-de 16. asyrda ýazylan golýazmadyr. Bu golýazma Londonda saklanýar. Şahyryň döredijiligine Alyşir Nowaýy we başgalary ýokary baha beripdirler. Onuň at-abraýy uly bolupdyr, dabarasy bütin Horasana, Yraga, Eýrana ýaýrapdyr.




#Article 104: Al-Masudy (161 words)


ABUL HASAN ALY ibn al-Hüseýin al-Masudy (9. asyryň aýagy-956/57)-arap taryhçysy, georafy, syýahatçysy,Gelip çykyşy boýunça arap, Bagdatda doglupdyr. Ol ömrüniň köpüsini syýahat edip geçiripdir. Ol Eýranda, Hindistanda, Seýlonda, Demirgazykda, Afrikada, Hytaýda, Azerbaýjanda, Ermenistanda, Orta Aziýada we başga ýerlerde bolupdyr. Ol Fustatda (köne Kairde) ölüpdir. Masudy taryhy we geografiýa degişli 7 iş ýazypdyr. Şondan has görnüklileri: Döwrüň habarlary (Ahbar az-zaman) we Orta kitap (Kitab al-ausat) biziň döwrümize gelip ýetmändir. Onuň biziň döwrümize gelip ýeten 1 ýygyndysy Altyn ýuwyjy we gözel gülleriň mesgeni (Muruj az-zahab we maadin al-jawahir) diýen kitap bolup, awtor ony 943 ýylda ýazypdyr. Onda gadymy grekleriň, rimlileriň ýerleri, patyşalary barada, araplaryň taryhy (halif Muta çenli, 946-974) hakynda, bşga-da dürli ýurtlaryň we halklaryň, hususan-da Gündogar Ýewropa halklarynyň jemgyýet gurluşy, durmuşy we başgalar barada maglumatlar berilýär. Ol iş bütin bir taryhy -geografik ensiklopediýadyr. Awtoryň II ýygyndysy Öwüt-nesihat we ynamdarlyk kitaby (Kitab at-tanbih wa-l-işraf) diýen georafik iş bolup, ol 956 ýylda ýazylypdyr. Awtoryň musulmançylyk dini taglymaty we hukugy baradaky kitaplary biziň günlerimize gelip ýetmändir.




#Article 105: Abhaziýa (399 words)


Abhaziýa (Abhazça Аԥсны Аҳәынҭқарра - Apeny Mähriban ýurt).

Gruziýanyň içine girýän awtonom döwlet. Ol 1921-nji ýylyň Aprel aýynyň 4-ünde döredilýär. Meýdany 8,6 müň km² Ilaty 250,000 . Abhaziýanyň içine 6 welaýat, 6 şäher, 3 şäherçe girýär. Paýtagty Suhumi şäheri.

Abhaziýa Kawkazlaryň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýär, günorta-günbatar tarapy Gara deňze ýanaşýar. Abhaziýanyň gözel tebigaty bar. Abhaziýanyň teritoriýasynyň köp bölegi daglyk bolup, onda Gagra, Bzyb, Abhaziýa we beýleki dag gerişleri hem-de Kolhida pesligi bar. Ýanwar aýynda ortaça temperaturasy +4-7, daglarda +2dan -2 ýetýär. Gorkut aýynda +22-24, daglarda +18-16. Esasy derýalary - Kodori, Bzyb, Gumista. Kölleri Risa we Amtkeldir. Abhaziýada ösümlikleriň 2000 görnüşi bar. Onuň ähli meýdanynyň 55%-inden gowragyny tokaýlar tutýar. Derýalarynda we köllerinde dürli balyklar bar. Abhaziýada Risa, Gumista, Pisunda goraghanalary ýerleşýär.

Abhaziýada 10-dan gowrak halk bolup, jemi 250,000 adam ýaşaýar. Ol ýerde abhazlar, gruzinler, ruslar, ermeniler, ukraýinler, estonlar, ýewreýler, grekler, beloruslar we başgalary ýaşaýarlar. Esasy şäherleri - Suhumi, Tkwarçeli, Gagra, Oçamçira, Gudauta, Gali.

Arheologik gazyp-agtaryşlar netijesinde paleolit döwründe-de Abhaziýanyň teritoriýasynda adam ýaşandygy, bizin eramyzdan öň 3-2 müňýyllygyň II ýarymynda ol ýerde ekerançylygyň, maldarçylygyň bolandygy, misden, bürünçden, demirden peýdalanylandygy mälim boldy. 10. asyryň II ýarymynda Abhaziýa Gruziýanyň içine girýär. 16. asyryň II ýarymynda Abhaziýa, şeýle hem Günbatar Gruziýa tutuşlygyna Türkiýäniň golastyna geçýär. Abhaziýa halky türklere garşy ýaragly gozgalaňlar bilen (1725, 1728, 1733, 1771, 1806 we başgalary) jogap beripdir. Abhaziýa 1810 ýylda resmi suratda Russiýa birikdirilýär. 1870 ýylda Abhaziýada kropornoýçylyk düzgüni ýatyrylýar. 1918 ýylyň Nowruz aýynda bolşewikleriň ýolbaşçylygynda Abhaziýanyň zähmetkeş köpçüligi ýaragly gozgalaň turuzýar we Gusbansoltan aýynyň 8-nde Suhumini eýeleýärler. Ol ýerde Sowet häkimiýeti jar edilýär. Emma gazaply söweşlerden soň Suhumi ýene-de (Magtymguly aýynyň 17-nde) kontrrewulusiýaçylaryň eline geçýär. 1921 ýylyň Baýdak-Nowruz aýlarynda Abhaziýanyň zähmetkeşleri ähli Gruziýanyň zähmetkeşleri bilen bilelikde, Gyzyl Goşunyň goldamagynda ýaragly gozgalaň turuzýarlar. 1921 ýylyň Aprel aýynyň 4-nde Suhumi ýene-de Sowetleriň eline geçýär we ol ýerde Sowet häkimiýeti yglan edilýär. 1921 ýylyň Maý aýynda Gruziýa Rewkomy Abhaziýa ASSR(Awtonom Sowet Sosialistik Respublikasy)-nyň özbaşdaklygy hakynda deklarasiýa çap edýär. 1921 ýylyň Bitaraplyk aýynyň 16-nda Abhaziýa Gruziýa SSR-niň içine girýär. 1922 ýylyň Noýabr aýynyň 13-nde bolsa Abhaziýa Gruziýanyň bir bölegi hökmünde bolýar. 1925 ýylyň Aprel aýynyň 1-nde Abhaziýanyň birinji Konstitusiýasy kabul edilýär. Abhaziýa 1931 ýylyň Fewral aýynda awtonom respublika hukugy bilen Gruziýa SSR-niň içine girýär.

Russiýa Abhaziýa ykdysadyýetine köp mukdarda kömek edýär. Pul birligi bolsa Rus Rubly

Abhaziýada gön-aýakgap, tikin fabrikleri, agaç işläp bejerýän, metal işleýän, pribor gurluşyk senagaty kärhanalary bar. Oba Hojalygynyň esasy pudagy çaýçylyk, temmäkiçilik, sitrus baglaryny ösdürmek, üzümçilik, miweçilik, gök ekerançylyk hem-de maldarçylykdyr.




#Article 106: Abylgazy Bahadyr han (287 words)


Abylgazy Bahadyr Han (1603-63)- Hywa hany (1645-83), taryhçy, döwlet işgäri. Has doly maglumaty 9-njy synp Turkmenistanyn taryhy kitabyndan okap bilersiniz. Ol 1645 ýylda, hanlykdaky içki syýasy garşylyklaryň ýitileşen şertlerinde, özbek feodallarynyň harby güýjüne daýanyp, häkimiýet başyna geçipdir. Onuň höküm süren döwründe Hywada özbek feodallarynyň agalygy pugtalanypdyr. Hanlykdaky hemme ýokary wezipeler, söwda we senetçiler, ekerançylyk üçin amatly ýerleriň köpüsi feodallaryň eline geçipdir. Abylgazynyň döwleti dolandyryş, ýer-suw we beýleki babatlarda geçiren ähli reformalary özbek feodal döwletiniň ykdysady we syýasy ýagdaýyny pugtalandyrmaga gönükdirilipdir. Abylgazy Hywada türkmenleriň täsiriniň soňuna çykmak ugrunda çalşypdyr. Netijede, ýerden-suwdan mahrum edilen we üznüksiz talaňçylara sezewar bolan Hywa türkmenleri hanlykdan çykyp gitmäge ýa-da agyr hem kemsidijilikli şertlerde ýaşamaga mejbur bolupdyrlar. Derýalyk boýundaky türkmen ilatly galapyn welaýatlaryň, şol sanda Adak, Wezir, Buldumsaz ýaly şäherleriň bütinleý boşap galmaklygy hut şol döwre degişlidir. Abylgazy hanlygyň paýtagtyny Hywa şäherine göçüripdir. Türkmen sähralaryna golaý bolan we Derýalygyň akmasynyň kesilmegi zerarly boşap galan öňki paýtagt - Ürgenjiň (häzirki Köneürgenjiň) deregine, Abylgazy hanlygyň golaý böleginde täze Ürgenç şherini saldyrypdyr. Abylgazynyň daşarky syýasatynda galmyklar we Buhara bilen bolan uruşlar, Russiýa bilen bolan söwda-diplomatik gatnaşyklary, ylaýta-da türkmen taýpalaryna garşy gurulýan köp sanly talaňçylykly ýörişler esasy orun tutupdyr ( serediň: Abylgazy hanyň türkmenlere garşy ýörişleri). Abylgazy taryhçy hökmünde 2 sany belli işiň: Şejerei terakime (Türkmenleriň şejeresi), Şejerei türk (Türkleriň şejeresi) ýygyndylarynyň awtorydyr. Bu kitaby alyp okap bilersiniz. Olar 1897, 1906 ýyllarda rus dilinde neşir edilipdir. İkinki işiň 1874 ýylda çykan fransuz neşiri hem bar. Bu işler galapyn dilden aýdylyp gürrüňler we rowaýatlar esasynda ýazylanlygyna, käbir maglumatlaryň jedelli bolmagyna garamazdan, olar Hywanyň, Demirgazyk Türkmenistanyň we gonşy welaýatlaryň 15-17 asyrlardaky taryhyny öwrenmekde gymmatly edebi çeşme bolup hyzmat edýärler. Abylgazynyň bu işlerinde türkmen taýpalarynyň urug-tirä bölünişleri, ýaşaýan ýerleri, kärleri, içki we daşky syýasy ýagdaýlary boýunça iňňän gymmatly taryhy maglumatlar bar.




#Article 107: Babaýew Gurbanmämmet (104 words)


BABAÝEW Gurbanmämmet (10. 1. 1899) — Türkmenistanda  sowet  häkimietini    gurmaga    aktiw   gatnaşyjy,    1925  ýylyndan SSKP çleni, soýuz ähmiýetli personal pensioner  (1957). Ol Aşgabat r-nynyň Büzmeýnn obasynda dogulýar. 1919—38 ýyllarda Sowet Goşunynda gulluk edýär. Babaýew  ak gwardiýaçylara,  iňlis   interwentlerine we basmaçylara garşy göreşe aktiw gatnaşýar.  III  Kommunistik  Internassionalyň işine gatnaşýar   (1929—38). 1938—41  ýyllarda respublikanyň Azyk senagaty ministrliginde işleýär.  1941  ýylynda Watançylyk urşunyň başlanmagy bilenn Sowet Goşunynyň hataryna  çagyrylýar we faşistik basybalyjylara garşy göreşmäge gatnaşýar. 1946 ýylynda Sowet Goşunyndan demobilizlenenden soň, Babaýew Azyk senagaty  ministrliginde dürli wezipelerde işleýär. Babaýew «Gyzyl  Baýdak», «Watançylyk   urşy»   ordeniniň  2-nji derejesi, «Gyzyl Ýyldyz», «Zähmet Gyzyl Baýdak» ordenleri we  medallar  bilen sylaglanýar.




#Article 108: Babaýew Hywaly (121 words)


Hywaly Babaýew (1902—41) — sowet döwlet işgäri, SSSR Ýokary Sowetiniň we TSSR Ýokary Sowetiniň deputaty (1 çagyrylyş): 1926 ýylyndan SSKP agzasy, TSSR-iň Gazanjyk raýonynda  çarwa  maşgalasynda  dogulýar. Oktýabr sossialistik rewolýussiýasyndan öň Batrak, soňra tä 1929 ýylyna çenli Gazanjyk teplowoz zwenosynda demir ýol işçisi. 1929—34 ýylarda «Türkmenbirleşigiň» Respublika et taýýarlaýyş kontorasynda jogapkär wezipelerde işleýär. 1934—37 ýyllarda Türkmenistan Ýokary kommunistik oba hojalyk mekdebinde okap, ony tamamlaýar. 1937-nji ýylynyň 12-nji oktýabryndan tä ömrüniň ahyryna çenli TSSR MIK-iň başlygy, SSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň başlygynyň orunbasary, TSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumyiyň başlygy bolup işleýär. 1941 ýlynyň 30 awgustynda tragiki ýagdaýda aradan çykýar. Babaýew TK(b)P MKnyň çleni hem-de TK(b)P MK-nyň býuro çleni edilip saýlanýar. Ol «Zähmet Gyzyl Baýdak» ordeni bilen sylaglanýar. Aşgabadyň merkezi köçeleriniň biri Babaýewiň adyny göterýär.




#Article 109: Babaýew Çary (1907) (130 words)


Babaýew Çary (1907-1966) — Sossialistik Zähmetiňh Gahrymany. 1932 ýyldan SSKP çleni. TSSR Ýokary Sowetiniň deputaty (I çagyrylyş). Sakarçäge r-nynyň Akýap obasynda dogulýar. Babaýew ýaşlygyndan başlap daýhançylyk bilen meşgullanýar, batrakçylyk edýär. Ol 1928 ýylynyň sentýabrynda Garybata demir ýol stansiýasynda işläp başlaýar. 1929—33 ýyllarda Ilknji Türküstan atly polkunyň starşinasy bolup, basmaçylara garşy göreşe gatnaşýar. 1932 ýylynyň ahyrlarynda öz obalaryna gaýdyp gelýär we ilki oba sowetiniň sekretary (1933—34), soňra oba sowetiniň başlygy (1934—38) bolup, obada täze medeniýeti ýaýratmakda, kolhoz gurluşygyny berkitmekde uly işler geçirýär. 1938 ýylynyň sentýabrynda Sakarçäge raýispolkomynyň başlygy bolýar. Soňra ol dürli wezipelerde işleýär. Inçe süýümli gowaçanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda we oba hojalygynyň beýleki pudaklarynyň önümliligini artdyrmakda bitiren hyzmatlary üçin, 1949 ýylda oňa Sossialistik Zähmetiň Gahrymany diýen at dakylýar. Babaýew «Hormat Nyşany» ordeni we TSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň hormat hatlary bilen sylaglanýar.




#Article 110: Babasyl (760 words)


Babasyl (gemorroý) keseli köp duş gelýän, adama köp oňaýsyzlyklary döredýän keseldir. Ol göni içegäniň aşaky böleginde ýerleşýän wena damarlarynda (babasyl düwünleri) gan aýlanşygynyň bozulyp, olaryň ulalmagy bilen häsiýetlendirilýär.

Ilatyň 10%-i babasyl keselinden ejir çekýändir. Keseliň döremegine gan aýlanşygy kynlaşdyrýan dürli faktorlar sebäp bolup biler.
Ol faktorlara aşakdakylar degişlidir:

Babasyl keseliň gaýtalanmagyna nädogry iýmitlenme (ýiti, duzly iýmit, alkogol kabul etmek) hem sebäp bolup biler.

Keseliň başlangyç döwründe artbujakda ýakymsyz sanjylamalar, gijeme ýaly alamatlar ýüze çykýar. Şu alamatlar näsagy birnäçe ýyllaryň dowamynda biynjalyk edip biler. Wagtyň geçmegi bilen, täret etmeden soň, artbujakdan ganyň gelmegi yüze çykyp, bu ýagdaý gaytalanyp başlaýar. Wagtynda bejergi başlanylmadyk ýagdaýynda, babasyl düwünleri ulalyp, çişýändir. Täretlenme wagtynda olar atrbujakdan çykyp, ýene yzyna çekilip bilýärler.

Babasyl düwünleriniň ganamagy has ýygy duş gelip, agyr ýük göterme, gan basyşyň ýokarlanmagy ony has hem güýjedip biler.

Ýöriteleşdirilen medisina kömegi berilmedik ýagdaýynda kesel has hem beterleşip bilýär. Näsagy artbujakda agyry, kynlyk bilen, agyryly täret etme biynjalyk edýär. Olaryň umumy ýagdaýy agyrlaşyp, käwagtlar bedeniň gyzgyny hem ýokarlanyp bilýär. Bejergisiz babasyl düwünleri has hem çişip, ulalyp, artbujakdan çykýarlar we yzyna olar kynlyk bilen salynýandyr. Bu ýagdaýda, babasyl düwünlerini barlag wagty görüp ýa-da el bilen hem anyklap bolýandyr.

Ýiti döwürde, babasyl düwünlerinde gan lagtalarynyň (tromb) ýa-da nekrozyň emele gelmegi ýaly gaýraüzülmeler ýüze çykyp biler.
Babasyl keseli göni içegäniň poliplerinden, howply täze döremelerinden, içegäniň diwertikulez keselinden aýyl-saýyl edilýändir. Şonuň üçin hem, artbujakda ýüze çykýan islendik ýaramaz alamatlar proktolog lukmanyna ýüz tutmaga esas bolmalydyr.

Babasyl keseliniň bejergisinde köpsanly derman serişdeleri (konserwatiw bejergi) we operatiw usullar ulanylýandyr.

Derman serişdeleri düzüminde birnäçe dermanlary saklap, göni içegä goýulýan şemler, melhemler we suwuklyklar (mikroklizma üçin) görnüşinde ulanylýar. Bu serişdeler ýerli sowuklama ýagdaýyny, çişi, agyryny we gijemäni aradan aýyrýar. Olaryň düzümine girýän geparin bolsa, gan aýlanşygy kadalaşdyryp, emele gelen gan lagtalaryň (tromblaryň) eremegine kömek edýär. Häzirki günde dermanlaryň dürli görnüşleri ulanylýandyr: proktozan, ultraprokt, kortos, proktosedil, gepatotrombin we başgalar. Her dermanyň ulanyş aýratynlygynyň barlygy sebäpli, olary ýörite barlagdan soň, proktolog lukmany bellemelidir.

Ýörüte ýerli täsiri bolan dermanlaryň peýdalylygyny ýokarlanyrmak maksady bilen, agyzdan wena damarlaryň işini kadalaşdyryp, olarda gan lagtalarynyň emele gelmeginiň öňüni alar ýaly serişdeleri kabul etmelidir. (detraleks, troksewazin, wenodiol we ş.m.)
Ýöne derman serişdeleri bilen bejerginiň doly we gutarnykly sagalma getirip bilmeýänligini bellemelidir. Olar diňe keseliň alamatlaryny wagtlaýyn aýyrmaga ýa-da gaýraüzülmeleriň öňüni almaga kömek edip bilerler. Başga bir tarapdan bolsa, geçirilen bejergiden soň lukmanyň maslahaty berjaý edilende, hirurgiki bejergini talap etmeýän halatlar hem duş gelýär.

Ýöne hemme adamlar öz ýaşaýyş we iş endiklerini çalyşmaga, olary üýtgetmäge taýyn däldirler. Şol sebäpli ýa-da babasylyň gaýraüzülmeleri ýüze çykan ýagdaýynda hirurgiki bejergini saýlamaly bolýar.

Ýarym hirurgiki operasiýalar (aýawly çemeleşýän usullar).

Keseliň başlangyç döwründe ulanylýar: Göni içege doly açylyp, babasyl düwnüniň aýajygyna guradyjy serişde (meselem, etoksiskleroz) goýberilýär. Onuň täsiri netijesinde düwün gurap, ýeri birleşdiriji dokuma bilen çalşylýar. Bu operasiýany ýerine ýetirme lukmandan uly tejribäni we usullylygy talap edýändir. Operasiýany saglyk öýüniň şertlerinde geçirip bolýandyr we ol ýerli ýa-da umumy agyrsyzlandyrmany talap edýän däldir.

Bu usul hem keseliň irki döwürlerinde ulanylýandyr. Pes temperaturanyň (kriodestruksiýa) ýa-da ýokary (infragyzyl koagulýasiýa) temperaturanyň kömegi bilen babasyl düwni dargadylýandyr. Uly düwünlerde bu operasiýa birnäçe tapgyrda geçirilyär. Başga usullara garşy görkezme bolanda bu usuly saylap alyp bolar. Keseliň ýene gaýtalanyp bilmegi, bu usulyň esasy ýetmezçiligidir.

Ýörite abzalyň kömegi bilen düwnüň düýbüne halkajyklar geýdirilýändir. Onuň täsiri bilen düwne gan baryp, onuň iýmitlenmegi bozulyandyr we düwün dargap başlaýandyr. Soňundan halka düwün bilen bile gaçýandyr.
 
Ýokarda agzalan usullaryň hemmesi näsaga az şikes ýetirip, olar näsag tarapyndan ýeňil geçirilýär. Ýöne keseliň ötüşen ýagdaýynda, bu usullar has radikal operasiýany geçirmek üçin taýynlyk höküminde ulanylýar. Bu usullar, babasylyň esasy sebäbi bolan, düwünleriň bozulan gan aýlanşygyny aradan aýyrmaýar. Bu ýagdaý hem olaryň esasy ýetmezçiligidir. Şol sebäpli hem, ortaça 3-5 ýyldan keseliň gaýtalanmagy mümkindir.
 
Radikal operasiýalar – babasylyň sebäbini aýyrýarlar.

Babasylyň hirurgiki bejergisiniň iň ýaýran görnüşidir. Ýerine ýetirilişi az wagty talap edip, babasyl düwünlerini kesip aýyrma bejergisine garşy görkezme bolanda ulanylýandyr. Bu usulda göni içegäniň nemli bardasy düwnüň yokarsyndan dilinyändir.Longonyň operasiýasy babasyl keseliniň irki döwründe ulanylýar.

Düwünleri kesip aýyrmak giňden ulanylýan usullaryň biridir. Operasiýa şikes ýetiriji bolup, umumy agyrsyzlandyrma bilen ýerine ýetirilýändir. Operasiýadan soňky dikeliş döwri has uzak bolup, göni içegä gowy idegi talap edýär. Uly babasyl düwünlerinde ulanmak ýerlikli bilinýär.

Häzirki wagtda dezarterizasiýa usuly giňden ulanylýandyr.
 
Babasyly bejermegiň häzirki zaman, täze hirurgiki usulydyr. Onuň esasyny uly babasyl düwnüni iýmitlendirýän arteriýany kesmek düzyändir. Bu opersiýany geçirmek üçin dopplermetriýa geçirmäge mümkinçiligi bolan ultrases abzaly gerekdir. Bu apparat lukmana gerekli gan damaryny tapyp, ony kesmäge we tikmäge mümkinçilik döredýändir. Operasiýa agyrysyz bolup, 25-30 minutyň dowamynda geçirilýändir. Dikeldiş döwrüni geçirmege talap etmeýär. Näsag 2-3 günden öz adaty gündelik durmuşyna gaýdyp gelýändir.
Bu usuly babasylyň ötüşen ýagdaýlarynda hem geçirip bolýandyr we bejergiden soň keseliň gaýtalanma ýagdaýlary ýüze çykmaýandyr.




#Article 111: Babbit (122 words)


Babbit —esasy galaýy ýa-da gurşun bolan antifriksion splaw. Babbit podşipnikleriň wkladyşlaryny guýmak üçin ulanylýar. Babbitleriň käbirleri surmadan, misden, nikelden, myşýakdan, kadmiden, tellurdan, kalsiden, natriden, magniden we ş. m-lerden ybarat bolýar. Babbiti 1839-nji ýylda I. Babbit (ABŞ) oýlap tapýar. Babbitiň ýokary antifriksion häsiýete eýe bolmagynyň sebäbi onuň gurluşynyň aýratynlygy bilen düşündirilýär, ýagny splawyň ýumşak çeýe esasynda gaty bölejikleri bolýar. Babbit aşak temperaturada (300—440 °C) ereýänligi we gowy işleýänligi bilen tapawutlanýar. Galaýy esasly babbit has berk podşipnikleri ýasamakda ulanylýar. Galaýyly babbit gurşunly babbite görä korroziýa çydamlylygy, durnuklylygy, ýylylyk geçirijiligi hem-de sürtülme koeffisientiniň azlygy bilen tapawutlanýar. Gurşunly babbit galaýyly babbite garanda podşipnigiň ýokary temperaturasynda hem işläp bilýär. Gurşunly babbit awtomobilleriň, traktorlaryň we ş. m-leriň podşipniklerini guýmak üçin ulanylýar. Gurşunly-kalsili babbit demirýol trapsportynyň podşipniklerini guýmakda ulanylýar.




#Article 112: Babegiň gozgalaňy (174 words)


BABEGIŇ GOZGALAŇY — takm. 816—837 ýyllarda Arap halifatyna garşy Azerbaýjanda we Günbatar Eýranda dörän  halk   hereketi.  Babek   8   asyryň   ahyrynda  garyp maşgalada doglupdyr. Ol çopan, kerwende düýe idiji, soňra Töwrizde hünärment bolup işläpdir. Babek hürremitleriň   azat   edijilik   göreşine   goşulypdyr, 816 ýylynda   hereketiň   ýolbaşçysy  Jawidan  ölenden  soň   göreşe ýolbaşçylyk   edipdir.   Ol   halky   arap    zulumyndan   azat bolmak  ugrundaky  aýgytly  göreşe çagyrypdyr.  Halk köpçüligine  azatlyk bermegi wada edipdir.  Onuň  goşuny daýhanlardan, hünärmentlerden,  şäher  garyplaryndan düzülipdir, feodallar hem öz bähbitlern üçin birbada olary goldapdyr.  9 asyryň 30 ýyllarynda   Babegiň  gozgalaňy has  giň  gerime eýe bolup, ol tutuş Azerbaýjana,   Günbatar Eýrana, Gündogar Ermenistana ýaýrapdyr. Babegiň nökerleriniň sany 300 müňe etipdir. Halif Babegi iň howply duşman hasaplap, 835 ýylynda onuň garşysyna köp goşuna baş edip belli serkerdesi Haýdar ibn Kowusy iberipdir. Gazaply çaknyşyklardan soňra 837 ýylynyň güýzünde hürremitlernň Badz  galasy  araplar tarapyndan  eýelenipdir. Babek ýesir alnyp, 4  sentýabrda  gynalyp öldürilipdir. Ol ölmeziniň öň ýanynda: «Men armanly, çünki bu  itleriň   hemmesinn ýok edip  bilmedim» diýipdir.  Babegiň   gozgalaňy ýeňlişe sezewar   bolsa-da,  Ýakyn Gündogarda iň güýçli hereketleriň biri bolup, Arap halifatynyň ýykylmagyny tizleşdiripdir.




#Article 113: Babeziozlar (118 words)


Babeziozlar (babeziellýozlar) — mallaryň gan parazitar ýokanç keselleri. Bu keselleri iň ýönekeý jandarlar bolan babeziýalar döredýär. Weterinar taýdan has üns berilmelisi gara mallaryň Babeziozlarydyr. Olar öri meýdan sakyrtgalary arkaly geçýän kesellerdir. SSSR-de, esasan, Ewropa böleginiň demirgazygynda, günbatarynda, günortasynda we Orta Aziýada ýaýrandyr. Babeziozlary dörednjiler mallara öri meýdan sakyrtgalarynyň dişlemegi arkaly geçýär. Kesellän mallaryň bedeniniň temperaturasy birden ýokary galýar, wagtal-wagtal içi geçýär we gataýar. Sygyrlar dessine horlanyp, süýdüni 80%-e çenli azaldýar. Süýdi ajymtyk tagamly we sargylt (kähalatlarda gyzgylt) reňkde bolýar. Babeziozlar bilen kesellän goýunlar iç taşlaýar. Kesel 4—8 güne çekýär. Babeziozlar bilen kesellän sygyrlaryň 40%-i, dowarlaryň 80%-e çenlisi ölýär. Babeziozlar bilen öň kesellän mallara bu kesel 2—3 ýyllap degmeýär. Kesellän mallar gemosporidin, akaprin ýaly dermanlar bilen bejerilse, basym sagalýarlar.




#Article 114: Babýof Grakh (136 words)


BABÝOF (Babeut) Grakh (Fransua Noel, 1760-1797) — franssuz rewoýosýoneri, kommunist-utopist, Direktoriýa döwründe «Deňligiň hatyrasy üçin» diýen hereketiň ýolbbaşçysy. Ol Sen-Kantende garyp soldatyň maşgalasynda dogulýar. 1790 ýylynda sowa salgytlary tölemekden boýun gaçyrmak ugrundaky hereketi gurandygy üçin Pariž türmesine taşlanýar we ondan Ž. P. Maratyň kömegi bilen azat bolýar. 1793—94 ýyllarda ýene-de tussaglykda bolýar. Ol türmeden çykandan soň, termidorian Konwentiň syýasatyny öz gazetiniň üsti bilenn aýgytly tankyt edýär. Şonuň üçin ol 1795 ýylynyň fewralynda ýene-de tussag edilýär. Ol türmede «Deňligiň hatyrasy üçin» diýen guramanyň özenini düzýär. 1795 ýylyň 18 oktýabrynda Babýof türmeden çykyp, ýene gazetini çykaryp başlaýar. Babýof «gizlin gozgalaňçylar Direktoriýasyny» döredýer. Ol gurama ýaragly gozgalaň taýýarlaýar. Emma 1796 ýylyň 10 maýynda herekete gatnaşyjy Grizeliň dönühlik etmegi netijesinde guramanyň üsti açylýar we onuň ýolbaşçylarynyň hemmesi tussag edilýär. 1797 ýylyň 27 maýynda Wandomda bolan prossesden soň Babýof jezalandyrylyp öldürülýär.




#Article 115: Babizm (208 words)


BABIZM — babitler sektasynyň dini taglymaty.  Ol  19 asyryň 40 ýyllarynda Eýranda Bab tarapyndan esaslandyrylýar. Ol Eýran söwda burjuwasynyň peýdasyna jemgyýeti    täzeden    üýtgedip   gurmak   talaby  bilen  çykyş  edipdir. Bab öz taglymatynda feodalsyz, açgöz ruhanysyz we daşary   ýurtlularsyz  monarhistik   hökümet  gurmagy,   söwdagärleriň   we hünärmentlernň   şadyhorram ýaşamagyny ündäpdir. Eýran şasy ony Maku türmesine taşladypdyr. Bab turmede «Beýan» diýen kitabyny ýazypdyr. Onuň pikiriçe, bu kitap Gurhany çalşyrmaly eken. Eýranyň ezilýän halky bu taglymatyň feodalizme garşy taraplaryny kabul edip alyp, köp ýerlerde  gozgalaň edipdir. Şol döwürde Bab öldürilipdir. Babyň taglymatlarynyň demokratik elementlerini ösdürenlerden iň görnüklisi molla Muhammet Aly Barforuçskiý bilen görnükli babitka Kurrat al-Aýnydyr. 1848  ýylda olar Şahrud şäheriniň golaýyndaky Bedaşt obasynda birnäçe ýüz babidi ýygnap ýygnak geçiripdirler.  Şonda olar ähli döwlet düzgünleriniň, kanunlarynyň,  salgytlarynyň,  feodallara  garaşlylygyň  we  hususy  eýeçilignň ýatyrylmagyny, aýal-gyzlaryň erkek adamlar  bilen deň hukukly  bolmagyny talap  edipdirler. Olar  Barforuş şäherimiň golaýyndaky Mazanderanda gala gurup berkleşipdirler. Emma, gala şa goşuny tarapyndan alnyp,    gozgalaň   rehimsizlik bilen  ýatyrylypdyr.  Şondan  soň  hem   babitleriň   hereketi   togtamaidyr  Zenjan, Neýriz we Fars şäherlerinde hem  babit gozgalaňlary bolupdyr. Bu gozgalaňlaryň şowsuz gutarmzgy netijesinde babit ýolbaşçylary terrorçylyk herekete  başlapdyrlar. Olaryň 1852 ýylynda Eýran şasynyň janyna kast etmek üçin eden synanyşyklary hem başa  barmandyr. Eýran feodallary we ruhanylar babitlerden rehimsizlik bilen öç alypdyrlar. Babizm esasynda soňra behaizm taglymaty döräpdir.




#Article 116: Babitleriň gozgalaňlary (161 words)


BABITLERIŇ GOZGALAŇLARY — 1848—52 ýyllar-da Eýranda bolan antifeodal we daşary ýurt kapitalyna garşy gönükdirilen  halk gozgalaňlary. Babitleriň  gozgalaňlarynyň hereketlendiriji güýçleri daýhanlar, hünärmentler, şäher garyplary we ownuk söwdagärlerdir. Gozgalaň babitleriň dini-syýasy taglymaty astynda bolup, oňa ruhanylaryň we söwdagärleriň aşaky gatlagynyň wekilleri ýolbaşçylyk edýär. Eýranyň jemgyýetçilik-ykdysady we syýasy taýdan yzagalaklygy Babitleriň gozgalaňynyň orta asyr halk hereketine mahsus bolan dini formada bolup geçmegine sebäp bolýar. Birinji gozgalaň 1848 ýylynyň sentýabrynda Mazanderan welaýatynda bolýar. Gozgalaňa, esasan, daýhanlar we hünärmentler gatnaşýarlar. Gozgalaňçylar hususy eýeçiligi ýatyrmaga, emläk umumylygyny we adamlaryň deňligini gazanmaga synanyşýarlar. Olar gozgalaň basyp ýatyrylýança, 1849 ýylynyň maýyna çenli, şa goşunlaryny yzyna serpikdirýärler. Ikinji gozgalaň 1850 ýylnyň iýun—dekabrynda Zenjan şäherinde bolýar. Munda hem birinji gozgalaňdaky ýaly şygarlar öňe sürülýär. Oňa aýallar hem aktiw gatnaşýar. 1850 ýylynyň ahyrynda gozgalaň basylyp ýatyrylýar. Üçünji gozgalaň 1850 ýylynyň iýunynda Neýrizde, Farsda bolup, birnäçe günden soň basylyp ýatyrylýar. Emma Neýriziň töweregindäki daglyk raýonlarda babitleriň ýaragly göreşi dowam edýär. Babitleriň gozgalaňlary ýatyrylandan soň, bu hereket köpçülikleýin häsietini ýitirýär we terrorçylyga öwrülýär.




#Article 117: Babko Anatoliý Kirilowiç (102 words)


BABKO Anatoliý Kirillowiç (1905—1968) — sowet himik-analitigi, prof. N. A. Tananaýewiň şägirdi, USSR YA-nyň akademigi, USSR-yň ylymda at gazanan işgäri, 1940-njy ýyldan SSKP çleni. B. Nowosibirsk oblastynyň Tomsk raýonynyň Sužden obasynda dogulýar. 1943 ýylyndan prof., 1944 ýylyndan Kiew uniwersitediniň analitiki himiýa kafedrasynyň müdiri bolup işleýär. Babko 1939 ýylynda USSR YA-nyň umumy we organiki däl himiýa institutynyň analitiki himiýa bölümini guraýar we ömrüniň ahyryna çenli oňa ýolbaşçylyk edýär. Onuň esasy ylmy-barlag işleri kompleks birleşmeleriň fiziki himiýasyna, olary analitiki himiýada ulanmaklyga, analiziň fotometrik we lýuminissent metodlaryna degişlidir. Ol 400-den gowrak ylmy işiň awtorydyr. Babko Lenin ordeni we başga-da birgnäçe orden hem medallar bilen sylaglanýar.




#Article 118: Babuşkin Iwan Wasilýewiç (110 words)


BABUŞKIN Iwan Wasilewiç (partiýa lakamy Nikolaý Nikolaewiç, Bogdan, Nowisskaýa we b.) (1873—1906) — bolşewik, rewolýusýoner. Özüniň rewolýussion işini 1893 ýylynda W. I. Leniniň ýolbaşçylyk eden gizlin işçiler kružogyňda başlaýar. 1895 ýylyndan başlap Peterburgdaky «Işçiler synpyny azat etmek ugrundaky göreş soýuzynyň» aktiw çlenleriniň biri bolýar. 1898 ýylynyň oktýabrynda RSDIP-niň Ýekaterinoslaw komitetini döredýär. W. I. Lenin tarapyndan esaslandyrylan «Iskra» gazetiniň aktiw habarçysy we Russiýada ony işjeň ýaýradyjy. Ol marksistik partiýany döretmek ugrundaky leninçilik hereketiň öň hatarlarynda bolup, «ykdysatçylaryň» garşysyna tutaýerli göreşýär. 1896—1903 ýyllarda rewýussion iş üçin Babuşkin üç gezek tussag edilýär. 1905—07 ýyllaryň rewolýussiasyna aktiw gatnaşýar. Ol RSDIP-niň Irkutsk we Çita komntetleriniň sostawyna girýär. 1906 ýylynyň ýanwarynda patyşa jellatlary tarapyndan atylyp öldürilýär.




#Article 119: Babyr Zahyretdin Muhammet (126 words)


Babyr  ýa-da Zahyrütdin Muhammet BABYR (14 Fewral1483, Fergana— 26 Dekabr 1530) — özbek ýazyjysy, döwlet işgäri, serkerde. Hindistanda Beýik Babyr Imperatorlygynyň esaslandyryjysy (1526). Babyryň «Babyrnama» atly bütin dünýä meşhur kitaby bar, onda şahyryň awtobiografiýasy beýan edilýär. Bu kitap üç bölümden (Fergana, Kabul, Hindistan) ybarat bolup, onda 1493—1529 ýyllardaky dürli wakalar beýan edilýär. Ol kitapda awtobiografik maglumatlardan başga, ýöriş ýazgylary hem bar. Onda Orta Aziýanyň, Owganystanyň, Hindistanyň tebigaty, şäherleri we oba durmuşy beýan edilýär, ýaşuly döwürdeşleri (Nowaýy, Binoýy we b.) barada maglumatlar berilýär. «Babyrnama» özbek edebiýatynda awtobiografik Žanryň ilkinji nusgasydyr. Bu kitap fars, iňlis, nemes, fransuz we rus dillerine terjime edildi. Babyryň rubagylaryny, gazallaryny we liriki hatlaryny öz içine alýan kiçiräk «Diwany» hem bar. Babyryň goşgulary we groza eserleri gadymy özbek edebi diliniň ösmeginde uly rol oýnapdyr.  




#Article 120: Bawariýa (162 words)


Bawariýa () — Germaniýa Federatiw Respublikasynyň (GFR) günortasynda we günorta-gündogar böleginde ýerleşýän toprak. Ol tutýan meýdany boýunça GFR-iň düzümindäki iň uly toprak bolup durýar.

Administratiw bölünişi: ýedi sany administratiw okrugy — Ýokarky Frankoniýa, Ortaky Frankoniýa, Aşaky Frankoniýa, Ýokarky Pfals, Aşaky Bawariýa, Ýokarky Bawariýa, Şwabiýa.
Paýtagty — Mýunhen şäheri. Ilatynyň esasyny dört sany halk düzýär — bawarlar, frankonlar, şwablar we sudet nemesleri.

Meýdany 70,6 müň km2. Ilaty 10,5 mln. adam (1969). Bu ýerde Alp daglarynyň iň belent nokady Ssugşpitsse 2963 m-e ýetýär. Ýanwaryň ortaça temperaturasy 0 °C,—3 °C, iýulyňky +15 °C, +29 °C. Ýylyň dowamynda 935 mm ygal duşýär. Bawarýanyň territoriýasynyň 1/3 bölegi tokaýlykdyr, çemenlikleriň, dag çemenlikleriniň ep-esli bölegi şu regiondadyr. Uly derýalary Dunaý we onuň goşantlarydyr. Bawariýa GFR-iň industrial-agrar ýeridir. Senagatyň maşyn gurluşygy, elektrotehnika, dokma, azyk, nebiti gaýtadan işleýän pudaklary ösendir. Oba hojalygynda däne, gant şugundyry, kartoşka we başga ekinler ekilýär. Maýn derýasynyň jülgesiide üzümçilik bilen hem meşgullanylýar. Demir ýollaryň köpüsi elektrifikassiýalaşdyrylandyr. Dunaý we Maýn derýalary gämi gatiawly. Bawariýada 3 uniwersitet bar.




#Article 121: Bawariýa Sowet Respublikasy (275 words)


Bawariýa Sowet Respublikasy — Oktýabr sossialistik rewolýussiýasynyň täsiri bilen Germaniýada ýaýbaňlanan rewolýussion ýokary göteriliş netnjesinde 1919 ýylynyň 13 aprelinde Bawarnýada dörän sowet respublikasy. Ol 1919 ýylynyň 1-nji maýyna çenli dowam edýär. 1918 ýylynyň Noýabr rewolýussiasyndan soň häkimiet başyna geçen sagçy s-d-laryň liderleriniň dönükçilikli syýasat ýöretmegi zerarly Bawariýada synpy göreş has ýitileşipdwr. Rewolýussion hereketiň çuňlaşmagyndan we öz täsiriniň ýitirilmeginden howatyrlanan Bawariýa s-d-lary köpçüligi aldamak maksady bilen sowet adyna perdelenen hökümet döretjek bolup synanyşypdyrlar. Kommunistler olaryň bu planlaryny paş edipdir. Emma Tolleriň baştutanlygyndaky «garaşsyz s-d-lar» 1919 ý-yň 7 aprelinde Sowet respublikasyny yglan edýärler. Tolleriň hökümeti halkyň bähbitlerini goramak üçin hiç bir iş geçirmändir, iş ýüzünde ol ýöne hyýaly sowet respublikasy bolupdyr. Buržuwa diktaturasyny aç-açan dikeltmek maksady bilen kontrrewolýussionerler tarapyndan guralan pitne Mýunhen işçileri tarapyndan basylyp ýatyrylýar. 13 aprelde Mýunhende häkimiýet kommunistleriň eline geçýär. Respublikanyň ýokary häkimiýeti bolan Hereket ednji komitet we kommunistleriň (E. Lewineniň we b-yň) başda durmagynda Ýerine ýetiriji sowet döredilýär. Hereket ediji komitetiň we Ýerine ýetiriji sowetiň düzümüne «garaşsyz s-d-dar» hem giripdir. B.S.R-nyň hökümeti proletar diktaturasynyň programmasyny amala aşyryp başlaýar: kärhanalarda işçi kontrollygyny giriznär, buržuwany ýaragsyzlandyrmaga girişýär, banklary millileşdirýär, Gyzyl Goşun düzýär, kontrrewolýussiýa garşy göreşmek boýunça adatdan daşary komissiýa döredýär. Emma Bawariýa kommunistleri öz işlerinde birnäçe ýalňyşlyklar goýberýärler. Olar garyp we orta daýhanlaryň ýagdaýlaryny gowulandyrmak, işçi synpy bilen daýhanlaryň birleşigini dikeltmek üçin gaýra goýulmasyz çäreler görmediler, içerki kontrrewolýussiýa garşy göreşde ýaýdanjaňlyk etdiler. B.S.R-na garşy Ebertiň-Şeýdemanyň merkezi german hökumetiniň birleşen ýaragly güýçleri we beýlekiler çykyş etdiler. Respublikanyň ýeňilmegine «garaşsyz s-d-laryň» başbozarlygy sebäp bolupdyr, olar töhmet we şugulçylyk edip, kommunistleriň hökümetiň düzümünden gitmeklerini gazanypdyrlar, soňra olaryň garşysyna front açypdyrlar. 1919 ýylynyň 1 maýynda B.S.R. dargadylýar, emma Gyzyl Goşunyň esgerleri şäheriň köçelerinde 5 maýa çenli söweşler alyp barýarlar.




#Article 122: Bagama Adalary (104 words)


BAGAMA ADALARY (Bahama Islands) — Florida ýarymadasynda günorta-gündogar-da, West-Hindistandaky arhipelag. 1783 ýylyndan bäri Welikobrntaniýanyň koloniýasy. Meýdany 11,4 müň km2. Ilaty 170 muň adam (1973). Administratiw merkezi — Nassau (100 müň adam, 1967). Iň uly adalary: Andros, Uly Abako, Uly Inagua we Uly Bagama. Bagama adalarynda karst hadysasy netijesinde emele gelen guýular, ýerasty gowaklar köpdür. Klimaty tropiki passat tipli. Ýanwaryň ortaça temperaturasy +20 °C, +22 °C, iýulyňky +28 °C. Ýyllyk ygalyň möçberi 1100—1600 mm. Tikenekli gyrymsy agaçlar, sawannalar, sosna agaçlary we ebedi gök tropiki tokaýlar bar. Agaç taýýarlamak we balykçylyk ösendir. Bagama aadalaryny 1492 ýylynda H. Kolumb açypdyr. Bagama adalary 1973 ýylynda özbaşdak döwlet boldy.




#Article 123: Bagana (228 words)


BAGANA — garaköli we beýleki bagana berýän goýunlaryň (maliç, reşetilow, sokol) guzularynyň 1—3 günlükkä soýlup alnan derisi. Tüýüniň reňki boýunça Bagana gara, çal, ak, sur, kamary, gülgaz ýaly görnüşlere bölünýär. Sur Bagana her hili owadan öwüşgin atyp, garaköli bagananyň iň gowularynyň biri hasaplanýar. Eksport söwdasy we harytlyk üçin gara, çal hem sur Baganalar giňden ulanylýar. Bagananyň tüýüniň buýralary özboluşly her dürli bolýar, mes., «Galam gül», «Noýba gül», «Ýal gül», «Ýüzük gül», «Nohut gül». Olaryň iň gowusy «Galam gül» we «Noýba gül» hasaplanýar. B. özüniň harytlyk häsiýeti boýunça birnäçe sortlara bölünýär. Gara bagananyn 21 sorty bolup, onuň iň ýokary sortuna «Žaket» diýilýär. Türkmenistanyň hojalyklarynda öndürilýän Baganalara dünýä bazarynda ýokary baha berilýär. 1967 ýylynda halkara Leýpssig ýarmarkasynda türkmen gara-köli Baganasynyň hiline iň ýokary baha berlip, biziň ýurdumyza altyn medal we Diplom gowşuryldy. Ol sylaglar hemişelik saklamak üçin respublikanyň öňde baryjy hojalyklaryndan biri bolan «Üçajy» tohumçylyk sowhozyna berildi. TSSR-de soňky ýyllarda aýry-aýry hojalyklar ýokary hilli Bagana öndürmäge ýöriteleşdirildi. Olardan «Üçajy», «Rawnina» tohumçylyk sowhozlary we «Gazanjyk», «Amyderýa», «Gyzyl baýdak» tohumçylyk hojalyklary diňe gara reňkli ýokary hilli tohum garaköli dowarlary ösdürip etişdirmek bilen meşgullanýar. «Tallymerjen» tohumçylyk sowhozy, «Bäherden» sowhozy we Çärjew raýonynynyň ähli kolhozlary sur Bagana öndürmek üçii ýöriteleşdirildi, Kerki, Tagtabazar, Mary, Baýramaly, Kaka, Saragt, Çarşaňňy raýonlarynyň kolhozlary, «Galaýmor», «Pobeda» tohumçylyk hojalyklary, «Pograniçnik», «Çemenibit», 26 Baku komissarlary adyndaky sowhozlar çal Bagananyň zonasy diýlip bellenildi. Baganalar Çärjew garakölçülik zawodynda senagat usuly bilen işlenip bejerilýär.




#Article 124: Bagana önümçiligi (347 words)


BAGANA ÖNÜMÇILIGI — 1—3 günlük garaköli guzularyň derisiniň soýlup alynmagy. Biziň ýurdumyzda bagana berýäň tohum goýunlaryň sany köp. Olaryň arasynda has ajaýyp we owadan bagana berýänleri sokol, reşetilow, maliç we çuşka tohum goýunlarydyr, olar Ukrainada we Moldawiýada köpeldilýär. Şeýle-de bolsa olaryň hiç biri hem baganasynyň şekili, buýrasy, reňkiniň öwüşgini we derisiniň berkligi boýunça garaköli bagana bilen deňeşdnrilip bilinmez. Guzulary soýup, derisini almak işleri dowarçylyk fermalaryiyň ýöriteleşdirilei  punktlarynda tehnologik talaplara laýyklykda geçirýalýär. Soýlup alnan deriler punktlarda duzlanýar. Bir derini duzlamak üçin 0,7—0,8 kg nahar duzy sarp edilýär.  Ol takynan 6—10 güne çenli duzda ýatyrylýar. Duzlanan baganalar ýöriteleşdirilen stanoklarda arassalanýar. Garaköli baganalar arassalanandan soň, hojalyklaryň özünde sortlanýar we   taýýarlaýyş   guramalaryna  ýa-da  bagana   zawodlaryna iberilýär.  Käbir   sebäplere görä sortlanan   baganalar öz wagtynda iberilmese, onda olar üstüne agyr we tekiz tagtalar goýlan ştabellerde saklanýar. Baganalar ştabellerde saklanýan döwründe güýe degmez ýaly wagtal-wagtal  barlanyp   durulýar.  Bagana   zawodyndaky   önümçilik prossesleri     aşakdaky      operassiýalardan     ybaratdyr: 1) ilkinji   sortlamak — bagaialary haryt  we tehnologik häsiýetleri boýunça saýlap almak hem birdeň derejede işlener ýaly tapgyrlara  bölmek; 2) çyglamak — baganadaky  ereýän   beloklary,  tüýündäki   hapasyny, çägesini we duzuny aýyrmak; 3) ýuwmak — baganadaky hapany, gan we duz galyndylaryny arassalamak   maksady  bilen  ýörite barkaslarda 4 sagatlap   ýuwmak; 4)  braklamak — çyglamak    netijesinde kemçilikli bolan baganalary saýlap aýyrmak; 5) eýlemek —çylşyrymly  biohimiki   prosses  bolup,   onda   baganalar barkaslarda   iri üwelen  arpa  ununyň we nahar  duzu-yň suwdaky garyndysyndan taýýarlanan eýde ýatyrylýar. Bir  baganany eýlemek üçin  orta hasap  bilen 0,3 kg arpa  uny we 0,24 kg nahar duzy sarp  edilýär;  6) guratmak— baganalar eýlenenden soň, olara simmetrik şekil bermek  üçin  serip guratmak; 7) bagananyň gyralaryny dogrulamak — eýlenen baganalaryň gyralaryny  ýiti pyçak  bilen  kesip aýryp, olara  dogry  şekil  bermek.   Bagananyň gyralaryndan kesilip   aýrylan   bölekleriň  bir  meňzeşlerini tikin sehinde bir-birine çatyp, plastinalar taýýarlaýarlar; 8) gaýtadan   ýuwmak — bagananyň tüý örtügindäki eýiň galyndylaryny  we hapalaryny aýyrmak üçin elde ýa-da ýuwujy maşynlarda ýuwmak; 9) gaýtadan guratmak — çäge dökülen tekiz meýdanda baganany 2-3  s-lap ýere ýazyp guratmak. Garaköli baganalary eýlemek häzirki zaman tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylan bagana zawodlarynda  amala aşyrylýar. Bu zawodlaryň biri hem respublikamyzyň Çärjewdäki garaköli bagana zawodydyr. Bagana zawodlary Buhara we Çimkent şäherlerinde hem bar.




#Article 125: Ýasama akyl (148 words)


Ýasama Akyl (Iňlisçe: Artificial Intelligence, Türkçe: Yapay zekâ) - kompýuter ylymynyň bir bölegi bolup, awtomatlara akylly şekilde pikirlenmegi we özüni alyp barmagy öwretmek isleýän ylymdyr. Diller arasy terjime, ses tanamak, ýüz tanamak, el ýazgylary tanamak ýaly işler mysal bolup biler. Widýo oýunlarynda hem giňden ulanylýar, meselem küşt programmalary ýada meňzeşleri.

cette langue est nulle

je prefere le tagalog
casse dedi a dennis
et aux filles a cote

Je sais que tu lis sa Elsa ;)
Awtomatlaryň akyllylygyny ölçemek üçin Turing synagy atly eksperiment geçirilýär. Bir otagda kompýuteriň başynda adam oturýar we 2 kişi bilen diňe ýazgy arkaly gürleşip bilýär.CHATBITE Olaryň biri adam, biri bolsa awtomat, ýöne haýsynyň haýsydygyny bilenok. Ol adam olaryň ikisinede sorag soraýar we jogaplaryny gözden geçirýär. Islän soragyny soramaga haky bar we ahyrynda, kimiň-kimdigini biljek bolmaly.

Egerde söhbetdeşlik dowamynda awtomat özüniň adamdan tapawudyny görkezmese, ol awtomadyň synagdan geçdigi bolýar, ýagny adamyňky derejede ýeterlik akyly bar.




#Article 126: Nasyraly Isa (123 words)


Nasyraly Isa - 1-nji asyrda ýaşap geçen din wagyzçysy. Hristiýanlygyň merkezi şahsyýeti. Yslam dinine görä pygamberleriň biri, Bahaizm we Ýehowa şaýatlary ýaly dinlerde hem ähmiýetli orna eýe.

Hristiýan injillerindäki rowaýatlara görä, Isa päk gyz Merýemden gudrat arkaly doglan. Palestinada dini wagyz-nesihat ýöredip her hili gudrat görkezen. Pomtiý Pylatyn häkimlik eden ýyllarynda Isa haja çüýlenen emma üçülenji gün direlip asmana gaýýp bolan. Hristiýanlyk taglymatyna görä Isa ýerde ikinji gezek peýda boljak we ähli janly-jansyz jemendeleriň başyna kyýamat inderip, käsini jennete, käsini dowzaha iberjekmiş, şondan soň takwalaryň müň ýyllyk salygy höküm sürjekmiş.

Isa musulmanlaryň arasynda hem pygamberiň biri hasaplanýar. Gurhanda aýdylşyna görä Isa palçykdan guş ýasap oňa jan berip körüň gözüni açyp, ölüleri direldip bilýärmiş. Onuň adyna Türkmen klassiki şahyrlarynyň eserlerinde hem duş gelmek bolýar.




#Article 127: Impressionizm (174 words)


İmpressionizm (frans, impressionnisme; impression-tasir)- 19 asyryň ahyrynda we 20 asyryň başynda burjuaz sungatynda (ziwopisde, edebiyatda, sazda, teatrda we skulturada) ýüze çykan ugur. Impotensiyaonizm ilki fransuz ziwopisinde peyda bolýar. Onuň wekilleri (O.Renuar, K Mone we b.) sungatyn täzelenmegi ugrunda , fransuz salon akademizmini ýeňip geçmek üçin çalşypdyrlar. “Impotensiyaonizm” termini 1874 ýylda açylan sergiden soň peýda bolupdyr. Şol sergide K. Monenin “Tasir”, “Dogup gelýän gun” atly suratlary görkezilipdir. “Tasir” diýen kartinasynyn ady frans “Impression” bolupdyr. Bu ugur hudožnygyň durmusdan alan öz subyektiw gözegçiliklerini, syn etmelerini hem-de öz üýtgäp düryan duýgylaryny gam-gussalaryny gos-goni jemlemek we kesgitlemek prinsipine esaslanýar. Tiz wagtdan “Impressionistik stil” ýüze çykýar. Ol sungatyn beýleki ugurlaryna-da aralaşýar. Şoňabaka ol hakykylykdan daslasýar we stil, ugur bolmakdan özbaşdak metoda öwrülýär. Impotensiyaonizm aýratyn aralaşýar we 20 asyryň ortalarynda özbaşdak metodlagyny ýitirýär. Häzirki zaman edebiýatynda praktiki jähtden Impotensiyaonizm. Ýokdur. Impressionistler sungatyň wesipesini ýazyjynyň, hudožnygy öz dar şahsy tärlerini ruhy duýgularyny aňlatmakdan ybaratdyr. Diýip düsünýärler. Jemgyýetçilik durmuşdan arany üzmek, halk bähbitlerinden we talaplaryndan dashlashmak, öte indiwidualizm, mazmuny forma bilen çalshyrmak-ine şu häsiýetler Impotensiyaonizm-niň esasy aýratynlyklarydyr. Impessionistler soň-soňlar simwolizm täsirine düşýärler.




#Article 128: Impuls (116 words)


IMPULS (lat. Impulses-urgy), mehaniki impuls-mehaniki hereketiň ölçegi; material nokat üçin bu nokadyň massasyny t onuň tizligi V köpeltmek hasylyna deň bolan we tizligiň wektory: P=t*V yaly ugrukdyrylan wektor ululykdyr. Ol hem hereketiň mukdary ýalydyr. Wakumda ýagtylygyň tizligine S golaý bolan tizlik bilen hereket edýän bölejik üçin massasynyň tizlige baglylygyna:
Hasaba almak zeryrdyr, bu ýerde m0 dynçlykda duran bölejigiň (dynçlyk massasy diýilýän) massasy. Materiýanyn ähli formasy, şol sanda elektromagnit we grawitision meýdanlar hem Impuls-eýedir. Meýdanlar üçin olaryň guýjenmeleri, potesiallar we ş.m arkaly anladylýan Impuls-yň wektor dykyzlygyny girizýärler (meýdanyň tutýan göwrüm birliginiň Impuls-y).

Impuls ýada Urgy, bir jisime täsir etýän bütin kuwwaty bilen täsir etýän wagtyñ köpeltmek hasylyna deñdir.  bilen görkezilýär. Formulasy:

Formulada;

Impuls; ýada  harplary bilen görkezilýär.




#Article 129: Injil (149 words)


INJIL (iňlisçesi gospel) diýmegiň Türkmençe terjimesi Hoş Habar diýmekdir, grek dilindäki Ewangelion sözünden gelip çykandyr. Injil diýip eramyzyň ilkinji asyrlarynda Nasyraly Isanyň durmuşy we taglymaty barada ýazylan kitaplara at berilen. Bu  bolupna girizilen, beýleki ady bilen kanonik injiller, 4 injil bolsa gerek.

Täze äht kitabyna girizilen (kanonik injiller) 4 sanydyr. Bu injiller kim tarapyndan ýazylandygy näbellidir we kimdir biri tarapyndan ýazylandygy barada hiç bir esas ýokdur injiller özünde hem taryhy maglumatlarda hem. Täze äht kitabyndaky injiller şulardyr

Mata injili: 70-100-nji ýyllar arasynda ýazylan, iň ir 70, iň giç 100-nji ýyl.

Markos injili: iki çaklama, 68-73-nji ýyllar aralygynda we 65-70-nji ýyllar aralygynda.

Luka injili: 80-100nji ýyllar aralygynda. Köpler munuň 80-85, 85-nji ýyllar töweregi ýazylandygyny öňe sürýär.

Ýahýa injili: 90-100-nji ýyllar aralygynda. Agdyklyk edýän çaklama görä bu injil dürli eralarda ýazylan, diýmek belli bir wagt ýok.

Bulardan hem birnäçesi bardyr, olardan kanonik injiller bilen döwürdeş bolanlary şulardyr(diňe bular bilen çäkli däldir):




#Article 130: Abylgazy hanyň türkmenlere garşy ýörişleri (390 words)


Abylgazy Bahadyr hanyň Türkmenlere garşy ýörişleri - 17. asyryň ortalarynda Hywa hanlygynda han begleriniň arasynda häkimiýet ugrunda syýasy göreş tutaşypdyr. Dürli toparlar bu göreşde özbek we türkmen begleriniň güýjünden peýdalanmaga çalşypdyrlar. Türkmen atly goşunynyň güýjüne daýanyp häkimiýet başyna geçen we ýurdy dolandyran Isfendiýar hanyň (1623-1642) döwründe, ylaýta-da ol ölenden soňra içki syýasy garşylyklar has-da ýitileşipdir. Türkmen begleri zerur pursatda aýgytly hereket edip bilmändirler. Bu bolsa özbek feodallaryna daýanyp öňden bäri Isfendiýara garşy göreşip gelen onuň inisi Abylgazynyň 1645 ýylda häkimiýet başyna geçmegine mümkinçilik beripdir. Şeýlelikde, Hywada özbek feodallarynyň agalygy dikeldilipdir. Abylgazy han öz häkimiýetini berkitmek we ýurtda türkmen tireleriniň soňuna çykmak maksady bilen türkmenlere garşy rehimsiz urşa başlapdyr. Ol ilki türkmenleri suwdan kesip, olary gowy ýerlerden gysyp çykaryp başlapdyr. Hanlygyň gündogar-demirgazyk bölegindäki özbek feodallarynyň ýerlerine täze kanallaryň geçirilmegi Derýalykda suwuň akymyny düýbünden togtadypdyr. Şeýlelikde, demirgazyk-günbatardaky ozal gülläp oturan galapyn türkmen ilatly welaýatlar, şol sanda Adak, Bezir, Buldumsaz, Ürgenç (Köneürgenç) ýaly şäherler hem çäklenmän, türkmen obalarynyň üstüne häli-şindi talaňçylykly çozuşlar gurap durupdyr. Türkmenlere garşy uruşda Abylgazy han ähtiýalanlygyň we namartlygyň iň ýaramaz serişdelerinden hem gaýtmandyr Ol 1646 ýylda Hywa türkmenleriniň köp sanly tanymal wekillerini Hazaraspyň ýanyndaky bir oba çagyrypdyr. Uly meýlisden soň, gijäniň bir wagty, öňünden gowy taýýarlanylan aýylganç gyrgynçylykda türkmen urug-tire ýolbaşçylarynyň we nökerleriniň 200-den gowragy gyrlypdyr. Gyrgynçylyga we talaňçylyga sezewar bolan, ýerden-suwdan mahrum edilen Hywa türkmenleriniň köpüsi häzirki Türkmenistanyň günorta etraplaryna gaçyp gitmäge mejbur bolupdyrlar. Emma bu ýerde hem Abylgazy han olary öz gününe goýmandyr. 1646 ýylyň aýagynda ol Tejende mekan tutan türkmenleriň üstüne dökülip, olary talapdyr, gyrypdyr. Şondan soň Tejen türkmenleriniň bir topary Mara, beýleki uly topary hem Ahala tarap gidipdir. 1648 ýylda Abylgazy han Ahaldaky türkmenleriň üstüne uly ýöriş gurapdyr. Şol wagt Abylgazy hanyň zulumundan gaçyp gelen türkmenleriň uly topary Bamy we Börme töweregine üýşen eken. Hywa goşunlary golaýlaşanda, olar öz maşgalalaryny we goşlaryny çölde gizläpdirler, özleri hem Börmede berkitme gurap, goranmaga taýýarlanypdyrlar. Uzaga çeken gan döküşikli söweşde berkitmäni goraýjylaryň köpüsi gurban bolupdyr. Abylgazy han Börmäni eýeländen soň, türkmenleriň çöldäki öý goşlaryny we maşgalalaryny olja alypdyr. 1651 ýylda Abylgazy han Demirgazyk Etrek çöllerinde çarwaçylyk edýän türkmenleriň üstüne çozupdyr. Hywa goşunlary köp sanly esir we mal sürüp äkidipdirler. 1653 ýylda Abylgazy han ýene-de Ahalyň üstüne ýöriş edip, Goçatanyň ýanyndaky emrelileriň birentek obasyny tozduryp gidipdir. Gaýdyşyn ol Dynar guýusynyň golaýynda oturan salyrlylaryň obasyny talapdyr. Köp sanly talaňçylykly çozuşlar we gyrgynçylyklar etmegine garamazdan, Abylgazy hana türkmen taýpalaryny boýun egdirmek başartmandyr.




#Article 131: Awaza milli syýahatçylyk zolagy (521 words)


Awaza milli syýahatçylyk zolagy - Türkmenistanyň Milli Syýahatçylyk Zolagy (Awaza-MSZ). Hazar deňziniň gündogar kenarynda, Türkmenbaşy şäherinden 12 km günbatar tarapynda ýerleşýär. 15 iyunda 2009 - birinji 3 oteller girizildi.

Hazar deňziniň Türkmenistana degişli kenarýakasy örän täsin jana şypaly ýumşak howasy we baý tebigy mümkinçilikleri bilen tapawutlanýan ekologik taýdan arassa zolakdyr.

Bu taslama Türkmenistanyň diňe özünden 1 milliarddan gowrak $-ny, daşary ýurt maýa goýujylaryň 4 milliard $-ny gönükdirmek göz öňünde tutuldy. Häzirki wagtda Awa­za­nyň meýdany 1,700 gektar möçberinde kesgitlenildi. Şeýle hem ilkinji nobatda gurluşygy alnyp barylmaly 90 sany ýer ülüşleriniň sanawy we möçberi tassyklanyldy. Olaryň arasynda täze howa menzili top­lu­myny, «Awazany» howa menzili bilen birikdirýän awtomagistraly, kuw­wat­ly gaz turbina elektro­be­ke­dini, suw süýjediji we aras­salaýyş desgalary, suw geçiriji ulgamy gurmak ýaly işler bar. Şeýle hem iş meýilnama laýyk­lyk­da, Türkmenbaşy şä­he­rinde suw üpjünçilik we lagym sorujy bekedini döwrebaplaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Bir söz bilen aýda­nyňda uzak möhletleýin ösüşe niýetlenen häzirki zaman inženerçilik-kommunikasiýa infrastrukturasyna degiş­li ähli zatlar göz öňünde tutuldy. Eýýäm şu ýylýň özünde «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagy dynç alýanlaryň ilkinji toparyny kabul etmäge taýýarlyk görýär. Munuň üçin Hazar deňziniň ajaýyp kenarynda birinji derejeli myhmanhanalaryň birbada altysy öz gapylaryny giňden açar.

Dürli ýurtlaryň we şäherleriň tejribesi erkin ykdysady we dynç alyş zolaklarynyň halklary ýakynlaşdyrýandygyny, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge ýardam edýändigini, şol sebitiň we tutuş ýurduň ösmegine kuwwatly itergi berýändigini görkezýär. Şonuň üçin Prezidentimiz bu ajaýyp Türkmenbaşy şäherini we Hazaryň kenarýakasyny öz içine alýan erkin ykdysady zolagyny döretmek hakynda Karar kabul etdi.

Dünýäde erkin ykdysady zolaklaryň 25-den gow­rak görnüşi hereket edip, olaryň umu­my sany 2000-e golaýdyr. Ola­ryň arasynda gümrük er­kin zolaklary, paçsyz zolak­lar, erkin daşary ýurt­la­ra haryt çykarmak bo­ýun­ça önümçilik zolaklary, er­­kin telekeçiligiň ykdysady zo­lagy, tehniki ykdysady ösüş zolagy, ylmy-senagat park­laryny (tehnoparklary) we birnäçe beýleki erkin yk­dysady zolaklaryň gör­nüş­lerini mysal getirip bo­lar. Halkara tejribesinde erkin ykdysady zo­laklar örän giňden ulanylýar. Mysal üçin, güm­rük erkin zolaklarynda önümçiligi ös­dür­mäge amatly şertler döretmek üçin söw­da erkinligi berilyär. Bu bolsa, ýurduň eks­port mümkinçiliklerini giňeldýär. Şeýle ýag­daý Wengriýada has meşhurlyk gazandy, bu ýerde 2000-nji ýylda 126 sany şeýle zo­lak hasaba alyndy.

Daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde Hytaý Halk Respublikasynyň tejribesi has üstünlik gazandy. Bu Respublikada maýa goýujylara giň meýdanlar we 50 ýyllyk möhlet bilen zolaklar ulanmaga berilýär. Şu ýagdaýda daşary ýurt we ýerli maýa goýujylar işini giňeltmäge, uzak möhletiň dowamynda peýda almaga we ykdysady zolaga köp möçberde serişdeleri ­gö­nükdirmäge mümkinçilik gazanýarlar.

Awaza – Türkmenbaşy şäherinden 20 kilometrlikde, Hazar deňziniň demirgazyk-gündogar kenarynda ýerleşýän şäherçe. 
 
Açyk deňziň (“köküziň”) alkymynda ýerleşýändigi üçin, bu ýerde ýelli günler köp bolýar. Ýel hemişe diýen ýaly demirgazyk-günbatar tarapdan öwüsýär. Oňa ýerli ilat “jylawaz” diýýär. Gaý günleri kenara urýan tolkunlaryň güwwüldisinden, owazyndan ýaňa ses alşyp bolanok. Bu sözüň ýa-da adyň deňziň mydama owaz edip durmagy bilen baglanyşykly bolmagy mümkin. 
Aşöý – gämide nahar bişirilýän ýer. Türkmen nawlarynda aşöý gapakdan aşakdaky kaýutda ýerleşerdi.

Aşpez – gämide nahar bişirýän adam; ozal ýelkenli nawda aşpeze «ýaşkiçi» diýilýärdi. Sebäbi hojalyk işlerini ýaşkiçi (ýunga) ýerine ýetirýärdi.

bir awtomobil ýolunyň köprüsini gurmak barada, köçeleriň gök zolaklarynda agaç nahallaryny we dürli ösümlikleri ekmek hem-de suwaryş ulgamyny gurmak barada, köçeleri yşyklandyryş ulgamlary bilen enjamlaşdyrmak barada, köçeleri abadanlaşdyrmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyga 2009-njy ýylyň iýun aýynda başlamaly we desgalary 2010-njy ýylyň iýun aýynda ulanmaga tabşyrmaly. 




#Article 132: Awgust antipartiýa bileleşigi (102 words)


Awgust Antipartiýa Bileleşigi - RSDIP-niň hatarynda bozgakçylyk edýän toparlaryň we akymlaryň (troskiçileriň, likwidatorlaryň, otzowistleriň we bundçularyň) 1912 ýylyň Alp Arslan aýynda bolşewiklere garşy döreden antipartiýa bilelişigi. Bu bilelişigiň guramaçasy Troskiý bolup, ol 1912 ýylyň Alp-Arslan aýynda Wenada konferensiýa çagyrdy. Konferensiýada antibolşewistik bileleşik düzüldi. Bu bileleşigiň esasy wezipesi bolşewikler partiýasyna, onuň leninçi MK-syna garşy göreşmekden, işçileriň ünsüni rewolýusiýon göreşden sowmakdan ybaratdy. Troskiý özüniň liniýasyny aralykçylyk, ylalaşykçylyk perdesi bilen örtüp, bolşewiklere-de, menşewiklere-de degişli däldirin, diňe olary ylalaşyrýaryn diýdi. Konferensiýada ýüze çykan agzalalyklar sebäpli Polşa plehanowçylar, wperýodçylar, olaryň yzy bilen hem latyşlar bu antipartiýa bileleşikden çykdylar. Ol bileleşik bolşewikleriň uran zarbalary astynda 1913-14 ýyllarda dargadyldy.




#Article 133: Inwalidlik (285 words)


Inwalidlik (Lat. Invalidus-gowshak, kuwatsyz), adamyn kesel ya-da mayyp bolmagy zerarly zahmete, ya-da kem-kesleyin yitirmegi. Ilkinji Inwalidlik (shol ylda ilatyn arasynda inwalidlige ilkinji gezek gecirlenler) we umumy I (ilatyn arasyndaky ahli inwalidler) bolyar. SSSr-de adamyn zahmete ukyplygyny yitirish derejesine baglylykda inwalidler 3 gruppa bolunyar. Inwalidlerin 1nji grupbasy zahmete ukyplylygyny mhletleyin ya-da uzak mohletleyin ya=da mydamalyk yitiren komek we gozegcilik edilmegine matac bolan adamlarra, sheyle hem yorite guralan indiwidual shertlerde (yorite stehlarda, oyde ish enjamlarynda we b-da) ayry ayry ishleri yerine yetirmage uygunlashyp biljek adamlara bellenilyar. I-nin 2 nji grupbasy zahmete ukyplylygyny uzak mohletleyin ya-da mydamalyk kem-kesleyin ya-da doly yitirip, komege we gozegcilik edilmegine matac bolmadyk adamlara sheyle hem gaytalap durian kesellilere, el-ayak we b. organlary anatomic taydan shikeslere dayanc hereketlendiriji aparatlary nasaglara, gozunin gorshi peselip yorite doredilen shertlerde ishlap biljek adamlara sheyle hem keseli beterleship ishin hemme gornushinde uzak wagtlayyn ishlemage rugsat edilmeyan adamlara bellenilyar.
I nin 3-nji grupbasy saglyk yagdayy sebapli onki karinde (hunarinde) ishlemeklige mumkinciligi bolman pes kwalifikasyyaly ishe gecmeklige zerur bolan adamlara bellenilyar. Kesel zerarly on pes klafikasyyaly ishe gecirilen ya-da nasaglygy sebapli ozal ishe yaramadyk adamlar, sheyle hem karine garamazdan, kesel sebapli organlary (el ayagy we s.m,) kadaly ishlemeyanler hem shu grupba giryar. SSSr-de adamlaryn zahmete yarawlylygynyn yitirilish derejesi (I. grupbasy) wrac ekspert komissiyasy (WTEK) tarapyndan bellenilyar. 1nji grupba I. her iki yyldan 1 gezek 2 we 3nji grupba I. her yylda 1 gezek gaytadan kesgitlenip bellenilyar. Anatomik taydan shikesi ya keseli has otushen islendik yashdakylara, sheyle hem inwalidlere: 60 yashdan gecen erkek adamlara, 55 yashdan gecen ayal adamlara I. mohletsiz bellenilyar. Inwalidlere I. derejesine gora jemgiyetcilik we dowlet tarapyndan belli bir mocberde maddy komekler, zahmetde yenillikler, medisina we bashgalar berilyar. Kapitalistik yurtlaryn aglabasynda dine doly I. kem-kesleyin pensiya bilen upjun edilyar.




#Article 134: Ingalýasiýa (144 words)


Ingalýasiýa (lat. Inhalo - dem alyaryn) – dem alma arkaly derman maddalary organizme girizme metody. I. ucin derman maddalary bug, gaz, aerosol (tusse cygly we yagly duman) gornushunde peydalanylyar. I. tebigy hem-de emeli bolyar. Sagaldysh maksatlaryy ucin peydalanylyan deniz, ceshme, tokay (purli agaclaryn) ya-da dag howasy tebigy I. derman maddalaryndan dem almak bolsa emeli I-dyr. Emeli I. durli apparatlaryn (ingalyatorlaryn) komegi bilen dem alysh yollarynda derman maddalaryny goybermek arkaly
Amala aşyrylýar. Bug halynda Kabul edilyan derman maddalary bugun ya-da gysylan howanyn komegi bilen tozadylyar we guyguc formally cuyshe ya-da agzy-burny ortyan maska arkaly dem alysh yoluna dushurilyar. Dem alynyan bugun t-sy 45 gradus toweregi bolmaly. I. ucin ashgarlar, ereyji sulfamid preparatlary, antibiotikler peydalanylyar. I aglaba dem alysh organlarynyn cishme kesellerinde Kabul edilyar. Organism ucin zyyanly shertlerde= himiya, sement we b. zadlarda ishleyan ishciler ucin yorite ingalyator gurulyar. I apparatlarynyn gocme we stasionar tipleri bolyar




#Article 135: Ingi (245 words)


INGI - icki organlaryn ya-da icrakde yerleshen dokumalaryn oz yerlerini uytgedip, dashky ortuginin bitewiligine zyyan yetirman, derasty ya-da myshsara kletcatka boshluklaryna cykmagy. Adamlarda koplenc garyn ingisi bolyar. I-nin doreyshine gora dogabitdi we son doran (operasiyadan son we bashga yagdaylarda) gornushleri bolup biler. Garyn I-sinin doran yerine gora gasyk, but, gobek, yanjyk we icki (diafragma, garyn yaglary) I-ler yaly gornushleri bolyar. I-nin doremegine garyn boshlugynyn diwarynda bolyan uytgeshmeler we anatomic gurlushynyn (gasyk ginishliginin we gobek halkasynyn)we bashgalaryn ayratynlyklary sebap bolyar. Shu sebaplerin utgashmagy netijesinde garyn boshlugynyn diwarynyn gowshak yerleri pokgeryar we I. haltasy doreyar. I. haltasyna ayry-ayry organlar (koplenc halatlarda ince icege, garyn yagy) giryar. Dashky I. onat bildiryar. Keselli yatanda I-nin pokgerip cykan yeri oz-ozunden ya-da cala basylanda, garyn boshlugyna gidyar. I otusdigice ulalyar we hereket edilende azar beryar. Deri astyndaky I haltasyna dushen organlara sahel bir zat bolsa zeper yetmegi mumkin. Icki organlar I haltasynda kop saklansalar, olar ozara bitishyar. Sheyle bolanda I-nin son yerine yetip bolmayar. I-nin agyr gornushi onun gysylmagydyr. Usgurlende we agyr fiziki ish we s.m zerarly bedene agram salynanda I.haltasyna icege dushup gysylyar. Sheyle yagdaylarda I-ni yerine eltmek kyn, ony operasiya etmeli.

Bejerilishi: I. dine hirurgiya yoly bilen bejerilyar. Yorite dany (bandaj) peydalanylanda, I wagtlayynca onatlashyar. Yone icki organlaryn ozara bitishmegine we garyn boshlugynyn gowshamagyna eltyar. I-nin beterleshmezligi ucin, ol hokman operasiya edilmelidir.

Profilaktikasy: nasaga bedenterbiye bilen meshgullanmak hroniki usgulewugin bejertmeklik, horlanmazlyk, asha semremezlik, ayallara gowreli wagty gushak (bandaj) danmaklyk we cagasy bolandan son, garyn muskullaryny massaj etmelik maslahat berilyar.




#Article 136: Fermentatiw ingibitor (116 words)


INGIBIOTORLAR (lat. inhibeo - togtatyan, duruzyan) - biyalogiyada fermentlerin aktiwligini peseldyan tebigy we sintetik maddalar: olar tasir edishleri, mahsus ayratynlyklary we bashga hasiyetleri boyunca tapawutlandyrylyar. Janly organazimde gecyan madda calshygynyn onumleri, fermentlerin tebigy I-y bolup bilyarler. I. fermentlerin katalitik tasirlerinin mehanizmini owrenmek, beloklaryn funkksiyonal toplarynyn tebigatyny takyklamak, durli-durli fermentatiw proseslerin madda calshygyndaky rolyny ashgar etmek ucin ginden ulanylyar. I-nyn praktiki ahmiyeti uludyr, mes zyyanly mor-mojeklere we hashal otlara garshy goreshmek ucin zaherli himikatlary ulanmaklyk I-yn shol organizmlerin yashamagy ucin mohum prosesleri ingibirlemek ukyplary bilen baglanshyklydyr. Kabir farmaklogik serishdelerin we dermanlaryn tasirleri hem fermantatiw reaksiyalaryn ingibirlenmegine esaslandyrylyar. “I” termini, esasan, haysyda bolsa bir cylshyrymly biologic prosesin gecmegine pasgel beryan maddalary (mesrelem osumligin osmeginin ingibiotorlary) gorkezmek ucin ulanylyar.




#Article 137: Inguşlar (131 words)


Inguşlar (özlerini galgaý diýip atlandyrýarlar) – Geçen-Inguş ASSR-nyň günbatar Raýonlarynda, dag eteklerinde we tekizlik zolaklarda, şeýle hem Baş Kawkaz dagynyň merkezi böleginiň jülgelerinde ýaşaýan halk. Inguşlaryň sany 158 müň adam (1970). Olar inguş dilinde gepleýärler. Inguşlaryň dine ynanýanlary yslam dininiň sünni mezhebine uýýarlar. Iň gadymy inguş obalary daglyk ýerlerde ýerleşip, aýry-aýry taýpa-urug toparlara (jemgiýete) bölünip ýaşapdyrlar. Olaryň daglyklardan düz ýerlere geçmegi XVI-XVII asyrlarda başlanyp, XIX asyryň 30-60-njy ýyllarynda has-da güýçlenipdir. Inguşlaryň ilkinji obalaryndan biri Anguş (Inguş) bolupdyr. Inguşlaryň ady hem Anguş (Inguş) atly obanyň adyndan gelip çykypdyr. Olaryň esasy kärleri ekerançylykdan, maldarçylykdan we bagçylykdan ybarat bolupdyr. Häzir Inguşlaryň köpüsi senagatda medeni durmuşy düýpgöter özgerýär. Sowatsyz ýok diýilýär, milli intelligensiýasy ösüp ýetişýär, teatry we çeper edebiýaty döreýär. Inguşlaryň taryhy, ykdysadyýeti we medeniýeti barada Geçen Inguş ASSR-y (seret) diýen makalada giň maglumat berilýär.




#Article 138: Indeýler (266 words)


Indeýler Amerikanyň ýerli ilatynyň umumy ady (eskimoslardan we aleutlardan başgasy). Bu at ilkinji deňizde ýüzüjileriň (15 asyryň aýagynda H. Kolumb we b.) Atlantik okeanyň aňyrsynda açan ýerlerine Hindistan diýip ýalňyş düşünmeklerinden gelýär. Indeýler antropologik gurluşy taýdan amerikan jynsyna degişli. Amerikadaky indeýleriň umumy sany takmynan 30 milliondan gowrak (1960). Indeýleriň dil bölünşigi örän köp. Olaryň dili entek ylmy taýdan kadaly öwrenilmändir. Indeýleriň dini ynançlary boýunça geçmişde dürli urug-taýpa kultlarynda (şamanism, totemizm galyndylary we.b) uýmak bolupdyr. Häzirki indeýlerde şol kultlar hudaýlar hökmünde Amerikanyň diňe barmasy kyn we çet sebitlerinde ýaşaýan taýpalarda saklanyp galypdyr. Indeýleriň köpüsi hristiançylygy: Günorta Amerikada, esasan, katolizmi, Demirgazyk Amerikada ýaşaýanlaryň aglabasy bolsa protestantizmiň dürli mezheplerini kabul edipdirler. Indeýleriň we eskimoslaryň ata-babalary 30-20 müňýyllyklarda demirgazyk-gündogar Aziýadan Bering bogazynyň üsti bilen Amerika göçüp barypdyrlar diýip çak edilýär. Amerikanyň ýewropalylar tarapyndan koloniýalaşdyrylyp ugralmagy bilen (16-njy asyrdan başlap), indeýleriň durmuşynda düýpli özgerişikler bolup başlaýar. Ýewropa kolonizatorlary indeýleriň tebigy ösüşini togtatmaga çalyşýarlar. Kolonizatorlar demirgazyk Amerikada indeýleriň köpüsini garypdyrlar, ep-esli bölegi bolsa ABŞ-nyň we Kanadanyň rezerwasiýalaryna göçürilipdir. Diňe materigiň çet demirgazygyndaky ýerli indeýler ýarym çarwa durmuşynda ýaşaýarlar, ABŞ-daky indeýleriň köp bölegi amerikanlar bilen assimilleşip Amerikanys şäher we oba proletariatynyň hem-de garyp fermerleriniň hataryna goşulýarlar. Latyn Amerikasyndaky (West-Hindistan, Urugway, Argentina) indeýleriň köp taýpalary gyrlypdyr. Indeýleriň diňe az bölegi Amazonka derýasynyn basseýniniň çet ýerlerinde öz medeni-durmuş gurluşyny saklapdyr. Latyn Amerikasyndaky birnäçe ýurtlaryň häzirki milletleriniň (meksikanlaryň, paragwaýlaryň, peruanlaryň) we beýlekileriň emele gelmeginde indeýler olaryň esasy düzüm bölegi bolýar. Birnäçe döwletlerde ispan dili bilen birlikde indeýleriň dili hem ulanylýar (ýagny-keçýa-Peruda, Boliwiýada, Ekuadorda, guarani- Paragwaýda ikinji resmi dil hasap edilýär.). Indeýleriň dünýä medeniýetine goşan goşandy uludyr. Indeýler ajaýyp arhitektura ýadygärliklerini, şekillendiriş sungatyny, şahyrana halk döredijiligini döretdi.




#Article 139: İndeksler (170 words)


İndeksler - statiskada durli sostawly zatlaryn jeminin umumy dinamikasynyn mukdar taydan hasiyetlendiryan otnositel ululygy anladyar. Mysal ucin, dowlet bolek satuw nyrhlary SSSR 64/50=0,76 (ya 76%), yagny bu gorkeziji SSSR-de 1964 nji yylda dowlet sowdasynda ahli bolekleyin satuw nyrhlarynyn umumy derejesi 1950 yyldaky derejesine garanda 0,76 ya-da 76% diymekdir. Bashgaca aydylanda, umumylykda alnan shol nyrhlar shol dowrun icinde ortaca 0,24 ya-da 24% arzanlady diyilgidir. Islendik I. elementlei bolup shu ashakdakylar hasaplanyar: a) indeksirlenyan ululyk; b)I-in tipi (formasy); w) I-in agramy; g)hasaplanylan mmohleti . I-in elementine (a) baglylykda nyrhlaryn I-i, onumin fiziki (natural) mocberinin I-I zahmet ondurjiliginin I-I we s.m bolar. I-in tipine (b) baglylykda agregat i-ini we ortalyk I=I tapawutlandyrmak bolar. Ortalyk I. (formalaryna garap) ortalyk arifmetiki I-e, ortalyk geometric I-e ortalyk garmonik I-e we s.m bolunyar. Agramyna (w) baglylykda yonekey (agramy cekilmedik) I. we agramy cekilen I. tapawutlandyrylyar. Hasaplanylan mohletine (g) baglylykda bazisli I. (durnukly, hic wagt uytgemeyan bazaly) we zynjyr gornushli I. (eger her gundelik mohletde indeksirlenyan ululygyn san ahmiyeti onun shondan ozalky mohletdaki elementi bilen deneshdirilyan bolsa) tapawutlandyrylyar.




#Article 140: Bagdat (132 words)


Bagdat — şäher, Yrak respublikasynyň paýtagty. Ýurduň esasy senagat, transport, söwda, ylym we medeniýet merkezidir. Şäheriň düýbi 762-nji ýylda tutulýar. Bagdat Ýakyn Gündogaryň iň belli medeni we söwda merkezidir. Bagdat şäheri Tigr derýasynyň ikiýan kenarynda deňiz derejesinden 34 m belentlikde ýerleşýär. Bagdatda ýanwaryň ortaça gradusy +10°, iýulyňky +34°. Ýöne iýulda howa aşa gyzyp, t-nyň 4-50° ýetýän wagty-da bolýar. Bir ýylda ortaça 163 mm ygal ýagýar. Bagdatda 2 mln. 361,8 müň adam ýaşaýar (1968). Bagdat diňe Yragyň däl, eýsem tutuş Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň-da esasy howa, demir we awtomobil ýollarynyň uzelidir. Ýurtdaky işçileriň 40%-i Bagdatda jemlenendir. Bagdatda nebiti gaýtadan işläp bejerýän zawod, nah mata, trikotaž, gön-aýakgap kärhanalary we iri sement, metal işleýän zawodlary bar. Bagdadyň kärhanalary ýurtda öndürilýän ähli senagat önümleriniň 60%-ini berýär. Bagdatda uniwersitet 1956-nji ýylda açyldy. 1940-nji ýyldan bäri Ylymlar Akademiýasy işleýär.




#Article 141: Bagirow Ruben Hristoforowiç (166 words)


Ruben Hristoforowiç Bagirow (1908-1978) — Sowet Soýuzynyň Gahrymany, leýtenant. Ol Gyzylarbat ş-inde dogulýar. B. ýediýyllyk mekdebi gutaryp, alyjylar jemgyetnnde işleýär. 1930 ý-da harby gulluga çagy-rylýar. Ol harby gullukdan gelip, glawdortransda, kom-munal ýaşaýyş jaý gurl-y işgärleri soýuzynyň resp. komitetinde dürli ýolb. işlerde işleýär. B. 1943 ý-da goşun gullugyna çagyrylýar. Ol Aşgabatdaky harby uçilişäni gutarandan soň, 1944 ý-yň martynda fronta gidýär. Söweşde wzwod komandiri we rota partorgy hök-münde agitatorlyk, guramaçylyk ukybyny görkezýär. B. wzwody b-n 1944 ý-yň iýulynda Bug derýasynyň ustundäki ähmietli d. ýol köprüsini duşmanyň elinden alýar we iemessleriň 1 rota golaý adam güýjüni, 6 minomýotyny, 1 topuny ýok edip, sowet tanklarynyň we artilleriýasy-nyň köprüden bökdençsiz geçmegine ýol açýar. 1944 ý-yň awg-ynda Kapşewinssa ilatly punkty ugrundaky söweş-de duşmanyň güýçli garşyliklaýş hüjümleriniň 9-yny yzyna serpikdirýär. Şol söweşde B-yň bir özi duşmanyň 1 bronetransportýoryiy, azwoduň beýleki es-gerleri b-n birlikde nemess soldatynyň we ofisseriniň 60-syny ek edýär. SSSR Nkary Sowetinnň Prezidnumy-nyň 1944 ý-yň 23 sent-yndaky Ukazy b-n B-a Sowet Soýuzynyň Gahrymany dien at dakylýar. Ol «Gyzyl Ýyldyz» ordeni bilen sylaglanýar.




#Article 142: Baglanyşyk energiýasy (291 words)


Baglanyşyk energiýasy — bölejikleriň käbir toplumynyň baglanyşykly ýagdaýynyň energiýasy bilen bu bölejikleriň biri-birindei tükeniksiz daşlaşan ýagdaýyndaky energiýasynyň tapawudy. Eger-de bu bölejikler molekulany emele getirýän atomlar bolsa, onda Baglanyşyk energiýasy diýlip, himiki Baglanyşyk energiýasyna düşünilýär. Eger-de bu bölejikler atom ýadrosyny emele getirýän neýtronlar we protonlar bolsa, onda Baglanyşyk energiýasy diýlip ýadronyň Baglanyşyk energiýasynaa aýdylýar. Baglanyşyk energiýasy başga hili hem bolýar. Öz ululygy boýunça Baglanyşyk energiýasy sistemany düzýän bölejikleri dargatmaga sarp edilýän işe deň. Baglanyşykly ýagdaý emele gelende, energiýa bölünip çykýar, şu sebäbe görä Baglanyşyk energiýasy otrissatel ululykdyr. Absaolýut ululygy boýunça Baglanyşyk energiýasy näçe köp bolsa Baglanyşyk şonça-da berk bolýar. Atom ýadrolarynyň Baglanyşyk energiýasy mln-ça ew-dan ybarat. Ýadrolarda şeýle uly Baglanyşyk energiýasynyň bolmagy atom ýadrolarynyň örän durnuklylygy bilen düşündirilýär. Bir protondan we bir neýtrondan ybarat bolan deýtronyň Baglanyşyk energiýasy 2,2 Mew deň. Uranyň ýadrosynyň Baglanyşyk energiýasy 1780 Mew golaýdyr. Käwagtlar ýadrodaky nuklonyň (protonyň ýa-da neýtronyň) Baglanyşyk energiýasy düşünjesi ulanylýar. Nuklony ýadrodaky baglanyşyklardan boşatmak üçin sarp edilýän energiýa nuklonyň Baglanyşyk energiýasy diýilýär. Ýeňil ýadrolardaky bir nuklona degişli bolan Baglanyşyk energiýasy ýadro baglylykda üýtgeýär. Bu üýtgeme 4He, 8Be, 12C we 160 ýadrolarynda (mes., 4He ýadrosy üçin Baglanyşyk energiýasy 7 Mew den) has güýçlüdir. Aralyk ýadrolar üçin bir nuklona degişli bolan Baglanyşyk energiýasy hemişelik diýen ýalydyr we ol 8,6 Mew deňdir.

Agyr ýadrolarda bir nuklona degişli bolan Baglanyşyk energiýasy kem-kemden azalýar. Bu sebäpli agyr ýadro (mes., uran) aralyk massaly iki ýadro bölünende energiýa bölünip çykýar. Iki sany ýeňil ýadro bir sany agyr ýadro birigende-de energiýa bölünip çykýar. Mes. 4He ýadrosy iki neýtrondan emele gelende takmynan 24 Mew bölünip çykýar. Baglanyşyk energiýasy massanyň defekti arkaly gös-göni aňladylýar. Atomdaky ýa-da molekuladaky elektronyň Baglanyşyk energiýasy ionizassiýa potenssialy bilen häsiýetlendirilýär. Erkin atomlardaky dürli elektronlaryň ionizassiýa potenssiallary atomlaryň gurluşlarynyň umumy kanunalaýyklyklary bilen şertlenendir. Molekulalar atomlardan emele gelende elektronlaryň Baglanyşyk energiýasy üýtgeýär.




#Article 143: Bagramýan Iwan Hristoforowiç (152 words)


Iwan Hristoforowiç Bagramýan [20. HI(2, HII),1897] —- Sowet harby işgäri, Sowet Soýuzynyň Marşaly (1955), Sowet Soýuzynyň Gahrymany (1944) 1941 ýýldan SSKP agzasy. 1952-nji ýyldan bäri SSKP MK-nyň agzalygyna dalaşgär, 1961 ýýldan SSKP MK agzasy, SSSR Ýokary Sowetiniň deputaty (2—8 çagyrylyşlar), raýatlyk urşunyň weterany. 

B. Elizawetpol (häzirki Kirowabat) stansiýasynda demirýol işçisi maşgalasynda dogulýar. Ol 1920 ýýldan başlap Gyzyl Goşunda gulluk edýär. 1934-nji ýylda Frunze adyndaky Harby akademiýany, 1938-nji ýýlda Genştabyň akademiýasyny tamamlaýar. Beýik Watançylyk urşy döwründe (1941-1945-nji ýyllar) ol dürli frontlarda ştab naçalnigiiň orunbasary we naçalnigi bolup işleýär. Ol goşunyň birinji Pribaltika we üçünji Belorus frontlarynyň goşunlarynyň komanduýuşisi bolýar. Uruşdan soňky döwürde B. Pribaltika harby okrugynyň komanduýuşisi, soňra SSSR Goranmak ministrliginde ýolbaşçy wezipesinde işleýär. 1956-njy ýylyň iýunyndan Genştabyň Harby akademiýasynyň naçalnigi, 1958 ýýldan SSSR Goranmak ministrinnň orunbasary we SSSR Ýaragly Güýçleriniň tyl boýunça naçalnigi bolup işleýär. 1968 ýýlyň aprelinden gen. inspektorlar toparynyň gen. inspektory. Ol SSSR-iň ordenleri we medallary bilen birnäçe gezek sylaglandy.




#Article 144: Bagration (161 words)


BAGRATION Pýotr Iwanowiç [1765—12(24). IH. 1812] —knýaz, rus serkerdesi, 1812 ý-yň Wat. ur-nyň gahry-many. Gen. B. Kizlýar ş-inde gadymy gruzin knýazlary-nyň ieslinden bolan polkownik maşg-synda dogulýar. Ol 1787—91 ý-larda rus-türk urşuna, 1793—94 ý-lar-da Polşa kampaniýasyna gatnaşýar. Ol 1799 ý-da A. B. Suworowyň Italiýa we Şweýňariýa eden ýörişlerinde gen-maýor çininde awangardda komandirlik edip, äh-li uly söweşlerde tapawutlanýar. 1805—07 ý-larda Fraissiýa b-n bolan uruşlarda rus goşunynyň arer-gardyna baştutanlyk edýär we Şengrabeiiň, Preýsiş—Eýlauwyň, Fridlandyň ýanyndaky söweşlerde tapawut-lanýar. 1808—09 ý-laryň rus-şwed uruşlaryna gatna-şyp, 1809 ý-yň baharyida Aland adalaryny eelän diw, komandirlik edýär. 1806-12 ý-laryň rus-türk urşun-da B. 1809 ý-yň iýulyidai 1810 ý-yň martyna çenli Moldawiýa goşunyna komandirlik edýär. B. 1811 ý-yň awg-yndan Podolsk goşunynyň, 1812 ý-yň martyndai II Gb. goşunyiyn komanduýuşisi bolup, 1812 ý-yň Wat, ur-nda ussatlyk b-n söweşip, şol goşunlary güýç taý-dan agdyklyk edýän duşman goşunlarynyň zarbasynyň astyndan alyp çykýar we Smolenskiniň etegindäki I Gb. goşunlary b-n birikdirýär. Borodino söweşinde rus goşunlarynyň çep ganatyna komandirlik edip, uly ba-tyrlyk gärkezýär we agyr ýaralanyp aradan çykýar.




#Article 145: Bagt (110 words)


Bagt — etnkanyň esasy kategoriýalaryiyň biri. Ol durmuşyň, manyly ýaşaýşyň maksady ýaly düşunjeler bilen bir hatarda durýar. Bagt şahsyetiň Watan, halk öňündäki borjuny abraý bilen berjaý etmegini, jemgyetiň hatyrasyna çeken zähmetiniň netijesinde öz durmuşyndan, ýaşaýşyndan kanagatlanmagyny aňladýar. Bagt düşünjesi sossial-ykdysady şertler bilenn aýrylmaz baglanyşykly bolup, ol dürli sossial jemgyýetde dürlüçe düşündirilipdir. Marksizmden ozalky akyldarlaryň bir toiary Bagty real dünýeniň çäginden daşardan agtarsa, beýlekileri diňe peýda görmek (Utilitarizm), lezzet almak (Gedonizm) Bagtdyr diýen duşünjäni öňe sürüpdirler. Marksizmden ozalky materialistler hem Bagty we oňa ýetmegiň ýollaryny real dünýäden gozläpdirler. Marksizm Bagt hakdaky diňi-idealistik düşünjeleri reddedýär we halkdan, kollektiwden üzňelikde Bagtly bolmagyň mümkin däldigini, adamyň şahsy Bagty bilen jemgyýetiň Bagtynyň aýrylmaz baglanyşyklydygyny aýdýar.




#Article 146: Bagşy (144 words)


BAGŞY — dutaryň, gyjagyň ýa-da gargy tüýdügiň ýanynda türkmen milli aýdymlaryny ussatlarça ýerine ýetirýän, halkyň içiňde tanalýan aýdymçy. Bagşynyň sazandalyk we kompozitorlyk ukyby hem bolýar, Bagşylar ýerine ýetiriş ýollary, repertuarlary boýunça dessançy we tirmeçi diýen iki topara bölünýär. Tirmeçi Bagşy dessan, epos aýdymlaryny, şahyrlaryň goşgularyny, halk aýdymlaryny ýerine etirýär. Olardan Hally bagşyny, Sary bagşyny, Oraz Salyry, Nursähet Halsähet ogluny, Şükür bagşyny, Çowdur bagşyny, Nobat bagşyny, Hydyr bagşyny we olaryň ýoluny dowam etdiren respublikanyň halk artisti Sahy Jepbarowy, TSSR-iň halk bagşysy Ödeniýaz Nobadowy we beýlekileri görkezmek bolar. Ikinji topara degişli Bagşylar «Hüýrlukga — Hemra», «Zöhre — Tahyr», «Şasenem — Garyp», «Görogly», «Saýatly — Hemra» ýaly yşky-liriki dessanlary aýdýarlar. Olardan Nazar Baga, Pälwan Hoja, Magtymguly Garly, Jumamyrat Oraz, Palta bagşy we beýlekileri mysal görkezmek bolar. Dessançy Bagşylar, esasan, Türkmenistanyn Daşhowuz welayatynda has meşhurlyk gazanyp gözel watanymyzyn çar kunjinde bellidirler.Olardan has meşhurlarynyň atlary halk arasynda saklanyp gelýär.




#Article 147: Bagyr (250 words)


BAGYR (hepar) — janly organnzmleriň iýmit sindirişine we madda çalşygyna gatnaşýan iň uly mäz. Oňurgasyz haýwailaryň Bagrynda iýmit maddalary (uglewodlar, ýaglar) zapas saklanýar. Hordaly jandarlarda we adamlarda Bagyr öt işläp çykarýar hem-de organizmde madda çalşygy bilen baglanyşykly prosseslere gatnaşýar. Bagyryň ähmieti diňe bir iýmiti gaýtadan işlemek we snňdirmek bilen çäklenmän, eýsem ol organizmde bolup geçýän ähli biohimiki özgerişlerde-de uly rol oýnaýar. Adamyň Bagyrynyň agramy 1,5–2 kg bolup, ol garyn boşlugynyň sag tarapynda, gapyrgalaryň eteginde ýerleşýär. Onuň gurluşy örän çylşyrymlydyr. Bagyryň aşak tarapyndan onuň içine portal wenasy, 15. arteriýasy we nerwler girýär. Içegelerde siňen iýmit maddalaryny alyp gaýdýan gan damarlary ilki bilen portal wenasyna gelip Bagyra girýär we ol ýerde kapillýarlara bölünýär. Kapillýarlardan gaýdan has owunçak wenajyklar bir-birleri bilen birigip, aşaky köwek wena goşulýan Bagyr wenalaryny emele getiräärler. Şeýdip gan Bagyryň öýjüklerinden süzülip geçende, käbir maddalar himiki özgerişlere sezewar bolýar. Mes., Bagyr kapillýarlaryndaky ganda glýukozanyň mukdary 0,12%-den köp bolsa, ony Bagyryň öýjükleri glikogene öwrüp özünde saklaýar. Organizme glýukoza köp gerek bolanda (ganyň düzüminde 0,1 %-e çenli azalanda), Bagyrdaky glikogen glýukoza öwrülnp gana goşulýar. Bagyr özünden geçýän gany arassalamak bilen goranyş funksiýasyny hem ýerine etirýär. Iýmit siňdnrilende emele gelýän we mikroorganizmleriň içegede döredýän ençeme zäherli maddalary hem gana goşulyp, Bagyra golýär we himiki özgerişlere sezewar bolup, olary zähersizlendirýär. Şeýlelikde, Bagyr organizm üçin maddalaryň himiki özgerişleriniň laboratoriýasy bolup, ol bedende bolup geçýän hemme prosseslere aktiw gatnaşýar. Galybersede, Bagyr maddalarysň birnäçesini (uglewodlary, beloklary, witaminleri we ş. m.) gerek bolýança özünde ätiýaç saklaýar. Ol beloklary sintezleýär, iýmitdäki aminok-talardan ganyň plazmasyndaky albuminleri, globulinleri we fibrinogeni sintezleýär.




#Article 148: Indeterminizm (244 words)


INDETERMINIZM (lat. In-sözün öňünden gosulyp, ýoklygy aňladýar we determinizm-sebäplik arabaglanşygynyň obyektiwligini (ontologik I.) ýa-da ylymda sebäplilik jähtden düşündirişiň akyl ýetiriş gymmatyny (metodologik I.) inkär edýän filosofik taglymat we metodolik poesiýa. Adamyň erk-işleginiň şertlenilenligi, adamyň öz eden etmişleri üçin jogapkärçiligi badaky problemalar boýunça I. we beterminizm (seret) biri-birine garşy durýan konsepsiýa hökmünde öne çykýar. I. erk-islege awtonom güýç hökmünde öne çykýar. I. erk-islege awtonom güýç hökmünde garaýar hem-de sebäplilik prinsipleri adamyň özüni alyp barşyny düşüňdirmekde ulanyp bolmaz diýip tassyklaýar, determinism tarapdarlaryny fantalizme aýyplaýar. Emma weli “Dterminizmin fatalizmi nazarda tutýanlyg-a beýlede dursun., gaýtam ol paýhasly hereket etmek üçin esas berýär “ (Lenin B.I. Eserler, 4 neşirden terjime, 1 tom, 463 sah.). Häzirki zaman burjuaz filasofiýasynda I-iň dürli formalary ýaýrandyr. Mysal üçin, Badenin neokantçylyk mekdebi determinizm prinsipini diňe tebigat hakyndaky ylym bilen çäklendirýän we onuň “ruh hakyndaky ylymlar” barada ulanylmagyny inkär edýärdi. Neopozitiwizm pragmatism we personalizm dterminizmi diňe logiki sfera bilen çäklendirmäge synansýarlar. Häzirki zaman kwant fizikasynyň ösmegi netijesinde I. we determinzm aýratyn-da aktual problema öwrüldi, determinism aýratyn-da aktual problema öwrüldi. Klassyky determinism prinsiplerinin mikrodunýade bolup geçýän proseslere häsiýetlendirme bermek üçin ýaramaýanlygy belli edildi. Şoňa göräde kwant teoriýasynyň esasy kanunlayny I. we agnostizm ruhunda düşündirjek bolup synanşylyp başlandy elektronyň erkin hereketi hakyndaky ek-tuk mikrohoadasynyn teologik güýçler arkaly dolandyrylýanlygy hakyndaky ideýalar I-iň ýüze çykmasydyr. Dialektiki materalizm I-I inkar etmek bilen bilelikde, determinz hakynda dowam edip gelen ozalky mehanistik düşünjeleriň ýeterlik däldigini görkezýän hem-de häzirki zaman tebigat5 we jemgyýetçilik ylymlarynyň gazanan üstünlikleri esasynda determinz hakynda täze, jemlenen düşünjäni formirleýar




#Article 149: Indiwidual kapital (149 words)


INDIWUDUAL KAPITAL - kapitalistik jemgyýetde jemgyýetçilik kapitalynyň pul, öndürijilik ýa-da haryt formasyndaky bir bölegi bolup, aýry-aýry kapitalistleriň hususy eýeçiliginde bolýar we olar ony peýda gazanmak üçin ulanylýar. I.k senagat söwda we ssuda kapitaly görnüşinde bolup, olar öz yerlerine senagat, söwda peýdasy ya-da ssuda prosenti görnüşinde goşmaça bir bölegini getirýär. Her bir toplanan pul kapital bolup bilmez. Diňe peýda gazanmak maksady bilen ulanlanda , pul kapitala öwrülýär we sonun hasabyna-da köpelýär. Kapitalist tarapyndan pula alnan öňümçilik serişdeleri we işçi guyci önümçilik prosesinde birleşip, goşmaça gymmaty döredýär. Kapitalistiň önümçilige harçlan şol pul köpelip, yene-0de kapitaliste dolanyp gelýär. Bu formula kapitalyň ähli görnüşlerinde degişlidir. Şonuň üçinem ony K. Marks kapitalyň ahliumumy formulasy diýip atlandyrýar. Kapitalyn eýesi bolan kapitaliste goşmaça gymmaty çäksiz artdyrmak hyýaly mahsusdyr. Diýmek her bir kapitalistiň maksady peýda almakdan we kapitalyny artdyrmakdan ybaratdyr.Her bir I.k başga bir I.k bilen baglanşyksyz ýaşap bilmez. Bularyň jemi hem jemgyýetçilik kapitalyny ybarat edýär düzýär.




#Article 150: Indiwidual psihologiýa (125 words)


INDIWIDUAL PSIHOLOGIYA - psihologiýanyň bir ugry. Ol Awstriýa psihology A, Adlerin taglymatyna esaslanýar. Irki çagalyk döwründe peýda bolan doly bahaly däl duýgy adam üçin özboluşly “yasayys stilin” kesgitleýär. I.p psihologik tapawutlanyp, sosiýal gylyk-häsiýet esasynda dogabitdi sosoial duýgy duýýar, ýöne şol duýgy özüniň doly ösüşine ýetmegi üçin terbiýelenmegi talap edýär diýip hasaplaýar. Newrotiklerde, neşekeşlerde we s.m m-de şeýle duýgy bolmaýar. Çünki olara akyl ýetirilmedik galp mksatlarda ymtylýarlar. I.p terepiýanyn maksady pasiýentiň ýasaýys stilinde ýoýluslary ýüze çykarmakdan ybaratdyr diýip hasap edýär. I.p sosiýal taýdan doly bahaly däl duýguly toparlaryň (jenaýatkärler we ş.m) pisigalogiýasy bilen hem meşgullanypdyr. Umuman I.p özüniň umumy psigalogiýa teýoriýasyny işläp düzmedi, diňe empirik häsiýetde synlamak bilen çäklendi. I.p 1930nji ýyllarda esasan hem dedagogikada we psihoterapiýada has gin ýaýraýar. I,p özbaşdak ugur hökmünde ösüşden galýar.




#Article 151: Indiwidual seçgi (122 words)


INDIWIDUAL SECGI - köplenç halatlarda öz-özünden tozanlanýan ösümlikler üçin sort döretmekde ulanylýan esasy metodlaryň bir. Bu hili seçginin birinji sikli hasy hem bolsa belli alamat üçin ýa-da populyasiyasynyn nesil üýtgedijiligi birnäçe gomozigot genotiplere dargan mahalynda ulanylýar. Bu ýagdaýda bellenilen häsiýetiň has gowy bolmagy seçilip alnan genotiplerin gibridleşmegi gos-goni bagly bolup, nesle geçişiniň netijesinde häsiýetleriň dargan mahalynda geçirilýän ikinji sikli bilen kesgitlenilýär. I.s öz-özünden tozanlaýan ösümlikleriň populýasyýanyň arasynda gecirlende, bir gezek üstünlik berip we sonar käwagtda ýüze çykýan mutasiýa göz öňünde tutulmasa I. s-niň soňraky peýdasy sort döretmekde örän ujypsyzdyr. I. s-de indiwidiumlaryn nesle geçijilik hiliňe baha bermäge mümkinçilik bolýar. Ol öz-özünden tozanlaýan ösümliklerde ulanlanda, gowy netije berip biler. Atanaklaýyn tozanlaýan ösümliklerde, şeýle hem mallarda ulanylanda, seçgi maşgalalary hem-de ugurlary boýunça alnyp barylýar.




#Article 152: Indoneziýa (1194 words)


Indoneziýa (), resmi ady — Indoneziýa Respublikasy () — Günorta-gündogar Aziýada iň iri döwlet.

Ol Zond arhipelagynyň adalarynda ýerleşýär we dünýädäki iň iri ada döwlet bolup durýar. Ol Aziýa bilen Awstraliýanyn aralygynda Malaý (Indoneziýa) arhipelagynyn adalarynda (uly Zond, Kiçi Zond we Molukka adalary) ýerleşýär. Indoneziýanyn sostawyna täze gwineýa (gb. Irian) Aziýanyn günbatar bölegi we onuň töweregiňdäki käbir ownuk adalar hem girýär. Meýdany 1904,3 mun km/kwadrat. Ilatyň 144,9 mln. Adam (1979) ýýlyn aýagynda). Paýtagty-Jakarta şäheri. Indoneziýa adminstratiw taýdan welaýatlara boluňýar. Jakarta we Jokýakarta şäherleri-de aýratyn adminstratiw birliklere bölünen.

Indoneziýa respublikasy. Häzirki konstituşyýasy 1945 ýýlda. (1949 ýýlyn 27 dekabryndan 1959 ýýlyn 5 iýulyna çenli ýurtda başga konstituşyýalar hereket etdi). Kabul edilýär. Döwletiň we hökümmediniň baştutany prezident. Prezident halk konsultatiw kongresi (HKK) tarapyndan 5 ýýl möhlete saýlaňýar. 1969 ýýlyn kanunyna görä döwlet häkimýetiniň ýokary organy HKK bolup, ol parlamentin halk wekilleri söwetiniň (HWS) 460 wekilinden dürli ýerli jemgyýetçilik toparlarynyň 460 wekilinden ybaratdyr. Kanun çykarjylyk funksiýalary HBS degishlidir. Sud sistemasy ýokary suddan (onuň çlenlerini president belleýär), oblast sudlaryndan, döwlet sudlaryndan (ýustisa ministry belleýär.) hem-de musulman dini sudlaryndan ybaratdyr.

Indoneziýa ekwatoryýal, atmosferanyň çalşyp durýan mossunly zonasynda ýerleşýär. Indoneziýanyn ekwatora we adalarda ýerleşmegi ol ýerde mydama maýýl howanyň bolmagy üçin şert döredýär. Indoneziýada deňiz suwunyň tempraturasy hemişe +27-dan ýokarydyr. Suw akymlary möwsüme görä üýtgäp durýar, deňiz haýwanlaryna baý. Ýeriniň ½ böleginden gowragyny orta beýiklikdäki daglyklar we pes daglyklar tutýar. Gb,Irianda kem-kes, beýik daglyklara (in beýik ýeri 5029m) düş gelmek bolýar. Ýurduň bütin gd. Bölegini diýen ýaly epinli we wulkanyk daglar tutýar. Wulkanlar örän köp.

Indoneziýanyn köp bölegi kaýnozoý tektogenezisine, dg-gd Sumatra we go-gb. Kalymaňtaň mezozoý oblastyna, Täze Gwineýanyn go. Bölegi we Aru a-lary bolsa mezozoýa çenli bolan ýýgyrtlanmalara degishlidir. Indoneziýanyn geologyç gurlusynda metamorfik jynslar, dürli sostawdaky paleoý, mezozoý we paleogen-neogen effusiw çokundy jynslar, sheýle hem antropegen wulkanyk hadysalar gatnashýarlar. Gažylyp alyňýaň peýdaly zatlardan nebitm kömür, demir-laterit magdanlary, marganes, galaýý, alýumynyý, nikel bar. Ýurduň köp böleginiň klimaty ekwatoriýalydyr. Gd. Ýawada we Kiçi Zond adalarynda bolsa subekwatoriallardyr. Peslikleriň hemme ýerinde diýen ýaly ortaça aýlyk t+25-27. Ýýllyk ygalyň mukdary 2000–4000 mm-e ýetýär. Indoneziýanyn derýa seti gurdyr. Köpüsi hemishe bol suwly derýälär. Esasy derýalary: Kapuas, Baryytom Kampar, Muşy, Mamberamowe Digul. Indoneziýanyn meýdanynyň 4/5 bölegine golaýýnyn, easan ulýond adaarynyn we Gb. Irianyn çaklrinde mydama çygly tokaýlaryň gyzyl-sary laterit, dag laterit we laterit topragy bar, düzlüklerde tropiki batgaçylyk we laterit gleý, go-gd-da gyzyl laterit, gyzyl-goňur topraklar agdyklyk edýär.

Indoneziýanyn köp bölegi-peslikler we 1300–1500 m-e çenli beýiklikli dag ýennitleri ebedi gök, çygly ekwatoryýal tokaý bilen örtülendir. Bu tipdaki tokaýlarda esasan, fikuslar, dipterokarp agaçlary, raşamala, pandanuslar, çörek agajy, sheýle-hem palmalar agaç gornushli paporotnikler, bambuklar ösýär. 1300–1500 m we 2600–300 m aralykdaky zolakda dag-tropiki tokaýlar giň ýaýran, olarda, esasan , ebedi gök (ebedi gök dublar), ýasy ýaprakly agaçlar (buk, dub kashtan), purly agaçlar (podokarpus), go-gd-da ýapragyny dökýän tropiki tokaýlar (tik, kazuarin) we sawannalar ösýär.

Indoneziýa teritoriýasyny köp bölegi Hindi-Malaý zoogeografik oblastynyň Malaý podoblastýa, Gb, Irian, Molukka we Kiçi Zond adalarynyň käbiri Awstralyýa oblasynyn Papuas podoblastyna degishlidir. Indoneziýanyn gb. Böleginde esasan maýmynlar, bir we iki shahly kerkler, piller, malaý aýýsy, totugushlar, krokodiller, ýýlanlar, zemzenler ýashaýar. Gd bölegi üçin torbalylar, ýarganatlar, kakady totulary mahsusdyr. Içerki suwlary we deňizler balyga baýdyr.

Biziň eýýamymyzyň I-II müň ýyllyklarynda arhipelagdo wajyp durmuş ykdysady ösüş bolupdur.  Urug jemgyýetçilik durumuşyndan ösen döwlete geçildi.  Şeýle döwletiň başynda dolandyryşyň raja, soltan durup ähliň suwlaryň eýesidi. Dolandyryjy synp rajalaryň pesli ýada ýakynlarydy, olar welaýat dolandyryjylar , harby ýolbaşçylar, ýokary we orta dindarlar, oba kethudalary degişlidi. Olaryň wagtlaýyn ýerleri bardy. Daýhanlar jemgyýetçilik ýerlerden ýer alypdyrlar. Ýeriň esasy eýesi  döwletdi. Olary hemme tarapdan saldytlar arkaly gysýardylar. Hünärmençilik oba hojalykdan  bölünip aýrylypdyr. XI asyrda döwlete degişli bolup başlady, ony aristrokratik we býrokrastik dolandyryjylar dolandyrýardy. Diňe XIV-XV asyrlarda bu ýerlerde iri ýer eýeçilik hokum sürüp başlady. Ýyrdy syýasy we medeni merkezi Indoneziýanyň merkezine  g.d Ýawa döwletine geçdi. Şeýdip ýüz ýýllyklaryň içinde ol öne gidýär.  Materigiň dolandyryjysy  18 ýaşly Airlangga  (Erlangga) oňa 1022-ýylda atasyndan Bali adalary geçýär.  1037-ýylda we merkezi Ýawany birleşdirýär. Arilangga taryha Ýawa ýerlerini  birleşdiriji hökmünde geçýär.  Öl ekerançylyga söwda uly üns  berýär. Ol günorta –gündogara  Aziýadan, Hytaýdan, Hindistandan gelýärler.  Ol iudizm dinine uly üns berýär.  Onuň iki aýalyndan hem öz çagasy bolmaýar.  1049-njy  ýylda ol aradan çykýar.  Ölmezden öň aýalynyň yzyndan gelen çagalaryna ýurdy ikä bölüp berýär.  Ol ölenden soň dawa jenjel bolmazlygyny isleýär.  Birinji ogluna  Brantas etrapyndan Panjaly knýazlyga çenli,ikinji ogly jahhala  derýasynyň aşak akymy, Kedra çenli eýe bolýar.  Kedri güýçli, gülläp ösýän knýazlyk bolýar.  Ol Galiýadada täsirlidi, ol Persiýa arap ýurtlary bilen söwda edýär.  Emma daýhanlaryň närazylygy döreýär.  Goňşy Tumapel knýazlygyndan bolan Kepr Angrak 1222-da Kedri gündogar Ýawany ozone boýun egdirýär.  Täze döwlet Singozarini esaslandyrýar. Ol ähli etraplary öüne birikdirýär.  Bu ýere köp söwdagärler gelýär.  Olaryň köpüsi günbatar Hindistana Arap we Terd döwletlerindedi. Söwdagärler Arhipilakda yslam dinini ýyýradypdyrlar.  Ýöne XIII- asyrda Hytaýlylar hem köp agalykda söwdagärler, garakçylar, goşuna gulluk edýän  esgerler, ýewropalylardan  Mark Pollo 1292-nji ýylda, 1321-nji ýylda Katolik dindary Odariko do Pordenone bolýar. Täze Majapahit döwleti döräp, çalt ösýär.  Olbarada orta asyr kitaby bolan”Rajalaryň” kitabynda 1295-1328 beýan edilýär.  Suwaryş işleri kämilleşdirilýär, täze ýerleri özleşdirýär.  1364-nji ýylda ony dolandyryjy Gaji Mari aradan çykandan soňra  döwlet aşak gaçyp başlaýar. Ezilen daýhanlaryň närazyçylyklary, ykdysady kynçylyklary, dini näsazlyklary döreýär.  XV asyrda günbatar Malaki güýçlenýär. Olara Hindistandan söwdagärler gelýär. Söwda kwantallary peýda bolýar Ýöne bütin Indoneziýany alanymyzda onuň esasy sebäbi iri ýer eýeçiliginiň dagynyklygy bilen baglanşykly. Ýöne Indoneziýanyň halky ykdysady medeni we etniki taýdan ýakynlaşyp başlady. Medeniýetinde millililik duýulýardy.  1035-nji ýylda  “Arjunyň taýy” diýen etniki eserinde  Ýawada teatr, gurjak teatry barada gürrün berýär.  Sanskrit dili we edebiýaty peýda bolýar.  Indoneziýada iň irki musulman ýazywy 1082-nji ýylda peýda bolýar Ol baradaky maglumatlar Ýawadan tapyldy.  Demirgazyk Lumatriýada yslam dini güýçli bolýar. Sebäbi ol ýere musulman söwdagärleri köp barýarlar.  Owadan matalary dokamak, zergärçilik, nagyş salmak bilen şöhratlanypdyr.  Gymmat bahaly metallardan şaý- sepleri öndüripdirler.  Edebiýat, teatr, sungaty binägärçilik ösýär. Gadymy dillere derek  Ýawa dili geçýär.  Gurjak teatry şu günlere çenli gelip ýetdi.  Artisler iri ýer eýeleriniň  howlusynda, obalarda baýramçylyklarda oýnapdyrlar.  Ýurtda köp ybadathanalar owadan nagyşly edilip gurlupdyr.  Ýurdyň merkezinde kerpiçden ýasalan owadan jaýlar giň köçeler bolup, daşyna daşdan gümew diwarlary aýlapdyrlar,goramak üçin.  Malaý dili bütin Arhipilaga ýayrapdyr.  Indoneziýa respublikasy 1945-nji ýylda döränden soň döwlet diline öwrülipdir.

Indoneziýada 150-deň gowrak halk ýashaýar. Olaryň köpüsi öz (96 %)dilleri, medeňiýeti we durmuşhy boýunça malaý-poliňiziýa diliniň indoneziýa toparyna degishlidir. Bu toparyn has uly halklary: ýawanlar, we olara kowumdash şundanlar hem madurlar, malaýlar, olara ýakyn banjaklar, minangkabauwlar, açerler, batakla we bashgalardyr.

Indoneziýanyn shaherlerinde we plantasyýa raýonlarynda hytaýlar (3 mln ýakyn), asly hindistanlylar we päkistanlylar (90 mun), araplar (100mun), gollandlar (10mun) hem ýashaýar.

Döwlet dili indonez dili.

Esasy dini yslam.

Ylatyn ýýlyk köpelişhi orta hasap bilen 2,8% (1963-70) Ylatyn üçden iki bölegi Ýawa a-nda jemlenendir. Ylatyn 70%-e golaýý oba ýerlerinde ýashaýar (1965). Ylaty 100 müňden geçýän shaherlerin her birinde 1mln-dan gowrak ýashaýar.

Indoneziýanyn sazy taryhy döwrün öňümidir. Gadym wagtlardan bary dil üsti bilen saz-söhbet edilip gelnipdir. Indoneziýanyn sazynyň esasyny 5 sesli slendro sistemasy düzýär, ol 7 sesli pelog sistemasyna çenli giňelýär. Indoneziýa sazynyň häsiýeti sypaty giň ösen geterfonaýadan we köp seslikden ybaratdyr. Indoneziýanyn häzirki zaman sazynda ýewropa notasyýasy hem ulanylýar. Garashsyzlyk gazaňylaňdan soň (1945), saz kollektiwleri milli däpleri döredijilikli ösdürmäge çalyshýarlar. Kompozitorlardan Syjasmina, A.Paşarybu, Susbini we bashgalar bellidir. 1952 ýýldan bary Jokýakartada döwlet sazçylyk mekdebi ishleýä. 1960 ýýlda konserwatoriýa, Indoneziýa klassyky sazçylyk mekdebi açylýar. 1968 ýýlda we Jokaýakartada radionyn ýanynda kämera orkestrleri hem ishleýär.




#Article 153: Indoneziýa dilleri (217 words)


Indoneziýa dilleri - Filippinde, Taýwanda, Uly we Kiçi Zond, Molukka adalarynda, Malakka ýa. Adalarynda, Go. Wetnamyn käbir raýonlarynda we madagaşkar adalarynda ýashaýan halklaryň dilleri.

Ol malaý-poliňežiýä diller mashgalasyna degishlidir. I. d=nyň ýeterlik öwrenilmandygy ony ylmy taýdan klassifikasiýalashdyrmagy kynlashdyrýar. Ilkinji Klassyfykasiýälärdä ony 8 topara (franşuş alymy G. Ferran), sonar 16 topara (golland alymy Ýa. Gonda) bölýärler. Has giň ýaýranlary: indoneziýa dili-Indoneziýanyn döwlet dili (Ýawa.a), şudan dili (Ýawa adalarynyň go-gb bölegi), tagal dili-Flippin Respublikasynyň döwlet dili, Malagasy dili-Madagaşkar adalaryndaky Malagasy Respublikasynyň döwlet dili. I.d öz tipologiýasy boýunça prefiksli we suffiksli dilleriň tipine girýär. Çekimli fonemalaryň ulanylyşhy, esasan, bir menzesh bolup, monoftonglaryn we diftonglaryn barlygy bilen häsiýetlidir. Çekimsiz fonemalaryň sostawynda aýry-aýry dillerde tapawutlar duýulýar. Sheýle-de ol dilleriň we diller toparlarynyň arasynda fonetik menzeshlikler bar. Söz bogunlary köplenç açyk bolýar, söz toparlary morfologiýa taýdan biri-birinden az tapawutlanýar. Hindi-Ýewropa dilleri üçin ishlenen düzgünler esasynda olary özärä bölmek mümkin däl. Fransuz alymlary P. Fawr, A.Mar de Maren, golland alymlary H.Tendelö, E.Ulenbek, sowet alymy A.S. Tesýolkin we bashgalar tarapyndan sözleri topara bölmegi dürli kriterleri hödür;endi.Sözlük sostawy etimölögiýa taýdan, esasan bir menzesh bolup, ol goshulmalar arkaly ýasalýan sözleriň, asyl sözleriň goshalanmagy goshma sözleriň, shonun ýaly-da Sanskrit, arap, golland, franşu, iňlis we b. dillerden girýän sözleriň hasabyna baýlaşhyp durýar. I. d-nyň hemmesi arap hatynyň esasynda düzülen elipbiýdeň peýdalaňýar. Shu dillerde köp sanly çeper edebiýat eserleri bar.




#Article 154: Indoneziýalylar (230 words)


Indoneziýalylar (orang-orang Indonesia) Indoneziýa Respublikasynda ýashaýanlaryn özine berýän ady.

Ýurduň ylatynyň 96% malaý-polinez diller mashgalasyna we go. Mongoloid toparyna degishli indoneziýa dillerinde gepleýän I-dan ybaratdyr. Lingwistler, sheýle hem etnograflar kahalatlarda indoneziýa shahasyna degishli dilde gepleýän ähli halklar, shol sanda olaryň Indoneziýadan dasharda ýashaýanlaryna hem I. diýip atlandyrylýar. Indoneziýanyn graždanlygyndaky I-yn sany 124,9 mln adam (1971). Ýurduň halklarynyň umumy sany 150-deň gowrak, dilleriniň we dialektleriň sany 1000-deň hem geçýär. Ýurduň ylatynyň 90%-I 13 sany uly halkdan (her haýsy 1 mln gowrak) durýar. I-nyň köpüsi (85 % golaýý) yslam dinine 2%-e golaýý induizm dürli gornushlerine, 4%-I hristian dinine, 3%-I buddizme we konfusiançylygy (hytaýlar) lar. I-yn emele gelmeginde hususan go. Mongoloid jynsa, melänez we weddoid antropologik tipe degishli ekwatorial (negr-awstraloid) jynsa hem-de belli ir derejede ýewropiedlere degishli birnäçe etnik komponentler gatnashýar. Go. Mongoloidler b,e,on 3-2 munýýllyklaryn sepgidiňdeň bashlap, Aziýa materiginiň go-gd raýonlaryndan tapgyr-tapgyr bolup gelýärler. Içerki we dasharky migraşyýanyn we etnik jynslaryň biri-biri bilen özärä gatnaşhyklaryň dowam etmegi netijesinde Indoneziýanyn häzirki zaman etnik ozbolushlygy emele gelýär. Ýurduň dürli halklary sosiýal-ykdysady we medeni ösüşhiň dürli derejesinde durýarlar. Indoneziýada ýashaýan köp halklarda obshina-urug gatnaşhyklaryň galyňdylary örän güýçli, papuaslarda, kuwu äkitlerde we b-da bolsa ilkidurmush obshina jemgyýetiniň alamatlary saklanyp gelýär. Häzirki wagtda Indoneziýada ýashaýan ownuk halklaryň ýakynlashmak prosesi bolup geçýär. Aragatnaşhyk we döwlet dili diýip indooneziýa dili (gelip çykyşhy boýunça malaý dili) hasaplanýar. I-nyň taryhy, ykdysadýýeti we medenýeti barada Indoneziýa (seret) diýen mäkälädä giň maglumat berilýär.




#Article 155: Indigo (112 words)


Indigo (, lat, indiçüm, gr indiköş-hindilerinki) — goýy gök kristallik madda, er, temperaturasy 390-392 gradus (kem-käsleýin dargamak bilen). Suwda we spirtde eremeýär. Beýleki organiki eredijilerde gowşak ereýär. Indigo gadymy wagtlardan belli boýag bolup, ol Hindistandan Gresiýa getirilýär. Ony indigo saklaýan ösümlikleriň Indigofera tinctoria görnüşinden alypdyrlar.

Indigonyň esasy alnyş usuly: ol aňylynyň hlor-uksus kislotasy bilen täsir edilmeginde fenelgsin alynýar, ol bolsa aşgar bilen işlenilýär; şunda emele gelen indoksil howanyň kislorody bilen indigony oksidleýärler. Reňkiniň tiz solýanlygy sebäpli, ol has durnukly kub boýaglary bilen çalşyrylýar. Pagta süýümini, ýüňi gök reňkde boýamaklykda giňden ulanylypdyr. Indigonyň 19-njy asyrda nemes organik himigi Baýer tarapyndan açylmagy, onuň gurluşynyň we sintezlemek metodynyň öwrenilmegi indigoid boýaglarynyň öndürilişini ösdürmäge itergi berdi.




#Article 156: Indigirka (136 words)


INDIGIRKA Ýak. ASSR0nda ýerleshýan derýa. Uzynlygy 1726 km, basseýninin meýdany 360 mun km kwadrat. I. Hastah we Taryn-Ýurýah derýalarynyň birleshmesinden emele gelip, Gd Sibir deňzine guýýar. Hastah we Taryn-Ýurýah derýalary goshulandan soň I. Oýmýakon daglarynyň has peselýäň bölegöndeň dg-gb tarapa akýar. Sonar dg-a öwrülip, Çerskiý gershinin ençeme dag ulgamlaryny kesip geçýär. I. çün dereleriň içinden akyp, köp sanly boşagalary emele getirýär. Ýana-Indigirkä pesliginde onuň hanasy giňelýär. Esasy goshantlary: Çepden Kýunte, Kuýdudun, elgi, Seleninýah, Uýandyna; sagdan Nera, Moma, Badýariha, Esasan, ýagysh we gar suwlaryndan suwlanýar. Oktýabrda doňup maýýn ahyrynda-iýunyň bashlarynda dony çözülýär. Tomsuna joshýa, gyshyna ujypsyz akýar. Üst-Neranyň ýanynda suwuň ortaça sarp edilişhi 428 m3/sek, Woronsowyn ýanynda 1570 m3/sek I/ balyga (rýapushka, çirmiksun, nelma, omul, syg) baýdyr. Moma derýasynyň guýýan ýerinden bashlap gamy gatnawlydyr (1086 km). Esasy gamy guralgalary , Drushina, Çokurdah, Tabor, I-nyň basseýinden altyn alyňýar.




#Article 157: Indiwidualizm (186 words)


Indiwidualizm (,  — bölünmeýän) — buržuaz ideologiýasyna we moralyna mahsus bolan ahlak ýörelgesi. Indiwidualizmiň teoritiki esasy jemgyýetde şahsyýetiň absolýut hukugyny, absolýut özbaşdaklygyny ykrar etmekden ybaratdyr. Agalyk ediji synplaryň ideologiýalary indiwidualizmi adamyň tebigatyna guýlan, üýtgemeýän hadysa hasaplanylýar. Hakykatda bolsa indiwidualizm ýörelgesiniň sosial esasy hususy eýeçilige daýanýar we ol şahsyýet bilen adamlaryň, kollektiwe, jemgyýete garşy goýulmagyny, jemgyýetçilik bähbidiniň hususy bähbide boýun egdirilmegini aňladýan sosial hadysadyr. Buržuaz teoritikleriň indiwidualizm teoriýa taýdan has doly esaslandyryjylardyr. Indiwidualizm konsepsiýasy buržuaz gatnaşhyklarynyň ýaňy döräýen döwründe feodalizm we katoliki buthananyň hasrat zynjyryndan şahsyýtiň halas bolmagy ugrundaky göreşe belli bir derejede peýdaly rol oýnan hem bolsa, burjuaziýasynyn agalyk ediji synpa öwrülmegi bilen, ol kapytalistik ekspulatisiýa makullaýan idiýalogiýa bolup hyzmat edýär, 19 asyr nemes idealist filasoflary Shtirnerin we Nisshanin ishlerinde I. egoism jynsparazlygyn, shohratparazlygyn in ýokary derejesine ýetilýär. Hemde fashizmin ideýa ýaragyna öwrülýär. Antagonistik synplaryn ýok edilen we shahsy hem-de jemgyýetçilik bähbitleriň utgaşhan ýeri bolan sosialistik jemgyýetde I. kollektiwizm prinşipi bilen çalshyrylýar. Sosiýalistik jemgyýet I-in galyňdylaryny zahmetkeshlerin bähbidini göräýär. Ony kollektiwwizm ruhuňda terbiýeleýärler we onuň hemmetaraplaýýn ösmegi kapilleshmegi üçin ähli shertleri döredýär. Sowet adamlary bir adam üçin, bir adam hemmeler diýen shygar astynda ýashaýarlar we ishleýärler.




#Article 158: Induizm (323 words)


Induizm (sanskr, hindumata, hindusamaýa) — has giň ýaýran dilleriniň biri. I-in esasynda halkyň dini dushunjesinin we däp-dessurynyň real gündelik praktikasy ýatyp, ol ýerli etnik, milli we sosiýal shertlere baglylykda özünini köp dürliligi bilen tapawutlanýar. Munuň özi her hili doga okamakdan, dürli däp-dessurlary we dini düzgünleri berjaý etmekden ybaratdyr. Kasta induistlerin (bashgaça ) sosiýal guramasynyň formasy bolup hyzmat edýär. Induslaryň kultunyň we dini ynmanynyn aýratyňlygy köp halatlarda olaryň ol ýa beýleki kasta degişlidigine bagly bolupdyr. Emma adam öleňden soň, janyň başga sekile geçmegi (sansara) hakyndaky taglymat ähli induslar üçin umumydyr. Ol taglymat boýunça adam öleňden soň, onuň jany başga bir ösümlik gabagfynda, haýwan ýa-da adam bedenine gyryp, shonda ýashaýarmysh. Induslaryň düşünsine görä, her bir adamyň öz etmişinde baglylykda onuň jany oňat ýa-da erbet sekile öwrülýärmiş. Şoňa göräde öleňden soň, başga sekile öwrülmek zynjyryndan halas bolamgy gazanmak-moksa in ýokary dini maksat hasaplanýar. I-nyň dürli dini-filasofik taglymatlarynyň esasy mazmuny moksalygy gazanmagyn ýollarynyň we mümkinçilikleriniň işläp düzmekden hemde esaslandyrmak ybaratdr. Dini filasofiýada uçhudaýlyk ideýasy öne surulýar. Abstraçt häsiýete eýe bolan Brahman hem-de iki sany baş hudaý Wisnu we Siwa. Bularyň birinjisi Älemi dörediji, ikinjisi ony goraýjy, üçinjisi ony rujy hökmünde çykyş edýär.

Wedler (gimnler, brahmanlar, aranýaklar, upanisadlar), eposy, aýratyn onuň, diýen bölümleri ähli induslar üçin keramatly edebiýat hasaplanýar. I-in irki orta aşyrlarda esaslandyrylan dini garaýýs we praktiki komlekisnde soňky döwürlerde şeýle hem bir düýpli. Özgeriş bolmady, ýöne her dürli sektantçylyk hereketleri, eserler, taglymatlar döräp durýar. Olardan has görnüklisi bhaty hereketidir (12-17 aşyrlar) 16 asyrda bhaktinin bir akymynyň esasynda sikhizm döreýär.

Hindistanda milli-azat edijilik hereketiniň dörän we ýaýbaňlanan döwri bolan 19-20 aşyrlarda şol hereketiň agalyk ediji ideologiýasynyň hasaplanan burjuaz milletçiligi I-in tazedden döreýiş we reformaşyýa formalaryny (Indus renessans,. neoinduizm) Kabul edýär. Köp sanly dini reformatorçylyk jemgyýetler we guramalar, jemgyýetçilik ishgarleri, ideologlar, akyldarlar (Rammohon Raý, Ramakrishna, S Wiwekananda, D SaraswatiR. Tagor.M K.Gandy we bashgalar) neoninduizm wekilleri bolup çykysh etdiler. Häzirki wagtda garashsyz Hindistanyň sosiýal durmuşhyňda entek geçmişhiňiň galyňdylary , dini obshina onushyzyzlyklary sanlansa-da, I-in sosiýal bahasy barha daralyp bashlaýar.




#Article 159: Induktiw logika (235 words)


INDUKTIW LOGIKA - logikanyň bölümi ol bölekleýin netijelerden umumy netijeleri çykarmagyn logiki proseslerinden öwrenýär. Adaty logikanyň wekilleri, mysal üçin, Mill ýekeleýin, empiriki bilimlerden umumy teoritiki bilimleri almaklygyn prosesleriň aňalyz etmek, öwrenmek I. l-nyň wezipesidir diýip tassyklaýar. Logikanyň taryhynda I. l-nyň predmeti 19 asyrda iňlis logikaçasy uewell tarapyndan esaslandyrylan gipotetik-deduktiw metodynyň möçberinde ylmy tassyklamalary barlamaklygyn logiki kriterlerini analizlemek bilen çäklendirýän bashga garaýýs hem bolupdyr. Şoňabaka bu garaýýs häzirki zaman logiki ylmynda özüniň bir näçe tarapdarlaryny tapýar. Emma şeýle-de bolsa bu konsepsiýa I. ll-nyň meselelerini doly we gutarnykly öz içine alyp bilmeýär. Çünki ol ylmy bilimleri almaklygyn proseslerini logikanyň metodlary esasynda analizlemekden, ýagny olary induwidual anyn aýratyňlyklaryna bagly bolmazdan, akyl ýetiriş prosesleriniň obýektiw mazmuny bilen kesgitlenýän jemgyýetçilik zerurlygy hökmünde analizlemekden dashlasýar. I.l-nyň taryhy problemätikasy umuman teoritiki we empiriki bilimleriň arasyndaky gatnaşhyklary öwrenmegiň has giň gneşölögik problemasy bilen, gönüden-göni gözegçilik etmeklige we ekspirmente esaslanýan ylymlaryň logikasynyň hem-de metodologiýasynyň meseleleri bilen ýakyndan baglanşyhýar. Häzirki zaman I.l özüniň çäklerini barha giňeldýär. Indio l diňe bir bölekleýin netijelerden umumy netijeleri çykarmaklygy öwrenmän, eýsem barlanylýan bilimiň hakykatlylygyny hakykylygyny bize belli bolan bilimleriň esasynda dogry anyklap bolmadyk wagtda, diňe soňky alnan bilimleriň ilkinji bilimi tassyk edýäňligini ýa-da etmeýäňliligini kesgitlemek mümkin bolan wagtda ýüze çykýan ähli logiki gatnaşhyklary hem öwrenýär. Shonun üçin-de häzirki zaman I. l=synyň esasy dushunjelerinden biri hem empiriki bilimleriň bar wagtynda ymy çaklamalaryň ähtimallygy hökmünde ündeňilýäň subut etmekligin derejesi hakyndaky dushunjedir. Bu bolsa häzirki zaman I.l-synyň ähtimallyk teoriýasynyň logikasyna öwrülýändigini görkezýär.




#Article 160: Induktiwlik (156 words)


Induktiwlik (lat. Indiçtio-gönükdirme, inetleme) - elektrik zynjyrýýn magnit häsiýetlerini aňladýan fiziki ululyk. Geçiriji konturda akýan tok töwerekdäki giňişlikde magnit meýdanyny döredýär, şonda konturyn içinden geçýän magnit akymy (F) togun güýjüne (I) göni proporsionlardyr: F=LI Proporsionallyk koeffisientine (L) I. ýa-da konturyn samoinduksiýa koeffisienti diýilýär. I. konturyn ölçeglerine we formasyna, sheýle hem onuň ýerleşen seredasynyň magnit syzyjylygyna baglydyr. Birlikleriň halkara sistamasynda (seret) I-in birligine genri (gn) diýilýär. SGS birlikler sistemasynda (seret) I-in uzynlyk ölçegi bar, shonun üçin hem bu sistemada I-in birligine sm diýilýär döreýän somoinduksiýanyn ehg-I (E) I-in üsti bilen anladylýar.
(-togun wagtyn dowamynda üýtgemegi). Togun berlen güýjünden I. togun magnit meýdanynyň energiýasyny (w) kesgitleýär.
I.näçe köp bolanda, tokly konturyn toweregindki ginishlikde jemlenýän magnit energiýasy hem shonça köpdür. Eger elektriki we mehaňyky hadysalaryň arasynda menzeshlik bar bolsa, onda magnit energiýasy kinetiç energiýasy. Bilen deneshdirilmelidir (bu ýerde m=jisimiň massasy, W=onuň hereketiniň tizligi) . Diýmek I. massasynyň roluny tok bolsa tizliginiň roluny oýnaýar. Netijede I. togun inersiýa häsiýetlerini kesgitleýär.




#Article 161: Induksiýa (238 words)


Induksiýa (lat. Induçtion-gönükdirme) - logiki piker ýöretmäniň bir görnüşhi. Akyl ýetirmegiň bölekleýin zatdan umumy zada., faktlardan teoritiki netijelere tarap hereketi bolup, köp sanly obýektleri öwrenmekde toplanan informaşyýany birnäçe täze obýektlere ýaýratmagyn ýoluny aňladýan I. gadymy hytaý we grek filosofiýasynda, Aryştotelin eseinde düş geliňýär. Ylmyn ösmegi ençeme faktlary jemlesdirýar, umumy kanunlaryň üstüni açýar we I. köp alymlarýýn ünsüni ozone çekýär. F. Bekon täze dushunjani emele getirmegiň ýoly hökmünde tejribany we I-ny öne sürýär. Soňra I. teoriýasyny anglýaly alymmlar J.Gersel, J.Ç Mill we b. ösdüripdirler. Russiýada I. teoriýasyny islänleriň hataryna Karinskiý we Rutkowiskiý girýär. Emmaa marksizmdeň öňki filasofiýada I. barasynda yzygiderli taglymat bolmaňdyr. Käbir ugur ylmy barlaglarda diňe I-ny ykrar etse, bashga biri oňa kembaha garap, deduksiýany (seret) Idealizasiýalashdyrypdyr.
Marksistik filasofiýa I=ny we deduksiýany özärä baglanyşdyrýar we olary umumy ylma metodlarynyň biri hasaplaýar. Aýratynda, ylmy metodlaryň biri hasaplaýar. Aýratyn-da, ylmy çaklamalaryň ýüze çykmagynda, ylmy pastutlary formulirlemekde hem-de kanunlary açmakda I-nyň uly ähmiýeti bar. I. ekspirment geçirmek bilen bagly bolan ähli ylymlaryň şyňalaň usulynyň biridir. Ylaýta-da I-nyň esasy aýratyňlygy onuň bar bolan aýry pursatlaryda öz içine alyp, ähtibarly umumylashdyrylan bermeginden ybaratdyr. Ýöne sheýle ýagdaý mukdary çakdanaşa köp bolmadyk obýektlerde degishlidir. Durmushda hemishe ähli obýektleri gözden geçirmek mümkin däl. Shona görä I. doly bolmanm onuň berýän netijeşem problematyç häsiýetiňde galýar. I. ähtimallyk bilen ýakyndan baglydyr. Häzirki zaman i. teoriýasynyň esasy bolup hyzmat edýän ähtimallyk logikasy döredi (seret: Deduksiýa, Akylýetirish teoriýasy)

Pýatnisin B.N, Subbotin A.L sobrasheniýa o postroýeniýa induktiwnoý logiki , 1969 N2.




#Article 162: Seýitnazar Seýdi (115 words)


Seýitnazar Seýdi-Türkmen Serkerde Şahyry.1768-nji ýylda Lebap welaýatynyň Lamma obasynda eneden bolýar.Şahyr Buhara şäherinde bilim alyp sol ýerde hem Zelilä duşýar.Şahyra serkerde şahyr diýilmeginiň sebäbi ol gosgudyr hekaýa yazmakdan başga Türkmen dag ýigitlerine urş-söweş tälimlerini hem öwredýär ekeni. Şahyrlyk ýyllary ol at üstünde geçiryär. Beýik serkerde şahyr açyk yürekliligi, watansöýerligi, mertligi hem-de edermenligi öz goşgularynda wasp edipdir.Lebap hoş indi, Dönmenem begler,Bolan bardyr,Gelin,Ýigitler,Biçäre bolup gitdim,Mübärek bolsun,Ärsarynyň ýigitleri hem-de beýleki goşgulary türkmenleriniň yüregini joşdurýar!Şu wagtlar onuň  adyna köçeler, baglar hem-de şäherler bardyr. Onuň esasy  ýadygärligi bolsa Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynda Lamma obasynda ýerleşýär. Şahyr we onuň gyr atynyň yadygärligi Lebap welaýatynda esasy gadymy yadygärligi diýip hasaplanýar. Onuň özi gaty metal, Bronzadan gurulan hem-de mahal-mahal  täze özgerişlere eýe bolýar.




#Article 163: Tekstil (131 words)


Tekstil pudagynda dokma, örme we ş.m. önümçilik prosesi bilen öndürilen matalara tekstil diýilýär.

Tekstil önümçiligi iň gadymy sungatlaryň biri bolup, senagat rewolyusiýasy bilen önümçilik tizliginiň artdyrylmagy we prosesleriniň kämilleşdirilmegi, ilkinji tekstil önümleri bilen häzirkizaman önümleriniň arasynda diňe hil we mukdar taýdan ösüş bilen netijenlendi. Önümlerde we önümçilik logikasynda bolsa kän bir üýtgeşiklik bolmady. 
Paleolit döwrüne degişli diýlip çaklanylýan ilkinji tekstil önümleri Ýakyn Gündogarda tapylypdyr.

Tekstil pudagynda ulanylýan çig mallar ösümlik, haýwan, mineral we sintetik süýmlerdir.

Haýwan süýmleri üçin eldeki we ýabany haýwanlaryň tüýlerinden ýa-da gyllaryndan peýdalanylýar.

Iň esasy tüý süými goýun ýüňüdir.

Geçi, at, towşan ýaly haýwanlaryň gyllary.

Ýüpek ýüpek gurçugyndan alynýar we ýeke-täk yzygider tebigy süýmdür.

Pagta, keten, bambuk süýmleri geýim öndürmek maksady bilen ulanylýar.

Aswest we bazalt süýmleri esasan hem gurluşyk pudagynda tehniki tekstiller hökmünde giňden peýdalanylýar.

Sintetiki Poliizopiren




#Article 164: Balkan welaýatyndaky taryhy ýadygärlikler (876 words)


(1102-nji ýylyň minarasy)
Juma metjidine degişli diametri 8 metr bolan bu minara 20 metr belentlige çenli saklanypdyr. Alymlaryň çaklamagyna görä, bu olaryň salnan wagtky beýikliginiň ýarysy bolmaly. Bu ymarat şertleýin Demirgazyk minarasy ýa-da Abu Jafar Ahmediň minarasy hem diýip atlandyrylýar. Ol köpçülikleýin ybadathana metjidiniňkidir. Minaranyň özünde inliligi 90 sm. töweregi bolan aýlawly merdiwan gurlupdyr. Merdiwanyň her bir basgançagynyň derejesinde minaranyň öz ýüzünde hem-de daýanç sütüninde 20 sm. töweregi çuňlukda çukur bar, bu bolsa kerbiçden edilen basgançaklaryň agajyň kömegi bilen bejerilenligine şaýatlyk edýär.

Minara kerpijiniuň nagyşly örülişiniň kämilligi bilen hem-de desganyň sütüniniň daşyna üç gezek aýlanan arap hatly lentasy bilen täsindir. Relýef ýazgylary kerpiçden kufa stilinde ýazylypdyr. M.Ý.Massonyň düşündirişine görä ortaky tekstde şeýle diýilýär: “Eziz keremli Allanyň hormatyna! Allanyň medetkärliginde! Rabadyň eýesi Aby-Japar Ahmet Abu-El-Agarra oglunyň buýruk berenliginden, goý ony Allah belent etsin! Aly Zyýadyň (oglunyň) işi”. Aşaky ýazuwyň soňlaýjy bölüminde metjidiň we minaranyň gurlan wagty hijriniň 495-nji ýyly ýa-da milady hasabyndan bolsa 1102-1103-nji ýyllar getirilipdir.

(XIII asyr)

Horezm şalarynyň döwlet ulgamyna giren orta asyr şäheri Misserian Türkmenistanyň söwda we senetçilik merkezleriniň ulularynydan biri bolupdyr. Onda Horezm şalarynyň döwründen galan ýeke-täk ýadygärlik, köpçülikleýin ybadathana metjidiniň galyndylarydyr. Metjidiň esasy jaýynyň portalynyň iki pilony we häzirki wagtda 20 metre çenli ýokary göterilip duran minarasy saklanypdyr. Metjidiň ortasy howuzly, tüweregi gümmezli galereýa bilen gurşalan gönüburçly howlusy bolupdyr. 18 metrlik portal ol galereýanyň üstüne abanyp duran eken. Minara-da, portallaryň sütünleri-de alebastradan edilen palçyk arkaly bişen kerpiçden (21x21x4,5 sm.) örülipdir. Portal dury gök reňkli geometrik we epigrafik şekilleriň guýma terrakot nagşy bilen kemsiz bezelipdir.

A.A.Semýonow we M.Ý.Masson tarapyndan portal ýazgysynyň okalan böleklerinde gurluşygyň wagty we atlar hakynda möhüm maglumatlar berilýär. Tekstde Gurhanyň mazmunyndan alynanlardan başga, şeýle sözler bar: “...dünýäniň we diniň beýigi, yslamyň we dindarlaryň goragçysy, älem-jahanda Allanyň kölegesi, soltan Muhammet soltan Tekeş ogly...”. Ýazgyda Horezmiň hökümdary soltan Muhammediň (hökümdarlyk eden ýyllary 1200-1220-nji ýyllar) adyndan başga metjidi we minarany guranlaryň atlary - Abul-Hüseýin ibn-Muhammet an-Nak we Muhammet ibn-al-Hüseýin an-Nak hem getirilipdir.

(X asyr)

Maşat-Misserian şäherçesinden 7 km demirgazykda Maşat gonamçylygy ýerleşýär. Häzirki wagtda bu ýerde XI-XII asyralara degişli atsyz kümmetleriň ýarym ýykylan harabaçylyklary bar. Şolaryň arasynda iň oňat saklanyp galany Şirkebiriň metjit-kümmetidirdir. Hürärmenleriň kesgitlemegine görä bu metjit IX-X asyrlarda bina edilen bolmaly. Bu bina 11 metr töweregi bolan çaklaňrak gümmezi bilen tapawutlanýar. Bu jaýyň içinde mährap bar. Ähtimal munuň içinde jaýlaýyş dessurlary ýerine ýetirilendir we bu jaý metjidiň wezipesini hem berjaý edendir.

Düýbüne tarap galňaýan diwarly (ortaça galyňlygy 1,5 metr töweregi) inedördül mawzoleý (taraplary 8,1 metr) inedördül çig kerpiçden (23×25×6 sm) gurlupdyr we iç ýüzünden her diwary 40 sm töweregi çuňlukda, beýik göni üç sany tagçaly desga bolupdyr. Gündogar diwarda aýratyn bezelen mährap bar. Mährabyň çeperçilik bezegi sungatyň seýrek duöýan nusgasydyr. Onuň ýitip barýan reňkleriniň yzy saklanypdyr.

Köp gezek edilen rejeleýiş işleri we üýtgedip gurmalar desganyň ilkibaşdaky kompozisiýasyny bozupdyr. Häzirki wagtda jaýyň daş keşbi özüniň çeperçilik mertebesini ýitiripdir, emma onuň iç ýüzüniň bezegi öz täsinligini saklapdyr.

Arap syýahatçysy Al-Makdisi (X asyr) “agaç sütünleriň üstünde” duran, uly şöhrat gazanan köne metjit hakynda aýdanda, belki şu ýadygärligi göz öňünde tutandyr.

'Türkmen Stounhenj'- Magtymguly etrabynyň Çendir jülgesiniň Ak obasynyň golaýynda, Gyzyl Ymam gonamçylygyň günorta-günbatarynda ýerleşýär. Ol ýerdäki gadymdan dikeldilen, ýogynlygy 30-40 santimetre ýetýän, iň beýigi ýerden 5 metrden gowrak saýlanyp duran daşlar öz ýasalyş aýratynlyklary boýunça ençeme jogapsyz sowallary orta atýar. Bu täsin mesgen baradaky ilkinji maglumatlar baryp 1929-nji ýylda peýda bolýar. Olary ilkinji bolup şol döwrüň belli alymlary A.P.Poseluýewskiý, W.E.Masson we beýlekiler öwrenipdirler. Şol alymlar olary başujy daşlar diýip, hasaplapdyrlar.

Emma, ol ýere baryp, iň günorta-günbatarda oturdulan daşdan beýlekilerine seredilen halatyňda, welin, bu daşlaryň ýörite bir maksat bilen oturdylandyklaryna göz ýetirmek bolýar. Çünki, burçdaky daş beýleki daşlara görä hasapbaşy hökmünde oturdulypdyr diýen netijä geleniňi duýman galýarsyň. Ol daş gönüburçyň bissektrisasyna perpendikulýar, ýüz tarapynda bolsa töwerek 45 gradusdan sekiz bölege bölünipdir. Ol daşdan beýleki daşlara seredilen halatynda, beýik daşlaryň dörtburçlugyň perimetrinde oturdylandygy aç-açan görnüp dur. Ol dörtburçlygyň içinde bolsa beýik bolmadyk, dürli aralyklarda, dürli ugurlarda dikeldilen daşlaryň ençemesini görmek bolýar. Dörtburçlugyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän, ýykylan binanyň düýbi bolsa ol ýerde bir wagtlar gözegçilik edilen binanyň bolanlygyna şaýatlyk edip dur. Çünki, ol nokatdan töwerek-daşa gözegçilik etmek diýseň amatlydyr.

Eger-de, bu daşlara astronom hökmünde ser salynan halatynda, olaryň belli bir maksat bilen gurulandygyna, göz ýetirmek bolýar. Daşlardaky ýazgylaryň käbiri bolsa ol ýerden 8 kilometr uzaklykdaky Bezegli deräniň gowaklarynyň diwarlarynda, gaýalarda mundan 14 müň ýyl öň çekilen käbir nyşanlary ýada salýar. Diýmek, ol nagyşlary şol ýerlerde ýaşan adamlaryň ýa-da olaryň nesilleriniň galdyran bolaýmagy gaty ähtimaldyr. Daşlary gören adamlarda ilki döreýän sowallaryň biri hem Bu daşlar nireden getirildikä?! diýen sowal bolsa gerek. Çünki, ýakyn golaýlardan asla şeýle uzynlykdaky daşlary tapar ýaly ýeriň ýoklugy mälimdir. Galyberse-de, beýik daşlaryň kiçi daşlara görä ýerleşişi, ol ulgamyň Türkmenistanda, şeýle-de adamzat siwilizasiýasynda iň gadymy dörän sada obserwatoroiýalaryň biridir diýen netijä gelmäge mümkinçilik berýär. Şeýle halatda, ol türkmen Stounheji diýen ada mynasyp bolýar.

Mälim bolşy ýaly, Angliýanyň Stounhenj (Stonehenge) obserwatoriýasyndaky daşlar boýunça pasyllaryň çalyşmagyny, Aýyň we Günüň tutulmaklaryny kesgitlemek üçin oturdulana meňzeýär. Gyzyl Ymamdaky köp sanly ululy-kiçili daşlar, belli bir kanunalaýyklykda ýerleşdirilen ýaly bolup görünýär. Emma onuň anygyna ýetmek üçin bu mesgende hemmetaraplaýyn arehologiýa we astronomiýa ylymlaryna görä ylmy-barlag işleriniň geçirilmegi zerurdyr. Eger, ol, hakykatdan hem, türkmen Stounheji bolup çykaýsa, onda bu ylym we taryh üçin iňňän uly ähmiýete eýe bolar we Türkmenistanyň bu çäginde öň siwilizasiýanyň henize çenli mälim bolmadyk aýratyn ojagynyň barlygy ykrar ediler hem-de Türkmenistanyň taryhynda ýene-de bir ajaýyp altyn sahypa açylar. 




#Article 165: Ahal welaýatyndaky taryhy ýadygärlikler (1394 words)


Dünýä medeniýetiniň taryhynda Parfiýanyň siwilizasiýasyna aýratyn orun degişlidir. Merkezi Aşgabadyň golaýyndaky Nusaýda ýerleşip, Günorta Türkmenistanyň daglary, düzlükleri hem-de sähralary onuň sallançagy bolupdyr.Ony döredijiler türkmenleriň gadymy ata-babalarynyň biri bolan dah-parn taýpalary bolupdyr. 

B.E. öň IV asyrda grek-makedon goşunlarynyň zarbasy astynda Ahemenitleriň imperiýasy dargapdyr. Aleksandr Makedonskiniň (Iskender Zülkernaýin) oruntutarlary bolan selewkitleriň döwründe Baktriýa, Parfiýa we Horezm döwletleri döräpdir. B.E. öň III asyrdan B.E. III asyryna çenli 600 ýyla golaý dowam eden Parfiýa döwleti uly imperiýa öwrülip, B.E. I asyryndan başlap Rim imperiýasynyň bäsdeşine öwrülipdir. Özüniň gülläp ösen wagtynda Ortaýer deňzinden Demirgazyk-Günbatar Hindistana çenli ýerleri öz içine alan Parfiýa imperiýasynyň esasy özeni Partawa bolupdyr. 

Hut şu ýerde B.E. öň 247-nji ýylda Garagumda ýaşaýan aparn (ýa-da parn) taýpasynyň serdary Arsak Partawy eýeläpdir. Bu ýerdäki selewk satrapy Andragor öldürilipdir. Şondan soň Arsak özüni garaşsyz Parfiýanyň hökümdary diýip yglan edipdir. Parfawnisada Arsakidler neberesiniň mülkleriniň administratiw we ykdysady merkezi gurlupdyr. Köne Nusaýda geçirilen arheologik gazuwlar mahalynda tapylan dokumentler bu galanyň adynyň Mitridatkert bolandygyny kesgitlemäge mümkinçilik berdi. Ol B.E. öň 171-138-nji ýyllarda patyşalyk eden Mitridat I tarapyndan gurdurylypdyr.

Köne Nusaýda demigazyk we günorta atlandyrylýan iki sany arhitektura toplumy bolupdyr. Weýran bolan demirgazyk toplumdan 1948-nji ýylda pil süňkünde (şirmaýydan) edilen meşhur ritonlar tapyldy. Günorta toplumda üç sany desgany - diň şekilli ymaraty, inedördül we tegelek zallary tapawutlandyrmak bolar. 

Köne hem-de Täze Nusaý şäherjiklerinde gazuw-agtaryş işleri geçirilende ajaýyp arhitektura, sungat ýadygärlikleri, keramiki gap-gaçlaryň böleklerine ýazylan hojalyk dokumentleriniň deň-taýy bolmadyk arhiwi ýüze çykaryldy.

Parfiýa şalarynyň genji-hazynalary saklanylýan gaznalary köp sanly jaýlardan, eýwanlardan hem-de içerki howlujyklardan ybarat ägirt uly dörtgyraň desga bolupdyr. Gaznalaryň jaýlary gymmatbahaly zatlardan dolan badyna olar petiklenip, özboluşly seýflere öwrülipdirler.

Genji-hazynalaryň saklanylýan gaznasyndan şirmaýydan ýonulyp ýasalan ritonlaryň uly toparynyň ýüze çykarylmagy öz wagtynda asyryň tapyndysy diýlip atlandyryldy. Ritonlar bilen doldurylan tutuş bir otagyň üsti açyldy. Ritonlar şirmaýydan ýonulyp ýasalyp, olaryň käbirleriniň detallary altyn çaýylan bürünçden, sap altyndan we bürnçden taýýarlanypdyr. Ritonlarda dürli kompozisiýaly güberçek gazma nagyşlar ýerleşdirilipir. Ritonlar kentawrlaryň, ýolbarsa çalymdaş grifonlaryň, aýallaryň we ş.m. keşbi bilen bezelipdir. 

Bezeg-haşamlarynyň kompozisiýalarynyň sýužet äheňi esasan grek mifologiýasy bilen baglanyşykly bolup, ýöne grek mifleriniň personažlaryna ýerli, parfiýa häsiýeti berlipdir. Ritonlaryň birinde Parfiýa şalygyny esaslandyryjylaryň biriniň şaýylygyň ýüzündäki “skif” eşigine çalymdaş lybasly parfiýaly gabat gelýär. Beýlekileriniň käbirinde bolsa garamaýak parfiýalylary görýäris.

Gaznadan altyn çaylan gündogar tipli söweşjeň altyn paltajyk, ikiýüzli gysga gamalar, demir sowudyň bölekleri ýaly şa ýaraglarynyň görnüşleri hem tapyldy. Şanyň baýramçylyk galkany-da ussatlarça taýýarlanyp, kaşaň bezelipdir.

Halk arasynda Seýit Jemaleddiniň metjidi ady bilen belli bolan bu ymaratyň galyndylary Änew şäherçesiniň gündogarsynda ýerleşýär. Arheologik maglumatlar Günorta Türkmenistanyň eneolit zamanynyň ýadygärliklerini “Änew medeniýeti” diýen at bilen ylmy dolanyşyga girizmäge mümkinçilik berdi.

Ansambly dört desga - metjit, onuň öňündäki gabyrüsti we beýik gümmezli zaly bolan iki sany jaý emele getiripdir. Bu çylşyrymly desga metjidiň, guburhananyň, medresäniň we hanakanyň wezipelerini ýerine ýetiripdir.

Änewdäki metjidi öwrenmegiň başlangyjyny 1886-njy ýylda W.A. Žukowskiý başlapdyr.1904-nji ýylda harabaçylygy R. Pompelliniň amerikan ekspedisiýasy gazypdyr. Sonky ýyly A.A. Semýonow metjidiň gysgaça beýanyny hen-de ony öwrenmäge çakylygy çap etdiripdir. 1920-nji ýyllarda A.A. Karelin we W.R. Tripolskiý deformasiýanyň we weýranlanmagyň sebäplerini barladylar, inžener S.S. Sklaýarowskiý bolsa çyzgysyny ýerine ýetirdi. Ýadygärligi konserwasiýa etmek işlerini dürli wagtlarda W.R. Tripolskiý we N.M. Baçinskiý amala aşyrdy. 1947-nji ýylda M.Ý. Massonyň ýolbaşçylygy astynda Günorta Türkmenistan arheologik kompleksleýin ekspedisiýasy ansambly çuň we hemmetaraplaýyn öwrenmek işini geçirdi. Şonuň netijesinde-deençeme makalalar we G.A. Pugaçenkowanyň giňişleýin monografiýasy (1959 ý.) peýada boldy.

Metjidiň portalynyň ýokarsynda Horasanyň hökümdary soltan Abul Kasym Babyryň (1446-1457ý.) ady getirilipdir. Ondaky ýazgyda şeýle diýilýär:”Bu gurluşyk beýik soltan, öz halklarynyň eýeleri, ýurtlaryň we asyrlaryň penakäri Abul-Kasym-Bayr Bahadur han patyşalyk süren wagtynda boldy, hemmeden Beýigiň özi onuň häkimiýetini we onuň paryşalygyny ebedileşdirsin”.

Beýleki ýazgylarda “Gözellik öýüni” Muhammet diýen biriniň öz kakasy Jemal-ed-dünýä-wa-d-diniň ýadygärligi üçin öz serişdeleri bilen 1455-1456-njy ýyllarda gurdurandygy hakyndaky maglumat getirilýär.

G.A. Pugaçenkowa metjidiň ýüzündäki ýazgyda ady gelýän Muhammedi soltanyň weziri bolan Muhammet Hudaýdot bilen bir diýip ynandyrýar, özi-de onuň bu ýerde jaýlanan kakasy Jemaleddiniň doglan ýeri Änew eken diýýär. Desga gurlup tamamlanmandyr, çünki soltan Babyr ölenden soň (1457 ý.) özara uruşlar we weýrançylyklar döwri başlanypdyr.

Oňat bişen kerpiçden bina edilen metjit keramik mozaika bilen we syrça bilen gysganylman bezelipdir. Beýik portalynda inli depesi çowly arasy bolan metjidiň gapysy howlynyň içine tarap açylýar eken. Gapynyň arkasynda ellistik gümmez bilen örtülen inedördül (taraplary 10,5 metr) zaly bolupdyr. Gümmez çekili arkalaryň we konstruktiw taýdan tamamlanmadyk stalaktit dekorasiýaly paruslaryň üstüde durýar eken. Peştagy demirgazyga bakdyrylypdyr we jaýyň jümmüşinde günorta diwaryň ýüzünde syrçalar bilen bezelen mährap bolupdyr. Onuň gapdallarynda günorta diwaryň ýüzünde insizje tagçalar edipdirler, olar diwaryň daş ýüzüne çykytly edilipdir. Metjidiň beýleki iki diwarynda hersinde ikiden inli çuň tagçalar edipdirler. Bu tagçalar hem hüjreli sokol etažynyň derejesinde metjidi üç tarapyndan gurşan eýwanyň içine çykytly edilipdir.

Iki gapdalynda oňa goşulyp guralan gurluşyklar metjidiň portalynyň öňündäki giň howlyny gabsapdyr. Olaryň gümmezli zallary (diametri 7 metr töweregi) iki etažynda hem kiçeňräk otaglar bilen gurşalypdyr.

Portalyň ýozaik bezeginiň çeperçilik özboluşlylygynyň uly gymmaty bolupdyr. Ol bezegde arkanyň, üstünde bir-birlerine tarap kellelerini uzadyp süýnüöip gelýän iki sany eýmenç görnüşli aždarhanyň şekili çekilipdir. Olaryň sarymtygarak göwresi ownuk ösümlik nagyşly garamtyl-mawy mozaik düşegiň üstünde towlanyp barýat, ol ownuk ösümlik nagyşlary fantastik janawarlaryň her biriniň açylan agzyndan başlanýar.

Jaýyň öň ýüzündäki monumentel sungatda şuňa meňzeş aždarhalaryň şekillendirilişiniň nusgasy Orta Aziýada başga ýok. Änew metjidinde aždarhalaryň şekillendirilmeginiň manysyna has ynamlyrak düşündirişi G.A. Pugaçenkowa berýär. Ol “munuň özi XV asyrda Änew töwereginde ýaşan ... esasy türkmen taýpasynyň totemidir, ähtimal Änewde jaýlanan şeýh Jemaleddin hem şol taýpadan bolandyr“ diýip hasap edýär.

Bu metjidiň gurluşygy hakda ýerli ilatyň arasynda ur döwürlerden bäri şeýle rowaýat dowam edip gelýär:”Bir wagtlar şäheriň gala diwarynyň düýbünde bir agaç dikilip, ondan uly jaň asylyp goýlupdyr. Başyna iş düşen her bir ýolagçy jaňy kakmak bilen şähere duýduryş berýär eken, ilat bolsa oňa kömege gelip, başyna düşen işden ony halas edýärler eken. Bir gezek adalatly we parasatly Jamalyň ýurdy dolandyrýan wagtynda adamlar jaňyň gaty we howsalaly kakylýandygyny eşidipdirler. Derwezäniň agzyna ylgaşyp gelenerinde olar ägirt uly towlanyp duran aždarhanyň jaňy kakandygyny görüpdirler. Şunda ol aždarha bir zady görkezýän ýaly edip, daga tarap ümläpdir, soňra bolsa märekäniň arasynda elleri paltaly we byçgyly duran iki ussa tarap ümlenip, daga tarap ugrapdyr. Patyşa aýal Jamal ussalara aždaranyň yzy bilen gitmegi buýrupdyr. Bular daga baranlarynda, agyr jebir çekip ýatan başga bir aždarhany görüpdirler: ol uly dag geçisini diriligine ýuwdupdyr, emma onuň buýralay şahlary aňryk geçmän, aždarhanyň bokurdagyna ilişip galypdyr. Edermen ussalar aždarhanyň açylyp ýatan agzyna girip, dag geçisiniň şahlaryny byçgy bilen kesip aýrypdyrlar we geçiniň etini böleklere bölüşdiripdirler whem-de aždarhany jebirden gutarypdyrlar. Şundan soň birinji aždarha ussalary hazynadan doly bolan bir derä eltipdir we olara şol hazynadan gereklerini hem-de göterip bilenlerini almaga ygtyýar beripdir.

Ertesi şäheriň ilatyny ýene-de jaňyň sesi oýadypdyr. Olar galadan çykanlarynda iki aždarhany hem görüpdirler, ol aždarhalar köp altyn we gymmatbahaly daşlary alyp gelen ekenler. Olar bu zatlary patyşa aýalyň öňünde goýup, özleri ýene daga tarap gidipdirler. Jamal bu gymmatbaha zatlardan uly metjit gurmagy we onuň peştagynda şu zatlary beren aždarhalaryň şekilini çekmegi buýrupdyr. Rowaýatda aždarhalar Änewiň ilatyna hossarlyk eden jandarlar hökmünde görkezilýär, olaryň şekili bolsa ýykylan metjidiň ýüzündäki ýazgyda atlandyrylyşy ýaly “Gözellik öýüni” gorap saklapdyrlar.”

Ýadygärligiň ýerleşýän ýeri: Ahal welaýatynyň Sarahs etraby

Ýadygärligiň döwri: b.e. ö. I m.ý. – b.e. XIX asyry

Ýadygärligiň taryhy:

Sarahs Beýik ýüpek ýolunyň ugrundaky Nişapur bilen Merwiň arasynda we Tejen derýasynyň ýokarky akymynda ýerleşen adybir welaýatyň merkezi şäheri bolupdyr. Bu ýere ilat eneolit döwründe (b.e.o. IV m.ý.) göçüp gelip başlapdyr.

B.e.o. I m.ý. ortasynda köne Sarahs şäherjiginiň ýerinde ilkinji obalar peýda bolupdyr.

B.e.o. II m.ý. Sarahs Parfýan döwletiniň düzümine giripdir we Siraken diýen ady alypdyr, ol syýasy we ykdysady taýdan Merwe tabyn bolupdyr. Araplaryň gelmegi bilen Orta Aziýanyň ýerli mirasdarlary bilim alanlaryndan soň, Sarahsyň ähmiýeti ep-esli artýar. Şol wagt Beýik ýüpek ýolunyň esasy ýollarynyň biriniň ugry üýtgeýär, şondan soň ol Eýranyň merkezi welaýatlaryndan Nişapura baryp ýetýär, ondan aňryk bolsa Sarahsyň üsti bilen Merwe we gündogara tarap gidýär. Sarahsyň halkara söwdasynyň aýlawyna goşulmagy onuň ykdysadyýetiniň ýokary göterilmegine amatly täsir edýär. Şol döwürde Sarahs umumy meýdany 120 gektardan, töwereginden 12 metr ýokaryk galdyrylan, 340×560 metr uzynlykda berkidilen şähristanly gür ilatly uly şähere öwrülýär. Şähristanyň 300-400 metr töwereginde, esasan, önümçilik mähelleleri ýerleşdirilipdir. Dürli görnüşli hünärmentçiligiň arasynda Sarahsyň gurluşykçy ussalary ajaýyp üstünlige eýe bolupdyrlar.

Sarahsyň ussalarynyň şöhrady Orta Aziýa we Eýrana ýaýrapdyr, muňa Sarahsyň çäklerinden daşarda gurlan ymaratlar şaýatlyk edýär. Eýrandaky Rabat-Şarif kerwensaraýynda, Merwdäki Soltan Sanjaryň äremgähinde, Jar-Gürgendäki münberde Sarahsly ussalaryň atlary saklanyp galypdyr.

Sarahsyň ussalarynyň aýdyň eserleriniň biri halkyň arasynda “Sarahs babanyň mawzoleýi” diýlip atlandyrylan Abul Fazlyň äremgähidir. Ol 1023-nji ýylda aradan çykan musulman akyldary Abul Fazylyň Sarahs şäheriniň etegindäki mazarynyň üstünde XI asyrda bina edilipdir.

XIII asyryň başynda mongol basybalyjylary Sarahsyň durmuşyna agyr zarba urupdyrlar




#Article 166: Bilkent uniwersiteti (168 words)


Bilkent Uniwersiteti (Türkçe:, Bilkent Üniversitesi) paýtagt Ankarada ýerleşýän Türkiýäniň hususy uniwersitetleriniň biridir. 1984-nji ýylda   tarapyndan ýokary ylmy işler we barlaglar üçin okuw merkezi maksady bilen döredildi. Bu uniwersitet Türkiýede açylan ilkinji hususy uniwersitetdir. Bilkent sözi goşma söz bolup,  bilim kenti Türk dilinde Bilim şäheri diýmekdir.  

Uniwersitetiň gurluşyna 1967-nji ýylda Ankaranyň günbatar tarapynda başlandy. 1970-nji ýylarda adminstratiw öýleri, inženerlik fakulteti, kitaphanasy guruldy. Soňra okuwçylar üçin umumy ýaşaýyş jaýy, uniwersitetiň işgärleri üçin binalar tiz wagtda guruldy.

Uniwersitetiň 3 sany meýdandan(kampusdan) ybarat. Ankara şäheriň merkezinden 12 km günbatarynda ýerleşýär we umumy meýdany  300 gektardan gowurakdyr.

Uniwersitetiň kitaphanasy kitaplara baý we her ýyl ýyllyk 3 milliýon Amerika dollarynda harjamalar edilýär. 2007-nji ýylda Bilkent Uniwersitetiniň kitaphanasy Türkiýäniň iň uly kitaphanasy saýlandy we häzir hem türkiýäniň iň gowy 10 kitaphanasy  diýilip kabul edilýär..

Uniwersitetiň 33 sany baklawr üçin ugurlary, 32 aspirant ugurlary bar.

  2018-däki maglumatlaryna göra Bilkent Türkiýäniň iň gowy 5 uniweritetiniň arasynda ,  we 50 ýyllyk uniweritetleriň arasynda bolsa ilkinji 100 uniwersiteleriň sanawynda, , we ykdysady ugur boýunça dünýäde ilkinji 50 uniwersitetiň sanawynda  




#Article 167: Türkmen politehniki instituty (342 words)


Telefon: 41-18-00
Türkmen politehniki institutynyň gurluşy
Fakultetler we kafedralar:
Nebit we gaz fakulteti

Himiýa tilsimaty we ekologiýa fakulteti

Binagärlik – gurluşyk fakulteti

Inžener – mehanika fakulteti

Nebit senagaty fakulteti (Balkanabat şäheri)

Türkmen politehniki institutynyň ylmy ugurlary
Türkmen poliltehniki instituty Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda öňdebaryjy inžener – tehniki ýokary okuw mekdebidir. Milli hünärmenler şu esasy ugurlar boýuça taýýarlanylýar.

Türkmen politehniki institutynyň fakutetlerinde 6 sany (şol sanda 1-i Balkanabatda) pudaklaýyn ylmy merkezler işleýär:
Nebit we gaz fakultetiniň ylmy merkezi (şol sanda Balkanabatdaky nebit senagaty fakultetiniň ylmy merkezi)
Kompýuter tilsimaty we dolandyryş fakultetiniň ylmy merkezi.
Önümçiligiň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy ylmy merkezi.
Himiýa tilsimaty ekologiýa fakultetiniň ylmy merkezi.
Inžener mehaniki fakultetiniň ylmy merkezi.
Binagärlik gurluşyk fakultetiniň ylmy merkezi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2007-nji ýylyň 12-nji iýunyndaky «Türkmenistanda ylym ulgamyny kämilleşdirmek hakynda» №8699 Kararyna we 2008-nji ýylyň 14-nji ýanwaryndaky №9378 Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ylmy işgärleri taýyarlamak hakynda Düzgünnama» laýyklykda Türkmen politehniki institutynda ylmyň birnäçe ugurlary boýunça aspirantura we doktorantura açyldy.

Türkmen politehniki institutynyň ylmy işler boýunça 2008/2009-nji okuw ýyly üçin iş meýilnamasyna laýyklykda, institutda 2008-nji ýylda 19 sany temalar boýuhça ylym-barlag işleri alnyp barylýar. Institutyň professor-mugallymlary, talyplar bilen bilelikde ylmyň we tehnikanyň iň bir wajyp meseleleri boýunça ylmy işleri geçirilýär. Ylmy işlere institutyň professor-mugallymlarynyň 143-den, talyplaryň bolsa 530-dan gowragy işeňňir gatnaşýarlar.

Türkmen politehniki institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky ýokary geňeş tarapyndan geçirilen, Döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän ylmy-barlag işleriň bäsleşigine hödürlän aşakdaky işleri ýeňiji boldular:

Institutda alnyp barylýan ylmy işler önümçilik bilen baglanyşdyrylan. Türkmengaz, Türkmennebit döwlet korporasiýalarynyň, Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Daşoguztransgaz guramasy, Gamyşlyjanebit edarasynyň tabşyryklary boýunça ylmy işler ýerine ýetirildi we ylmy netijeler önümçilikde doly ulanylýar.

Institutda ýerine ýetirilýän ylmy işleriň esasy maglumat çeşmeleri Türkmen politehniki institutynda döredilen Internet merkezi, Baky Beýik Serdarymyzyň tagallasy esasynda Türkmenistanda ornaşdyrylan iň täze, kämil tilsimatlaryň ýazmaça beýanlary, poçta arkaly institutyň kitaphanasyna alynýan daşary ýurtlarda çap edilen iň täze kitaplardyr. Dünýäniň öňdebaryjy tilsimatlaryny öwrenip, olary Türkmenistanda ornaşdyrmagyň esaslaryny düzüp, şol tilsimatlary has hem kämilleşdirmek we täze tilsimatlary oýlap tapmak hem-de şol esasda tehniki ugurlar boýunça milli hünärmenleri ýetişdirmek institutda alyp barylýan ylmy işleriň esasy ugruny kesgitleýär.




#Article 168: Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty (178 words)


Türkmen döwlet ulаg wе аrаgаtnаşyк instituty 1992-ýyl da döredildi.
Türkmen döwlet ulаg wе аrаgаtnаşyк instituty — Тürkmenistan yň ähli ulaglar we aragatnaşyk ulgamy üçin ýokary bilimli hünarmentleri taýýarlanýan merkezidir. Talyplara hünar bermage 12 kafedra gatnaşyar. Institutyň 4 fakultetinde 1350-ä golaý talyp okaýar. Institutyň kafedralarynda 140-dan gowrak mugallymlar zähmet çekýärler, olaryň 8-si ylymlaryň doktory we professorlar, 28-si ylymlaryň kandidaty we dosentler. Talyplar bilen sapak geçirmeklige ministrlikleriň, müdirlikleriň we ylmy-barlag institutlarynyň alymlary we hünarmenleri hem gatnaşýarlar. 1997-nji ýyldan bäri institutyň demir ýol, aragatnaşyk, ulag gurluşygy we ykdysadýet fakultetinde Türkmenistanyň demir ỳol ministrliginde işlemek üçin orta bilimli hünärmenleri hem taýýarlanylýar.

Institutyň okuw we material-tehniki bazasy yyl-yyldan berkeýär. Sapaklar täze enjamlar we abzallar bilen üpjin edilen laboratoriýalarda we kabinetlerde geşirilýär.
Ylmy ugurlar

Institutyň alymlary tarapyndan alnyp barylýan ylmy-barlag işleri ulag we aragatnaşyk sistemasynda tehniki progresi çaltlandyrmaga, dürli konstruksiýalaryň, desgalaryň tygşytlylygyny we ygtybarlygyny ýokarlandyrmaga, gün energiýasyny ulanmaga, bazar gatnaşyklary şertlerinde hojalyk strukturalaryň has peýdaly mehanizmlerini işläp düzmeklige, tebigy sredanyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaklyga gönükdirlendir. Barlaglaryň belli bir bölegi ýokary okuw jaýlarynda okuwyň guralyşyny we planlaşdyrylyşyny kämilleşdirmek meseleleri, ýaşlary Watany söymek ruhunda terbiýelemek bilen baglanşyklydyr.




#Article 169: Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy (110 words)


Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy, Türkmenistan Futbol Federasiýasyna degişli futbol basleşigi.

Şu ýyl bu kubogyn 13njisi geçirilyar we altyn medal alan 20,000 mün $, kümüş medal alan 10,000 $ we bürünç medal alan bolsa 5,000 $ eýesi bolar.

Bu ýyl ýaryş Baýdak aýynyn 11-i, 19-y arasynda geçiriler. Ona gatnaşjak toparlar hazir doly belli dal. Emma kubogyn guramaçylary dürli döwletlerden 8 topara çagyryş hat iberdiler.

Ahli oýunlar Aşgabatda, Köpetdag Stadionynda geçirildi we olara janköýerler gaty gyzyklanma bildirdiler.

Grupba A:

Grupba B:

Ahli oýunlar Aşgabatda, Köpetdag Stadionynda geçirildi we olara janköýerler gaty gyzyklanma bildirdiler.

Grupba A:

Grupba B:

Ahli oýunlar Aşgabatda, Köpetdag Stadionynda geçirildi we olara janköýerler gaty gyzyklanma bildirdiler.

Grupba A:

Grupba B:




#Article 170: Paraw, Balkan (115 words)


PARAW  - Balkan welaýatynyň Serdar (öňki Gyzylarbat) etrabynda oba.

Serdar şäherinden 25 kilometr günbatarda, dagyň eteginde ýerleşýän bu oba bilen dag aralykda gadymy Paraw (käbir çeşmelerde Ferawa) diýen şäheriň galyndylary bar. Bu ýerde iki sany gümmezli gubur şu wagta çenli saklanyp galypdyr. Olardan bir kilometr çemesi uzaklykda, dagyň belent gaýasynda XI asyra degişli hasap edilýän ýer bar.

Obanyň üstüne abanyp duran daga Partaw (“par dagy”) diýilýär. Şu ýerdäki Paraw, Parawata, Parawbibi, Partaw diýen ýerleriň, şeýle-de, obanyň deňesindäki gumda gazylan Par atly gadymy guýynyň we obanyň atlaryna esas bolan “par” sözi Iranileriň par (parn) taýpasynyň adyndandyr diýlip hasap edilýär. Gadymy Iranli Parfiýa döwletiniň adynda-da parlaryň etnik ady duş gelýär.

Paraw öz döwründe adybir welaýatyň merkezi bolupdyr




#Article 171: Dehistan (1373 words)


Dehistan [Dehista:n] - Etrek derýasynyň aşak akymlaryny öz içine alýan sebit; Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda, Madaw obasynyň 22 kilometr demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän şähristanlyk; geçmişde  gadymy welaýat we onuň adybir merkezi. Bu ýer Dehistan diýilmeginiň sebäbi ol ýerde Dah taýpalarynyň ýaşanlygyndandyr.

Bu köne şähristanlyk iki at bilen - Maşat-Misserian ýa-da Dehistan diýlip tanalýar. Dehistan diňe bir-iki ýüz gektar meýdany tutýan orta asyrlaryň paýtagt şäheri bolman, eýsem, galalar ulgamyny we ownukly-irili obalaryň toplumyny özünde birleşdirýän gür ilatly tutuş welaýatdyr. Hazar deňziniň kenarynyň Köpetdagyň baýyrlaryna çenli uzalyp gidýän Günorta-Gündogar bölegi häzirki döwrüň geografiki kartalarynda Misserian düzlügi diýlip atlandyrylýar. Gadym zamanlarda Girkaniya ady bilen meşhur bolan bag-bakjaly uly oazis hem bolupdyr. Ol Demirgazyk Eýranyň Gürgen jülgesini özüne birleşdirýän giň medeni ulgamyň bir bölegi hasaplanypdyr. XX asyrda bu düzlük adamlar tarapyndan özleşdirilmändir, ýagny birmahallar ilatyň tuluşlygyna göçüp gideli bäri adam aýagyny sekmedik çölüstanlygyň topragy deslapky durkuny saklap galypdyr. Şeýlelikde, binagärlik sungatynyň, çylşyrymly suwaryş ulgamynyň, birmahalky özleşdirilen ekinzarlyklarynyň we bossanlyklarynyň taryhyny özünde jemleýän Dehistanyň düzi biziň günlerimize şol mes topragynyň bereketi bilen gelip ýetipdir.

Bu etraplarda suwarymly ekerançylyk işleri köp asyrlaryň dowamynda yzygiderli alnyp barlypdyr: arheologlar oba hojalyk işleriniň gözbaşyny bürünç asyryndan (biziň eýýamymyzdan ozalky II asyr) alyp gaýdýanlygyny we uzak wagtlyk — XVI asyra çenli dowam edenligini kesgitlediler. Biziň eýýamymyzdan ozalky I asyrda bu ady agzalýan oazis Uly Horezmiň tabynlygyna degişli ekeni. Soňra beýik Aleksandryň we onuň mirasdüşerleri Selewkidleriň döwründe grekleriň basyp alyşlaryny başdan geçirýär, parfiýalylaryň golastyndaka bolsa güýçli depginde gülläp ösýär. Gündogara agalyk etmek ugrunda Rim imperiýasy bilen elmydama bäsleşip gelen, öz döwründe çäksiz kuwwatly hasaplanan Parfiýa patyşalygynyň hökümdarlary Arşakidler - dahlaryň, ýagny sak-massaget taýpalaryndan gaýdýan gadymy milletiň nebereleridir. Ähtimal, bu ülkäniň ady hem şol dah sözünden gelip çykan bolsa gerek. Dogry, alymlar  «Dehistan» sözüniň gelip çykyşyny başgaça hem düşündirýärler. Olaryň pikirine görä, gadymy şäheriň ady «deh» diýen pars sözi bilen baglanyşyklydyr. «Deh» sözi parsça oba, il diýmegi aňladýar, gönümel manysy bolsa «obalaryň ýurdy» diýmekdir.
Sasanylaryň hökümdarlygy wagtynda bu künjeklere türkler aralaşyp ugraýar we eýran dünýäsinden Aleksandryň diwary diýlip atlandyrylan beýik seňňer arkaly bölünip aýrylýar. Bu seňňere başgaça Gyzylalaň hem diýýärler, ol baryp-ha parfiýalylaryň dolandyran zamanlarynda gurulýar. Gyzylalaň Gürgen derýasynyň akabasy boýunça 170 kilometre çenli uzap gidýär we Hazar deňziniň kenaryny Köpetdag bilen birleşdirýär. Beýik hytaý diwaryna kybapdaşlykda bu diwar birnäçe asyrlap Pars döwletiniň demirgazyk künjeklerini daşky hüjümlerden goramak wezipesini ýerine ýetirýär we bu töwereklere kese ýerlileriň göçüp gelmegini gözegçilikde saklamagy üpjün edýär. Araplaryň basyp alyşlary başlananda Dehistanyň ilatу olara gaýduwsyzlyk bilen garşylyk görkezýär. Paýtagt şäheriň daşynyň gabawy esli wagt dowam edensoň, ilat ahyrynda ýeňijileriň golastyna düşýär. Araplaryň goşuny bu şäheri harby goranyş bekedine öwürýär, oňa täze er- Rabat ady dakylýar. Tutuş Gürgen welaýaty arap diliniň gepleýiş kadasyna laýyklykda Jürjan diýlip atlandyrylýar.
XI asyrda we XII asyryň birinji ýarymynda Dehistan Beýik Seljuklaryň döwletiniň düzümine girýär hem-de gülläp ösýän welaýatlaryň birine öwrülýär. Şol döwürlerde bu ýerde bişirilen kerpiçden ilkinji beýik ymaratlar salnyp başlanýar. Bu berk gurlan binalaryň harabaçylygy şu güne çenli saklanyp galypdyr. Şeýle hem senetgärligiň, ussaçylygyň dürli-dürli ugurlary giňden ýaýraýar. Arheologlaryň gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan ýüzüne her-hili nagyşlar çekilen toýundan ýasalan gap-gaçlar muny gönüden-göni tassyklaýar. Seljuklaryň imperiýasy dargansoň, Dehistan Horezm soltanlygynyň bir welaýatyna öwrülýär. Gürgenç (häzirki Köneürgenç) şäheri Horezmiň şol wagtky paýtagty ekeni. Bu döwür Dehistanyň taryhynda şäher binagärligi babatda iň öňe gidişligiň gazanylan, meşhur ýadygärlikleriň gurlan wagtydyr. Mongollaryň çozuşyndan soňra ozalky kerwen ýollarynyň gatnawy kesilýär we bu gözel ülke kem- kemden gurpdan gaçyp çökýär. Bereketli topragy bol suw bilen üpjün edýän Etrek derýasynyň gatlasynyň weýran bolmagynyň netijesinde Dehistanyň düzlüginde ekerançylyk işleri başbitin ýatyp galýar.

Misserianyň gadymy harabalyklary häzirki güne çenli dolulygyna saklanyp galan gorag diwary iki gatly galadan, köp sanly garawul diňlerinden we çuň garymdan ybaratdyr. Bu desgalaryň galyndylarynyň ählisi şäheriň berk harby-inženerçilik ulgamlarynyň esasynda gurlandygyna şaýatlyk edýär. Gadymy şähristanyň içki meýdanynda 18-20 metr belentlige ýetýän dört sany minara (şäheriň esasy böleginiň daşyna aýlanan diwar bilen goralýar) daşdan hem seleňläp görünýär. Olaryň ikisi şol bir wagtda, XIII asyryň başynda gurlan juma namazy okalýan metjidiň gönüburçly sütüni bolup hem hyzmat edýär. Olaryň arasyny birleşdiriji arka XX asyrda ýykylyp weýran bolupdyr. Ýöne bu ýerlere syýahat eden ilkinji fotoapparatly jahankeşde onuň suratyny alyp ýetişipdir. Bu taryhy suraty düşüren rus harby inženeri Boris Kastalskidir. Beýleki iki minaranyň bolsa sütünleri togalak bolup, olaryň deslapky beýikliginiň diňe ýarpysy ýykylman galypdyr. Minaralaryň demirgazyk tarapda ýerleşýäni gurlan senesi boýunça iň gadymysydyr. Sütüniň ýüzünde sudury bozulmadyk ýazgylara görä, ony uly metjit bilen bilelikde 1004-1005-nji ýyllarda ussa Aly ben Ziýýad gurupdyr. Metjidiň jaýy soňra ýer bilen ýegsan edilipdir. Bu binalar Abu Jafar Ahmet atly adamyň buýrmagy esasynda dikeldilipdir. Ikinji minara birinjiden 200 ýyldan soň 120 metr çemesi günortada, ýokarda ýatlanyp geçilen metjidiň burçunda peýda bolupdyr. Ol howly şekilli, sütünli galereýalardan ybaratdyr. Onuň esasy binasy üsti aýlaw görnüşinde ýapylan inedördül jaýdyr, ýöne häzir onuň diňe iki sany gönüburçly sütüni galypdyr. Bu sütünler binýadyndan başlap tä depesine çenli bişen kerpiçden örülipdir we owadan çykgytlar, diş-diş kertikler bilen nagyşlanypdyr, mawy reňkde syrçalanypdyr. Onuň bezeg işleri, esasan, ösümlikleriň şekilleriniň has çeperleşdirilen mysalynda ýerine ýetirilipdir. Arap hatynyň süýnmek nusgasynda Horezm şasy Muhammet II-niň we binagär-ussalaryň atlary nagyşlanyp ýazylypdyr.
Misserianda ýene-de pesinden dört metjit gurlupdyr diýlip çaklanylýar: olaryň ikisi şähristanyň içinde, galan ikisi bolsa senetgärleriň ýaşaýan ýanaşyk obasynda - rabatda ýerleşipdir. Demirgazyk rabatda gurlan juma namazy okalýan uly metjidiň kaşaň görnüşi diňe fotosuratyň üsti bilen bize gelip ýetipdir. Ol XX asyrda ýykylýar we haraba öwrülýär. Diňe alymlaryň irginsiz geçiren gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde beýleki minaralaryň binýadynyň sudurynyň üsti açylýar. Metjitleriň üçünjisiniň tapylmagyna bolsa, XIX asyryň ahyrlarynda we XX asyryň başlarynda bu ýerde barlag işlerini alyp baran rus alymlarynyň maglumatlary we fotosuratlary sebäp bolýar. Tutuşlygyna alanyňda, binagärligiň taryhyny öwreniji, akademik Galina Pugaçenkowanyň çaklamasyna görä, Dehislanyň binagärlik stiline sütünli-gümmezli kompozisiýa, bezege we boýag-reňklere az üns berilmegi mahsusdyr. Bu sebitde binalaryň kaşaňlygy hem-de owadanlygy, esasan, olaryň deňölçegli we köp nusgaly meýilnamalaşdyrylyşynyň esasynda gazanylypdyr.
Gymmatly harytlardan ýüki ýetik kerwenler gündogardan-günbatara gidenlerinde-de, yzyna gaýdanlarynda-da Dehistanyň üstünden geçipdirler. Bu gatnawlar ençeme asyrlap dowam edipdir, şonuň üçin hem bu ýerde kerwensaraýlaryň köp gurulmagy düýbünden geň däldir. Aslynda, Dehistanyň oba-şäherleriniň döremegine we ösmegine sebäp bolan esasy şertleriň biri - Hazar deňzi bilen Köpetdagyň arasyndaky giňişlikden kerwen ýollarynyň geçmegidir. XI asyryň ahyrlarynda tutuş Horasana we onuň goňşy welaýatlaryna mahsus arhitektura binalarynyň myhmanhanalaryň ornuny tutýan jaýlaryň görnüşinde salynmagy aýratyn bellemäge mynasypdyr. Bu gönüburçly ýa-da inedördül, ýöne hökmany suratda deňölçegli, gyradeň desgalaryň meýilnamalaşdyryş gerimi: içki howlyny, myhmanlar üçin özbaşdak ýatak jaýlaryny, ammarlary, dalbarlary, eýwanlary we kerwene goşulýan mallar üçin ot-iým saklanýan bassyrmalary, telärleri göz öňünde tutupdyr. Dehistanyň gündogar rabadynda şeýle görnüşdäki iki sany uly kerwensaraýyň galyndysynyň üsti açyldy.

Gadymy şähristanyň ýedi kilometr golaýyndaky köne öwlüýäniň çäginde orta asyr aramgähleriniň birnäçesi we Maşat atanyň zyýarathana öwrülen kiçeňräk metjidi özüniň başky durkuny saklap galypdyr. Ýerli ilatyň zyýarata gelýän metjidi dörtgyraň bina bolup, onuň üçegi gümmez şekilinde galdyrylandyr. Bu metjit ilkibada çig kerpiçden salnypdyr. XII asyrda, soňra hem orta asyrlaryň ahyrlarynda (ähtimal XVII- XIX asyrlarda) halys lagşansoň, pagsadan galdyrylan metjidiň durky tutuşlygyna täzelenipdir. Onuň dörtgyraň jaýynyň daşyna bir gat bişen kerpiç örtülipdir we onuň üstünde täze gümmez galdyrylypdyr. Gaýta-gaýtadan abatlaýyş işleriniň geçirilmegi hem-de goşmaça jaýlaryň gurulmagy metjidiň başky keşbini düýbünden üýtgedipdir, ýöne onuň içindäki IX - X asyrlara degişli aýry-aýry ownuk gurnawlar, özboluşly oýulyp haşamlanan mährap we şuňa meňzeş mukaddes saýylýan zatlar ilkinji nusgasynda galdyrylypdyr. Mährap bir-biriniň içine salnan üç gatly, ösümlikleriň şeklinde nagyşlanan we hatdadyň arap elipbiýinde owadanlap ýazan çarçuwasyndan ybaratdyr.
Ýaňy-ýakynda Medeni mirasy goramak boýunça halkara maksatnamasynyň çäklerinde türkmen hünärmenleri metjidiň mährabynyň, onuň içki otagynyň durkuny täzelemek işine girişdiler. Şol bir wagtda hem metjidiň esasy girelgesiniň öňündäki gumaksy depede gazuw-agtaryş işleri geçirildi. Bu gözlegleriň netijesinde metjidiň golaýynda dikeldilen IX asyra degişli minaranyň binýadynyň saklanyp galan bölegi tapyldy. Şeýle hem bu ýerde bir metr çemesi çuňlukda hojalyk howlusynyň ýykylmadyk diwary tapyldy. Deňölçegli sünnälenip meýilnamalaşdyrylan howlynyň ortasynda ajaýyp serhowuz gurlupdyr. Howlynyň gapdalynda ýerli dini jemagaty düzýän sufiý alymlarynyň mejlishana jaýy - hanaka ýerleşipdir. XI-XII asyrlarda Dehistanda sopuçylyk taglymatynyň muşdaklarynyň uly topary ýaşapdyr. Olaryň gündelik durmuşda ulanan serişdeleri arheologiki tapyndylaryň uly kolleksiýasyny düzýär. Bu tapyndylar agyr degirmen daşlaryndan başlap, tä bürünç çyralara, toýundan ýasalan gap-gaçlara we hoşboý ysly atyrlaryň aýnadan ýasalan çüýşelerine çenli uly sanawdan ybaratdyr.
Maşat gonamçylygynda saklanyp galan dört sany atsyz aramgäh (1947-nji ýylda olar ýedi sany ekeni) bişen kerpiçden XI - XII asyrlarda salnypdyr. Olaryň ählisiniň üstünde gönüburçly ýa-da tegelek görnüşdäki gümmezler bar. Bu aramgähler şeýle nusgadaky desgalar üçin seýrek duş gelýiin uly göwrümleri boýunça beýlekilerden düýpli tapawutlanýarlar. Olarda bezeg maksatly tegelek ýa-da gapyrga şekilli diňjagazlar ulanylypdyr. Daşky diwarynyň käbir ýerlerinde alebaster suwagynyň yzlary häli-häzirem galypdyr.




#Article 172: Pagta (1624 words)


Pagta gowaça hasyly bolup tekstil pudagynda giňden ulanulýan tebigy süým. Türkmenistan'da pagta öndürilmegi esasan hem SSSR döwründe iň esasy ekerançylyk ugurlarynyýň biridi.

Pagta gowaça hasyly bolup tekstil pudagynda giňden ulanulýan tebigy süým. Türkmenistan'da pagta öndürilmegi esasan hem SSSR döwründe iň esasy ekerançylyk ugurlarynyýň biridi.

Pagta süýüme baha berilende şeýle enjamlar ulanylýar.

 Hil barlaýjy enjamlar.

 Ölçeg
 

 Uzynlyk
 

 Süýümleriñ toparlaýyn berkligi
 

 Uzynlyk, berklik, deñölçeglilik, mikroner, reñk, hapalyk
 

 Berklik, uzalma
 

 Inçeligiñ we ýetişigiñ utgaşdyrylan barlagy
 
Shirley hapa ölçeýji
 Hapalaryñ mukdary
 
El bilen
 Ştapel uzynlyk
 
Çyglyk ölçeýji
 Çyglyk
 

 Ýagtylyk we sarylyk. Reñk.
 
Polýarizirlenen ýagtylykly mikroskop ýa-da Casricaire testi
 Ýetişik
 
Hile baha bermegiñ zerurlygy we standart howa şertleri.

Çig malyñ hiline baha bermek şular ücin gerek:

Dokma materiallaryñ üstünde fiziki tejribeler (testler) geçirilende şeýle standart howa şertler üpjün edilmeli.

Diñe çig malyñ häsiýetlrini bilemek ýeterli däldir. Onuñ hil görkezijilerini dolylygyna peýdalanmak üçin giñ tejribe we çuñ bilim gerek bolup durýar.

Käte süýümiñ diñe bir görnüşini ýa-da partiýasyny ulanyp islenen hilli önümi almak bolanok. Şeýle ýagdaýlarda dürli çig malyñ görnüşlerini we partiýalaryny saýlap ulanmaly bolýar.

Eger baha dogry berlen bolsa girdejiler artar. Şeýlelikde hile baha bermek bu düşewüntlik üçin zerur işdir, ol hem müşterileri oñat hilli ýüplük bilen kanagatly etmegine ýardam edýär.

Hünärmenler süýümi el bilen ýa-da göz bilen barlap çig malyñ hiline ýeterli dogrylyk bilen baha berip bilýärler. Emma soñky zamanalar, HVI ýaly kämil esbaplaryñ döredilmegi bilen satyn alynýan süýümiñ hilini goşmaça hil barlaýjyl enjamlar bilen barlamak maslahat berilýär. Hil barlaýjy enjamlar çig mal satyn alynanda süýümiñ hili barada we şol süýümiñ gerek hilli ýüplügi çykarmaga ýaramlylygy barada dogry karar etmek üçin köp maglumat berip bilýärler.

          Birinji bilen üpjün edijini ýa-da agenti dogry saýlamaly. Satyn alyjy diñe baglanşdyrylýan kontraktda gowy şertleri üpjün etmek bilen çäklenmän  üpjün edijiniñ ynamlydygyny barlamaly. Kä-bir üpjün edijiler ýa-da agentler bazarlardaky bahalar galanda belli bir bahana bilen çig maly üpjün etmekden boýun gaçyrýarlar ýa-da pes hilli çig maly üpjün edip başlaýarlar.

          Az sanly üpjün edijileri bilen ýa-da pagta söwdasy bilen meşgullanýan abraýly söwda edaralaryñ wekilleri (agentleri) bilen uzak-möhletleýin gatnaşyk dikeltmek amatly bolýar. Olar adatça bazardaky hiliñ we bahalaryñ ýagdaýlary barada ygtybarly maglumat berip bilýärler. Şeýlelikde satyn alyjy akylly kararlary edip bilýär. Köp tebigy süýümler, meselem pagta, zawod ýaly önümçilik şertlerinde öndürilýän önümler däldir. Şonuñ üçin satyn alyja bagly bolan üpjün ediji rugsat edilýän çäklerde üýtgeýän oñat hilli çig maly wagtynda getirip bilmeli.

          Satyn almakdan öñürti satyjyñ aýdan bahasyndan başga-da goşmaça çykdajylary göz öñünde tutmaly:

Eger çig malyñ hiliniñ, agramyñ we daşalma wagtynyñ üstünde dawa çyksa satyjylar köplenç ony derrew we dostluk bilen çözmäge ymtylýarlar. Eger dawa başga bir araçynyñ (arbitratoryñ) garamagyna geçirilse, araçynyñ karary derrew güýje girmeli.

          Talaplary we islegleri mydama üýtgäp duran bazar şertlerinde çykaryljak önümiñ hilini dogry saýlamaly. Satyn alyjy haýsy ýüplük nomerini egirjekdigi barada dogry karar etmeli. Satyn alyjy önümçilik meýilnama (plan) boýunça öndürilmeli ýüplügi çykarmak üçin süýümiñ nusgasyny ulanyp biler. Köp egirmeçiler egirijilik ukybyny doly ulanmaýarlar. Meselem Ne 44 üçin ýaraýan pagta Ne 40 üçin ulanylýar. Kä-bir egirmeçiler artykmaç egirýärler. Meselem, olar Ne 40 üçin ýaraýan pagtany alýarlar we ony Ne 44 ýüplügi çykarmak üçin ulanýarlar. Emma gowy hili üpjün etmek üçin hem-de çig mala edilýän çykdajylary iñ pes derejede saklamak üçin iñ amatly nomer saýlanmaly. Kä-bir egirmeçiler çig malyñ iki ýa-da ondan köp görnüşini satyn alyp olary garyşdyrýar. Onuñ üçin süýüm bilen ýüplügiñ häsiýetleriniñ özarabaglanşygyny gowy bilmeli. Satyn alyjy süýümiñ hiline baha bermek üçin çuñ bilimi we tejribäni gazanan bolmaly. Tejribehanalaryñ laborator enjamlarynda edilýän barlaglar diñe el bilen edilen barlaglaryñ dogrylygyny barlamak we tassyklamak üçin ulanylmaly.

Uzynlyk bu süýümiñ iñ möhüm hil görkezjisidir. Ol täsir edýär:

 
Uzynlyk öndürijilige üzülmeler sany, galyndylaryñ sany we berilmeli towlaryñ sany arkaly täsir edýär. 5mm-den gysga süýümler önümçilikde galynda bolup ýitýärler. 15 mm-den gysga süýümler ýüplügiñ berkligine ýardam etmän, diñe ýüplügiñ dolylygyny üpjün edip bilýärler.

Pagta süýüm

Inçelik ýüplügiñ kese kesiginde näçe süýüm sygyp bilýändigini kesgitleýär, şonuñ üçin ol möhüm görkezjidir. Kese kesige mümkin boldukça has köp süýümler sygdyrylmaly.

Ýüplügiñ kese kesiginde inçe süýümleriñ has köp sanynyñ ýerleşişi.

Süýümler näçe inçe bolsa şonça-da kese kesikde olaryñ sany artar, ýüplügiñ deñölçegliligi gowulandyrylar. Emma has inçe süýümler añsat nepsleri emele getirip bilýärler. Süýümleriñ inçeligine göni-däl baha bermek üçin çyzykly dykyzlyk ulanylýar. Dürli ýurtlarda bu ölçeg üýtgeşik bolýar. Uniwersal ölçeg hökmünde dteks, ýüpek önümçilikde denier, pagtada mikrogramm/inch ýaly ölçeg birlikleri ulanylýar. Pagta süýümiñ inçeligi köplenç mikroner ölçegi bilen ölçenilýär we alnan netijelere görä inçelige şeýle baha berilip biler:

İnçelik(mikroner) Baha


Pagtada inçelik bilen ýetişik bir wagtda mikroner usuly bilen ölçenilýär. Mikroneriñ bahalary pagtañ dürli görnüşleri üçin 2.6 – 7.5 aralykda üýtgäp biler. Adatça mikroner görkezjini pagtañ inçeligi hem-de onuñ pylan nomerli ýüplügi çykarmaga ýaramlylygy boýunça baha bermek üçin ulanýarlar. Mikroneriñ öz barlaýjy enjamy bar. Ilki bilen gowy tüýdülen we arassalanan pagtadan silindrik şekilli dykyzlanan nusgasy taýýarlanylýar (agramy 3.24 gr). Soñ nusga mikroner enjama goýulýar, şol ýerde onuñ içinden belli basyş bilen howa geçirilýär. Nusgadan geçýän howanyñ mukdary süýümleriñ inine bagly bolup durýar. Howanyñ akymy rotor-görnüşli ölçeýji bilen ölçenýär.

Emma mikroner inçeligiñ we ýetişikligiñ utgaşdyrylan görkezjisi bolandygyny ýatdan çykarmaly däldir. Her pagtañ görnüşi üçin öz amatly mikroner bahasy bar. Ýagny mikroner seresaplyk bilen ulanylmaly. Pagtañ inçeligi gowaçañ görnüşine hem ýetişikligine bilelikde bagly bolup durýar, şu iki sebäpleriñ haýsysynyñ täsiri ulydygyny bilmeli.

Mikroner ýaly süýümleri köpçülikleýin ölçeýän enjamlardan daşary ýeke süýümleriñ inçeligini bir-birden ölçeýän usullar bar. Ýöne olar agyr we çykdajyly bolýarlar, sebäbi ynamly netijeleri almak üçin has köp sanly süýüm bir-birden ölçenilmeli. Mikroner bolsa dürli usullaryñ arasynda iñ ýönekeý, añsat we seretmäge amatly bolan esbapdyr. Meşgur HVI enjamy hem mikroner barlaglary geçirip bilýär.

          Berklik halkara pagta söwdasynda köplenç lb/inch2 (bir kwadrat duýmiñ funtlarda bolan agramy) bilen añladylýar. Bu ölçeme Pressley atly enjam arkaly amala aşyrylýar. Pressley görä süýümiñ berkligine şeýle bahalar berilip biler:


Pressley usulyna tapawutlylykda Stelometer we HVI ulgamynda berkligi ölçemek üçin g/teks ölçeg birligi ulanylýar. Pagta süýümiñ berkligi 15-40 g/teks aralykda bolýar. Gowy pagtada berklik 25 g/teksden aşakda bolmaly däldir. Kä wagt süýümleriñ berkligi cN/teks birliklerde ölçenilýär. Pagta süýümleriñ berkliklerine şeýle baha berilýär:


 Berklik has berk ýüplükler çykarmak we ýokary işleniş tizlikleri saýlamak üçin süýümiñ zerur häsiýetidir.

Elastiklik (uzalma) ýüplügiñ üzülen wagty uzalmasyny kesgitleýär we ýüplügiñ sezewar boýlan agramlaryna garşy durmak häsiýetine täsir edýär. Bu görkezji pagta üçin 6-10%, ýüñ üçin 25-45% aralykda bolýar. Üzülme uzalmasy bilen üzülme berklik bir wagtda ölçenilýär. Süýümleriñ uzalmasynyñ artykmaç bolmagy hem dokma önüm üçin gowy zat däldir. Çüñki bu ýagdaýda çekim işler agyrlaşýar.

          Ýetişiklik pagta süýüminiñ sellýuloza gatlaklaryñ galyñlygy bilen bagly. Şol gatlaklar süýümiñ galyñlygy bilen baglylykda näçe uly bolsalar şonça-da süýüm has ýetişen hasaplanylýar. Ýetişik dürli himiki usullar bilen kesgitlenýär. Eger sellýuloz gatlagy hiç emele gelmedik bolsa bu süýüm öli diýilip hasaplanýar. Olar gaty inçe bolýarlar. Ýetişik boýajylyk ukyba uly täsir edýär. Sebäbi pagta önümler boýalanda boýag maddalar sellýuloza bilen baglanşdyrylýar. Ýetişmedik ýa-da öli süýümler boýagy gowy almaýar we hile ýaramaz täsir edýärler.

          Ýetişiklige baha bermek üçin ýetişiklik gatnaşygy (iñlisçe Maturity ratio) ulanylýar:


Pagtadaky tozanlar dürli mikroskopik bölejiklerden durup emele gelýärler. Tozanlar önümçilikde hapalyk, saglyga zyýan, rotor egirmede üzülmeleriñ artmasy ýaly meseleleri ýüze çykarýar. Tozanlaryñ ölçegine baglylykda olar şeýle toparlara bölünip bilerler:

 

Şirelik önümçilikde uly meseleleri döredip bilýän süýümiñ aýratynlygydyr. Ony dürli himiki metodlar arkaly kesgitlemek mümkin bolýar.

Elläniñde ýakymlygy. Eger süýüm elläñde ýylmanak duýulsa, onda bu süýümden has ýylmanak ýüplügi çykaryp bolar. Ýylmanak ýüplükden has gowy matalary dokap bolýar.

Reñk pagta süýüm synplaşdyrylanda möhüm bir görkezjidir. Çüñki pagtañ reñkine seredip onuñ keseli geçiren ýa-da geçirmedigini, ýagşyñ aşagyna düşendigi barada bilip bolýar. Pagtañ reñki başga-da köp hil görkezjiler bilen berk baglanşyklydyr. Pagta egirme fabriklerde garyşdyrylanda reñk tapawut ýüze çyksa önüm ala bolar (abraž hadysasy). Reñke baha berilende iki ölçeg ulanylýar: %Rd (ýalpyldy) we b+ (sarylyk). Bu bahalar kalorimetrde (Nickerson-Hunter) ýa-da HVI enjamynda tapylýar. Söwdada reñke baha berlende şeýle toparlara bölüniş ulanylýar:


Pagta süýüme synp (klass) berilende reñk, hapalyk we çigitden arassalanmagyñ hili göž öñünde tutulýar. Synp näçe ýokary bolsa, şonça-da ýüplügiñ daşky görnüşi gowy bolar we az galyndy emele geler. Her ýurtda dürli synplaşdyrma ulgamlar ulanylýar. GDA ýurtlarynda Sowt Soýuzdan galan 7 sortlara bölünişi ulanylýar. ABŞ-de we Türkiýede bölüñiş şeýledir:



#Article 173: Awiasion dwigatel (277 words)


Awiasion dwigatel - uçurylýan enjamlary (uçarlary, dikuçarlary, dirižabllary) herekete getirmek üçin hyzmat edýän ýylylyk dwigateli. Awiasion dwigatelden onuň bökdençsiz işlemegi, maksimum kuwwatly bolmagy, ýangyjy az harçlamagy, gabarasynyň kiçi bolmagy we ş.m. talap edilýär. 20 asyryň başlaryndan II jahan urşunyň soňuna çenli uçuş enjamlarynda köplenç porşenli Awiasion dwigatel ulanylýardy. Porşenli awiasion dwigatel işleýiş prinsipi we gurluşy boýunça awtomobil dwigatelinden tapawutlanmaýar. Emma uçuş enjamlarynyň tizligine bolan talabyň artmagy we gazturbina awiasion dwigateliniň peýda bolmagy bilen ol ulanyşdan galýar. Häzirki zaman uçuş enjamlarynda gazturbina awiasion dwigateliniň turbowintli (TWD), turboreaktiw (GRD) we iki konturly turboreaktiw (DTRD) görnüşleri ulanylýar. Turbowintli awiasion dwigateliň turbinasy ýangyjyň emele getiren ýylylygynyň köp bölegini mehaniki işe, galan bölegini bolsa gaz akymynyň kinetik energiýasyna öwürýär. Turbowintli awiasion dwigateliň işleýiş shemasy boýunça howa akymy diffuzorda tizligiň zarbyna gysylýar we kompressora barýar. Kompressorda howa 7-8 esse gysylyp, ýanyş kamerasyna barýar. Ýanyş kamerasynda howa forsunkadan pürkülýän ýangyç bilen garyşýar we tutaşyp ýanýar. Ýanmak netijesinde emele gelen gaz tizligi ulaldýan enjamyň, soň bolsa turbinanyň piljagazlarynyň üstünden geçýär we giňelmek bilen turbinany herekete getirýär. Turbinada alnan mehaniki iş kompressory we winti aýlamaga harç edilýär. Aýlaw sanyny peseltmek üçin awiasion dwigateliň oky bilen wintiň arasynda reduktor goýulýar. Winti aýlamaga turbinanyň mehaniki işiniň takmynan 40% harç edilýär. Turbowintli awiasion dwigateliň tizligi 700 km/s çenli ýetýär. Turboreaktiw awiasion dwigateliň winti we reduktory bolman, onda ýylylygyň diňe kompressory aýlamaga gerek bolan bölegi mehaniki işe öwrülýär, galan bölegi bolsa reaktiw soplo arkaly howa ýaýraýar. Soplodan çykýan gazyň ägirt uly kinetik energiýasy bolup, onuň garşysyna şonça-da reaktiw güýç döreýär. Ol reaktiw güýje bolsa turboreaktiw dwigateliň çekiş güýji diýilýär. Iki konturly awiasion dwigatel ses tizligine golaý tizliklerde örän amatlydyr we häzir giňden ulanylýar. Awiasiýada awiasion dwigateliň başga görnüşleri hem ulanylýar.




#Article 174: Awiasiýa (798 words)


Awiasiýa (latyn dilinde avis - guş) - Ýeriň töweregindäki howa giňişliginde howadan agyr enjamlarda uçuş. 20 asyryň 60 ýyllarynda awiasiýada uçarlar, dikuçarlar we planerlar ulanylýar. Awiasiýa raýat awiasiýa hem-de harby awiasiýa bölünýär. Raýat awiasiýasyna transport, sanitar, türgenleşik - sport awiasiýasy hem-de ýörite niýetlenen ( oba hojalyk awiasiýasy, aerofotosýomka, aragatnaşyk, geologiki aňtow, balyk promyselleriniň aňtowlary we ş.m.) awiasiýa girýär. Howa ýollary boýunça ýük daşamak we ýolagçylary regulýar gatnatmagy üpjün etmek üçin raýat awiasiýasynyň ygtyýarynda: turboreaktiw, tubowintli we wintomotorly uçarlaryň, dikuçarlaryň parky, uçuşlary üpjün edýän dolandyryş hyzmatlary hem-de radiotehnik, meteorologik, ýagtylyk tehniki serişdeleri; aerodromlar we aeroportlar bolýar.
Rus alymy M. W. Lomonosow 1754 ýylda pružin bilen tow berilýän dikuçaryň modelini gurupdyr we şeýle enjamyň uçup biljekdigini praktikada subut edipdir. 1881 ýylda Russiýada deňiz ofiseri A. F. Možaýskiniň howada uçýan snarýad diýip atlandyran enjamy üçin patent berlipdir. 19 asyryň ahyrlarynda we 20 asyryň başynda öňde barýan döwletleriň alymlary awiasiýa barada köp sanly teoretiki hem eksperimental gözlegler geçirip başlaýarlar. Rus alymy prof. N. Ýe. Žukowskiý we onuň okuwçysy akad. S. A. :aplygin aerodinamika ylmynyň ösmegine aýgytly goşant goşýarlar. 1902 ýylda Moskwa döwlet uniwersitedinde Žukowskiniň inisiatiwasy boýunça Russiýada ilkinji gezek aerodinamik turba gurulýar. Amerikan mehanikleri doganlar U. we O. Raýt ilkinji bolup, uçara içinden ýandyrylýan dwigatel goýdular. 1903 ýylyň Bitaraplyk aýynyň 17-sine olaryň kerosin bilen işleýän dwigatelli uçarynyň ilkinji uçuşy üstünlikli geçdi. 1904 ýylda Moskwanyň eteginde - Kuçinoda aerodinamik institut döredildi.

Awiasiýa Beýik Watançylyk urşy döwründe hem ösdi. Bu döwürde dürli tipli harby uçarlar döredildi. Meselem: La-5, Ýak-1, MiG-3, Pe-2, Il-4, Tu-2 we başgalary. Wintsiz işleýän, kuwwatly we ýeňil reaktiw dwigateliň döredilmegi Awiasiýada tehniki öwrülişigiň başlangyjy boldy. Eýýäm 30 ýyllaryň II ýarymynda SSSR-de, Angliýada, Germaniýada, Italiýada we ABŞ-da reaktiw dwigatelleri döretmegiň üstünde uly işler geçirildi. 1940 ýylyň Baýdak aýynda kosmos gämilerini dörediji S. P. Korolýowyň (serediň) konstruksiýasy boýunça ýasalan SK-9 raketoplanynda lýotçik W. P. Fýodorow SSSR-de ilkinji reaktiw uçuşy amala aşyrdy. Beýik Watançylyk urşundan soňky döwürde SSSR-de awiasiýa has güýçli ösüp başlady. 60 ýyllaryň ortalarynda uçarlaryň uçuş tizligi 3000–5000 km/s ýetdi.
Graždan Awiasiýasy SSSR-iň bitewi transport sistemasyna girýär. Aeroflotyň döredilmegi W. I. Leniniň ady bilen baglanyşyklydyr. 1923 ýylyň Baýdak aýynyň 9-na Graždan Awiasiýasynyň dörän güni hasaplanýar, çünki şol gün W. I Leniniň inisiatiwasy boýunça ýurdumyzda graždan howa flotunyň - Graždan awiasiýasynyň soweti döredildi. Tiz wagtdan Moskwa we Nižniý Nowgorod aralygyna ilkinji kadaly howa ýoly açylýar. 1933 ýylda şol ýol boýunça 229 ýolagçy gatnadyldy. Ondan bäri takmynan ýarym asyr geçdi. Şol döwür içinde ýurdumyz kuwwatly awiasiýaly döwlete öwrüldi. Häzir h. h-nyň pudaklarynda graždan awiasiýasynyň hyzmatlaryndan peýdalanylýar. Beýik Watançylyk urşundan soňky döwürde harby awiasiýa bilen bir hatarda bütin dünýäde graždan awiasiýasy hem güýçli ösüp başlady. 30 ýyllaryň ortasynda 24 orunly Li-2 samolýotyň (Duglas DS-3 firmasynyň amerikan lisenziýasy boýunça) gurulmagy SSSR-de graždan awiasiýasynyň ösmegine ýardam etdi. Ilýuşiniň iki motorly Il-12, soňra kämilleşdirilen Il-14 samolýotlarynyň döredilmegi bilen SSSR-de graždan awiasiýasynyň uruşdan soňky ösüşi başlandy. Reaktiw tizlikli ýolagçy samolýotlarynyň ilkinji uçuşlary iňlisleriň Kometa samolýotynda 1949 ýylda, sowet Tu-104 samolýotynda bolsa 1955 ýylda amala aşyryldy. 1957-1959 ýyllarda Il-18, Tu-114, şonuň ýalyda O. K. Antonowyň konstruktorlar býurosynyň kollektiwi tarapyndan An-10, An-24 ýolagçy samolýotlary döredildi.
Fransiýada gurlan turboreaktiw ýolagçy samolýoty Karawella iki konturly dwigateli fýuzelýažyň guýruk böleginde ýerleşdirilýän samolýotlary döretmegiň başlangyjy boldy. 1965 ýylda SSSR-de Antonowyň konstruksiýasy boýunça dünýäde iň uly An-22 (Anteý) transport samolýoty guruldy. Anteýde her biriniň kuwwaty 15 müň at g. deň bolan 4 sany turbowintli dwigatel ýerleşdirildi. Ol 80 t. peýdaly ýüki 5 müň km. aralyga 740 km/s tizlik bilen äkidip bilýär. 1967 ýylyň 26 oktýabrynda bu samolýotda 100,4446 T. ýüki 7800 m. ýokary götermek boýunça rekord goýuldy. 1968 ýylda üç reaktiw dwigatelli Tu-154 samolýoty ilkinji uçuşy amala aşyrdy. Bu samolýot 164 ýolagçyny 1000 km/s tizlik bilen 6 müň km çenli aralyga äkitmäge niýetlenendir.

TSSR-de ilkinji howa ýoly 1928 ýylda Türkmenabat - Daşoguz aralygynda açyldy. Aşgabatda birinji gezek 1934 ýylda samolýotlardan 6njy transport otrýady düzüldi. 1935 ýylda ANT-3 samolýotynda pilot N. S. Mineýew, bortmehanik K. I. Krukowskiý bilen bilelikde Garagumyň üstünden 460 km uzaklygy gonman uçmaklygy başardy. 1934 ýylda Balaşow şäherindäki lýotçikler taýýarlaýan mekdebi gutaran türkmen ýigidi Anjan Amanow howa korabllaryny sürüp başlaýar. Ondan bäri köp ýyl geçdi we samolýotyň şturwalyna ençeme ýaş türkmen ýigitleri geldiler: K. M. Garajaýew, Myrat Aşyrow, Beki Meňliýew, Annaguly Nowruzow we başgalary indi birinji klasly howa laýnerlerini sürýärler. Häzirki döwürde howa ýoly TSSR boýunça ýolagçylary gatnatmakda köp ulanylýan ýollaryň biri hasaplanýar. 1934 ýyldan TSSR-de ýörite ulanylýan kiçi awiasiýa ösüp başlaýar. Respulikada howa transporty çalt depginler bilen ösýär. 1956 ýylda howa transporty boýunça 79 müňe golaý ýolagçy gatnadylan bolsa, 1969 ýylda gatnadylan ýolagçylaryň sany mln-dan hem geçýär. Howa ýolynyň seti ep-esli giňeldi. Täze howa ýollary: Aşgabat-Kiýew, Aşgabat-Leningrad, Aşgabat-Almaata, Aşgabat-Nowosibirsk we beýleki ýollar döredi. Awiasiýa respublikanyň h. h-nyň pudaklaryna giňden ornaşyp, oba hojalygynda, geologlaryň gözleg işlerinde, täze nebitli, gazly ýerleri özleşdirmekde, ilatyň jan saglygyny goramakda we ş.m. giňden ulanylýar. Awiatorlar Uralyň sebagatyny gaz bilen üpjün edýän Ojak gaz çeşmesini özleşdirmekde hem uly goşant goşdular.




#Article 175: Awiasiýa medisinasy (184 words)


Awiasiýa Medisinasy - medisinanyň awiasiýa uçuşlary medisina hyzmaty bilen üpjün edýän bölümi. Onuň wezipesi harby, sport we transport awiasiýasynyň spesialistleriniň zähmet şertlerini öwrenmekden, olaryň saglygyny gorap saklamak üçin profilaktik çäreleri işläp düzmekden, gigiýena kadalaryny berjaý etmekden ybaratdyr. Awiasiýa ylmynyň ösmegi bilen birlikde awiasiýa medisinasy hem ösüp kämilleşdi. Bu bolsa has ýokary belentliklerden çalt uçmak bilen baglanyşykly problemalary çözmekde awiasiýa ylmyna köp kömek berdi. SSSR-de awiasiýa medisinasynyň düýbi 1918 ýylda Sarisyn (häzirli Wolgograd) şäheriniň goralýan günlerinde tutuldy. Şol wagt lýotçikleriň saglygyna gözegçilik etmek üçin awiasiýa bölümlerine wraçyň ştaty berildi. Häzirki zaman şertlerinde awiasiýa medisinasy atm-nyň ýokary gatlaklarynyň adam organizmine edýän täsirini öwrenýär, atm. basyşy we kislorodyň parsial basyşy peselen halatlarynda lýotçiklere kadaly işlemäge mümkinçilik berýän çäreleri işläp düzýär. Adam organizminiň ýokary tizlige has çydamly bolmagynyň çärelerini, häzirki zaman samolýotlary heläkçilige duş bolan wagtlarynda olaryň inž-tehn. sostawyny, ýolagçylaryny halas etmegiň ýollaryny öwrenýär. Ol awiasiýa gullugyndaky adamlaryň saglyk ýagdaýyna edilýän talaby kesgitlemek, lýotçikler sostawynyň ýaşaýşyny, dynç alşyny we iýmitini öwrenmek wezipelerini ýerine ýetirýär. Awiasiýa medisinasy umumy medisina metodlary bilen bir hatarda özüne degişli metodlary hem ulanýar. Soňky ýyllarda awiasiýa medisinasyndan özbaşdak pudak hökmünde kosmos medisinasy bölünip aýryldy.




#Article 176: Awitaminoz (107 words)


Awitaminoz (gr. a-ýoklygy aňladýan ownuk bölek; witaminler) - organizmde witaminler ýetmezligi zerarly döreýän kesel. Bu keseli ilkinji gezek 1880 ýylda rus wraçy N. I. Lunin açdy. Ol awitaminozy ak syçanda tejribe geçirmek bilen ýüze çykarypdyr. Adamda A witamini ýetmese, gije körlük, D witamini ýetmese, rahit we RR witamini ýetmese, pellagra keselleri döreýär. Awitaminoz keseli haýwanlarda hem bolýar. Meselem: uly mallarda A witamini ýetmese, olar iç taşlaýar, ýaş mallar göýdük ösýär. Haýwanlarda (sygyrda, goýunda, guşda we beýleki oba-hojalyk mallarynda) B witamini ýetmese, olaryň nerw sistemasynyň işleýşi bozulýar. Awitaminoz keseliniň döremezligi üçin adamlara we haýwanlara dürli witaminlere baý bolan iýmitler berilmelidir hem-de bu barada profilaktik çäreler görülmelidir. (serediň: Gipowitaminoz)




#Article 177: Awksentýewskiý Konstantin Alekseýewiç (193 words)


Awksentýewskiý Konstantin Alekseýewiç [18. (30). IX. 1890 - 2. XI 1941] - sowet harby işgäri, Türküstanda graždanlyk urşuna aktiw gatnaşyjy. 1917 ýyldan SSKP çleni. Ol Wologda gub-synyň Staryý Kunož obasynda dogulýar. Ol 1914 ýyldan başlap goşunda gulluk edýär. 1916 ýylda Wladimir pyýada goşun uçilişesini gutarýar. Ol Twer we Wologda gub-larynda Sowet häkimiýetini gurmaklyga gatnaşýar. Ol 1918 ýylda Wologda gub-synyň harby komissariatynyň, soňra Ýaroslawl harby okrugynyň komissary bolýar. Ol graždanlyk urşunyň frontlarynda 4-njy armiýanyň komanduýuşisi, Gündogar frontuň Günorta toparynyň rew. harby sowetiniň çleni, 1-nji armiýanyň rew. harby sowetiniň çleni, Türküstan frontunyň komanduýuşisiniň orunbasary, M. W. Frunzäniň egindeşi bolýar.
Ol 1920 ýylda Zawolžýe harby okrugynyň we 2-nji zähmet armiýasynyň goşunlaryna, awgust-oktýabr aýlarynda 6-njy armiýanyň goşunlaryna komandirlik edýär, soňra Günorta frontuň komanduýişisiniň kömekçisi bolýar. Ol 1921-22 ýyllarda Ukraýina we Krym goşunlarynyň komanduýişisiniň orunbasary, 1922 ýylyň iýul-awgust aýlarynda Uzak Gündogar respulikasynyň baş komissary we harby misnistri bolýar. Ol 1923-25 ýyllarda korpusa komandirlik edýär. 1925-27 ýyllarda Türküstan frontunyň goşunlarynyň (1926 ýyldan Orta Aziýa harby okrugynyň) komandiri bolup, basmaçylygy derbi-dagyn etmeklige ýolbaşçylyk edýär. 1928-31 ýyllarda Gyzyl Baýdakly Kawkaz armiýasynyň komanduýişisi bolýar. 1931 ýylda otstawka çykýar. Ol iki gezek Gyzyl Baýdak ordeni we ÖzSSR-niň Zähmet Gyzyl Baýdak ordeni bilen sylaglanýar.




#Article 178: Ata Gowşudow (301 words)


Ata Gowşudow türkmen halkynyň görnükli ýazyjylarynyň biri bolup, 1903-1953 ýyllar aralygynda ýaşap geçipdir. Ol hekaýa, powest, roman ýazmaklyk bilen meşgullanypdyr.

Perman romany

Ýazyjy 1903-nji ýylda Aşgabat şäheriniň golaýyndaky Büzmeýin obasynda eneden dogulýar. Atanyň ejesi belli ertekiçi aýal Ogulgerek eje bolupdyr. Ýaşlykda Ogulgerek eje öz ogluna rowaýatdyr, ertekiler aýdyp beripdir. Şeýlelikde Atada halk döredijiligine we çeper edebiýata söýgi döräpdir. Ol ilki oba mekdebini 
tamamlaýar, soňra mugallymçylyk kursunda okaýar. Ol 1922-nji ýylda sowet partiýa mekdebinde okaýar. Ol şol döwürde „Gyzyl puluň gullary“ atly pýesasyny ýazýar. 1922-nji ýyldan başlap Moskwadaky Gündogar zähmetkeşleriniň kommunistik uniwersitetinde okap başlaýar. Bu ýerde okamak onuň gözýetimini giňeldýär, rus edebiýatyna bolan söýgini döredýär. Türkmenistanda kadr ýetmezçilgi sebäpli Atany Moswkadaky uniwersiteti gutarmanka işe çagyrýarlar. Ol 1925-nji ýylda „Ýaş Kommunist“ gazetinde işläp başlaýar. 1927-1933-nji  ýyllar aralykda Magaryf işlerinde işleýär. 1933-nji ýylda „Sowet Türkmenistan“ gazetiniň edebi işgäri bolup işleýär. 1934-nji ýylda „Ýolumy düzetdim“, „Azaşan yzyny tapdy“ ýaly hekaýalary ýazýar. 1938-nji ýylda Türkmen döwlet ylmy derňew dil we edebiýat institutynyň ylmy işgäri bolup işleýär. Ol şonda halk döredijiligini toplamak bilen meşgullanýar. Ata Gowşudowyň Perman romanynda Gökdepe söweşi tragediýasy hakyky teswirlenip görkezilýär. Ýöne romany çap etmeklik sowet döwründe senzura ugraýar, we romanyň ilkinji  baby bütünleý ýogadylýar. Galan baplaryny Ata Gowşudow aradan çykansoň, ýazyjy Nargylyç Hojageldiýew ýolbaşçylyk edip çap etdi.

Onuň bu eseriniň käbir bölümleri 1939-1940-njy ýyllarda Sowet edebiýaty žurnalynda çap edilýär.Muňa garamazdan ýazyja öz kitabynyň çap edilişini görmek miýesser etmeýär.

Beýik watançylyk urşundan öň başlan romanyny uruşdan soň tamamlaýar.Gökdepe galasynyň basylyp alnyşy barada gitmesi sebäpli onuň romany çap edilmeýär.Munuň sebäbi bolsa şol wagta çenli gozgalmaýan Gökdepe söweşi  barada giňişleýin maglumat berilmegi we rus-türkmen dostluguna zeper ýetmesi şüwhesi bilen onýyllar soň ýagny 1989-njy ýylda kitap görnüşinde çap edilýär.Eserde  Öwezmyrat batyr,Dykma serdar,Kany batyr,Nepes,Hal molla,Stepan aga ,Gutlymyrat,Seýitmyrat beg,Perman ýaly gahrymanlar hereket edýär.Kitapda bu ýokardaky gahrymanlaryň üsti bilen Gökdepe galasynyň söweşden öňki we soňky yagdaýy,sosial deňsizlik ýaly meseleler gozgalýar.




#Article 179: Hydyr Derýaýew (275 words)


Hydyr Derýaýew (1905-1988) – sowet döwründen türkmen dil biliminiň meseleleri bilen irki wagtlardan bäri gyzyklanan lingwistleriň biri. Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň korrespondent-agzasy (1969), dosent. Ol 1905-nji ýylda Mary raýonynyň Egrigüzer obasynda daýhan maşgalasynda dogulýar.

Ol ýerde bir ýyl okandan soň, onuň okap başlan inprosy Daşkent şäherine göçürilýär. H.Derýaýew 1926-njy ýylda inprosy tamamlap, orta bilimli mugallymlyk diplomyny alýar. Ony inprosuň özünde mugallym edip alyp galýarlar.

H.Derýaýew mugallymçylyk işine 1925-nji ýylda başlaýar. Şol ýyl ol Orta Aziýanyň profkursunda okadyp başlaýar. 1927-1931-nji ýyllarda ol Orta Aziýa döwlet uniwersitetiniň pedfakynda okaýar, ony 1931-nji ýylda tamamlap Aşgabada gelýär.

Ol Aşgabat döwlet pedagogik institutynda ilki assistent, soň dosent wezipesinde işleýär. 1933-nji ýyldan başlap kafedra ýolbaşçylyk edýär.

Hydyr Derýaýew Türkmenistan SSR Ylymlar akademiýasynyň Dil bilimi institutynda ilki kiçi ylmy işgär, soňra uly ylmy işgär wezipelerinde işleýär. Ol türkmen diliniň taryhyna degişli birnäçe makalalar ýazýar. Olaryň arasynda «Geljek zaman işliginiň käbir meseleleri», «Türkmen diliniň taryhynyň meseleleri», «Magtymgulynyň eserleriniň gözleginde» diýen ýaly gyzykly meseleleri orta atýan makalalar bar.

Soňky ýyllarda H.Derýaýew çeper döredijilik işi bilen çynlakaý meşgul bolup başlady. Ol türkmen sowet edebiýatyny täze proza, drama, poeziýa eserleri bilen baýlaşdyrdy.

Ýazyjynyň meşhur «Ykbal» romany «Ganly penjeden» ady bilen 1937-nji ýylyň oktýabrynda çap bolup çykýar.

Awtor soň «Ganly penjeden» atly romanyny täzeden işläp, 1960-njy ýylda «Ykbal» ady bilen neşir etdirdi.

Ýazyjynyň «Mähri», «Hojanepes» atly belli drama eserleri Mollanepes adyndaky akademiki drama teatryň sahnasyndan düşmän gelipdir.

Edebiýat meýdanynda bitiren hyzmatlary üçin ol Lenin ordeni (1967) bilen sylaglandy. 1969-njy ýylda Hydyr Derýaýewiň türkmen sowet dil bilimine, türkmen sowet edebiýatyna goşan goşantlaryny nazarda tutup, TSSR Ylymlar akademiýasy ony korrespondent-agzalyga saýlady. Ýazyjy, dosent Hydyr Derýaýew döwletiň Ýazyjylar Soýuzynyň işine işjeň gatnaşdy.

Hydyr Derýaýew 1988-nji ýylda aradan çykdy.




#Article 180: Hommat Müllük (205 words)


Teatryn sahnasynda, kinonyn ekranynda turkmenin bay dunyasini acyp gorkezyan nusgawy keshpleri janlandyryan artistlerin biri hem Hommat Mullukdir. Turkmen sungatynyny
Turkmen sungatyny osdurip, dunya derejesine cykaran halypalaryn biri bolan Hommat Mullugin doredijilik yolunda yashlar ucin nusga alarlyk bay tejribe bar.

Ol paytagtymyz Asgabatda dogulyp, 23-nji orta mekdebinde orta bilim alyar. Bir gezek Hommat synpdashlary bilen Turklmen dowlet akademiki drama teatryna, Bazar Amanowyn goyan Keymir kor oyunyna tomasha etmege baryar. Onun anynda turkmenin taryhy shahsy bolan Keymir korun Nedir shanyn koshgune gelip, ona oz ulkesinin adaty boyunca salam bersi, sahrayy turkmenlerin adyndan bashyny belent tutup gurleyshi ozmejek yz goyyar. Bu oyun ona guycli tasir edip, dunya akyl yetirishini cunlashdyryar. Asyl, shol oyundan son yash yigit Hommat teatra gatnamasyny yygjamladyar. Her gezek sahnada oyun bashlanynda , onun yuregi telwas tapyp gowni gahrymnlar bilen den deprenyar. Artistin hyjywly howesi bilen doran bu duygular ony Moskwanyn teatral sungaty institutyna getiryar.
Ol turkmen teatrlary ucin mundan on onlarca artistleri tayyarlan professorlar B.W.Bibikow bilen , O.I.Pushowanyn sungat ussahanasynda talim alyar. Tejribeli mugallymlar Hommat Mullukde tebigy zehinin bardygyna goz yetirip, ony terbiyelemage bashlayarlar. Hommat Mulluk 1963-nji yylda teatral instituty tapawutly tamamlap geleninden sonra, bir mowsum Mollanemep adyndaky Turkmen dowlet akademiki drama teatrynda ishleyar.

Turkmenintanyn gahrymany Gurbansoltan ejanin adyny goteryan jemgiyetcilik-syyasy we edebi-ceper zurnal




#Article 181: Maýa Kulyýewa (114 words)


Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa (d. Maý 1, 1920) Türk­me­nis­ta­nyň Gah­ry­ma­ny, Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti  Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Büz­me­ýin et­ra­byn­da ene­den do­gul­dy. 1938 — 1941-nji ýyl­lar­da Mosk­wa­nyň P.I.Çaý­kows­kiý adyn­da­ky döw­let kon­ser­wa­to­ri­ýa­syn­da okap, ope­ra teat­ry­nyň aý­dym­çy­sy hü­nä­ri­ni ele al­dy. 

Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa­nyň aja­ýyp se­si, ar­tist­lik ze­hi­ni, dra­ma uky­by aý­dym­çy ze­na­na uly meş­hur­lyk ge­tir­di. Ol öz aý­dym­la­ry bi­len dün­ýä ýü­zü­ne aý­la­nyp, türk­men aý­dym-saz sun­ga­ty bi­len ta­nyş­dyr­dy. 

Ol zäh­met ýo­lu­na 1941-nji ýyl­da Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let aka­de­mi­ki ope­ra we ba­let teat­ry­nyň ikin­ji de­re­je­li ar­tis­ti bo­lup baş­la­dy.

Türk­me­nis­ta­nyň Gah­ry­ma­ny, Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti, saz­ly sah­na­da aja­ýyp keşp­le­riň en­çe­me­si­ni dö­re­dip, hal­ky­my­zyň çyn ýü­rek­den söý­gü­si­ne, ab­ra­ýa hem-de hor­ma­ta my­na­syp ho­lan ar­tist, türk­men ope­ra­sy­nyň ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len aý­dym­çy­sy Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa 2018-nji ýy­lyň 27-nji ap­re­lin­de 98 ýa­şyn­da ara­dan çyk­dy. 




#Article 182: Gadymy şaýlyklar (899 words)


In gadymy dowurlerden irki orta asyr  eyyamyna cenli pul dolanysygy.

Adamzat jemgiyetinin taryhy innan durli gornusli cesmelerden alynan esasy maglumatlary: arheologiya, etnografiya, edebiyat maglumatlary we beyleki maglumatlary owrenyar.

Pullaryn we pul aylanysygynyn taryhy ol yada beyleki wakalar, taryhy sahsyyetler, dini dusunjeler, ykdysady, syyasy, we jemgiyetcilik durmusy hakyndaky bilimlerin in mohum cesmelernin biridir. Pullaryn taryhy- munun ozi bir ya-da beyleki bir dowletlerin bolandygyny yeketak sayady bolup duryarlar, sebabi wagt diyilen zat beyleki medeni yadygarliklere rehim etmandir, sonun ucin-de saylyklar bolmadyk bolsa adamzat oz gecmisini kop sanly oran mohum wakalaryndan bihabar bolardy.

Komekci taryhy derslerin arasynda numizmatika ayratyn orun tutyar. Bu soz Numizma diyen sozden gelip cykyar we sayy pul diymegi anladyp, su ylmyn-saylar hakyndaky ylymyn ady bolup hyzmat edyar.

Uzak gecmisde adamlaryn arasynda alys-calys edilen wagtynda onun owezini tutup biljek ayratyn haryda-pula isleg dorandir. Arheologlar gazyw agtarys islerini gecirenlerinde sol yerlerde balykgulaklardan, merjenlerde, haywanlaryn dislerinden yasalan monjuklary we basgada toyundan yasalan onumleri tapyarlar. Alymlar sol zatlaryn gowy saklanyp galandygyna uns berip, olaryn dine bezegler hokmunde ulanmandyklaryna sayatlyk edyar. Olaryn hut pul hokmunde peydalanandygy subut edilyar. Arheologik tapyndylar boyunca pikiri yoredeninde kauri diyen deniz balykgulaklary pulun ornuny tutujy bolup cykys edyar. Onun ozune cekijiligi we oz eyeciliginde olary edinmek islegi bu harydy ilki basky pullara owrupdir. Kauri balykgulaklary XX asyra cenli hem Afrikanyn hem-de Gunorta Aziyanyn halklarynyn we taypalarynyn kopusi tarapyndan haryt pullar hokmunde peydalanypdyrlar. Turkmenistanyn caklerinde olary hatda sayylyklaryn eyyam pul hokmunde haryt pullary sowdadan gysyo cykarylan wagty bolan b.e VII-X asyrlaryna cenli dowre degisli medeni gatlaklardan hem tanayarlar. 

Ilkinji saylyklar b.e cenli VII asyra degislidir.Olaryn Kici Aziyada Lidiya diyen grek dowletinde zikgelap baslapdyrlar. Olar altynyn hem-de kumsi elektro-tebigy erginden tayyarlanylypdyr. Gresiya tabyn bolan saherlerin arasynda sowda isi calt osupdir. Ilki basda mis we burunc cybyjaklary ahliumumy denecer baha hokmunde ulanylypdyr. Bir neme sonrak bu cybyjaklary takyk belli bir agram boleklerine bolup baslapdyrlar, metalyn agramyny we arasalygyny gorkezmek ucin bolsa olara tagma basyp baslapdyrlar. Sular yaly cybyjaklaryn dessejigi Drahma(dessejik) diyen grek sozi bilen atlandyrylyk baslanypdyr. Bu soz hem dunyade ilkinji saylyklaryn adyna owrulipdir. Merkezi Aziyanyn ep-esli bolegi hususanda hazirki Turkmenistanyn cakleri b.e.cenli IV-VI asyrlarda Ahemenidlerin dowletinin duzumine giripdir ol yerde b.e. cenli VI asyrdan baslap ilki altyn sonra bolsa kumus saylyklar zikgelenip baslapdyr. Ahemenidler dowletinin saylyklarynyn dolansykda bolandygy hakynda ynandyryjy maglumatlar hazire cenli hem yok.

Ahimenidlerin kuwatly dowleti b.e cenli IV asyryn ahyrynda Aleksandr Makedonskinin gosunynyn zarbasy astynda synypdyr. (b.e cenli 323-336). beyik Serkerde tutus uc yyllap Merkezi Aziyany boyun egdirmek bilen mesgullanypdyr. Yenlis diyen zady bilmedik beyik serkerde oz obrazyny hudaylasdyrypdyr we Gerakl yaly Hudaylaryn nesli hasaplanypdyr. Sonun ucin saylyklarda hokumdar sir tuwalgasy diylip atlandyrylyan tuwalgaly sekillendirilipdir. Gadymy rowayatlara gora Gerakl basabas sowesde siri yenipdir we onun dersini geyipdir. Ozune huday Gerakla denesdiren Aleksandr Makedonskinin yeniji kesbi hem saylyklarda sekillendirilipdir. Umuman alanynda hakyky taryhy sahsyyetin sekili saylyklarda ilkinji gezek Aleksandr Makedonskinin yorusleri dowrunde peyda bolupdyr.

B.e cenli 247-nji yylda Parfiyanyn sasy Arsak diyip jar edilyar. Arsak sonra Parfiya dowletini ruhy paytagty, sol dowletin salarynyn yadygarliklerinin yygnalyan yeri bolan Nusay galasyny ozune paytagt edinyar. Parfiya dowletinin sayycylyk sungaty yurdun yasan wagtynyn butin dowamynda anyk resmi hasiyete eye bolupdyr, sebabi sayylyklar sanyn adyndan zikgelenipdir. Parfiyanyn sayylyklarynda dowletin syyasy taryhy aydyn gorkezilipdir, ol bolsa, esasanam rowayatlarda gorkezilyar. Arsak derejesi gorkezilmedik ilkinji sayylyklaryny cykaranyndan son yuzune grekce Sa Arsak birneme sonrak bolsa Allanyn nazar salan sasy Arsak diyen sozleri yazylan sayylyklary cykaryar.

Turkmen-kusan saylyklarynyn hazynalary Turkmenistanda Amyderyanyn orta hem-de asaky akymynyn sebitlerinden tapyldy. Hazirki Atamyrat etrabynyn Turkmen-kusan salygynyn duzumine girendigi subut edildi. Turkmen-kusan sayylyklary dili hem-de yuzundaki yazgylary babatda oran durli-durlidir. Turkmen-kusan yazuwynyn esasyna grek elipbiyi goyulupdyr. B.e cenli III asyryn baslarynda IV asyryn ahyrlarynda agirt uly gonsy dowletler bolan Turkmen-kusan salygy hem-de Parfiya pese dusyar. Olaryn ozalky mulkleri taze kuwwatly dowletin Sasanidlerin imperyasynyn awuna owrulyar. Turkmen-kusanlarynyn ozalky mulklerinde sasanidlerin bellan hakimleri Turkmen-kusan salary berkarar bolyar, olar Merkezi Aziyanyn sayycylyk isinde oran gyzykly hadysa bolan altyn, kumus hem-de mis saylyklaryny cykarypdyrlar.

Sasanidler dowleti 400 yyldan gowrak yasapdyr (224-nji yyldan 651-nji yyllara cenli).  Sasanidlerin dowrunde 4-nji asyrdan baslap feodalizm guycli osupdir. Artasir I mirasduserleri Sasanidler dowletinin sahynsahlary Sapur I (240-270-nji yyllar) Sapur II (309-379-nji yyllar) Yezdigerd I (399-420-nji yyllar). Gundogarda hem-de Gunbatarda ustunlikli uruslaryn birnacesini alyp barmak bilen oz serhetlerini gineldipdirler. Sasanidlerin sayylyklary altyndan hem-de kumusden zikgelenipdir. Sayylyklary zikgelemegin Sasanidler dowrunde oran uly mocberde yola goyulanlygy bellap gecmek zerurdyr. Ol dowletin saylyklary oz eyyamynyn aydyn yadygarlikleridir. Dowletin yasamagynyn ahyryna cenli zikge hanalaryn yuz yigrimisi uznuksiz islapdirler. Olar Aziyanyn bazarlaryna saylyklaryn millionlarcasyny iberipdirler.

Murgap deryasynyn orta we asaky akymynda yerlesyan welayat Margiana Aheminidler dowletini salaryndan baslap, Sasanidlerin sahynsahlaryna cenli hemme wagtda gadymyyetin ahli hokumdarlarynyn goz diken yeri bolupdyr. Bol hasylly toprak, mylayym howa, yokary medeniyetin, sowdanyn , hunarlerin merkezi hokmunde Margiananyn ir osmegine yardam edipdir. Merw (hazirki Bayramaly saheri) Margiananyn paytagty bolupdyr, ol adamlaryn 300 yyldan hem gowrak wagtlap yasan gadymy saheri hokmude belli bolupdyr. Merwin oz zikgehanasy bolmandyr, dine b.e cenli I asyrda Parfiyanyn gullap osen wagtynda Merwde zikgelenen ilkinji saylyklar peyda polupdyr. Merwin saylyklary tehniki taydan yerine yetirilisinin yokary hilliligi bilen tapawutlanypdyr. Olaryn duzuminde yokary hilli kumus bolupdyr, bu bolsa zikgelemegin usulynyn osusinde ep-esli ustunliklerin bolandygyny sayatlyk edyar. B.e. I asyrynda Margiana kop mukdarda mis we burunc saylyklary zikgelemage girisyar. Olar esasan welayatyn hem-de onun towereklerinin ownuk sayylyklara bolan islegini kanagatlandyrmaga niyetlenipdir. Merwde yokary hilli saylyklary zikgelemegin dabi ence yyllap saklanypdyr. Merwde zikgelenen sonky saylyklar Margiananyn Temirlenlerin dowletinin duzumine giren wagty bolan XV asyra degislidir. Bu yagday bolsa Merwin zikgehanasynyn bir yarym mun yylyn dowamynda nesilden nesile gecirilen oran uly ussatlygyna sayatlyk edyar.




#Article 183: Matematiki logika barada düşünje (254 words)


Matematiki logika umumy ýa-da formal logika diýlip atlandyrylýan ylmyň bir bölegidir. Umumy logika gadymy döwürde yüze çykyp, oýlanmagyň, pikirlenmegiň, dünýä akyl yetirmegiň kanunlaryny  we görnüşlerini öwrenýän ylymdyr.
Matematiki logikanyň aňyýetleri we usullary diňe bir informatika, matematika, fizika, biologiýa ýaly ylymlarda däl-de, eýsem, tehnikada, pedagogika, psihologiya, hukuk we dil ylymlarynda, ykdysadyýetde hem peýdalanylýar.                                      
Matematiki logikanyň esasy düşünjeleriniň biri pikir aýtma düşünjesidir. Ýa çyn, ýa-da ýalan bolan sözleme (tassyklama) pikir aýtma diýilýär. Meselem, “3 - ýönekeý san”, “Aşgabat –Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenisitanyň paýtagty” pikir aýtmalardyr. 
Her bir pikir aýtma çyn ýa-da ýalan bahany alyp bilýär. Hiç bir pikir aýtma şol bir wagtda hem çуn, hem ýalan bolup bilmeýär. Käbir pikir aýtmalaryň çyndygy ýa-da ýalandygy häzirlikçe bize belli bolman bilýär. Emma oňa garamazdan, olary biz pikir aytma hasaplaýarys. Sebäbi barlag netijesinde tassyklamanyň çyndygyny ýa-da ýalandygyny anyklap bolýar. 

a)  3 = 7 (ýalan pikir aýtma); 
b) Şu gün Magtymguly aýynyň 12-si (çyndygy ýa-da ýalandygy anyklanmaly pikir aýtma);              
ç)  13 - ýönekeý san (çyn  pikir aýtma).
d)  Ýel öwüsdi (haçan we nirede öwüsdi?)
e)  Ýoluň ini 14 m. (haýsy ýol?)

Her bir sözleme pikir aýtma diýip bolmaýar. Mysal üçin, sorag ýa-da ýüzlenme sözlemleri pikir aýtma däldir, sebäbi olaryň çyndygy ýa-da ýalandygy barada kesgitli bir pikir aýdyp bolmaýar. Meselem, “Sen haýsy klasda okaýarsyň?”, “Ýaşasyn parahatçylyk!” diýen sözlemler pikir aýtmalar bolup bilmeýärler.
Çyndygy ýa-da ýalandygy barada goşmaça maglumat talap edýän sözlemlere hem pikir aýtma diýip bolmaýar.
Matematiki logikada “pikir aýtmanyň çynlyk bahasy” diýen düşünje girizilýär. Pikir аýtmanyň çynlyk bahasy “çyn” we “ýalan” sözler bilen ýa-da “1” we “0” sifrler bilen bellenilýär.





#Article 185: Ýabany we medeni ösümlikler (532 words)


Borjak otÝabany we medeni ösümlikler.
Watanmyzyň düzlüklerinde, daglarynda, çemenliklerinde, çöllerinde her dürli
ösümlikler ösýärler.
Hemme ýerde diýen ýaly ösümliklere duş gelmek bolýar.
Turkmenistanyn collerinde sazak, gandym, cerkez, selin yalu osumlikler, daglarynda
arca, kerkaw,agaclary, tokaylarynda toranny, yylgyn, gamysh, sahra yerlerinde
gyrtyc, dele, gyyak we beyleki osumlikler osyarler. Bularyn hemmesi adam tarapyndan
ekilman ozleri gogeryan osumliklerdir. Sunun yaly osumliklere yabany osumlikler
diyilyar.
Halk hojalygy u peyd osumliklerin peydalysy oran kopdur. Mysal ucin: gyrtyc,
yylak, yandak we beyleki osumlikler haywanlara ot-iym bolyar. Yabany osumliklerin
birnacesi dokma we kagyz senagatynda cyg mal bolup hyzmat edyar. Olardan gamyshy,
galmay yekeni we beylekileri gorkezmek bolar. Yabany osumliklerin arasynda dokma
senagatynda yun yupek we yupluk sapaklaryny boyamak ucin gerekli renk beryanleride
kandir. Ona copboya, yshgyn, sozen, cerke we beylekiler mysal bolup biler.
Enceme yabany osumliklerden adamyn keseline melhem etmek ucin dermanlyk maddalar
alynyar. Ona boybodranl, buyan, kakilik oty, keyik oty we beylekiler mysal bolup
biler.

Adam yabany osumliklerden ysmanagy, bowursleni, hozy we beylekileri iymit ucin
peydalanyarlar. Olarda sheker, yag, belok we witminkop bolyar.
Yabany osyan arca, dagdan, yylgyn we beyleki uly we gyrymsy agaclar yangyc
gurlushyk serishdesi hokmunde we agacgosh (mebel) yasamak ucin peydalanylyar.
Enceme yabany osumliler kopdur we heniz olar doly owrenilen daldir. Yudumyzdaky
yabany osumliklerin gurlushy, yashayshy hem-de hojalykdaky ahmiyeti alymlar
tarapyndan owrenilyar. Yabany osumlikleri owrenmekde hem-de olaryn arasyndan
peydalysyny, gowy miwelisini, ot-iymlik, gok ekinlik we dermanlyk osumlikleri
golap tapmakda ylmy gozegcilikler gecirilyar.
Gowacanyn we beyleki ekinlerin arasynda hashal otlar hem osyar. Olar kokleri
biulen yzgara, yokumly maddalary we topraga dokyan dokunlerimizi sorup almak bilen
ekine kop zyyan yetiryarler. Yone bulara butinley zyyanly osumlik diyip bolmayar.
Sebabi olaryn arasynda dermanlyk, ot-iymlik gornushlerem bar. Hashal otlar hem oz
gezeginde dem alyan howamyzy arassalamaga gatnashyarlar. Yabany osumliklerin
arasynda manyrsak, cakjagundaz yaly zaherlinlerem bar. Bilmezlikden adam we haywan
olary iyende beden zaherlenyar. Shonun ucin zaherli osumliklerde aga bolmaly.
Zaherli osumliklerden derman tayyarlanylyar. Diymek osumlikleri zyyanly we peydaly
toparlara bolup bolmayar ekeni. Butinley peyda getirmeyan osumlik yokdur.
Osumliklerin gurlushyny, osush ayratynlyklaryny onat owrenmek zerurdyr.
Adam tarapyndan osdurilip yetishdirilyan gok-bakja ekinlerine, ir iymishli
agaclara, bezeg ucin ekilyan gullere, derman tayyarlamak ucin ekilyan osumliklere
medeni osumlikler diyilyar. Adam olary ekip, suwaryp, dokunlap, yumshadyp, hashal
otlardan we kesellerden gorap, osdururip yetishdiryar.
Bugdaydan, kunjiden, kelemden, uzumden we beyleki medeni osumliklerden
corek,topragyny gok onum, tagamly, yag, gok onum miweler alynyar. Gowacanyn we
kenebin hasyly senagatda gymmatly cig mail hokuminde peydalanylyar. Dalije mash,
yorunja mallar ucin yokumly ot-iymdir.
Kocelerin ugurlarynda, seyil baglarynda, yashaysh jaylarynda towereklerinde
otyrdylan durli agaclar shaherlerimize, shahercelerimize we obalarymya gork bertar.
Olar howany arassalayarlar, tozany saklayarlar. Diymek, adamyn durmyshynda
osumliklerin bicak uly ahmiyeti bardyr.
Tebigat adama ummasyz gin meydanlary, gullap duryan baglary, tokaylary, mes
toprakly yerleri ecildi. Shonun ucin hem biz bu baylyga eyecilik gozi bilen seredip
ayap saklamalydyrys.

Turkmenistanda tebigaty gorap saklamak barasynda yurdumyzyn Omurlik Prezidenti
Beyik Saparmyrat Turkmenbashy enceme kanun cykardy. Bu kanunlar dowletimizin tebigy
baylyklaryny gorap saklamaklygyna we olardan dogry peydalanmaklyga uly uns
berilyanligine shayatlyk edyar. Beyik Saparmyrat Turkmenbashy ozunin Mukaddes
Ruhnama kitabynda: Turkmen taryhynyn durnuklylygyny, turkmen yashayshynyn taryhy
goelligini bir zatda goryarin: bizin milletimiz oz yashayshyny tebigatda garshylyk
gorkezmek, onun garshysyna cykmak usulynda dal-de,tebigat bilen sazlashyk esasynda
gurnapdyr. diyip bizin ata-babalarymyzyn tebigata we onun baylyklaryna uly sarpa
goyandyklaryny we olary ayawly saklamaga calshandyklaryny gorkezyar hem-de
tebigatyn baylyklaryny gorap saklamaga cagyryar.




#Article 186: Gurbanguly Berdimuhamedow (195 words)


DJ, Tansçy, raper, sazanda, ok atyjy, at çapyjy, masgarabaz, driftçi, uçarman, maşyn ussa, diş soguryjy, arhitektor, santehnik, pensioner   Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow 2007-nji ýylyň fewral aýynyň 14-de prezident saýlawynda bikanun prezident hökmünde öz-özüni saýlady, 1957-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň Aşgabat oblastynyň Gökdepe raýonynyň Babarap obasynda doguldy.

Şeýle hem, 2001-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary wezipesine bellendi.

Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň köp sanly ýokary ordenleri we medallaryny satyn aldy.

Dünýäniň birnäçe uniwersitetleriniň we akademiýalarynyň hormatsyz doktory we akademigi.

Boş wagtlary sport bilen we atçylyk sporty bilen meşgullanýar. rus dilini bilýär. nemes dilini bilýän kişi bolan bolýar. Maşgalaly, Serdar( öweý) adynda bir ogly we iki gyzy bar. gyzlary we giýewiler halkyň puluna ýewropada keýp sürýärler.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň çözgüdi bilen 2006-njy ýylyň 21-nji dekabryndan Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň wezipelerini wagtlaýyn ýerine ýetirdi.

Dünýädäki iň zalym we iň erbet diktatorlaryň biri. Dünýä liderleriniň arasynda masgarabaz hökmünde hem tanalýar.

Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň köp sanly ýokary ordenleri we medallaryny halkyň puluna satyn aldy.

Dünýäniň birnäçe uniwersitetleriniň we akademiýalarynyň hormatsyz doktory we akademigi.

I Prezidentlik möhleti: Fewral 2007 - Fewral 2012.
II Prezidentlik möhleti: Fewral 2012 - Fewral 2017.
III Prezidentlik möhleti: 
Fewral 2017




#Article 187: Informatika (600 words)


Informatika—Informasiýa informatikanyň ilkinji we düýpli düşünjeleriniň biridir. Şonuň üçin informasiýa düşünjesine gysgaça kesgitleme bermek ýa-da ony bir sözlem bilen beýan etmek mümkin däldir.
Informasiýa “informatio” diýen latyn sözünden gelip çykýar we türkmen dilinde “düşündirmek”, “aýdyň etmek”, “beýan etmek”, “aýdyp bermek”, “habarlylyk”, “maglumatlylyk” diýen ýaly manylary berýär.
Biziň ýerine ýetirýän islendik işimiz haýsydyr bir habary, maglumaty kabul etmek we peýdalanmak bilen baglanyşyklydyr. Meselem, kitap, gazet okamak, surata, telewizora seretmek we ş. m. arkaly biz habarlary, maglumatlary kabul edýäris, ýatda saklaýarys, toplaýarys, özümizçe gaýtadan işleýäris hem-de başgalara ýaýradýarys. Hat ýazsak-da, telefonda gürleşsek-de söhbetdeşimize haýsydyr bir habary, maglumaty berýäris. Islendik meseläni çözmek üçin maglumatlar bilen işleýäris, meseläniň şertinde berlen düşünjeden başlap, оnuň çözgüdinde – täze bir düşünjä gelýäris.
Habar bermeler önümçilikde we durmuşda ýazgylar we çyzgylar, maglumatlar we hasabatlar, jedweller (tablisalar) ýaly görnüşlerde hem duş gelip bilýärler. Çyzgylar we saz eserleri, kitaplar we suratlar, spektakllar we kinofilmler - bularyň barysy-da informasiýalaryň beýan edilşiniň görnüşleridir.
Maglumat anyklyk we dolulyk, gymmatlylyk we derwaýyslyk, aýdyňlyk we düşnüklilik ýaly birnäçe esasy häsiýetlere eýedir.
Işiň hakyky ýagdaýyny häsiýetlendirýän maglumat anyk maglumatdyr. Anyk däl maglumatyň nädogry düşünjelere ýa-da nädogry çözüwlere getirmegi mümkin. Eger habar çözgüdi kabul etmek üçin ýeterlik bolsa, onda оňа doly maglumat diýilýär. Doly däl maglumat çözgüdi kabul etmekde ýa-da оňа düşünmekde kynçylyk döredýär. maglumatyň gymmatlylygy onuň kömegi bilen nähili meseleleriň çözülişine baglydyr. Derwaýys maglumat şertleri üýtgäp durýan işlerde zerurdyr. Düşnüksiz sözler bilen aňladylan habar peýdasyz bolup biler. Berilýän maglumat, habar aýdyň we düşňükli bolmalydyr.

Maglumatlary dürli usullarda beýan edip, toplap, gaýtadan işläp we ýaýradyp bolýar. Adamlar özara dil ýa-da ýazuw üsti bilen düşünişmeli bolanlarynda kesgitli harplardan düzülen elipbiýden, sifrlerden, dyngy belgilerinden we ş.m. peýdalanýarlar. Elektron hasaplaýjy maşynlarda islendik maglumaty beýan etmekde 2-lik hasaplaýyş ulgamynyň 0 we 1 sifrlerinden düzülen belgiler toplumyndan peýdalanylýar. Diýmek, kompýuter diňe ikilik sanlara düşünýär. 0 ýa-da 1 sifrleri bit (BInary digiT - ikilik sifr) diýip atlandyrýarlar. Edil uzynlygyň metr, wagtyň sagat, massanyň kilogram we ş. m. arkaly ölçenilişi ýaly maglumatlaryň mukdary hem degişli ölçeg birlikleriniň kömegi bilen ölçenilýär. Bit maglumatyň mukdaryny ölçemegiň iň kiçi birligidir. Bitleriň kömegi bilen islendik belgini aňladyp bolýar. Eger şeýle bolýan bolsa, onda näme üçin kompýuterde latyn “A” harpy ýazgyly düwmejik basylanda, ekranda onuň şekili peýda bolýar-ka? Häzirki zaman EHM-leriniň köpüsinde her bir belgä bitleriň sekiz sanysyndan düzülen yzygiderlik degişli edilýär. Oňa belginiň ikilik kody diýilýär we baýt diýlip atlandyrylýar. Baýt “byte” diýen iňlis sözünden alnan, 1 baýt = 8 bit. Meselem latyn “A” harpy 01000001 (10-luk hasaplaýyş ulgamynda 65), latyn “B” harpy 01000010 (10-luk hasaplaýyş ulgamynda 66) san bilen belgilenýär. Her bir harpa, sifre, belgä 0-dan 255-e çenli aralykda üýtgeýän haýsydyr bir onlyk san görnüşinde kod degişli edilýär. 255-den uly sanlar bilen belgileri kodlamak mümkin däldir (sebäbi bitleriniň hemmesi 1-likler bolan san: 11111111 = 128 + 64 + 32 + 16 + 8 + 4 + 2 + 1 = 255). Latyn “A” harpynyň basylmagy bilen kompýutere onuň ikilik sifrlerden düzülen kody (baýty) ugradylýar, ýörite elektron shemalar şu kod arkaly “A” harpynyň duran ýerini tapýarlar we ony ekranda “çap edýärler”.
Häzirki döwürde belgileriň 128 sanysyny (0-dan 127-ä çenli sanlar arkaly) kodirleýän ASCII (American Standart Code for Information Interehange) kod jedweli ölçeg hökmünde peýdalanylýar. Onda dolandyryjy belgiler (0-dan 31-e çenli, meselem, [Enter] we [Esc] klawişleri degişlilikde 13 we 27), hyzmat ediji belgiler (meselem, boş ýer 32, “-“ belgisi 45, “_” belgisi 95), sifrler (48-den 57-ä çenli), baş we setir latyn harplary (degişlilikde 65-den 90-a we 97-den 122-ä çenli) kodlanandyrlar.
Belgileriň galan 128 sanysy (128-den 255-ä çenli sanlar arkaly) ölçeg hökmünde kesgitlenen däldir. Onda milli elipbiýler we käbir belgiler kodlanýarlar. 
Maglumatyň mukdaryny ölçemek üçin bit we baýtdan başga-da has uly ölçeg birlikleri (Kbaýt, Mbaýt, Gbaýt) hem ulanylýar:

informasion proses




#Article 188: Oguz han (7858 words)


Oguz han türkmenleriň iň gadymy hökümdary hasaplanýar. Ol örän uly giňiş topraklary öz içine alan oguzlaryň imperatorlygyny guran adamdyr. Gara hanyň ogly bolan Oguz hanyň günlerimizden birnäçe müň ýyl ozal ýaşap geçendigi türkmen rowaýatlarydyr-dessanlarynda agzalýar. XI asyrda ýaşan alym Mahmyt Kaşgarly “Diwany lugat at-türk” atly eserinde türkmenleri oguz türkmenleri we garlyk türkmenleri diýip ikä bölýär. Oguz hanyň 6 ogly Gün han, Aý han, Ýyldyz han, Gök han, Dag han, Deňiz han we 24 agtygy bolupdyr. Oguz türkmenleriniň 24 boýy onuň 24 agtygyndan öz köküni alyp gaýdýar we olaryň atlaryny göterýär. 

Beýik Osmanly türkmen döwletiniň taryhçysy ’nyň bellemegine görä, mukaddes Gurhanda bellenilen  atly keramatly adamyň Oguz handyr. Sebäbi ol goşa şahly täji bilen tanalypdyr. 

Gün han ogullary:

,

Aý han ogullary:

Ýyldyz han ogullary:

ÜÇOK

Gök han ogullary:

Dag han ogullary:

Deňiz han ogullary:

Professor Öwez Gündogdyýewiň ylmy makalasynda Oguz han hakynda gyzykly maglumatlar bar. Beýik Hun imperiýasyny esaslandyran Mode niň şahsyýetiniň töwereginde indi 100 ýylyň içidir gyzgyn jedeller dowam edýär. Şeýle gep-gürrüňleriň döremegine bolsa gadymy hytaý kitaplaryny terjime etmekde ýakasyny tanadan Iakinf Biçurin sebäp boldy.
Eýsem syrly dünýäň girdabyna düşen ol han kim bolupdyr?
... Orta Aziýanyň territoriýasynda taýpalaryň we halkyýetleriň uly toplumy ýaşaýardy. Has ir döwürlerden bäri olar golaý we uzak aralyga göçüp-gonup, Günbataryň we Gündogaryň ýurtlaryny gorky astyna salýardylar. Şeýle taýpalaryň biri gowy durmuşyň gözleginde uzak Gündogara aralaşypdyr. Özleriniň Orta Aziýaly garyndaşlaryny yzda galdyryp, bu halk Hytaýyň araçäklerinde peýda bolupdyr. Hytaýlylar olary Hunnu diýip atlandyrar ekenler (hytaýça Hu - hyrsyz, “nu - gul diýmegi aňladýar). Professor A. N. Bernştamyň tassyklamagyna görä, hytaýlylar Orta Aziýanyň oturymly ilatyny şeýle at bilen “tagmalapdyrlar. Hunlar eýýäm biziň eramyzdan öňki 1200-nji ýylda özbaşdak döwleti esaslandyrypdyrlar diýlip hasaplanýar. Hytaý çeşmelerinden görnüşine görä, olar bu halka takmyman, biziň eramyzdan öňki III asyrdan uly üns berip başlapdyrlar. Şol döwre çenli ep-esli güýç toplap, özüni tutan Hytaý imperiýasy öz serhetlerine howp salýan hunlaryň soňuna çykmagyň kül-külüne düşýär.
B. e. öňki 214-nji ýylda Sin imperatory 100 müň adamdan ybarat goşunyny hunlaryň üstüne ýollaýar. Derbi-dagyn edilen hunlar çöle çekilýärler. Hun hökümdary Tümen indi goňşy halklara elgarama bolan ile ýolbaşçylyk edýärdi. Beýleki aýalyndan bolan kiçi ogluny miras eýesi etmegi ýüregine düwen Tümen uly ogly Modeni ýuedžeý halkyna girewine berýär. Has beteri, şeýtse, bu halk Modeni heläklär diýen bet pygyl bilen ýuedžeýleriň üstüne çozuş amala aşyrýar. Ýöne onuň bu pirimi başa barmaýar. Mode gaçmak başardýar. Uly oglunyň ugurtapyjylygyna haýran galan Tümen ony 10 müň atla baştutan belleýär.
Şol uçurlar hun halky agyr günleri başdan geçirýärdi. Belli taryhçy L. N. Gumilew şeýle ýazýar: Göräýmäge, hunlaryň hemişelik tepbedi okalypdy, ine, haý diýmän olaryň goňşy-golamlary hun çöllügini öz aralarynda paýlaşarly görünýärdi. Ýöne taryh bu meseläni özüçe çözdi.
Ýaş harby ýolbaşçy atlylaryna söweş tälimlerini berip ugrady. Ol öz ýigitlerine ýaýdan şuwwuldap ses edýän ok atmagy öwredýär (şeýle oklar türk guburlaryndan häzirem tapylýar). Ol öz ýaýyndan şuwwuldap ses edýän oky haýsy ýaňa gönükdirse, nökerleri hem şol ýerini nyşana alyp atmaly ekenler. Buýrugy ýerine ýetirmedigiň başy ölümli bolupdyr. Ilki öz aty, soň aýaly, atasynyň aty onuň ýaýynyň okunyň pidasy bolýar. Buýrugy ýerine ýetirmekden boýun gaçyranlaryň kellesini almagy tabşyrýar. Şeýdip, berk tertip-düzgüni ýola goýan Mode kakasyny tagtdan agdarýar. Kakasy, ejeligi we inisi şol agdarylyşygyň pidasy bolýar. B. e. öňki 203-nji ýylda Mode özüni Hun imperiýasynyň hökümdary diýip yglan edýär. Ol hun uruglarynyň 24-siniň başyny jemläp, hun döwletini dikeldýär.
Şu ýerde türkmenleriň ata-babasy bolan Oguz han barada aýdylýan hekaýatlardaky meňzeşlige üns bermezlik mümkin däl. Iakinf Biçurin şeýle ýazýar: Mode Aziýanyň taryhynda Garahanyň ogly - haýbatly Oguz han ady bilen bellidir. Hondemiriň ýazmagyna görä, Garagumda göçüp-gonup ýören Garahan öz oglunyň täze dine uýup, başga Hudaýa ynanýandygyny eşidip, gahar-gazaba münýär. Ol ogluny öldürmegiň kül-külüne düşüp, ýöriş edýär. Ýöne Oguz hanyň aýaly bu habary adamsyna ýetirýär. Garahan söweşde wepat bolýar. Oguz han bolsa tagta çykyp, özüniň hökümdarlyk eden 73 ýylynyň içinde tutuş Türküstany dyza çökerýär. Abylgazy hanyň ýazmagyna görä, özüni hökümdar diýip yglan eden Oguz han Hytaýyň serhetlerinde göçüp-gonup ýören Tatar hanyň (Dunhu) üstüne ýöriş edip, ony boýun egdirýär. Soňra Hytaý imperiýasyny, Jürjüt we Tangut hanlygyny basyp alýar. Şondan soň bolsa, günortada Mongoliýadan we Günbatarda Kaspi deňzine çenli ýaýran ähli raýaty eýeleýär. Atlarynyň bir-biriniňkä meňzeş däldigine garamazdan, Mode şanýuý baradaky taryhy oçerkiň Oguz han ady bilen berilmegi we döwrüň esasy wakalarynyň geliş tertibiniň dogrulygy, Abylgazy hanyň mamladygyny görkezýär.
Hakykatdanam, Mode we Oguz han bilen baglanyşykly wakalarda bir umumylyk bar. Mundan başga hem hunlar - ähli taryhçylara anyk belli bolan ilkinji türki dilli halkdyr. Bu barada hiç kim ikirjiňlenmeýärdi. Gadymy türk runa ýazgyly hun medalýonynyň (b. e. I asyry) üsti açylansoň bolsa bu hakykat ýene bir ýola tassyk boldy. Bularyň üstüne Mode tarapyndan birleşdirilen 24 hun uruglarynyň we Oguzhanyň ogullarynyň arasyndaky meňzeşligi hem goşmak gerek. Hun taýpalarynyň we oguzlaryň - türkmenleriň tire-taýpalarynyň adyndaky meňzeşlik hem ünsüňi çekýär. Häzir bize belli bolan hunlaryň maddy (egin-eşik, haly ...) we ruhy (dini-ygtykatlar we däp-dessur) medeniýetiniň diňe bir orta asyrlarda ýaşan oguzlaryň däl, hat-da häzirki zaman türkmenleriniň medeniýetine juda ýakynlygy barada öňem ençeme ýola gürrüň edilipdi. Dil öwreniji F. Hirtiň pikirine görä, Modeniň ady “bagatur (“batyr) türk sözüniň diňe hytaý transkripsiýasydyr. Hytaý dilinde “r harpy düşürilýär, şonuň üçinem “batyr sözi “badu ýa “mode görnüşine eýe bolýar. Modeniň (batyryň) asly Huan atly belli hun urugyna degişlidir. A. E. Bernştamyň bellemegine görä, Hu-an ieroglifleriniň gadymy okalyşy “üker (“öküz) diýen formany berýär. Oguz (Ogur) sözüniň fonetiki arhetipi hem “öküz sözi bilen ýakyndyr. A. E. Bernştam şeýle netijä gelýär: “Eger han-begler urugynyň ady öküz bolan bolsa, onda şol urugyň wekiliniň -genealogiki nesilbaşysynyň öz şahsy adynyň ýany bilen urugynyň adyny ulanmaga hem doly haky bolupdyr. Mahlasy oňa “at we familiýa edinmägä rugsat berilýärdi.
Hawa, hun taýpasynyň bileleşigini esaslandyran adamyň ady Mode bolup, familiýasy -Oguzdy. Sözme söz terjime edilende “öküz -Pälwan diýmegiaňladýardy....
Hunlaryň (oguzlaryň) tagtynyň eýesi bolandan soň Mode döwleti berkitmek üçin gyssagly çäreleri durmuşa geçirip ugraýar. Ilki bilen ol dunhu (tatar) halkyny derbi-dagyn edýär. Bu waka şeýle bolýar: Hunlaryň içki dawa-jedellerinden habardar Dunhu hökümdary Modeden ajaýyp aty bilen söýgüli aýalyny bermegi talap edýär. Hunlaryň ýaşulylary muňa garşy çyksa-da Mode bu meseläni özüçe çözýär: Golaý goňşyňdan bir at bilen bir aýaly gysganmak nämä derkar?!. Talaby berjaý bolan dunhu soltany indiki gezek hunlardan özlerine degişli ekiş we mal bakmak üçin ýaramsyz çöllügiň bir bölegini bermegi soraýar. Hun aksakallary bir bölek ýer üçin dawa-jenjeliň gerek däldigini aýtsalar-da Modeniň jogaby olaryňka gapma-garşy gelýär: Ýer - döwletiň esasy emlägi bolup durýar, heý, ony özge birine dözüp bormy?!
Ýer bermegi maslahat berenleriň kellesini alyp, Mode dunhularyň üstüne ýöriş edýär we olary derbi-dagyn edipdir. Bütin Mançžuriýanyň hunlaryň eline geçýär. Ol ýuedžeýleri hem günbatara yza tesdiripdir. Takmynan biziň eramyzdan öňki 204-nji ýylda ordos taýpalary hem boýun egmäge mejbur bolupdyr. Hun halkynyň sany 300 müň adama ýetipdir.
B. e. öňki 202-nji ýylda Mode gypjaklary diňlileri, gyrgyzlary özüne tabyn edipdir. Şondan soňra hunlar Hytaýyň üstüne ýörişe ugrapdyrlar. Mai galasyny basyp alyp, demirgazyk şansiniň paýtagty Szinýan şäheriniň eteklerine gelipdirler. Hunlara garşy söweşlere hut imperatoryň özi ýolbaşçylyk edipdir. Mekir pirime ýüz uran Mode yza çekilen bolup, hytaý imperatoryny we onuň iň saýlama goşunyny gabawa düşüripdir. Ýedi günläp gabawda bolan imperator Mode bilen ylalaşyk gazanmaga mejbur bolupdyr. Bu gunlaryň taryhda gazanan iň uly ýeňişleriniň biridi. L. N. Gumilýowyň maglumatlaryna görä 20 müň hun atlysyna 320 müň hytaýly garşy durupdyr. Ylalaşyk boýunça imperator öz gyzyny Modä nikalap beripdir we ýylda uly möçberde sylag-serpaý berip durupdyr.
Mode (Oguzhan) beýik özgerdiji bolupdyr:

Bu täzelikler hunlaryň jebisleşmegine we Merkezi Aziýanyň iň abraýly, kuwwatly halkyna öwrülmegine getiripdir.
Oguz - türkmenleriniň arasynda beýik Oguz hanyň (Modeniň) sylag-hormat ýüki ýetik bolupdyr. Hun imperiýasy çagşandan soň olaryň bir bölegi Ýewropa, Kawkaza we öz Watanlaryna -Orta Aziýa aralaşyp, Gun imperiýasyny döredýärler. Galan bölegi birnäçe ýüz ýyldan soň, Türk kaganlygyny esaslandyrýar. Ol dargansoň Oguzyň nesilleri täze döwlet döredip, oňa Oguz döwleti diýip at berýärler. Aradan näçe wagt geçse-de ilkinji beýik hanlaryny unutmaýarlar. Şondan soňra oguzlaryň Aziýada we Ýewropada gazanan ýeňişleriniň ählisi bu beýik şahsyýetiň adyna ýazylypdyr. Oguz han “müň ýyl ýaşap, şonça ýyllap hem, hökümdarlyk etdi diýip ýöne ýere aýdylanok.
Oguz han oguzlara agzybir we ylalaşykly ýaşamagy wesýet edipdi. Ol ölüminiň öň ýany 24 taýpanyň ählisini - çagalaryny we agtyklaryny ýanyna çagyryp, şeýle diýipdir: “Biziň ählimiz bir urugdandyrys! Bu beýik Oguz hanyň nesillerini jebislige, döwleti pugtalandyrmaga çagyrýan iň soňky wesýeti bolupdyr.

Mundan ýüz ýyla golaý öň, türki halklaryň taryhyny Hytaý çeşmeleri arkaly öwrenýän alym Iakinf Biçurin, miladydan ozalky III asyrda, hytaý sebirlerinde döwlet guran Hun serkerdesi Metde hanyň, ýagny Modeniň (hytaý çeşmeleride Mao Dun) Oguz han bolaýmagynyň ahmaldygy baradaky pikiri orta atdy. Oňa başga-da goşulanlar boldy. Soň-soňlar şol pikire türkmen alymlaryndanam gol ýapanlary tapyldy. Türki halklaryň taryhyny öwrenmekde bahasyna ýetip bolmajak uly işler bitiren L. N. Gumilew bolsa özüniň “Gadymy türkiler” atly saldamly işinde “türk” söz-ä V asyrda Aşynalar bilen baglylykda, hytaýça “güýçli”, “çydamly” diýen Manyny berýän “tu-kýu” sözünden, “oguz” sözi bolsa VI– VII asyrlarda dowam eden göktürkiler döwleti (Türk kanagaty) döwründe “taýpa”, “bölek” aňlatmasy görnüşinde ýüze çykypdyr, diýen çaklamany öňe sürdi. Ol hususan-da şeýle diýdi: “...Şeýlelikde, “oguz” sözi “taýpalar” diýen Manyny aňladyp, soň etniki ada öwrülipdir. Soňabaka “budun” sözi kimin o-da öz ähmiýetini ýitiripdir we türkmenleriň legendar nesilbaşysy Oguz hanyň adyna öwrülipdir”. Egerde, Gumilýowyň ýokarky sözlerine gulak assaň, onda Oguz han diýen adam, “oguz” dýen halk asyl-ha bolmandyram. Biz munuň beýle däldigi barada aşakda durup geçeris, ýöne, onuň “türk” sözüni düýn-öňňünki dörän Aşynalardan alyp gaýtmakçy bolşunyň ýalňyşdygyny subut etmek üçin welin, Aşynanyň Hun serkerdesem däl-de, hun döwletini syndyran, has irki döwürlerde “sarwi”, “sirwi” diýlip atlandyrylan, häzirki mongollaryň aňyrsy hasap edilýän sýanbillerdendigini, onuň meşhur “bäş ýüz öýlüsiniň” bolsa goňşy oturan döwürleri hunlaryň hytaýlardan, sýanbileriň hut özlerinden basyp alan dürli taýpalaryndan ybarat bolandygyny ýatlap geçmekligiň özem ýeterlikdir. Geň ýeri munuň şeýledigini onuň hut özi, öz eli bilen ýazýar. “Türk kaganlygy” barada gürrüň berip, “oguz” sözünem şol döwrüň içinden döretjek bolup eňip oturşyna bolsa, hut şol bir wagtyň özünde, öz-özüniň atlandyryşy ýaly Aşynalaryň “türkütlerinden” demirgazykda bir ýerde oguzlaryň (guzlaryň) aýratyn bir halk hökmünde ýaşap ýörendiklerini habar berýär we şeýlelikde indi ikinji gezek öz-özüne garşy gidýär. Diýmek, alymyň eli ýazsa-da beýnisi şol zatlar bilen ylalaşMandyr, “türk”, “oguz” sözüniňem, şol ady göterýän halkyňam, şol halkyň serkerdesi Oguz hanyňam eýesiniň salgy berýän döwründen has irräk zamanlara degişlidigini beýni özüniň millionlarça öýjükleri arkaly syzypdyr. Oguz hanyň takyk ýaşyny, oguz halkynyň halk hökmünde kemala gelen döwrüni kesgitlemek elbetde,aňsat iş däl. Çünki, seljuklar döwründen aňryk geçdigisaýy oguz taryhynyň öwrenmesi kynlaşýar, bar bolan maglumatlar bolsa oguz taryhyny hakykatdanda Hytaý çeşmelerinde gabat gelýän hunlardan aňryk äkidip bilenoklar. Netijede, dessanlara, rowaýatlara bil baglamakdan başda alaç galmaýar. Şeýle-de bolsa taryhy wakalary, şahsyýetleri, gurlan döwletleri iň bolmanda wagt yzygiderliligi taýdan ýerbe-ýer goýmak, biri-biri bilen bulaşdyrmazlyk, zoraýakdan biri-birine ýanaşdyrmazlyk weli zerurdyr. Taryhy çeşmelerden görnüşine görä, “tur” (türk” we “öküz” (oguz) atlaryny oguzlar ýokarda agzalan Hun döwleti döremezden müň ýyl ozalam, entek Orta Aziýada ýaýylyp ýören döwürlerem buýsanç bilen göterip ýördüler. Asyl şol döwür olaryň ata-baba mekanlarynyň adam öz hususy atlary bilen baglydy. Ýagny, Turandy. (Tur:an) bu bolsa turlaryň –öküzleriň –oguzlaryň ýurdy diýmekdir. Turlar baradaky maglumatlara biz miladydan öňki I we II müňýyllyklaryň örküjinde, Orta Aziýada dörän otparazçylyk diniň mukaddes kitaby bolan Awestada duş gelýäris. Şol ýerde turlar bireýýämler kemala gelen gadymy halk hökmünde öz serkerdeleri Afrasyýabyň (Awestada Franhrasýan) ýolbaşçylygy astynda otparaz arilere garşy örän gaýduwsyz hereketler edýärler. Halk bolsa hemişe öz adyndan uludyr we onuň halk hökmünde kemala gelen döwri adynyň duş gelýän döwründenem has irräk döwürlerden gözlenmelidir. Çünki, şol bir halkyň ady taryhy möwrütlerde telim gezek ýitýär, gaýtadan döreýär we ýene-de başga bir görnüşe eýe bolýar. Ana, şol turlaryň –öküzleriň (oguzlaryň) belli bir bölegi biziň eýýamymzdan öňki II müňýyllygyň başlarynda käbir bölekleri bolsa ondanam öň, köp alymlaryň seresaplylyk bilen aýdyşlary ýaly dürli sebäplere görä, biziň pikirimizçe bolsa otparazçylyk dinini ündän ariler bilen bolan dini gapma-garşylykar sebäpli asly mekanlary bolan Merkezi Aziýadan –Turandan, has takygy şindiki Türküstandan örňäp Gündogara –hytaý, mongol sebitlerine tarap süýşüpdirler. Hytaýlylar olary “hunlar” diýip atlandyrypdyrlar. Professor A. N. Bernştam ýaly alymlaryň tassyklamalaryna görä, bu söz hytaýça “gelşiksiz gul” diýen Manyny berýän “hu-nu” sözündendir. Oguzlaryň ýewropoid keşpli halk bolandygyny, mongolpisint ýokundysynyň olara hytaý, mongol sebitlerine aralaşandan soň, garyşmak, gatyşmak arkaly ýokandygyny nazara alsaň bu çaklama hem gytaklaýyn Manyda tasa gelmänem duranok, çünki, “garga-da öz çagasyna akjam diýer”, diýlişi ýaly her bir halk özüni owadan, özüne meňzemeýänleri bolsa betgelşik saýýar. Şol sebäbe görä, hytaýlylara-da ýewropoid keşpli oguzlaryň betgelşik görnen bolmaklary mümkindir. Ýöne, şeýle bolaýanda-da hytaýlylaryň turlara –öküzlere dakan hunlar diýen adyny “betgelşik gul” manysyny berýän “hu-nu” sözünden däl-de, hytaýça hem şol bir öňki, öküz manysyny berýän “hu-an” sözündendir öýdýäris we “tur” adynyň dakylşy ýaly öküzleriň hut öz atlarynyň başga bir halk tarapyndan indi ikinji gezek başgaça atlandyrylyşy, ýagny täze bir alloetnonim hökmünde garaýarys. Biziň pikirimizçe, “güýçli”, “çydamly” diýen manyny berýän, alymlar tarapyndan “türk” diýlip okalan, ýöne has giç, ýagny Ý asyrda dörän “tu-kýu” sözüni hem hytaýlylar täzeden oýlap tapmandyrlar-da oguzlaryň gadymy “öküz” “tur” sözüniň yzyna köplük manyny berýän “k” goşulmasyny goşupdyrlar. Netije-de “tur” sözi “türk” görnüşine eýe bolýar, ýagny, şol bir halka degişli ýene-de bir, alloetnonim döredipdirler. Has takygy olar şol ady şol halka dakMandyrlar-da, olaryň şol bir atlaryny özleriçe aýdypdyrlar. Çünki, “güýçli”, “çydamly” diýen söz hemişe, hemme halklarda diýen ýaly öküz sözi bilen Manydaş bolupdyr. Ol şu wagtam şeýle. (Öküz ýaly güýçli, öküz ýaly çydamly we ş.m.) Öküz sözüniň has gadymky tur warianty hem şonuň ýaly. Mysal üçin Öküz sözüniň sportdaky güýç synanyşyklary: Birinji tur ýa-da ikinji tur. Birinji güýç synanyşyk. Ikinji güýç synanyşyk. Ýeri gelende aýtsak, Hun döwletini esaslndyryjy Mode hem hunlaryň hytaýça “hu-an” taýpasyna degişli bolupdyr. Bu bolsa köp halkyýetlerden ybarat bolan federatiw häsiýetli Hun döwletiniň özeninde hut oguzlaryň, turlaryň durandygyny, Modeniň bolsa asyl-ha Oguz han däldigini, ýöne, hakykatdan-da oguz tur serkerdesidigini aňladýan sansyz subutnamaaryň biridir. Modeniň Oguz han däldigini, onuň guran döwletiniňem asla ilkinji oguz döwleti däldigini, oguzlaryň dünýä sahnasyna has irki döwürlerde çykandyklaryny, iň bärkisi oguzlaryň ýa-da olary taryhyň has irki gatlaklarynda görüp bilmeýän, belki-de göresleri gelmeýän käbir alymlaryň dili bilen aýtsak prototürkileriň Turandan çykyp hytaý sebitlerine aralaşanlaryndan soň, miladydan ozalky 1200-nji ýylda, Mdeniň guran döwletinden 900 ýyl öň hem bir döwlet gurandyklary arkalam subut etmek mümkin. Türk alymlarynyň, hususan-da doktor Anil Çeçeniň tassyklamagyna görä bolsa, türki halklaryň ady hytaý çeşmelerinde ondanam ir, ýagny miladydan öňki 1400-nji ýyllarda hem gabat gelýär. Şonuň üçinem ine şol döwleti guran adam Oguz han bolaýmasyn diýen pikir orta atylaýsa, gyzgyn jedellerden bir gyra çekiläge-de, birazajyk böwrüňi diýäýseňem bolman durjak däl. Ýöne, bilermenler welin Oguz hanyň ondanam has irkiräk döwürlerde ýaşap geçen bolmagynyň ahmaldygyny dillerine getirýärler. Mysal üçin XIV asyr musurman taryhçysy Fazlallah Reşideddin boýunça Oguz han miladydan ozalky VII asyrda, mundan 2700 ýyl öň; XVII asyr taryhçysy, Hywa hany Abylgazy Bahadur hanyň pikiri boýunça, miladydan ozalky IV müňýyllygyň ahyrlaeynda, Keýumers döwründe, mundan alty müň ýyl owal; Döwürdeşimiz, folklorçy Ata Rahmanowyň pikiriçe miladydan ozalky V müňýyllygyň ahyrlarynda mundan 7000 ýyl öň; Türkmen edebiýatçysy, professor Nazar Gullanyň ylmy barlaglaryna görä, mladydan ozalky II müňýyllygyň ahyrlarynda, 4000 ýyl mndan öň ýaşap geçen bolmaly. Görşümiz ýaly, Oguz hanyň ýaşap geçen döwrüni salgy berýän awtorlaryň hiç birem Modeniň ýaşap geçen zamanasyna çenli aşak düşmeýär. Şol görkezilýän seneleriň içinde Reşideddiniňkiden özgesi hatda hytaý sebitlerinde, miladydan ozalky 1200-nji ýylda gurlan hun döwletiniň zamanasyndanam has aňyrda. Reşideddiniň Oguz hany bilen Modeniň arasynda-da dört ýüz ýyldan gowrak wagt ýatyr. Beýleki awtorlardan haýsam bolsa biriniňki dogry bolup çykaýsa welin, onda Oguz hany oguzlaryň, ýagny, turlaryň hytaý, mongol, Altaý, Sibir sebitlerine aralaşan döwürlerindenem däl-de, entek Turanda oturan döwürlerinden gözlemeli bolar. Ähli türki halklaryň hökümdary hasap edilýän, öz ygtykadyny gorap otparaz arilere barlyşyksyz göreş alyp baran, tur serkerdesi Afrasyýap, ýagny, Tunga alp är, onuň kakasy Peşeň ýaly patyşalardanam öň ýaşap geçen bolaýmagynyň ahmaldygy barada hem kelle döwmeli bolar. Çünki, Oguz hanyň ýaşan döwrüni salgy berýän awtorlaryň Reşideddinden öňňesiniň görkezýän wagty hakykatdan-da Awestada, miladydan ozalky II müňýyllygyň içinde hereket edip ýören Afrasyýabyň döwründenem has irki döwürlere baryp direýär we Oguz han oguzlar (turlar) hytaý sebitlerine baransoň däl-de, eýsem şu toprakda, Turanda otyrkalar ýaşap geçen bolaýmasyn diýen sorag öz-özünden örboýuna galýar. Ýöne, oguz taryhynyň ýeke-täk çeşmesi bolan “Oguznama” ser salsak welin, Oguz hanyň ýaşan döwri oguzlaryň gündogar ülkelere aralaşan döwrünlerine gabat gelýän ýalam bolup dur. Sebäbi beýan edilýän ýerleriň ösümlik we haýwanat dünýäsi, jugrafiki ýagdaýy, ýerleşişi şol ýerleriň tebigaty bilen ras gelýär. Goňşularam şol etrapyň halklary Otparazlar däl. Öz aýdyşlary ýaly, “ýonma agaç taňryly gäwürler”. Ýagny, buddistler ýa-da hersi bir zadyň şekline uýup ýören köphudaýlylar. Şeýle-de bolsa, birinjiden-ä Turan ýurdunyň iňňän giň bolandygyny bir ujunyň Týan-Şan daglaryna çenli baryň ýetýändigini, Orta Aziýadan lükgeleýin süýşmezden öňem oguzlaryň şol giňişliklere ýaýrandyklaryny, hut şonuň üçinem şol çäklere Turan diýlendigini we oguz hanlarynyň, şol sanda Oguz hanyňam şol giň ýurduň islendik künjegini mekan tutunyp, merkez edinip ýaşap biljekdigini nazara almagymyz gerek. Galyberse-de Nuh pygamberiň ogly, türki kowumlaryň iň irki nesilbaşysy hasap edilýän, Türküstan ýurdunda ýaşan Ýafysyň ýazlagynyň “Oguznamanyň” salgy berşine görä, Ynanç şäheriniň golaýyndaky Urtakda we Kurtakda (Urdag we Kur dag. Abylgazynyň döwründe bu daglara Uly dag we Kiçi dag diýilýär eken. Ol Ur dagy we Kur dagy Oguz hanyň atasy Gara hanyň ýaýlagy diýip görkezýär. Garahanyň Ur han, Kur han diýen doganlary hem bolupdyr.), gyşlaklarynyň bolsa şol ýerlerden daş bolmadyk Garagumda (Karakurum), Barsuk diýen ýerde ýerleşendigini, şol ýerlerde iki şäheriň: Talas we kyrk sany tylla derwezeli Saýram şäherleriniň bolandygyny hem ýatlamagymyz gerek. Görşümiz ýaly oguzlar ýurdunyň jugrafiki gerimi diýseň giň. Onsoňam dilden-dile geçip gelen dessanlara, rowaýatlara, gürrüňlere gürrüňçiler tarapyndan her döwrüň ruhuna görä ruh goşmak, öz döwrüniň syýasatyna, dini-ygtykatyna, ýaşaýn ýeriniň jugrafiýa ýagdaýyna görä ýer-ýurt atlaryny, wakalaryň bolup geçýän ýerlerini üýtgetmek mahsus bolupdyr. Modeniň öz döwletini hut hytaý sebitlerinde gurandygyna, özüniňem hut şol ýerde ýaşandygyna hiç hili şek-şühbe ýok. Emma azm eden ýurtlarynyň atlary, harby kartasy, tertip-düzgüni, goşun serenjamy, guran döwletiniň çäkleri Oguz hanyň guran döwletiniň ýaýrawy bilenem, tutumy bilenem düýbünden gabat gelenok. Hun imperatorlygy bary-ýogy gündogarda Manjriýa, Günbatarda Hazar deňzine, aşakda Tibet, ýokarda Ural daglaryna çenli bolan aralygy öz içine alan bolsa, Oguz hanyň döwlet gerimi Demirgazyk Hytaý, Türküstan, Tibet, Hindistan, Orsyýetiň günortasyndaky Emba, Ural, Wolga derýalarynyň aşak akymlaryndaky Ural dag gerişleriniň iki tarapyny tutup ýatan daglyk, Demirgazyk Kawkaz, Eýran, Yrak, Şam, Müsür, Pereňistan ýaly ýerlere baryp ýetýärdi. Şonuň üçinem Oguz han bilen Modeni kybaplaşdyrmaklyga hiç hili esas ýok. Beýtmekligiň özi, gadymy ata-babalarymyzy , şol sanda Oguz hany hem miladydan öňki III asyra eltäge-de elinjek jaýlap gaýdybermekden, gadymy taryhymyzdan öz islegimiz bilen el ýuwup oturybermekden başga hiç zat däldir. Ýene bir zada üns bermegimiz gerek. Ýagny, Modeni Oguz han bilen kybaplaşdyrylmagynyň tarapyny tutýanlaryň içinde, Modeniň 202-nji ýylda diňlileri, gypjaklary, gyrgyzlary özüne tabyn edendigini aýdýanlar bar. Modeniň hut özi babatdaky nukdaý nazardn garanyňda bu dogrudyr, çünki, onuň döwründe şol agzalan halkyýetler özbaşdak halk hökmünde taryhy sahnada göze ilýärler, emma Oguz han döwründe olaryň ýaňy bir nesilbaşylarynyň orta çykandygy aýdylýar. Iň bärkisi gypjaklary alyp göreliň. Olar barada Abylgazynyň “Şejeren täräkimesinde” şeýle diýilýär: “...Oguz hanyň bir begi göçün alyp baryp erdi. Özi uruşda öldi. Hatuny gutuldy. Iki suwnuň arasynda han keýinden gelüp erdi. Ol hatun hamyla erdi. Tolçagy tutdy. Gün sawuk erdi. Girmekge öý ýok. Bir çürük ýygaçnyň içinde ogul togurdy hana maglum kyldylar. Erse han aýtdy. Munuň atasy biziň aldymyzda öldi. Gamhory ýok tiýip ogul okundy. Adyny Gypjak goýdy. Gadym türk tilinde içi kawuş ýygaçny gypjak diýerler. Erkendir. Bu wagtda içi kawuş ýygaçny çaçak diýerler. Gara halkyň tili gelmeslikden kafny jim okunurlar. Şol gypjak turur, çaçak diýürler. Ol oglany han öz golunda saklady. Orus we Olak we Majar we başgut illari ýagy erdi. Ýigit ýetgenden soň han Gypjakga köp nöker berip, il berip o ýakga, Tin we etil suwunyň ýakasyga ýiberdi. Ol Gypjak ýüz ýyl ol ýerlerde patyşalyk kylyp olturdy. Parça gypjak il anyň neslinden tururlar”. (Abylgazy Bahadur han. “Şejerem teräkime”). Gyrgyzlaryň aňyrsynyň oguzdygy barada bolsa, Ata Jykyýew özüniň “Orta asyr zamanynda türkmen halkynyň kemala gelşi we gelip çykyşy barada oçerkler” atly kitabynda şeýle ýazýar: “Gyrgyzlar birmahallar Altaýda ýaşapdyrlar. Şol wagt olaryň hany Kirgizkan ekeni. Nesilbaşylaryna bolsa Ukuzkan diýer ekenler”. Nesilbaşylary özi bolsa, onda Oguz han hasap edilýän, III asyrda ýaşan Modeniň giden bir halka dönen gyrgyzlary nädip basyp alyp biljekdigini hem özüňiz göz öňüne getiriberiň. Modeni Oguz handyr öýtýänleriň ýene bir tutaryklary –Modeniň ýigrimi dört taýpany birikdirendigi we şol sanyň “Oguznamadaky” oguz taýpalarynyň sany bilen deň gelýändigi. Käbir taýpalaryň bolsa atlaram gabat gelýärmişin. Goşun serenjamlaram, tertip-düzgünlerem, harby-nyzamlaram meňzeşmişin Elbetde! Ol ikisi ýagny, oguzlar bilen hunlar aslynda bir halk bolsa şeýle bolman nirä gitsin?! Çünki, ýigrimi dört taýpa oguzlaryň taryhy durmuşynda has irki döwürlerden bäri hereket edip gelýär. Iň bärkisi mundan on-onbäş müň ýyl ozal Alýaskanyň, Bering bogazynyň üsti bilen Amerika kontinentine aralaşandyr öýdülýän gadymy türki taýpalaryň, şindiki indeýleriň “Popol-Wuh” atly mukaddes kitaplarynda hem olaryň gadymyýetde ýigrimi dört taýpadan ybarat bolandyklary, özleriniňem edil “Oguznahadaky” ýaly her biri on ikiden ybarat iki topara bölünendigi barada maglumat berilýär. (B. Orazow. “Watan” gazeti. 29-njy sentýabr . 1998ý.) Şonuň üçinem, Hun döwletiniň serenjamy bilen “Oguznamadaky” göze ilýän meňzeşlikleri seljereniňden soň, çaňňalyňa ilen çeňňegiň ujuny bärik däl-de, gaýtam ondanam aňyrrak, taryhyň has çuňrak ýerlerine tarap taşlamak gerek. Oguz hanyň hersi bir ygtykada uýup ýören ýigrimi dört taýpanyň hemmesini bir ynanja birikdirip, täze bir dini ynanç döredip pygmberlik derejesine ýeten, asly türki bolmadyk köp-köp halkyýetleri hem özüne tabyn etmek arkaly ägirt uly federatiw döwlet guran, iňňän gadymy şahsyýetdigine ynanmagymyz gerek. Oguz han külli oguzy köphudaýlylykdan, birnäçelerini bolsa buta uýup ýörmekden halas edip, bir hudaýlylyk dinini –Gök taňra bolan ygtykady girizýär. Ýagny, Asmany Hudaý –Taňry diýip yglan edýär. Bu hadysa Oguznamada görnüp dur. Onuň uýgur wariantynda Oguz han şeýle diýýär: Eý, ogullar ,men köp ýaşadym, Uruşlary men köp gördüm, Naýza birle köp ok atdym, Aýgyr birle köp ýöredim, Duşmanlarymy men ýyglatdym, Dostlarymny men güldürdim, Gök taňryga gulluk etdim, Sizlerge berýän men ýurdum. Şeýlelikde adamzat taryhynda Nuh pygamberden soň ilkinji gezek monoteizmiň düýbi tutulýar. Şu çaka çenli politeizme, ýgny köphudaýlylyga ilkinji zarba uranlar ýewreýler diýip düşündirýärler. Gürrüň miladydanozalky II müňýyllykda Musa pygamber tarapyndan döredilen iudaizm barada barýar. Emma Oguz hanyň Gök taňrysy ondan has irräkdir. Gök taňra uýýanlara tä yslama çenli “gök türkiler”, “gök oguzlar” diýilipdir. Taňryçylygyň hem edil yslam ýaly birhudaýlylygy, taňryny tanamaklygy ündeýändigi üçin, oguzlaryň aglaba bölegi soň yslama höwes bilen kabul edipdirler. Taňryçylyk ygtykadyndan galan sözler türkmenlerde şu günki günem edil öz döwründäkisi ýaly ulanylýar. Taňry sözi yslamyň ündeýän Allasy bilen bir hatarda durýar. Mysal üçin: “Eý, Taňrym!” (“eý,Alla!, Eý, Huda-aý!), “Taňryýalkasyn!” (Allaýalkasyn), “Taňrynyň haky üçin!” (Allanyň haky üçin), “Taňrysyny tanamaz” (Allasyny tanamaz), “Bikärden taňry bizar” (Bikärden Hudaýam bizar) we ş.m.görşümiz ýaly, Oguz han ýeke bir güýçli oguz döwletiniň düýbüni tutmak bilen çäklenmän, eýsem umumyadamzat aňynda uly öwrülişik döreden birhudaýlylyk dininiň hem düýbüni tutujydyr. Modeniň terjimehalynda welin beýle uly dereje ýok. Goşun serenjamynyň oguzlaryňka meňzeşdigine garamanan, onuň guran döwleti Oguz han türkmeniňkä görä ýeke bir çäk taýdan ujypsyz bolman,eýsem, gowşak hem bolupdyr. Çünki, köşkdäki tertip-düzgünleriň köpüsi milli häsiýetlere esaslandyrylmandyr-da, hytaýlylardan göçürilip alnypdyr, öz-özlerinden göwünleri hoş bolupdyr, birek-biregiň öwgüsine meýmireşmek keseline uçran Hun serkerdeleri ýurdy diýseň biweçlik bilen dolandyrypdyrlar. B ýadaý olary L. N. Gumilewiň sözleri bilen aýtsak, “zoraýakdan siwilizleşdirilen warwarlara meňzedipdir” we taryhy nukdaý nazardan alanyňda, döwlet iňňän basym dargapdyr. Eýsem, şu döwletiň gadymyýetde ady äleme dolan, Şeýdaýynyň aýdyşy ýaly “kyrk şäherden hyraç alan”, Oguznamadan, agzeki rowaýatlarda we beýleki çeşmelerden görnüşi ýaly, ýer togalagynyň iki ýüzüne-de ýörüş eden oguzlaryň oguz döwletine, Metde hanyň bolsa şol uly döwletiň başynda duran meşhur Oguz hana meňzeýän ýeri barmy?Elbetde ýok! Aslynda, gadymy taryhçylaryň içinde Modeni Oguz handyr diýenem ýok. Ol gürrüň başda belläp geçişimiz ýaly, soň ýüze çykdy. Howwa, Oguz han gadymyýetden gözlenmelidir. Şonuň üçinem, gözleg we maglumat hökmünde şeýle hem sözümiz gury bolmaz ýaly Oguz hanyň ýaşan döwri barada biziň özümiziňem gyzykly bir çaklamany orta atasymyz gelýär. Rim ýazyjysy Warronyň berýän maglumatlaryna görä, miladydan ozalky 2130-njy ýylda Ogigus atly bir hökümdar ýunanlar ýurdunyň (Gresiýa) Beotiýa welaýatyndaky Fiw şäherini esaslandyrypdyr. Has gyzykly ýeri, onuň serkerdelik eden halkam “oguguslar” diýlip atlandyrylypdyr. Şeýle hem tutuş Beotiýa welaýaty “oguguslar ýurdy”, gurduran şäherem “oguguslar şäheri” diýlip atlandyrylypdyr. Bu bolsa Ogugusyňam, oguguslaryňam hakyky ýunanlar däl-de, gaýry ýurtdan gelendigini aňladýar. Açyk pyşgyrmanan, öňürti ýene bir mysala ýüzleneliň. Ýagny, edil şol döwür, miladydan ozalky III müňýyllygyň başlarynda, II müňýyllygyň ahyrlarynda Miken-Krit medenýeti pese düşýär. Muňa bir tarapdan ýunanlaryň özleriniň Kiçi Aziýa eden üznüksiz hem surnukdyryjy uruşlary sebäp bolan bolsa, ikinji tarapdan gündogar çeşmelerinde “deňiz adamlary” diýlip atlandyrylýän haýsydy r bir halkyň ýunanlar ýurduna çozup girendigi sebäp bolýar. Ana, şol “deňiz adamlaryny” oguzlara ýanamak üçin bizde şeýle bir tutaryk bar: ýagny, has irkiräk döwürlerde Aral deňzi “Oguzlar deňzi” diýlip, şol deňziň boýunda ýaşaýan halklar bolsa, “deňiz adamlary” diýlip atlandyrylypdyr. “Deňiz adamlary” sebäpli Krit, Miken medenýetiniň pese düşen döwrem, Ogugusyň Fiw şäherini gurduryp, Beotiýa welaýatyny “oguguslar ýurdy” diýip yglan eden döwrem oguzlaryň –öküzleriň –turlaryň ilki Öküz derýasynyň (häzirki Tejen derýasy), soň Oks derýasynyň (häzirki Amyderýa) boýlaryndan örňäp, Oguzlar deňziniň, ýagny, häzirki Aral deňziniň degrelerine aralaşan döwürlerine, miladydan ozalky II müňýyllygyň ahyrlaryna, III müňýyllygyň başlaryna gabat gelýär. Türki halklar bolsa, bilşimiz ýaly, Kiçi Aziýanyň üsti arkaly arap, semit, ýunan, pereň ýurtlary bilen has irki zamanlardan bäri “iş salyşyp” gelipdirler. Bu taryhy hem jugrafiki giň gerim “Oguznamada” hem öz beýanyny tapypdyr. Eýsem-de bolsa, şol Ogugus diýilýän serkerde dünýäniň çar künjüne ýörüş een Oguz han, oguguslar bolsa oguzlar bolaýmasyn?Şu pikirimize goltgy bermek üçin biz 1950nji ýylyň 3-nji fewralynda, AGPI-niň ylmy konferensiýasynda eden çykyşynda alym S. P. Tolstowyň hem oguzlaryň baryp-ha ant eýýamynyň awtorlary tarapyndan “augasiler” diýlip atlandyrylandygyny habar berendigini hem agzap geçmek isleýäris. Pikirimizi has berkider ýaly şeýle bir Mantyky oýlanma ýol bereliň. Ýagny, eger-de Aleksandr Makedonskiý döwründe ýunanlar Türkmenistanyň häzirki çäklerine gelip, Orta Aziýa Aleksandriýasyny (Isgendergala) gurduran bolsalar, oda olardanam has ir äleme dolan oguzlar ýunanlar ýurdunda oguzlar şäherini gurduryp bilmezlermi? Oguz-türkmen taýpalary seljuk soltanlarynyň ýolbaşçylygy astynda Kiçi Aziýa –Ruma baranlaryndan soň, Marko Polo ýaly dünýä belli syýahatçylar ol ýeri: Türkmenleriň ýurdy” diýip atlandyrypan bolsalar, onda oguzlardan ýaňa ýer çabgalana dönen Beotiýa welaýatyny taryhçylar, syýahatçylar “oguzlar ýurdy” diýip atlandyryp bilmezlermi? XV asyrda Hindistanda ýaşap geçen türkmen şahyry, serkerde we döwlet işgäri Baýram han Deli şäheriniň bir derwezesini “türkmen” derwezesi diýip atlandyran bolsa, onda oguzlar ýunanlar ýurdunda gurduran şäherleriniň bir derwezesini “oguzlar derwezesi” diýip atlandyryp bilmezlermi? Aslynda, şu edähet oguzlaryň türkmenleriň gadymdan bäri baran ýerlerinde ýöredip gelen özboluşly ýörelgeleri bolaýmasyn diýip güMan etsek bolmazmyka?Serkerde Makedonsiý şu sebitlere gelende-de Beýik oguz serkerdesi Oguz hanyň ters yzyny çalyp, oňa jogap hökmünde ýörüş edendir diýen ýaly düşünjä iýýanymyzda bolmazmyka?Elbetde, bu zatlary aňyrýany bilen takyklamagam, tassyklamagam gelejegiň işi. Onda-da biz ýaly höwesjeň däl-de bilermen, alym kişileriň işi. Ýöne, şunda esasy nygtamakçy bolýan zadymyz, miladydan ozalky III asyrda ýaşap geçen, ýaşy iki ýarym müňe-de ýetmeýän, Hun serkerdesi Mode hanyň hiç bir jähtden Oguz han bilen kybaplaşmaýandygy, kybaplaşyp-da bilmejekdigi, Oguz hanyň taryhyň has aşaky gatlaklaryndan gözlenmelidigi. Şeýle hem biz entek “türkiler” atly has üstkiräk gatlaklarynyňam üsti doly açylmadyk taryhy gatlaklaryň astynda “turlar”, “oguzlar” atly has uly, galyňdan-gayň gatlaklaryň ellenmän, diňlenmän ýatandygyna, bu babatda bütindünýä taryhyny öwreniji alymlaryňam, alymlarymyzyňam gelejekde iňňän uly, köp-köp açyşlar etjekdiklerinie, Aleksandr Makedonskiniň, Çingiz hanyň, Demir agsagyň, Napelonyň ýörişleriniň öwrenilişi kimin Oguz hanyň taryhy ýörüşleriniň hem iru-giç jikme-jik taryhy hem ylmy nukdaý-nazardan dogruçyl we doly öwreniljekdigine, umumyadamzat ylmynyň aň baýlygyna öwrüljekdigine, gadymy Ýunan, Müsür, Şumer, Wawilon, Assiriýa döwletleriniň öwrenilişi kimin Oguz han tarapyndan berkarar edilen gadymy oguz döwletiniň, Turan ýurdunyň taryhynyň-da has ykjam öwreniljekdigine ynanýandygymyzy buýsanç bilen belläp geçmek isleýäris. Çünki, häzir iň gadymy medeniýet hökmünde ýunan, rim, müsür medeniýeleri öwrenilýän hem bolsa, edebiýatyň, sungatyň iň uly irki hem kämil nusgalarynyň Gündogardan, hususan-da Orta Aziýanyň çäklerinden (Turandan), türki halklaryň ýaýran, örňän ýerlerinden, şol halklaryň medeni miraslarynyň içinden çykjakdygyny ýewropa alymlary bireýýämden bäri tassyklaşyp gelýärler. Şonuň üçinem, şol uly tutuma öňi bilen biziň özümiziň ýapyşmagymyz özümiziň goşant goşmagymyz gerek. Düýrügip oturman, akyl ýaltalygyna ten bermän, elimiziň, gözümiziň ýetmeýän ýerlerini aňymyz bilen sermelemegimiz, seljermegimiz gerek. Iň bärkisi, mundan dört müň ýyl ozalam Turan atly uly bir ýurtda ýaýnap ýören turlaryň –türkileriň –oguzlaryň –türkmenleriň halk hökmünde dünýä gelen döwrüni, atlarynyň, şahsyýetleriniň ýüze çykan möwritini kimdir biriniň ýüzugra aýdyp goýberen çaklamasyna esaslanyp düýn-öňňine getirjek bolup oturman, gaýtam, ewolýusion ösüşlerini, özgerişlerini, takyk derňemegimiz dünýä möçberinde ykrar etdirmegimiz gerek. Ýogsam ýene-de müň ýyldan soň kimdir biri Metde hanyň, ýagny, Modeniň, hytaý çeşmelerindäki Mao Dun adynyň ortasyna atdan lykda ýa bilgeşländen “Sze” sözünem goşup goýbär welin, ine onsoň oguzlary has ýigdeldesi gelýän kişileriň käbirleri: Oguz han ýigriminji asyrda Hytaý kompartiýasynyň başlygy wezipesinde işlän Mao Sze Dun boaýmasyn diýen soragyň üstünde kelle döwmeli bolarlar we özlerinem, Oguz hanam oňaýsyz ýagdaýa salarlar.

Türkmen topragynda pasyllaryň soltany hasaplanýan baharyň iň soňky aýy –maý aýy türkmen üçin Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mübärekleşen aýlaryň birine öwrüldi. Bu aýyň birinji ongünlügindäki Ỳeňiş baýramynyň dowamaty ikinji ongünlikde Gündogaryň şamçyragy, Turan topragynda ýaşaýan türki halklaryň ruhy zulmatda ýaşan zamanasynda —XVIII asyrda olaryň tümlüge bürenen ruhy asmanyna nur saçyp, halka geljegiň ýoluny görkezen parlak ýyldyz –türkmen milletiniň beýik aryf-danasy hezreti Magtymguly Pyragynyň hormatyna uly dabara bilen bellenýän Galkynyş, agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen sepleşýär. Milletimiziň beýik akyldaryna döwlet derejesinde edilýän bu hormat, külli türkmeni diýseň hoşnut edýär. Milli Liderimiziň türkmen ruhunyň şamçyragy –hezerti Magtymguly Pyragy babatda amala aşyrýan haýyrly işlerini diňebir türkmenistanlylar däl, eýsem-de dünýäniň çar künjeginde ýaşaýan türkmenler bimöçber alkyşlaýar. Mähriban Arkadagymyzyň aryf-danamyza goýýan çuňňur hormaty, akyldaryň döredijiligini öwrenýänlere-de ruhy hemdemlik berýär. Şu makala hem Milli Liderimiziň aryf-danamyzyň mertebelenmäge mynasyp ruhuna goýýan çuňňur hormatyna özboluşly seslenmedir.

Türkmeniň beýik şahyrlarynyň biri Nurmuhammet Andalyp «Oguznama» poemasynyň «Gypjak hanyň dünýä inmegi» atly babynyň 18-nji beýtinde Oguz han atamyzyň dünýäden öten wagtyndan Çingiz hanyň dünýä inen senesine çenli geçen zamanany şeýle nygtaýar:

Oguzdan tä ki, Çingiz hana çenli, Geçipdir tört müň ýyl, dah:a (ýene-de) elli...

Diýmek,Oguz hanyň dünýäden gaýdanyndan tä Çingiz hanyň dünýä inen ýylyna çenli 4050 ýyl töweregi wagt geçipdir. Şeýle bolsa, Çingiz han miladynyň 1155-nji ýyly dünýä inen. Eger ol seneden bäri 2014-nji ýyla çenli 859 ýyl geçendigini göz öňünde tutsak, ony hem goşgy setirlerindäki agzalýan 4050-niň üstünde goşup, Andalybyň hasaby esasynda jem çykarsak, Oguz han atamyzyň dünýäden gaýdanyna 859+4050 = 4909 geçipdir... Indi ýene-de Andalybyň «Oguznamasyna» dolanalyň. Ol «Oguz hanyň hakanlygyny ogullaryna tabşyrmagy» atly babynda Oguz hanyň şa tagtynda oturan döwri barada şeýle maglumat berýär:

Jahangirlik (patyşalyk) ýolunda segsen üç ýyl, Gezip, öz iline aýlandy ol, bil...

Diýmek, Oguz han atamyz 83 ýyllap dünýäniň dürli künjegine ýöriş edip, iň soňunda öz iline aýlanypdyr (dolanypdyr). Ỳokarda çykaran sanymyz esasynda Oguz han atamyzyň 2014-nji ýyldan 4909 ýyl ozal aradan çykandygyny ykrar edýän bolsak, onda ol sanyň üstüne onuň hökümdarlyk süren 83 ýylyny ham goşsak, onda «Oguz han atamyz mundan (4909+83=) 4992 ýyl ozal şa tagtyna çykypdyr» diýen netijä gelmek bolýar. Eger «Oguz han atamyz orta hasap bilen 25 ýaşanda hökümdarlyga geçiripdir» diýip kabul etsek, onda «Ol 2014-nji ýyldan (4992+25=) 5017 ýyl ozal dünýä inipdir hem-de 108 ýyl töweregi ýaşapdyr» diýen netijä gelmek bolar. Bu çaklama hasabymyzda 5-10 ýyl eýläk-beýlek bolup biler. Andalybyň poemasyndaky bu maglumaty Magtymguly akyldarlyrymyzyň şygyrlaryndan ýüze çykaran dör delilimiz bilen hem kömegi bilen hem berkidip bileris. Magtymguly Pyragynyň şygyr diwanynda ýerleşdirilen «Ýaşy nädendir?» atly goşgusynda bar bolan iki setiriň türkmen neşirlerinde berilýän nusgany getireliň:

Birinji delil

Hezreti Magtymgulynyň şygyr diwanyndaky Oguz han hakyndaky syrly setirleri seljermäge girişmezden ozal, bir meseläni çözmekçi. Hezreti Magtymgulynyň şygyr diwanyna seljeriş işlerini ýazmagy özüme maksat edinenim bäri 20 ýyldan gowrak wagt geçipdir. Zähmetimiň miwesinden 100 töweregi ulyly-kiçili makala emele gelipdir. Emma bu Magtymgulynyň syrly diwanyny içi ary baldan doly ýanlyga meňzetsek, meniň barmagyma ilen, ol ýanlykdan aşak daman bir damja bal mysalyndadyr. Şoňa-da şükür edýärin. Bu gezekki makalany ýazmak bilen edýän synanyşygymyz Magtymguly danamyzyň şygyr diwanynda Oguz han atamyza bagyşlanan syrly setirlere ünsi çekmekdir. Şahyryň 7 bentden ybyrat «Ỳaşy nädendir?» atly goşgusynyň aşakdaky setirleri şeýle nusgada ýerleşdirilen (mysalllar TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň neşir eden «Magtymguly» eserler ýygyndysy atly 2 jiltlik (Aşgabat —2013) kitapdan alynýar): Ol kimdir, bakyda bir röwşen göz bar, Öňünde magnysy tört müň tört ýüz bar... (1-nji jilt, 126 sah.) Şygyrdaky birinji setirinde neşirçiler tarapyndan doly anyklanylmadyk nätakyklyk gidipdir, sebäbi ondaky «göz» sözi biziň pikirimizçe göz däl-de «Guz» bolmaly. Arap dilinde Oguz hanyň adyny Guz, oguz-türkmenleri hem guzlar diýip ýazypdyrlar. Bulary delillendirmek üçin arap, pars çeşmelerinde däl-de, okyjylarymyzyň aglabasyna elýeter, 1957-nji ýylda Aşgabatda rus dilindeneşir edilen «Istoriýa Turkmenskoý SSR» atly taryh kitabynyň 1-nji jildiniň 178-nji sahypasyna salgylanmak ýeterlik. Onda şeýle ýazylan: «Araplar oguzlary «guza», hytaýlylar bolsa «gesa» diýip atlandyrypdyrlar». (Elbetde, bu ýerde özümden goşmaça aýtjak zadym, araplar oguzlara «guza» diýmän, «guz» diýipdirler). Arapça: «gaýn», «waw» we «ziý» harplary bilen ýazylan «guz» sözüni diňe arap elipbiýini bilýän, arap ýazuwynyň esasyndaky köne türkmen elipbiýinde «gül», «gunça», «göz» ýaly sözleri ýazmak üçin ulanylýan «gaf —(g)» harpynyň bardygyny ünsden düşüren kätip «Guz» sözüni «göz» diýip okap hem, göçürip biler. Ýöne hezreti Magtymguly ol setirleriniň başynda «Ol kimdir?» diýen sowaly goýýar ahyryn! Eger ol ýerde ynsanyň synasyndaky göz hakynda gürrüň gidýän bolsa, onda ol ýerde aryf danamyz: «Ol näme?» diýen sowaly orta atardy. Şeýlelikde, ol ýerdäki söz «göz» däl-de, has at (Oguz adynyň arapça nusgasy) Guz bolup gelýär diýsek, dogry bolar. Şahyryň: «Ol kimdir, bakyda bir röwşen Guz bar?» diýýänini sadalaşdyryp, häzirki türkmen dilinde aýtsak, ol «Baky dünýäde, ýatan ýeri ýagty (röwşen) bolan Guz diýen şahsyýeti tanaýaňyzmy?» diýýär. Ol sowala, elbetde: «Ol Oguzdyr, bakyda-da bir röwşen Guz bar» diýip, jogap berip bolar. Bu ýerde ýene-de bir meselä üns bermek gerek. Biz «bakyda» sözini häzirki wagtda «hemişelik», «o dünýäde» diýip düşünýäris. Emma «bakyda» sözüniň köpmanylylygyna üns berseň: 1. Geçmişde; 2.Taryhda diýen manylary hem bar. Mysal üçin, Abureýhan Biruniniň (miladynyň 973-1048-njiýyllarynda ýaşan) «El-asar ul-bakiýä» atly eseriniň adynda «baky» düýp sözünden ýasalan «bakiýä» sözi bar. Eseriň adyny türkmençä «Geçmişden (taryhdan) galan ýazgylar» diýip terjime etmek bolar. Şonuň üçin akyldarlarymyzyň ýokardaky şygyr setirlerinde: «Geçmiş taryhda öçmejek, ýagty yz (röwşenlik) goýan (O)Guz barada bilýäňizmi?!» diýmek isländir diýen netijäni çykarmak bolýar. Soňra bolsa şahyr seljerilen setiriň yz ýanyndaky setirde «Öňünde magnysy tört müň tört ýüz bar...» diýen ikinji setirini getirýär. Özi-de «4400 ýyl bar» diýmekden ozal «Öňünde magnysy...» diýen söz düzümini ulanypdyr. Eýsem, «4400»-iň öňündäki «magnysy» näme? Hakykatdan hem biz bu iki setiriň Oguz han atamyza bagyşlanandygyny subut etmek isleýän bolsak, onda 4400 ýylyň üstüne akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň dünýä inen wagtyndan bäri şu ýyla çenli geçen 290 ýyly goşsak-da, 4400+290 = 4690 bolup, ol ýokarda Andalybyň hasabyndan çykaran jemimiz 5017 hasabyna dogry gelmeýär. Bu ýerde bir syr bolmaly. Biz bu syry açmak üçin «öňünde magnysy» diýen söz düzümini dolulygyna ebjet hasabyna salyp görmegi dogry bildik: arap elipbiýinde türkmeniň diliniň «öňünde» sözündäki «ö» harpyny aňlatmak üçin «elip» hem-de «waw» harplaryny bile ýazmaly): «elif» bilen «waw» —7+«n» (nun) —50+«g» («gaf») —20+«waw» —6+«n» (nun) —50+«d» (dal) —4+«e» («ha-ýe häwwäz») —5 = 142. Şeýlelikde, «öňünde» sözüniň ebjet hasabyndan çykýan sanyň jemi —142 bolýar. Indi bolsa «manysy» sözüniň ebjet hasabyny çykaralyň: «m» (mim) —40+«a» («aýn») —70+ «n» («nun») —50+ «y» («ýa») —10+ «s» («sin») —60+ «y» («ýa») —10 = 240. «Magnysy» sözüniň ebjet hasabyndan çykýan sanyň jemi = 240. Indi bize ebjet hasabyna salnan sanlar bilen göni agzalan sanlary goşaýmak galýar: 142+240+4400 = 4782. Magtymguly Pyragynyň ol setirleri ýazan zamanasyny kesgitlemek üçin Andalybyň poemasyndaky setirleriň esasynda çykarylan 5017-den Magtymgulynyň şygyrlarynyň hasabynda emele gelen 4782-ni aýyrýarys. 5017-4782 = 235. Indi bolsa, häzirki ýaşap ýören ýylymyzdan —2014-nji ýyldan 235-i aýyrýarys. 2014-235 = 779. Diýmek, bu çaklama boýunça şahyr bu şygyryny 1779-njy ýylda ýazypdyr diýmek bolýar.

Ikinji delil

Görnüşi ýaly, her näçe geň hem bolsa, Nurmuhammet Andalyp bilen Magtymguly Pyragynyň setirlerindäki: Oguz hanyň dünýä ineninden bäri 5017 ýyl geçipdir, onuň ömrüniň dowamlylygy hem 108 ýyl bolupdyr diýmäge esas berýändigi baradaky pikirleriň gaýtalanmagy ýöne ýerden däl. Türkmen akyldarlarynyň Andalyp bilen Magtymgulynyň ikisi hem bu meseläni özüçe düşündirmegi başarypdyr. ... Hezreti Magtymgulynyň şygyr diwanynda şu ýerde seljermäge mynasyp ýene-de bir irki setir bar. Ynha, ol setir türkmen neşirlerinde şeýle nusgada çap edilýär: Tört müň tört ýüz ýaşan Lukman hekimiň, Başy gara guma batdy, ýaranlar! Bu setirleriň çap edilen nusgasynyň asyl nusga golaýdygyna şekim bar, çünki yslam dinine degişli ygtybarly çeşmeleriň hiç birinde Lukman hekimiň 4400 ýaşandygyny barada maglumat ýok. Aslynda «hekim» sözi «tebip» sözüni aňlatman, «dana», «paýhasly», «akyldar»... diýen manylary berýär. Eger taryhda Lukman lakamy bilen meşhur bolan Gippokrat (miladydan ozalky 460-370-nji ýyllarda ýaşan) ýa-da Abu Aly ibn Sina (miladynyň 980-1037-nji ýyllarynda ýaşan) 4400 ýyl ýaşamadyk bolsa, onda hezreti Magtymguly näme üçin «Lukman atly hekimiň 4400 ýaşandygyny» nygtaýarka? Eger Magtymguly beýle diýmedik bolsa, onda näme üçin neşirlerde ol setir hut ýokardaky nusgada?Bu sowallary köpeldip hem bolar. Bu ýerde «Birinji setirdäki «lukman» sözüň üýtgemegine goşgyny arap elipbiýinden göçürenler ýa-da arap elipbiýinden türkmen elipbiýine geçirenleriň haýsydyr bir sebäbe görä goýberen säwlikleri sebäp bolupdyr» diýen netijä gelmek bolar. Indi bu ýerde Oguz adynyň arap elipbiýinde ýazylşyna üns bereliň 1..زوغا4زوغ..2

زغوا3زغ Gadym döwürlerde (hatda geçen asyryň 70-nji ýyllaryna çenli hem) hemme ýerde ýazuw syýa per (pero) batyrylyp ýazylýardy. Eger syýaly ýazylan kagyz çyg çekse welin harplar gürrüňsiz ýoýulýar. Onsoň olary okamak hem kynlaşýar, ýoýulmalar emele gelýär. Indi Oguz adynyň syýa bilen ýazylan nusgasy (1-nji şekil) syýasy (kagyzy) çyg çekip, ol ady nähili derejede üýtgedip biljekdigini (2-nji şekil) göreliň:

Ilkinji şekil göçüriji, eger ol «lukman» sözüniň arapça dogry ýazylyşyndan asla bihabar ýa-da onuň çyg çekip ýoýlandygyndan habarsyz kätip bolsa «Oguz» sözüni tebigy şertlerde ýoýulmalara sezewar bolan nusgasyny «lukman» diýip göçirip biler ýa-da ol sözi okaýan hem şeýdip biler. Elbetde, arapça «lukman» ady biraz başgaça ýazylýar, emma halkymyzyň «Her molla öz bildiginden okar» diýen sözi hem ýöne ýerden dörän däldir. Ýüreklerinde ýagşy işi edesi gelýän hem bolsa, elipbiýni özleşdirdim hasaplan mollaryň hemmesiniň sowat derejesi deň bolan däldir. Soňra 1900-nji ýyllardan 1928-nji ýyla çenli arap elipbiýinde çekimlileri ýazmak, ýagny jeditçe (jezitçe) elipbiý halk arasynda rowaç bolupdyr. Şeýle häsiýetli ýene-de bir mysal bu setirleri arap elipbiýinden türkmen elipbiýine geçirenler, ol ýerdäki «Garagum» diýen sebit adyny baş harpy bolmaýan arap elipbiýsindäki «gara gum» diýip sypat görnüşinde kabul edip, kirill elipbiýsinde we häzirki milli elipbiýimizde-de setir harpy bilen ýalňyş ýazypdyrlar. Emma ol ýerdäki Garagumuň manysy –Türkmen ülkesi. Şeýlelikde, ol iki setir hakykat ýüzünde şeýle nusgada bolmaly. Tört müň tört ýüz ýaşan Oguz hekimiň, Başy Garaguma batdy, ýaranlar! (2-nji jilt 70 sah) Ozalky seljeriş setirlerimizde Magtymguly Pyragynyň hasabynda onuň öz döwrüne çenli Oguz hanyň aradan çykanyna (4400+240=) 4640 ýyl geçipdir diýýändigini nygtapdyk. Ỳokardaky setirlerde şahyr Oguz han atamyzyň aradan çykan wagtynyň däl-de, «ýaşan», ýagny «dünýä ineni bäri» geçen zamanyny aýdýar. Bu ýagdaýda hem 4400 ýyl Oguz han bilen bagly 5017 ýyla gabat gelmeýär. Şonuň üçin bu ýerde hem «4400» sandan soňky «ýaşan» diýen sözi ebjet hasabynda sana öwreliň (sebäbi ol ýerdäki «ýaşan» sözi mantyga-logika hem laýyk gelmeýär): «ý» —10+«a» —1+«ş» —300+«a» —1+«n» —50 = 362. Ol sany 4400-iň üstüne goşsak, 362+4400 = 4762 ýyl bolýar. Akyldar ýokardaky setrirleriniň üsti bilen türkmeniň nesilbaşysy Oguz han atamyzyň dünýä ineninden (şahyryň ol setirleri ýazan zamanasyna çenli) 4762 ýylyň geçendigini habar bermek isläpdir. Indi Magtymgulynyň bu setirleri haçan, haýsy ýyl ýazandygyny kesgitlemek üçin, ozalky çykaran sanymyyz 5017–den 4762-ni aýyrýarys. 5017-4762 = 255. Bu 255-i häzirki 2014-nji ýyldan aýyrýarys. 2014-255 = 1759. Diýmek, şahyr bu setirlerini miladynyň 1759-njy ýylynda ýazypdyr.

Üçünji delil

Magtymguly atamyzyň şygyr diwanynda «Zory gitmezmiş» atly şygyr ýerleşdirilen. Onda şeýle setirler bar: Dört togsan müň elli alty dünýäniň bary, Iki müň iki ýüz Resuldan bäri... (2-nji jilt 230 sah) Ilkinji nobatda ikinji setiri seljerip, soňra uzak düşündiriş talap edýän1-nji setirde geçmek isleýärin. Kitaby neşire taýýarlanlar (goşgyny arap elipbiýinden türkmen elipbiýine geçirenler) 2-nji setiriň birinji sözüni ýalňyş okapdyrlar. Arap elipbiýinde «iki» sözüni ýazmak üçin «elip», «ýa», «kaf» we «ýa» harplaryny ýazmaly. Ỳöne «ýeke» diýip ýazmak üçin bolsa «ýa» ,«kaf», «he» (ha-ýe häwwäz) harplary ýazylmaly. Bu şygyry arap elipbiýinden geçirenleriň nähili säwlik goýberenlerini aýdyp bilmesemem, birinji sözüň «iki» däl-de, «ýeke» diýip okalmalydygyny bütin jogapkärçilik bilen aýdyp bilerin. Çünki, ol setirde akyldarymyz: «Resuluň (hezreti Muhammet pygamberiň) dünýäden öteli bäri 1200 ýyl («Ỳeke müň iki ýüz») ýyl geçdi» diýmek isläpdir. Eger biz ol setiri diwany neşire taýýarlanlaryňky ýaly «Muhammet pygamberiň dünýäden gaýdaly bäri 2200 ýyl geçdi» diýsek ol gülkünç bolýar. Häzirki wagtda ondan bäri bary-ýogy hijri-şemsi hasabynda 1392 ýyl, hijri-kamary hasabynda bolsa 1434 ýyl geçen. Şeýle bolýan bolsa, hijri senenamasynyň birinjisi (şemsi) boýunça 2200 ýyla ýetmek üçin ýene-de 808 ýyl, ikinji (kamary) hasaby boýunça bolsa ýene 766 ýyl gerek. Akyldarymyzyň hezreti Muhammet pygamberiň dünýäden gaýdan zamanasyndan özüniň ýokardaky setirlerini ýazan ýylyna çenli 2200 ýyl geçdi diýmegi asla mümkin däl. Şonuň üçin ol setir: Ỳeke müň iki ýüz Resuldan bäri... nusgasynda düzedilip okalsa, ol dogry bolar. Häzirki wagt hijri-kamary hasabynda 1435-nji ýyl. Hijri-kamarynyň 1200-nji ýylyny milada geçirmek üçin ony 97-ä köpeldýäris. Çykan sany 100-e paýlap, onuň üstüne 621-i goşýarys. Bu hasap boýunça akyldarymyz ol setiri (ýagny «Ỳeke müň iki ýüz Resuldan bäri» diýýän goşgusyny) miladynyň 1785 (86) –nji ýylynda ýazypdyr. Bu setiriň meselesini çözdük diýip, indi 1-nji setiri seljereliň. Aryf-danamyzyň ol setiri: Dört togsan müň elli alty dünýäniň bary... diýmegi şol ýagdaýda hiç kime düşünikli däl bolsa gerek. Ol setirde «Dört» ýa-da «togsan» sözleriniň haýsyda bolsa biri öz ýerinde däl ýa-da ol sözlerde bir syr bar. Ỳadyňyza düşýän bolsa, Nurmuhammet Andalyp hem öz «Oguznamasynda» Oguz hanyň dünýäden öteninden Çingiz hanyň dünýä inen senesine çenli: Geçipdir tört müň ýyl, dah:a (ýene-de) elli... diýip ýatlaýardy. Şeýlelikde, Nurmuhammet Andalyp «4050...» ýyly getirýär. Hezreti Magtymguly bolsa «dört» sözi bilen «müň» sözüniň arasynda şol ýerde, şol ýagaýda hiç hili many aňlatmaýan «togsan» sözüni getirýär. Eger biz ol ýerden «togsan» sözüni aýryp okasak, aryf-danamyzyň hem getirýän sany 4056 ýyla deň bolýar. Emma bu setirde, şol ýagdaýda şahyr Oguz han barada söhbet açypdyr diýmäge esas bolmaýar, çünki 4056-nyň üstüne 1785 (86) –nji ýyldan bäri geçen 227 ýyly goşsak bu sanlaryň jemi 4283 ýyl bolup, ol biziň Oguz hanyň dünýä ineni bäri ozalky nygtaýan 5017 ýyl aradan çykaly bäri bolsa 4909 ýyl diýýänimize asla gabat gelmeýär. Şonuň üçin biz, ol setirdäki öz ýerinde bolmadyk «togsan» sözüni hem ebjet hasabynda sana geçireliň. «T» —400+«o» —6+«g» —100+«s» —60+«a» —1+«n» —50 =617. Indi biz 4056-nyň üstüne 617-ni goýarys, 4056+617 = 4673. Bu 4673 ýylyň üstünde şahyryň ol setirleri ýazan senesini 1785-nji ýyldan 2014-nji ýyla çenli geçen döwri milady hasabynda däl-de, hezreti Magtygulynyňky ýaly hijri-kamary senenamasy boýunça çykarýarys (milady hasabynda ol geçen döwür (2014-1785=) 229 ýyl bolýar). Ol hijri-kamaryda 236 ýyldan ybarat bolýar. Bu 236 + 4673 = 4909 ýyl. Diýmek, hezreti Magtymguly ol setiriň üsti bilen türkmenleriň dünýä senenamasy Oguz han atamyzyň aradan çykan senesinden, ýagny mundan 4909 ýyl ozal (hezreti Magtymgulynyň ol setirleri ýazan döwründen bolsa 4673 ýyl ozal) başlandygyny aýtmak isläpdir. Ol 4909 ýylyň üstüne atamyz Oguz hanyň ýaşan108 ýaşyny goşýarys welin, onuň dünýä ineli bäri häzirki wagta çenli geçen wagt ol setiriň seljerşinden çykýan hasap ene-de 5017 ýyla gabat gelýär duruberýär. Mälim bolşy ýaly, gadymy dünýäniň taryhynda döredilen (ulanyp başlanan) senenamalar aglaba ýagdaýda beýik hökümdarlaryň dünýä inen ýa-da aradan çykan... ýyllaryndan başlapdyr. Mysal üçin, milady hasaby hem öz gözbaşyny Isa pygamberiň dünýä inen senesinden başlaýar. Şeýle mysallar taryhda ýetik.

Dördünji delil

Magtymguly Pyragynyň «Kaýdady bilinmez» atly sowal görnüşli goşgusynda: Tört müň tört ýüz kyrk tört sapasyn sürsün... diýen setir bar. Ol setir özüniň öň ýanyndaky ýa-da soňundaky setir bilen pikir taýdan baglaşman, özbaşdak gelýär. Onsaň, akyldar näme üçin eýesiz sözlem ýasap, sözlemiň eýesi hökmünde «4444» diýen syrly sany getirýärkä?! Hut şonuň hem Oguz han atamyz bilen bagly bolaýmasyn diýen pikir bilen bu setiri seljermäge girişdim. Elbetde, «4444» bu setirde göze görnüp duran san. Biz ol setirdäki «sapasyn» sözüniň hem ebjet hasabynda aňladýan sanyny çykaralyň. «Sad» (s) —90+«fe» (f) —80+«elip» (a) —1+«sad» (s) —90+«ýa» (y) —10+«nun» (n) —50 = 321. Bu sany 4444-üň üstüne goşsak, 4444+321 = 4765 bolýar. Şahyr ýokardaky setirleri bolan «Kaýdadygy bilinmez» atly goşgusyny miladynyň 1762-nji ýylynda ýazypdyr diýip açyk aýdyp bilýäris. Eger 1762–nji ýyldan 2014-nji ýyla çenli geçen 252-ýyly ol 4765-iň üstüne goşsak, ýene-de bu setirden hem umumy çykýan san 5017 ýyla deň bolýar duruberýär. (Çünki, ozalky delilde çykaran 5017 ýyldan 252-i aýyrsak 4765 çykýar. Eger 2014-den 252-i aýyrsak, çykýan san 1762-nji ýyl bolýar). Şeýlelikde, «Şahyr bu setiriniň üsti bilen özüniň şol setirleri ýazan wagtyna çenli dünýä inenden 4765 ýyl geçen Oguz hanyň nesil dowamatlary bu dünýäde abraýly döwran sürmegi dowam etdirewersin diýmek isläpdir» diýen netijä gelmek bolýar.

Sözsoňy

Şeýlelikde, türkmen milletiniň akyldary hezreti Magtymguly babatda käbir bilermensireýäniň «Ol näme üçin Oguz han barada öz şygyr diwanynda hatyralanmandyr?» diýen bolup akyl satmagyna bu seljeriş ýazgylary geljekde böwet bolar diýip umyt edýärin. Milli Liderimiz hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň milletimiziň şanly geçmişini dikeltmek, geçmişde ýaşan beýik ata-babalarymyzyň mertebesine-mertebe goşup, ruhlaryny hoşnut etmek üçin durmuşa geçirýän ýagşy işleri müňlerçe ýyllaryň gerdişini göterip gelýän goja türkmen halkyny geçmişe buýsandyryp, geljege galkyndyrýar. Ata Watanyna, milletine ýagşylyk etmegi başaran, başarýan islendik Şahsyýet goja zeminiň taryhynda ýalkanandyr, ýalkanýandyr! Eger şeýle bolýan bolsa, Türkmeniň milli Lideri hem ýalkanmaly şahsyyetdir.

Gorkut ata kitabynda Oguz han hakynda şeýleräk maglumatlar bar. «Howa hanym! Bir gün oguz ili otyýrka, üstüne ýagy çozýar. Tün içindе il ürkýär. Gaçyp gidеn wagty Aruz gojanyñ oglanjygy galýar. Ony bir arslan tapyp еslеýär. Oguz ýеnе öýüne gеlip, ýurdunda gonýar. Oguz hanyñ ýylkyçysy gеlip, habar gеtirýär...» Bu kiçiräk parça gerekli maglumat bolup hyzmat edýär. Birinjilik bilen Oguz hanyň Oguzlaryň Mifiki eposynyň ady birje gezek şol gysgajyk ýazgyda galdyrylypdyr. Diýmek, Gorkut dessanlarynyň wakalary Oguz hanyň örän gadymy döwürlere degişlidigine yşarat edýär. Ikinjisi oglanyň Besediň arslan (ýolbars) tarapyndan ulalyp ýetişmegi bolup biljek zat.däl. Depegöz ýaly obrazlaryň hem asly örän gadymy, hatda gadymy grek mifleriniň emele gelip ýazylan döwürlerine gabat gelýär. Gorkutşynasçylaryň biri bolan Dits 1812-nji ýylda ýazan makalasynda Depegöz beýleki Sikloplara (döwi), aýratynam Gomeriň ýazan siklopy bilen örän meňzeş. Gorkut atanyň oguz siklopy greklerden göçürlen däl. Greklileriňki onuň sunutnamasy. Greklileriňki köne däl bolsa, oguzlaryňky hem täze däldir [Anar. «Dədə Qorqud dünyası. Baku-1992] Oguz iliniň gadymy rowaýatlaşdyrylan Oguz han zamanyndan bäri üýtgedilmedik bolup, şol bir ýurtda ýaşamagy, biziň eramyzdan ozalky birinji müňýyllygyň ortalarynda hatda gadymy hatda gadymy grek eserlerinde hem ýazga geçirlmegi, eposyň suratlandyrylmagy dünýäniň meşhur alymlary tarapyndan kabul edilipdir. Şondan hem belli bolýar, Oguz iliniň dili hatda Gadymy Grekler üçin bellidi. Akademik B. Piotrowskiý Teýşebany Galagyran galasynda gazuw-agtaryş işlerini geçireninde şeýle diýdi:... Bu galanyň gadymy dünýäniň bütin ülkeleri bilen baglanyşykly bolup; bu ýerde Assiriýa we Aralyk deňiziniň kenaryndan getirlen gymmatbaha tapyndylary, Hindistandan getirlen monjuklar tapyldy» [B. Piotrowskiý. «Wanskoýe sarstwo Urartu». M.,-1959. sah-22]. Meşhur sowet arheologlarynyň XX asyryň ortalarynda äşgär eden hakykatlary «Kitaby Kakam Gorkud» yň içindäki maglumatlar 1300 ýyl ozal galama alnypdyr. Siriýadan Sewan kölüne (Göýçä) çenli uzanan arealdaky meňzeş grafikaly kitaplaryň haýsy etnosyň dilinde ýazylandygyny aýdyňlatmak üçin üns beren: XIV asyr taryhçysy Reşideddin özüniň «Jamyguttawaryh» eserini gadym Oguznamalar esasynda tertipläp ýazandygyny we eseriň «Taryhy Oguzan we Turkan» atly ikinji kyssasynda ýazýar: «... Oguz han Sewan kölünden Hazar deňzine tarap göç etdi. Şirwana we Şama ilçi gönderdi. Arana we Mugana hereket etdi... Ýaýlakda oturan wagtlary bütin ülkeleri ele geçirip zabt etdiler. Azerbeýjan welaýatyny hem aldylar[«Oguz dessany-Reşideddin oguznamasy» Stambul-1972. sah-30.] XVII asyr taryhçy Hywaly Abulgazy Bahadur han özüniň «Şejereýi teräkime» eserinde Oguz hanyň Azerbeýjany, Yragy, Siriýany basyp alyp söweşde ussatlyk görkezenlere aýratyn at we dereje beripdir. XVI asyr taryhçysy Ebu Bekr Tehrany bolsa ýene gadym oguznamalara salgylanyp «Kitaby Diýarbekriýe» (Ak goýunly türkmenleriniň taryhy) atly eserinde: «Patyşa Baýandyr han Eýran, Turan, Rum, Şam, Müsür, Ifranjy basyp aldy» diýilýär we mifik täsirleriň bardygyny görse bolýar. Azerbeýjan taryhynda her wakalar tersine bolup Türki döwletleri Parslaryň, Assiriýalylaryň, Araplaryň, Grekleriň aralaryndaky söweşleriň bolup geçen wagtlarynda peýda bolup, taryhda bolsa epizodik rollar ýöňkelipdir. Hywaly Abulgazy hanyň beren maglumatlaryna görä Oguz han real taryhy şahsyýet bolup we Muhammet pygamberden 4000 ýyl ozal, ýagny bizin eramyzdan IV müňýyllygyň soňlarynda,takmynan 3400-3500-nji ýyllarda ýaşap geçipdir. Bütin dünýä taryhçylary tarapyndan baha berilen Reşideddin hem Oguz hany real taryhy şahsyýet hasaplap onuň gabrynyň Sewan (Göýçe) kölüniň ýakynlarynda bolandygyny aýdýar. XIX asyryň meşhur rus rus kompozitory, birnäçe Aziýa halklarynyň taryhyna degişli maglumat toplan N. Ý. Biçurin (Iakinf) bolsa Oguz hanyň taryhy şahsyýet bolandygyny birmanyly şekilde tassyklaýar we onuň biziň eramyzdan ozalky III-II müňýyllyklarda ýaşandygyny aýdýar[N. Ý. Biçurin-Iakinf. Sobraniýe o narodah, obitawşih w Sredneý Azii w drewniýe wremena. M. -L., 1950. sah-225]. XII asyr taryhçysy Baýburtly Osman bolsa öz ýüzýyllyklarynda ýazyjysy belli bolmadyk gadymy kitabynda «Bähr el-Ensab» hakynda maglumat berýär. Şol kitapda Gotkut atanyň wakalary aýdyň görülýär. Hem şol kitapda Baýandyr han iliniň biziň eramyzdan öňki döwürlerde hem oturandyklary hakynda öz beýanyny tapýar. XIV asyryň oguz asylly taryhçysy Ebu Bekr bin Abdulla bin Aýbek ad-Dawadari bolsa özüniň «Düräri tijan» atly eserinde biziň eramyzyň IV asyrynda näbelli awtor tarapyndan ýazylan «Ulu han Ata bitikçi» kitaby barada maglumat berýär we şeýle ýazýar: «Türki dilli halklara ullakan söýünji bilen bagş edilen bu kitap oguzlar arasynda örän meşgurydyr. Çünki kitapda oguzlaryň 3000 ýyl mundan ozalky wakalary, örän irki durmuşlaryndan we ilkinji hökümdarlaryndan, gahrymanlaryndan habar berýär. Kitapda Depegöziň Peri gyzyndan dogulmagy, oguzlarda ýitginiň bolmagy we Aruz oglu Beset tarapyndan öldürilmegi we Oguz han jümlesiniň şol bölümde agzalyp geçilmegi baglanyşdyrylypdyr. [H. Görogly. «Oguzskiý geroiçeskiý epos». M., 1976. s.-38].




#Article 189: Zergärçilik (228 words)


Türkmenleriň zergärçilik däpleri gadymy wagtlardan başlanypdyr. Matalaryň ýüzüne keşde çekmek we altyn çaýylan, gymmat bahaly daşlar bilen bezelen, zikgelenen kümüşden taýýarlanylan zergärçilik önümleri şu däbiň ýüze çykmasy bolup durýar.

Aýal-gyzlaryň egin-eşikleri, ozaly bilen-de gelinleriň egin-eşikleri ýokary çeperçilik bilen bezelýär. Börüge dakylýan şaý-sepler, saçbagylar, gulakhalkalar, boýna we döşe, bilege dakylýan şaý-sepler taýýarlanypdyr: depesinden dabanyna çenli nepis şaý-sepler bilen bezelen gyz, hamala diýersiň, özüniň açyk gyzyl reňkdäki köýneginde kümüşe çolanan ýaly bolup görünýär.

Özboluşly zergärçilik önümleri adamyň we haýwanlaryň, guşlaryň we möjegiň formalaryny gaýtalaýar, bular bolsa ähli türki halklaryň iň gowy görýän nagyşlarydyr.

Estetiki wezipesinden başga-da, şaý-sepler dürli keselleriň öňüni almak ähmiýetine hem eýedir, şaý-sepleriň keramatlylary hem bolup, olar adamlary göz degmeden goraýar. Seýrek bolaýmasa, olaryň Merkezi Aziýanyň beýleki halklarynyň şaý-sepleriniň arasynda özüne meňzeşleri ýokdur. Şol bir wagtyň özünde gadymy Parfiýanyň hem-de Margiananyň bezeg sungaty bilen arabaglanyşygynyň bardygy duýulýar, bu bolsa, şübhesiz, çeperçilik däpleriniň güýjüne hem-de üznüksizligine şaýatlyk edýär.
Daşlary oýup nagyş salmak, kiçi göwrümli heýkeller kosmetiki gutujyklar ýasamak gadymy adamlara mahsus bolupdyr. Misden, bürünçden, kümüşden, altyndan, oniksden ýasalan bezeg önümleri: güberçekli we dürli görnüşli  iňňebagjyklar, gulakhalkalar, monjuklar we beýlekiler bilen birlikde zergärçilik şaý-sepleri: ýüzükler, gulakhalkalar, gülýakalar, gymmat bahaly monjuklar, gadymy zergärçilik sungatynda ýörgünli bolupdyr. 
Gliptika daşa oýup nagyş salmak sungatynyň bir görnüşi bolup, bu usul arkaly möhürler, tumarlar ýasalypdyr. Şeýle usulda ýasalan möhürler we tumarlar Margianadam köp tapylýar. Sfragistika sungaty gliptikadan tapawutlylykda özüne metal möhürleri we tumarlary hem birleşdirýär. 




#Article 190: Täçmämmet Jürdekow (713 words)


Türkmenistanyň halk ýazyjysy Täçmämmet Jürdekow 1940-njy ýylyň 15-nji maýynda Gökdepe etrabynyň Kelejar obasynda eneden bolýar. Onuň çagalykdan çeper söze bolan uly höwesi, ymtylşy özüniň oňat netijelerini berýär. Türkmen edebiýatynyň satira bölüminde ymykly orun alan ýazyjy bu gün ýurdumyzyň ähli ýerinde teneli sözleriň taýsyz ussady hökmünde tanalýar. T.Jürdekowyň eserleri birnäçe daşary ýurt dillerine hem terjime edildi. Onuň birnäçe kitaplaryny aşakda agzap geçeliň:

we ýenede birnäçe eserleri bar.

Täçmämmet Jürdekowyň 1996-njy ýylda çykan Däliden dogry habar diýen kitabynda, özi barada şeýle terjimehalyny ýazýar:

Uly ile aýan bir hakykat bar ýaşamak üçin ilki dogulmaly. Hudaýa şükür, menem häli-häzir ýaşap ýörün. Diymek, haçanam bolsa bir wagt menem dogulypdyryn onuň anyk senesi, ýagny näçenji ýyldygy aýy güni okyjy üçin hökmanmyka?! Eger şeýle bolsa, onda, otyryňda özüňiz hasaplap görüň meniň dogulan ýylym luw ýyly ekeni. Satirik şahyr Kemine panydan bakyýete Geçenden ylaýyk ýüz ýyl soň dünýä inipdirin. Has takygy şu asyryň ahyrynda, ýagny 2000-nji ýylyň 15-nji maýynda, nesip edip ýaşap ýörsek bizem 60 ýaşaýarys.

Meniň nirede dogulanlygym bilen kimiň näme işi barmyşyn?! Juda belesigeliji bolsaňyz, aýdaýmaly bolarda. Hawa, gadymy Gökdepäniň Kelejar diýip bir obasy bar. Ine, şol ýeri meniň göbek ganymyň daman ýeri.

Wiý, ýogsada göbek diýemde bir zat ýadyma düşdi. Göbek enem pahyr maňa köp gezek gürrüň beripdi. Çaga dünýä inende çyrlap aglaýar, men weli ýylgyrypdyryn. Adatdan daşary bu ahwalaty enem atam özüçe tesbirläpdirler. Gowlyga ýorupdyrlar.

Käbä deňelýän ene-atanyň uly ynamyny ödemezlik uslyp däl. Şonuň üçinem... bolýar, ol barada azajyk soňurak.

Hawa men öz kakam Jürdek Atajyk ogly bilen juda oňaýsyz ýagdaýda duşuşdym. Ol watan üçin bolan söweşleriň birinde 1942-nji ýylyn 29-nji dekabrynda, ýagny men 2 yaşymdakam wepat bolupdyr. Ony gözlap, idäp tapmaklyk maňa 42 ýyldan soň (1984ý) başartdy. Sowuk mazaryň astynda ýatan 25 ýaşly kakam özüniň 44 ýaşly ogly bilen Nowgorod oblastynyň Staraýa Russo şäherinde şeyleräk gurru etdi.

Gulagyma eşidilen ata sargydy uly nesliň özünden soňkylara eden pendi bolup ýaňlandy.

Men 1948-nji ýylyň aýylganç ýer titremesini hem görmeli boldym, agyr ýitgini başdan geçirdim. Özümden iki ýaş uly ýalňyz gyz doganymdan jyda düşdim. Ejem ikimiz gugaryp galdyk. Shol döwüriň agyr kynçylyklary, durmuşyň apaty biziňem deňämizden göni geçip gitmedi. Ony öz gerdenmizde çekmeli boldyk. Ýöne adamyň başyny alyp durýan zat ýok eken, hemme zat öz nobaty bilen gelip-geçip dur. Ynha, men indi alty çagaň atasy agtyklarymyň sany hem, Hudaýa şükür, köpelip gidip otyr.

Ýazyw pozuwa ýedi ýaşymda başladym. Geň görmäň, döredijilige däl. Birinji klasda okap ýörkäm edýän ýazuwymdan, edýän pozuwym kändi. Şeýdip şeýdiwem ahyry ýazyjy boldym. 1982-nji ýyldan bäri ýazyjylar birleşiginiň agzasy.

Men Aşgabadyň G.Seýitliýew adyndaky medeni-aň bilim tehnikumyny (1959ý), soňra hem Moskwanyň döwlet medeniýet institutyny (1964ý) tamamladym. Dürli kärlerde işledim. Goşun hatarynda gullyk etdim.

Häzir edebiýat we sungat gazediniň baş redaktory bolup işleýän.

Döredijilik diýilyan jadyly senet bilen ymykly meşgullanyp başlan döwürim 70-nji ýyllaryň ahyrlaryna degişli.

Meniň esasan edebiýatyň satira bölümi bilen meşgullanýandygymdan, megerem, okyjylar habarlydyr. Türkmenistanyň döwürleýin metbugatydyr. Radio-telewideniýanyň işgärleri-hä maňa beletdir. Hekaýalarym çap edilmedik gazet-žurnal ýok bolsa gerek. Öz başdak çap bolup çykan kitaplarymyň atlaryny yatda saklamak juda aňsat. 

Onsoňam, Ody özüne bas,...(1992ý.). Şulardan başga, Moskwada Krokodil žurnalynyň kitaphanasynda Piscebumashnyy tigr(1990y.) ady bilen hekaýalar ýygyndym özbaşdak kitapça bolup çykdy.

Wiý, ýogsa-da, meniň tebipçilikden hem başym çykman duranok. Ynanmasaňyz Diagnozy:ýygnak (1993ý.) diýen kitabymy okap göräýiň. Körpe okyjylary hem gözden salmajak bolýan. Olara Esger papagy-ny (1990ý.) sowgat etdim. Ondaky ýerleşdirilen çaklanja powestdim hem-de hekaýalarym belli bir derejede öz durmuşymyň beýanydyr. Käbir ýygyndylarda hem (Ynamly nesil, Şatlyk gözleginde) aýry-aýry hekaýalarym çap bolup çykdy. Dogry men bir goşgy ýazyp ýören şahyr däl eýsemde bolsa, kompazitorlar bilen bilelikde 10-a golaý aýdymy ýazdym. Umuman, gol gowşyryp otyrmaga wagtym ýok.

Maglumat üçin ýene-de bir zat aýdyp biljek. Tutuş kitabyma däl, ýöne aýry-aýry hekaýalarym özbek, gazak, başgyr, latyş, mangol, türk dillerinde çap edildi.

Çeper terjimede hem öz güýjümi synap görýän. Aýry-aýry hekaýalardan daşary çeper kinofilmlerin 10-larçasyny rus dilinden türkmen diline geçirdim. Özüm prodýuser hökminde üç sany (Aýhan Hajyyew, Gämidäki toý, Täze adatlar) dokumental filmin awtory.

Jemgiýetçilik işlerine hem işeňgir gatnaşýaryn. Magtymguly Halkara baýragy Komitetiniň, Daşary ýurtlar bilen dostlyk jemgiýetiniň prawleniýasynyň agzalary.

Bu işleriň daşyndan bolsa jahankeşdeligi halaýan. Häzire çenli dünýäniň 7 ýurdynda (ABŞ, Hindistan, Mangoliýa, Bolgariýa, Siriýa, Malta, Eýran) boldym.

Ýene-de essem-pesemim ýok däl, ýöne ol baradaky söhbeti wagtyň özi dowam etdirer.

Howwa, Iş bitirseň il tanar diýilişi ýaly, meniň çekýän zähmetim köpüň gözünden sypmady. Mähriban Prezidentimiziň Permany bilen maňa Türkmenistanyň Halk Ýazyjysy (1993ý.) diýen hormatly at dakyldy. Bu meniň üçin el ýetmez bagtdyr.




#Article 191: Keteni (366 words)


Bir gyrasyna atyp gelýän daňyň altyn reňki berlen, bir ýanyna bolsa ýaşyp gelýän şapagyň altyn reňki çaýylan, ikisiniň arasy bolsa dürli  öwüşgin atyp duran düzlük... Keteni… Bu-da ýeke-täk türkmen gelin-gyzlarynda duş gelýän ajaýyp sungat eseridir. Arassa ýüpekden dokalýan ketenileri türkmen gyzlary durmuşa çykanlarynda hökmany suratda diýen ýaly geýýärler. Bu olaryň ömrüm daňy atandan tä ýaşýança öwüşgin atyp duran owadan hem bir durkly, parahat, düz bolsun diýip edýän niýet-arzuwlary bolaýmasyn?

Türkmeniň maşgala durmuşy hakynda kese ýurtly biri gözügidijilik bilen “Türkmen maşgalasynda uly bagt bar. Ol hem iki tarapyň hem biri-birinden arkaýynlygy“ diýipdi. Ine, keteni köýnekde şol arkaýynlygy görse bolýar. Keteni köýnek geýmegiň asyl manysyna düşünen, şol köýnegine mynasyp millilikde ýaşamagyň gymmatynyň ähli gymmatlyklardan ýokarydygyna düşünen gyz baran öýünde diňe bir özüni däl, maşgalasyny düz saklamak bilen ýaşaýar.

Keteni dokalanda saçyň tary ýaly inçe ýüpekden erişler ýüwürdilýär. Ol erişler adam häsiýetleridir. Ol tarlar lülelerden soň — bu edep-terbiýedir, sazdan geçirilýär. Şeýdip häsiýetleriň sazlaşygy emele gelýär. Aşakda iki üzeňňi bardyr — gije bilen gündiz. Olar erişleriň arasyny açar —wagt seniň aýbyňam açar, ýagşy gylyk- häsiýetleriňem. Taraçynyň elinde argaçly mäki bardyr, ol ony erişleriň arasyndan geçirer. Bu seniň häsiýetleriň arasyndan geçýän alan manyň, çykaran netijäňdir. Saz olary sazlaşdyryp ýüpek parçany emele getirer. Ýüpegi berk hem reňkdar keteni köýnek geýen türkmen gözelleri siziň ömrüňizem berk hem owadan bolmaga mynasypdyr. Ýüpeklerine pet berlen ketenili gyzlar enelerinden-atalaryndan pent alan gyzlardyr.

Enemin bukcasyndan.  Ene-mamalarymyz ozlerinin el hunarleri bilen milli egin baslary tikip halallyga gol berip yasapdyrlar. Elde yerine yetirilyan kesdesidir gaymasy, kocumedir pugtamasy, basmasydyr sunsugi, alajasydyr aldymgajy, jahegidir ceplisagy bilen egin esiklerini gozel gorke getiripdirler. Arada men enemden miras galan nusgalyk saklanyan egin esikleri gune serip yelejiredeyin diyip sandykdan cykardym. Gurcuk keteniden tikilen koynegi synlap dursuma oya batdym. Gorsene, bu koynekde yagyrniclik, yensapy, begeyik yaly durli matalardan gurnalan bolejikleri. Ozude seylebir kebsirlenip gelisdirip tikilipdir. Gozbasyny oran anyrlardan alyp gaydyan milli egin baslar gozelligin ajayyplygyn cugdamy bolup dur. Yakasy bir kemsiz kesdelenip boynuna layyk edilip tikilen bu koynegi synlap, hazirki wagtda yaslarymyzyn doslerini acyp, dosleri ote acyk, yzy gapdaly dilikli gelsiksiz tikip geyyan koynekleri goz onume geldi. Konekilerimizin aydyp gecisi yaly Ayal uyal diyipdirler. Utanyp- uyalmaklyk gelin-gyza mahsus hasiyet. Edep ekramlylykda , sadadan sypayy geyinmekde ene-mamalarymyz bize nusga goyup gidipdirler.       Kakilik Garajayewa (Gurbansoltan eje zurnalyndan)




#Article 192: Änew metjidiniň ansambly (758 words)


Halk arasynda Seýit Jemaleddiniň metjidi ady bilen belli bolan bu ymaratyň galyndylary Änew şäherçesiniň gündogarsynda ýerleşýär. Arheologik maglumatlar Günorta Türkmenistanyň eneolit zamanynyň ýadygärliklerini “Änew medeniýeti” diýen at bilen ylmy dolanyşyga girizmäge mümkinçilik berdi.

Ansambly dört desga - metjit, onuň öňündäki gabyrüsti we beýik gümmezli zaly bolan iki sany jaý emele getiripdir. Bu çylşyrymly desga metjidiň, guburhananyň, medresäniň we hanakanyň wezipelerini ýerine ýetiripdir.

Änewdäki metjidi öwrenmegiň başlangyjyny 1886-njy ýylda W.A. Žukowskiý başlapdyr.1904-nji ýylda harabaçylygy R. Pompelliniň amerikan ekspedisiýasy gazypdyr. Sonky ýyly A.A. Semýonow metjidiň gysgaça beýanyny hem-de ony öwrenmäge çakylygy çap etdiripdir. 1920-nji ýyllarda A.A. Karelin we W.R. Tripolskiý deformasiýanyň we weýranlanmagyň sebäplerini barladylar, inžener S.S. Sklaýarowskiý bolsa çyzgysyny ýerine ýetirdi. Ýadygärligi konserwasiýa etmek işlerini dürli wagtlarda W.R. Tripolskiý we N.M. Baçinskiý amala aşyrdy. 1947-nji ýylda M.Ý. Massonyň ýolbaşçylygy astynda Günorta Türkmenistan arheologik kompleksleýin ekspedisiýasy ansambly çuň we hemmetaraplaýyn öwrenmek işini geçirdi. Şonuň netijesinde-de ençeme makalalar we G.A. Pugaçenkowanyň giňişleýin monografiýasy (1959 ý.) peýda boldy.

Metjidiň portalynyň ýokarsynda Horasanyň hökümdary soltan Abul Kasym Babyryň (1446-1457ý.) ady getirilipdir. Ondaky ýazgyda şeýle diýilýär:”Bu gurluşyk beýik soltan, öz halklarynyň eýeleri, ýurtlaryň we asyrlaryň penakäri Abul-Kasym-Bayr Bahadur han patyşalyk süren wagtynda boldy, hemmeden Beýigiň özi onuň häkimiýetini we onuň patyşalygyny ebedileşdirsin”.

Beýleki ýazgylarda “Gözellik öýüni” Muhammet diýen biriniň öz kakasy Jemal-ed-dünýä-wa-d-diniň ýadygärligi üçin öz serişdeleri bilen 1455-1456-njy ýyllarda gurdurandygy hakyndaky maglumat getirilýär.

G.A. Pugaçenkowa metjidiň ýüzündäki ýazgyda ady gelýän Muhammedi soltanyň weziri bolan Muhammet Hudaýdot bilen bir diýip ynandyrýar, özi-de onuň bu ýerde jaýlanan kakasy Jemaleddiniň doglan ýeri Änew eken diýýär. Desga gurlup tamamlanmandyr, çünki soltan Babyr ölenden soň (1457 ý.) özara uruşlar we weýrançylyklar döwri başlanypdyr.

Oňat bişen kerpiçden bina edilen metjit keramik mozaika bilen we syrça bilen gysganylman bezelipdir. Beýik portalynda inli depesi çowly arasy bolan metjidiň gapysy howlynyň içine tarap açylýar eken. Gapynyň arkasynda ellistik gümmez bilen örtülen inedördül (taraplary 10,5 metr) zaly bolupdyr. Gümmez çekili arkalaryň we konstruktiw taýdan tamamlanmadyk stalaktit dekorasiýaly paruslaryň üstüde durýar eken. Peştagy demirgazyga bakdyrylypdyr we jaýyň jümmüşinde günorta diwaryň ýüzünde syrçalar bilen bezelen mährap bolupdyr. Onuň gapdallarynda günorta diwaryň ýüzünde insizje tagçalar edipdirler, olar diwaryň daş ýüzüne çykytly edilipdir. Metjidiň beýleki iki diwarynda hersinde ikiden inli çuň tagçalar edipdirler. Bu tagçalar hem hüjreli sokol etažynyň derejesinde metjidi üç tarapyndan gurşan eýwanyň içine çykytly edilipdir.

Iki gapdalynda oňa goşulyp guralan gurluşyklar metjidiň portalynyň öňündäki giň howlyny gabsapdyr. Olaryň gümmezli zallary (diametri 7 metr töweregi) iki gatdan hem kiçeňräk otaglar bilen gurşalypdyr.

Portalyň ýozaik bezeginiň çeperçilik özboluşlylygynyň uly gymmaty bolupdyr. Ol bezegde arkanyň, üstünde bir-birlerine tarap kellelerini uzadyp süýnüöip gelýän iki sany eýmenç görnüşli aždarhanyň şekili çekilipdir. Olaryň sarymtygarak göwresi ownuk ösümlik nagyşly garamtyl-mawy mozaik düşegiň üstünde towlanyp barýat, ol ownuk ösümlik nagyşlary fantastik janawarlaryň her biriniň açylan agzyndan başlanýar.

Jaýyň öň ýüzündäki monumentel sungatda şuňa meňzeş aždarhalaryň şekillendirilişiniň nusgasy Orta Aziýada başga ýok. Änew metjidinde aždarhalaryň şekillendirilmeginiň manysyna has ynamlyrak düşündirişi G.A. Pugaçenkowa berýär. Ol “munuň özi XV asyrda Änew töwereginde ýaşan ... esasy türkmen taýpasynyň totemidir, ähtimal Änewde jaýlanan şeýh Jemaleddin hem şol taýpadan bolandyr“ diýip hasap edýär.

Bu metjidiň gurluşygy hakda ýerli ilatyň arasynda ur döwürlerden bäri şeýle rowaýat dowam edip gelýär:”Bir wagtlar şäheriň gala diwarynyň düýbünde bir agaç dikilip, ondan uly jaň asylyp goýlupdyr. Başyna iş düşen her bir ýolagçy jaňy kakmak bilen şähere duýduryş berýär eken, ilat bolsa oňa kömege gelip, başyna düşen işden ony halas edýärler eken. Bir gezek adalatly we parasatly Jamalyň ýurdy dolandyrýan wagtynda adamlar jaňyň gaty we howsalaly kakylýandygyny eşidipdirler. Derwezäniň agzyna ylgaşyp gelenerinde olar ägirt uly towlanyp duran aždarhanyň jaňy kakandygyny görüpdirler. Şunda ol aždarha bir zady görkezýän ýaly edip, daga tarap ümläpdir, soňra bolsa märekäniň arasynda elleri paltaly we byçgyly duran iki ussa tarap ümlenip, daga tarap ugrapdyr. Patyşa aýal Jamal ussalara aždaranyň yzy bilen gitmegi buýrupdyr. Bular daga baranlarynda, agyr jebir çekip ýatan başga bir aždarhany görüpdirler : ol uly dag geçisini diriligine ýuwdupdyr, emma onuň buýralay şahlary aňryk geçmän, aždarhanyň bokurdagyna ilişip galypdyr. Edermen ussalar aždarhanyň açylyp ýatan agzyna girip, dag geçisiniň şahlaryny byçgy bilen kesip aýrypdyrlar we geçiniň etini böleklere bölüşdiripdirler whem-de aždarhany jebirden gutarypdyrlar. Şundan soň birinji aždarha ussalary hazynadan doly bolan bir derä eltipdir we olara şol hazynadan gereklerini hem-de göterip bilenlerini almaga ygtyýar beripdir.

Ertesi şäheriň ilatyny ýene-de jaňyň sesi oýadypdyr. Olar galadan çykanlarynda iki aždarhany hem görüpdirler, ol aždarhalar köp altyn we gymmatbahaly daşlary alyp gelen ekenler. Olar bu zatlary patyşa aýalyň öňünde goýup, özleri ýene daga tarap gidipdirler. Jamal bu gymmatbaha zatlardan uly metjit gurmagy we onuň peştagynda şu zatlary beren aždarhalaryň şekilini çekmegi buýrupdyr. Rowaýatda aždarhalar Änewiň ilatyna hossarlyk eden jandarlar hökmünde görkezilýär, olaryň şekili bolsa ýykylan metjidiň ýüzündäki ýazgyda atlandyrylyşy ýaly “Gözellik öýüni” gorap saklapdyrlar.”




#Article 193: Mäne baba aramgähi (449 words)


MÄNE BABANYŇ ARAMGÄHI
(gurlan wagty XI asyr, täzeden rejelenen wagty XIV asyr)

Abu Seýit kümmeti orta asyr Mäne şäherinde XI asyrda kuwwatly seljuk döwletiniň emele gelýän we berkeýän döwründe, Horasanyň ykdysady taýdan gülläp ösýän wagtynda gurlupdyr. Kaka etrabynyň Mäne obasynda ýerleşýän bu ýadygärlik musulman şeýhi, mistigi Abu Seýit ibn Abul Haýryň (968-1049) gubrunyň üstünde bina edilipdir. Halk arasynda bu ýadygärlik Mänebabanyň ýadygärligi hökmünde meşhurdyr.

Abu Seýit Demirgazyk Horasanyň syýasy we ruhy durmuşynda möhüm rol oýnapdyr. Onuň abraýy örän belent bolupdyr, hat-da Beýik Seljuk döwletini esaslandyryjylar bolan Çagry beg we Togrul beg “hökümdarlyga pata bermegi” üçin onuň ýanyna gelipdirler. Döwrüniň meşhur weziri Nyzam al-Mülk hem onuň ýanyna tagzym etmäge gelip gider eken. Abu Seýit ýogalandan soň musulman ruhanylary onuň guburynyň töwereginde onuň kultuny döredipdirler. Öz döwründe Abu Seýidiň gubury barada Soltan Sanjar we Horezmşasy Il Arslan alada edip durupdyrlar.

Diwar paruslryň sekiz gyraňlysyndan ýazgylaryň giň zolagy bilen aýrylýar. Buz ýazgylar nash hatynda ýerine ýetirilipdir. Gümmeziň nagyşlary öz reňkleriniň ilkibaşdaky arassalygyny diýen ýaly saklapdyrlar, bu bolsa ony seýrek duşýan nusgalaryň arasyna goşýar.

Ilkinji sapar bu kümmet XIX asyryň ahyrynda professor W.A. Žukowskiý tarapyndan öwrenilipdir. Ol peltagy bezeýän oýmuralaryň stili boýunça bu jaýy XV asyra degişli edipdir. 1920-nji ýylda kümmeti barlan professorlar A.A. Semýonow, A.E. Şmidt we arhitektor A.P. Udalenkow bu ýadygärligi XIV asyryň ahyry diýip seneläpdirler. Demirgazyk Horasandaky kümmetleriniň stiliniň arhitektura analizi esasynda G.A. Pugaçenkowa kümmetiň bina edilen wagty XI asyryň ortasydyr diýlen täze senelenişi teklip etdi.

Taraplary 10,4 metr bolan inedördül jaýly, iki gat gümmez bilen örtülen ilkibaşdaky desga XI asyrda taraplary 21-22-23 sm, galynlygy 4 sm bolan inedördül kerpiçden bina edilepdir. Gurluşygyň kuba meňzeş möçberi belent aýlawyň üstündäki gümmez bilen tamamlanypdyr. Jaýyň şol wagtlar hem günbatara badyrylrn girelge peştagy bolupdyr.

kümmetiň her diwarynyň iç ýüzünde aşaky bölüminde üç tagça bar. Diwarlaryň ýokarky üçünji bölegine her diwarda alty arkajyk edilip, tutuş hatar arka aýlanypdyr. Gümmeze geçmek arkaly paruslary we diwarlarda tekiz tagçalary bolan sekizgyraňlyk ýoly bilen amala aşyrylypdyr. Paruslar iri stalaktitler görnüşindäki gümmezleriň üç bölümli ulgamyndan düzülipdir. Sekizgyraňlygyň üstüni beýik bolmadyk 16 gyraň örtüpdir, onuň üstünde bolsa gümmez durýar. Daş ýüzünden gümmeziň düýbünde beýik bolmadyk 24 gyraňly aýlaw bar.

XIV asyryň I ýarymynda jaýy düýpli rejelemek işleri geçirilipdir. Ýöne ol kümmetiň konstruktiw esaslaryna galtaşmandyr. kümmetiň iç ýüzi ýazgylar bilen gysganylman bezelipdir, peştagy bolsa polihrom mozaika bilen baýlaşdyrylypdyr. Peşatgyň ýüzi we gümmezi tutuş ýüzlenipdir. Mozaik nagşy emele getiren reňkli oýmuralr gež ergini bilen berkidilipdir. Onuň esasy reňkleri gök, ýaşyl, ak, aýry-aýry goşmaça nagyşlar bolsa sary kaşin keramikasyndan edilipdir. Jaýyň öň ýüzüniň polihrom bezegi nash hatynda ýerine ýetirilen ýazgylary girizmek bilen geometrik nagyş esasynda düzülipdir. kümmetiniň iç ýüzündäki žiwopis nagyşalry ak düşegiň ýüzüne gök, gyzyl we käýerde pisse-ýaşyl reňk bilen edilipdir. Ösümlik nagyşlarynyň arasynda gozalary açylyşp duran gowaça düýpleri hem duş gelýär.




#Article 194: Gadymy Nusaý (385 words)


Dünýä medeniýetiniň taryhynda Parfiýa siwilizasiýasyna aýratyn orun degişlidir. Merkezi Aşgabadyň golaýyndaky Nusaýda ýerleşip, Günorta Türkmenistanyň daglary, düzlükleri hem-de sähralary onuň sallançagy bolupdyr.Ony döredijiler türkmenleriň gadymy ata-babalarynyň biri bolan dah-parn taýpalary bolupdyr.

B.E. öň IV asyrda grek-makedon goşunlarynyň zarbasy astynda Ahemenitleriň imperiýasy dargapdyr. Aleksandr Makedonskiniň (Isgender Zülkarneýn) oruntutarlary bolan selewkitleriň döwründe Baktriýa, Parfiýa we Horezm döwletleri döräpdir. B.e. öň III asyrdan b.e. III asyryna çenli 600 ýyla golaý dowam eden Parfiýa döwleti uly imperiýa öwrülip, B.E. I asyryndan başlap Rim imperiýasynyň bäsdeşine öwrülipdir. Özüniň gülläp ösen wagtynda Ortaýer deňzinden Demirgazyk-Günbatar Hindistana çenli ýerleri öz içine alan Parfiýa imperiýasynyň esasy özeni Partawa bolupdyr.

Hut şu ýerde B.E. öň 247-nji ýylda Garagumda ýaşaýan aparn (ýa-da parn) taýpasynyň serdary Arsak Partawy eýeläpdir. Bu ýerdäki selewk satrapy Andragor öldürilipdir. Şondan soň Arsak özüni garaşsyz Parfiýanyň hökümdary diýip yglan edipdir. Parfawnisada Arsakidler neberesiniň mülkleriniň administratiw we ykdysady merkezi gurlupdyr. Köne Nusaýda geçirilen arheologik gazuwlar mahalynda tapylan dokumentler bu galanyň adynyň Mitridatkert bolandygyny kesgitlemäge mümkinçilik berdi. Ol B.E. öň 171-138-nji ýyllarda patyşalyk eden Mitridat I tarapyndan gurdurylypdyr.

Köne Nusaýda demigazyk we günorta atlandyrylýan iki sany arhitektura toplumy bolupdyr. Weýran bolan demirgazyk toplumdan 1948-nji ýylda pil süňkünde (şirmaýydan) edilen meşhur ritonlar tapyldy. Günorta toplumda üç sany desgany - diň şekilli ymaraty, inedördül we tegelek zallary tapawutlandyrmak bolar.

Köne hem-de Täze Nusaý şäherjiklerinde gazuw-agtaryş işleri geçirilende ajaýyp arhitektura, sungat ýadygärlikleri, keramiki gap-gaçlaryň böleklerine ýazylan hojalyk dokumentleriniň deň-taýy bolmadyk arhiwi ýüze çykaryldy.

Parfiýa şalarynyň genji-hazynalary saklanylýan gaznalary köp sanly jaýlardan, eýwanlardan hem-de içerki howlujyklardan ybarat ägirt uly dörtgyraň desga bolupdyr. Gaznalaryň jaýlary gymmatbahaly zatlardan dolan badyna olar petiklenip, özboluşly seýflere öwrülipdirler.

Genji-hazynalaryň saklanylýan gaznasyndan şirmaýydan ýonulyp ýasalan ritonlaryň uly toparynyň ýüze çykarylmagy öz wagtynda asyryň tapyndysy diýlip atlandyryldy. Ritonlar bilen doldurylan tutuş bir otagyň üsti açyldy. Ritonlar şirmaýydan ýonulyp ýasalyp, olaryň käbirleriniň detallary altyn çaýylan bürünçden, sap altyndan we bürnçden taýýarlanypdyr. Ritonlarda dürli kompozisiýaly güberçek gazma nagyşlar ýerleşdirilipir. Ritonlar kentawrlaryň, ýolbarsa çalymdaş grifonlaryň, aýallaryň we ş.m. keşbi bilen bezelipdir.

Bezeg-haşamlarynyň kompozisiýalarynyň sýužet äheňi esasan grek mifologiýasy bilen baglanyşykly bolup, ýöne grek mifleriniň personažlaryna ýerli, parfiýa häsiýeti berlipdir. Ritonlaryň birinde Parfiýa şalygyny esaslandyryjylaryň biriniň şaýylygyň ýüzündäki “skif” eşigine çalymdaş lybasly parfiýaly gabat gelýär. Beýlekileriniň käbirinde bolsa garamaýak parfiýalylary görýäris.

Gaznadan altyn çaylan gündogar tipli söweşjeň altyn paltajyk, ikiýüzli gysga gamalar, demir sowudyň bölekleri ýaly şa ýaraglarynyň görnüşleri hem tapyldy. Şanyň baýramçylyk galkany-da ussatlarça taýýarlanyp, kaşaň bezelipdir.




#Article 195: Sahaba guburhanalary (178 words)


(XV asyr)

Sahabalar (ashablar) ýagny Muhammet pygamberiň ýoldaşlary we “baýdak göterijileri” Al-Hekim ibn Amr al-Gifary we Bureýda ibn al-Huseýb al-Aslamy - yslamy ündemek maksady bilen Mara gelipdirler. Olar arab halypalygynyň Merwdäki ýeňişlerinden soňra bu ýerde hökümdarlyk edip, ençeme ýyl ýaşaýarlar hem-de adamlary yslama uýdurmak boýunça ep-esli işleri alyp barýarlar. Sahabalaryň ilkinjisi 670-nji ýylda, ikinjisi hem 681-nji ýylda Merwde ýogalýarlar hem-de şu ýerde jaýlanýarlar. Olara ýerli ilatyň arasynda meşhurlyk gazandyrmak maksady bilen XV asyrda Marynyň täze hökümdarlary ashablaryň mazarlarynyň üstüne kerpiçden iki sany çuň we gabyrüsti kiosklaryň oklary boýunça ýerleşýän gümmezli eýwan gurupdyrlar. Eýwanlar we olar bilen gurlan gabyrüsti kiosklar hem çagşapdyrlar. Eger-de kiosklar XX asyryň başynda tutuşlygyna gaýtadan örülen bolsa, onda eýwanlary konserwasiýa edipdirler.

Beýikligi 10 metrden aşýan peştaglaryň ikisi-de forma babatda birmeňzeş bolup, olar esasan 25×25×5 sm. ölçegdäki bişen kerpiçlerden salnypdyr. Hiç hili ýaşaýyş jaý ýa-da beýleki jaý roluny ýerine ýetirmeýän bu ymaratlaryň hersiniň ortasynda ýokary çürelip gidýän ýeke-täk uly arka bar.Eýwanlaryň arhitekturasy meňzeş we olar Teýmiritler döwletiniň paýtaht arhitekturasynyň ýetiren özboluşly täsirini görkezýär. Iki sany gabyrüsti daşdaky ýazgylarda Bureýdanyň we Gigarynyň şahslaryna degişli käbir maglumatlar berlipdir.




#Article 196: Täze Merwiň galalary (170 words)


Täze Merw galalarynyň ilkinjisidir. Şahruhyň döwürdeşi bolan taryhçy Abdyrazzak Samarkandynyň bellemegine görä Şahruh bu galanyň gurluşyk işlerini dolandyrmak žçin guramaçy emeldarlardan Alaeddin Kukeltaşy, Musany hem-de edenli hökümet işgäri Emiraly Şeýanyny belläpdir. Seýdip häzirki Baýramaly şäheriniň demirgazygyna sepleşip oturan, orta asyr döwrüne degişli Täze Merw galasy - Abdyllahan gala bina edilipdir.

Göwrümi boýunça gadymy Merw galalaryndan has kiçi bolan bu galanyň daş ýüzi 24×24×5 sm. ölçegdäki çig kerpiçler bilen, içi bolsa Soltan Sanjar mawzoleýiniňkä görä kiçeçräk dörtgyraň kerpiçler bilen, diwary her bir metr beýiklikde 5 sm. içe gidýän görnüşde salnypdyr. Galanyň gapdal diwarlarynyň uzynlygy 630 metrden 695 metre çenli bolup, olaryň saklanyp glan ýerleriniň galyňlygy 2,5-3 metrden 6 metre, beýikligi hem 5-7 metre çenli ýerýär.Galanyň daşyndan diwardan omzaşyp daşa çykýan egme görnüşli 44 sany gorag diňleri salnypdyr. Galanyň gündogar, günbatar we günorta diwarlarynda derwezeler bolupdyr.

Bu gala Abdyllahangalanyň günbatar diwaryna sapylyp, üň ganat görnüşinde salnypdyr. Onuň salnan wagty barada alymlaryň arasynda kesgitli bir pikir ýok. Galanyň ady Merwe az wagtlyk hökümdarlyk eden (1782-1785 ýý.) gajar hökümdary Baýramaly hanyň ady bilen baglanyşdyrylýar.




#Article 197: Gadymy Merwiň galalary (617 words)


Kadymy Merwin Kalalary

Erkgala göwrümi boýunça gadymy Merw şäheriniň ulgamyna girýän galalaryň iň kiçisi bolsa-da, ýaşy boýunça iň ulusy, belentligi boýunça hem iň beýigidir. Onuň tutýan meýdany bary-ýogy 20 gektara barabardyr. Häzirki wagtda ol gala däl-de, dagyň çykmasy kyn baýyrlaryna çalym edýär. Onuň saklanyp galan beýikligi ortaça 25-28 metre ýetýär. Geçirilen köp sanly arheologik barlaglar galanyň ahemenitler döwrüne degişli hökümdaryň köşgi bolandygyny äşgär etdi. Erkgalanyň içinde köşkden başga-da uly edara jaýy, skladlar, gorhana, nökerler üçin kazarmalar bolupdyr.

B.e. öňki III asyryň ikinji ýarymynda selewkit hökümdary Antioh Soter özüniň güýçli goşuny bilen Merwe gelende, ol bu töwerekleriň bol suwuna, mes toprakly ýerlerine göz gyzdyryp, Merwi özüne paýtagt edinmegi, ony düýpli gurlan gala bilen berkitmegi ýüregine düwüpdir. Erkgala oňa darlyk edipdir. Şonuň üçinem ol bu galanyň günortasyndaky bag-bakjalyga bürenip oturan ilatly ýeri göz öňünde tutup, şol ýerden hem takyk oýlanylan plan esasynda grekleriň gala guruş usulynda äfet galanyň gurluşygyna başladýar. Örän tiz wagtda bina edilen bu dörtgyraň galanyň diwarlary 6 metre ýetýän galyňlykda bolup, onuň her bir gapdal ganatynyň uzynlygy hem tas 1,5 kilometre ýetipdir.

Geçmişde “butparazlaryň galasy” ýa-da “kapyrgala” ady bilen tanalan bu gala biziň günlerimize GÄWÜRGALA ady bilen gelip ýetipdir. Ol 400 gektara golaý meýdany öz içine alýar. Orta asyryň Ibn al-Fakih, Idrisi, Makdisi ýaly arap dilinde ýazan awtorlarynyň işlerinden mälim bolşuna görä, Gäwürgalada iki sany erkek we aýal adamynyň şekili bilen bezelen Keýmerzuban atly gadymy öýüň we sežde edilýän uly metjit jaýynyň bolandygy mälim. Gäwürgalanyň dört tarafky diwarlarynyň dördüsinde-de derwezeler bolupdyr, galanyň içine kanal çekilipdir, galanyň içki diwaryny deň dörde bölýän goşmak şekilli uly köçeler bolupdyr, bazar meýdançasy, degirmençiler we hazarçyllar kärhanasy ýerleşipdir. Antioh Soter Gäwürgalanyň daşyna 230 kilometre golaý halkalaýyn daşky galany hem saldyrypdyr.

Onuň bina edilen wagty seljuklar neberesiniň dolandyran wagtyna gabat gelýär. Ol seljuk soltanlary Mälik şa we Alp Arslan tarapyndan XI asyryň ikinji ýarymynda-XII asyryň başynda saldyrylan bolmaly. Bu hem onuň soltanlaryň saldyran galasy-Soltangala hökmünde adykmagyna sebäp bolupdyr.

Gapdal diwarlary 1,7den 2,2 kilometre çenli uzaýan Soltangala Gäwürgalanyň duldegşir günbatarynda ýerleşýär. Bu iki galanyň arasyndan bolsa gadymy döwürlwrden tä mongol goşunlary tarafyndan weýran edilýänçä uly ykdysady ähmiýetli kanal bolan al-Ruzeýk (al-Razik) ýaby akypdyr. Soltangalanyň boýy 8-9 metre ýetýär, diwarlarynyň düýbi esasan 4,5 metre ýetýän galyňlykda pagsadan tutulypdyr. Iki metre çenli çürelip gidýän ýokarky gatlaklarynda bolsa 31×31×7 sm we 27×27×5 sm ölçegdäki çig kerpiçler ulanylypdyr.
Gäwürgala bilen deňeşdirilende Soltangalanyň diwarlary has gowy saklanypdyr.

Şähriýar gala gadymy Mary şäher galalarynyň içinde iň kiçisidir. Bary-ýogy 20 gektara golaý meýdany tutýan bu galanyň diwarlarynyň salnyşynda belli bir forma eýerilmändir. Gala tutuşlygyn ýoýulan kwadrata çalym edýär. Ol esasan 27×27×6 sm ölçegdäki çig kerpiçlerden pagsa bilen aralaşdyrylyp salnypdyr. Häzirki wagtda gala diwarlarynyň saklanyp galan galyňlygy 2,8-3 metre, beýikligi hem 8-10 metre ýetýär.

Galanyň içiniň demirgazyk hem-de deirgazyk-günbatar böleklerinde kazarmalaryň, athanalaryň galyndylaryny, ortada we günorta-gündogarda hem edaradyr ýaşaýyş jaýlarynyň harabalaryny görmek bolýar. Olardan ilkinji bolup göze ilýäni köşk jaýydyr. Köşgüň içinde bary-ýogy ýekeje süýnmek zal bolup, ol öz wagtynda seljuk soltanlarynyň diwany-kabulhanasy bolup hyzmat edipdir.

Ýerli halkyň dilinde şeýle atlar bilen tanalýan bu galalaryň ilkinjisi Soltan galanyň demirgazygynda, ikinjisi hem onuň günortasynda ýerleşýär. Ýerleşiş aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, taryhçy alymlar olara pikirleriçe “Demirgazyk aýlaw” hem-de “Günorta aýlaw” diýip at beripdirler. Döwri boýunça aýlawlaryň ikisi-de Solatangaladan soň salnan bolmaly. Isgender galanyň 200 gektara golaý giň meýdany öz wagtynda Merw şäheriniň örän gür oturan ilatly ýeri bolupdyr. Eger-de kiçi Soltan galanyň gündogar bölegindäki Bureýda bilen Gifariniň guburlarynyň başujynda , Teýmirleň döwründe salnan goşa binany hasp etmeseň, bu galanyň içinde gadymýetiň ýerden saýlanyp duran ýekeje diwaryna-da gözüň düşmeýär.

Araplar döwrüne degişli ýadygärlikleriň biridir. Käbir alymlar ony Abu Muslimiň harby lageriniň galyndylary hasaplaýarlar. Şaýym gala Gäwürgalanyň 1,5 km. günorat-gündogarynda ýerleşýär. Onuň 1,28 kw.km. meýdany bolup, gala diwarlary pagsadan hem-de25×25, 5×5, 24-25×25 ölçegdäki çig kerpiçler, aram-aram hem 26,5 ×?×5 sm. ölçegde bolan kerpiçler ulanylyp salypdyr.




#Article 198: Merw (745 words)


Bu makala Gadymy Merw ady bilen tanalýan, Baýramaly şaheriniň golaýyndaky Gadymy Merwiň şäherlerine degişli. Marguş we Goňur Depe, Ajyguýy, Kelleli we Murgab oazisiniň çäginde ýerleşýän beýleki köpsanly ýädygärlikler üçin olaryň degişli sahypalaryna serediň.

Merwiň şäherleri soňky 2500 ýylyň dowamyna uzalyp gidýär we Merkezi Aziýanyň Ýüpek Ýollarynyň ugrunda iň çylşyrymly we gowy saklanyp galan şäher merkezleriniň birini emele getirýär. Uly şäherleriň yzygiderligi müňlerçe administratorlara, syýasatçylara, esgerlere, alymlara, söwdegärlere we maşgalalara öý bolup hyzmat edipdir. Käwagtlar Merw uly imperiýalaryň paýtagty, käwagtlar söwda, harby we administratiw merkez  bolupdyr. Wagtyň geçmegi bilen, gury ýer ýollaryndan aýlanyp geçýän deňiz sowdasynyň ähmiýetiniň artmagy bilen bu ýeriň wajyplygy kemelipdir. Soňra Çingiz hanyň goşunlary tarapyndan talanylmagy bolsa Merwiň ähmiýetiniň düýpli kemlemegine getiripdir. Şu beýik şäherlerden, ägirt şäher diwarlary we wajyp dini hem-de dünýewi gurluşyklaryň birnäçesi, bu ýer üçin häsiýetli bolan çig-kerpiç jaýlarynyň görnükli köpdürliligi saklanyp galýar. Häzir giňişlikde taşlanyp gidilen ýer bolup görünýän landşaftyň üstki gatlagynyň aşagynda dünýäniň beýik arheologiki ýerleriniň birisi ýatyr.

Biziň eramyzdan öňki VI asyrda Ahamenidler Imperiýasy uzak aralyklar bilen söwdanyň ösmegine ýardam edipdir. Häzir Erk Gala diýlip atlandyrylýan, güllap ösen administratiw we söwda merkezi Murgabyň deltasynda döräpdir. B.E.Ö IV asyryň soňlarynda, Aleksandr Makedonskiniň özüniň Oksusa (Amyderýa) we Hindistana tarap ýoly boýunça geçip gitmegi bilen, bu ýerler ellinistik (Grek) dünýäsine goşulupdyr. Onuň Imperiýasynyň gündogar ýerleri tizden Selewkid Imperiýasynyň bölegine öwülipdir, hem-de Antiokas I dolandyran döwründe (b.e.ö.281-261) Erk Gala ägirt, täze diwarlanan şäheriň, Antiokiya Margiananyň (häzir Gäwür Gala dýlip atlandyrylýar) sitadeline öwrülipdir. Beýik Gäwür Gala şäheri imperiýalaryň we söwdanyň göterilmegi we peselmegi bilen birlikde geljek 1000 ýylyň dowamynda ösmegini dowam edipdir. Parfiýalylar (takmynan b.e.ö. 250 ýyldan başlap), we soňra Sasanidler (b.e. 226 ýylyndan başlap), Merwi wajyp administratiw, harby we söwda merkezi hökmünde ösdüripdirler. 740-njy ýyllarda, goşunbaşy Abu Muslim Gäwür Galanyň diwaryndan bir kilometr günbatarda akýan Majan kanalyň boýunda metjit gurmagy buýrupdyr. XI asyrda, Abu Muslimiň metjidi gülläp ösýän şäher Marw al-Şahijan-yň (Beýik Merw: häzirki Soltan Gala) merkezinde galypdyr. Soltan Gala giňelmegini we ösmegini Seljuk döwrüniň dowamynda (XI – irki XIII asyrlar) dowam edipdir; bu döwürde Merw dünýäde iň uly şäherleriň biri bolupdyr. XII asyrda, köşk kompleksini, administratiw gurluşyklary we ýokary hilli ýaşaýyş jaýlaryny öz içinde saklaýan diwarlanan sitadel (Şähriýar Ark) şäheriň demirgazyk-gündogar burçunda gurlupdyr. 

Merwi we onuň daş-töweregini öz içine alýan Murgap oazisi Türkmenistanda iň irki ilatlaşan ýerleriň birisi. Bu ýerdäki Bürünç asyrynyň ýaşaýyş ýerleri Merkezi Aziýadaky siwilizasiýanyň iň irki subutnamalarynyň hatarynda. Ondan soňky döwürlerde, Merw ägirt imperiýanyň paýtagty bolup hyzmat edýär we Seljuklar döwründe dünýädäki iň uly şäherleriň hataryna göşulýar. Baýramaly şaheriniň ýakynynda ýerleşýän, Gadymy Merw ady bilen tanalýan arheologiki ýadygärlikler 2500 ýyla golaý döwre uzalyp gidýän has kämil şäherleriň subutnamalaryny görkezýär. Şeýle hem Merw uzak Gündogardan Ýewropa we Afrika çenli dünýäniň ýarsyny kesip geçen gadymy Ýüpek ýollarynyň esasy ugurlarynyň biriniň ugrunda wajyp çatryk bolandygy sebäpli wajypdyr. Arheologiki taýdan Merw dünýäniň iň uly we iň gymmatly ýadygärlikleriniň birisi hasaplanýar.

Merwde dik saklanyp galan ýadygärlikleri gorap saklamak esasy aladalaryň biridir. Gurluşyklaryň köpüsi Merkezi Aziýada iki müň ýyldan gowrak esasy gurluşyk materialy bolan toprakdan gurlupdyr. Şu günki günde bar bolan gurluşyklar harabalar hökmünde saklanyp galypdyr:  olar özlerini bir wagtlar goran üçeklerinden jyda düşüpdirler, hem-de olar gün, ýagyş, ýel we gar, olaryň içinde hin gazynýan we höwürtgeleýän guşlar, süýrenijiler we haýwanlar, we kähalatlarda görmäge gelýän adamlar tarapyndan zaýalanylýar. Ýumrulyş prosesi birnäçe asyryň dowamynda kem-kemden dowam edipdir, emma ýerasty suwlaryň şoňky döwürde has tiz ýokary galmasy bu problemanyň tizleşmegine getirýär. Gadymy Merw Goraghanasy, özüniň uzak wagtlaýyn partnýorlary bolan Britaniýadan Gadymy Merw Proýekti we Fransiýadan CRATer-EAG bilen arkadaşlykda, pagsa gurluşyk tehnologiýasy boýunça barlaglar geçirýär we öňden gelýän materiallary ulanmak bilen konserwasiýa usullaryny tejribede barlap görýär. Taryhy Goraghana iň ejiz gurluşlary goldamak üçin arassalamak, ýazgy etmek we maksatlaýyn bejermek programmasyna başlady, hem-de bu ugurdan uly işleri amala aşyrmagy planlaşdyrýar.

Gadymy Merw Proýekti ilki bilen ‘Halkara Merw Proýekti’ ady bilen belli bolup, Türkmenistan garaşsyz ýurt hökmünde yglan edilen wagty Merwde işläp başlaýar. Proýekte London Uniwersitet Kollejiniň professory Jorjina Herman (Georgina Herrmann) ýolbaşçylyk edýär we dürli ýurtlardan alymlaryň köpüsi proýektiň agzasy hökmünde Merwe gelip barlag işlerini geçirýärl. 2001-nji ýylda, London Uniwersitet Kollejiniň Arheologiýa Institutynyň uly mugallymy Tim Wilýams (Tim Williams) proýekte ýolbaşçy hökmünde bellenilýär. Proýekt ‘Gadymy Merw Proýekti’ adyny kabul edýär we Tim Wilýams ylmy barlaglaryň ugruny düýpli üýtgedýär. Diňe bir arheologiki gazuw-agtaryşlar bilen çäklenmän, proýekt indi konserwasiýa, ýazgy etmek, bilim beriş we ýerli işgärleriň başarnyklaryny artdyrmak boýunça işleri hem amala aşyrýar. Dünýäde arheologiýa ylmy boýunça iň uly we öňde baryjy ylmy-barlag we okuw merkezi hökmünde London Uniwersitet Kollejiniň Arheologiýa Instituty täze tehnologiýalaryň arheologiýa we gorap saklamak üçin ulanylmagyny goldaýar, hem-de bu soňky ýyllarda Merwde 3-D lazer skaneri




#Article 199: Soltan Sanjar mowzeleýi (463 words)


XII asyryň ortalarynda Muhammet ibn Atsyz as-Sarahsy tarapyndan gurulypdyr. Sungaty öwreniji G.A. Pugaçenkowa bu ýadygärlik hakynda: “Eger-de Mary özi hakynda gürrüň berýän taryhy maglumatlar we şäherler bilen bilelikde ýitip giden hem bolsa diňe şu ýadygärligiň özi hem onuň öňki şöhratyna şaýatlyk etmäge ýeterlik bolardy” diýip ýazypdyr.

Soltan Sanjaryň türbesiniň planynda inedördül taraplary 27 metr we jaýyň ölçegi 17x17 mert bolan dört sany arkaly tagçanyň hasabyna diwaryň galyňlygyna tarap giňeldilen ýalňyz inedördül otagy bar. Ol arkaly paruslar ulgamynda beýik gümmez bilen örtülipdir, ol arkaly paruslar dört ýarysly stalaktit paruslaryň onalty gyraňlygynyň kömegi bilen gümmeziň daýanç aýlawyny döredýär. Onuň içerki ýüzünde gümmeziň ýüzini owadan böleklere bölüp, ägirt uly ýyldyzyň suratyny emele getirýän kerpiçden edilen bezeg gapyrgalar görünýär.

Mawzoleý, esasan taraplary 24-25 sm, galyňlygy 5 sm bolan inedördül oňat kerpiç bilen örülipdir. Mawzoleýiň diwarynyň 5 metr galyňlykda bolmagy onuň şunça wagtlap oňat saklanmagyny kepillendiripdir. Mawzoleýiň döredýän uly basyş güýji, kuwwatly diwarlaryň berkligi arkaly ýeňil göterilipdir. Bir wagtlar mawzoleýe, gündogar tarapdan gurylan metjit birikýär eken. Sokol bölegi 1937-nji ýylda gazylyp açylypdyr.

Soltan Sanjaryň mawzoleýini, orta asyr awtorlarynyň biri Reşiteddin (XIV asyr) “dünýäde iň uly jaý” diýip atlandyran bolsa, Isfizary (XV asyr) ýadygärlige “munuň özi älem-jahanda iň uly gurluşyklaryň biridir we ol zaýalanmak özüne galtaşyp bilmejek derejede mäkämdir” diýip baha beripdir.

Türkmenistanyň arhitekturasynda, Soltan Sanjaryň mawzoleýi deňsiz-taýsyz wakadyr. Sungaty öwreniji G.A. Pugaçenkowa bu barada şeýle ýazýar: “onuň arhitektura formalary, onuň konstruktiw tärleri, onuň bezelişi... XI -XII asyrlaryň günorta Türkmenistan arhitekturasynyň ewolýusiýasynyň bütin barşy bilen öňünden kesgitlenipdir. Bu ýadygärlikde, Sarahstdan arhitektor Muhammet ibn Atsyzyň we onuň bilen hyzmatdaşlyk eden ussalaryň toparynyň amala aşyran orta asyr halk gurluşyk genisiniň beýik gazananlary sintizirlenýär”. Alym özüniň “Gadymy Merw” diýen kitabynda Soltan Sanjaryň mawzoleýiniň ähmiýeti hakda öz pikirlerini şeýle beýan edipdir: ”Eger-de gadymy Merwdan hiç bir zat saklanylyp galman, hat-da onuň ozalky şöhraty hakynda şaýatlyk edýän taryhy maglumatlar we ägirt uly şäher harabalary hem saklanylyp galman, diňe Soltan Sanjar mawzoleýiniň ýalňyz özi saklanylyp galynsada hem, munuň özi gadymy Merwin nähili uly şäher bolandygyny göz öňüne getirmäge mümkinçilik bererdi”.

Soltan Sanjaryň mawzoleýiniň salynmagy barada halk arasynda saklanyp galan birnäçe rowaýatlar bolup, olaryň birinde şeýle diýilýär: “Sanjar asman perisi bilen söýşüpdir. Peri oňa özi bilen durmuş gurjak bolsa üç şertiniñ bitirilmelidigini aydypdyr. Olaryň biri periniň saçyny daraýşyna seretmeli däl, ikinjisi ylgan wagty onuň söbügine seretmeli däl, üçünjisi hem perini bilinden gujaklamaly däl eken. Bilesigeliji soltan şertleri birbada kabul etse-de, soňra olaryň üçüsini hem bozupdyr. Ol, periniň saçyny daranda kellesini eline alyp daraýandygyny, ylganda söbüginiň ýere degmeýändigini synlapdyr, gujaklanda hem biliniň süňksüzdigini bilipdir. Şertleriň bozulanyna dergazap bolan perizat ak guşa öwrülip, asmana galypdyr. Soltan Sanjar gözüni ýaşlap, onuň yzyndan:”Men seni görüp durmasam ölerin” diýip gygyrypdyr. Perizat asmanda pel-pelläp durşuna:”-Meni görjek bolsaň beýik hem owadan ymarat saldyr. Men her anna güni şol ymaratyň depesindäki deşikden saňa gararyn” diýipdir-de uçup gidipdir. Şondan soňra Soltan Sanjar şu mawzoleýi saldyranmyşyn...”.




#Article 200: Çagry beg (1369 words)


Hökümdarlygy: Seljukly hökümdarlygy.

Doguldy: 989-nji ýyl Horasan (häzirki Günorta Türkmenistan).

Öldi: 16. 07. 1060-njy ýyl. Sarahs.

Hüküm sürdi: 1040-1060 ý.ý.

Soňra ýerine geçen: Alp Arslan

Kakasy: Seljuk ogly Mikaýyl.

Lakamlary: Ebu Süleýman

Dini lakam): Dawud.

Öz ady: Çagry beg

Çagalary: 1.Alp Arslan,

Dini: Yslam, Sünni
Çagry begiň hakyky ady Ebu Süleýman Dawut Çagry beg bin Mikaýyl (989-1060) bolup, ol Oguzlaryň Kynyk taýpasyndan bolan Seljukly hökümdary Seljuk begiň agtygy, Mikaýylyň hem oglydyr. Ol Togrul begiň agasydyr. Şeýle hem Alp Arslanyň hem kakasydyr.

Çagry adynyň manysy:

Çagry ady şol wagtlar çekdirilip ulanylan Türki sözünde Dogan ýa-da Bozdogan (Ak dogan) manysyny beripdir[1][2] Mahmyt Kaşgarynyň Diwanylugatitturk atly eserinde «Çagry» diýmek. Dogan guş, Çakyr guş manysyny aňladýandygy ýazylypdyr[3]. Çagry beg we dogany Togrul beg Oguz taýpalarynyň Horasan we Horezm döwletlerine ýaýylan-ýaýran ýelerinde dogulypdyrlar. Çagry beg we Seljuk türkmenleri beýleki Türkmen taýpalary arasynda kynçylyk çeken soňlar Mawerannahrdan Horasana göçüp bardylar. Horasana häzirki wagtda günorta Türkmenistan bilen Demirgazyk Eýran we demirgazyk Owganystan giripdir. Horasan ol wagtlar Gaznalylar döwletiniň bir bölegidi. Togrul beg bilen birlikde Kynyklara we Seljuk maşgalasyna ýolbaşçylyk etdiler. 1035-nji ýylda Gaznaly hökümdary Mesut I bilen bolan söweşlerde üstünlik gazanýarlar. Gaznalylar söweşde ýeňilýär. Bir şertnama gazanylmagy pursat tapan Mesut bu saparda Çagry begi ýeňdi we Türkileriň gadymy hökümdary Afrasiýabyň gurdurandygy rowaýat edilen Merw şäherini Çagry beg 1037-nji ýylda zabt edip, içgi gala çozup girdi we atynyň eýerini ýerde goýup «Tagt» hökmünde üstünde oturdy[4]. Bular hakynda giňişleýin taryhy ýazan Ibn Esir şeýle diýýär:

Bularyň taýpa-topary olaryň diýenini edipdir. Ýagşyny ündän ýerinde bitiripdirler, ýamany gadagan edende saklanypdyrlar. Olar Buharanyň ýigrimi parsahlyk golaýynda mesgen tutdular. Emma Buharanyň emiri bulardan gorkusyna olara gün bermedi, olary heläkläp, ýok etmek isledi. Bular Türküstanyň patyşasy Bugra handan pena sorap, şonuň ýurduna göçdüler we şol ýerlerde ornaşdylar. Togrul beg bilen Çagry begiň ikisiniň gelen kararyna görä Bugra hanyň ýanyna hiç haçan bile barmaly däldiler. Eger biri Bugra hanyň ýanyna gitse, beýlekisi hökman ilbaşynda oturmalydy. Sebäbi olar Bugra hanyň mekirligi, bu ikisini bir ýere jemläp, tutduryp, tussag etdirip, ili başsyz goýmagyň mümkindiginden çekinýärdiler. Bugra han bu ikisini öz huzurynda bile görmek üçin her näçe jan etse-de, olar muny kabul etmediler. Şonda Bugra han gahar edip, Togrul begi tutdurdy we ÿesir etdi. Çagry beg öz taýpasyny we yzyna eýerýänleri jemläp gozgalaň turuzdy, agasyny halas etmek üçin Bugra hanyň üstüne gaýtdy. Bugra han hem munuň üstüne öz esgerlerini sürdi. Iki tarap hem ýowuz döwüşdiler. Soňra Bugra hanyň esgerleri ýeňlip, gaçyp başlady. Olardan örän köp adamyň jany ahyrýete iberildi.Çagry beg agasyny ýesirlikden halas etdi we bu ýerleri taşlap, ýene-de Buharanyň golaýyndaky Jent sebitlerine tarap göçüp bardylar we şol ýerde hem ornaşdy. Samanly döwleti dargap, Ilek han Buharany eýeläninden soňra Çagry beg bilen Togrul beg iň agasy Arslan ibn Seljugyň Mawerannahrdaky täsiri has güýçlendi. Bu wagtlar Arslan hanyň tussaglygynda ýatan Alytegin gaçmagy başardy. Ol özüni Buhara atdy we bu ýerleri eýeledi. Arslan han Ilek hanyň süýtdeş doganydyr. Alytegin Arslan ibn Seljuk bilen ylalaşdy we bilelikde goranmaga başlady. Bularyň işi indi ilek han üçin has-da çylşyrymlydy. Arslan hanyň dogany Ilek han ýüregini bire baglap, olaryň üstüne çozuş etdi. Emma ýeňlişe sezewar boldy. Ol ikisi bolsa Buharada galdy. Alytegin Ýemineddöwläniň ýurdunda goňşuçylykda oturan ýerinden oňa köp ters işleri ederdi. Onuň Türk patyşalaryna yzygiderli gatnap duran ilçileriniň ýoluny beklärdi. Öň ýatlap geçişmiz ýaly, Mahmyt Amyderýadan geçende, Alytegin Buharany taşlap, gaçyp gitdi. Arslan ibn Seljuk bolsa öz jemagatyny ýanyna alyp, Mahmytdan goranmak üçin şol ýerdäki sähralyga özüni atdy. Seljuklaryň güýç-kuwwatyny olaryň edermenligini, gaýduwsyzlygyny we adam sanynyň köplügini görende, Ýemineddöwläniň ýüregine ömründe bolmadyk gorky ornaşdy. Ol Arslan ibn Seljuga hat ýazyp, ony öz tarapyna çekmäge synanyşdy, onuň ýüreginde bu pikire bolan höwes döredi. Arslan ibn Seljuk onuň ýanyna gelen dessine Ýemineddöwle ony tutdurdy we salymyny bermän, galadaky zyndana atdyrdy. Olaryň öýlerini talady. Ýemineddöwle onuň maşgalasyny we taýpasyny näme etmelidigi hakda maslahat soranda, Mahmydyň iň ýakyn adamlarynyň biri Arslan Jazyp ýaý atyp bilmezlikleri üçin olaryň başam barmaklaryny çapmaklygy ýa-da hemmesini Amyderýa gark etmekligi maslahat berýär. Ýemineddöwle oňa: «Seniň ýaly doňýüregi görmändim» diýýär. Soňra olary Amyderýadan geçirip goýberýär. Horasan sebitlerine dagan bu adamlara salgyt salnypdyr. Patyşanyň wekilleri salgyt ýygnanda, olara sütem edipdir. Soňabaka bularyň elleri olaryň ähli mal-mülküne we gyzyna-ogluna uzap başlady. Bu ýagdaýa çydam etmedik iki müň adam olardan bölünip Kermana, bu ýerden hem.geçip, Yspyhana gitdiler. Soňra bu seljuklylar bilen Yspyhanyň häkimi Alaeddöwle ibn Käkeweýhiň arasynda öň ýatlap geçen dartgynly söweşimiz bolup geçdi. Soňra olar Yspyhany hem taşlap, Genjä gitdiler. Ine, bular Arslan hanyň adamlarydyr. Emma onuň doganynyň perzentleri hakynda aýtsak, Buharanyň häkimi Alytegin olary ele geçirmek üçin hile-pirim oýlady. Ol Togrul beg Muhammediň we Çagry beg Dawudyň agalarynyň ogly Ýusup ibn Musa ibn Seljugyň ýanyna çapar iberip, bol haýyr-yhsanlary wada berdi. Göwnüniň küýsändigi üçin öz huzuryna gelmegini haýyş etdi. Ýusup onuň ýanyna geleninde Alytegin ony öz welaýatyndaky ähli türkmenleriň serkerdesi diýip yglan etdi. Örän köp mülk ýerlerini sowgat berdi we oňa Emir Ynanç Beýgu diýen lakam dakdy. Bularyň arasyndaky çaparyň bitirmeli işi agalarynyň ogly Togrul beg bilen Dawudy ýeňmek üçin Ýusubyň adamlaryna we taýpa-toparyna kömek etdi. Munuň gizlin maksadyny bilensoň, Ýusup özünden islenilen zatlaryň hiç birine hem boýun bolmady. Alytegin özüniň Ýusup hakyndaky mekirliginiň ýol almandygyny, maksadyna ýetmändigini bilende, ony öldürmekde buýruk berdi. Şeýdip Ýusup öldürildi. Onuň ölüm jezasyny Alyteginiň emirleriniň biri Alp Gara ýerine ýetirdi. Munuň öldürilmegi Togrul bege, inisi Çagry bege we olaryň taýpasyna agyr degdi. Olar matam lybasyny geýdiler. Ar almak üçin jemläbilen türkmenlerini bir ýere jemlediler. Alytegin hem goşun jemläp, bularyň üstüne ugrady. Bu söweşde Alyteginiň esgerleri masgaraçylykly ýeňlişe sezewar boldular. Dört ýüz ýigrimi birinji hijri ýylynda Togrul beg bilen Çagry beg agalarynyň ogly Ýusuby öldüren Alp Garanyň üstüne hüküm edip, ony öldürdiler. Alyteginiň esgerlerinden bir uly topar bilen duşuşup, söweşe girdiler. Olardan müň töweregi adamy öldürdiler. Muňa gany gaýnap joşan Alytegin esgerlerini, ogullaryny we ýarag göteribilen ýaranlarynyň ählisini jemläp, seljuklaryň üstüne çar tarapyndan hüjüme geçdiler. Örän dartgynly geçen bu söweşde seljuk esgerlerinden köp adam öldürildi. Olaryň baýlyklary we ogul-gyzlary ýesir-olja alyndy. Aýallary we ýaş bala-çagalary ýesir edip sürdüler. Mundan soň olara Horasana aşmak zerurlygy ýüze çykdy. Olar Amyderýadan geçenlerinde, Horezmşa Harun ibn Altyndaş ylalaşykda we agzybirlikde bir il bolup ýaşamak üçin olary ýanyna çagyrdy. Togrul beg we onuň iki dogany Çagry bilen Beýgu onuň ýanyna gitdiler. 426-njy hijri ýylynda olar Horezmiň eteginde çadyr dikdiler. Horezmşanyň çakylygyna ýürekden ynandylar we özlerini örän arkaýyn duýdular. Emma Horezmşa ähtiýalanlyk bilen hereket etdi we Emir Şamäligi olaryň üstüne öjükdirdi. Harunyň hem birnäçe esgerini ýanyna alyp, Şamälik öz goşuny bilen duýdansyzlykda seljuklaryň üstüne döküldi. Olaryň köpüsini öldürdi, ýesir aldy, talap tozdurdy. Bu hyýanatçylygyň üsti bilen olar örän erbet ýagdaýa düşdüler we ählisi jem bolup, Horezmi taşlap, Nusaý sähralygyna tarap gitdiler. Olar şu ýylyň içinde Merwe hüjüm etdiler. Ýöne hiç kime zulum-sütem, jebir görkezilmedi. Olaryň ogul-gyzlary,ýaş çagalary bolsa entegem ýesirlikdedi. Öň ýatlap geçişimiz ýaly, bu wagtlar patyşa Mesut ibn Mahmyt ibn Söbüktegin Tabarystandady we ol ýerleri basyp alypdy. Seljuklar oňa hat iberdiler we aman soradylar. Özleriniň diňe ýurt içinde bozgakçylyk edýänleriň üstüne hüjüm edýändiklerini, adamlary olaryň zulum-süteminden goraýandyklaryny, diňe şolar bilen söweşýändiklerini, eger aman berip, öz ýanyna kabul etse, islendik adamyň garşysyna, islendik söweşde onuň iň uly ýardamçysy boljakdyklaryna kepil geçdiler. Emma Mesut ilçileri tutdurdy we öz hajyby Ildoganyň (Begdogdy) hemde beýleki ekabyr baştutanlygynda san-sajaksyz goşun jemläp, olaryň üstüne ugrady. Olar şu ýylyň meret aýynda Nusaýda duşuşdylar we söweşe girdiler»[5]. 1040-njy ýylda Daňdanakan söweşi başlady. Çagry begiň baştutanlygyndaky Seljuklylar Gaznalylaryň üstünden gutarnykly ýeňiş gazandylar. Çagry beg hökümdarlygy ikä bölüp dogany bilen paýlaşdy we hökümdarlygyň günbatar topraklaryny agasy Togrul beg, gündogar topraklary bolsa özi dolandyrdy. Çagry beg dogany Togrul beg bilen ýakyndan gatnaşypdyrlar. Çagry beg Togrul begiň öwlatsyz galmagyny islemändir we oňa öz ogly Alp Arslany ogulluk edip beripdir. Togrul beg 1056-njy ýylda Bagdatda höküm süren Şyga Büweýhogullary döwletini sybdyrýar. Büweýhogullarynyň süteminden dynan sünni halyflar Seljuklylary gowy garşylaýarlar. Halyf Kaim Togrul bege Ruknuddawla (Ýurduň goragy we ş.m.) ýaly lakamlary dakypdyr. Togrul beg Abbasy halyfy El-Kaimyň gyzy Seýýide Fatima el-Betula öýlenipdir. Araplar bilen Seljuklylaryň arasyndaky garyndaşlyk berkäpdir. Soňra Halyf El-Kaim Çagry begiň gyzy Hatyja Arslan hatyna öýlenipdir. Taryhy çeşmelerde Çagry beg hakynda köp maglumat berilmändir.

[1] Clauson, p. 410.

[2] Çagry 1. Kimdir birini çagyrmak, 2. Dogan, Çakyr guş. 3. Rutbe, lakam. TDK adam atlarynyň sözlügi (türkçe).

[3] Atalaý. B. (2006). Diwanylugatitturk. Ankara: Türk taryhynyň gurluşy çaphana.ISBN 975-16-0405-2, jilt II. sah-343 we jilt III sah-332.

[4] Tabakat al-Naşiri. sah-127. Čaghrī Beg Dāwūd Encyclopaedia Iranica (iňlisçe)

[5] Ibn el-Esir. Kämil taryh. Miras çaphanasy. 2005. I jilt. sah-189-90.




#Article 201: Togrul beg (601 words)


Hüküm sürdi 1037-1063

Ýurdy: Seljukly Hökümdarlygy

Özünden soň: Alp Arslan

Aýallary: Altynjan hatyn, Seýýide Fatima

Lakamy: Rukneddin. Ebu Talyp.
Dini ady: Muhammet.
Öz ady: Togrul beg.

Doguldy: 990-njy ýyl. Horasan

Öldi: 04. 09. 1063.

Dini: Yslam, Sünni

Togrul beg ýa-da Togrül, Tugril, Togrïl beg görnüşinde dürli dillerde ýazylýar. Doly ady: Rukneddin Ebu Talyp Muhammed Togrul beg bin Mikaýyl. (Arapça: طغرل بك; Parsça: طغرل بیک)

Toğrul Beg (990 – 4 sentýabr 1063) Seljuk dinastiýasynyň ikinji, Beýik Seljuk Imperiýasynyň bolsa ilkinji resmi hökümdarydyr. Togrul beg Uly Ýewraziýa Sähralarynda ýaşaýan Türkmen taýpalaryny bir ýere jemläp, olary gündogar Eýrany eýelemeklige gönükdiripdir. Ol soňra tutuş Eýrany we 1055-de Abbasylaryň paýtagty bolan Bagdady basyp alyp, Beýik Seljuk Imperiýasyny döretdi. Ýigrimi üç ýyllap (1040-1063) Beýik Seljuk Imperiýasyna hökümdarlyk etdi.
Oguz türkmenleriniň Kynyk boýundan bolan Seljuk begiň agtygydyr. Kakasy - Mikaýyl.

Beýik Seljukly hökümdarlygynyň gurujusy we ilkinji soltanydyr. Togrul beg Oguzlaryň Kynyk taýpasyndan bolan Seljuk begiň agtygydyr. Kakasy[Mikaýyl gazy söweşde wepat bolanda, atasy Seljuk begiň terbiýesini aldy. Çagalygy Jent şäherinde geçdi. Gaznalylaryň, Seljuk begiň ogly Arslan beýguny ýesir almagyndan soňra 1025-nji ýylda Seljuklylaryň başyna geçdi. Altynjan hatyn a öýlendi. Seljuklylara täze ýurt gözleýän Togrul begiň serkerdeligindäki Türkmenler Horasana göç etdiler. 1028-1029-njy ýyllar aralygynda jigsi Çagry beg bilen birlikde Merw we Nişapur şäherlerini ele saldy. Buhara we Balh şäherlerine hem ýörüşe ugrady. 1038-nji ýylda Nyşapurda özüni soltan diýip yglan etdi. 1040-njy ýylda Gaznalylar bilen bolan Daňdanakan söweşinde ýeňiş gazandy. Togrul beg Eýranyň uly bölegini eýeläp Seljukly serhetlerini Anadola çenli uzandyrdy. 1055-nji ýylda Bagdat merkezli Abbasy halyfy bolan Kaim Bagdady syga mezhepli Büweýhogullaryndan tämizlemek üçin Bagdatly meşhur alym, fakyh we kazy Mawardiny Togrul begiň ýanyna ugratdy. Mawardiny Halyfyň salamyny Togrul bege ýetirip, halyfyň hem şäheri halas etmek üçin kömek soraýandygyny aýtdy. Togrul beg Abbasy halyflygyny Şygalardan.halas etmek üçin 1055-nji ýylda Bagdada ýörüşe geçdi. Büweýhogullary bilen söweşdi we olary agyr ýeňlişe sezewar eýledi. Yrakdan soň Büweýhogullary hökümdary bolan El-Melikurrahimi ýesir alan Togrul beg bu döwleti gutarnykly syndyrdy. Togrul beg Bagdada girip Abbasy halyflygynyň goraýjylygyny öz üstüne aldy. Soňra Togrul begiň ejebaşga jigsi Ybraýym Ýynal Togrul bege garşy çykdy we birnäçe Türkmenler hem oňa goşuldy. Togrul beg gozgalaňçy ejebaşga jigsi Ybraýym Ýynal we Büweýhogullary goşunlary bilen kynlyk bilen söweşdi. 1058-nji ýyldyň dekabr aýynda 400 suwary bedewi Banu Hilalyň ýolbaşçylygyndaky obalylar bilen 1055-nji ýylda Bagdatdan sürgün edilen Basasyry bilen jemlenişip Bagdady zabt etdiler. Şäherde metjitlerde Kahirdäki Şyga Fatimiler halyfy Müstensiriň adyna hutba okatdylar. 1060-njy ýylda Togrul beg Ybraýym Ýynalyň gozgalaňyny basyp ýatyrdy we Fatimilerden Bagdady gaýdyp aldy. Olary 2-nji sapar Bagdatdan kowdy. Togrul beg Abbasy halyfy Kaimiň Bagdada dolanyp gelmegini habar berdi. Togrul beg halyfanyň gyzy Seýýidi Fatima el-Betula öÿlendi. Halyf Kaim Togrul bege Soltan Ruknuddewle (Diniň diregi) we Malikul-meşrik we magrib (Gündogaryň we günbataryň soltany) lakamlaryny berip ony soltan diýip yglan etdi[1]. Togrul begiň ilkinji hatyny 1060-njy ýylda Jürjanda wepat boldy. Aýalynyň ölümine gynan Togrul beg onuň jesedini ýurduň paýtagty Reý şäherine getirdip ol ýerde jaýlady. Togrul beg 4. 09. 1063-nji ýylda 73 ýaşynda perzentsiz halda Eýranyň Reý şäherinde wepat boldy we ýerine jigsi Çagry begiň uly ogly Alp Arslan geçdi.

Ebul Kasym Buzgany (Juweýni, Kewbany, Salary Buzgan)

Ebul feth Razy

Reisurruesa Mikaýyl (Şaheb Ebu Abdulla Huseýin bin Aly bin Mälik)

Ebu Ahmet Dihistany Amrek

Amidul mülk Ebu Nasr el-Kunduri

Dogan Awçyoglynyň Türkleriň taryhy kitabynda aýtmagyna görä professor Altan Köýmen «Togrul begiň Kürt, Arap, Eýranly, Deýlemli we ş.m. 26 sany Atabeginiň bolandygyny» aýdypdyr.

[1] Islam: An Illustrated History by Stuart Christopher Munro-Hay, G S P Freeman-Grenville, sayfa 51. ISBN 0-8264-1837-6

Bulardan başga-da şu çeşmelerden hem maglumat alyp bilersiňiz.

Ferishta, History of the Rise of Mohammedan Power in India

adr-al-Dīn osaynī, Abār al-dawla al-saljūqīya,ed. M. Eqbāl, Lahore, 1933, pp. 4–10, 13, 17-18, 22, 26-29.




#Article 202: Mary:Uly Gyzgala we Kiçi Gyzgala (228 words)


(VI-VII asyrlar)

Soltangalanyň günbatarynda, gadymy Hurmuzfarra kanalynyň sag kenarynda ýerleşip, Gyzlar köşgi hem-de Ýigitler köşgi atlar bilen tnalýan taruhy ýadygärlikler Merwiň şäher eteklerindäki VI-VII asyrlara degişli bolan seýrek binalaryň galyndylarydyr. Olara Uly Gyzgala we Kiçi Gyzgala hem diýilýär.

Rowaýata görä biri-birinden o diýen daş bolmadyk şol kölkleriň ulusynda peri sypatly gyzlar ýaşan bolsa, kiçisinde hem öýlenmedik gerçek ýigitler ýaşapdyr. Olardn kimde kim

alma zyňyp gyzlaryň köşgüne ýetirse, şol hem ol ýerden islän gyzyny saýlap, gelinlik üçin alyp bilipdir. Hut şu şert hem soňra şol döwrüň özboluşly ýaragy bolan sapanyň döremegine sebäp bolanmyş.

Gyzlar köşgi göwrümi boýunça Ýigitler köşgünden ep-esli uludyr. Onuň dörtgyraň binýadynyň daşky ölçegi 37×43 metre, beýikligi hem 15 metre barabar bolup, diwarlaryň daşýüzi dört tarapda-da özboluşly egme gasynlara salnyp örülipdir. Ýokardaky kem-kemden çürelip gidýän we hersi kuwwatly direg sütünini ýatladyp duran şol gasynlaryň umumy sany uzyn taraplarda 22-ä, kelte diwarlarda hem 18-e ýetýär. Diwarlaryň gasynlar bilen bilelikdäki galyňlygy 2 metrden geçýär. Olaryň gurluşygy üçin 34×35×8 sm. ölçegdäki çig kerpiçler ulanylypdyr.

Göwrümi boýunça Gyzlar köşgünden has kiçi bolan Ýigitler köşgüniň hem gurluşyk prinsipleri şu aýdylanlara köp babatda gabat gelýär. Onuň hersinde egme gasynlaryň 12-si bolan gapdal diwarlarynyň ölçegi dört tarapda-da 20 metre golaýlaýar. Gurluşyk üçin esasan 35×35×5,7-8 sm. ölçegdäki çig kerpiçler ulanylypdyr. Kiçi Gyzgala öň ýüzünde ýarym togalak, ýarym silindirik gofry bolan we 8-10 metre çenli belentligini saklan monumental köşkdür. Halk arasynda oňa Ýigit gala hem diýilýär.




#Article 203: Muhammet ibn Zeýdiň kümmeti (168 words)


MUHAMMET (Muhammed - محمد) ibn-ZEÝDIŇ KÜMMETI 
XI asyr)
Köp ýyllaryň dowamynda il-halkyň dilinde ymam Muhammet Hanafyýa ýa-da ymam Ja'far Sadyk diýlip tanalan bu kümmet Soltangaladan bir km. ýaly günbatarda ýerleşýär. 1959-njy ýyla çenli Muhammet Hanapyýanyň kümmeti diýlip ýalňyş düşündirilen, emma Muhammet ibn-Zeýdiň kümmeti bolan bu bina XI asyryň başynyň deňsiz-taýsyz ýadygärligidir. Inedördül kümmet (taraplary 8,5 metr) esasn çig kerpiçden gurlupdyr, emma tutuşlygyna bütin daş ýüzi bişen kerpiç bilen ýüzlenipdir. Iç ýüzüniň paruslarynyň ýaruslary we gyralaryndaky ýazgylary nagyşly bişen kerpiçden örülipdir. M.Ý. Masson tarapyndan dykgatly okalyp düşündirilen bu ýazgy ýadygärligi takyk 1112-1113-nji ýyllar bilen seneleýär he-de ony bu ýerde jaýlanan Muhammet Seýit ibn-Zeýdiň ady bilen we Mary welaýatynyň hökümdary Şerefeddin Abu Tahyryň ady bilen baglanyşdyrýar. kümmetiň özi-de Şerefeddin Abu Tahyryň buýrugy bilen 1112-nji ýylda bina edilipdir.

Soň-soňlar kümmet gümmezi bilen birlikde ençeme gezek üýtgedilip gurlupdyr we rejelenipdir. XX asyryň başynda gadymy kümmetiň gümmezi ýykylypdyr. 1937-nji ýylda A.M. Baçinskiniň we W.I. Pilýawskiniň ýolbaşçylygynda Buharadan bolan ussalar uraban we Yusup tarapyndan gümmez gaýtadan dikeldilipdir.

Bildiriş: Muhammet dälde MUHAMMED haýyş etýäris unutmaň!!!




#Article 204: Alamberdaryň kümmeti (124 words)


ALAMBERDARYŇ TÜRBESI
(XI asyr)
Atamyrat (Kerki) şäherinden 12 kilometrlikde Muitasiriň türbesi ýerleşýär. Ýerli ilat ony Alamberdaryň ýa-da Alamdar tugçynyň - “baýdak göterijiniň” mazary diýip atlandyrýar. Rowaýata görä ol halyf Alynyň harby serkerdesi bolupdyr.

Taryhy çeşmeler orta asyrlarda Zemm etrabynda 1004-1005-nji ýyllarda Samany hökümdary Abu Ybraýym Ysmaýyl Muntasiriň öldürilendigine we şu ýerde jaýlanandygyna şaýatlyk edýär.
Alamberdaryň mawzoleýi Türkmenistanda XI asyr migmarlygynyň (arhitekturasynyň) iň oňat nusgalaryndan biridir. Planynda inedördül (10,35 metr) bolan bu uly jaý arka paruslarynyň üstünden gümmez bilen örtülen otaglydyr. Inedördül (27 × 27 × 4,5 sm) bişen kerpiçden we figuraly kerpiçden nagyşalanypdyr. Örüm bilen edilen öň ýüzüniň timarlanyşy aýratyn gyzyklydyr. Çüňkleri sekiz gyraňly sütünler bilen berkidilipdir. Girelgesi çaklaňrak peştag (portal) bilen, onuň taraplary bolsa üsti arkaly nagyşly örülen tagçalar bilen haşamlanypdyr

Arslan Alaýew 




#Article 205: Astanababa aramgähi (226 words)


Astanababa aramgähi (XII-XVII asyrlar) — Ýerli ilat kä ony Astanababa mazary diýip, kä bolsa iki dogan Zeýdaly we Zuweýdalynyň hem-de olaryň aýallarynyň - Gyzlarbibi mawzoleýi diýip hem atlandyrýarlar. Bu mazar hakynda birnäçe rowaýatlar bolup, olaryň birinde şeýle diýilýär : “400 ýyl mundan ozal Balhyň hökümdary ibn Aly Nur ogly Zuweýdanyň ýerli dolandyryja äre berlen ýalňyz gyzy aradan çykypdyr. Muňa gynanan kakasy gyzy üçin mawzoleý gurmagy buýruk beripdir we Marydan hem-de Samarkantdan oňat ussalary çagyrdypdyr. Emma gurlup gutaran badyna mawzoleý ýykylypdyr. Ýene täzeden gurlan jaý şonuň ýaly bolup ýykylypdyr we üç gezek şeýle bolupdyr. Bu ýagdaýa gary gamgyn bolan Nur oglunyň düýşünde bir goja giripdir we ol mawzoleýi Mekgeden getirilen toýun bilen suwdan garyp gurmagy maslahat beripdir. Gyzyň gamgynlykdan halas bolmadyk kakasy şeýle hem edipdir. Palçygy Mekgeden getirilen gumdan edipdirler, suwy bolsa getirip bir guýa guýup goýupdyrlar we palçyk etmek üçin suwy şondan alypdyrlar. Şeýlelik bilen mawzoleý gurlupdyr we Nur ogly ölende ony hem şol mawzoleýde, gyzynyň mazary bilen goňşulykda jaýlapdyrlar”
Astanababa türbesi birnäçe bölekden ybaratdyr. Ol açyk dälizden, howlujykdan, peştagdan, ýapyk dälizden, dört pilonly zaldan, metjitden, Zeýdalynyň we Züweýdalynyň guburhanasyndan, diwanhanadan we Gyzlarbibi mawzoleýi bilen birikdirýän insiz dälizden ybarat. Ansamblyň iň gadymy bölegi metjitdir we ony XII asyr bilen senelemek bolar. Diwanhana hem metjit bilen bir wagtda gurlupdyr. Gyzlarbibi mazoleýi ansamblyň has giçki bölegidir, ol dürli ölçegdäki ähtimal ikinji gezek peýdalanylýan kerpiçlerden (XIX asyrda) bina edilipdir.




#Article 206: Daýahatyn kerwensaraýy (489 words)


DAÝAHATYN KERWENSARAÝY

Daýahatyn binagärlik ýadygärligi - Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň gülläp ösen döwründen bäri durky gowy saklanyp galan kerwensaraýlaryň biridir.

Lebap welaýatynyň demirgazygynda Türkmenabatdan 170 kilometr aralykda ýerleşýän kerwensaraý müň ýyl töweregi mundan ozal Beýik Ýüpek ýolunyň demirgazyk böleginde gurlupdyr. Onuň diwarlarynyň bezegi, arkanyň-aýlawly örümleri, güberçekleri we gümmezleri bişen kerpiçden gurlupdyr.

Eglenmez wagtdyr ýagyş-ýagmyr hatda şeýle berk kirpije-de ýaramaz täsirini ýetirýär. Kerwensaraýyň mundan beýlägem dargap gitmeginiň öňüni almak üçin Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýanyndaky Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we abatlamak boýunça milli müdirýet ABŞ-nyň ilçisiniň Medeni mirasy gorap saklamak boýunça gaznasynyň goldamagynda abatlaýyş işleriniň birinji tapgyryny amala aşyrdy. Ejiz diwarlar, ötükler we syrçaly ýerleri konserwasiýa edildi. Galereýanyň demirgazyk-gündogar tarapyndaky howlynyň öň tarapy bölekleýin abatlaşdyryldy we esasy girelgäniň dargan ýokarky böleginiň içi-daşy dikeldildi. Orta asyrlardan galan kerpiçleriň ulanyp bolanlary ulanyldy we olaryň nusgasynda täze kerpiçler taýarlanyldy. Taslamanyň başlangyç tapgyryny taryh ylymlarynyň kandidaty Muhammet Mämmedowyň ýolbaşçylgynda aşgabatly binagärler Derkar Dowletow, Ruslan Myradow, Maksatmyrat Amanow we lebaply abatlaýjy ussalar Rahmanguly Ýazhanow bilen Halykberdi Annaguluýew dagy ýerine ýetirdiler.

Kerwensaraýdan öň bu ýerde IX asyryň başynda dörtgyraň gala (arapça-rabat) gurlupdyr. Şu kysmy harby galalar Merkezi Aziýanyň alys sebitlerindäki musulman dünýäsiniň çäklerini goramaga niýetlenipdir. Şol döwürde Tahyr ibn Hüseýn Arap Halyfatynyň Horasandaky emiri eken.Galanyň ilkinji adyny irki yslamyň taryhynda belli yz galdyran şu şahsyýetiň ady bilen baglanyşdyrýarlar.

Tahyriýa rabatynyň umumy sudury biziň günlerimize çenli saklanypdyr. Seljuklar eýýamynda- XI-XII asyrlarda ol Amuldan (häzirki Türkmenabatdan) Horezme barýan ýolda gurlan kerwensaraýa öwrülipdir. Orta asyr ussalary bişen kerpiji bezeg materialy hökmünde diwarlary nepis bezemekde ulanypdyrlar, şeýle hem bu ýerde minaralaryň yzy hem saklamyp galypdyr. Ýadygärlikde geçirilen barlaglara gatnaşan belli taryhçy Galina Pugaçenkowa: „Gündogar we Günbatar ýurtlarynyň arasyndaky halkara ykdysady gatnaşyklaryň çäginiň giňemegi kerwensaraýlaryň we bazarlaryň barha köp gurulmagyna geitirpdir. Bu giň meýdanly binalar kaşaňlygy bilen haýran galdyrýar, binagärlik taýdan kämil. Daýahatyn kerwensaraýy içerki we daşarky kerpiç bezeglerine baýlygy bilen haýran edýär“-diýip belleýär.

Kerwensaraýa golaýlaşdygyňça Daýahatynyň kaşaň girelgesi we biziň günlerimize çenli saklanmadyk toýun diwarlaryň bölekleri bile gurşalyp duran beýleki binalary göze ilýär. Gadymy kerwensaraýyň 112х125 meýdany hem haýran galdyrýar.

Onuň dörtgyraň içerki howlusynyň girelgesinde simmetriki bezemen pannolaryň üçüsi belent arkany töwerekleýär. Olarda kerpiç bilen“Allahu ekbar“ diýen ýazgy hem-de Pygamberimiz Muhammet aleýhiessalamyň we dört çaryýarlar: Ebubekiriň, Omaryň, Osmanyň we Alynyň atlary ýazylypdyr.

Kerwensaraýyň girelgesi Amyderýa golaý demirgazyk tarapdan goýlupdyr. Şeýtmek bilen ussalar ony gyzgyn çägeli şemaldan gorap, ötegçiler üçin ýakymly howanyň bolmagynyň aladasyny edipdirer. Depesi gümmezli dürli ölçegdäki otaglar myhmanlaryň ygtyýarynda bolupdyr. Kaşaň bezelen myhman jaýlary-da bolupdyr, bu bolsa Daýahatynyň diňe bir täjirleriň dynç almagy üçin däl, eýsem öz mülküne seýil-seýrana çykan ýokary wezipeli emirleriň saklanan ýeri hem bolandygyna şaýatlyk edýär.

Gapylaryň bolmazlygy we gapdalky otaglara inçejik ötükleriň bolmagy kerwensaraýyň diňe tomus günleri şu maksat üçin ulanylandygyny görkezýär. Binanyň tutuş perimetrinde howa tämizleýjiler bar. Gadymy „myhmanhananyň“ eýeleri ambarlar we kömekçi jaýlaryň hem aladasyny edipdirler, ýük daşaýan haýwanlar we olaryň iými üçin ýerler kerwensaraýyň daşynda iki girelgeli giňiş ýerde ýerleşipdir. Uçardan düşürülen suratlar esasynda döredilen Daýahatynyň nusgasy bu orta asyr ýadygärliginiň her bir böleginiň oýlanşykly gurlanlygy we kämilligini görkezýär.




#Article 207: Ibn Hajyp medresesi (133 words)


( XIV asyr)

Gadymy Ürgenjiň häzirki harabaçylygynyň günbatar gyrasynda örän gyzykly bir ymaratyň galyndylary ýerleşipdir. Onuň adyny ýerli ilat ibn-Hajybyň medresesi diýip tutýar. ibn-Hajybyň gabry diýlip görkezilýän keşananyň syrçaly ýazgylarynyň XIV asyra degişlidigi şeksizdir. Bu jaýa ýagty düşýän penjire goýulmandyr diýse-de boljak. Gümmezli jaýa bir wagtky ýykylan ymaratyň deregine gurlan bolmagy mümkin. Şol keşanaly jaýyň ýanynda zyýarata gelýänler üçin 6x6 metrlik zyýarathana bina edilipdir. Wagtyň geçmegi bilen bu ýerde ýazky metjit bilen birnäçe hüjreler we howuz döräpdir. Soňra ähli gurluşyklaryň töweregini palçykdan edilen haýat aýlapdyrlar.

Ýadygärlige demirgazyk tarapda ýerleşen gapydan girilýär. Giren ýeriňde dälizden öňdäki we çepdäki üsti açyk howlujyklara, däliziň üstündäki gümmezjige gözüň düşýär. Eger dälizden dogry ýöräp içerki 8x12 metrlik howla girsek, hüjreler bilen peştaby synlap bolýar. Peştak gündogar tarapa bakyp dur. Köneürgençde täze medrese gurulýança bu ýerde oglan okadylandygy mälim.




#Article 208: Muhammet Jelaletdin Rumy (513 words)


Muhammet Jelaleddin Rumy (1207-1273) - Yslam dünýäsinde at gazanan şahyr we ylahyýatçy.

Şahyryň kakasy Soltan Belet dindarlaryň arasynda çäksiz uly abraýa eýe bolupdyr. Ol sofulyk ylmynda “soltanlyk ”derejesine ýeten dünýädäki “ýedi soltanyň” biridir.

Rumy bäş ýaşyndaka Mekkä zyýarata gitmek bahanasy bilen Soltan Belet ähli maşgala agzalaryny alyp, Balhdan göçüp gidýär. Ýolda olar Nyşapurda ýaşaýan şyh Attaryňkyda düşleýärler. Bu waka 1212-nji ýylda bolup geçýär. Attar bäş ýaşly Jelaleddini görüp, bagryna basýar we oňa “Astarnama” (“Syrlar kitaby”) eserini berip: “Bu çaganyň gözlerinde şygyr äleminiň kuýaşynyň nury bar” diýýär.

Soltan Belet soňra maşgalasy we ýanyndakylar bilen ilki Bagdada, Mekkä barýar, ondan gaýdyp, Malatnede biraz ýaşap, Arzinjana göçýär. Dört ýyl bu şäherde ýaşansoň, Lorandada (häzirki Garaman şäheri) ýerleşýär. Bu şäherde 1225-nji ýylda Jelaleddin asly Samarkantly baýyň gyzy Göwhere öýlenýär.

Meşhur alym Bahauddin Soltan Belediň şöhraty basym külli Rumustana ýaýraýar. Şol wagtlar Seljuk türkmenleriniň kiçi Aziýadaky döwletiniň paýtagty Konýa şäheridi. Rum soltany Alauddin Keýkubad I (1219-1237) Soltan Beledi Konýanyň iň uly medresesine baş müderrislige çagyrýar. Şeýdibem, 1228-nji ýylda olar Lorandadan Konýa hemişelik göçüp gelýärler.

Jelaleddin Rumynyň Şems bilen ýakyn gatnaşygy baş müderrisi edebiýat meýdanyna alyp gelýär we birwagtky şyh Attaryň welilik bilen aýdanlary amala aşyp başlaýar. Şondan soň Rumy köp wagtyny medresede däl-de derwüşleriň arasynda goşgy aýdyp, saz çalyp, tans edip geçirýär. Bu ýagdaý ylym bilen meşgullanýanlaryň birnäçesine ýakmaýar we olar Şemsi öldürmegiň kül-külüne düşýärler.

Iki beýik şahsyýetiň dostlugynyň berkemegi we güýjemegi göripleriň ýigrenjiniň artmagyna getirýär. Ýagdaýy duýan Şems 1246-njy ýylyň Nowruz aýynyň 11-inde gizlin ýagdaýda Konýadan çykyp gaçýar. Dostunyň we ruhy halyfasynyň birdenkä gürüm-jürüm bolmagy Rumyny gam kölüne batyrýar. Kiçi ogly Soltan Balady onuň gözlegine iberýär. Rumynyň hormatyna Şems bu gezek Konýa gaýdyp gelýär. Rumy täzeden dünýä inen ýaly bolýar. Ol Şemsi görende, Allanyň ýerdäki keşbini gören ýaly begenýär. Emma bu şatlykly we döredijilikli günlerem uzaga çekmeýär. 1247-nji ýylyň ortalaryna Şems ýene ýitirim bolýar. Bu gezek hemişelik. Onuň gije gizlinlik bilen ogurlanyp öldürilenligi barada çaklamalar bar.

Rumy öz garşydaşlarynyň ýanynda hiç syr bildirmezlige çalşyp, gaýgy-gussany duýga, duýgusyny goşgularyna siňdirýär. Şeýdibem, onuň döredijilik ýoly uzap gidýär. Rumy dostuna bagyşlan “Şems Tebriziniň diwany” diýen gazallar kitabyny döredýär.

Jelaleddin Rumy 1273-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 12-sinde aradan çykýar. Ony soňky ýoluna ugratmaga musulmanlar bilen bir hatarda hristianlar, grekler we beýlekiler hem barýarlar. Olaryň öňünde Rumynyň esaslandyran tans oýnaýan derwüşleriň-sofular jemgyýetiniň agzalary barýar. Şahyr Konýanyň patyşasy tarapyndan bina edilen mawzoleýde, kakasynyň ýanynda jaýlanýar.

Şahyr sofylar jemgyýetiniň halyfasy bolmak bilen medresede hem sapak bermegini dowam etdirýär. Sofylar jemgyýetiniň şyhy Hisamiddin Hasanyň teklibi we haýyşy boýunça Rumy şygyrlar diwanyny döretmäge girişýär. Bu diwanyň adyna “Mesnewi” diýýär. Ol goşgular ikileme, ýagny iki setir görnüşinde özara kapyýalaşyp (sazlaşyp) gidýär. Şeýle goşgy formasy (görnüşi) soňra diňe pars dilli şahyrlaryň däl, eýsem tutuş dünýä edebiýatynyň ajaýyp eserlerine öwrüldi. Rumy “Mesnewisini” alty bölege bölýär we hersini bir depder diýip atlandyrýar. Bu kitapdaky goşgular 26632 beýtden ýa-da 53264 setirden ybarat.

Şahyryň mesnewilerinde diňe pelsepe-sofuçylyk garaýyşly eserler (goşgular) bolman, eýsem, grekleriň, gadymy rimlileriň, ermenileriň, arablaryň, gündogaryň we beýleki halklaryň ägirt uly halk döredijiliginden (faýdalanylan) peýdalanylan rowaýatlar, basnýalar, hekaýatlar hem öz beýanyny tapýar.

Maglumatlar Almagül Ýusubowanyň «Türkmen edebiýatynyň taryhy ösüş döwürleri» atly kitabyndan alyndy. «Başkent» bilim merkeziniň neşirleri. Aşgabat 2005.

Mevlana Sözleri




#Article 209: Abadan (123 words)


Şu wagtky ady Büzmeýin.
Büzmeýin şäheri Aşgabatdan 18 km günbatarda yerleşyär. Ol Aşgabada golay ýerleşen senagat merkezi hasap lanýar. Iki şäherin arasynda jebis önümçilik gatnaşygy amala aşyrylýar. Şäher yurdumyzda gurluşyk materiallary önümçiliginin ösen merkezidir. Bu yerde şol pudagyň birnäce uly kärhanasy yerleşyär. Abadan şäherinde Saparmyrat Nyýazow adyndaky DES-i, turba zawody, gurluşyk materiallary, öý gurluşyk kombinatlary, ak toýun öndürýän kärhana, egirme-dokma we haly fabrikleri, tomat-konserwa, çakyr, piwo zawodlary hereket edýär. Şäherin Ruhabat we Gökdepe etraplarynyň ilaty üçin ykdysady-durmuş merkez hökmünde ähmiýeti uludyr. Onun çäginde söwda we durmuş-medeni maksatly kärhana- laryň onlarçasy işleýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda şäherin bi- nagärlik keşbi özgerdi, ekologik ýagdaýy gowulandy. Ekolo gik taýdan zyýanly önümçilik kärhanalary şäherin daşyna cykaryldy, täze durmuş-medeni edaralar, döwrebap ýaşaýyş jaýlary gurulýar.

Türkmenistanyň 8-nji klas okuwçylarynyň kitaplaryndan alyndy




#Article 210: Türkmen tahýasy (559 words)


Türkmen tahýasy - medeni gymmatlyklarymyzyň biridir. Ol milli başgaplaryň arasynda çeperçilik taýdan gaýtalanmajak kämil bezelişi bilen tapawutlanýar. Ynsan başynyň täjine deňelýän tahýanyň täsin nagyşlarynyň mazmunyna kalbyň iň päk arzuw-hyýallary, maksat-myrady, gadymy ynançlar, paýhas-parasatly ruhy ýörelgeler siňdirilipdir.
Türkmen tahýasynda ene topragyň ýylysy, zenan kalbynyň mähri, gözel tebigatyň ajaýyplyklary jemlenendir. Başgabyň çeper bezelişiniň pelsepe dünýäsine içgin aralaşaňda, bir zada magat göz ýetirýärsiň. Tahýanyň mazmun pelsepesiniň ýumagyny çözläp başlaňda, nazaryň, owalbaşda, ynsan ýaşaýşynyň ilkinji şertleri: topragyň, suwuň, ösümlikleriň keşbini janlandyrýan gadymy nagyşlarda eglenýär. Mälim bolşy ýaly, Diýarymyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän arheologik ýadygärliklerden tapylýan küýze önümleriniň ýüzüne haşamlanan damjanyň, tolkunyň, akar suwuň, agajyň, baldagyň, ýapragyň, gülüň, gozanyň keşbini suratlandyrýan	nagyşlar  özüniň döreýiş gözbaşyny mundan ýedi-sekiz müň ýyl ozalky eýýamlaryň jümmüşine alyp gidýär. Munuň şeýledigini, Jeýtun medeniýetine degişli ýadygärliklerden tapylan gymmatlyklar doly subut edýär. Hut şol döwürde ýaşan gadymy pederlerimiziň ynanjyna görä, damjanyň, tolkunyň, suwuň nagyşlardaky keşbi bereket-rysgal, hasyl bolçulygyny döredýärmiş. Ösümligiň, baldagyň,	ýapragyň, gülüň, gozanyň keşbini janlandyrýan nagyşlar bolsa ynsana ýaşaýyş, uzak ömür, dowamat, bagtyýarlyk eçilýärmiş. Mysal üçin, ýigitleriň ak gaýma tahýasyndaky «süňşük» nagşy damjanyň şekilindäki nokatlardan düzülýär.
Ahal, Mary, Lebap welaýatlarynda gyz tahýalarynda giňden ýaýran «egrem» ýa-da «egremli algam» nagşy suwuň, tolkunyň çeper şekilidir.
Tagtabazar etrabynda ýaýran çaga sümmenlerinde «daragt» nagşy meşhurdyr. Biri-birine sepleşip gidýän «kelleli pudak», «tumarly pudak», «pür pudak» ýaly nagyşlar hem ýaşaýşyň, ömür dowamatynyň nyşany hasaplanypdyr.	
Erik güli, bägüliň şekili (pytta nagşy) bakylyk, janly tebigatyň gözelligi ýaly ajaýyp durmuş, nesil dowamaty ýaly röwşen maksat-myratlaryň beýanydyr. Ýeri gelende aýtsak, ene-mamalarymyz bägül nagşynyň jadyly güýjüniň bardygyna ynanypdyr. Şoňa görä hem bu nagyş köp çaga arzuwlanýan maşgalalarda sümmen tahýasynyň depesine haşamlanyp, doga-tumar hökmünde arzylanyp gelnipdir. Gündogar Türkmenistanda çaga tahýalarynyň «bägül keşde» nagşy häzirki günlerde hem giňden meşhurdyr.
Keremli türkmen topragy dürli röwüşli güllere beslenendir. Baharyň ajaýyp gülzarlygynyň täsin gözelligi türkmen tahýasynda ömürlik orun tutupdyr. Pederlerimiziň ruhy dünýäsinde gül abadanlygyň, söýginiň, mukaddesligiň nyşany hökmünde ykrar edilipdir.
Dürli ölçegdäki we görnüşlerdäki gülleriň çeper keşbi çaga we gyz tahýalarynda giňden ýaýrandyr. Mysal üçin, Ahal we Mary welaýatlarynda gyzlaryň gültahýasynyň merkezi nagşy «gülýaýdydyr». Gülýaýdy nagşynda gülüň täsin keşbini emele getirýän uşak keşdeler dörtburçlugyň içindäki uly bolmadyk pişme görnüşli şekillerden ybaratdyr.
Ýeri gelende aýtsak, gülýaýdy nagşy toý dessurlarynda ulanylýan el işleriniň köpüsine haşamlanýar. Meselem, durmuşa çykýan gyz üçin ýörite dokalýan haly, kilim önümlerine gülýaýdy bagtyň şärigi, köpelgiçligiň nyşany hökmünde haşamlanýar. Bu nagşa Gündogar Türkmenistanda «pürzaýa» diýilýär. Mundan başga-da gülýaýdy aýatlyk hala, çaga sallançagynyň düşegine haşamlanýar.
Gadymy nagyşlaryň ýene bir görnüşi, bugdaý sümmülini ýadyňa salýar. Ol hasyllylygyň, rysgal-berekediň, halallygyň nyşany hökmünde tahýanyň gözel zynatynda aýratyn orun alypdyr. Gündogar Türkmenistanda erkek kişileriň gadymy tahýalaryna bugdaý dessesiniň keşbini çeper wasp edýän «bugdaý bogumy», «bugdaý» nagşy haşamlanypdyr. Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň käbir obalarynda sümmüliň keşbi gyz tahýalaryna ak reňkli sapak bilen haşamlanyp, ol «arpajyk» ady bilen meşhurdyr.
Tahýa nagyşlarynyň arasynda «alaja», «üçburçluk», «sekizburçluk», «pişme», «hamtoz»,  «gyzyl aýlaw», «dadran», «goçbuýnuz» ýaly doga-tumar hasaplanylýan nagyşlar hem giňden ýaýrandyr. Bu nagyşlaryň mazmunyna gadymy pederlerimiziň ynanç-ygtykadyna görä, ynsany bela-beterden goraýan güýç çaýylypdyr. Tahýa berkidilýän gözmonjugyň, düwmejikleriň, gaňrowyň, dagdan agajynyň bir bölejiginiň, igdäniň şäniginiň, üçburçluk görnüşinde eplenen matadan tikilýän dogajygyň pelsepe mazmuny hem hut şu gadymy ynanç bilen baglydyr.
Şu maglumatlaryň tassyklaýşy ýaly, durky bilen gözellige, ylahy syrlara beslenen türkmen tahýasyna haşamlanýan her bir nagşyň täsin pelsepe dünýäsi - çuňňur many-mazmuny bar. Şoňa görä, bu nagyşlar çeper el sungatynyň ähli görnüşlerinde, şeýle hem binagärlik we zergärçilik önümlerinde giňden ýaýrandyr.
Mahlasy, tahýa nagyşlaryna oguz taglymaty, sada halk parasaty müdimi nyşan, bagtyýarlygyň ajaýyp owazy, soňlanmajak dessany bolup ýazylypdyr.




#Article 211: Şirbekir kümmeti (352 words)


(X asyr)

Maşat-Misserian şäherçesinden 7 km demirgazykda Maşat gonamçylygy ýerleşýär. Häzirki wagtda bu ýerde XI-XII asyralara degişli atsyz kümmetleriň ýarym ýykylan harabaçylyklary bar. Şolaryň arasynda iň oňat saklanyp galany Şirkebiriň metjit-kümmetidirdir. Hürärmenleriň kesgitlemegine görä bu metjit IX-X asyrlarda bina edilen bolmaly. Bu bina 11 metr töweregi bolan çaklaňrak gümmezi bilen tapawutlanýar. Bu jaýyň içinde mährap bar. Ähtimal munuň içinde jaýlaýyş dessurlary ýerine ýetirilendir we bu jaý metjidiň wezipesini hem berjaý edendir.

Düýbüne tarap galňaýan diwarly (ortaça galyňlygy 1,5 metr töweregi) inedördül mawzoleý (taraplary 8,1 metr) inedördül çig kerpiçden (23×25×6 sm) gurlupdyr we iç ýüzünden her diwary 40 sm töweregi çuňlukda, beýik göni üç sany tagçaly desga bolupdyr. Gündogar diwarda aýratyn bezelen mährap bar. Mährabyň çeperçilik bezegi sungatyň seýrek duöýan nusgasydyr. Onuň ýitip barýan reňkleriniň yzy saklanypdyr.

Köp gezek edilen rejeleýiş işleri we üýtgedip gurmalar desganyň ilkibaşdaky kompozisiýasyny bozupdyr. Häzirki wagtda jaýyň daş keşbi özüniň çeperçilik mertebesini ýitiripdir, emma onuň iç ýüzüniň bezegi öz täsinligini saklapdyr.

Arap syýahatçysy Al-Makdisi (X asyr) “agaç sütünleriň üstünde” duran, uly ‘öhrat gazanan köne metjit hakynda aýdanda, belki şu ýadygärligi göz öňünde tutandyr.

Maşat-Misserian şäherçesinden 7 km demirgazykda Maşat gonamçylygy ýerleşýär. Häzirki wagtda bu ýerde XI-XII asyralara degişli atsyz kümmetleriň ýarym ýykylan harabaçylyklary bar. Şolaryň arasynda iň oňat saklanyp galany Şirkebiriň metjit-kümmetidirdir. Hürärmenleriň kesgitlemegine görä bu metjit IX-X asyrlarda bina edilen bolmaly. Bu bina 11 metr töweregi bolan çaklaňrak gümmezi bilen tapawutlanýar. Bu jaýyň içinde mährap bar. Ähtimal munuň içinde jaýlaýyş dessurlary ýerine ýetirilendir we bu jaý metjidiň wezipesini hem berjaý edendir.

Düýbüne tarap galňaýan diwarly (ortaça galyňlygy 1,5 metr töweregi) inedördül mawzoleý (taraplary 8,1 metr) inedördül çig kerpiçden (23×25×6 sm) gurlupdyr we iç ýüzünden her diwary 40 sm töweregi çuňlukda, beýik göni üç sany tagçaly desga bolupdyr. Gündogar diwarda aýratyn bezelen mährap bar. Mährabyň çeperçilik bezegi sungatyň seýrek duöýan nusgasydyr. Onuň ýitip barýan reňkleriniň yzy saklanypdyr.

Köp gezek edilen rejeleýiş işleri we üýtgedip gurmalar desganyň ilkibaşdaky kompozisiýasyny bozupdyr. Häzirki wagtda jaýyň daş keşbi özüniň çeperçilik mertebesini ýitiripdir, emma onuň iç ýüzüniň bezegi öz täsinligini saklapdyr.

Arap syýahatçysy Al-Makdisi (X asyr) “agaç sütünleriň üstünde” duran, uly ‘öhrat gazanan köne metjit hakynda aýdanda, belki şu ýadygärligi göz öňünde tutandyr.




#Article 212: Türkmenistan Prezidentlik Saýlawy 2007 (418 words)


Saparmyrat Nyýazowyň 21 Bitaraplyk aýynda aradan çykmagyndan soňra, häzirki Türkmenistanyň wagtlaýynça prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gelejekki prezident saýlawynyň 26 Bitaraplyk aýynda belli boljakdygyny we ol saýlawyň demokratiki usullar içinde geçiriljekdigini nygtady. 26 Bitaraplyk aý, Halk maslahatynda bolsa, prezident saýlawynyň 11 Baýdak aýynda geçiriljekdigi bildirildi. 
Türkmenistanda saýlawlary we sala salyşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda TDH-nyň habarçysyna gürrüň berilisi ýaly 65 saýlaw okrygynyn we 1625 saýlaw uçastogynyň ählisi saýlawlara doly taýýar edildi. Giň möçberli, düýpli işler geçirildi. Şol işlere ähli derejedäki döwlet düzümleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çekildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlara taýýarlyk görmek ýurdymyzda hereket edýän saýlaw kanunçylygyna we halkara hukugynňyň kadalaryna laýýklykda geçirildi. Bu gün ýurdumyzyň saýlaw uçastoklarynyň ählisi saýlawlara doly taýýar edildi. Olaryň her biri öz wagtynda ses bermek üçin aýna gutular, şol sanda, göterilýän gutular, saýlaw býulletenleri we zerur bolan düşündiriş beriji we mestodiki edebiýatlar bilen üpjün edildi. Ses bermek üçin ýörite kabynalar gurnalan otaglar bölünip berildi. Her bir saýlaw uçastogy ygtybarly aragatnaşyk we ulag serişdeleri bilen üpjün edildi 

Uçastok saýlaw toparlary öz borçlaryny ýerine yetirmäge çynlakaý we jogapkärli çeşmeleşdiler. Şol toparlaryn düzüminde edara-kärhanalaryn we jemgiýetçilik guramalarynyň abraýly wekilleri girdiler. Işjenler tagallasy bilen ýerlerde ilatyň arasynda giň düşündiriş işleri geçirildi. Munuň özi saýlawçylaryn işjenliginin birnäçe esse ýokarlanmagyna getirdi. Ýeri gelende aýtsak, dürli sebäplere görä , saýlawlar güni öz ýaşaýan ýerinde bolmaýan saýlawçylar möhletinden öň ses bermäge hukuk gazandylar. Şol saýlawçylaryň dolduran kagyzçalary ýa-da saýlaw býullentenleri sesler sanalyp başlanjak pursatyna çenli önünden möhürlenip goýlan gutularda saklanar.

Uçastok saýlaw toparlarynyň işinde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlerin ynanylan adamlary bilen işlemäge, saýlawçylar bilen duşuşyklary guramakda we geçirmekde olara kňmek bermäge aýratyn orun berildi. Saýlawçylaryň döwlet baştutanynyn wezipesine dalaşgärler bilen duşuşyklaryň ählisi bellenilen we taraplaryn öz aralarynda ylalaşan tertibine geçirildi. Habar beriş serişdeleri duşuşyklaryn geçiriljek wagty we ýeri barada saýlawçylara önünden habar berdiler. Şunda dalaşgärlerin ählisine saýlawlaryň öň ýanynda wagyz işlerini geçirmek üçin deň şertlerin we mümkinçiliklerin döredilendigi nygtamak möhümdir.

Ýerlerdaki saýlaw toparlaryna türkmenistanlylardam gelen köpsanly hatlar raýatlaryň aň-duşünjesiniň ýokarydygyna, olaryň döwletiň we jemgiýetin durmuşyna gönüden-göni gatnaşmaga şaýatlyk edýär. Mälim bolşy ýaly, saýlaw toparlarynda göni telefon aragatnaşygy ýola goýuldy. Şol telefon arkaly her gün raýatlarymyzyň onlarçasy ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlere niýetlenen sowallar, haýyşlar we teklipler bilen ýüzlendiler. Raýatlarymyzyň ýüztutmalarynyň ählisi kabul edildi, seljerildi we Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgärleriň garamagyna berildi.

Halk maslahatynda 11sinin arasyndan 6 dalaşgär tassyklandy.

Gurbanguly Berdimuhammedow sesleriň 89.12%-sini alandygy we halk maslahat tarapyndan-da, Prezidentlik wezipesi üçin kabul edilendigi bildirildi. Gurbanguly Berdimuhammedow dabarada kasam edip wezipesiniň başyna geçendigi bildirildi.

Berdimuhammedow dalashgarlerin biri bolup her bir etraplarda, shaherlerde oz meyilnamasy bilen cykysh etdi. Ol oz meyilnamasynda ashakdaky zatlary durmusha gecireris diyip agzap gecdi.




#Article 213: Türkmenhowaýollary (109 words)


Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen ykdysady, medeni we ylmy aragatnaşyklarynyň ösdügiçe howa transport liniýalaryň seti giňelýär.

Türkmenistan milli awiakompaniýasynyň Ahal, Hazar, Daşoguz, Mary, Türkmenabat we beýleki aeraportlaryndan howa transporty, goňşy ýurtlaryň paýtagytlary we ýurduň uly şäherleri aralygyna, aýratyn-da ýolagçy daşamakda möhüm işleri ýerine ýetirilýär.

Türkmenistan milli awiakompaniýasy bilen bilelikde Türkiýenyň, Angliýanyn firmalary Aşgabatda Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky halkara aerowokzal kompleksini gurdular. Onuň gurluşygynda ABŞ-nyň firmalary hem gatnaşdy. Gurlyşygy 1993-nji ýýlyn 16-njy oktýabrynda başlanan bu Merkezi Aziýa boýunça in uly aerokompleks 1995-nji ýýlyn başynda ulanylmaga berildi. Türkmenistanyň uçarlar parkynyň hem üsti ýetirildi.

Türkmenistan Howayollary paytagt Aşgabady Yewropa we Aziya menzillerine baglayar. Onyn ahli halkara uçyşlarynda Boeing uçarlary günbatar okuwly, tejribeli pilotlar ulanyar.




#Article 214: Goşma sözlem we ýönekeý sözlem (197 words)


Ýönekeý sözlemler bilen bir hatarda Türkmen dilinde goşma sözlemler köp ulanylýar. Olar bize çylşyrymly pikiri aňlatmak üçin zerur. 
Birnäçe ýönekeý sözlemden duzulyp, çylşyrymly pikiri aňladýan sözlem goşma sözlemdir.
Goşma sözlemleriň bir görnüşinde olaryň içiňdäki aýry-aýry ýönekeý sözlemleriň her haýsy gutarnykly düşünjäni aňladýar. Şonuň üçin olary özbaşdak hem ulanmak bolýar. Şeýle özbaşdak sözlemleriň sanynyň köpelmegi ýa-da azalmagy goşma sözlemiň düzülisine täsir etmeýär. Bu hili goşma sözlemi emele getirýän ýönekeý sözlemleriň aralaryndaky oturlary we baglaýjy kömekçiler aýryp, her biriniň soňuna nokat goýmak hem bolýar. 
Meselem: 

Bu goşma sözlemleri hasyl edýän ýönekeý sözlemler deň derejede düzülýär. Şonuň üçin-de olar düzmeli goşma sözlem diýlip atlandyrylýar. 
Mysal alynan goşma sözlemleriň birinjisiňde ýöne, üçinjisiňdeň emma sözlerini, ikinjisiňdeň  kömekçisini aýýrsak, onda ol sözlemleriň birinde özbaşdak ulanylmagy mümkin bolan birnäçe ýönekeý sözlemiň barlygyny göreris.

Başga bir hili goşma sözlemde bolsa onuň içiňdäki ýönekeý sözlemlerden biri baş pikiri anladyp, beýlekisi onuň habaryna ýa-da işliklerden bolan başga bir agzasyna degişli belli bir soraga jogap bolup gelýär, Bu hili goşma sözlemde baş pikiri aňladýan ýönekeý sözlem özbaşdak hem ulanylyp bilner, emma beýlekisini özbaşdak ulanyp bolmaýar. 
Goşma sözlemleri hasyl edýän ýönekeý sözlemleriň her biriniň gramatik esasy-eýe bilen habary bolmalydyr. 
Goşma sözlemi hasyl edýän ýönekeý sözlemler iki ýol bilen baglanyşýarlar:




#Article 215: Tekst (149 words)


Tekst many hem tema taýdan, leksik we gramatik tarapyndan özärä baglaňyşaň sözlemler toplumydyr. Tekstler möçberi boýunça bir we birnäçe abzasdan bolup biler.

Tekst beýan etme, suratlandyrma we piker ýöretme tipli bolýar.

Käbir tekst sözlemleriň yzygyder birikmeginden, käbirleri bolsa olaryň ugurdaş birikmelerinden hasyl bolýar. Sözlemleriň yzygyder birikmesinde ondaky sözlemiň haýsy-da bolsa bir özbaşdak sözüne Derek soňky sözlemlerde ýa çalyşmalar, ýa ol sözün sinonymy, ýa-da özi gaýtalanyp ulanylýar. Meselem: Mikola şol gyzyl horazy awlagamy ýüregine düwdi. Ol tüpeňjigini eline alyp, towuklaryň üstüne okduryldy.(H.Ysmaýýlow).

Sözlemleriň ugurdaş baglanysygynda teksti duzýan özbaşdak sözlemler biri-birleri bilen ugurdaş  bolýarlar. Bu hili sözlemler beýlekilere garaşsyz bolup, esasy pikiri deň derejede ösdürýärler. Meselem:Kir-kimirsiz mawy asman parahat ýatan deňiz ýaly ýalpyldaýardy. Millionlarça ýýldyz  deňiz üstüne düşen elektrik şöhlesi ýaly lowurdaýardy. Akmaýanyn ýoly parahodyň yzy ýaly çanjaryp, asmanyň ol erňeginden göterilip, beýleki erňegine ýetýärdi. (B.Kerbabaýew).

Tekstin sözlemlerini baglanshdyrmakda baglaýjy we sozsony kömekçileriň, habarlyk goşulmalarynyň, giriş sözleriniň hem uly hyzmaty bardyr.




#Article 216: Düzmeli goşma sözlem (157 words)


Biri-birne garaşsyz we her biriniň özbaşdak ulanylmagy mümkin bolan ýönekeý sözlemlerden ybarat goşma sözlem düzmeli goşma sözlemdir.

Düzmeli goşma sözlem hasyl edýän ýönekeý sözlemleriň aralaryndaky aragatnaşyk we baglaňyşyk edil deňdeş agzaly ýönekeý sözlemdeki ýalydyr, ýagny bular hem iintonasiýa we baglaýjy kömekçiler arkaly baglanyşýarlar. Şonuň üçin düzmeli goşma sözlemde-de, deňdeş agzaly sözlemdäki ýaly, otyr we baglaýjy kömekçiler gelip bilerler. Ýöne düzmeli goşma sözlemi emele getirýän ýönekeý sözlemleriň her biriniň aýratyn eýesiniň we aýratyn habarynyň bolmagy sertdir. Şol tarapdan hem olar deňdeş agzalardan tapawutlanýarlar. Deňdeş agzalaryň hemmesi birlikde ýa bir sözi (ýöneket sözlemiň belli bir agzasyny) aýýklaýarlar, ýa-da hemmesi belli bir söz tarapyndan aýýklanýar.

Sözlemiň işlikden bolan habarlary belli bir ýöňkemede gelip, şol duruşlaryna öz şekilleri bilen eýanyn haýsy sozdugini görkezýändikleri sebäpli, olarda eýe bolmasa-da, onuň bardygy güman edilýär. Şonuň üçin hem aýry-aýry ýöňkemede bolan iki sany habar düzmeli goşma sözlemi emele getirip biler. Gysgaldylan sözlerden düzülen bu hili düzmeli goşma sözlemi deňdeş agzaly ýönekeý sözlem bilen garjasdyrmk bolmaz.




#Article 217: Hasaplaýyş tehnikasynyň taryhy (845 words)


Biz ylmyň, tehnikanyň, önümçiligiň, halk hojalygynyň ähli pudaklaryna döwrebap kompýuterleriň giňden ornaşan döwründe ýaşaýarys. Häzirki döwürde ykdysady, durmuşy we beýleki çylşyrymly meseleleriň çözgüdinde EHM-i peýdalanmak oňaýly netijesini berýär. EHM-ler şu wagta çenli nähili taryhy ösüşi başdan geçirdikä?!
Adamlar gadym döwürlerden başlap, hasaplamalar bilen iş salşyp gelipdirler. Onuň üçin öň belleýşimiz ýaly elýeterli serişdelerden: eliň we aýagyň barmaklaryndan, taýajyklardan, daşjagazlardan we ş. m. peýdalanypdyrlar. Soň-soňlar hasap taýajyklary ýüze çykypdyr. Kem-kemden hasaplamagyň serişdelerini kämilleşdirmek bilen ýönekeýje hasaplaýjy maşynlary döräp başlapdyr. Fransuz matematigi Blez Paskal 1642-nji ýylda entek 19 ýaşly jahylka onluk sanlary goşup bilýän diş-diş tigirleriň esasynda gurnalan hasap maşynyny döredipdir. Onuň kakasy salgyt ýygnaýjy bolup işlänsoň bu masyn oňa hasap işlerinde örän peýdaly bolupdyr.
Nemes matematigi Gotfrid Wilgelm Leýbnis 1673-nji ýylda dört amaly ýerine ýetirýän maşyny oýlap tapypdyr. Soňra bu maşynyň esasynda arifmometrler döredilipdir hem-de olar 1820-nji ýyldan başlap, köpçülikleýin öndürilip başlanypdyr. 
Arifmometrleriň ýaýrap başlamagy bilen bir wagtda uniwersal hasap maşynyny döretmeklik pikiri peýda bolup başlapdyr. Iňlis matematigi Ç. Bebbij 1823-nji ýylda uniwersal hasaplaýjy maşynlaryň hemme (ýat, arifmetik, dolandyryş, giriş we çykyş) gurluşlaryny özünde saklaýan maşynyň taslamasyny öňe sürüpdir. Bu maşyny gurnamaga 70 ýyl zähmet sarp edilse-de, ahyrsoňunda hem ol doly gurnalyp gutarylmandyr. Şeýle-de bolsa meşhur ýazyjy Jon Baýronyň gyzy Ada Lawleýs bu maşyn üçin hasaplaýjy maksatnamalary düzüpdir. Ada Lawleýs ilkinji maksatnama düzen zenan hasaplanýar. Onuň hormatyna maksatnama dilleriniň biri Ada diýlip atlandyrylýar.
Amerikan inženeri N. Hollerit 1890-njy ýylda analitik hasaplaýjy maşynyny döredipdir, ony ABŞ-da ilat ýazuwynyň netijelerini işlemekde peýdalanypdyrlar.
Elektron hasaplaýjy maşynlaryň zamany XX asyryň 30-njy ýyllarynda iňlis alymy A. Týuringiň, amerikan alymy E. Postuň nazary işlerinden başlanýar. Sifrli hasaplaýjy maşynlary gurmaklygyň esasy düzgünleri amerikan alymlary J. fon Neýman, G. Goldstaýn we A. Berks tarapyndan işlenilip taýýarlanypdyr. Ilkinji maksatnama arkaly dolandyrylýan Mark-1 IBM korporasiýasynyň ýardam bermegi bilen G. Aýkeniň baştutanlygynda, ilkinji sifrli hasaplaýjy maşyn ENIAK (Electronic Numerical Integrator and Calculator) bolsa 1946-njy ýylda J. U. Moçli we J. P. Ekkert tarapyndan ABŞ-da döredilýär. 1949-njy ýylda Angliýada EDSAK (M. Uilks), 1951-nji ýylda öňki SSSR-de MESM (S. Lebedewiň ýolbaşçylygynda), 1952-njy ýylda ABŞ-da EDWAK (J. B. Moçli, D. P. Ekkert, J. fon Neýman) elektron-hasaplaýjy maşynlary döredilipdir. 
Ilkinji EHM-ler elektron lampalardan düzülip, olar birnäçe otaglarda ýerleşipdir, olaryň bahalary örän gymmat bolupdyr, olarda işlemek ýeňil bolmandyr. Wagtyň geçmegi bilen EHM-leriň gurluşlarynda tranzistorlar, integral shemalar, uly integral shemalar peýdalanylyp başlanypdyr, bu bolsa olaryň ölçegleriniň kiçelmegine getiripdir, olaryň hasap ediş tizlikleri has hem artypdyr. Ýokary derejedäki maksatnama dilleriniň peýda bolmagy bolsa EHM-ler bilen işlemekligi has hem  ýeňilleşdiripdir. 
Personal kompýuterleriň (kompýuter – hasaplaýjy) döremegi hasaplaýyş tehnikasynda has uly öňe gidişlik hasaplanýar. Rowaýata görä, ilkinji personal kompýuter ABŞ-da awtomobil garažynda döräpdir. Stiw Jobs we Stiw Woznýak ikisi Jobsyň awtomobilini satyp gazanan pullaryny özleriniň ilkinji kompýuterleri bolan «Apple» siňdiripdirler. Bu kompýuterler 1977-nji ýylda bazara çykarylyp başlanýar. Ýöne 1981-nji ýylda IBM (International Business Machines) korporasiýasynyň döreden kompýuteri has şowly çykýar, häzirki wagtda bu firmanyň kompýuterleri tutuş ýer ýüzüne ýaýrandyr.
EHM-leriň ösüş taryhyny birnäçe şertli wagt aralygyna - döwürlere hem bölýärler. Bu bölünişik EHM-leriň taýýarlanyş tehnologiýasy, maksatnama üpjünçilik mümkinçiliginiň giňelmegi bilen baglanysyklydyr. 1940-njy ýyllardan başlap, şu günlere çenli EHM-leriň ösüş taryhynda bäş sany döwri bölüp görkezýärler. Döwürlere bu bölünişik şertleýindir.  

EHM-leriň 2-nji döwrüne (1959-1964 ýý.) degişli maşynlaryň tehnologiýasynda tranzistorlar, diodlar, rezistorlar peýdalanylypdyr. Bu bolsa maşynlaryň göwrüminiň kiçelmegine, az energiýa talap etmegine, işleýşiniň has ygtybarly bolmagyna getirdi. Olaryň operatiw ýady ulaldy, hasaplaýyş tizligi (sekuntda 100-500 müň amal) artdy, maksatnama üpjünçiligi ýüze çykdy. Bu döwre degişli EHM-lere mysal hökmünde öňki SSSR-de döredilen Setun, Nairi, Razdan, BESM, ABŞ-da döredilen IBM 701, Philco Transac we ş.m. getirmek bolar.
EHM-leriň 3-nji döwri (1964-1979 ýý.) hasaplaýyş tehnikasynda hil taýdan düýpli öwrülişige getirdi. Ol EHM-leriň tehnologiýasynda ýarym geçirijileriň we integral shemalaryň peýdalanmagy bilen baglanyşyklydyr. EHM-leriň tizligi has artdy (sekuntda 1 mln töweregi amal), olaryň bir görnüşi üçin ýazylan maksatmama başga görnüşinde hem ýaramly bolup başlady. EHM-leri utgaşdyrmak mümkinçiligi ýüze çykdy. Ilkinji gezek operasion ulgamlaryň peýdalanylmagy EHM bilen işlemegi has ýeňilleşdirdi. Bu döwre oňki Warşawa şertnamasyna girýän sosialistik döwletleriň bilelikde döreden ES-1010, ES-1020, ES-1022, ES-1030, ES-1060 we ş.m. tapgyrlaýyn göýberlen EHM-ler, ABŞ-da döredilen IBM 360 maşyny degişlidir.
EHM-leriň ösüşiniň 4-nji döwrüne (1980-nji ýyldan başlanýar) degişli bolan EHM-leriň tehnologiýasynda uly integral ulgamlar peýdalanylýar. Bu bolsa olaryň möçberiniň has kiçelmegine getirdi. Olary adaty ýazuw stolunyň üstünde ýerleşdirip bolýar. EHM-ler üçin amaly maksatnamalaryň toplumynyň işlenip düzülmegi olary peýdalanyjylaryň sanyny has hem artdyrdy. EHM-ler diňe bir hasaplamaga degişli meseleleri çözmäge däl, eýsem, ýazgyly, şekilli we sesli maglumatlary gaýtadan işlemekde hem peýdalanylyp başlandy. Dürli görnüşli mikro- we mini EHM-ler, şu döwrüň aýratyn bir klasyna degişli bolan personal kompýuterler döredi. Bu döwre degişli EHM-lere Korwet, DWK, Ýamaha, Elektronika, Agat,  IBM  PC  XT, IBM  PC AT we ş.m. mysal getirip bolar.
EHM-leriň ösüşiniň 5-nji döwri hem 1980-nji ýyldan başlanýar diýip aýtmak mümkin. Sebäbi 1980-nji ýylda Ýaponiýanyň Tepso elektrik muzeýinde iňlis we ýapon dillerinde adaty ses arkaly berlen buýruklara düşünýän kompýuteriň adamlara görkeziliş dabarasy bolup geçipdir. Hasaplaýyş tehnikasynyň apparat we maksatnama üpjünçiligi ýadyňa-oýuňa düşmejek depginde ösýär. Şoňa görä-de geljekde maglumatlar tehnologiýasynyň nänili derejelere ýetjekdigini aýtmak kyn. Ýöne EHM-leriň element bazasy bolup, has uly integral shemalar hyzmat eder, operatiw ýadynyň möçberi örän uly bolar, olara maglumatlar tebigy ses arkaly giriziler, maşyn bilen adaty dilde gürleşiler, EHM “görmäge”, “ys” almaga ukyply bolar diýlip çak edilýär.




#Article 218: Kompýuter barada düşünje (238 words)


Kompýuterler barada düşünje

Öň belläp geçişimiz ýaly, kompýuter” sözi türkmen dilinde “hasaplaýjy” diýmegi aňladýar. Kompýuter ilkibaşda döredilende diňe hasaplaýyş işleri üçin niýetlenen enjam bolupdyr. Kompýuterler arifmometrlerden we beýleki hasaplaýyş enjamlaryndan (hasap taýajyklaryndan, logarifm çyzgyjyndan we ş. m.) düýpli tapawutlan-ýarlar. Eger arifmometrler we beýleki hasaplaýyş enjamlary diňe käbir hasaplaýyş amallaryny (goşmak, aýyrmak, köpeltmek, bölmek we ş. m.) ýerine ýetirip bilýän bolsalar, kompýuterler adam tarapyndan düzülen maksatnamalar esasynda dürli maglumatlary ýygnamaga, saklamaga, gaýtadan işlemäge, ýaýratmaga ukyplydyr. Bulardan başgada kompýuterler başlangyç, aralyk we jemleýji maglumatlary ýatda saklap bilýärler. Soňra kompýuterleriň mümkinçilikleriniň giňelmegi bilen olar san görnüşinde berip bolýan islendik maglumatlary gaýtadan işlemäge ýaramly bolup başlaýarlar. Häzir kompýuterler kitaplary çapa taýýarlamakda, suratlary çekmekde, saz ýazmakda, kinofilmleri döretmekde, edaralarda we kärhanalarda işi dolandyrmakda we beýleki işlerde giňden peýdalanylýar. 
Kompýuterleriň stoluň üstünde goýulýan ýa-da göçme enjam hökmünde özbaşdak we ulgamda peýdalanyp bolýan görnüşleri giňden ýaýrandyr. Olary köplenç personal (şahsy) kompýuterler diýip atlandyrýarlar. Personal kompýuterleriň görnüşleri näçe köp bolsalar-da olaryň ählisine mahsus birnäçe umumy häsiýetler bar: olar söhbetdeşlik düzgüninde işlemäge ukyply, amatly, ölçegleri kiçi, agramlary bolsa ýeňil.
Häzirki döwürde ABŞ-nyň IBM korporasiýasynyň döreden IBM PС (International Business Machines Personal Computer) personal kompýuterleri dünýäniň köp döwletlerinde giňden peýdalanylýar. IBM korporasiýasyndan başga-da şeýle kysymly kompýuterleri dünýäniň ýüzlerçe kompaniýalary öndürýärler. Biziň döwletimizde bar bolan kompýuterleriň aglabasy IBM PС kysymly  kompýuterlerdir. IBM PС kompýuterleriň düzümine girýän, şeýle hem oňa çatylýan gurluşlar, olar üçin ýazylan maksatnamalar IBM PС kysymly beýleki kompýuterlere hem belli bir derejelerde ýaramlydyr.

Kompỳuter ulanmak 

IT BILIM 




#Article 219: Hatyra güni (112 words)


Ýöne gala ýygnananlar Watan üçin bir gezek däl, 25 gezek ölmelem bolsa taýýardylar. Olar muňa boýun alykdylar. Olarda esasy maksat Watan üçin jan bermek, şehit bolmakdy. Olar Watan üçin, ar-namys üçin gara başy gurban etmegiň diňe sözde däl-de, durmuşda nähili bolýandygyny görkezipdiler. Bu bize ata-babalarymyzdan galan iň uly baýlygyň, iň gymmatly mirasyň biridir. Olar bize Watany söýmegiň asyl nusgasyny goýup gitdiler.

Serdarymyz Permany bilen şol gerçeklere “” diýen belent at berildi. Her ýyl Watan üçin wepat bolanlaryň hatyra gününi uly il bolup döwlet derejesinde bellemegi karar etdi. Bu hatyra gününiň her ýylyň ilkinji aýynda bellenilmegi hem ýöne ýere däl bolsa gerek. Türkmeniň her ýyly Watansöýüjilik ruhy bilen hatyra saklamakdan, geçenleri ýatlamakdan başlanýar.




#Article 220: Türkmen halysy (1066 words)


Eger-de siz türkmen halylaryna üns berip seretseňiz, onda gülleri, kölleri, daglary we guşlaryň aýak yzlaryny görse bolýar: haly önümi dünýäni göz öňünde janlandyrýar.Haly Türkmenislanda iň meşhur geçginli haryt hasap edilýär, ol adamlary birleşdirýär, ysnyşmak, umumylyk wc hyzmatdaşlyk duýgusyny ösdürýär. Türkmen halysy öz gözbaşyny mähriban topragymyzdan alyp gaýdýar - onuň üstünde bitýän ösümliklerden iýmitlenýän goýunlaryň ýüňündcn dokalýar, goýun ýüňleri şu toprakda bitýän ösümliklerden, güllerden we miwelerden alynýan tebigy boýag bilen boýalýar we hala çitilýär. Türkmen halysyndaky keşdeler hem ekin meýdanlary, gülleri, haýwanlary, çaýlary, derýalary, şeýle hem Güni, Aýy we ýyldyzlaryň şekilleri bilen tebigaty şöhlelendirýär.
Çak edilişine görä, ilkibaşda haly yssy howada we gurak çöllük we daglyk ýerlerde çarwa öýlerini örtmek we düşeklik üçin döredilen bolmaly. Haly ýokarky görkezilen şertlerden goranmak üçin örän gowy oýlanylyp tapylan serişdedir, şeýle hem olary bir ýerden başga ýere alyp gitmek üçin epläp ýygnamakda örän amatly bolupdyr. Bu bolsa derisini almak üçin gymmatly mallary soýmagyň zerurlygyny aradan aýrandygyny, şol bir waglda olardan ýylyň-ýylyna ýüň alnandygyny aňladýar.
Çaganyň dünýä inmeginiň hatyrasyna haly dokalypdyr, soňra ol şol halyda ilkinji ädimlerini ädipdir. Täze gelen gelni haly düşelen hormatly ýerde oturdypdyrlar, haly ýapylan düýä mündüripdirler. Öýlenýän ýigit bolsa haly bilen bezelen öý taýynlapdyr. Çarwa öýleriniň gapysyndan «gapylyk» atlandyrylýan ýörite haly asypdyrlar. Onuň ortarasynda ýylyň dört paslyny we ýaşaýşyň möwrillerini aňladyp, ony dört bölege bölýan çäk bolupdyr. Bu hili halylarda Mekge tarapy görkezýän «mihrab» - metjitlerdäki arka görnüşli tagça şekillendirilipdir, ol bu ýerde gapynyň bardygynyda aňladypdyr. Türkmenler her gün halydan dokalan namazlykda namaz okaýar, aradan çykan adamyň üsti hem haly bilen örtülýär. Adamlar halynyň üstünde oturyp naharlanýarlar, ýatýarlar, atlaryny, düýelerini daşarky täsirlerden goramak maksady bilen, haly bilen örlýärler. Türkmen hojalykdaky esasy haly «maşgala daragty» bolup hyzmat edip, ol tiräniň we maşgalanyň taryhy barada gürrüň berýär. Haly torbalar dürli hili öý goşlaryny, şahsy zallary saklamaga niýetlenilýär.

Turkmenleriň durmuşy haly bilen berk baglanyşyklydyr. Ilki başda daş-töweregindäki dünýä bilen adamlary berk baglanyşdyrýan, ýaşaýyş hajaty bolup hyzmat eden haly ahyr netijede sungata öwrüldi. Onuň kämillige barýan ösüşiniň her bir döwründe öz ussatlary bolupdyr. Turkmen halky haly bilen baglanyşykly däpleri keramat derejesine ýetirip, ony aýawly saklaýar, Halyny diňe aýal-gyzlar dokapdyr, gadymdan gelýän sungat eneden gyza geçipdir. Haly dokalanda wagt, güýç-gaýrat gaýgyrylmaýar, haly dokamak sungaty iň ýokary ruhy gymmatlyga deňelýär. Haly halkyň zähmetiň adyllygyna bolan ynanjynyň şöhlelenmesidir, şol ynanç türkmen medeniýetine dolulygyna siňdirilipdir. Şu günki gün bu medeniýet, bu miras türkmen halkynyň buýsanjydyr. Her ýyl may aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen halysynyň güni bellenilip geçilýär, onda baýram edilýär we bu sungatyň waspy ýetirilýär.

Türkmenistanda haly dokalýan her bir sebitde sungatyň sazlaşykly utgaşmasy we çitiminiň beýikligi, görnüşleri, reňklemek üçin ulanýan önümleri bilen tapawutlanyp, öz aýratynlyklaryna baglylykda ösüpdir. Dürli hili halylaryň esasy aýratynlygy - olaryň gölleridir ýa-da nagyşlarydyr. Türkmenistanyň Döwlet baýdagynda hem ýurduň esasy bäş sany, Teke (Ahal), Ýomut (Balkan), Saryk (Mary), Çowdur (Daşoguz) we Ärsary (Lebap) welaýatlaryny aňladýan 5 sany göli gorse bolýar. Şeýle hem beýleki uly bolmadyk gölleri görmek bolýar. Göller töwerekdäki gurşawyň aýratynlyklaryny we tiräniň taryhyny şöhlelendirmek bilen,  özboluşly tugra öwrülipdirler. 	Mysal üçin, ýomut halylaryna tolkun şekilli gök we ýaşyl nagyşlar f	mahsusdyr. Bu bolsa ýomut türkmenleriniň Hazar deňziniň boýunda mesgen tutandygyny aňladýar. Ahalteke halylarynda gyzyl we narynç reňkleriň ulanylyşy agdyklyk edýär. Saryk halylary bolsa düýe ýüňüniň reňki - çalymtyl we goňur reňkler bilen doldurylýar. Dürli welaýatlarda ýaşaýan türkmenlere mahsus bolan göllerden başga-da türkmen halylarynda gaty köp sanly keşdeler ulanylýar. Köp gölleriň nämäni aňladýandygy taryhyň sahypalarynda ýitip gidenem bolsa, olaryň köp böleginiň tebigaty şöhlelendirýändigini görmek bolýar. Güller, guşuň aýak yzlary, deňiz pyşbagasy, goýun we geçi şahlary we beýlekiler göllerde anyk görünýär. Gün hem atanak görnüşinde şekillendirilendir. Romb görnüşli şekiljikler şüdügärlenen ekin meýdanyny, şeýle hem esasy dört tarapy - demirgazygy, günortany, gündogary, günbatary aňladýar. Şeýle-de, olar göz degmezlik, ýagny erbet gözlerden goranmak üçin hem çitilipdir. Halynyň ýüzüne çitilýän gölleriň we nagyşlaryň gizlin diline hünärmeniň gözi bilen seretseň, düşünmek mümkin, ýöne islendik adam hem hala ünsli seretse, onuň ýüzündäki nagyşlaryň näme-de bolsa bir zady aňladyp, janlanýandygyny görüp biler. Şeýle hem Türkmenistanyň çeper elli halyçy zenanlary haly dokamak senetçiliginde iki ýüzli halylary hem dokaýarlar. Onuň her ýüzüniň öz reňki we gülleri bardyr. Mundan hem başga halylara milli ýadygärlikleriň şekilleri hem dokalýar.
Goýun ýüňünden düşege çenli haly dokamakda ýüpegiň, pagtanyň we düýe ýüňüniň, seýrek-de bolsa, ulanylýandygyna garamazdan, goýun ýüňi häzirki wagta çenli iň amatlysy bolmagynda galýar. Goýun ýüňüniň hem ýazkysy, iň uzyny saýlanyp alynýar, onuň gysgalaryndan bolsa ýüplük edilýär. Ýüňüň ýumşaklygy, ýaldyrawuklygy we çeýeligi hem üns merkezine alynýar. Goýun gyrkmagy hem türkmenler sungat derejesine çykarypdyrlar. Ýüňi täzeden işlemek bolsa köp asyrlyk tejribeler we usullar esasynda amala aşyrylýar.
Häzirki wagtda reňkleriň birnäçe ýasama görnüşleri ulanylsa-da ýüňi boýamakda ony özbaşdak dokaýar. Türkmen halysy
dokalan döwründe aýat-töwirler okalýar, bu adat haly dokalyp bolandan soň, has hem möhümdir. Halynyň üstünlikli dokalyp bolandygy üçin toy etmek, onuň üstünde aýat-töwir okamak üçin, aýdym-saz etmek üçin maşgala agzalary we myhmanlar ýygnanýarlar. Türkmen halky halynyň ruhy bar diýip düşünýär, şonuň üçin ony tyg bilen kesmekden saklanýarlar, duş gelen ýere taşlamaýarlar. Halylar uzak wagt saklanýar, ony 300 ýyla çenli ulanmak bolýar.

Ýazuw çeşmeleriniň we saklanyp galan taryhy maglumatlaryň bolmazlygy haly dokamaklygyň nirede we haçan ýüze çykandygy barada anyk bir kesgitli zat aýtmaga esas döretmeýär. Halyçylyk bilen meşgullanan birnäçe halkyýetler bar, olaryň arasynda häzirki wagtda Gündogar haly guşaklygy diýilýän ýurtlar mälimdir. Olar Gündogar Ýewropadan başlanyp, Hindistandan Hytaýa bürünçden ýasalan haly keseri tapyldy. Türkmen halysynyň nagyşlarynyň nusgalaryna biziň eýýamymyzdan öňki VII asyrda degişli edilen käbir zatlarda gabat gelinýär. Neolit döwrüne degişli keramika böleklerinde şu günlerki halylarda düş gelýän geometriki şekillere meňzeş çyzgylar tapyldy. Şeýle hem ýurduň çäklerinde ýerleşýän köp sanly gadymy arheologik şäherlerde jaýlaryň diwarlarynda we polunda şoňa meňzeş nagyşlar tapyldy. Biziň eýýamymyzdan öňki VII asyra degişli ýylgynlydepe arheologik ýadygärliginde türkmen halylarynyň iň esasy nagyşlarynyň biri «dagdana» meňzeş şekiller tapyldy. Haýsysy - bezelen nagyşlarmy ýa-da haly öň peýda bolupdyr? - bu barada taryh dymýar. Ýöne şekillere taryhyň siňip gidendigi we şu günlere çenli üýtgemän gelip ýetendigi welin, aýdyň hakykat.
Türkmen halylary hakynda iň ilkinji ýazuw çeşmesi XIII asyrda Gündogar Ýewropa, Aziýa syýahat eden italýan syýahatçysy Marko Pola degişlidir. Marko Polo türkmen halylary hakynda ýakymly sözler aýdýar, olaryň «dünýäde iň inçe we owadan» halydygyny nygtaýar. Italýan Täzeden döreýiş döwrüniň beýik ussatlarynyň çeken suratlary, mysal üçin, Andrea del Werrokkonyň «Madonna keramatly loan Krestit we Donatus bilen» atly suraty türkmen halylarynyň dünýäde meşhur bolandygyna güwä geçýär. Türkmen halylary nemes flamandlarynyň we Wenesiansyň suratkeşleriniň işlerinde peýda bolýar. Aýratynam, Golbeýniň çeken Gerg Gisziň meşhur portretinde teke gölli haly aýdyň görünýär.
Ýöne, muňa seretmezden, halyny kim we haçan döredendigine garamazdan, türkmen halkynyň haly dokamagy sungat derejesine çykarandygyna, şeýdip dünýäde ykrar edilmegini gazanandygyna hiç-hili şübhe ýok. 




#Article 221: Türkmenistanyň prezidenti (329 words)


Saparmyrat Atayewic Nyyazow 1940-njy yylda Asgabat etrabynyn Gypjak obasynda doguldy. Milleti turkmen. Bilimi yokary, hunari - inzener-energetik. Zahmet yoluna 1959-njy yylda baslady. 1967-nji yylda Leningradyn politehniki institutyny tamamlandan son, Buzmeyin GRES-inin ussasy, uly ussasy bolup isledi. 1970-nji yyldan 1985-nji yyla cenli partiya we sowet organlarynda jogapkarli wezipelerde isledi. 1985-nji yylda ol Turkmenistan Ministrler Sowetinin Baslyklygyna bellendi, sol yylyn dekabrynda bolsa Turkmenistan Kommunistik partiyasynyn Merkezi Komitetinin plenumynda TKP MK-nyn birinji sekretarlygyna saylanyldy. 1990-njy yylyn 27-nji oktyabrynda ahlihalk saylawlary netijesinde ol respublikanyn prezidentligine saylandy. 1991-nji yylyn mayynda Dunya turkmenlerinin gumanitar birlesiginin prezidentligine saylanyldy. S.Nyyazow ykdysady we syyasy ylymlaryn doktory, professor, Turkmenistan Ylymlar Akademiyasynyn akademigidir. Halklaryn arasyndaky dostlugy we parahatcylygy pugtalandyrmakda bitiren hyzmatlary goz onunde tutulyp, S.A.Nyyazowa birnace abrayly halkara bayraklary berildi.
Saparmyrat Nyyazow Magtymguly adyndaky Halkara bayragynyn birinji laureatydyr. Ol Turkmenistanyn in yokary tapawutlandyrys derejesi bolan Turkmenistanyn Gahrymany diyen hormatly adyn we “Altyn Ay” medalynyn uc gezek eyesidir.1995-nji yylyn yanwarynda gecirilen ahlihalk referendumynda turkmen halky nobatdaky saylawlary gecirmezden Prezidentin ygtyyarlyklaryny ikinji mohlete uzaltdy. 1999-njy yylyn dekabrynda bolan Halk Maslahatynyn, Milli Galkynys hereketinin we Yasulular maslahatynyn bilelikdaki Mejlisi Saparmyrat Turkmenbasyny Turkmenistanyn omurlik Prezidenti diyip yglan etdi.Ol 2006-njy yylyn Dekabr ayynyn 21-ne yuregi durup tarpa tayyn aramyzdan gitmeli boldy.
Yazan kitaplarynyn sanawy Ruhnama, Ruhnamanyň ikinji kitaby, Meniň ruhybelentlik baharym, Türkmenistan bagtym meniň, Türkmeniň baş    eýýamynyň ruhy, Mähribanlarym we Türkmen ilim aman bolsun

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mälikgulýýewiç. Ol Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy aradan çykanyndan soňra wagtlaýynça prezident diýip yglan edildi we Türkmenistanda fewral aýynyň 11-de geçirilen prezidentlik saýlawynda 89.12% ses alyp halk maslahaty tarapyndan prezident saýlandy. Ol prezidentlik kasamyny ýerine ýetirip prezidentlik işine başlady. 

Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welayatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap obasynda 1957-nji yylda doguldy. Ol Türkmen Döwlet Lukmançylyk Uniwersitedini tamamlansoň 1992-nji ýylda ol Lukmaçylyk Uniwersitediniň diş lukmany fakultedinde işe başlady. 1995 ýylda Saparmyrat Türkmenbaşynyň karary bilen Saglyk Ministirliginiň bölüminiň başlygy boldy. 1997-de Saglyk Ministri, 2001-nji ýylda Premýer Ministr wezipesine geçirildi.

Berdimuhammedow dalashgarlerin biri bolup her bir etraplarda, shaherlerde oz meyilnamasy bilen cykysh etdi. Ol oz meyilnamasynda ashakdaky zatlary durmusha gecireris diyip agzap gecdi.




#Article 222: Gökdepe etraby (187 words)


Gökdepe etraby 1927-nji ýylda döredildi. Meýdany 7,4 kw.km. Ilaty 76,8 müň adam. Etrapda 1 şäherçe, 14 geňeşlik we 36 oba ilatly punktlary bar. Etrabyň territoriýasy 3 fiziki-geografiki böleklerden durýar: Köpetdagyň etraba degişli gerişleri, dag etek duzlik we garagum çoli. Etrabyň ähli obalary, Gökdepe şäherçesi, ekin meýdanlary dag we awtomobil ýol, elektrik geçiriji liniýasy, magistral gaz geçiriji turba derýajyklary (Altyýap, Sekizýap), 100 gowrak suw çykaryjy skwazinalardyr. Etrabyň çäklerinde Köpetdag suw howdany ýerleşýär. hojalygyn esasy ýöriteleşen ugurlary: miweçilik, üzümçilik, däneçilik, maldarçylykdyr.
Gökdepe etraby welaýatyň günbatarynda ýerleşip, Köpetdagyň dag gerişlerini, dag etek düzlügini we Garagum çölüniň günorta bölegini öz içine alýar. Etrabyň ähli ekin meýdanlary, ilatly ýerleri dag etegi düzlüginde ýerleşendir. Onuň çägini Garagum derýasy, Aşgabat-Türkmenbaşy de- mir we awtomobil ýollary kesip geçyär. Garagum derýa- synyň ugrunda Köpetdag suw howdany guruldy. Etrabyň hojalygynyň esasy ýöriteleşdirilen ugurlary däneçilik, pag taçylyk, gök we bakja ekerançylygy, miweçilik, üzümdarçy- lyk, dowardarcylyk we düýedarçylyk bolup durýar. Etrap da senagat önümçiligi hem barha ösýär. Bu ýerde magdan däl gurluşyk materiallaryny öndürýän kärhana, Şorgala obasynyň golaýynda çakyr zawody, etrap merkezinde bir näçe senagat kärhanalary ýerleşyär. Gökdepe etrabynyň çä- ginde 1 şäher, 12 geňeşlik we 54 oba bar.




#Article 223: Gökdepe (şäherçe) (124 words)


Gökdepe şäherçesi 1935 ýýlda döredildi. Gökdepe 2008-nji şäher statusy berildi. Ol Gökdepe etrabynyñ merkezidir. Ilaty 21,2 müň adam. Şäherçedäki Gökdepde galasy Türkmenistanyň taryhynda möhüm rol oýnandyr. Bu galada 1881 ýýlda aldym-berdimli söweş bolup geçýär. Şol söweşleriň hatyrasyna Saparmyrat Türkmenbaşy her ýýlyň Ýanwar aýýnyň 12-sine Hatyra güni diýip yglan etdi. Galada Saparmyrat Hajy adyndaky ägirt uly metjit guruldy. Galanyň durkuny täzelemek işleri dowam edýär. Gökdepe şäherçesi haly fabrikleri, gurluşyk materiýallary, egirme-trikotaž fabrigi, reňkleýji we tikin fabrikleri, gurluşyk materiýallar kombitany, çagyl owradyjy zawody Şorgala çakyr zawody işleýär.
Etrap merkezi Gökdepe Aşgabat şäherinden 42 km günbatarda ýerleşyär. Şäherin demirgazyk eteginde taryhy ýadygärlikler top lumy bolan Gökdepe galasy ýerleşyär. Şäherde dokma top lumy, gurluşyk materiallary zawody, etrabyň dolandyryş edaralary, söwda we durmuş hyzmaty kärhanalary, durmuş-medeni maksatly edaralar ýerleşýär.




#Article 224: Akbugdaý etraby (200 words)


Gäwers etraby 1977 ýylda döredilip 1988 ýylda ýatyryldy we 1992 ýylda täzeden döredildi. Ak bugdaý etraby Aşgabat şäherinin gündogar tara pyndaky territoriýalary öz içine alýar. Onuň çägi daglyk, dag etek düzlügi we çöllük böleklerden durýar. Etrabyň ekin meýdanlarynyň esasy bölegi Gäwers düzlüginde ýerleşyär. Onuň territoriýasyny Garagum derýasy, Aşgabat-Mary demir we awtomobil ýollary kesip geçyär. Ilatly ýerler Garagum derýasynyň zolagynda özleşdirilen ýerlerde we ulag ýollarynyň ýakasynda ýerleşendir. Hojalygynyň ýöriteleşdirilen ugurlary: pagtacylyk, däneçilik, gök we bakja ekerançylygy, üzümçilik, miweçilik, gara mallary ösdü- rip ýetişdirmek, dowardarcylyk. Etrabyň gündogarynda Berkararlyk (önki Babadurmaz) şäherçesiniň golaýynda balykçylyk hojalygy bar. Ol Aşgabat şäheriniň ilatyny jan ly balyk bilen üpjün etmäge ýöriteleşdirilendir. Ak bugdaý etrabynyň düzümine 1 şäher (Änew), 3 şäherçe (Ýaşlyk, Berkararlyk, Bagabat), 14 geňeşlik we 48 oba girýär. Meýdany 6,5 müň kw.km Ilaty 74,6 müň adam. Köpetdag bilen Garagumyň arasyndaky Gäwers düzlüginde ýerleşýar. Etrabyň territoriyasyny Babadurmazdan Aşgabada çenli (70 km. gowrak) demir ýol, awtomobil ýol. Garagum derýasy, elektrik liniýasy, gaz geçirji turbalar kesip geçýärler. Hatly punktlar Garagum derýasynyň zonasynda döredilen täze şäherçelerde we ulag yollarynyň yakasynda ýerleşendir. Hojalygyn ýöriteleşen ugurlary : üzümçilik däneçilik, miweçilik, gök we bakja ekerançylygy pagtaçylyk, maldarçylyk, Babadurmazyň golaýynda doly sistemaly balykçylyk hojalygy bolup, ol Aşgabat şäherini janly balyk bilen üpjün etmeklige yöriteleşendir.




#Article 225: Änew (118 words)


Änew şäheri 1973 ýylda döredildi, ilaty 14,2 müň adam. Şäherçe Ahal welaýatynyň hem-de Akbugdaý etrabynyn adminstratiw merkezi. Änewde geologik-gözleg ekspedisiýasynyň kontorasy, kerpiç zawody, çakyr zawody, ekerançylyk we toprak institutlary, durmuş medeni edaralar, demir ýol  stanisiýasy, gurluşyk guramalary ýerleşendir.
Welayatyň dolandyryş merkezi Änew şäheridir. 2008-nji ýylda oňa etrapdaky şäher statusy berildi. Änew yurdu- myzyň paýtagty Aşgabat şäherinin golaýynda ýerleşmek bi- len, welaýatyň uly ykdysady we durmuş-medeni merkezine öwrülýär. Şäherde 110-a golaý senagat, ulag we aragatnaşyk, gurluşyk kärhanalary we edaralary bar. Şäherde welayatyň we Ak bugdaý etrabynyň dolandyrys edaralary ýerleşyär. Anewde senagat kärhanalaryndan çakyr zawody, un-de- girmen toplumy, kerpiç zawody, söwda we durmuş-medeni maksatly edaralar bar. Anewde Ak bugdaý muzeýi, onuň golaýynda bolsa uly arheologik toplumy bolan Änew galasy ýerleşyär.




#Article 226: Ahal-teke aty (2585 words)


Münülýän haýwanlaryň içinde hiç birisi at bilen deňeşdireňde gödek ýük daşaýjylykdan başga häsiýete eýe däldir. Atdan başga, pilden eşege çenli ähli haýwanlaryň her tüýüne dürden ýasalan hünji düzseňem at bil dnewslenirseň öli garantga ýalydyr. Ýagny, biz ýerden aýagymyzy üzüp, ata atlananymyzdan soň onuň müň dürli ýöreýşi, ýol alyşy, sanjylyp durşy, çarpaýa galyp oýun edişi — ruhumyzyň ähli künjeklerine täsir edişi bilen ol hamala biziň ýarpy göwrämize öwrülen ýalydyr. Misli ol adam bilen bütewileşene meňzär. Galam ýaly inçe aýaklaryň üstünde dünýäde iň sazlaşykly göwre, kybapdaş boýun, buýsançly baş… Soňra bu täsinlikleri örten hamala beýik soltan lybasy geýdirilen ýaly çar ýana öwüşgin atýan mele, dor, al, gara, gyr… reňkli ýukajyk derisi…  Şalara mynasyp, sürmeli, elde çekilen ýaly owadan hem jümmüşinde agy-hasrat görünýän gözler… Ýeňiş baýdagynyň tugrasyny ýatladýan ýallary, gujurlylygyň nyşany guýruk…

Bu aklyňy haýran ediji beden gurluşy bilen at ynsan oglunyň işçisinden begine çenli, sportsmeninden hökümdaryna çenli berlen we olara işleriň iň gödeginden iň inçesine çenli maddy we manewi goldaw bermek wezipesini ýerine ýetirýän ylahy sowgatdyr.

Aty ne haýwanat ylmy, ne maldarçylyk, ne ykdysadyýet, ne esgerlik, ne-de sport we çapyjylyk taýdan hersinde aýratyn, hemmesinde birlikde-de düşündirmek kyn… At bu ulgamlaryň hersine bir öwüşgini bilen ornan hem öz manysy we gymmaty boýunça olardan has beýige galan janawerdir…

Faýl:Cult of Heavenly horse bronze horse ancient finial Bucephalus Ancient Akhal Teke.jpg|thumb|Gadymy türkmenler Ahal-Teke aty, bürünç, beöň 4-1-nji asyr.  
Biziň  eýýamymyzdan  ozalky  V  asyrda  ýaşap  geçen  gadymy  grek  taryhçysy Gerodot şeýle ýazypdyr: «Gündogarda ajaýyp atlar gezýän Nusaý atly ägirt uly giňişlik bar».«Nusaý atlary. Ýeri  gelende  aýtsak,  ençeme alymlar bedew atlary seýislemegiň hettlerde we has soňra ýaşap geçen türkmenlerde doly derejede birmeňzeşdigine ünsi çekýärler. Olar gadymy şekillerde suratlandyrylan patyşa maşgalalaryna  degişli  hett  zenanlarynyň  egin-eşikleriniň  türkmen  zenanlarynyň  häzire çenli saklanyp galan baýramçylyk lybaslary bilen haýran galaýmaly derejede meňzeşdigini belläp geçýärler.
Şeýle  meňzeşlikleriň  ençemesi  mälimdir.  Şolaryň  arasynda,  megerem,  iň  bir häsiýetli meňzeşlik zenan lybaslaryny bezeýän gabaraly kümüş şaý-sepleriň çylşyrymly toplumydyr.  Türkmen  zenanlarynyň  başa  geýilýän,  egne  dakylýan,  döşe  dakylýan, goşara geýdirilýän parçalary at münüp döwüş etmegi, gaçyp barýarka ýaýdan peýkamy ezberlik bilen goýberip, duşmany haýykdyrmagy başaran gadymy döwürlerdäki meşhur amazonkalaryň lybaslaryndaky şaý-seplere juda meňzeşdir. Alymlar henize - bu güne çenli yssydan goranmak üçin çopanlaryň geýýän bagana telpeginiň  meşhur  Orhan  -  Ýeniseý  daş  ýazgylarynda şekllendirilen  çapyksuwarlaryň başlarynda hem bardygyny ýüze çykardylar. Şol çapyksuwarlaryň çapyp barýan atlarynyň keşbi hem ahalteke bedewleriniň keşbi bilen bir almany ikä bölen ýaly meňzeş: şolaryň hem guwuňky ýaly uzyn boýunlary, gelşikli kelleleri, syrdam aýaklary bar. Alymlaryň pikirine görä, biziň eýýamymyzdan ozalky 500-nji ýyllarda şol jelagaýlara - Ýeniseýiň kenarlaryna Dariniň çozuşlaryndan halas bolmak üçin sak taýpalary göçüp barypdyrlar.
Iki müň ýyl geçenden soň Altaýyň depeleriniň birinden tapylan, biziň eýýamymyzyň başynda  Altaýa  çenli  «çapyp  baran»  meşhur  ahalteke  bedewi  şeýle  suratlandyrylýar: «Gelşikli kellesi, owadan boýny bolan, syratly, çapylyp göwnejaý münüş edilen uly göwreli altynsow -sary reňkdäki bedew atyň mumyýasy baky doňaklyk netijesinde häzirki döwrüň barlagçylarynyň eline düşdi, onuň ýekeje sypjyrylan ýeri-de, bir gamçy yzy-da ýok».
Ajaýyp arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidiniň açyşlaryna salgylanmasak, taryha syýahatymyz  doly  bolmazdy.  Ol  Garagumda,  häzirki  zaman  ylmynyň  ykrar  edişi  ýaly, Hytaýyň, Hindistanyň, Mesopotamiýanyň we Müsüriň gadymy medeniýetleri bilen bir hatara çykan dünýäniň iň gadymy siwilizasiýasynyň birini - Marguş ýurduny açdy. Ürgün çägelikde gadymy patyşalygyň harabalyklarynyň üstüni açmak, şol ýerde dünýädäki ilkinji din bolan zoroastrizmiň dörändigi baradaky aýdyň subutnamalary ylym dünýäsine görkezmek üçin gaýduwsyz alyma gazuw-agtaryş möwsümleriniň otuzysy, ýagny otuz ýyl gerek boldy. Bir  mahallar  gülläp  ösen  Marguşdan  biziň  günlerimize  paýtagt  şäher  bolan Goňurdepäniň  giň  meýdanyny  tutup  ýatan  gabaraly  harabalyklar  gelip  ýetipdir.  Onuň sünnälenip haşamlanan ajaýyp ymaratlary gurmagyň binagärlik sungaty we adamlaryň oýlanyşykly ýaşaýyş durmuşy bolsa arheologlary henize - bu güne çenli haýran galdyryp geldi. Türkmenleriň ata-babalary - baryp biziň eýýamymyzdan ozalky üjünji müňýyllykda Murbagyň köne  hanasyndaky  mes  toprakly  ýerleri  özleşdirip  başlan  adamlar  ussat binagärler, gurluşykçylar, demir ussalary, küýzegärler we zergärler bolupdyr. Olar metaly we bürünji eretmegiň, altyny we kümüşi bejermegiň syrlaryny bilipdir. Bürünç  eýýamynda  şol  ýerde,  sahawatly  ülkede  eýýäm  tohum  atlaryň ýetişdirilendigi tötänden däldir. Olar seýislenipdir, aýratyn halatlarda bolsa hudaýlara gurban berlipdir. Aýratyn hormat bilen jaýlanan taýçanak, ençeme bürünç şahjagazlar - bedewleri seýislemek üçin niýetlenen ýörite saz gurallary, ahalteke bedewiniňki ýaly boýny uzyn, gözleri uly atyň kellesi görnüşdäki kinniwanja heýkeljik - bu tapyndylaryň ählisi, W.I.Sarianidiniň tassyklaýşy ýaly, biziň eýýamymyzdan ozalky III - II müňýyllyklaryň sepgidinde gadymy türkmen taýpalarynyň atlaryň naýbaşy tohumlarynyň seleksiýasynyň başyny başlandygyna şaýatlyk edýär. Ahyrky netijede munuň özi ahalteke tohumynyň döremegine getirdi. Ýokarda  aýdylan  zatlaryň  ählisi  hudożnikleriň,  taryhçylaryň  we  arheologlaryň zähmeti  bilen  döredilen  uly  kartinanyň  bir  bölegidir.  Tohum  atyň  diwarlaryň  ýüzündäki şekilleri, heýkelleri, freskalary we barelýefleri, ostiologik kolleksiýalaryň nusgalary gadymy atyň häzirki zaman ahalteke bedewine meňzeş umumy keşbini janlandyrýar. Şunuň bilen birlikde  bu  arabaglanyşygyň  subutnamalarynyň  arasynda  DNK  usuly  bilen  barlamak subutnamasy  ýok  diýlip hasaplanylýar.  Şeýle  usuly  barlap  görmek  üçin  gadymy  atyň müdimi doňaklyklarda bütinleý saklanyp galan galyndysyny tapmak gerek. Şu jähetden 
altaý bedewiniňki paşmady: şol döwürde ylym ösmändi. Şeýle nobatdaky bagtly tapyndynyň ýüze çykarylmagyna köp wagtlap garaşmaly boljakdygymyz sebäpli, biziň pikirimizçe, aýdyň görnüp duran zady logiki ýol bilen subut etmäge synanyşyp göreris.

Baş öwretmegiň şeýle usulynyň ýüwrük, çakgan, asylly, adamyň erkine tabyn türkmen bedewiniň köp derejede öz aýratynlygy bilen şertlenendigine ikirjiňlenmese bolar. Käbir arassa ganly bedewler başyny dik göterip we bedenini çaýkap ýöreýän bolsa, ahalteke atlary assa ýöräp, seýkin basýar, onuň bedeni çaýkanmaýar. Çünki ahalteke bedewleri müňýyllyklaryň dowamynda çölde, gumuň içinde terbiýelenipdir, munuň özi olaryň ýöreýşine öz täsirini ýetiripdir. Gadymy türkmen seýisleri diňe atyň başarnygyny açman, eýsem onuň asylly kalbynyň hem açaryny tapypdyrlar. Türkmen seýisleriniň soňky döwürde ahalteke bedewlerine nähili baş öwredýänligi hakynda rus atşynas alymlarynyň XX asyryň 20-30-njy ýyllarynda Türkmenistana guran ekspedisiýasynyň barşynda ygtybarly maglumatlar toplandy. Şol baş öwretme umumy ýagdaýda, ine, şeýle häsetlendirilýär. Türkmenler taýy enesinden bäş - alty aýlykda aýrypdyr, emma taý daýhan hojalygynda galsa, enesi bilen bir ýarym ýyla çenli bile gezýän halatlary az bolmandyr. Eneden aýrylýança agyzdyryksyz gezip, soňra jylaw salnypdyr. Eýesiniň öýünde ösüp, diňe şonuň elinden iýmitlenen atyň ilkibaşdaky baş öwretmäni has ýeňil kabul etmegi mümkin. Taý, haçan-da, agyzdyryk bilen jylawa öwrenişdirilende, onuň arkasyna iki desse ýorunjany artmaklap atyp, agramy duýar ýaly edipdirler. Soňra ýaşyna ýeten ata ýaş oglany mündüripdirler we ony birýarym ýaşly atlaryň güýzki çapyşygyna taýýarlapdyrlar. Taýýarlyk üç döwürden ybarat bolup, bäş - alty aýa çekipdir. Ilkinji 2-2,5 aýda at duşakda saklanylypdyr we günde alty kilogram arpa hem-de isledigiçe ýorunja bilen iýmitlendirilipdir. Eger ol özüni tutubermeýän bolsa, arpa saryýag, ýumurtga we çörek garnuwy goşulypdyr. Ýaş at 3-3,5 aýda uýgunlaşyp başlansoň, ýagny keçe ýapyp, günde 15-20 kilometr aralygy (dört gezekde) ädimläp geçende derini gaýtarýarlar. Soňra has çylşyrymly işe geçilipdir, gün içinde bäş gezege çenli ädimlenip gidilipdir, ol aýyň ahyrynda kem-kem artdyrylyp, her gün 1500 metre çenli aralyga gorgun sürdürilipdir. Çapyşyga bäş gün galanda her gün ädimläp we gorgunladyp, çakgan üç ýöriş geçirilipdir, çapyşyk güni irden güýçli derleýänçä (der ýere syrygýança) çakgan sürülipdir. Derländen soň bolsa gök ýorunja berlipdir we çapyşyga ugralypdyr, o taýda çykyş başlanýança ýorunja baldagy, çapyşygyň öňüsyrasy bolsa bir goşawuç arpa berlipdir. Eger atyň gapyrgasy anyk saýgartsa, sargasyndaky tüýi tersine sypalasaň bulaşsa, at synaga taýýar hasaplanypdyr. Çapyşykdan soň uzak wagtlap gezdirilip, atlaryň endamy sowadylypdyr. Seýisçiligiň başga täri hem bar, şonda öňkiniň tersine birinji döwürde at horlanar ýaly, iým az berlipdir, çapyşyk möwsümi golaýladygyça arpa mekgejöwen ununy we goýnuň guýruk ýagyny goşup iýmitlendirip başlapdyrlar. Bu, seýisleriň pikiriçe, atlara adaty bolmadyk güýç beripdir... Türkmenler öz ahalteke bedewleriniň boýnunyň uzyndan inçe bolmagyny gazanmak üçin, oňa ot - iými ýörite gazylan çukurlarda beripdirler. Şeýdibem, olar ot - iým iýen mahallary atlaryň boýunlaryny süýndürmegini gazanypdyrlar. Taýçanaklara arkasyna belli bir agramdaky ýüki atyp, çalt ylgamakda tälim beripdirler. Bu tälim ot -iýmiň çäkli mukdary bilen utgaşdyrylyp, taýçanaklaryň döş kapasasynyň göwnejaý kemala gelmegi, gapyrgalarynyň tekiz we çeýe bolmagy gazanylypdyr. Döşüniň şeýle görnüşi atyň söweşjeňlik ukybyny artdyrypdyr, çünki ol şeýle ýaýbaň döşleri bilen duşmany gysyp - gowrupdyr, kuwwatly urgusy bilen ýere ýazypdyr. Atlar batly toýnaklary bilen-de duşmana zarba urmagy başarypdyrlar. Italiýaly syýahatçy, meşhur Marko Polo bolsa, şol bedew atlaryň toýnaklary barada: «olar şeýle bir berk welin, taplamagyň hem zerurlygy ýok» diýip, haýran galmak bilen ýazýar. Türkmenler ylmy taýdan «kapriol» diýlip atlandyrylýan atlaryň tebigy goranyş hereketlerini öz atlaryna diňe söweş meýdanynda ulanmagy öwredipdirler. Başga wagtlar özüni gije-gündiz bakyp - bejerýän adama beýlede dursun, ahalteke bedewiniň çagany-da depmeýändigi, ynjytmaýandygy äşgär ýagdaýdyr.

Öňki döwürlerde türkmenlerde atlaryň ýazmaça şejeresi döredilmändir, ýöne olary atasynyň ugry boýunça tanapdyrlar we nesilden-nesle geçiripdirler. Arassa ganly ahalteke bedewleriniň ilkinji tohumçylyk kitaby 1898-nji ýylda peýda bolupdyr, ony düzmäge türkmen atçylary hemaýat edipdir. Bu halkyň gowudan-gowy atlara söýgüsiniň nyşanydy. Atlary daýhan hojalyklaryndan gözläpdirler, olar üçin çöldäki çarwalaryňka gidilipdir, käbirlerini bolsa eýeleriniň özleri getirip, öz bedewleriniň şejeresini dikeldipdir. Boýnaw diýen at gowularyň - gowusy saýlypdyr, halkyň müňýyllyklaryň tejribesini öz içine alýan tohumçylyk işi ony atlaryň häzirki tohumlarynyň nesilbaşysy edipdir. 1895-nji ýylda doglan Boýnaw aýlawlaryň hiç birinde ýeňilmän, köp sanly we ýyndam nesil galdyryp, rowaýata öwrülen bedew bolupdyr. Diňe ajaýyp at ýüzlerçe neslini galdyryp, tutuş giden ugruň nesilbaşysy bolup biler. Baýtallaryň ykbaly bolsa başgaça: olar özünden soň 10 - 12-den kän taý galdyrmaga ýetişenok. Şoňa görä-de, atlaryň şejeresi gadymdan bäri ajaýyp bedewleriň ugry boýunça atlandyrylýar. Boýnawyň nesilleri bäş sany özbaşdak ugruň nesilbaşysy boldy: onuň nesli Meleguş we Meleçek, olaryň nesli Baba Ahun bilen Döwlet Işan, şeýle hem şolaryň nesli Begnazar Aldyr, bulardan şu tohum giň ýaýrady. Atlaryň baş sanynyň ilkinji zootehniki barlagy 1927-nji ýylda Ýer baradaky halk komissariatynyň meşhur zootehnigi K.Gorelowyň ýolbaşçylygyndaky topar tarapyndan geçirildi. Meşhur nesil daragtyny seljermekde we tohumyň genealogik düzümini ýüze çykarmakda hem K.Gorelowyň hyzmaty uludyr. Soňky barlaglaryň we takyklamalaryň esasynda 1941-nji ýylda atlaryň Orta Aziýa tohumlarynyň ilkinji Döwlet tohumçylyk kitaby çapdan çykdy. Oňa ahalteke bedewlerinden gelip çykan 287 sany aýgyr we 468 sany baýtal baradaky maglumatlar girizildi. Häzirki wagtda ahalteke tohumyndan bolan atlaryň gurluş kysymy on ýedi ugur boýunça gidýär, olar aslyny şöhratly bedewlerden alyp gaýdýar. Ine, olaryň ady: Aksakgal Skak Eýeberdi Teleke Gyrsakar Dor Baýram Posman Sere Pereň Ýel Gaplaň Pakyr Pälwan Sluçaý Garlawaç Arap Sapar han Meleguş Gelşikli Döwlet tohumçylyk kitabynda beýleki atlar we ene baýtallar ýaly, olaryň ählisiniň öz tertip sany bar, sebäbi ol ýa-da beýleki ugur çylşyrymly tertip sany arkaly görkezilýär. Köp sanly bedewler ahalteke tohumyny şöhratlandyrdylar. Olaryň ady halkyň hakydasynda müdimilik galdy. Şöhratly ugurlaryň biri-de Meleguş ugrudyr. Bu ahalteke bedewleriniň arasynda iň bir giň ýaýran, iň bir söýlüp ady tutulýan, deňi-taýy bolmadyk atdyr. Onuň gelip çykyşy halk içindäki meşhur rowaýat bilen baglanyşykly. .Haýsydyr bir wagtdaky ýaryşda bedewleriň birine bäsdeş tapylmandyr. Ýaşulular geňeşip, bäsdeşi atdan däl-de, laçyndan saýlamagy karar edipdirler. Adaty bolmadyk ýaryş hakyndaky habar bütin Ahala ýaýrapdyr, muny synlamaga müňlerçe adam gelipdir. Inede, märekeden laçynyň eýesi saýlanypdyr, aldawajyny - çig eti ýokary galdyrypdyr. Dor Bedew bilen guşy şol bir wagtda belli aralyga goýberipdirler. Bedew giden mähelläni haýrana goýup, ýaýdan çykan peýkam ýaly süýnüp, pellehanadan ilki geçipdir. Şondan bäri ahalteke bedewlerine guşlaryň ady, ýagny: Meleguş, Garlawaç, Garaguş, Laçyn, Durna, Bürgüt atlary dakylýar diýýärler. Meleguş ýaly ahalteke bedewi atlaryň äşgär tanalýan giden bir neslini emele getirdi.

Bir gezek ugruň ajaýyp wekili hökmünde Meleguşlaryň biri Halkara Leýpsig ýarmakasyna iberildi. Halaýyk bedewi gysby halka bilen gurşady, olara atyň altynsow tekiz endamynyň ýalpyldysy hakyky däl ýaly görnüpdir. Bedew hakyky altyn bolup lowurdaýardy. Adamlar muňa ynanmandyrlar we aty reňkländirler öýdüpdirler. Şu ýerde, ähli adamlaryň gözüniň öňünde Meleguşy suwa düşüripdirler. Hezil edip suwa düşen Meleguş suw düwmelerini syçradyp, öňküsinden hem beter ýalpyldapdyr. Sergä gelenler haýranlar galypdyrlar, hemmeler türkmen bedewini ýürekden halapdyrlar we uzak wagtlap ahalteke bedewiniň ýanyndan aýrylyp bilmändirler. Meleguş Delidäki halkara sergisinde-de az üstünlik getirmedi. Atlaryň gözelligine inçeden baha bermegi we düşünmegi başarýan hindiler atyň ýanyna beýan edipbolmajak haýran galmak bilen geldiler hem-de Hudaýa seredýän ýaly geň galmak bilen ony synladylar. Serginiň ahyrky güni olar lowurdap duran bedewi güller bilen bezediler, onuň ýanynda sazandalar bilen tansçylary ýerleşdirdiler. Soňra ýurduň hormatly ýaşulusy şöhratly şahyr we serkerde, Hindistanda milli gahryman bilen deň hatarda hatyralanýan Baýram han Türkmen hakyndaky ýadygärlik hökmünde Meleguşy Hindistanda galdyrmagy tüýs ýürekden haýyş etdi. Şeýdip, Meleguş Hindistanda galdy. Ähli döwürleriň ýazylmadyk kanuny boýunça türkmenler hiç wagt tohumlyk bedewlerini aýra salmandyr. Olar ölmäge-de taýyn bolupdyrlar, ýöne ata-babalarynyň asyrlaryň jümmüşinden gelýän bu kanunyna hiç mahal ikilik etmändirler. Şol wagt başga döwür höküm sürýärdi, ahalteke bedewiniň eýeleri-de başga adamlardy. 1935-nji ýylyň Aşgabat - Moskwa köp günlük atly ýörişi üstünlikli tamamlanandan soň, şol ýörişde ýekeje aty hem ýitirmedik jigitler eýýäm Moskwada gowudan-gowy bedewleri, şol sanda ap-ak Arap bilen hoşlaşdylar. Göni on ýyldan soň marşal Jukow şol bedewde Ýeňiş paradyny kabul etdi. Ahalteke bedewi bolan Arap iň gowy tohum atlaryň naýbaşysydy, ol güneşli ýurdumyzyň wekili bolup, Ýeňşiň alamatyna, parahatçylyk wekiline öwrüldi! Muňa türkmenler nähili buýsanypdyrlar. Olar Arabyň uly hormata mynasyp bolmagy baradaky täsin wakany agtyklaryna we çowluklaryna gürrüň bererdiler. Bu waka şeýle bolupdyr. Üflenip çalynýan saz gurallarynyň ritmine -owazyna duýgur at gerekdi. Munuň üçin iň gowy bedewleriň on sanysy seçilip alynsa-da, deslapdan iňlis aty göz öňünde tutulypdy. Türgenleşik uzaga çekdi. Barlag hemmeleri surnukdyrdy, atlary agyla gabadylar. Harby orkestr hem marş sazyny walsa çalşyp, dynç almakçy boldy. Birdenem, agylyň germewinden meýdança ak bedew böküp düşdi. Sazy diňleýän mysaly biraz säginip, ol walsyň owazyna pyrlanyp başlady. Hemmeler haýran galmakdan ýaňa doňup galdylar. Şol bada bu täsin, şöhratly, sazsöer bedew seçilip alyndy.

Atyň haýsy maksatlar üçin ulanylýandygyna görä, şu aşakdaky esbaplar ulanyl- ýar: irişme, uýan, eýer, çeki, içirgi, döşlük, gamçy, nal. Owsar at jylaw bilen idilende, daňylanda ýa-da kimdir birine görkezilende ulanyl- ýar. Uýan jylaw bilen birlikde atyň kellesine geýdirilýär, ol atlynyň aty dolandyrmagy, ony gerekli ugra gönükdirmegi, aty saklamagy üçin gerek. Atyň kellesindäki esbap ýeňse gaýyşyndan, duluk gaýyşyndan, seňriklikden, maňlaýlykdan, alkymlyk gaýyşdan, agyzzyrykdan, jylawdan ybaratdyr. Eer atlynyň atyň üstünde rahat oturmagy, at hereket edýän wagty egilip bilmegi, eýere söenip oturmagy üçin gerek. Atlara haýsy maksatlar üçin ulanylýandygyna baglylykda dürli hili eýer salynýar. Türkmen eýeri iň gadymy we oturmak üçin oňaýly eýerdir. Beýlekilerden tapawutlylykda onuň gaşy bar. Türkmen eýeri söwütden ýasalýar we ol çerim bilen örtülendir. Sport eýerleri bilen atlar atçylyk sporty boýunça ýaryşlar geçirilende eýerlenýär. Çapyşyk we sport eýerleriniň üzeňňi ýüpleri aýratyn berk bolýar. At çapyşygyna gatnaşýan bedewleriň nallary ýumşak metaldan (10-12 millimetrlik sim) ýasalýar, olar atyň toýnagyny şikesden goramak üçin zerurdyr. Mundan başga-da olar atyň dogry ýöremegine ýardam edýär. Çapyşyga gatnaşýan atlaryň öň iki aýagyna nal kakylýar.

Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde gözellikde hem-de ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewlerimiziň şanyna Türkmen bedewiniň baýramy tutulýar. 
Dünýäde iň ýyndam we gözel atlar hökmünde uly şan-şöhrata eýe bolan türkmen bedewleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli toý-baýramlarymyzyň bezegine öwrüldi. Ýurdumyzda giňden toýlanýan Türkmen bedewiniň baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasynyň hatarynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisiniň, ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginiň, “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahatynyň, uzak aralyga atly–marafon we beýleki atçylyk sportuna degişli ýaryşlaryň geçirilmegi dabaralaryň ähmiýetini has-da artdyrdy. Bu baýramçylyk çärelerine dünýäniň köp sanly ýurdundan myhmanlaryň gatnaşmagy örän guwandyryjy, buýsandyryjy hadysadyr.
Häzirki döwürde öz gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan arassa tohumly ahalteke bedewleri bilen baglanyşykly atçylyk sungatynyň milli ýörelgelerini we däp-dessurlaryny gaýtadan dikeltmek, täze manymazmun bilen baýlaşdyrmak we ösdürmek, ýaşlary atçylyk sporty bilen meşgullanmaga işjeň çekmek, şeýle hem bedewlerimizi bütin dünýäde wagyz etmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Bu işleriň sakasynda hormatly Prezidentimiziň çäksiz tagallalary ýatyr.

Aşgabatda döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy bilen ýakyn hyzmatdaşlyk, aragatnaşyk saklamaga isleg bildirýänleriň sanynyň-da barha artýandygyny ýatlamak ýakymlydyr. Munuň özi bu Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň dünýä ýüzünde abraýynyň, şan-şöhratynyň barha artýandygynyň alamatydyr.
Häzir ýurdumyzda dünýä derejelerine laýyk gelýän atçylyk-sport toplumlary gurlup, ol welaýatlarymyzyň iň bir buýsançly ýerleriniň birine öwrüldi. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde bina edilen bu ajaýyp Halkara atçylyk-sport toplumy belent başly gojaman Köpetdagyň etegine özboluşly bezeg berýär. Dünýä ülňülerine gabat gelýän, iň kämil tehnologiýalary bolan bu toplumda atçylyk boýunça dürli ýaryşlary geçirmäge amatly şertler döredilendir.

Atçylyk sporty barada aýtsak, gadymy türkmen topragynda ýörgünli bolan at üstündäki milli oýunlar, häzirki döwrüň birnäçe atly ýaryşlarynyň, dabaralarynyň we şüweleňleriniň esasyny döredýär. Bularyň örän ýörgünli bolmagynyň sebäbi, gadymylygy, halkymyzyň gündelik durmuşyna ýakynlygy we her ýaşdaky atçylyk sportunuň janköýerleri üçin elýeterliligi bilen düşündirip bolar.
Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe, atçylyk sportynyň köp görnüşi gaýtadan dikeldi, şol bir wagtyň özünde olimpiýa sport görnüşi bilen at bilen päsgelçilikden böküp geçmek uly ösüşlere eýe boldy.




#Article 227: Baharly etraby (272 words)


Bäherden etraby 1957 ýylda döredilip, 1963 ýylda ýatyryldy we 1965 ýylda täzeden döredildi.

Meýdany 17,4 müň kw.km ilaty 86,5 müň adam.  Etrap 3 fiziki-geografiki bölekden: Köpetdagdan, dag etegi düzlüklerden we Garagum çöllükden ybarat. Baharly etraby Ahal welaýatynyň gündogarynda ýerleşýär. Onun çägine Köpetdagyň, dag etegi düzlüginin we Garagum çö- lüniň bir bölegi girýär. Etrabyň çäginden Garagum der ýasy, Aşgabat-Türkmenbaşy demir we awtomobil yollary geçyär. Baharly etrabynyň düzümine 1 şäher, 15 geñeşlik we 31 oba girýär.

Garagum derýasy, Arwaz çaýy, Arçman çeşmesi we köp sanly skwažinalar. Hereket etmeýän kärizleriň birnäçesi saklanyp galypdyr. Etrapda kesel bejeriş Arçman, ýylysuw, minerak suw çeşmelerem bar. Etrap Garagum derýasynyň we Köpetdagdan gaýdýan ownuk suw çeşmeleriniň suwlary bilen üpjün edilýär.

Hojalygynyň esasy ýöriteleşen ugulary pagtaçylyk, däneçilik, maldarçylyk, gok we bakja ekerançylygy Bäherden garaköl goýundarçylyk, Saýwan maldarçylyk hojalyklary yurdumyzda bellidir. Akdepe obasynda Bäherden nah mata dokma kombinaty guruldy.
Hojalygynyň esasy ýöriteleşdirilen ugurlary pagtaçylyk, däneçilik, gök-bakja ekerançylygy, dowardarçylyk hasaplanýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda etrabyň senagat taýdan ähmiýeti artýar. Bu ýerde magdan däl gurluşyk material lary kärhanalary ýerleşyär. Keletede sement zawody, Akde pe obasynda egirme-dokma fabrigi işleyär. Etrabyn Sünçe obasynyň golaýynda uly guşçulyk toplumy bolup, onda her ýylda 3000 tonna towuk eti we köp möçberde ýumurtga öndürilýär. Bäherden şäherinde haly fabrigi, çeper-senetçilik önümleri fabrigi, pagta arassalaýan zawod, konserwa zawody, durmus-medeni edaralar ýerleşýär.

Etrabyň çäginde kesel bejeriş ähmiýetli Arçman, Ýylysuw mineral suw çeşmeleri we kesel bejeriş ulgamlary bar. Olaryň esasynda häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän şypahanalar hereket edýär. Baharly şäherinden 20 km gündogarda täsin Köwata ýerasty kükürt-wodorod suwly köli ýerleşýär. Onun syýahatçylyk merkezi hökmünde ähmiýeti ýurdumyzyň çäginden daşarda hem bellidir. Bäherdeniň 30 kilometr günbatarynda Arçman şypahanasy, 5 km günorta-gündogarynda mineral suwly Durun sagaldyş merkezi hereket edýär.




#Article 228: Düýedarçylyk (133 words)


Türkmenistanyň maldarçylyk azyk toplumyna girýän pudaklaryň arasynda iň arzan önümleri düýedarçylykdan alynýar. Düýedarçylyk ahmiýeti oba hojalyk pudagy bolup, ol süýt, et ýüň öndurmeklikde ep-esli orun tutyar. Düýe süçdünden yaramly içgi çal we ak agaran taýýarlanylýar. Türkmenistanda yeke örküçli düýeleri gin ýaýrandyr. Düýelerin tohumlaryny gowylandyrmak üçin uly işler hem alynyp barylýar. Ýeke örküçli düýeleri iki örküçli düýeler bilen höwre goýlanda, ikisninin aralygy bolan garyndysynyn erkegine iner, inenine maýa diýilýär. Maýany sap arwana erkegine çekmek netijesinde garyndynyn ikinji nesli alynýar, olaryn erkegine göhert, innine kärderi diýilýär.

Arwana düýelerinin diri agramy 600 kg maýanyn agramy 500 kg. Her düýeden 2,5 kg ýüň, aýda her sagylýan inen düýeden 3140 kg süýt alynýar.

Düýe 18 aýyn dowamynda sagdyrray. onuň süýtliligi ortaça gije-gundizde 7,5 kg-dir. Süýdüň iň köp sagdyrýan aýlarry 5 aý bolup, şonda ähli sgymyn ýarysyna golaýýy alynýar.




#Article 229: Şükür bagşy (215 words)


Şükür bagşy
(1831-1928)

Şükür bagşynyň ady rowaýata öwrüldi.Ol saz çalyjy – dörediji ussat bolup, Türkmen sazynyñ taryhynda uly yz galdyran adam.

Onuñ Eýran Hanynyñ bagşysy bilen ýaryşyp,agasyny halas edişi dilden-dile geçip,biziñ günlerimize ýetdi.
Şükür bagşynyñ atasy Dowada aga Gökdepe etrabynyñ Hurmantgökje obasynda ýaşapdyr.Şüküriñ atasy daýhançylyk bilen meşgul bolupdyr.

Dowada aganyñ 3 ogly bolýar.Ulysy Hojamämmet daýhançylyk bilen iş salysypdyr.Ortanjy ogly Hojamberdi izçi bolupdyr.Dowada aganyñ kiçi ogly Şükür sazanda bolupdyr. Şükür bagşynyñ saz öwrenmekde ilkinji mugallam bolan Aly bagşydyr.

Ol Şükür sazandanyñ kämilleşmigine degerli ýardym edipdir. Şükür bagşy şol döwrüñ ady belli sazandasy Garadäli gökleñden(sazanda hem dutar ýasaýan belli ussat)hem tälim alypdyr.Garadäli gökleñ Şükür bagşa kümüş çaýylan oñat dutar ýasap beripdir.
Beýik ussat pata alan Şükür bagşy Gökdepe, Mary, Hywa ülkelerinde saz çalyp,halka uly hyzmat edýär. Şükür bagşynyñ köp sazlary entek näbelli bolsa-da onuñ ilki döreden “ Salmadan bökdüreni“ , Söýli halany“ şu güne çenli adamlary biperwaý galdyrmaýar. Şükür bagşy Gökdepe etrabynda dogulanam bolsa,bütün ömrüni Duşak obasynda geçirip, 1928 nji ýylda şol ýerde aradan çykýar.

Türkmenler ýüzlerçe ýyl boýunça özüniň taryhy wakalaryny we isleglerini aýdymdyr ýa-da saz böleg bilen beýan edip, nesilden- nesle geçirip,ýitirmändir.Netije alsak,onda Tamdyrany dogry çalmak we onuň awazyny,manisi
hakynda düşünişmek üçin bolsa, sazlaryň kim we näme waka degişlidigini bilsek has hem gowy bolardi.

Şükür bagşy hakda 1963-nji ýylda Polat Mansurowyň Şükür bagşy filmi çykdy.




#Article 230: Täçmämmet Suhanguly (126 words)


Täçmämmet Suhanguly
(1865-1942)

Täçmämmed Suhanguly1865nji ýylda Gökdepe etrabynyñ Ýangala obasynda eneden bolýar. Täçmämmet aganyñ 2 ogly saza ukyply bolupdyr.
Ogly Hojamämmet ökde sazanda bolup ýetişse-de keselläp ir aradan çykýar. Hojamämmet ölümi atasyna diýseñ agyr degýär.
Çary Täçmämmet halypa dutarçy bolup ýetişýär.Täçmämmet aga köp ýyllap Türkmenistanyñ radio-synda , döwlet filarmoniýasynda sazanda bolup işleýär. Täçmämmet aga 1932nji ýylda „ Azatlyk“ diýen sazyny döredýär.
Bu saz şü güne çenli özüniñ ýokary çeperçiligi bilen halk saz gurallary ansamblynyñ , Orkestirleriñ ýekeligde tamdyra çalýanlaryñ çalymyndan düşmän gelýär.
Täçmämmet aganyñ „ Bag içinde“ „Türkmenistanim“ ýaly sazlary hem Türkmen sazynyñ altyn hazynasyna girdi. Täçmämmet aga halk saz gurallary Ansamblary,orkestirleri üçün „Gökdepe mukamy“ „Aýralyk mukamy“

Täçmämmet aga 1940nji ýylda Türkmenistaniñ kompozitorlarynyñ birleşik agzalaryna kabul edilýär.Ol tä ömrüniñ ahyryna çenli ýaşlara elinden gelen kömegini gaýgyrmaýar.




#Article 231: Amangeldi göni (369 words)


Amangeldi göni arapgala(Isbender)obasynda eneden dogulýar. Ol Syçmazlaryň Arap It tiresinden. Amangeldi meşhur dutarçy bolup ýetişýär.
Onuň men diýip jahil wagty Türkmen topragyna kese ýurtly basybaljylar dürli çozuşlary edipdirler.
Şol döwürde Ahala Nurberdi Han hanlyk edipdir.
Amangeldi göni ussat tamdyraçy,saz dörediji,mergen,söze çeper bolansoň, Nurberdi Han maslahatçy,sazanda hökmünde ony ýanyndan aýyrmandyr.
Nurberdi Han Amangeldini diýseň gowy görüpdir.Han aga ondan maslahat Soraman,hiç bir işi çözmändir. Nurberdi Amangeldiň sözüne halkyň pikri diýip düşünüpdir.Şoňa göräde, ýaşulular bilen duşuşanda, Amangeldisyz geňeş geçirmändir.Maslahatda Ahal ilinde ýüze çykan her bir narazyçyligy bileligde çözüpdirler. Amangeldi Şükür bahşy bilen deň- düşrakdyr.
Ýöne ýetgijeklig döwrüne ýeten wagtlary Şükür bahşy Gökdepe etrapyndan göçüp,Ürgenje, soňra bolsa, ymykly kaka etrapynyň duşak obasyna barýar.

Olaryň basym-basymdan duşuşmasalar-da, toýlarda, üşmeklerde görüşüpdirler.
Amangeldiniň kakasynyň ady Orazalydyr.Amangeldi hakda köp rowaýatlar bar.
Amangeldi ýaşka,gözüne ilen zady göterip gidiberipdir, diýýärler.

Ýenede bir rowaýatda Amangeldi awa gidip,işi paşman aç halda öýe gelýärkä, ýolda molla düşüp, onuň öýünde unaş içip:

Haýsysy dogry bolsa-da bü gürrüňlriň Amangeldiniň ussat tamdyraçy bolup ýetişmegine päsgel bermändigi welin çyn.

Amangeldi Nurberdi Hanyň köşgünde bolanda,goşun serkerdeleri hem Amangeldini örän ýagşy görüpdirler. Ylaýtada Berdimyrat Han(Nurberdi haniň ogly),dykma serdar,Öwezmeret serdar,kerimberdi işan, Atalyk Han onuň ussatlyk bilen çalýan sazlaryny höwes bilen diňläpdirler.
Amangeldi göni Gökdepe urşuna gatnaşanlaryň biri.Ol esgerler bilen galanyň bir burçuny gorapdyr dien gürrüň hem bar.Gowga gatnaşýan adamlaryň biri bolan Kepele kör bahşy hem onuň ýanynda bolupdyr.
Kör bahşy Kepele obasyndan bolmaly.Kepele kör (Batyr bahşy)söweş gidip durka, aýdym aýdyp,saz çalyp, söweşjeňleri ruhlandyrypdyr.Ol şol ýerde-de ok degip ölýär.

Amangeldi göni ýeke ussat tamdyraçy bolman, köp aýdym-sazlary hem döredip- dir.muňa mysal edip, „ Saltygy „- „ Gökdepe mukamyny „ -„ Burnaşagy „- „ Alagaýşlyny „we beýlekileri görkezmek bolar.Amangeldiniň döreden „ Heserli „- „ Jeren kyblam „- „ Jelil „„ Haji golak „ ýaly ençeme mukamlary hem Türkmen saz sungatyny müdimlik baýlaşdyrdy.
Amangeldi „ ýeňdik „ diýlende kybla tarap ýüzüni tutup, namaz okap durka ok degip wepat bolýar.
Amangeldi söweş edip ýörkä, Nurberdi Han Mary etrapynda kesel ýatypdyr.
Ol Gökdepe gelip Amangeldiň guburynyň ýanynda çöke düşüp, bozulypdyr.
Nurberdi Hanyň ogly Berdimyrat Hanam şol söweşde wepat bolýar.
Nurberdi Han oglunyň gahramanlarça ölenine buýsanipdir.Ýöne ol “Indi Amangeldi göni ýaly sazanda bü golaýda döremez.Amangeldini hemişelik ýitirdik”diýipdir.
Gökdepe söwesi: 28 awgust, 1879 – 12nji Januar 1881 bolan. Türkmen aýdym-sazlary görşüňüz ýaly hemmesi dürmüş wakalara degişli.




#Article 232: Informasiýa düşünjesi, informasiýanyň görnüşleri (238 words)


Informasiýa informatikanyň ilkinji we düýpli düşünjeleriniň biridir. Şonuň üçin informasiýa düşünjesine gysgaça kesgitleme bermek ýa-da ony bir sözlem bilen beýan etmek mümkin däldir.

Informasiýa “informatio” diýen latyn sözünden gelip çykýar we türkmen dilinde “düşündirmek”, “aýdyň etmek”, “beýan etmek”, “aýdyp bermek”, “habarlylyk”, “maglumatlylyk” diýen ýaly manylary berýär.

Biziň ýerine ýetirýän islendik işimiz haýsydyr bir habary, maglumaty kabul etmek we peýdalanmak bilen baglanyşyklydyr. Meselem, kitap, gazet okamak, surata, telewizora  seretmek we ş. m. arkaly biz habarlary, maglumatlary kabul edýäris, ýatda saklaýarys, toplaýarys, özümizçe gaýtadan işleýäris hem-de başgalara ýaýradýarys. Hat ýazsak-da, telefonda gürleşsek-de söhbetdeşimize haýsydyr bir habary, maglumaty berýäris. Islendik meseläni çözmek üçin maglumatlar bilen işleýäris, meseläniň şertinde berlen düşünjeden başlap, оnuň çözgüdinde – täze bir düşünjä gelýäris.

Habar bermeler önümçilikde we durmuşda ýazgylar we çyzgylar, maglumatlar we hasabatlar, jedweller (tablisalar) ýaly görnüşlerde hem duş gelip bilýärler. Çyzgylar we saz eserleri, kitaplar we suratlar, spektakllar we kinofilmler - bularyň barysy-da informasiýalaryň beýan edilşiniň görnüşleridir.
Maglumat anyklyk we dolulyk, gymmatlylyk we derwaýyslyk, aýdyňlyk we düşnüklilik ýaly birnäçe esasy häsiýetlere eýedir.

Işiň hakyky ýagdaýyny häsiýetlendirýän maglumat anyk maglumatdyr. Anyk däl maglumatyň nädogry düşünjelere ýa-da nädogry çözüwlere getirmegi mümkin. Eger habar çözgüdi kabul etmek üçin ýeterlik bolsa, onda оňа doly maglumat diýilýär. Doly däl maglumat çözgüdi kabul etmekde ýa-da оňа düşünmekde kynçylyk döredýär. maglumatyň gymmatlylygy onuň kömegi bilen nähili meseleleriň çözülişine baglydyr. Derwaýys maglumat şertleri üýtgäp durýan işlerde zerurdyr. Düşnüksiz sözler bilen aňladylan habar peýdasyz bolup biler. Berilýän maglumat, habar aýdyň we düşňükli bolmalydyr.




#Article 233: Ýol we orun üýtgetme (147 words)


Islendik hereketiñ gutarnykly netijesini kesgitlemek üçin, bize bir wagtyñ özünde hem ululygy, hem ugry görkezýän fiziki ululyk gerek. Bu fiziki ululyk orun öýtgemegidir.
Jisimiñ başlangyç we soñky ýagdaýlaryny birleşdirýän ugrukdyrylan kesime orun üýtgetme diýilýär. Ol wektor ululykdyr. Diñe san bahasy bilen däl, eýsem giñişlikdäki ugry bilen hem häsiýetlendirýän ululyklara wektor ululyklar ýa-da wektorlar diýilýär. 
Diñe san bahasy bilen kesgitlenilýän ululyklara skalýar ululyklar diýilýär.
Orun üýtgetme wektorynyñ ugry hereketiñ başlangyç nokadyndan soñky nokadyna bolan ugry görkezýär. Orun üýtgetme wektorynyñ san bahasy hereketiñ başlangyç we soñky nokatlarynyñ aralygynyñ uzaklygyna deñdir. 
Aýdyñ üçin orun üýtgetmäni şekillendiilýän kesimiñ ujy strelka bilen belgilenýär. Hereketiñ başlangyç we ahyrky nokatlarynyñ arasyndaky traýektoriýanyñ uzynlygyna geçilen ýol diýilýär. Ýol skalýar ululykdyr. 
Geçilen ýol we jisimiñ orun üýtgetmesi şol bir zat däldir. Jisim M1   nokatdan M2 nokada ornuny üýtgedipdir diýeliñ (a-surat). Onuñ orun üýtgetmesi M1  M2 kesimidir. M1 we M2 nokatlarynyñ arasyndaky traektoriýanyñ uzynlygy bolsa geçilen ýoldur.




#Article 234: Wektor ululyklar (196 words)


Wektor ululyklar üstünde gorizntal strelka goýulýan harplar bilen belgilenýärler. Mysal üçin, 
orun üýtgetme wektory S bilen belgilenýär. 
Fiziki ululyklaryň uly topary wektor ululyklardyr. Durmuşda olary goşmak, aýyrmak zerurlygy ýüze çykýar.

Goý, a we b wektorlary goşmak talap edilsin. Ol wektorlaryň uzynylyklaryny we ugurlaryny üýtgetmän saklap, başlangyçlary gabat geler ýaly edip ýerleşdireliň (a-surat). a we b wektorlary parelellogramyň iki tarapy hasaplap, parallelogram guralyň we diognal geçireliň. Bu diognal netijeleýji c wektordyr. Iki wektoryň jeminiň şeýle usul bilen tapylşyna parallelogram düzgüni boýunça goşmak diýilýär.

Indi a we b wektorlaryň tapawudyny tapalyň. a we b wektorlaryny öz-özlerine parallel edip olaryň başlangyçlaryny bir nokada geçireliň (b-surat) Soňra olaryňçlaryň kemeldijiden kemeldijä tarap (b wektoryň ujundan a wektoryň ujuna) ugrukdyrylan wektor bilen birleşdireliň. Şol wektor hem c wektordyr. b we c wektorlarynyň jeminiň hakykatdan-da a wektora deňdigi suratdan görünýxndir.

Eger-de ol a we b wektorlar bir göni çyzygyň ugry boýunça bir tarapa ugrukdyrylan bolsa, onda netijeleýji c wektoryň moduly goşulýan wektorlaryň modullarynyň jemine deňdir. (ç-surat). c wektor goşulýan wektorlar bilen ugurdaşdyr.

Eger-de a web wektorlar bir göni çyzygyň ugry boýunça garşylykly tarapa ugrukdyrylan bolsa, netijeleýji c wektoryň moduly goşulýan wektorlarynyň tapawudyna deňdir. (d-surat).  C wektor moduly uly bolan wektoryň ugry boýunça ugrukdyrylandyrlyýar.




#Article 235: Deňölçegli hereket (165 words)


Jisimiñ traektoriýasy göni çyzyk bolan herekete göniçyzykly hereket diýilýär. Göni çyzykly hereketde jisimiñ islendik deñ wagt aralyklarynda deñ orun üýtgedýän bolsa, onda onuñ hereketine gönyçyzykly deñölçegli hereket diýilýär. Göniçyzykly hereketde orun üýtgetme geçilen ýol bilen gabat gelýär. 
Awtomobil hereket edýxr, uçar uçýar, emma uçar awtomobile görä çalt hereket edýär, ýagny deñ wagt aralygynda uçar awtomobile garanayñda köp ýol geçýär. Hereketiñ çaltlygyny häsiýetlendirmek üçin tizlik diýilýän fiziki ululyk ulanylýar. Tizlik jisimiñ wagt birliginde geçen ýoluna san taýdan deñdir. Tizligi υ harpy bilen belgiläliñ. Eger-de t wagtda S ýol geçilen bolsa, onda tizlik

υ =S-t
formula bilen kesgitlenilýär. Tizlik wektor ululykdyr. Onuñ ugry orun üýtgetme ugry bilen gabat gelýär.
Tizlik belli bolanda t wagtyñ dowamynda geçilen ýoly tapyp bolar:
S = υ t
Bu formula göniçyzykly deñölçegli hereketiñ deñlemesi diýilýär.
Deñölçegli hereketde geçilen ýol wagta göni proporsionaldyr.
Tizligiñ formulasyndan görnüşi ýaly, tizligiñ birligi deregine t (wagt) birliginde sek, min, sag, S (geçilen ýolyñ) birligi sm, m, km, jisimiñ hereket tizligi υ bilen belgilenýär birligi m/sek, km/sag, alynýar.




#Article 236: Göni çyzykly üýtgeýän hereket (150 words)


Tebigatda we tehnikada synlanýan hereketizmiziñ köpüsi üýtgeýän, ýagny deñölçegsiz hereketdedir. Deñölçegsiz hereketde tizlik dürli dürlidir her bir nokatda.
Ýoluñ haýsydyr bir üçastogynda deñölçegsiz hereketli häsiýetlendirmek maksady bilen hereketiñ orta tizligi diýilýär. 
Ýoluñ berlen uçastogynda hereketiñ orta tizligi, ýoluñ bu uçastogynyñ uzynlygynyñ ony geçmek üçin sarp edilen wagt aralygyna bolan gatnaşygyna deñdir:

υort ort =

edil şonuñ ýaly hem deñölçegli hereketiñ tizligi hem tapylýar. 
Diýmek, deñölçegsiz hereketiñ orta tizligi şol bir ýoly deñölçegli hereket edip, deñölçegsiz hereketiñ wagtyna deñ wagt aralygyna geçip biljek hereketiñ tizligine deñdir. 
Eger-de ýoluñ berlen uçastogynda deñölçegsiz herektiñ orta tizligi we wagty mälim bolsa, onda ýoluñ uçastogynyñ uzynlygyny 
S = υort ort t
formula boýunça hasaplap bolar.
Jisimiñ berlen wagt pursatyndaky ýa-da traýektoriýanyñ berlen nokadyndaky tizligine mgnowen tizlik diýilýär.
Mgnowen tizlik ýa-da berlen nokatdaky tizlik traýektoriýanyñ şol nokat ýerleşen uçastogynda örän kiçi orun üýtgetmäniñ, şol üýtgetmäniñ bolup geçýän kiçijik wagt aralygyna gatnaşygyna deñdir. Mgnowen tizlik –wektor ululykdyr.




#Article 237: Erkin gaçma tizlenmesi (121 words)


Jisimleriñ dine agyrlyk güýjiniñ täsiri astyndaky hereketine erkin gaçma diýilýär. Erkin gaçma gönüçyzykly deñ tizlenýän hereketdir. Onuñ tizlenmesi “g” harpy bilen belgilenýär. Erkin gaçma tizlenmesiniñ orta bahasynyñ ululygy g= 9,80665 m/ s2 deñdir, ýöne köplenç g = 9,8 m/ s2 diýip alynýar. Ýeriñ polýuslarynda ol 9,83 ekwatorda 9,78 m/ s2 –dyr. g-niñ bahasy Aýda 1,62, Wenerada 8,69 m/ s2, Günde 274 m/ s2 we ş.m. 

υ = υo + gt
eger-de jisim dynçlyk ýagdaýyndan erkin gaçma tizligine başlasa, onda t wagtdan soñky tizlik 
υ =gt

 
formula bilen añladylýar. Eger-de jisimiñ başlangyç pursatda tizligi nola deñ bolsa (υo=0), onda 
 bolar.

 
formulanyñ kömegi bilen tapylýar. Dynçlyk ýagdaýyndan (υo=0) gaçmaga başlan jisim üçin 

wertikal zyñylan jisimiñ hereketi deñhaýallanýan hereketdir.
υ = υo – gt




#Article 238: Altyn Asyr GSM (310 words)


Altyn Asyr Öýjükli Aragatnaşyk Kärhanasy - Türkmenistanda mobil aragatnaşygy TM Cell brendinde hyzmat edýän öýjükli aragatnaşyk kärhanasy. 2011-2012-nji ýyl aralykda we 2017-nji ýyldan şu güne çenli MTS Türkmenistan ýapylandan soň, Türkmenistanda mobil aragatnaşygy üpjün edýän ýeke-täk kompaniýa bolup durýar.

Kärhananyň esasy funksiýalary şulardan ybarat:

Operatoryň müşderilere ses aragatnaşykdan daşary SMS, MMS we GPRS hyzmatlary hem elýeterli.

Aşgabatda öýjükli aragatnaşygyň milli ulgamyna ilkinji  ýarym müň müşderiler birikdirildi. Sygymlylygy 50000  belgili enjamy «Siemens AG» nemes kompaniýasy getirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Aşgabat şäheriniň Oguzhan köçesiniň 217-nji jaýy salgysy boýunça “Altyn Asyr” kompaniýasynyň täze binasy açyldy.
Täze binanyň umumy meýdany 10 müň inedördül metre golaý.
Ol ýerde aşakdakylar ýerleşdirildi:
poçta;
telegraf;
öýjükli, şäher we halkara aragatnaşyk, hyzmatlary şeýle hem internet  üçin töleg kassalary;
internet-kafe;
gije-gündiz sorag-jogap gullugy;
müşderilere hyzmat ediş merkezi.

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekmek bilen,  “Altyn Asyr” döwlet kompaniýasyna Huawei, NokiaSiemensNetworks  kompaniýalary bilen telekommunikasiýa enjamlaryny satyn almak we gurnamak hakyndaky şertnamalary baglaşmaga rugsat etdi. Ondan başga-da, “Wostoçnyý weter” kompaniýasy bilen hem ACP Easwind hasaplaşyklar ulgamynyň müşderi ygtyýarnamasynyň göwrümini artdyrmak, öýjükli aragatnaşygyň goşmaça hyzmatlaryny ornaşdyrmak üçin tehniki kömegi etmek hakynda şertnamalar baglaşyldy. Bu çäreler TMCELL öýjükli aragatnaşyk ulgamyny giňeltmäge we ilata aragatnaşyk hyzmatlaryny etmegiň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik döretdi.

Türkmenistanyň Prezidenti öýjükli aragatnaşyk ulgamyny häzirki zaman talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen, Türkmenistanyň aragatnaşyk Ministrligine “Altyn  asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň guramaçylyk hukuk görnüşini üýtgetmegi we kesgitlenilen tertipde “Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmegi tabşyryk berip, Karara gol çekdi.

Aragatnaşyk Ministrliginde Ykdysadyýet we ösüş Ministrliginiň, maliýe Ministrligiň, Ýokary gözegçilik palatasynyň, Merkezi bankyň, Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň gatnaşmagynda geçirilen döredijileriň Maslahatynda, «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşygy döwlet kompaniýasynyň «Аltyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgetmek we «Altyn Asyr» ýapyk görnüşli Paýdarlar jemgyýetini döretmek hakynda karar kabul edildi.
Maslahatyň dowamynda dörediş şertnamasyna gol çekmek, täze kärhananyň tertipnamasyny we maýalyk goruny tassyklamak, şeýle hem baş direktory, direktorlar maslahatyny we derňew toparyny saýlamak bilen bagly birnäçe meselelere seredildi.

.




#Article 239: Anadolu türk mekdebi (130 words)


Anadolu Turk Mekdebi-Turkiýe ilçihanasyna degişli we birinji açylan türk mekdep. Edil Turkyanin Anadoly liseylerinde berilen bilim bilen den derejede yoreyar. Mugallymlary Turkiyeden synag usti bilen gelyaler. Synagyn ady ALES, synaga gatnaşmagyn şertleri: Turkiyede dowlet mekdeplerinde azyndan 5 yyl iş tejribesi gazanmaly. Turkmenistanyn paytagty Aşgabatda 1993-nji yylda açylan mekdebe irki dowurler yokarda agzalan synagdan geçip gelen mugallymlar 3 yyl işlemeli şertnamasy bilen gelmage rugsat berilyardi. 2004-2005nji yyllarda bu şertnama 3+1+1 yagny mugallymyn öz islegine bagly 5 yyla çenli işlemage haky bar bolya. 2006njy yyla çenli 7nji synpdan son synag usti bilen kabul edilip 1 yyl tayyarlyk (inlis dili, turk dili we kompyutor) we 3 yyl orta mekdebin beryan sapaklary turk dilinde okadylyardy. 2006njy yyldan başlap Turkiyanin okuw sistemasynyn uytgemesi bilen tayyarlyk synpy ayyryldy we netijede dine 1nji synpdan okuwçy alynyp başlanyldy.




#Article 240: Türkmenbaşy Bank (546 words)


Türkmenbaşy Bank, Teke bazarynyň ýanyndaky bank. Aşgabatda Azatlyk we Köpetdag etraplarynda şahamçalary bar. Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň adyny göterýär.
BANKYŇ TARYHY

TDTB “Türkmenbaşy” bankyň ösüşiniň we emele gelşiniň taryhy XX-nji asyryň 20-nji ýyllaryndan başlanýar. 1924-nji ýylda Türkmenistanda, Söwda-senagat bankynyň türkmen bölümi açylýar. 1928-nji ýylda senagaty we elektrohojalygy uzak möhletleýin karzlaşdyrmaklyk bir bankda jemlenildi. Senagatbankynyň we Elektrobankynyň gysga möhletli ammallary Gosbanka geçirildi. 1928-nji ýylyň 14-nji fewralyndan SNK SSSR-ň karary bilen Senagatbankynyň we Elektrobankynyň esasynda senagaty we elektrohojalygy uzak möhlete karzlaşdyrýan Bank – Senagat banky döredildi.

Gurluşyk bankynyň edarasy (1982-nji ý.) ş. Aşhabat, Žitnikow köç.,22.

Inwestbank, ilkinjileriň hatarynda, milli we daşary ýurt walýutada amallary geçirmek üçin ygtyýarnamany aldy we inwestision institut hökmünde iş geçirmäge hukugy berýän Türkmenistanyň ykdysadyýet we maliýe Ministrliliginiň N 1 ygtyýarnamasyny aldy, bu bolsa gymmat bahaly kagyzlaryň bazarynda inwestisiýa instituty hökmünde raýatlar bilen işi amala aşyrmak üçin hukuk berdi.Bu derejede bank 1991-nji ýyldan 1999-nji ýyla çenli işledi.

TDTB Türkmenbaşy üýtgeşmeleriň netijesinde, diňe öňki müşderilerini galdyrmakdan başga-da, öz ornuny maliýe bazarynda pugtalandyrdy.
Çörek-bulka kombinaty ş.Aşgabat
Köp ýyllaryň dowamynda, işiň has maýyşgak usullaryny özleşdirip we işe girizip, bank hemişe esasy müşderlerini saklamaga ymtylýardy.

Türkmenistanyň döwlet täjirçilik banky “Türkmenbaşy”, Türkmenistanyň beýleki banklary bilen bir hatarda halkyň hal ýagdaýynyň gowulandyrylmagynda we ýurdyň ykdysady ösüşiniň pugtalanmagynda öz işjeň goşandyny goşýar.
Öz derejesinde döwlet banky bolmak bilen we Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmekligiň meýilnamasyna salgylanmak bilen, Türkmenbaşybank öz işinde esasy ünsi senagat, ulag, aragatnaşyk we söwda pudaklaryny maliýeleşdirmeklige berýär.

Türkmenbaşybankynyň esasy karz syýasaty, milli önüm öndürijilerine we halkyň hal ýagdaýyny gowlandyrmaga gönükdirilendir. Galybersede ýurdyň ähli senagat sebitlerinde şahamçalar zynjyrynyň düýbüniň tutulmagy, Bankyň esasy strategiki wajyp ugury bolup durýar, bu hem muşderileriň isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilendigini görkezýär. Bank, häzirki wagytda bank ulgamyna degişli ähli görnüşli islegleri kanagatlandyrjak derejede hyzmatlaryň toplumny hödürleýär.

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banky
Türkmenistan döwleti özüniň ösüşiniň täze tapgyryny amala aşyrmak bilen bir hatarda dünýä ykdysady ulgamyna integririlenmekligini dowam etdirýär. Bu ugurda edilen möhüm ädimleriň biri-de, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bazar ykdysadyýetiniň milli modelini döretmek baradaky başlangyjydyr. Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň modeli - eýeçiligiň dürli görnüşleriniň ulanylmagy we deň derejede hukuk kadalaryna eýe bolmagy, telekeçiligiň dürli görnüşleriniň, hususan-da, kiçi we orta telekeçiligiň ykdysady erkinlikde gülläp ösmegi bilen bir hatarda hojalygy ýöretmegiň bazar ýörelgelerine geçmekligi üpjün etmekdir. Türkmenistanyň ykdysady ösüşinde bank ulgamynyň aýratyn orny bardyr.
Türkmenistanyň ,,Türkmenbaşy döwlet täjirçilik banky Türkmenistanyň iň bir ýöriteleşdirilen banklarynyň biridir. Bank müşderileriň talaplaryndan we bank hyzmatlarynyň dünýä standartlaryndan ugur almak bilen, döwrebap bank tehnologiýalaryny özleşdirýär we hyzmatyň görnüşleriniň gerimini giňeldip, olary has-da kämilleşdirýär. Müşderilere ýokary professional derejede hyzmat etmekligi, bank amallarynyň syryny saklamaklygy, goýumçylaryň maýalarynyň ygtybarly we bähbitli goýulmagynyň üpjünçiligini kepillendirýär. Bank işewür adamlary özara bähbitli hyzmatdaşlyga çagyrýar. Alyp barýan işiniň möçberine we eýeçiliginiň gömüşlerine garamazdan, bank ähli müşderiler bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr.

Içerki maliýe bazaryndaky iş tejribesi, oýlanyşykly strategiýa, ýokary hünär derejeli işgärleriň bolmagy, döwrebap tehnologik çözgütler, bank etikasynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegi - banka öz müşderilerine ýokary hilli we netijeli hyzmat etmeklige mümkinçilik berýär.
Bank dürli görnüşli hyzmatlaryň mümkin bolan köplügini teklip etmek bilen, müşderileriň anyk talaplaryny göz öňünde tutup we indiwidual çemeleşmä esaslanyp, olaryň toplumlaýyn meselelerini çözmekligi özüniň ileri tutulýan wezipeleriniň biri hasap edýär we hem korporatiw, hem hususy müşderiler üçin ygtybarly hyzmatdaş hökmünde çykyş edýär.
Bank müşderilere maliýe ugrundan gowy baş alyp çykmakda, pul serişdelerini netijeli dolandyrmakda ýardam bermek bilen, edilýän hyzmatlaryň amatlylygyny üpjün edip, bank hyzmatlarynyň dürli görnüşlerini amala aşyrýar.




#Article 241: Türkmenistanyň Merkezi banky (178 words)


Türkmenistanyň Merkezi Banky, Türkmenistan (düybi, Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 36) Türkmenistanyň bank ulgamy iki derejeli bank ulgamy bolup, ol Türkmenistanyň Merkezi bankyndan (TMB) we täjirçilik banklaryndan emele gelýär.Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň milli bankydyr. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň (merkezi edarasynyň) ýerleşýän ýeri Aşgabat şäheridir. 

Onuň işi 2011-nji ýylyň 25-nji martynda kabul edilen «Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we beýleki hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär
TMB-niň esasy maksatlary şu aşakdakylardan ybarat bolup durýar:1) manadyň durnuklylygyny üpjün etmek;

Türkmenistanyň Merkezi banky töleg ulgamynyň operatory bolmak bilen Türkmenistanyň çäklerindäki hasaplaşyklary sazlaýar, bankara elektron hasaplaşyklar bilen bagly işlere gözegçilik edýär. Nagt däl hasaplaşyklaryň işini dolandyrmak boýunça düzgünnamalary taýýarlaýar we tassyklaýar, nagt däl hasaplaşyklary geçirmegiň tertibini, möhletlerini we standartyny kesgitleýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Merkezi banky töleg ulgamy boýunça statistiki hasabatlary düzmegiň we jemlemegiň tertibini kesgitleýär.

Türkmenistanda töleg ulgamynyň hukuk binýady bolup, Türkmenistanyň Raýat kodeksi, Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda», «Karz edaralary we bank işi hakynda» kanunlary we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kadalaşdyryjy hukuk namalary çykyş edýär.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň bankara elektron hasaplaşyklar ulgamyna Türkmenistanyň ähli banklary, şeýle hem Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň Gazna müdirligi agza bolup gatnaşýar.




#Article 242: Kafein (157 words)


Kafeyin, yada trimetilxantine, arassa yagdayinda ajymtyk tagamly chage(toz/powder/parashok/?). Kokayin, geroyin yali beyni ishleyish derejesini beygeldyan we nerwiy sistema tasir edyan herekede getiriji. 
Dunyade in kop ulanilyan narkotiki serishde we kabir chaklamalara gora Amerikadaky adamlaryn 90% her gun ulanyarlar. Birinin ortaca alyan kafeyin mukdary 5 kase(cup) kofya barabardyr.

Kafeyinin tasiri, ony kabul edyan adamynyn gowresine gora uytgeyar. Kop kishi ozume-bir-geleyin diyip kabul etsede, ishinizdaki performance yokarladyryp bilshi yali, depressiya, insomniya, nerwinnilik yali tasirler hem getirip biler.
Sizi ukydan danyp saklasada, yadynyzy efficient ulanyp bilmezliginiz mumkin. Hatda kafeyin sizin beylekiler bilen aragatnashygynyza hem zeper yetirip biler.

Kafeyinin kabir tasirleri biraz gaharlandyryjy. Beyleki tasirleri duybinden ziyanli. Cilim cekyanlere has beter, nikotin ganyn dowleniyasyny (pressure/basinc/basyşturkmence?) beygeldyar we kafeyin meselani has erbetleshdiryar.

Kop mukdarda kofiya icmegin yurege ziyanlidigi aydilyar. (Ejemin cagalara kofiya icmek bolmayar, yurege ziyanli diyyani yadima dushdi, belki siz hem on eshidensiniz). Yurek urush kadalaryny bozyar. Ayal mashgalalarda rak(cancer/kanser) bolma ahtimalyny kopeldyar.

Kop mukdarda kafeyin almagyn ashakdaky tasirleri bolup biler:




#Article 243: Halkara türkmen-türk uniwersiteti (138 words)


Halkara türkmen-türk uniwersiteti, Türkmenistanda bir uniwersitet.

Halkara türkmen-türk uniwersitetinde Dil öwreniş fakultetinden başga üç sany fakultet bar. Olar:

Fakultetler öz ugurlary boýunça aşakdaky agzalýan bölümlere aýrylýar:

Telekeçilik we halkara işewürligi fakulteti

Mugallymçylyk fakulteti

Inženerlik fakulteti 

Şeýle-de dil taýýarlaýyş bölüminde iňlis, türk we türkmen dillerinden taýýarlyklar geçirilýär.

Şeýle hem uniwersitetde 3 sany ylmy merkez işleýär: Beýik Galkynyşlar Merkezi, Dokma senagaty we kompýuter tilsimatlary merkezi, Ykdysady derňew merkezi. Häzirki wagtda Beýik Galkynyşlar Merkezi Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Atalyk kitaplary ýaşlara terbiýe bermegiň usulyýet çeşmesidir diýen temanyň, Dokma senagaty we kompýuter tilsimatlarynyň ylmy merkezi Türkmenistanyň dokma senagatynyň kämil egirme ulgamlarynyň aýratynlyklary diýen temanyň, Ykdysady derňew merkezi Türkmenistanda maýa goýum syýasatynyň alnyp barlyşy we söwda ulgamynyň ösüşi diýen temanyň üstünde işleýärler.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Atalyk kitaplary ýaş nesli terbiýelemegiň usulyýet esasydyr. 
Türkmenistanyň dokma senagatynda kompýuter tilsimatynyň ösüşi. 
Türkmenistanda söwdanyň we maýa goýumlarynyň ösüşi.




#Article 244: Kazy Ahmet Burhaneddin (665 words)


Kazy Ahmed Burhaneddin (Türkçe:Kadı Ahmet Burhanettin) Türkmenleriñ Sivas we Kayseri sebitlerinde 1381-1398-nji ýyllar aralygynda dowam eden begligini esaslandyryjy. Ol 1345-nji ýylda Kaýsaryda doglupdyr. Onuñ kakasy Şemsetdin Mämmet Kaýsarynyñ kazysy bolupdyr. Bu nebere oguzlaryñ Salyr boýundan gelip çykandyr. Burhaneddiniñ atasy Mämmet Horezmden göçüp, Anadolynyñ Kastamonu sebitine (Gara deñziniñ günorta kenarlary) gelipdir. 
Burhaneddin 4-5 ýaşlaryndan başlap bilim öwrenmäge başlapdyr. Gysga wagtda arapça, parsça ýazmagy we okamagy öwrenipdir. Ol Şamda we Müsürde beýik ylym adamlaryndan sapak alyp, özüniñ ylym derejesini artdyrypdyr. Burhaneddin Ahmet 1364-nji ýylda Kaýsarynyñ kazylygyna bellenipdir. Ol Kaýsaryny edara edýän Eretnaogullary begi Gyýaseddin Mämmediñ gyzyna öýlenipdir.
Kazylygy bilen birlikde özüni syýasy sahnada hem görkezip başlapdyr. Eratna begliginiñ gowşamagyndan peýdalanyp goñşy Garamanogullary Kaýsaryny olaryñ elinden alypdyr. Emma Burhaneddin Ahmet Kaýsaryny Garamanogullarynyñ elinden yzyna alypdyr. Bu hyzmaty üçin Eratna begi Aly beg ony 1375-nji ýylda öz wezirligine belläpdir. Eratna begliginiñ ýykylmagy bilen 1381-nji ýylda Kazy Burhanneddin Ahmet Siwasda özüni hökümdar diýip yglan edipdir. Adyna hutba okadypdyr, teññe zikgeledipdir. Burhaneddin Ahmet Yrakdaky, Şamdaky we Anadoludaky musulman döwletlerine ilçi ýollap, öz hökümdarlygyny ykrar etmekleri barada namalar gönderipdir.
Kazy Burhaneddin Ahmediñ Müsürdäki Memluk türkmenleriniñ soltanlygy bilen gatnaşyklary dostana ýagdaýda bolmandyr. Sebäbi ol memluklaryñ elinden Malatyýany alypdyr. Memluklaryñ şäheri yzyna gaýdyp almak synanyşygy şowsuz tamamlanypdyr (1389). Kazy Burhaneddin Ahmet Çorumuñ golaýyndaky Kyrkdilim diýen ýerde bolan söweşde Ýyldyrym Baýezidiñ ýolbaşçylygyndaky Osman türkmen goşunyny ýeñipdir (1391). Kyrkdilim söweşinde gazanan ajaýyp ýeñşi Kazy Burhaneddin Ahmediñ şöhratyny Anadola hasam ýaýypdyr. Ol Kastamonu saparynyñ netijesinde öñ osmanlara tabyn bolan käbir ýerleri özüniñ gol astyna alypdyr.
Şu ýeñişleriñ yzysüre Kazy Burhaneddin Ahmediñ yzly-yzyna iki oglunyñ ölümüniñ bagyr awusyny çekendigini bellemegimiz gerek.
Kazy Burhaneddin Ahmet Teýmirleñe garşy gazaply göreşen türkmen serkerdesidir. Ol Teýmirleñe garşy bileleşigi döretmek üçin Müsürdäki memluk türkmenleriniñ soltany Berkuk, Osman türkmenleriniñ soltany Ýyldyrym Baýezit, Altyn Ordanyñ hany Togtamyş han bilen gepleşikler geçiripdir. Teýmirleñ Hasangalanyñ Çopan köprüsi diýen ýerine gelende bu dörtler bileleşiginiñ garşysyna durup bilmejekdigine düşünipdir. Olary ýeke-ýekeden dargatmagyñ amatlydygyny bilip, ilki Togtamyşyñ üstüne gidipdir.
Kazy Burhaneddin Ahmet Teýmirleñe boýun egen türkmen beglerini sylap goýmandyr. 1394-nji ýylyñ ýazynda şeýle beglikleriñ biri bolan Garamanogullarynyñ üstüne ýöriş edipdir. 
Akgoýunly türkmenleriñ hökümdary Gara Ýülük Osman öz doganlaryna garşy göreşde Kazy Burhaneddin Ahmediñ hyzmatyna giripdir. Ol Burhaneddiniñ iñ bir ynamdar emirleriniñ birine öwrülipdir. Emma Gara Ýülük Osman bilen Burhaneddiniñ aragatnaşyklary ýaramazlaşypdyr. Onuñ sebäpleri barada çeşmelerde gapma-garşy maglumatlar bar. Gepiñ gysgasy 1398-nji ýylda Siwasyñ golaýynda gije bolan söweşde Osman beg Burhaneddini öldüripdir.
Kazy Burhaneddiniñ gubury Siwas şäherindedir. Ömrüniñ köp bölegi ýörişlerde geçendigi sebäpli Burhaneddine «Abul Fath» lakamy berlipdir. Çeşmelerde Kazy Burhaneddin alym, adyl soltan, sylag-hormatyñ eýesi hasaplanýan, çydamly, alymlary goldaýan adam hökmünde suratlandyrylýar: «Ulamalar bilen söhbetdeşlik etmekden lezzet alýardy. Hepdede üç gün — Başgün, Sogapgün, we Anna günleri ylmy söhbetleri gurardy».
Kazy Burhaneddiniñ ölüm habary Hindistanda ýörişde bolan Teýmir Agsaga-da ýetipdir. Esasy duşmanynyñ biriniñ aradan aýrylandygyna begenen Agsak Teýmir derhal Anadola tarap ümzügini öwrüpdir. Teýmire Kazy Burhaneddiniñ näderejede kuwwatly bir hökümdardygyny şeýle habar beripdirler: «Burhaneddin hiç haçan öz duşmanlarynyñ özüne garşy birleşmegine mümkinçilik bermändir». Erzinjan häkiminiñ 5 müñ, Garamanogullarynyñ 10 müñ, Niksar begi Mahmyt Çelebiniñ 6 müñ, Bafra emiriniñ 2 müñ, mongollaryñ, Diýarbekir we Şam türkmenleriniñ 20 müñ adamly goşuny bilen garşysyna çykanda-da onuñ özüni nähili gorap bilendigi Teýmiri üýşendiripdir.
Kazy Burhaneddin Ahmet ýogalansoñ onuñ guran begliginiñ möhüm ähmiýetli Tokat, Niksar, Siwas we Kaýsary şäherleri Osman türkmenleriniñ döwletiniñ golastyna geçipdir.
Kazy Burhaneddin Ahmet merkezi häkimiýeti güýçlendiren türkmen hökümdarydyr. Özüne garşy çykanlaryñ gozgalañyny basyp ýatyrmak üçin ol merkezde güýçli goşun saklapdyr. Ömrüniñ köp böleginiñ söweşlerde geçendigine garamazdan, gurluşyk işlerini-de ünsden düşürmändir. Turhalda, Erzinjanda, Niksarda, Kyrşehirde galalar, metjit-medreseler saldyrypdyr.
Kazy Burhaneddin hökümdar, serkerde bolmak bilen bilelikde «Siwasly» lakamy bilen goşgy ýazan meşhur türkmen şahyrydyr. Edebiýatçy alym Abdyrahman Mülkamanow «Burhaneddiniñ söz sungaty» /«Edebiýat we sungat», 2001ý. Nowruz aýynyñ 16-sy/ atly makalasynda bu barada şeýle ýazýar: «Ussat şahyr şygyrlar ýazanda, halkyñ dil baýlygyna, sözüñ gudratyna uly sarpa goýupdyr. Sözleriñ açyk-ýapyk bogunlarda gelişlerine, olaryñ sazlaşygyna, çekimsiz sesleriñ öz orunlaryny tapmagyna, gaýtalanýan sözleriñ-sesleriñ biri-birini güýçlendirişine uly üns beripdir. Şahyr şygra girýän sözleriñ ýakyp-ýandyryjy bolmalydygyny nygtapdyr. Her sözüñ, her jümläniñ hyjuw bilen gaýnap durmagyny gazanypdyr. Şahyryñ eserleriniñ ýene bir özboluşly tarapy tejnisler (omonimler) ýa-da söz oýnatmalary bilen bezelenligidir».




#Article 245: Kristadelfianlar (144 words)


Kristadelfianlar (Mesihdäki doganlar, Christadelphians) – bu üçbirlik dogmatyna degişli bomadyk Mesihi imanlylar topary bolup, ABŞ-da 19-njy asyrda doktor Jon Tomas tarapyndan döredildi. Olaryň häzir dünýäniň ähli ýurtlarynda eklesialar ady bilen agzalary hem-de ybadat ýygnanyşyklary bardyr. Umumy garaşsyz bolan sanawy dünýäniň Kristadelfianlar agzalarynyq 60,000 golaýa ýetirilmekden ybaratdyr 
 

Olaryň esasy imany şulardan ybarat: 

Olaryň imanynyň iň meşhur bolan tassyknamasyny „Bibliýanyň Esaslary“ atly kitapdan tapmak bolar. Bu kitap olar tarapyndan 50-den gowrak dilde terjime edilip çap edilendir .

Kristadelfianlar Mesihiň ölümini ýatlamak bilen, hemişe çörek döwme däbini geçirýärler. Olar öýlerde we uly bolmadyk ýygnak ýerlerinde duşuşýarlar. Olaryň hyzmatlary ýönekeýdir hem-de Hristiançylygyň birinji asyrdaky bolşuny berjaý etmäge çalyşýarlar. Olaryň merkezi dolandyryjysy bolan adamy ýokdur we her ybadat ýygnanyşygy (eklesiýa, ecclesia) öz-özüni dolandyryjy görnüşindedir. 
 

Kristadelfianlaryň harbyda inkär edilenleri hyzmat etmekde dowamly taryhy bardyr.. Bu jemgyýet ummasyz sanly neşiri çykardy, olaryň sanynyň gutarnykly derejesi 800 neşirlere golaý giňden ýaýraýar .




#Article 246: Gyrgyzystan (349 words)


Gyrgyzystan (), bir döwlet Aziýa'da.

Döwletiň tutýan meýdany 198 500 inedördül kilometr bolup, 2008-nji ýyldaky maglumatlara görä ilaty 5 356 869-dir. Ilatyň 64,9 % gyrgyzlar, 13,8%, özbekler, 12,5% ruslardyr.

Gyrgyzystanyň topraklarynyň 65%-ini Týan-şan daglary tutýandyr. Bu döwletde ýerleşýän Yssyk-köl dünýäde ululygy boýunça Titikakadan soňra ikinji dag kölüdir.

Gyrgyzystanyň esasy şäherleri we welaýatlary: Bişkek (öňki ady Frunze), Batken (merkezi Batken), Çu (merkezi Tokmok), Jelal-abad (merkezi Jelal-abad), Naryn (merkezi Naryn), Oş (merkezi Oş), Talas (merkezi Talas), Yssyk-köl (merkezi Karakol).

Paýtagty Bişkek bolup, 1825-nji ýylda Kokant hanlygy tarapyndan Bişkek sebitinde gala hökmünde gurlandyr. Bişkek 1922-nji ýylda Daglyk oblastynyň merkezi, 1924-nji ýylda Gyrgyz Awtonom oblastynyň paýtagty bolupdyr. 1926-njy ýylda şäheriň ady Frunze (Bolşewik serkerdesi M. Frunze Bişkekde doglupdyr) diýlip üýtgedilipdir. 1991-nji ýylda şähere taryhy ady gaýtarylyp berlipdir.

Gyrgyzystanyň milli pul birligi somdur.

        Garaşsyz Gyrgyzystanyň içeri we daşary syýasaty

Gyrgyzystan 1991-nji ýylyň 31-nji awgustynda garaşsyzlygyny yglan edipdir. Şol ýylyň 12-nji oktýabrynda Askar Akaýew saýlaw esasynda Gyrgyzystanyň Prezidentligine saýlanypdyr. 1991-nji ýylyň dekabrynda Gyrgyzystan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna giren şertnama gol çekipdir.Gyrgyzystanyň garaşsyzlygy ilkinji ykrar eden döwlet Türkiýedir (24-nji dekabr 1991).

Gyrgyzystanda ilçihana açan ilkinji döwlet Amerikanyň Birleşen Ştatlarydyr (1992-nji ýýlyň 1-nji fewraly). 28-nji fewralda Türkiýe Bişkekde ilçihanasyny açypdyr. Gyrgyzystan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasyna kabul edilipdir. 1992-nji ýylda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna, UNESCO, 1996-njy ýyldan başlap Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň agzasydyr.

UNESCO-nyň goldawy bilen Gyrgyzystanda “Manas” dessanynyň 1000 ýyllygy (1995) we Oş şäheriniň 3000 ýyllygy (2000) ýyllygy bellenilipdir.
Gyrgyzystanyň teklibi bilen 2002-nji ýyl Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan “Daglar ýyly” diýlip kabul edilipdir.

SSSR-iň ýykylmagyndan soňra Gyrgyzystan Konstitusiýasyny taýyarlamak üçiň ýörite topar düzülip işlenilipdir we 1993-nji ýylyň 5-nji maýynda Gyrgyzystanyň ilkinji Konstitusiýasy yglan edilipdir.

Gyrgyzystanyň resmi dili gyrgyzjadyr. 2001-nji ýylyň 24-nji dekabrynda çykarylan kanun bilen rus dili döwletiň ikinji resmi dili bolupdyr. Häzirki wagtda Gyrgyzystanda ulanylýan elipbiý 1940-njy ýyldan bäri dowam edip gelýän Kirill elipbiýidir.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Gyrgyzystanyň metbugatynda dürli atdaky gazet-žurnallar çap edilýärler. Asaba (Baýdak), Gyrgyz ruhy, Res Publika, Delo No, Aalam ýaly hususy gazetler, Kut Bilim (Kutadgu Bilig) ýaly ýarym resmi gazetler, Gyrgyz Tuusu (Gyrgyz baýdagy), Slowo Kyrgyzystana, Erkin Too (Erkin daglar) ýaly resmi gazetler metbugatyň esasy organlarydyr. Şeýle hem Türkiýäniň Zaman gazeti hem çykýandyr.




#Article 247: Azarbeýjan Respublikasy (368 words)


Azarbeýjan Respublikasy Günorta Kawkazyň gündogar böleginde, Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýär. Ol günortada Eýran, günbatarda Türkiýe we Ermenistan, demirgazykda Russiýa we Gürjüstan bilen araçäkleşýär. Ýurdun kenarýaka uzynlygy 713 kilometre barabardyr. 2010-nji ýyldaky maglumatlara görä, Azarbeýjanyň ilaty 9 million 165 müň adam. Azarbeýjan dili ýurduň resmi döwlet dili hasaplanýar. Ýurtda yslam dininden başga-da hristian dininin mezheplerine uýýanlar hem bar. Azarbeýjan döwleti özüniň konstitusion häsiýetnamalaryna laýyklykda, demokratik, hukuk, dünýewi respublikadyr. Azarbeýjan Respublikasy -prezident respublikasydyr. Azarbeýjan Birleşen Milletler Guramasy, Garaşsyz Döwletler Arkalaşygy, Ýewropanyň Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ýewropa geňeşiniň, Demokratiýa we Ykdysady ösüş Guramasynyň (GUAM), Yslam Konferensiýasy Guramasynyň, Gara deňiz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasydyr. Şelýe hem Azarbeýjan Ýewropa Bileleşigi, NATO, Halkara Pul Gaznasy, Ýewropanyň Ösüş we Döwrebaplaşdyryş banky we Yslam Ösüş banky bilen hyzmatdaşlyk edýär. Azarbeýjan - şöhleler ýurdy Azarbeýjan sözüniň gadymy taryhy bar. Bizin eýýamymyzdan öň, azarbeýjan topraklarynda ýaşaýan ilatyň agramly bölegi otparazlar eken. Bu ýurduň ady Azer ot, alow sözünden gelip çykandyr diýlip hem çaklanylýar.

Azarbeýjan - gadymy medeniýetiň we däp-dessurlaryň ýurdy hasaplanýar. Taryhyň dürli döwürlerinde bu ýerlere ornaşan oguz taýpalary ýerli ilat bilen uýgunlaşyp, olaryň medeniýetini baýlaşdyrypdyrlar. Azarbeýjan köp sanly pelsepeçileriň, alymlaryň, şahyrlaryň, heýkeltaraşlaryň, sazandalaryň we suratkeşleriň dörän mekanydyr. Bu ýerde Nizami Genjewi, Hagani Şirwani, Bahmanýar, Fizuli, Nasreddin Tusi, Şah ismail Hatai, Molla Panah Wagif, A. Beki-hanow, M.F. Ahundow, M.A. Sabir, J. Mamedgulizade, Guseýn Jawid, J. Jabbarly, Samed Wurgun, Aliaga Wahid we Resul Ryza ýaly alymlar, şahyrlar ýaşap geçipdirler.

Azarbeýjanyň ylym we biliminin hem köp asyrlyk taryhy bar. 1919-njy ýylda açylan Baku Döwlet uniwersiteti, 1945-nji ýylda döredilen Azarbeýjanyň Ylymlar akademiýasy ýurtda ylmyň, medenieýtiň we bilimiň ösüşine iňňän uly goşant goşdy. Onlarça ýokary okuw mekdepleri we tehnikumlar, müňlerçe mekdep, kollej we liseýler häzirki Azarbeýjanyň bilim ulgamyny düzýär.

On ýyllyklaryň dowamynda ýurduň senagat pudagy çalt depginlerde ösdi. Nebit, himiýa, metallurgiýa, maşyngurluşyk ýaly senagat pudaklary bilen bir hatarda oba hojalygynda pagtaçylyk, üzümçilik we maldarçylyk ýaly ugurlarda işler talabalaýyk edilip gurnaldy we uly ösüşler gazanyldy.

Häzir hem Azarbeýjany nebitsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Nebit diňe bir baýlyk däl, eýsem-de bolsa, ýurduň şöhrat- şanydyram. Irki döwürlerde çet ýurtlardan nebit üçin köp adamlar gelipdirler. Müňýyllyklaryň dowamynda içi nebitli meşik düýe kerwenleri gündogardan günbatara gatnap durupdyr.

Nowruz baýramy - bäş gün.
Gurban baýramy - iki gün.
Oraza baýramy - iki gün.




#Article 248: Türkmenistan respublikasynyň döwlet gimni (186 words)


Türkmenistan respublikasynyň döwlet gimni: 

Janym gurban saňa, erkana ýurdum,
Mert pederleň ruhy bardyr köňülde.
Bitarap, garaşsyz topragyň nurdur,
Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde.

Halkyň guran Baky beýik binasy,
Berkarar döwletim, jigerim-janym,
Başlaryň täji sen, diller senasy,
Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym!

Gardaşdyr tireler, amandyr iller,
Owal-ahyr birdir biziň ganymyz.
Harasatlar almaz, syndyrmaz siller,
Nesiller döş gerip gorar şanymyz.

Halkyň guran Baky beýik binasy,
Berkarar döwletim, jigerim-janym,
Başlaryň täji sen, diller senasy,
Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym!

Türkmenbaşyň guran beýik binasy
Berkarar döwletim, jigerim - janym.
Başlaryň täji sen, diller senasy
Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym!

Janym gurban sana, erkana ýurdum
Mert pederleň ruhy bardyr könülde.
Bitarap, Garaşsyz topragyn nurdur
Baýdagyn belentdir dünýan önünde.

Türkmenbaşyň guran beýik binasy
Berkarar döwletim, jigerim - janym.
Başlaryň täji sen, diller senasy
Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym!

Gardaşdyr tireler, amandyr iller
Owal-ahyr birdir bizin ganymyz.
Harasatlar almaz, syndyrmaz siller
Nesiller döş gerip gorar şanymyz.

Türkmenbaşyň guran beýik binasy,
Berkarar döwletim, jigerim - janym.
Başlaryň täji sen, diller senasy,
Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym!

Arkamdyr bu daglar, penamdyr düzler
Ykbalym, namysym, togabym, Watan!
Sana şek ýetirse, kör bolsun gözler
Geçmişim, geljegim, dowamym, Watan!




#Article 249: Mikaýyl seljuk (101 words)


Suraty biziň döwrümizde çekilmedik (ýok)

Doly ady: Mikaýyl bin Seljuk (Seljuk ogly Mikaýyl)

Hanedan: Seljukly hanedanlygy.

Kakasy: Seljuk beg

Öldi: 1037 ý.

Dini: Yslam, Sünni

Çagalary: Ebu Süleýman Dawut Çagry beg, Ebu Talyp Muhammet Togrul beg

Mikaýyl beýgu hakynda maglumat örän azdyr. Bar maglumatlar şulardan ybarat. Mikaýyl ýa-da Mikaýyl bin Seljuk, Seljuklaryň atasy Seljuk begiň iň uly oglydyr. Mikaýyl käbir kapyr türk ýurtlaryna çozuş edipdir, olar bilen söweş alyp barypdyr. Söweşiň başyny elmydama özi çeker ekeni. Ol beýik Taňrynyň ýolunda şehit bolýar. Onuň yzynda Beýgu, Togrul beg Muhammet, Çagry beg Dawut atly ogullary galýar[1]. Mikaýyl 1037-nji ýylda bolan bir söweşde öldi.




#Article 250: Beki Seýtäkow (531 words)


 
Beki Seýtäkow (1914-1979) Häzirki zaman türkmen edebiýatynyň görnükli wekili, Türkmenistanyň halk ýazyjysy (1967), Magtymguly adyndaky baýragynyň eyesi (1966) Beki Seýtäkowyň çeper döredijiligi biziň edebiýatymyzyň  taryhynda düýpli orun tutýar. Beki Seýtäkow 1914-nji ýylda Görogly etrabynyň Bedirkent obasynda garyp daýhan maşgalasynda eneden bolýar. Ir ene-atadan mahrum galýar. Ol ýigriminji ýyllaryň başlarynda Görogly etrabyndaky internata ýerleşdirilýär. Soňra 1931-nji ýylda Daşoguzyň mugallymçylyk mekdebini gutarýar. Ilki mugallymçylyk edýär. Edebi-döredijilik bilen gyzyklanyp, 1937-nji ýylda ol Aşgabada gelip, ilki “Ýaş kommunist” gazetinde medeniýet we durmuş bölüminiň  müdiri, “Sowet edebiýaty” žurnalynyň jogapkär kätibi we soň onuň  redaktory, soňra bolsa “Mydam taýýar”, “Edebiýat we sungat” gazetleriniň redaktory bolup işleýär. 1944-nji ýylda peduçilişany gutarýar.
B. Seýtäkow döredijilik işine 1929-njy ýylda başlaýar. 1938-nji ýylda Ýaşlyk ady bilen onuň ilkinji goşgulary aýraryn kitap bolup çykýar. B. Seýtäkow 1954-1957 Sowet edebiýatyň kätibi, 1963-nji ýylyň oktýabryndan 1966-nji ýylyň aýaklaryna çenli Türkmenistan ýazyjylar birleşmesiniň başlygy bolup işledi. Soňra ol “Sowet edebiýaty” (1966-1973) žurnalyna redaktorlyk etdi. Ömrüniň soňky ýyllarynda Ýazyjylar birleşiginiň edebi maslahatçysy boldy. B. Seýtäkow 1979-njy ýylyň 7-nji martynda 64 ýaşynda Moskwada aradan çykdy.
Döredijiligi:
B. Seýtäkowyň edebiýat meýdanyndaky ilkinji synanyşyklary entek Daşoguz welaýatynda mugallymçylyk edip ýören ýyllarynda başlanýar. Türkmen ýazyjylarynyň köpüsine häsiýetli bolşy ýaly, B. Seýtäkow hem edebi – döredijilik işine sadaja şygyrlaryny ýazmak bilen girişýär. Onuň dürli mowzukda ýazan ilkinji şygyrlarynyň käbiri  welayat gazetleriniň sahypasynda çap edilýär. Emma ýazyjynyň  özüniň belläp geçişi ýaly, onuň bu şygyrlary hakyky edebiýatyn eserleri däl-de, diňe “Edebiýaty söýüjiniň goşgy döretmekdäki synanyşyklarydy”. B. Seýtäkow döredijilik işine çynlakaý suratda  otuzynjy ýyllaryň ikinji ýarymyndan başlaýar.
Ýazyjy Beýik Watançylyk urşundan öňki ýyllarda käbir oçerkleri, göwrüm taýyndan çaklaňja hekaýalary ýazyp, 1953-nji ýylda proza eserleriniň ilkinji ýygyndysyny çap edip çykaran bolsa-da, bu döwürde ol, esasan, şahyr hökmünde işjeň çykyş edýär. Uruş ýyllaryna çenli B. Seýtäkowyň “Ot içinde” (1940), “Aýazhan” (1940) ýaly poemalary, “Ýaşlyk” (1938), “Biziň döwrümiz” (1941) ýaly goşgular  ýygyndylary neşir edilýär.

Öz döredijilik işine şygyr ýazmak bilen başlap, häzire çenli poeziýa  eserleriniň birnäçe ýygyndysyny, dürli mowzukda ýazyp çap edip çykaran bolsa-da, B. Seýtäkow biziň edebiýatymyzyň taryhynda, şeýle hem okyjylar köpçüliginiň arasynda, esasan, belli prozaçy hölmünde äşgärdir. B. Seýtäkowyň çeper prozadaky ilkinji  synanyşyklary öz başlangyjyny otuzynjy ýyllardan alyp gaýdýar. Uruş ýyllaryna çenli ýazyjy  “Garaçomak” (1938) , “Arslan” (1939), “Säherde” (1939), “Pälwan” (1940), “Söýşenler” (1941), “Serwi” (1941) ýaly çaklaňrak oçerkdir hekaýalary döretdi.

Soňky ýyllarda B.Seýtäkowyň “Perwana» (1978) we Şabendäniň durmuşyndan gürrüň berýän “Tylla, seniň yşkyňda” (1980) diýen kitaplary çap bolup çykdy. Bularyň birinjisi onuň adybir eserini, “Ýagty jahan”, “Ilkinji gün”, “Gökleň gyrlan”, “Çuwal bagşy” (bu ozal hekaýa diýlip atlandyrylypdy) powestlerini, “Dostlarym, ýoldaşlarym, tanyşlarym” atly ýatlamalaryny, “Ogulbagt”, “Tapmaça”, “Hemmäniň ünjüsi” ýaly hekaýalaryny öz içine aldy.
Beki Seýtäkow ylmy-fantastiki žanrda ilkinji türkmen romanyny döredijidir. “Çölüň ýüregi” (1962) atly roman bu ugurdan şowly synanyşyk boldy. Özünde käbir kemçilikleriň bardygyna garamazdan, ol roman giň okyjylar köpçüligini belli derejede gyzyklandyrdy.
B.Seýtäkow köptaraply zehiniň eýesidi. Ol “Bahargül” (1948), “Aýallar sowetiniň başlygy” (1952) “Enelik mähri” (1954) ýaly ençeme dramalaryň, “Uly doganlarymyzyňkyda” (1962), “Üç hepdeläp Owganystanda” (1963), “Gazagystanda”, “Şotlandiýada”, “Daşkent ýazgylary” (1968), “Dostlarym, ýoldaşlarym, tanyşlarym” (1971) ýaly çeper ýatlamalaryň hem awtorydyr. Onuň Nyzamy Genjewiň, Alyşir Nowaýyň, Taras Şewçenkaň terjime eden eserleri-de ep-esli bar. Ol edebiýat tankydyna hem önjeýli goşant goşdy.
B. Seýtäkow Türkmenistan Sowet soýuz Ýokary Sowetiniň agzalygyna saýlandy. (1963-1966) Ol Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasydy.
Häzirki wagtda Daşoguzyň Mugallymçylyk mekdebi ýazyjynyň adyny göterýär.




#Article 251: Hüwdüler (598 words)


Hüwdüler - halk döredijiliginiñ in bir giñ ýaýran we her bir türkmen adamsyna gönüden-göni dahylly şahyrana görnüşleriñ biridir. Çünki her bir türkmen çagasynyñ azandan soñ, ilkinji eşidýän zady hüwdüdir. Hüwdüler has kiçi ýaşdaky çagalary uklatmak üçin, esasan, sallançak ýanynda eneler tarapyndan aýdylýan aýdymlardyr. Hüwdülerde çaganyñ ene-atasynyñ, dogan-garyndaşlarynyñ oña bolan gyzgyn mährini, söýgüsini, isleg-arzuwlaryny görmek bolýar.
Çaga ynsanyñ, haýwanyñ, guş-gumrynyñ neslini dowam etdiriji bolup, ata-enäniñ ony söýmeýäni ýok bolsa gerek. Olar gerek ýerinde bala-çaga üstünde, şonuñ goragynda janyndan geçmäge-de taýyn bolýarlar.
Jandarlary gepledip aýdylýan еnçeme atalar sözi bar: Garganyñ gaz balasy, her kimiñ öz balasy,Garga-da öz çagasyna akjajygym diýermiş we ş.m.
Folklordaky şeýle düşünjelere Magtymgulynyñ ençe şygyrlarynda şöhlelendirilen pikirleri bap gelýär. Magtymgulynyñ şu meselä degişli Yzlamaýan bolarmy? elegiýasy hem haýwan-ynsan çagasy bilen baglanyşykly düzülip, içi allegoriýa, parallelizm, metafora (meñzetme), epitet, giperbola, ritoriki soraglar ýaly çeper serişdelerden doludyr. Şeýle duýgular adam üçin tebigydyr: Bal suýji, baldan bala suýji, Çagaly öý bazar, çagasyz öý mazar diýilýär. Şu we şuña meñzeş nakyllar türkmenleriñ, beýleki halklar ýaly, perzende bagt çeşmesi, ýaşaýşyñ gözbaşy hökmünde garaýyşlaryna şaýatlyk edýär.
Ýöne çaga näçe eý görülse, onuñ edep-ekramy ondanam eý görülýär. Ýaşlaryñ terbiýesine, olaryñ maşgalada, köpçülikde özüni alyp baryşlaryna berlen ýiti baha Çaga eziz, edebi ondan hem eziz diýlip kesgitlenipdir. Halkymyz yaş nesli edepli, edep-tertipli, zähmetsöýer, ar-namysly, watansöýüji, halal, görüm-göreldeli edip yetişdirmek üçin alada baryny edýär. Asyrma-asyr gelýän şeýle asylly meseläni amala aşyrmakda edebiýatdyr folklor, şol sanda hüwdüler hem mynasyp orun tutýar. 
Gelin-gyzlaryñ şahyrana döredijiliginiñ bu görnüşi aýal-gyzlaryñ çaga bolan çäksiz söýgülerini özünde jemlemek bilen birlikde, olaryñ arzuw-höweslerini-de çeper beýan edýär. Şonuñ üçin hem hüwdülere köptaraply, töwerekleýin garamalydyrys. Türkmen zenanlarynyñ maşgala wepalydyklary, örän salyhatly-işeññirligi, mähirli-wepalylygy babatda XIX asyryñ ortalarynda Wengriýadan Türkmenistana we başga ýurtlara gizlin syýahata gelen meşhur professor German (Armeniý) Wamberi özüniñ 1868-nji ýylda Moskwada rus dilinde çykarylan Orta Aziýanyñ oçerki atly kitabynda şeyle diýýär: Türkmen aýallary ýaly göreldeli, yagşylyk söýen, şolar ýaly maşgala eşreti üçin janlaryndan geçýän we armazak aýallary men Gündogaryñ hiç ýerinde görmedim.
Ata-eneler özleriniñ bütin umyt-arzuwlaryny ýaş ösdürimlere baglaýarlar, çünki perzent maşgalanyñ eşreti, ynsanyñ geljegi, onuñ arkadaýanjy hem-de dowamatydyr. Şeyle edenli aýal-gyzlaryñ çeper poeziýasy bilen düýpli tanyş bolanyñda, onuñ ideýa-mazmunyna, tematika hem gözel forma baýdygyna täsin galýarsyñ. Hüwdüler çagany ýatyryp güýmemek hem oña oñaýly terbiýe bermek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmen öz çagasyna ene süýdi bilen garyp, derwaýys gerekli terbiýäni berýär (Halkymyz ata-babalarymyzyñ däplerine eýerip, çaga dünýa inmänkä hem onuñ sagdyn dogulmagy, geljegi barada-da alada edýär.).
Bu şahyrana görnüşiñ aýratynlygy çagany sallançakda üwreýän ýa aýagynyñ üstünde hem şuña meñzeş ýerde ýatyryp hüwdüleýän adam, esasan, onuñ ejesi, enesi, gyz dogany bolýar. 

Hüwdi tas uçdantutma diýen ýaly rubagy-dörtleme formasynda ýasalyp, her rubagy-bendiñ özbaşdak, gutarnykly manysy bar. Şonuñ üçin tirkeş gelýän şygyr bentleri tema-mazmun babatynda hem, forma, ölçeg babatda hem bir-birinden aýry, özbaşdak bolup biler.
Hüwdülerde enaniñ öz perzendiniñ geljekde nähili durmuşda yaşajakdygy, haýsy hünäre gönükjekdigi, il-gün bilen neneñsi gatnaşykda boljakdygy baradaky göz öñüne getirmeleri añladylypdyr. Oglunyñ mert, batyr, gaýratly, edermen, özi ýaly ýigitleriñ serdary bolup ýetişmegi baradaky çeper toslamalary hüwdüleriñ heñine, many-mazmunyna şirinlik çaýýar.

Täze hüwdüler öñki hüwdülerden pikir-tematika taýdan tapawutlydyr. Öñki döwürde «çagalaryñ bagtly durmuşy, röwşen geljegi hakynda zähmetkeş köpçüligi diñe arzuw edipdir. Emma indi biziñ zamanamyzda çagalar bagtly we şatlykly yaýayarlar. Biziñ jemgyýetimizde çaganyñ tutýan orny hüwdülerde örän aýdyñ şöhlelenipdir. 
Eneleriñ hüwdüleri köp-köp türkmen şahyrlary üçin ylham çeşmesi bolup durýar. Birnäçe şahyrlar ene hüwdüsiniñ äheñlerine öýkünip we olary öz döredijiliginde gaýtadan işläp, halkyñ söýgüli aýdymlaryna öwrülen ajaýyp şygyrlary hem döretdiler. Ajaýyp şahyrymyz Gurbannazar Ezizow özüniñ şonuñ yaly şygryny Uzak ýaýladaky enäniñ hüwdüsi diýip atlandyrdy. Onda şeýle diýilýär:
Eýýäm güneş batypdyr,
Aýda agyl atypdyr. 
Garagolja Serdarym, 
Ýañja uka batypdyr.

Hüwdüler eneleriñ aýdymydyr. Bu aýdymdan gulagy ganan çagalar bagtlydyrlar. Halk döredijiliginiñ iñ naýbaşy görnüşlerinden biri hüwdülerdir.




#Article 252: Läleler (459 words)


Läleler gelin-gyzlaryň aýratyn heň bilen aýdylýan goşgulardyr. Olar köplenç ýedi bogunly, dört setirli bolýarlar. 
Läleler aýdylanda her bentden soň haý, lä-le, haä, lä-le diýen bogunlary gaýtalanýar.
	Läleler özära - damak läle, eňek läle, dodak lälesi ýaly bölümlere bölünýärler.
	Läleler döreýişleri taýdan birnäçe topara bölünýärler.
	öňki lälelerde gelin-gyzlaryň gözgyny, agyr durmuşlary, isleg-arzuwlary beýan edilipdir.

	Gara maňlaýdyr başym
	On üç, on dörtdür ýaşym
	Altmyş ýaşla çatdylar
	Kakladylar bu laşim

diýen lälede ýaş gyzyň özünden dört-bäş esse uly adama satylandygy, gül ömrüniň kül bolandygy hakyndaky ahy-nalasy suratlandyrylýar. Olar gamgyn äheňde düzülipdir.

Bahar aýlary janly-jemendäniñ göwnüñi açýan, ýylyñ iñ gyzykly döwri bolyar. Baharyñ şeýle ajaýyp pursaty adamyñ, gelin-gyzlaryñ kalbyny joşdurýar, näzik duýgularyny oýarýar. Şeýle oýanyş, duýgy-emosiýalar netijesinde gelin-gyzlar gaflat ukusyndan açylan gözel tebigata ýüzlenip, içki syrlaryny, arzuw-niýetlerini aýan edýärler. 
Gelin-gyzlaryñ öz çeper döredijiliklerine läle diýip at bermekleri hem şundan gelip çykýar. Türkmen jemgyýetinde, şeyle-de şahyrana döredijilikde al-elwan güllere meñzedilýän gelin-gyzlar biri-birinden aýry bolmadyk, biri-biriniñ üstüni ýetirýän gözellik düşünjesi bolup durýar.

Läleleriñ ýerine ýetiriliş tärleri özboluşlydyr. Läleler aýdylan-da, belli bir heñe salnyp aýdylýar. Läleleriñ aýdylyşy dürli-dürlüdir. Läle kakmakda owazyñ, heñiñ nähili ýol bilen emele getirilýändigine garap, olary birnäçe topara bölmek mümkin.
Bokurdak ýa-da damak lälesi - munda läle kakýan gyz barmaklaryny bokurdaga çalaja kakyp, agyzdan çykýan sesde owazly titreme emele getirýär. Barmaklar her bogun arasynda bir gezek sesiñ süýündirilip, uzyn çekilip aýdylýan bogunda bolsa 19 gezek damaga degýärler.
Dodak lälesi - dodak lälesi suyem barmagyñ aşaky dodaga degip, sesi titretmegi bilen ýerine ýetirilýär.
Eñek lälesi - bu läle başam barmagyñy eñegiñ aşagyndan diräp, galan barmaklaryñy bolsa dodaklaryñ üsti bilen saga-çepe hereketlendirmek arkaly aýdylýar.
Hymmyl lälesi (muña kä ýerlerde egin lälesi hem diýilýär) - bu läle bütin göwräniñ, ylaýta-da omuz we aýaklaryñ hereketlendirilmegi bilen ýerine ýetirilýär.
Läle ýekeme-ýekelikde-de, ikibir-ikibirlikde-de, toplum bolup-da kakylýar. Läleler özleriniñ añladýan pikirlerine, suratlandyrýan wakalaryna, beýan edýän maksatlaryna we ony döreden jemgyýetçilik gatnaşyklaryna garap, dürli mazmunda bolýarlar.
Läleler Garaşsyzlygymyzy almazdan oñ, iki döwre bölünip öwrenilýärdi (Oktýabr rewolýusiýasyndan öñ dörän läleler we oktýabr rewolýusiýasyndan soñ dörän läleler).
Täze Galkynyşlar zamanynda gelin-gyzlarymyzyñ bu ajaýyp şahyrana döredijiligini aşakdaky ýaly toparlara bölüp öwrenmek mümkin:	
XX asyryñ 20-nji ýyllaryndan öñ dörän läleler.
XX asyryñ 20-nji ýyllaryndan Döwlet Garaşsyzlygymyza çenli dörän läleler (1991-nji yylyñ 27-nji oktýabryna çenli.).
Garaşsyzlyk we Täze Galkynyşlar döwrüniñ läleleri.
Täze Galkynyşlar zamanasynda gelin-gyzlarymyzyñ ajaýyp läleleri hem täze many-mazmuna, täze öwüşgine eýe bolup, Döwlet derejesinde geçirilýän toý-baýramlarymyzyñ bezegine öwrülip, olarda Watanymyzyñ Garaşsyzlygy, baky Bitaraplygy, Täze Galkynyşlar zamanasy buýsanç bilen wasp edilýär.
Häzirki döwürde Täze Galkynyş zamanamyza we Hormatly Prezidentimize bagyşlanan aýdymlar, kuştdepme bentleri, läleler ýaly şahyrana eserler yzygiderli döredilip, toý-baýramlarymyza bezeg berýärler. Çünki halkymyz, öz gündelik durmuşynda görýän-eşidýän, şaýat bolýan wakalaryny öz zehininde eläp, durmuş hakykatynyñ içinden çeper hakykaty alyp, ondan ebedilik, mizemez beýik eserleri döredip bilýän halkdyr.

Türkmen halk döredijiligi. Mugallymçylyk mekdepleri üçin synag okuw kitaby. G.Otdyýew, N.Atdaýewa. Aşgabat 2010ý. Türkmen döwlet neşirýat gullugy.




#Article 253: Braziliýa (799 words)


Braziliýa, resmi ady Braziliýa Federatiw Respublikasy (, ) — meýdany we ilaty boýunça Günorta Amerikada iň uly döwlet.

Günorta Amerikadaky iň uly döwlet. Meýdanynyň ululygy boýunça dünýäde bäşinji döwletdir. Paýtagty — Brazilia şäheri. Braziliýanyň gündogar we günorta-gündogaryny Atlantik ummanynyň suwlary ýuwýar. Demirgazykda Gaýana, Wenesuela we Surinam, demirgazyk-günbatarda Kolumbiýa, günbatarda Peru we Boliwiýa, günorta günbatarda Argentina we Paragwaý we günortada Urugwaý bilen araçäkleşýär. Nominal jemi içerki önümiň möçberi boýunça dünýäde ýedinji orny eýeleýär. Braziliýa BMG-niň we G-20-iň agzasydyr. Braziliýa 26 ştata we 1 federal okruga bölünýär.

Federatiw respublikadyr. Döwlet, hökümet baştutany prezidentdir. Ol 4 ýyllyk möhlet bilen Milli kongresde saýlanýar. Ýokary Kanun çykaryjy organy iki palatadan: deputatlar palatasyndan we senatdan ybarat bolan Milli kongresdir.

Ýer üstüniň gurluşy boýunça ol Amazonka pesligi we Braziliýa tekiz daglygy diýen tebigy raýonlara bölünýär. Braziliýanyň geologiki gurluşy hemme ýerinde bir meňzeş däl. Braziliýa tekiz daglygy dokembriý kristallik jynslardan düzülendir. Amazonka pesligi, esasan, çökündi jynslardan emele gelipdir. Gazylyp alynýan peýdaly zatlary: daş kömür, demir magdanlary, marganes, polimetallar, fosforit, nebit. Braziliýa tutuşlygyna günorta tropikde ýerleşip, onuň çygly tropiki klimaty bar. Braziliýada howanyň temperaturasy hemme ýerinde bir meňzeş däl.

Amazonka pesliginde ýanwaryň ortaça C-sy +23°, günortasynda belent massiwde iýulyň (gyş) ortaça temperaturasy +12-14°. Ortaça ýyllyk ygal 1500—2000 mm, deňiz kenarlarynda bolsa 3000 mm golaý. Iň uly derýalary: Amazonka (goşantlary bilen), Parana, San-Fransisku, Parnaiba. Bular gämi gatnawly, suwaryş we gidroenergetik ähmiýetlidir. Ýurt tokaýlara baý. Amazonka pesligini çygly ekwatorial (gileýa ýa-da selwas) tokaýlary, Braziliýa tekiz daglygyny bolsa sawannalar (kampos—serrados) tutýar. Braziliýada haýwanlaryň dürli görnüşleri (maýmynlar, murawýedler, düýeguşlar, gemrijiler we ş.m-ler) duş gelýär. Alymlaryň hasaplamalaryna görä ösümlikleriň we ahýwanlaryň  mln-a golaý görnüşi bardyr.

Ilatyň 95%-den gowragy braziller. Ilatynyň tebigy artyş depgini gaty ýokary. Ilatynyň ýarpysyndan gowragy oba ýerlerinde ýaşaýar. Iň uly şäherleri San-Pauluda 11 mln. 839 müň (2011), Rio-de-Žaneýroda 6 mln. 335 müň (2011) adam ýaşaýar. Döwlet dili portugal dilidir. Ilatynyň tebigy artyş depgini 1.166%.

Braziliýa 1500-nji ýylda portugaliýaly deňizde ýüzüji Pedru Kabral tarapyndan açyldy we 16-njy asyryň I ýarymynda Portugaliýa tarapyndan okkupirlendi. Ýerli ilatyň ep-esli bölegi gyryldy. Plantasiýalarda işletmek üçin Afrikadan negr gullar getirilipdir. 19-njy asyryň başynda (1822) Braziliýa özbaşdaklyk gazandy emma gulçulyk 19 asyryň ahyryna çenli dowam etdi. 1889-njy ýylyň 15-nji noýabrynda Braziliýa federatiw respublika boldy. Braziliýada iňlis kapitaly agalyk sürüpdir, 20-nji asyryň başynda Braziliýanyň ykdysadyýetine Amerikan kapitaly aralaşdy we iňlis agalygyny gysmaga başlady. 1922-nji ýylda Braziliýa Kompartiýasy döredildi. 1924-nji ýylda L. K Prestesis ýolbaşçylygynda San-Paulu garnizonynyň gozgalaňy bolýar. 1930-njy ýylda harby agdarylyşyk netijesinde Braziliýada Ž. Wargasyň diktaturasy berkarar edilýär. II Jahan urşundan soň Braziliýada progressiw güýçleriň täsiri ýaýrap başlaýar. 1945-nji ýylyň 2 aprelinde SSSR bilen Braziliýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýulýar. 1947-nji ýylyň oktýabrynda general Dutranyň reaksion hökümeti SSSR bilen diplomatik gatnaşyklary kesýär. Kompartiýany gadagan edýär. Ýurda amerikan kapitalynyň aralaşmagy güýçlenýär. 1951-nji ýylda Wargasyň hökümeti gaýtadan häkimiýet başyna geçýär. Ol daşary ýurt monopolistlerini çäklendirýän çäreleri durmuşa geçirip başlaýar. 1960-njy ýylda häkimiýet başyna Ž. Kuadrosyň hökümeti gelýär, emma ol ýurduň reaksion güýçleriniň zor salmagy zerarly 1961-nji ýylyň awgustynda iş başyndan aýrylmaga mejbur bolýar. Konstitusiýa boýunça onuň ýerini işçiler partiýasynyň lideri, wise-prezident Ž. Gulart eýeleýär. 1961-nji ýylda SSSR bilen Braziliýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar dikeldilýär. Ž. Gulart (1961—64) käbir demokratik reformalary geçirip ugraýar. Emma reaksion güýçler birleşip, harby agdarylyşyk geçirýärler. General U.Kastelu Branku wagtlaýyn prezident bolýar. Ž. Gulartyň hökümetiniň çykaran dekretleri ýatyrylýar. Braziliýanyň ykdysadyýetine amerikan kapitalynyň aralaşmagy üçin giň ýol açylýar. 1967-nji ýylyň martynda prezidentlige general A. da Kosta-e-Silwa geçýär. Onuň hökümeti reaksion syýasat alyp barýar, ABŞ-nyň agressiw syýasatyny goldap çykyş edýär. 1966—69 ýyllarda SSSR-iň Braziliýa 100 mln dollarlyga çenli maşyn we enjam satmagy barada ylalaşyk gazanylýar. Soňky aýlarda Braziliýanyň senagatynyň ösüşinde käbir öne gidişlikler duýulýar, emma maşyn gurluşygy, dokma senagaty önümçiligi ep-esli pese düşýär. Oba-hojalyk önumçiliginiň ösüş depgini gowşaýar. 1974-nji ýylda general Ernesto Geýzel prezident bolýar we demokratik döwlet gurmak taslamasyny işe goýýar. Muňa garamazdan tä 1985-nji ýyla çenli režim dowam edýär.

Braziliýa agrar-industrial ýurt. Oba-hojalyk önümçiliginiň möçberi 31%, senagatyňynky 24%. Amatly tebigy şertler ekinlerden ýylda 2 gezek hasyl almaga mümkinçilik berýär. Braziliýa kofe öndürmekde we ony eksportirlemekde dünýäde 1-nji orunda durýar. Kofe plantasiýalary 3,6 mln. ga meýdany tutup, ýylda ortaça 2—3 mln. T kofe öndürýär. Esasy kofeçilik ştatlary: Parana, San-Paulu, Espiritu-Santu. Braziliýada kakao, gowaça, şeker çiňrigi, apelsin, şaly, temmäki, mekgejöwen, bugdaý hem ekilýär. Mallardan doňuzlar, dowarlar, gara mallar, gylýallar idedilýär. Braziliýanyň öseň magdan senagaty bardyr. Elektrik energiýasynyň köp bölegini gidrostansiýalar berýär. Ýurtda gara we reňkli metallurgiýa, maşyn gurluşygy, himiýa, ýeňil we azyk senagat pudaklary ep-esli orun tutýar. Häzirki zaman dünýäsinde demir magdanynyň esasy zapaslary boýunça Hytaý we Russiýadan soňra Braziliýa üçünji orny eýeleýär. Galaýy çykarmakda Braziliýa dünýäniň baş öndürijileriniň hataryna girýär. Marganes we seýrek duş gelýän metallaryň zonasy boýunça ýurduň tebigy baýlyklarynyň dünýä ähmiýeti bar. Senagatyň iň ösen ştatlary: San-Paulu, Guanabara we Rio-de-Žaneýro. Demir ýollaryň uzynlygy 30875 km, awt. ýollar 1.98 mln. km, derýa ýollary 35 müň km. 2500 sany aeroport bar. Braziliýa 5 ykdysady geografik raýona bölünýär: 1) Demirgazyk-Gündogar 2) Günorta-Gündogar 3) Günorta 4) Demirgazyk 5) Merkezi Günbatar.




#Article 254: Awstriýa (1409 words)


Awstriýa Respublikasy Merkezi Ýewropadaky döwlet. Ol Birinji Jahan urşundan soň Awstro-Wengriýa monarhiýasynyň dargamagy bilen döreýär. Umumy tutyan meýdany 83,9 müň inedördül kilometre barabardyr. Ýurduň günbatardan gündogara çenli uzunlygy 579 kilometrdir. Ol demirgazyk-günbatarda Germaniýa, günbatarda Şweýsariýa we Lihtenşteýn, günortada Italiýa we Sloweniýa, gündogarda Slowakiýa bilen araçäkleşýär. Awstriýa dokuz federal ştata bölünýär.
Olar: Burgenland, Karintiýa, Aşaky Awstriýa, Ýokarky Awstriýa, Zalsburg, Ştiriýa, Tirol, Forarlberg we Wena şäheri.

Ýurduň meýdanynyň dörtden üç bölegini daglar tutýar. Diňe 7 göterimi düzlüklerden ybarat. Ýurt Alp daglarynyň bir bölegi hasaplanýar. Onuň üçden iki bölegini Gündogar Alp dagy tutýar. Awstriýanyň klimaty aram kontinental. Ýurtda ýanwaryň ortaça temperaturasy -1-4 dereje, iýulyňky +14 +18 dereje bolýar. Ygallar ýylda 500–900 mm, daglarda 1500–2000 mm düşýär. Gyşy maýyl, tomsy salkydyr. Daglyk etraplarynda 7-8 aýlap gar saklanýar. Ýurduň iň uly derýasy Dunaýdyr. Awstriýa köllere baý ýurtdur (580-e golaý).

 
Awstriýa nemes dilli ýurt. Slowen we horwat dillerinde slawýan azlyklary gürleýär. Olar hem ýurduň günorta we gündogaryndaky Karantiýa, Burgenland we Ştiriýa federal ştatlarynda ýaşaýar. Awstriýalylar-da beýleki ýewropalylar ýaly köp milletli halk. Awstriýalynyň görnüşiniň emele gelmeginde din we medeniýetiniň uly roly bar. Ýurduň ilatynyň 78 göterimi katolik, 5 göterimi protestant, 2 göterimi bolsa musulmanlardyr. Ýurtda 13 resmi baýramçylyk bellenip geçilýär. Olaryň 10-sy dini baýramçylyklardyr.
Soňky maglumatlara görä, ýurtda 8 milliondan gowrak adam ýaşaýar. Olaryň 9 göterimi daşary ýurtlulardyr. Ýurduň paýtagty bolan Wenanyň 1,6 million ilaty bar. Ilatyň agramly bölegi Aşaky Awstriýa ştatynda ýaşaýar. Zalsburg we Insbruk ýaly şäherleri hasaba alynmadyk ýagdaýynda, daglyk yerlerinde az adam ýaşaýar.

Awstriýanyň iri şäherleri Wena, Graç, Linç, Salzburg we Insbrukdyr. Ýurduň şäherlerinde ilatyň 30 göterimi ýaşaýar. Wena ýurduň iň iri we ykdysady hem-de medeniýet şäheri hasaplanýar. Ol Dunaý derýasynyň iki kenarynda hem ýerleşýär. Onun etekleri bolsa meşhur Wena tokaýlygyna çenli uzalyp gidýär. Owadan köşk-eýwanlar, seýilgähler, kiliseler Wena şäherini Ýewropanyň iň gowy şäherleriniň birine öwürýär. Awstriýanyň meýdany boýunça ikinji uly şäheri Grasdyr. Ol Ştiriýa ştatynda ýerleşýär. Şäher Mur derýasynyň kenarynda ýerleşýär. Ol esasy senagat, söwda we ylym merkezi hasaplanýar. Dunaýyň kenarynda ýerleşýän Lins şäheri bolsa Ýokary Awstriýanyň merkezi bolup, senagat we port şäheridir.
Awstriýanyň iň owadan şäherleriniň biri hem Zalsburg.

Awstriýa-federal parlament respublikasydyr 
Ýurduň ähli raýatlary raýatlyk hukuklaryndan doly peýdalanýarlar. 19 ýaşdan uly bolan ra-ýatlar saýlawlara gatnaşyp bilýärler.
Ýurduň prezidenti ählihalk saýlawlary esasynda alty ýyl möhlete saýlanýar. Hökümetiň möhüm ygtyýarlyklary prezidente degişlidir. Ol kanun güýjündäki kararlary kabul edýär. Ýokary kanun çykaryiy organy parlament bolup, ol iki palatadan: milli we federal sowetden ybaratdyr. Federal sowet welaýatlara wekilçilik edýär. Onuň 64 agzasy ştatlardaky geňeşlerden saýlanýar. Aşaky palata bolan milli sowet ilata wekilçilik edýär. Onuň 183 deputaty bar. Ýurduň ýerine ýetiriji häkimiýetine kansler ýolbaşçylyk edýär. Hökümet agzalary milli sowetdäki belli partiýalardan ýa-da beýleki partiýalardan saýlanýar.
Ýurt administratiw tadan dokuz ştata bölünýär. Olaryň her biriniň ilaty öz parlamentini saýlaýar. Ol hem ştat hökümetiniň başlygyny belleýär.
Kazylar Adalat ministirligi tarapyndan işe bellenýär. Ýurtda ýerli welaýat we etrap kazy-ýetleri bar. Ol hem raýat hem-de jenaýat işlerine seredýärler.

Milli goranmak ulgamy 1955-nji ýyldaky döwlet ylalaşygy esasynda alnyp barylýar. Ol ylalaşyk diňe bir goşunyň möçberini çäklendirmän eýsem-de bolsa ýadro we şuna meňzeş ýaraglary, edinmegem gadagan edýär. Ýurduň bitaraplyk syýasasatyna laýyklykda onun az sanly guryýer goşuny bar. Erkekler üçin gulluk etmek hökmanydyr. Gullugyň möhleti sekiz aý.Şeýle hem gulluk etmegiň alternatiw görnüşlerem bar.
Daşary syýasaty:. Awstriýa 1955-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edildi. Şeýle hem ol köp sanly halkara guramalarynyň, şol sanda Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň we Ýewropa Bileleşiginiň agzasydyr. Wenada BMG-niň üç edarasynyň ştab-kwartirasy ýerleşýär. 1995-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Awstriýa Ýewropa Bileleşiginiň agzalygyna saýlandy.

Awstriýa senagat taýdan ösen Ýurt. Ýurduň esasy senagat pudaklary: maşyngurluşyk, dag
magdany, elektrotehnika, himiýa. elektroenergiýa we ýeňil senagat. Oba hojalyk pudagynda bolsa maldarçylyga uly üns berilýär.
Awstro-Wengriýa monarhiýasynyň dargamagyndan soň. emele gelen döwletler käbir ykdysady kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldular. Täze Awstriýa Respublikasy şol mahallar esasy girdeji çeşmesi bolan azyk we kömürden mahrum galýar. Ýurduň ykdysadyýetini täzeden gurmak üçin birnäçe ýyl gerek boldy. Üstesine-de, 1929-njy ýylda tutuş dünýäde ykdysady çökgünlik başlady. Şol sebäpli, birnäçe ýyllap daşary ýurduň kömeklerine mätäç galdy. 1937-nji ýylda öz ykdysady bazasyny gurdy. 1938-nji ýylda Awstriýa Germaniýa degişli boldy. Şondan soň bolsa Beýik Watançylyk urşy bilen baglanyşykly ýurtda ýene-de kynçylyklar boldy. Ýurduň ykdysadyýeti 1950-nji ýyldan soň sazlaşykly öşüp başlady .

Soňky maglumatlara görä ýurduň ilatynyň 3.8 milliony işe ukyplydyr. Ýurtda işsizleriň sany az. 1990-njy ýylyň ikinji ýarymynda Horwatiýa, Sloweniýa we Türkiýe ýaly döwletlerden Awstriýa adamlar işlemäge geldiler. Ýurduň ykdy-sadyýetinde hyzmat pudagy öňdäki orunlarda durýar. Ýurduň işe ýaramly ilatynyň 32 göterimi senagatda, 61 göterimi hyzmat pudagynda we 7 göterimi bolsa oba, tokaý we balyk hojalygynda zähmet çekýär. Awstriýanyň umumy içerki önüminiň 32 göterimini senagat, 2 göterimini oba, tokaý we balyk hojalygy we 65 göterimini energetika, söwda we ulag pudaklary düzýär.
Önümçilik guramalary: 1946-njy ýylda ýurduň kärhanalarynyň 70 göterimi döwlete degişli edilýär. Olaryň arasynda iri kommersiýa banklar, agyr, nebit çykaryly we nebiti gaýtadan işleýji senagata degişli kärhanalar bar. 1993-nji ýylda ýurduň hökümeti senagat kärhanalaryny hususylaşdyrmak babatda giň möçberli meýilnamalary durmuşa geçirip ugrady. Ony daşary Ýurt maýa goýumyny çekmek maksady bilen amala aşyryldy.

Orta hasap bilen ýurduň meýdanynyň 42 göteriminde oba hojalygy bilen meşgullanylýar. Ekerançylyga ýaramly meýdanlaryň 43 göterimini miweli we üzüm baglary tutýar. Ýurtda halkyň sarp edýän azyk önümleriniň 90 göterimi öndürilýär. Şonuň üçin Awstriýa daşary Ýurtlara az mukdarda et. süýt önümlerini, bugdaý we mekgejöwen satýar. Ýurtda däne ekinleri köp ekilýär. Bugdaý, mekgejöwen, arpa ýaly däneli ekinler ekilýär. Şeýle hem kartoşka we şugundyr hem ýetişdirilýär.

Awstriýa tebigy baýlyklara we agaç önümlerine baý. Ýurtda demir sink we magnezit ýaly tebigy baýlyklar bar. Awstriýada daş kömür; ýetmezçiligi bar bolsa-da, muňa garamazdan, Ýurtda nebit, tebigy gaz we lignit bar. Gidroelektrik beketlerinden öndürilýän elektrik energiýasynyň bir bölegi daşary Ýurtlara satylýar. 1970-nji ýylyň ahyrlarynda Awstriýa elektrik energiýa mätäçligi sebäpli daş kömri, nebit we gaz satyn almaga başlady.

Awstriýanyň umumy meýdanynyň bäşden iki bölegi tokaýlar bilen gurşalandyr. Ýurduň Ştiriýa we Aşaky Awstriýa ştatlarynda agaç önümleri köpräk öndürilýär. Awstriýada demir magdanynyň çykarylyşy 1950-nji ýyldan soň epesli artdy. 1995-nji ýylda ortaça 2,1 million tonna demir magdany çykaryldy. Demir magdanynyň esasy ýatagy Ersbergdir. Karintiýa sebitinde magnezitiň baý gorlary bar. Şeýle hem Ýurtda kaolin, duz, gips ýaly mineral magdanlar çykarylýar.
Energetika: Ýurtda energiýa bolan mätäçligiň artmagy bilen daşary Ýurtlardan energiýa resurslaryny satyn almaga başlandy. Awstriýanyň özünde öndürilýän energiýanyň içerki bazarynyň takmynan üçden bir bölegini kanagatlandyrýar. Ýurduň öz nebit gory we daşary ýurtdan getirilýän nebit önümleri ýurduň esasy energiýa çeşmesi bolup hyzmat edýär. Aşaky Awstriýanyň demirgazyk-günbatar böleklerinde nebit ýataklary bar. Awstriýa her ýylda ortaça 3 million tonna daş kömri satyn alýar.Şeýle hem tebigy gaz hem import edilýär. Ştiriýa, ýokarky we aşaky Awstriýada lignitiň gor känleri bar.1990-njy ýyllarda Awstriýa gidroelektro energetika ulgamyny ösdürmek üçin az pul sarp etmedi. Ýokarky Awstriýa we Tirolda gidroelektroenergiýasynyň uly mukdary öndürilýär. Şeýle hem Dunaýyň Inn derýasynyň kenarynda elektrik beketleri guruldy. Gidroenergiýa resurslary Awstriýa elektrik energiýasynyny daşary Ýurtlara ekspert etmäge mümkinçilik berýär.

Awstriýanyň polat ýollarynyň uzynlygy takmynan 5,6 müň kilemetre barabardyr. Şeýle hem Awstriýa öz garaýollary ulgamy bilen hem meşhurdy. Ýurtda 1600 kilometr uzynlygyndaky giň ýokary tizlikde gatnawly gara ýollar bar. 1957-nji ýylda döredilen „Awstriýa awialiniýa kompaniýasy dünýäniň dürli Ýurtlaryna uçar gatnawlaryny amala aşyrýar. 1990-njy ýylda oňa bäsdeş tapyldy. Ol hem .Lauda eýr atly hususy awiakärhana boldy. Dunaý derýasynyň üsti bilen her ýyl 5 million tonna ýük daşalýar. Esasan, metal, kömür, koks, nebit we nebit önümleri daşalýar.
Syýahatçylygy: Syýahatçylyk ýurduň iň bir girdejili pudaklarynyň biri hasaplanýar. Soňky ýyllarda ýurda 24 million daşary ýurtly syýahatçy geldi. Olaryň 67 göterimini nemes jahankeşdeleri düzýär.

Awstriýada durmuş üpjünçiligi maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Raýatlara uly ýeňillikler döredilýär. Häzirki wagtda raýatlar saglyk, işsizlik we adatdan daşary ýagdaýlar ätiýaçlandyrmasyndan peýdalanýarlar. Ýurtda 13 resmi baýramçylyk bar. Işgärler her yýl dört hepdelik iş rugsadyna çykyp bilýärler.

Awstriýa gadymdan bäri saz we drama sungatynyň ýurdy hasaplar Zalsburgda Mosart doguldy. Mundan başga-da, Wenada Bethowen, Gaýdi, Şuberi we Brams ýaly dünýä belli kompozitorlar ýaşady Iogann Ştraus-kakasy bu şäheri wals tansynyň paýtagty etdi. Artur Şnisleriň ýolbaşçylygyndaky Wenanyň drama mekdebi XIX-XX asyrlarda Ýewropada uly meşhurlyk gazandy. Gugo fon Gofmanstal belli şahyr we dramaturg. 1917-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän Zalsburg festiwaly saz sungatynyň uly şowhunyna öwrüldi. Maks Reýnhardt Wenany teatr sungatynyň merkezine öwürdi. Sport çäreleriniň merkezi Wena hasaplanýar. Bu ýerde 95 müň orunly uly stadion bar. Insbruk şäherinde gyşky sport oýunlary üçin meýdanlar bar. 1997-nji ýyldan bäri Ýurtda 20-den gowrak gazet neşir edilýär.
Ýurduň intelektual durmuşynyň geçmişi häzirki döwre garanyňda örän baý. 1914- nji ýylda Zigmund Freýd we Alfred Adler Wenada psihoanaliz ugrunyň barlag merkezini döretdiler.
Awstriýadaky ykdysady mekdepler hem uly abraýdan peýdalanýar. Fridrih fon Haýek dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan liberal ykdysadyýetçi hökmünde tanalýar. Kari Kraus we Robert Muzil Awstro-Wengriýa monarhiýasynyň dargamagyny kyssa eserlerinin üsti bilen teswirlediler. Bütindünýa atom energiýa guramasynyň kömegi bilen Ýurtda iki sany ýadro fizikasy boýunça ylmy-barlag laboratoriýasy döredildi. Awstriýaly Erwin Wredinger fizika boýunça Nobel baýragynyň eýesidir.




#Article 255: Siriýa (1453 words)


Siriýa Arap respublikasy diýlip hem atlandyrylýan Siriýa Aziýada Lewantin döwletidir. Demirgazykda Türkiýe, günorta-günbatarda Liwan, günortada Iordaniýa we Ysraýyl, günorta-gündogarda Yrak bilen serhetleşýär. Siriýanyň paýtagty Damask, iň uly şäher Halapdyr.

Takmynan 10,000-nji ýyldan bäri Siriýa dünýäde ilkinji gezek oba hojalygy we maldarçylyk peýda bolan täze daş asyry medeniýetiniň merkezlerinden biri bolupdyr. Aşakdaky täze daş asyry döwri (PPNB) Mureybet medeniýetiniň gönüburçly jaýlary bilen aňladylýar. Küýzegärçilikden öňki täze daş asyry döwründe adamlar daşdan, gyplardan we ýakylýan hekden (Vaisselle blanche) ýasalan gap-gaçlary ulanýardylar.

Sebitde iň irki hasaba alnan ýerli siwilizasiýa häzirki Idlibiň golaýyndaky Ebla şalygydyr. Ebla takmynan miladydan öňki 3500-nji ýylda esaslandyrylan ýaly bolup, kem-kemden Mesopotamiýa Sumer, Assiriýa we Akkad döwletleri, şeýle hem demirgazyk-günbatarda Hurrian we Hattiýa halklary bilen Kiçi Aziýada söwda arkaly öz baýlygyny kem-kemden gurupdyr. Gazuw-agtaryş işlerinde tapylan faraonlardan gelen sowgatlar Eblanyň Müsür bilen gatnaşygyny tassyklaýar. Mari bilen uzak wagtlap dowam eden söweş sebäpli Ebla gowşady we Akkadyň Sargony we agtygy Naram-Sin ýeňişleri biziň eramyzdan öňki 23-nji asyryň birinji ýarymynda Eblanyň Siriýa agalygyny tamamlandan soň tutuş Siriýa Mesopotamiýa Akkad imperiýasynyň bir bölegine öwrüldi.

Miladydan öňki 21-nji asyra çenli Hurrianlar Siriýanyň demirgazyk gündogar bölegini mesgen tutupdyrlar, sebitiň galan böleginde amorlar agdyklyk edýärdi, Siriýa Assiriýa-Wawilon goňşulary tarapyndan Amurrunyň ýurdy diýlip atlandyryldy. Amorlaryň demirgazyk-günbatar semit dili Kengan dilleriniň iň irki subutnamasydyr.

Ugarit, Kengan dilleri bilen düýbünden baglanyşykly semit dili bolup, dünýäde iň gadymy elipbiý hasaplanýan Ugarit elipbiýini ösdüripdir. Ugarit şalygy miladydan öňki XII asyrda garakçy Hindi-Europeanewropa deňiz halklary tarapyndan weýran bolýança diri galypdyr, şuňa meňzeş patyşalyklary we döwletleri deňiz halklarynyň elinde şol bir weýrançylyga şaýat bolan Giç bürünç asyrynyň çökmegi diýlip atlandyrylýan ýerde.

Biziň eýýamymyzdan ozalky XIV asyrda gündogarda Wawilon bilen şowsuz konflikte giren ýarym çarwa suýtanlar we ozalky amorlary goldaýan günbatar semit dilli arameýler ýaly sebitde dürli semit halklary peýda bolupdyr. Olar hem asyrlar boýy Assiriýa we Hititler tarapyndan boýun egilipdir. Müsürliler günbatar Siriýany dolandyrmak üçin Hititlere garşy söweşdi; söweş miladydan öňki 1274-nji ýylda Kadeş söweşi bilen iň ýokary derejesine ýetdi. Günbatar weýran bolýança Hit imperiýasynyň bir bölegi bolup galypdyr. Miladydan öňki 1200-nji ýyl, gündogar Siriýa esasan 1114-1076-njy ýyllar aralygynda Tiglat-Pileser I döwründe Günbataryň köp bölegini basyp alan Orta Assiriýa imperiýasynyň bir bölegi bolupdyr.

Soňra Siriýa we Nearakyn Gündogaryň günbatar ýarysy giň Neo Assiriýa imperiýasyna (miladydan öňki 911-nji ýyl - 605-nji ýyl) degişlidir. Assiriýalylar imperiýa arameýini imperiýasynyň lingua franky hökmünde tanatdylar. Bu dil biziň eramyzyň VII we VIII asyrlarynda arap yslamlary basyp alandan soň Siriýada we tutuş Nearakyn Gündogarda agdyklyk etmeli we hristiançylygyň ýaýramagy üçin ulag bolmalydy. Assiriýalylar Siriýa we Liwan koloniýalaryna Eber-Nari diýip at berdiler. Assiriýanyň agalygy, Assiriýalylar gazaply içerki söweşlerde, soňundan hüjümler bilen özlerini ep-esli derejede gowşadandan soň tamamlandy; midiýalylar, wawilonlylar, babyllylar, parslar, skifler we kimmerler. Assiriýa ýykylanda skifler Siriýanyň köp bölegini weýran etdiler we taladylar. Assiriýa goşunynyň soňky duralgasy miladydan öňki 605-nji ýylda Siriýanyň demirgazygyndaky Karçemişde bolupdyr.

Wizantiýa imperiýasynyň gülläp ösen döwründe esasan arameý dilli Siriýanyň ilaty XIX asyra çenli ýene-de köp bolmazdy. Biziň eramyzyň VII asyrynda Arap Yslam ýeňişinden ozal ilatyň aglaba bölegi aramlardy, emma Siriýada grek we rim dolandyryjy toparlary hem ýaşaýardy, assiriýalylar henizem demirgazyk gündogarda, kenarýaka finikiýalylar, ýewreý we ermeni jemgyýetleri ýaşaýardy. Nabateýalylar we Yslamdan öňki araplar ýaly Lakmidler we Gassanidler Siriýanyň günortasyndaky çöllerde ýaşaýardy. Siriýa hristianlygy esasy din hökmünde kabul edilipdi, beýlekiler henizem ýahudylyga, Mitraizm, Manikanizm, Grek-Rim dinine, Kengan dinine we Mesopotamiýa dinine uýýarlar. Siriýanyň köp we abadan ilaty Siriýany Rim we Wizantiýa welaýatlarynyň iň möhümleriniň birine öwürdi, esasanam 2-nji we 3-nji asyrda (biziň eýýamymyz).

Biziň eramyzyň 640-njy ýyla çenli Halid ibn al-Walidiň ýolbaşçylygyndaky Arap Reşidun goşuny Siriýany basyp aldy. VII asyryň ortalarynda imperiýanyň hökümdarlary bolan Umaýýad neberesi imperiýanyň paýtagty Damaskda ýerleşipdir. Soňky Umaýýad döwründe ýurduň güýji pese gaçdy; bu esasan totalitarizm, korrupsiýa we ýüze çykan rewolýusiýalar bilen baglanyşyklydy. Soňra Umaýýad neberesi 750-nji ýylda imperiýanyň paýtagty Bagdada göçürilen Abbas dinastiýasy tarapyndan agdarylypdyr.

Osmanly administrasiýasy parahatçylykly ýaşaşmaga alyp barýan sistema eýerdi. Her bir etno-dini azlyk - arap şaýy musulmanlary, arap sünni musulmanlary, arame-siriýa prawoslawlary, grek prawoslawlary, maronit hristianlary, assiriýa hristianlary, ermeniler, kürtler we ýewreýler millet emele getirdi. Her jemgyýetiň dini ýolbaşçylary ähli şahsy status kanunlaryny dolandyrýardy we käbir raýat wezipelerini ýerine ýetirýärdi.

Osmanly administrasiýasy parahatçylykly ýaşaşmaga alyp barýan sistema eýerdi. Her bir etno-dini azlyk - arap şaýy musulmanlary, arap sünni musulmanlary, arame-siriýa prawoslawlary, grek prawoslawlary, maronit hristianlary, assiriýa hristianlary, ermeniler, kürtler we ýewreýler millet emele getirdi. Her jemgyýetiň dini ýolbaşçylary ähli şahsy status kanunlaryny dolandyrýardy we käbir raýat wezipelerini ýerine ýetirýärdi.

Siriýa bilen Fransiýa 1936-njy ýylyň sentýabr aýynda garaşsyzlyk şertnamasy baglaşdy we Haşim al-Atassi häzirki Siriýa respublikasynyň ilkinji keşbine laýyklykda saýlanan ilkinji prezident boldy.

Dowam edýän Siriýa raýat urşy Arap bahary ynkylaplaryndan ylham aldy. 2011-nji ýylda parahatçylykly protestleriň zynjyry hökmünde başlandy, soň bolsa Siriýanyň goşuny tarapyndan basyş edilendigi aýdylýar. 2011-nji ýylyň iýulynda goşun goraýjylary Erkin Siriýa Goşunynyň döredilendigini yglan etdiler we söweş bölümlerini döretmäge başladylar. Oppozisiýada sünni musulmanlar agdyklyk edýär, öňdebaryjy hökümet işgärleri köplenç alawitler bilen baglanyşykly. Uruş gozgalaňçy toparlara (YD we al-Nusra) hem-de dürli daşary ýurtlaryň gatyşmagyna degişlidir, ikinjisini Siriýada wekilçilikli söweş hökmünde häsiýetlendirip bolar.

Adamlaryň köpüsi upewfrat derýasynyň jülgesinde we kenarýaka düzlüklerde, kenarýaka daglar bilen çöl arasynda oňat zolakda ýaşaýarlar. Siriýada ilatyň umumy gürlügi her inedördül kilometre 99 töweregi (inedördül kilometre 258). ABŞ-nyň Bosgunlar we immigrantlar komiteti tarapyndan neşir edilen Bütindünýä bosgun gözleginiň 2008-nji ýyldaky maglumatlaryna görä Siriýada bosgunlaryň we gaçybatalga gözleýänleriň sany takmynan 1,852,300 adam boldy. Bu ilatyň aglaba köplügi Yrakdan (1,300,000), emma Palestina (543,400) we Somaliden (5200) köp ilat bu ýurtda ýaşaýardy.

Siriýalylar Liwanlylar, Palestinalylar, Iordaniýalylar we Jewsewreýler ýaly ýakyn goňşulary bilen ýakyndan baglanyşykly ýerli Lewantin halkydyr. Siriýanyň takmynan 18,500,000 ilaty bar (2019-njy ýylyň çaklamasy). Siriýaly araplar, 600 000 palestinaly bilen bilelikde, daşary ýurtdaky 6 million bosguny öz içine almaýar. Ilatyň takmynan 74% -ini araplar düzýär.

Asserli Assiriýalylar we Günbatar Arameý dilinde gürleýänler takmynan 400,000 adam, Günbatar Arameý dilinde gürleýänler esasan Mauloula, Jubb'adin we Bag'a obalarynda ýaşaýarlar, Assiriýalylar esasan demirgazykda we demirgazyk-gündogarda ýaşaýarlar (esasanam Homs, Halap, Kamişli we Hasakah). Köpüsi (esasanam Assiriýa topary) henizem täze we arameý şiwelerini gürleýiş we ýazuw dilleri hökmünde saklaýarlar.

Siriýada ikinj orunda durýan etnik topar kürtlerdir. Ilatyň takmynan 9% -den 10% -ine ýa-da takmynan 1,6 million adama (şol sanda 40,000 idazidi [197]) degişlidir. Kürtleriň köpüsi Siriýanyň demirgazyk-gündogar burçunda ýaşaýar we köpüsi kürt diliniň Kurmanji görnüşini bilýär. [196]

Üçünji uly etnik topar, türk dilli siriýaly türkmenler / türkoman. Jemi ilaty barada birnäçe ýüz müňden 3,5 milliona çenli bolan çaklamalar ýok.

Şeýle hem albanlar, bosniýalylar, gürjüler, grekler, parslar, puştunlar we ruslar ýaly kiçi etnik azlyk toparlary bar. Şeýle-de bolsa, bu etnik azlyklaryň köpüsi belli bir derejede araplaşdy, esasanam musulman dinine uýýanlar.

Arap dünýäsiniň daşyndaky Siriýa diasporasynyň iň köp konsentrasiýasy millionlarça arap we beýleki Nearakyn Gündogardan bolan Braziliýada ýerleşýär. Braziliýa Amerikada siriýaly bosgunlara ynsanperwerlik wizalaryny hödürleýän ilkinji ýurt. Arap argentinalylaryň aglabasy Liwanly ýa-da Siriýaly.

Sünni musulmanlar Siriýanyň ilatynyň 69–74% -ini, sünni araplar bolsa ilatyň 59-60% -ini emele getirýär. Kürtleriň köpüsi (8,5%) we türkomanlylaryň (3%) sünni mezhebine uýýanlar we sünni araplaryň arasyndaky tapawudy hasaba alýarlar, siriýalylaryň 13% -i şaýy musulmanlary (esasanam alawitler, on iki adam we ysmaýyllar), emma araplar, kürtler we Türkoman), 10% hristian (aglaba bölegi Antiokiýa grek prawoslawlary, galanlary Siriýanyň prawoslawlary, grek katolikleri we beýleki katolik däp-dessurlary, gündogaryň assiriýa kilisesi, ermeni prawoslawlary, protestantlar we beýleki dinler) we 3% druze. Druze 500,000 töweregi bolup, esasan Jabal al-Druze sebitinde jemlenýär.

Siriýa uzak medeni taryhy bolan adaty jemgyýet. Maşgala, din, bilim, öz-özüňi terbiýelemek we hormat goýmak möhümdir. Siriýalylaryň däp bolan sungata bolan islegi, al-Samah, Dabkeh ýaly tanslarda we gylyç tansynda beýan edilýär. Nika dabaralary we çagalaryň dünýä inmegi halk däp-dessurlaryny janly görkezmek üçin pursatlardyr.

Siriýanyň edebiýaty arap edebiýatyna goşant goşdy we dilden we ýazuw şygryýetiniň buýsançly däbine eýe. Köpüsi Müsüre göçüp gelen siriýaly ýazyjylar XIX asyryň nahda ýa-da arap edebi we medeni galkynyşynda möhüm rol oýnady. Häzirki zaman siriýaly tanymal ýazyjylar, beýlekiler bilen bir hatarda Adonis, Muhammet Maghout, Haýdar Haýdar, Ghada al-Samman, Nizar Kabbani we Zakariýa Tamer bar. Şeýle-de bolsa, Baas hökümeti edebiýata berk senzura girizdi.

Telewideniýe Siriýa we Müsür bilen 1960-njy ýylda, ikisi hem Birleşen Arap Respublikasynyň bir bölegi bolupdy. 1976-njy ýyla çenli ak-gara reňkde ýaýlyma berildi. Siriýanyň sabyn operalary gündogar arap dünýäsinde bazara aralaşdy.

Siriýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hemmesi diýen ýaly döwlete degişli we Baas partiýasy ähli gazetlere diýen ýaly gözegçilik edýär. Häkimiýetler birnäçe operasiýa işleýän Şubat al-Mukhabarat al-Askariýa atly birnäçe aňtaw gullugyny işleýär. Siriýanyň raýat urşy döwründe Siriýanyň köp sanly suratkeşi, şahyry, ýazyjysy we aktiwisti tussag edildi, käbirleri öldürildi, şol sanda meşhur karikaturaçy Akram Raslam.

Siriýanyň aşhanasy, belli bir tagamyň dörän sebitleri bilen baglanyşykly, düzüminde baý we dürli-dürli. Siriýanyň iýmitleri esasan Günorta Ortaýer deňzi, grek we günorta-günbatar Aziýa tagamlaryndan durýar. Käbir siriýaly tagamlar türk we fransuz naharlaryndan hem emele geldi: şiş kebap, doldurylan nahar / kurget we yabraʾ (üzüm ýapraklary).

Siriýalylar Liwanlylar, Palestinalylar, Iordaniýalylar we Jewsewreýler ýaly ýakyn goňşulary bilen ýakyndan baglanyşykly ýerli Lewantin halkydyr. Siriýanyň takmynan 18,500,000 ilaty bar (2019-njy ýylyň çaklamasy). Siriýaly araplar, 600 000 palestinaly bilen bilelikde, daşary ýurtdaky 6 million bosguny öz içine almaýar. Ilatyň takmynan 74% -ini araplar düzýär.




#Article 256: Arap dili (166 words)


Arap dili ( — ) —Afraziýa dil maşgalasynyň sami şahasyna degişli dil. Arab dili 280 million adam üçin ene dilidir we ýene 50 million adam ony ikinji dil hökmünde ulanýarlar. Ýazuwy arap elipbiýiniň esasynda. Bu dil 26 döwletiň resmi dili we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambeýasynyň 6 sany resmi we iş dilleriniň biri. Arap dili şu ýurtlarda resmi:
Oman, Birleşen Arap Emirlikleri (BAE), Katar, Bahreýn, Kuweýt, Saud Arabystany Patşalygy (SAP), Yrak, Ýemen, Iordaniýa, Siriýa, Lübnan, Ysraýyl, Müsür, Sudan, Eritreýa, Jibuti, Somaliýa, Somaliland, Komor adalary, Libiýa, Çad, Tunis, Jezair, Fas, Günbatar Sahara, Muritaniýa.

Arapça hat sagdan çepe ýazylýar. Arapçada baş harp ýok, ýagny adamyň ady bolsun ýa-da şoňa meňzeş uly ýazylýan harplaryň hemmesi şol bir deňlikde ýazylýar.

Hereket ýa-da häräkä () — adatça arap harplarynda beýle çekimli goýulmaýar. Diňe Kuranda şuňa meňzeşlerde goýulýar. Sebabi araplardan beýlekiler olary onsuz okap bilmeýär, we ol sözler çekimli goýulmanda başga many berip bilýär.

Arap sanlary latyn sanlary ýaly tertipde ýazylýar. Meselem: 10 — 531 — 

Aşakda goşmaça harplar we simbollar görkezlen.




#Article 257: Süýümiň uzynlygy (1048 words)


Çig mal ýüplügiñ özüne düşýän gymmatynyñ 40-70 % tutýar. Şeýlelikde çig mal bu egirmeçiler üçin möhüm bir zatdyr. Adatça egirmeçiñ ýetmezçiliksiz kämil çig maly almaga mümkinçiligi ýok, sebäbi ol juda gymmata düşerdi. Emma juda arzan çig mal alnanda köplenç çykdajylar tersine köpelýär, sebäbi egirme kärhanalarda pes hilli material işlenende uly kynçylyklar ýüze çykyp bilỳär. Amatly bahada ýokary hilli çig maly saýlamak üçin materialyñ häsiýetlerini gowy öwrenmeli. Aşakda egirmeçi üçin möhüm bolan esasy hil görkezijiler we olaryñ özara gatnaşygy görkezilen.

Uzynlyk süỳümiň üç sany esasy häsiýetleriñ biridir. Ol täsir edýär:

Süýümiñ uzynlygy laýyk bolsa ol öndürijilige gowy täsir eder, sebäbi üzülmeleriñ sany azalar, galyndylaryñ mukdary we ýüplüge bermeli towlaryñ sany azalar, egirmekligiñ şertleri gowulanýar.

Süýümleriñ uzynlygy 4–5 mm çenli bolsa olar önümçilikde galyndy we tozan bolup ýitýärler. Uzynlygy 12–15 mm çenli bolan süýümler ýüplügiñ berkligine hiç ýardam etmeýärler, olar diñe ýüplügiñ içini doldurýarlar. Diñe şu görkezilenlerden ýokary uzynlykly süýümler ýüplügiñ häsiýetlerine peýdaly täsir edýärler.

Satyn alnan pursatyndaky süýümiñ uzynlugy önümçilikde kiçelýär. Darak maşynda işlenenden soñ süýümiñ kiçelip biljek uzynlygyny bilmek zerurdyr. Daramaklykdan soñ juda gysgalmaýan häsiýetli süýümleri saýlajak bolmaly.

Egirme önümçiliginde süỳümler öz uzynlygyna görä iki sany uly topara bölünýär:

Himiki süýümler hem-de ýüpek galyndylardan alnan süỳümler öz kesgitli kesilen uzynlyklaryna baglylykda gysga-ştapelli we uzyn-ştapelli bolup bilerler. 

Işlenilýän süỳümileriñ görnüşine baglylykda egirme enjamlar we kärhanalar dürli bolýarlar. Gysga ştapel egirmede pagta we himiki sqmler bqn garyndylary işlenýär. Uzyn ştapel egirmede ýüñ we himiki süỳümler bilen garyndylary işlenýär.Ýüpek galyndylar uzyn-ştapel egirmede işlenilýär. 

Tebigy süýümleriñ uzynlyklary başyndan biri-birinden tapawutly bolýar. Meselem pagta süýümiñ uzynlygy hatta gozañ içinde deñ bolmaýar, ýüñ we ýüpek süýümlerde bu tapawutlar has aýdyndyr. Süýümler ilkinji işlenip bejerilende köp süýümler ýenede gysgalýar (meselem arssalananda ýa-da pagta süýümi çigitden aýyrylanda). Netijede uzynlyk süýümleriñ iñ gaty üýtgäp biljek häsiýetine öwürilýär. Eger ele süýümleriñ bir bölejigi alynsa onuñ içinde iñ kiçi (2mm) hem-de iñ uzyn süýümleri tapyp bolar. Süýümiñ görnüşine baglylykda iñ uly uzynlyk pagta üçin 60 mm, yüñ üçin 200 mm, ýüpek üçin 1500 mm ýetip biler. Eger bu bölejigiñ süýümleri uzynlyklaryna görä saýlanyp tertipleşdirilse, göneldilse we uçlary bir tarapyndan deñleşdirilse nomerlik ştapel diagrammasy emele geler.

L – süýümiñ uzynlygy;

Eger her uzynlyk toparynyñ agramy hasaba alynsa agram-esasly ştapel diagramma emele geler.

L – süýümiñ uzynlygy;

Bu diagrammañ egri çyzygy nomerlik diagramma garañda has ýokarda ýerleşỳär, sebäbi uzyn süýümler gysga süýümlerden has agyr bolup diagramma has uly täsir edýärler. Agram esasly diagramma ýüplügiñ kese-kesiginde süýümleriñ ýerleşmegini gowy beýan edýär, şonuň üçin ony ýüplüge degişli hasaplamalarda ulanmak amatly.

Nomerlik diagrammasy bolsa, süýümleriñ düzümini gowy görkezýär, ýagny onda gysga süýümleriñ mukdary anyk görünýär. Şonuň üçin nomerlik diagramma seredip, süýümleriñ işleniş häsiýetleri barada baha bermek bolýar.

Nomerlik we agram-esasly diagrammalary özara şeýle gatnaşdyryp bolýar:

La = LN + s2/LN ; (1)

bu ýerde:

Süýümleriñ materialyna baglylykda diagrammalaryñ esasy 5 sany şekili bolup biler.

Gönuburçlyk ştapel şekili diñe sintetik süýümler bilen mümkin bolup biler.Hemme süýüm deñ uzynlykly bolan üçin hiç hili uzynlyk üýtgemeleri ýok. Bular ýaly material kämil görünip bilerdi emma bu ýalñyş pikir. Materialyñ seyle deñligini soñuna, ỳagny ýüplüge çenli saklap bolanok, sebäbi süýümler egirme kärhanalarda işlenende gysgalýarlar (aýratynda darak maşynda). Beýleki tarapdan egirme maşynlar birmeñzeş süýümleri işlemäge ýaramaỳarlar.

Meselem: çekim abzallarda deñ uzynlykly süýümler hersi aýry däl, topar-topar bolup süýşerler. Netijede önümiň düzgünsizligi ýokary bolar.

Üçburçluk ştapel süỳümli materialy eýýäm işläp bolýar, emma onuñ düzüminde juda köp gysga süýüm bolar. Çekim abzallarda süýümler hereket edenlerde gysga süýümleri gözegçilik astynda saklamak gaty kyndyr.

Olar erkin hereket edip soñunda önümiň uly düzgünsizliklerine getirýärler. Soñ gysga süýümler ýüplügiñ içine gowy girmeýärler, daşyna çykýarlar, ýitýärler, maşynlarda we enjamlarda galyndylary we tozgalary köpeldýärler. Sapagyñ daşyna çykyp duran gysga süýümleriñ uçlary ýüplügiñ tüýlüligini artdyrýarlar.

Bu öndürijilik üçin iñ gowy ştapel görnüşi. Egri näçe tekiz bolsa, şonça-da gowy. Emma tekiz egri şekilli ştapeliñ bahasy köplenç gaty gymmata düşỳär (ỳokary hilli çig malyň bahasy ỳokary bolỳar).

Eger dürli uzynlykly süýümli materiallar ýalñyşlyk bilen garyşdyrylsa basgançakly ştapel egrisi emele geler. Edil göniburçluk diagramma meñzeşlikde süýümler topar-topar bolup hereket ederler. Deňölçeglilige zyýanly täsir ediler.

Ştapel diagrammalardan daşary Fibrogramma hem ulanylýar. Ştapel diagrammada süýümler bir ujyndan deñleşdirilse, Fibrogrammada olar hiç tertipsiz, çeninden, bir çyzyk boýunça gysylýarlar. Ştapel diagrammada süýümleriñ tertipli, bir ahyryndan deñ bolan ýagdaýda ýerleşmesi emeli döredilen, bu ýagdaý durmuşda, öndürijilik şertlerinde hiç haçan duş gelmez. Emma Fibrogramma süýümleriñ silindrlerde gysylan ýagdaýyny gowy beýan edýär. Fibrogramma Digital-Fibrograph atly abzalda gurulýar. Fibrogrammadaky uzynlyklar geçen-uzynlyk ýaly kabul edilýär, ýagny belli aralykdan soñ alanan uzynlyk ýaly.

Inçelik hem süýümleriñ üç sany esasy häsiýetleriñ biridir. Inçelik ýüplükleriñ kese kesiginde näçe sany süýüm sygyp bilýändigine täsir edýär. Kese kesikde näçe köp süýüm bolsa, şonça-da berklik ýokary bolar. Ýüplügiñ kese kesiginde azyndan 30 sany süýüm bolmaly, ýöne adatça olaryñ sany ýüzden ýokary bolýar. Täze egirme usullaryñ hemmesi üçin kese kesikde bir ýüz sany süýüm rugsat edilen aşakky çägidir. Şonuň üçin geljekde süýümleriñ inçelik häsiýetiniñ ähmiýeti has artar.

Süýümleriñ inçeligi şu aşakdaky hil görkezijilere uly täsir edỳär:

Süýümler inçe bolanda üzülmeler azalýar, ýüplüge bermeli towlaryñ sany azalýär, umuman egirmekligiñ şertleri gowulanýar. Şonuň üçin ỳalpyldysy hem artar.

Deň däl hilli süýümler garylanda bir zady ýatdan çykarmaly däl: egirilende has inçe süýümler ýüplügiñ içinde merkeze golaý ýygnalýar, gödek süýümler bolsa tersine daşynda, ýüplügiñ ýüzüne golaý ỳygnalỳar. Eger ýüpek, pagta, wiskoza ýaly inçe süýümler gödek sintetik süýümler bilen garylsa çykarylýan ýüplügiñ häsiýetleri daşyndan sintetik önüme meñzär.

Inçeligiñ ölçegi hökmünde süýümiñ diametri alynyp bilerdi, emma dokma senagatda bu ölçeg ulanylmaýar, sebäbi süýümleriñ kese kesigi tegelek däl we ony ölçemek gaty kyndyr. Adatça inçelik agramyñ uzynlyga bolan gatnaşygy ýaly kesgitlenýär.

Berklik köplenç iň esasy häsiýet bolup durýar. Tebigatda süýümleriñ tükeneksiz görnüşi we sany bar, emma olaryñ köpüsi dokma önümçilik üçin ýaramaýar sebäbi olaryñ berkligi ýeterli däl. Dokma süýüm üçin iñ kiçi berklik takmyn 6 cN/tex deñ bolmalydyr. Süýümler ýüplügiñ içinde tow arkaly birleşdirilýär şonuň üçin ýüplükler materialyñ berkliginiñ diñe 30-70% ulanýarlar. Şeýlelikde ýüplügiñ iñ az berkligi takmyn 3 cN/tex deñ bolmalydyr.Ýüplügiñ berkligi süýümiñ berkligi bilen göni baglylykda üýtgeýär. Süýümleriñ berkliginiñ ähmiýeti geljekde artar sebäbi köne usullara garañda täze egirme usullaryñ köpüsi materialyñ berkligini has pes derejede ulanýarlar.

Poliester (poliefir)/poliamid

Ýüpek

Ýüñ

Poliesterden daşary hemme süýümleriñ berkligi çyglyga bagly. Muny önümçilikde we tejribehanalarda bilmek zerurdyr. Süýümiñ çyglygy amatly howa şertlerine we şol howada näçe wagt saklanýandygyna bagly bolỳar. Şonuň üçin dokma önümçilikde howa ỳelijiredilỳär (kondisionerlenýär). Pagtañ, zygyryñ we ş. m. süýümleriñ berkligi çyglyk bilen artýar. Wiskozañ, poliamid süýümiñ, ýüñüñ we ýüpegiñ berkligi bolsa çyglygyñ artmagy bilen tersine kiçelýär.

Tekstil barada turkmence web-site linkler:

Okuw web-site - 

Pagta barada - 

[1]




#Article 258: Ýüplük (1134 words)


Ýüplük - bu inçe, çeýe, berk we kesgitli uzynlygy bolmadyk jisimdir.

Ỳüplügiň gurluşynyň esasy görkezijileriniň arasynda bu daşky görnüşidir. Ỳüplükleriň gurluşy gaty üỳtgeşik bolup biler. Şol üỳtgeşiklikler ỳüplügiň niỳetlenilişine görä ỳörite girizilip bilerler. Ỳöne köplenç olar işleniş usullaryna bagly bolỳar. Mysal üçin şu wagt ring ỳüplüge meňzeş ỳüplügi täze egirme usullar boỳunça öndürmek henizem mümkin däl. Şu wagta çenli ring ỳüplük nusga hökmünde standart ỳaly  deňeşdirmeler üçin ulanylỳar. Ỳüplügiň gurluşy esasan çig mala, egirme usulyna, egirme ulgamyna, egriji maşynyň sazlanyşyna, towlulygyna we başgalara bagly. Ỳüplügiň gurluşy açyk/ỳapyk, uly göwrümli/dykyz, ỳylmanak/gödek/tüỳli, ỳumşak/gaty, tegelek/tekiz, inçe/ỳogyn we ş.m. boup biler.

Ỳüplügiň gurluşy diňe daşky görnüşine täsir etmeklik bilen çäklenmeỳär. Ol elläniňde ỳakymlylyga, berklige, süỳnmekligine, izolirleỳjilik ukybyna, örtme güỳjüne, garşylyk güỳjüne, sürtülmä bolan garşylygyna, boỳajylyk ukybyna, süỳümleriň uzynlygyna toplanmaga ukybyna, ulanmaklyga amatlylygyna we ş.m. ỳagdaỳlara täsir edỳär.

Egirme usulyna baglylykda ỳüplügiň şeỳle tapawutly gurluşy bolup biler.

Dürli egirme usullarynda ỳüplükleriň gurluş aỳratynlyklary.

 Hil görkezji        
 Ýüplügiñ hiline edýän täsiri
 

 Egirijilik ukyby
 

 Ýüplügiñ berkligi

Üzülmeler az bolýar
 

 Has inçe ýüplükleri egirmäge ukyby
 

 Ýüplügiñ berkligi we birsydyrgynlygy

Has gowy boýajylyk ukyby
 

 Az galyndy
 

 has ýokary öndürijilik we birsydyrgynlyk
 

 Has az üzülmeler bolýar
 

 Ýüplükde süýümleriñ biri-birine ýapyşyp bitewi saklanmagy
 

 Ýüplügiñ daşky görnüşi
 

 Süýümleriñ ýelmeşip saralmasy, dykylmalar

Boýamakda meseleler
 

 Ýüplügiñ ýalpyldysy
 

 Ýüplügiñ daşky görnüşi
 

 Ýüplügiñ nepsligi
 

 Egirme şertlerine täsir edýär.

Pagta üçin 8,5% çyglyk amatly

 Süỳümleriň kämil ỳerleşdirilişiñ tertibi.

Süỳümleriň berkligini doly ulanmak üçin, ỳüplüginiň daşky görnüşini gowylandyrmak üçin we ỳüplügi elläniňde ỳakymly bolmagy üçin  süýümlerde şu şertleri döretmeli:

Ondan soň ỳüplük öndürilende hiç ỳelimleỳji maddalar ulanylmasa, süỳümleriň käbirleriniň spiral şekilli bolar ỳaly etmeli. Sebäbi ỳüplügiň ahyrky durnuklylygy we berkligi onuñ düzümindäki süỳümleriň ỳüplügiň içeri tarap edỳän basyşy bilen kesgitlenỳär. Şol ýagdaýy diňe tow bilen döredip bolỳar.

 
 Süỳümleriň ỳüplügiň içinde bir ỳerden başga ỳere göçmesi.

Häsiỳetleri tapawutly bolan süỳümler ỳüplügiň içinde dürli ýerleşiş ỳagdaỳlaryny alỳarlar. Bir ỳerde ỳygnanmaklyk hadysasy köplenç çekimde bolup geçỳär. Şonda uzyn süỳümler köplenç önümiñ içinde süýşüp içräkde ỳerleşỳärler. Sebäbi olaryň sürtülmesi ỳokary bolỳar. Çekim bolup geçende olar öz sürtülme güỳji bilen çekime garşylyk berỳärler we önüm süýndürilende içräkde galỳarlar. Gysga süỳümler bolsa köplenç ỳüplügiň daşyna göçüp ỳerleşỳärler. Bu ỳagdaỳa süỳümleriň göçmesi (bir ỳerden başga ỳere geçmegiñ hadysasy ) goşmaça täsirini edỳär. Çünki süỳümler sapagyñ içinde mydamada ilki başda duran ỳerlerinde galmaỳarlar. Daşky gatlaklardaky güỳçli süỳnen süỳümler beỳleki az süỳündirilen süỳümleri içine gysỳarlar. Göçmegiň ugry daşyndan içe we ters taraplara bolup geçer. Bular ỳaly göçme hadysasy elbetde ỳüplügiň emele gelmeginiň dowamynda kän ỳüze çykỳar, ỳöne buña meñzeş ỳagdaỳ ỳüplük emele gelenden soň hem ỳüze çykyp biler. Haçanda ỳüplüge az güỳç bilen agram salynsa, ỳagny ỳüplük bükülende, süỳündirilende we şoňa meňzeş ỳagdaỳlarda ỳüplügiň içindäki süỳümler süỳündirilỳär, bu bolsa olaryň göçmegine getirỳär. Meselem: gysga süỳümler daşyna çykmaga ymtylỳarlar. Daşyna çykanlaryndan soň, olar köplenç sürtülende bölünip aỳrylỳarlar, ýitýärler. Käbir süỳümler ỳüplügiň içinde göçenlerinde öz spiral şekilli ỳerleşiş tertibini ỳitirỳärler. Süỳümler näçe gysga bolsalar we tertipsiz ỳerleşseler bu ỳagdaỳ has anyk ỳüze çykỳar.

Ỳüplügiň içinde süỳümleriň göçmesi uzynlykdan başga maỳyşgaklyga, gatylyga, inçelige we eplenmegine baglydyr. Gysga,  gödek we gaty süỳümler ỳüplügiň içinden daşky gatlaklaryna çykỳarlar. Şol bir wagtda uzyn, inçe we çeỳe süỳümler içine tarap hereket edỳärler. Gaty eplenen süỳümler köplenç daşky gatlaklarda ỳerleşỳärler, sebäbi olar ỳüplügiň içine mäkäm birleşdirilmegine has uly garşylyk görkezỳärler. Süỳümleriň göçmesini garyndylar düzülende hökman hasaba alynmaly.

Önüme berklik bermek.

Aỳry süỳümlerden durỳan ỳüplügiň berkligini üpjün etmek üçin her bir süỳümiň berkligi başga süỳüme geçer ỳaly etmeli. Onuň iki sany ỳoly bar: ỳelimlemek we tow bermek.

Süỳümiň öz berkliginiñ doly ulanmagyny üpjün etmek üçin diňe ỳelimleỳji maddalary ulanmaly bolỳar. Bu usul meselem Twilo-Prosesinde ulanylỳar. Ỳelimlemek üçin ỳelimi ỳa-da ỳapyşdyryjy süỳümleri ulanmaly. Bu usuly diňe bazaryň kiçijik bir bölegi üçin niỳetlenen ỳüplükler öndürilende ulanylyp biler. Şonuň üçin süỳümlere tow bermek şu wagt hem geljekde berklik bermegiň esasy usuly bolup galar.

Süỳümler towlananda süỳnỳärler we ỳüplügiň içine basyş edỳärler. Basyş ỳokarlananda süỳümleriň arasyndaky sürtülme güỳçleri köpeler, netijede süỳümler ỳüplügiň içinde biri-birine talaba laỳyk berk birleşdiriler.

Emma önümiň içindäki süỳümler ỳelimlenip ỳapyşdyrylmasa, her aỳry süỳümiň berkligi doly ulanylmaz. Ỳüplügiň içinde tow arkaly birleşdirilen süỳümleriň diňe 30-70 % berkligi peỳdalanylỳar.

Towuň ugry çepe we saga edilip bilỳär. Towuň ugry Z ỳa-da S harpy bilen bellenilỳär. Gysga ştapel egirmede köplenç Z towy ulanylỳar.

 Tow we berklik.

Aỳry we kesgitli uzynlykly süỳümleri towlamak arkaly alynan sapagyň berkligi towuň ulalmasy bilen bilelikde ulalỳar. Towlaryň sany bilen ỳüplügiň berkliginiň arasyndaky aragatnaşyk aşakdaky  -nji  suratda görkezilen.

Suratdan görnüşi ỳaly egri çyzygyň aşakky böleginde berklik diňe typma sürtülme bilen saklanỳar, ỳagny bu ỳerde sapak süỳündirilende süỳümler typyp açylarlar. Ỳapyşdyrma sürtülmesi egri çyzygyň ỳokardaky böleklerinde ỳüze çykỳar. Bu ỳerde süỳünme we basyş has ỳokary bolỳar. Şeỳlelikde has az sanly süỳüm biri-biriniň üstünden typỳarlar, has köp süỳüm üzülỳär. Bu ỳagdaỳ belli derejä çenli dowam edỳär. Şol derejä ỳeten ỳagdaỳynda her aỳry süỳümiň berkligi iň amatly şekilde ulanylỳar. Bu ỳerde bolýan towa kritiki tow diýilýär. Kritik tow  derejesinden geçenden soň, berklik pese düşüp başlaỳar. Çyzgydan görnüşi ỳaly şol iň ỳokary dereje (C) ỳagny kritiki tow ulanylýan çig mala baglydyr.

F – berklik, T/m - ỳüplügiň 1 metrinde towlaryň sany, Co – pagta üçin, Pes – poliester.

Adatça ỳüplüklere kritiki towdan azrak mukdarda tow berilỳär            (A – örme trikotaž ỳüplügi üçin, B – eriş ỳüplügi üçin). Diňe krep ỳaly ỳörite ỳüplüklere kritiki towdan has uly mukdarda tow (D) berilỳär.

Iň ỳokary berklik berỳän towuñ derejesinden pes towy saỳlajak bolmaly, sebäbi olar ỳaly ỳokary berklik köplenç gerek däl. Beỳleki tarapdan önüme juda köp tow berilse, ol gaty bolar, egirme maşynyň öndürijiligi hem pese gaçar. Onuň sebäbi şu aňlatmadan çykỳar:

Ỳüplügiň towy = igiň aỳlaw tizligi [aỳl/min]/çykyş tizligi [m/min];

          Ikleriň tizligi häzirki zaman egirme önümçiliginde şonsuzam iň ỳokary derejede. Şonuň üçin towy köpeltmek üçin diňe çykaryş tizligi azaltmaly bolỳar, netijede öndürijilik azalỳar.

 Tow berlende ýüplügiň uzynlygynyň we ininiň üỳtgemesi.

          Ỳüplüge tow berlende süỳümler beỳleki süỳümleriň daşynda spiral görnüşde bükülmeli bolỳarlar. Şonuň üçin süỳümler süỳünỳärler. Süỳümler süỳnende maỳyşgaklyk güỳçler olary öňki ỳagdaỳyna getirjek bolýarlar. Bu bolsa öňki ỳagdaỳyna gaỳtmagyna ymtylỳan süỳümlerde sapagyñ içine tarap ugrukdyrylan basyşy döredỳär. Içere bolan basyş ỳüplügiň merkezlerinde has ỳokarydyr. Ol süýümleriñ güỳçli gysyşyna we ỳüplügiň ỳokary dykyzlygyna sebäp bolỳar. Gysyjy güỳçler ỳüplügiň diametriniň kiçelmegine getirỳär. Diametr bolsa towa ters proporsional bolỳar. Süỳümler ỳüplügiň ok ugruna görä ỳapgyt ỳerleşen we güỳçli gysylan ýagdaýda bolandygy üçin ỳüplügiň uzynlygy hem kiçelỳär. Egirme prosessiň dowamynda ỳüplügiň uzynlygynyň gysgalmak hadysasyna towdan gysgalma (ukrutka, twisting-in) aỳdylỳar. Bu ỳerden çykarylỳan ỳüplügiň uzynlygy hiç haçan egriji maşynyň çykaryş tizligine (metr minutda) deň bolmaỳar. Towdan gysgalma derejesi çig mala we towlaryň sanyna baglydyr.

          4. Towuň aňlatmasy.

          Süỳümler ỳüplügiň içinde spiral şekilli ỳerleşdirilip, oka görä belli ỳapgytlyk burçy bilen gyşararlar. Ỳüplügiň içindäki towly süỳümiň ỳapgytlyk burçy näçe ỳokary bolsa, şonçada berklik ỳokary bolar, bu ỳerden şeỳle gatnaşygy alyp bolar:

bu ỳerde:

α
 - towuň koeffisiỳenti;
 

 - ỳüplügiň nomeri;

          Towuň koeffisiỳenti we nomeri biri-birine gabat gelmeli. Dürli ölçeg ulgamlarda tapawutly görkezijiler ulanylỳar. Meselem: iňlis we metrik nomerler, Teks ulgamlary üçin  degişlilikde αe ,αm ,αT ulanylmaly.

Tekstil barada okuw web-site link: 

Edebiýatlar - References




#Article 259: Süýüm (1888 words)


Süỳümleriň görnüşleri boỳunça toparlara bölünişi. 
Süỳümiň süỳünmesi (uzalmasy) we elastikligi. 
Süỳümiň arassalygyny kesgitlemekligi öwrenmek. 
Himiki maddalar (şireligi). 
Süỳümiň ỳetişikligi. 
Süỳümleriň egirmä edỳän täsirine baha bermek.

Esasy maglumatlar:

Süỳümleriň görnüşleri.
Süýüm – bu inçe çeýe, berk we dokma önümlerini taýýarlamaga ýaramly bolan jisimdir. 
Egirme önümçiliginde süýümler öz uzynlygyna görä iki sany uly topara bölünýär:

Gysga ştapel süýümler – uzynlygy 60 mm-den kiçi bolan süýümler (pagta). 
Uzyn ştapel süýümler – uzynlygy 60 mm-den uly bolan süýümler (ýüñ). 
Himiki süýümler hem-de ýüpek galyndylardan alnan süýümler öz kesgitli kesilen uzynlyklaryna baglylykda gysga-ştapelli we uzyn-ştapelli bolup bilerler.

Dünýä boýunça esasy süýümleriñ öndürilişi, million ton (2004-nji ýylda).

Jemi  61,5 
 
Himiki süýümler 
 33,8 
 
Şol sanda
 - 
 

 31,3 
 
Emeli (sellýulozaly)
 2,5 
 

 26,3 
 
Ýüñ
 1,2 
 
Ýüpek
 0,1

Süýümleriń gelip çykyşy boýunça görnüşleri.

Süýümleriñ görnüşi
 
Tebigy süýümler
 Himiki süýümler
 
Ösümlik

 Haýwanlardan alnan

 Mineral

 Emeli

 Sintetik

Süỳümiň süỳnmesi (uzalmasy) we elastikligi. 
Ýüplügiñ uzalmasynyñ 3 sany ýoly bar:

Hemişelik (plastik) uzalma -
 süýündirilenden soñ, süýümler öñki ýagdaýyna gaýtmaýarlar.
 
Elastik uzalma -
 süýündirilenden soñ, süýümler öñki ýagdaýyna gaýdýarlar.
 
Üzülme uzalmasy -
 süýümiñ üzülýänçä çenli ýetip bilýän iñ uly uzynlygy, ol öz içinde durnukly hem elastik uzalmalaryñ ikisini hem jemleýär.

Uzalmany başlangyç uzynlykdan % görnüşinde añladýarlar. Elastik uzalma dokma önümler üçin örän wajypdyr, sebäbi elastiklik häsiýeti bolmadyk önüm ulanylyp bilmez. Çüñki uly agram salynanda (mysal üçin tirsek we dyz ýaly ýerlerde) dokma önüm öz durkuny üýtgetmäge, deformirlenmäge, soñ bolsa öñki durkuna gaýtmaga  ukyply bolmalydyr. Önümçilikde işlenende süýünmeklik häsiýeti dokma önümler üçin gerek bolup durýar. Eger ýeterli süýnip bilmeseler, olar ýüklenýän agrama garşy durnukly durup bilmezler. Şonuñ üçin süýümiñ uzalmasy azyndan 1-2 % (aýna süýümleriñki ýaly) we ondan ýokary bolmalydyr.
Ýüñ önümler nah önümlere garañda az ýygyrt bolýarlar, sebäbi ýüñüñ uzalmasy has uly.

Käbir süýümleriñ uzalmasy.

Ýüñ
 25-45 %
 
Ýüpek
 15-25 %
 

 5-10 %
 

 2-3 %
 

 30-60 %

Köp dokma önümler üçin artykmaç uly uzalmasy hem gerek däl. Olar egirme kärhanalarda işlenende, esasan çekim işlerden geçenlerinde belli kynçylyklary döredip bilerler. Ýöne sport geýimler hem-de şu wagt moda bolan gowy süýünýän streç önümler üçin uly uzalma gowy häsiýetlidir.
Süýümlere uly süýünme agramlar salynanda, olaryñ berkligine-de uzalmasyna-da ýokary talap bildirilýär.  Şonuň üçin berklik bilen uzalma özara berk baglanşykly. Bu özara gatnaşygyny agram-süýünme diagrammasynda (süýündirme güýjüniñ üýtgemegi bilen uzynlygyñ üýtgemesi) görkezýärler. Her süýüm üçin mahsuz bolan öz agram-süýünme çyzygy bar. Dürli hilli süýümler garyşdyrylanda garyndynyň içine goşulýan süýümleriñ süýünme häsiýetleriniñ meñzeş bolmagyna gaty uly üns bermeli.

Gatylyk.
Süýümleriñ gatylygynyñ aýlanma, togalanma, towlanma ýaly hereketlerde uly ähmiýeti bar. Juda gaty süýüm ýokardaky agzalan hereketlere kynlyk bilen uýgunlaşyar. Meselem: eger süýüm ýüplügiñ içine gowy birikdirilen bolmasa, onuñ uçlary daşyna çykarlar, tüýlüligi artdyrylar, käbir süýümler gaçyp ýiterler. Ýeterli gatylygy bolmadyk süýümleriñ çeýeligi hem gowy bolmaz. Olar deformirlenenden soñ, öñki ýagdaýyna gaýtmaýarlar we olaryñ uzynlygyna garşylygy kiçi bolýar. Köp halatlarda bu ýagdaý nepslere ýagny, süýümleriñ bulaşyp çolaşmagyna, düwünleriñ emele gelmegine getirýär. Süýümleriñ gatylygy süýümleriñ gurluşyna hem-de süýümiñ uzynlygynyñ we süýümiñ inçeliginiñ özara gatnaşygyna bagly. Süýüm näçe gysga bolsa, şonça-da ol gaty bolar. 
Gatylygyñ ölçeg birligi hökmünde şeýle görkeziji ulanylýar:

Inçeligiñ gatnaşygy = Süýümiñ uzynlygy / Süýümiñ diametri
Ýüplük emele gelende süýümler bükdürilmeli bolýar, şonda inçelik gatnaşygy süýümleriñ ahyrda ýüplügiñ kese-kesiginde nirede ýerleşjekdigini kesgitleýär:

inçe we/ýa-da uzyn süýümler merkezde; 
gödek we/ýa-da gysga süýümler ýüplügiñ daşky gatlaklarynda; 
Süýümiñ arassalygy.
Peýdaly süýümlerden daşary çig malyñ düzüminde  dürli görnüşli özge maddalar saklanýar:
Mineral maddalar:

gum; 
çäge; 
tozan; 
daş; 
Ösümlik maddalar:

agaç bölejikleri; 
Ýag, ýelim we deri:
Esasan ýüñ we ýüpek ýaly haýwan süýümlerde bolýar.

 
Süýümleriñ bölekleri:
dargan süýümleriñ bölejikleri (olar iñ soñunda tozana öwürilýär). 
Başga özge maddalar:

Egirme kärhanalarda pagtadan çykýan
 dürli özge maddalar.

Pagta çigidiñ bölejikleri.

Darak maşyndan çykýan maýda hapalar.

Özge maddalar önümçilikde uly kynçylyklary döredýärler:

demir bölejikler ýangyna getirip bilýärler, enjamlary zaýalaýarlar (meselem: darak maşynyñ garnituralaryna zeper ýetirýärler); 
matanyñ bölekleri we gaplaýjy materiallar ýüplügiñ içine özge           ýa-da sintetik (polipropilen) süýümleri düşürüp bilýärler. Bu bolsa ýüplügi öz niýetlenen maksadyna laýyk bolmajak ýagdaýyna getirip biler. Ösen ýurtlaryñ egirmeçileriñ öñünde şu gün duran iñ erbet meseleleriñ arasynda özge süýümler bolup durýarlar; 
ösümlik maddalar çekimde kynçylyklary döredýärler, ýüplügiñ üzülmegine, önümiñ daşky üstüniñ hapa görünmegine, darak garnituralaryñ dykylmagyna we ş.m. ýagdaýlara getirip biler; 
mineral maddalar hapanyñ çöplenmegine, maşynlaryñ işçi bölekleriñ iýilmegine we sürtülmegine (bu ýagdaý rotor egirmede has aýdyň bolýar) we ş. m. ýagdaýlara getirip biler;

Süýümiñ içindäki özge (sintetik) süýümler.

Özge maddalar mydamada uly mesele bolup durýardylar, emma soñky ýyllarda bu mesele has ýiti duýulyp başlady. Häzirki zaman ýokary-öndürijilikli işleniş usullar ulanylanda (meselem: öñden-boýama, güýçli pagta arassalama, maşynly ýygym, gödek saklanyş, täze gaplaýjy maddalar) has köp hapa döreýär. Täze egirme usullar bolsa, özge maddalara örän çydamsyzdyr. 
Çig mala baha berlende özge maddalaryñ mukdary hökman hasaba alynýar.
Himiki maddalar (şireligi).
Pagta süýümlerde şireleýän maddalar saklanýar. Olar esasan gowaçanyñ mör-möjekleriñ bölüp çykarýan maddalary. Şireleýji maddalary şeýle tertipleşdirip bolar:

mör-möjekleriñ bölüp çykarýan maddalary; 
bakteriýalaryñ önümleri; 
ösümlik maddalar – nektar, şem, şire we sok; 
çigit ýagy (pagta arassalananda); 
sintetik maddalar – defoliantlar, dökünler, himikatlar, pagta ýygýan maşynlaryñ ýagy;

Şireli pagta.

Köp ýagdaýlarda şireli maddalar gantyñ bir topary bolup durýar: fruktoza, glýukoza, saharoza. Şire maddalar ösümliklerde ýaşaýan mör-möjeklerden ýa-da ösümlikleriñ özünden bölünip çykýar. 
Bu şireleriñ pagtadaky mukdary we goýulygy köp bolsa süýüm ýelmeşip durar. Ýöne önümçilikde şire süýümleriñ ýelmeşip durmagy göni mukdara bagly däl. Pagta saklananda mikroorganizmleriñ fermentleri şire maddalary dargadýarlar. Bu hadysa çyglyk ýokary bolanda has çaltýaşar. Ýöne önümçilik meýdanyñ  özünde howanyñ çyglygy tersine pes derejede saklanmaly.

Süýümiñ ýetişikligi.

Bu pagta süýümler üçin möhüm häsiýetdir. Ýetişiklik görkezijisi pagta süýümiñ diwarlarynyñ galyñlygyna bagly. Süýüm ýetişen diýilip hasaplanýar, haçan-da öl süýümiñ diwarynyñ kese-kesiginiñ 50-80 % tutanda, ýetişmedik haçan-da 30-45 % tutanda we öli haçan-da 25%-den az meýdany tutanda. Doly bişip açylan pagtañ gozasynda hem takmyn          5 % ýetişmedik süýüm bolup biler. Şonuñ üçin pagtada mydama-da ýetişmedik süýümler bolýar, ýöne olaryñ mukdaryny bilmek zerur. Ýetişmedik süýümler ýeterli berk we gaty bolmaýarlar.
Olar şu meselelere getirip bilýärler:

ỳüplügiñ berkligiñ pes bolmagyna; 
nepsleriñ döremegine; 
gysga süýümleriñ köpelmegine; 
üýtgeşik boýalýarlar; 
agyr işlenýär (esasan darak maşynda);

Nepsler.
Neps bu süýümleriñ kiçijik, bulaşyp çolaşan ýeri ýa-da düwünjagazy. Olar esasan pagtada bolýarlar. Nepsleriñ iki görnüşi bolýar: süýümli neps – ol diñe süýümlerden durýar hem-de çigit-gabyk neps – onuñ içinde çigit, gabyk ýa-da ýaprak bölejikler bolýarlar. Iñ köp duş gelýän görnüşi süýümli nepsdir. 
Onuñ düzümine esasan ýetişmedik ýa-da öli süýümler girýärler. Şeýlelikde neps mukdary, ýetişiklik derejesi bilen berk baglanşyklydyr. Ondan başga nepsleriñ mukdary inçelige eksponenta şekilli bagly bolýar. Has inçe süýümleriñ gatylygy gödek süýümleriñkiden pesdir. Şonuñ üçin inçe süýümler nepsi has añsat emele getirýärler.

Nepsiñ mikroskop astynda görnüşleri 
(40 we 1000 esse ulaldylan).

 
Darak maşynda tapylan nepsler.

Işleniş usullaryñ hem uly täsiri bar. Pagtanyñ düzüminde, meýdanlarda ýetişen wagty hiç neps bolmaýar. Olar pagta maşyn bilen ýygylanda, jinlerde arassalananda döreýärler.
 Has köp mukdarda neps tüýtme-arassalama bölüminde ýüze çykýar. Darak maşyn neps mukdaryny ýeterli derejä peseldýän ilkinji maşyndyr. Darak maşynlarda nepsler aýrylanok-da, esasan gönelip düzelýärler. Neps ýüplügiñ daşynda galyñ ýer bolup durýar, bu önümçilikde kynçylyklary döredýär. Soñ nepsler ýüplügiñ beýleki ýerlerinden tapawutly boýalýar we ahyrky çykýan dokma önümiñ daşynda anyk görünip durýarlar.
Ýüpek önümlerde nepsler ýüpek süýüm uzynlygyna bölünende (fibrillýasion hadysasy) ýüze çykýar. Bölünip bulaşan süýümler soñ, önümiñ üstünde kiçijik nokat ýaly görünýär. Olar boýagy kadalaýyk alyp bilmeýärler we ýüpek matanyñ üstünde nokat görnüşinde çykýp durýarlar.

Süýümleriñ egirmä edýän täsirine baha bermek.
Süýümleriñ görkezijileriniñ ýüplügiñ görkezijilerine edýän täsiri ýagdaýa görä üýtgäp biler. Olaryñ ähmiýeti her aýry egirme usulynda  we ulgamynda aýrydyr. Aşakda adaty we täze egirme usullar üçin süýümleriñ täsirine bahalar berlen.

Berlen görnüşli ýüplük üçin süýümleriñ häsiýetleriniñ ýüplügiñ häsiýetlerine täsir edişi (1-nji orunda iñ möhüm täsir ediji häsiýetler, 5-nji orunda iñ az).


Hakyky tebigy ýüpegi emeli ýüpekden tapawutlandyrmak gaty kyn diýen pikir giñ ýaýrandyr. Hakykatdan, ýüpegiñ hakyky (tebigy) ýa-da hakyky däldigini bilmek üçin ýönekeý spiçka ýa-da zažigalka ýeterlidir. Çig malyñ düzümi gyzyklandyrýan matasyndan bir-näçe sapagy soguryp almaly we seresaplyk bilen olary ýakyp görmeli. Şol pursat olary ysgamaly – ýakylan ýüpegiñ ýanan ýüñe ýa-da dyrnaga meñzeş ysy bar. Ýüpege tapawutlylykda ýananda wiskoza ýakylan kagyzyñ ysyny çykarýar, poliester (poliefir) bolsa diñe ereýär. Ýanan ýüpegiñ külini edil kömüri ýaly elde mynjyradyp ýazmak bolýar. Islendik mata satýan dükanynda şular ýaly barlagy geçirmäge mümkinçilik berilýär.

 Ýabany ýüpek köplenç tussah ady bilen satylýar. Antheraea mulitt görnüşli ýüpek gurçugy,tut agajyň ýerine dub agaçda ýaşaýar. Ýabany ýüpek dub agaçda ösýän ýabany ýüpek gurçugyñ pilesinden daralyp aýyrylýar.  Şonuñ üçin ol ýüñe ýa-da zygyra has meñzeýär. Dub agaçlaryň ýapraklaryndan ýabany ýüpek gurçugy düzgünsiz we gödek süýümi çykarýar. Bu süýümi agartmak we boýamak agyr. Dubuň ýapragynda tanin maddasy bolan üçin ýabany ýüpegiň goňurrak reňki bar. Ony köplenç şol durşuna tebigy reňkli sapak görnüşinde ulanýarlar, örän seýrek ýagdaýlarda boýaýarlar. Standart ýabany ýüpek sapagy 8 sany pileden edýäler, onuň inçeligi ortaça 32/34 denýe bolýar. Ýabany ýüpek adaty ýüpekden az öwüşgenli, sebäbi onuň ýelimi aýyrylýar. Ýabany ýüpekden edilen matalar has çydamly bolýar, gowy ýuwulýar, olaryň bahasy bolsa boýalan arassa ýüpek mataňkydan has arzan. Ýabany ýüpekden edilen matalaryñ arasynda raja, şantuk, tussah we pongee görnüşleri meşgur.

W.Klein, Short-staple spinning series 1995 Миловидов Н.Н., Фаминский П.П., Шишкунова Е.Н. Проектирование хлопкопрядильных фабрик. М.: Легкая и пищевая промышленность 1983 Справочник по хлопкопрядению. М.: Легкая индустрия 1987 Власов П.В., Сурнина Н.Ф. Проектирование ткацких фабрик. М.: Легкая индустрия 1983 Бадалов К.И., Жоховский В.В., Осьмин Н.А. Прядение хлопка и других текстильных волокон. Москва 1980. Bülent Gemici. Pamuk iplikçiligi ders kitabı. Bornova/İzmir 1999




#Article 260: Antiwirus (278 words)


Kompýuter wiruslar we “ogry” programmalar
Wiruslaryň howpy köplenç çişirilip görkezilýär. Köp wiruslar kompýutere uly zyýan ýetirip bilmeýärler, olar diňe kä-wagt özüni bildirýäler we köpelip, biderek ýer tutýarlar.
Öňki zamanalarda çykýan wiruslar köplenç özüni has erbet bildirýärdi: kompýuteri işlemez ýaly edýärdiler ýa-da mydama bir habar çykaryp durýardylar (meselem: I LOVE YOU). Olary ýönekeý höwesjeňler we öwrenjeler ýazýardylar.
Şu wagt çykýan wiruslary köplenç professionallar ýazýarlar, olar özüni kän bildirenoklar, maglumat ogurlaýarlar ýa-da başga keseki adama öz kompýutere control etmäge ýol berýäler (malware).
Antiwirus kompaiýalar özleri gizlinlikde wiruslaryň köpüsini döredýärler diýen pikir bar.

Arassa antiwirus programma aslynda diňe wiruslara garşý göreşýär.
Firewall programmalar diňe “ogry” programmalara (malware) we hakerlere garşy göreşýär.
Meşgur uly antiwirus programmalar üç bölege bölünýärler:
Hemişelik barlaýjy, kompýuteriň açýan we işleýän faýllaryň ählisini barlap durýar.
INTERNET barlaýjy – web-saýtlary we email barlaýar.
SKANER – diňe kompýuteriň görkezilen ýerini (diski, USB) barlaýar, soň öçýär.
Antiwirus programmalaryň aralarynda uly tapawut ýok. Iň möhüm zat – olar täzelenen (soňky “obnowleniýe” - UPDATE) bolmaly. Köne “obnowleniýesi” bolan antiwirus täze çykan wiruslary tutmaýar. Eger kompýuter Internete çatylmadyk bolsa, tanyşlardan täze antiwirus bazasyny alyp, antiwirusy 3-4 aýda bir gezek täzeleseň ýeterlidir.

Kä-bir antiwiruslar kompýuteriň ähli zadyny barlaýarlar, emma “agyr” işleýäler, prosessoryň güýjüni köp alýarlar: Kasperskiy, Norton.
Öýde ýeňil we çalt işleýän antiwiruslary ulanmak amatly: Dr. Web, NOD.
Internetden mugt we oňat hilli antiwiruslary alyp hem bolýar: AVG.
Mundan başgada ähli antiwiruslaryň kiçeldilen SKANER görnüşini mugt alyp bolýar. SKANER täzelenip bilmeýär, şonuň üçin ol wagt bilen köneleşýär.
Köp ökde kompýuterçler antiwirusy asla ulananoklar,ýa-da ony öçürip goýýarlar. Antiwirus kompýuteriň tizligini gowşadýar, şonuň üçin ony diňe başga ýerden gümana disk açaňda ýa-da Internete gireňde açmak amatly. Kompýuteriň özüni bolsa hepdede bir-iki gezek SKANER bilen barlatmak ýeterlidir.

link  




#Article 261: Elektron maglumat saklamak usullary (181 words)


CD, DVD, USB, HD etc

Maglymat saklamak üçin ulanylýan serişdeler.

CD-R (CD-ROM) 700 Mb – iň amatly, sebäbi arzan, iň ygtybarly, sebäbi köp ýyla gidýär (10-20 ýyla çenli), hemme ýerde ulanylyp bilýär.
DVD-R 2400 Mb – örän amatly, sebäbi arzan we CD-R deňeşdireňde has köp maglumat sygdyrýar, köp ýyla gidýär, emma kä-bir ýerlerde ulanylyp bilenok.
CD-RW we DVD-RW – ýazylyp-pozulyp bilner, emma gymmat we köp ýerde ulanylyp bilmeýär. Olaryň ýerine arzan CD-R we DVD-R diskleri ulanmak has amatlydyr.
USB Flash (Fleshka)  64 - 8000 Mb - kiçijik we ýeňil, ýazyp-pozup bolýar, emma gymmat we köp ýyllap maglumat saklamaga kän-bir ýaranok (aňsat zaýalanyp bilýär).
Hard Disk (HD) 10 -  1 000 000 Mb – ýazyp-pozup bolýar, iň köp maglumat sygdyrýan serişde, her kompýuterde hökman bar, emma aýratyn USB görnüşinde hem ulanyp bolýar. Kä-wagt HD döwülýär ýa-da zaýa bolup çykýar, şonuň üçin olarda saklanýan maglumatlary hökman CD ýa-da DVD kopiýa edip geçirmeli.
Floppi-disk 1.4 Mb – iň ýaramaz serişde, ýazyp-pozup bolýar, emma derrew sandan çykýarlar.

Floppi we USB diňe wagtlaýyn faýllary saklamaga ulanulmaly, köp wagta (arhiw) saklamak üçin ulanmak howply – maglumatlar ýitip bilýäler.




#Article 262: Kompýuter wideo (854 words)


Kompýuter Video

Öňki asyryň 90-njy ýyllaryna çenli wideomontažy diňe wideoplýonkanyň üstünde professional gymmat enjamlar bilen geçirmek bolýardy we ol gaty çylşyrymly we kyn iş bolupdyr. Digital  video, ýagny, kompýuterde ulanylýan elektron görnüşli wideo has ýaýrandan soň, wideoklipleri kompýuterde işlemek mümkin boldy. Indi, kompýuterler has arzanlandan soň we olaryň güýji köp esse artandan soň, wideomontažy öýde hem edip bolýar.
Kompýuterde ulanylýan dürli we köp sanly wideo formatlary bar:

Köp formatlar ýitgili, ýagny olar başlangyç wideonyň ululygyny gysyp kiçeldýärler – kompressiýa edýärler, emma şonda onuň hili belli derejede ýitýär.

Kä-bir formatlar bolsa ýitgisiz – ýagny, olar asyl wideonyň hilini üýtgetmeýärler, emma köp ýer tutýarlar.

Soňky wagtlar High-Definition (HD), ýagny, ýokary razreşeniýe bolan örän gowy hilli wideo formatlar meşgur bolýar. HD görkezýän telewizorlaryň satylyşy ösen ýurtlarda barha artýar.

Esasy wideo formatlar:

MPEG-1 (mpeg, mpg) -  ir çykan ýitgili format, köp ýer tutýar, suradyň hili VHS (wideokassetalaryňky bilen deň - orta we pes derejede, VideoCD şol formatda ýazylýar;
DAT – adatça MPEG wideo disklere ýazylanda döredilýär;
MPEG-2  -  köp ýer tutýan format, suradyň hili azajyk ýitýär, DVD-Video we sputnik TV-niň formaty;
MPEG-4 (MP4) -  soňky çykan az ýer tutýan format, suradyň hili wideoklipiň niýetlenişine laýyklykda dürli bolup bilýär – pesden örän ýokara çenli, şu wagt çykýan wideopleýerleriň köpüsi we mobil telefonlary MPEG-4 okap bilýärler;
QUICK-TIME (MOV)– tutýan ýeri we hili ortaça, mobil telefonlarda we Internetde (streaming video) köp ulanylýar;
Real Media (RM) -  QUICK-TIME meňzeş format, az ulanylýar;
VOB – orta hilli format;

FLV – Internet streaming video we Flash animasiýasy bilen giňden ulanylýan format, örän az ýer tutýar, suradyň hili pes we orta, YouTube we başga-da köp Internet wideo FLV görnüşinde görkezilýär;
Windows Media Video (WMV, ASF) – bu format bilen kompressiýanyň ýokarda agzalan ähli görnüşlerini diýen ýaly edip bolýar
AVI –islendik kompressiýany edip bilýän giň ýaýran format, ýitgisiz wideo edip bolýar(emma şonda köp ýer tutýar), kameralardan kompýutere wideo geçirmek üçin giňden ulanylýar;

MP4 şu wagt öräň meşgur format. Ol wideo gowy gysýar, şol bir-wagtda hilini gowy saklaýar. Dürli hilli wideo formatlar we standatlar MP4 laýyk gelýär. MP4 formatyň öz gereginde başga birnäçe görnüşi bar:
DivX – MPEG-2 (DVD-Video) bilen meňzeş hili üpjün edýär, emma tutýan ýeri azyndan iki esse az bolýar.
Xvid – DivX bilen meňzeş.
H.261 – iň soňky çykan meşgur HD standart, örän ýokary hilli we wideofaýllary oňat gysýan format, ýöne köpräk ýer tutýar;

Kompýuter wideomontažy non-linear video usulynda edilýär. Non-linear video montaž – wideoklipde her kadr bilen aýry işläp bilýän wideomontaž. Eger ýörite güýçli wideokarta we kompýuter bar bolsa, köp wideomontaž programmalaryň kömegi bilen non-linear wideo ýasap bolýar.
Iň öňdebaryjy wideomontaž prgrammalar: Avid, Adobe Premiere, Ulead Video Studio we Apple's Final Cut Pro, Lightworks, Sony Vegas, Media 100. Bular bilen professional kino we TV wideomontaž edip bolýar. Iň güýçli we kinostudiýalarda giň ulanylýan programmalar: Avid we Final Cut Pro.
Başga-da meşgur emma has ýönekeý wideo programmalar: Movie Maker (her Windows kompýuterde bar), iMovie (her Mac kompýuterde bar), NERO 8 Ultra, GEAR Video, muvee Technologies' muveeNow, autoProducer, Pinnacle Systems' MediaSuite (Türkmenistanda meşgur), Virtual Dub (meşgur mugt programma, ýagny Open Source software). Bulary öýde ulanmak amatly bolar.
Ulead Video Studio – hem professional hem ýönekeý öý wideomontažy üçin gowy ýaraýan programma, ony öwrenmek aňsatdyr.
Wideomontaž programma kompýuterde dürli wideo yzygiderlikleri bilen işleşýän programmadyr. Ýönekeý düşündireňde, bu programma wideoklipleri surat (meselem, JPEG) görnüşinde saklanýar. Ýagny, aslynda wideolaryň özleri üýtgedilenok-da olaryň JPEG surat kopiýalaryň üstünde iş geçirilýär. Bu suratlar bilelikde alynyp, kesilip, birleşdirilip, ulaldylyp, kiçelip, aýlanyp we başga-da dürli effektler goýulyp bilner. Wideomontaž programmalar belli derejede audiomontaž (audiofaýl kesmek-birleşdirmek, sesini üýtgetmek işi) hem edip bilýäler.
Wideomontaž programmanyň iş ýeri şu esasy bölümlerden ybaratdyr:
Wagt hatary (timeline) - ähli wideolar, sazlar we suratlar şol timeline hatarynda goýulýar we olar bilen iş geçirilýär. Hatar slide-show (Power Point) yzygiderlige gaty meňzeýär. Hataryň wagt lineýkasy bar, onuň masştabyny ulaldyp – kiçeldip tutuş proýekt ýa-da diňe onuň aýry bir kiçijik bölegi görüner ýaly sazlamak bolýar. Wideo, saz, surat aýry-aýry gatlarda ýerleşdirilýär. Iň güýçli programmalar (Adobe Premiere, Final Cut Pro, Avid) şol gatlaryň 99 we ondan hem köp sany bilen işläp bilýärler. Ýönekeý Movie-Maker bolsa, meselem, diňe bir gaty bilen işlä bilýär.
Kitaphana (Library, Biblioteka) – proýekt üçin gerek wideo, surat we audio faýllaryň ýerleşýän ýeri. Gerek wagty, olar aňsatlyk bilen tapylyp we timline hatara geçirilip bilner.
Preview Window (Project) - montaž edilen tutuş proýekti görkezýän ekran. Montaž dogry gidýändigini barlamak üçin amatly
Source Window (Videoklip) – proýektiň şu wagtky işlenilýän bölegi (timeline hatarynda bellenen aýry klip).
Trim Window – klipleri kadr-kadr alyp işledýän ekran
Kä-bir programmalarda (meselem, Ulead Video) hem Preview hem Source bilelikde görkezýän diňe bir ekrany bolýar, şonda ekranyň gapdalynda Project we Videoklip geçirýän knopkalary bolýar.
Wideoklipiň ýa-da suradyň üstünde dürli effektleri goýup bolýar: ak-gara etmek, sahypa ýaly geçirmek, reňkini üýtgetmek, üstünden bulut geçer ýaly etmek we ş.m.
CAPTURE diýmek, bu daşyndan, meselem, wideokameradan wideony kompýuteriň içine geçirmek diýmek. Köp wideomontaž programmalaryň CAPTURE funksiýasy bar, ýagny, olar kameradan göni programmaň içine wideo tutup geçirmäge we onuň üstünde işlemäge mümkinçlik berýärler.
Proýekt taýýar bolandan soň ony SHARE ýa-da EXPORT edýäler, ýagny belli bir saýlanan  meşgur wideo format görnüşinde diske geçirýärler.
Kodek – bu signaly bir görnüşinden başga bir görnüşine geçirýän programma ýa-da enjam. Wideo kodek köplenç wideo kompressiýa edýär.

Kompỳuter ulanmak  




#Article 263: Kompýuter grafikasy (767 words)


Kompýuterde grafika iki topara bölünýär:

Kompýuterde ýasalan 2D suratlaryň 2 sany görnüşi bar:
Raster – piksel diýilýän nokatlardan durýan surat.
Wektor – geometriki şekillerden (çyzyk, töwerek, dörtburçluk we ş. m.) durýan surat. Bezýe egri atly egri çyzyklardan ýasalýar.

Raster suratlaryň ustünde dürli sazlamalary we effektleri amala aşyryp bolýar: 
Reňkini we ýagtylygyny üýtgetmek
Tutýan ýerini kiçeltmek
Kesmek-pozmak we birleşdirmek
Montaž etmek
Surada dürli effektleri goşmak

Raster suratlary her-hili edip sazlamak we montaž etmek üçin iň güýçli programma bu Adobe Photoshop. Başga meňzeş programmalar: Corel Draw, Photo Paint, Fireworks, Free Hand we Paint (iň ýönekeýi, her Windows kompýuterde bar).

Raster suratlary hakyky durmuşdan alnan çylşyrymly suratlar üçin ulanmak amatly. Meselem: fotosuratlar. 
Rasteriň ýetmezçilikleri: 
köp ýer tutýar (diskde) 
surat ulaldylanda onuň hili peselýär

Wektor suratlary ýönekeý şekiller, çyzgylar, shemalar, bezeg-nagyş suratlar üçin ulanmak amatly.
Meselem: enjamlaryň ýa-da jaýlaryň çyzgylary, kartalar, emblema, upakowka, çagalar üçin surat.
Wektoryň gowy taraplary:
surat ulaldylanda onuň hili üýtgemeýär
eger surat ýönekeý bolsa, ol örän az ýer tutýar
wektor çyzgylary çekmek ýeňil
suradyň aýry böleklerini we ölçeglerini özgertmek ýeňil

Wektor suratlary ýasamak üçin iň meşgur programma bu CorelDraw. Onuň bilen hem ýönekeý suratlary hem tehniki çyzgylary ýasamak amatly.
Inženerçilikde ulanylýan tehniki çyzgylary ýasamak üçin köp ulanylýan standart programma bu AutoCAD. Jaýlary, kartalary, shemalary we maşynlary çyzmak üçin giň ulanylýan programmadyr.

Wektoryň ýetmezçlikleri:
Surat çylşyrymly bolsa, wektor has köp ýer tutup başlaýar
Wektor suratlary köp ýerlerde (programmalarda) ulanyp bolanok

Suratlaryň kompýuterde ulanylýan dürli görnüşleri - electron formatlary bar. Iň meşgur formatlar şular:
Olar öz içine hem 3D hem 2D grafikany hem jemleýärler. Animasiýa edip bolýar. 
Shrek ýaly multfilmler, kino speseffektler we klipleriň kä-bir bölekleri şol programmalaryň kömegi bilen ýasalýar. Tehnikada we ylymda modelirlemek işleri üçin hem giňden ulanylýar.

Resolution ýa-da “razreşeniýe” – suradyň ýa-da ekranyň bir inch (2,5 sm) uly ýere sygýan nokatlaryň (pikselleriň) sany – ppi (pixels per inch gysgaça). 
Razreşeniýe näçe ýokary bolsa şonça-da kompýuterde görkezilýäň şekiliň dürslügi, aýdynlygy, jikme-jikligi artýar.

Monitoryň razreşeniýesi - kompýuteriň ekranynda sygýan iň ýokary piksel sany. Adatça monitoryň iň ýokary razreşeniýesi saýlananok-da ol pesräk edip alynýar. Meselem: monitoryň iň ýokary razreşeniýesi1280x1024 bolsa, alynýar 800x600 – pes kompýuterlerler üçin (PentiumII) ýa-da 1024x768 ortaça kompýuterler üçin (Pentium III, IV). Professionallar, ýagny, dizaýnerler has ýokary razreşeniýeleri ulanýarlar. Ekranyň razreşeniýesi ulaldykça suradyň hili gowylanýar, emma suradyň aýry düzüji bölekleriň ululygy kiçelýär.

Eger surat juda uly razreşeniýe bilen alynsa, onuň tutýan ýeri ulalýar we ony işlemek agyr bolýar.

Surat skanerden we printerden geçirilende ppi ýerine oňa meňzeş bolan dpi (2,5 sm kagyzda nokat sany) görkezjisi ulanylýar. 
Suratlaryň şu dpi we ppi ululyklary köp ulanylýar:

Razreşeniýe diňe ppi (2,5 sm-de piksel sany) bilen däl, suradyň jemi piksel sany - MEGAPIKSEL ululugy bilen hem aňladylyp bilýär:
Megapiksel (MP)– bu million piksel, ýagny monitoryň ýa-da suradyň öz içine jemleýän nokat sany. 
Fotokameralar üçin megapiksel - kameranyň surat alýan sensorlaryň sany - bu esasy görkezjidir. Eger kamera 3.1 megapixel bolsa, onda onuň 2048 × 1536 = 3,145,728 sensory bar diýmek
Kameraň MP juda ýokary edilip goýulmaly däl, ýogsa foto juda köp ýer tutar, hiliň artyşy bolsa kän bildirmez.

Suratlar reňk model görkezijisine görä iki esasy topara bölünýäler:
RGB – gyzyl, ýaşýl, gök – 3 sany reňklerden gurulýar. Ekran, Internet we öý printerler üçin gowy ýaraýar.
CYMK – mawy, sary, gyzyl, gara – 4 sany reňklerden gurulýar. Ýokary hilli neşirýat üçin gerek bolýar.

Suradyň reňkiniň baýlygy her pisele düşýän bit bilen häsiýetlenýär:

Öý üçin monitoryň 16 bit reňk (Highcolor) ýeterlidir. Has ýokary bit (32 bit çenli) reňkler köp adamlaryň gözeri üçin tapawut bildirmeýärler, olar diňe neşirýat we professional dizaýn üçin gerek.

Kompyuter barada dusunje 

Kompỳuter ulanmak 

IT BILIM 




#Article 264: Tagtabit (126 words)


Tagtabit () gan sorujy hojalyk mör-möjekleriniň has giňden ýaýran görnüşidir.Ol ýarymgatyganatlylar otrýadyna degişlidir. Otrýad 3 müň töweregi görnüşi öz içine alýar.

Tagtabitiň gyzylymtyl-goňur reňkli, 3–5 mm uzynlykda, gür gyljagazlar bilen örtülen ýapbaşyk bedeni bardyr. Garamtyl sarydan başlap goýy goňur reňkli hitin örtügi bardyr. Kellesiniň öň tarapynda dokumany deşmäge hem-de gan sormaga ukyply tumşujak çykyp durandyr. Onuň ýokarky we aşaky äňleriniň  sünjülýän bütewi murtjagaz ýaly görnüşi bar we olar iki sany kanaly emele getirýärler: giňi — gany kabul etmek üçin we dary — çakylan ýere tüýkülik dökmek üçin. 
Olar parazitizm zerarly ganatyndan mahrum bolan ganatsyz mör-möjeklerdir. Tagtabitler ýakymsyz ýörite ys ýaýradýarlar. 
Ganatynyň ýokdugyna garamazdan, tagtabitler ýeňil agramlarynyň we ýasy bedenleriniň kömegi bilen potologa we diwarlara dyrmaşyp, şol ýerden aşaklygyna bökmek arkaly howanyň üsti bilen hem geçmäge ukyplydyrlar.




#Article 265: Polşa baýdagy (169 words)


Polşanyň baýdagy — Polşanyň milli baýdagy iki sany deň ululykdaky gorizontal zolakdan durýar, ýokarky zolak - ak we aşakysy gyzyl. Baýdagyň taraplarynyň gatnaşygy 5:8 (in:uzynlyk).
Şeýle-de Polşanyň döwlet baýdagynda ýokarky zolagyň ortarasynda gerb ýerleşdirilendir.

Polýaklar ozaldan bäri orta asyrlarda ýüzüne ak bürgüdiň suraty çekilen gyzyl baýdak ulanypdyrlar. Şeýle baýdagyň astynda korol Wladislaw Ýagaýlonyň polýak goşuny 1410-njy ýylda Grünwald söweşine gatnaşypdyr. 
Sigizmund III Wazanyň baýdagy üç zolakdan (ýokarky we aşaky – gyzyl we ortada ak) ybarat bolupdyr. Wladislaw IV we Ýan II Kazimiriň baýdaklary dört zolakdan ybarat bolupdyr (ýokardan birinji we ikinji – gyzyl, ýokardan ikinji we dördünji – ak). Ol baýdaklarda döwlet gerbi ýerleşdirilipdir.
Awgust II Güýçliniň dolandyran döwründe polýak ulanlarynyň tuwulgalaryna ak lentalar berkidilipdir. Dörtýyllyk seým (1788 – 1792) gyzyl-ak lentalar peýda bolupdyr.
Milli baýdak resmi taýdan 1831-nji ýylyň 7-nji fewralynda Seým tarapyndan tassyklanyldy. Gyzyl-ak baýdaklar we lentalar XIX asyrdaky milli gozgalaňlaryň simwoly hökmünde ulanylypdyr. 1918-nji ýylda Polşanyň garaşsyzlygy dikeldileninden soňra gyzyl-ak baýdak 1919-njy ýylyň 1-nji awgustynda milli baýdak hökmünde tassyklanyldy we şondan bäri ol hiç hili üýtgedilmedi.




#Article 266: Dandanakan söweşi (161 words)


Dandanakan söweşi Seljuklar bilen Gaznawy imperiýasynyň goşunynyň arasynda bolup geçdi. Söweş seljuklaryň ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy we Horasandaky gaznawy agalygyny ýykdy.

Seljuk serkerdesi Togrul beg bilen onuň dogany Çagry beg uly goşun ýygnap başlamak bilen, gaznawy territoriýalaryna howp salyp ugradylar. Seljuk atlylary gaznawylaryň serhetýaka şäherlerini çapawullap başlansoň, gaznawy soltany Mesut I (Mahmyt Gaznawynyň ogly) seljuklary öz territoriýasyndan çykyp gitmäge mejbur etmekligi ýüregine düwdi.

Soltan Mesudyň goşunynyň Sarahsa ýörişi mahalynda seljuk atlylary onuň otrýadlaryny degdi-gaçdy taktikasy arkaly surnukdurdylar. Üstesine seljuk atlylary gaznawy üpjünçilik liniýalaryna uly zeper ýetirip, olary golaý-goltumdaky guýulardan gyrakladypdyrlar. Gaznawy goşunynyň tertip-düzgüni we ruhy çynlakaý ýagdaýda pese gaçdy. Ahyrsoňy, 23 maý 1040-da 20,000 seljuk urşujysy Merw bilen Sarahsyň aralygyndaky Dandanakanda 50,000 adamlyk gaznawy goşuny bilen garpyşdy.

Üç güne çeken söweş seljuklaryň ýeňşi bilen tamamlandy. Mesut özüniň 100 sany atlysy bilen zordan başyny alyp gutardy. Bu ýeňiş seljuklaryň esasy güçý bolup döremgini gaznawylaryň bolsa pese gaçmagyny alamatlandyrýar. Seljuklar Horasany we töwerekdäki şäherleri eýeläp, soňra Beýik Seljuk Imperiýasy diýlip atlandyryljak imperiýany gurdular.




#Article 267: Schöngrabern söweşi (161 words)


Schöngrabern söweşi (şeýle-de Hollabrunn söweşi) Napoleonçylyk Uruşlarynyň Üçünji Koalisiýa urşy döwründe 16 noýabr 1805-de Awstriýanyň Hollabrunn şäherinden uzak bomadyk Schöngrabern obasynyň golaýynda Ulm söweşinden dört hepde soň, Austerlitz söweşinden bolsa iki hepde öň bolup geçen söweş.

Kutuzowyň ýolbaşçylygyndaky rus goşuny Napoleonyň fransuz goşunyndan gaçyp, Dunaý derýasynyň demirgazygyna tarap  yza çekilýärdi. 15 noýabr 1805-de marşallar Murat bilen Lannesiň baştutanlygyndaky fransuz awangard goşuny  Wenada Dunaý derýasyndan geçýän bir köprini ele saldy. Buxhowdeniň goşmaça goşuny bilen  Brünnüň golaýynda tapyşmak üçin Kutuzowa wagt utmak zerurdy. Ol özüniň general-maýor knýaz Pýotr Bagrationyň dolandyrmagyndaky arýergardyna  fransuzlary eglemekligi tabşyrdy.

Murat bilen Lannes 4-nji we 5-nji korpuslara hem-de ätiýaçlyk kawaleriýa komandirlik edýärdi. Bagration Hollabrunnyň 6 km demirgazygynda Schöngrabern obasynyň (häzirki döwürde Graberniň bir bölegi) üstüne abanyp duran baýyrdaky pozisiýany eýeledi. Murat öz öňünde tutuş rus goşuny durandyr öýdüp, hüjüme geçmekde ikirjiňlendi.  Bagration Murata wagtlaýyn ýaraşyk barada gepleşiklere başlamaklygy teklip etdi. Murat teklip bilen ylalaşyp, hüjüme ge.mekligi goýbolsun etdi. Bu barada habar berlende Napoleon diýseň gaharlanyp, Murata şeýle habar ýollady:

 




#Article 268: Dürenstein söweşi (393 words)


Dürenstein söweşi (Dürrenstein söweşi ýa-da Dürnstein söweşi hem diýilýär) Napoleonçylyk Uruşlarynyň Üçünji Koalisiýa urşy döwründe bolup geçen çaknyşyk. Söweş 11 noýabr 1805-de, Ulm söweşinden üç hepde soň Austerlitz söweşinden bolsa üç hepde ozal Awstriýanyň Wachau jülgesinde ýerleşýän Dürenstein (häzirki Dürnstein) şäheriniň golaý-goltumynda, Dunaý derýasynyň boýunda, Şirýürekli Richardyň bendilikde saklanylan galasynyň alkymynda bolup geçdi.

Napoleonyň fransuz goşunynyň esasy korpusy Dunaý derýasynyň günorta ýakasy bilen yza çekilýän rus hem-de awstriýa soýuzdaş goşunlarynyň söbügine münüp Wena şäherine tarap müňzäp barýardy. Rus hem-de awstriýa goşunynyň yza çekilmegini bökdemek niýeti bilen VIII fransuz korpusyny Dunaý derýasynyň demirgazyk ýakasyny syryp ýöremekligi üçin ugratdy. VIII korpus marşal Édouard Mortieriň umumy ýolbaşçylygyndaky üç sany pyýada goşun hem-de bir sany kawaleriýa diwiziýasyndan ybaratdy. Bu korpus 1805-nji ýylyň noýabr aýynyň başynda Linzde hem-de Passauda Dunaý derýasyny kesip geçdi we pyýada goşun Dunaýy alkymlap gündogarlygyna tarap ugrady, korpusyň kawaleriýa diwiziýasy bolsa, has dermirgazykda aňtaw işlerini geçirdi. General Gazanyň diwiziýasy (6,000 adam çemesi) başy çekip barýardy, onuň yz ýany bilen bolsa general Dupontyň diwiziýasy (4,000 adam) bir günlük menzilden gelýärdy, general Dumonceaunyň diwiziýasy (4000 adam) tyly goraglaýardy. Korpusa Dunaýyň beýleki kenary bilen aragatnaşygy üpjün etmekde bir flotiliýa goldaw berýärdi.

Mortieriň korpusynyň başyny çekýän diwiziýa 10 noýabr 1805-de Dürnsteine baryp ýetdi hem-de şäheriň günorta eteginde rus dozory bilen tutluşyga girdi. Rus feldmarşaly Mihail Illarionowiç Kutuzowyň birçak soýuzdaşlaryň ähli goşunyny Dunaýyň bu tarapyna geçirendiginden Mortieriň habary ýokdy, şonuň üçin hem VIII korpus san taýdan agdyklyk edýän güýçler bilen ýüzbe-ýüz boldy. Soýuzdaşlar Gazanyň ýekelikdäki diwiziýasynyň üstüne çozmak mümkinçiliginden peýdalandylar. Bagrationyň korpusy tarapyndan penalanýan Miloradowiçiň korpusy Gazanyň diwiziýasyna gündogar tarapdan ýakynlaşyp, fransuzlary duran ýerlerinden butnatmaly däldi, Dohturow bilen Strickiň baştutanlygyndaky iki sany korpus bolsa, fransuzlaryň deňinden aýlanyp geçip, günbatar we demirgazyk tarapdan olaryň üstüne çozmalydy.

Günortan sagat 2 töwereginde söweşe böwşeňlik aralaşdy, sebäbi Mortier Duponta, Kutuzow bolsa Dohturowa garaşýardy. Dohturow ilkinji bolup geldi we fransuzlary Dürnsteinden gysyp çykardy. Iki sany uly goşunyň arasyna düşen fransuzlar Dürnsteiniň üsti bilen yza tarap böwsüp geçmeli diýen netijä geldiler. 100-nji pyýada toparyň başy çekmeginde fransuzlar garaňky gatlyşan badyna hüjüme geçdi. Dupontyň diwiziýasy hem tüýs wagtynda gelip ýetişdi-de, Dohturowyň korpusyny arka tarapyndan gabap şäherden kowup çykardy. Mortier bolsa derýadaky flotiliýadan peýdalanyp öz korpusyny günorta kenara ewakuirlemäge maý tapdy. Gazan 1,800 esgerini, soýuzdaşlar bolsa 2,000 çemesi adamyny, şol sanda imperatorlyk feldmarşaly Schmidti ýitirdi.

Iki tarap hem özüniň ýeňiş gazanandygyny öňe sürýär: fransuzlar söweş meýdanyny taşlap gitdiler, ýöne welin ruslar hem özleriniň san artykmaçlygyndan peýdalanyp bilmediler.




#Article 269: Dunaý (209 words)


Dunaý derýasy (Irki Danuvius sözünden nemesçe: Donau, keltçe: *dānu, manysy akmak, slowakça we polýakça Dunaj, wengrçe Duna, rumynça Dunărea, Frakiýa/Dakiýa dilindäki “Donaris/Donare” sözünden, gadymy skandinaw dilinde Duná, türkçe Tuna, gadymy grek dilinde Istros, slowençe Donava, horwatça Dunav, serbçe Дунав/Dunav, bolgarça Дунав, ukrainçe Дунай) Ýewropa Bileleşiginiň iň uzyn, Ýewropanyň bolsa Wolga derýasyndan soň ikinji iň uzyn derýasydyr.

Ol Germaniýanyň Schwarzwald tokaýlygyndan gözbaş alyp gaýdaýan kiçi Brigach we Breg derýalarynyň adybir Donaueschingen nemes şäherinde goşulmagy bilen Dunaý derýasy diýlip atlandyrylýar. Dunaý derýasy gündogara tarap 2550 km (1771 mil) çemesi akyp, birnäçe orta we merkezi ýewropa paýtagtlarynyň içinden geçýär we Rumyniýa bilen Ukrainada ýerleşýän Dunaý deltasynyň üsti bilen Gara deňze baryp guýýar.

Taryhda Rim imperiýasynyň gadymky sepgidi hökmünde tanalýan bu derýa on sany ýurduň içinden akyp geçýär – ýa-da olaryň serhediniň bir bölegini düzýär: Germaniýa (7.5%), Awstriýa (10.3%), Slowakiýa (5.8%), Wengriýa (11.7%), Horwatiýa (4.5%), Serbiýa (10.3%), Rumyniýa (28.9%), Bolgariýa (5.2%), Moldowa (1.7%), we Ukraina (3.8%). Mundan hem başga onuň basseýni ýene dokuz sany ýurdy öz içine alýar: Italiýa (0.15%), Polşa (0.09%), Şweýsariýa (0.32%), Çehiýa (2.6%), Sloweniýa (2.2%), Bosniýa we Gersegowina (4.8%), Montenegro, Makedoniýa respublikasy we Albaniýa (0.03%).

Dunaý derýasy dürli dillerde dürlüçe atlandyrylýar:

Dunaý derýasy aşakdaky ýurtlardan we dört sany paýtagt şäherden akyp geçýär. Şeýle hormat dünýä boýunça diňe Dunaý derýasyna degişlidir:




#Article 270: Amstetten söweşi (172 words)


Amstetten söweşi Üçünji Koalisiýa urşy döwründe  Birinji Fransuz Imperiýasy bilen Awstriýa - Russiýa soýuzynyň arasynda bolup geçen kiçeňräk söweş.

Ol 5 noýabr, 1805-de awstriýalylar Wenadan çekilýärkä rus goşunynyň Marşal Muratyň atly goşunyna hem-de  Jean Lannesiň korpusynyň bir bölegine garşy amala aşyran arýergard söweş hereketi hökmünde bolup geçdi. Rus goşunyna Pýotr Bagration baştutanlyk edýärdi. Esasy söweşiň öňinçäsi Murat özüniň 2 sany eskadrondan ybarat atly goşun eskorty bilen 3 sany awstriýa kawaleriýa polkuna garşy howul-hara hüjüm geçdi. Ol asgynlap yza çekilmeli boldy, emma onuň söbügine münüp gelýän awstriýalylary fransuz atly artilleriýasy karteç okuny ýagdyryp togtatdy. Murat Lannes bilen bilelikdäki kolonnasynyň gelerine garaşdy. Lannese Bagrationyň saklaýan pozisiýalaryna hüjüme etmäge buýruk berildi we ol salymyny bermän gaýduwsyz hüjüme geçdi. Bagrationyň bölümleri hüjümi yza serpikdirip birnäçe gezek ştykly garşylyklaýyn hüjüme geçdi. Kutuzow oňa ýardam bermek üçin general Miloradowiçiň otrýadyny ýollady. Soýuzdaşlaryň jemi goşuny 6,700 esger çemesidi. Awstriýa-rus goşuny uly ýitgi çekip ýeňlişe sezewar boldy. Bir müň sany awstriýa esgeri öldürildi, ýaralandy ýa-da ýesir alyndy. Ruslaryň üç ýüz esgeri öldürildi ýa-da ýaralandy, ýedi yüz töweregi bolsa ýesir düşdi.




#Article 271: Soltan Sanjar (859 words)



Soltan Sanjar ýa-da Ahmet Sanjar (Muizeddin Ahmet Sanjar) diýlip bilinen (1086-1157) we (1097-1118) Seljukly hökümdarlygynyň Horasan (Günorta Türkmenistan) topraklarynda agalyk ediji Beýik Seljukly soltany.

Soltan Sanjar Oguzlaryň Kynyk taýpasyndan bolan Seljukly soltany Mälikşanyň ogludyr. Kakasynyň bir ýurda eden ýörüşi wagtynda 1086-njy ýylda Sinjarda doguldy. Kakasy öleninde heniz çagajykdy. Soltan Mälikşanyň ölmegi bilen tutuş Seljukly hökümdarlygy sarsdy. Mälikşanyň aýaly Türkan hatyn Mälik şanyň ogly Mahmydyň soltandygyny yglan etdi. 
Mälikşanyň uly ogly Berkýaryk öz tarapdarlary bilen Reý şäherine gaçyryldy we soltan diýlip yglan edildi. Düzgün boýunça Mälikşanyň ilki uly ogly Berkýaryk soltan bolmalydy. Şonuň üçin Mahmydyň ejesi Türkan hatyn bilen Berkýarygyň aralygynda söweşler başlandy. Has dogrusy hökümdarlyk ugrunda, tagt ugrundaky göreşler başlandy. 

Tutuş Berkýarygyň eýeçiligindäki Eýran topraklaryna göz gyzdyrdy we bu ýerleri almak üçin 1095-nji ýylda Reýde Berkýaryk bilen Tutuş arasynda uly söweş bolup geçdi. Şol söweşde Tutuş ýeňildi we öldi. 
Şeýdip Berkýaryk Soltanlykda ýeke täk agalyk ediji soltan boldy. Emma ol hökümdarlykdaky bidüzgünçilikler, pitneler bilen garşylaşdy. Şondan soň Beýik Seljukly hökümdarlygy üçe bölündi: 

Soltan Sanjar Horasan häkimligine göz gyzdyran Ebraýyl Arslan bilen söweşdi. Ol söweş hem 1102-nji ýylda bolup, Kaşgardan ilerläp gelen Ebraýyl Arslan hany Termez towereklerinde ýeňdi[1].

Muhammet Tapar ýerine Mahmyt II soltan belledi. 

Horasan häkimi bolan gujurly, akylly Soltan Sanjar jigsi Mahmyt II niň Soltan bolmagyny we oňa garaşly bolup Horasan Seljukly döwletini dolandyrmagyny öz üstüne aldy. 
Horasanda Ahmet Sanjar soltan diýlip yglan edildi. Soltan Sanjar Horasan goşuny bilen Yraga Mahmyt II üstüne ýörüş etdi. 
Soltan Sanjar bilen Mahmyt II arasyndaky.bolan söweşde Sanjar üstün geldi. Mahmyt II üçin örän giç bolup, pursaty elden bermän gaçdy we gaçybatalga diýip Sawah şäherine bardy. Agasy Soltan Sanjar bilen şertnama baglaşmak kararyna geldi. Mahmyt II öz wezirini Soltan Sanjar bilen görüşmek üçin gönderdi. Olar bolsa ýaraşyk baglaşan soňlar özi Soltan Sanjaryň huzuryna bardy. Bu şertnamada Mahmyt II Soltan Sanjaryň Beýik Seljukly soltany bolandygyny kabul etdi we oňa weliäht etdi. 
Soltan Sanjar bolsa Mahmyt II ä Yrak, Azerbeýjan we Günbatar Eýrany berip özüne tabyn häkim edip belledi. 
Bu peşgeşi bagt hasaplan Mahmyt II özüne berlen topraklaryndaky mesjit hutbalarynda Soltan Sanjaryň adyna hutba okatdyrdy. Onuň adynyň ýany bilen öz adyny hem okatdyrdy. Şeýdip Mahmyt II 1118-nji ýylda Yrak Seljukly döwletiniň garaşly hökümdary boldy (diňe Soltan Sanjar 1157-nji öleninden soňra Yrak Seljukly döwleti garaşsyzlygyny gazandy). 
Bagdatdaky Abbasy halyfy Mustarşid Soltan Sanjara «Emirul Muminin (Möminleriň emiri)» derejesini berdi. 

Atsyz Horezmşa ilkinji Hazar deňzi we Aral deňzi aralygyndaky sähralygyndaky Yslam dinini kabul etmedik Gypjak we Oguz türkmenlerine garşy uruşlar başlatdy[2].
Ilki-ilkiler Atsyz Horezmşasy Soltan Ahmet Sanjara wepaly hem garaşly häkimi bolup göründi. 
Soltan Ahmet Sanjaryň 1130-njy ýylda Jeýhun (Amyderýa) derýadan geçip Mawerannahrda ýerleşen Samarkant şäherinde ýyllyk salgydyny tölemeýän şäher häkiminiň üstüne çozdy. 
Bu ýörüşde Atsyz Horezmşa hem öz goşuny bilen goşuldy. Soltan Sanjar Samarkant häkimini ilki bilen wezipesinden boşatdy we ýerine bir sadyk adamyny belledi. Diňe şäher häkimi Soltan Sanjardan geçirimlilik soranynda ony täzeden häkim edip belledi.

Emma Soltan Sanjar kapyr Oguzlar bilen bolan söweşde ýeňildi we olaryň eline ýesirw düşdi. Kapyr Oguzlar Horasany eýelediler. Soltan Sanjar bolsa Oguzlara garşylyk görkezdi.
Soltan Sanjar tussaglykdaka onuň aýaly Türkan hatyn hökümdarlygy dolandyrdy. Oguzlar Soltan Soltan hökmünde öňki Garahanly hökümdary we Soltan Sanjaryň garyndaşy Mahmyt hany soltan yglan etdiler.
Seljukly goşunynyň esasy topary Mahmyt hany soltan kabul etmediler. Bu sapar Mahmyt han Oguzlara garşy çykdy. Atsyz horezmşa Oguzlaryň soltan saýlanşygyna goşulmady we Seljuklylara gulluk etdi. Mahmyt han Atsyz Horezmşa bilen birleşdi. Atsyz horezmşa sebäpkär hökmünde Seljukly esgerlerinden Horasana goşulmadyklarynyň gaýdyp gelmekleri üçin söweş yglan etdi.
Beýleki Horezmşalar keşmekeşlerden peýdalanyp oňa garşy çykdylar. 

Soň Soltan Sanjar tussaglykdan gaçdy. Soltan Sanjar Beýik Seljukly hökümdarlygyndaky öňki düzgünlerini çalt girizdi we ele aldy[4].
Şol wagtlar Soltan Sanjar Atsyz horezmşanyň garaşsyzlygyny bermedi. Soltan Sanjar Oguzlara ýörüş etmezden Gurlylar we Bawendiler bilen ýaraşyk şertnamasyny baglaşdy.

Soltan Sanjaryň aýaly Türkan hatyn 1156-njy ýylda ölüpdi. Soltan Sanjaryň Türkan hatynyndan iki gyzy bardy. Bu iki gyzyny hem Mahmyt II nikalap beripdi. 
Soltan Sanjar soň Soltan Mesud Demiregiň dul aýaly bolan Gürjüstan karoly Dmitriniň gyzy Rusudana öýlendi. Emma onuň ol aýalyndan perzent önmedi.
Atsyz horezmşa bolsa ogly Arslan II öz ýerine häkim belläp 1156-njy ýylda wepat boldy. 
Soltan Sanjar bolsa 1157-nji ýylyň 8-nji maýda dünýeden ötdi. 
Soltan Sanjar öleninden soň bolsa Horasan we Mawerannahr Horezmşalar döwletine bagly bolup galdy.

Soltan Sanjar Horasanda, häzirki Türkmenistanyň gadymy Merw şäherinde ýerleşýär[5].
Bu türbe 1221-nji ýylda Çingiz hanyň emrindäki Mongollar tarapyndan Merwiň basylyp alynmagy we bütin halkynyň ýok edilmegi netijesinde Mongollar tarapyndan ýykylypdyr[6].
Soltan Sanjaryň türbesi Sowet Soýuzyň (SSSR) dargamagy bilen Türkiýe prezidenti Süleýman Demirel ony zyýarat etmäge gelende onuň köne görnüşini görüpdir we abatlaýyş işlerini geçirmäge kömek etdi.
XX asyrda Türkmenistan SSSR garaşly wagtlarynda birnäçe sapar abatlaýyş işleri geçirilipdir. Emma şol abatlaýyş we konsirweleme, düzediş işleri ýalňyş edilipdir. Bu türbe soňky gezek UNESKO tarapyndan hakyky keşbiniň üstünde işläp bina etdiler[7].
Soltan Sanjar türbesi gadymy Merwde örän amaly haşam sungaty bilen bina edilipdir eken. Ini, boýy we uzynlygy 38 metr bolan tugla diwarlardan edilen kub şekli bardyr.

 




#Article 272: Piri Reýis (820 words)


Piri Reýis (doly ady Hajy Muhiddin Piri Ibn Hajy Mehmet) (1465 töweregi –1554 ýa-da 1555) — Türkiýäniň Egeý kenarýakasyndaky Gallipoli (türkçe Gelibolu) şäherinde 1465-1470-nji ýyllar aralygynda doglan osmanly admiraly, geografy hem-de kartografydyr.

Ol häzirki döwürde esasan hem özüniň Kitab-ı Bahriye (Deňizçilik kitaby ýa-da Nawigasiýa kitaby) atly eserinde jemlän kartalary hem-de çyzgylary bilen tanalýar. Ol kitap nawigasiýa baradaky jikme-jik maglumatlary, şeýle hem Ortaýer deňziniň ähmiýetli portlarynyň we şäherleriniň iňňän takyk çyzgylaryny özünde jemleýär. Piri Reis özüniň (1513-nji ýylda taýýarlan) ilkinji Dünýä kartasynyň kiçijik bölegi 1929-njy ýylda Stambul şäherindäki Topkapy köşgünde üstüniň açylmagy bilen kartograf hökmünde hem uly meşhurlyga eýe boldy. Bu ýerde iň haýran galdyran zat bir osmanly kartasynda Amerika materiginiň bar bolmagydy. Bu karta şol wagta çenli Amerikanyň türkler tarapyndan çyzylan ilkinji kartasy bolup durýar. Amerikanyň ilkinji kartasy bolsa, losman we kartograf Juan de la Cosa tarapyndan 1500-nji ýylda çyzylypdy we ol häzirki wagtda Madriddäki deňiz muzeýinde (Museo Naval) saklanylýar.

Emma welin, Piri Reisiň ilkinji dünýä kartasynyň (1513) iň täsin galdyrýan tarapy – kontinentleriň ýerleşişlerini (aýratyn hem Afrika bilen Günorta Amerikanyň arasyndaky gatnaşygy) onuň ýaşan döwri üçin deňsiz-taýsyz derejede takyk kesgitlemegi bolup durýar. Hatda ondan onlarça ýyl soňra çyzylan kartalarda hem şeýle takyk oriýentasiýalar we proporsiýalar bolmandyr; şeýle ýokary hili Piri Reisiň Kitab-ı Bahriye (Nawigasiýa kitaby) atly eserindäki beýleki kartalarynda hem görmek mümkindir. Piri Reisiň kartasy Demirgazyk tropik giňişliginde Sahara çölüne konsentrirlenýär.Kontinentiň resmi taýdan açylmagyndan üç asyr çemesi ozal çyzylandygyna garamazdan, käbir alymlar, şol sanda professor Charles H. Hapgood, Piri Reisiň kartasynyň Antarktikanyň saklanyp galan iň gadymy kartasydygy baradaky pikiri öňe sürýärler.

Piri şol döwrüň tanymal deňizçisi bolan daýysy Kemal Reisiň yzyna eýerip, ýaş ýigdekçekä 1481-nji ýylda osmanly flotunyň hyzmatyna girýär. Ol ençeme ýyllaryň dowamynda ispan, genuýa hem-de wenesiýa flotlaryna garşy söweşlere, şol sanda 1499-njy ýylda Zonchio söweşine we 1500-nji ýylda Modon söweşine gatnaşýar. Daýysy Kemal Reis 1511-nji ýylda aradan çykansoň, Piri Gallipolä gaýdyp gelýär we Kitab-ı Bahriye (Nawigasiýa kitaby) atly eserini ýazmaga başlaýar. Ol öz ýygnan 20 çemesi irki döwre degişli kartadyr çyzgysyna, şol sanda daýysy Kemal Reisiň 1501-nji ýylda içinde Kolumbyň ekipažynyň birnäçe agzasynyň hem bar bolan ýedi sany ispan gämisini Valencia şäheriniň kenarýakasynda ele salan mahaly tapan Hristofor Kolumbyň öz eli bilen çyzan kartalaryna esaslanyp, 1513-nji ýylda özüniň ilkinji dünýä kartasyny işläp düzýär.

Ahyrsoňy Piri Reis 90 ýaşy arka atyp, Müsüre dolanyp geldi. Demirgazyk Pars aýlagynda portugallara garşy ýene bir kampaniýa gatnaşmaklykda Basranyň häkimi Kubat Paşany goldamakdan ýüz öwrenligi sebäpli, 1554-nji ýa-da 1555-nji ýylda köpçüligiň öňünde Piri Reisiň kellesi alyndy.

Türk flotunyň birnäçe harby hem-de suwasty gämisi Piri Reisiň adyny göterýär.

Kitab-ı Bahriye modern döwürden öňki nawigasiýa baradaky iň meşhur kitaplaryň biridir. Bu kitap Ortaýer deňziniň esasy portlary, buhtalary, aýlaglary, burunlary, ýarymadalary, adalary, bogazlary we amatly düşelgeleri, şeýle-de nawigasiýanyň metodikasy barada jikme-jik maglumatlary hem-de astronomiýa barada nawigasiýa degişli meseleleri özünde jemleýär. Munuň hem daşyndan kitapda her bir ýurduň, şäheriň ýerli ilaty we olaryň medeniýetleriniň geň-enaýy aýratynlyklary hakda gürrüň berilýär. Kitab-ı Bahriye ilki bilen 1511-1521-nji ýyllar aralygynda ýazyylýar, ýöne soňra Ajaýyp Süleýmana sowgat etmeklik maksady bilen ol 1524-1525-nji ýyllarda ýaňadan gözden geçirilip, goşmaça maglumatlar we has kämil kartalar girizilýär. Piri Reis bu kartalary öz daýysy Kemal Reis bilen Ortaýer deňzinde syýahat eden wagtlarynda çyzypdyr. 1525-nji ýylda gözden geçirilen täze neşir jemi 434 sahypadan ybarat bolup, 290 sany kartany özünde jemleýär.

Kitab-ı Bahriye iki sany esasy bölümden durýar. Birinji bölüm harasatlaryň görnüşleri baradaky maglumatlara, kompas ulanmaklygyň usullaryna, portlar hem-de kenarýakalar barada jikme-jik maglumatlary, ýyldyzlardan peýdalanyp ugur tapmaklygyň ýollary, esasy okeanlaryň we olaryň daşyny gurşap alýan gury ýer bölekleriniň bolan häsiýetleri bolan düşündirişli kartalara bagyşlanypdyr. Hristofor Kolumbyň Täze Dünýädäki açyşlaryna, Vasco da Gamanyň we beýleki Portugal deňizçileriniň Hindistana we Aziýanyň galan bölegine tarap ümzük atyp barýarkalar eden açyşlaryna kitapda ýörite orun berlipdir.

Ikinji bölüm tutuşlygyna düşündirişli kartalardan we deňizçilik gollanmalaryndan düzülýär. Her bir tema bir adanyň ýa-da kenarýakanyň kartasy özünde jemleýär. Birinji kitapda (1521), bu bölümde jemi 132 sany düşündirişli karta bolan bolsa, onda ikinji kitapda (1525) bu san jemi 210-a baryp ýetýär. Ikinji bölüm Dardanel bogazynyň düşündirilmegi bilen başlaýar we Egeý deňziniň , Iýoniýa deňziniň, Adriatik deňziniň, Tirren deňziniň, Liguriýa deňziniň adalary hem-de kanarýakalary, fransuz Riwýerasy, Balear adalary, Ispaniýanyň kenarlary, Gibraltar bogazy, Kanar adalary, Demirgazyk Afrikanyň kenarlary, Müsür hem-de Nil derýasy, Lewant we Anatoliýanyň kenarýakalary bilen dowam edýär. Şeýle hem, bu bölümde her bir şäheriň meşhur ýadygärlikleridir ymaratlarynyň suratlandyrmalary we çyzgylary bilen bir hatarda Piri Reisiň öz terjimehaly hem ýerleşdirilipdir. Ol ýerde Piri Reis bu kartalary neme üçin ýekeje uly kartada däl-de aýratyn kitap hökmünde jemländiginiň sebäplerini tükelleýär. Onça maglumaty we detallary ýeke karta sygdyryp bolmajakdygyny belleýär.

Häzirki döwürde Kitab-ı Bahriyäniň nusgalary dünýäniň ençeme kitaphanalarydyr muzeýlerinde saklanýar.

Birinji neşiriň (1521) nusgalary Stambul şäherindäki Topkapy köşgünde, Nuruosmaniýe we Süleýmaniýe kitaphanalarynda, Bologna uniwersitetiniň kitaphanasynda, Wena şäherindäki Milli kitaphanada, Drezden Döwlet Kitaphanasynda, Pariž Milli Kitaphanasynda, London şäherindäki Britan Muzeýinde, Oxford şäherindäki Bodleian kitaphanasynda we Baltimor şäherindäki Walters Sungat Muzeýinde saklanylýar.

Ikinji neşiriň (1525) nusgalary Stambul şäherindäki Topkapy köşgünde, Köprülüzade Fazyl Ahmed Paşa we Süleýmaniýe kitaphanalarynda hem-de Pariž Milli Kitaphanasynda saklanylýar.

Kitab-ı Bahriyäniň iki neşiriniň (1521 we 1525) hem käbir kartalary aşakda görkezilýär:




#Article 273: Seýdi Ali Reis (476 words)


Seýdi Ali Reis (1498 – 1563) osmanly admiraly bolupdyr.

Ol 1538-nji ýylda bolan Preweza deňiz söweşinde türk flotunyň çep flangyny dolandyrypdyr.
Seýdi şondan soňra Hindi okeanyndaky osmanly flotunyň baştutanlygyna bellenilýär we ol şol wezipedekä Hindistanyň Goa şäherine ýerleşen portugal goşunlarybilen 1554-nji ýylda ençeme gezek söweşe girişýär.

Ol häzirki döwürde özüniň Hindistandan Stambula gaýdyp gelýärkä gören ýurtlaryny suratlandyrýan Mir'ât ül Memâlik (Ýurtlaryň aýnasy, 1557) ýaly kitaplary bilen giňden tanalýar. Onuň nawigasiýa we astronomiýa barada ýazan Mir’ât-ı Kâinât (Älem-jahanyň aýnasy) atly eseri hem bardyr. Mundanam başga Seýdi Ali Reis Kitâb ül Muhit: El Muhit fî İlmi'l Eflâk ve'l Buhûr (Sebitleýin deňizleriň we astronomiýa hem-de nawigasiýa ylymlarynyň kitaby) diýlip atlandyrylýan eserinde nawigasiýanyň tärleri baradaky maglumatlary, ugur kesgitlemegiň, wagt hasaplamagyň, kompas ulanmaklygyň usullaryny, ýyldyzlar, hijri şemmsi hem-de kamary kalendarlar, şemal we deňiz akymlary, şeýle-de Osmanly imperiýasynyň dürli sebitlerindäki portlar, gawanlar, kenarýaka ilatly ýerler we adalar bilen baglanyşykly portulanlary jemläpdir. Onuň kitaplary ençeme dile, şol sanda iňlis diline, fransuz diline, italýan diline, nemes diline, grek diline, arap diline, pars diline, urdu diline we rus diline terjime edilendir we olar osmanly döwründen gelip ýeten iň çeper edebi eserleriniň hataryna girýär diýlip hasap edilýär.

Ol günbatarda Sidi Ali Reis diýlip hem tanalýar.

Seýdi Ali Reis Stambul şäheriniň Galata kwartalynda asyl gelip çykyşy Türkiýäniň Gara deňiz kenarýakasyndaky Sinop şäherinden bolan bir türk maşgalasynda dünýä inýär. Soltan Mehmet II höküm süren döwründe onuň atasy Tersâne Kethüdâsı (Osmanly imperatorlyk harby-deňiz gorhanasynyň kethudasy) bolan bolsa, kakasy Hüseýin Reis Altyn Şahyň demirgazyk ýakasynda Stambulyň Galata kwartalynda ýerleşýän Bahriye Dârü's-Sınaasınyň (Harby-deňiz Senagaty Merkezi) Kethüdâsy (Kethuda) bolupdyr. Onuň kakasynyň ýokary çinli deňizçi hem-de harby-deňiz inženeri hökmündäki karýerasy Seýdi Aliniň geljek ykbalyna uly täsirini ýetiripdir. Seýdi Ali heniz ýaş wagty harby-deňiz gorhanasynda işläp başlaýar. Deňizçilige bolan höwesiniň üstesine Seýdi Ali matematika, astronomiýa we geografiýa ýaly takyk ylymlar boýunça gowy bilim hem alýar. Şeýle-de ol edebiýat we teologiýa sapaklarynda kämilleşipdir hem-de ökde şahyr hökmünde özüni tanadypdyr. Wagtyň geçmegi bilen ol harby-deňiz gorhanasynda ýokary çinli ofiser bolup ýetişýär we Reis çinine mynasyp bolýar (Osmanly döwründe bu çin hem kapitan hem-de admiral diýmekligi aňladypdyr).

Rodosyň gabawyndan başlap, Seýdi Ali Reis osmanly flotunyň Ortaýer deňzinde alyp baran ähli iri harby-deňiz kampaniýasyna gatnaşypdyr. Ol Barbarossa Hayreddin Paşanyň 1538-nji ýylda Charles V-niň Keramatly Ligasynyň Andrea Dorianyň dolandyrmagyndaky flotuny doly suratda ýeňlişe sezewar eden Preveza deňiz söweşinde osmanly flotunyň çep ganatyna baştutanlyk edipdir. Mundanam başga ol Sinan Paşa bilen Turgut Reisiň 1551-nji ýylda Liwiýa döwletiniň Tripoli şäherini Ispaniýadan hem-de Malta rysarlaryndan basyp alan flotunda birnäçe gämini dolandyrypdyr. Ondan soňra ol Ortaýer deňziniň günbatar kenarýakasynda bolup geçen harby-deňiz kampaniýalaryna hem gatnaşypdyr.

Soňra Seýdi Ali Reise Azepler Kâtibi, Tersâne Kethüdâsı (Osmanly imperatorlyk harby-deňiz gorhanasynyň kethudasy) and Hassa Donanma Reisi (Osmanly Merkezi flotunyň baştutany) çinleri berilýär.

Seýdi Ali Reis sebitdäki köpsanly dini ýerleri hem-de möhüm şäherleri aýlanyp görenden soň 1553-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Halap şäherinde ýola rowan bolýar we ahyrsoňy 1554-nji ýylyň fewral aýynyň başynda Pars aýlagyndaky Basra şäherine baryp ýetýär.




#Article 274: Abylhaýyr Han (özbek) (104 words)


Abylhaýyr Han (1412-68) - Jüçi neslinden bolan özbek hany (1428-68). Ol 1428 ýylda Turada (Günbatar Sibirde) han bolup, göçüp-gonup ýören özbekleriň feodal döwletini esaslandyrypdyr. Abylhaýyr han Sibirden Mawerannahra çenli bolan köp sanly taýpalary birleşdiripdir we Orta Aziýa aralaşmaga çalşypdyr. 1446 ýylda Temiritler döwleti bilen Mogolystanda içki feodal garşylyklar güýçlenipdir. Ol mundan peýdalanyp, 1447 ýylda Deşt we Gypjak sähralaryny Mawerannahr bilen birleşdirýän Syrderýa boýundaky birnäçe äherleri (Akgurgany, Arkugy, Üzgendi, Sygnagy, Suzagy) basyp alypdyr hem amatly söwda ýollaryna, ekerançylyk we öri meýdanlaryna eýe bolupdyr. Şondan soň Abylhaýyr han Temiritleriň içki göreşlerine gatyşyp başlapdyr. 1463-64 ýyllarda galmyklardan güýçli ýeňilýär. Abylhaýyr hanyň döreden döwleti özi ölenden soň dargaýar.




#Article 275: Baba Annanow (312 words)


Baba Annanow - (Baba Annanow; Fewral 20, 1934 - Dekabr 27, 1991, Aşgabat) - türkmen we sowet aktýory, režissýory, ssenaryçy we ýazyjysy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndyky halkara baýragynyň eýesi. SSSR-iň halk artisti.  

Baba Annanow 1934-nji yylyň 20-nji fewralynda Aşgabadyň golaýyndaky Garadamak obasynda dünýä inipdi.

Onuň hakyky ady Gurbanguly bolmalydy. Dünýä inende oňa babasynyň ady dakylýar. 1941-1945-nji ýyllaryň gazaply urşunda söweş meýdanynda wepat bolan atşynas kakasyna Annanyýaz Ataguly ogly diýer ekenler. Ejesi 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde heläk bolýar.

Başdan ady “Babam” diýip tutulan we kakasynyň ady gysgaldylyp tirkelen Baba Annanow çagalyk ýyllaryny Aşgabadyň “Budýonnyý” kolhozynda geçirip, atşynaslyk bilen meşgullanýar, dükanlarda satyjy bolup işleýär. 1954-nji ýylda Daşkentde ýerleşýän A. N. Ostrowskiý adyndaky teatr-sungat institutynyň aktýorçylyk bölüminde okuwa başlap, ony 1959-njy ýylda tamamlan Baba öz döredijilik ýoluna Çärjewiň (häzirki Türkmenabat) drama teatrynda gadam basýar. Soňky ýyllarda Aşgabadyň telestudiýasynda režissýor bolup işleýär. Ilki başda kiçeňräk filmlerde çykyş eden Baba Annanow soňra režissýor Alty Garlyýewiň ýazyjy Berdi Kerbabaýewiň adybir romany esasynda döreden “Aýgytly ädim” filmindäki Artygyň obrazy bilen kino ýyldyzyna öwrülýär.

Baba Annanowyň ady “Aýgytly ädim” filminden soň Türkmenistanyň orbitasyndan çykýar. Ol goňşy Özbegistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň we Ukrainanyň kino işgärleri bilen ýakyndan işleşip başlaýar, olaryň birnäçe filmlerinde surata düşýär. Soňra Baba Annanow türkmen kino režissýory Öwülýäguly Kulyýewiň “Keçpelek” filminde bagşy Berdimyradyň roluny ýerine ýetirip, halkyň uly hormatyna mynasyp bolýar. 

Baba Annanow onlarça çeper filmleri döretdi, powestdir hekaýalary hem ýazdy. Onuň adybir hekaýasy esasynda 1978-nji ýylda döredilen we türkmen kinematografiýasynyň altyn gaznasyna girizilen “Kärizgenler” kinodramasy tomaşaçylarda uly söýgi döretdi. 1980-nji ýylda Duşanbe şäherinde geçirilen bütinsoýuz festiwalynda bu film “Iň gowy çeperçilik-şekillendiriş çözgüdi” diýen diplom bilen sylaglanýar.

Baba Annanow ömrüniň soňky günlerinde “Zöhre-Tahyr” filmini döredýär, emma ajaýyp kino ýyldyzynyň özüne bu filmi görmek miýesser etmeýär. Ol iň soňky gezek Bilbil Mämmedowyň “Ýaşlygymyň dessany” filminde baş gahryman Maksadyň garrylyk ýyllaryndaky obrazyny ýerine ýetirip, uzaga çeken agyr keselden soň, 1991-nji ýylyň 21-nji dekabrynda paýtagt Aşgabatda 57 ýaşynda aradan çykýar.




#Article 276: Sapporo (213 words)


Sapporo Ýaponiýanyň ilaty boýunça bäşinji uly şäheri hasaplanýar. Ol Hokkaido adasynyň paýtagtydyr. 2007-nji ýylyň 1 -nji fewralyndaky maglumata görä, şäheriň ilatynyň sany 1 million 890 müňden geçýär. Ilatyň gürlügi bir inedördül kilometre 1686 adam düşýär. Şäher ýurduň esasy senagat we medeniýet merkezi hasaplanýar. Sapporoda iki sany ýokary okuw mekdebi bar.
Şeýle hem Sapporo Hokkaýdo adasynyň şypahana ýeridir. Ol ýere ýylyň her paslynda dürli ýurtlardan jahankeşdeler gelýär. Şäher 1972-nji ýylda gyşky olimpiýa oýunlarynyň geçirilen ýeri hökmünde tanalýar. Şeýle-de her geçirilýän gar festiwaly şäheriň abraýyna abraý goşýar.

Şäher XIX asyrda Meýdzi döwründe gurulýar. Ol Kiotonyň gadymky bölegine meňzeş edilip gurlupdyr. Sapporoda oba hojalyk pudagy hem ösendir. Şäherde birnäçe iri senagat önümçilik kärhanalary işleýär. Şäherde gubernatorlygyň administratiw we hökümet binalary. şeýle hem Ýaponiýanyň iň abraýly uniwersitetleriniň biri ýerleşýär.

Şäheriň ykdysady mümkinçiliginiň 70 göterimi lomaý we bölek satuw söwdasy, jemgyýetçilik iýmiti we hyzmat pudagyna degişli senagat kärhanalary tutýar. Meselem, Susukino şatlykşagalaň meýdançasynda 4600-e golaý göwün açyjy jaýlar bar. Ol ýurtdaky iri göwün açyjy merkezleriniň biri bolmak bilen Ýaponiýanyň Las-Wegasy hasaplanýar.

Sapporonyň tebigatynyň gözellikleri daşary ýurtly jahankeşdeleriniň hem ünsüni çekýär. Her ýyl şähere 13 müň jahankeşde gelýär. Bu ýerde ýerlidir daşary ýurtly jahankeşdeler üçin ösen hyzmat ulgamy döredilipdir. Gyşyna jahankeşdeler gar festiwaly üçin gelýän bolsalar, ýaz we tomus pasyllarynda şäheriň muzeýlerini seýilgählerini we dürli sport desgalaryna aýlanyp görýärler.




#Article 277: Sapporo gar festiwaly (446 words)


Ýaponiýanyň demirgazygyndaky Sapporo şäheri her ýylyň fewral aýynda köp adamly bolýar. Sebäbi fewral aýynyň başynda bu şäherde „Ýuki Matsuri şüweleňi geçirilýär. „Ýuki Matsurini ýapon dilinden türkmen diline terjime edeniňde „gar festiwaly diýen manyny berýär. Daşary ýurtly jahankeşdeler hem festiwalyň geçirilýän günlerinde Ýaponiýa topar-topar bolup gelýärler. Jahankeşdeleri festiwalyň çäginde gardan ýasalýan dürli ululykdaky taryhy ýadygärlikler, şekillerdir heýkeller özüne bendi edýär.
Sapporo şäherinde geçirilýän festiwal dabaraly ýagdaýda bellenip geçilýär. Bu yerde adamlar gyş paslynyň özboluşly ajaýyplygynyň lezzetini alýarlar. Ýokote şäherinde gardan öýler ýasalýar. Öýlerde şemler ýakylýar. Ýerli halk öýlerde daşary ýurtly jahankeşdeleri myhman alýarlar.

Sapporodaky gar festiwalyna daşary ýurtly jahankeşdeler hem gatnaşýar. Şonuň üçin festiwalyň syýahatçylyk ähmiýeti hem uludyr. Festiwal 1950-nji ýyldan bäri her ýyl giçirilip gelinýär. Ilki başlanan ýyly şol sebitde okaýan ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Odori seýilgähinde öz güýji bilen gardan alty sany uly hekel ýasadylar. Talyplaryň özboluşly güýmenjesi sebitdäki halkyň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Soň soňlar her ýyl diýen ýaly gyş aýlarynda Odori seýilgähinde gardan dürli ululykdaky heýkeller ýasalyp başlandy. Ýurdun ilatynyň arasynda uly gyzyklanma döreden bu çäräni halkara derejesinde we dabaraly ýagdaýda bellemek pikiri orta atyldy we ol oňyn garşylandy. Şondan bäri bu festiwal ýurduň esasy wakalarynyň birine öwrüldi.
Her ýyl festiwala ýurduň öz içinden hem-de daşary ýurtlardan iki milliondan gowrak adam gatnaşýar. Ýaponiýanyň demirgazygyndaky özüniň tebigatynyň gözellikleri bilen meşhurlyk gazanan Hok-kaýdo adasynyň ak merjen şäheri Sapporo ýurdun iň uly bäşinji şäheri hasaplanýar. Soňky ýyllarda ýurdun paýtagty Tokio ýaly meşhur bolan Sapporo 130 ýyla meýilleşdirilip gurlan şäher.

Garlar transport ulaglary arkaly sebitdäki garyň köp ýagan ýerlerinden getirilýär. Munuň bilen baglanyşykly bir waka hem bolup geçipdir. 1974-nji ýylda gardaşaýan ulaglar üçin ýangyç tapylmandyr. Şol döwürde ýangyç gytçylygy bar eken. Heýkeltaraşlar eserlerinde tagta ulanypdyrlar. Bu gar festiwaly Germaniýanyň Nfýunhen şäheri bilen Sapporo arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryny has-da ýygjamlaşdyrdy.

Gar festiwaly ilkinji gezek 1950-nji ýylda Sapporo şäheriniň Odori seýilgähinde geçirilýär. Ýerli ýokary okuw mekdebiniň talyplary gardan alty heýkel ýasaýarlar. Şondan soň festiwalyň gerimi giňeldilip, halkara derejesinde geçirmek meýilleşdirilýär.

Gar festiwalynyň ýylsaýyn halkara derejesindäki ähmiýeti barha artýar. Festiwalda Hytaýyň Şenýang, Kanadanyň Alberta, Germaniýanyň Mýunhen. ABŞ-nyň Portland şäherleriniň keşbi janlandyrylan heýkellere-de duş gelmek bolýar. Bular hem Sapporonyň şol şäherler bilen gowy gatnaşyk saklaýandygyny görkezýär.

Şu ýyl Sapporo gar festiwalynyň 60-njysy geçirilýär. Oňa ýene-de sanlyja günler galdy. Ol 5-nji fewralda başlanýar we 7 gün dowam edýär. 60-njy Sapporo gar festiwalynda 277 hekel halk köpçüligine görkeziler. Olaryň 154-üsi Odori, 23-üsi Tsu-dome we 100-üsi bolsa Susukino meýdanlarynda bolar. Heýkeltaraşlar üçin gerekli bolan gar 7-nji we 22-njiýanwar aralygynda ulaglar arkaly getirildi. Olar Sapporo şäheriniň eteklerinden getirildi. Takmynan 6500 tonna gar ýük ulaglary arkaly daşaldy. Bu festiwalyň guramaçylyk işleri şäher häkimliginiň, şäheriň syýahatçylyk assosiasiýanyň, şäheriň bilim müdirliginiň, we şäheriň söwda we senagat palatasynyň üstüne ýüklendi. Festiwalyň administratiw işlerine gar festiwalynyň ýerine ýetiriji komiteti jogap berýär.




#Article 278: Osman I (399 words)


Osman I ýa-da Osman Gazy (1258, Söwüt, Türkiýe – fewral 1326, Söwüt) Osmanly imperiýasynyň gurujysy bolupdyr. Kakasy Ärtogrul Gazy, we ejesi:Halima hatyn Atasy Süleýman şa, Enesi:Haýme hatyn.

Osman beg (käbir çeşmelerde Orhun beg) 1258-nji ýylda Söwütde doguldy[3] Çagalyk ýyllaryna degişli takyk maglumatlar ýok. Osman Begiň ömür beýany hakynda maglumatlar örän azdyr. Özi hakyndaky maglumatlar hem öleninden soň 100 ýyl geçen soň ýazylypdyr. Bu eserler arasynda gadymylygyny saklap gelýän Ahmedi (ö. 1414). Dastan we Tewarihi Mülük-Aly Osman. Şükrulla (ö. 1481). Tewarihi Aly Osman atly eserler hakykata ýakyn çeşmerdir. Döwrüne degişli çeşmeler 1422-nji ýyllardan soň ýazylypdyr[4]. Käbir taryhçylara görä [3] kakasy Ärtogrul Gazy (käbir çeşmelerde Ärdogdy beg) Günbatar Anadolyda Söwüt obasy bilen Domaniç ýaýlasynda ýaşaýan Oguz Türkmenleriniň Bozok toparynyň Gaýy taýpasyna baştutanlyk edipdir. Osman Gazy onuň kiçi ogly eken. Taryhçy Ibni Kemal (ö. 1534) Tewarihi Aly Osman atly eserinde Ärtogrul beg Anadola (Ruma) geleninde iki oglunyň bolandygyny, Söwüte baranynda hem kiçi ogly Osman dünýä inipdir[5]. Halk döredijiliginde onuň ejesi ýa enesi Haýma enedir[6]. Taryhçy Ibni Kemal, Osmanyň ýaşlygynda «Ýigitleriň arasynda ýetişendigi» we «Urmakda tutmakda örän başarnyklydygyny» ýazypdyr. 1281-nji ýylda 23 ýaşynda wagty Ahilerden Şeyh Edebalynyň gyzy Malhun hatyn bilen öýlendi. Malhun hatyndan hem Orhan gazy doguldy.

Osman Gazy 1280-nji ýyldan 1300-nji ýyllara çenli 20 ýyl boýunça Osmanly döwletini janlandyrmagy üçin Bitaniýada (Bursa-Bilejik-Iznik) Uçbegligiň goşunyny güýçlendirmek üçin birnäçe söweşleri alyp barypdyr. Bu söweşlerde Gazy dostlary Samsa Çawuş, Goňur Alp, Akjagoja, Aýgut Alp, Gazy Abdurahman ýaly beýleki «Alp» begler we bularyň elindäki goşun birliklerine daýanypdyrlar. Osman Gazy öz gyzy Bala hatyna öýlenen Şeýh Edabaly bilen dowamly gatnaşyk saklapdy[3]. Osman gazy başda 1283-nji ýylda Ineköliň golaýynda Nikola bilen bolan «Ermenibili söweşinde» ýeňlişe sezewar bolupdyr. Şol söweşde hemw jigsi Saryhanyň ogly Baý Hoja şehit bolupdyr. 1284-nji ýylda Osman beg 300 kişilik goşun birlikleri bilen Ineköliň golaýyndaky Emirdagynyň eteklerinde ýerleşen «Gulaja Hisar bir gije çozdy se bu galany eýeläpdir. Bu Osmanlylaryň ilkinji gala ýeňişleridir[3][9]. 1286-njy ýylda Osman beg bilen Wizantiýaky birleşen Ineköl ýerlileri bilen «Dominiç söweşi» bolup geçdi. Osman beg bu söweşde ýeňiş gazanypdyr ýöne jigsi Saryhan (käbir çeşmelerde Gündiz Alp) bu söweşlerde şehit bolupdyr. Şondan soň Garajahisar Osman begiň eline geçipdir. Şondan soň Osman Gazy egindeşleri bilen birlikde çozuşlar gurnap başlapdyrlar. Mudurnynyň ýakynlarynda Samsa Çawuş we jigsi Satylmyş we Harmangaýa (Priminos) Köse Mihal güýçleri bilen birlikde Sakarýa derýasynyň golaýlaryna Göýnük taraplara çozuş edipdirler[3]. 1298-1299-njy ýyllarda Osman Gazynyň kuwwatlanmagyndan birahat bolan Bilejik (Belekona) bir toý gurnap ony duzaga düşürmegiň kül-külüne düşüpdir. Osman Gazynyň dosty Harmangaýa bu




#Article 279: Orhan I (192 words)


Osmanly hökümdarlygynyň 2-nji patyşasy

Höküm sürdi: 1326 – 1362

Özûnden öň: Osman I

Özünden soň: Myrat I

Aýaly: Asporça hatyn, Nilufer hatyn, Teodora Mariýa Kantakuzini, Eftandise hatyn.

Çagalary:Süleýman paşşa, Myrat I, Şyhzada Ybraýym, Şyhzada Halyl, Şyhzada Kasym, Şyhzada Eýýup, Patma hatyn, Hatyja hatyn.

Ýurdy: Osmanly hökümdarlygy

Kakasy: Osman I

Ejesi: Malhun hatyn

Doguldy: 1281 Söwüt

Öldi: 1362 (80-81 ýaşlarynda) Bursa

Depin edildi: Bursa Çekirge türbesinde

Dini: Yslam

 
Orhan I ýa-da Orhan Gazy (1281/1284/1288, Söwüt, Türkiýe – mart 1359 Bursa) Osman imperiýasynyň ikinji soltany bolupdyr. Ol 1326-1359-njy ýyllar aralygynda hökümdarlyk edipdir. 

Orhan ýa-da Orhan gazy (Osmanly Türkmençe :كب ناخروا, Orhan Beg), 
Osmanly imperiýasynyň ikinji patyşasy. 1326-njy ýyl bilen 1359-njy ýyllar aralygynda beglik edipdir[1][2].
Hökümdarlygy Kakasy Osman gazynyňkydan 16.000 km 2 geografik çäkleri eýeläp, soňra Myrat I 95.000 km2 çenli serhedi giňeldip oňa galdyrypdyr.
Osmanly begliginiň gurujysy Osman gazy we Malhun hatynyň ogludyr. Saryýagyz, uzyn boýly we mawy gözli, halk tarapyndan hormatlanan, ulamalary sylaýan, merhemetli hökümdar bolup tanalypdyr. 
Halkyň arasynda gezip olaryň hal ahwalyny diňläpdir. Kakasy Osman gazynyň ölüminden soň 1326-nji ýylda beg boldy. Orhan gaza diniň gahrymany manysynda Şujaeddin lakamy berilipdir. Ölümi 1359, 1360, 1361 we 1362-nji ýyllarda bolupdyr diýip görkezýän çeşmeler bar.




#Article 280: Bolgariýa (1041 words)


Bolgariýa ýa da Bolgarystan ( ; resmi ady — Bolgariýa Respublikasy) — Gündogar Ýewropadaky döwlet. Bu ýurt Balkan ýarym adasynyň gündogar böleginde ýerleşýär. Ol demirgazykda Rumyniýa, günortada Gresiýa we Türkiýe, günbatarda Makedoniýa bilen araçäkleşýär. Ýurduň gündogar bölegini Gara deňiz ýuwýar. Onuň kenarynyň uzynlygy 378 kilometre barabardyr. Ýurduň paýtagty we iri şäheri - Sofiýa. Onda 1 milliondan gowrak adam ýaşaýar. Umumy tutýan meýdany 110,9 müň inedördül kilometrdir.

Bolgariýanyň tebigaty köpdürliligi bilen tapawutlanýar. Demirgazygynda göge bürenen Dunaý derýasy akýar, merkezinde bolsa dürli agaçly tokaýlyklar agdyklyk edýär, günortasynda giň düzlükler ýaýylyp ýatyr, gündogarynda Gara deňiz we onuň çägeli kenarlary bar. Ýurduň üçden iki bölegini baýyrlyklar we düzlükler tutýar. Bu ýerlerde oba hojalyk ekinleri ekilýär. Bolgariýanyň günorta-günbatar bölegini daglar tutýar. Ýurduň iň beýik gerşi Musala - 2925 kilometr. Rodopi dagy bolsa peýdaly gazylyp alynýan magdanlara örän baý.

Ýurduň ilatynyň sany ýyl-ýyldan artýar. Häzirki döwürde ýurtda 7,7 milliondan gowrak adam ýaşaýar. Bolgariýa çaga dogluşy babatda Ýewropada iň öňdäki orunlarda durýar. Ýurduň ilatynyň ýaş dowamlylygy erkeklerde - 68,25, aýallarda bolsa 75,56 ýyl. Ilatyň agramly bölegi şäherlerde ýaşaýar. Soňky ýyllarda obalardan şäherlere ýaşamaga gelýän adamlaryň sany barha artýar. 1976-njy ýylda şäheriň ilatynyň umumy ilatyň 59 göterimini tutýan bolsa, 1996-njy ýylda ol 70 göterime çenli artdy.
Ýurduň ilatynyň agramly bölegini bolgarlar düzýär. Şeýle hem ýurtda türkler, grekler, ermeniler, ruslar we beýleki milletden bolan adamlar ýaşaýar.

Bolgar dili Hindi-Ýewropa dilleri maşgalasynyň günorta slawýan toparyna degişli bolup, ol slawýan hat ýazuwlarynyň iň gadymy nusgalarynyň biri hasaplanýar. 862-nji ýa-da 863-nji ýylda doganlar Kirili we Mefodiý grekleriň Saloniki şäherinde gadymy bolgar elipbiýini düzüpdirler. Häzirki bolgar dili XVII-XIX asyrlarda ýerli ilatyň dialektine görä täzeden düzgünleşdirilýär. 1945-nji ýylda bolsa elipbiýdäki käbir harplar aýrylyp sadalaşdyrylýar.

Ýurduň senagatlaşdyrylan döwrüne çenli şäheriň ilatynyň artyşy örän haýaldy. 1950-nji ýyllarda şäherlerde ilatyň üçden bir bölegi ýaşaýardy. 1989-njy ýylda bolsa bu görkeziji iki esse artdy. Soňky maglumatlara görä, ýurtda ilaty 100 müňden köp bolan şäherleriň 9-sy hasaba alyndy. Olar: Sofiýa (bir milliondan gowrak ilaty bar), Plowdiw - 341,4 müň, Warna - 308,6 müň, Burgas-196 müň, Ruse-170 müň, Stara-Zagora-150,5 müň, Plewen-130,8 müň, Dobriç- 104,5 müň, Sliwen-106,2 müň. Ýurduň esasy portlary şeýleräk: Burgas Gara deňizde we Ruse - Dunaý derýasynda. Gara deňziň kenaryndaky Warna şäheri ýurduň iň bir şypahana sebiti hasaplanýar. Stara-Zagora şäheri Bolgariýanyň esasy dermirýol uzelini düzýär.

Ýurduň Baş kanunyna laýyklykda, Bolgariýa parlament respublikasy bolup, döwlet baştutany - prezident. Ol gönüden-göni saýlawlar esasynda bäş ýyl möhlete saýlanýar. Prezident şol sanda ýurduň ýaragly güýçleriniň baş serkerde başysy hem-de milli howpsuzlyk boýunça maslahat geňeşiniň başlygydyr. 
Ýurduň kanun çykaryjy organy - bir palataly (Halk geňeşi) parlamentdir. Parlamentiň düzüminde 240 sany deputat bolup, olar saýlawlar esasynda dört ýyllyk möhlete saýlanýar. Olaryň arasynda saýlawlarda iň azyndan 4 göterim ses alan partiýalaryň agzalary hem bar. Parlament ýurduň baş bakany wezipä belläp ony wezipesinden boşadýar hem-de baş bakanyň teklibi boýunça ministrler kabinetiniň agzalaryny saýlaýar.

Bolgariýa Respublikasy dünýäniň 130-dan gowrak döwleti bilen diplomatik gatnaşyklar saklaýar. Bolgariýa Birleşen Milletler Guramasynyň agzasy bolup, 300-e golaý halkara guramalarynyň işine işjeň gatnaşýar. Bolgariýa bilen NATO-nyň arasyndaky gatnaşyklar 1990-njy ýylda ýola goýuldy. Häzir bolsa bu gatnaşyklar Parahatçylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk meýilnamasynyň çäklerinde ösdürilýär. 1992-nji ýylyň 5-nji maýynda Bolgariýa Ýewropa Geňeşine agzalyga kabul edilýär. Bir ýyldan soň, Yewropanyň erkin söwda assosiasiýasy bilen ylalaşyga gol çekişýär.

Bolgariýa Respublikasy industrial-agrar ýurt hasaplanýar. Ýurtda maşyn gurluşyk, azyk senagaty, gara we reňkli metallurgiýa, nebit-himiýa, agajy gaýtadan işleýän senagat has ösendir. Oba hojalygynda bolsa ekerançylyga uly ähmiýet berilýär. Syýahatçylyk pudagy hem ýurduň ykdysadyýetine saldamly goşant goşýar.
XIX asyrda Bolgariýa oba hojalygy ýurdy hasaplanýardy. Muňa gammazdan, ýurduň dokma we aýakgap-deri senagatynda uly ösüşler gazanylypdyr. Beýik Watançylyk urşunyň öň ýanyndaky on ýyllyklaryň dowamynda ýurtda daşary ýurt maýa goýumynyň hasabyna hususy telekeçiligiň ösdürilmegine üns berilýär. Ýöne muňa garamazdan, ýurduň esasy milli girdejisiniň agramly bölegini oba hojalygyndan gelen girdeji düzýär.

Bolgariýanyň umumy meýdany ykdysady taýdan üç sebite bölünýär. Olar: Günbatar, Günorta-gündogar we Demirgazyk-gündogar sebitleridir. Günbatar sebitindäki Sofiýa-Pernik senagat toplumy sebitiň ykdysadyýetiniň esasyny düzýär. Bu toplumda 30 göterim elektrik energiýasy, ýurtdaky ähli gara metallar öndürilýär. Günorta-gündogar sebitindäki Plowdiw, Burgas, Stara-Zagora we Haskowo senagat merkezlerinde reňkli metallurgiýa, himiýa senagaty, gurluşyk materiallary önümçiligi ýaly pudaklar has-da ösen. Bu sebitiň esasy oba hojalyk ekinleri şeýleräk - bugdaý, mekgejöwen. şaly, üzüm, dürli miweler we gök önümler. Demirgazyk-gündogar sebitinde bolsa maşyn gurluşyk, himiýa, dokma senagatyna uly ähmiýet berilýär.

Peýdaly gazylyp alynýan baýlyklary bolan kömürň çykarylyşy yyl-ýyldan artýar. Bolgariýadaky nebit yataklaryny senagat taýdan özleşdirip bolmaýar. Ýurt nebiti OPEK guramasyna agza ýurtlardan we GDA ýurtlaryndan satyn alýar. Çig nebit Burgas şäheriniň golaýynda nebiti gaýtadan işleýän toplumda täzeden işlenilýär. Bu toplumda himiýa önümleriniň 100-e golaý görnüşi öndürilýär. Şeýle hem Bolgariýa GDA ýurtlaryndan tebigy gaz hem satyn alýar.

Bolgariýada iri döwlet we hususy balykçylyk kärhanalary bar. 1960-njy ýyllardan bari ýurtda balykçylyk bilen meşgullanýan hususy kärhanalaryň sany barha artýar. Balyklaryň 70 göterimi Atlantik okeandan tutulýar.

Bolgariýanyň pul birligi - lew. Ýurduň merkezi banky esasy bank edarasydyr. Ol 1964-nji ýylda döredilen daşary söwda bankynyň hem gymmat bahaly kagyzlarynyň 72 göterimine eýedir. Döwlet süýşürintgiler banky ilata bank hyzmatlaryny hödürleýär. Ýurtda paýdarlar banklary 1987-nji ýylda döredilip başlandy.

Bolgarlaryň agramly bölegi 20 bilen 30 ýaş aralygynda durmuş gurýarlar. Bolgariýa özüniň tebigy ajaýyplygy bilen hem hemmeleri haýran edýär. Ýurduň bu tebigy ajaýyplyklary daşary ýurtly jahankeşdeleri hem özüne bendi edýär. Ýurdun paýtagty Sofiýa Ýewropanyň iň gadymy şäherleriniň biri hasaplanýar. Bu şäherde köp sanly muzeýler, gadymy ýadygärlikler we özboluşly nusgawy kiliseler bar. Paýtagtyň owadan ýerleri şeýleräk: Aleksandr Newskiniň sobory (Balkan ýarym adasynyň iri prawoslaw kilisesi hasaplanýar), daşary ýurt sungaty muzeýi, Batenberg meýdany, etnografiýa muzeýi, milli taryh muzeýi (Balkan ýarym adasynyň iri muzeýi hasaplanýar), botanika bagy we ş.m. Pernik şäherinde Wizantiýa imperiýasy döwründen galan gadymy galalara duş gelmek bolýar. Bolgariýa 395-nji ýylda Wizantiýa imperiýasynyň düzüminde bolandygy üçin bu ýurduň käbir şäherlerinde şol döwürdäki taryhy ýadygärliklere gabat gelinýär.

Bolgariýanyň Bankýa sebiti termal şypahanalar merkezi hasaplanýar. Bu şypahanalar daşary ýurtly syýahatçylaryň iň bir gelim-gidimli ýeridir. Sumen şäheri Bolgariýanyň orta asyrlardaky durmuşyny açyp görkezýär. Bu şäherde Şumens galasy we ýurduň iň iri Tombul metjidi ýerleşýär. Şäheriň eteginde milli seýilgäh ýaýylyp ýatyr. Plowdiw şäherinde 3 müň omnlyk teatr we Hisar Kapiýa derwezesi bar. Şäheriň golaýynda Hiarýa şypahanasy ýerleşýär. Ol gadymy Rim döwründe hem örän meşhur şypahanalaryň biri hasaplanýan eken.

Şeýle hem ýurduň Arbanasi, Božensi, Ýetyr, Žerawna, Kopriwştisa, Kotel, Melnik, Nesebyr, Sozopol, Trýawna we Şiriko-Lyka ýaly şäherleri-de muzeýlere, taryhy ýadygärliklere örän baýdyr. Gara deňziň kenaryndaky Warna we Nesebyr şäherleri bolsa ýurduň ilatynyň agramly böleginiň dynç alýan ýeri hasaplanýar. Bolgariýada Yewropanyň iň owadan dag gowagy hem bar. Ol Ledenika diýlip atlandyrylýar.




#Article 281: Isgender Zülkarneýn (149 words)


Isgender Zülkarneýn (Makedonca: Александар Македонски) (Aleksandr Makedonski), (iňlisçe: Alexander the Great). Asyl ady Aleksandr III Makedoniýaly.

Isgenderiň hökümdarlyk titullary: Makedoniýanyň Basileusy, Ellin ligasynyň Gegemony, Persiýanyň şahinşahy , Müsüriň faraony we Aziýanyň hökümdary. 
 
Isgender b.e. öň 356-njy ýylda Pella şäherinde dünýä inipdir. Isgender öz kakasy Filip II Makedoniýalynyň tagtyna b.e. öň 336-njy ýylda geçipdir. Isgender b.e. öň 323-nji ýylda heniz 32 ýaşyndaka Wawilonda aradan çykýar.

Isgenderiň ejesi ady Olimpia bolup, ol grek Neoptolemus I gyzydyr.

B.e. öňki 336-njy ýylda ahemenileriň iň soňky patyşasy Kodoman Dariý III ady bilen tagta çykýar.
Ahemenilerin su yagdayyndan hem grek pars ursy baslanypdyr. B. e. onki 334-nji yylyn yazynda Granik deryasynyn kenarynsa parslaryn gosuny grek makedon gosunlary tarapyndan ilkinji sowesde derbi dagyn edilyar
Sonra Issa diyen yerde bolan ikinji sowesde Darinin gosuny yenede yenlise sezewar bolyar. Bu sowesde Darinin ayaly, 2 gyzy Aleksandra yesir dusyar.

Busefal (latynça Βουκέφαλος Bucephalus 'öküz kelleli') - Isgenderiň atynyň ady.




#Article 282: Tejen etraby (111 words)


Türkmenistanyň Ahal welaýatynda ýerleşýän bir şäher. Tejen şäheri Aşgabatdan 210 km uzaklykda, welaýatyň gündogarynda ýerleşýär. Şäherin Tejen oazisindäki etrap- lary üçin ykdysady we durmuş-medeni merkez hökmünde ähmiýeti uludyr. Ol Tejen etrabynyn merkezi hasaplanýar. 2008-nji ýylda oňa etrap hukukly şäher statusy beril di. Şäherde etrabyň dolandyryş edaralary, söwda we dur mus-medeni maksatly edaralaryň onlarçasy hereket edýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda Tejen şäheri ýurdumyzyn we Ahal welaýatynyň uly senagat merkezlerinin birine öwrüldi. Bu ýerde häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän karbamid zawody, egirme-ýüplük fabrigi, pagta arassalaýjy zawod, tikin-trikotaž fabrigi, gurluşyk materiallary kombinaty, un kombinaty, konserwa zawody, süýt önümleri zawody ýerleşýär. Tejen uly ulag çatrygydyr. Şäheriň üstünden Aşgabat-Mary-Türkmenabat awtomobil we demir ýollary, Şatlyk-Aşgabat magistral gaz geçirijisi geçyär. 




#Article 283: Gubadag etraby (134 words)


 Arslan Alayew Türkmenistanda bir etrap.
Daşoguz welaýatynyñ Gubadag etraby. Merkezi hem-de iş dolandyrylýan ýeri Gubadag şäheri. Ilaty esasan türkmenler (ýomut) bolup, käbir serhetýaka obalarynda özbekler, gazaklar hem-de garagalpaklar bar. Gubadag şäherinde az sanly koreý hem-de rus milletleri hem ýaşaýar. Gubadagda mermer we granit, käbir ýerlerde oňat hilli kerpiç we keramiki önümleri taýýarlamakda ulanylýan toýun, hem-de nahar duzynyň çykýan ýerleri bar. Bu etrapda uly bolmadyk Gubadag, Misginata, Ýylangyr belentlikleri ýer tutýar. Gubadag etrabynyñ goýnunda kemala gelen bagşylaryñ sany hem barmak basyp sanardan köpdir, Olardan birnäçesini agzap geçsek Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Durdybaý Gurbanow, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Dursunjemal Gazakowa, Aýbibi Atahanowa hem-de beýleki meşhur bagşylar Gurbangül Amanowa, Hudaýberen Baýramow, Tirkeş Baýramow Ballyýewiç, Nurmuhammedow Wepa Dädebaýewiçdagylary aytmak bolar. Gubadag fitçisi, somsasy ady bilen tanalýan meşhur tagamlary hem bar. Gubadag fitçisi yurduñ ahli welaýatlarynda hem meşhurlyga eyedir.




#Article 284: Belarusiýanyň döwlet informatika we radioelektronika uniwersiteti (BDIRU) (529 words)


Belarusiýaň döwlet informatika we radioelektronika uniwersiteti (BDIRU) (Belarus: Беларускі дзяржаўны ўніверсітэт інфарматыкі і радыёэлектронікі; Rus: Белорусский государственный университет информатики и радиоэлектроники) (1993-nji ýyla çenli Minskiniň radiotehniki instituty (MRTI)- informasion tehnologiýa, radiotehnika, elektronika we telekomunikasiýa ugrunda Ýewropa, GDA we dünyä belli Belorussiýanyň öňdebaryjy uniwersiteti. BDIRU 1964-nji ýylyň Mart aýynyň 15-ne esaslandyryldy. Häzirki wagtda uniwersitet 30 hünär we 25 ýöriteleşdirilen kompýuter, informatika, senagat elektronika, emeli akyl, radiotehnika, telekommunikasiýa, medisina elektronikasy we ykdysadyýet ugurlaryndan inžener hünärmenleri taýýarlaýar. 10 fakultetde we 35 bölümde gündizki, agşamky, zaoçny we aralyk okuw görnüşlerinde 15000-den gowrak talyp bilim alýar, şolaryň arasynda hem 350 sany daşary ýurtly talyp bar. 2001-nji ýyldan bäri BDIRU-da magistratura bölümi açyk, häzirki wagtda 27 sany magistrlik, 26 sany aspirantura we 8 sany doktorantura ýokary hünärleri ýerli we daşary ýurt raýatlaryna hödürlenýär. Uniwersitetde dissertasiýany goramak üçin 13 tehniki we 2 fizika-matematika hünärlerini öz içine alýan 6 sany doktorçylyk geňeşi hereket edýär. Şu günki günde BDIRU-nyň aspiratura bölüminde 23 sany daşary ýurt hünärmeni okaýar.

Uniwersitete girmek üçin rus ýa belarus dili, fizika, matematika, daşary yurt dili (diňe marketing, ykdysadyýet we önümçiligi dolandyryş ugurlarynda) sapaklary boýunça merkezi synag tabşyrmaly.

BDIRU-da 49 ylmy-gözleg laboratoriýalary we bralag toparlary işleýär we şeýle ugurlardan balag alynyp barýar:

Bu ylmy-gözlegde 300-e golaý inžiner-tehnik ugurdan ýokary bilimli işgärler, dogtorantlar, aspirantlar, magistyrlar we dürli ylmy-işler bilen gündizki okuwdan studentleriň 45% gatnaşýar.

BDIRUň 25 ýurtlardan 59 uniýersitetler, gözleg we döwlet gurnamalaryň hyzmatlaşyk ylalaşygy bar. Uniwersistet Wuppertal şäherindäki uniwersiteti (Germaniýa), Akdeňiz uniwersiteti, Marsel şäherindäki uniwersiteti (Fransiýa), Sian tehnik uniwersiteti (Hytaý) we Samara Döwlet Tehniki uniwersiteti (Russiýa) bilen iň rowaçly gatnaşyk saklaýar.
 
BDIRU köp milletli uniwersitet. Hazirki wagytda 29 ýurtlardan gelen 350-ä golaý daşary yurt raýatlary BDIRU-da okaýarlar: Azerbaýjan, Ermenistan, Eýran, Gazagystan, Gruziýa, Hytaý, Iordaniýa, Irak, Izrail, Gyrgyzystan, KHDR, Latwiýa, Litwa, Liwiýa, Liwan, Moldowa, Nigeriýa, Russiýa Federasiýasy, Siriýa, Sudan, Şri-Lanka, Tunis, Türkmenistan, Türkiýe, Ukraina, Wýetnam, Wenesuela, Ýemen. 
Ylmy-gözleg we ylmy-tehniki önüm Hytaý, Hindistan, Germaniýa, Liwiýa, ABŞ, Polşa, Italaýa, Günorta Koreýa resupblikasy, KHDR, Slowakiýa, Russiýa, Ukraina, Wenesuella ýurtlary uçin öndürilýar. Uniwersitetiň ylmy-tehniki gözleg enjamlary Merkezi radiýo elektonik geçirmeler saýtynda görkezilendir.

Uniwersitet halakara taslamalara we programmalara gatnaşýar: Birlik Döwlet, EB 7-nji Karkas programmasy, Ewropraktiks, Halkara ylmy we tehniki merkezi, Fransiýa gözlegini goldaýan jemgiýeti, Germaniýaň ylmy jemgiýeti (DFG), Dünýa alymlaryň federasiýasy, Germaniýaň akademiki çalyşmalaryň gullugy (DAAD), Matsumaýaň Halakara fondy, Halakara tehniki hünärli studentlatyň çalyşmasy bileleşigi (IAESTE)

BDIRU halkara ylmy we tehniki konferensiýalaryň, nanotehnikalary, nusgany tanama, informasiýa howpsuzlyk we şoňa meňzeş barada seminarlaryň guramaçysy bolýar, şol sanda:

Täzelikçiligi we studentleň praktika türgenleşigi berkitmek üçin BDIRU-da okuw we gözleg üçin häzirki zaman enjamlary bilen üpjin edilen laboratoriýalary bar. Häzir BDIRU-da şolar ýaly 23 laboratoriýalar işleýär.

BDIRU-nyň Kitaphanasy 1964-nji ýylda Belorussiýanyň Politehniki Institutyň (häzirki Belorussiýanyň Milli Tehniki Uniwersiteti BMTU) kitaphanasynyň esasynda döredildi. Meýdany: 1821.12 m² we 4 okuw jaýlarynda we 1-nji student obşitinde ýerleşýar.

BDIRU studentleň we işkärleň konkurs programmalary, edebi we sungat festiwallaryny gurnaýar. Däp bolanlary:

Her ýyl nepislik we artistlik ugurtapyjylyk konkursy geçirilýar: “Jenap BDIRU” we “Hanym BDIRU”
Studentler öz zehinini görkezmäge 44 sungat kollektiwlerine girip bilýar. Bu kollektiwler halkara we döwlet festiwallar tarapyndan diplom hem şahadatnama baýraklaryna eýe boldylar:

Olimpiýa oýunlarynda göreşde 3 gezek ýeňiji bolan, Belarus Respublikasynyň Milli Olimpiýa Komitetiniň Wise-Prezidenti, Belorussiýanyň Göreş Federasiýaň Prezidenti, Hormatly Minsk şäheriniň raýaty Aleksandr Medwed BDIRU-da sport kämilliginiň bölüminiň başlygy bolup işleýar.




#Article 285: Agahan Durdyýew (123 words)


Türkmen sowet edebiýatynda uly yz galdyran Agahan Durdyýew Tejen etrabynyň Ikinji Babadaýhan obasynda 1904-nji ýylda eneden bolýar. Olaryň maşgalasy garyp ýagdaýda güzeranyny zordan dolandyrypdyr. Ol bary-ýogy iki ýaşyna ýetende ata-enesinden mahrum bolýar. Agahana agasydyr, aýal dogany seretmeli bolýar. Şeýlelikde Agahan ýaşlykda zähmete bişişen ýigit bolup ýetişýär. Ol 11-12 ýaşlarynda obada molla gatnaýar, emma ol molla oňa känbir sapak bermeýär. Soňra Oktýabr sosialistik rewolyusiýasy ýeňip üstün çykandan soň, ýerlerde sowet mekdepleri açylýar. Agahan ilkinji gezek sowet mekdebinde okaýar. Soňra 1922-nji ýylda Maryda täze açylan pedtehnikumda okaýar. Ondan soň bolsa Daşkentdäki Orta Aziýa kommunistik uniwersitetine okuwa girýär. Ol şol ýeriniň žurnalistika bölümini tamamlap, Aşgabada gelýär we “Ýaş Kommunist” gazetinde hem “Tokmak” žurnalynda işläp başlaýar. 1942-nji ýylda Agahanyň saglyk ýagdaýy ýaramazlaşýar. Ol 1947-nji ýylda aradan çykýar.




#Article 286: Çary Aşyrow (123 words)


Çary Aşyrow Türkmenistan SSR-niň halk ýazyjysy, front şahyry. Ol 1910-njy dogulýar. Beýik Watançylyk urşunyň başlanmagy bilen ol hem eline ýarag alyp söweş meýdanyna gidýär. Faşistik basybalyjylara garşy atgyr ýaragy, ötgür sözi bilen söweşýär. Şahyr urşuň ilkinji günlerinde “Gylyç alj ele” atly goşgusyny ýazyp türkmen ýigitlerini ähtiýalan duşmana berk gaýtawul bermäge çagyrýar. 1942-nji ýylda “Meniň” atly şygrynda şahyr özüniň söweş meýdanyna ugraýşyny beýan edýär. Bu goşgy şahyryň, şeýle hem watan goragyna aýaga galan ähli ýigitleriň kasamy bolup ýaňlanýar. Çary Aşyrow uruş döwründe “Gahryman” balladasyny, “En şäherinde” atly poemasyny ýazýar. Şahyryň uruş döwründäki döreden eserleri has-da ynandyryjylygy bilen tapawutlanýar, munuň esasy sebäbi şahyryň hut özüniň ganly söweşleriň içinde bolup, eserlerini gözi bilen gören wakalaryny ýazýar. Ol “Ganly Saka” trilogiýasyny, “Yzçy”, “Garry Serdar”, “Ekizler” romanyny ýazýar.




#Article 287: Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň halkara gatnaşyklary instituty (681 words)


Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2008-nji ýylyň 20-nji martynda çykaran Permany bilen döredildi.

Institutyň baş binasy 3 gatdan ybarat bolup, ol rektoratdan hem-de Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa, Halkara hukugy hünärleriniň talyplaryna bilim bermäge niýetlenen okuw otaglaryndan ybaratdyr. Binanyň aşaky gatynda arhiw, lukmançylyk otagy, inžener-tehniki gulluklaryň otagy, köpeldiji merkez ýerleşýär. 1-nji gatda Galkynyş otagy, işgärler bölümi, talyplar bölümi, institutyň jemgyýetçilik guramalarynyň iş otaglary, muzeý, nemes dili kitaphanasy ýerleşendir. Bu gatda 500 adama niýetlenen uly mejlisler zaly, 100 adamlyk protokol otagy hem-de 200 adamlyk kiçi mejlisler zaly ýerleşýär. Mejlisler otaglarynda sinhron terjime üçin niýetlenen kabinalar (otaglar) bar. Binanyň 2-nji gatynda dekanat, interaktiw tagtalar bilen üpjün edilen birnäçe okuw otaglary, daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin lingafon otaglary bar. 2-nji we 3-nji gatda Halkara gatnaşyklary kafedrasy, Halkara hukugy kafedrasy, Dünýä dilleri kafedrasy, Gumanitar we tebigy ylymlar kafedrasy, mugallymlaryň otaglary we abzallaşdyrylan okuw otaglary ýerleşýär. Binanyň 3-nji gatynda rektoryň we okuw işleri boýunça prorektoryň otaglary bar.

Baş binanyň günbatar tarapynda ýerleşen umumy meýdany 10 051 m2  bolan  okuw binasy Halkara ykdysady gatnaşyklary we Halkara žurnalistikasy hünärleriniň talyplary üçin niýetlenendir. Binanyň aşaky gatynda talyplar we mugallymlar üçin naharhana, sergi merkezi, 61 840 tomluk kitaplar saklanýan otag we arhiw bar. 1-nji gatyň sag ganatynda multimediýa enjamlary bilen abzallaşdyrylan okalga zaly, çep tarapda Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasyna degişli ýörite okuw otaglary bar. 2-nji gatyň çep ganatynda halkara ykdysadyýetiniň ösüşini öwrenmek we dünýä ykdysadyýeti boýunça gepleşikleri geçirmek üçin niýetlenen otaglar ýerleşýär. 2-nji gatyň çep ganatynda talyplara döwrüň ösen enjamlary arkaly bilim bermäge niýetlenen okuw otaglary, hususan-da wideo/audio reportažlary taýýarlamagy, kompýuter grafikasyny we fotoreportažy, habarlary taýýarlamagy, audio/wideotimarlaýşy öwredýän ýöriteleşdirilen okuw otaglary, kiçi çaphana we internet otagy hem bar. Bu otaglar belli «SONY», «Panasonic» kompaniýasynyň tehnikalary bilen enjamlaşdyrylandyr. 3-nji gatyň sag ganatynda halkara ykdysady taslamalaryny we maýa goýumlary öwrenmek üçin ýöriteleşdirilen okuw otaglary bar. Ol ýerde şeýle hem ylmy işler boýunça prorektoryň otagy we ylym bölümi bar. Türkmen we daşary ýurt dillerinde dürli temalar boýunça söhbetdeşlikleri guramaklary we alyp barmaklary üçin metbugat-konferensiýalary merkezi, web-saýtlary taýýarlamagy we redaktirlemegi öwredýän otaglar hem talyplaryň hyzmatynda.

Daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmek üçin niýetlenen lingafon, sinhron terjime  otaglary, nemes dilindäki kitaplar ýygyndysy bolan kitaphana bar. Okuw otaglary interaktiw tagtalar bilen üpjün edilendir.

Institutda giň möçberli halkara hyzmatdaşlygy hem alnyp barylýar. Germaniýanyň Bremen uniwersitetiniň, Londonyň Metropoliten uniwersitetiniň, Polşanyň halkara gatnaşyklary institutynyň, Bolgariýadaky amerikan uniwersitetiniň, Wenanyň diplomatiki Akademiýasynyň, ABŞ-nyň Boston uniwersitetiniň we Kolumbiýa uniwersitetiniň Garriman adyndaky institutynyň, Moskwanyň halkara gatnaşyklary döwlet institutynyň (uniwersitetiniň), halkara gatnaşyklary boýunça dünýäniň abraýly ylmy-barlag merkezleriniň hünärmenleri, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzümleriniň, Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň, Gyzyl Haç halkara komitetiniň wekilleri talyplaryň öňünde leksiýalar bilen çykyş etdiler.

Institutyň mugallymlary öz hünär ugurlary boýunça hem-de halkara bilim maksatnamalarynyň çäginde Özbegistanda, Gyrgyzystanda, Gazagystanda, Azerbaýjanda, Türkiýede, Günorta Koreýada, Ýaponiýada, Hytaýda, Malaýziýada, Hindistanda, Päkistanda, Russiýada, Belarusda, Bolgariýada, Polşada, Daniýada, ABŞ-da, Beýik Britaniýada, Awstriýada, Fransiýada, Belgiýada iş we okuw saparlarynda boldular.

Institutyň talyplary ýurdumyzyň edaralarynda degişli tejribelikleri geçýärler. Mundan başga-da, institutymyzda dürli ylmy-amaly maslahatlary, dürli temalardan tegelek stollar we tanyşdyrylyş dabaralary geçirilýär. Institutyň mugallymlary hem-de talyplary ýurdumyzyň habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyşlary guraýarlar.

Institutda talyplaryň okuwyny we sapakdan daşary işlerini, durmuşyny we dynç alşyny guramak üçin zerur şertleriň ählisi döredilendir. Institutyň talyplary ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän dürli olimpiadalarda we bäsleşiklerde, «Ýylyň talyby»,«Talyp joşguny» bäsleşiklerinde işjeň çykyş edýärler.

Halkara gatnaşyklary institutynda talyplaryň beden taýdan sagdynlygyny we sport ussatlygyny ýokarlandyrmak, olaryň saglygyny berkitmek üçin ähli zerur şertler döredilendir. Okuw binasyna ýanaşyk gurlan häzirki zaman sport toplumy bolsa talyplaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklaryna, dürli ugurdan sport ýaryşlaryny geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde 300 adama niýetlenen ýapyk sport zaly, 30 adama niýetlenen türgenleşik zaly, küşt otaglary bar. Institutyň «Älem» talyplar sport kluby tarapyndan sport toplumynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän dürli sport bäsleşiklerine taýýarlanmak üçin zerur bolan türgenleşik işleri we ýaryşlar yzygider geçirilýär.

Baş binadan daşda bolmadyk 248 talyba niýetlenen umumy ýaşaýyş jaýynda talyplaryň ýaşamagy we dynç almagy üçin ähli zerur şertler döredilendir.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň täze binalar toplumy Aşgabadyň binagärlik keşbine öz gözelligi bilen görk berýär. 
HÜNÄRLER
Ýazdyrmak
 
E-mail
Türkmenistanyň Halkara gatnaşyklar instituty daşary ýurt syýasat ulgamy aşagydaky hünärler boýunça belent hünärmenleri taýýarlaýar:

Institutda 6 sany kafedra hereket edýär:




#Article 288: Operatiw huş (152 words)


Operatiw ýat (rus. Оперативная память). Kompýuteriň işläp durýan wagtynda maglumatlary maşynyň ýadynda saklamak üçin ulanylýan ýada operatiw ýat diýilýär. Operatiw ýat operasion ulgamy, programmalary, programmalaryň işleýän maglumatlaryny, şeýle hem aralyk we jemleýji hasaplamanyň netijelerini saklamak üçin ulanylýar. Bu ýat energogaraşly bolanlygy sebäpli, kompýuter öçürilenden soň, operatiw ýatdaky maglumatlar ýitýär. Operatiw ýadyň resmi däl halkara belgisi hökmünde käwagt iňlis sözleriniň gysgaltmasy bolan RAM (Random-access memory) aňlatmasy ulanylýar. RAM gysgaltmasy bu kompýuteriň islendik wagty öz ýadyndaky islendik maglumaty ýadyň islendik ýerinden alyp bilýändigini aňladýar. Operatiw ýat mikroshema görnüşinde ýasalyp, biri-birinden özüniň çalasynlygy, daşky görnüşi, içki gurluşy we gymmaty boýunça tapawutlanýarlar. Operatiw ýadyň mikroshemalarynyň daşky gurluşy iki dürli bolýar: DIMM we SIMM. Olar içki gurluşy boýunça DRAM we SRAM diýilýän topara bölünýärler. Bu iki toparyň tapawudy ýat mikroshemalarynyň çalasynlygynda we gymmatlygynda bildirýär. Kämilleşen we atly-abraýly personal kompýuterleriň içinde DRAM, FPM DRAM, EDO DRAM, SDRAM, DDR SDRAM, SLDRAM we birnäçe beýleki dinamiki ýadyň görnüşleri has meşhurdyr.




#Article 289: Gwineýa (219 words)


Gwineýa Günbatar Afrikada ýerleşýän döwlet. Paýtagty — Konakry. 245857 km2 ilaty 7 mln 600 müň adam. Döwlet dili – fransuz dili. Pul birligi- gwineýa franky. Dini musulmançylyk – 854. döwlet gurluşy – respublika, baştutany prezident 8 welaýata bölünýär.

X-XI asyrda Gwineýanyň köp bölegi Altyn kenaryň düzümine girýärdi. XII asyrda Gana imperiýasy dargady. XIII asyrda onuň ornuna malinha halklary tarapyndan döredilen Mali imperiýasy döredi. Bu ýerde  yslam dini giň ýaýrady. XVI asyra çenli Mali öz kuwwatyny  çaklady. XVII asyrda fulbe döwleti döredi. XIX asyryň ortalarynda fransuzlar bilen fulba serdarlarynyň arasynda göreş başlandy. 1895-nji ýylda Gwineýa Fransuz, Günbatar Afrikasynyň düzümine girizildi. 1904-nji ýylda onuň serhedi dikeldildi. Ol 8 welaýatdan ybarat boldy: Sendan, Mawritaniýa, Gwineýa, Pil çünki kenarlary, Nigera, Dogomeý, Ýokary Wolta.

Birinji jahan urşy döwri Fransuz GünbatarAfrikasy Fransiýanyň azyk üpjün edijisi boldy. Iki jahan urşy aralygynda FGA-sy fransuzlar tarapyndan talanyldy, halky arzan işçi güýji hökmünde talanyldy.

Onda afrikan halkynyň agyr ýagdaýý baradaky mesele ilkinji gezek seredildi. Maslahatda Afrikanyň demokratik bileleşigi atly guramaçy döredi. Ol baknadarlyga garşy göreşýärdi. Bu gurama 1949-1950-nji ýyllarda fransuzlar tarapyndan yzarlanyp, öz işini üýtgetdi. 1957-nji ýylda “Afrikanyň garaşsyzlyk partiýasy” atly gurama döräp, ol diňe Gwineýa däl bütin Afrika özbaşdaklyk berilmegini talap edýär.

Lansano Konte prezident saýlanyldy. 1995-nji ýylyň saýlawynda ýene-de L/Konteniň “Birlik we ösüş” partiýasy ýeňiş gazanýar. 1996-njy ýylda Konte prezident tarapyndan bellenilýän premýer – ministr wezipesini girizdi.




#Article 290: Kot-d’Iwuar (1089 words)


Piliory kenary, Piliory kenary we resmi taýdan Kot-d'Iwuar respublikasy, Kot-d'Iwuar Günbatar Afrikanyň günorta kenarynda ýerleşýän ýurt. Piliory kenarýaka syýasy paýtagty ýurduň merkezindäki oumoussoukro, ykdysady paýtagty we iň uly şäheri port şäheri Abidjan. Demirgazyk-günbatarda Gwineýa, günbatarda Liberiýa, demirgazyk-günbatarda Mali, demirgazyk-gündogarda Burkina Faso, gündogarda Gana we günortada Gwineýa aýlagy (Atlantik ummany) bilen serhetleşýär. Respublikanyň resmi dili fransuz dilidir, Baule, Dioula, Dan, Anyin we Cebaara Senufo ýaly ýerli ýerli diller hem giňden ulanylýar. Umuman, Piliory kenarynda 78 töweregi dürli dil bar. Muslimurtda köp sanly musulman, hristian (esasanam Rim katolikleri) we dürli ýerli dinler bar.

Ilkinji ýazylan taryh Demirgazyk Afrika (Berber) söwdagärleriniň ýyl ýazgylarynda ýüze çykýar, irki Rim döwründen bäri Saharanyň üsti bilen duz, gullar, altyn we beýleki harytlar bilen kerwen söwdasy edipdir. Saharanyň aňyrsyndaky söwda ýollarynyň günorta terminallary çölüň gyrasynda ýerleşýärdi we ol ýerden goşmaça söwda ýagyş tokaýynyň gyrasyna çenli uzalyp gidýärdi. Has möhüm terminallar - Djenné, Gao we Timbuctu - beýik Sudan imperiýalarynyň ösen esasy söwda merkezlerine öwrüldi.

Güýçli harby güýçleri bilen söwda ýollaryna gözegçilik etmek bilen bu imperiýalar goňşy döwletlerde agalyk edip bilipdir. Sudan imperiýalary hem yslam biliminiň merkezlerine öwrüldi. Yslam Günbatar Sudanda Demirgazyk Afrikadan gelen musulman Berber söwdagärleri tarapyndan girizilipdi; köp möhüm hökümdarlaryň imana gelmeginden soň çalt ýaýrady. XI asyrdan başlap, Sudan imperiýalarynyň hökümdarlary Yslamy kabul edip, günorta Piliory kenarýakasynyň demirgazyk sebitlerine günorta ýaýrady.

Sudan imperiýalarynyň iň irki döwürleri bolan Gana imperiýasy, häzirki günorta-gündogar Mawritaniýa we Maliniň günortasy bilen XIV-XIII asyrlaryň arasynda gülläp ösüpdir. XI asyrda kuwwatynyň iň ýokary derejesine ýeten ýerler, Atlantik ummanyndan Timbuktuna çenli uzalypdyr. Gana pese gaçandan soň Mali imperiýasy XIV asyryň başlarynda iň ýokary derejesine ýeten güýçli musulman döwletine öwrüldi. Piliory kenaryndaky Mali imperiýasynyň çäkleri Odieneniň töweregindäki demirgazyk-günbatar burç bilen çäklenýärdi.

XIV asyryň ahyrynda haýal peselmegi içerki düşünişmezliklerden we wassal döwletleriň gozgalaňlaryndan soň, Songhai XIV-XVI asyrlaryň arasynda imperiýa hökmünde gülläp ösdi. Songhai toparlaýyn söweşlere sebäp bolan içerki düşünişmezlikdenem ejizledi. Bu düşünişmezlik, günorta tarap tokaý guşagyna tarap göçüp gitdi. Southernurduň günorta ýarysyny öz içine alýan gür gür tokaý, demirgazykda ýüze çykan iri syýasy guramalara päsgelçilik döretdi. Inhabitantsaşaýjylar obalarda ýa-da obalaryň toparlarynda ýaşaýardylar; daşarky dünýä bilen aragatnaşyklary uzak aralykdaky söwdagärleriň üsti bilen süzüldi. Oba adamlary ekerançylyk we awçylyk bilen meşgullandylar.

Goňşy Gana bilen deňeşdirilende, Piliory kenary gulçulyk we gul reýdini amala aşyrsa-da, gul söwdasyndan az zyýan çekdi. Europeanewropaly gul we söwda gämileri kenarýakasyndaky beýleki ýerleri makul bildi. Ilkinji ýazylan Europeanewropanyň Günbatar Afrika syýahaty 1482-nji ýylda portugaliýalylar tarapyndan amala aşyryldy. Günbatar Afrikanyň ilkinji fransuz şäherçesi Sent-Luis XVII asyryň ortalarynda Senegalda esaslandyryldy, şol bir wagtyň özünde Gollandiýalylar fransuzlara boýun boldy Dakaryň golaýyndaky Gor adasyndaky şäherçe. 1637-nji ýylda Altyn kenar (häzirki Gana) bilen serhet ýakasyndaky Assinie şäherinde fransuz missiýasy döredildi. .Ewropalylar bu döwürde ýerli gulçulyk tejribesini basyp ýatyrdylar we söwdagärlerine söwdany gadagan etdiler.

Emma Assininiň diri galmagy howplydy; fransuzlar XIX asyryň ortalaryna çenli Piliory kenarynda berk gurulmady. 1843–4-nji ýyllarda fransuz admiraly Lui Edouard Bouët-Willaumez Grand Bassam we Assini sebitleriniň patyşalary bilen şertnamalara gol çekip, sebitlerini fransuz goragçysy etdi. Fransuz gözlegçileri, missionerler, söwda kompaniýalary we esgerler fransuzlaryň gözegçiligindäki sebiti lagun sebitinden kem-kemden giňeltdiler. Arassalamak 1915-nji ýyla çenli amala aşyrylmady.

Fransiýanyň esasy maksady eksport önümçiligini höweslendirmekdi. Tiz wagt kenar ýakasynda kofe, kakao we palma ýagy ekinleri ekildi. Piliory kenary, köp sanly ilaty bolan Günbatar Afrikanyň ýeke-täk ýurdy hökmünde tapawutlandy; Günbatar we Merkezi Afrikanyň başga bir ýerinde fransuzlar we iňlisler esasan býurokratlardy. Netijede, fransuz raýatlary kakao, kofe we ​​banan plantasiýalarynyň üçden birine eýe bolup, ýerli mejbury zähmet ulgamyny kabul etdiler.

Baoulyň başlygynyň ogly Feliks Houphout-Boigny, Piliory kenaryndaky garaşsyzlygyň atasy boldy. 1944-nji ýylda özi ýaly Afrika kakao daýhanlary üçin ýurtda ilkinji oba hojalygy kärdeşler arkalaşygy döretdi. Kolonial syýasatyň fransuz ekin meýdanlarynyň eýelerine oňaýlydygyna gahar edip, kärdeşler arkalaşyklary migrant işçileri öz fermalaryna işe almak üçin birleşdiler. Houphouët-Boigny tiz wagtdan meşhurlyga eýe boldy we bir ýylyň içinde Pari indäki Fransuz mejlisine saýlandy. Bir ýyldan soň fransuzlar mejbury zähmeti ýatyrdylar. Houphout-Boigny, Piliory kenarýakasynyň ençeme ýyllap eden gatnaşyklaryndan peýdalanjakdygyna ynam bildirip, Fransiýanyň hökümeti bilen berk gatnaşyk gurupdy. Fransiýa ony ministr edip, Europeanewropa hökümetinde ministr bolan ilkinji afrikaly etdi.

Garaşsyzlyk döwründe (1960) bu ýurt Fransiýanyň Günbatar Afrikasynyň iň gülläp ösýän ýeri bolup, sebitiň umumy eksportynyň 40% -inden gowragyny goşdy. Houphouët-Boigny ilkinji prezident bolanda, hökümeti daýhanlara önümçiligi hasam höweslendirmek üçin önümleri üçin gowy bahalar berdi, bu töwerekdäki ýurtlardan işçileriň ep-esli göçmegi bilen hasam güýçlendi. Kofe önümçiligi ep-esli ýokarlandy we Piliory kenaryny dünýä önümçiliginde Braziliýadan we Kolumbiýadan soň üçünji ýeri eýeledi. 1979-njy ýyla çenli bu ýurt dünýäde kakao öndürijisi boldy. Şeýle hem, ananas we palma ýagyny Afrikanyň öňdebaryjy eksportçysy boldy. Fransuz tehnikleri Iwoirian gudratyna goşant goşdular. Beýleki Afrika ýurtlarynda adamlar garaşsyzlykdan soň ýewropalylary kowup çykardylar, emma Piliory kenaryna girdiler. Fransuz jemgyýeti garaşsyzlykdan ozal 30,000-den 1980-nji ýylda 60 000-e ýetdi, köpüsi mugallymlar, ýolbaşçylar we geňeşçiler. [42 ] Ykdysadyýet 20 ýylyň dowamynda her ýyl 10% töweregi ösüş depginini saklady - bu Afrikanyň nebit eksport etmeýän ýurtlarynyň iň ýokarysy.

Houphouët-Boigniniň bir partiýaly dolandyryşy syýasy bäsdeşlik üçin amatly däldi. 2000-nji ýylda Piliory kenarýakasynyň prezidenti boljak Laurent Gbagbo, “Front Populaire Ivoirien” -i esaslandyryp, Houphou-Boigniniň gaharyny getirenden soň, 1980-nji ýyllarda ýurtdan gaçmaly boldy. Houphout-Boigny, saýlamagyny dowam etdirýän ilata giňden ýüzlenmegine esaslandy. Uly taslamalary ösdürmäge berýän ünsi sebäpli tankyt edildi.

Köpler öz obasy oumoussoukrony täze syýasy paýtagta öwürmek üçin sarp edilen millionlarça dollaryň biderek bolandygyny duýdular; beýlekiler onuň merkezinde parahatçylyk, bilim we din merkezini döretmek baradaky pikirini goldadylar. 1980-nji ýyllaryň başynda dünýädäki çökgünlik we ýerli guraklyk Iwoýriýanyň ykdysadyýetine şok tolkunlaryny iberdi. Agaçlaryň aşa köp bolmagy we şekeriň bahasynyň pese gaçmagy sebäpli ýurduň daşarky karzy üç esse ýokarlandy. Abidjanda jenaýat ep-esli ýokarlandy, sebäbi obalylaryň sany çökgünlik sebäpli ýüze çykan işsizligi güýçlendirdi.

Gozgalaňçylar ýene Abidjana tarap hereket etjekdikleri bilen haýbat atdylar we Fransiýa öňe gitmek üçin ýurtdaky bazasyndan goşun iberdi. Fransuzlar öz raýatlaryny howpdan goraýandyklaryny aýtdylar, ýöne olaryň ýerleşdirilmegi hökümet güýçlerine-de kömek etdi. Fransuzlaryň iki tarapa kömek edýändigi hakykat hökmünde kesgitlenmedi; emma her tarap fransuzlary garşy tarapy goldamakda günäkärledi. Uzak möhletde fransuz hereketleriniň ýagdaýy gowulaşdyrandygy ýa-da erbetleşendigi jedelli. Şol gije bolup geçen zatlar hem jedelli. Hökümet ozalky prezident Robert Guäniň agdarlyşyk synanyşygyna ýolbaşçylyk edendigini öňe sürdi we döwlet telewideniýesi onuň jesediniň köçede suratlaryny görkezdi; Garşy çykýan aýyplamalarda onuň we başga-da 15 adamyň öýünde öldürilendigi, jesediniň bolsa jenaýat jogapkärçiligine çekilmegi üçin köçelere çykarylandygy aýdylýar. Alassane Ouattara Germaniýanyň ilçihanasyna pena berdi; öýi ýandy. Prezident Gbagbo Italiýa saparyny gysgaltdy we gaýdyp geleninde telewideniýede eden çykyşynda gozgalaňçylaryň käbiriniň daşary ýurtly migrant işçileriň ýaşaýan kiçijik şäherlerinde gizlenýändigini aýtdy. Endandarlar we hüşgärler müňlerçe adamyň öýlerini gabadylar we ýakdylar, ýaşaýjylara hüjüm etdiler.

Demirgazyk ilatynyň köpüsiniň goldawyna eýe bolan gozgalaňçylar bilen irki ýaraşyk gysga möhletli boldy we kakao ösdürip ýetişdirýän esasy sebitlerde söweş başlandy. Fransiýa atyşygyň araçägini saklamak üçin goşun iberdi, Liberiýadan we Sierra Leondan söweşijiler we söweşijiler ýaly söweşijiler günbataryň käbir ýerlerini basyp almak üçin krizisden peýdalandy.




#Article 291: Mawritaniýa (495 words)


Mawritaniýa Günbatar Afrikadaky Atlantik ummanynyň kenarynda ýerleşýän ýurt. Afrikada on birinji uly özygtyýarly döwlet bolup, günbatarda Atlantik ummany, demirgazykda we demirgazyk-günbatarda Günbatar Sahara, demirgazyk-gündogarda Aliair, gündogarda Mali we günorta-günbatarda Senegal bilen serhetleşýär.

Itsurt öz adyny miladydan öňki 3-nji asyrdan biziň eramyzyň VII asyryna çenli häzirki Marokkoda we gündogar Aliairde bar bolan gadymy Berber şalygyndan alýar. Mawritaniýanyň ýerleriniň takmynan 90% -i Saharanyň çäginde; şonuň üçin ilat ýagyş birneme ýokary bolan günortada jemlenendir. 2008-nji ýylyň 6-njy awgustynda general Muhammet Ould Abdel Aziziň ýolbaşçylygyndaky harby agdarlyşykda hökümet agdaryldy. Paýtagt we iň uly şäher, ýurduň 4,4 million ilatynyň üçden birine golaýy bolan Atlantik kenarynda ýerleşýän Nuakçottdyr. 2009-njy ýylyň 16-njy aprelinde Aziz ýeňiş gazanan 19-njy iýulda geçiriljek saýlawlarda prezidentlige dalaş etmek üçin harby gullugyndan çekildi.

Gämi duralgasynyň demirgazyk çetlerinde ýerleşýän Çinguetti şäheri 777-nji ýylda esaslandyryldy we XI asyra çenli Iẓnagen ýa-da Sanhaja, Konfederasiýa diýlip atlandyrylýan Berber taýpalarynyň konfederasiýasynyň söwda merkezine öwrüldi. Söwda ýollarynyň çatrygyndady. Çinguetti ýerleşdirenden kän wagt geçmänkä, Sanhaja ilki bilen Abdallah ibn inasin tarapyndan wekilçilik edilýän Almorawidler bilen birleşdi we birleşdi. Almorawidler ahyrsoňy häzirki Senegaldan Ispaniýanyň günortasyna (al-Andalus, häzirki Andalusiýa diýlip atlandyrylýan) imperiýa gözegçilik ederdi. Şäheriň ajaýyp bezelen binagärçiligi, Günbatar Magrebde sünni yslam dininiň malik däp-dessuryny ýaýradýan Almorawidleriň berk dini ynançlaryny görkezýär.

Beýleki halklar hem Saharanyň günortasyndan Günbatar Afrika göçüpdirler. 1076-njy ýylda Almorawidler gadymy Gana imperiýasynyň uly meýdanyny basyp aldy. Çar Bouba söweşi (1644–74) halklaryň Yemenemeni Makil arap basybalyjylaryny ýok etmek üçin şowsuz gutarnykly tagallasy boldy. Basybalyjylara Beni Hasan taýpasy ýolbaşçylyk edipdir. Beni Hasan söweşijileriniň nesilleri Muruş jemgyýetiniň ýokarky gatlagyna öwrüldi. Adyny Beni Hasandan alýan beduin arap şiwesi Hasaniýa, esasan çarwa ilatyň arasynda agdyklyk edýän dile öwrüldi.. Käbir maglumatlara görä, müňlerçe Mawritanlylar henizem gul edilýär. 1964-nji ýylda ilkibaşda fransuzlar tarapyndan gurlan Prezident Moktar Ould Daddah awtoritar prezident re regimeimini gurup, täze konstitusiýa bilen bir partiýaly döwlet hökmünde resmi taýdan tassyklandy. Daddahyň “Parti du Peuple Mauritanien” (PPM) bir partiýaly sistemada dolandyryjy gurama boldy. Prezident muny Mawritaniýanyň günbatar görnüşindäki köp partiýaly demokratiýa taýyn däldigini öňe sürdi. Bu bir partiýaly konstitusiýa laýyklykda, Daddah 1976-njy we 1978-nji ýyllarda geçirilen bäsdeşliksiz saýlawlarda gaýtadan saýlandy.

Daddah 1978-nji ýylyň 10-njy iýulynda gansyz agdarlyşykda agdaryldy. Ol Uly Mawritaniýa döretmek synanyşygy hökmünde Günbatar Saharanyň günorta bölegini anneksiýa etmek üçin betbagtçylykly söweş sebäpli ýurdy dargatdy.

Polkownik Mustafa Ould Salekiň CMRN huntasy güýçli güýç bazasyny döretmäge ýa-da Sahrawi garşylyk hereketi, Polisario fronty bilen durnuksyzlaşdyryjy konfliktden ýurdy çykaryp bilmejekdigini subut etdi. Çalt ýykyldy, ýerine başga bir harby hökümet CMSN çalyşdy.

Güýçli polkownik Muhammet Khouna Ould Haidallah tiz wagtdan güýçli adam hökmünde ýüze çykdy. Günbatar Sahara baradaky ähli talaplardan ýüz öwrüp, Polisario bilen parahatçylyk tapdy we esasy goldawçysy Al Algerir bilen gatnaşyklary gowulaşdyrdy. Emma konfliktiň beýleki tarapy Marokko we Europeanewropadaky ýarany Fransiýa bilen gatnaşyklar ýaramazlaşdy. Durnuksyzlyk dowam etdi we Haýdallanyň ägirt uly reforma synanyşyklary esaslandyryldy. Onuň re regimeimi döwlet agdarylyşygy synanyşyklary we harby guramanyň içindäki hyjuwlar bilen başdan geçirildi. Garşydaşlaryna garşy alyp barýan berk we barlyşyksyz çäreleri sebäpli barha çekeleşdi; köp dissident tussag edildi, käbirleri jezalandyryldy. 1981-nji ýylda gulçulyk kanun tarapyndan resmi taýdan ýatyryldy we Mawritaniýa dünýäde iň soňky ýurt boldy.




#Article 292: Isaak Nýuton (279 words)


  
Isaak Nýuton beýik iňlis matematigi, fizigi we astronomy.

(iňlis dilinde – Newton Isaac) (4.1. 1643, Wulstorp, Grantemanyň ýakynynda, Angliýa – 31.3. 1727, Kensington, Angliýa) Mehanikanyň we astronomiýanyň teoretiki esasyny döreden, bütindünýä dartyş kanunyny açan, differensial we integral hasaplamany (G. Leýbnis bilen bir hatarda) işläp düzen, zerkal teleskopy oýlap tapan iňlis fizigi we matematigi. Ol optikadan möhüm eksperimental işleriň hem awtorydyr. Nýuton fermeriň maşgalasynda dogulýar. Nýutonyň kakasy onuň dünýä inmeginiň önüsyrasy aradan çykýar. 12 ýaşynda Nýuton Grantem mekdebinde okap başlaýar. 1661-nji ýylda Kembrij uniwersitetiniň Triniti kollejine subsaýzer (gazanç üçin kollejdäki ýumuşlary ýerine ýetirýän garyp talyp) hökmünde girýär. Bu ýerde onuň mugallymy belli matematik I.Barrou bolupdyr. 1665-nji ýylda Nýuton uniwersiteti gutaryp, bakalawr ylmy derejesini alýar. Ol 1665-1667-nji ýyllarda differensial we integral hasaplamalary döretmegiň esasy ideýalaryny jemleýär, zerkal teleskopy oýlap tapýar, bütindünýä dartyş kanunyny açýar we ýagtylygyň dargamagy baradaky tejribäni geçirýär. 1668-nji ýylda Nýuton magistrlik derejä mynasyp bolýar. 1669-njy ýylda Barrou oňa fizika-matematika kafedrasyny berýär we Nýuton onda 1701-nji ýyla çenli işleýär. 1687-nji ýylda Nýuton “Natural filosofiýanyň matematiki başlangyçlary” diýen uly işini çap edýär. 1699-jy ýylda
zikgehananyň ömürlik müdiri bolýar. Ol şol ýylda Pariž Ylmy Akademiýanyň daşary ýurtly agzasy bolup saýlanylýar. Nýuton iňlis milli panteonynda jaýlanýar. Nýutonyň ylmy döredijiliginiň iň ýokary belentligi “Başlangyçlardyr”. Onda Nýuton özünden öňki
alymlaryň (G.Galileýiň, I.Kepleriň, R. Dekartyň, H. Gýuýgensiň, J.Borelliniň, Gukuň, E.Galleýiň we başgalaryň) işlerini we öz hususy barlaglarynyň netijelerini jemleýär. Şeýlelikde, ol birinji gezek ýer we asman mehanikasynyň ýeke-täk düzgünleşdirilen bitewi sistemasyny döredýär. Ol sistema soňra tutuşlygyna klassyky fizikanyň esasyny düzýär. Nýutonyň bütin ömründäki işleriniň netijeleri onuň “Natural filosofiýanyň matematiki başlangyçlary”, “Tükeniksiz köp agzaly deňlemeleriň kömegi bilen analiz”, “Flýuksiýa metody…”, “Egrileriň kwadraturasy barada oýlanma”, “Üçünji tertipli egrileri sanamak”, “Ählumumy arifmetika”, “Tapawutlar metody” we ş.m. işlerinde jemlenendir.




#Article 293: Kompýuter Tehnologiýasy (1125 words)


Amerikanyň Birleşen Ştatlaryň harby merkezi bolan Pentogondaky işleýän ylmy alymalar  janly adamyň  beýnisine meňzeş kompýuter döretdi.
Bakylyk hakynda arzuw edýän adamlar, haýwanat dünýäsine bizi kowjak täze swilizasiýany döretjekler

Adamzada reýal howpy baradaky temada Orsýetiň „Komsomol“ gazýetiniň krospendenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň milli aýrokosmiki agenstwanyň ylmy barlag professory Aleksandr Blonkin bilen söhbet.

Aleksandr Aleksandrowiç, adamzat bakylyk barada arzuw edýär.Ýöne 10-20 ýylda näme boljakdygynyň mümkünçiligini Sizden başga hiç-kim öňünden aýtmandy, medesina optimizimi az berýärmi ?

Adamzat ýaşyny uzaltmak üçin özüniň saglygynyy tä dörtden bir bölegine çenli sarp edýär. Lukmanlaram netije gazandylar. Däri-derman döretdiler, organlary ýasap-oýlap we otyrtmany öwrendiler. Soňky 200 ýyl bäri orta ýaşyň dowamlygyny iki esse galdy. Näme aýtsagam bu çykgynsyz ýagdaý.
Näme üçin, biologlaryň habar bermeklerine görä ýaşyňy uzaltýan mäzi bölüp aldylar, ol kletkasyňyň bölünmegine jogap berýär. Olaryň aýtmaklaryna görä onuň bölünýän kletkasy bakylygy döretýär.
Kletkanyň bölünmegniň bes edilmegi(togtatmagy) goramak mehanizimiň ilkinji şerti däldir. Siz awtomobiliň motoryny çalşyp bilersiňiz, ýöne bary-ýogy başga mehanizimleri tapdan çykýar. Ýaşaýşy 5-10 ýyla çenli dowam etmek mümkin. Bir goşun pensiýonerleri jemgiýet aldy  diýäýmeseň, bu hemmesi üçin gowydyr. Bolsada umumuy organizimiň garramasy ölüme sezebar bolmak bilen biologiki çäklenmesi gadam basýar.

Bakylyga nähili ýol görünýär ?

 Döwülüp ýok bolup gitjek, janyň biologik molekularyny ýarym gejiriji çiplere çalyşmaly, olar kisloroda mäteçlik çekmeýär we gerek bolsa müň ýyla dagy çekip biler

Bu birhilek fantastika görnüşli eşdilýär. Silikon çipleriň biziň janly sypatymyz  bilen nähilek gatnaşygy bar. ?

Adam beýnisiniň modelini kompýutelerde döredip bolýar. Şonuň ýaly tejribäni Britan alymy Worwik geçirýär. Ol „ýedi gnom“ (garsaky adamlar) atly öz-özi hereket edýän mini robotlaryň gruppasyny döretdi. Massaçuset  Tehnologik Institutynda Bruk diýen alym, atly ýaşly çagaň fiziki we akyly ukyply, başarnykly modelini döretmekde işlejek bolýar. Ol bir topar  intlektli, adamsypatly robatlaryň „atasydyr“. Olaryň ýeke bir elektron gözleri, gulaklary elleri bilen çäklenmän, şertli reflekslerini öwrenmeklerde ukyby bar.

Bu onda bakylyk ýalyda ?

Howa, şeýlelikde adam kopiýasyny wagtyň täsiriniň astynda döretmek mümkündir, şonuň ýaly ýaş uzaltmalar, degme şeýle formada bolaýsyn onuň islegi gutarmazmykan öýtýärin.

Haçan adam-robatlar ýüze çykyp ugrar we olaryň sany ňäçe bolarka ?

Ilki bilen munuň ýaly transformasiýa 10 million dollara çenli çykdaýjylar we ol ýeke gaty baý adamlara ýeterlikli bolar. Ýöne 2020 ýyla çenli adam-ekwiwalent çipli we özi hereket edýän teniň bahasy şeýle bir gaçar welin, ösüp barýan döwletlerde-de almak başardar. Şondan soňra 10-15 ýyl bakylyk miwesini hemme planetanyň adamlary dadyp görer.
Diýmek geljekde, ýerde elektron beýnili akyldy jandarlaryň we mehanki bedenli, Siziň aýtmagyňyza görä, E-jandarly robot barlyklaryň  döredilmegine ýüze çykmagy mümkin. Olaryň biologik gabykda ýaşaýanlar we şol biologik şertde galjaklar bilen nähilek gatnaşykda bolarlar.
Ilki bilen oňuzmaça bolar. Haýsam bolsa bir duýgy bilen biýologik çagalaryny ýatlap bilýän elektron kopiýaly ene-atalary bolar. Haýsam bolsa bir wagyt, bileräk ýaşaýmaklaram ahmal ýöne geljekdäki perspektiwada-häzirki şu siwilizasiýanyň soňy bolar.
Näme üçin? Adamzadyň gündäki problemalaryny üstüne alyp durmuşda aladasyz, lezzet almaklygy berýän akylly robotlar barada arzuw edýär ahyryn !
Ol ynanjaňlyk azaşmaklakdadyrlar, E-robot barlyklar biraz kämil bolarlar. Olara iýmit, suw, howa gerek bolmaz. Adamlaryň 10-ýyldaky  bilimini  olar göz-açyp ýumasy edinerler . Olar baky bolup, döwülen, lagşan ýerlerini aňsatlyk bilen çalşarlar. Olar ýerde we kosmosda ýerlerini üýtgetmelerini fiziki hereketsizlikde bolar, maglumatlayny bir çipden bir çipe ýazmaklyk, ýeterlikli bolar. Adamlar olara garanyňda, pes jynslardan bolup görnerler.

E-barlyklar-robot özüniň biýologik ata-babalaryna hormat goýmaklyk borjy duýulmazda?

Biziň häzirki janly dünýämiz–biziň ata-babalarymyzdyr. Adam şekilli maýmynlar biziň ýakynrak garyndaşymyz biz şolary hormatlamaga taýynmy ?

Ewalýusiýanyň kanuny şeýle, pes derejeli akyldar jandarlar gaçyp gutulmasyz- beýik derejeli akyldarlarlaryň guly ýa-da oňa hyzmat etmeli bolýar. Biziň bagtymyza daşary planetanyň adamalary gelenok. Ony ýeke, örän uly derejä ösüp giden siwilizasyýadakylar edip biler we biz olaryň gaçyp gutulmasyz guly bolarys.
E-barlyk robatlar, aň-pikirde uly özgerişler tizligi bilen böküp, bizi özüne deň etmeklikde hasap etmesini goý bolsyn ederler.
Küştçi Kasparowy kompýuter sensasiýion ýeňenden soňra, öz reputasiýasyny hasam berkedenem bolsa, komputerlleriň intellektnini göz öňüne getirmek örän kyn.
Şu günlere çenli, kuwwatly komputerler 40-dan 60 milliona çenli neýronly modelini döredildi. Ol çak edilmegine görä 200 esse adam beýnesinden gowşakrakdyr. Ýöne komputerler şeýle bir çalt täzelenip gurulýar welin, ynha ýene-de bäş ýyldan arasy üzülen ýerlerini tiziräk doldyrarlar.

We şonda adam beýnesiniň elektron taslamalary (görnüşleri) dörär ?

Bar gepem şonda-da, ýöne bir taslama ýa-da model dälde, eýsem konkret adamyň  beýnisiniň analogynyň  kopiýasydyr. ABŞ-yň goranmak ministrligi eýäm näçe ýyllar „Kompýuter Maugli „ diýen proýektiň üstünde işlenýär. Şol proýekte gatnaşyjylaryň biri, Stim Roýleriň aýtmagyna görä Sid diýen täze dogyp ölen çagaň beýnesini 60 % prosent neýronlaryny skanirlenýär. Sid öldi, ýöne onuň elektron beýnisi ösmäge we özgermäge başlady.

Ene atasy oňa nähilek garady ?

Ejesi rahatyrak, Kakasy ilki bilen gazaply boldy we ol elektron beýnini ýok etmekligi talap etdi, ýöne olam soňra köşeşdi.
Ylmy-barlagçylar, kompýutere wirtual hakykatlygy ýagny surat şekilini sistema otyrdylar. Çagany üç ölçegli surat şekilde görüp bolýar we onuň sesini eşidip gepleşibem bolýar. Indi onuň ata-eneleri janly çaga sereden ýaly aladalanýarlar.
Geň göräýmeli, ýöne Sid hakynda hiç hili maglumata eşdemzok  we ol hakynda  gürlänoklara ?.

Amerikanlar proýektiň jikme-jik ýerini görkezmän syrly saklaýarlar. Bu düşnükli zat, sebäbi gep-gürrüň adamzadyň ykbaly barada gitýär. Alymlar çüýşeden jyny goýberer öýdüp gorkýarlar. Ýöne belli bolşy ýaly, hiç-hili syry  köp ýylyň dowamynda saklap bilmezler.
Diýmek elektronly Sidden soň uly adamlaryň computer kopiýasy bolmalyda ?

Howa, ýene 10 ýyldan ýa-da bir näçe ýyldan, islendik adamlaryň aňy, onuň ýatkeşligi, huşy, pikiri, endikleri-silikon çipler görnüşde döretmek mümküňçilikler bolar.

Ola beýni, a beýleki bedenleriň böleklerini nätmeli bolar. ?

Robatlaryň tenini islendik forma görnüşde ýasap bolar. Bu bolsa mehanikleriň işi. Gerek bolsa, islegiň boýunça ony biologik nusga meňzeş görnüşde ýasamak mümkündir. Oňa ham, täze ýüz keşbi, göz, burun  aý garaz ol islegiň modosyna baglylykda döredip bolar.
Gerek bolsa, biz olara peýdaly bolsak öňat hasap ederler, päsgel bersek bizi ýok etmekden gaýtmaz. Adamzadyň günleri rezerwasiýa we haýwanat dünýäsinde gutarar.
Biz olara öý haýwanlary bolmak mümkünçiligi ýokdyr, çünki robatlar onuň ýaly zada mätäçlik çekmez. Sebäbi E-barlyk robatlara daşky gurşalyp alynan sreda ýagny güne ýagyşa, howa zerur bolmaz, olaryň çipine gerek bolan minerallary gözläp tapmak üçin, ýerleri çöwürüp ugrarlar welin janly jandardan zat galmaz we ýitip gitmegine sezebar ederler.

Eger-de öňünden aýtmalar (prognozlar) garaňkylyk bolsa, robatlaryň çozmagyna päsgel ýa-da olary duzyrmak üçin we biziň siwilizasiýamyzy uzaltmak üçin, Adamzat güýjini birleşdiräýende bolanokmy ?

Ylmyň we tehnikanyň progressini ýatyrmak asla mümkün däldir. Döwlet ony togtatsa, başga güýçli ösýän döwletleriň eline geçeýmegem mümkündir. Şonuň üstünden işleýän ylmy-barlaglara sylag berip, özünüň bakylygy we dünýäsiniň üstünden häkim sürjek aladaly diktator hemişe tapylar.

Ýöne e-robatly adamlaryň üstünde kontrol etmek synaşygyň mümkünçilikleri bolara ?

Geliň onda adam sypatly maýmynlara adamlary control etmekde olara hukuk bereli. Adamyň akyly bilen, ugrytapyjylygy bilen hemişede ýeňiji bolup galar. E-beýneli robot barlyklar bizi şeýtmeklikde hiç-hilek esasa müňkürlük etmek şek şübhe ýokdyr.
Beýik Paýhasly ýaradanyň döreden biologik basgançak rolyny ýerine ýetirip Adamzat ýerdäki wekilçiligini tamamlar.
Bizi köşeşderýän pikir şeýle bolmaly ýagny, biz Galaktikada ýeke-täk we belkem älem jahanda elektron swilizasiýany dörediler we olaryň, ýagny E-barlyklaryň, Ýeriň çäginden çykyp gitmek we geljekdäki kosmiki kataklizimlerde bize görä olaryň örän uly mümkinçilikleri bardyr diýen umyt bardyr.

Terjime eden Şasöýin Ýasawi




#Article 294: Wenesuela (354 words)


Wenesuela (), resmi ady — Boliwar Wenesuela Respublikasy () — Günorta Amerikanyň demirgazygynda döwlet. Demirgazykda kenarýakasyny Karib deňzi we Atlantik okean ýuwýar, ol gündogarda Gaýana, günortada Braziliýa we günbatarda Kolumbiýa bilen serhetleşýär.

Wenesuela Günorta Amerikada ýerleşýän döwlet. Ol günbatar we günorta-günbatarda Kolumbiýa, günorta we günorta-gündogarda Braziliýa, gündogarda Gaýano bilen araçäkleşýär. Ýurduň demirgazyk bölegini Karip deňzi ýuwýar.
            

Ýurtda tropiki klimat agdaklyk edýär. Wenesuelanyň geografiki ýerleşişi şeýleräk: demirgazyk-günbatarynda And daglary we Marakaýbo düzlügi, merkezinde baýyrlyklar we günorta-gündogarynda Gaýano daglyk ýerleri tutýar. Iň pes ýeri: Karip deňzi, iň beýik gerşi: Boliwar gerşi 5007 metr. Ýurduň esasy tebigy baýlyklary: nebit, tebigy gaz, altyn, boksit we beýleki gymmat bahaly daşlar. Şeýle hem bu ýurtda dünýäniň iň uly we tebigy ajaýyplygy boýunça hemmeleri haýran galdyrýan şarlawuklar bar.
             

Soňky maglumatlara görä, ýurtda 26 milliondan gowrak adam ýaşaýar. Ilatyň ortaça ýaş dowamlylygy 73,28 ýyl. Ýurduň ilaty ýylda 1,486 göterim köpelýär. Takmynan her maşgala 2,55 çaga düşýär. Ilatyň agramly böleginde ýewropalylaryň nesilleri ýaşaýar. Olar ispanlar, italýalylar we portugaliýalylar. Şeýle hem ýurtda arap, afrika milletli halklar hem ýaşaýar. Ilatyň uly bölegi hristiýan dininiň katolik mezhebine uýýar. Wenesuelanyň döwlet dili ispan dilidir. Mundna başga-da, ýurtda birnäçe şiwe dilleri hem ulanylýar.
             

Wenesuela – federatiw respublikadyr. Döwlet federal okrugdan we 22 ştatdan durýar. Döwlet baştutany – prezident. Kanun çykaryjy organy – iki palataly milli kongres.
           

Ýurduň ykdysadyýetiniň esasyny nebit we dag magdany düzýär, şeýle hem nebiti gaýtadan işleýän senagaty, himiýa, gara metallurgiýa we maşyn gurluşyk pudaklary has ösen. Ýurduň azyk senagaty we dokma kärhanlary hem çalt depginlerde ösýär. Oba hojalygynda ekerançylyga uly ähmiýet berilýär. Wenesuela daşary ýurtlara nebit, boksit, himiýa senagaty we oba hojalyk önümlerini satýar. Esasy daşary ýurtly hyzmatdaşlary: ABŞ, Porto-Riko, Kolimbiýa, Braziliýa, Ýaponiýa, Germaniýa, Gollandiýa, Italiýa we Hytaý. Wenesuela şol birwagtyň özünde daşary ýurtlardan ulag we olaryň şaýlaryny, hojalyk harytlaryny satyn alýar.
 

Ýurtda 72 sany tropiki ada bar. Olar ýörite deňiz syýahatçylygy üçin döredilen ýaly ýaýlyp ýatyr. Porlamar şäheri ýurduň esasy deňiz şypahana merkezi hasaplanýar. Merida ştatynda ýurduň iň beýik gerşi bolan Boliwar ýerleşýär. El-Dorado goraghanasy, Kanaýma, Serraniýa-de-Neblin, Haua-Sarisarinama ýaly milli seýilgähleri özüniň tebigy ajaýyplygy bilen hemmeleri özüne bendi edýär. Bu tebigy ajaýyplyklar döwlet tarapyndan goralýar.

Esasy baýramçylylgy: 5-nji iýul – Garaşsyzlygyny yglan eden güni.




#Article 295: Buraw wyşkasy (103 words)


Buraw enjamy ýer gatlagynda deşik (adatça buraw sütüni diýlip atlandyrylýar) we/ýa-da sütün emele getirýän enjamdyr. Buraw enjamlary suw, nebit ýa-da tebigy gaz alynýan guýulary burawlamak üçin ulanylýan ägirt uly toplum ýa-da bir adam tarapyndan süýşürilip bilinjek derejedäki kiçiräk enjam bolup bilýar. Bular ýeriň aşagyndaky mineral känleri, gaýalary, topragy we ýerasty suwlaryň fiziki aýratynlyklaryny derňemek, şeýle hem ýerasty toplumlary, gurallary, tunelleri gurmak we guýulary gazmak üçin hem ulanylyp bilinýär. Buraw enjamlary ulaglara, tirkeglere birikdirilip hereket etdirip bolýan ýa-da gury ýeriň ýüzündäki ýa-da deňizdäki gozganmaýan desgalara (özünde buraw enjamy bolmasa hem adatça 'deňizdäki nebit buraw enjamlary' diýlip atlandyrylýan nebit platformalar) berkidilip bilinýän toplumlar bolup bilýär.





 



#Article 297: Singapur (161 words)


Singapur Respublikasy (; ; ;  Ciŋkappūr Kudiyarasu) — Günorta-Gündogar Aziýada bir adada ýerleşýän şäher-döwlet, ol Malakka ýarymadasynyň günorta çetinden insiz Johor bogazy arkaly bölünip aýrylýar. Ol Malaýziýanyň düzümine girýän Johor soltanlygy hem-de Indoneziýanyň düzümindäki Riau adasy bilen serhetleşýär.

Taryhy. Singapur baradaky ilkinji ýatlamalar III asyrdaky hytaý ýazgylarynda bar.  ada Şriwidjaýa imperiýasynyň daýanç nokady bolup, merkezi Sumatrede bolupdyr we Tumasik diýip ýawan adyny göteripdir. Tumasik belli bir wagtda esasy söwda merkezi bolupdyr, emma soň çöküp galypdyr. Bu şäher barada arheologiki tapyndylardan başga maglumatlar az.

XV-XVI asyrlarda Singapur Johor soltanlygynyň düzümine giripdir. 1617-nji ýyldaky golland-portugal urşunda Singapur portugal goşuny tarapyndan çozulypdyr.

Ikinji jahan urşy döwründe Ýaponiýa Malaýýany eýeläp, Singapury iňlisleriň elinden aldy. Iňlisler diri güýç sanynyň artykmaçlygyna garamazdan, ýaponlar taktiki usul bilen eýeläpdir. Ýagny iňlisler duşmalary deňizden çozar diýip ähli güýjini diýen ýaly ol ugra serpikdirýär. Ýaponlar bolsa tutuş adadan aýlanyp, gowy berkidilmedik gury ýerden çozýarlar. Singapur 1942-nji ýylyň 15-nji fewralynda Ýaponiýanyň eline geçip, tä 1945-nji ýylyň sentýabryndaky Ýaponiýanyň utulyşyna çenli dowam edýär.




#Article 298: Ispaniýa (242 words)


Ispaniýa (), resmi ady — Ispaniýa Korollygy (, , , , ) — Ýewropanyň günorta-günbatarynda döwlet. Pireneý ýarymadasynyň agramly bölegini eýeleýär. Ýurduň ady i-şpanim — towşanlaryň kenary diýen finikiýa aňlatmasyndan gelip çykýar.


Ispaniýanyň kenarlaryny demirgazykda we günbatarda Atlantik okean, şeýle hem günortada we gündogarda Ortaýer deňzi ýuwýar.


Ispaniýa Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolup, Ýewropanyň çet günorta-günbataryndaky ýerleşýän döwletdir. Ol Pireneý ýarym adasynyň 5/6 bölegini, Ortaýer deňzindäki Balear we Pitius adalaryny, Atlantik okeanynda Kanar adalaryny tutýar.

Meýdany 504,030 kw. km. Tutýan meýdany boýunça Dünýäde 51-nji, Ýewropada bolsa dördünji ýerde durýar. (Rossiýa, Ukraina we Fransiýadan soňra).

Ilaty 46,5 mln. adam (2010). Ispaniýa Ortaýer deňziniň, Atlantik okeanynyň we Biskaý aýlagynyň aralygynda ýerleşip, gündogarda Fransiýa, Andorra, günbatarda Portugaliýa bilen araçäkleşýär. Paýtagty – Madrid şäheri. Ispaniýa administratiw taýdan 50 welaýata (47-si ýarym adada) bölünip, 17 sany awtonom oblasta birleşýär. Ispaniýanyň Afrikadaky awtonom şäherleri Seuta we Melilýadyr. Şeýle hem Afrikada Welesde-la-Gomera, Alusemas we Çafarinas adalary bar.

Nominal jemi içerki önümiň möçberi boýunça dünýäde on ikinji orny eýeleýär. Ispaniýa BMG-niň, ÝB-niň, NATO-nyň, YÖHG-niň (Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasy) we BSG-niň (Bütindünýä Söwda Guramasy) agzasydyr.

Ispaniýa konstitusion monarhiýa döwleti bolmak bilen, Huan Karlos I 1975-nji ýylyň 22-nji noýabryndan bäri Ispaniýanyň patyşasydyr.




#Article 299: Sudan (460 words)


Sudan (, ), doly ady — Sudan Respublikasy (, ) — Demirgazyk-Gündogar Afrikada döwlet, Günorta Sudan garaşsyzlygyny alýança iň iri afrika döwletidi. Ol demirgazykda Müsür, demirgazyk-günbatarda Liwiýa, günbatarda Çad, günorta-günbatarda Merkezi Afrika Respublikasy, günortada Günorta Sudan, gündogarda bolsa Eritreýa we Efiopiýa bilen araçäkleşýär. Demirgazyk-gündogarda kenarlaryny Gyzyl deňziň suwlary ýuwýar.

Paýtagty — Hartum şäheri.

Günbatar Sudan VII-VII asyrda söwda ýolunda ýerleşip, bu ýerde sawannaly ekerançylar ýaşapdyr. Ilaty berber – liwiýalylar gelip çykyşy bolup, kerwen söwdasyny edipdirler. Dürli otlar, tüwi ekipdirler şäherlerde söwdagärlerden başgada hünärmentlerde bolupdyr. Ýöne esasy zat altyn bolupdyr. Berk irki döwletleriň biri Gana döwleti bolupdyr. Onuň dolandyryjylary demirgazykdan günbatar Sudan ýerlerine aralaşypdyrlar Bu ýerleriň ilkinji hökümdarlary adamlar bolupdyr. Megerem göçme berberiler bolmaly. Ýurduň esasy girdejisi altyn çäge bolupdyr. Ýurduň dolandyryjylary söwda işine goşulman araplar berberiler, ýewreýler söwda edipdir. Soltan Abu-Bekir Ganany eýeläp, şäheri dargadypdyr. 11 ýyldan soň basybalyjylar bu ýerden gidýär. 1203 ýyldan başlap Mali döwleti Gana derek syýasy merkeze öwrülýär.

Mali VIII-IX asyrlarda Gananyň günortasynda döwlet hökmünde döredi. XI asyrda islamy kabul etdi. Araplar 1235 ýylda günorta Gana ýerlerini özüne birleşdirdi.

Tiz wagtda Mali günbatar Sudanda belli döwlet bolup özüne Ganany hem birleşdirýär. Maliniň dolandyryjysy Musa I 1324 ýylda Mekgä Haja gidýär. Syýahat döwründe 10-12 tonna altyny paýlaýar. Şeýdip köp ýyllap arap dünýäsinde altynyň bahasy pese gaçýar.

Mali şäherlerinde owadan jaýlar we metjitler gurulypdyr. Altyn şeýle bir köp bolupdyr.

Goşunda gullar örän köp bolupdyr. Olarada ýer berlipdir. Ilat uly jemagat görnüşinde ýaşapdyr. Malide XIV asyrda neberelik gatnaşyklary ýok bolup başlaýar.

XV asyrda Malä seredende Songaý döwleti güýçlenýär. Täze II müň ýyllykda Sonagaýyň döwlet birleşmeleri Maliniň gol astynda bolupdyr. Diňe Mali gowşandan soň XIV asyrda Songaý güýçlenýär. Onuň hakyna tutma goşuny bolupdyr.

XV-XVI asyrlarda Muhammediň dolandyran döwründe döwletleriň iň güýçlenen derejesine ýetýär. Ol hem Mekgä haja barýar, musulman alymlaryny goldaýar, öz ýurduna çagyrýar. Bu ýerde ýokary okuw jaýlary işläp başlapdyr. Onda islam teologiýasy, hukuk, matematika, gumaniar bilimler berilýär.

Döwlet altyndan köp girdeji gazanypdyr. Gullar ýer bejeripdir. Garaşly hökümdarlar dolandyryjy salgyt töläpdir.

XVI asyryň ahyrynda marokkalylar Songaýa çozup, onuň ähmiýetini pese gaçyrýar. Atyjy ýaraglar bolup ispan hakyna tutma goşuny bilen çozup Songaý döwletine uly zarp urýar. Olar hem altyn gözläp gelýär. Olar hem altyn gözläp gelýär. Ýöne zapaslar gutarmady.Marokan soltanyň Sudana gyzyklanmasy gaçýar, goşunlaryň bolsa ýerli aýallara öýlenýär we galýar. Olar hojalyk döredýär. Ol hem XVII asyrda çenli dowam edýär. Ony saharalylar derbi-dagyn edýär. XVII-XVIII asyrda birnäçe döwletler döreýär.

Ol Çad kölüniň kenarynda ýerleşip söwda merkezleriniň golaýynda has-da döwlet guramalary döräp başlaýar. Mali, Songaý pese gaçandan soň Günbatar Sudanyň  altyn zapaslary kemelenden soň, söwda alyş çalyş pese gaçýar, indi Gwineýanyň kenarlarynda portugallar “Altyn kenary” döredýär we esasy söwda merkezine öwrülýär.

Demirgazyk Afrika şäherlerde hünärmentçilik, dokmaçylyk ösýär. Äpet jaýlar metjitler gurulýar. Ýörite arap we beýleki söwdagärleriň ýaşaýan kwartallary bolupdyr. Gulçulyk esasy rol oýnapdyr. Olaryň ýeri bolupdyr. Ýuridiki taýdan deň hukukly bolmandyrlar.




#Article 300: Gadymy Müsür (114 words)


Gadymy Müsür (, ) özleriniň ulanan iň gadymy ady: Kemet, Kemi, Hemi (, , ) — iň gadymy siwilizasiýalaryň biri, ol Niliň aşaky akymynyň boýunda Afrika kontinentiniň demirgazyk-gündogarynda döräpdir. Ol ýerde häzirki döwürde Müsür döwleti ýerleşýär. Siwilizasýanyň emele gelişi b.e. öň 4-nji müňýyllygyň ahyryna — Ýokarky we Aşaky Müsüriň ilkinji faraonyň häkimiýeti astynda syýasy taýdan birleşen döwrüne degişlidir. Onuň ösüşi soňraky üç müňýyllygyň dowamynda dowam edipdir. Özüniň iň bir gülläp ösen döwrüne Gadymy Müsür Täze patyşalyk wagtynda baryp ýetipdir, şondan soň ol kem-kemden pese gaçyp başlaýar. Şol giçki döwürde ençeme döwletler Müsüri yzygiderli basyp alypdyrlar. Netijede faraonlaryň dolandyryşy b.e. öň 30-njy ýylda irki Rim imperiýasy Müsüri basyp alyp, öz prowinsiýasyna öwrensoň resmi suratda gutarypdyr.




#Article 301: Oktawian Awgust (180 words)


Oktawian Awgust (b.e. öň 63 - b.e. 14) - Rim imperatory (b.e. öň 27-b.e. 14), diktator Ý. Sezaryň ýegeni. Ol b.e. öň 44 ýylyna çenli Gaý Oktawiý, 44 ýyldan Gaý Ýuliý Sezar Oktawian, 27 ýyldan imperator Gaý Ýuliý Sezar Oktawian Awgust adyny dakynypdyr. B.e. öň 44 ýylda Sezar ölenden soň, Sezaryň weteranlaryna we soldatlaryna daýanyp, ýeke-täk häkimiýet ugrunda göreşe başlapdyr. Respublika senatorçylar partiýasynyň serdarlary Brutuň we Kassiniň garşysyna göreşmek üçin, Antoniý we Lepid bilen II Triumwiraty döredipdir. B.e. öň 42 ýylda Brut bilen Kassini derbi-dagyn edenden soň, Awgust öz esasy duşmany Antoniniň garşysyna çykyş edipdir. Ol Antoniden üstün çykypdyr we Rim döwletiniň ýeke-täk hökümdary bolupdyr. Senat oňa Awgust (mukaddes, beýik) diýen hormatly at beripdir. Awgust Senata täze düzgün girizipdir. Ençeme sapar konsullyga, beýik žreslige saýlanypdyr, ömürlik halk tribuny edilipdir, ähli häkimiýet Awgustyň elinde jemlenipdir, Senat we halk ýygnagy onuň erkini ýerine ýetiripdir. Awgustyň girizen düzgüni boýunça respublika edaralary monarhiýa bilen çalşyrylypdyr. Bu syýasy gurluş Prinsipat (harby diktatura) diýlip atlandyrylypdyr. Awgust Rim imperiýasyna Demirgazyk-Günbatar Ispaniýany, Dunaý boýundaky welaýatlary we başgalary birikdiripdir. Awgustyň höküm süren döwründe Rimiň edebiýaty we sungaty gülläp ösüpdir.




#Article 302: Iwrit dili (112 words)


Iwrit dili ya-da ybrani (, iwrit) iwrit dili häzirki Ysraýylyň resmi we Iwrit dil 9 milliondan gowrak gürleýjisi bolan Ysraýylyň sami we ene dillerinden biridir.Taryhy taýdan Ysraýyl ogullarynyň we olaryň çagalarynyň dili hökmünde kabul edildi.

Hebrewewreý ýazuwynyň ilkinji mysallary beöň X asyra degişlidir.

Hebrewewreý elipbiýi 22 harpdan ybarat. Aşakdaky sesler ýewreýçe:





#Article 303: Ýüzýyllyk uruş (265 words)


Ýüzýyllyk uruş (, ) bir tarapda Angliýa bilen onuň soýuzdaşlarynyň, beýleki tarapda bolsa Fransiýa bilen onuň soýuzdaşlarynyň arasynda takmynan 1337-nji we 1453-nji ýyllar aralygynda dowam eden harby konfliktleriň tapgyrydyr.

Uruş arakesmeler bilen 116 ýyla çekipdir. Aslynda, ol şu konfliktleriň tapgyryndan ybarat bolupdyr: birinjisi (Edwardian urşy) 1337—1360 aralygynda bolup geçipdir, ikinjisi (Karoling urşy) — 1369—1389 ýyllar, üçünjisi (Lankaster urşy) — 1415—1429 ýyllar, dördünjisi — 1429—1453 ýyllar.

Fransiýa iňlisleri Giýenden gysyp çykarmak isleýär, iňlis koroly bolsa Giýeniň Fransiýa wassal garaşlylygynyň soňuna çykmak we [A[ngliýanyň elden gideren oblastlaryny – Normandiýany, Anžuwy we başgalary yzyna gaýtaryp almak isleýär. Ýüzýyllyk uruş 1337-nji ýylyň maýynda başlanýar. Urşuň birinji döwründe (1337-1360) iňlisler yzly-yzyna ýeniş gazanyp, Fransiýanyň ep-esli bölegini basyp alýarlar. Ýurduň tozmagy, halkyň durmuşynyň agyrlaşmagy, ýurtda keselçiligiň, epidemiýalaryň ýaýramagy Fransuz hökümetini 1380-nji ýylda örän amatsyz şertlerde ýaraşyk baglaşmaga mejbur edýär. Fransuz koroly Karl V birnäçe reformalar geçirýär. Angliýanyň goly astyna geçen oblastlarda milli-azat edijilik göreşi tutaşýar. Fransuzlar XIV asyryň 70-nji ýyllarynda iňlisleri öz ýurtlaryndan bütinleý diýen ýaly kowup çykarýarlar, emma Fransiýanyň içindäki özara feodalçylyk çaknyşyklar uruşda gazanylan ýeňşi berkitmäge mümkinçilik bermeýär. XV asyryň başlarynda Angliýa täzeden urşa başlaýar we 1415-nji ýylda Demirgazyk Fransiýany (Pariž bilen bilelikde) basyp alýar. Iňlisler okkupirlän ýerlerinde ilatyň umumy gahar-gazabyny döredýär. Partizançylyk urşy başlanyp, bütin fransuz halky aýaga galýar. 1429-njy ýylda fransuz halkynyň gahryman gyzy Žanna d’Arkyň ýolbaşçylygynda iňlis feodallaryna güýçli zarbalar urulýar. Şondan soň bu urşuň Fransiýa üçin ýeňişli gutarjakdygy belli bolýar. Iňlisleriň Bordoda gürrüňsiz boýun egmekleri (1453-nji ýylyň 19-njy oktýabry) bilen Ýüzýyllyk uruş gutarýar. Urşuň netijesinde Giýeniň Fransiýa birikdirilmegi tamamlanýar. Iňlisler basyp alan ýerleriniň (1558-nji ýyla çenli Angliýanyň gol astynda galan Kale okrugyndan başgasy) hemmesini ýitirýär.




#Article 304: Mongol imperiýasy (105 words)


Mongol imperiýasy (gad. mong. Yeke Mongγol ulus — Beýik Mongol hökümdarlygy, ) — 1206-njy ýylda Çingiz han tarapyndan esaslandyrylan döwlet, ol Dunaýdan başlap, Ýapon deňzine, Nowgoroddan Günorta-gündogar Aziýa çenli bolan territoriýalary özünde jemleýän, dünýä taryhynyň iň uly imperiýasy bolupdyr. Imperiýanyň tutýan meýdany 33 000 000 kwadrat kilometr bolupdyr.

Gülläp ösen döwründe onuň çäklerine Merkezi Aziýanyň, Günorta Sibiriň, Gündogar Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň, Hytaýyň we Tibetiň ümmülmez giňişlikleri giripdir. 13-nji asyryň ikinji ýarymynda imperiýa çingizidleriň hökümdarlyk edýän uluslaryna bölünip başlapdyr. Beýik Mongol imperiýasynyň iň iri galyndylary Ýuan imperiýasy, Altyn Orda, Hulaguidler döwleti we Çagataý ulusy bolupdyr.

Döwletiň paýtagty ilkibaşda Karakorum bolupdyr; 1264-nji ýylda paýtagt Hanbalyk şäherine geçirilipdir.




#Article 305: Osman imperiýasy (334 words)


Osman imperiýasy ýa-da Osmanly hökümdarlygy, resmi— Beýik Osmanly döwleti () — Oguzlaryň/Türkmenleriň Gaýy« taýpasyndan gelen osmanly soltanlarynyň häkimiýeti astynda 1299-njy we 1923-nji ýyllar aralygynda höküm süren köpmilletli döwlet. Ýewropada Osman imperiýasyna köplenç halatda Ottoman imperiýasy ýa-da Türk imperiýasy diýip at berilýär. 16—17-nji asyrlarda gülläp ösen döwründe ol Kiçi Aziýany (Anatoliýa), Ýakyn Gündogary, Demirgazyk Afrikany, Balkan ýarymadasyny hem-de onuň demirgazyk tarapyndaky Ýewropa ýerlerini öz içine alypdyr.Osman imperiýasyny Osman beg 1299-nji ýylda esaslandyrypdyr. 

Umumy pikire görä, Osman imperiýasy 1299-njy ýylda garaşsyz döwlet hökmünde ýüze çykypdyr. Şeýle-de bolsa, Prof. Dr. Halil İnalçik we käbir beýleki alymlar Osman imperiýasynyň 1299-njy ýylda Wizantiýa garşy Koýunhisar söweşinden soň Söğütde däl, 1302-nji ýylda ovalowada döwlet derejesini alandygyny öňe sürýärler. Stambul bilen çäklenýän şäher döwletine öwrülen Gündogar Rim (Wizantiýa) imperiýasyny weýran etdi we käbir taryhçylaryň pikiriçe, bu Täze Asyryň başlangyjydy. XVI-XVII asyrlarda Osman imperiýasy iň ýokary derejesine ýetende, üç yklymda ýaýrap, Balkanlaryň, Eastakyn Gündogaryň we Demirgazyk Afrikanyň aglaba böleginde agdyklyk edipdir. Theurduň serhetleri günbatarda Gibraltar bogazyna, gündogarda Hazar deňzi we Pars aýlagy, Awstriýa, Wengriýa we demirgazykda Ukrainanyň käbir bölekleri, günortada Sudan, Eritreýa, Somali we Yemenemen bilen uzaldy. 10] Osman imperiýasy 29 welaýatdan we Moldawiýa, Erdel we Wallahiýa häkimlerinden ybarat bolup, olara özbaşdaklyk berildi. Döwletiň käwagt daşary ýurtlarda-da sözleri bar. Atlantik ummanynda gysga möhletli ýer girdejisine Lanzarote (1585), Madeira (1617), Westmannaýjar (1627) we Lundy (1655) degişlidir.

Döwletiň gol astyndaky ýurtlarda ýaşaýan halklar, gaz we jihad düşünjesi bilen yzygiderli giňelýärdi , kämahal köpçülikleýin ýa-da ýerli gozgalaňlar bilen Osman hökümetine garşy çykýardy. Yslam dininiň Osman imperiýasynyň syýasy gurluşynda aýgytly roly we kanuny düzgünleriň emele gelmegi Osman imperiýasynyň yslam döwleti we şeýlelik bilen dini döwlet hökmünde häsiýetlendirilmegine sebäp boldy. 

Osman imperiýasy döwri; Osman neberesiniň  we kazyýet işgärleriniň slawýan hristian halklarynyň grek aýallary we aýallary bilen nikalaşmagy (serbler, bolgarlar, ukrainler) Türk taryhynyň birleşen döwri hökmünde görülýär Rim-Gündogar Rim taryhy bilen, Arnold J. Toýnbe ýaly käbir taryhçylar Türkiýäni ýeke-täk mirasdüşer döwlet hasaplamalydygyny öňe sürýärler. 

Türkiýäniň Beýik Milli Assambleýasy 1924-nji ýylyň 3-nji martynda Osman neberesi Türkiýeden sürgün etmek kararyna geldi. Häzirki wagtda olaryň käbiri Türkiýede asylly dinastiýa ýaly görünýär. 




#Article 306: Çingiz han (1026 words)


Çingiz han ( , 1155 ýa-da 1162 — 25 awgust 1227) — dagynyk mongol taýpalaryny birleşdiren, borjiginler taýpasyndan bolan mongol hanynyň gysga tituly.

Mongollaryň Hytaýa, Orta Aziýa we Gündogar Ýewropa bolan basybalyjylykly ýörişlerini guran goşun serkerdesi. Mongol imperiýasynyň düýbüni tutujy we onuň ilkinji beýik kagany.

Höküm sürdi: 1206 ý - 17.08.1227 ý.
Özünden soñ: Ugedeý han.
Aýallary: Börte Ujin, Gulan, Ýusuý, Ýusigen.
Perzentleri: Juçi, Çagataý, Ugedeý, Tuluý.
Doly ady: Timuçin (Demirçin).
Hanedan: Börçigin.
Kakasy: Ýesügeý.
Ejesi: Höelin.
Doguldy: 1162. Mongollar. Dülün-Boldak.
Ölümi: 18.08.1227 (65 ýaşynda).
Gubury: Belli däl (ýöne çak edilýän bir mazar onuñky).
Dini Göktañryçylyk.

Çingiz han (Cenghis khan, Çinggis Han, Çiññiz han ýa-da hakyky ady: Temuçin (manysy Demirçi) ady bilen tanalan (Mongolça:  Чингис хаан  ýa-da Tengiz (manysy Deñiz) Parsça: چنگیز خان; d. (1155)1162 – ö. 18 Awgust 1227) mongollaryñ serkerdesi, hökümdary we Mongol hökümdarlygynyñ gurujusy bolan şahsyýetdir.

Bitewi Mongol döwletini esaslandyryjy, serkerde. Ýesugeý batyryň urugyndan bolan maşgalalaryň birinde dogulýar. 1204-nji ýyla çenli Çingiz han häkimlik ugrundaky esasy bäsdeşlerini ýok edýär we ägirt giň territoriýany basyp alýar. 1206-nji ýylda sähra aristokratiýasynyň gurultaýynda ol mongol taýpalarynyň hemmesiniň beýik hany diýlip yglan edilýär. Çingiz han içeri syýasatda mongol taýpalaryny birleşdirmäge we feodallaşan urug-taýpa baýlarynyň bähbidini goraýan täze döredilen hökümeti dolandyrmagyň merkezleşdirilen usulyny üpjün etmäge aýratyn üns berýär. Ol 1206-njy ýylda ýörite karar bilen mongol taýpalaryny harby-administratiw birliklere bölýär. Çingiz han 10 müň adamly şahsy gwardiýa (keşig) döredýär, ol döwlete garşy närazylyklaryň ýüze çykan ýerlerindäki hereketleri basyp ýatyrmakda esasy güýç bolýar. Çingiz han daşary syýasatda öz häkimligindäki territoriýany maksimal giňeltmäge ymtylýar. 1207-1211-nji ýyllarda Çingiz han Sibiriň we Gündogar Türküstanyň halklaryny boýun egdirýär, 1211-nji ýylda bolsa Szin döwletiniň üstüne çozýar. Bu uruşlar döwleti güýçden gaçyrýar, XIII asyryň ahyrlarynda döwlet syýasy, ykdysady we medeni taýdan pese düşýär. Çingiz han 1226-njy ýylda Si-sýa döwletine garşy geçiren ýörişi wagtynda, şonuň territoriýasynda ölýär
(Türkmen Sowet Ensiklopediýasy, Tom 10)[1].
Çingiz han XIII asyryñ başynda  Aziýadaky bütin göçme Mongol-tatar, Hun taýpalaryny birleşdirip, olaryñ başynda bolýar. Çingiz han 1206-1227-nji ýyllar aralygynda Demirgazyk Hytaýdaky, Günbatar Hia we Çyn hanedanyny, Günbatar Türküstandaky Garahytaý (Karakidaneý), Mawerannahr (Amyderýa, Syrderýa aralygy) Horezmşalar, Horasany, Eýrany, Kawkaziýany, Deşdi-Gypjak we Itil Bolgarlaryñ ýurtlaryny eýeläp Ýuwaş okendan Hazar deñzine çenli golaý aralykdaky topraklary basyp alýar we Mongollar hökümdarlygyny gurýar. 
Ol Sähraýy däbi boýunça gadymy Hun serdary Mode hanyñ onluk birleşmesini ulanyp meritokratik berk düzgün-nyzamly goşuny düzýär. Jansyzlyk sungatynda Seljuklardan we Haşhaşylardan soñ 3-nji orunda durjak şekilde jansyzlary ýetişdirýär. 
Jansyzlary goñşy döwletlerden habar getirip, ýurduñ ahwaly hakda aýdyp durar ekenler. 
Iñ ýakynyndan hem şübhe edip gezen şahsyýet bolupdyr. Şonuñ üçin ol kä wagt adylly bolup, kä ýerde gowşaklyk edip, ýüregine düşen wagtam rehimsiz-zalymlyk häsiýetleri, şol bir wagtyñ özünde, görelde bolar ýaly jezalandyrma ukyplary hem bolupdyr. Şonuñ üçinem bu şahsyýeti adyl, ýa zalym diýip baha bermek bolmaz. Goñşy döwletleri özüne birleşdirmegi, basyp almagy, gatnaşyk etmegi gowy görýär eken. 
Basypalyşlarynyñ soñunda birnäçe şäherler weýran edilip, talanypdyr we milýonlap adamlar zorluk-süteme sezewar edilipdir.
Çingiz han Ýasasy ady bilen meşhur bolan kanunlarynda özüniñ  maddalaryny düzdürýär[2].
Çingiz han mongollaryñ hat-ýazuwly bolmagy üçin Uýgurlardan mugallym, alymlary Garaguruma çagyrýar we Mongol dili üçin Uýgur elipbiýini çagalaryñ öwrenmegi üçin saýlap alýar. 

Gurduran hökümdarlygy häzirki Russiýa Federasiýasy ýaly geografik serhede eýe bolupdyr. 
Ölüminden soñ ogullary we agtyklary onuñ yzyny dowam etdiripdirler. Çingiz hanyñ ölüminden soñ adamzat taryhynda Hunlardan soñ beýik Mongol Hökümdarlygy  gurupdyrlar.

Çingiz hanyñ häsiýetleri, sypatlary hakynda 1221-nji ýylda Çingiz hanyñ ýanyna gelen Song ilçisi, Çyn-Maçynly (Hytaý) serkerde Meng-hung we ony Horasanda gören adamlardan maglumat alan Eýranly Taryhçy Jüzjanynyñ eserinden başga eser ýokdyr. 
Meng-hung, onuñ uzyn boýly, giñ ýüzli we uzyn sakalynyñ bardygyny, we beýleki mongollara meñzemeýän ak saçly we pişik gözli (gyýyk göz)  adam bolupdyr. 
Çingiz hanyñ duşmanlaryna we özüne haýynlyk, ikiýüzlilik edenlere garşy rehimsiz we gaty jezalandyryş çäreleri bolupdyr. 
Kiçiliginden başlap kynçylyk, agyr günleri görendigi üçin we şol kynçylykdan baş alyp çykany üçin özüne kömek edeni kim bolsa-bolsun, özüniñ jigsi we kakasy ýaly görýär eken. Hökümdar bolan soñ ýigitlik wagtynda ýanynda hemdem bolan kişileri gowy garşylar eken. 
Taýjiutlara ýesir düşen wagty gaçan wagty ony öýünde saklan Sorhan Şira we çagalara,  ogurlanan atlaryny tapmak üçin at ogurlaryny yzarlan wagty tanyşan Bugurçy, Jamuka bilen söweşen wagty ýaralananda, onuñ ýarasyna melhem eden we aç-hor etmedik Jelme bilen Jamuka dagylary sylaglapdyr. 
Iñ ýigrenýäni hem duşman tarapdaky ikiýüzli adamdy. Çykgynsyz ýagdaýa düşen hojaýynlaryna ikiýüzlilik edip özüne ýaranjañ bolanlary ölüme sezewar eder eken. Duşmany bolan hökümdarlara soñky demine çenli gulluk edenleri bolsa öz gullukçysy ýa-da hyzmatkäri edip  öz ýanyna alar eken. 
Öz hanlaryna haýynlyk edenleriñ bütin nesilleri bilen ýok etdirýär eken. 
Pekini basyp alan wagty, ýesirleriñ arasynda Jin hanedanyna gulluk eden Liýaso Tunglu şazada hem bardy. Ýe Liýu Çutsaý atly alym Çingiz hanyñ ünsüni çekipdir. Çingiz han ondan: Ýyllar boýy  size duşman bolan bir hanedanlyga näme üçin gulluk edýäñ? diýip soranda Ýe Liýu Çutsaý: Kakam we maşgalamdan birnäçe adam olaryñ hyzmatynda bolan, indi menem şolaryñ dowamyny ýöredýän diýeninde Çingiz han onuñ bu jogabyna begenipdir we: Onda maña-da hyzmat edip bilersiñ diýipdir. Ýe Liýu Çutsaý Çingiz hana gulluk etjekdigi hakda ant içdi we ölýänçä onuñ ýanyndan aýrylmady.
Çingiz han adamlary saýlap-seşme häsiýeti hem bolupdyr.
Mukhualy, Jebe, Subutaý dagylary şeýle bir sadygy edipdir welin, olar hiç haçan Çingiz hana dönüklik etmediler. 1206-njy ýyldan soñ öleninden 21 ýyl içinde hiç kim hökümdarlyga geçmäge milt etmezdi. 
Çingiz han her dürli zowky-sapany örän gowy görer eken. Aw etiniñ aýak topugyny iýip lezzet alar eken.  
Içgi içip aýda iki-üç sapar serhoş bolýar eken. 
Owadan lybaslary geýmäge  ýykgyn edenok eken. Her hili owadan lakamlar hödür edilende almazdy. Uýgurlaryñ beren lakamlaryny ulanmagy halamazdy.

Çingiznamalar Kazan Tatarlary we Orta Aziýanyñ kyssaçylary tarapyndan düzülen Çingiz han hakdaky dessanlardyr. XVI asyrda galama alynyp ýazylmaga başlaýar. 1551-nji ýylda Utamyş Hajy atly Gazak tarapyndan Çagataýça ýazylan Çingiznama, Çingiz han dessanynyñ ilkinji golýazmasydyr. Bulardan başga-da Depderi Çingiznama eseri hem XVII asyra degişlidir we ol Kazan tatarlary tarapyndan ýazga geçirlipdir. Ol golýazma Parižiñ kitaphanasynda, Berliniñ döwlet kitaphanasynda we Britaniýa muzeýinde saklanylýar. 

Çingiznamalar Çingiz hanyñ we ogullarynyñ taryhy hekaýatlary hakynda, olaryñ taýpalary hakynda gidýär.

Aýallary: 
Börte,  Ýesüý
Ýigrimi ýyl boýunça özüne gyz sowgat edilmegine garamazdan iñ gowy gören hatynlary Börte we Ýesüý eken. 

Bular Çingiz hanyñ Börte atly aýalyndan dogulan ogullarydy.  Başga heleýlerinden we gyrnaklaryndan ogullary bolsa-da esasy şol dördüsini olardan aýry tutupdyr.
Gyz(lar)y: Alaltyn
Çingiz hanyñ Börteden bolan iki gyzy bar eken. Emma onuñ olardan başga köp gyzy bolupdyr we olaryñ atlary belli däldir.

[1] gollanma.com/cingiz-han.html

[2] paywand.com




#Article 307: Tupak Şakur (1803 words)


Tupak Amaru Şakur (D: 1971-nji ýylyň 16-njy iýuny, – Ö: 1996-njy ýylyň 13-nji sentýabry), Amerikaly rap music 
aýdymçysy, şahyr, senarist, aktýor ve prodýuser.
Doglandaky ady Lesane Parish Crooks bolan Shakuryň adyny, ejesi soň Tupac Amaru Shakur edip üýtgetdi. Tupac Amaru Hindiçe parlaýan ýylan, Shakur bolsa Arapça şükür diýmekdi. Shakur, öweý kakasynyň familiýasydy. Ony hakyky kakasy diýip kabul edipdi. Hakyky kakasyny bolsa hiç tanamandy. Çagalygynda oňa hemme kişi gara şazada diýýärdi. Tupac heniz iki ýaşyndaka öweý kakasynyň ganly maşyn ogurlygyna gatnaşmagy maşgalany kyn ýagdaýda goýupdy. Nirä göçseler Tupac bagtly bolup bilmeýärdi. Bir reportažda şeýle diýipdi, Mydama aglaýandygym ýadyma düşýär. Nirä göçsek öwrenişip bilemokdym. Hiç hili dostumam ýokdy. On iki ýaşyndaka Tupac, obraza girmegi , goşgy ýazmagy we söýgi aýdymlaryny ýazmagy halaýandygyny duýup başlady. Şol wagtlaar maşgalasy Baltimore-a göçdi we şol ýerde Baltimore Sungat Mekdebine gatnap teatr dersini öwrenip başlady. Bu mekdepde Tupac, öz yhlasyny we zehinini görkezdi. Mugallymlarynyňam oňa göwni ýetýärdi, emma bu ýagdaý uzaga çekmedi. Oakland, Kaliforniýa göçdüler we özüniň aýdyşy ýaly ýalňyş toplum bilen şol ýerde tanyşdy. On bäş ýaşyndaka rap ýasamaga we aýdymyň sözlerini ýazmaga başlady. Şol döwürler özüne MC New York diýýärdi.
	Ýigrimi ýaşlaryndaka Tupac, 8 gezek türmä basyldy we bularyň içinde bikanun jynsy gatnaşyk hem bardy. Biri bolsa ölüm bilen netijelendi. Tupacyň topary bilen garşydaş topar atyşanda 6 ýaşyndaky gyzjagaz ölüpdi. (Şol wagtlar çeken wyždan azabyny Hellrazor atly aýdymynda şol gyzjagaz barada gürrüň berip ýatlaýar.)
	Soňra Tupac, Digital Underground atly grupba goşuldy. Ilkinji resmi aýdymy bolan Same Songy bu grupba bilen ýazdy. Grupbaň üstülik gazanmagy bilen Tupac, özüni meşhur eden 2Pacalypse Now atly albomyny çykardy. Brenda's Got A Baby aýdymy bilen kariýerasy roketa ýaly atyldy. Täsirli rol ukyby saýasynda Juice atly filmde rol almagy başardy. Tupac soňra ikinji albomy bolan Strictly For My N.I.G.G.A.Z.y çykardy. 1994-nji ýylyň Noýabrynda talaňda 5 ok degdi. Shakur bu wakada Notorious B.I.G.i we Puff Diddyni günäkär hasaplady. Aslynda ýalňyşanokdy. Soňra Tupac, gowulaşdy we 1995-nji ýylda Me Against the World albomyny çykardy. Tupacyň film kariýerasy bolsa Janet Jackson bilen oýnan Poetic Justice filminde çür depä çykdy. Tupacyň oýnan beýleki filmi bolan Above The Rim we soň Platin Plak baýragyny alan albomy Me Against The World bilen ösüşi bikanun jynsy gatnaşyk günäsi bilen gutardy. Tupac günäkärlenmeginden birnäçe sagat öň, niýeti henizem belli bolmadyk adamlar tarapyndan ýaragly talandy. Tupac 8 aý türmede ýatandan soň şol döwüriň meşhur prodýuseri Suge Knight tarapyndan tölenen 1.4 million dollar jezasy saýasynda azatlyga çykdy. Suge Knight bu hereketi bilen Tupacy öz şereketi Death Row Recordza goşdy. Tupac, Death Row bilen 3 albomlyk ylalaşyga gol çekdi. Boşandan soň tankytlara iki CD-lik All Eyez On Me albomy bilen jogap berdi we bu albom diňe 2 hepdede 5 million satmagy başaryp Tupac Shakury çür depäňem üstüne çykardy. Bu san Hip-Hop musicde rewolýusiýady. Soň bolsa Gridlock'd, Bullet we Gang Related filmlerinde rol aldy.
	Las Vegasda 1996-njy ýylyň 7-nji sentýabrynda kimdigi näbelli adamlar tarapyndan atyldy we göni 7 gün soň sagat 04:03-de öldi. Jynazasy halka açylmady. Ejesi jesedini ýakdyryp külüni Los Angeles Köprüsinden aşak dökdi.
	Soň Tupac barada köp myş-myş ýaýrady. Fanlarynyň köpüsi onuň ölmedigine ynanýar. Tupac barda 7 Gün Teoriýasy (7 Day Theory) orta atyldy. Elbetde bu rowaýaty çüýretjek işlerem alnyp baryldy. Öldi diýlenden soňam albomlary çykmagyny dowam etdirdi. Tupac Shakur, 75 milliondan gowrak albom satmagy başaran ýeke täk rap music aýdymçysydyr. Ýaşka ölenem bolsa bu üstünlige ýetip Iň Köp Satan Aýdymçylaryň arasyna girmegi başardy.

Tupac Amaru Shakur

Doglandaky ady: Lesane Parish Crooks

Doglan güni we ýeri: 1971-njy ýylyň 16-njy iýuny – Brooklyn, New York
Ölen güni we ýeri: 1996-njy ýylyň 13-nji sentýabry – Las Vegas, Nevada
Boýy: 1.75 m.
Agramy: 74 kg.
Aýrylyşan aýaly: Keisha Morris
Ölmänkä adaglysy: Kidada Jones
Käri: Rapçi / Aktýor / Şahyr / Prodýuser / Senarist
Gowy görýän nahary: Ajy ketchuply jüýje eti
Halaýan içgisi: Orange Pop
Gowy görýän reňkleri: Gara we altyn sary
Ýyldyzy: Ekizek
Ejesiniň ady: Afeni Shakur (Alice Fay Williams)
Kakasynyň ady: William Garland
Öweý kakasy: Mutulu Shakur (Jerald W. Williams)
Öweý uýasy: Sekyiwa Shakur
Öweý agasy (inisem bolup biler): Mopreme Shakur (Maurice Harding)
Baptism kakasy: Emler “Geronimo” Pratt
Esaslandyran grupbalary: , , , , , , /
Lakamlary: , 2Pac, 

Maşgalasy

Afeni Shakur (Ejesi): Tupacyň ejesi heniz Tupaca hamylaka Gara Panterler günäsi sebäpli türmededi. Tupacyň, heniz ejesiniň garnyndaky başlan türme durmuşy, onuň bütin ömri boýunça dowam edýär. Afeniniň türmä düşmeginiň sebäbi bolsa käbir banklara we uly magazinlere bomba goýmagydyr.
William Garland (Kakasy): Tupac ulalýança kakasyny öldi diýip bilýärdi. Emma 1995-nji ýylda New Yorktaky ýaragly talaňdan soň hassahana gelenleriň biri özüniň Tupacyň kakasydygyny aýdanda Tupacyň durmuşynda täze döwür başlady. William Garlandam Tupacyň tanyşlarynyň köpüsi ýaly Gara Panterleriň agzasydy. Tupac ömrüniň iň soňky ýylynda kakasy bilen görüşenem bolsa hakyky kakasyny Mutulu Shakur diýip kabul etdi.
Mutulu Shakur (Öweý kakasy): Afeni Shakuryň ikinci äri. Tupacyň hakyky kakasy diýip kabul eden adamy. 1981-nji ýylda gatnaşandygy aýdylýan üç ölümli ýaragly talaň etmişinden türmä düşdi we henizem türmede. Tupacyň ölüminden soň dostlary bilen görüşip Dare To Struggle atly ýatlama albomynyň çykarylmagynda uly tagalla etdi . Albom ABŞ-daky syýasy tussaglara sowgat edilipdi.
Lumumba Shakur (Dädesi): Mutulu Shakuryň dogany. Gara Panterleriň aktiw agzasydy. Mutulu türmä girmänkä Louisianada atylyp öldürildi.
Zayd Shakur (Dädesi): Mutulu Shakuryň dogany. Olam maşgalanyň beýleki agzalary ýaly Gara Panterdi. New Jerseyde ýaragly tutluşykda öldi.
Geronimo Pratt (Baptism kakasy): Tupacyň baptism kakasy. Gara Panterler sebäpli birnäçe ýyl türmede ýatdy.
Assata Shakur (Gelnejesi): 1973-nji ýylda Assata ve Zayd Shakur New Jerseyde polisiýa tarapyndan saklandylar. Ýaragly tutluşykda Zayd we polisiýa öldi, Assata bolsa türmä basyldy. Özüniň türmede öldüriljegini eşidende bolsa 1979-njy ýylda Gara Panterler tarapyndan türmeden alnyp gaçyldy we Kuba äkidildi. Şu wagt Kubada Fidel Castro tarapyndan goralýan öýde ýaşaýar. Tupacyň aslynda ölmedigi we gelnejesi Assata Shakur bilen bile Kubada ýaşaýandygy barada myş-myşlar bar.
Set Shakur (Uýasy): Tupacyň uýasy. Coast Trippin filminiň sazlary bolan Snake Eyez albomynda aýdym aýtdy.
Mopreme Shakur (Agasy): Mopreme Tupacyň kaka bir agasy Maurice Hardingiň lakamy. Tupac bilen birlikde Thug Life grupbasynda bile işleşdi.
Keisha Morris (Aýrylyşan aýaly): Tupac türmedekä oňa öýlendi. Tupac bilen ilkinji gezek 1994-nji ýylyň iýunynda tanyşdylar. Duşuşyp başlanlaryndan üç aý soň Tupac oňa öýlenme teklip etti we öýlendi. Tupac türmedekä Arizona göçmek we Star atly gyzynyň ýa-da Michelangelo atly oglunyň bomagyny isleýärdi. Tupac çykandan soň aýrylyşdylar.
Kidada Jones' (Adaglysy): Tupac ölende adaglysydy we ýakynda durmuş gurmak isleýärdiler. Kidada meşhur sazanda we prodýuser yň gyzy. Quincy Jonesam Tupac ölenden soň Tupac Amaru Shakur 1971-1996 atly ýatlama kitabynyň ýazylmagynda tagalla etdi.

Born Busy: 8-nji klaska MC New York lakamy bilen Ace Rocker we DJ Plain Terror bilen Born Busy-ä girdi. Aýdymlaryny Tupacyň söýgülisi Jada Pinkett (şu wagt meşhur oýunçy) üçin ýazýadylar.

Underground RailRoad: Eger 2pacalypse Now albomyny diňlän bolsaňyz bütin aýdymlarynyň prodýuseriniň Underground RailRoaddygyny görüp bilersiňiz. Grupba Grup Raw Fusion, The Live S Squad, Big D The Impossible, Pee Wee, Jeremy we Digital Undergroundyň agzalaryndan ybaratdy.
The Live S Squad: Pacyň dosty we 2pacalypse Now bilen Strictly For My N.I.G.G.A.Z. albomlarynyň prodýuseri Randy 'Stretch' Walker’iň grupbasydy. Näbepli sebäpler bilen Underground Railroad derrew dagady.

Digital Underground: Tupac 18 ýaşyndaka, Shock G we ChopMaster J-iň guran Digital Undergorund grupbasyna girdi. Ilkinji aýdymlary, olary Gollandiýada #1 eden Underwater Rimesdy. 1989-njy ýylda Tommy Boy Recordza girdiler. Grupbaň 7 agzasy bardy we bulardan birem Tupacdy. Ilkinji ýazdyran aýdymy This is an EP release-de ýaýran Same Song-dy. Tupac, MC New York ady bilen Digital Underground bilen dünya turuna çykdy. 2Pacalypse Now albomy bilen solo kariýerasyna başlady. 1996-da ölýänçä Digital Undergorund bilen gatnaşyk saklady.

Thug Life bolmagynyň sebäbem şudy. Ýagny birnäçe adamyň aýdyşy ýaly Pacyň Thug Lifey diňe mediada däl, hakykatda hem ýaşandygyna düşünip bilersiňiz. Grupba, Lifestyle of the Poor and Homeless we Lets Get It On ýaly aýdymlary ýazdyrdy. Grupba, Pacyň hemişe görkezmek isleýän ‘ghettoda ýaşaýan ýaş negr’ temasyny işleýärdi.

Strictly Dope: Tupac, San Fransiscoda Leila Steinberg bilen tanyşdy. Dost boldular we Leila onuň manageri boldy. Leilanyň aýdym sektorynde betinden tanyşlary bardy. Pacy Ray Luv bilen tanyşdyrdy we soňra Tupac bilen Ray Strictly Dope atly grupba gurdular. Birnäçe aýdym ýazdylar, bu aýdymlar Pac ölenden soň 1 in 21 albomynda çykdy. Pacy Digital Underground grupbasynyň manageri Atron Gregory bilen tanyşdyranan Leilady.

Thug Life: 2 From The Crew grupbasy özlerini ‘thug’ diýip atlandyryp ‘thug life’ barada gürrüň berýärdiler. Birnäçe ýyl soňra Tupac we Randy Walker iki adamlyk Thug Life-y gurdular. Emma Randy birnäçe wagtdan näbelli sebäpden grupbadan çykdy. 1992-nji ýylda Tupac, Tyruss Little Psycho Himes bilen tanyşdy. Bile Thug Life atly aýdym ýazdylar we gysga wagtyň içinde Little Psycho Syke ady bilen grupba girdi. Soň Macadoshis we The Rated R-em grupba girdi. Interscope Recordza girdiler we Thug Life Vol. 1 atly LP çykardylar. Aslynda Interscope ilki LP-ni gaty gödek we has underground bolany üçin ýaýratmak islemedi emma soň pikirlerini üýtgetdiler. Yzyndan grupba Tupacyň öweý dogany Mopreme Shakuram goşuldy. 1994-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Thug Life Vol. 1 ýaýradyldy. Aslynda gaty köp satyldy emma şonda-da grupbaň tamasyny ödemedi. Birnäçe adam Interscope-y LP-däki aýdymlary üýtgedip käbirlerini bolsa düýbüden aýyrmak bilen günäkärlerdi. Ilkinji wideo Tupacyň solo aýdymy Pour Out A Little Liquor üçin düşürildi. Ikinji, üçünji we dördünji wideolar bolsa Cradle To The Grave, How Long Will They Mourn Me? we It Don't Stop boldy. 30-njy noýabrda Tupac New Yorkda studioda 4 gezek atyldy we talandy. Ertesi gün bolsa bikanun jynsy gatnaşyk bilen günäkärlendi. 1995-nji ýylyň 14-nji fewralynda türmä girdi. 12-nji oktýabrda Death Row Recordz, Interscope Recordz we Time Warner $ 1,4 million töläp Tupacy türmeden çykardy. Şeýlelikde Tupac Death Row bilen 3 albomlyk ylalaşyga gol çekdi. Grupba bolsa dargady. Syke we Mopreme, Tupacyň täze grupbasy Outlawza girdi. Soň Syke Makaveli Recordza girdi. Tupac bilen Thug Life Vol. 2 atly albomy ýazmagy maksat edinýärdiler. Emma Tupac biwagt ölensoň başa barmady.

Hussein Fatal (Saddam Hussien): Tupacyň çykany. Hakyky ady Bruce Washington. Ýeke özi In The Line Of Fire atly albom çykardy.
Kadafi (Muammar Qaddafi): Tupacyň ýakyn dosty. Hakyky ady Yafeu Fula. 1996-njy ýylyň 10-njy noýabrynda 19 ýaşyndaka atylyp öldürildi.
Binadaky diwarlaň birine ýaplanyp ýatyrka tapyldy, wakadan soň 2 oglan tutuldy. Tupac atylan güni maşynyň yzynda otyrdylar; atany görendigini aýdypdy we sudda şaýatlyk etjekdi. Birnäçe adam onuň şu sebäpli öldürülendigine ynansa-da polisiýa, neşe meselesidigini öňe sürdi.
Kastro (Fidel Castro): Hakyky ady Katari Cox. Tupacyň çykany. Ilkinji gezek All Eyez On Me albomynda When We Ride aýdymy bilen çykdy. Sesi we flow ukyby bilen öňe saýlanýardy.
Komani (Ayatollah Ruholla Khomeini): Başgaça Mopreme. Tupacyň öweý dogany. Hakyky ady bolsa Maurice Harding. Thug Life grupbasynyňam agzasydy. Suge Knightyň ony Outlawzda islemeýändigini öňe sürýärdi. Hem soň grupbany taşlady. Evulation Of A Thug Life Nigga atly solo albom çykardy.
Napoleon (Napoleon Bonaparte): Kastronyň ýakyn dosty.
E.D.I. Mean (Idi Amin): Dost we garyndaş bolman Outlawza giren ilkinji adam. Ondan öň Dramacydal atly grupbaň agzasydy. Me Against The World , All Eyez On Me, The Don Killuminati ýaly albomlarda feat.leri bar.
Syke - Mussolini (Benito Mussolini): Thug Life grupbasynda-da bardy. All Eyez On Me albomyndaky feat.i bilen çykypdy. Soň Rap-A-Lot Recordzdan Be Yo Self atly solo albom çykardy.
Storm: Storm, Outlawzyň ilkinji we ýeke täk gyz agzasydy. Nähili ukyplydygyny Me and My Girlfriend we Black Jesuz aýdymlardaky feat.leri bilen görkezdi.




#Article 308: Gurban Berdiýew (517 words)


Gurban Bekiýewiç Berdiýew, 1952-nji ýylyň 25-nji awgustynda doglan Türkmen futbol tälimçisi we owalky Sowet futbolçysy. Ol 2017-nji ýylda Angliýa merkezli Fourfourtwo neşiri tarapyndan dünýäniň iň naýbaşy 50 tälimçisi arasynda görkezildi, oňa bu sanawda Brenden Rodgers-iň öňünde 36-njy orunda ýer berildi. Neşir o barada adaty oýunçylary ýokary hilli oýunçylara öwrüp bilmegi ynanylmaz diýip belläp geçdi.

Gurban Berdiýew 1952-nji ýylyň 25-nji awgustynda Aşgabatda doglan. Ol hemişe elinde tespi saklaýar we asla tespisiz görünmeýär. Ol 1967-71-nji ýyllar aralygynda Aşgabadyň Demirýolçylar mekdebinde tomusku okuwa gatnady, ondan soňra 1971-1975-nji ýyllar arasynda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýokary bilim almagyndan soňra 1989-91-nji ýyllar arasynda Moskwanyň Ýokary Tälimçilik okuwynda bilim aldy. Onuň aýalynyň ady Roza Berdiýewa. Onuň 2 ogly bar, uly ogly onuň ilkinji ýoldaşyndan Myrat Berdiýew 1975-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda doglan we ol Birleşen şalykda aktýorlyk, sazandalyk we prodýuserlik hünärlerini alyp barýar. Onuň kiçi ogly Allaberdi Berdiýew 1996-njy ýylyň 5-nji awgustynda doglan we ol futbolçy. Onuň Aýlar Berdiýewa atly gyzy bar we ol talyp. Ol Musulman we haç parzyny ýerine ýetirdi we russianfootballnews.com saýtyna beren interwýusynda her ýyl Saud Arabystana gidýändigini, Haj we Ümre başda bolmak bilen dini rituallara eýerýändigni, Türkmen naharlaryny küýseýändigini, dogramany söýýändigini, filme diýseň seýrek tomaşa edýändigini, syýasat bilen gyzyklanmaýandygyny we aýdym-saz diňlemekden lezzet alýandygyny belläp geçdi.

Oňa 2012-nji ýylda Russiýanyň prezidenti tarapyndan Dostluk medaly gowşuryldy.

Gurban Berdiýew 1971-nji ýylda professional futbola ädim ätdi. Ol Sowet Naýbaşy ligasynda Kairat Futbol Klubynyň düzüminde (1977, 1981, 1982, 1984 we 1985-nji ýyllarda) we Roston-on-Don futbol klubynyň düzüminde (1979, 1980) 7 möwsüm çykyş etdi. Ol Sowet Ýokary ligasynda 7 möwsümde  155 oýunda meýdança çykyp 23 gol urmagy başardy. Bulardanam daşary ol Kolhozçy Aşgabat futbol klubynda hem çykyş etdi.

Gurban Berdiýewi megerem onuň Rubindäki başarnyklary aýratyn hem meşhur eden bolsa gerek.Gurban Berdiýew Rubin Kazan FK Russiýada 2-nji diwiziýa bolan Russiýanyň 1-nji diwiziýasynda wagty tälimçilik wezipesina başlady, olary Russiýanyň Premýer ligasyna beýgelden Gurban Berdiýew ilkinji möwsüminde Rubin Kazana 3-nji orun gazandyrmagy başardy. Ol Rubin Kazan FK bilen 2-gezek Russiýanyň çempiony boldy, Rubin Kazan onuň ýolbaşçylygynda 2 gezek bürünç medal gazandy, onuň ýolbaşçylygynda Rubin Kazan 2 gezek Russiýanyň kubogyny we Russiýanyň Super Kubogyny gazandy. 2017-nji ýylda onuň Rubin Kazana dolanmagyndan soňra fourfourtwo neşiri bu babatda olaryň [Rubin Kazan] onuň [Gurban Berdiýew] ýolbaşçylygynda ýene üstünlige ýetmegine garaşmalysyňyz diýip belläp geçdi.

Kazan merkezli Sport Business Online neşiriniň çap eden Gurban Berdiýew bilen söhbetdeşliklerde Gurban Berdiýewiň Marselo Lippi we Karlo Ançelotti bilen görüşendigi, olar bilen tejribe we bilim çalyşygynda bolmak maksatly olaryň topar türgenleşiklerine syn edendigi, Guardiola bilen hem beýle duşuşyk rejelenendigi emma soňra goýbolsun edilendigi bellenip geçilýär.

Gurban Berdiýew 2017-nji ýylda Angliýa merkezli Fourfourtwo neşiri tarapyndan dünýäniň iň naýbaşy 50 tälimçisi arasynda görkezildi, oňa bu sanawda 36-njy orunda ýer berildi. Fourfourtwo neşiri ol barada Onuň ýaly taktiki ajaýyplyga eýe tälimçi tapmak kyndyr diýýär. Mundanam daşary neşir o barada Rubini başdan-aýak onuň binýat edendigini, Rostow futbol klubynda onuň aýlygy tölenmeýän oýunçylar bilen ikinji diwiziýa düşmegiň bosagasyndaky topar bilen 2-nji orny almagynyň mugjyzadygyny belläp geçýär.

Kazan merkezli Sport Business Online neşiri Gurban Berdiýew-e derrew netijä ýetip bilýän jadygöý lakamy berilendigini belläp geçýär. Dünýäniň in naýbaşy tälimçileri arasynda görkezilen Gurban Berdiýew Russiýa Premýer ligasy taryhyndaky iň beýik ussatlar arasynda hem görkezilýär.




#Article 309: Estoniýa (434 words)


Estoniýa (), resmi ady — Estoniýa Respublikasy () — Ýewropada, Baltika deňziniň demirgazyk-gündogar kenarýakasynda bir döwlet, kenarlaryny Fin we Riga aýlaglarynyň suwlary ýuwýar.

Gündogarda Russiýa, günortada bolsa Latwiýa bilen serhetleşýär. Demirgazykda Finlýandiýadan Fin aýlagy, günbatarda bolsa, Şwesiýadan Baltika deňzi arkaly bölünip aýrylýar.

Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ag­za­sy bo­lan Es­to­ni­ýa NA­TO gu­ra­ma­sy­nyň hem ag­za­sy­dyr we Şen­gen yla­la­şy­gy­nyň gat­ny­jy­sy­dyr.

Bal­tika deň­zi­niň ak­wa­to­ri­ýa­syn­da­ky 1521 ada Es­to­ni­ýa de­giş­li­dir. Ola­ryň tut­ýan umu­my meý­da­ny 4,2 müň ine­dör­dül ki­lo­met­re ba­ra­bar­dyr. Ada­la­ryň iň ulu­la­ry Saa­re­maa we Hi­ýu­maa ada­la­ry­dyr. Ada­la­ryň tut­ýan meý­da­ny­nyň ulu­dy­gyna ga­ra­maz­dan, ýur­duň ila­ty­nyň 5 gö­te­ri­me go­la­ýy bu ada­lar­da ýa­şa­ýar. Es­to­ni­ýa­nyň ila­ty­nyň sa­ny 1,4 mil­lio­na ba­ra­bar­dyr. Döw­let di­li es­ton di­li ha­sap­lan­ýar. Şeý­le hem, rus di­li hem giň­den ula­nyl­ýar.

Es­to­ni­ýa­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy 1992-nji ýyl­da ka­bul edil­di. Ol ýur­duň öň­ki baş ka­nun­la­ry­nyň öz­bo­luş­ly do­wa­my­dyr.

Riý­gi­ko­gy: Es­to­ni­ýa­nyň ýo­ka­ry ka­nun­çy­lyk eda­ra­sy Riý­gi­ko­gy­dyr. Bir pa­la­ta­ly par­la­men­tiň ag­za­la­ry halk ta­ra­pyn­dan 4 ýyl­lyk möh­le­te saý­lan­ýar. Par­la­men­tiň dü­zü­min­de 101 de­pu­tat bar.

Hö­kü­me­ti: Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji hä­ki­mi­ýet Riý­gi­ko­gy­nyň öňün­de ha­sa­bat ber­ýär. Hö­kü­me­tiň baş­ly­gy­ny saý­la­mak hem-de hö­kü­me­ti ýa­tyr­mak Riý­gi­ko­gy­nyň yg­ty­ýar­ly­gy­na de­giş­li­dir.

Pre­zi­den­ti: Pre­zi­dent par­la­ment ta­ra­pyn­dan 5 ýyl­lyk möh­le­te saý­lan­ýar. Eger köp ses alyn­ma­dyk ha­la­tyn­da, on­da döw­let baş­tu­ta­ny­ny saý­law ýyg­na­gy saý­la­ýar. Oňa de­pu­tat­lar bi­len bir ha­tar­da ýer­li do­lan­dy­ryş edara­la­ry­nyň we­kil­le­ri hem gat­naş­ýar­lar.

Ka­zy­ýet ul­ga­my: Es­to­ni­ýa­nyň hu­kuk ul­ga­my, esa­sa­nam, ra­ýat hu­ku­gy Ger­ma­ni­ýa­nyň hu­kuk ul­ga­my­na meň­zeş­dir. Bu iki ýur­duň ara­syn­da­ky ta­ry­hy gat­na­şyk­lar bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Hu­kuk ul­ga­my ga­raş­syz­dyr, ka­zy­lar he­mi­şe­lik bel­len­ýär we olar baş­ga bir we­zi­pe­de iş­läp bil­me­ýär.

Es­to­ni­ýa­nyň mil­li gü­li – del­we­re, mil­li gu­şy – gar­la­waç­dyr. Es­to­ni­ýa­nyň mil­li da­şy – hek da­şy­dyr.

Şä­her­le­ri: Es­to­ni­ýa­da şä­her de­re­je­sin­de 47 ilat­ly no­kat bar. Ýur­duň paý­tag­ty bo­lan Tal­lin şä­he­ri­niň 500 müň­den gow­rak ýa­şaý­jy­sy bar. Mun­dan baş­ga-da, Tar­tu, Koht­la-Ýar­wa we Nar­wa ýa­ly şä­her­le­riň hem ila­ty­nyň sa­ny 100 müň­den geç­ýär.

Es­to­ni­ýa in­dust­ri­al-ag­rar ýurt ha­sap­lan­ýar. Ma­şyn­gur­lu­şyk, hi­mi­ýa se­na­ga­ty, azyk se­na­ga­ty we ýe­ňil se­na­ga­ty has ösen­dir. Oba ho­ja­ly­gyn­da mal­dar­çy­ly­ga uly üns be­ril­ýär. Süýt we et önüm­le­ri­ni köp ön­dür­ýär­ler. Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­dan öň oba ho­ja­lyk pu­da­gy­na köp üns ber­lip­dir. Ýur­duň eks­port ed­ýän ha­ryt­la­ry­nyň ag­ram­ly bö­le­gi bu pu­da­gyň ha­sa­by­na ama­la aşy­ry­lyp­dyr. Soň­ky ýyl­lar­da se­na­gat pu­dak­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi ug­run­da uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Mu­nuň ne­ti­je­sin­de ýe­ňil se­na­ga­ty, de­ňiz gä­mi gat­na­wy we ma­şyn gur­lu­şyk ugur­la­ryn­da uly ösüş­ler ga­za­nyl­dy.

Es­to­ni­ýa ga­raş­syz­ly­gy­ny ga­za­nan­dan soň­ra ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da alyp bar­mak işi­ne gi­ri­şil­di. 1992-nji ýy­lyň 20-nji iýu­nyn­da ýur­duň tä­ze mil­li pu­ly es­ton kro­ny do­la­ny­şy­ga gi­ri­zil­di. 1999-njy ýyl­da Es­to­ni­ýa Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy­na ag­za bol­dy. Finl­ýan­di­ýa, Şwe­si­ýa, Ger­ma­ni­ýa we Rus­si­ýa Es­to­ni­ýa­nyň esa­sy söw­da hyz­mat­daş­la­ry bo­lup dur­ýar­lar. 2004-nji ýyl­da Es­to­ni­ýa Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň do­ly hu­kuk­ly ag­za­sy bol­dy.

Es­to­ni­ýa­da ila­tyň 71 gö­te­ri­mi in­ter­net ulga­myn­dan iş­jeň peý­da­lan­ýar. Maş­ga­la­la­ryň 63 gö­te­ri­mi­niň öýün­de öz komp­ýu­te­ri bar. Ýur­duň äh­li mek­dep­le­ri in­ter­net ul­ga­my­na bi­rik­di­ri­len­dir. Es­to­ni­ýa­nyň çä­gin­de 1100 sa­ny umu­my in­ter­net no­kat­la­ry he­re­ket ed­ýär. Ýurt­da 1000 go­laý zo­lak­da in­ter­ne­ti ka­bel­siz ulan­ma­ga müm­kin­çi­lik bar.




#Article 310: Maýkrosoft (123 words)


Microsoft korporasiýasy  (iňlisçe: Microsoft Corporation) düýbi Waşingtonda ýerleşýän Amerikanyň köp milletli tehnalogiki kärhanasydyr. Bu elektron enjamlary, kompýuter programmalary, şahsy kompýuterleri we ş.m  döredýän, bejerýän we satýan kärhanadyr. Kärhana köp özüniň Maýkrosoft Windows operasiýon sistemasy, Maýkrosoft Ofis , Edge programmalary bilen tanalaýar. 2016-njy ýylda gazanan girdeýjisi boýunça dünýäde iň uly programma ýasaýan kärhana hökmünde saýlandy.   we dünýäniň iň gymmat kärhanalaryň sanawyndadyr.  Microsoft  söz  microcomputer (mikrokompýuter) we software (programma) sözleriniň goşulmagyndan emele gelýär.  Maýkrosoft 2018-nji ýylyň hasabyna görä Amerikanyň iň girdeýjili 30-njy kärhanasydyr. .

Maýkrosoft  Bill Geýts we Paul Allen tarapyndan 1975-njy ýylyň 4-nji aprelinde döredildi. 

Maýkrosoft-yñ öndürýän enjamlary dünýäniñ 80-den gowrak ýurdunda satylýar, programmalary bolsa 45-den gowrak dillere terjime edilendir.
Kompaniýanyñ ştab kwartirasy Redmond(ABŞ) şäherinde ýerleşýär.Korporasiýanyñ dünýä boýunça işgärleri 90 müñe golaý adama barabardyr(2010ý).




#Article 311: Filosofiýa (126 words)


Filosofiýa ylmy öžüniň has ýokary klassiki formasyny Gadymy Gresiýada döredýär. Gadymy Gresiýanyň alymlarynyň ylmy işlerinde ilkinjileriň hatarynda “filosof” we “filosofiýa“ sözleri ulanylypdyr. Ylmy çeşmelere görä ilkinji bolup gadymy grek matematigi akyldar Pifagor (takmynan b. e. öň 580-500-nji ýyllarda) we Platon (b.e.öň 428-427-347) tarapyndan “filosof”sözi ulanylypdyr.

Filosofiýa sözi doly manysynda grek sözi bolup, “phileo”-“filio”-“söýgi”, “sofiýa”-paýhas diýen manylardan durýar we “paýhasa söýgi” diýmekligi aňladýar.

Paýhaslylyk mehaniki häsiýetde ylmy maglumatlary toplamak däldir, ol dünýä bir bütewilikde akyl ýetirmekden, şonuň ýaly-da onuň ýeke-täk başlangyjyna düşünmekden ybaratdyr.

Filosofiýa özüniň paýhasa hem-de hakykylyga bolan garaýşy bilen ilkinji bolup ylma ornaşyp başlaýar. Filosofiýada ilki-ilkiler umumy bilim tutuş dünýä we adam barada bolupdyr. Matematika, astronomiýa, mehanika, medisina, psihologiýa, taryh, etika, estetika we beýleki bilimler soň döräpdir.

Danagulyýew O., Ýusupowa S.A. Filosofiýa. Aşgabat – 2010ý.




#Article 312: Barak Obama (359 words)


Barak Hüseýin Obama (4 Awgust 1961) —  Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidentidir (2009-2017). Ol 2008-nji ýylyn 4-nji noýabrynda bolup geçen saýlawda Amerikanyn 44-nji prezidenti saýlandy we prezidentlik wezipesini Jorj Buşdan aldy. 2012-nji ýylyň 6njy noýabrynda ol dalaşgär Mit Romni bilen bolan saýlawda ikinji gezek Amerikanyň prezidenti bolmagy başardy. Ol Amerikanyň ilkinji garaýagyz prezidentidir.

Ol Amerikanyň Gawaý ştatynyň Gonolulu şäherinde 1961-nji ýylyň 4-nji awgustynda doguldy. Özi bilen bir ada eýe bolan kakasy keniýaly ejesi Ann Dunham bolsa Amerikalydy. Obama heniz 2 yaşyndaka onyň ejesi we kakasy aýrylyşdylar we kakasy Bostondaky Garward uniwersitetinde doktorlyk derejesini aldy we keniýa yzyna dolandy. Ejesi bolsa okamaga gelen bashga bir talyp bilen ikinji gezek durmuş gurdy, Obamanyň kakasy hem öweý kakasy hem dine ähmiyet bermeýän musulmanlardandy.

Ejesi we kakasy bilen Indonezýa göçen Obama Jakartada başlangyç bilim aldy we soňra yene Gonoluluwa gaydyp gelen Obama 1979-njy ýylda orta bilimi gutaryancha ejesi we babasy bilen ýaşady. Ol 1983-njı ýylda Nýu-Ýorkdaky Columbia uniwersitetiniň syýasy bilimler bölüminden uçurym boldy. 1988-nji ýylda Garward uniwersitetiniň hukuk fakultetine girdi. Garward uniwersitetinde talyp mahaly talyplar tarapyndan ýöredilýän Harvard Law Review zhurnalynyn ilkini afro-amerikan baş dolandyryjysy boldy. 1991-nji ýylda aklawjy diplomyny aldy.

Obama 1989-njy ýylda Mişel Robinson bilen tanyşdy. 03.10.1992-nji ýylda öýlendi. Aýaly Mişel Obama 1964-nji ýylda doglan we ol hem Garward uniwersiteti hukuk fakultedi uçurymydyr. Barak Obama protestant hristýandyr

Barak Obama 1992-2004 ýyllary aralykda çikago uniwersiteti hukuk fakultetinde talyplary okatdy, aklawjy bolup işledi we haýyr-sahawat işlerine gatnaşdy. Ol 1996-njy ýylda Illinois ştat senaty saylandy we syýasata tarap
ilkinji ädimini ätdi, ol muny 1998 we 2002 ýyllarynda gaýta saýlandy.

Bu saýlawda ABŞ demokratik partiýasynda Obamadan başga  Hillary Clinton, John Edwards, Joe Biden, Christopher Dodd we Bill Richardson ýaly birnäçe dalaşgärler hem gatnaşmakçydy. Her partiýadan gatnaşjak dalaşgarler her ştatda bashga bashga wagtda bolup gechyan saylawlar bilen kesgitlenyardi. 2008 yylbaşynda demokratik partiya dalaşgarlerinden Hillary Klinton we Obamadan başga ahli dalaşgarler çekildi. 2008-nji ýylyň 5-nji iyulynda Obama demokratik partiýa dalaşgari yglan edildi. Barak Obama 28-nji awgustda dalaşgarligi kabul etdi. Indi Amerika özünin ilkinji garayagyz prezidentini gormeginde onündaki yekeje böwet bardy, Jon Makkeýn: respublikan partiýa dalaşgäri. Bu iki dalaşgär 26-njy oktýabra çenli 3 gezek telewizorda görüşdiler. 4-nji noýabrda bolan saýlawda Obama sesleriň 52%sini almak bilen ilkinji garaýagyz prezident boldy.




#Article 313: Interpol (902 words)


Intеrpоl-bu özüniň hukuk bаzаsy, tеhniki üpjünçiligi wе işiniň gurаlyş tаýdаn işjеňligi bilеn hаlkаrа pоlisiýа hyzmаtdаşlygyny utgаşdyrýаn öňdеbаryjy hаlkаrа gurаmаlаrynyň biri bоlup durýаr.
Bu hаlkаrа gurаmаsy hаlkаrа jеnаýаtlаry bаrаdа hаbаr bеrmеkligе gönüdеn-göni gаtnаşýаr. Munuň ştab kwаrtirаsy Frаnsiýаnyn Liоn şähеrindе ýеrlеşýär (şоl sеbäpli hеm dünýä ýurtlаryndаn Intеrpоldа işlеmägе islеg bildirýänlеrdеn öz enе dilindеn wе iňlis dilindеn bаşgа frаnsuz dilini-dе bilmеklik  tаlаp edilýär) . 
Intеrpоl bеýlеki ýurtlаrdа özüniň güýji bilеn özbаşdаk jеnаýаt dеrňеwi bilеn mеşgullаnyp ýа-dа jеnаýаtlаryň üstüni аçmаkdаky dеssin (оpеrаtiw) çärеlеri gеçirip ýа-dа jеnаýаtkärlеri gözdеn gеçirip bilmеýär. Intеrpоldа bu işlеri gеçirmеk üçin zеrur bоlup durýаn dеssin (оpеrаtiw) güýç ýоkdur. Şеýlе-dе bu häzirki zаmаn hаlkаrа hukugynyň nukdаýnаzаryndаn sеrеdеniňdе hеm mümkin däldir. Çünki, öz çägindе bеýlе hеrеkеtlеr gеçirilýän döwlеt tаrаpyndаn bu özygtyýаrlygynyň bоzulmаgy wе içеrki işlеrinе gаtyşylmаgy hökmündе sеrеdilip bilnеr. Ýönе, Intеrpоl birnäçе ýurtlаryň pоlisiýа edаrаlаrynyň оpеrаsiýаlаryny utgаşdyrýаr, оlаryň birwаgtdа gеçirilmеgini gurnаýаr, kynçylyklаry аrаdаn аýyrýаr, tаrаplаr bilеn ylаlаşyk gаzаnylmаgyny üpjün edýär, dеrňеwdеn ýа-dа аdyl kаzyýеtdеn gаçyp gizlеnýän jеnаýаtçylаrа hаlkаrа gözlеgini yglаn edýär.
Intеrpоl-bu dürli ýurtlаryň pоlisiýа edаrаlаrynyň bеlli-bеlli jеnаýаtlаryň üstüni аçmаkdаky gündеlik işiniň mеhаnizmi wе аrаçysy bоlup, оlаryň bilеlikdäki işiniň utgаşykly gurаlmаgynа ýаrdаm edýär. Intеrpоl bu işlеýiş mеhаnizmi bilеn pоlisiýа işiniň esаsy ugurlаryny wе hаlkаrа jеnаýаtçylygynа gаrşy görеş tаktikаsyny işläp tаýýаrlаýаn dünýädе ýеkе-täk mеrkеz bоlup durýаr.
Intеrpоlyň ösüş mаksаtnаmаsyndа: «ähli çygyrdаky jеnаýаtçylykly etmişlеr bütindünýä pоlisiýа mаglumаtlаry ulgаmynа sаlynmаlydyr wе оl mаglumаtlаry аlyş-bеrişiň görnüşlеri kеsgitlеnilmеlidir» diýlip bеllеnilýär.
Şоl mаksаt bilеn hеm Intеrpоlyň Bаş sеkrеtаrlygy häzirki zаmаn kоmmunikаsiýаlаry bilеn gyzyklаnýаr wе оlаry öz işlеrindе pеýdаlаnýаrlаr. Ősеn kоmmunikаsiýаnyn üsti bilеn elеktrоn pоçtа аrkаly ýеrlеrdäki Milli Mеrkеzi Býurоlаr bilеn hаbаrlаry аlyşýаrlаr. Bu sеrişdеlеri pеýdаlаnmаk аrkаly hаlkаrа gözlеgindäki jеnаýаtçylаr, оgurlаnаn аwtоulаglаr wе çеpеr dörеdijilik işlеri, milli gymmаtlyklаr bаrаdа mаglumаtlаr аlyp bоlýаr. Şоl sеbäpli Intеrpоlyň dеssin (оpеrаtiw) işgärlеri gеrеkli mаglumаtlаry ýоkаrdа аgzаlаn sеrişdеlеriň üsti bilеn hаýаl etmän аlyp bilýärlеr. 
Elеktrоn ulgаm gümаn edilýäniň şаhsyýеtini аnyklаmаk üçin surаtlаry wе el yzlаryny аlyşmаk аrkаly hеm pеýdаlаnylýаr. 
Hаlkаrа jеnаýаtlаry wе jеnаýаtçylаr bаrаdаky tеlеkоmmunоkаsiоn ulgаm аrkаly bеrilýän mаglumаtlаr Intеrpоlyň Frаnsiýаnyň Liоn şähеrindäki ştab-kwаrtirаsyndа sаklаnyp gаlýаr.

Kriminаlislеriň Gаmburg şähеrindе gеçеn hаlkаrа аssаmblеýаsyndа frаnkоdilli döwlеtlеriň tеklibi bоýunçа rеzоlýusiýа kаbul edilýär. Оndа, turizmе wе dащаry ýurtlаrа syýаhаtа gitmägе bоlаn höwеsiň аrtmаgy bilеn hаlkаrа jеnаýаtlаryň täzе görnüşlеriniň dörеýändiginiň üstündе durulýаr. Şеýlе hеm, ähli ýurtlаryň pоlisiýа bölümlеriniň düzümindе оl jеnаýаtlаry öwrеnmеk wе zеrur çärеlеri görmеk, hаlkаrа jеnаýаtlаry bаrаdа hаbаrlаry аlyşmаk, biri-biri bilеn göni gаtnаşyklаry hаs-dа gоwlаndyrmаk mаksаdy bilеn milli mеrkеzi býurоlаry dörеtmеk bаrаdа аýdylýаr.
Hаlkаrа jеnаýаtçylygynа gаrşy görеşmеk bаrаdа 1905-nji ýyldаky (Buenоs-Аýrеs), 1909-njy ýyldаky (Mаdrid), 1912-nji ýyldаky (Sаn-Pаulо), wе 1913-nji ýyldаky (Wаşingtоn) kоnfеrеnsiýаlаryndа wе kоngrеsslеrindе аrа аlnyp mаslаhаtlаşyldy. Оlаryň ählisi hеm оl ýа-dа bеýlеki dеrеjеdе hаlkаrа häsiýеtinе еýеdirlеr. 

Jеnаýаt pоlisiýаnyň ähli güýjüni bir ýеrе jеmlеmеk bаrаdаky işlеri gеçmägе çаlyşаnlаryň biri hеm Bаwаriýа hökümеtiniň wеkili dоktоr Hеýndеldir.  Emmа, оnuň gеçirеn çärеlеri hаlkаrа dеrеjеsindе аmаlа аşmаn, diňе 1912-nji ýyldа Bеrlindе çаgyrylаn nеmеs ýеrlеriniň pоlisiýа güýçlеriniň kоnfеrеnsiýаsynа çеnli nеtijе bеrdi. 

Dеgişli kоngrеssiň gün tеrtibinе 4 (dört) mеsеlе girizildi:

Bu kоngrеsiň bölümçеlеrindе dürli ýurtlаryň pоlisiýаlаrynyň rеsmi wеkillеri pоlisiýаnyň hаlkаrа bitеwi kаnunyny (kоdеksini) kаbul etmеk, pоlisiýаnyň оfisеrlеrini gоrаmаk bilеn bаglаnşykly tеhniki wе bеýlеki mеsеlеlеrе  gаrаdylаr. 
Birinji bölümçе (sеksiýа) pоlisiýаnyň umumy prоblеmаlаrynа sеrеtdi.
Ikinji wе üçünji bölümçеlеrdе (sеksiýаlаrdа) hаlkаrа pоlisiýаsynyň ýöritе mеsеlеlеri wе ýurtlаryň kаnunçylygynyň аýrаtynlyklаry аrа аlnyp mаslаhаtlаşyldy. Frаnsiýаnyň pоlisiýаsynyň wеkili Dеwid bu ulgаmlаry bеlli bir kаdа sаlmаklygy tеklip etdi. 
Kоngrеssе gаtnаşyjylаr Mоnаkоnyň wеkilindеn Pаriжdе şаhsyýеti tаssyklаýаn щаhаdаtnаmаny işlеmеk bаrаdаky tоpаry wе hаlkаrа jеnаýаtlаryň ýеkе-täk hаlkаrа býurоsyny dörеtmеk bаşlаngyjyny öz üstüne аlmаgyny sоrаdylаr. Sоňundаn kоngrеssе gаtnаşyjylаr Buhаrеstdе ýеnе-dе iki ýyldаn Jеnаýаt pоlisiýаsynyň ikinji hаlkаrа kоnrеssindе duşuşmаklygy wаdаlаşdylаr.
Birinji jаhаn urşynyň bаşlаnmаgy wаdаlаşylаn ähli umytlаry wе kаbul edilеn ähli Mоnаkо rеzоlýusiýаlаryny аrаdаn аýyrdy.
Birinji jаhаn urşundаn sоňrа hаlkаrа jеnаýаtçylyk prоblеmеlаry ýеnе-dе hаs ýiti görnüşdе ýüzе çykyp bаşlаdy. Bоlup gеçеn hаrby ýаgdаý аdаmlаrа güýçli täsir edipdi. Jеnаýаtçylyk göz görtеlе ýоkаrlаndy, nеşеkеşlik wе аrаkhоrlur аrtdy. Şоl sеbäpli hеm jеnаýаtçylygа gаrşy görеşmеkdе pоlisiýаnyň güýçlеrini hаlkаrа dеrеjеsindе birlеşdirmеk mеsеlеsi hаs-dа аktuаllаşdy.

Kоngrеsiň rеzоlýusiýаsyny hаlkаrа jеnаýаtçylygynа gаrşy görеşmеkdе pоlisiýаnyň öňündе durýаn wеzipеlеr düzdi. Bu bоlsа, hаlkаrа jеnаýаtçylygynа gаrşy görеşmеkdе dürli ýurtlаryň pоlisiýаlаrynyň özаrа gаtnаşygyny ýоlа gоýmаklаrynа, özаrа hyzmаtdаşlygyny ýоkаry götеrmеkligе esаs dörеdýän hаlkаrа ylаlаşygy bоldy.
Mundаn bаşgа-dа kоngrеss Jеnаýаt pоlisiýаsynyň hаlkаrа tоpаryny (JPHT) dörеtdi. Оl bоlsа hаýаl etmän özüniň mеýilnаmаsy esаsyndа işе girişdi. Şеýlеlik bilеn 1923-nji ýyl Hаlkаrа jеnаýаt pоlisiýаsy gurаmаsynyň dörеdilеn güni hаsаp edilsе-dе, Intеrpоl hаkykаt ýüzündе 1956-njy ýylа çеnli rеsmi tаýdаn Hаlkаrа jеnаýаt pоlisiýа tоpаry diýlip аtlаndylylyp gеlindi. 

Ikinji gurultаý 1926-njy ýyldа Wеnаdа çаgyryldy. Оndа 21-sаny wаjyp rеzаlýusiýа kаbul edildi. Bu rеzаlýusiýаlаr esаsаn hаlkаrа jеnаýаtlаr bаrаdаky mаglumаtlаrа, pоlisiýа güýçlеriniň аrаsyndа tеlеgrаf аrаgаtnаşygyny ýоlа gоýmаklygа, pоrnоgrаfik filmlеrе wе edеbiýаtlаrа gаrşy gönükdirilеn çärеlеr bаrаdаdyr. Şеýlе-dе bu gurultаýdа Bеlgiýаnyň wеkili jеnаp Kеffеrаnyň nоbаtdаky 1926-njy ýylyň kоngеssini Bеrlindе gеçirmеk bаrаdаky tеklibi gоldаnyldy.

Jеnаýаt pоlisiýаsynyň hаlkаrа tоpаrynyň (JPHT) nоbаtdаky kоngrеsslеri 1934-nji ýyldа Wеnаdа, 1935-nji ýyldа Kоpеngаgеndе, 1936-njy ýyldа Bеlgrаddа, 1937-nji ýyldа Lоndоndа, 1938-nji ýyldа Buhаrеstdе gеçirildi.
Jеnаýаt pоlisiýаsynyn hаlkаrа tоpаrynyň Ikinji jаhаn urşy döwründе işlеýщi bаrаdа gysgаçа durup gеçеliň.

Ikinji jаhаn urşunyn dоwаmyndа Hаlkаrа jеnаýаt pоlisiýаsynyň ýеkеjе-dе rеsmi kоngrеssi gеçirilmеdi.  
Bеlgiýаnyň hökümеtiniň çаgyrmаgy bоýunçа 1946-njy ýylyň Оguz аýynyň 3-5 аrаlygyndа 17-döwlеtiň wеkillеri 1938-nji ýyldаn bäri mаslаhаty gеçirilmеdik Jеnаýаt pоlisiýаsynyň hаlkаrа tоpаryny dikеltmеk mаksаdy bilеn Brýussеldе duşuşdylаr. Bu mаslаhаtdа JPHT-nyň Prеzidеntliginе wе Bаş sеkrеtаrlygynа dеgişlilikdе Bеlgiýаnyň Аdаlаt ministrliginiň esаsy inspеktоry  M. Luwаж, Frаnsiýаnyň Içеri Işlеr ministrliginiň ýаnyndаky frаnsuz jеnаýаt pоlisiýаsynyň bаşlygy M. Dynе Duklо sаýlаnylýаr. Şеýlе hеm  Gurаmаnyň ştab-kwаrtirаsyny Pаriже gеçirmеk bаrаdа çözgüdе gеlinýär. Dünýäniň  19-döwlеtiniň gаtnаşmаgyndа JPHT-y dikеldildi. Оl döwlеtlеr: Bеlgiýа, Çili, Dаniýа, Müsür, Frаnsiýа, Grеsiýа, Gоllаndiýа, Eýrаn, Lýuksеmburg, Nоrwеgiýа, Pоlща, Pоrtugаliýа, Şwеsiýа, Şwеýsаriýа, Çеhоslоwаkiýа, Türkiýе, Bеýik Britаniýа, Аmеrikаnyň Birlеşеn Ştаtlаry wе Ýugоslаwiýаdyr.
Indi bоlsа, «Intеrpоl» diýеn sözüň wе оnuň nyşаnynyň dörеýşi bаrаdа durup gеçеliň.




#Article 314: Forbes (152 words)


   

    
Suratkeş-floraçy Aýrýan Galstýanyň döreden  köýnegi dünýä zenanlarynyň arasynda taryp ediji seslenmelere mynasyp boldy. Bu köýnek diňe zenanlary däl,eýsem,erkekleri hem biňarh goýmady. Täsin köýnegiň görkezilişi uly dabara bilen geçdi. Sebäbi  ukrain  dizaýneri ony Ginnesiň rekordlar  kitabyna hem  hödürledi. Okajylarda “Köýnek haýsy biçüwi bilen haýran galdyrýarka? “ diýen sowalyň  ýüze  çykmagy ahmal. Köýnek , dogurdanam ,örän owadan  hem-de  täsin. Uzynlygy 11,92 metre barabar bolan köýnek     10 000 sany benewşe reňkli ter orhideýa gülleri bilen bezelipdir.Güller solmaz ýaly,köýnek iki gat matadan: asty atlazdan , üsti gara mahmaldan  ybarat. Ýagny  atlaz  çyglylygy saklaýar, mahmalyň sütüjekleri bolsa toprak mysaly gülleri çygly saklaýar. Bir ýylyň dowamynda  tikilen bu köýnegi  köpçülige  görkezmek üçin uly zal gerek boldy. Ony “Älem  gözeli - 2011” bäsleşiginde  ikinji orna mynasyp bolan ukrain gözeli Olesýa Stefanko geýdi. Köýnek aşa uzyn bolonsoň, her tarapyndan 5 gyz onuň etegini götermeli boldy. Umuman , A.Galstyan maksadyna ýetdi. Ol döreden gözel  lybasy bilen ukrain rekordlar kitabyna girmegi başardy.




#Article 315: I.M. Gubkin adyndaky Russiýa Döwlet nebit we gaz uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki Şahamçasy (104 words)


I.M. Gubkin adyndaky Russiýa Döwlet nebit we gaz uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki Şahamçasy, Türkmenistanda bir uniwersited.

Giriş synaglary matematikadan, fizikadan we rus dilinden test, şeýle hem Türkmenistanyň taryhyndan söhbetdeşlik görnüşinde geçirilýär:
Dersler boýunça test ýazmaça, rus dilinde; söhbetdeşlik- dilden Türkmenistanyň döwlet dilinde geçirilýär.
Test we  söhbetdeşlik Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Giriş synaglaryna bellenen wagtda esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda bal alanlardan diňleýjilige kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan Türkmenistanyň nebit - gaz toplumynyň edaralarynda, kärhanalarynda işleýän we onuň ministrliginden, konsernlerinden hem-de korporasiýalaryndan hödürnama alan raýatlar peýdalanýarlar.




#Article 316: ASP (1505 words)


Öndüriji 		:  Microsoft
Durnukly goýberiliş	:  3.0 (täze wersiýasy meýilleşdirilmeýär)

Görnüşi	          	:  Web-programma karkasy

Lisenziýasy      	:  Hususy

ASP 2.0 alty sany yaýýar obýekti üpjün edýär: Application, ASPError, Request, Response, Server we Session. Meselem, Session üýtgeýänleriň ýagdaýyny sahypadan-sahypa üpjün edýän kuki esasly sessiýany görkezýär. Active Scripting işleýjisiniň Component Object Model (COM)-e bar bolan goldawy ASP websaýtlarynyň DLL-ler ýaly kompilýatiw kitaphanalarda funksionallyga girmegine mümkinçilik berýär.
.asp faýl giňeltmeli web-sahypalar ASP ulanýarlar, emma käbir websaýtlar howpsuzlyk maksatlary sebäpli özleriniň skriptleýiş dillerini gizleýärler (mes. has giňden ýaýran .htm ýa-da .html giňeltmelerini ulanýarlar). .aspx giňeltmeli sahypalar kompilýatiw ASP.NET ulanýarlar (Microsoft-yň .NET Framework-iniň esasynda), bu bolsa, olary iş wagtynda interprirlenýän ASP serwer skriptindäkiden has çaltlaşdyrýar we güýçlendirýär; şeýle hem bolsa, ASP.NET sahypalary barybir käbir ASP skriptlerini öz içine alýan bolmagy mümkin. ASP.NET-iň ulanmaga girizilmegi esasy tehnologiýa üçin Classic ASP diýen terminiň ulanylmagyna getirdi.
Programmaçylar aglaba ASP sahypalaryny VBScript ulanyp ýazýarlar, emma oňa derek islendik başga bir Active Scripting işleýjisini @Language direktiwasy ýa-da  sintaksisi bilen saýlap bolýar. JScript (Microsoft-yň ECMAScript amala-aşyrmasy) adatça elýeterli başga bir dildir. PerlScript (Perl ýasamasy) we beýlekiler başga gurulýan Active Scripting işleýjileri hökmünde elýeterlidir.

Aspect Software Engineering tarapyndan döredilen dbWeb we iBasic gurallaryna esaslanýan ASP web programmanyň ýerine ýetirilişini gönüden-göni web serwere integrirlän ilkinji web programma taýýarlaýyş serişdeleriniň biridi, ol NeXT-iň (häzir Apple) WebObjects-iniň 1996-njy ýyldaky goýberilişinden 9 aý soňra çykarylypdy. Bu daşarky ulanyp bolýan programmalary ýa-da CGI skriptlerini çagyrmaklyga garanyňda has ýokary önjeýlilik gazanmak üçin ýerine ýetirildi, olar şol wagt web programma ýazmaklygyň iň ýörgünli usulydy.
Microsoft korporasiýasy IIS 3 üçin ASP-ni çykarmanka, IIS-de işleýän web programmaçylar dinamiki maglumatlary we sahypalary görkezmek hem-de dolandyrmakda ODBC sürüjileri bilen kombinirlenen IDC we HTX faýllaryna bil baglaýardylar. Bu faýl formatlarynyň we gurluşlarynyň esaslarynyň ASP-niň irki wersiýalarynyň ýerine ýetirilmeginde iň bolmanda kem-käsleýin ulanylmagyna dowam edildi.

Halcyon InstantASP (iASP) we Chili!Soft ASP üçünji tarap önümleri Microsoft Windows işlediş ulgamlaryndan başga platformalarda ASP-ni işledýärler. Hakyky ASP-niň hiç bir alternatiwasy ähli funksiýalary doly emulirläp bilmeýär, üstesine adaty ASP-niň hiç hili meselesi ýok maglumat bazasynyň birikmesi ýaly funksionallygy gazanmak üçin goçmaça komponentleri hem talap edip bilýärler. Microsoft Access maglumat bazalary üçin goldawyň Windows däl ulgamlarda aýratyn meselä öwrülmegi mümkin.

JScript ulanýan Chili!Soft ASP-den tapawutlylykda, iASP programmasy VBScript we JScript dillerini ulanyp bilýär. Microsoft-yň ASP-si bularyň ikisini hem ulanyp bilýär, şeýle hem onuň başga dillere şol skript işleýjisini ulandyrmak potensialy hem bar. iASP programmasy Java-da ýazylandy, şonuň üçinem ol islendik işleýiş ulgamynda diýen ýaly işleýärdi. Indi iASP onçakly elýeterli däl ýa-da iň azyndan ony tapmak örän kyn.
Elýeterli başga diller hem bar: mes. Perl we TCL, emma olar o diýen giňden tanalmaýar ýa-da ASP scriptlemesi üçin ulanylýar. Apache Webserver moduly ASP-ä çalymdaş Perl skript dilini işledýär.

Ilki bilen 1997-nji ýylda goýberilen Chili!Soft programmasy 2000-nji ýylyň 24-nji maýynda Cobalt Networks tarapyndan alyndy. Soňra bolsa, Cobalt Networks-i Sun Microsystems satyn aldy (7 dekabr, 2000). Chili!Soft-yň ady Sun ONE Active Server Pages bilen çalşyryldy, ondan soňra bolsa Sun Java System Active Server Pages diýlip üýtgedildi. Chilisoft ASP programmasy C/C++ bilen ýazylan, ol belli bir web serwer wersiýasyna pugta baglydyr. Sun-a görä, Sun Java System Active Server Pagesiň ömri paýawlap barýar.

ASP-de programmaçylar Microsoft-yň Active Scripting standardy bilen utgaşykly islendik skriptleýiş dilini ulanyp bilýärler. Gaýybana skriptleýiş dili (classic ASP) - VBScript:

Ýa-da ikisi hem birmeňzeş işleýän has ýönekeý formatda

Ýokaryda berlen mysallar HTML dokumentiniň tekstine Salam Dünýä! diýen jümläni print edýär.

ASP.NET programmaçylaryň dinamiki websaýtlary, web programmalaryny we web hyzmatlaryny gurmagyna mümkinçilik döretmek maksady bilen, Microsoft tarapyndan tayyarlanylan we satuwa çykarylan web-programma karkasydyr. Ol ilki bilen .NET Framework-iň 1.0 wersiýasy bilen 2002-nji ýylyň ýanwarynda goýberildi, ol Microsoft-yň Active Server Pages (ASP) tehnologiýasynyň mirasdüşeridir. Common Language Runtime (CLR)-da gurlan ASP.NET programmaçylaryň islendik goldanylýan .NET dilini ulanyp, ASP.NET koduny ýazmaklygyna mümkinçilik berýär. ASP.NET SOAP giňeltmesiniň karkasy ASP.NET komponentleriniň SOAP habarlaryny işlemekligine şert döredýär.

Başlangyç prototipe XSP diýlip, at berildi; Guthrie 2007-nji ýyldaky bir interwýusynda şeýle düşündirýärdi: Adamlar hemişe X-iň nämäniň gysgaltmasydygyny soraýarlar. Şol wagt aslynda ol hiç bir zadyň gysgaltmasy däldi. XML şeýdip başlady; XSLT hem şeýdip başlady. X harpy bilen başlamaklyk hiç neneňsi bolmady, ine biziň başdaky at goýşumyz şeýleräk boldy. XSP-niň başlangyç prototipi Java bilen taýýarlanyldy, emma kän salym geçmänkä täze platformany Common Language Runtime (CLR)-yň üstüne gurmaly diýen netijä geldik, sebäbi ol obýekte gönükdirilen programmalaýyş gurşawyny, zibil ýygnamaklygy we Microsoft-yň Component Object Model platformasynyň goldamaýan funksiýalary hökmünde kabul edilýän başga fuksiýalary hem hödürleýärdi. Guthrie gelnen bu netijäni uly töwekgelçilik diýip suratlandyrýar, sebäbi olaryň täze web taýýarlaýyş platformasynyň şowly çykmaklygy CLR-niň şowlulygyna bagly boljakdy, CLR hem edil XSP ýaly şol wagt taýýarlamaklygyň irki sepgitlerindedi, hatda XSP topary Microsoft-da CLR-ni maksat edinýän ilkinji topardy.

Common Language Runtime-a geçilmekligi bilen, XSP täzeden C#-a ornaşdyryldy (oňa içerki leksikada Project Cool diýilýärdi, ýöne jemgyýetçilikden gizlin saklanylýardy), şeýlelikde onuň ady ASP+ edilip üýtgedildi, şol pursada çenli täze platforma Active Server Pages-iň mirasdüşeri hökmünde garalýardy, mundaky esasy niýet bolsa ASP taýýarlaýjylary üçin ýeňil geçiş ýoluny üpjün etneklik bolup durýardy.
Mark Anders 2000-nji ýylyň 2-nji maýynda Arizonanyň Phoenix (Feniks) şäherinde geçirilen ASP Connections konferensiýasynda ilkinji gezek ASP+-y görkezdi. Giň jemgyýetçilige görkezişler we ASP+-yň başlangyç beta wersiýanyň goýberilişi (şeýle hem .NET Framework-iň galan bölegi) 2000-nji ýylyň 11-nji iýulynda Floridanyň Orlando şäherinde geçirilen 2000 Professional Developers konferensiýasynda bolup geçdi. Bill Gates-iň esasy presentasiýasy wagtynda, Fujitsu kompaniýasy ASP+-yň COBOL bilen bilelikde ulanylýandygyny görkezdi, şeýle hem başga köpdürli diller, şol sanda Microsoft-yň täze Visual Basic .NET we C# dilleri, şeýle-de, ActiveState tarapyndan döredilen utgaşyklyk gurallary arkaly Python we Perl üçin goldawy yglan edildi.

Dört ýyllyk taýýarlykdan hem-de 2000-nji we 2001-nji ýyllardaky beta wersiýalardan soň, 2002-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda .NET Framework 1.0 wersiýasynyň bir bölegi hökmünde ASP.NET 1.0 goýberildi. Hatda heniz goýberilmankä, ASP.NET hakynda onlarça kitap ýazyldy, Microsoft bolsa, ony özüniň web hyzmatlary platformasynyň bir bölegi hökmünde giňden reklama etdi. Guthrie ASP.NET-iň önümçilik birliginiň menejeri boldy, taýýarlaýyş bolsa çalt depginde dowam etdi, 1.1 wersiýasy 2003-nji ýylyň 24-nji aprelinde Windows Server 2003-üň bir bölegi hökmünde goýberildi. Bu goýberiliş ASP.NET-iň ykjam enjamlary goldamaklygyna gönükdirildi.

Pages.NET sahypalary, resmi ady boýunça web-formalar programma taýýarlamakda esasy gurujy bloklar bolup durýar. Web-formalar .aspx giňeltmeli faýllarda bolýar; bu faýllarda adatça statiki (X)HTML belligi, şeýle-de, serwer Web Controls-y we User Controls-y kesgitleýän bellik bolýar, ol ýerde taýýarlaýjylar web-sahypa üçin talap edilýän ähli statiki we dinamiki mazmuny ýerleşdirýärler. Mundan başga-da, serwerde işleýän dinamiki kody  blogynyň içinde sahypa ýerleşdirip bolýar, ol PHP, JSP we ASP ýaly beýleki web taýýarlaýyş tehnologiýalaryna meňzeşdir, ýöne maglumat birikdiriş maksatlaryndan başga ýagdaýlarda bu praktika umuman maslahat berilmeýär, sebäbi ol  sahypa emele getirilýärkä has köp çagyryş talap edýär.
Bellik: Bu mysal kody tekst-içi ulanýar, code-behind ýaly däl.

Microsoft dinamiki programma koduna code-behind modelini ulanyp, çemeleşmekligi maslahat berýär, ol bu kody aýratyn bir faýla ýa-da ýörite script tegine ýerleşdirilýär. Code-behind faýllarynyň adatça MyPage.aspx.cs ýa-da MyPage.aspx.vb ýaly atlary bolýar, sahypa faýlynda bolsa, MyPage.aspx (sahypa faýlynyňky (ASPX) bilen birmeňzeş bolýar, emma ahyrky giňeltmesi sahypanyň dilini görkezýär). Bu praktika Microsoft Visual Studio-da we başga IDE-lerde awtomatikdir. Şu stildäki programmalar ulanylýan mahaly, taýýarlaýjy dürli wakalara, mes. ýüklenilip duran sahypa, ýa-da üstüne basylan dolandyryşa jogap bermek üçin, dokumentde proseduralaýyn iş geçirmeýär-de, eýsem kod ýazýar.
ASP.NET-iň code-behind modeli Classic ASP-den aýrybaşgalaşýar, sebäbi ol taýýarlaýylara prezentasiýa bilen mazmuny ýadynda böleklere aýryp, programma döretmeklige çagyrýar. Teoriýada, bu bir web-dizaýnere, meselem, dizaýn belligine ünsüni jemläp, ony işledýän programmalaýyş koduna zeper ýetirmezlige şert döredýär. Bu bolsa, kontrolçyny model-view-controller karkaslaryndaky görnüşden aýyrmaklyga meňzeşdir.

Windows ulanyjy interfeýsine meňzeş kontrollardan emele gelýän sahypalary döretmeklik ukybyny hödürlemeklik arkaly, ASP.NET taýýarlaýjylaryň Windows programma taýýarlaýlyndan web taýýarlaýşa geçmekligini ýeňilleşdirýär. Bir web kontroly, meselem düwme ýa-da ýarlyk, edil öz Windowsdaky kärdeşi ýaly işleýär: kod onuň aýratynlyklaryny belläp we onuň wakalaryna jogap berip bilýär. Kontrollar özlerini nädip döretmelidigini bilýär: Windows kontrollary bolsa, özlerini ekrana çekýärler, web kontrollary HTML we JavaScript segmentlerini döredýär, olar bolsa ahyrky ulanyjynyň brauzerine iberilýän gutarnykly sahypanyň böleklerini düzýär.
ASP.NET tehnologiýasy programmaçylary ASP we PHP ýaly adaty web-skriptleýiş gurşawlarynda däl-de, waka dolandyryşly GUI modeli ulanmak arkaly programma döretmeklige höweslendirýär. Ýagdaý ýatlamaýan web gurşawyny hemişelik (isleg-ara) ýagdaýa geçirmek maksady bilen, bu karkas JavaScript ýaly bar bolan tehnologiýalary ViewState ýaly içerki komponentler bilen birleşdirýär.

Obýekt kody taýýarlaýyş tapgyrynda has köp dizaýn-wagt säwlikleriniň saplanmagy arkaly has çalt işleýän programmalary aňladýar.
Iş-wagt säwliklerini düzetmeklik ep-esli ösdürilen, try-catch bloklary rkaly kadadançykma düzedişlerini ulanýar.

Controllar we wakalar ýaly Microsoft Windows programmalaryna meňzeş metforalary bar. 
Kontrollaryň we klass kitaphanalarynyň giň toplumy programmalryň tiz döredilmegine şert döredýär, şeýle-de ulanyjynyň kesgitleýän kontrollary menýular ýaly giňden ulanylýan web şablonlaryna şert döredýär. Bu kontrollaryň sahypadaky ýerleşişi has ýeňil, sebäbi onuň uly bölegini aglaba redkatorlarda wizual ýerine ýetirip bolýar.

ASP.NET tehnologiýasy .NET Common Language Runtime-yň köp dilli mümkinçiliklerinden peýdalanýar, web-sahypalary VB.NET, C#, J#, Delphi.NET, Chrome we ş.m. bilen kodlamaga şert döredýär.
Önjeýliligi ýokarlandyrmak üçin tutuş sahypany ýa-da onuň käbir böleklerini keşirlemäge ukyply.
Biznes-logikany presentasiýadan bölüp aýyrmak üçin, code-behind taýýarlaýyş modelini ulanmaga ukyply.
Sahypany we kontrollary programmalamak üçin hakyky obýekt-orientirli proýektirlemäni ulanmaga ukyply
Eger bir ASP.NET programmasy ýat syzdyrsa, ASP.NET iş-wagtyýalňyşly programmanyň hosty bolan  AppDomain-i sökýär we programmany täze AppDomain-de ýükleýär.

ASP.NET-däki sessiýa ýagdaýyny Microsoft SQL Server maglumat bazasyna, ýa-da web-serwer hökmünde şol bir kompýuterde ýa-da başga bir kompýuterde aýratyn bir prosese ýazdyryp bolýar. Şeýlelikde, web-serwer nol edilen ýa-da ASP.NET işçi prosesi resirkulirlenen mahaly, sessiýa bahalary ýitmeýär.

Web-serwer kontrollary: Bular web-formalara ulanyjy interfeýs üpjün etmek üçin ASP.NET tarapyndan işe girizilen kontrollardyr. Bu kontrollar ýagdaý-dolandyryşly kontrollardyr WYSIWYG kontrollarydyr.




#Article 317: Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysy (119 words)


Türkmenistanyň Milli Futbol Ýygyndysy - Türkmenistanyň milli futbol topary. Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Olimpiýa Stadionynda oyunlaryny geçiryar. Baş tälimçisi - Ýazguly Hojageldiýew.

Türkmenistanyň Milli Futbol Ýygyndysy - Türkmenistanyň milli futbol topary. Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Olimpiýa Stadionynda oyunlaryny geçiryar. Baş tälimçisi - Ýazguly Hojageldiýew.

FIFA-daky reýtingi: 117 (ýanwar 2015)

Rahim Kurbanmammedowyň tälimçilik eden döwründe 2003-de Aziýa çempionatyna saýlama duşuşyklarynda G toparda üstünlikli çykyş edip (TKM, BAE, Siriýa, Şri-Lanka) Aziýa çempionaty 2004-e çykmagy başardy.Şol üstünligi netijesinde 2003-de FIFA-ň sanawynda dünýäniň iň güýçli komandalarynyň 100-ligine girip 99-njy orny eýeledi.

Hytaýda geçirlen Aziýa çempionaty 2004-de C toparda (S.Arabystan, Özbegistan, TKM, Yrak) çykyş eden ildeşlerimiz S.Arabystan b.n (2-2) deňme-deň, Yrakdan 2-3 hasabynda, Özbegistandan 0-1 hasabynda utulyp toparyndan çykyp bilmedi.

BELLIK: GORAG=GORAGÇY ÝG=ÝARYMGORAGÇY HÜJ=HÜJÜMÇI

Gubangeldi Durdiyew




#Article 318: Nurberdi han (1646 words)


 

Nurberdi han ahalyň hany bolan. Ol teke-togtamys-garaýörme-wekildendir. Ol öz döwründe Sarahs söweşine (1855), Garrygala söweşine (1858), Mary söweşine (1861 ayratyn edermenlik görkezen we hanlyk derejesine yeten adam bolupdyr. ol Gowşut han bilen birlikde Mary iliniñ we Ahal iliniñ tekedir, salyr, saryk we s. m... tire taypalary öz agyzlaryna bakdyryp olaryn agzyny bir eden hanlardyr. ol Gökdepe söweşinden ön iki sany haramzada içalylaryñ elinden wepat bolyar. ony Bäherden etrabynyn Hankäriz obasyndaky gonamçylyga jaÿlapdyrlar.
                                                                             
Nurberi han 1820-nji ýylda Gökdepede dogulýar. 1880-nji ýylyñ ortalarynda hem şol ýerde aradan çykýar.
Nurberi han 1850-nji ýyllaryñ aýagynda 1880-nji ýyla çenli Ahalyñ hany bolupdyr we ömrüniñ ahyrynda Ahalyñ we Marynyñ hany bolupdyr.

Maslahatda baryp, Görogli begden – soltandan (8-9nji asyrda) tä Şirgazy han zamanyna çenli Teke Türkmenleriniñ 18-sany baş hanlygynyñ bolandy barada söhbet açylýar. Şirgazi han zamanynda Tekeleriñ baş ýaşulusy Orazmämed ogly Döwletmämed düýegöz agadan baş hanlygyñ Keýmir köre, ondan Annaseýit wekile, ondanam Myrat serdara geçişi, 1819-nji ýylda Myrat serdar ölenden soñraky 30 ýyllykda bolsa Tekelerde bir näçe gala hanlary bolup, baş hanlygyñ bolmandygy hakda gürrüñ edilýär. Uly söweşlerde han ornuna orta çykarylan gala hanlaryñ iñ ekabyry Garaoglan hanyñ (Nurberdiniñ babadaşy, baba onbegiñ ogly) 1819-20-nji ýyllarda diýen wagty eken.

Emma baş han bolmak üçin ýedi şertiñ zerur bolanlygy sebäpli,ol baş hanlyga göterilmeýär.
Umuman,şol mejlisde mongol talañçylary we beýleki gaýry ýatlar tarapyndan uly zarbalar urulyp,bir-birinden çetleşdirilen Türkmen taýpalarynyñ ýagdaýy barada pekirler orta atylýar. Esasan hem Eýranly, Russlar we beýleki gelmişikleriñ jansyzlarynyñ derdinden çarwalara we beýlekilere rahatly-gyñ ýokdygy, hemme taraplaýyn halka ýarajak, ortak, ekabyr ýolbaşçynyñ zerurdygy ýaly ençeme meselelere garalýar.

Şonda şeýle ýolbaşçylyga iki adam : Nurberdi döwletýar bay ogly (Ak wekillerden hemde Hajygurbanyñ ogly
Mämetwli kazynyñ agtygy,Ak kazynyñ çowlygy Orazmämet han (Gara goñurdan)görkezilýär.
Olaryñ ikiside öz tire-uruglarynyñ hany eken. Saýlaw mejlis hakyky alnyp barylýar. Haçanad sese goýlanda
Orazmämet han artykrak ses alýar.(şol wagtlarda gol galdyrylman,ses sanalar eken).
Emma örän paýhasly hem-de halatly serdar Orazmämet hanlygy öz üstünden aýyrylmaklaryny haýyş edýär.
Öz çykyşynyñ ahyrynda şeýle diýýär :

Owaly biribaryñ güwäliginde men hanlyk ornuny Nurberdi döwletýar baý ogluna bagyşlaýaryn,çünki ol gady-
my Bas eýamynda ýaşululyk eden Keýmirden öñki Teke Türkmenleriniñ aksakgaly Döwletmämet düýegöz aganyñ tälimini alan Anan onbeginiñ izidyr.Muny atasy Mürrük baý,kakasy Döwletýar baý hem örän çörekli-çekimli adamlardyr.Onsoñ ynanç-yktygatda,adalat-päklikde,güýç-gaýratda hem akyl-paýhasda,delewarlyk- herba

Galyberse-de, onuñ okap ýazyp bilmegi,golunyñ has giñ bolmagy,menden artyk ýerleridir. Han bolmak üçin goly giñligem gerek ahyryn. Il-günden nökerlige çekmeli,olary at-ýarag bilenem üpjün etmeli. Tekeçilikde ilden algyt-salgyt ýygnamaklygyñ ýokdygyny bilýänsiñiz. Garaz „ Goly giñiñ goly uzan ýerine ýeter, goly ýukanyñ eli ýakasyna-hyrçyna ýeter „ diýileni-dä,şu nokdaý nazardanam men hanlyk-ýaşululyk mertebesine öz razylygym bilen sesimi Nurberde bagyşlaýaryn…

Başga-da ençeme çykyşlar bolýar. Maslahat-mejlisiñ esasy guramaçy-kethudasy örän dilewar hem adalatly Atajyk molla(Nyýazdurdy mollanyñ ogly) sözüni jemläp pata berensoñ, „ Hangöter „ dabarasy başlanýar.
Şeýlelikde,Nurberdi döwletýar baý ogly hanlyga göterilýär. Nurberdi juda uzyn boýly, soñkbaşy iri, eginlek, süýrü-
Räkden uly kelleli,tüññüräk mañlaýy giñden ýaban, göniburunly, garasy köpräk goýun gözli, gaşlagrak, bugdaýreñ Gyzgylt ýüzli, azzu sözli,diñlemegi söýýän,synçy ýiti nazarly,ynanç-yktykatly,nebsinden ynsaby ýokary, rehimli hem gazaply, ýürekli, gahar-gazabyna erk edip bilýän akyl-paýhasly, söweş-syýasatdanbaşy çykýan, berk bedenli Sabyr-kanagatly, Türki sowatly sada adam bolupdyr.

Ol Anan onbegiñ ýuwlygy,Garry baýyñ çowlygy,Mürrük baýyñ agtygy,döwletýar baýyñ bolsa ogludyr. Nurberdiniñ
Üç aýaly bolupdyr(Nurigözel,Rabygözel,Güljemal).Olardanam önen ogullary: Berdimyrat batyr,döwlet beg, magtymguly han, Garry han, Ýusup beg, Magtymguly hanyñ ogly Mürrük han,onuñ ogullary Suhanguly, Ata we başgalar Ata onbeginiñ doganynyñ kowumlarynyñ biri-de Baba onbeginiñ ogly Garaoglan handyr.Ol Nurberdi bilen babadaş garyndaş.
 
Nurberdi – Teke – Togtamyş – wekil – ak wekil – Garaýörme – onbegidir.Ol 30 ýaşlarynda hanlyga göterilýär.
Garaoglan hanyñ terbiýesini alýar,emma esasy terbiýeçisi Däli tilkidir.
Şol maslahat-mejlisde Börmäniñ gala hany öwezmyrat – Dykma serdar mämetnazar ogly baş serdarlyga göterl-
Ip,ol tä hanyñ ölümine çenli onuñ sag goly bolan. Onsoñam şonda kazylyk,wekillyk,onbeglik,işabaşalyk(goşun serenjamçysy),ýüzbaşlyk ýaly ençeme wezipeler ýola goýulýar.
Şol dabara mynasybatly tutulýan üç günki toýdan soñra Döwletýar baý gylýal sürülerini ýataklara gabap,ulagsyz Jigitleri at saýlap almagy yglan edýär.Özüniñ ähli mal-düýnýesini, baýlyk-mirasyny bolsa ogly Nurberdiniñ hanlygyna,halkyna bagyşlaýar.

Ahalda Nurberdiniñ,1853nji ýylad Sarahs-da Gowşydyñ hanlyga göterilmegi,olaryñ arasynda doganlyk-dostlyk
Riştesiniñ pugtalanmagy daşgy hem içki duşmanlary agyr oýa batyrýar.Şonuñ üçinem duşmanlar Türkmen taýp

Patyşah Russiýasynyñ orta Aziýa,şol sanda, Türkmen topragyna hem dört tarapdan : Orunburgdan, gazagystan-
dan, Mangaşlakdan, Krasnowodskdan ýörişler etmek planyny amala aşyrmaga gyssanýandygyny bilýän Tekeler
agzybirligi ünsi güýçlendirýärdi.

Nurberi hanyñ tagallasy bilen Orazmämet han,Gara batyr,Sopy han,Gülbatyr serdar,Amanaly garga,Myrat hunk- är,Gylyç batyr,Maññyt batyr,Esenoglan han,Muham serdar,Garaýüz batyr,Garaoglan han,Öwez baý,Däli tilki, Polat han, Gara döw, Amangeldi we emingeldi serdarlar, Berdi kazi, Hanmämet atalyk, Durdy mugt, Öwezli tentek, Täçmämet (Gönebek), Anzar pälwan, Öwezgeldi ussa, Gadam mergen, Amanguly han ýaly batyrlar ; Atajyk molla Gurbanmyrat işan, Kerimberdi işan, Mahmyt işan, Seýitmämet hoja, Muzaffar işan, Nazaraly molla, Molla ker, Seýit Işan, Ak işan, Muham sopy ýaly ençeme din hadymlary ; Gara sähet ýaly aýylganç sesli jarçylar; Mätäji, kätibi, meskingylyç, Guba ýaly şahyrlar; Gönebek, Orazmyrat topaz, Gulgeldi tümen, Hally şaýly ýaly bagşy-sazandalary Onlarçasy bir çukura tüýkürýärler.

Şeýlelikde,Nyýazdepe çapylşyny, Hurmant çapylşyny, Gereý gyrgynçylyg (Gyzylarwat urşy), Şarlawuk urşuny, Welgyz urşuny, Goç-zaw uruşlaryny, Sarahs we Garrygala söweşlerini, Çat we beýleki uruşlary başyndan geçiren serkerde Nurberdiñ ýolbaşçylygynda Ýumut,Gökleñ,Salyr,Saryk,Ärsary ýaly,onlarça Türkmen taýpalarynyñ arasynda agzybirlik rowaçlanýar. Elbetde munuñ özi Nurberdiñ tagallasy bilen ýörite wagyz-nesihatçylar toparlarynyñ döredilmegi netijesinde amala aşyrylýar. Ýany goragçylar bilen üpjün edilen agzamlary guma we beýleki ýerler topar-topar bolup ugraýarlar. Olar Türkmen taýpa-tireleriniñ arasynda bolup, ilata daşky we beýleki gelmişek duşmanlarynyñ kimlerdigini düşündirýärler,öçlerini ýaraşdyrýarlar,çarwalaryñ arasyndada agzybirligi ýola goýup, ýerli halkdan 20-30-40-50-100 atlydan ybarat goraýjy Toparlary, añtaýjylary, ýolbeletleri, onbaşy, ýüzbasylary döredýärler. Olara at-esbap,ýaraglar bilen üpjün edýärler,atlylar başlaryna çenli saýlaýarlar. Şondan soñra olar öz obalaryny duşmanlardan, alamançylardan gorapdyrlar, birek-birege kömege ýetişip, hemişe hüşgärligi agzybirligi elden bermändirler. Beýleki taýpalar hem bu syýasaty ikielläp goldap, özaralarynda ýokary tertip-düzgünnamany ýola goýýarlar.

Nurberdi han 1855nji ýyldaSarahs-da Hiwa hany Mädimin bilen bolan çaknaşykda, doly abraýa mynasyp bolýar. 1858nji ýylda bolsa Eýran şasynyñ goşuny Jafarguly han serkerdeliginde Garrygala Ýumut-Gökleñleriñ
Üstüne ýöriş edýär, şonda olardan Nurberdi hana dadygöý(Gyssagly habar ýetirýän)habarçy gelýär. Nurberdi han 12muñ Teke atlysyny, Mahmyt işanyñ ýardymy bilen ýygnalan 6 muñ Ýumut(Atabaý ýumutlaryndan) atlysyny toplap, Garrygala-söweşe ýöriş edýär. Ýerli halkyñ ýaşululary hanyñ özüniñ goşuna esasy ýolbaşçylyk etmegini haýyş edýärler.Duşman bilen uruş bir hepdeläp dowam edýär.Emma Nurberdi 7nji gün uly mejlis gurap, şonda ahyrky sözünde şeýle diýýär:
 

Diýip, ol at salýar.

Şol soñki zarbada Bejnurdiñ hany Jafargulynyñ serkerdeliginde külli Türkmeni bakna etmek üçin Eýranyñ şasy
Nasretdin “ ýeñilmez “ Atly, toply-tophanaly, kemsyz ýaraglanan serbazlardan düzülen san hem güýç taýdan bir näçe esse artyk goşuny çym-pytrak edilýär. Şonda Eýranyñ haý-haýly sary topy-da olja alynýar.
Aýagalydygyna gaçyp barýan Jafarguly han Gökdepeli Teke jarçysy,garasähdiñ elhenç sesini eşidende zähresi
Ýarylyp, huşy başyndan uçýar.
Uly ýeñişe garaşyp oturan Nasretdin şah “ Şum habary “ eşidip özünden gitýär.Bu barada şol söweşi gören Abdysetdar kazynyñ “ Jeñnama “ Poemasynda şeýle diýilyär :
 
 
Diýidiler : “ Bu işler kyndyr, eý şah !
Ki ýagny leşgeriñ öldi,bol aga !
Bolup bihuş,ýykyldi jalkasyndan
Pozan boldy niçe ýel arkasyndan
 
Şondan soñra Gökleñ, Ýumut we beýleki tire-taýpalaryniñ ýaşululary Nurberdi hana we ähli Teke garyndaşlaryna alkyş baryny aýdýarlar, duşman kim, dost kim,ymykly göz ýetirýärler. Şeýdibem,Nurberdi hanyñ tagallasy netijesinde Türkmen tirelerniñ arasynda duşmanlar tarapyndan düwlen düwünler çözilip, agzybirlik dikelýär. Garrygaladan gelen dessine (1858nji ýylda) Nurberdi han özüniñ wekilleri, geñeşdarlary, serkerdeleriñ bilen Mara Gidýär we Teke-Saryk dawasynyñ çözülmegine uly kömek edýär. Ol 1861nji ýylda Nasretdin şanyñ Mara eden çozuşyndada duşmany derbi-dagyn etmekde özüni tanadýar.

Şondan soñra Gowşut hanyñ Teklibi boýunça Nurberdi Ahal- Marynyñ hanlarynyñ hany saýlanýar.1862nji ýylda
Bolsa hanlar hany Nurberdi han Mara gelende-de Ahaldakysy ýaly öz öýünden örsün diýen niýet bilen oña abraýly ýeriñ asylly maşgalasyny-Töre-sokynyñ gyzy,adamsy (Annaöwez) 1855nji ýylda uruşda ýogalan Güljemly nikalap alyp berýärler. Nurberdi Salyr-salyk, Ärsary ýaly beýleki taýpalarynyñam arasynda uly hormata mynasyp-ortak ýaşululyk abraýyny saklanlygy ; alagöz bilen seretmekden daşda duranlygy,hemişe halky öñe sürüp, il-gününe hormat goýmagy başaranlygy üçin onuñ mülki Baýramalyda tutulýar. Nurberdiñ ölüminden soñ onuñ mülki Wekilbazara göçürilýär.

Nurberdidir Gowşut hanyñkyda bolan gizlin maslahatlaryñ netijesini Russ içalysy Aly mülhit (halk arasynda tutul ýan ady) we başgalar öz baýarlaryna ýetirip durýarlar.Emma bu iki hanlygyñ barha pugtalanmagy, halkyñ olara şalaryñ şasy ýaly ynamly garamaklary duşmanlary nugsana getirýär. Dogursy, Russ genrallary, serkerdeleriñ olaryñ bir näçesine Halat-serpaý, aýlyk-pul bermek ýaly hilelerde ýüz urýarlar.

Emma birnäçe gezek ýaraşyga baranda kabul etmäñ,amatly pursatlary elden gieren zalymlaryñ hilesi ýol almaýar. “ Han aga,bularyñ zat berip durmalary nämäniñ alamatyka? “ diýip soranlarynda Nurberdi han :

Ol gyssagly maslahatda gelnen nitije boýunça Dykma serdaryñ hem Öwez baýyñ ýolbaşçylygynda 9sany wekilli (Töwellaçyny) ýaraşyga ýollaýar. Emma olar kabul edilmän gaýtarylýar.Galanyñ günbatar we gündogar taraplaryny berkidip, 22muñ goşuny jemläp,söweşe ykjamlanyp başlan Nurberdi hanyñ derdi gozgap,gaýra ýüzlip ýene-de syrkawlanýar. Şol başagaýlykda iki sany adam,biri pir beýlekisi sopysy bolan bolup,haja zyýarata barýan sumaklar hanyñ halyny soran bolup,onuñ-da käsesine awy goýup,içirip,ölmegine sebäp bolýarlar. Ol şu wagtlarda 60-61 ýaşynda eken.

Kakasynyñ hatyrasyna 20-21 ýaşlaryndaky ogly Magtymgulyny wagtlaýyn hana saýlaýarlar.Nurberdiniñ öz garamagyndaky hanlyklar bilen “ Ýedi ölçäp,bir kesip “ hereket etmegli sebäpli ençeme ýerde ýoly baglanan Russ goşunlary güýçli zarbalara,ýitgilere sezawar bolýarlar.Şonuñ üçinem Zakaspy harby bölümi Tekeleriñ hereketleri hakda şeýle maglumatlar berýär :

Russlar Nurberdi hanyñ baryp1870nji ýyllardaky maslahatyndan soñra Russ goşunlarynyñ ýollaryny baglamaga
Türkmen atly gosunlaryny ugradyşy,kenarýaka Türkmenleriniñem Russlara mal we beýleki kömekleri bermekden ýüz döndirişi, Russ goşunlarynyñ 1872nji ýylyñ ahyrlarynda  Etrek derýasynyñ üsti bilen bärik aralaşyp, Aşgabat tarapa süýşmekleriniñ serpikdirilşi,Nurberdi hanyñ goşunlarynyñ bir toparynyñ Krasnowodskdan Hiwa hanlygyna barýan russ goşunynyñ azyk suwlaryny oljalaýyşy we olary uruşa ýetirmän,Balaişemden izlaryna gaýtmaga mejbur edişi ýaly hereketler Russ serkerdeleriniñ göz öñünden geçýär.Şondan soñra ýokarky maglumatlary Kafkaza ýollaýar.

Genral Lomakiniñ ýolbaşçylygynda (1877-78) Aşgabat tarapa edilen synanşyk şowsuz gutarýar,olar köp zyýan çekip,Gyzylarwatdan izyna gaýdýarlar.Şondan soñra Gowşut bilen Nurberdini öldürmek baradaky maslahatlary-
na has-da çynyrgadyp,şol kelleler üçin goýlan baýraklary öñküden-de ýokarlandyrýarlar.
Erkin ýaşap ýören Türkmenleriñ üstüne esassyz hem-de agyr ýaraglar bilen ýaraglanan goşunly ,hile ýüküni-de
tutup gelen Türkmenleriñ arasynda agyzalalyk,bölünşiklik salmak ýaly adalatsyz hereketleri etmedik bolsa,gaýduwsyz gahramanlarymyzyñ serlerini topraga garan duşman,eger aç-açan uruşa geçen bolsa (hilesiz) onda Türkmenleri asla alyp bilmezdi.

Ata-babalarymyzyñ ömürboýy garaşan erkana zamana indi gelip ýetdi.
Gökdepäniñ günbatarynda Hankäriz gonamçylygynda Nurberdi hanyñ we onuñ sag-solunda ýatan ogullary Döwlet beg bilen Magtymguly hanyñ – üçünjisiniñ mazarynyñ üstünde Tejenli Orazgylyç molla ogly Hoja ahmed ahunyñ baş ussatlygynda äpet ýadygärlik gümmez galdyryldy.Ol indi uly iliñ zyýarathanasyna öwrüldi.
Nurberdi han bilen baglanşykly materýallar esasan tejenli kyssaçy merhum suhanberdi annagurban oglynyñ (1898-1983) gürrüñlerinden




#Article 319: Dollar (146 words)


Dollar, ABŞ-nyň pul birligi. Dollar sözi orta asyrlarda 1519-njy ýylda Germaniýada teňňe ady Taller-dan gelip çykan. 1879-njy ýylda ABŞ hökümeti ýurduň resmi pul birligini jar etmeli bolanda dollar adyny saýlaýar. 192-nji ýylda esasy meseleleriň biri bolup duran ABŞ pulunyň düzümindäki sap altynyň mukdary 1,6033 gr ýada 24,057 gr kümüşden ybaratdy. 80-nji ýyllardan soň ýagny 1876-njy ýylda altyn teňňeler döwletiň resmi pul birligi diýip hasaba alynandan soň onuň düzümindäki sap altynyň mukdary 1,50463 gr edip bellenipdi. Bu mukdar ABŞ-da ýene 30 ýyl, 1929-1933-nji ýyllardaky dünýä ykdysady krizisine çenli emelde boldy. Şu kanuna laýyklykda kabul edilen altyn ambary hakyndaky resminama laýyklykda, altynyň mukdary 0,88867 grama ýagny 41 göterime çenli düşürildi. 

II Jahan urşyndan soň Marşal şertnamasy astynda dollar ABŞ-nyň Ýewropa maýa goýumlary arkaly Ýewropada ýörgünli pul boldy. 20-nji asyryň 60-njy ýyllarynda ABŞ dollary hümmetini ýitirmäge başlady, muňa inflýasiýa sebäp görkezilýär.

Dollar ABŞ-dan başga 26 döwletiň resmi pul birligidir.




#Article 320: Hajy Ysmaýylow (105 words)


Hajy Ysmaýylow (1913, Bagyr — 6 oktýabr, 1948, Aşgabat) — türkmen ýazyjysy we terjimeçisi.

Hajy Ysmaýylow 1913-nji ýylda Aşgabat raýonynyň Bagyr obasynda din wekiliniň maşgalasynda dogulýar. Ol köne mekdepde ýedi ýyl okaýar. 1926-njy ýylda Moskwa gidip, türkmenler üçin ýöriteleşdirilen «Dompros» («Magaryf öýi») diýen okuw jaýynda 1929-njy ýyla çenli okaýar. 1930-njy ýylda Aşgabatdaky Komintern adyndaky mekdebe girip, ony 1931-nji ýylda tamamlaýar. 1930-njy ýyldan başlap suw edarasynda terjimeçi bolup işläp başlaýar.

Ýazyjynyň öz eli bilen ýazan terjimehalynda şeýle ýazgylar bar:

Zehinli ýazyjy, ezber terjimeçi Hajy Ysmaýylowa türkmen edebiýatynyň öňünde bitiren hyzmatlary, ýokary hünär ussatlygy üçin, aradan çykandan soň, Garaşsyzlyk ýyllarynda «Türkmenistanyň halk ýazyjysy» diýen hormatly at dakyldy.




#Article 321: Gurbandurdy Zelili Ömri we Döredijiligi (745 words)


Zelili beýik watançy, gumanist, ökde lirik şahyr bolupdyr. Zelili Magtymgulynyň ýegeni, onuň progressiw ideýalaryny dowam etdirijidir.

Gurbandurdy Zelili Gürgeniň Garaguzy obasynda 1800-nji ýyl-da eneden bolýar. Zeliliniň önüp-ösen ýeri Halaç, Çohpetde, Pelwert sebitleridir.

Zelili oba mekdebinde, soňra bolsa Hywadaky Şirgazy medresesinde okapdyr diýen maglumatlar bar.

Zelili-zelil, horlanan, ejiz düşen diýmekdir. Onuň bu lakamy ýaşaýşy-durmuşy bilen baglanşyklydyr. Zeliliniň esasy kesp-käri kümüş, demir ussaçylygy bolupdyr. Zelili öz güzerany barada şeýle ýatlaýar:

Zelili Döndi diýen obadaş gyzy gowy görüpdir. Oňa bagyşlap Döndi hanym, Janymyň jananasy ýaly şygyrlar düzüpdir.Ýone Döndi öýlenmek Zelilä başartmaýar. Zelili Nury atly gyza öýlenip,onüň bilen ömrüniň ahyryna çenli ýaşaýar.

Häzir Zeliliniň nebereleri Garrygala töwereklerinde ýaşaýar. Zeliliniň döwründe halky ezen, türkmenlsr babatda talaňçylyk syýasatyny ýöreden hanyň biri-de Muhammet rahýamdyr. Onüň hanlyk süren döwründe (1806-1825) türkmenleriň ýagdaýy agyr bolupdyr. Şu ýagdaýlaryň hemmesi diýn ýaly Zelilinyň döredijiligide öz beýanyny tapypdyr.

Zelili ömrüniň ýedi ýylyny Hywada ýesirlikde geçirýär. Diňe Muhammetrahym han ölenden soň, 1852 -nji ýylda gökleň turkmenleri Hywadan Garrygala göçýärler. Zelili hem şolar bilen göçüp gelýär.

ZELILI WE SEÝDI

Zeliliniň döwürdeşi, dosty, kyýamatlyk dogany serkerde şahyr Seýdi bolupdyr. Seýdi bu barada „Gal imdi“ elsgiýasynda ýatlaýar.

Zelili şahyr hem Seýle gideli, Nyşan Seýidi, Salam Seýdi ýaly goşgularynda öz doganyny ýatlaýar, öz durmuşyny, ýesirlikdäki hor-zar günlerini beýan edýär:

Zeliliniň deredijiligi we tematikasy

Zelili bir topar liriki goşgularyň awtorydyr. Onuň edebi döredijiliginde il-güne degişli, sotsial-deňsizligi görkesýä. Mert we namartlara degişli öwüt-nesihat beriji, söýgi temadaky çeper şygyrlar uly orun tutýar.

Zeliliniň döredijilngi özüniň manylylygy we çeperçiligi bilen tapawutlanýar. Zelili döredijiliginiň irki döwründe ahlaky häsiýetde goşgular Düzündir. Zeliliniň döredijiliginiň ikinji döwri onuň Hywa ýesir edile den soň başlanýar. Çünki bu dowürde watançylyk duýgusy, il-gününi, ýurduny söýmek hyjuwy has-da güýçlenýär.

Zeliliniň watançylyk goşgulary.

Zeliliniň döredijiligiňde il-güni, ýurdy söýmek we halkyň agzybýr, erkin durmuşyny goramak pikirleri uly orun tutýar.Duşmanlar tarapyndan tozdurylan obalara, ýesir edilen oglan-gyzlara şahyr gynanmak bilen, şeýle zalymlyga garşy çykýar.

Şahyr Etregiň, Gürgeniň keşbini, tebigatany Watanym seni şygrynd uly joşgun bilen suratlandyrypdyr:

Zelili bu goşgusyny ýesirlikde ýazypdyr. Ol ähli ýesirleriň adyndan il-ýurda söýgi besleýär.

Zelili Nyşan Seýidi diýen şygrynda ýesirlikde geçiren günleri, zulumdan ýaňa çekýän ejirlerini, ýurt aýraçylygyny suratlandyrýar:

Şahyr hemişe watanyna gowuşmagyny arzuw edipdir. Muny şahyryň Pul diýip aglar goşgusyyda görmek bolýar:

Zelili il-ýurt barada ýazmak bilen birlikde, onuň ýigitlerini mertlige, batyrlyga çagyrypdyr. Şahyr Dert galar goşgusynda:

diýip, mertler bilen namartlary deňeşdirýär.

Sotsial-tankydy goşgular.

Zelili öz halkynyň süýthorlar,ruhanylyr tarapyndan ezilýändigini görüpdir. Olary tankytlap, şahyr Elli ýaşyň için-de, Käre döndi, Ýagşydyr, Gider sen, Şaýly bolmasa ýaly şygyrlary döredipdir.

Zeliliniň Elli ýaşyň içiňde diýen şygrynda onuň döwründäki halkyň ömrüni ýeter- ýetmezlykde, kemsidilmekde geçirýendigi beýan edilýer:

Sotsial-deňsizlik tema Käre döndi diýen şygrynda has-da aýdyň beýan edilýär. Şahyr ýazyjy synpyň pyssy-pyjrlyklaryny görkezip, halkyň ganyny sorýan han-begleri zäherli ýylana meňzedýär.

Şahyr ruhanylaryň halky din ady bilen aldaýandyklaryny görkezýär:

Zelili Şaýly bolmasa, Ýagşydyr goşgularynda öz döwrundäki höküm süren sotsial-deňsizligi görkezýär.

Şahyr zähmetkeşleriň garyp ýagdaýa düşmegini köp ýagdaýlarda pelegiň üstüne ýükleýär. Zelili ezijileri diňe tankytlamak bilen çäklenipdir. Ol bu meselede Azadynyň, Magtymgulynyň öňe süren pikirlerini dowam etdiripdir.

Zeliliniň sotsial-deňsizlige degişli döreden goşgulary dörtleme formasynda düzülipdir.

Söýgi lirikasy.

Zelili söýgi temasynda hem birtopar goşgy ýazypdyr. Olara Haraýym Döndi, Ýar senden, Bolmasa, Janymyň jananasy ýaly goşgulary döredipdir.

Ol bu temadan ýazan goşgularynyň köpüsini Dönde bagaşlapdyr. Zeliliniň Dönde bolan garaýşy, onuň, yzynda sergezdan bolşy we durmuşdan zeýrenişi bu goşgularynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.

.

ýa-da

Şahyr Bolmasa goşgusynda ýaşlaryň biri-birini tanap, halap durmuş gurmaklarynyň tarapdary bolup çykyş edýär:

Şunuň bilen birlikde Zelili gelin-gyzlaryň el hünärlerini, görk-görmeklerini, adamkärçiliklerini hem wasp edipdir;

Zeliliniň öwüt-nesihat goşgularynda öňe sürülýän pikirler.

Zeliliniň öwüt-nesihata degişli şygyrlary onuň döredijiliginde uly orunlaryň birini tutýar.

Olara Ýaraşmaz, Diýmek biläni, Özgeden bolmaz, Bigana ýagşy, Bellidir ýaly şygyrlar degişlidir. Synçy şahyr ozüniň Ýaraşmaz diýen şygrynda adamlaryň däbine, özlerini alyp baryşlaryna we haýwan-laryň, guşlaryň gylyk-häsiýetlerine degişli birnäçe pikirler ýöredýär

Zeliliniň Başda bellidir şygry durmuş tsjribesi esasyn-ýazylypdyr.

Şahyryň Özge dem bolmaz diýen şygry başdan-aýak öwüt-nesihat häsiýetlidir. Zelili bu şygrynda dogry sözlüligi ündemegi, gybatkeşlegi, ýalançylygy ýazgyrmagy maksat edinipdir.

Şahyr Bilen şygrynda birek-birege süýji sözli bolmaklygyň, biderek ýere adamyň göwnüne degmezligiň tarapynda durýar:

ZELILI WE MAGTYMGULY

Zeliliniň poeziýasy hakyky manysyndaky halk poeziýasydyr.

Zelili Magtymgulynyň watançylylygy hem gumanistik, öwut-nesihat häsiýetli pikirlerini dowam etdirip, şol pikirleriň edebiýatda kämilleşilmegine öz mynasyp goşandyny goşupdyr.

Zeliliniň döredijiliginde Magtymgulynyň stili, dili, çeper obrazlary we goşgy düzüşiniň täsiri aýdyň duýulýar. Zeliliniň käbir goşgularynda Magtymgulynyň şygyrlarynda ýöredilýän many taýdan gaty ýakynlaryny görmek bolýar. Mysal üçin, Magtymguly:

Zeliliniň döredijiliginiň ähmieti

Zeliliniň dörsdijiligi şol döwrüň taryhy, ykdysady, jemgyýetçilik ýagdaýy bilen berk baglydyr.
Ol öz ilini-gününi söýen, bütin düşünjeli ömrüni onuň abadanlygyna bagyşlan watançy şahyrdyr. Onuň goşgularynyň dili, çeperçilnk serişdeleri halkydyr.
Zeliliniň asyrlardan bize gelip ýeten lirikasy uly hazynadyr.




#Article 322: Namibiýa (1266 words)


Namibiýa, taýdan Namibiýa Respublikasy bolan Günorta Afrikanyň bir ýurdy. Onuň günbatar araçägi Atlantik ummanydyr; demirgazykda Zambiýa we Angola, gündogarda Botswana we günorta we gündogarda Günorta Afrika bilen gury ýer araçäklerini paýlaşýar. Zimbabwe bilen serhetleşmese-de, Zambezi derýasynyň 200 metrden hem az bölegi iki ýurdy bölýär. Namibiýa garaşsyzlyk söweşinden soň 1990-njy ýylyň 21-nji martynda Günorta Afrikadan garaşsyzlyk aldy. Paýtagty we iň uly şäheri Windhoek. Namibiýa Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG), Günorta Afrika Ösüş Bileleşiginiň (SADC), Afrika Bileleşiginiň (AU) we Milletler Arkalaşygynyň agza döwletidir.

Namibiýada Saharanyň günortasyndaky Afrikanyň iň gurak ýurdy bolmak bilen San, Damara we Nama halky irki döwürlerden bäri ýaşap gelýär. XIV asyrda Bantu giňelmeginiň bir bölegi hökmünde göçüp gelen Bantu halklary geldi. Şondan bäri ýurduň ilatynda iň ulusy Owambo bolan Bantu toparlary agdyklyk etdi; XIX asyryň ahyryndan bäri köplügi emele getirdi.

Namibiýada 2,6 million ilaty we durnukly köp partiýaly parlament demokratiýasy bar. Oba hojalygy, çopançylyk, syýahatçylyk we magdançylyk pudagy, şol sanda gymmat bahaly göwher, uran, altyn, kümüş we esasy metallar üçin magdan gazyp almak - ykdysadyýetiniň esasyny düzýär. Uly, gurak Namib çöli Namibiýanyň dünýäde iň gür ilatly ýurtlaryň birine öwrülmegine sebäp boldy.

Countryurduň ady dünýäniň iň gadymy çöli Namib çölünden gelip çykýar. Diri galanlar ahyrsoňy tussaglykdan boşadylandan soň, 1948-nji ýylda Günorta Afrika tarapyndan döredilen aparteidiň köp taraplaýyn garaşýan ulgamynda ýurtdan çykarmak, deportasiýa, mejbury zähmet, jyns taýdan bölünmek we diskriminasiýa syýasatlaryna sezewar edildi. 

Birinji jahan urşy döwründe general Lui Botanyň ýolbaşçylygyndaky Günorta Afrika goşunlary bu territoriýany basyp aldy we Germaniýanyň kolonial dolandyryşyny agdardy. Urşuň gutarmagy we Wersal şertnamasy Günorta Günbatar Afrikanyň 1990-njy ýyla çenli Milletler Bileleşiginiň mandaty hökmünde Günorta Afrikanyň eýeçiliginde galmagyna sebäp boldy. Bu mandat ulgamy öňki nemesleriň soýuzdaş anneksiýasyny goldaýanlaryň arasynda ylalaşyk hökmünde döredildi we Türk sebitleri we özlerini dolandyryp bilýänçä halkara howandarlygyna bermek isleýänler tarapyndan öňe sürlen teklip. [31] Günorta Afrika hökümetine, şol sebitiň ýaşaýjylary syýasy öz ykbalyny kesgitlemäge taýyn bolýança Günorta-Günbatar Afrikany dolandyrmaga rugsat berdi. Günorta Afrika bu mandaty ýapyk anneksiýa diýip düşündirdi we Günorta-Günbatar Afrikany geljekki özbaşdaklyga taýýarlamaga synanyşmady. 

Günorta Afrika 1940-njy ýyllaryň ahyrynda Günorta Günbatar Afrikada kodlaşdyrylan jyns taýdan bölünişik we diskriminasiýa ulgamy bolan aparteid girizip başlady. Gara Günorta Günbatar Afrikalylar kanunlaryny, komendant sagadyny we hereketini çäklendirýän köp sanly ýaşaýyş düzgünlerine tabyn boldular. Ösüş, Germaniýanyň kolonial döwrüniň ilatly nokatlarynyň we magdanlarynyň köpüsiniň ýerleşýän ýerinde resmi taýdan Polisiýa zolagy diýlip atlandyrylýan Günorta Afrika bilen ýanaşyk sebitde jemlenipdi. Polisiýa zolagynyň daşynda ýerli halklar teoretiki taýdan öz-özüni dolandyrýan taýpa watanlary bilen çäklenýärdi. 

SWAPO-nyň gozgalaňynyň güýçlenmegi bilen Günorta Afrikanyň halkara jemgyýetçiliginde anneksiýa meselesi azaldy. BMG Günorta Afrikanyň ýerli ilatynyň ahlak we maddy hal-ýagdaýyny üpjün etmek baradaky borçnamalaryny ýerine ýetirmändigini we şeýlelik bilen öz mandatyndan ýüz öwürendigini mälim etdi. BMG Baş Assambleýasy 1968-nji ýylyň 12-nji iýunynda öz halkynyň isleglerine laýyklykda Günorta-Günbatar Afrikanyň Namibiýa adyny aljakdygy barada karar kabul etdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň 1969-njy ýylyň awgust aýynda kabul eden 269-njy karary Günorta Afrikanyň Namibiýany basyp almagyny bikanun diýip yglan etdi. Bu möhüm karary ykrar etmek bilen SWAPO-nyň ýaragly ganaty Namibiýanyň Halk azat ediş goşuny (PLAN) adyny aldy.

Namibiýa, PLAN gozgalaňynyň soňky ýyllarynda Günorta Afrikada sowuk söweş proksi konfliktleriniň birnäçe nokadyna öwrüldi. Gozgalaňçylar ýarag gözlediler we harby tälim üçin Sowet Soýuzyna esger iberdiler. Sowetleriň, Kuba we Angolanyň harby kömegine garaşly SWAPO-nyň syýasy ýolbaşçylygy bu hereketi 1975-nji ýyla çenli sosialistik blogyň çäginde ýerleşdirdi. Bu amaly bileleşik Günorta Afrikada Sowuk Uruş ideologiýasynda agdyklyk edýän Sowet wekili hökmünde SWAPO-nyň giňden ýaýran perspektiwasyny güýçlendirdi. Birleşen Milletler. Sowet Soýuzy öz gezeginde Günorta Afrikany sebitleýin hyzmatdaş hökmünde görýänligi sebäpli SWAPO-ny bölekleýin goldady.

Uruş ýadawlygynyň ýokarlanmagy we ägirt güýçleriň arasyndaky dartgynlygyň azalmagy Sowet Soýuzynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň basyşy astynda Günorta Afrikany, Angolany we Kubany Üç taraplaýyn şertnama goşulmaga mejbur etdi. Günorta Afrika Kubanyň harbylarynyň sebitden çykarylmagynyň we Angolanyň PLAN-a berýän ähli kömegini bes etmeginiň deregine Namibiýanyň garaşsyzlygyny kabul etdi. Meýilnama we Günorta Afrika 1988-nji ýylyň awgust aýynda resmi däl atyşygy kabul etdi we Namibiýanyň parahatçylyk prosesine gözegçilik etmek we bosgunlaryň gaýdyp gelmegine gözegçilik etmek üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Geçiş Kömek Topary (UNTAG) döredildi. Ot açyşlyk meýilnamasy, 1989-njy ýylyň mart aýynda UNTAG-nyň görkezmelerine düşünmezlik netijesinde bu sebite soňky gezek hüjüm edeninden soň bozuldy. Gozgalaňçylaryň Angoladaky daşarky bazalarynda saklanmagy şerti bilen täze ot açyşlyk girizildi. UNTAG tarapyndan ýaragsyzlandyrylyp we ýaragsyzlandyrylyp bilner. 

Namibiýanyň konstitusiýasy 1990-njy ýylyň fewral aýynda kabul edildi. Onda adam hukuklaryny goramak we hususy emläkleriň döwlet tarapyndan alynmagy üçin öwezini dolmak öz içine aldy we garaşsyz kazyýet, kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji prezident döredildi (esaslandyryjy mejlis milli ýygnak boldy). 1990urt 1990-njy ýylyň 21-nji martynda resmi taýdan garaşsyz boldy. Sam Nujoma Günorta Afrikanyň Nelson Mandelanyň (geçen aý türmeden boşadyldy) we 147 ýurduň wekilleriniň, şol sanda 20-siniň gatnaşmagynda geçirilen dabarada Namibiýanyň ilkinji prezidenti hökmünde kasam kabul etdi. döwlet baştutanlary. 1994-nji ýylda Günorta Afrikada geçirilen ilkinji köptaraplaýyn saýlawlardan soň bu ýurt Walwis aýlagyny Namibiýa berdi.na iberildi.

Namibiýa landşafty, umuman alanyňda, abiotik şertleri we ösümlikleri bolan bäş sany geografiki sebitden ybarat bolup, arasynda birneme üýtgeşiklik bar we biri-birine meňzeýär: Merkezi platon, Namib, Uly gämi duralgasy, Buşweld we Kalahari çöli.

Merkezi platon demirgazykdan günorta, skelet kenary bilen demirgazyk-günbatarda, Namib çöli we günorta-günbatarda kenarýaka düzlükleri, günortada apelsin derýasy we gündogarda Kalahari çöli bilen serhetleşýär. Merkezi platoda Namibiýanyň iň beýik nokady Königşteýn 2660 metr (8550 fut) belentlikde ýerleşýär. 

Adatça açyk asmanly tropiki ýokary basyş guşagy ýylda 300 günden gowrak gün şöhlesini üpjün edýär. Tropiki ýerleriň günorta çetinde ýerleşýär; Oýun tropiki ýurdy ýarym töweregi kesýär. Gyş (iýun - awgust) adatça gurak bolýar. Iki ýagyş möwsümi tomusda bolup geçýär: sentýabr bilen noýabr aralygynda kiçi ýagyş möwsümi, fewral bilen aprel aralygyndaky iň uly möwsüm. Çyglylyk pes we ortaça ýagyş kenarýaka çöldäki noldan diýen ýaly, Kapriwi zolagynda 600 mm-den gowrak üýtgeýär. Fallagyş gaty üýtgeýär we guraklyk adatydyr

Namibiýa, ýarym prezidentiň ýeke-täk wekili demokratik respublikadyr

Goňşy ýurtlar bilen deňeşdirilende, Namibiýada köpçülikleýin habar beriş azatlygy bar. Soňky ýyllarda bu ýurt, adatça, “Serhetsiz habarçylaryň metbugat azatlygy indeksiniň” ýokarky çärýeginde, 2010-njy ýylda 21-nji orny eýeledi, Kanada we iň gowy Afrika ýurtlary bilen deňeşdirildi. Afrika Media Barometri hem şuňa meňzeş oňyn netijeleri görkezýär. Şeýle-de bolsa, beýleki ýurtlarda bolşy ýaly, Namibiýada metbugata döwlet we ykdysadyýet wekilleriniň täsiri bar. 2009-njy ýylda Namibiýa metbugat azatlygy indeksinde 36-njy orna düşdi. 2013-nji ýylda 19-njy, 2014-nji ýylda 22-nji we 2019-njy ýylda 23-nji boldy, bu bolsa häzirki wagtda metbugat azatlygy boýunça iň ýokary derejeli Afrika döwletidir.

Namibiýada başlangyç we orta bilim derejeleri üçin mugt bilim bar. 1–7 synplar başlangyç dereje, 8–12 synplar ikinji derejeli. 1998-nji ýylda başlangyç synpda 400,325 Namibiýa okuwçysy we orta mekdeplerde 115237 okuwçy bardy. 1999-njy ýylda okuwçylaryň we mugallymlaryň gatnaşygy jemi içerki önümiň takmynan 8% -i bilime sarp edilip, 32: 1 hasaplandyOkuw meýilnamalaryny düzmek, bilim gözlegleri we mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak Okahandjadaky Milli Bilim Ösüş Instituty (NIED) tarapyndan gurnalýar.

Dogulanda ömrüň dowamlylygy 2017-nji ýylda dünýäde iň pesleriň arasynda 64 ýyl diýlip çaklanylýarNamibiýa 2012-nji ýylda ilkinji saglygy goraýyş, keselleriň öňüni almak üçin saglygy goramak, iýmitlenişe baha bermek we maslahat bermek, suw ýaly jemgyýetçilik saglygy goraýyş işlerinde alty aýlap taýýarlanan 4800 saglyk işgäriniň umumy potensialynyň 1800 (2015) ýerleşdirilmegini üpjün etdi. arassaçylyk we arassaçylyk amallary, AIW barlagy we jemgyýetde wirusa garşy bejergisi.

COVID-19 pandemiýasynyň Namibiýa 2020-nji ýylyň 14-nji martynda baryp ýetendigi tassyklandy. 2020urt 2020-nji ýylyň 28-nji martynda gulplandy. 2020-nji ýylyň 5-nji aprelinden 2020-nji ýylyň 21-nji maýyna çenli ýokaşma ýokdygy habar berildi, ýöne bu döwürden soň 3 täze kesel tassyklandy . Wirus ýurtda ölüme sebäp bolmady. 5-nji maýdan 2-nji etapda hereket we aragatnaşyk çäklendirmeleri kem-kemden azalmaly.

AIW epidemiýasy Namibiýada jemgyýetçilik saglygy meselesi bolup galýar, Saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary ministrliginiň AIW bejeriş hyzmatlaryny giňeltmekde gazanan möhüm üstünliklerine garamazdan. 2001-nji ýylda AIW / AIDS bilen kesellän 210,000 adam bardy we 2003-nji ýylda ölenleriň sany 16,000 boldy. UNAIDS-iň 2011-nji ýyldaky hasabatyna görä, Namibiýada epidemiýa birneme gowşaýan ýaly. AIW / AIDS epidemiýasy işleýän garry ilatyň azalmagy bilen ýetimleriň sany köpeldi. Bu ýetimlere bilim, azyk, ýaşaýyş jaýy we egin-eşik bermek hökümete degişlidir.




#Article 323: Trihomoniaz (316 words)


Jyns ýollarynyň trihomoniazy – iň köp ýaýran weneriki keselleriň biri bolup, ony jynshana trihomonadasy döredýändir. Bu kesel jyns gatnaşygy arkaly geçip, başga zatlaryň (süpürgiç, moçalka, düşek we başgalar) üsti bilen ýokuşmak ýoly örän seýrek duş gelýär.
Keseliň geçişi bedeniň kesellere garşy göreşiji güýçlerine, jyns ýollarynyň ýagdaýyna we başga ýokançlyklar (gonokokklar, kömelekler, mikoplazmalar) bilen utgaşmagyna baglydyr.
Keseliň inkubasion (keseliň ýokuşyp, birinji alamatlarynyň ýüze çykýan wagty) döwri 2 - 3 güňden 3 - 4 hepdä çenli dowam edip bilýär.
Trihomoniazyň birnäçe görnüşleri bardyr:

Aýallarda trihomoniaz jynshananyň nemli gatlagyna, ýatgynyň boýunjygyna, ýatga, yatgynyň turbalaryna zyýan ýetirip bilýär. Seýrek ýagdaýlarda ol peşew ýollaryna, peşew haltasyna, göni içegä, dem alyş ýollaryna, badam şekilli mäzlerine hem zeper ýetirip biler.
Keseliň täze başlan döwründe aýallary garnyň aşagynda agyry, agyryly buşukma, daşky jyns agzalarynda gijilewik we alawlama, jynshanadan köp mukdarda bölünip çykmalar biynjalyk edip biler.
Trihomoniazyň dowamly görnüşinde diňe gijilewik we bölünip çykmalar bolup biler.
Erkek adamlarda trihomoniaz esasan peşew ýollaryna zeper ýetirýändir. Agyryly peşew etme, peşew ýollaryndan iriňli bölünip çykmalar ýaly alamatlar ýüze çykýar. Keseliň dowamly görnüşinde bu alamatlar kän bir duş gelenok ýa-da olar mese-mälim bildirýär. 
Erkek adamlarda trihomoniazyň gaýraüzülmeleri kän duş gelip, ol erkeklik jyns mäzine, tohum haltajygyna zyýan ýetirme bilen häsiýetlendirilýär.
Keseliň kesgitlenmegi kliniki alamatlaryň we bakteriologiki barlaglaryň kömegi bilen geçirilýär.
Bejergi aşakdaky düzgünlere laýyklykda geçirilýär:

Bejergi keseliň hemme kliniki görnüşlerinde hem geçirilmelidir. Adamsynda trihomoniaz tapylyp, özlerinde tapylmadyk aýallar hem doly bejergini geçmelidir.
Trihomoniaza garşy ulanylýan peýdaly serişdelerden metronidazol (trihopol, flagil, klion, orwagil) we fazižin (tinidazol) bellidir.
Keseliň başga ýokançlyklar bilen (trihomoniaz+bakteriýalar+kömelekler) utgaşyp geçen ýagdaýynda, klion-D-100, makmiror, efifan, utrikan-250, tiberal-Roş ýaly serişdeler kabul edilýär we jynshana goýulýar.
Näsagyň ýagdaýyna, keseliň görnüşine, getiren gaýraüzülmelerine laýyklykda dermanlar bilen bejermegiň dürli shemasy ulanylýar. Her näsag üçin bejergini degişli barlaglardan soň lukman bellemelidir. Özbaşdak bejergi geçirmek keseliň ötüşip, dowamly görnüşe geçmegine, agyr gaýraüzülmeleriň döremegine getirip biler. 
Bejergi geçirilýän wagty, şahsy gigiýenanyň talaplaryny berjaý etmek hökmandyr.
Bejergiden soň näsagy bakteriologiki barlagdan geçirlip, bejerginiň netijeliligini barlamalydyr.




#Article 324: Inçekesel (460 words)


Inçekesel ( — tümmejik) – iň gadymy we giňden ýaýran keselleriň biridir. Onuň şeýledigine, Müsürde tapylan adam süňklerindäki inçekesele mahsus alamatlar hem güwä geçýär.
Gadymy asyrlaryň lukmanlary bu keseli öwrenip, näsaglan adamyň gaty horlanýanlygyny belläpdirler. Olar ony “ftiza“ diýip atlandyrypdyrlar (grekçe-hoplanma, dargama). Bu sözden hem “ftiziatriýa“- inçekeseli öwrenýän ylmyň ady gelip çykypdyr.
Keseliň alamatlary barada maglumaty Gippokratyň, Galeniň, Awisennanyň işlerinde tapyp bolýar.
Inçekeseliň dürli görnüşlerini öwrenmekde Laennegiň, N. I. Pirogowyň, A. I. Abrikosowyň, G. A. Zahariniň, A. A. Ostroumowyň geçiren işleri ulydyr. 1882-nji ýylda nemes alymy Koh inçekeseli dörediji taýajygy açyar. Soňundan oňa Kohyň taýajyklary diýen at berilyär.
Öýken inçekeseli hem şol taýajyklar arkaly döräp, ol inçekesel tümmejikleriň emele gelmegi bilen häsiýetlendirilýär. Inçekesel başga agzalara hem (süňklere, bogunlara,böwreklere, limfa düwünlerine, jyns agzalaryna) zyýan ýetirip bilýär.
Inçekesel taýajygy daşky gurşawda gaty durnukly bolup, esasan çyg we garaňky jaýlary gowy görýär.
Gün şöhleleri, ýokary temperatura we dezinfeksiýa erginleri ony birnäçe minutdan öldürýär. Inçekesel taýajygy göteriji näsag adam ony töweregindäkilere ýokuşdyryp bilýär. Adamdan adama geçme howa- damja ýoly bilen, näsagyň zatlary (el ýaglygy, eşikleri, gap-gaçlary) arkaly bolup biler. Aşgazan-içege ýollarynyň inçekeseli keselli sygyrlaryň süýdi arkaly döräp biler.
Näsag geplände, üsgürende, asgyranda taýajyklar howa arkaly ýaýrap, sag adamynyň öýkenine düşüp biler.
Näsagyň gakylygy guranda hem, olardaky taýajyklar tozanjyklar arkaly sag adamynyň dem alyş ýollaryna düşüp biler.
Inçekesel taýajyklary bedene düşende allergiki täsiri ýüze çykyp, bedeniň oňa bolan goraglylygy döreýär. Barlaglaryň görkezişi ýaly, inçekesel bilen keselleme howpy, bedeniň goragly güýçleri pes wagtynda, oňa garşy waksinasiýa almadyk adamlarda uludyr.
Inçekesel bilen keselçilik jemgyýetiň sosial derejesine, saglygy goraýyş ulgamynyň ýagdaýyna, onuň ylmy-tehniki bazasyna baglydyr. Ilatyň hal ýagdaýy näçe pes boldugyça, inçekesel bilen keselçilik şonça-da artýandyr.
Aýallara garanyňda, 30-40 ýaşly erkek adamlar inçekesel bilen kän keselleýändirler. Özi hem olarda keseliň agyr görnüşleri duş gelýändir.
Inçekesele durgunlylyk çagalyk we ýetginjeklik döwründe pes bolup, uly adamlarda ol ýokarydyr. Ýöne öňüni alyş çärelerini geçirmek we waksinasiýa bu tapawudy aradan aýyrdy.
Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, inçekeseliň esasy häsiýetlendirmesi-bu emele gelýän daşy gaty örtükli tümmejikdir. Keseliň ýitileşmegi bilen ol tümmejik ýumşap, dargap başlaýar. Eger bedeniň gorayjy güýçleri keselden üstün çykyp bilse, onda tümmejigiň ýerinde tyg galýar.
Eger kesel dowam etse, onda gan damarlarynyň üsti bilen dargan bölejikler, şolar bilen bile Kohuň taýajyklary hem başga agzalara ýaýrap başlaýar.
Keseliň irki döwründe kliniki alamatlar kän bir ýüze çykarylmaýar. Ony diňe rentgen barlagy arkaly ýüze çykaryp bolýar. Näsaglary ysgynsyzlyk, ýadawlylyk, işdäniň kemelmegi, horlanma biynjalyk edip biler. Bu bolsa bedeniň zäherlenip başlanmagynyň alamatlarydyr.
Wagtyň geçmegi bilen has aýdyň alamatlar ýüze çykýar: 

Näsagyň umumy ýagdaýyna, inçekeseliň görnüşine, gaýraüzülmelerine baglylykda bejergi ýöriteleşdirilen inçekesel keselhanalarynda ftiziatr-lukmanlary tarapyndan berilýändir. Näsaglar bejergi geçirlenden soň, uzak wagtlap dispanser gözegçiliginde saklanylýar.
Inçekesellä bejergini inçekesele garşy ýörite dermanlaryň birnäçe utgaşmasy bilen lukmanyň berk gözegçiligi astynda geçirilýär. Ýörite görkezmeler boýunça hirurgiki bejergi hem geçirilýär.
Inçekeseliň öňüni almakda, keseli irki döwründe anyklamakda ýörite çäreler toplumy geçirmek hökmandyr: 




#Article 325: Guduzlama (402 words)


Guduzlama keseli () adamzada gadymy zamanlardan bäri bellidir. Ol kesel barada maglumatlar gadymy hindi, müsür golýazmalarynda hem ýazylandyr.
Guduzlama – ýiti ýokançly kesel bolup, ol merkezi nerw ulgamyna zeper ýetme bilen häsiýetlendirilýär. Kesel döredýän wirusy, tebigatda käbir ýabany haýwanlar, ýarganatlar özünde saklaýarlar. Köplenç halatlarda keseli eýesiz itler, pişikler hem-de möjekler, tilkiler ýaýradýarlar.
Haýwanlaryň tüýküligi diňe bir kesel wagtynda däl-de, inkubasion döwürde hem (kesel ýokuşyp, birinji alamaty ýüze çykýança geçýän wagt) ýokançlydyr.
Adama bu kesel haýwanlaryň dişlemegi we wirusyň ýokuşmagy hetijesinde ýüze çykýar. Keseliň näsag adamdan adama ýokuşýan halatlary örän seýrekdir. Dişlenmeden soň, wirus nerw süýümleriniň ugry bilen merkezi nerw ulgamyna ýetýär we beýniniň zeperlenmegine (ensefalit) getirýändir. Beýnide diňe şu kesele mahsus bolan, “guduzlama düwünjikleri“ we onuň öýjüklerinde emele gelýän Negriniň öýjükleri döreýär.
Keseliň inkubasion döwri 10 günden 1 ýyla çenli uzalyp bilýär. Köplenç dişlemeden soň, kesel 12-99 günde ýüze çykýar. Haýwanyň bedende dişlän ýeriniň we ýaranyň çuňlygynyň ahmiýeti uludyr. Kelläniň, döşüň we elleriň çuň ýaralary köp halatlarda guduzlama keseline getirip biler.
Guduzlama keseliň geçişini 3 döwre bölýärler:

Guduzlama keseli hemişe ýokarda beýan edilýän ýagdaý ýaly geçmeýär. Köplenç kesel tolgunma döwründen başlap biler. Käwagtlar ysmaz döwri bolman hem bilýär. Köplenç ysmaz ýagdaýy dişlenen ýerden başlap biler.
Çagalarda guduzlama keseli dowamlylygyň gysgalygy bilen häsiýetlendirilýär. Çagalaryň 10%-i  keseliň 1-nji gününde aradan çykýarlar. Keseliň bejergisi ýokdyr. Keseliň alamatlary ýüze çykandan soň, näsagy halas edip bolmaýar.
Näsagy asuda, garaňky otagda ýatyrmalydyr. Dişlenen ýarany sabynly suw bilen ýuwmalydyr. Ýarany himiki serişdeler bilen işlemek, oňa hirurgiki tikin goýmak maslahat berilmeýär. Lukmanlaryň gözegçiliginde, bejergiler tutgaýyň öňüni almaga, ýürek we dem alyş merkeziniň işini tijendirmäge gönükdirilen bolmalydyr.
Guduzlama keseliň öňüni almakda ýeke-täk, degerli çäre – bu öňüni alyş sanjymlary geçirmekdir.
Guduzlama garşy öňüni alyş sanjymlary, guduzlan ýa-da şoňa güman edilýän haýwanlar tarapyndan dişlenen hemme ýagdaýlarda geçirilýär. Keselli haýwanlaryň tüýküligi degen zatlar bilen ýaralanan adamlar hem şu topara girýändir.
Öňüni alyş sanjymlaryň geçiriliş tertibi we näsaglara gözegçilik aýratynlyklary Saglygy Goraýyş Ministrligiň Düzgünnamasynda beýan edilendir.
Dişlenen näsaglar rabiolog lukmanyň gözegçiliginde durýarlar. Dişlän  haýwan (eger ol belli bolsa) 14 gün weterinar lukmanyň gözegçiliginde saklanýar.
Sanjym alynýan wagty alkogol içgileri kabul etmekden, beýleki öňüni alyş sanjymlary almakdan saklanmalydyr.
Aýratyn ýagdaýlarda, dişlenen adamlara bürmä garşy sanjym geçirmek rugsat berilýär.
Guduzlama garşy sanjym edilende birnäçe gaýraüzülmeler ýüze çykyp biler:

Aşakdaky ýagdaýlarda sanjym alýan, dişlenen adam keselhana ýerleşdirilmelidir:

Guduzlama keseline garşy işi medisina we weterinar gulluklary bilelikde alyp barmalydyrlar.
Weterinar gullugyň işi, haýwanlaryň sanyny kadalaşdyrmaga, kesel haýwanlary ýok etmäge, öýde saklanýan haýwanlara öňüni alyş sanjymlary geçjirmäge gönükdirilen bolmalydyr.




#Article 326: Hlamidioz (315 words)


Jyns gatnaşygy arkaly geçýän keselleriň içinde hlamidioz has köp duş gelýän ýokançlyklaryň biridir. Her ýylda dünýäde bu kesel bilen takmynan 70 mln. adam keselleýär.
Orsýetde bu kesel ýaýraýşy boýunça, grippden soň ikinji orny eýeleýär. 90-njy ýyllaryň ahyrynda Günbatar Ýewropada her ýyl bu kesel bilen 3-4 mln. adam keselledi. Peşew çykaryş we jyns agzalaryň sowuklama kesellerinden ejir çekýän aýallaryň 40-60%-de we erkek adamlaryň 50%-de hlamidiýanyň tapylanlygyny barlaglaryň netijesi tassyklady.
Hlamidiozy beden öýjüginden daşary we onuň içinde ösüp bilýän, aýratyn ýaşaýyş siklli hlamidiýalar döredýärler. Bu owadan ada eýe bolan kiçijik jandarlar, esasan, jynsy gatnaşyklar arkaly bir adamdan beýleki adama geçip bilýär. Başga zatlaryň (eller, süpürgiç, düşek daşlary) üsti bilen geçmek seýrek duş gelýär. Bu ýokançlyk 18-30 ýaş aralygyndaky adamlarda has hem köp ýüze çykýar.
Hlamidiýalar ýokary temperatura (500 gradus s.we ýokary) örän duýgur bolup, pes temperatura durnuklydyr. Olary 0,5% kaliý permanganaty, 25% wodorodyň turşusy, 2% hloramin ýok edip bilýär.
Hlamidioz köplenç ýagdaýda başga ýokançlyklar bilen (trihomoniaz, sözenek, mikoplazmoz) utgaşmada duş gelip bilýär.
Hlamidiozyň özüne mahsus kliniki alamatlary bolmaýar. Ol alamatlar başga ýokançlyklaryň ýüze çykyşyna meňzeşdir.

Kliniki  geçişiniň birnäçe görnüşi bardyr.

Göwrelilik döwründe hlamidioz köp we howply gaýraüzülmelere getirip bilýär:

Erkek adamlarda hlamidioz, zeper ýetiren agzalaryna, başga ýokançlyklar bilen utgaşmasyna baglylykda, dürli kliniki alamatlar bilen giçip biler.

Hlamidioz keseli bilen kesellän adam lukmana ýüz tutmalydyr. Diňe wagtynda anyklanyp, doly möçberde we dogry bejergi berilen ýagdaýynda, keselden saplanyp, onuň gaýraüzülmeleriniň öňüni alyp bolar.
Häzirki wagtda hlamidiozy anyklamagyň dürli usullary peýdalanylýar. (serologiki, mikroskopiýa usuly, göni immunoflýuressensiýa, immunoferment barlagy we başgalar).
Hlamidiýanyň dürli görnüşlerini bejermekde, esasan, tetrasiklin, makrolitler, sulfanilamidlar ulanylýar. Lukman degişli barlagdan soň, dermanlaryň möçberini, kabul ediş tertibini belläp, immuniteti güýçlendiriji we umumy beden gurplandyryjy serişdeleriň utgaşmagy bilen bejergi bellär. Bejergiden soň gözegçilik barlagy her aýda, 3 aýyň dowamynda geçirilmelidir. Barlag wagty hlamidiýalaryň ikilenç tapylmagy, bejergini başga dermanlar bilen gaýtalamaga esas döredýär.
Hlamidiýanyň ýaýraýşynyň öňüni almakda, näsaglary bejermek, ýokançlyk göterijileri anyklamak, sahsy goraglylyk düzgünlerini berjaý etmek esasy çäreler bolup durýandyr.




#Article 327: Wirusly gepatitler (1142 words)


Wirusly gepatitler () – dürli wiruslaryň täsiri bilen döreýän, köp duş gelyän we adam üçin howply infeksion keselleriň toparydyr. Olar bagryň öýjüklerine täsir edip, onuň işine zeper ýetirýärler. Wirusly gepatitleriň dürli görnüşleri, gepatitleriň has ýaýran alamaty esasynda, “sarylama“ diýip hem atlandyrylýar.
Sarylamanyň epidemiýalary barada entek b.e. öň V asyrda Gippokrat hem beýan edip geçipdir. Keseliň alamatlary belli bolsada, gepatitleri dörediji wiruslar diňe geçen asyryň ortasynda açyldy. Keseli dörediji wiruslar, şoňa göräde, olaryň döredyän gepatitleriniň görnüşleri harplar bilen (A, B, C, D, E we başgalar) aňladylýar.
Gepatitiň A wirusy, gepatitiň A görnüşini, B wirus gepatitiň B görnüşini döretjekligi düşnüklidir. Şonuň ýaly-da, her harpyň aňyrsynda belli bir özbaşdak wirusyň we özbaşdak keseliň ýatanlygyny ýatdan çykarmaly däldir. Ol keseller ilatyň arasynda ýaýraýyş ýoly, inkubasion döwrüniň möhleti, keseliň geçiş aýratynlyklary, gaýraüzülmeleri bilen özara tapawutlanýandyr. Ondan başga-da, gepatitler aýry kesel görnüşinde duş gelmän, aýry-aýry keselleriň alamaty görnüşinde hem ýüze çykýar.
Gepatitler, ýagny bagryň sowuklamasy, gyzylja, garamyk, uçuk ýokançlygy, infeksion mononukleaz, AIDS keselleriniň geçişinde hem ýüze çykyp biler.
Ondan başga-da, alkogolyň täsiri netijesinde bagryň zeperlenmegi – toksiki gepatitler ýüze çykýar.
Wirusly gepatitleriň aýry görnüşleriniň üstünde durup geçeliň.

Gepatit A (Botkiniň keseli) – ýüze çykma sebäbi boýunça ýerli sanitar-gigiýeniki ýagdaýlara bagly bolan, iň köp ýaýran görnüşidir. Esasan hem gigiýena düzgünleri berjaý edilmeýän ýagdaýlarda ýa-da agyz suwunyň hiliniň pesligi netijesinde ýüze çykýar. Bu wirus hemme adama ýokuşyp biler. Geçirilen kesele uzak, bütün ömrüniň dowamynda saklanýan bedeniň durnuklylygy emele gelýär. 14 ýaşa çenli çagalar, ululara garanyňda, 3 esse köp keselleýändir.
Ýaýraýyş ýolunyň suw bilen baglylygyny göz öňüne tutup, ýokuşma ähtimallygynyň içilen suwuň mukdaryna baglydygyny bellemelidir.
Gepatitiň A wirusy bilen keselçilik tomsuň ahyryna we güýzüň başyna ýokarlanýandyr. Tomus suw köp içildigiçe, ýokuşma ýagdaýy hem köp ýüze çykýar.
Inkubasion möhleti (keseliň ýokuşyp, birinji alamatlary ýüze çykýança geçýän wagty) 4-6 hepde aralygy bolany üçin, güýz aýlary keselçilik has ýokarlanýandyr.
Gepatit A bedeniň gyzgynynyň galmagy bilen başlanýar. Köp alamaty boýunça ýiti respirator keselini ýada salýandyr. 2-4 günden näsagyň peşewi goňrymtyl reňkde bolup,piwo içgisine ýa-da goýy demlenen çaýa meňzeşdir. Täreti bolsa reňksiz bolýar. Sarylama alamaty ýüze çykandan soň, näsagyň ýagdaýy gowulaşýar. Keseliň uzaklygy 1 hepdeden 1,5-2 aýa çenli dowam edip, keselden soň dikeldiş döwri 6 aýa golaý wagty öz içine alýandyr.
Wirusly gepatitleriň içinde, A görnüşi has ýeňil bolup, agyr gaýraüzülmelere getirýän däldir we käwagt bejergisiz hem öz-özünden geçip gidýändir. Bejergi keselhanada geçirilmelidir. Bejergi näsaga dynçlyk berme (düşekde ýatmaly), ýörüte berhiz tutma we gepatoprotektorlary (bagryň öýjüklerini goraýjy dermanlary) ulanma yaly çäreleri öz içine alýandyr. Çagalara waksinasiýa geçirmek maslahat berilýär.
Esasy öňüni alyş çäreleri sanitar-gigiýena düzgünleri berjaý etmäge syrygýandyr. (Elleri ýuwmak, gök önümleri ýuwup iýmek, arassa agyz suwy bilen üpçünçilik.)
 
Gepatit E – hemme alamaty we ýokuşma ýoly boýunça gepatit A görnüşe meňzeşdir. Yssy howaly, ýaramaz agyz suwly ýerlerde ýüze çykýar.
Bejergi geçirlende sagalma çalt bolup geçýär. Ýöne başga gepatitlerden tapawutlylykda, E gepatitiň agyr görnüşi diňe bagra dälde, böwrege hem zeper ýetirýändir.
Gepatit E, göwreliligiň soňky aýlarynda, ene bilen çaga üçin howply bolup, gaýraüzülmelere getirip biler. E gepatitiň öňüni alyş çäreleri A gepatite meňzeşdir.
 
Gepatit B – bagryň zeperlenmesine getirýän, howply görnüşidir. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bellemegine görä, dünýäde B wirusy 1 mlrd. adam göterip, ýylda 500 mln.adam bu kesel bilen keselläp, 2 mln. adamdan gowragy bolsa ölýändir.
Gepatit B ýokuşmagy ganyň we gan serişdeleriniň üsti bilen, jynsy gatnaşygy arkaly bolup biler. Wirus eneden çaga hem ýokuşýandyr.
Ýokuşma üçin ganyň bir damjasy hem ýeterlikdir. Şonuň üçin hem, kosmetiki çäreler geçirlende, gulak deşilende, derä ýörite suratlar çekilende (tatuirowka) ýokuşma bolup biler. Esasy ýokuşma getirýän ýollaryň içinde bolsa, medisina çäreleri birinji  ýerde durýandyr – sanjymlar, operasiýa geçirmek, gan goýbermek we başgalar.
Inkubasion döwri has uzakdyr, 2 aýdan 6 aýa çenli. Gepatit B hem, edil gepatit A ýaly, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, umumy ysgynsyzlyk, bogunda agyry, ýürek bulanma, gaýtarma ýaly alamatlar bilen başlanýar. Peşewiň garalmagy, täretiň agarmagy, deride örgüniň ýüze çykmagy, bagryň, dalagyň ulalmagy bolup biler. Gepatit B keselde sarylama alamaty kän bolmaýar. Näsaglaryň 10%-de, geçirilen ýiti gepatit dowamly gepatite, soňundn bolsa bagryň sirrozyna getirip bilýändir.
Gepatit B bilen kesellän adamlaryň 5-10%-i bu wirusy göteriji we ýaýradyjy bolup durýandyrlar.
Gepatit B hem, edil E görnüş ýaly, göwreliler üçin howply bolup, düýpli  gaýraüzülmelere getirip biler.
B gepatitde bejeriş çäreleri keseliň geçişi, onuň gaýraüzülmelerine baglydyr. Bejergi geçirlende immun serişdeleri, gormonlar, antibiotikler, gepatoprotektorlar ulanylýar.
B gepatitiň öňüni almak üçin waksinasiýa geçirilýär. Esasan kombiofox, enažeriks B, euwaks waksinalary ulanylýar.
Waksinalary ulanmak tertibi şeýle – birinji waksinasiýadan soň, 1 aýdan, ikinji waksinasiýa geçirilýär.Ikinji waksinasiýadan 5 aý geçenden soň, üçünji waksinasiýany geçiryärler. 1 ml. waksina, gola, myşsa goýberilýär.
Bedeniň bu kesele bolan durnuklylygy 8-10 ýyla çenli, käwagt bütün ömre hem saklanýar.
Gepatit B garşy öňüni alyş sanjymlary çagalara hem ýörite bellenilen tertipde – doglandan soň,  2, 3, 4 aýlarda geçirilýär.
 
Gepatit C (Posttransfuzion gepatit) – wirusly gepatitleriň içinde iň howplysydyr. Ýaş adamlarda has hem köp duş gelýär. Gepatit C, esasan, gan goýberme ýa-da sterilizasiýa geçmedik şpisler arkaly geçýär. Şonuň üçin oňa şeýle at berilýär. Seýrek ýagdaýlarda jyns gatnaşygy arkaly geçip biler. Wirus göwreli eneden çaga hem geçip bilýär.
Gepatit C bilen näsaglanlaryň 70-80%-de kesel dowamly görnüşe geçýändir. Dowamly gepatit bagryň sirroz keseliniň we howply täze döremeleriň ýüze çykma ýagdaýyny ýokarlandyrýandyr.
Gepatit C bilen başga gepatitler utgaşanda näsagyň ýagdaýy erbetleşip, gaýraüzülmeleri köpelip, ölümçilige hem getirip biler.
Gepatit C garşy entek öňüni alyş waksina ýok. Häzirki wagtda alymlar bu ugurda iş alyp barýarlar.
Bejergi gepatoprotektorlary, wirusa garşy dermanlary ulanmakdan ybaratdyr. Wirusa garşy dermanlardan interferon we ribawiron ulanylýar. Bejergini gepatolog lukmany, laborator barlaglaryň gözegçiligi astynda, tapgyrlaýyn geçirýändir.
 
Gepatit D ýa-da delta gepatiti – beýleki wirusly gepatitlerden tapawutlylykda, D wirusy adamyň bedeninde özbaşdak köpelip bilenok. Köpelmek üçin oňa „ wirus kömekçi“ gerek bolýar. Şol kömekçi bolup, oňa wirus gepatiti B hyzmat edýär“. Şonuň üçin Delta-gepatitine özbaşdak kesel höküminde dälde, gepatit B keseliniň geçişini beterleşdirýän kesel höküminde seretmelidir.
Keseliň geçişi B gepatite meňzeşdir, ýöne oňa mahsus gaýraüzülmeler has ýygy we agyr ýagdaýda ýüze çykýandyr.
 
Gepatit G – öz geçişi we alamaty boýunça C wirusly gepatite meňzeşdir. Ýöne ol C gepatiti ýaly howply däldir. Bagryň howply döremeleri we sirrozy döretme G gepatit üçin mahsus däldir. Ýöne C we G gepatitleriň utgaşmagy netijesinde gaýraüzülmeler döräp biler.
Wirusly gepatitleriň hemme görnüşi häzirki wagtda takyk anyklanylyar we irki möhletde başlanan bejergi esasynda sagalmany gazanyp bolýandyr.
 
Ýöne gepatitleriň bejergisi üç faktora baglydyr:

 
Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, gepatitleriň bejergisi – berhiz tutma, gepatoprotektorlary, gormonlary, wiruslara garşy dermanlary, umumy gurplandyryjy dermanlary ulanmakdan durýandyr.
Berhiz barada aýratyn durup geçesimiz gelýär. Wirusly gepatitleriň ýeňil derejesiniň bejergisinde berhiz tutma birinji orunda durýandyr:

 
Näsag üçin gadagandyr:

 
Keseliň ýiti döwründe – köpräk içmeli (5% glýukoza, süýjüli çaý ýa-da bally çaý, şipownikli çaý, guradylan ir-iýmişlerden taýynlanan kompot). Süýji ir-iýmişler ownadylan görnüşde berilse gowy bolar. Garpyz hem peýdalydyr.
Näsagyň ýagdaýy gowulaşandan soň, suwda bişirlen şüle, kisel, ir-iýmişleriň şiresini bermek bolýandyr.
Sarylama alamaty aýrylandan soň, etiň we balygyň ýagsyz görnüşini, ýagsyz towuk, buglanan alma, ýagsyz çorbany bermek maslahat berilýär.
Nähili doly, gymmat dermanlar bilen bejergi alnan hem bolsa, şol bejergini bir tarelka gowrulan kartoşka ýa-da duzly kömelekler puja çykaryp biler.
Bejergi keselhana şertlerinde, gepatolog lukmanyň gözegçiliginde alynmalydyr.




#Article 328: Garamyk (kesel) (523 words)


Garamyk keseli (, ) — giňden ýaýaran ýokanç keseldir. Bu kesel gaty bir howply bolmasa-da, çagany wagtlaýyn birahat edip bilýär.
Garamyk keseliniň döremegine endama täsir edýän wiruslar sebäp bolýar. Olar howa-damja ýollary arkaly bir adamdan başga bir adama aňsatlyk bilen geçip bilýärler. Şäheriň bir ýerinde peýda bolan garamyk aňsatlyk bilen şäheriň beýleki ýerine geçip bilýär. Olar edil bir ýerden başga ýere ýel bilen geçen ýaly hereket edýärler. Garamyk keseliniň ojaklary hemişe bellidir. Olara esasan-da çagalar baglary ýa-da mekdepler degişlidir. Sebäbi bu ýerlerde çagalar köpçülikleýin keselleýärler.
Garamyk keseliniň wirusy edil ýapyşgyç ýalydyr. Ýapyk, ýelejiredilmeýän otaglarda bu wirusyň ýokmak howpy has-da artýandyr. Bu wirusy hat-da bir binada ýaşaýan adamlar hem biri-birine ýokuşdyryp bilýändirler. Käwagt garamagyň hiç bir alamaty bolmadyk, emma gurşaýjy demrewden ejir çekýän uly ýaşly adamlar bu keseli çaga ýokuşdyryp bilýärler. Sebäbi garamyk wirusy öň onuň bilen kesellän adamyň oňurga ýiliginde uklap galýar. Adamyň durmuşynda haýsydyr bir ruhy urgynyň bolan ýagdaýynda ýa-da organizmiň kesele garşy durnuklylygy peselende, bu uklap ýatan wirus oýanýar-da, uly ýaşly adamlarda gurşaýjy demrewiň döremegine sebäp bolýar. Bu adamlar esasan-da bäbekleri garamyk keseline uçradyp bilýär. Sebäbi eneler öz balalaryny garamyk keseli bilen kesellän çagalardan gorasalar-da, gurşaýjy demrewli adamy öz balasyna arkaýyn ýakynlaşdyrýarlar. Olar bu keseliň öz balalary üçin näderejede howpludygyna düşünmeýärler.
 

Çagalar bagynda garamygyň bardygyny eşidip, howsala düşmäň. Çaga garamagy giç çykaryp, dynany kem däldir. Türkmenlerde ýetginjege garamyk çykaranda, gutly bolsun! diýýändirler. Sebäbi bu kesel çagada  adamlarda ýüze çykanda has agyr geçýär.
Öňki döwürlerde kimdir biriniň çagasynyň garamyk çykaranyny eşidenlerinde, eneler özleriniň ýaşajyk çagalaryny alyp, şol öýde myhman alynmaklarynyň sorapdyrlar. Sebäbi olar çagalarynyň şu hökmany diýen ýaly keseli näçe ir geçirseler, şonça-da yamandygyny bilýän ekenler.
Garamyk çykaran çaga keseliň inkubasion döwrüniň ilkinji 2 gününde we garamygyň örgüni örenden soň 5 günläp ýokançly bolýandyr. Ýöne köp halatlarda bu keseliň inkubasion döwri 2 hepdä çenli hem dowam edip bilýär.

Garamygyň esasy alamaty bolan örgün-düwürtikler ululy-kiçi görnüşde endamyň ähli ýerlerinde bolup bilýärler. Örgün örüp başlandan çaganyň gyzgyny ýokarlanyp, 38-39 С ýetýär (ýöne käbir çagalaryň gyzdyrmazlygy hem mümkindir). Çaga ysgynsyz bolup, azary artyp başlaýar, işdäsi kemelýär. Ýöne bu ýagdaý uzaga çekmeýär.  Örgün ilkibada öçügsi gülgüne reňkde bolýar. Soňabaka bu tegmiller içi dury suwuklykly gabarçaklara öwrülýärler. Gabarçagyň töweregindäki deri gyzarýar. Iki günden bu gabarçaklaryň içindäki dury suwuklyk bulanyp, gabarçaklaryň üstki gatlajygy ýygrylyp, goýy goňur reňkdäki kesmeklere öwrülýär. Bu kesmejikler 1-3 hepdäniň dowamynda aýrylýar. Çaganyň teninde şol bir wagty özünde tegmiller-de, gabarçaklar-da, kesmejikler-de bolup bilýär. Örgüniň her täze tolkunyndan öň çaganyň ýagdaýynyň erbetleşmegi bu keseliň aýratynlygydyr.

Garamyk çykaran çaganyň iň uly kynçylyklarynyň biri-de emele gelen kesmejikleriň gijemegidir. Çaga näçe kiçi bolsa, şonça-da oňa kesmejikleri gaşamaly däldigini düşündirmek kyn bolýar. Ýöne her nähili bolsa-da, çaganyň bu kesmejikleri gaşamagyna ýol bermejek bolmaly. Sebäbi kesmejikleriň gopup, ýaranyň bakteriýalar bilen infisirlenmegi ahmal. (Garamyk çykaran çaganyň kesele garşy durmak ukybynyň gaty peselýändigi hökman ýadyňyzda bolsun!) Ýaralara bakteriýalaryň düşüp, olaryň azan ýagdaýynda deride yz galmagy mümkin. Şoňa görä-de, çagalara bu kesmejikleri gaşamaly däldigini düşündirjek bolmaly. Gelejekki owadanlygy barada alada edýän gyzjagazlar bu gürrüňlere has-da düşbüje bolýandyrlar. Oglanlar babatda bu mesläni çözmek aňsat bolmasa-da, hökman synanyşmalydyr.
Garamyk çykaran çaga barada edilýän şepagat aladalary:

 
Garamyk keseli bilen çagalykda keselläniň has oňatdygyny ýene-de bir gezek size ýatladýarys. Sebäbi uly ýaşly adamlarda bu kesel örän agyr geçýändir.




#Article 329: Gyzamyk (865 words)


Gyzamyk ()  — bu çagalyk döwrüniň ýokanç keselidir. Ol syrkaw adamdan sagdyn adama ýokup bilýär. Endama örgün örüp başlan günler ol has hem ýokançdyr. Üç gün geçenden soň gyzamak çykaran çaga eýýäm beýle bir ýokançly hem däldir.
Gyzamyk howa-damja arkaly, mysal üçin, söhbetleşlikde, kimdir biri üsgürip-asgyranda ýokup bilýär. Gyzamyk çykaran çaga üsgürip-asgyranda agzyndan, burnundan bölünip çykýan suwuklyklar keseli ýaýradyjydyr. Gyzamyk ýaşaýyş jaýlarynda hemmeler üçin umumy bolan ýerlerden otaglar, eýwanlar arkaly ýaýrap bilýär. Gyzamyk çykaran adam bilen bir otagda bolýan çagalaryň hemmesi bu kesele aňsatlyk bilen ýolugyp bilýärler. Göwnejaý bolmadyk durmuş-sosial şertleri bu keseliň ýaýramygyna ýardam edýär. Gyzamygyň wirusy adatça zatlaryň ýa-da üçünji bir adam arkaly geçmeýär. Gyzamyk keseli adamdan sagdyn adama aňsat ýokup bilýär. Emma soňky döwürlerde gyzamyk keseliniň öňüni alýan sanjymlaryň edilmeginiň netijesinde, bu kesele ýolugýan adamlaryň sany barha azalýar. Bir gezek gyzamyk çykaran adam bu kesele ikilenç ýolukmaýar. Keseliň gaýtalanýan ýagdaýlary juda seýrekdir. 3 aýa ýetmedik çagalar adatça gyzamyk keseline ýolukmaýarlar. Gyzamyk köplenç sowuk gyş-ýaz aýlary ýüze çykýar. Onuň wirusy çaganyň organizmine dem alyş organlary we gözleri arkaly ýokup bilýär. Gyzamyk organizmiň kesellere garşy bolan durnuklylygyny peseldip bilýär. Gyzamygyň inkubasion döwri 9-21 gündür.

Gyzamygyň wirusy ýokan çaganyň gyzgyny 38-39°С çenli ýokarlanyp bilýär. Çaga kellesiniň agyrýandygyndan zeýrenýär. Onuň burny akyp başlaýar, üsgürýär, ysgyny bolmaýar, iňirdisi artýar, işdäsi kesilýär, ukusy bozulýar. 2-3 gün geçensoň, gyzgyny 37,3-37,5°С çenli peselse-de, burny akmasy güýjeýär, açyk sary reňkli suwuklygyň bölünip çykmasy artýar. Çaga gury üsgürýär, bokurdagynyň agyrýandygyndan zeýrenýär, sesi boguk çykýar. Çaganyň ýüzi ýellenen ýaly bolýar, gabaklary çişýär, gözi gyzarýar we ýaşarýar. Onuň gözleri ýagtylykdan gorkýar, gabaklary ýagtylykda tiz-tizden ýumulýar. Çaganyň agyz boşlugynda, ýaňagynyň iç ýüzünde owunjak ak tegmiller döreýär. Bu gyzamygyň kesgitli alamatydyr. Bu ak tegmiller 2-3 günden ýitip, agyz boşlugy gyzaryp galýar. Diş etlerinde agymtyk galyndylaryň bolmagy mümkindir. Çaganyň gyzgynynyň ikinji gezek ýokarlanmagy bilen onuň endamyna örgün örýär. Keseliň 5-7 günlerinde çaganyň gyzgyny 36,9-37,2°С çenli peselip, kadalaýyk derejesine ýakynlaýar. Gyzamyk örgüni ilkibada gulagyň aňyrsynda we ýüzde peýda bolýar. Bir gije-gündiziň dowamynda bu örgün tutuş ýüze, boýna we bedeniň bilden ýokary bölegine örýär. Burun-dodak aralygy hem örgüne bürelýär. Ikinji gije-gündiziň dowamynda örgün tutuş bedene, gola, buda örýär. Üçülenji gün bolsa örgün ellere we aýaklara örýär.

Örgün agymtyl-gülgüne reňkli bolup, deriden dary dänesiniň ululygynda saýlanýar. Bu örgün tegmilleri soňabaka özarasynda birigýärler. Örgün käwagt gan öýen düwürtikler görnüşinde-de bolýarlar. Bu gyzamygyň aýratyn bir görnüşidir. Örgün 3 günüň dowamynda saklanýar (halk arasynda bu ýagdaýa «güllemek» hem diýilýär). Dördülenji gün bolsa, örgün örüp başlaýşy ýaly gaýdyşyp ugraýar, ýagny ilki ýüzde örüp başlan bolsa, ýüzden-de solup başlaýar. Käwagt örgün keseliň üçülenji güne ele-aýaga ören wagty, onuň ýüzde we boýunda gowşap, solup başlaýan ýagdaýlary hem bolýar. Örgün solýar-da, peselýär.  Ilkibada ol gögümtil reňkde bolýar, soňra bolsa açyk goňur reňkdäki tegmillere öwrülýär. Bu halda ol bir-iki hepde saklanýar. Örgüniň gaýdyşmagy ýa-da «solmagy» endamyň we ýüzüň derisiniň soýulmagy bilen bir wagtda bolup bilýär. Deriniň soýulmagy bäş-ýedi gün dowam edip bilýär.
Gyzmagyň örgüni örüp başlanda bedende umumy ysgynsyzlyk, hereketlerinde haýallyk, kelleagyrylar, işdäniň kesilmegi, ukynyň erbetleşmegi ýüze çykýar. Syrkaw biynjalyksyzlanyp, samrap başlaýar. Onuň agyz boşlugyndaky ýokarky kentlewüginiň astyndaky mäzleri biraz ulalýar. Gyzamagyň ýiti alamatlary ýitenden soňra gutulyş döwründe çaganyň heniz-de ysgynsyz, gaharjaň bolmagy, ýatdaşlagynyň peselmegi ahmaldyr. Bu ýokanç keseli öýken sowuklamasy, beýniniň sowuklamasy, damagyň galmagy, içegäniň sowuklamasy ýaly nogsanlyklar döräp biler. Türkmenlerde „gyzamakdan galan kesel” diýip ýöne ýere aýdylanok. Kesel döwri tutuş organizm gowşap, kesellere garşy bolan durnuklylygy juda peselýär. Gyzamaga ýolugan çaga bu döwürde başga kesllere aňsat uçraýar. Şonuň üçin-de, çagany ýekeje minutda gözden salmaly däl.
 

Çaganyň endamy gyzyp, teninde örgün peýda bolup başlan dessine çaga lukmanyny öýe çagyryň. Bejergi döwründe çaganyň şahsy arassalygyna aýratyn üns bermelidir. Eger lukman çagany hassahana äkitmezden, öýde bejermegi dogry hasaplasa, çagany özbaşyna bir otagda ýerleşdiriň. Otag giň bolmalydyr. Ony ýygy-ýygydan ýelejiredip durmalydyr. Ýöne otagy ýelejiretjek bolup, çagany üşedäýmäň! Çaganyň gyzgynynyň bolmadyk ýagdaýynda, ony ýyly geýindirip, açyk aýnaly eýwanda gezmeledip bolýar.
Gyzamyk çykaran çaganyň el-ýüzüni gaýnan ýyly suw bilen wagtal-wagtal ýuwmalydyr. Onuň gözlerini günde gaýnadylan ýyly suw bilen ýuwmalydyr. Pagtanyň bölejigini şu suwa eziň-de, gözüniň daş burçundan iç tarapyna usullyk bilen süpüriň. Burny sülekeýden we kesmejiklerden arassalamaly. Dodaklaryna ýag çalmaly.
Çaga ýygy-ýygydan ýyly çaý, süýt içiriň. Bularyň haýsydyr birini içerseňiz-de, ondan soň çaganyň agzyny çopantelpegiň, şalfeýiň demlenen suwuna çaýkatdyrmaly.
 

Syrkawa düzümi witamine baý bolan iýmiti suwuk ýa-da ýarym suwuk halda iýdirmeli. Oňa kiselleri, miweleriň gaýnadylan suwuny, ýeňiljek çorbalary, göle, sygyr etlerinden taýýarlanyp, buglanan kotletleri bermek maslahat berilýär. Gyzamyk çykaran çaga gazlandyrylan içgileri, çipsileri we düzüminde konserwantlar ýa-da azyk stabilizatorlary, boýaglary bolan iýmiti bermek gadagandyr. Öýde uýadylan gatyk syrkaw çaga üçin örän peýdalydyr.

Esasy bejergini lukman belleýär.
Goşmaça bejergi serişdeleri hökmünde witaminleşdirilen çaýy, şypa beriji derman otlardan demlenen çaýlary içmek maslahat berilýär. Bular ýokanç keselden gutulyş döwründe gujur-gaýrata getirmekde uly ýardam berýär.
 
Gyzamagy bejermekde ulanylýan goşmaça serişdeleriň reseptleriniň käbirleri:

I. Gerek zatlar: 10 gr zweroboy, mat we maçeha, narpyz, duşisa, itburnyň miweleri, 5 gr waleriananyň köki.
Taýýarlanylyşy: derman otlary owradyp garyşdyrmaly. Garylan derman otlaryň 1 n.ç-ni 1 bulgur gaýnag guýup, 15 minut demine goýmaly. Soňra ony hasadan süzmeli.
Ulanylyşy: günde 6 gezek 1 n.ç-ni içmeli.

II. Witaminli işdäçar
Gerek zatlar: 2 käşir, grek hozunyň ýenjilen maňzynyň 2 n.ç. 2 n.ç. bal, 1n.ç. itburnuň şiresi, 1 n.ç. limon şiresi.
Taýýarlanylyşy: Käşiri gyrgujyň maýda gözeneginden geçirip, ýokarda sanalan zatlar bilen garyşdyrmaly.
Ulanylyşy: Witamin serişdesi hökmünde günde 3-4 gezek 3-4 n.ç-ni keselden saplanma döwürde kabul etmeli.




#Article 330: Ýokançly mollýusk (269 words)


Ýokançly mollýusk () – wirusly kesel bolup, deri örgüniniň ýüze çykmagy bilen häsiýetlendirilýär. Deri örgüni deriniň reňkine meňzeş, ýeke-ýekeden ýa-da topbaklaýyn ýerleşýän düwünjiklerden ybaratdyr.

Ýokançly mollýuskyň wirusy diňe näsag adamdan geçip bilýändir. Bu wirus haýwanlarda keselçilik döredýän däldir.

Bu kesel dürli ýaşly adamlarda, şol sanda çagalarda hem duş gelip bilýär. Ýokançly mollýuskyň wirusynyň ýokuşmagynyň esasy ýollary:

Maşgalanyň hem birnäçe agzasynyň birden kesellemegi mümkindir.
Keseliň birinji alamatlary ýokuşmadan iki hepde soň ýüze çykýar. Ýokançly mollýuskyň esasy alamatlary aşakdakydan ybaratdyr:

Ýokançly mollýusk howply gaýraüzülmelere getirýän däldir. Bu keselde garaşylýan gaýraüzül-melere aşakdakylar degişlidir:

Umumy barlagdan soň, ýokançly mollýuski dermatolog lukmanlary anyklaýandyr we bejerýändir.

Bu keselde örgünleriň özbaşdak häsiýetli bolany sebäpli, anyklaýyşda goşmaça usullara mätäçlik döremeýär. Aýry-aýry ýagdaýlarda başga kesellerde ýüze çykýan örgünler bilen aýyl-saýyl etmeli bolýar. (meselem, wirusly kesel bolan ýiti uçly siňňiller).

Ýokançly mollýuski bejermegiň birnäçe görnüşleri bardyr. Ol hirurgiki usul bilen aýrylanda, ýörite kýuretta guraly ulanylýar.

Örgünler aýrylyp, emele gelen ýarajyklar antiseptiki demanlar bilen (hlorgeksidin, dioksidin we başgalar) arassalanýar. Örgünleri suwuk azotyň (doňdurma ýa-da kriobejergi), lazeriň, elektrik togunyň (elektrokoagulýasiýa) kömegi bilen hem aýyrmak mümkindir.

Örgünleri aýyrmak gaty agyryly bolup, agyrsyzlandyryjy melhemler we kremler ulanylýandyr. (meselem, lidokain melhemi).

Ýokançly mollýusk keselini ýörite melhemleriň kömegi bilen hem bejerip bolýar. Bejergi üçin aldara (imikwimod) tazorak, retin-A ýaly serişdeler melhem görnüşde ulanylýar.

Aldara ýa-da retin-A deriniň örgünli ýerine günde bir gezek agşam çalynýar. Irden deri sabynly ýyly suw bilen ýuwulýar. Lukmanyň maslahatyna laýyklykda krem birnäçe hepde (16 hepdä çenli), her gün ýa-da günaşa ulanylýar.

Çagalarda ýokançly mollýuskyň bejergisi geçirlende, agyrsyz usullar saýlanyp alynýar. (meselem, kremleri ulanmak). Diňe aýry ýagdaýlarda ýerli agyrsyzlandyrma bilen hirurgiki usul ulanylyp bilner.

Ýokançly mollýuskyň bejergisini geçirmekde halk serişdeleri hem ulanylýar:




#Article 331: Hapgyrtma (575 words)


Hapgyrtma (parotit) () – ýiti ýokanç keseli bolup, ol esasan hem tüýkülik mäzlerine zeper ýetirýär. Onuň döremegine paramiksowiruslar maşgalasyndan bolan wirus sebäp bolýar. Hapgyrtmanyň wiruslary daşky gurşawa durnukly bolýarlar.

Parotit keseliniň wirusy bu kesele uçran  adamyň tüýküliginde bolup, ol howa – damja ýoly bilen ýokuşýar. Hapgyrtma bilen kesellänlerde sowuklama alamatlary bolmaýar. Şonuň üçin-de, bu kesel uly aralykdaky adamlara, ýagny syrkawdan 1-2 metr daşda bolanlara ýokuşmaýar.

Hapgyrtma köplenç ýokançlygyňojagyna golaý bolan çagalara (bir maşgalada, bir partanyň başynda oturanlara, bir otagda ýatýanlara, bile oýnaýanlara) ýokuşýar. Bu kesel oýunjaklardan,näsagyň tüýküligi arkaly, gap-gaçlaryň üsti bilen hem ýokuşyp bilýär. Syrkaw hapgyrtmanyň alamatlarynyň ýüze çykmagyndan birnäçe sagat öň töweregindäkiler üçin howpludyr. Kesel esasan hem dörän ilkinji 3-5 günlerinde ýokuşýar. 9-njy günden soň bedenden wirus bölünip çykmaýar we syrkaw keseli töweregindäkilere ýokuşdyryp bilmeýär.

Hapgyrtmanyň ýokançlylygy 85%-e barabardyr. Hapgyrtma esasan 3-6 ýaş aralygyndaky çagalarda duş gelýär. Sanjymlaryň (waksinasiýanyň) geçirilmegi netijesinde, 1-10 ýaşdaky çagalarda hapgyrtma bilen keselleme azaldy.

Hapgyrtmanyň alamatlary ====
Inkubasion döwri (keseliň ýokuşan wagtyndan alamatlarynyň ýüze çykmagyna çenli döwür) ortaça 12-26 gün dowam edýär.

Hapgyrtma ýokançlygynyň esasy we ýygy – ýygydan duş gelýän alamaty – gulakýany mäzleriniň zeperlenmegidir.

Kesel, adatça, ýiti, bedeniň gyzgynynyň 38-39Cº çenli ýokarlanmagyndan başlanýar. Ýeňilräk ýagdaýlarda gyzgyn 37-37,5 °C ýetýär. Käte bedeniň gyzgyny kadaly bolýar.

Soňra gyzgynyň ýokarlanmagy keseliň ýaýramagyna bagly bolýar. Çaga kellagyra, ýarawsyzlyga, damarlardaky agyrylara, işdäsizlige arz edýär, ynjyk bolýar.

Köplenç çaga geplände ýa-da çeýnände ýüze çykýan agyrylar ilkinji alamat bolup bilýärler. Keselläninden 1-2 gün geçenden soň, gulakýany tüýkülik mäzleri ulalýar. Ilki bir tarap, soňra ikinji tarap çişip başlaýar. Käte çişler gaty uly bolmaýar, gyzarmaýar. Käte bolsa gulakýany mäzleri ulalyp, çiş boýna we duluga ýaýraýar. Çişen ýeriň derisi gatyrak bolsa-da, gyzarmaýar. Aýratyn-da gulagyň ýumşajyk etli ýeri agyrýar.   Bu ýagdaý 3-4 gün dowam edýär, soňra peselme bilen bolýar we kadaly ýagdaýa gelýär.

Hapgyrtma käte nerw ulgamyna (meningitiň döremek howpy), aşgazanasty mäzine (pankreatitiň döremek howpy) zyýan ýetirip bilýär.

Hapgyrtma bilen kesellän çagany aýry otagda, beýleki çagalardan daşda saklamaly (9 günden artyk däl). Syrkawlan çaga bilen oýnanlary gözegçilige almaly: gyzgynyny ölçemeli, seretmeli.

Hapgyrtmanyň öňüni almagyň iň ynamly usuly sanjymdyr. Bu sanjym çagalara 12 aýlyk wagtynda (1 ýaşynda), gaýtadan 6 ýaşda (öň hapgyrtma bolmadyk ýagdaýynda) edilýär. Şeýle edilende, hapgyrtma garşy berk durgunlyk emele gelýär.

Hapgyrtma keseli ýumurtgajyklara, ýumurtgalyklara,erkeklik jyns mäzine, süýt mäzlerine täsirini ýetirip bilýär. Bu ýagdaý gaýraüzülme görnüşinde ýa-da özbaşdak kesel ýaly, ýagny hapgyrtmanyň wirusy ilkibaşdan şu organlary zeperlendirip bilýär. Ýetginjeklerde we 30 ýaşa çenli erkeklerde orhit keseli (ýumurtgajyklarda sowuklamanyň döremegi) duş gelýär. Hapgyrtma wirusynyň ýumurtgajyklara täsir etmegi kesellänleriň 25%-de duş gelýär. Orhit keseli ýumurtgajyklaryň kadaly işlemegine zeper ýetirýändigi zerarly erkek önelgesizligine getirip bilýär. Orhitiň alamatlary adatça tüýkülik mäzleriniň zeperlenmesinden 1-2 hepde soň ýüze çykýar.  Ýumurtgajyklaryň sowuklamasyna adatça şu ýagdaýlar mahsusdyr:  gasykda güýçli agyrylar bolýar, bu agyrylar ýörelende has-da güýjeýär. Ýumurtgajyklar ulalýar, dykyzlanýar, el degrilende ýiti agyry peýda bolýar. Yumurtga haltajygy gyzarýar, käwagt gögümtil reňkde bolýar. Ýumurtgajyklaryň çişi 5-7 günden soň kem-kemden gaýdyşýar.

Hapgyrtmany anyklamak kyn däl. Munuň üçin maşgalada, çagalar bagynda kesellänleriň bardygyny bilmek hem ýeterlikdir.

Hapgyrtma öý şertlerinde bejerilýär. Agyr görnüşlerinde syrkaw hassahana ýerleşdirilýär.

Keseliň ýitileşen döwründe çaga 5-7 gün düşekde bolmaly. Bu aýratyn-da 10-12 ýaşdaky oglanjyklar üçin örän wajypdyr.

Aşgazanasty mäziniň zeperlenmegine güman edilende, çaga berhiz tutmalydyr. Ýagly we uglewodly agyr iýmit çäklendirilmelidir. 10-12 günden soň çaga üçin adaty naharlary iýdirmek bolýar.

Hapgyrtmada ýüze çykýan agyrylary aýyrmak ýa-da peseltmek üçin, analgin, no-şpa ýaly spazmolitikleri bermek bolýar. Iýmitiň oňat özleşdirilmegi üçin festal, pankreatin içirmek maslahat berilýär.

Orhite ýolugan çagany keselhana ýerleşdirmek maslahat berilýär. Oňa gormonal bejerginiň gerek bolmagy ahmal.

Hapgyrtma meningitine güman edilen ýagdaýynda syrkawy tizden-tiz keselhana ýerleşdirmelidir.




#Article 332: Gökbogma (534 words)


Çaga ýokanç keselleriň arasynda iň giňden ýaýranlarynyň biri – gökbogmadyr () . Ol howa – damja ýoly bilen ýokuşýar. Onuň esasy alamaty – tutgaýgörnüşli üsgülewük.

Gökbogmanyň ýüze çykmagyny peseltmek üçin, öňüni alyş sanjymlaryň geçirilmegi örän ähmiýetlidir. Şeýle sanjymlar çaga 2.3, 4 we 18 aýlyk döwürde geçirilyär.

Gökbogma bilen ýaňy doglan çaga hem keselläp biler. Munuň sebäbi bu kesele garşy doga beden durnuklylygynyň ýoklugyndandyr.

Gökbogmany döredýän ýokançlyk – koklýuş taýajygydyr. Ol daşky gurşawyň şertlerine durnuksyzdyr. Şonuň üçin ýokançlyk diňe syrkaw adamdan geçip bilýär. Çagalar bilen bir hatarda ulular hem kesellere garşy durnuklylygynyň pes bolan ýagdaýynda gökbogma bilen keselleýärler. Gökbogmaly syrkaw üsgürende, 2 metrden golaý duranlara keseliň ýokuşmak töwekgelligi 100% ýetýär.

Inkubasion döwür 5-9 gün, käte 3 günden 20 güne çenli dowam edýär.

Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, keseliň esasy alamaty özboluşly ýuze çykyan üsgülewükdir.

Adam bedeni kelle beýnisiniň belli bölümleri arkaly dolandyrylýar: dem alyş merkezi, ganaýlanyş, ýylylygy kadalaşdyryjy merkezi we ş.m. Şolar bilen bir hatarda, üsgülewük merkezi hem, kelle beýnisinde adam ömrüniň dowamynda işjeň yagdayda bolyar. Üsgülewük sagdyn adam üçin hem ähmiýetlidir.

Traheýanyň we bronhlaryň iç tarapy nemli örtük bilen örtülendir. Olar bolsa öz gezeginde kirpikgörnüşli üpürjikli bolýarlar. Koklýuş taýajyklaryň daşky örtügi hem üpürjikli bolup, nemli örtügiň kirpijeklerine berk ýapyşýarlar. Şeýlelikde, olar nemli örtüge hemişe täsir edip, üsgülewük merkezini gyjyndyrýarlar we goýy, şepbeşik gakylygy emele getirýärler.

Kelle beýnisiniň üsgülewük merkezi örän güýçli gyjyndyrylýar. Hatda, bedenden koklýuş taýajyklary ýok bolup aýrylandan soň hem üsgülewük dowam edýär. Koklýuş taýajyklary zäher bölüp çykarýandyr diýlip, çak edilýär. Bu zähere kelle beýnisiniň üsgülewük merkezi has duýgur bolýar. Netijede, gökbogmadaky üsgülewügiň esasy sebäbi öýkende ýa-da bronhlarda däl-de, kellede bolýar.

Gökbogma ýuwaş-ýuwaşdan başlanýar. Ilki bilen gury ýygy üsgülewük ýüze çykýar, bedeniň gyzgyny 37,5°-37,7° çenli ýokarlanýar, käte  – onçakly üýtgemeýär. Keseliň bu döwri 2-3 günden 2 hepdä çenli dowam edýär we oňa kataral döwür hem diýilýär. Bu döwür keseli anyklamak örän kyndyr, sebäbi alamatlar adaty ýiti respirator keseliniň alamatlary bilen meňzeş bolýar. Şeýle ýagdaýda çaga mekdebe, çagalar bagyna gatnamagyny dowam edýär. Emma hut kataral döwürde gökbogmanyň ýokuşmagy gaty ähtimaldyr.

Gökbogma, gynansak-da, kataral döwri bilen çäklenmeýär. Ol spazmatiki (gysylma) döwre geçýär. Üsgülewük tutgaýgörnüşli bolup başlaýar. Şonda onuň gökbogmadygy anyklanylýar.

Gökbogmada syrkaw üznüksiz üsgürýär. Munuň netijesinde ses yşy gysylýar, bogulma emele gelýär. Soňra syrkaw uludan demini alanda, repriz (hyžyrdyly ses) döreýär. Şonuň yaly yagday yzly-yzyna gaytalanyp biler.

Syrkaw üsgürende, onuň ýüzi gyzarýar, käte gögerýär. Tutgaýgörnüşli üsgülewükden soň, syrkaw gaýtarýar, gakylygy tüýkürýär ýa-da ýuwudýar.

Gökbogma üsgülewügine tutgaýgörnüşlilik, repriz, soňundan gakylygyň gaýtmagy, gaýtarma häsiýetlidir.Keseliň agyrlygy bolsa tutgaýlaryň ýygylygyndan we dowamlylygyndan kesgitlenilýär. Üsgülewügiň ýok wagtynda, çaganyň ýagdaýy üýtgewsiz bolýar.

Tutgaýgörnüşli üsgülewügiň bejerişe garamazdan, 2-3 aý dowam etmegi mümkindir. Wagtyň geçmegi bilen üsgülewügiň dowamlylygy azalýar, emma bu örän haýal bolup geçýär.

Gökbogma keseli 6 aýlyk, 1 ýaşamadyk çagalarda has agyr geçýär. Bu döwürde tutgaýgörnüşli üsgülewükden soň, çaga birnäçe sekunt, käte 1 minut we ondan gowrak wagt dem alyp bilmeýär. Kislorodyň ýetmezçiligi netijesinde, çagalarda nerw ulgamynyň bozulmalary ýüze çykýar.

Gökbogma keseliniň gaýra üzülmesi – öýken sowuklamasydyr (pnewmoniýa). Öýken sowuklamasyny koklýuş taýajyklary däl-de, stafilokokklar we streptokokklar döredýär.

GÖKBOGMA KESELI BARADA NÄMELER BILMELI WE NÄME ETMELI

Antibiotikler we arassa howa gökbogmanyň bejergisinde örän ähmiýetlidir. Emma diňe bular ýeterlikli däldir. Belli bir derman serişdesini lukman saýlap almalydyr. Emma ene-atalar: Bu derman haýyr etmeýär diýmeli däl. Sebäbi derman keseli birden aýyrmasa-da gaýra üzülmelere ýol bermeýär.




#Article 333: Gyzylja (541 words)


Gyzylja (krasnuha) () – ýiti ýokanç keseli bolup, ol deride örgüniň ýüze çykmagy we daşky limfa düwünleriniň ulalmagy bilen häsiýetlenýär. Gyzylja keselini RNK saklaýan toparyna degişli wiruslar döredýärler. Olar daşky gurşawyň täsirine çydamsyz bolup, ultramelewşe şöhleleriniň täsiri bilen tiz gyrylýarlar.

Iňlis dilinde gürleýän döwletlerde gyzyljany käwagt nemes gyzamygy diýip atlandyrýarlar, sebäbi bu kesel XIX asyryň ahyrlarynda Germaniýada has gowy öwrenilipdi.

Birnäçe asyrlaryň dowamynda daşky alamatlarynyň meňzeşlikleri üçin gyzylja, gyzamyk we garamyk bir kesel hasap edilip gelnipdi. Gyzylja ilkinji gezek nemes lukmany F. Hofman tarapyndan 1740-njy ýylda öwrenilýär. Ýöne gyzyljany aýratyn kesel hökmünde 1881-nji kabul edýärler.

Keseliň ýaýramagy. Gyzyljadiňe adamlaryň arasynda ýaýraýar. Kesel ýaýradyjy çeşme gyzylja bilen kesellän adam bolup biler. Gyzylja ýolugan adam örgüniň peýda bolmazyndan 7 gün öň we peýda bolandan  4 gün soň  ýokançly hasap edilýär. Kesel adamlara howanyň üsti bilen ýokuşýar. Şeýle hem wiruslar kesellän adamyň peşewinde we nejasatynda bolup bilýändigi üçin, ol käbir zatlaryň (oýnawaçlaryň, gap-gaçlaryň) üsti bilen hem geçip biler. Aýal göwrelilik döwründe gyzylja ýolugan bolsa, bu kesel onuň göwresindäki çaga-da ýokuşýar. Şeýle çaga dünýä inenden 1-2,5 ýyla çenli gyzylja wirusynyň ojagy hasaplanylýar

Gyzylja bütin dünýäde ýaýran keseldir. Ol adamlara aňsatlyk bilen ýokup bilýär. Bu keseliň möwsümleýin, ýagny gyş we ýaz aýlary hem-de her 3-5 ýyldan ýaýraýandygyny bellemek gerek. Gyzylja bilen esasan hem 1-2 ýaşdan 7-10 ýaş aralygyndaky çagalar keselleýärler.

Keseliň döreýşi. Gyzylja keseliniň wiruslary dem alyş ýollarynyň üsti bilen gana düşýärler. Soňra bedeniň limfalarynda, deri dokumalarynda mekan tutýarlar, köpelýärler we zyýanly täsirini ýetirip başlaýarlar. Gyzylja bilen kesellän göwreli aýalyň çagasyna hem ýokýar (ýatgy içindäki gyzylja). Göwreliligiň ilkinji aýlarynda gyzylja köplenç göwredäki çaganyň ölmegine we düşmegine getirýär. Bu kesel bilen kesellän göwreli aýallardan maýyp, şikesli  çagalaryň dünýä inmegi ahmaldyr (60%).

Keseliň alamatlary. Keseliň inkubasion döwri 15-24, köplenç 16-21 güne çenli bolýar. Onuň ilkinji we esasy alamaty - endama örgüniň örmegidir. Syrkawyň umumy ýagdaýy gaty agyr bolmaýar. Onda ýüzleý ysgynsyzlyk, kellagyry, burnundan suw akmak, gözüniň içiniň gyzarmagy ýaly alamatlar peýda bolýar. Adaty alamatlarynyň biri – limfa düwünleriniň, esasan hem boýnunyň ýeňse mäzleriniň çişmegi we agyrmagydyr. Birbada ýa-da 1-2 günden syrkawyň ýüzünde we 2-3 sagadyň içinde bolsa bütin teninde açyk gülgüne reňkli örgün peýda bolýar. Ol esasan hem el-ýagyň epilýän ýerlerinde, otyrýerde, arkada we butlarda bolýar. Örgün az-kem gyzgynyň galmagy bilen bolup geçýär we ol 2-3 gün saklanyp, yz goýman, aýrylyp gidýär. Gyzyljany käbir adamlar ýeňil geçirse, käbirleri agyr geçirýär (gyzgynyň has ýokary galmagy, kelläniň we myşsalaryň agyrmagy).

Gyzylja keseliniň gaýraüzülmeleri gaty seýrek ýüze çykyp, bogunlaryň (artrit) we beýniniň sowuklamasy (ensefalit) görnüşinde geçip biler.

Gyzyljany beýleki ýokanç keselleri bolan gyzamykdan, täjihorazdan, mononukleazdan tapawutlandyrmalydyr. Gyzylja sowuklama alamatlaryň ýüzleý  döremegi, ýaňagyň iç ýüzünde Filatowa – Kopligiň alamatynyň ýoklugy, örgüniň birden örmegi we limfa düwünleriniň ulalmagy bilen tapawutlanýar.

Keseliň bejerilişi. Gyzyljanyň ýörite bejergisi ýokdur. Syrkawy köplenç öýde saklaýarlar. Örgün döwründe düşek düzgüni berjaý edilmeli, şeýle hem syrkawyň şahsy arassaçylyk düzgünlerini oňat saklamagyny gazanmaly. Adatça hiç hili derman ulanylmaýar, ýöne witaminleri  bermek bolar. Eger kesel agyr geçäýän bolsa, syrkawy keselhana ýerleşdirmeli. Syrkaw keselden gutulandan soň dowamly lukman gözegçiligine alynmaýar. Onuň ýaşan öýünde, edil gyzamykdaky ýaly, ýokançsyzlandyrma işleri geçirilýär. Syrkaw bilen gatnaşykda bolan çagalar 21 günüň dowamynda lukmanyň gözegçiliginde bolmaly.

Keseliň öňüni alyş çäreleri. Gyzylja keseliniň garşysyna ýörite waksina döredildi we häzir ony keseliň öňüni alyş çäresi hökmünde ulanýarlar. Bellenilen meýilnama boýunça gyzylja garşy öňüni alyş sanjymlary 12-15 aýlykda we 6 ýaşda geçirilýändir.




#Article 334: Brusellýoz (954 words)


Bruselloz ()  – zoonoz (haýwanlaryň üsti bilen geçýän) ýokançly kesel bolup, süňkleriň, myşsalaryň, nerw we jynsy ulgamyň şikeslenmegi bilen geçýändir hem-de bedeniň umumy zäherlenmegi bilen häsiýetlendirilýändir.

Brusellozy döredijiler togalak ýa-da taýajyk görnüşli brusellalar bolup, olaryň esasan 6 görnüşi bellidir. Adamda keselçiligi döretmekde, ownuk şahly mallarda brusellozy dörediji – Brusella melitasis ýokançlygynyň orny uludyr. Ol keseliň agyr görnüşini döredip, onuň giňden ýaýramagyna sebäp bolup bilýandir.

Brusellozyň iri şahly mallaryň (B. abortus) we doňuzlaryň (B. suis) brusellalary  bilen döredilmegi, keseliň onçakly bir ýaýramagyna getirýän däldir we olar ýeňil görnüşde geçýändir.

Bruselloza halk arasynda mal keseli hem diýilýär, sebäbi bu ýokançlygy ownuk we iri şahly mallar, doňuzlar, gaty seýrek ýagdaýda bolsa sugunlar, düýeler, itler we pişikler ýaýradyp, keseliň köpelme çeşmesi bolup bilerler. Mallarda kesel düwünçegiň düşmegi, seýrek ýagdaýlarda ýatgynyň, süýt mäzleriniň, ýumurtgajygyň sowuklamagy, bogunlaryň we olary birleşdiriji dokumalaryň zeperlenmegi ýaly alamatlar bilen ýüze çykyp biler. Mallarda kesel gizlin dörnüşde, hiç hili alamatsyz hem geçip bilýändir, ýöne olar köp ýyllaryň dowamynda bruselloz göterip gezýändirler. Süýdüň, peşewiň, nejesatyň, düşen düwünçegiň we onuň ýan suwlarynyň, ýatgydan bölünip çykmalaryň üsti bilen brusellalar ýataga, topraga, iým galyndylaryna we başga zatlara düşüp bilerler.

Adamyň bedenine brusellalar dem alyş we iýmit siňdiriş agzalaryň nemli bardasynyň üsti bilen, şonuň ýaly-da şikeslenen deri (deri soýuklary, ýaralary, dyrçanaklar) arkaly düşüp biler. Adama bruselloz keselli maldan alnan çig süýt we ondan taýynlanan önümleri (mesge, dorog, peýnir)  kabul edende ýokuşyp bilýändir. Ýokuşma deri we ýüňi täzeden işleme bilen bagly önümçilikde, şonuň ýaly-da keselli mallara ideg edilende, olaryň bölünip çykmalary bilen hapalanan zatlaryň üsti bilen hem bolup biler. Köplenç bu kesel bilen sygyr sagyjylar, çopanlar, weterinar gullugynyň işgärlari we zootehnikler keselleýärler.

Bruselloz keseline ýolugan adam ony başgalara ýokuşdyryp bilmeýär.

Bruselloz bilen kesellän aýallarda sag çagalar dogulýandyr. Kesel islendik ýaşda duş gelýändir, ýöne ol 20-50 ýaş aralygynda has ýygy duş gelýär.

Bruselloz bilen keselçilik ýaz-tomus aýlarynda ýokarlanýar. Bu bolsa şol möwsümde maldarçylaryň mallary köpeltme, gyrkym işlerini alyp baryp, keselli mallar bilen iş salyşýanlygy bilen düşündirilýär. Hususy hojalykda mal saklaýanlaryň arasynda hem keselçilik ýokarydyr.

Keseliň inkubasion döwri 1-3 hepdeden birnäçe aýlara dowam edip bilýändir. Näsagyň bedeniniň gyzgyny 39 C˚ - 40 C˚ galyp, ol 3-7 gün saklanýandyr. Gyzdyrma üşütme we güýçli derleme bilen utgaşýandyr. Bu kesel üçin mahsus we ir ýüze çykýan alamatlaryň biri hem köpsanly ownuk limfa düwünleriň ulalmagydyr. Olar ýumşak bolup, agyrmaýarlar.

Keseliň ýokuşmagy dem alyş ýollary arkaly bolup geçende badam görnüşli mäziň, damagyň, bronhlaryň sowuklamagynyň alamatlary  ýüze çykýandyr. Seýrek ýagdaýda öýken sowuklamasy duş gelýär. Näsaglaryň işdäsi pes bolup, agyzlary guraýar, olary teşnelik we içiň gatamagy biynjalyk edýär. Brusellozda bagryň ulalmagy, käwagtlar dalagyň ulalmagy ýüze çykýar. Näsagy myşsalarda, süňklerde, bogunlarda (artalgiýa) döreýän agyrylar biynjalyk edýär. Ol agyrylar soňundan döreýän zeperlenmeleriň alamatydyr. Bedeniň deriasty gatlagynda fibrozitler – gaty we agyryly emele gelmeler döreýär.

Bu kliniki alamatlar aýrylyp hem bilýär, ýöne köp halatlarda keseliň güýjemegi bolup geçip, ýiti gaýtalanýan brusellozyň alamatlary döreýändir. Gyzdyrma tutgaýlary täzeden döräp, 3-6 güne çenli dowam edýär. Gyzdyrma döwründen soň, ol 1-2 aý näsagy biynjalyk etmeýär. Tutgaýlar wagty gyzdyrma 3-7 güne çenli dowam edip, gyzgyn örän ýokary galyp, näsagda tolgunma, keýpiköklük ýagdaýy, ukysyzlyk bolup biler. Gyzdyrmasyz döwürde myşsa gowşaklygy, hereketsizlik, el- aýaklarda agyrylar we sanjylamalar biynjalyk edýändir.

Gyzdyrma döwri bilen deňeşdirlende, gyzdyrmasyz döwürde näsagyň ýagdaýy has hem ýaramaz bolup biler.

Kesel başlanandan 6 aýdan soň, ýiti gaýtalanýan bruselloz dowamly işjeň görnüşe geçýändir.

Bu döwri ýerli zeperlenmeleriň ýüze çykmagy häsiýetlendirýär. Bedeniň gyzgyny 37,5 C˚ - 37,8 C˚ çenli galýar, ýöne köplenç gyzgyn galman hem biler.

Kesel dürli alamatlar utgaşmasy bilen ýüze çykyp, dürli agzalaryň we ulgamlaryň şikeslenmegi bolup biler. Köplenç myşsalaryň, baglaýjy dokumalaryň, bogunlaryň daşky gatlagynyň sowuklamagy görnüşinde direg-hereketlendiriji ulgamyň zeperlenmegi  bolup geçýändir.

Birnäçe, esasan hem uly bogunlaryň zeperlenmegi ýüze çykýar. Bruselloz netijesinde köpsanly bogunlaryň sowuklamagy birnäçe hepde, hatda aýlar hem dowam edip biler. Oňurgada, esasan hem bil-türre böleginde güýçli agyrylar, hereketleriň çäkliligini döredýän üýtgemeler ýüze çykyp biler.

Bruselloz nerw ulgamyna hem täsir edip, nerw topbajyklaryň, beýniniň daşky gatlagynyň, görüş we eşidiş nerwiniň sowuklamagyna getirýändir. Erkeklerde we aýallarda jyns agzalaryň sowuklamagy ýüze çykýar. Aýallarda köplenç çaga düwünçegiň düşmegi, wagtyndan öň dogrum ýagdaýlary döreýändir. Erkeklerde jynsy gowşaklyk, aýallarda bolsa, aýbaşy bozulmalary, önelgesizlik duş gelip biler.
Uzak wagt dowam edýän gowşaklyk (asteniki sindrom) ruhy gamgynlylyk, huşuň bulaşmagy ýaly ruhy nähoşluk (psihoz) ýagdaýlaryny döredip biler. Köplenç bu ýagdaýlaryň gaýtalanmagy bolup biler.

Çagalarda bruselloz edil uly adamlarda geçişi ýaly geçýändir. Çagalaryň limfa, nerw, ýürek-damar, iýmit siňdiriş ulgamy  bruselloz ýokançlygyna has duýgurdyr. Olarda hem iýmit siňdiriş ulgamyň bozulmagy, içege sowuklamalary, bogunlaryň töweregindäki dokumalaryň zeperlenmegi, köpsanly örgünler ýaly alamatlar bolup biler. Ýöne çagalarda bogunlaryň dowamly sowuklamasy we hereketsizlenmegi örän seýrek duş gelýärdir.

Keseli anyklamak üçin ganyň bakteriologiki barlagy, sünk ýiliginiň we düwünleriň punksiýasy (agzany deşip barlag üçin çig mal almak) ýaly çäreler ulanylýar. Anyklaýyş çärelerinde Raýtyň, Haddsonyň, Kumbsuň reaksiýalary ýaly serologiki usullar hem giňden ulanylýar. Soňky ýyllarda immunoferment seljermesi giňden ulanylyp başlady. Süňkleriň we bogunlaryň, oňurganyň şikeslenme derejesi rentgen barlagy arkaly anyklanylýar.

Ýiti brusellozda we dowamly brusellozyň ýitileşme  ýagdaýynda näsaglar keselhana ýerleşdirilýändir. Brusellozyň bejergisi keseliň görnüşine görä bellenilýändir.

Ýiti döwründe adaty antibiotikler (tetrasiklin, doksisiklin, rifampisin, lewomisetin, seýrek ýagdaýlarda streptomisin) berilýär. Bejergi 10-12 gün dowam edýändir. Ondan başga-da, antigistamin, rahatlandyryjy serişdeler, C we B toparyň witaminleri ulanylýar.
Nerw ulgamynyň we köpsanly bogunlaryň zeperlenmesinde kortikosteroid serişdeleri (prednizalon, deksametazon) antibiotikler bilen utgaşmada bellenilýär. Bejergide 4-aminohinolin hatarynyň serişdeleri (delagil ýa-da hlorohin) we indometasin, brufen, ibubrufen hem ulanylýar.

Bogunlaryň zeperlenmeginde fizioemleri (UWÇ bejergi, ultramelewşe şöhleler, elektrofarez, ultrases usullary) giňden ulanylýar.
Näsag sanator-kurort bejergisine, keseliň ýiti döwri geçenden 3 aýdan az bolmadyk wagtdan soň ugradylýandyr. Suw, palçyk ýaly tebigy faktorlar, esasan, brusellozyň bedende galdyran zeperlenmesiniň bejergisi üçin ulanylýar.

Brusellozyň wagtynda we doly bejerilmegi sagalma getirip biler. Ýöne direg-dikeldiş ulgamynyň zeperlenmegi zähmete ukyplylyk ýagdaýyny  juda peseldip bilýändir.

Brusellozyň öňüni almak weterinar-sanitar, lukmançylyk we hojalyk çäreler toplumy öz içine alýar:

Ýürek, böwrek keselli, inçekeselli, guryagyryly adamlara, ýetginjeklere, göwrelilere mallara seretmek rugsat berilmeýär.
Ilatyň arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirmek hem bruselloz bilen keselçiligi peseldip biler.




#Article 335: Bronhit (434 words)


Bronhit (, bronh + -itis — sowuklama) — bu bronhlaryň sowuklamasydyr. Bronhitde esasan hem bronhlaryň nemli bardasy zeperlenýär. Dem alyş bilen bagly keselleriň arasynda bronhit iň köp duş gelýän keseldir. Bronhitiň özbaşdak, bir-birinden tapawutlanýan dowamly we ýiti görnüşi bolýar.

Ýiti bronhitiň esasynda respirator wiruslar  zerarly döreýän bronhlaryň nemli bardasynyň alawlama ýagdaýy ýatyr. Respirator wiruslaryna streptokokklar, pnewmokokklar, gemofiliýa taýajygy ýaly ýokançlyklar birigip bilýär. Şeýle hem  traheit, laringit, rinofaringit ýaly keseller bilen ýüze çykyp bilýär.

Bronhitiň döremegine sowuklama, çilimkeşlik, alkogol içgiler, burundan dem almagyň bozulmagy, döş kapasasynyň şekiliniň üýtgimegi  sebäp bolýar. Himiki (gyjyndyryjy gazlar) ýa-da fiziki (sowuk ýa-da yssy howa) täsirleriň netijesinde  hem ýiti bronhit döräp biler.

Bronhit dürli şikeslendiriji maddalar arkaly hem ýüze çykýar. Şikeslendiriji madda  dem alnanda, howa arkaly bronhlara düşýär. 
Mundan başga-da şol madda gan akymy (gematogen ýoly) ýa-da  limfa akymy (limfogen ýoly) bilen bronhlara geçip  bilýär. Netijede bronhlar, has takygy olaryň nemli bardasy çişýär we nemli iriňli bölünip çykma emele gelýär. Has agyr ýagdaýlarda  bronhlaryň nemli gatlagynda dargama ýagdaýlary  bolup geçýär.

Çişme zerarly  bolup geçýän üýtgeşmeler we bronhlaryň gysylmagy netijesinde bronhial geçirijilik bozulýar (esasanam ownuk bronhlaryň şikeslenmesinde).

Ýokanç gelip çykyşly bronhit ýiti rinitiň we  laringitiň esasynda başlanýar. Ýiti bronhit başlanda, adam özüni ýaramaz duýýar, onuň döşi ýanyp duran ýaly bolýar.

Bronhitiň esasy alamaty – üsgülewükdir. Ol gury ýa-da gakylykly bolýar. Ýiti bronhitde  üsgülewük tutgaýgörnüşli bolýar. Käte tutgaýgörnüşli üsgülewük şeýle bir güýjeýär, hatda kellagyryny hem döredip bilýär. Näsaglar ysgynsyzlyga, üşütmä, gyzgynynyň 37-38Сº ýetýändigine, kellagyra, damarlardaky (myşsalardaky) agyra arz edýärler.
Auskultasiýa (diňläp barlamak usuly) geçirilende, agyr dem alyş we dagynyk gury hyžžyldy bellenilýär. Ganyň barlaglarynda kän bir üýtgeşmeler bolmaýar.

Kesel başlanyndan  soň, goýy gakylyk emele gelýär we üsgülewük az-kem ýeňleýär. Näsagyň özüni duýşy gowulaşýar.  Adatça kesel bir-iki hepde dowam edýär. Emma üsgülewük bir aýa çekip bilýär.Ýiti bronhitde dem almak has kynlaşýar. Ýiti bronhit dowamly bronhite geçip bilýär.

Dowamly bronhit- bu maýda we ownuk bronhiolalaryň, iri bronhlaryň nemli bardalarynyň dowamly (ýyllap dowam edýän) gaýnaglama keselidir.

Keseliň sebäpleri örän köpdür. has wajyp sebäler aşakda görkezilen:

Funksional häsiýeti boýunça dowamly bronhit bölünýär: obstruktiw we obstruktiw däl. 

Obstruktiw dowamly bronhit-dem alyş ýollarynyň nemli gatlagynyň çişmegi we howa geçiriji ýollarynyň daralmagy bilen geçýär. Bu görnüşli keselde demgysma alamaty aýdyň göze görünýär.

Obstruktiw däl dowamly bronhit-bronhlarda dowamly gaýnaglama hadysasynyň bolmagy bilen geçýär. Bu görnüşli keselde bolsa gakylyk köp bölünip çykýar.

Beýleki dowamly keseller ýaly, dowamly bronhitiň geçişi 2 döwürden ybarat. Olar:

Remissiýa döwründe näsag öz keseli barada bilenok, hiç hili agyry duýanok we öz zähmet ukyplylygyny saklaýar.

Ýitileşme döwründe gakylyk iriňli häsiýete eýe bolýar, mukdary köpelýär we dem alyş ýollarynyň obstruktiw zeperlenmegi esasynda demgysma bolýar. Keseliň başlan wagtyndan dem gysma ortaça 20-30 ýyldan soň ýüze çykýar.

Keseliň öňüni alyş çareleri:




#Article 336: Poliomiýelit (248 words)


Poliomiýelit ( — çal we  — oňurga ýiligi) - wirus arkaly döreýän kesel bolup, adatça 9 - 10 ýaşa ýetmedik kiçi çagalar keselleýär. Ýöne bu keseli uly adamlar hem agyr görnüşde geçirip bilýärler.

Kesel howa, hapalanan azyk önümleri we suw arkaly ýaýraýar. Has köp duş gelýän wagty tomus-güýz (awgust-oktýabr) aýlarydyr.

Poliomiýelidiň wirusy ilki agza, ondan bolsa dem alyş ýa-da iýmit siňdiriş ýollary arkaly (iýmitden geçen bolsa) oňurga we kelle ýiligine düşýär we nerw süýümlerini zayalap, ysmaz edýär.

Keseliň esasy alamatlary – bokurdakda agyry, üsgürme, gaytarma, kelle agyry, bedeniň gyzgynynyň galmagy, arkada, aýaklarda agyry, olaryň titräp ýygrylmagy, myşsalaryň güýjiniň gaçmagy. 3 - 5 günden adatça aýaklarda, seýrek başga myşsalarda ysmaz döreýär. Bu ýagdaý 2 günden 2 hepdä çenli saklanyp bilýär. Boýnuň we diýafragmanyň ysmazy has hem howplydyr,  çünki ol dem almagyň bozulmagyna we ölüme eltip biler. Bedeniň gyzgyny gaçandan soň, keselden soňky dikeldiş döwri başlanyp, birnäçe aýdan birnäçe ýyla çenli dowam edip biler. Poliomiýelit keseliň alamatlary ýüze çykanda näsagy ayry otaga ýerleşdirmeli, ony düşekde ýatyryp, aýaklarynyň ýyly bolmagyny gazanmalydyr, agyrsyzlandyryjy we rahatlandyryjy dermanlary, “B“ toparyň witaminlerini bermelidir. Poliomiýelitiň alamatlary ýüze çykanda mümkin boldygyça derrew lukmana ýüz tutuň. Özbaşdak bejergi howply gaýraüzülmelere getirip biler.

Bu kesele garşy ýeke-täk kömek ediji serişde - bu poliomiýelite garşy öňüni alyş sanjymlarydyr. Sanjymlar ýörite kabul edilen meýilnama boýunça, çaga dogulandan soň, ol 2 - 3  günlükkä edilip başlanýär. Soň gaýtadan çaga 2 aýlykda, 3 aýlykda, 4 aýlykda, 18 aýlykda kabul  etdirilýär. Daş töweregimizde adatdan daşary howply ýagdaýlar dörände, ýaz-güýz aýlary, goşmaça möwsümleýin sanjym  geçirilýär.




#Article 337: Süýjülik (kesel) (888 words)


Ýer ýüzünde maýyplyga we ölümçilige getirýän ýürek-damar, onkologiki keseller bilen bir hatarda, süýji keseli () hem uly kynçylyklara getirýändir.

Süýji keseli adamzada gadymy zamanlardan bäri bellidir. Bu kesel barada birinji maglumatlar b.e. öň 1550-nji ýyla degişli bolan golýazmalarda duş gelýär.

Keseliň alamatlarynyň biri bolan – näsagyň peşewiniň süýjüligi barada gündogar alymy, lukman Awisenna hem belläp geçipdir. Süýji keseliň häsiýetlendirilmesi gadymy hindi, arap, hytaý ylmy ýazuwlarynda duş gelýär.

Keseliň döreýşi, sebäpleri, görnüşleri, geçişi I. Mering, O.Minkowskiý, P. Langergans, L. Sobalew, G. Buntingyň, Ç. Best ýaly uly alymlaryň geçiren köpýyllyk işleri netijesinde öwrenildi. Köp ýurtlaryň alymlarynyň geçiren kliniki barlaglary, aşgazanasty mäziň B-öýjükleriniň işläp çykarýan gormonynyň – insulynyň ýetmezçiligi sebäpli süýji keseliň döreýänligini anyklady.

Keseli bejermek üçin insulynyň ulanylmagy (1921-1922-ý.ý.) medisina ylmynyň iň uly açyşlarynyň hataryna girdi.

Insulin ulanylmazdan öň, näsaglaryň ömrüniň ortaça dowamlylygy 5 ýyldan köp däldi. Häzirki wagtda, öz wagtynda we kadaly geçirilýän bejerginiň kömegi esasynda näsaglaryň ömrüniň dowamlylygy sag adamlaryňkydan tapawutlanýan däldir.

Süýji keseli getirýän gaýraüzülmeleri boýunça agyr keselleriň hataryna girýändir.Sag adamlar bilen deňeşdirilende, süýji keselli adamlarda ýürek-damar ulgamyna zeperiň ýetmegi – 2-3 esse, körlük – 10 esse, aýaklaryň çüýremegi (gangrena) – 20 esse köp duş gelýändir.

Süýji keselli näsaglarda ýokançly keseller, böwrek keselleri bilen kesellemek, göwrelilik, çaga dogrumy köp kynçylyklary döredýändir.

Süýji keseli – endokrin ulgamynyň keseli bolup, onda diňe uglewod çalşygy däl-de, bedende ýag we madda çalşygynyň beýleki görnüşleri hem bozulýar. Keseliň döremegi giperglikemiýa (ganda gandyň mukdarynyň ýokarlanmagy) ýagdaýy bilen düşündirilýär. Bu ýagdaýyň döremegine insulinyň ýetmezçiligi getirýändir.Onuň ýetmezçiligi esasynda, glukozanyň myşsalara we bedeniň ýag gatlagyna geçmegi kynlaşýar,ýaglardan we belokdan onuň emele gelmegi köpelýär. Şu ýagdaýlar esasynda, ganda glukozanyň mukdary ýokarlanýar. Sag adamlarda, aç ýagdaýlarynda, ol kadada 4,00-6,6 mmol/l derejede bolsa, süýji keselinde ol 7 mmol/l – 20-30 mmol/l, ondan hem köp bolup bilýär. Ganda glukozanyň mukdary 9,5-10 mmol/l geçende, ol peşew bilen hem çykarylyp bilýär.

Böwrekleriň işiniň bozulmagy bilen, çykarylýan peşewiň umumy mukdary köpelýär. Adam peşew edip, köp suw ýitirýänligi sebäpli, suwsap, dodaklary, agzy, bokurdagy gurap başlaýar. Bedendäki glukozanyň peşew bilen ýitirilmegi adamyň horlanmagyna getirýär.
Insulinyň ýetmezçiligi ýag we belok çalşygyna hem täsir edýär.Ýaglaryň emele gelmegi azalyp, olaryň dargamagy güýçlenýär,bagryň öýjükleriniň ýag almagy bolup geçýär. Beloklaryň emele gelmegi peselýär. Bu bolsa bedeniň dokumalarynyň emele gelmegine we dikeldilmegine ýaramaz täsir edýär.

BSGG-nyň (Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy) bölmegine görä, süýji keseliniň iki görnüşi bardyr: Süýji keseli 1 (SK1) – insulingaraşly we 2 (SK2) – insulingaraşly däl;

SK1 görnüşde aşgazan asty mäziň B-öýjükleriniň işiniň bozulmagy bolup geçýär. Şuňa wirus we bedendäki autoimmun täsirler sebäp bolup biler. Bu görnüş çagalarda we ýaş adamlarda duş gelýär. Olarda gyzamyk, gyzylja, hapgyrtma, aşgazan asty mäziň, öt haltanyň sowuklamalary, nerw ulgamy tarapyndan bozulmalar süýji keseline getirip biler. 
  
Bu kesel nesil yzarlaýjy häsiýete eýe bolup, öten nesillerde keseliň duş gelmegi, onuň bilen kesellemek howpyny ýokarlandyrýar.
SK2 görnüşi uly we gartaşan adamlarda duş gelýändir. Bu görnüşde insulina bolan talap aşgazan asty mäziň işine bagly däl ýagdaýlar bilen düşündirilýär.

Böwreküsti mäziň gormony, gipofiziň käbir gormonlary, glýukogon, dermanlar (buşukdyryjy we gan basyşy peseldiji serişdeler, kontraseptiwler) insulinyň dargap, onuň işiniň peselmegine getirip biler.

Süýji keseliniň döremegine semizligiň, uzak dowam edýän nerw dartgynlylygynyň, göwreliligiň, geçirilen şikesleriň, bagryň keselleriniň, ýokanç keselleriň, hirurgiki operasiýalaryň sebäp bolýanlygy subut edildi. Alkogol içgiler hem aşgazan asty mäze, bagra zyýan ýetirmek bilen, soňundan süýji keseliniň döremegine getirip biler.

Wagtynda bejerilmedik süýji keseli bedeniň dürli agzalaryna öz täsirini ýetirýändir.

Köplenç deriniň we deriasty ýag gatlagynyň üýtgemegi bolup geçýär. Agyr geçýän süýji keselinde ol gury bolýar, gasyn atýar, çyban ýaly iriňli dömmeler emele gelip başlaýar. Dabanda jaýryklar, kömelekler sebäpli döreýän ýaralar, eroziýalar emele gelip biler.

Kömelekli zeper ýetmeler ýa-da olara bagly bolmadyk sebäplere görä, daşky jyns agzalarynyň nemli örtüginde gijilemek bolup biler. Injigiň öň tarapynda, dabanlarda trofiki baş keseliniň döremegi mümkindir. Insulin sanjymlary edýän näsaglarda, sanjym edilen ýeriň deriasty ýagly gatlagynyň trofiki üýtgemeleri bolup biler.

Kalsiniň ýitirilmegi, gan aýlanşynyň bozulmagy sebäpli süňkleriň we bogunlaryň, esasan hem injikleriň we dabanlaryň üýtgemegi bolup geçýär.Dişlere we dişiň etine hem zeper ýetýär. Ýokarda bellenilip geçilşi ýaly, süýji keseli näsaglarda köplenç bagryň, böwregiň işine zyýan ýetirýär, öt haltanyň keselleri agyr geçýär, nerw ulgamynda köptaraplaýyn üýtgemeler bolup geçýär.

Süýji keselinde ýürege we gan damarlaryna zyýan ýetirilmegi, köplenç maýyplygyň we ölümçiligiň sebäbi bolýar. Şunuň ýaly näsaglarda ýüregiň infarkty hem has agyr geçýär. Agyr geçýän süýji keseli, jyns mäzleriniň işine hem täsir edip, jynsy höwesi peseldip bilýändir.

Görejiň kütelmegi, böwreklere, aýaklara we başga agzalara zeper ýetirilmegi – bu keselde orta we kiçi gan damarlaryna zyýan ýetip, gan aýlanşynyň bozulmagy bilen düşündirilýär.

Barlaglaryň görkezişi ýaly, ganda gandyň mukdaryny gözegçilikde saklap, bu keselde duş gelýän üýtgemeleriň we gaýraüzülmeleriň öňüni alyp bolýar.

Süýji keseli bilen adam bütin ömrini ýaşamaly bolýar.

Süýji keselli näsag:

Näsagyň maşgalasynyň, ýakyn garyndaşlarynyň hem bu kesel, onuň geçişi, bejergisi, berjaý etmeli gündelik ýaşaýyş düzgünleri barada maglumatlary bilmegi hökmandyr.

Süýji keseliniň bejergisi köp çäreler toplumy öz içine alýandyr: berhiz saklamak, gandy peseldiji dermanlary ýa-da insuliny ulanmak, zähmet we dynç alyş düzgünlerini berjaý etmek, gapdallaýyn dörän keselleri öz wagtynda bejermek;

Gandy peseldiji dermanlar (butamid, glibenklamid, glibutid, metformin) ýa-da insulin bilen bejergini ýörüte geçirilen barlaglardan soň lukman bellemelidir.

Bejergi çäreleri süýji keseliň görnüşine, näsagyň ýaşyna, ýagdaýyna, bar bolan gaýraüzülmeleri göz öňüne tutulyp bellenilýändir.

Süýji keselli näsag üçin keseline gowy gözegçilik eder ýaly, geçirilýän bejerginiň täsirine baha berer ýaly özüne gözegçilik etmek hökmandyr.

Häzirki wagtda, öý şertlerinde günde gandyň mukdaryny bilmegiň çalt we ýönekeý usuly – glukometrleri ulanmakdyr.
 
Berhiz ýa-da gandy peseldiji dermanlar bilen bejergi alýan näsaglar:

 
Insulin bejerginialýan näsaglar:

barlag geçirmek maslahat berilýär.
 
Goşmaça barlaglar aşakdaky ýagdaýlarda zerurdyr:




#Article 338: Gyzylödegiň düwnük keseli (719 words)


Howply täze döremeleriň içinde gyzylödegiň ragy ýygy duş gelýän (5-7%) görnüşleriň biridir. Ol esasan orta ýaşan we gartaşan erkek adamlarda has köp duş gelýär. Rak köplenç gyzylödegiň ortaky we aşaky böleklerine zeper ýetirýär.

Keseliň döremeginiň esasy sebäplerine, nädogry iýmitlenme – gaty we gyzgyn nahary köp iýmek, alkogol içgileri köp kabul etmek ýaly faktorlar degişlidir.

Keseliň döremek ähtimallygy çilim çekme netijesinde 2-3 esse, alkogol içgileri kabul etmek netijesinde 12 esse artýandyr. 
Gyzylödegiň rak keseli, onuň nemli bardasynyň aşgarlaryň täsiri netijesinde zeperlenmesinden soň hem köp duş gelýändir. (köp ýyllar geçenine seretmezden).

Bedende witaminleriň, esasan hem A we C witaminleriň ýetmezçiligi, gyzylödegiň ragynyň döreme ähtimallygyny ýokarlandyrýar.

Ragyň bu görnüşiniň ýaýramagynyň geografiýasy hem takyklandy. Gyzylödegiň karsinomasy Hytaýyň käbir welaýatlarynda, Eýranda, Orta Aziýada has köp duş gelýänligini barlaglar görkezdi. Onuň hem esasy sebäbi, bu ýerlerde iýmite uksus garylan marinadlary, nitrozaminleri, heň emele getirýän kömelekleri, gaty gyzgyn hahary we çaýy kabul edýändikleri, iýmitde selen mikroelementiniň, täze ir-iýmişleriň we bakja önümleriň ýetmezçiligi bilen düşündirilýär.

Gyzylödegiň ahalaziýasy we Barrettiň gyzylödegi hem raga getirýän kesellere girýändir.

Kliniki alamatlarynyň köpüsi howply täze döremeleriň hemmesi üçin meňzeşdir:

Gyzylödegiň rak keseliniň esasy alamaty – gaty iýmitiň gyzylödekden kynlyk bilen geçmegidir. Bu alamat keseliň başynda gaty bildirenok. Naharyň gaty böleginiň ýa-da süňküň, gyzylödegiň nemli bardasyny şikeslendirendir öydüp, näsag bilen lukman ilkibaşda oňa hiç hili üns hem bermän bilerler.

Iýmitiň kynlyk bilen geçmegi sebäpli, näsaglar gaty iýmiti iýmekden gaça durýarlar. Olar ownadylan iýmiti iýmäge çalyşýarlar. Soňundan diňe suwuk önümler (süýt, çorba, çaý, ir-iýmişleriň şiresi) bilen çäklenmeli bolýarlar. Kähalatlar hynçgylawuk hem döreýär.

Köplenç gyzylödegiň geçirijiligi kynlaşyp, näsaglar hatda öz tüýküligini hem ýuwudyp bilmeýär. Olar gaty horlanyp, igleýärler.
Keseliň ötüşip, çişiň gyzylödegiň daşyna ýaýramagy netijesinde, gursakda ýanýan häsiýetli agyrylar, ýuwdunanda agyry döräp biler, üsgürme, sesiň gyrylmagy we üytgemegi yüze çykyp biler.

Üsgürme, sesiň gyrylmagy, agyrylar ýaly alamatlar seýrek duş gelýän hem bolsa, olaryň ýüze çykmagy ragyň ýaýranlygyndan habar berýändir.

Iýmitiň kynlyk bilen geçme duýgusynyň döremegi üçin rak bilen gyzylödegiň töwereginiň 75%-i zeperlenen bolmalydyr. Gyzylödegiň zeper ýeten böleginiň uzynlygy däl-de, onuň diwarlaryna ragyň ýaýraýyş derejesi, limfa düwünleriň zeperlenmesi, anyklaýyş çäresi höküminde wajyp maglumaty berip biler.

Adenokarsinoma gyzylödegiň diwarlarynyň hemme gatlaklaryna ýaýraýan bolsa, ýasy öýjükli raga, esasan, nemli bardanyň aşagy bilen ýaýrama mahsusdyr. Ýasy öýjükli rak bilen deňeşdirlende, gyzylödegiň adenokarsinomasynda limfa düwünleri seýrek zeperlenýändir.

Ragyň dargamagy netijesinde gaýraüzülmeler döräp biler:

Gaýraüzülmeleriň hemmesi tiz medisina kömegini talap edýändir. Belläp geçilen alamatlaryň hemmesi lukmandan ýörite barlaglary geçirmegi talap edýändir.

Gyzylödegiň ragyny anyklamagyň esasy usuly – rentgen barlagy we ezogastroduodeno-skopiýadyr. (ýörite abzal bilen gyzylödegi, aşgazany, oniki barmak içegäni görmek).

Gastroskopiýa bilen biopsiýany (agzadan bir bölegini alyp, gistologiýa barlagyny geçirmek) bile geçirmek, 95% ýagdaýlarda ragy irki döwürde anyklamaga kömek edýär.

Ragyň ýaýrama derejesini, limfa düwünleriň zeperlenmesini, aýratyn ýaýran ojaklary  (metastazlary) anyklamak üçin kompýuter we magnit-rezonans tomagrafiýasy ulanylýar.

Gyzylödegiň ragynyň dem alyş ýollaryna ýaýramagyna güman edilende, bronhoskopiýa barlagy (dem alyş ýollaryna seretmek) geçirilýär.
Çylşyrymly ýagdaýlarda, gyzylödege goňşy ýerleşýän hemme beden agzalaryny barlamak üçin torakoskopiýa ýa-da laproskopiýa geçirilýär.

Umumy barlag höküminde we ragyň ýaýran ojaklaryny anyklamak üçin döş kapasasynyň agzalarynyň rentgenografiýasy, bagryň USB-ny, süňkleriň izotop barlaglaryny geçirýärler.

Islendik kesel, şol sanda howply täze döremeler hem, irki döwürde ýüze çykarlanda, bejerginiň netijeli boljakdygyny ýatdan çykarmaly däldir.

Gyzylödegiň ragy hirurgiki ýol bilen, şöhle bejergisi ýa-da olaryň utgaşmasy bilen bejerilýär. Himiki dermanlar bilen özbaşdak bejergi geçirmek degerli netijeleri bermeýär.

Gyzylödegiň ortaky we aşaky böleginiň rak keselinde hirurgiki usul bilen bilelikde, şöhle we himiýa bejergisiniň utgaşmasy ulanylýar.

Keseliň ýaýran we operatiw bejergi geçirme mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýynda şöhle bejergisi geçirilýär. Gyzylödegiň ýokarky böleginiň rak keselinde, esasan, şöhle bilen bejergi ulanylýar. Bejerginiň hirurgiki usuly gyzylödegi aýyrmakdan ybaratdyr.

Operatiw bejerginiň dürli usullary işlenip düzüldi. Gyzylödek aýrylandan soň, aşgazanyň ýa-da içegäniň (inçe ýa-da ýogyn içegäniň) böleginden emeli gyzylödek ýasap, plastiki operasiýany geçirýärler. Operatiw bejerginiň netijeliligini gazanmak üçin, operasiýadan soň himiki ýa-da şöhle bejergini geçirýärler.

Keseliň ötüşip, operatiw bejergini geçirmäge mümkinçilik bolmadyk ýa-da näsagyň iýmiti kabul edip bilmedik ýagdaýlarynda, iýmitlenme üçin gastrostomany goýýarlar. Ýerli agyrsyzlandyrmadan soň, aşgazany garnyň öňki diwaryna tikip, iýmitlenme üçin oňa turbajyk sokýarlar.

Gyzylödegiň ragy döş kapasasynyň limfa düwünlerine, 20% ýagdaýda bagra, 10% öýkene, süňklere, beýnä ýaýrap bilýär.

Keseliň geçişi ragyň görnüşine, ýaýraýyş aýratynlygyna, näsagyň ýaşyna baglydyr. Her bir ýagdaý aýratynlykda seredilmelidir.

Gyzylödegiň rak keseliniň öňüni almakda esasy çäreler, rak keseliniň öň ýanyndaky (gyzylödegiň ahalaziýany, Barrettiň gyzylödegi, mehaniki we himiki şikeslenmeler) keselleri ýüze çykaryp bejermäge we ragy başlangyç döwürlerde anyklamak üçin barlaglar geçirmäge syrygýandyr. Bu zatlar bolsa öňüni alyş barlaglary wagtynda geçirmek we öz saglygyna ünsli garamak arkaly gazanylýandyr.




#Article 339: Bronhial astma (1100 words)


Bokurdagyň, bronhlaryň, öýkeniň, ýürek-damar we nerw ulgamynyň demgysma alamaty bilen geçýän 50-den gowrak keseli bardyr. Öz gelip çykyş sebäpleri, görnüşleri, kliniki aýratynlyklaryna baglylykda bronhial astma (grekçe “astma“ - demgysma) aýratyn keselleriň görnüşiniň hataryna girizildi.

Bronhial astma (BA) – dem alyş ýollaryň zeperlenmegi bilen geçýän dowamly, gaýtalanyp durýan keseldir.

Ýer ýüzüniň ilatynyň 2%-den az bolmadyk bölegi BA-dan ejir çekýändir. Bu kesel we onuň gaýraüzülmeleri sebäpli her ýylda 2 mln-dan gowrak adam aradan çykýandyr. Soňky ýyllarda BA bilen keselçiligiň artmagy, ekologiki ýagdaýyň erbetleşmegi bilen düşündirilýär.

Öýken keselleriň içinde, bronhial astma we demgysma alamatly dowamly bronhitden maýyplyk ýagdaýynyň döremegi has ýygy-ýygy duş gelýändir.

BA-nyň esasan iki görnüşini tapawutlandyrýarlar – allergiki we allergiki däl görnüşleri. Ondan başga-da onuň dürli kliniki görnüşlerini belleýärler: atopiki, infeksion, disgormonal, psiho-newrologiýa we bronhlaryň ýagdaýynyň üýtgemegi sebäpli – “aspirin“ astmasy we fiziki işden soň ýüze çykýan astmadyr.

Fiziki we farmakologiki (derman serişdeleri) faktorlara bronhlaryň duýujylygynyň üýtgemegi, olarda emele gelýän biologiki işjeň maddalaryň uly täsiri, BA-nyň hemme görnüşleri üçin umumy ýagdaý bolup durýandyr.

BA getirýän genetiki üýtgemeleriň we daşky faktorlaryň täsirini belläp geçmelidir. Genetiki üýtgemeler, bronhlaryň we öýkeni goraýan mehanizmleriň zeperlenmegine, ol agzalaryň işini kadalaşdyryjy nerw we endokrin ulgamynyň sazlaşykly işiniň bozulmagyna getirýär.

Daşky faktorlara bolsa öý allergenleri (allergiki täsirine getirýän jisimler) sebäp bolup biler. Olara öý tozany we  haýwanlary, saçakçy ýaly mör-möjekler, kömelekler mysal bolup biler. Öý tozanynda sakyrtgalaryň 30-dan gowrak görnüşi duş gelýändir. Esasan hem olaryň  täreti ýokary allergiýa täsirine getirip biler.

Öý tozanyna ýokary duýgurlylyk şol sakyrtgalaryň bolmagy bilen düşündirilýär. Dürli ösümlikleriň tozanjyklary hem allergiki täsiriň sebäbi bolup biler. Meselem, otlardan-bozagan, ambroziýa, tilkiguýruk; güllerden-tozga,margaritkalar; agaçlardan-dub agajy,berýoza, sireniň tozgajyklary demgysmanyň sebäbi bolup biler. Allergiýa kömelekleriň käbir görnüşi we heň hem getirip biler.

Önümçilikde duş gelýän himiki organiki maddalardan hem allergiýa döräp, hünärmençilik bronhial astmasynyň ýüze çykmagyna sebäp bolup biler.

Azyk allergenleri hem möhüm orny eýeleýändir. Olary derrew anyklamak hem kyn bolýar. Sebäbi iýmit kabul edilenden soň, allergiki täsir ençeme wagtdan soň döräp biler. Azyk aller-   genlerine - bal, sitrus miweleri, deňiz önümleri, sygyr süýdüniň we ýumurtganyň belogy degişlidir.

Derman serişdelerine allergiki duýgurlylyk näsaglaryň 20%-de ýüze çykýandyr. Köplenç allergiýa täsiri antibiotiklere, ferment serişdelerine, asetilsalisil turşulygyna (“aspirin“ demgysmasy) ýüze çykýandyr.

BA-nyň kliniki ýüze çykmasy, tutgaý görnüşli üsgürme, burundan köp mukdarda suwuklyk görnüşli bölünip çykmalar, asgyrma ýaly alamatlar bilen başlanýar. Keseliň tutgaýly döwründe näsagda gysga dem alma, bronhlaryň gysylmagy netijesinde bolsa, demi goýberme kynlaşan bolýar. Her dem alyp, goýberme daşda eşidilýän hyşşyldy bilen utgaşýar. Astmanyň tutgaýy dem alyş ýollaryndan şepbeşik gakylygyň çykmasy bilen gutarýandyr.

Uzaga çekýän agyr tytgaýlar, keseliň agyr gaýraüzülmesi bolan, astmatiki ýagdaýa getip biler.

Astmatiki ýagdaýda geçirilýän bejergä täsir peselip,  üsgürme netijesinde goýy gakylygyň bölünip çykmagy ýüze çykmaýar. Bronhlaryň gysylmagynyň güýjemegi netijesinde, astmatiki ýagdaý beterleşýär. Öýkende, has hem onuň aşaky böleginde howasyz bölekler döräp, diňlenilende dem alyş sesleri ol ýerlerde eşdilmeýär. “Lal“ öýken emele gelýär. Bedeniň gerekli kislorod bilen üpjün edilmezligi,dokumalarda we agzalarda kömürturşy gazynyň ýygnanmagyna, olaryň işiniň bozulmagyna getirýär.

Ganyň lagtalanmasy peselýär. Kislorod “açlygy“ nerw ulgamynyň, esasan hem beýniniň işine şikes ýetirýär.

Uzak wagt dowam edip, anatomiki üýtgemelere getirýän BA dürli başga gaýraüzülmeleri hem ýüze çykaryp biler. Öýkeniň emfizemasy (çendenaşa howaly bolup, öýkeniň çişmesi), öýken ýetmezçiligi, öýken-ýürek ýetmezçiligi, ýokançly bronhit şol ýagdaýlara degişlidir.

BA-ny anyklamakda kynçylyklar ýüze çykmaýar. Esasy kynçylyk onuň görnüşini, ýüze çykaran sebäbini anyklamakdyr. Näsagdan soramak bilen, nesil yzarlaýan we iýmit faktorlaryna üns bermelidir. Dem alyş ýollarynyň ýagdaýyny (sinusit, otit, rinit, burun germewiniň  gyşarmagy, polipler) anyklamalydyr.

Allergenlere duýujylygy, olary dem alyş ýollaryna pürküp (aerezol görnüşde) ýa-da derä galtaşdyrma ýoly bilen anyklap bolar.

Ganyň umumy barlagynda eozonofil öýjüklerini köp mukdarda ýüze çykaryp bolar.Ýöne ol hemişe beýle bolmaýar.Gakylygyň sitologiki barlagynda hem eozonofilleriň ýokary derejesi anyklanylýar. Ondan başga-da gakylykda demgysmanyň esasy alamatlary bolan, Kurşmanyň spiralyny (kiçi dem alyş ýollaryň görnüşini gaýtalaýan emele gelmeler), Şarkoleýdiniň kristallaryny (eozonofil öýjükleriň düzüminiň kristallary)  we Kreolyň bedenjikleri (bronhlaryň öýjükler toplumy) tapmak bolýar.

Bronhoskopiýa barlagy hem bronhlaryň nemli gatlagynyň ýagdaýy, olaryň gysylma derejesi barada uly maglumatlary berýändir.
BA bejergisi, keseliň görnüşi, ýüze çykyş sebäpleri, geçişi, bar bolan gaýraüzülmelere laýyklykda geçirilýär.

BA-ny bejermek üçin keseliň sebäplerine täsir edýän (bazis) serişdeler hem-de alamatlaryna täsir edýän (simptomatiki) serişdeler (meselem, bronhlary giňeldijiler) ulanylýar.

Esasy (bazis) serişdeleri ulanylmadyk ýagdaýynda alamatlara täsir edýän serişdelere talap artýandyr. Esasy serişdeleriň mukdarynyň azalmagy ýa-da bronhy giňeldijileriň köp ulanmagy, keseliň geçişine gözegçiligiň peselenliginden habar berýändir.

I. Esasy (bazis) serişdeleri:

degişlidir. Bu serişdeler esasan BA-nyň “aspirin“ görnüşinde giňden ulanylýar.
 
II. Alamatlara täsir edýän (simptomatiki) serişdeler.

a) Uzak wagt täsir edýän görnüşlere – salmeterol, formoterol degişlidir.

b) Gysga wagt täsir edýän görnüşler – berotek, salbutamol, brikanil.

Häzirki wagtda iň peýdaly bronhlary giňeldijiler bolup, islendik ýagdaýda BA-nyň tutgaýlaryny ýatyrmak üçin ulanylýar. Ingalýasion ýoly bilen goýbermek has oňaýlydyr. Sebäbi ol dermanyň az mukdaryny ulanyp, peýdalylygy çalt gazanmaga kömek edýär. Ýaramaz täsirleri azdyr. Bu serişdeleriň ingalýasiýasy 0,5-2 sagadyň dowamynda fiziki agramlylykdan ýa-da başga faktorlar netijesinde dörän bronhlaryň gysylmasynyň öňüni alýar.

Bu topara demdysma tutgaýlaryny gyssagly ýatyrýan eufillin we uzak wagt täsirli teofillin degişlidir. Bu serişdeler B2-adrenomimetiklerden öň giňden ulanylýardy, ýöne käbir ýagdaýarda häzir hem netijeli ulanylýar. Teofillini 5 ýaşdan uly çagalarda özbaşdak ýa-da ICKS-i bilen utgaşykda üstünlikli ulanyp bolýar. Agyr demgysmaly çagalarda teofillin GKS-iň mukdaryny azaltmaga kömek edip biler.
Häzirki wagtda ksantinler başga seişdeleriň bolmadyk ýagdaýynda, goşmaça kömek ediji serişdeler höküminde ulanylýandyr.
 
III. Başga serişdeleriň topary.

Has köp duş gelýän streptokokkli öýken sowuklamasynda sefalosporinler we penisillinler ulanylýar. Öýken sowuklamasyna  güman edilende gakylygy ýokançlyga barlamak hökmandyr.
 
IV. Allergiki immunobejergi.

BA-nyň allergiki gelip çykyşyna täsir edýän bejergi usulydyr. 5 ýaşdan 50 ýaş aralygy näsaglarda ulanylýar. Ýörite taýynlanan allergenleri (meselem, agaçlaryň tozanjygy, sakyrtgalaryň bölekleri) belli bir wagt aralygynda deriniň aşagyna goýberýärler. Olaryň mukdaryny kem-kemden ýokarlandyryp, bedeniň oňa  bolan durrnuklylygyny gazanýandyrlar.

Bejerginiň dowamlylygy 3 aýdan az bolmaly däldir. Birbada, arasy 30 minutdan az bolmadyk wagtda, 3-den köp bolmadyk allergeni ulanmaga ýol berýärler.

Soňky ýyllarda allergenleri burna damdyrmak ýa-da diliň aşagyna goýmak ýoly bilen hem goýberýärler. Allergenler höküminde gistaglobulinleri (dokumalaryň belogy) hem ulanýarlar.
 
Nebulaýzerleri ulanmak

BA-ny netijeli bejermek üçin, dermanlary zeperlenen bronhlara doly ýetirmek wajypdyr. Onuň üçin dermanlary belli bir kiçijik bölekler görnüşde goýbermek zerurdyr. Şol maksat üçin ýörite  nebulaýzerler diýip atlandyrylan enjamlar ulanylýar. Nebulaýzerler derman serişdelerini gerekli bolan kiçijik ululykda (ownuk dispersli) dem alyş ýollaryna (hat-da kiçijik bronhlara hem) goýbermäge kömek edip, bejerginiň netijeliligini ýokarlandyrýar.

Keseliň geçiş häsiýeti we dowamlylygy näsagyň ýaşyna baglylykda dürli-dürlidir. Demgysma köp çagalarda ýeňil geçse-de, bejergi doly bolmadyk ýagdaýynda, BA-nyň agyr ýagdaýlary ýüze çykyp biler. Köplenç çaga ýetginjeklik ýaşyna ýetende, olarda keselden “saplanma“ bolup geçse-de, öýkeniň işiniň näsazlyklary galýandyr.

Uly ýaşda ýüze çykan demgysmanyň agyrlygy onuň görnüşine baglydyr. Allergiki demgysma has ýeňil geçip, gaýraüzülmelere seýrek getirýändir. Uly ýaşda aspirinli demgysma bilen kesellän näsaglar ony agyr geçirýändir.

Kesel dowamly häsiýete eýe bolup, doly geçirilen bejergi onuň alamatyny aradan aýryp biler, yöne oňa getirýän sebäplere täsir edip bilmeýär. Lukman tarapyndan kadaly gözegçilik we wagtynda geçirilen bejergi, keseliň gowşama döwrüni birnäçe ýyllara uzaldyp biler.




#Article 340: Pedikulýoz (807 words)


Häzirki zaman lukmançylygyna geçen asyrlarda millionlarça adamlaryň ömrüni alyp giden kesellerden üstün çykma başartsada, oňa kiçijik möjekleri ýok etmek entek başardanok. Bu kesel adamzada gadymy asyrlardan bäri bellidir. Ol barada birinji maglumatlar Aristoteliň işlerinde duş gelýär (b.e. öň IV asyr). Gurap galan bitleri gadymy hindi, peru, indeýleriň gonamçylyklaryndaky jesetlerden hem tapypdyrlar. Olar Grenlandiýa we  Aleut adalarynda (XV asyr) tapylan mumiýalaşan jesetlerde hem duş gelýär.

B.e. 500 ýyl öň Gerodot: Olar hudaýa gulluk edenlerinde hiç hili bit ýa-da başga mör-möjek ýapyşmaz ýaly... diýip, müsür dindarlarynyň kellesiniň hemişe arassa syrylanlygyny belläp geçýär. Baryp 200 ýylyň dowamynda Ýewropa ýurtlarynda pedikulezyň köpçilikleýin ýaýramagy ýüze çykyar. ABŞ-da her ýylda kelle pedikulezynyň 6-12 mln ýagdaýy duş gelýändir.

Keseliň köp duş gelýän döwri, çagalaryň dynç alyş merkezlerinden gaýdyp gelýän, güýz paslynyň başyna gabat gelýändir. Köplenç pedikulez bilen keselçilik, adamlaryň bir ýerde üýşüp ýaşamagy ýa-da arassaçylyk düzgünleri berjaý edilmedik ýagdaýynda has hem ýokarlanýandyr (meselem, uruş ýa-da heläkçilik ýagdaýlary).

Bitler hemişe aladaçyl, gaharjaň adamlara ýokuşýanlygy barada geň pikir hem bardyr. Adatça bu ýagdaý nerw dartgynlylygy sebäpli adamyň bedeniniň ysynyň üýtgeýänligi bilen hem düşündirilýär.

Pedikulez (bitlilik) (lat. pedikulus, bit) – deriniň we saçlaryň parazitler arkaly ýüze çykýan keselidir.

Bitleriň kelle, köýnek we gasyk görnüşleri bardyr. Kelle we köýnek bitleri adamdan adama eşikler, ýorgan-düşek, daraklar we başga öý goşlary arkaly geçip bilýändir. Gasyk bitleri köplenç jyns gatnaşygy arkaly geçýär. Köýnek bitleri geýimleriň tikin ýerlerinde ýaşap, şol ýerde ýumurtgalaryny taşlaýandyrlar. Bitler 1minutda 20 sm.  aralygy geçmäge ukyplydyr. Şoň üçin olar bilen yokuşma çalt bolup geçyär.

Gasyk bitleri daşky jyns agzalarynyň gyl örtüginde, ýumurtga haltajygyň üstünde, budyň ýokarky böleginde ýerleşýändirler. (gasyk bitliligine başgaça ftirioz hem diýilýär).

Öni alynmadyk ýagdaýlarda bitler goltuklara, arka, döşlere, sakgal-murtlara, gaşlara we kirpiklere ýaýrap bilýär.

Kelle bitleri kellede ösýän saçlarda, has hem onuň ýeňse, depe we çekge böleginde duş gelýändir. Kelle biti 6-14 günden kämillige ýetişýändir we şondan soň urkaçy bit ýumurtga taşlamaga ukyplydyr. Bitleriň ýumurtgasy (sirke) agymtyl reňkde bolup, goňaklara meňzeşdir.

Ýöne goňaklardan tapawutlylykda sirkeler togalak görnüşde bolup, gyllaryň düýbüne ýapyşýandyrlar. 7-10 günden ýaş bitler ýumurtgadan çykýandyr we saçlaryň düýbünde boş, ak pilejikler galýandyr. Ortaça bitleriň ömrüniň dowamlylygy 21 güne barabardyr.

Pedikulezyň özüne mahsus alamatlary bardyr:

Bitleriň hemme görnüşleri adam gany bilen iýmitlenýändirler. Köýnek bitleri örgünli garahassalyk keseliniň ýokuşmagyna getirip bilýändir. Pedikuleza garşy göreş onuň görnüşine baglylykda alnyp barylýandyr.

Gasyk bitinden saplanmak üçin, mümkin bolandan, bedeniň hemme ýerlerinden gyllary syryp aýyrmalydyr (goltuklardan, daşky jyns agzalardan). Bitleriň dişlän ýerlerini ýokançlyklardan goramak üçin, ol ýerlere 10% ak simap melhemini ýa-da 5% sary simap melhemini, 33% kükürtli melhemi çalmalydyr. Gaşlardan we kirpiklerden möjekleri dyrnaklaryň kömegi bilen ýeke-ýekeden aýyrmalydyr. Olaryň zeperlenen ýagdaýynda 0,25% göz melhemine fizostigmin goşup ulanmalydyr.

Köýnek bitlerini aýyrmak üçin, ýassyk-düşek daşlaryny, eşikleri gaýnatmalydyr ýa-da buga tutmalydyr. Pes temperaturada eşikleri ýuwmak degerli netijäni bermeýär. Ýokary gyzgynlykda ýuwlan egin-eşikleri bir hepdeläp, gowy ýelejiredilýän ýerde, günüň aşagynda asyp goýmalydyr.

Egin-eşikleri ilki ýörite serişdeler (insektisidler) bilen işläp, soň suwda ýuwmak we güne sermek hem bolýandyr.

Egin-eşikleri we düşek daşlary arassalamagyň iň peýdaly usuly – olary paraformalin kameralara salmakdyr. Şeýlelikde, olar ýokary gyzgynlykly we himiki arassalaýşy geçýärler.

Egin-eşikler arassalananda, sirkeleriň eşikleriň galyň tikin ýerlerine ýa-da epinlerine ýapyşyp, ýeterlik bolmadyk gyzgynlyk bilen arassalanma durnukly bolup biljekdigini ýatda saklamalydyr.

Köýnek pedikulezynda sirkeleriň diňe eşikleriň sapajyklarynda däl-de, deriniň gysga gyljagazlaryna hem ýapyşyp galjakdygyny göz öňüne tutmalydyr. Şonuň üçin hem, diňe egin-eşikleri arassalamak bilen çäklenmän, näsagy hem pedikulesid (bitleri we sirkeleri öldirýän dermanlar) serişdeleri bilen bejermek hökmandyr.

Kelle bitliligini bejermek üçin köp serişdeler (melhem, aerozol, şampun) bellidir. Pedikulesid dermanlar  höküminde medifoks, para plyus, nittifor, niks, weda-2, boruň 2% melhemi, kukürt simaply melhem giňden ulanylýar. Agzalyp geçilen dermanlaryň köpüsi sirkeleri öldürmäge ukyply däldir. Dermanlaryň şeýle häsiýetlisi hem sirkeleriň hemmesini öldürip bilmeýär. Şonuň üçin olary el bilen ýeke-ýekeden aýyrmalydyr.

Pedikulesid dermanlaryň zäherliligi sebäpli, olaryň ulanylşynda hemme görkezmeleri berjaý etmelidir. Dermanlaryň köpüsini göwreli aýallara, çaga emdirýän enelere, kiçi çagalara ulanmak bolýan däldir.

Bitlerden dynmak üçin  halk arasynda ulanylýan köpsanly serişdeler hem bellidir. Adatça olaryň peýdalylygy pesdir, ýöne dogry ulanylanda ol diýen howply däldir. Dermanhanalardan bitlere garşy serişdeleri almaga utanýanlygyňyz üçin, diňe halk serişdelerini ulanmak ýalňyşlykdyr.

Halk arasynda pedikulezda:

Halk serişdeleriniň öz ýetmezçilikleri bardyr:

Ondan başga-da olary ulanmak hem oňaýsyzlyklara getirýändir: serişdäni çalyp, saçlara polietilen halta geýmelidir. Kelläňe süpürgiç orap, köp wagt şeýle saklamalydyr.

Bitleri ýok etmegiň ýene bir oňaýly ýoly – ol hem saçlara sintetiki boýaglary goýmakdyr. Saç boýaglaryň düzüminde bitleri we sirkeleri öldürýän himiki serişdeler bardyr.

Islendik serişde ulanylandan soň, saçlar ownuk dişli darak bilen daralyp, sirkeler ýeke-ýekeden aýrylmalydyr. Sirkeleri aýyrmak aňsat däldir. Şonuň üçin ol işe birnäçe gün sarp etmeli bolýar. Öli bitleri we sirkeleri aňsat aýyrmak üçin, uzyn saçlary egne çenli bolar ýaly kesmelidir. Saçlara ýörite balzam, balyk ýagyny, ösümlik ýagyny çalyp, olaryň aňsat daralmagyny gazanyp bolar. Zeýtun ýagy bitleri gaçyrýandyr.Geran gülüniň ýagy bolsa ýarajyklaryň çalt bitmegine kömek edýändir.

Kelle pedikulezy ýokuşan adamyň egin-eşiklerini, ýorgan-düşek daşlaryny gaýnatmak, ütüklemek hökmandyr. Maşgalanyň başga agzalaryny (ýa-da mekdepde okaýan ýoldaşlaryny, çagalar bagdaky toparyň çagalaryny) barlagdan geçirmelidir.

Pedikulezyň öňüni almakda hususy we jemgyýetçilik arassaçylyk çärelerine üns bermek möhüm orny eýeleýändir:




#Article 341: Ýatgynyň miomasy (1079 words)


Ýatgynyň miomasy aýal jyns agzalarynyň köp duş gelýän howply däl täze döremesidir. Olar öz düzümi boýunça myşsadan ýa-da birleşdiriji dokumadan ybarat bolup bilýärler. Agdyllyk edýän dokumanyň görnüşine baglylykda howply däl täze döreme fibromioma (birleşdiriji dokuma köp – bu seýrek ýagdaý) ýa-da mioma (myşsa dokumasy köp – 5:1 gatnaşykda) diýip atlandyrylýar. Onuň düzüminiň 75-85% yagdaýlarda myşsadan ybaratlygyny göz öňüne tutup, soňky ýyllar ony mioma diýip atlandyrmak dogry bilindi.

Ýatgynyň miomasy 20-40 ýaş aralygynda emele gelýändir. Operatiw bejergi köplenç 30-50 ýaş aralygyndaky aýallarda geçirilýär. Soňky ýyllarda miomanyň ýaşarandygyny belläp geçmelidir.

Geçen asyryň 60-70 ýyllarynda 30 ýaşa çenli aýallarda mioma sebäpli geçirilýän operasiýalar gaty seýrek duş gelýärdi. Häzir bu ýaşda geçirilýän operasiýalaryň ýygylygy 5% barabardyr. Aýbaşydan galma döwrüne ýeten aýallarda onuň ýüze çykyşy 30-35%-e deň bolup durýandyr.

Mioma düwünleri köplenç ýatgynyň bedeninde (95% ýagdaýlarda), seýrek ýagdaýda ýatgynyň boýunjygynda (5%) döreýär. Ösüş häsiýeti boýunça mioma düwünleri garyn boşlugyna tarap, ýatgynyň içine tarap we ýatgynyň öz myşsa süýümleriniň arasyna ösüp biler. Köplenç ýatgynyň dürli ýerlerinde köpsanly mioma düwünleri emele gelip biler.

Ýatgynyň miomasynyň emele gelmeginde bedende ýüze çykýan gormonal üýtgeşmeler esasy orny eýeleýändir. Çişiň döremegine, aýal jyns agzalaryň gormonlarynyň (estrogen we gestagen) emele gelmeginiň bozulmalary, aýry-aýry estrogen birleşmeleriniň (estron we estrodiolyň) mukdarynyň ýokarlanmagy itergi berýär. Käbir barlagçylaryň bellemegine görä, ganda diňe estrogen gormonlary köpelmän, androgenleriň (testosteron) hem derejesi ýokarlanýandyr. Ondan başga-da, miomanyň myşsa dokumasynyň aýal jyns gormonlaryna we androgenlere ýokary duýgurlylyk häsiýetiniň barlygy anyklanyldy.

Dokumanyň has hem progesterona bolan ýokary duýgurlylygy, çişi gestagen serşdeleri bilen bejermegiň ýerlikliligi barada netijäni çykarmaga kömek edýär.

Ýatgynyň miomasynyň kliniki alamatlary onuň ýerleşişine, ölçeglerine, aýalyň ýaşyna, bar bolan bedeniň başga kesellerine baglydyr.
Esasy alamatlaryna agyry we aýbaşy aýlawyna bagly ýa-da bagly bolmadyk gan akmalar degişlidir. Gan akmalaryň gaýraüzülmeleri höküminde ýürek-damar ulgamynyň işiniň bozulmagy we gan azlylyk ýüze çykyp biler.

Hemişe duýulýan, syzlaýan häsiýetli agyrylar çişiň çalt ösýän ýagdaýynda ýüze çykýar.Bu agyrylar çişiň dokumalary we nerw süýümleri basmagy netijesinde döreýär.

Aýbaşy döwründe ýüze çykýan agyrylar miomanyň ýatgynyň myşsasynyň gatynda dörän ýagdaýynda köp duş gelýär. Şu agyrylaryň döremegi, bu döwürde ýatgynyň ýygrylmagynyň güýçlenýänligi bilen düşündirilýär. Mioma düwnünde gan aýlanşygy bozulanda, agyrylar güýjeme  häsiýete eýe bolýandyr. Burgy towlaryna meňzeş agyrylar ýatgynyň içine tarap ösýän düwünlerde köp duş gelýär. Güýjeýän agyrylar garyn boşlugyna tarap ösýän düwünleriň  “aýajygynyň“ towlanmagy sebäpli hem ýüze çykyp biler.

Miomalarda iň köp duş gelýän alamat – gan akmalardyr. Gan akma miomaly näsaglaryň 5-7% duş gelýändir. Aýbaşy aýlawynyň bozulmagy bilen ýüze çykýan ýatgydan gan akmalar näsaglaryň 15-20% ýüze çykýandyr. Käwagt uly mioma düwünleri hem gan akma getirýän däldir. Tersine, uly bolmadyk mioma gan damarlaryny zaýalap we ýatgynyň myşsa gatlagynyň gan aýlanşygyny bozup, gan akmalara getirip biler. Mioma düwünleri polip görnüşde bolup, ýatgynyň agzyndan çykyp (dogulýan mioma), uly gan akmalaryň sebäbi bolup biler.

Miomada güýçli gan akmalar, ýatgynyň içki gatlagynyň (endometriýa) umumy meýdanynyň ulalmagy (miomada 10-15 esse ulalýar) we ýatgynyň ýygrylmagynyň bozulmagy bilen düşündirilýär.

Ýatgydan gan akmalar gan azlylygyň ýüze çykmagyna getirýär. Ol bolsa öz gezeginde, ýürek – damar ulgamynyň işiniň bozulmagyna, agzalarda gan aýlanşygynyň üýtgemegine getirip biler.Ýüregiň myşsa diwarjygynda hem maddalaryň alyş-çalyş ýagdaýy üýtgeýär.
Mioma düwünleriň  ýerleşişine we ululygyna baglylykda, peşew haltasy we peşew akarlar basyşa sezewar bolup biler.

Peşew akarlaryň basylmagy, esasan, mioma düwünleriň ýatgydan gapdallygyna ösen ýagdaýynda duş gelýär. Bu anatomiki bozulmalar böwregiň giňelmegine we peşew çykaryjy ýollaryň ýokançlyklaryna getirip biler.

Peşew çykaryjy ulgamyň başga bozulmalaryna ýygy-ýygy buşukma, peşew saklap bilmezlik ýagdaýy degişlidir.

Miomaly näsaglarda bagryň işiniň zeperlenmegi hem ýüze çykýar. Jyns gormonlaryň alyş-çalyş ýagdaýynyň bozulmagyna sebäp bolup, ol üýtgeşmeleriň öňden gelýänligi hem ähtimaldyr. Şonuň bilen bilelikde, gan azlylyk sebäpli bagyrda uglewod, ýag çalşygy hem üýtgeýändir.

Ýatgynyň miomasyndan ejir çekýän aýallarda aýbaşynyň gelmeginiň üýtgeýänligini belläp geçmelidir. Aýbaşy agyryly bolup, olaryň dowamlylygy uzalýandyr. Aýallarda aýbaşydan galma döwri gijigip, ol 50-55 ýaşa çenli dowam edip bilýär.

Ýatgynyň miomasyny anyklamak çylşyrymly däldir. Şonuň bilen bilelikde, kiçijik düwünleri, olaryň ýerleşişini, düzümini, howply täze döremelere öwrülmek howpyny öz wagtynda anyklamak wajyp çäreleriň biridir.

Semiz aýallarda, ýatgynyň yzky diwarynda ýerleşýän miomalary ginekologiki barlag netijesinde anyklamak hemişe başartmaýar. Ginekologiki barlag çişiň ölçegini, ýerleşýän ýerini, olaryň ösüş  aýratynlygy barada maglumat berýär. Bir ýylyň dowamynda ýatgynyň ölçegleriniň ulalşyndan, miomanyň ösüş tizligi barada netije çykarýarlar. Ýylyň dowamynda ýatgynyň ösüşi göwreliligiň 4 hepdä laýyk gelýän ululygyndan kiçi bolsa-haýal  ösüş, 4 hepdeden ýokary bolsa – çalt ösüş hasaplanýar.

Goşmaça anyklaýyş çärelerine USB, gisteroskopiýa, laporoskopiýa, sitologiki barlaglar degişlidir. Ultrases barlagy – mioma düwünleriň ululygyny, ýerleşýän ýerini anyklamaga kömek edýär. USB geçirilýän bejerginiň peýdalylygyny, mioma düwünleriň ösüş tizligini anyklamakda peýdaly maglumaty berýändir.

Gisteroskopiýa – bu usulyň kömegi bilen diňe ýatgynyň içki gatlagynyň ýagdaýy anyklanylman, ýatgynyň içine tarap ösýän düwünler barada maglumat alynýar. Gisteroskopiýa geçirlende, ýatgynyň içki gatlagyndan biopsiýa (bir bölegini) almaga, endometrioz bilen miomany aýyl-saýyl etmek mümkinçiligi döreýär. Miomany sarkomadan aýyl-saýyl etmek çylşyrymly bolup durýar.

Miomanyň çalt ösmegi, güýçli gan akmalar sarkomany güman etmäge esas döredip biler.

Laparoskopiýa – anyklaýyş çäreleriň jemleýji tapgyry höküminde geçirilýär. Ýatgynyň daşyna ösýän miomalary bilen ýumurtgalyklaryň çiş kesellerini aýyl-saýyl etmekde köp maglumat berýändir.

Dogry bejergini bellemek üçin bu soraglary çözmek möhüm bolup durýandyr. Sitologiki usul – has giňişleýin barlaglary geçirmek üçin näsaglary seçip almaga kömek edýär. Ýatgynyň miomasyny bejermek iki usul bilen alnyp barylýandyr: hirurgiki (operatiw) we konserwatiw (operatiw däl) usullar.

Hirurgiki usul saýlanyp alnanda,geçirilýän operasiýanyň göwrümi köp faktorlara baglydyr: ýatgynyň içki gatlagynyň we boýunjygyň ýagdaýy, aýalyň ýaşy, onuň geçiren beden keselleri we başgalar.

Ýatgynyň amputasiýasy (ýatgyny boýunjygyndan ýokarda aýyrmak) ýa-da ekstirpasiýa (ýatgyny boýunjygy bilen aýyrmak) ýatgynyň ösüntgileri we boýunjygyň ýagdaýyna baglylykda geçirilýändir.

Aşaky ýagdaýlar hirurgiki bejergi üçin görkezme bolup biler:

Miomanyň konserwatiw bejergisiniň esaslary geçen asyryň 70-80 ýý. işlenip düzüldi. Häzirki wagtda amaly lukmançylykda onuň birnäçe görnüşi peýdalanylýandyr.

Köpýyllyk barlaglar dörän miomanyň ýitip gitmeýänligini tassyklap, onuň ölçegleriniň aýbaşydan galma döwründe kiçelýänligini belleýärler. Şol döwre mahsus üýtgemeleri konserwatiw bejerginiň kömegi bilen döredip, miomanyň kiçelmegini gazanyp bolar.

Gormon serişdelerini ulanmak konserwatiw bejerginiň esasy bolup durýandyr.

Gormon serişdeleriň birnäçe görnüşleri ulanylýar.

Ýokarda agzalan serişdeleriň täsiri netijesinde 2-3 aýdan aýbaşynyň kesilmegi bolup geçýär. Gormon bejergi dowam edýän wagty, üç aýdan 1 gezek USB geçmek hökmandyr. 3-4 aý geçirilýän bejerginiň dowamynda çişiň ulalmagy anyklanylsa, bejergini bes etmek dogry hasaplanylýar.

Bejerginiň peýdaly netijeleri beren ýagdaýynda, diňe bir çişiň ösmegi saklaman, eýsem, onuň ululygynyň kiçelmegi (20% çenli) hem  bolup geçýär.

Gormon serişdelerini ýokary gan basyşly aýallara, semizlikden, süýji keselinden, aýagyň warikoz keselinden ejir çekýän aýallara bermekden saklanmalydyr. Gormon serişdeleri bilen bilelikde, ýürek-damar ulgamynyň işini kadalaşdyrýan bejergini we gan azlylygyň bejergisini geçirmelidir.

Mioma düwünleri bejermekde ýokary ýylylyk berýän fizio bejergileri ulanmak bolýan däldir. Olar çanaklyk agzalaryň gan aýlanşygyny güýçlendirip, çişiň ösmegine getirip biler.

Ýatgynyň miomasy anyklanylan hemme aýallar ginekolog lukmany tarapyndan gözeçilige alynmalydyr. Lukman gormon bejergisi we hirurgiki bejergi üçin görkezmeleri dogry çäklendirmäni başarmalydyr. Hirurgiki bejergiden soň hem aýallar lukman gözegçiliginde galmagy dowam edýändir.




#Article 342: Prostatit (991 words)


Prostatit – erkeklik jyns mäziniň sowuklamagy bolup, 20-50 ýaş aralygyndaky erkek adamlarda iň köp duş gelýän urologiki keseldir. Barlaglaryň görkezişi ýaly, 30 ýaşdan soň prostatitden erkekleriň 30%-i, 40 ýaşdan soň 40%-i we 50 ýaşdan soň 50%-i ejir çekýändir.

Erkeklik jyns mäzi (prostata) jyns ulgamynyň wajyp agzasy bolup, ýörite suwuklyk işläp çykarýandyr. Bu suwuklyk dürli dispersli böleklerden ybarat bolup, öz düzüminde beloklary, elektrolitleri, ýaglary we gormonlary saklaýandyr. Ol erkeklik jyns öýjükleriniň (spermotozoidleriň) hereketliligini amala aşyrmak üçin tohumlylygy suwuklandyrýandyr. Ondan başga-da, jyns mäzi testosteronyň kadaly işläp çykmagyna gatnaşýan esasy agzadyr. Jyns mäziň we tohum haltajygynyň myşsalarynyň ýygrylmagy netijesinde, peşew çykaryjy kanala tohumlygyň zyňylmagy amala aşyrylýar. Bu ýagdaý başgaça eýakulýasiýa diýlip atlandyrylýar.

Erkeklik jyns mäzi peşew çykaryjy kanalyň ýokarky bölegini tutup, peşew haltasynyň aşagynda ýerleşýändir. Onuň ulalmagy bilen, peşew bölüp çykarmagyň dürli kynçylyklarynyň başlanmagy hem bu anatomiki ýakynlyk bilen düşündirilýändir. Mäziň ululygy, görnüşi, dykyzlygy erkek adamynyň ýaşyna görä üýtgäp durýandyr. Ol çylşyrymly nerw birleşmelerine  baýdyr. Şol sebäpli ujypsyz kynçylyklar hem, agzada ýerli we umumy üýtgemelere getirip biler.

Mäze dürli ýokançlyklaryň düşmegi, prostatitleriň döremegine itergi bolýandyr. Bu ýagdaýa mäziň anatomiki ýerleşişi hem sebäp bolýar. Ýokançlyk erkeklik jyns mäzine peşew haltadan, peşew çykaryjy kanaldan, göni içegeden, kiçi çanaklygyň gan we limfa damarlaryndan düşüp biler. Ýöne mäze ýokançlygyň düşmegi, keseliň doly ýagdaýda emele gelmegine getirip bilmeýär. Keseliň doly ýüze çykmagy üçin ýörite şertleriň bolmagy hökmandyr.

Keseliň ýüze çykmagyna esas bolýan faktorlara aşakdakylar degişlidir:

Ýokarda agzalyp geçilen faktorlar, çanaklyk agzalarynda gan aýlanşygyň kynlaşmagyna getirýär. Netije-de, durgunlylyk ýagdaýy ýüze çykýandyr. Bu ýagdaýlar bolsa, ýokançlyklaryň täsirini güýjedip, mäziň sowuklama alamatlaryny emele getirýändir.

Ýiti sowuklama kesellerine mahsus bolşy ýaly, ýiti prostatitler duýdansyz başlanýandyr. Näsagda bedeniň gyzgynynyň 38-39 gradus C. çenli galmagy, ysytmanyň başlanmagy, gasykda, garnyň aşagynda, bilde, artbujakda ýiti agyrylar, agyryly peşew we täret etme ýaly alamatlar ýüze çykýandyr.

Köplenç kesel dowamly görnüşe geçip, erkek adamlarda güýçli bildirýän oňaýsyzlyk döredýän däldir. Ýokarda sanalan alamatlar az derejede bildirip, näsagy kän bir biynjalyk etmeýär.

Dowamly prostatitlerde bedeniň gyzgyny seýrek ýagdaýlarda 37 gradus C. çenli galýandyr. Näsagda artbujakda agyrylaryň we ýakymsyz sanjylamalaryň, buşukma ýa-da täret etme wagtynda oňaýsyzlyklaryň ýüze çykmagy bolup biler. Buşukmanyň kynlyk bilen başlanmagy, peşewiň inçejik çüwdürim görnüşde ýa-da damjalap akmagy näsagda uly ynjalyksyzlandyrma döredýändir.Buşukmada ýa-da täret etmeden soň, peşew çykaryjy kanaldan bölünip çykmalaryň bolmagy, prostatitlere mahsus alamatlardyr.

Käwagtlar prostatit jyns gatnaşygy arkaly geçýän keselleriň (trihomoniaz, ureaplazmoz) gaýraüzülmeleri görnişinde hem ýüze çykyp biler. Bu ýagdaýda buşukmadan soň agyrylar we sanjylamalar has artýandyr. Oňa artbujakda, gasykda ýüze çykýan agyrylar, peşew çykaryjy kanaldan bölünip çykmalaryň bolmagy ýaly alamatlar hem goşulyp biler. Wagtyň geçmegi bilen erkek adamlarda ereksiýanyň (ujydyň gönelmek ukyby) bozulmagy ýüze çykýandyr. Bu kynçylygyň ýüze çykmagy, erkeklik jyns mäzinde ereksiýany amala aşyrýan nerw süýümleriniň zeperlenmegi bilen düşündirilýär. Bu kynçylyk bolsa, erkek adamynyň psihiki ýagdaýyna we onuň maşgalasyndaky är-aýal gatnaşyklaryna yaramaz täsir edýändir.

Ýiti prostatitli näsag öz wagtynda urolog- androlog lukmanyna ýüz tutmasa, erkeklik mäziniň iriňlemegi (abssesi) ýüze çykyp biler. Bu ýagdaýda bedeniň gyzgyny 39-40 gradus C. çenli galyp, artbujakda buşukmany we täret etmäni kynlaşdyrýan güýçli agyrylar döreýär. Biraz wagtdan mäziň çişmegi we peşew çykmanyň saklanmagy ýüze çykyp biler.

Ýatda saklaň! Buşukmanyň kynçylyklary we agyrylar erkeklik mäzniň adenomasynda (howply däl täze döreme) hem duş gelýär. Gynansak-da, köplenç erkeklik jyns mäziniň rak keseli hem anyklanylýar.

Keseli ir möhletde anyklamak maksady bilen, 50 ýaşdan soň hemme erkek adamlarda ganyň jyns mäzine mahsus antigenlerine barlagy geçirmek maslahat berilýär.

Dowamly prostatitler gaýtalama we gowşama döwürleriň gezekleşmegi bilen geçýändir. Gaýtalama döwründe bejergi üçin lukmana ýüz tutulmasa, mäzdäki ýokançlyk peşew çykaryjy ulgamynyň başga agzalaryna ýaýrap, sistit (peşew haltanyň sowuklamagy) we piýelonefrit (böwrekleriň sowuklamagy) kesellerine getirip biler. Ýöne köplenç tohum haltajygynyň, ýumurtgalyklaryň we onuň goşundylarynyň sowuklamagy ýaly gaýraüzülmeler  ýüze çykyp biler. Bu ýagdaýlar bejergisi çylşyrymly we gymmat bolan erkek önelgesizliginiň döremegine getirip biler. Prostatitli näsaglaryň 40%-den gowragy önelgesizlikden ejir çekýändir.

Prostatitleri anyklamak urolog lukman üçin çylşyrymly mesele bolup durmaýar. Gürrüňdeşlikden we umumy barlagdan soň, göni içegäniň üsti bilen erkeklik mäzi barlanyp, onuň işläp çykarýan suwuklygy barlaga alynýandyr. Bu barlagyň oňaýsyzlygyna we agyrylylygyna garamazdan, ol hökmany geçirmeli çäre bolup durýandyr.

Bejergi başlamazdan öň, peşewi we mäziň çykarýan suwuklygyny ýokançlyklara we dürli antibiotiklere duýgurlylyga barlamalydyr. Bu barlaglar dermanlary dogry saýlamaga kömek edýär. Anyklama çäresi höküminde göni içegäniň üsti bilen geçirilýän ultrases barlagy hem ulanylýar.

Prostatitleriň bejergisi birnäçe ugurlar boýunça, urolog-androlog lukmanyň gözegçiliginde alnyp barylýandyr. Käwagtlar näsagyň doly bejerilmegini gazanyp bolmasa hem, keseliň alamatlaryny aradan aýryp, onuň gaýtalanmagynyň öňün alyp bolýandyr. Köp babatda ol näsagyň ýaşayys endiklerine, onuň bejeriş çärelerini ýerine ýetirşine baglydyr.

Bejergi üçin bakteriýalara garşy serişdeler, mäziň owkalanmagy, fizioemleri ýaly çäreler ulanylýar. Bejergi çäreleriniň utgaşmasynyň degerli netijä getirip biljekdigini ýatdan çykarmaly däldir.

Bakteriýalara garşy serişdeleri, diňe degişli anyklaýyş çärelerden soň, lukman belleýändir. Olara ýokançlyklar “öwrenişmez“ ýaly, serişdeleri mukdary we ulanyş dowamlylygy boýunça dogry saýlamalydyr. Bejergi başlandan soň, ony kesmek bolýan däldir. Antibiotikleri ulanmagyň birinji üç gününde peýdaly netije bolmasa, dermany çalyşma barada pikir etmelidir.

Prostatitiň bejergisinde, mäziň owkalanmagy, köp erkek adamlar üçin iň oňaýsyz, agyryly, mertebesini peseldiji çäre ýaly bolup görünýär. Oňa garamazdan köp ýyllaryň dowamynda owkalama ýerini çalşyp bolmajak bejergi höküminde ulanylýar.

Owkalama netijesinde, sowuklama sebäpli mäzde ýygnanýan  hapa suwuklyk basylyp çykarylýar. Ondan başga-da, agzanyň gan aýlanşygy gowulaşyp, durgunlylyk ýagdaýy aýrylýandyr. Bu bolsa antibiotikleriň täsirini has hem güýçlendirýändir. Sowuklamanyň yiti döwründe, diňe erkeklik mäziniň owkalanmagynyň peýdaly netijäni berýänligini belläp geçmelidir. Başga agzalaryň keselleriniň ýiti döwründe, owkalama sowuklamanyň ýaýramagyna getirip biler.

Prostatitlerde fizioemleri dürli görnüşlerde ulanylýar. Fiziki faktorlar kiçi çanaklyk agzalaryň gan aýlanşygynyň güýçlenmegine ýardam berýändir. Fiziobejergi üçin elektromagnit we ultrases tolkunlary, lazeriň täsiri ýa-da göni içegede temperaturanyň ýokarlanmagy ýaly faktorlar ulanylýar. Fiziobejergi geçirmäge mümkinçilik bolmadyk ýagdaýynda, dürli dermanlary göni içegeden goýbermek (mikroklizma) bilen çäklenip hem bolýandyr.

Bejergi çärelerinden başga-da, her bir näsag öz durmuşyna peýdaly endikleri girizip, kesele getirýän sebäpleri aradan aýyrmaga çalyşmalydyr. Sportuň görnüşleri bilen meşgullanmak, gezelenç etmek, dynç almagy we işlemegi gezekleşdirmek, ýokary hilli we ýeterlik iýmitlenme, bu ýakymsyz keseli sizden daşlaşdyrmaga kömek eder.

Öz saglygy barada aladalanýan erkek adamlara ýene bir gezek ýatladasymyz gelýär:

Iň esasy nygtamaly zat hem: 45 ýaşdan soň, öz utanjaňlygyňyzy ýa-da biperwaýlygyňyzy ýeňip geçip, urolog-androlog lukmanynda kadaly barlagdan geçmäge çalşyň.

Erkeklik jyns mäzini, erkegiň ikinji ýüregi diýip ýöne ýerden atlandyrmandyrlar. Ony goramaga wagt tapyň.




#Article 343: Köriçege (808 words)


Gurçuk görnüşli ösüntginiň (appendiks) () yagdaýlaryny beýan edýän maglumatlar XVI asyrda Leonardo da Winçiniň hem-da Andreasa Wezaliniň ylmy işlerinde hem duş gelýär.

Birnäçe wagtdan soň Ýewropa lukmanlary hem jesetleri kesip açan halatlarynda, gurçuk görnüşli ösüntginiň sowuklama ýagdaýlaryna duş gelýändiklerini beýan edipdirler. Köriçege (appendisit) kör içegäniň sowuklamagynyň netijesi saýylyp, ol ýagdaýa kän bir üns hem berilmändir. (Kör içegäniň sowuklamagyna typhlitis diýilýär). XIX asyrda iňlis hirurglary Braýt we Addison ýiti köriçegäniň alamatlaryny has takyk beýan edip, ony aýratyn kesel hökmünde häsiýetlendiripdirler. Bu bolsa ýiti köriçegeli näsaglaryň bejergisinde operatiw usuly birinji orna çykarmaga itergi beripdir.

Birinji appendektomiýany (gurçuk görnüşli ösüntgini aýyrmak operasiýasyny)  Keramatly Georgiý hassahanasyny esaslandyryjy londonly hirurg K.Amýand 1735-nji ýylda geçirdi. Ol 11 ýaşly oglanjyga operasiýa edip, onuň sagalmagyny gazandy. 1886-njy ýylda R. Fitz köriçege diýen düşünjäni girizip, onuň bejergisinde, hirurgiki usulyň möhümdigini belläp geçdi.

Appendektomiýany birinji gezek  Germaniýada 1888-nji ýylda geçirdiler. Keseliň alamatlaryny 1889-njy ýylda A. Mak-Burneý (keseliň bir alamaty onuň adyny göterýär) beýan edýär.

Gurçuk görnüşli ösüntgä ýetmek üçin hirurglar tarapyndan ulanylýan gyýak kesim  hem onuň adyny göterýändir. Ýöne birinji gezek ol kesimden Makartur peýdalandy.

Russiýada appendektomiýa operasiýasy birinji gezek 1988-nji ýylda Petropawlowsk keselhanasynda lukman K. P. Dombrowskiý tarapyndan geçirildi. Bu operasiýa has giňişleýin,  1909-nji ýylda rus hirurglarynyň gurultaýyndan soň geçirilip başlandy.

Köriçege (appendisit) – kör içegäniň gurçuk görnüşli ösüntgisiniň sowuklamagy bolup, garyn boşlugynyň agzalarynyň ýiti keselleriniň içinde iň giňden ýaýran keseldir.

Ortaça her ýyl her 250 adamyň biri ýiti köriçege bilen keselleýändir. Bu kesel dürli ýaşly adamlarda duş gelip biler, ylaýta-da ol 10-30 ýaş aralygynda ýygy duş gelýändir.

Çagalarda duş gelme ýygylygy 1-3%-den köp däldir. Erkek adamlarda hem, aýallarda hem deň derejede duş gelýändir. Ýiti köriçegäniň ýarylmadyk ýagdaýynda ölümçilik 0,1%, ýarylan ýagdaýynda 3%-e ýetýändir. Keselhana keseliň birinji gününde gelen näsaglaryň arasynda ölümçilik ýagdaýy, giç ýüz tutanlar bilen deňeşdirlende 5-10 esse azdyr. Görkezilen maglumatlar keseli başlangyç döwründe anyklap,tiz  hirurgiki kömegi bermegiň möhümdigini nygtaýar.

Köriçegäniň ýüze çykmagy birnäçe sebäplere görä bolup biler:

Ýogyn içegede bakteriýalaryň we kömelekleriň 500-e golaý görnüşi toplanandyr. Onda duş gelýän mikroblar toplumy paýlanýan bolsa, adam bedeniniň her gramyna 10 mln. mikrob bedenjikleri düşerdi. Köriçegäniň şu tapgyrynda ösüntginiň içinde goýy agymtyl-gülgüne öwüsýän, porsy ysly iriň emele gelýär.

Emele gelen başyň daşky gatlaga ýaýramagyndan soň, ösüntginiň içinde basyş ýokarlanyp, dargama bölekleri itip çykarylýandyr. Netijede gurçuk görnüşli ösüntginiň deşilmegi (perforasiýa) bolup geçýär. Bu ýagdaýa halk arasynda köriçege içine ýarylypdyr hem diýýärler. Garyn boşlugynda bolup geçýän bu heläkçilik uly mukdarda ýokançlyk saklaýan iriňiň arassa garyn boşlugyna dökülmeginiň sebäbi bolýar. Ýokançlyklaryň garnyň ýylmanak bardasyna täsir edip, peritonitiň döremegine getirip biler.

Köriçegäniň ýüze çykyşynda  iň esasy alamat – dürli derejede ýüze çykýan agyrydyr. Agyry ilkibaşda sepirjikde, göbegiň töwereginde ýüze çykýar. Köplenç ol garynda ýaýran ýagdaýa eýe bolup, birnäçe sagatdan soň garnyň sag aşak gapdalyna geçip bilýändir. Has seýrek ýagdaýlarda agyrylar diňe garnyň sag  aşak gapdalynda ýüze çykyp bilýändir. Agyrylar ilki birsydyrgyn bolup, keseliň güýjemegi bilen güýçlenip hem biler. Ýöreme, üsgürme,näsag  düşekde  ýatyşyny üýtgedende hem  agyrylar güýçlenip biler. Ýöne gurçuk görnüşli ösüntginiň nerw öýjükleriniň dargamagy netijesinde agyrynyň azalmagynyň mümkinligini hem belläp geçmelidir.

Näsagda işdäsizligiň ýüze çykmagy, ýürek bulanma, gaýtarma hem bolýar. Ýürek bulanmanyň, gaýtarmanyň agyrylardan öň ýüze çykmagy ýiti köriçege üçin mahsus däldir. Bedeniň gyzgyny 37-38 Cº çenli galyp bilýändir.

Köriçegäniň, ösüntginiň ýerleşýän ýerine baglylykda adaty bolmadyk alamatlar bilen geçmegi hem mümkindir. Şunuň ýaly ýagdaýlar kiçi çagalarda, gartaşan adamlarda we göwrelilerde ýüze çykyp biler.

Köriçegäniň çanaklykda ýerleşen ýagdaýynda buşukma, suwuk görnüşli täretlenme ýüze çykyp biler.

Ösüntginiň köriçegäniň yzynda ýerleşen wagtynda umumy alamatlar agdyklyk edýär(gyzdyrma, gaýtarma, kelle agyry). Ýerli alamatlar onçakly bilinmeýär.

Göwrelilerde köriçegäniň öz geçiş aýratynlyklary bardyr. Bedendäki gormonal üýtgeşmeler, garnyň myşsalarynyň ulalan ýatgy arkaly süýndirilmegi keseliň geçiş alamatlaryny üýtgedýändir. Ýatgyyň içki agzalary öz adaty ýagdaýyndan süýşürmegi netijesinde, appendiks we köriçege öz  ýerleşişini üýtgedip, sag tarap gapyrgalaryň aşagyna ýa-da garnyň sag gapdal tarapyna süýşüp bilýändir.

Gurçuk görnüşli ösüntginiň öz adaty ýerinden üýtgemegi, göwrelilikde appendisitiň öz wagtynda anyklanylmagyna bökdençlik döredip biler. Bu bolsa keseliň gaýraüzülme görnüşe geçip, göwreliligiň düşme howpunyň döremegine ýa-da çaganyň ölümine getirip biler. Ir döwürde, çalt geçirilen appendektomiýa enäniň hem-de çaganyň ömrüni halas edýär.

Öz wagtynda anyklanylmadyk köriçege birnäçe howply gaýraüzülmelere getirip biler:

Ýiti köriçegäni başga kesellerden aýyl-saýyl etmek lukman üçin möhümdir. Ony sag taraplaýyn böwrek sanjylamasyndan, aýallarda-ýatgydan daşary göwrelilik we ýatgynyň goşundylarynyň sowuklamasy, ýiti holesistit, ýiti pankreatit, içege geçirmezligi ýaly kesellerden çäklendirmeli bolýar. Köriçegede seprijikde döreýän agyry bilen gaýtarmanyň döreýänligi sebäpli, näsagda azyk bilen zäherlenmeler, aşgazanyň sowuklamasy ýaly keselleri hem güman edip bolýar. Şonuň ýaly ýagdaýda, näsagyň aşgazanyny, içegesini ýuwup, iç sürýän dermanlary berip, biz peýdasyz, kähalatlarda garşy görkezilen çäreleri hem geçirýäris.

Anyklaýyş kynçylyklaryna garamazdan, lukman tarapdan näsag ünsli barlananda, keseliň birinji sagatlarynda, garnyň aşaky sag gapdalynda agyry we garnyň myşsalarynyň dargynlylygy ýüze çykarylyp bilner.

Ýiti köriçegäni diňe operatiw usul bilen, ýagny appendektomiýa geçirip bejerip bolýandyr. Köriçegä güman edilen näsaglar, haýal etmän, rahat ýagdaýda ýatyrylyp hirurgiýa bölümine getirilmelidir. Içegäniň işini çaltlandyrýan içege ýuwmak (klizma) ýa-da iç sürýän dermanlary bermek gadagandyr. Näsaga iýmit, içmäge suw bermeden saklanmalydyr.

Öz wagtynda geçirilen appendektomiýadan soň, näsaga işe ukyplylyk ýagdaýy 3-4 hepdeden gaýdyp gelýändir.




#Article 344: Gipotireoz (934 words)


Gipotireoz (miksedema) – köp duş gelýän kliniki alamatlar toplumy bolup, galkan şekilli mäziň (GŞM) gormonlarynyň täsiriniň ýetmezçiligi sebäpli ýüze çykýandyr.

GŞM-iň işläp çykarýan gormonlaryna tiroksin (T4) we triýodtironin (T3) degişlidir. T4 we T3 gormonlarynyň beden öýjüklerindäki biohimiki alyş-çalyş ýagdaýlaryna gatnaşyp, bedeniň ösüşine we kämilleşmegine täsirini ýetirýänligi üçin, olaryň ýetmezçiligi beden ulgamlarynyň köpsanly bozulmalaryna getirip biler. Gipotireozyň öte geçen görnüşleri zähmete bolan ukyplylygy peseldip, köp ýagdaýlarda näsagy maýyplyga getirýändir. Keseli irki möhletlerde anyklamak bilen, ony doly bejerip hem-de agyr görnüşleriniň öňüni alyp boljakdygyny bellemek wajypdyr.

Häzirki wagtda gipotireozyň köpelmegi ekologiýanyň ýaramazlaşmagy, iýmit önümleriniň hem-de suwuň hapalanmagy, ýod ýetmezçiligiň ýaýramagy bilen bagly bolup biler.

Ondan başga-da, uzaga çekýän psihiki dartgynlylyk bedeniň uýgunlaşma häsiýetini ýaramazlaşdyryp hem-de dowamly ýadawlylyk ýagdaýyny  döredip GŞM-iň işiniň peselmegine getirip bilýändir. Genetiki ýetmezçilik hem gipotireozyň nesil yzarlama häsiýetine eýe bolmagyna sebäp bolup biler. Iýmitde witaminleriň we mikroelementleriň ýetmezçiligi, deňiz önümlerini az mukdarda kabul etdilmegi, iýmit siňdiriş ulgamynyň keselleriniň ýaýramagy ýaly faktorlar bedeniň alyş-çalyş ýagdaýlaryna ýaramaz täsir edip, GŞM-iň gormonlarynyň ýetmezçiligine getirýändir. Gipotireozyň başlangyç, ikilenç we periferiki (nerw merkezinden daşky) görnüşleri bolýandyr.

Başlangyç gipotireozyň ýüze çykmagyna dogabitdi bozulmalar, dowamly ýokançlyklar, GŞM-ne edilen operasiýalar, şöhle bilen bejergiden soň GŞM-iň işiniň peselmegi getirip biler. Ikilenç gipotireozda bolsa GŞM-iň işine gözegçilik edýän nerw merkeziniň (gipotalamo-gipofizar) ýokançly keselleri, täze döremeleri we şikeslenmeleri sebäp bolup bilýändir.   Bedende tireoid gormonlarynyň alyş-çalyş ýagdaýynyň bozulmagy ýa-da agzalaryň we dokumalaryň olara bolan duýgurlylygynyň peselmegi gipotireozyň periferiki (nerw merkezinden daşky) görnüşine getirip biler.

Gipotireozyň alamatlary aýdyň görnüşde ýüze çykman, dürli keselleri ýada salyp biler. Bu bolsa anyklaýyş çärelerinde ýalňyşlyklaryň ýüze çykmagyna getirip bilýändir. Oňa garamazdan, gipotireozly näsaglara mahsus kliniki alamatlaryň ýüze çykmagy bu keseli güman etmäge esas döredip biler.

Gipotireozyň giňden ýaýran we ir ýüze çykýan alamatlarynyň biri hem çişginligiň döremegidir. Ilkibaşda ýüz irden çişip, agşama çenli çiş aýrylýandyr. Wagtyň geçmegi bilen, bejergi geçirilmedik ýagdaýynda çişginlik tutuş bedene ýaýrap, gipotireozyň agyr görnüşine-miksedema getirip bilýändir. Dokumalarda suwuklygy saklaýan mukopolisaharidleriň köplügi sebäpli çişler „gaty“ bolýar. Gipotireoz üçin mahsus ýene bir alamat-deriniň guramagydyr. Degerli bejergisiz onuň hem ýüze çykma derejesi üýtgäp bilýändir.

Deride sarymtyl öwüşginleriň emele gelmegi ýüze çykyp, ol ilki eliň aýalarynda, soň bolsa ýüzde döreýändir. Gipotireozly näsaglar üçin saçyň we gaşyň düşmegi mahsusdyr. Esasan hem aýal maşgalany howsala salýan bu ýagdaý, köplenç başlanýan keseliň birinji alamaty hem bolup biler.

Näsaglarda ýürek urmalaryň seýrekleşmegi (bradikardiya), gan basyşynyň peselmegi bolup biler. Gipotireozly näsaglar ýadyň peselmegini belleýärler. Ilkibaşda adam otaga näme üçin girenini ýatdan çykarsa, soňundan bir wagt bolup geçen wakalary ýada salyp bilmeýär (meselem, geçen hepdede bolup geçen wakalary). Ýadyň peselmegi dürli ýaşdaky adamlarda bolup bilýändir.

Näsaglarda ýüzüň mimiki üýtgemeleri ýeterlik bolmaýar. Olar haýallyk bilen gepleýärler. Bedende ýylylyk çalşygynyň pesligi sebäpli, gipotireozly näsaglar hemişe üşeýärler. Içiň gatamagy ýüze çykyp, bejergi geçirilmedik ýagdaýynda ol has hem beterleşýär. Merkezi nerw ulgamynyň işinde durgunlylyk ýagdaýynyň döremegi gaharjaňlygyň, dürli ruhy üýtgemeleriň ýüze çykmagyna getirip biler. Ondan başga-da, nerw ulgamynyň bozulmalary el-aýaklarda agyryny, sanjylamalary, damar çekmeleri döredip biler.

Tireoid gormonlaryň ýetmezçiligi ýürek-damar ulgamynyň (ýürek urmalaryň seýrekleşmegi, çişginligiň döremegi), iýmit siňdiriş agzalaryň (aşgazanyň sowuklamagy, içiň gatamagy), direg-hereketleniş ulgamynda (bogun agyrylary) bozulmalaryň ýüze çykmagynyň sebäbi bolup bilerler.

Gipotireozdan ejir çekýän aýallarda jynsy ösüşiň yza galmagy, aýbaşy aýlawynyň bozulmagy, çaga düwünçeginiň düşmegi, öli çaga dogurmak ýagdaýlary döräp biler.

Näsaglaryň ýüzi çişip, ýellenen görnüşde bolýar. Dem alyş ýygylygy seýrek bolup, ses gasynlarynyň çişmegi netijesinde sesi ýogynlaşýandyr. Diliň we dodaklaryň çişip galyňlaşmagy bolsa sesi has hem üýtgedip bilýändir.

Ýuwdunmagyň kynlaşmagy (disfagiýa) näsaglary has köp biynjalyk edýän alamatlaryň biridir. Onuň döremegine zobuň bolmagy, boýnuň ýumşak dokumalarynyň çişmegi we gyzylödegiň gysylmagy sebäp bolýandyr.

Täze doglan çagalaryň ömrüniň birinji aýlarynda dogabitdi gipotireozy aşakdaky kliniki alamatlar boýunça seljerip bolýandyr:

Gipotireoz ýagdaýyny anyklamak üçin ganda umumy T3, erkin T4 we TTG-yň (gipofiziň işläp çykarýan tireotrop gormony) mukdaryny kesgitlemek ýeterlikdir.

Bejeriş çäreleri gipotireozyň görnüşine, sebäplerine, onuň agyrlyk derejesine, näsagyň ýaşyna, bar bolan gaýraüzülmelerine  we ugurdaş kesellerine baglylykda bellenilýändir. Gipotireozly näsaglaryň iýmiti ýokumly bolmalydyr, ýöne ondaky ýaglary we holesterin saklaýan önümleri çäklendirmelidir. Goşmaça A, C we B toparyň witaminlerini kabul etmelidir.

Gipotireozyň hemme görnüşlerinde hem esasy bejergi – tireoid gormonlaryny ýörite saýlanan mukdarda kabul etmekdir. Şonuň bilen birlikde hem, gormonlaryň peselmegine getirýän sebäpleri bilip, GŞM-iň kesellerini bejermelidir, gipotalamo-gipofizar ulgamynyň bozulmalaryny aradan aýyrmalydyr.

Biziň derman senagatymyz tarapyndan T4 we T3 gormonlary derman serişdeleri görnüşinde öndürilýändir. T3 gormonynyň biologiki täsirliligi ýokary bolsa-da, köplenç bejergi T4 gormon bilen geçirilýändir. Bu ýagdaý T3 gormonynyň gandaky mukdarynyň üýtgäp durup, köpsanly ýaramaz täsirlere getirýänligi bilen düşündirilýändir. T4 (tiroksin) gormony günde bir gezek kabul edilip, bedende T3 gormona öwrülýändir. Oňa garamazdan, T4 gormonyň T3 gormona öwrülmeginiň bozulmagy bilen häsiýetlendirilýän periferiýa gipotireozynda T3 gormony bilen hem bejergi geçirilýändir. Gipotireozly näsaglar gormon bejergini üznüksiz, ömrüniň dowamynda kabul etmelidir. Özünde tireoid gormonlary saklaýan serişdeler höküminde lewotiroksin (L-tiroksin), tiroid, liotiroksin, tireotom-forte, tireokomb giňden ulanylýandyr. Gormonyň mukdary näsagyň ýagdaýyna görä saýlanyp alnyp, ol kesgitlenýän döwründe laborator barlaglary her 1,5-2 aýdan bir gezek geçirmelidir. Gormon serişdeleriniň mukdaryny aşa köp bermekden gaça durmalydyr.

Bejerginiň peýdalylygyny kliniki alamatlaryň üýtgemegi (näsagyň ýagdaýynyň we ýadynyň gowulaşmagy, içegeleriň işiniň düzelmegi, ýürek urmalaryň kadalaşmagy) we laborator barlaglaryň netijesinde kesgitläp bolar. Gyş aýlary bilen deňeşdirlende, tomus aýlary gormon serişdeleriň mukdaryny azaltmalydygyny ýatda saklamalydyr. Sebäbi gyş aýlary, bedeniň umumy kuwwatlylyk üpjünçiligini amala aşyrýan tireoid gormonlaryna talap ýokary bolýandyr.

Ikilenç gipotireozda oňa getiren esasy keseli bejermek bilen bilelikde, başlangyç gipotireozda bolşy ýaly, tireoid gormonlar bilen hem bejergi geçirmelidir. Bedende ýetmeýän tireoid gormonlarynyň öwezini dolma bilen birlikde, GŞM-iň gormonlarynyň ýetmezçiligi netijesinde ýüze çykan ulgamlaryň işiniň bozulmalaryny hem bejermelidir. Onuň üçin ýürege täsir edýän dermanlar, kaliý serişdeleri bilen bilelikde az mukdarda buşukdyryjy dermanlar, bagryň işini kadalaşdyryjy dermanlar ulanylýar. Gan azlylyk ýüze çykanda demriň serişdeleri bellenilýär. Bedende tireoid gormonlarynyň mukdary kadalaşandan soň hem aýallarda aýbaşy bozulmasy dowam etse, aýal jyns gormonlaryny sikliki düzgünde kabul etmek maslahat berilýändir. Näsagda ýüze çykýan psihiki bozulmalar ruhy ýagdaýy kadalaşdyrýan serişdeleriň ulanmagy bilen bejerilýändir.




#Article 345: Radikulit (820 words)


Radikulit — daşky nerw ulgamynyň oňurga ýiliginden gaýdýan nerw süýmleriniň çogdamjyklaryny  şikeslendirýän keseldir. Radikulitiň iň ýygy duş gelýän sebäpleriniň biri oňurga keseli osteohondrozdyr.

Osteohondrozda oňurgara kitirdewük diskleri çeýelegini ýitirip, nerw çogdamjyklaryny gysýar. Diskleri üýtgän oňurga birikmelerinde duz ýygnanýar.  Munuň netijesinde döreýän çykytlar agram salnanda nerw  çogdamjyklary gysyp, agyryny döredýärler. Birden çalt hereket edilende, oňurgada ýiti agyrylar döredýär.

Şikeslenen nerw çogdamjyklaryň we olardan emele gelen nerwleriň töweregindäki agyry, duýgurlygyň bozulmagy, käte hereketiň bozulmagy- radikulite mahsus alamatlardyr.Kesel  adatça ýiti geçýär.  Wagtal-wagtal ýitileşip, dowamly görnüşe geçýär.

Nerw süýmleriniň şikeslenen ýerine baglylykda  radikulitiň dürli görnüşleri bolýar.

Bil-türre radikulitikeseliň iň giň ýaýran görnüşidir. Radikulitiň bu görnüşinde agyry bil-türre töwereginde, ýanbaşda bolup, buda, injige, dabana ýaýraýar. Hereket edilende, agyry güýjeýär. Şonuň üçin-de, radikulitden ejir çekýän adam çalt hereketlerden gaça durýar. Ol ýatanda  agyry peseler ýaly, aýagyny epýär.

Guýruk nerwini emele getirýän türre bölümindäki çogdamjyklaryň şikeslenmegine işias diýilýär. Işiasda  agyry otyrýer nerwiniň ugry boýunça ýaýraýar (guýruga, buduň we injigiň yzky, daşky bölümine, ökjä).

Boýun-egin radikulitinde agyry ýeňsede, eginde, pilçede toplanýar. Kelle öwrülende, el gymyldalanda, üsgülewükde agyry güýjeýär. Agyr ýagdaýlarda eliň derisi ýanýan ýaly bolýar, sanjaýar, guruşýar, duýgurlyk peselýär.

Döş radikulitiseýrek duş gelýär. Radikulitiň bu görnüşinde gapyrgalaryň arasynda agyry ýüze çykýar we hereket edilende, ol has hem güýjeýär.

Radikultiň bejergisini lukman geçirmeli. Ol esasan-da keseliň sebäplerini  aradan aýyrmaga çalyşmalydyr. Agyrysyzlandyryjy serişdelerden başga-da fizioemleri, bejeriş maşklary, oňurganyň süýndirilmegi ýaly usullardan peýdalanylýar. Ýyladyş emleriniň we agyrsyzlandyrylyjy dermanlaryň özbaşdak ulanylmagyna ýol bermeli  däldir, sebäbi bildäki agyry diňe radikulitde däl-de, eýsem ýylylykdan beterleşýän  kesellerde hem ýüze çykyp bilýär.

Tebipçilikde hem bu barada ýatdan çykarman, göz öňünde tutmalydyr. Radikuliti bejermek örän çylşyrymly bolýar, adam muňa uýgunlaşmaly bolýar. Radikulit ýitileşende, düşekde ýatmak maslahat berilýär.

Radikulitiň bejerilişi

Diklofenak, ketorolak, ketoprofen ýaly serişdeleriň ulanylmagy  radikulitiň bejerilişiniň esasy usulydyr. Ýöne bu serişdeleriň uly kemçiliginiň bardygyny bellemek örän zerurdyr: olar aşgazanyň  nemli bardasyna zyýan ýetirýär. Şol sebäpli hem aşgazany baş keselli adamlar bu dermanlary ulanmakdan gaça durmalydyrlar.

Häzirki döwürde ýaramaz täsiri has az bolan derman serişdeler bar (Nimesulid we Mowalis). Olar aşgazany  şikeslendirmeýärler. Uzak wagtyň dowamynda ulanylmasa, adatça hiç hili zyýan ýetirmeýärler. Lukmanyň maslahat beren dermanyny günde 2-3 gezek , nahardan soň içmeli. Şeýle edilse, serişdäniň täsiri  artýar we hiç hili kynçylyklar döremeýär.

Agyrysyzlandyryjy serişdeler

Bili, ýagyrnysy agyrýan adamlar  agyryny aýyrýan dermanlary aşa köp ulanýarlar. Bu düýbünden nädogrudyr.

Birinjiden , analgetikler keseliň sebäplerini aradan aýyrmaýar-da, diňe agyryny aýyrýar bilen göreşýär.  Ikinjiden, derman serişdeleriniň köp mukdarda ulanylmagy saglyk bilen bagly kynçylyklary döredip biler. Mysal üçin, köplenç ulanylýan analginiň bir özüni içmek maslahat berilmeýär. Bu serişdäniň ulanylmagy örän çylşyrymly saglyk kynçylyklaryna uçradyp biler, hatda jana hem howp salyp biler. Hut şol sebäpli  analginiň deregine parasetamolyň ýa-da düzümi  pentalginli (ýa-da beýleki serişdeli) garyşyk analgetikleriň ulanylmagy maslahat berilýär.

Derman serişdeleriň haýsyny saýlasaňyz-da, ony çenden aşa köp ulanmaly däl. Agyry nähili güýçli bolsa-da, günüň dowamynda 2-3 gerdejikden artyk mukdarda kabul etmeli däl.

Analgetikleriň keseliň sebäplerine hiç hili täsir etmeýändikleri üçin, keseliň dowamlylygyny azaldyp bilmeýär. Munuň üçin ýörite serişdeler ulanylmaly.

Agyrylary köşeşdirmek we aradan aýyrmak üçin derman ösümliklerden peýdalanmak maslahat berilýär. Köplenç radikuliti bejermek üçin melhemler ulanylýar. Olary hem dogry ulanmagy başarmalydyr: näsagyň agyrýan ýerini melhem bilen owkalajak bolsaňyz, elleriňiz ýyly bolmaly. Bir eliňiziň aýasyna melhemi alyp, agyrýan ýeri emaý bilen 10-20 minudyň dowamynda  ýokarlygyna sypalap başlaň, ýiti agyryda 5 minut sypaň. Eliňiz gury bolmasyn, oňa melhem guýup duruň. Soňra ol ýeri  ýyly saklamak üçin dolap, sowuklatmajak bolmaly.

Bildäki, arkadaky uzaga çeken agyry böwrek kesellerinde hem ýüze çykyp bilýär. Şol sebäpli haýal etmän lukmana ýüz tutuň.

Fiziki maşklar oýlanyşykly ýerine ýetirilende, oňurganyň biomehanikasyny we hereketleriň kadalaşmagyny dikeltmäge kömek edip biler.
Melhemler agyryny köşeşdirse-de, radikulitiň sebäpleri bogunda bolany üçin, radikuliti bejermeýär. Damarlar süýndirilse ýa-da datrgynly bolsa, agyry ýagyrnyňyzyň aşaky böleginde toplanýar. Şeýle ýagdaýlarda melhemler örän oňat peýdasyny ýetirýär.

Adam özüni ýaramaz duýsa, ýyly suwly wannada ýatasy gelýär. Elbetde, suw oňaýly täsir edýär, bedenimiz rahatlanýar, damarlarymyz ýylylykdan giňeýär, gan aýlanyş kadalaşýar. Şeýle bolsa-da, radikulitde gyzgyn ýa-da ýyly suwly wannalary kabul etmek maslahat berilmeýär.

Biliňizdäki agyry ilkinji gezek ýüze çykan bolsa, ýyly zatlardan gaça duruň we lukmana ýüz tutuň. Özbaşdak bejergi geçirmäň.

Radikulitiň halk tebipçiliginde bejerilişi

Asyrlar boýy adamlar derman ösümlikleri giňden ulanyp gelýärler. Dert bolsa, dermany hem bardyr diýilýär.

Radikulitde ýüze çykýan agyryny köşeşdirjek emleriň birnäçesini hödürleýäris:

Gara turpy arassalap, gyrgyçdan geçirmeli. Nah ýa-da zygyr matanyň ýüzüne turpy ýukajyk edip ýazyň we üstüne ýene-de bir bölek mata goýuň. Daňyny agyrýan ýere ýapyp, ýagy hem-de öl geçirmeýän kagyza dolaň-da , ýyly ýaglyk bilen daňyň. Daňyny näçe uzak wagt saklasaňyz, şonça-da gowy bolar. Siz biliňiziň ýuwaş-ýuwaşdan gyzýandygyny duýarsyňyz. Bu em 2-3 gezekden soň, agyryny aýryp bilýär.

Radikulitden ejir çekýän adamlaryň iýmitiniň köp bölegi (2/3) ter ir-iýmişlerden we bakja önümlerinden bolmaly: hyýar, pomidor, kelem , turp, banan, alma we ş.m. Käşiri, ysmanagy bugda taýýarlamak maslahat berilýär. Radikulitde günde 2-3 diş sarymsak iýmek peýdaly. 1 limonyň şiresine biraz duz atyp, günde 2 gezek suw bilen içilse hem örän peýdalydyr. Ýagly, gowrulan iýmitden, kofeden, ajy çaýdan gaça durmaly.

Şu maslahatlara eýerseňiz, Sizden sagdyn adam bolmaz! Bu berhiz semremeklige ýol bermez. Siziň oňurgaňyza duz ýygnanmaz, agram düşmez we  ol Sizi biynjalyk etmez.




#Article 346: Otit (872 words)


Otit (,  — gulak) – bu gulak sowuklamasydyr. Onuň birnäçe görnüşleri bolýar. Agyrynyň toplanýan ýerine laýyklykda, daşky, ortaky we içki otiti bellemek bolýar. Şeýle hem otitiň ýiti we dowamly görnüşleri bardyr.

Daşky otitde gulak perdesiniň we gulagyň girelgesiniň arasynda ýerleşýän eşidiş geçelgesi çişýär. Ortaky otitde gulak perdesiniň aňyrsynda, sesleri içki gulaga  ýetirýän üç sany süňkden emele gelen boşlukda ýerleşýän ortaky gulak çişýär. Içki otitde içki gulak çişýär.

Otitiň sebäpleri

Otit ýokançly kesel däldir. Ol şemaldan ýa-da sowukdan döremeýär. Gulak  perdesi ol ýere howanyň we bakteriýalaryň geçmegine ýol bermeýär. Ýokarky dem alyş ýollarynyň we ortaky gulagyň nemli bardasynyň goranmak ukybynyň  bozulmagy, ol ýerdäki mikroblaryň işjeňliginiň artmagy otitiň döremegine eltýär.

Adam bedeniniň kesele bolan durnuklylygynyň peselmegi hem otitiň döremegine sebäp bolup bilýär. Bu ýagdaý sowuklamada, ýiti respirator keselinde we beýleki ýokanç kesellerde ýüze çykýar. Ortaky gulagyň şikeslenmegi netijesinde-de otitiň döremegi mümkindir. Burnuň we burun-bokurdagyň şikesleri ýa-da keselleri hem otitiň döremegine itergi berýärler: burun germewiniň gyşarmagy, gipertrofik rinit, bokurdak mäzleriniň çişme keseli (adenoidler) we beýlekiler. Güýçli üsgülewük, asgyrma  hem bakteriýalaryň ortaky gulaga düşmegini tizleşdirýär.

Otitiň alamatlary

Otitiň alamatlary onuň görnüşine bagly bolýar. Gulakdaky sorkuldaýan, sanjaýan agyrylar otitiň aýdyň alamatlarydyr. Otitde ýüze çykýan agyry kelläniň beýleki ýerlerine, hatda dişlere hem ýaýrap bilýär. Ol agyrylar adam ýuwdunanda, üsgürende we asgyranda beterleşýär. Otit bilen kesellän adamyň  ukusy bozulýar, işdäsi kesilýär, başy aýlanýar we ol ysgynsyz bolýar. Bedeniň gyzgyny köplenç 38-39ºС ýetýär, käte kadaly hem  bolup bilýär.

Gulaklaryň şaňlamagy we dykylmagy hem otitiň häsiýetli aýratynlygydyr. Otit bilen kesellän adamyň eşidişi hem peselýär. Gulakdan gutuň, ganyň ýa-da  iriňiň bölünip çykmagy gulak perdesiniň deşilmesiniň alamatydyr.

Gulak agyranda, ol hökman otitdir diýmek nädogrudyr. Ilki göräýmäge alamatlar otitiň alamatlaryna meňzeş bolsa-da, käte gulagyň agyrmagy başga keseller bilen bagly bolýar. Mysal üçin, daşky eşidiş geçelgesinde çyban çykanda, diş agyryda, gulakýany limfodüwünleri çişende, beýni we ýüz  nerwleriniň sowuklamasynda  hem gulagagyry biynjalyk edýär.

Käte adamlar otite kän bir üns bermeýärler. Olar gulagagyry öz-özünden aýrylyp gider diýip nädogry pikir edýärler, otiti sowuklamanyň ýüzleý alamatyna deňeýärler. Otit bilen keselläniňizde, lukmana wagtynda ýüz tutmaly, düýpli bejergi almaly. Şeýle edilmese, kesele biperwaý garalsa, näsag eşidiş ukybyny ýitirýär we ker bolýar. Ker bolmadyk ýagdaýynda hem kelle beýnisine agyr zyýan ýetýär.

Gulagagyry  köplenç kiçi çagalarda duş gelýär. Ene süýdüni emýän çagalaryň kesele bolan durnuklylygy berk bolýar. Şeýle çagalar üçin otit howply bolmaýar. Emma çagalarda otit keseli döremez ýaly, sowuklama kesellerini wagtynda bejermelidir. Ýönekeň sowuklama otite öwrülip biler. Çagalaryň gulagy agyranda, ol biynjalyk bolýar, onuň ukusy bozulýar, çaga gulagyny elleýär. Has kiçi, heniz  gepläp bilmeýän çagalaryň gulagy agyranda, onuň sebäbini bilmek kyn bolýar. Şeýle çagalarda otitiň başlandygyny onuň gaty aglamagyndan we ýassyga  gulagyny  oýkamagyndan aňyp bolar. Şeýle hem çaganyň gulajygyna çalarak basyp görmeli. Çaga birden aglap başlasa, eliňizi aýyryň.  Çagany hökman lukmana görkeziň, barlaglardan geçirip, degişli bejergini alyň.

Otitiň bejerilişi

Otit doly göwrümde we tapgyrlaýyn bejerilýär. Bejergi geçirmezden ozal otitiň agyrlygyny kesgitlemeli. Adatja bejergi geçirilende, näsag düşekde ýatmaly, sebäbi rahatlyk bedeniň kesele bolan durnuklylygyny dikeltmegiň deňi-taýy bolmadyk usulydyr.

Bejergi derman serişdeleri (konserwatiw) we hirurgiki ýol bilen alnyp barylýar. Konserwatiw bejergide gulakdan akýan iriň arassaçylyk düzgünlerini  berjaý etmek arkaly aýrylýar. Iýmit ýeňil, ýokumly  we witaminlere baý bolmalydyr. Burun bilen dem almak dikeldilmeli. Munuň üçin burnuň içine damar giňeldiji damjalar ulanylmaly: haftizin, galazolin, sanorin, farmazolin.

Bedeniň allergiki täsirlere duýujylygyny peseltmek üçin, antigistamin derman serişdelerini ulanýarlar. Agyrylar güýjände agyrysyzlandyryjy gerdejikler içilýär.

Otit ýerli bejerilende, daşky eşidiş geçelgesi 40% etil spirti ýa-da 2% bor turşulygy bilen yzygider  ýuwlup durmalydyr, pagta bilen guradylmalydyr. Arassalamak üçin 10% sintomisin emulsiýasyny hem ulanmak maslahat berilýär.

Gulakdan akýan bölünip çykmalar köpelse, olary 3% wodorodyň öteturşusynyň 5-7 damjasy bilen pagta siňdirip aýyrmaly. Daşky eşidiş geçelgesine arassalanan wazelin ýa-da beýleki ýaglar çalynmaly. Ýag deriniň şikeslenmegine ýol bermeýär.

Gulakýany töwerege  gyzdyryjy ýapgyny diňe lukmanyň görkezmesi bar bolsa, ulanmaly. Şeýle ýapgyny suw bilen garylan spirtden ýa-da gyzdyrylan iri duzy galyň mata dolap  ýapmak bolar.

Otiti bejermekde ultra tolkunlar (UWÇ), ultra melewşe şöhleleri (kwars) ulanylýar.  Gulagy lazer bilen bejermek hem netijeli bolýar. Elbetde, fizioemlerine lukman görkezme bermeli we onuň geçirilişine gözegçilik etmeli.  Öý şertlerinde „gök çyra“ hem giňden ulanylýar.

Halk tebipçiliginde otitiň bejerilişi

Itburny ajy demläp, oňa gyrgyçdan geçirilen käşiriň şiresini  we çig gaýmagy (sliwki) garyň. Gulak iriňlände, bu garyndyny gulagyň içine damdyrmaly.

Iriňli otitde gaýnadylan sogany ýumşadyp, oňa mesge ýagyny garyň we taýýarlan garyndyňyzy pagtanyň kömegi bilen gulagyňyzyň içine çalyň.

Otitde gulagyňyzy çopantelpegiň demlemesi bilen arassalamaly.

Lawr ýapragynyň 5-6 sanysyny bir bulgur  suwda gaýnadyp, 2-3 sagat saklaň. Soňra süzüp, 8-10 damjadan agyrýan gulagyňyza damdyryň, 2-3 çaý çemçesini bolsa içiň. Bu emi 2-3 gezek gaýtalaň.

Kesel ötüşen  bolsa, hirurgiki bejergi geçirilýär.

Otit ýüze çykanda, antibiotikleri içmek gerekmi?

Ýok, hemişe däl. Ortaky otitde antibiotikleriň hiç hili haýyr etmeýändigi barada maglumatlar hem bar. Antibiotikleri diňe lukmanyň görkezmesi bolan ýagdaýlarynda kabul ediň. Otit bejerilende, eşidiş ulgamy şikeslendirýän antibiotikleri ulanmak hem bolmaýar: gentamisin, streptomisin, amikasin.

Otitiň öňüni almak

Bedeni taplanma arkaly berkidip, otitiň öňüni almaga kömek edip bolar. Mundan başga-da ýokary dem alyş ýollaryndaky çişmeleri aradan aýyrmaly. Ýokarky dem alyş ýollaryna burun, burun-bokurdak, bokurdak degişlidir. Gulak bu agzalar bilen berk baglanyşyklydyr. Ýokançlyklar ýüze çykanda, gulak çukurjygynyň ýagdaýyna üns beriň. Goýy nemiň eşidiş turbasynda galmagyna ýol bermeli däldir. Antiseptik damjalaryny ulanmak hem bolýar. Şeýle edilse, suwa düşülende gulaklaryňyz arassa we gury bolup galar.

Gulak keselleri bejerilende, seresap bolmaly.

Çagalar ulalanda, otitiň döremek howpy aradan aýrylýar. Bu dowamly otite degişli däldir. Ulularda bu kesel beýle ýeňil geçmeýär. Käte gaýraüzülmeler hem ýüze çykyp bilýär.




#Article 347: Merezýel (1121 words)


Merezýel keseli (sifilis) – dowamly weneriki kesel bolup, deriniň, nemli örtükleriň, içki agzalaryň, süňkleriň we nerw ulgamynyň şikeslenmegi bilen häsiýetlendirilýär. Ýokuşma wagtyndan başlap, umumy ýokançly kesele öwrülýär we bejergi alynmadyk halatlarynda gaýtalama we gowşama döwürleriniň gezekleşmegi bilen geçýär.

Grek rowaýatyna görä, bu keseliň ady Sifilius atly (gadymy grekçede – doňuzlaryň dosty) doňuz çopanynyň adyndan gelip çykypdyr. Rowaýatda aýdylyşy ýaly, Sifilius bu kesele doňuzlar bilen özara dostlukly aragatnaşygy sebäpli duçar bolupdyr.
Merezýel keseliniň gelip çykyşy we dünýä ýaýraýşy barada, esasan üç sany çaklama bardyr: amerikan, yewropa we afrikan ýollary bilen ýaýraýyş çaklamasy.

Amerikan ýaýraýyş çaklamasy boýunça, Ýewropa bu keseli Kolumbyň deňizçileri Täze Dünýäden (Amerikadan) getiripdirler. Olara bolsa öz gezeginde  bu kesel ýerli ilatdan (aborigenlerden) ýokuşypdyr. 1496-njy ýylda epidemiýa (keseliň uly göwrümde giňden ýaýramagy) Fransiýanyň, Italiýanyň, Germaniýanyň, Şwesiýanyň çäklerine ýaýrap, 5 mln-dan gowrak adamynyň ölümine sebäp bolupdyr.

Ýewropadan gelip çykma çaklamasy boýunça, bu kesel bu ýerde gadymy wagtlardan bäri belli bolup, Gippokratyň, Galeniň, Dioskoridiň işlerinde hem beýan edilýär. Bu keseliň alamatlaryna meňzeş şikeslenmeler barada Bibliýada hem aýdylyp geçilipdir. Iňlis porty bolan Kingston-Apon-halladan demirgazyk-gündogarda ýerleşýän ybadathanasynyň takwa adamlarynyň hem süňkleriniň galyndylarynda merezýel keseline meňzeş şikeslenmeleriň bardygyny radiouglerod barlagy görkezdi.

Gadymy şäher bolan Pompeýiň ýaşaýjylarynyň galyndylarynyň käbirinde hem dogabitdi merezýel keseline meňzeş alamatlaryň tapylandygyny bu çaklamanyň tarapdarlary belleýärler.

Başga bir öňe sürülýän çaklama boýunça, merezýel keseliniň watany Afrika hasaplanýar. Bu çaklama birinji gezek 1961-nji ýylda alymlar T. Cogburg we 1963-nji ýylda E. Hudson tarapyndan beýan edilipdi. Çaklamanyň tarapdarlarynyň düşündirşine görä, merezýel keseliniň we başga tropiki keselleriň (frambeziýa, pinta, bejel) kesel döredijileriniň gelip çykyşy birdir. Merezyel keseli Afrikadan uruşlar, täjirçilik aragatnaşyklary, gullaryň başga ýurtlara äkidilmegi, musulmanlaryň we hristianlaryň keramatly ýerlere zyýarat etmegi netijesinde ýaýrapdyr.

Merezýel keselini öçügsi treponema döredýändir. Ol aýlawly (spiral) görnüşde bolup, bölünme netijesinde köpelýändir. Treponemalar 41-42 Cº gyzgynlykda we guradylanda ölýändirler. Şeýle hem ol myşýagyň, simabyň, wismutyň birleşmeleriniň täsir etmegi netijesinde hereketjeňligini ýitirip ölýändir. Ýaşaýyş üçin amatsys şertler ýüze çykanda  ol wagtlaýyn goragly ýagdaýy emele getirip, sista görnüşe geçip bilýändir.

Merezýel, esasan, jynsy gatnaşyklaryň dürli görnüşleri arkaly ýokuşyp bilýändir. Öý-hojalyk şertlerinde keseliň geçmegi gaty seýrek bolup, merezýel başy bolan näsagyň ulanan gap-gaçlary, diş çotkasy, sakgal syrýan päkisi, süpürgiç, ýorgan-düşek daşlyklary arkaly ýokuşyp biler. Näsagyň peşewiniň we deriniň üsti bilen ýokuşan ýagdaýlary ýüze çykarylmady. Näsagyň döli arkaly hem kesel geçip bilýändir. Keselli aýaldan çaga merezýel, göwrelilik wagty çaga ýoldaşynyň üsti bilen, dogrum wagty, ene süýdüniň üsti bilen ýokuşyp biler.

Merezýel ýokançlygy özünde saklaýan ganyň adama guýulmagy netijesinde hem adama kesel geçirip biler.

Lukmançylyk işgärlerine näsaglary barlan halatlary, bejeriş çäreleri, operatiw bejergini geçirenlerinde, jesetleri, has hem dogabitdi merezýel keselli çagalaryň jesetleri kesilende ýokyşyp biler.

Bejergi almadyk näsaglarda, merezýel keseliniň geçişinde dört döwri tapawutlandyrýarlar: inkubasion döwri (keseliň ýokuşyp, birinji alamaty bolan gaty şankr emele gelýänçä geçýän wagt aralygy), birinji, ikinji, üçünji döwürleri.

Inkubasion döwri ortaça 20-40 gün dowam edýändir. Bu döwür 7-15 güne çenli gysgalyp ýa-da 3-5 aýa çenli uzalyp hem bilýändir. Bu döwrüň gysgalmagy ýokyşma birden iki ýol bilen bolup geçende, uzalmagy bolsa, ýokuşma wagtynda başga sebäplere görä antibiotik serişdeleri ulanylanda bolup biler.

Gaty şankryň dörän wagtyndan bäri keseliň birinji döwri başlanyp, deride we nemli örtüklerde özboluşly örgünleriň peýda bolmagy bilen tamamlanýandyr. Birinji döwür 6-7 hepde dowam edýändir.

Keseliň birinji alamaty bolan gaty şankr – çuň, agyrsyz, ganjarmaýan, göni gyraly we tekiz düýpli, tegelek merezýel başy höküminde häsiýetlendirilýär. Baş  öçügsi treponemanyň ýokuşan ýerinde döräp, gaty bolýar (şonuň üçin gaty şankr diýip atlandyrylýar) we töweregindäki nemli dokumalar bilen sepleşmeýär, ölçegi boýunça ulalmaýar we köpelmeýär.

Bu döwür başlanandan 5-8 günden soň, gaty şankryň ýerleşýän ýerine ýakyn limfa düwünleriniň ulalmagy we limfatik damarlaryň zeperlenmegi bolup geçýändir. Limfa düwünleri ulalan, gaty, ýöne agyrsyz we töweregindäki nemli örtükler bilen bitişmedik sowuk ýagdaýda bolýar. (Köp sowuklama kesellerinde limfa düwünleriniň temperaturasy ýokarydyr).

Birinji döwür adaty däl alamatlar bilen hem ýüze çykyp biler:

Keseliň ikinji döwrüniň alamatlary öçügsi treponemanyň gan arkaly ýaýramagy netijesinde ýüze çykyp, deride we nemli örtükde dürli görnüşde örgünleriň emele gelmegi we süňkleriň, nerw ulgamynyň şikeslenmegi bilen häsiýetlendirilýär. Bu döwür gaty şankryň emele gelen wagtyndan

Bu döwürde derä we nemli örtüklere örgünleriň dürli görnüşleri örüp biler: gögümtil-gyzyl reňkli düwmejikler dürli ululykda bolup, olar nemli örtükde baş görnüşde, elde we dabanda — gataňsy düwmejikler görnüşde, artbujakda — ýaýran siňňiller görnüşde bolup bilerler. Ondan başga-da, başa ýa-da iriňli gabrçaklara öwrülýän dürli ululykdaky gabarçaklar hem döräp biler. Näsaglarda kelle derisiniň alawlama ýagdaýy ýüze çykmazdan, kellede tutuş ýa-da bölekleýin kelligiň döremegi hem duş gelip biler. Merezýel keseliniň ikinji döwri üçin boýunda tegmil görnüşde deriniň agarmagy (leýkoderma) häsiýetlidir. Bu döwürde seýrek ýagdaýlarda bolsa-da, bogunlaryň üýtgemegi bilen ýüze çykýan şikeslenmeler, bagryň, böwregiň, beýniniň bardalarynyň merezýel bilen baglanşykly zeperlenmeleri hem ýüze çykyp biler.

Gaýtalama we gowşama döwürleriň gezekleşmegi bilen geçip, bejerilmedik ýagdaýlarda merezýeliň ikinji döwri 3-4 ýyla çenli dowam edip biler.

Keseliň üçünji döwri onuň 3-4-nji ýylynda başlanyp, bejergi alynmadyk ýagdaýynda näsagyň ömrüniň soňuna çenli dowam edýändir. Üçünji döwür agyr geçip, näsagyň daşky keşbini betnyşan edip, ony maýyplyga , köplenç hem ölüme alyp barýandyr.

Häzirki wagtda, anyklama we bejerme çäreleri doly we özwagtynda geçirilýänligi sebäpli, merezýeliň üçünji döwrüniň alamatlary duş gelmeýär.

Bu döwür üçin deride we nemli örtüklerde merezýel tümmejikleriniň we düwünleriň (gummalar) emele gelmegi häsiýetlidir. Köpsanly tümmejikler gögümtil-gyzyl reňkde bolup, deriniň içinde ýerleşip, ýarym togalak gaty emele gelmedir we ululygy boýunça ülje şäniklerini ýadyňa salýandyr. Bu tümmejikler hiç haçan birleşmeýärler, çalt ýumşap dargaýarlar we yzlary bitenden soň reňkli tyglary galdyrýarlar.

Merezýel düwni (gummasy) bolsa agyrsyz bolup, deri asty gatlakda ýerleşýändir. Gögümtil-gyzyl reňkde bolup, hozuň ululygyna çenli ösýändir. Gaty, ýarym togalak görnüşde bolup, merkezi böleginden darganda, az mukdarda şepbeşik suwuklyk bölünip çykyp, dargama özeni emele gelýändir. Dargamadan soň, emele gelen baş agyrsyz bolup, dogry araçäkli bolýar. Bitenden soň merkezinde çekilen (ýyldyz görnüşli), gyrasy bolsa tekiz tyg yzyny emele getirýändir.

Düwünler (gummalar) esasan injikde we bilekde ýerleşýändir. Olar köplenç burnuň, bokurdagyň, diliň nemli örtüginde döräp, aşakdaky dokumalara hem ýaýrap bilýärler. Ýaýrama netijesinde, näsagyň sesi üýtgeýär, ýuwdunmada, dem almada kynçylyklar döreýär. Burun germewiniň süňkli böleginiň dargamagy netijesinde, onuň görnüşi üýtgäp, eýer görnüşi ýadyňa salýar. Deriniň we nemli örtükleriň şikeslenmesinden başga-da dürli agzalaryň: beýniniň (beterleýän yzmaz ýagdaýy), oňurga ýiliginiň, uly gan damarlarynyň, bogunlaryň we myşsalaryň köpsanly üýtgemeleri ýüze çykýar.

Merezýel keselini kliniki alamatlar boýunça hem anyklamak bolýar, ýöne güman etmäni takyklamak üçin serologiki reaksiýalaryň toplumy geçirilýär (agglýutinasiýa, presipitasiýa, immu-nofluoressensiýa reaksiýalary).

Merezýel keseliniň bejergisini wenerolog-lukmanlary, adamynyň ýaşyna, keseliň görnüşine, geçiş ýagdaýya, gapdallaýyn bar bolan başga keselleri göz öňüne tutup belleýändir. Bejergi saglygy goraýyş ministrliginiň gollanmalaryna esaslanyp berilýändir.

Antibiotiklerden penisilliniň, bisillin-3 we bisillin-5, eritromisin giňden ulanylýar. Köplenç  olar  wismutyň dermanlary bilen (biýohinol, bismowerol) utgaşykda ulanylýar. Ondan başga-da, umumy gurplandyryjy we bedeniň kesellere durnuklylygyny ýokarlandyryjy serişdeleri hem belleýärler. Dermanlaryň mukdary, bejerginiň dowamlylygy, keseliň döwrüne, geçişine baglylykda bellenilýär. Näsag bejergini başlanda wenerologiki keselhana ýerleşdirilýändir.

Bejergi tamamlanandan soň, näsag uzak wagt (1 ýyldan 5 ýyla çenli) gözegçilikde bolup, doly barlagdan soň hasapdan çykarylýandyr. Merezýel keseliniň öňüni almakda jemgyýetçilik we hususy çäreler toplumy geçirilýändir.

Jemgyýetçilik çärelerine aşakdakylar degişlidir:

Hususy öňüni alyş çäreleri aşakdakylardan ybarat bolup biler:




#Article 348: Adaglama (436 words)


Adaglama —Ömürboýy bile ýaşajak, her hili kynçylyklary bilelikde ýeňip geçjek, täze dünýä injek çagalara eýe boljak oglan bilen gyzyň nikahdan öň biri-birini görüp, tanyşmagy, häsiýetlerini öwrenmegi täze guruljak maşgalanyň berkligi üçin öpän möhümdir. 

Șonuň üçin gudaçylyga barlandan soň, gyz-oglanyň biri-birini synlamagy dini taýdan dürsdür. Pygamberimiz: «Sizden haýsyňyz hem bolsaňyz biriňiz bir gyzy ýa-da aýaly nikahlap aljak bolsa, ony gowy synlasyn», (Ebu Dawud) diýipdir. Hatda, durmuş gurmakçy bolýan zenan maşgalanyňam äre barmakçy adamynyň aslyny soramagy, ýakyndan tanaýanlar bilen maslahatlaşmagy, tanaýanlaryň bolsa, ol barada bilýänlerini doly aýtmagy hiç hili ilden çykma däldir. Bu mesele bilen baglanyşykly  şu hadysy mysal getirip bileris: 
Pygamberimiziň ýanyna Kaýsyň gyzy Fatyma gelip: «Ebu Jehm b. Huzeýfe bilen Muawiýe b. Ebu Sufýanyň söz aýdyjy gelendigini we haýsyna barsa gowy boljagy barada maslahat soraýar. Pygamberimiz: «Ebu Jehm aýallary uragandyr. Muawiýe bolsa garypdyr. Sen gowusy Usamä durmuşa çyk», (Tirmizi) diýipdir. 
Öýlenjekleriň biri-birini görmegi, gürleşmegi ikiçäk ýagdaýda bolup geçmeli däldir. Gyzyň ýanynda hökman mähremlerinden biri bolmalydyr. Çünki yslamda nikahdan öň ýigit bilen gyzyň hylwat ýerde ikiçäk duşuşmagy dürs däldir. 
Iki tarap hem razyçylyk bildirenden soň, gyz-oglan adaglanýar. Mundan soň başga biriniň sawçylyga baryp, ara düşmegi dürs däldir. Ýöne iki tarap razylaşmadyk ýagdaýynda täze barjaklar öňkülerden rugsat soramalydyr. Pygamberimiziň bir hadysynda şeýle buýrulýar: «Sizden hiç biri din doganynyň gudaçylyga barýan ýerine guda bolmak niýeti bilen barmasyn», (Müslim). 
Adaglanmak öýlenmegi mejbur edýän däldir. Ol islendik wagt bozulyp bilner. Adaglanmak taraplara bile ýaşamak hukugyny hem bermeýär. Adaglananlaryň ýaramaz niýeti bolmasa-da, nikah gyýylýança olar biri-biri üçin ýatdyr, nämähremdir. Șonuň üçin adaglananlaryň ikiçäk tirkeşip ýörmegi bolmaýar. 
Adaglanmagyň bozulmagy köplenç gyz tarapynyň abraýyna zeper ýetirýär. Șonuň üçin adaglanmak wagty uzaga çekmeli däldir. Eger adaglanmak erkek tarapyndan bozulsa, berlen sowgatlar yzyna alynmaýar. Eger gyz tarapyndan bozulsa, sowgatlar yzyna berilmelidir. 
Gyzyň ýigitde üns bermeli esasy aýratynlygy: onuň dini we ahlak arassalygydyr. Pygamberimiz bir hadysynda bu barada şeýle aýdypdyr: «Eger biriniň dinini berjaý edişinden we ahlak arassalygyndan hoşal bolsaňyz, ol hem gyzyňyza öýlenmek islese, ony yzyna gaýtarmaň. Eger şeýle etmeseňiz, ýer ýüzünde pitne we bozuklyk dörär» diýipdir. Sahabalardan biriniň:

Erkegiň aýal maşgalada üns bermeli esasy aýratynlygy, onuň dini we ahlagy arassa, namysyny gorap bilýän bolmalydyr. Pygamberimiz bu barada şeýle aýdypdyr: «Aýal maşgala dört zady sebäpli nikahlanýar: bular – mal baýlygy, nesebi (asly), owadanlygy we dindarlygydyr. Sen dindar bolanyny saýla, parahat ýaşarsyň, bereketiň artar».
Din we ahlak arassalygy iň esasy aýratynlykdyr. Maşgala durmuşy diňe şu dünýä degişli durmuş däldir. Ol perzentler bilen dowam edýän we ahyretde hem dowam etjek durmuşdyr. Pygamberimiz: «Aýaly maly we owadanlygy üçin nikahlap alan baýlykdanam, owadanlykdanam mahrum ediler», (el-Heýsemi «Zewaid) diýipdir.  

Șonuň üçin dünýä we ahyret bagtynyň çeşmesi bolan ýagşy maşgala şu dünýädäki jennet köşgüdir. Bu meselede ýalňyşlyk goýberen iki dünýesini-de berbat eder.




#Article 349: Köneürgenç (930 words)


Daşoguz welaýatynda, gadymy Horezm döwletiniň paýtagty bolan Gadymy Ürgenç şäheriniň galandylarynyň ýanynda gurlan şäher.

KÖNEÜRGENÇ [Kö:neürgenç] 1. (150, 210, 211, 248) – Daşoguz welaýatynda etrap we onuň merkezi şäheri. Şäheriň günorta eteginde zaratuştra dininiň kitaby bolan ²Awestada² Gura görnüşinde ýatlanýan Merkezi Aziýanyň iň gadymy şäherleriniň biri, b.e. öň V-IV asyrlarda düýbi tutulan Gürgenç şäheriniň harabalary ýerleşýär. Bu şähere ata-babalarymyz Ürgenç diýipdirler. Hytaý senenamalarynda onuň ady Ýuýe-Gän görnüşinde duş gelýär (I asyr). 712-nji ýylda bu sebite araplar aralaşandan soňra, Gürgenjiň ady Jürjan, döwletiň ady hem Jürjaniýa görnüşinde arapçalaşdyrylýar. 995-nji ýylda Gürgenjiň emiri Mamun ibn Muhammet bu döwletiň özbaşdaklygyny gazanyp, Köneürgenç türkmenleriniň soltanlarynyň nesilşalygyny ýola goýýar. Bu nesilşalygyň XI asyrdaky wekili Mamun ibn Mamunyň döwründe Köneürgenç döwleti öz ösüşiniň iň ýokary derejesine çykýar, Ürgenç şäherinde onuň adyny göterýän ylymlar akademiýasy işläp, bu ýerde Biruny (973-1050), Abu Aly ibn Sina (980-1037) ýaly görnükli alymlar zähmet çekýärler. 1097-nji ýýlda bu ülke Seljukly türkmen döwletiniň ygtyýaryna geçýär.

Gürgenç şäheri 1221-nji ýylda Çingiz hanyň ordalary, 1388-nji ýylda hem Teýmir tarapyndan düýpli ýumrulýar. Soňky döwürlerde bu şäheriň täzeden dikeldilmegine böwet bolan wakalar ýüze çykýar. Birinjiden, XV asyrdan soňra şäheriň eteginden akýan Amyderýanyň akymynyň ugry üýtgedilýär, şäher hem suwsuz galýar. Köneürgenç döwletiniň şol wagtky hany Abylgazy 1646-njy ýylda paýtagty bu şäherden derýanyň ýakasynda, köne paýtagtdan 190 kilometr uzaklykda gurlan täze şähere göçürýär. Şu wakadan soň täze paýtagta Ýaňy (täze) Ürgenç, köne paýtagta hem Köneürgenç diýen at dakylýar. Ikinjiden, Ýewropa bilen Hytaýyň hem-de Hindistanyň arasynda deňiz ýoly bilen ýygjam gatnaşygyň ýola goýulmagy, şeýle-de Amerikanyň açylmagy gadymy Beýik Ýüpek ýolynyň we onuň ugrunda ýerleşen şäherleriň, şol sanda Köneürgenjiň ähmiýetini pese gaçyrýar.

Türkmenistan öz Garaşsyzlygyna eýe bolandan soňra Köneürgenç şäheri we tutuş ülke hakyky, uly ösüşleri başdan geçirýär. Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy 1985-nji ýylda ýörite karar bilen gadymy Köneürgenji Döwlet taryhy-medeni goraghanasy diýip yglan etdi. 1985-nji ýylda öň şäherçe hasap edilen Köneürgenç şäher derejesine geçirildi. Häzir bu şäher iň köp gelim-gidimli mekana öwrüldi.

Merkezi Aziýada iň beýik minara bolan boýy 60 metre ýetýän minara, Törebeg hanymyň, Tekeş soltanyň, Il Arslanyň atlary bilen baglanyşykly ymaratlar Köneürgenji bezeýän ajaýyp taryhy ýadygärliklerdir.

Mukaddes Ruhnamada türkmen döwletleriniň ençemesi gurlan we halkymyzyň at-owazasyny dünýä ýaýradýan Köneürgenç şäheriniň we döwletiniň atlary öwran-öwran ýatlanýar.
Köneürgenç türkmen döwleti Oguz hanyň Begdili atly agtygynyň neberelerinden gaỳdỳar. “Mälik şa Annuşy Köneürgenjiň hökümdary edip belleỳär. onuň mirasdüşeri Atsyz  “Horezmşa” derejesini alypdyr. Atsyz bu nesilşalykda ilkinji  hökümdar bolỳar. ol Garaşyzlyk almak üçin 1138-nji ỳylda gozgalaň edỳär. Muňa Soltan Sanjaryň gahary gelip oňa temmi berỳär we Köneürgençden kowỳar. Emma Atsyz orän erjel hereket edip birnäçe wagtdan soň yzyna dolanỳar. Şondan soň Köneürgenç şalygy Garaşsyz hökümdarlyk bolyar. Beỳik Serdarymyzyň aỳdyşy ỳaly Atsyz öz hökümdarlygyny Seỳhun derỳasynyň (Syrderỳa) boỳunda ỳerleşen  Jende çenli giňeldỳär.” (Ruhnama 130).  Köneürgenç türkmeniň döwleti dünỳä taryhyna, medeniỳetine uly goşant goşupdyr. Köneürgenç türkmeniň döwletiniň dolandyryşy Beỳik Seljuk türkmen döwletine mahsus dolandyryşdyr. Sebäbi Köneürgenç türkmen döwleti Beỳik Seljuk döwletiniň gönüden-göni dowamy hasaplanylỳar. köneürgenç döwletiniň hökümdarlyk  alamatlary baỳdak we çadyr bolupdyr. Soltan edil seljuklaryň  soltanlary ỳaly garalybaslary geỳipdir. 
	Bu döwletiň taryhy barada ylmy barlaglar geçiren türk professory Aỳdyň Taneri hökümdarlaryň häkimiỳet alamatlarynyň (simwollarynyň) maddy we ruhy toparlara bölunỳändigini belleỳär. Hökümdarlaryň göteryän unwanlary (harby derejesi) we onuň adyna okalỳan hutba alamatlara; teňňe, tagt, täç, baỳdak, tug, kemer, guşak, köşk, çadyr, nobat, hökümdar lybasy maddy alamatlara degişli bolupdyr. Unwanlar: Köneürgenç türkmenleriniň hökümdarlary ilkibada “Horezmşa” , “Mälik” (eỳe, hökümdar) “Şahanşa (şalar şasy)” ỳaly unwanlary göteripdirler. Taryhy maglumatlarda Atsyzyň “Gazy” (yslam dini) ugrunda göreşiji (unwanyny, onuň ogly) Arslanyň (Mälik) unwanyny göterendigi aỳdylỳar. Tekeşe  çenli bolan hökümdarlaryň “Soltan” unwanyny almandygyny bellemek gerek. Alaỳeddin Muhammet şa Garahytaỳlary ỳeňensoň oňa, Isgender Säni (ikinji Iskender) lakamy berlipdir. Emma ol Beỳik Seljuk Soltany Sanjaryň 40 ỳyllyk soltanlygyny hatyralap, özüne “Sanjar” lakamyny alypdyr. Onuň “Ulug Alp (batyr)” diỳen türkmen unwanynyň bolandygy hem mälim. Muhammet şanyň tugrasyna “Zillikllah-i fi:l-arz” (Allanyň ỳerdäki kölgesi) diỳen sözler ỳazylypdyr.  Döwletiniň çäkleriniň giňelmegi bilen soltanlar özlerini Şahan şa Soltan, Soltan ul-A:Zam (beỳik Soltan) unwanlary bilen atlandyryp başlapdyrlar. Şazadalara esasan Alaỳeddin lakamy berilipdir. Jelaletdin  Hindistanda mahaly bagdat halyfy oňa “hakan” (beỳik han) unwanyny beripdir. Jelaletdin Azerbeỳjana gelende halyf oňa “Şahanşa” unwanyny beripdir. 
	Köneürgenç türkmenleriniň döwletiniň dolandyryş tejribesi şeỳleräk bolupdyr: Döwlet işlerinde dolandyryjy neberä degişli bolan agzalarynyň ähmiỳeti uly bolupdyr. Köşkde hökümdarlaryň aỳaly, çagalary (şazadalar) nebere agzalaryny düzüpdirler. Eger soltany kiçi dogany, doganynyň ogullary daỳysy hem ỳaşap ỳören bolsa olar hem nebere agzalary hasaplanypdyr. 
	Hökümdarlaryň töwereginde wezipeli adamlar, hajyplar, hawaslar hem bolupdyr. 
	Hajyplar – köşkde düzgün nyzamy ỳöreden, aỳratynda hökümdar bilen döwletiň beỳleki esasy adamlarynyň arasyndaky gatnaşyklary dogry ỳola goỳan adamlardyr. Bu adamlar soltanyň kabulhanasynda perdeçi, gapyçy, gapydan wezipesini ỳerine ỳetiripdirler. Olar soltanyň huzuryna kimi goỳbermeli, kimi goỳbermeli däldigini kesgitläpdirler. Hajyplara ilçiniň wezipelerini, haỳsydyr bir etraby, şäheristany dolandyrmak hem ynanypdyrlar. Alaỳeddin Muhammetşa daỳysy Emir Mäligi Hyrada häkim belläpdir. Ol bu wezipäni Muhammet şa aradan çykỳança ỳerine ỳetiripdir. 
	Hawaslar – Köneürgenç türkmenleriniň köşgünde Diwany – Hass-da (hökümdarlara degişli emläklere we mülklere seredỳän) gulluk edỳän saỳlantgy gullukçylar. Olara “Hadiman-I Hass” hem diỳlipdir we olar “Mälik-ul Hass” unwanyny göteripdirler. 
	Köneürgenç türkmenleriniň köşgünde merkezi häkimiỳete wezir baştutanlyk edipdir. Ol hökümdarlaryň wekili hökmünde döwlet işlerini edara edipdir. Eger wezir (Nyzam al-mülk) mülkleriň nyzamçysy unwanyny göterỳän bolsa, Soltan bile naharlanmaga hukugy bolupdyr. Olar ỳanynda wezirlik möhürini göteripdirler. 
	Merkezi häkimiỳetde wezirden soňra diwan reỳsi (diwanyň başlygy) uly wezipe bolupdyr. 
	Bulardan başga-da Köneürgenç türkmenleriniň köşgünde hajyp, çawuş (jansyzlaryň baştutany), çomakdar (soltanyň eline suw akdyrỳan), sylahdar (ỳaragçy), jamedar (baỳrançy), döwletdar (galamçy), çaşnigir (aşhana emiri) ỳaly wezipeli adamlar bolupdyr.
	Sarpaly Serdarymyz Beỳik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnamada şeỳle ỳazỳar: “Türkmen Soltanlyklarynda, şalyklarynda şalaryň ejesi ỳa aỳaly uly hormata mynasyp bolupdyr. Olara Tarhan (taryhy çeşmelerde Terken-Turkan) hatyn diỳip ỳüzlenipdirler. Soltanyň ejesi, aỳaly, tutuş soltanlygyň ejesi hökmünde sylanypdyr, emma näçe hormata mynasyp edilse-de türkmen soltanlary ejesini ỳa aỳalyny döwlet işine aňsat-aňsat gatyşdyrmandyrlar.




#Article 350: Blog (557 words)


Arslan AlaýewBlog (Türkmen: ulgam gündeligi) ýa-da Weblog (Türkmen: san görkeziji ulgam)  —  internetiň soňky trendlerinden. Internet ulanyjylaryň gündelik edýän işleri we synlary barada beýlekiler bilen paýlaşylýan ulgam. Tehniki bilgi gerek bolman, öz islän zatlaryny, öz islän şekillerinde ýazan kişileriň emele getirýän, gündelige meňzeýän web sahypalarydyr.

Iňlis dilindäki web we log sözleriniň birleşmesinden dörän weblog düşünjesiniň wagtyň geçmegi bilen ýaýran adydyr.

Arslan Alaýew  == Blog näme? ==
Blog, adatça döwrebapdan könä tarap hatarlanan ýazgy we teswirleriň neşir edilýän, ulgam düýpli neşirini gönükdirýär. Esasan her ugradylan ýazgynyň soňunda ýazaryň adyny we ugradylan wagtyny belleýär. Neşir edijiniň saýlaýşyna görä okaýjylar ýazgylara teswir galdyryp bilýärler. Teswirleriň bloglarda örän uly täsiri bardyr; bu saýada ýazar we okaýjylaryň arasynda aragatnaşyk üpjün edilýär. Mundan başga-da, yzy görme (trackback) guraly bilen, kesgitli bir ýazgy hakynda ýazylan beýleki ýazgylaryň kesgitlenmesi hem mümkindir.

Ilkinji bloglar el bilen ýazylyp döwrebaplaşdyrylýarka, şu zamanda bu iş üçin aýratyn ýazylan programma üpjünçiligi ulanylýar. Bu programma üpjünçiliklerinden käbirleri blog gullugy üpjün ediji sahypanyň aşaky ýer atlary diýlip döredilýän, käbirleri bolsa ulanyjynyň öz serwerine gurlup işledilmesi gerek bolan programma üpjünçilikleridir.

Arslan Alaýew
Arslan Alaýew == Bloguň geçmişi ==
Bloglaryň mazmuny adaty internet mazmunyndan tapawutlulyk görkezýändigi üçin diňe bloglar üçin gurulan aýratyn san görkeziji gurallary we gözleg ulgamlaryny öz içine alýar. Technorati iň üstünlikli blog tehnologiýalaryndan biridir. Aýratyn-da Google Blog Search adynda gözleg ulgamy işledýär. 2005-nji ýylda Verisign tarapyndan satyn alynan Weblogs.com, dünýäniň iň uly blog ping gullugy bolup bütin internet san görkeziji gurallaryna mümkinçilik berýär.

Internet bilen baglanşykly düýpli ylmy taýdan barlag edarasy, Jupiter Researchüň 2005-nji ýylda geçiren bir barlagyna görä, blog sahypa eýeleriniň ýarysynyň ýyllyk girdejisi 60.000 dollaryň üstünde; blog okaýanlaryň %60-y erkek we blog okama endigi bar bolanlaryň %73-i 5 ýyldan uzak wagtdan bäri internete eýedir. Blog okaýanlaryň %28-i blog okamak üçin RSS ulanýar. 2005-nji ýylyň soňunda geçirilen başga bir barlaga görä hem internet ulanyjylarynyň %38-i blog sözüniň manysyny bilýändiklerini, %27-si bolsa blog okaýandyklaryny bildirendir. Blogosferiň depginini gol üstünde saklama wekilhanasyndaky Technorati-niň hasabatyna görä, günde 50.000-den köp täze blog sahypasy döredilýär.

Bloglaryň ulanylyşy 1999-nji ýylda Blogger-iň bu hyzmaty bermäge başlamagy we gysga wagt soňra muny mugt görnüşe geçirmegi bilen ýaýrandyr. 2003-nji ýylyň Fewral aýynda Google, Blogger-i satyn aldy we Google-uň panel guralyna, girilen sahypanyň salgysyny gönimel bloga girmäge mümkinçilik berýän 'Blog This!' täri ýerleşdirildi. Iňlisçe bilýän käbir kişi ilkinji gezek bu dügmäniň kömegi bilen bloglar bilen tanyşandyrlar.

Blogger bilen bir döwürde gurulan LiveJournal, diňe kesgitli kişileriň okamagyna rugsat berilýän blog sahypalary döredip meşhur bolan blog sahypasydyr. Şu döwürde hem iň köp blog döredilýän ulgamlardan biri LiveJournal, ýazýan zatlaryny hemme kişi bilen paýlaşmak islemeýän we özara topar gatnaşyklaryna ähmiýet berýän kişiler tarapyndan oňat görülýär.

Microsoft-uň Windows Live Spaces atly blog ulgamy hem, MSN agzalaryna hödürlenen Windows Live Messenger hyzmaty bilen bileleşdirileninden soň düýpli ýaýraýyş görkezendir. Agzalaryň fotoalbom döretmesine ýol açan ulgam, bloglaryň döwrebaplaşdyrylan wagtynda paýlaşylmasyna mümkinçilik berýän içki nusgasyna hem eýedir. Esasan, höwesjeň ulanyjylar üçin hyzmat bolan Windows Live Spaces, görnüşi we nusgasy üýgeşiklige beter açyk däldir. Aýratyn-da, Windows Live Messenger has köp söhbet maksady bilen ulanylýan hyzmat bolany sebäpli, Space-lerde bar bolan bloglar hem has köp surat ýükleme ýeri edilip ulanylýar. Microsoft, 2010-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 27-sine, Windows Live Spaces hyzmatyny bes etjekdigini duýdurdy we ulanyjylaryna bloglaryny mugt görnüşde WordPress.com-a mümkinçiligi hödürledi.

Çalt depginler bilen ulalýan we düýpli hyjuw halyna gelen blog dünýäsinde, internetiň ulylaryndan Yahoo hem 2005-nji ýylyň Mart aýynda öz blog ulgamy Yahoo! 360-y açandygyny yglan etdi.

Ulanyjynyň öz




#Article 351: Mustafa Çokaý (474 words)


Mustafa Çokaý 1889-njy ýylyň 25-nji dekabrynda günorta Gazagystanyň öňki Ak meçet, soňraky Gyzyl Orda şäheriniň golaýyndaky Narşoky gyşlagynda, gurply hem abraýly adamyň maşgalasynda dünýä indi. Ol üç erkek doganyň ortanjysy bolupdyr. Çaga wagtyna oba mekdebinde, oglanlyk hem ýetginjeklik ýyllarynda Daşkentdäki Türküstan çagalarynyň gimnaziýasynda gowy bilim alypdyr. Soňra Peterburg uniwersitetiniň ýuridiki fakultetini tamamlapdyr.

Onuň gimnaziýa hem studentlik ýyllary örän dartgynly döwre, syýasy çaknyşyklaryň dowam edýän wagtyna gabat gelýär. Şol döwürde Günbatarda 1-nji Jahan urşy-da barýardy. Aýratyn-da, 17-nji ýylyň başynda bolup geçen Fewral rewolýusiýasyny Mustafa Çokaý ýakyndan synlapdyr. Şol rewolýusiýanyň yz ýany Orsýetde döredilen Wagtlaýyn hökümete giren we soňra onuň ýolbaşçysy bolan Aleksandr Kerenskini ýakyndan tanapdyr. Öz wagtynda A.F. Kerenskiý hem Daşkent gimnaziýasynda okan ekeni.

Şol syýasy hereketler, Orsýetde bolýan özgerişlikler hem onuň baknalygyndaky Türküstan halkynyň agyr sosial ýagdaýy Mustafa Çokaýyň syýasy garaýyşlarynyň kämilleşmegine güýçli täsir edipdir. Ol öz döwrüniň öňdebaryjy hem tanymal şahslarynyň ençemesi bilen duşuşypdyr, olar bilen pikir alşypdyr. Onuň esasy maksady Türküstany Russiýanyň kolonial zulumyndan halas etmek bolupdyr. Sebäbi Türküstan öz dürli etniki düzümi, öňki ýaşap gelen taryhy şertleri, dini ynanjy hem sosial-ykdysady ýagdaýy babatynda, Orsýetden düýpli tapawutlanypdyr.

Mustafa Çokaýyň aýtmagy boýunça, Türküstanda halk synpy gatlaga bölünmändir we olaryň arasynda synpy çaknaşyk bolmandyr. Şonuň üçin ykdysady maksat bilen geçiriljek reformalara syýasy gatlagyň arasyndaky barlyşyksyz göreş hökmünde däl-de, ýerli şertlere görä çemeleşmelidigini öňe sürüpdir. Ol bu ugurda owaly bilen rus kolonial süteminden dynmagy esasy şert saýypdyr. Ol bu ugurda ýaş türküstanlylar hem beýleki progressiw pikirli toparlar bilen ýakyn aragatnaşykda bolupdyr. Ol Russiýada amala aşýan syýasy özgerişlikleriň hiç biriniň, şol sanda Wagtlaýyn hökümetiň hem, Bolşewikleriňem Türküstanyň halkyna milli azatlyk bermejegine göz ýetiripdir. Şeýlelikde, 1917-nji ýylda Türküstan musulman komitetiniň agzasy, soňra onuň başlygy bolupdyr.

Mustafa Çokaý 1917-nji ýylyň noýabrynda döredilen Türküstan awtonomiýasynyň agzalygyna saýlanýar. 1917-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türküstan awtonomiýasy jar edilýär. Wagtlaýyn hökümetiň düzümine ýerli milletleriň ählisinden wekiller, şol sanda musulman däl milletlerden hem wekiller girýär. Hökümeti dolandyrmak işi Mustafa Çokaýa tabşyrylýar.

Türküstan awtonomiýasyny Merkezi Aziýadaky ähli milletler goldapdyrlar. Türküstan awtonomiýasy bary-ýogy 64 gün ýaşap bilipdir. Bu awtonomiýa 1918-nji ýylyň 13-nji fewralynda Gyzyl Goşun tarapyndan wagşylarça basylyp ýatyrylýar. Şondan soň Mustafa Çokaýyň durmuşynda sergezdançylykly döwür başlanýar.

Fransiýada ýaşamaly bolýar

Mustafa Çokaý Orsýetiň dürli şäherlerinde, az wagtlyk Kawkazda, Türkiýede, soňra Fransiýada ýaşamaly we işlemeli bolýar. 1919-njy ýylyň başynda Krasnowodskide hem Aşgabatda bolup görüpdir. Örän sowatly hem düşünjeli bu ynsan öz ene dili bilen birlikde çagataý dilini göwy özleşdiripdir. Türk dilinde erkin ýazmagy hem gürlemegi başarypdyr. Rus dili onuň ikinji ene dili ýaly bolupdyr. Fransuz hem iňlis dillerini bilipdir. Şol bilimi oňa dürli dillerde makalalar ýazmaga hem örän abraýly tribunalarda çykyş etmäge şert döredipdir.

Mustafa Çokaý Fransiýada ýaşan döwründe “Ýaş Türküstan” žurnalyny esaslandyrýar. Mustafa Çokaýyň ýiti sözi, yzygiderli çykyşy hökümet başynda oturan bolşewikleri (kommunistleri) Türküstanyň halky, olaryň maddy hal-ýagdaýy barada alada etmäge mejbur edipdir. Iňlis dilinde ýazan “Türküstanda basmaçylyk hereketi” atly uly göwrümli maklasynda türkmen halkynyň watançy ogly Jüneýit han – Gurbanmämmet serdar barada giňişleýin maglumat beripdir.




#Article 352: Türkmenistanyň Prezidentlik Saýlawlary 2012 (3373 words)


Saýlawlar 2012-nji ýylyň Fewral aýynyň 12-sine geçiriler. 29 sanysy ýurt daşynda bolmak bilen jemi 2336 sany saýlaw uçastogy açyldy. Saýlawçylaryň sany 2 million 987 müň 324 adam diýip habar berildi. Bulardan Aşgabatdan 302684, Ahal welaýatyndan 446331 , Balkan welaýatyndan 248697, Daşoguz welaýatyndan 640120, Lebap welaýatyndan 646007 we Mary welaýatyndan 703485 adam saýlama hukugy bolanlar..

Hormatly watandaşlar! 
Mähriban halkym!

Bilşiňiz ýaly, ýakynda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar meni Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda dalaşgär hökmünde hasaba aldy.

Şu gün men siziň öňüňizde çykyş edip, mähriban Watanymyzyň geljegini nähili göz öňüne getirýändigim baradaky öz garaýyşlarymy maslahatlaşmak, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesinde amala aşyrjak işlerimiň maksatnamasy bilen tanyşdyrmak isleýärin. Bu çykyş hemmeler üçin öz halkyna hyzmat etmegiň ýeňil bolmadyk, örän jogapkärli borçlaryny üstüne alýan adam hökmünde meniň üçin hem, maksatnamada göz öňünde tutulan işleriň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmeli adamlar bolan siziň üçin hem örän möhüm diýip pikir edýärin.

Siz meniň häzire çenli eden işlerimi gowy bilýärsiňiz, şoňa görä-de, bu işlere baha berip bilersiňiz. Häzir bolsa men sizi geljek 5 ýylda amala aşyrjak işlerimiň maksatnamasy bilen tanyşdyrmak isleýärin.

Bilşiňiz ýaly, Türkmen döwletini ösdürmegiň täze tapgyrynda öňümizde duran wezipeleri biz Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatynda beýan etdik. Özboluşly demokratik gurama bolan Ýaşulularyň maslahatyna gatnaşyjylar öňde goýlan bu wezipeleri makulladylar.

Häzir men ilki bilen, alyp barýan daşary syýasatymyz barada öz garaýyşlarymy beýan etmek isleýärin.

Häzirki Garaşsyz Türkmen döwletinde durmuşa geçirilýän täzeleniş strategiýasy dünýäniň dürli ýurtlary we abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen giň gerimli we netijeli hyzmatdaşlyk etmek arkaly amala aşyrylýar.

Türkmenistan dünýädäki iň uly, häzirki zamanyň ählumumy meselelerini çözmek boýunça alnyp barylýan işlerden çetde durmaýar. Bu ugurda biziň ýurdumyz halkara bileleşigi bilen arkalaşykly hyzmatdaşlyk edýär. Sebitde parahatçylygyň we abadançylygyň ygtybarly daýanjy bolmak bilen, biziň ýurdumyz öňdebaryjy başlangyçlar bilen çykyş edýär. Bu başlangyçlar bolsa biziň alyp barýan, dünýä bileleşigi tarapyndan giňden ykrar edilýän we goldanylýan, ählumumy bähbitleriň hatyrasyna açyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilen syýasatymyzyň üýtgewsizdigini tassyklaýar.

Biz geljekde hem ähli ýurtlar bilen deňhukukly esasda özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek we netijeli gatnaşyklary alyp barmak üçin açyk bolan halkara syýasatymyzy bitaraplyk ýörelgelerimizi nazara almak bilen durmuşa geçirmegi maksat edinýäris.

Hormatly watandaşlar!

Döwletimiziň ösüşiniň indiki tapgyrynyň düýp manysy durmuşa geçirýän özgertmelerimizi yzygiderli ösdürmekden we durnukly amala aşyrmakdan ybaratdyr. Döwletimizi galkyndyrmagyň we berkarar etmegiň ilkinji döwrüniň wezipelerini öňümizde goýmak we esasan üstünlikli çözmek bilen, biz indiki tapgyra – ösüş tapgyryna gadam basdyk. Biz ýurdumyzy ösdürmegiň bu tapgyrynda öňümizde durýan wezipeleri çözmäge hem taýýardyrys.

Biziň wezipämiz – XXI asyrda Türkmenistany berk binýatly, kuwwatly, abadan, ýokary derejede ösen, bäsleşige ukyply döwlete öwürmekden ybaratdyr.

Hut şonuň üçin hem, agrar ýurt bolan Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwürmek biziň ilkinji nobatdaky wezipelerimiziň biridir.

Ýurdumyzda ylmy ösdürmek hem döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň strategiýasyna öwrüler.

Öňümizde durýan giň gerimli wezipeleri durmuşa geçirmek üçin, biz elbetde, iň täze tehnologiýalary, ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmagyň hasabyna ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmagy, netijede, Watanymyzda ylmy we bilimi mundan beýläk-de hil taýdan ösdürmegi göz öňünde tutýarys. Ylym we bilim bolsa, eziz Diýarymyzy ösdürmegiň ileri tutulýan iň esasy ugurlarynyň biri bolupdy we geljekde hem şeýle bolmagynda galar.

Bu wezipeler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde diňe bir täze zawodlaryň we fabrikleriň guruljakdygyny däl-de, eýsem iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen, gutarnykly önümçilik tapgyry bolan, ägirt uly senagat toplumlarynyň dörediljekdigini hem aňladýar.

Men ýurdumyzyň täze taryhy döwürdäki kanunalaýyk ösüşi türkmen jemgyýetiniň durmuşyna innowasiýalary ornaşdyrmak üçin esas bolup durýar diýip hasap edýärin.

Ýurdumyzy innowasiýalar ýoly bilen ösdürmegiň indiki tapgyry adamlaryň durmuşyny hil taýdan özgertmäge niýetlenen, türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň durnuklylygyny, durmuşa ukyplylygyny we netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berýän, anyk maksatlara gönükdirilen toplumlaýyn işleri alyp barmakdan ybaratdyr.

Täze döwür, elbetde, amala aşyrýan özgertmelerimizi kabul etmäge we goldamaga jemgyýetiň taýýar bolmagyny hem talap edýär.

Şonuň üçin hem, biz häzirki zamanyň ähli kommunikasiýa we multimedia tehnologiýalaryny ele alan işgärleriň we hünärmenleriň täze neslini taýýarlamaga aýratyn üns bereris.

Adamzat paýhasynyň gazanan häzirki zaman ösüşiniň iň çylşyrymly wezipelerini çözmäge ukyply, ösen maglumatlar jemgyýeti boljak biziň ýurdumyzyň geljegi şol adamlara bagly bolar.

Biz öz öňümizde ykdysady strategiýamyzyň ähli tebigy-geografik we durmuş-psihologik aýratynlyklaryna laýyk gelýän anyk wezipeleri goýýarys.

Biz ýurdumyzyň ähli mineral-çig mal serişdelerini adamlaryň abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdireris, oba hojalyk, senagat hem-de nebitgaz önümleriniň doly möçberde gaýtadan işlenmegini gazanarys.

Oba hojalyk pudagynda biz öri meýdanlarynda bakylýan maldarçylykdan ähli öňdebaryjy enjamlar, awtomatlaşdyrylan tehnologiýalar bilen üpjün edilen maldarçylyk hojalyklaryna geçeris.

Ýurdumyzda ekinleriň täze, ýokary hasyl berýän görnüşlerini döretmegiň, şeýle hem ýyladyşhana hojalyklaryny giňden ornaşdyrmagyň netijesinde, ekerançylyk pudagy täze derejä göteriler.

Köpugurly suwaryş ulgamynyň ornaşdyrylmagy we suwarymly ekerançylygyň köp asyrlyk tejribesi bize oba hojalyk pudagyny suw bilen üpjün etmek meselesini doly çözmäge mümkinçilik berer. Biz ekerançylyk pudagyny ösdürmek arkaly, diňe bir ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygyny doly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa miwe we gök-bakja önümleriniň daşary ýurtlara köp möçberlerde iberilmegine hem garaşýarys.

Ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagy bolan energetika pudagy barada aýdylanda bolsa, bu ugurda iri nebitgaz ýataklaryny gözlemek we işe girizmek, «mawy ýangyjy» dünýä bazarlaryna ibermek wezipesinden ugur alyp, biz gaz geçiriji ulgamlary mundan beýläk-de ösdürmegi, uglewodorod serişdelerini düýpli gaýtadan işlemegi we benzin, polipropilen, suwuklandyrylan gaz, nebit önümleri ýaly dünýäde köp isleg bildirilýän ýokary hilli dürli önümleri öndürmegi göz öňünde tutýarys.

Men ýygy-ýygydan ýurdumyzyň welaýatlarynda iş saparlarynda bolup, adamlar bilen duşuşyp duramsoň, olaryň ýaşaýşy we durmuşy bilen bagly iň möhüm meseleleri oňat bilýärin.

Ýurdumyzyň her bir sebitinde, her bir aýratyn etrapda, şäherde we obada raýatlarymyz üçin ýokary ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek biziň esasy üns berýän wezipämiz bolupdy we geljekde hem şeýle bolmagynda galar.

Bu wezipeler, esasan hem:

Biziň halkymyz maşgala we çagalara, berk bedenli, sagdyn we arassa ahlakly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge hemaýat edýän maşgala däplerine aýratyn ähmiýet berýär.

Şonuň üçin hem, men 2012-nji ýylda her bir maşgalanyň ýaşaýyş-durmuş meseleleriniň çözülmegine gönükdirilen serişdeleri has köp möçberde goýbermegi maksadalaýyk hasaplaýaryn. Bu bolsa, maşgalany, eneligi we çagalygy goramak meselesini mundan beýläk-de üstünlikli çözmäge ýardam berer.

Hormatly watandaşlar!

Biz öz ýurdumyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmagy dowam ederis. Eziz Diýarymyzda täze-täze etraplar dörär, ýaşaýyş toplumlary, mekdepler, hassahanalar, muzeýler we stadionlar gurlar. Biziň ýurdumyz häzirki döwürde ägirt uly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Nesip bolsa, ýene-de az wagtdan şäherlerimizde we obalarymyzda täze-täze desgalaryň we binalaryň gurluşygy has güýçli depginler bilen alnyp barlar. Netijede, gözel görke giren şäherlerimizde we obalarymyzda hem adamlaryň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ähli oňaýly şertler dörediler.

Biz sözüň doly manysynda, medeniýetimizi ösdürmegi we jemgyýetimiziň durmuşyna giňden ornaşdyrmagy hem dowam ederis. Türkmeniň ýurdy ähli döwürlerde hem milli möçberdäki ýiti zehinlere baý bolan mekandyr. Biz hemişe halkymyzyň gözellige bolan söýgüsini we islegini hemmetaraplaýyn höweslendirmäge çalşarys.

Ýurdumyzda syýahatçylygy ösdürmek, sagaldyş-şypahana ulgamyny özgertmek hem geljekde döwletimizde alnyp barylýan işleriň möhüm ugularynyň biri bolar!

Häzirki wagtda Hazaryň kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny döretmek bilen bagly iri taslamalary durmuşa geçirmek boýunça işler güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Bu ýerde ajaýyp, owadan myhmanhanalar, ähli amatlyklary bolan sagaldyş merkezleri yzygiderli gurulýar.

Ýurdumyza gelýän girdejileri artdyrmaga mümkinçilik berjek bu taslama daşky gurşawy we tebigaty goramak boýunça çäreleri hem öz içine alýar.

Biz jemgyýetimiziň syýasy ulgamyny hem kämilleşdirmelidiris, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýeti pugtalandyrmalydyrys, jemgyýetçilik institutlaryny mundan beýläk-de demokratiýa ýoly bilen ösdürmelidiris. Sebäbi, häzirki döwürde jemgyýetçilik guramalarynyň we birleşmeleriniň işini täzeçe guramak zerurlygy ýüze çykdy. Bu guramalaryň geljekde alyp barjak işleri we kabul edýän çözgütleri döwrüň talaplaryna, döwletimiziň ösüşiniň täze tapgyrynyň wezipelerine we biziň alyp barýan syýasatymyza laýyk gelmelidir.

Halkymyz bilen, ýaşulularymyz bilen maslahatlaşyp, dogry çözgütleri gözlemek we kabul etmek bize ata-babalarymyzdan galan iň beýik demokratik mirasymyzdyr, biz bu mirasy syýasy tejribämizde geljekde hem ulanarys.

Biz ýurdumyzy demokratiýalaşdyrmak boýunça alyp barýan işlerimizde raýat jemgyýetiniň guramalaryna aýratyn ähmiýet berýäris. Bu guramalaryň işini talaba laýyk ýola goýmazdan, döwletimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmagy göz öňüne getirmek hem kyndyr.

Bu wezipeleri üstünlikli çözmek üçin biziň ýurdumyzda ýokary syýasy erkiň hem, düýpli kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň hem bardygyny bellemek möhümdir. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletimiziň mundan beýläk-de öňe gitmegine we gülläp ösmegine ýardam bermek bilen, ýurdumyzyň raýatlarynyň jemgyýetçilik birleşmelerini döretmäge bolan hukugyny amala aşyrmagynyň baş kepili bolup durýar.

Mundan başga-da, Esasy kanunymyzyň 10-njy maddasynda telekeçiligiň, kiçi we orta işewürligiň ösmegine döwlet tarapyndan ýardam berilýändigi bellenýär. Bu ugurda biz anyk işleri, şol sanda milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek, salgyt we maýa goýum şertlerini ýeňilleşdirmek boýunça zerur işleri amala aşyrdyk.

Biz geljekde hem ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz bölegini çalt depginler bilen ösdürmegi, ýokary tehnologiýaly, dünýä bazarynda bäsleşige ukyply hususy telekeçiligiň döremegine ýardam bermegi göz öňünde tutýarys. Şeýle hem, oba hojalygynda hususy telekeçiligi ösdürmek üçin amatly şertleri döretmegi maksat edinýäris.

Ýurdumyzda eýýäm öz düzüminde senagatçylary we telekeçileri birleşdirýän, telekeçiligi ösdürmäge işjeň ýardam berýän jemgyýetçilik guramasy hereket edýär we onuň bu ugurda gowy tejribesi bar.

Soňky ýyllarda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi diňe ýurdumyzda däl-de, eýsem onuň çäklerinden daşarda hem uly abraýa eýe boldy. Bu Birleşmäniň öz döwrebap işewürlik toplumy, «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky we üstünlikli işleýän ilkinji hususy neşiri – «Rysgal» gazeti bar.

Raýat jemgyýetine mahsus bolan jemgyýetçilik guramalaryny döwlet gurluşynyň wezipelerini çözmekde, ilkinji nobatda bolsa, ýaşaýyş-durmuş syýasatyny amala aşyrmakda ygtybarly hyzmatdaş hasap edýändigimizi ýene-de bir gezek nygtamak isleýärin.

Demokratik institutlary ösdürmek ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna raýatlaryň işjeň gatnaşmagynyň möhüm şerti bolup durýar, bu bolsa adamlaryň raýatlyk medeniýetiniň kemala gelmegine we ösmegine ýardam bermekde örän möhüm ähmiýete eýedir.

Jemgyýetçilik ynamy, raýatlaryň işjeňligi, arkalaşykly işlemek, adam hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak diňe bir raýat jemgyýetiniň jebisleşmeginiň esasy şertleri bolmak bilen çäklenmän, eýsem hakyky halk häkimiýetiniň berkarar bolmagynyň hem zerur şertleri bolup durýar.

Men şeýle hem, Türkmen döwletiniň demokratik ýol bilen ösüşiniň täze tapgyrynda saýlawly ýerli wekilçilikli häkimiýet edaralarynyň – welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň işiniň netijeliligini artdyrmagyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň – geňeşleriň jemgyýetçilik - syýasy ulgamdaky ornuny ýokarlandyrmagyň möhümdigini bellemek isleýärin.

Ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň netijeli işlemegi serişdeleriň adalatly paýlanmagyna we durnukly artdyrylmagyna, telekeçiligiň ösmegine, dolandyryş ulgamyna raýat jemgyýetiniň has işjeň gatnaşmagyna ýardam berýär.

Şonuň bilen baglylykda, men ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň hukuk ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň, döwlete degişli ygtyýarlyklaryň bir bölegini olara bermegiň wagty ýetdi diýip hasap edýärin.

Şeýle hem biz ýurdumyzda täze partiýalary döretmek we garaşsyz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini talaba laýyk guramak ugrunda çykyş edýäris.

Ýöne bize halkymyzy jebisleşdirjek, adamlary berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda yhlas bilen, tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrjak partiýalaryň zerurdygyny bellemek isleýärin.

Biz halkara terrorçylygyna, ekstremize, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, korrupsiýa garşy alnyp barylýan göreşi halkara guramalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek arkaly dowam ederis.

Ýurdumyzyň Harby doktrinasy goranmak häsiýetlidir, ýöne bu biziň döwletimiziň harby ugurda iň täze gazanylan üstünliklerden çetde durjakdygyny aňlatmaýar.

Biziň halkymyza mahsus bolan watançylyk, Watany söýmek duýgulary häzirki zaman ýörelgelerine we talaplaryna laýyklykda özgerdilýän Ýaragly Güýçlerimizde gulluk edýän, ýurdumyzyň çäkleriniň bitewüligini we özygtyýarlylygyny goraýan harby gullukçylarymyzyň hünär endiklerine hem ornaşdyrylýar.

Milli goşunymyz, harby-deňiz güýçlerimiz, serhet goşunlarymyz, hukuk goraýjy edaralarymyz, şeýle hem olary häzirki zaman ýaraglary bilen üpjün etmek, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak Hökümetimiziň hemişe üns berýän ugurlary bolar.

Biziň Watanymyz – adamlar üçin we adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna berkarar edilen döwletdir. Şeýle ajaýyp ýurdumyzda şahsyýetiň ähli hukuklary doly berjaý edilýär we geljekde hem üýtgewsiz berjaý ediler, adamyň mertebesine hormat goýlar, onuň zehinine, başarnygyna we hünär ussatlygyna ýokary baha berler, şahsyýetiň erkin ösmegi, öz ukybyny we başarnygyny amala aşyrmagy üçin ähli amatly şertler dörediler.

Hormatly watandaşlar!

Men öz mähriban halkymyň öňündäki borjumy ýurdumyzyň raýatlarynyň abadan we parahat durmuşda, geljegine ynamly bolup ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmekde, Garaşsyz Watanymyzyň halkara abraýyny pugtalandyrmakda, eziz Diýarymyzyň gülläp ösmeginde görýärin. Berkarar Watanymyzyň aýdyň geljegine barýan bu ýolda meniň esasy daýanjym mähriban halkym bolar!

Biziň bilelikde, agzybirlikde we jebislikde amala aşyrjak işlerimiziň netijesinde ýokary derejede ösen häzirki zaman maglumatlar jemgyýetini döretmek we kuwwatly döwleti gurmak baradaky ähli arzuwlarymyzy we maksatlarymyzy üstünlikli amala aşyryp, ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döretjekdigimize men pugta ynanýaryn!

Üns berip diňläniňiz üçin, sag boluň!

Sözümiň ahyrynda men ýurdumyzyň teleýaýlymlarynda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde maňa berlen wagty Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär beýleki adamlara bermegi Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topardan haýyş edýärin.

Sag boluň!

Türkmen halkynyň ägirt uly döredijilik mümkinçilikleri netijesinde taryhy ölçegler boýunça gysga möhletlerde Türkmenistan ykdysadyýetde, saglygy goraýyşda, durmuş we beýleki ugurlarda ägirt uly üstünlikler gazandy. Onuň halkara abraýy has-da ýokarlandy. Ýurdumyzda uly dabaralar bilen bellenip geçilen Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy ýurdumyzda durmuşa geçirilen beýik özgertmeleriň aýdyň beýany boldy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda täze Galkynyş eýýamynda ýurdumyzyň her bir raýaty mähriban Diýarymyzda amala aşyrylýan Döwlet adam üçindir! diýen ajaýyp syýasatyň iş ýüzünde amala aşyrylyşyny öz durmuşynda gördi. Häzirki döwürde amala aşyrylýan köpugurly maksatnamalar, durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeler her bir ynsanyň we tutuş jemgyýetiň bähbidini göz öňünde tutýar. Sebitiň Binagärlik dürdänesi diýlip atlandyrylýan ajaýyp Aşgabady, Awaza milli syýahatçylyk zolagyny, durky täzelenen Esenguly şäherçesini, tarp ýerlerde döredilen täze Altyn sähra, Döwletli, Ruhubelent etraplaryny, el bilen döredilen gudraty - ägirt uly Altyn asyr Türkmen kölüni, Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezlerini, ykdysady, durmuş we medeni taýdan özgeren ýurdumyzyň welaýatlaryny görmäge göz gerek.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bu gün ata-babalarymyzyň agzybir, parahat, oňşukly ýaşamagy ündän wesýetlerine ygrarly bolup, milli gymmatlyklary we bähbitleri gorap saklamagy, her raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirip, jemgyýetiň asudalygyny hem milli agzybirligi üpjün etmäge, halk häkimiýetiniň we hukuk döwletiniň esaslaryny berkarar etmekde Esasy kanunyna, şeýle hem halkymyzy ýokary ruhubelentlige we täze Galkynyşa eýe bolmaga itergi berýän milli däplerine esaslanýar we baş ýörelge edinýär. Halkymyzyň ata-baba dowam edip gelýän özboluşly demokratiýasy esasynda geçmişde-de ata-babalarymyz her bir adamyň şahsy mertebesine, hukugyna sarpa goýup, milli demokratiýanyň özboluşly mekdebini kemala getirip, jemgyýete, halka daýanyp iş tutupdyrlar. Täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasynyň kabul edilmegi, milli kanunçylygyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, adam hukuklary babatdaky halkara kadalarynyň işjeň ornaşdyrylmagy, döwletimizde türkmen jemgyýetiniň hukuk binýatlaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ýurdumyzyň her bir raýatynyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmäge ýardam edýär.

Döwletiň, jemgyýetiň we her bir şahsyýetiň bähbitleriniň birleşmegi, kanun esaslarynyň üpjün edilmegi gözel ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegine, halkymyzyň bolelin, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna mümkinçilik döredýär. Şonuň üçin geljekde-de türkmeniň mukaddes ýol-ýörelgelerinden gözbaş alýan milli demokratiýamyzyň has-da kämilleşmegi, jemgyýetimiziň jebisligi, ruhy gymmatlyklarymyza daýanmak bilen, halkymyzyň abadançylygyny, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny has-da berkitmäge, mähriban Watanymyzda durnuklylygy, parahatçylygy, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýadyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň agzybirligini saklamaga gönükdirilen işleri durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etjekdigime saýlawçylary ynandyrýaryn.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan halkara gatnaşyklarynyň erkin, deňhukukly agzasyna öwrüldi.Ýurdumyzyň Açyk gapylar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin halkara guramalary, goňşy we daşary döwletler bilen ynsanperwer, dost-doganlyk daşary syýasaty üstünlikli alnyp barylýar. Hoşniýetli, özara bähbitli gatnaşyklary we hyzmatdaşlyklary has-da giňeltmek, däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak, milli bähbitlere laýyk gelýän köp ýyllyk hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak, parahatçylyk söýüji ýurt hökmünde mähriban Watanymyzyň halkara derejesindäki at-abraýynyň mundan beýläk-de has-da artmagy üçin zerur çäreleri durmuşa geçirmekligi dowam etdireris.

Häzirki döwürde obany ösdürmek möhüm mesele bolup durýar. Obalarda ilata hyzmat ediş nokatlarynyň gerek bolan ähli görnüşlerini açyp, obada ýaşaýan we zähmet çekýän her bir maşgalany, şol sanda, ýaş maşgalalary alada bilen gurşap almak, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýaş çagaly eneleriň we çagalaryň saglygy hakynda hem-de Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan, ekleýjisini ýitiren, kömege mätäç, ýaşuly nesliň wekillerine kömek etmek, olaryň maşgalalary baradaky alada üns merkezimizde bolar. Her bir işde pähim-parasatly gojalarymyza maslahat salyp, olar bilen geňeşip, iş tutarys.

Täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynda ýurdumyzyň oba hojalygy hem geçirilýän düýpli özgertmeleriň netijesinde ösüşiň täze belentliklerine gadam basdy. Oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin babadaýhanlarymyza öndürijilikli işlemäge, ýokary hasyl alyp, halal zähmetinden baýamaga döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Önümçilik-ykdysady gatnaşyklarynyň täze görnüşleriniň ýola goýulmagy netijesinde oba hojalyk önümlerini öndürijilere ykdysady ýeňillikleriň berilmegi, öňdebaryjy kärendeçileriň we ýer eýeleriniň, ussat mülkdarlaryň zähmetine ýokary baha berilmegi, döwlet bilen daýhanlaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň aýdyň, sazlaşykly we özara peýdaly esasda ýola goýulmagy daýhanyň hem, döwletiň hem bähbitlerini goramaga gönükdirilip, Türkmenistanda oba hojalyk pudagyny ösdürmäge kuwwatly itergi berýär.

Oba hojalyk pudagy durmuş gatnaşyklaryna hem-de ykdysadyýete örän uly we köptaraplaýyn täsir edýär. Şonuň üçin obany we oba hojalyk önümçiligini ösdürmek Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategik wezipesi bolup durýar. Türkmenistanyň agrosenagat toplumynyň işi oba hojalyk ekinlerini ösdürmegiň möçberini ýokarlandyryp, azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge, senagatyň çig mala bolan islegini kanagatlandyrmaga, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemeklige, şeýle-de bu ulgamda hususy bölegiň, şol sanda kiçi we orta telekeçiligiň mundan beýläk hem ösdürilmegine goldaw bermeklige gönükdiriler.

Türkmenistanyň oba hojalygyny düýpli özgertmek, oba hojalygyny ösdürmegiň ylmy esaslaryny pugtalandyrmak, bugdaýyň, gowaçanyň we beýleki ekinleriň tohumçylygyny kämilleşdirmek, ýurdumyzyň howa, toprak şertlerine görä ýokary hasyl berýän sortlary önümçilige ornaşdyrmak boýunça işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda bu ugurda mundan beýläk-de berk hukuk binýadyny döretmek boýunça işler durmuşa geçiriler.

Her welaýatyň toprak-howa şertlerinde ýokary hasyl berýän, önüminiň hili gowy, ýaramsyz şertlere-aýaza, gurakçylyga, toprak şorlamasyna, kesellere, zyýankeş mör-möjeklere, haşal otlara durnukly sortlary döretmek, gowaçadan, bugdaýdan, şalydan, gant şugundyryndan talabalaýyk derejede ýokary hasyly almak, depginli tehnologiýada oba hojalyk ekinlerini ylmy esasly ekin dolanşygy şertlerinde ösdürip ýetişdirmegiň tärleriniň, düzgünleriniň, tehnologik kartasyny işläp düzmek barada düýpli ylmy-barlaglary geçirmek şu günün örän derwaýys we wajyp meselesidir. Ekinleriň, aýratyn hem gowaçanyň ir ýetişýän sortlaryny döretmäge, ony çalt önümçilige ornaşdyrmaga ünsi güýçlendirmek zerur bolup durýar. Ekin meýdanlarynyň agrotehniki kadalara laýyklykda giňeldilmegini, tekizlenilmegini, pagtaçylykda el zähmetiniň kemeldilmegini, hasylyň esasy böleginiň maşynlaryň güýji bilen ýygylmagyny ýola goýmaly.

Welaýatlaryň senagatynda öndürilýän önümleriň ýurdumyzyň eksport kuwwatlylygynda tutyan paýyny, welaýatlaryň senagatynyň ösüşine kiçi we orta telekeçiligiň goşýan goşandyny artdyrmaly, önümlerini gönüden-göni bazarlara çykarýan, bäsleşige ukyply kärhanalary döretmeli we olaryň kadaly ösüşini üpjün etmedi, ýokary öndürijilikli enjamlary ornaşdyrmagyň esasynda hereket edýän kärhanalaryň esasy senagat-önümçilik serişdeleriniň durkunyň täzelenmegini çaltlandyrmaly, senagat önümçiligini düýpli diwersifikasiýalaşdyrmaly, ýeňil we azyk senagatynyň önümçilik mümkinçiliklerini welaýatlaryň ilatynyň islegini doly kanagatlandyrmaga we welaýatlaryň çäginden daşyna çykarmaga niýetlenen derejelere götermeli.

Türkmen halkynyn milli baýlygy we buýsanjy bolan ahal-teke atlarynyň gadymy nusgalaryny gorap saklamak, ata-babalarymyzyň ýadawsyz zähmetiniň netijesinde syn-sypaty asyrlarboýy kämilleşdirilip gelnen behişdi bedewlerimiziň dünýä dolan şan-şöhratyny has-da belende götermek, ýurdumyzda oýlanyşykly alnyp barylýan ylmy seçgi-tohumçylyk işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şöhratyny has-da belende galdyrmak hem-de türkmen atçylyk sportuny halkara derejelerine laýyklykda ösdürmek barada ähli tagallalary ederis.

Türkmen döwletiniň şöhratly bäş müň ýyllyk taryhynyň dowamynda türkmen halky suwa uly sarpa goýup gelipdir. Ata-babalarymyzyň suwa aýawly garamak, ony tygşytly ulanmak baradaky sargytlary biziň günlerimize gelip ýetipdir. Garaşsyzlyk döwründe tebigy baýlyklara baý bolan Türkmenistan döwletimiziň mukaddes baýlygy, onuň gülläp ösmeginiň we abadançylygynyň egsilmez gözbaşy, halkymyzyň eklenç hem ýaşaýyş çeşmesiniň gözbaşlarynyň biri bolan suwy ulanmak we ilaty suw bilen üpjün etmek meseleleri döwlet syýasatyna öwrülip, milletiň durmuşynyň derejesini ýokarlandyrmakda we saglygyny berkitmekde esasy ýörelge boldy.

Ýurdumyzyň ähli ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen doly üpjün etmek üçin suwy arassalamagyň we baýlaşdyrmagyň, suw geçiriji ulgamlary gurmagyň iň öňdebaryjy tehnologiýalary esasynda her şäherde we etrapda suw arassalaýjy desgalary, arassa agyz suwuny öndürýän kiçi kärhanalaryň gurulmagy ata Watanymyzyň rowaçlygy, häzirki we geljekki nesilleriň bagtly durmuşda we abadançylykda sagdyn ýaşamaklary üçin şert döreder.

Tebigaty goramaklygy kadalaşdyrýan degişli halkara hukuk namalary esasynda sebitiň suw-energiýa problemalary bilen baglanyşykly möhüm meselelerini çözmek, ýurdumyzda suw gytçylygynyň bolmazlygy üçin halkara başlangyçlaryny öňe sürmek bilen, milli bähbitleri häzirki zamanyň öňe sürýän syýasaty bilen baglanyşdyryp, Merkezi Aziýanyň suw resurslarynyň netijeli peýdalanylmagy bilen bagly meseleleri halkara hukuklarynyň ýörelgeleri esasynda çözmek barada işler durmuşa geçiriler.

Garagum çölüni gülzarlyga öwürjek, ýurdumyzyň ätiýaçlyk suwlaryny ep-ýesli artdyrmaga, ýerleriň şorlaşmagynyň, suwa basdyrylmagynyň öňüni almaga mümkünçilik berjek ajaýyp Türkmen köli suw serişdeleriniň peýdalanylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň azyk garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga ygtybarly kepil döredýär. Dünýäde durnukly ösüşiň esasy faktorlarynyň biri bolan azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, daşymyzy gurşap alan tebigaty goramak we suwdan peýdalanmagyň ekologiýa meselelerini çözmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, ilaty özümizde öndürilýän azyk önümleri bilen doly üpjün etmek boýunça möhüm meselelere uly üns berip, zähmetsöýer halkymyz bilen suwuň her damjasyny tygşytly peýdalanyp, bereketli topragymyzdan gyzyla barabar hasyl öndürip, ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň abadançylykda, bolçulykda ýaşamagy üçin zerur işleri dowam etdireris.

Ýurdumyzyň welaýatlarynyň senagat taýdan ösüşini düýpli ýokarlandyrmak, ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça degişli işleri amala aşyrmak wezipesi möhüm bolup durýar. Täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynda “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň sebitleriniň öndüriji güýçlerini ýokary derejede netijeli ulanmak, olaryň amatly geografiki ýerleşişinden doly peýdalanmak, senagatynyň pudaklaýyn ösüşini diwersifikasiýalaşdyrmak, täze döwrebap enjamlaşdyrylan iş orunlaryny döretmek boýunça toplumlaýyn işler durmuşa geçiriler.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly işler geljekde-de uly özgertmeleri talap edýär. Türkmenistanyň öz taryhynyň täze tapgyryny başdan geçirýän döwründe eziz Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna, ýurdumyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmekde, Watanymyzyň abraýyny, şöhratyny we mertebesini artdyrmakda türkmenistanyň her bir raýatyndan ägirt uly tagallalar talap edilýär.

Asly halal, sada, ähmetsöýer, agzybir halkymyz bilen bilelikde Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyly içinde toplanan tejribäni öwrenmek we ony döredijilikli ulanmak bilen, Türkmenistanyň täze, Galkynyş eýýamynda mundan beýläk hem has kuwwatly ösmegi, halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy, olaryň ýaşaýyş derejesiniň has-da ýokarlanmagy, Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek, türkmen halkynyň abadançylykda, bolçulykda erkana ýaşamagyny we işlemegini gazanmak, döwletimiziň ykdysady mümkinçiliklerini has-da netijeli peýdalanmak ugrunda özümiň ähli bilimimi, tejribämi, gujur-gaýratymy gaýgyrman ak ýürekden zähmet çekjekdigime ynandyrýaryn.




#Article 353: Halyl Kulyýew (748 words)


Halyl Kulyýew - 1936-njy ýylda Lebap welaýatynyň Darganata (häzirki Birata) et rabynyň Şyharyk obasynda daýhan maşgalasynda eneden dogulýar. Halyl obasyndaky orta mekdebi tamamlap, şol mekdep­ de mugallym bolup işleýär. 1955-nji ýylda Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetine okuwa girýär. Ol talyplyk ýyllarynda Nyzamy, Jamy, Nowaýy, Magtymguly, Mollanepes ýaly Gündogaryň söz ussatlary bilen bir hatarda A. S. Puşkin, S. Ýesenin, W. G. Belinskiý, N. G. Çernyşewskiý, N. A. Dobrolýubow ýaly rus ýazyjy-şa- hyrlarynyň, edebiýatçylarynyň eserlerini hem-de beýleki halklaryň edebiýatyny ürç edip okaýar, çeper döredijiligiň tebigatyna düşünmäge çalyşýar. Onuň özi-de goşgulardyr edebi-tankydy makalalary ýazmaga başlaýar. Halylyň goş- gulary, makalalary, edebi eserlere ýazan synlary talyp lyk ýyllarynda gazet-žurnallarda çap edilýär. 1960-njy ýylda uniwersiteti üstünlikli tamamlan Haly­ ly şol ýerde edebiýat kafedrasynda mugallym edip işe alyp galýarlar. Ol uniwersitetde edebiýat ylmyna giriş, edebiýat teoriýasynyň esaslary derslerinden talyplara sapak berýär. Şahyryň ilkinji goşgular ýygyndysy «Daň agarýar» ady bilen (1967 ý.) neşir edilýär. «Säher salamy» (1977 ý.) atly ikinji kitaby onuň dürli ýyllarda ýazan goşgularyny we «Akar suw» atly poemasyny öz içine alýar. H. Kulyýew uruşdan soňky türkmen drama tur gi- ýasynyň meselelerini ylmy taýdan öwrenip, kandidatlyk dis sertasiýasyny goraýar we «Dil-edebiýat ylymlarynyň kandidaty» diýen alymlyk derejesini alýar. Halyl 1978-nji ýylda aradan çykýar. 1983-nji ýylda şahyryň öňki kitaplaryna giren we girmedik eserleri jemle­ nilip, «Güneş» ady bilen neşir edilýär. H. Kulyýewiň «Ertekiniň gelip çykyşy» powesti 1988- -nji ýylda özbaşdak kitap görnüşinde okyjylara gowuş ýar. H. Kulyýewiň döredijiligi ylmy taýdan öwrenildi. Ede- biýatçy Reýimberdi Atakow şahyryň poeziýasy barada kan­ didatlyk dissertasiýasyny ýazdy. Edebiýatçy alymyň bu ylmy işi «Halyl Kulyýew – lirik şahyr» diýen at bilen kitap görnüşinde 1995-nji ýylda neşir edildi. Şahyryň goşgulary. Ýigriminji asyryň altmyşynjy ýyl larynda G. Ezizow, A. Agabaýew, I. Nuryýew, K. Ylýasow dagy bilen bir hatarda H. Kulyýew hem ýaş şahyr hökmün­ de adygýar. Halylyň gazet-žurnallarda çap edilýän her bir goşgusy okyjylar tarapyndan hem, edebiýat jemgyýetçiligi tarapyndan hem gyzgyn garşylanýar. Onuň bahar pasly ýaly gözel, mylaýym, çuň lirizme, mähir-muhapbete ýugru­ lan poeziýasy bar. Şa hyryň şygyrlarynda ynsan gözelligi bilen tebigat gözelligi täsin baglanyşykda wasp edilýär. Ol goşgulary okanyňda, tebigatyň gözel keşbi göz öňüňde jan­ lanýar, göwnüň açylý ar, ýüregiň joşa gelýär. Halyl liriki poeziýanyň ussady hökmünde okyjylaryň söýgüsine mynasyp boldy. Şahyryň goşgularynyň formasy mazmunyna laýyk gelýär. Olar sada, tebigy we halky, mil- li äheňlere ýugrulan. Olarda many-mazmun, pikir aýdyň. Şahyr şygyrlarynda öz döwrüniň, beýan edýän wakasynyň, suratlandyrýan adamynyň janly keşbini ussatlyk bilen çek­ megi başarýar. Halylyň çagalygy Beýik Watançylyk urşy döwrüne gabat gelýär. Şahyryň uruş temasyndan ýazylan ençeme goşgulary bar. Olarda urşuň adamzadyň kalbyna salan agyr ýarasy, halkymyzyň watansöýüjilik, mertlik, ruhubelent­ lik, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp häsiýetleri hakyky durmuş wakalarynyň, çuňňur pelsepäniň, inçe ynsan duýgularynyň üsti bilen berilýär. Şahyr çuň pelsepä ýugrulan göçme manyly bu setirleriň üsti bilen «Indi bir uruş bol­ masyn» diýen pikiri öňe sürýär. Liriki gahrymanyň – ýetim oglanjygyň kalp ahwalatyny duýmazlyk, tolgunmazlyk mümkin däl. Şygyrda «uruş» sözi agzalanok, emma urşuň adamzadyň başyna getiren agyr kül peti iňňän göwnejaý açylyp görkezilýär. Halyl Kulyýewiň goşgulary täsirli, ýürege ýakyn, ýat­ da galyjy. Sebäbi ol goşgularyň hersinde bir-birine meňzemeýän durmuş wakasy, aýratyn bir kalp ahwalaty, başgaça aýdylanda, biçak şatlanmaga ýa-da gynanmaga, çakyn dan artykmaç söýmäge ýa-da ýigrenmäge, ýa bolmasa, üýtge- şik bir zada geň galmaga mejbur edýän pursatlar beýan edil ýär. «Zähmet mugallymy» goşgusynda, adyndan belli bolşy ýaly, mekdepde mugallymyň okuwçylar bilen zähmet okuwy sapagyny geçişi barada gürrüň gidýär. Mugallym her gezek zähmet okuwy sapagynda okuwçylara şol bir işi tabşyrýar: eliňe pil alyp, ýer agdarmaly. Mugallym kim gowy işlese, bäşlik goýýar, işlemedige baha-da goýanok. Işleseň, işläbermeli, işlemeseňem mugallym käýäp dura­ nok, özi işläberýär. Okuwçylar ondan: «Täze sapak geçjek dälmi, mugallym?» diýip soraýarlar. Bu sowala mugallym şeýle jogap berýär:
 
Şonda welin dikeler-de mugallym,
Diýer:
 – Eý, siz bagtly günde doglanlar!
 Şu – eziz, mukaddes toprakdan başga – 
Başga neneň sapak bolsun, oglanlar!

Şahyr «Zähmet çekiň, ene topragy söýüň, oňa hyzmat ediň» diýip, gönümel öwüt-ündewler bilen okyja täsir etjek bolmaýar. Ýöne ynsan üçin bereket çeşmesi bolan ene topra­ ga hyzmat etmegiň iň uly okuw – uly sapakdygy baradaky hakykaty zähmet mugallymynyň adamkärçilikli keşbiniň, parasatly sözleriniň üsti bilen okyja ýetirýär. Halyl Kulyýewiň goşgulary bahar howasy ýaly jana ýa- kymly, şypa beriji. Goşgularyň liriki gahrymany ynsanper­ wer, mähriban, ýürekdeş ynsan. Onuň başyndan geçirýän kalp ahwalatlary hut öz başyňdan geçiren duýgularyň ýaly bolup duýulýar.Halyl Kulyýew – özboluşly adam häsiýetlerini açyp görkezmegiň, özboluşly ynsan keşplerini döretmegiň ussady. Mähir-muhapbete eýlenen lirizm, mylaýym ýumor şahyryň şygyrlaryny bezeýär. Türkmen halkynyň giňgöwrümlilik, geçirimlilik ýaly häsiýetleriniň, dünýeden öten adamy gowulykda ýatlamak ýaly däbiniň goşguda göwnejaý berilmegi, milli äheň, her­ giz ýalan sözlemegi başarmaýan gojanyň mylaýym ýylgyryş döredýän keşbi goşgyny ýatdan çykmajak esere öwürýär.
 




#Article 354: Konfusiý (153 words)


Kon­fu­siý (hy­taý di­lin­de Kon-Fu-Si, la­tyn li­lin­de Con­fucius) mi­la­dy­dan öň­ki 551-479-njy ýyl­lar­da ýa­şap geç­ýär.
 
Ça­ga­ka ýe­tim ga­lan gel­jek­ki meş­hur fi­lo­sof eje­si­niň elin­de ter­bi­ýe­len­ýär we ata­syn­dan ylym öw­ren­ýär. Öm­rü­niň ahy­ry­na çen­li Lu (hä­zir­ki Şan Dong we­la­ýa­ty) şa­ly­gyn­da ýa­şap geç­ýär. Ýaş­ly­gyn­da emel­dar bo­lup iş­län Kon­fu­siý, gel­jek­de Hy­ta­ýyň yl­my taý­dan ös­mek­li­gi üçin öz sal­dam­ly go­şan­dy­ny goş­ýar. Kon­fu­si­niň dü­şün­je­le­ri “Söh­bet­ler we ga­ra­ýyş­lar” di­ýen ki­tap­da be­ýan edil­ýär. Ki­tap akyl­da­ryň şä­girt­le­ri we onuň yzy­ny eýe­ri­ji­ler bi­len eden söh­bet­le­ri­ni we aý­dan gür­rüň­le­ri­ni öz içi­ne al­ýar we bu ki­tap hy­taý nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­nyň iň meş­hur 13 ese­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Kon­fu­si­niň tag­ly­ma­tyn­da yn­san­per­wer­lik mö­hüm dü­şün­je bo­lup, ol adam­la­ryň öz ata-ba­ba­la­ry­na, ýaş we de­re­je ta­ýyn­dan özün­den ulu­la­ra hor­mat goý­mak, hö­küm­da­ra we­pa­dar­lyk ýa­ly ah­lak ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan eti­ki­le­riň we so­si­al ga­ra­ýyş­la­ryň je­mi­dir.

Kon­fu­si­an­çy­lyk aga­lyk edi­ji tag­ly­mat hök­mün­de yk­rar edi­len ma­ha­ly fi­lo­so­fyň özi hem “10 müň nes­liň” mu­gal­ly­my diý­lip yg­lan edil­ýär. Akyl­da­ryň tag­ly­ma­ty hy­taý ýa­şa­ýyş ter­zi­niň esa­sy­na öw­rül­mek­lik bi­len hy­taý si­wi­li­za­si­ýa­sy­nyň köp ba­bat­da ösen keş­be eýe bol­ma­gy­na ge­tir­ýär.




#Article 355: Garrygala söweşi (659 words)


Garrygala söweşinden Pursat (1855).

Garrygala söweşi

Sarahs söweşinden (1855) soň, Hywa goşunlary Günorta Türkmenistana aýaklaryny sekmedi, indi bu ýerlerde Eýrandaky gajar türkmenleriniň hökümdarlygynyň şasy Nasreddiniň goşunlary basybalyş hereketlerini ýaýbaňlandyryp başladylar. Ol türkmenleri tabyn edip, özüne salgyt töletmekçidi. Emma türkmenler XIX asyryň ortalarynda goňşy döwletleriň basybalyjylykly ýörişlerine garşy gaýduwsyzlyk bilen göreşip, ata Watanyny, ene topragyny döş gerip goradylar. 1858-nji ýylyň Garrygala söweşinde-de hut şeyle boldy.
Nasreddin şa türkmenleriň üstüne ýöriş guramak üçin mejlis geçirýär. Köşkdäki emeldarlaryň we serkerdeleriň mekirlik bilen taryna kakyp görýär. Şol mejlisde Büjnürt welaýatynyň häkimi Japarguly han türkmenleriň üstüne harby ýörişe gitmäge taýýardygyny mälim edýär. Şa Japarguly hany 1858-nji ýylda öz goşunlaryna baş serkerde edip, Garrygalany, soňra bolsa Ahaly basyp almak üçin iberýär.
Japarguly hanyň goşunlary ençeme gün ýol ýöräp, Gürgen boýunda düşleýär. Uruş howpunyň abanyp gelýändiginden habarly gökleň türkmenleri Durdy hanyň baştutanlygynda özara maslahatlaşyp, galany berkidip, söweşe taýýarlyk görüp başlaýarlar. Olar goňşulary Ahal we günbatar türkmenlerine çapar ýollap, kömege çagyrmagy karar edýärler. Habar barandan atlanha-atlan bolup, derrew gökleň doganlaryna kömek bermek üçin Ahaldan Nurberdi hanyň baştutanlygynda 10 müň atly, günbatardan Mahmyt işanyň baştutanlygynda 8 müň atly Garrygala gelýär. Munuň özi kyn günde birek-biregi goldamagyň, umumy düşmana garşy bileleşip göreşmegiň türkmenleriň ganyna siňendigini subut edýärdi. Bu wakany Abdysetdar kazy “Jeňnamada” şeýle beýan edýär:
Gördi gökleň ili gerdi-gubary,
Yetip gelen on müň çapyksuwary.
Tanadylar ony, Nurberdi handyr,
Merdana, il bilen bir tenu-jandyr.
Öňlerinden çykyp, aldylar garşy,
Uly-kiçi aýdyp ýüz-müň alkyşy.
Ýaşyl donly, eli ýaşyl hasaly,
Köňlünde hak ýady, dili senaly.
Mahmyt işan diýrler onuň ismine,
Gelýär ol baş bolup ýomut iline.
Munuň özi türkmenleriň atly-ýaragly saýlama edermen ýigitlerine bir tuguň-baýdagyň astyna jemlenip, duşmanyň öňünden çykmaga mümkinçilik beripdir.
Japarguly hanyň goşunlary Çendiriň üstünden geçip, Garrygalanyň golaýyna gelip düşläpdir. Adatça, gadymdan gelýän däbe görä, her tarapdan söweşden öň bir batyr urşujy pälwan ýekme-ýek söweşmek üçin orta çykmaly eken. Bu gezek hem şeýle bolupdyr. Ýekme-ýek söweşde, esasan, galkan bilen naýza, gylyç ulanylýardy. Japarguly han öz pälwanyny öňe çykarypdyr. Gyzylarbatdan Päli mergen diýen bir batyr türkmen ýigidi garşydaşy bilen söweşip, onuň süýr depesinden gylyjy inderipdir. Başa-baş söweşden soň, Garrygalanyň eteginde uruş başlanypdyr. Japarguly han galany top okuna tutup almakçy bolýar. Türkmenler bolsa ilki mergenleri, soňra galan nökerlerini söweşe girizýärler. Söweşiň edil jygba-jygbaly pursadynda günbatardan gelen ýomut atlylary hem hüjüme geçýär.
Uruşda tekeleriň, ýomutlaryň, gökleňleriň birleşen güýçlerine umumy ýolbaşçylyk etmek wezipesi Nurberdi hanyň paýyna düşýär. Duşman bilen söweş barha güýjeýärdi. Nurberdi han kethudalar, serdarlar bilen maslahatlaşyp, olara duşmanyň üstüne aýgytly hüjüme geçmek wagtynyň gelendigini mälim edýär. Soňra han ähli nökerlere ýüz tutup, türkmen tire-taýpalarynyň agzybir bolanda almajak galasynyň, gaýtarmajak ýagysynyň ýokdugyny nygtap, olary şir-peleň kimin duşmana daramaga çagyrýar. Duşman bilen aýgytly söweş bolan güni tekeler Nurberdi hanyň, Dykma serdaryň, Çopan batyryň (kir) ýolbaşçylygynda ortada, ýomutlar Mahmyt işanyň, Tuwakmyrat Taraşyň baştutanlygynda çep tarapda, gökleňler bolsa Durdy hanyň, Ýagşy mergeniň baştutanlygynda sag tarapda durup söweşipdirler. Japarguly han ähli top-tophanasyny söweş meýdanyna çykarýar. Bu aýgytly çaknyşykda iki tarap hem örän erjel söweşýär. Japarguly hanyň nökerleri türkmenleriň gazaply hüjümine çydaman, yza çekilmäge mejbur bolupdyrlar.
Kän salym geçmänkä, türkmenler doly ýeňiş gazanypdyrlar. Olar duşmanyň tuguny çapypdyrlar, nökerleriniň aglabasyny gylyçdan geçiripdirler. Bu gazaply söweş Monjukly depäniň töwereklerinde bolupdyr.
Umuman, Garrygalanyň eteginde bolan uruşda Päli mergen, Öwezli tentek batyr, Çary batyr, Pena serdar, Marydan gelen Gülten batyr ýaly başga-da köp ýigitler uly edermenlik görkezipdirler.
Japarguly han galan az-owlak nökeri bilen ähli getiren harby enjamlaryny taşlap, söweş meýdanyndan gaçyp gidipdir. Eýran goşunlarynyň ýeňilendigi baradaky habary eşiden Nasreddin şanyň gaty gahary gelipdir we ahmyrlydygyny aýdypdyr. Gökleňler duşmandan olja alnan mis topy Nurberdi hana sowgat beripdirler.
Türkmenleriň Garrygala söweşindäki ýeňşi Eýrandaky gajar türkmenleriniň hökümdarlygyna uly urgy boldy. Bu söweşde üç sany uly türkmen taýpasynyň birleşip, duşmana garşy göreşmeginde Nurberdi hanyň, Durdy hanyň, Mahmyt işanyň şahsy goşantlary uludyr. Olar Garrygala söweşinden has öň hem ýakyn aragatnaşyk saklapdyrlar. Bu hanlar biri-biri bilen ýüzbe-ýüz duşuşanlarynda, türkmen taýpalarynyň güýç birikdirip, agzybir bolmagyň zerurlygy barada söhbetdeş bolýardylar. Garrygala söweşi hem şonuň dogrudygyny hakykat ýüzünde subut etdi.

Çeşme: A.Nuryýew, M.Moşew. Türkmenistanyň taryhy. XVII-XX asyrlar. Orta mekdepleriň IX synpy üçin synag okuw kitaby. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2009.




#Article 356: Günorta Sudan (147 words)


Günorta Sudan (iňl. South Sudan), resmi ady Günorta Sudan respublikasy (iňl. Republic of South Sudan) — Afrikada ýerleşýän döwlet. Paýtagty Juba şäheri.

Günorta Sudan demirgazykda Müsür bilen araçäkleşipdir. Müňlerçe ýyllaryň dowamynda Müsüriň medeniýeti oňa täsirini ýetiripdir. Efiopiýa bilen Nubiýa hrestýan ýurtlary bilen, Müsür araplaşandan soň, yslamlaşandan soň gündogar Sudanda yslamlaşmak prosesi geçýär. Musulman arap taýpalary göçüp-gonup ýöränler bu ýere araplaşyp, II müňýyllyklaryň ortasynda güýçli aralaşýar.

X-XII asyrda iudeý çozuşlary netijesinde tozýar. Emma XIII asyrdan hrestýan dinini saklamak üçin XVI asyra çenli göreşýärler. Oňa täsirli iri ýer eýeleri aralaşyp, her iri ýer eýesiniň eýeçiligi ýarymawtonom knýazlygy aňdypdyr. Olar daýhanlardan alynýan salgydyň hasabyna ýaşapdyrlar. Portugal kolonizatorlary, kontingente mata, aýna, çüýşe monjuklar, metal önümlerini, spirt atyjy ýaraglary getirdiler. Ýewropalylar altyn çägäni, pil süňküni müňlerçe gara reňkli gullary äkitdiler.

Ilkibaşda gul alyp gitmändirler. Amerikanyň açylmagy bilen ýagdaý üýtgedi. Braziliýa, Portugaliýa üçin baýlygyň çeşmesine öwrüldi. Gwineýanyň gündogarynda ýorb etniki gelip çykyşlylar ýaşapdyrlar.




#Article 357: Gadymy Merw - müňýyllygyň şaýady (912 words)


Yslam dünýäsiniň esasy paýtagtlarynyň biri hasaplanylýan bu şöhratly şäheriň taryhy iki ýarym müň ýyldan gowrakdyr. Merwiň gülläp-ösüş döwri XI-XII asyrlara degişlidir, bu döwür bolsa Beýik seljuk türkmenleriniň imperiýasynyň çäkleriniň Amyderýanyň aşak akymyndan Ortaýer deňzine çenli aralygy öz içine alan zamanydyr. Şol döwürler Merw dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri bolupdyr.

Maru-şahu-jahan ady bilen belli bolan bu beýik şäher Murgap derýasynyň bol hasylly jülgesinde ýerleşipdir. Ol ýerleşişi taýdan başga şäherlrden tapawutlanýar, sebäbi Merwiň töwereginde dürli eýýamlara degişli şäherleriň ýerleşen ýerleri bardyr, ýöne gündogarda köne şäherleriň ornunda täze şäherleri gurmak däbiniň bardygyna garamazdan, bu şäheriň düýbi arassa meýdanda tutulypdyr. Gadymy Merwiň harabalyklary bu gün müňlerçe gektary tutýar.

Erkgala, Gäwürgala, Soltangala, Abdyllahangala ýaly galalaryň hersiniň arkasynda patyşalaryň we hanlaryň köp asyrlyk şöhratly we gussaly taryhy ýatyr. Olar gazaply uruşlaryň we täzeden döreýişleriň şäherleriň durmuş sarsgynlaryndan soň täzeden galkynyşlarynyň gözli şaýadydyr. Häzirki döwürde olar dünýäniň ençeme ýurtlaryndan gelýän arheologlar üçin hakyky hazynadyr, şonuň üçin ýylyň-ýylyna olar Mary topragyna ýygy-ýygydan gelýärler we XIX asyryň ahyrynda Gadymy Merwi öwrenip başlan kärdeşleriniň yzyny dowam etdirýärler.

Bu medeni mirasyň diňe bir Türkmenistan üçin däl-de,dünýä taryhy üçin wajypdygyny nazara alyp, döwlet ony öz howandarlygyna aldy we ol «Gadymy Merw» döwlet taryhy- medeni goraghanasynyň ýüregine öwrüldi. 1999-njy ýylda bahasyna ýetip bolmajak bu ýadygärlikler toplumy ÝuNESKO-nyň Bütindünýä mirasy sanawyna goşuldy.

Nusaý dünýä alymlaryny ýygnaýar

Dünýäniň gumanitar ylymlarynyň wekilleri bolan arheologlaryň, taryhçylaryň we beýleki ylym, jemgyýetçilik işgärleriniň ünsi ýene Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana gönükdi.

Ýerli ilatyň we taryhçy alymlaryň, arheologlaryň köne Nusaý we täze Nusaý diýip atlandyrýan, seleňläp duran iki sany gum depesi Köpetdagyň eteginde, Aşgabat şäheriniň günorta-günbataryndaky 18 kilometrlik ýerde ýerleşýär.

Orta asyryň hindi taryhçysy Nesewiniň maglumatlaryna görä, häzirki obaçylygyň ýerinde biziň eýýamymyzdan öňki IV asyrda serhetýaka gala bolupdyr. Şeýle maglumat Dariýanyň behistun ýazgylarynda-da Parfiýana welaýaty baradaky ýatlamalar ilkinjileriň hatarynda duş gelýär. Ondan sähel soň bolsa Nusaý galasynyň ady gabat gelip başlaýar.

Biziň eýýamymyzdan öňki IV asyrda bu welaýat Aleksandr Makedonskiniň döwletiniň düzüminde bolupdyr. 330-329-njy ýyllaryň gyşyny Aleksandr Makedonskiý şol ýerde gyşlapdyr, onuň goşunlary bolsa soňra Aleksandropol adyny alan şol töwereklerde ýerleşipdirler.Täze Nusaýyň çäklerinde onuň galyndylarynyň üsti açyldy.

Aleksandr patyşa aradan çykandan az wagtdan soň Parfiýana welaýaty Selewkileriň hakimliginiň gol astyna geçýär. Biziň eýýamymyzdan öň 245-nji ýylda günbatar Türkmenistanda ýaşaýan dahparyn-turan taýpalary grek häkimlikleriniň garşysyna gozgalaň turuzýarlar. Gozgalaňçylara aga-iniler –Ärsak we Tridat baştutanlyk edýärler. Nusaýy paýtagt edinip, Ärsak özüni şa diýip hem täze döwleti döredendigini jar edýär.Ol döwlet soň kuwwatly we beýik şadöwlete-imperiýa öwrülýär. Ärsagidleriň neberesinden bolan Mitridat I ( b.e. öň 174-136-njy ýyllar) şalyk süren döwründe Parfiýa imperiýasy dünýäde kuwwatly döwletleriň birine öwrülýär. Mitridat I öz adyna Mitridatokert (köne Nusaý) ady bilen 43 diňi bolan mizemez gala gurdurýar.

Öňki Aleksandropolyň ýerinde bolsa barjamlylar üçin jaýlar hem-de ybadathanasy bina edilen täze şäher (täze Nusaý) döreýär.

Häzirki döwür toponomika ylmynda «Nusaý» ady bolan oturymly ýerleriň Täjigistanda, Eýranda, Owganystanda bardygy bellenilýär.Ýöne gadymy awtorlar parfiýa Nusaýynyň hut häzirki Bagyr obasynyň duran ýerinde bolandygyny anyk ýazypdyrlar. Rim taryhçysy Pliniý (b.e. I asyry) şeýle ýazýar:«Parfiýalylar barada aýdylanda, ol ýerli hemişe köplenç ýatlanylýan dagyň eteginde ýerleşipdir we ol taýpalaryň ählisini öz içine alypdyr…

Meşhur Nusaý-da Aleksandropolyň duran ýerinde ýerleşipdir».

Wagtyň geçmegi bilen parfiýa şalary paýtagty Kiçi Aziýa geçiripdirler, ýöne olar Nusaýa iňňän sarpaly garapdyrlar. Çünki ol ýerde Ärsaglaryň nebere agzalarynyň guburlary galypdyr. Keramatly günlerde patyşalar Nusaýa gelipdirler hem sadakalar beripdirler.

Arheologlar Nusaýda «Tegelek» we «Diňli» diýen şertli atlar berlen iki ybadathananyň, şeýlede Mitridatokertiň köşgüniň «Dörtburç» zalynyň üstüni açdylar.

Eger-de köni Nusaý patyşalaryň rezidensiýalary bolan bolsa, täze Nusaý hakyky şäher bolupdyr. Ol şäher Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşipdir hem-de Rim imperiýasy, Hindistan, Hytaý we beýleki döwletler bilen ysnyşykly medeni, söwda gatnaşyklaryny saklapdyr.

Biziň eýýamymyzyň 226-njy ýylynda Parfiýa şalygy öz ýaşaýşyny bes edýär. Ärsaklardan bolan öňki hökümdar Sasanidler neberesinden bolan biriniň baştutanlygynda täze döwleti döredýär. Ilkinji nobatda Ärsaglaryň nebere goraghanasy hökmünde hasaplanyp, köne Nusaý weýran edilýär. Parfiýa şalary bilen baglanyşykly ähli ýatlamalary adamlaryň aňyndan öçürmäge dyrjaşyp, Sasanidler olara dahylly ähli zatlary talapdyrlar,ýykyp-ýumrup, harabalyklara öwrüpdirler.Ol ýerde durmuş diňe ençeme ýüz ýyldan soň, ýagny araplar gelenden soň ýäzeden başlanypdyrlar.

Arap geografy al-Maksidi (onunjy asyr) şeýle ýazýar, ýagny Nusaýda «…ýüpek mata, ondan dürli geýimler, künji we künji ýagy, zerli geýimler öndürilýär… Nusaýda nah matadan geýimler, tilki, samyr sütükleri bar…sen Nusaýyňky ýaly badamjany başga hiç ýerde görmersiň».

Bu azyk, senagat önümleri we bürünçden, küýzeden, aýnadan ýasalan nepislikler Nusaýdan has uzak ýurtlara alnyp gidilipdir.

Nusaý 1017-nji ýylda Gaznawileriň döwletiniň düzümine girýär, 1031-nji ýylda ol ýerde Togrul beg Türkmeniň we Çagry beg Türkmeniň baştutanlygynda türkmen-seljuk esgerleri peýda bolýar. 1040-njy ýylda Togrul beg Beýik Türkmen-Seljuk şalygynyň döredilýändigini jar edýär.

Nusaý mülkleri 1225-nji ýylda Halugu döwletiniň düzümine girýär, 1381-nji ýylda bolsa ol parahatçylyk ýoly bilen Teýmiriň döwletiniň hataryna goşulýar. Şondan soň şäher ýene harabalykdan dikelýär.15-nji asyryň taryhçysy Hafizm-i Abru Nusaýda ädikçileriň, demirçi ussalaryň, küýzegärleriň, netjarlaryň we beýleki hünärmenleriň ýaşaýandyklary barada ýazypdyr.

Şeýlelikde, XIX asyryň başlarynda Merkezi Aziýanyň iň gözel şäherleriniň bolan Nusaý öz ýaşaýşyny bes edipdir.XV Nusaý Merkezi Aziýanyň günortasynda iň iri şäher hasaplanylypdyr.Şäheriň kinamiki önümleri öz ýasalyş nepisligi we daş keşbi babatda hytaý farforyna barabar saýylypdar.

Köne Nusaý Parfiýa imperiýasy dargandan soň hiç haçan öňki rowaç derejesine ýetip bilmeýär. Diňe arheologlar Mitridatokertiň ýeten belentlikleriniň alamatlaryny-pil süňklerinden ýasalan ajap şah-şekilli gaplary(ritonlary),« hojalyk resminamalarynyň arhiwini» (b.e.öňki II-I asyrlar), ak mermerden ýonulyp ýasalan heýkelleri, şeýle-de binagärlik nusgalyklary, keramikalary, her dürli metal önümlerini agtaryp tapýarlar.

Nusaýyň taryhy tutuş Türkmenistanyň taryhynyň iň gyzykly we gymmatly sahypalaryndandyr. Arheologlar biziň günlerimizde-de gazuw-agtaryş işlerini dowam edýärler we Parfiýa imperiýasynyň şanly paýtagtynyň medeniýetiniň we sungatynyň täze sahypalaryny açýarlar.

Türkmen halkynyň dünýäniň köp ýurtlaryndan gelen gadyrly myhmanlary bolan alymlar öz türkmen kärdeşleri bilen hormatly Prezidentimiziň karary esasynda geçirilýän bu abraýly ylmy maslahatda şol möhüm taryhy sahypalaryň sanyny has-da artdyrarlar.




#Article 358: Alamberdaryň mazary (156 words)


(XI asyr)

Atamyrat (Kerki) şäherinden 12 kilometrlikde Muitasiriň türbesi ýerleşýär. Ýerli ilat ony Alamberdaryň ýa-da Alamdar tugçynyň - “baýdak göterijiniň” mazary diýip atlandyrýar. Rowaýata görä ol halyf Alynyň harby serkerdesi bolupdyr. Rowaýatda şeýle diýilýär : “Bir gezek Alamberdaryň nökerleri çölde suwsuzlykdan horlanypdyr. Alamberdar guýy gözlemäge ugrapdyr hem-de özi azaşmaz ýaly esgerlerinden gije ot ýakmagy haýyş edipdir. Suw tapyp Alamberdar ýalňyşlyk bilen duşmanlaryň oduna barypdyr we olar tarapyndan öldürilipdir”. Taryhy çeşmeler orta asyrlarda Zemm etrabynda 1004-1005-nji ýyllarda Samany hökümdary Abu Ybraýym Ysmaýyl Muntasiriň öldürilendigine we şu ýerde jaýlanandygyna şaýatlyk edýär.Alamberdaryň mawzoleýi Türkmenistanda XI asyr migmarlygynyň (arhitekturasynyň) iň oňat nusgalaryndan biridir. Planynda inedördül (10,35 metr) bolan bu uly jaý arka paruslarynyň üstünden gümmez bilen örtülen otaglydyr. Inedördül (27 × 27 × 4,5 sm) bişen kerpiçden we figuraly kerpiçden nagyşalanypdyr. Örüm bilen edilen öň ýüzüniň timarlanyşy aýratyn gyzyklydyr. Çüňkleri sekiz gyraňly sütünler bilen berkidilipdir. Girelgesi çaklaňrak peştag (portal) bilen, onuň taraplary bolsa üsti arkaly nagyşly örülen tagçalar bilen haşamlanypdyr.




#Article 359: Astanababa mazary (222 words)


(XII-XVII asyrlar)

Ýerli ilat kä ony Astanababa mazary diýip, kä bolsa iki dogan Zeýdaly we Zuweýdalynyň hem-de olaryň aýallarynyň - Gyzlarbibi mawzoleýi diýip hem atlandyrýarlar. Bu mazar hakynda birnäçe rowaýatlar bolup, olaryň birinde şeýle diýilýär : “400 ýyl mundan ozal Balhyň hökümdary ibn Aly Nur ogly Zuweýdanyň ýerli dolandyryja äre berlen ýalňyz gyzy aradan çykypdyr. Muňa gynanan kakasy gyzy üçin mawzoleý gurmagy buýruk beripdir we Marydan hem-de Samarkantdan oňat ussalary çagyrdypdyr. Emma gurlup gutaran badyna mawzoleý ýykylypdyr. Ýene täzeden gurlan jaý şonuň ýaly bolup ýykylypdyr we üç gezek şeýle bolupdyr. Bu ýagdaýa gary gamgyn bolan Nur oglunyň düýşünde bir goja giripdir we ol mawzoleýi Mekgeden getirilen toýun bilen suwdan garyp gurmagy maslahat beripdir. Gyzyň gamgynlykdan halas bolmadyk kakasy şeýle hem edipdir. Palçygy Mekgeden getirilen gumdan edipdirler, suwy bolsa getirip bir guýa guýup goýupdyrlar we palçyk etmek üçin suwy şondan alypdyrlar. Şeýlelik bilen mawzoleý gurlupdyr we Nur ogly ölende ony hem şol mawzoleýde, gyzynyň mazary bilen goňşulykda jaýlapdyrlar”Astanababa türbesi birnäçe bölekden ybaratdyr. Ol açyk dälizden, howlujykdan, peştagdan, ýapyk dälizden, dört pilonly zaldan, metjitden, Zeýdalynyň we Züweýdalynyň guburhanasyndan, diwanhanadan we Gyzlarbibi mawzoleýi bilen birikdirýän insiz dälizden ybarat. Ansamblyň iň gadymy bölegi metjitdir we ony XII asyr bilen senelemek bolar. Diwanhana hem metjit bilen bir wagtda gurlupdyr. Gyzlarbibi mazoleýi ansamblyň has giçki bölegidir, ol dürli ölçegdäki ähtimal ikinji gezek peýdalanylýan kerpiçlerden (XIX asyrda) bina edilipdir.




#Article 360: Käkilik (147 words)


Dag käkiligi (latynça – Alectoris kakelik, rusça – каменная куропатка, iňlisçe – chukar partridge) —Towuklar  otrýadynyň sülgünler maşgalasyna degişli guş. Ýelekleri gögümtil-goňur (kelle we ganat ýelekleri gyzgylt). Böwründe kese gara zolaklar bolýar. Çüňki we aýaklary gyzyl.

Agramy 350-den 700 g-a ýetýär. Käkilik günbatarda Alp daglaryndan, Balkan hem-de Sinaý ýarym adasyna, gündogarda Hytaýa hem-de Gimalaý daglaryna çenli ýaýrandyr. Türkmenistanda käkilik Balkan daglarynda, Köpetdagda, Bathyzda, Garabilde, Köýtendagda duş gelýär. Käkilige ýakyn bolan görnüşler Günorta Ýewropada, Demirgazyk Afrikada, Arabystan ýarym adasynda duş gelýär.

Käkilik dagyň gyrymsy agaçly gaýalarynda mesgen tutýar. Ol galyň gar ýaganda, dag etegine düşýär. Ýylda bir gezek köpelýär. Ýerde höwürtgeläp, 9-12 (kähalatlarda 14-17) ýumurtga guzlaýar. Ýumurtgany 23-25 günläp basýar. Käkilik ösümlik tohumy, ýaprak we mör-möjekler bilen iýmitlenýär. Käkilik aw guşy hasaplanýar. Köp awlanýanlygy sebäpli, onuň sany ýyl-ýyldan azalýar. Käkilik döwlet tarapyndan goralýar. Ony ýylyň belli bir möhletlerinde awlamaklyga rugsat edilýär.

Türkmen Sowet Ensiklopediýasy, Tom 5, sah. 112




#Article 361: Ýusup Balasagunly (179 words)


Ýusup Balasagunly 1017-nji qara haniylar  uyghur döwletine degişli Balasagun şäherinde dünýä inýär. Ol bilim-sowadyny öz iliniň ulamalaryndan, danalaryndan alýar. Ene dilinden daşary arap, pars, ýunan, hytaý we hindi dillerini kemsiz özleşdirýär. Ol gadymy türki ynançlardan başga yslam, buddizm, maniheýçilik ýaly şol sebitde ýaýran beýleki dinleri hem çuňňur öwrenipdir. Şeýdibem alymyň ylmy gözýetimi has giňäpdir.

Ilki Balasagunly Ýusup ady bilen tanalan bu akyldar, «Kutadgu-bilik» («Bagt getiriji bilim») atly ajaýyp eserini ýazanyndan soň, has-hajyp derejesini gazanýar we Gara Bugra hanyň weziri edilip bellenilýär.

Ol «Alymlaryň ylmy, halkyň ýoluny ýagtyldar. Ylym bir şem kibidir, gijelerine ýanar we adamzada dogry ýoly görkezer. Şonuň üçin alymlary hormatlamak we olaryň ylymlaryndan peýdalanmak gerekdir» diýip ýazýar. Bu eser türkmen dilinde ýazylan ilkinji syýasatnama eseri hasaplanýar.

Dünýä edebiýatynda we ylmynda öçmejek yz goýan türkmen akyldary Ýusup Balasagunly, taryhy maglumatlara görä, 1077-nji ýylda dünýäden ötýär. Biziň döwrümizde dürli ýyllarda, dürli dillerde çap edilen, «Kutadgu-bilik» dünýä ýüzünde uly meşhurlyga eýedir. Eseriň 1971-nji ýylda Daşkentde çap edilen Özbekçe we köne türki dildäki nusgasy, şeýle hem S.N.Iwanow tarapyndan rus diline terjime edilip, 1990-njy ýylda çap edilen nusgasy muňa mysal edip bolar.




#Article 362: Mollanepes (631 words)


Mollanepes —Beýik söz ussady  XIX asyrda ýaşap geçen nusgawy şahyrymyzdyr. Beýleki nusgawy şahyrlarymyza garanyňda, Mollanepesiň terjimehalyna degişli köp maglumatlar saklanyp galypdyr. Adamlarda gözel duýgulary, ajaýyp arzuwlary oýarýan şygyrlary bolan lirik şahyrymyz Mollanepes 1810-njy ýylda häzirki Sarahs etrabynda dünýä inýär. Onuň kakasyna molla Kadyrberdi diýer ekenler. Kadyrberdiniň dört ogly bolupdyr, oalryň iň kiçisi Nepes bolupdyr. Örän ylymly, sowatly adam bolansoň, onuň adynyň öňüne “molla” sözi soň goşulyp, Mollanepes diýen at ýörgünli bolýar. Umuman öňki zamanlarda şahyrlara Molla Kemine, Molla Zelili ýaly epitet bilen ýüzlenilipdir. Mollanepes ilki oba mekdebinde soňra Maryda Molla Töre ahunyň medresesinde bilim alypdyr. Has soňrak Buhar medresesini tamamlap ahunlyk derejesine ýetipdir. Gündogaryň beýik söz ussatlary Nyzamynyň, Nowaýynyň, Firdewsiniň, Jamynyň Fizuliniň, Magtymgulynyň eserlerini ürç edip okapdyr. Şahyr arap, pars dillerinden gowy baş çykarypdyr. Şonuň üçin ol pars dili şahyrlaryň goşgularyny, poemalaryny asyl nusgasyndan okapdyr. Şeýle hem ol musulmanlaryň, hristianlaryň keramatly kitaplary bolan Gurhany, Injili gowy öwrenipdir. Muny onuň özüniň ölmez-ýitmez “Zöhre-Tahyr” dessanda ulanan Musa pygamber, Isa pygamber bilen baglanyşykly rowaýatlary hem tassyk edýär. Şahyryň:
 Gezdim Buhar şährin Samarkant bilen…
Seýran edip gezdim ýakyny – ýady… –
 diýen setirleri onuň köp ýerlere jahankeşdelik edendigini, gözýetiminiň giň bolandygyny görkezýär. Ol öz döwrüniň görnükli şahsyýetleri bilen ýakyn aragatnaşykda bolupdyr. Şolaryň biri hem nusgawy şahyrymyz Mämmetweli Keminedir. Bu hakynda Mollanepesiň çowlugy Oguljahan eje şeýle gürrüň beripdir: “Babamyň alty aý oglan okadyp, alty aý kitap okamak, goşgy ýazmak bilen wagt geçireni hakda kakam pahyr gürrüň edip bererdi. Olar üç kişi ekenler, biri babam, ikinjisi Aman diýen adam, üçünjisi molla Kemine bolara çemeli. Olar bütin gijäni her hili kitaplar okamak, goşgy düzmek we ýomak atyşmak bilen geçirer ekenler.” Mollanepesiň nesil şejeresi şeýledir. Molla Kadyrberdiniň dört ogly bolupdyr. Olaryň birisine Agajyk bagşy diýer ekenler. Ol bu dünýäden perzentsiz ötüpdir. Beýleki ogly Ördekberdi bolup, onuň ogluna molla Erçi diýer ekenler. Şahyryň ýene bir dogany Hakberdi. Onuň perzentleri Meşret hem Ýemşik. Mollanepes öz obadaşy Bossantäç diýen gyzy söýüp oňa öýlenýär. Mollanepesiň Mämmetreýim hem Resul atly ogullary bolupdyr. Mollanepesiň Mämmetreýimden bolan agtygyna Hojanazar diýipdirler. Il içinde tutulýan ady Hojaş. Hojaşyň iki gyzy bolup, birine enesi Bossantäjiň ady dakylypdyr. Ol köp goşgy ýazar eken. Mollanepes teke türkmenleriniň Sarahsdan Mara süýşmegi netijesinde ömrüni häzirki Wekilbazar etrabynda ýaşap geçipdir. Ol il-ýurduny tüýs ýürekden söýüpdir. Şahyr öz ýurduny diňe bir wasp etmän, eýsem, daşky duşmanlardan goramaga mydam taýýar mert adam bolupdyr. Nasretdin şanyň goşunlary Hemze Mürzäniň ýolbaşçylygynda 1861-nji ýylda Marynyň üstüne ýöriş edýär. Basybaljylara garşy şol gazaply söweşlere eli ýaragly gatnaşan şahyr şol söweşde agyr ýaralanýar. Şahyr şol ýarasyndan aýňalyp bilmän 1862-nji ýylda  52 ýaşynyň içinde aradan çykýar. Ony Marydaky Hoja Abdylla baba gonamçylygynda Gowşut hanyň ýanynda jaýlaýarlar. Onuň nesilleri häzir Mary, Murgap, Wekilbazar, Sakarçäge etrabynda ýaşaýarlar.

Mollanepes döredijilik işine ýaşlykdan başlap, halk eserleri, türkmen we gündogar halklarynyň edebi ýadygärlikleri bilen içgin tanşypdyr hem-de şygyr sungatynyň inçe tilsimlerini ele alypdyr. Ol köp sanly goşgulary hem-de halkyň uly söýgüsini gazanan “Zöhre-Tahyr” dessaony bilen türkmen halkynyň aňynda ebedilik orun aldy. Şahyryň döredijiliginiň esasy bölegi söýgi-ahlak, öwüt-nesihat häsiýetli şygyrlardyr.
Söýgi-ahlak: Mollanepesiň döredijiliginde yşky-ahlak häsiýetdäki şygyrlar esasy orny eýeleýär. Ol bu meselelere bagyşlap ýazan “Bäri gel”, “Haýrana galar”, “Söwdügim”, “Istäp ki gözel ýary”, “Kakar” ýaly onlarça goşgularynda türkmen gelin-gyzlarynyň ahlak sypatlaryny, görk-görmeklerini, edim-gylymlaryny taryplamak bilen birlikde, ýaşaýşyň gönezligi söýgi diýen pikiri orta atypdyr.
Öwüt-nesihat: Mollannepes öwüt-nesihat häsiýetdäki şygyrlarynda adamlara agzybirlikde hem-de özüňe berlen az pursatlyk ömre erk edip ýaşamaklygy ündew edýär. Şahyryň bu ugurdan ýazan goşgularynyň içinde “Ner gezgin” hem-de “Aňsa” goşgulary özüniň ähmiýeti taýdan has-da tapawutlanýar.

Temasy, köp görnüşliligi. Mollanepes sözleriň süýjüsinden saýlap şygyr döretmek bilen birlikde, halk rowaýatlary esasynda “Zöhre-Tahyr” dessanyny-da ýazýar. Mollanepesden öň XVI asyrda ýaşap geçen özbek şahyry Saýýady hem “Tahyr we Zuhra” atly bir poema ýazýar. Ýöne bu poema gysga bolup, wakalar anyk berilmeýär.
Edebiýat taryhynda bu sýužeti dessançylyk tärinde işlän ýeke-täk şahyr Mollanepesdir. Şahyr bu sýužeti täzeden işlemek, öz arzuw-hyýallaryny, oý-pikirlerini dessanyň içinde goşgy görnüşinde bermek bilen, ony millilik häsiýeti bilen-de baýlaşdyrypdyr.




#Article 363: Birleşen Milletler Guramasy (706 words)


Birleşen Milletler Guramasy (iňlisçe – United Nations, rusça – Организация Объединенных Наций, Türkçe: Birleşmiş Milletler )
Parahatçylygy goldamak hem-de ýurtlar arasynda parahatçylykly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin, özygtyýarly döwletleriň meýletin birleşmegi esasynda döredilen halkara gurama. Ilkinji gezek şeýle guramany döretmek meselesi 1943-nji ýylyň oktýabrynda Moskwada, soň 1944-nji ýylda Dumwarton-Oksda (ABŞ-da) SSSR-iň, ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň wekilleriniň maslahatynda çözüldi. 1945-nji ýylyň fewralynda üç beýik döwletiň Ýalta (Krym) konferensiýasynda şeýle halkara guramany döretmek meselesi gütarnykly çözüldi. Bu gurama 1945 ýylyň 25-nji aprelda San-Fransiskoda (ABŞ-da) geçirilen konferensiýada döredildi. 26-njy iýunda 50 ýurduň wekilleri biragyzdan BMG-niň Düzgünnamasyny kabul etdiler. Düzgünnama 24-nji oktýabrda güýje gir­di. Şondan bäri 24-nji oktýabr BMG-niň Güni hökmünde bellenip geçilýär.
BMG-niň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri Nýu-Ýork, onuň Ýewropadaky merkezi Ženewa şäheridir. BMG-niň maksady, onuň öz Düzgünnamasynda ýazylyşy ýaly “parahatçylyga salynýan howpuň öňüni almak hem-de ýok etmek we agressiýa aktlaryny ýatyrmak üçin” toparlaýyn çäreler görmek bilen, parahatçylygy hem-de howpsuzlygy gorap saklamakda, milletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary ýola goýmakdan, ykdysady, sosial, medeni hem-de gumanitar häsiýetdäki halkara meselelerini çözmekde hyzmatdaşlygy amala aşyrmakdan, adamyň hukuklaryny we azatlygyny hormatlamagy ösdürmekden ybaratdyr. Uzak ýyllaryň dowamynda BMG halkara çökgünlikleriň öňüniň alynmagynda we uzaga çeken dawalaryň parahatçylyk ýoly bilen çözülmeginde uly rol oýnady. Ol dawalaryň öňüniň alyn­magy, parahatçylygyň saklanmagy we ynsanperwer kömekleriň berilmegi ýaly meselelerde toplumlaýyn çäreleri amala aşyrdy. Meseleler çözülende, BMG-niň hemme agzalary deň hukuklydyr. Bu gurama döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk esasynda iş alyp barýar. Ilki başda BMG-niň agzalary 51 döwletde, 1972 ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli olaryň sany 132-ä ýetdi. Häzirki wagtda (2011) BMG-niň düzüminde 193 döwlet bar.
BMG – bu uly forum bolup, ol ýerde ähli döwletleriň wekilleri biri-biri bilen duşuşmaga müm­kinçilik tapýarlar.
Soňky maglumatlara görä, sekretariatyň işgärleriniň sany bütin dünýä boýunça takmynan 40 müňe barabardyr. Guramanyň 2008-2009-njy ýyllar aralygyndaky iki ýyl lyk býujeti 4 milliard 171 million dollara barabar boldy. Guramanyň resmi dilleri: iňlis, arap, ispan, hytaý, rus we fransuz dilleridir.
BMG-niň esasy organlary Baş Assambleýa, Howpsuzlyk Geňeşi, Ykdysady we sosial geňeşi, Halkara Kazyýet* we sekretariatdyr. Ylym-bilem we medeniýet meseleleri baradaky ýörite halkara guramasy — ÝuNESKO we başgalar bar.
Baş Assambleýa guramanyň ýokary organydyr. Onuň sessiýa ýygnaklaryna agza bolup durýan döwletleriň hemmesiniň wekilleri gatnaşýarlar. Sessiýada garalan meseleler boýunça rezolýusiýalar kabul edilýär. Baş Assambleýa nobatdaky sessiýasyny ýylda bir gezek çagyrýar. Ýörite we adatdan daşary sessiýalar Howpsuzlyk geňeşiniň maslahaty we teklibi boýunça çagyrylýar.
Baş Assambleýa edil forum ýaly bolup, ol ýerde dünýä döwletleriniň özara gyzyklandyrýan meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmagyna mümkinçilik döredilýär. Şeýle hem Baş Assambleýa Ykdysady we sosial geňeşiň, Howandarlyk geňeşiniň we beýleki ýöriteleşdirilen edaralaryň işlerine gözegçilik edýär. Howpsuzlyk geňeşi bilen bilelikde Baş sekretary we Halkara kazyýetiniň kazylaryny saýlaýar.
Assambleýadaky ähli döwletler ululygyna we kiçiligine garamazdan bir ses bermäge hukugy bar.
Howpsuzlyk Geňeşi BMG-niň iňňän möhüm organydyr. Ol halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny goramak baradaky meselelere seredýär we degişli kararlar kabul edýär. Sowete onuň 5 sany hemişelik agzasy — Russiýa, Hytaý Halk Respublikasy, ABŞ, Angliýa, Fransiýa we BMG-niň agzalary bolup durýan beýleki ýurtlaryň wekillerinden Baş Assambleýa tarapyndan iki ýyl möhleti bilen saýlanýan 10 sany hemişelik däl agzasy girýär. Hemişelik däl agzalary şu sebitlerden saýlanýar: Afrika we Aziýa (5), Gündogar Ýewropa (1), Latyn Amerikasy (2) we Günbatar Ýewropa (2). BMG-niň bu organy üçin Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalarynyň agzybirlik esasly bolan weto hukugy iňňän möhümdir.
Ykdysady we sosial geňeşi Baş Assambleýa tarapyndan 54 agzadan ybarat düzümde saýlanýar. Agzalar 3 ýyl möhlet bilen saýlanýar. Bu geňeş halkara, ykdysady, sosial, medeni, saglygy saklaýyş meselelerini we ş. m. öwrenýär hem-de olar barada BMG-ä teklipler taýýarlaýar.
Halkara Kazyýet* ýa-da Bütindünýä Kazyýeti Niderlandlaryň Gaaga şäherinde ýerleşip, onda 15 sany kazy bardyr.
 
BMG-de esasy wezipeli administratiw adam baş sekretardyr. Ol Howpsuzlyk Geňeşiniň maslahat bermegi bilen Baş Assambleýa tarapyndan 5 ýyllyk möhletde bellenilýär. Şu wagta çenli (2011) BMG-niň 8 sany baş sekretary boldy. Olaryň 8-njisi häzirki Baş sekretar Pan Gi Mundur (2007-njy ýyldan bäri). Ilkinji Baş sekretar wezipesine norwegiýaly Trýugwe Li saýlan­ýar. Ol 1946-1952-nji ýyllar aralygynda ýolbaşçylyk edýär. Soňra onuň ýerine 1953-nji ýylda şwesiýaly Dag Hammarşeld saýlanýar. Ol hem 1961-nji ýyla çenli guramanyň Baş sekretary bolup zähmet çekýär. Mýanmaly U Tan 1961-1971-nji ýyllar aralygynda ýolbaşçylyk eden bol sa, 1972-1981-nji ýyllarda awstriýaly Kurt Waldhaým Baş sekretar boldy. Peruly Hawýer Peres de Kuelýer BMG-niň bäşinji Baş sekretary bolýar. Ol 1982-1991-nji ýyl­lar aralygynda gurama ýolbaşçy bolýar. 1992-nji ýylda Butros Gali resmi taýdan Baş sekretar wezipesine saýlanýar. 1997-nji ýylda Kofi Annan Baş sekretar bolup, 2006-njy ýyla çenli şol wezipede işleýär.




#Article 364: Türkmensähra (618 words)


Türkmensähra Eýran Türkmenleriniň iň köp ýaşaýan sebitidir.

Eýran Türkmenleri Türkmenistan bilen Owganystan Türkmenleriniň ýaşaýyş ýerleri bilen goňşy bolan Gülistan, Demirgazyk Horasan, we Rezewi Horasanda ýaşaýandyrlar.

Türkmenistanyň Günbatarynda ýerleşýan Türkmensähra Hazar Deňizinden başlap Owganystan serhedine çenli dowam eder.

Şeýlelik bilen Türkmensähra sebiti de Gülistan, Demirgazyk we Rezewi Horasan welaýatlarynyň bir bölegidir.

Eýranda Türkmenler iň köp Gülistan welaýatynda ýaşaýar. Bu welaýatdan soň demirgazyk Horasan bilen rezewi horasan Türkmenleriň iň köp ýaşaýan sebitleridir.

Türkmensähranyň iň köp Türkmen ilatyna eýe bolan şäheri Kümmet Gowuz (Parsça: Gonbad Kavus-گنبد کاووس) şäheridir.

Türkmenleriñ we Türkmensähradaky ýaşaýan Türkmenleriñ milli şahyry bolan Magtymguly Pyragyny ýüreklerinden alan Gökleñ taýpalary, Eýranda türkiligini iñ köp goraýan jemgyýet hökmünde tanalýar. Mundan daşary Türkmenistan, Türkiýe we başga türki milletlerinini özlerine dogan hökmünde görüp, ynançlaryna, batyrlyklaryna buýsanyp ýaşaýan taýpadyr. Eýrandaky Türkmenleriñ sany 3 mln - dan geçýändigi bilinýär. Dünýä banky ýurtlar profilindäki sana görä Eýranyñ doly halkyny 66 mln hasap edemizde onuñ 42 % Türkler tutýar. 

Türkmenistanyň serhedindäki Bender Türkmen, Kümüşdepe, Akgala, Ambarolum, Inçeburun, Siminşäher, Daşlyburun, Kelala, Marawadepe we Jergelan ýaly şäherlerde-de ilatyn köpüsi Türkmendir.

Munuň bilen birlikde Bojnurd we Meşhed, Çabahar, Türbetjam we Tahran ýaly şäherlerde-de köp sanly Türkmen ýaşaýar.

Türkmenleriñ Eýranda bolmalary miladynyñ başlaryna çenli daýanýar. Eýrandaky ilkinji taýpalaryñ Gyzyl we Ak han türkmenleridigi aýdylýar. 1040 njy ýylda Eýran topraklaryna höküm eden Gaznalylar bilen Seljuklaryñ arasynda geçen Dañdanakan urşynda Gaznalylaryñ ýeñilmesi bilen Eýranyñ gapysy Türkmenlere doly açyldy. Şu ýyldan soñ Türkmenler 1000 ýyllap Eýranda agalygyny gorap gezdi. Şo wagtyñ içinde Eýrany Seljuklar, Timurlar, Ilhanlylar, Ak goýunlylar we Gara goýunlylar dolandyrdy. Asyrlar boýunça Türkmenleriñ elinde galan Parslar 1925 nji ýylda medeniýeti doly eýeledi. Şundan soñra olar Türkmenleri özlerine biraz howp hökmünde görip olara garşy taýynlyklar düzüp ugradylar. 
Eýranda ýaşaýan Azerilerden soñra Türkmenlerin iñ köp ýaşaýan ýeri Türkmensähradaky Sünni Türkmenler bolupdyr. Bu ýer Eýrança Deşt-e Gorgan diýilsede Türkmenleriñ arasynda Türkmensähra diýip atlandyrylýar. 
Bu ýer Türkmenistanyñ çäginden başlap Hazar deñzine çenli uzaýar we bu ýer Gülistan welaýatynda ýerleşýar. 
Eýranda Türkmenler Salyr, Teke, Ýomut Gökleñ,  taýpalaryndandyr. 

Eýranda ýaşaýan Türkmenler özleriniñ azatlygy üçin 1920 njy ýyldan garşy gelip başladylar. 1924 nji ýylyñ 20 nji maýynda Türkmenler Eýran topragyndan aýrylyp garaşsyz Türkmen respublikasy-ny döretdiler. Türkmenler özleriniñ asyrlardyr ýaşaýan topraklarynyñ azatlygy üçin göreşýärdiler. Türkmenler Eýran bilen başa çykmak üçin güýçli serkerdelere mätäçdi, şo sebäpli harby okuw açmak gerekdi. Türkmenler Türkiýedäki serkerdeleri mugallym hökmünde çagyrdy. 

Ryza han tagta geçip, Türkmenleriñ herekedini doly ýatyrandan soñra, ýene Türkmenleriñ aýaga galmazlygy üçin birtopar işler geçirip ugrady. Bu işleriñ başynda ilki bilen Türkmenleriñ ýaragyny ýygnady. Soñra Türkmenleriñ köp bolýan her ýerine Eýran gözegçilerini goýdy. Bu zatlaryñ daşynda iñ erbedi bolsa Türkmen jemgyýetini doly ýatyrmak, Türkmenleri Eýranlaşdyrmak Parslaşdyrmak üçin Türkmen mekdepleriniñ ýapylmasydy. Muña derek Pars dili öwredýan okuwlar açylyp ugrady. Şuwagtam okuwlarda Türkmenler Parsça okaýarlar we Parsçany gowy bilýärler. Muny Türkmensähra diýlende ilkinji ýada gelen Emin Rasen gardaşymyz hem aýdypdy. Bu zatlar has ulaldy we soñra Türkmenleriñ milli eşiklerini geýmesi, milli tagamlaryny iýmesi, däp - dessurlaryny etmeleri hem gadagan edildi. 
Eýran hökümedi Türkmenleri has beter syndyrmak üçin gaty uly ýola baş goşdy. Eýranda ýaşaýan kürtleri Türkmenleriñ ýaşaýan ýerine göçürip, kürtleri Türkmenlere garşy ýarag hökmünde ulanjak boldy. Ýöne hökümediñ bu islegi başa barman, Türkmen - Kürt doganlygy peýda boldy we aralarynda hiç bir oñuşmazlyk bolmady. Türkmenler Eýranlylardan ýaragda yza galmalary bilen birlikde syýasetdede yza galypdyrlar. 

Şuwagtky ýagdaýlary unudylan hökmünde diýip bileris.
Türkiýe hem Eýrandaky ýaşaýan Türki halklaryndan ýekejede habar tutanok, hatda olarda o barada ýekejede maglumatam ýok, Atatürk döwründe Atatürk Eýrandaky Türkmenlere başardygyça kömek edipdir, ýöne ol ölenden soñra Türkmenler unudyldy, we şo unudylanlygy 20 nji ýüz ýylyñ soñuna çenli dowam etdi. 
Eýranda ýaşaýan Türkmenler özleriniñ asudalygyny, atlaryny gorap saklamak üçin ýekeje özleri öz başyna hereket etýärler. Türkmensähradaky Türkmenler 1991 nji ýylda döredilen Dünýä Türkmenleri ynsanperwer birligi ýygnaklarynda, şo döwrüñ hökümeti Saparmyrat Nyýazow tarapyndan ýatlanypdyr. Soñra syýasy işler maslahatlar ýüzünden Eýrandaky Türkmenler ýene ýalñyzlyga itildi. 




#Article 365: Mark Zuckerberg (334 words)


Mark Zukerberg () Amerikan programmisti we “Facebook” jemgyýetçilik torunyň döredijisidir. Ol 2004-nji ýylda Garward Uniwersitetindäki kursdaşlary Dastin Moşkowiç (Dustin Moskowitz), Eduardo Sawerin (Eduardo Sawerin) we Kris Hýugs (Kris Hughes) bilen bilelikde häzirki wagtda 845 milýondan gowrak ulanyjysy bolan “Facebook” jemgyýetçilik toruny döredip, dünýäniň iň ýaş baý adamy hökmünde tanalýar. 2011-nji ýylda onuň hususy eýeçiliginde $17.5 mlrd baýlygy bar diýip hasaba alyndy. Ol dünýäniň in ýaş milýarderidir. Şeýle hem, Mark Zukerberg 2010-njy ýylda “Times” žurnalynyň pikiri boýunça “Ýylyň adamy” diýip saýlandy.

Ol 1984-nji ýylyň maý aýynyň 14-ne ABŞ-nyň Nýu Ýork şäherinde eneden bolýar. Kakasy – diş lukmany, ejesi – psiholog. Onuň üç sany uýasy bar. Olar Nýu Ýork şäherinde birlikde önüp-ösýärler. 2003-nji ýylda, haçanda ol uniwersitetiň ikinji ýylynda okap ýörkä, hytaý asylly amerikan gyz – Priska Han bilen tanyşyp, onuň bilen birlikde ýaşamaga başlaýar. 2010-njy ýyldan bäri, Zukerberg öz söygülisi bolan Priskila Han bilen Kaliforniýada (Palo Alto) ýaşaýarlar. Ol ýewreý hökmünde ýetişdirilmegine garamazdan, 13 ýaşyndan bäri özüni ateist diýip yglan edýär. Zukerberg iňlis dilinden başga-da fransuz, iwrit, latyn we gadymy grek dillerinde ýazmany we okamany başarýar.

Zukerberg kiçilikden bäri kompýuter ulanmagy we onda birnäçe programmalardan baş alyp çykýagy başarýar. 1990-ny ýyllarda, ýagny 6-7 ýaşyndaka kakasy oňa kompýuterde Atari Basic programmasyny öwretdi. Soňra kakasy kompýuter programisti bolan Deýwid Nýumany hususy mugallymy hökmunde hakyna tutdy. Mekdep okuwçysy wagty, ol eýýäm kompýuterde taze programalary we oýunlary döretmäge başlady.

Orta mekdepde fizika, matematika we astronomiýa dersleri boýunça birnäçe baýraklara mynasyp bolan Zukerberg, mekdebini tamamlanyndan soňra ABŞ-niň iň abraýly ýokary okuw mekdebi bolan Garward Uniwersitetininiň “Informatika” bölümine girmegi başardy. Eýýäm uniwersitetiň birinji ýylynda okuwyň iň owadan we ökde talyplaryny saýlaýan “www.facemash.com” saýtyny döretdi. Saýtda Zukerberg Garwardyň ähli talyplarynyň suratlary ýerleşdiripdir. Bu suratlary bolsa ýaş programmist uniwersitetiň serweriniň ýörite kody döwüp, birugsat alýar. Şol sebäpli hem uniwersitetden kowulýar. Okuwy taşlanyndan soňra bütin Garward uniwersitetini internediň üsti bilen duşuşdyrmak maksady bilen 2004-nji ýylda öz ikinji saýty bolan “Facebook” saýtyny döretdi. 18 aýyň icinde, Facebook ABŞ-niň iň uly jemgyýetçilik saýtlarynyň birine öwrüldi. “Facebook” – bu dostlaryň bilen aragatnaşyk saklamak maksady bilen döredilen saýtdyr.




#Article 366: Dazzarkel (113 words)


Dazzarkel (latynça – Gyps fulvus, , )
Başgaça ady – gummaý
Ýyrtyjy guşlar otrýadyna degişli guş. Dazzarkel Günorta Ýewropada, Günorta we Merkezi Aziýada we Afrikada giňden ýaýrandyr. Ol öňki sowet döwletleriniň çäginde – Krymda, Kawkazda, Orta Aziýada (şol sanda Türkmenistanda) duşýar. Dazzarkeliň ganatynyň ýazgyn uzynlygy 2,4 metre, agramy 6.8-8.2 kg-a ýetýär. Reňki, esasan, goňrumtyl, ganatlary we guýruk ýelekleri goňrumtyl-garadyr. Boýnundaky sütük ýelek bilen iri ýelekleriň araçäginde ösgün ak ýelekden halka bolýar. Dazzarkel, esasan, Türkmenistanyň daglyk raýonlarynda (Köpetdag, Balkan, Köýten, Bathyz) gabat gelýär. Dazzarkel daglaryň uçut gaýalarynda höwürtgeläp, 1 sany (käte 2) ýumurtga guzlaýar. Ýumurtgany 50 gün çemesi iki jynsy hem basýar. Jüýjeleri 3 aýdan soň uçurym bolýar. Dazzarkel iri haýwanlaryň maslygy bilen iýmitlenýär.




#Article 367: Atajan Tagan (339 words)


Atajan Tagan, Türkmenistanly ýazyjy.

Ussat ýazyjy Atajan Tagan 1940-njy ýylyň 15-nji maýynda, Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Murgap etrabynda daýhan maşgalasynda dünýä indi. Kakasy Tagan Öwez 1943-nji ýylda Beýik Watançylyk urşynda Orýol şäherinde wepat boldy. Geljekki ýazyjy Mary şäherindäki 10-njy orta mekdebi tamamlady. Okuwynyň arasynda iki ýyl Sowet goşunynyň hatarynda gulluk etmek bilen 1967-nji ýylda Moskwanyň  Edebiýat institutyny tamamlady. Şol ýyl  hem Türkmenistan Ýazyjylar  guramasy ony SSSR Ýazyjylar birleşigine türkmen edebiýaty boýunça geňeşçi wezipesine Moskwa şäherine işe ýollady we şol ýerde  ol 1993-nji ýyla çenli, Türkmenistana gaýdyp gelýänçä işleýär.

Atajan Tagan türkmen, rus,  bolgar, täjik, gyrgyz dillerinde  jemi 620.000 ekz. tiraž bilen çap bolan  15-den gowrak kitabyň awtory. Onuň iň gowy powestleri we hekaýalary “Družba narodow”, ”Ogonýok”, “Znamýa”, ”Oktýabr” ýaly meşhur jurnallarda çap edildi,  hekaýalarynyň birnäçesi ( esasanam “Uruş haçan gutarýar” hekaýasy) dünýä dilleriniň onlarçasyna terjime edildi. Hekaýa janrynyň ussady hökmünde A.Taganyň Berlinde, Budapeştde ýörite “Hekaýa agşamy” geçirildi.

A.Taganyň eserleriniň esasynda “Babagambaryň gaýdyp gelmegi”, “Takdyr”,”Tentek”,“Ogul”(“Ak maýanyň ýoly”) çeper filmleri surata düşürildi, ”Söýgüniň haky üçin” (“Uruşdan soňky söweş”), “Padymanyň tallary”, “Gaýnene“ (“Gaýnene” Gyrgyzystanda hem oýnaldy), “Iň owadan gyz” spektakllary teatrlaryň sahnasynda goýuldy. Onuň “Keseki” (“Pereňli ýesiriň ýatlamasy”) taryhy romany esasynda döredilen spektakl köp ýyllar bäri Aşgabadyň A.S. Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatrynda sahnadan düşmän gelýär.

Atajan Tagan Jek Londonyň, E. Hemingueýiň, Ç. Aýtmatowyň, W.Rasputiniň, I.Turgenewiň, M. Lukoniniň, W. Şukşiniň hem başga-da birnäçe rus ýazyjylarynyň  eserleri bilen türkmen okyjylaryny tanyşdyrdy.

A.Tagan Halkara ýazyjylar birleşiginiň agzasy. Ol türkmen-rus medeni gatnaşygynyň ösmegine goşan goşandy üçin Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň permany bilen “Russiýa Federasiýasynyň at gazanan medeniýet işgäri” diýen hormatly at berilen ilkinji türkmenistanlydyr. Kino hem teatr suhgaty ugrunda bitiren işleri üçin Tükmenistanyň Prezidentiiň permany bilen A.Tagana “Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri” diýen hormatly at berildi. 
Häzirki wagtda ýazyjy Dünýä edebiýaty žurnalynda işleýär. Bu ýerde häli-şindi onuň dünýä edebiýatynyň dürdäne eserlerinden eden terjimeleri çap edilýär. Ýakyn wagtda ýazyjy Özbegistanyň Johon edebiýoty žurnalynda özüniň Keseki atly täze döreden taryhy-dokumental eserini çap etdirdi. Bahym bu eser kitap bolup, türkmen okyjylaryna-da ýetiriljekdigi şübhesiz. Ondan daşary hem Garagum žurnalynda ýazyjynyň 40 ýylda ýazylan kitap atly gündelik-essesinden parçalar çap edilýär.

Hekaýalar:




#Article 368: Tirkiş Jumageldiýev (302 words)


Tirkiş Jumageldiýew

Ussat ýazyjy Tirkiş Jumageldiýew türkmen edebiýatynyň iň meşhur we zehinli kyssaçylarynyň biridir. Ol 1938-nji ýylda dünýä inipdir. Ýazyjynyň ilkinji eserleri 1958-nji ýylda, ol entek student wagty çap edilip ugrapdyr, Şehitli atly hekaýasy Ýaş kommunist gazetinde, Ajaýyp duýgynyň tolkuny hekaýasy Türkmen uniwersiteti gazetinde, Goşa şarpyk hekaýasy bolsa Sowet edebiýaty(häzirki Garagum)žurnalynda çykýar. Emma diňe 1964-nji ýylda kitap bolup çykan Çaknyşyk powesti ýazyjynyň adyna üns çekdirýär. 1967-nji ýylda onuň çagalar üçin ýazan Howsalaly tomus powesti, 1968-nji ýylda bolsa içinde Gelneje hem Ökünç powesti we hekaýalary ýerleşdirilen Gelneje kitabyy çap edilýär. 1971-nji ýylda ýazyjynyň Ömür dawasy powesti hem çap edilip, dessine okyjylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolýar. Emma soňra çap edilen Başagaý(1969-ýylda ýaylyp, 1972-nji ýylda kitap bolup çykdy) powesti Tirkiş Jumageldiniň adyny türkmen edebiýatynyň iň öňdebäryjy, ussat ýazyjylarynyň hataryna goşýar. Bu powestiň esasynda ajaýyp film hem düşürildi.

Bu döwürde ýazyjy Edebiýat we sungat gazetinde redaktor bolup işleýär. Jumageldiýew bu neşiriň örän ygtybarly we öňdebaryjy gazete öwrülmegi üçin örän uly işler amala aşyrdy.
 
T.Jumageldiýew Bagrymyzyň badaşany, Janserek, Daşrabat, Mähekdaş, Gara ýyldyrym ýaly meşhur romanlaryň, Başagaý, Ömür dawasy, Gelneje, Ýanan gelinler ýaly birnäçe ajaýyp powestleriň hem-de Tragediýa, Komediýa, Kişiniň pikiri ýaly onlarça ajaýyp hekaýalaryň we esseleriň awtorydyr. Ýazyjynyň soňky - Merwden Mekgä çenli kitaby 1994-nji ýylda çap edilipdi. Bu kitabynda T.Jumageldiýew türkmençilik, halkymyzyň milli aýratynlygy hem özboluşlylygy, jemgyýetimiziň aktual problemalary, din, ynanç, ýurdumyzyň taryhy, ilimiziň däp-dessury, adamlaryň durmuşy, duýgylary ýaly pelsepewi temalar dogrusynda söz açýar.
Jumageldiýewiň Başagaý, Ömür dawasy we Ýanan gelinler powestleri hem-de Janserek romany türkmen kyssasynyň iň meşhur eserleriniň hataryndadyr.
Ýazyjy häzir hem çuňňur pelsepä ýugrulan eserleri bilen türkmen edebiýatyny baýlaşdyrmagyny dowam edýär. 2011-nji ýylda, Družba narodow žurnalynyň 4-nji sanynda onuň Gorky belasy romany rus dilinde çap edildi. 2011-nji ýylda bolsa onuň Gorky belasy romany bilen Ömürzaýa powesti we Milli oýun romany aýratyn kitap bolup çykdy.
Tirkiş Jumageldiýew Magtymguly baýragynyň hem-de birnäçe halkara baýraklarynyň eýesidir.




#Article 369: Afrika edebiýaty (2210 words)


Afrikanyň edebiýaty

Halk döredijiligi

Afrika ýurtlarynyň edebiýaty halk döredijiliginiň we dürli afrikan halklarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň netijesinde kemala geldi. Afrika ýurtlarynyň köpüsinde dürli halklar ýaşaýar. Olaryň hersiniň dili-de aýry-aýrydyr. Şonuň üçin bu halklaryň edebiýatlary-da özüniň mazmuny we žanry boýunça diýseň tapawutlanýar. Bu ýerde ertekilere-de, mifdir rowaýatlara-da, mataldyr basnýalara-da, aýdymlara, epiki eserlere-de duş gelmek bolýar. Olaryň ählisi hem afrikaly halklarynyň milli aýratynlygyna, däp-dessurlaryna, dini ynançlaryna (animalizm, tebigy güýçler, fetişizm, ata-babalara çokunmak we ş.m.) hem yrymlaryna ýugrulandyr. Esasan hem, Günorta Afrika Respublikasynda (zuluslar, gottentotlar, buşmenler), Gambiýada, Zimbabwede, Beninde ýaşaýan halklar milli folklorynyň žanr aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Sudanlylar, afar hem issa halklary bolsa täsin ertekileri bilen bellidir. Afrikalylaryň haýwanlar baradaky gadymy ertekileri hasam gyzyklydyr. Olarda köplenç pyşbaga (ibo, ýoruba, edo halklarynda), towşan (bantu dilli we Günbatar Afrika halklarynda), syrtlan ýa şagal (somali, gottentot halklarynda), möý (aşanti, malinke halklarynda) ýaly haýwanlarydyr mör-möjekler barada gürrüň berilýär. Nusgawy ertekilerde öwüt-nesihatyň azdygy ýa-da asla ýokdugy olary beýleki halklaryň ertekilerinden göz-görtele tapawutlandyrýar.
Afrika edebiýatynyň esasynda birnäçe gahrymançylyk eposlary-da durandyr. Bu eposlaryň köpüsi hyýaly mazmunda ýazylandyr. Olaryň iň esasylary «Silamaka hem Pullori Fulbe» we «Sundiata Mandingo» (Mali), «Mwindo Nianga hakda hekaýat» (Merkezi Afrika) eposlarydyr. Gadymy Mali döwletiniň «Sundiata» atly eposyny 1975-nji ýylda iňlis afrikanisti Gordon Innes iki dilde — iňlisçe hem mandinka dilinde neşir etdiripdir. Şol wagtlarda Sudan edebiýatynyň hem X asyra degişli bolan, şygyr bilen ýazylan birnäçe dessanlary kitap bolup çykdy.
Bu eserleriň ählisiniň biziň döwrümize gelip ýetmeginde griotlaryň hyzmaty örän ulydyr. Griot — rawylaryň hem sazanda-bagşylaryň Günbatar Afrikadaky umumy ady. Afrikanyň beýleki döwletlerinde olary başgaça atlandyrýarlar. Meselem, Gambiýada, mandingo halkynda — jali, fulbelerde — gaulo, woloflarda — gewel. Biziň döwrümizde Mansura Sek (Senegal), Kelefa Senen (Gambiýa), Dana Gurmun (Nigeriýa) ýaly tanymal griotlaryň çykyşlary audio we wideo ýazga geçirilýär.

Hat-ýazuwyň peýda bolmagy

Afrikanyň ýurtlaryndaky birentek halklaryň milli elipbiýi diňe garaşsyzlyk alnanyndan soň peýda boldy. Meselem, Togoda 1980-nji ýyla çenli hat-ýazuw diňe ewe halkynda bardy. Gambiýadaky fulbe halkynyň arap hem latyn elipbiýinden düzülen ýazuwy bolsa beýleki halklarynyňkydan has ir döredi. Emma Afrika yklymynyň ýurtlarynyň käbirinde hat-ýazuwyň taryhy gadymy döwürlere uzap gidýär. Mysal üçin, Efiopiýanyň edebiýaty gadymy efioplaryň geez dilinde IV-VII asyr aralygynda, Aksum şalygynyň ösen döwürlerinden gözbaş alyp gaýdýar. Maliniň Gao, Jenne şäherlerinde, Songaý döwletiniň Tombuktu şäherinde edebiýatda has uly öňegidişlik gazanylypdyr. Meşhur syýahatçy Al-Hasan Muhammet al-Wazzan az-Zaýýati al-Fasi özüniň «Afrikanyň hem-de onuň gözellikleriniň beýany» (1526) atly eserinde Tombuktu şäheri barada: «Bu şäherde kitap satyjylaryndan kän gazanç edýän ýok» diýip belleýär.
Sudanda XVI-XIX asyrlarda gülläp ösen Sennar soltanlygy barada ýazylan «Sennar senenamalary» atly edebi ýadygärlik hem uly ähmiýete eýedir. Onuň iň bir meşhur nusgalarynyň biriniň ýazary Ahmet Kätib aş-Şun bolupdyr.
Yslam dininiň gelmegi Afrikanyň birnäçe ýurtlarynda hat-ýazuwyň hem edebiýatyň ösmegine itergi berdi. Bu öňegidişlik diňe bir Demirgazyk Afrika (Müsür, Alžir, Tunis, Marokko) ýurtlary babatda gazanylmady, meselem, Tanzaniýada XIX asyryň ahyryna çenli suahili dilinde arap elipbiýi peýdalanylýardy. Sudan edebiýaty bolsa (esasanam, şygryýetde) arap edebiýatynyň bir bölegi hasaplanýardy. Onuň kämilleşmeginde Müsür edebiýatynyň täsiri örän uly bolupdyr. Çad döwletiniň edebiýaty hem tabynlyk ýyllary arap dilinde döräpdir. Madagaskaryň hem malagasiýa dilinde ýazylan ilkinji ýazuw ýadygärlikleri — taryhy ýylýazgylary («Surabe») hem arap elipbiýiniň üsti bilen ýazga geçirilipdir.
Ýöne afrikan döwletleriniň aglabasynda hat-ýazuw tabynlyk döwründe peýda boldy. Sowatlylyk artdy, dürli dilli afrikan halklarynyň sowatly gatlagy öz aralarynda Ýewropa dillerinde düşünişip ugradylar. Günorta Afrika Respublikasynda ýazuw XIX asyryň ikinji ýarymynda, latyn elipbiýi esasynda döredildi. Afrika ýewropalylaryň hem-de hristianlaryň gelmegi dini eserleriň hem giňden ýaýramagyna ýol açdy. Namibiýanyň milli edebiýatynyň döreýiş taryhynda hristian missioneri M. Rautaneniň ady agzalyp geçilýär. Ol ndonga diliniň ýazuwyny döredip, ilki bilen oňa Injili terjime edipdir. Zimbabwe, Mali ýaly ýurtlarda milli edebiýat latyn elipbiýiniň esasynda, XX asyryň ortalarynda ýüze çykdy.

Ilkinji romanlar

Ilkinji afrikan romanlary Günorta Afrika ýurtlarynda, XIX asyryň ahyrlarynda neşir edildi. Zenan ýazyjy Oliw Şraýneriň 1883-nji ýylda çap etdiren «Afrikan fermasy» romany ilkinji uly eserleriň biri hasaplanylýar. Zimbabwede XX asyryň başynda döredilen eserlerden A. Ş. Kripsiň «Gussaly toprak» (1911) hem «Kenarýaka agaçlarynyň ýurdy» (1913) atly romanlary uly meşhurlyk gazandy. Ýazyjy özüniň bu eserlerinde ýerli halkyň hak-hukugyny dikeltmek meselesini gozgaýar. Zenan ýazyjy Doris Lessing (Zimbabwe) özüniň «Ot hiňlenýär» (1950), «Marta Kwest» (1952) we beýleki eserleri bilen dünýä edebiýatyna ýaň salmagy başardy. «Altyn depder» we «Bäşinji çaga» romanlary onuň iň esasy eserleri hasaplanýar. 2007-nji ýylda Lessinge edebiýat ugry boýunça Nobel baýragy berilýär.
Nigeriýanyň kyssada döredilen ilkinji uly eserlerinden Siprian Ekwensiniň «Şäherliler» (1954) romany bellidir. Bu eser öz döwründe yklymda edebiýatyň ösmegine uly goşant goşdy. Afrikanyň beýleki ýurtlarynda ilkinji romanlar garaşsyzlyk alnandan soň (Gana, Zambiýa, Keniýa, Tanzaniýa we beýlekilerde) iňlis dilinde döredildi. 1960-njy ýyllarda Tanzaniýada P. Pallançionyň «Günüň astynda ölmek» (1968) we G. Ruhumbikiniň «Azatlyga sary barýan obada» (1969) romanlary okyjylara ýetirildi. Zambiýada 1970-nji ýylda ýerli ýazyjylar Andrea Masiýeniň («Ümüş-tamyşda»), Gideon Piriň («Barmagyň ujundaky titreme») eserleri, hem-de Griw Sibaleniň «Iki dünýäniň arasy» atly ilkinji taryhy romany neşir edildi. Ýazyjy At-Taýib Salihiň «Demirgazyga zyýaratyň möwsümi» (1969) atly eseri Sudan edebiýatynda ilkinji roman hasaplanýar.
Günbatar Afrika ýurtlarynda ilkinji romanlar fransuz dilinde, 1930-nji ýyllarda döräp ugrady. Senegal ýazyjysy Usman D. Soseniň «Kerim» atly eseri 1935-nji ýylda neşir edilip, ýazyja uly meşhurlyk getirdi. Şol bir wagtda, 1938-nji ýylda Benin ýazyjysy P. Hazumeniň «Dogisimi» atly taryhy romany Benin edebiýatynda roman žanrynyň düýbüni tutdy. Kot-d-Iwuarly ýazyjy Amadu Kuruma «Garaşsyzlygyň güni» (1970) hem «Taňry borçly däl» (2000) romanlary bilen okyjylaryň söýgüsine mynasyp boldy. «Garaşsyzlygyň güni» romany birnäçe afrikan ýurtlarynyň okuw maksatnamalaryna girizildi, bu roman Amerikanyň hem Ýewropanyň ýokary okuw mekdeplerinde-de öwrenilýär. Malili ýazyjylar (Mali döwleti Garaşsyz bolanyndan soň) Ybraýym Mamadu Uanyň «Balykgulak monjugy» (1957) we  S. Dembeleniň «Dereksizler» (1960) romanlary, Çad döwletinde-de Ž. Seýidiň «Çadly çaga» (1967) romany neşir edildi.
Günorta afrikaly häzirki zaman ýazyjy Uilbur Smit taryhy romanlary bilen diňe bir Afrikada däl, eýsem, bütin Ýewropa ýurtlarynda-da meşhurlyk gazandy.
Afrika yklymynyň portugal dilli ýurtlarynda romanlar XX asyryň başlarynda peýda boldy. Mozambik döwletinden portugal žurnalisti R. Žunior «Seura», «Ak we Motase», «Omar Ali» romanlary bilen, Kabo Werde respublikasyndan B. Lopeş «Şikinýo» romany bilen ilkinji romançy-ýazyjy hökmünde tanaldy. Angola, San-Tome, Prinsipi döwletlerinde romanlar ýaňy-ýaňy — XXI asyryň başlarynda peýda boldy. Ýazyjy Karluş du Eşpiritu Santunyň 2001-nji ýylda neşir etdiren «Şu wagt hakda ýatlama» romany San-Tome hem Prinsipi döwletlerinde bu görnüşde döredilen ilkinji eser hasaplanýar.

Powestler hem hekaýalar

Nigeriýada, Senegalda we käbir beýleki ýurtlarda ilkinji çap edilen çeper eserler kyssa görnüşinde ýazylypdyr. Senegal ýazyjysy Bakari Diallonyň «Güýç — ýagşylyk» (1926) powesti munuň aýdyň mysalydyr. Nigeriýaly ýazyjy Amos Tutuolanyň 1952-nji ýylda Londonda çap etdiren «Palma şerabynyň aşygy hem-de onuň sakysy ölüleriň ýurdunda» powesti bu ugurda döredilen ilkinji eser bolmak bilen çäklenmän, şindem bütin afrikan edebiýatynyň iň ajaýyp eserleriniň biri hasaplanýar. Amos Tutuola bilen Siprian Ekwensi afrikan edebiýatynyň kerwenbaşysydyr.
Muhammed Ahmet Mahjubyň hem Abd al-Halim Muhammediň 1946-njy ýylda ýazan «Dünýäniň ölüşi» powesti Sudanda neşir edilen ilkinji kyssa görnüşli eserdir.
Köp halatda, afrikan ýazyjylary öz edebi — döredijilik ýoluny hekaýa ýazmak bilen başlaýardylar. Bu ugurda gambiýaly ýazyjy Piter Lenri uly üstünlikler gazandy. 1962-nji ýylda onuň «Ikinji otag» atly ilkinji hekaýalar ýygyndysy neşir edildi. Häzirki zaman afrikan ýazyjylarynyň arasynda-da kyssa ýazmak bilen döredijilik ýoluna gadam basanlar ýok däl. Muňa mysal hökmünde nigeriýaly ýazyjy Akaçi Adimoru-Ezeigbonyň «Durmuşyň depgini» (1992) atly hekaýalar ýygyndysyny, jibutili ýazyjy Abdyrahman Waberiň hekaýalaryny görkezip bolar.

Şygryýet

Senegalyň milli edebiýatynyň kemala gelmeginde ýurduň ilkinji Prezidentiniň, şahyr Leopold Sedar Sengoryň (1906-2001) bitiren işi örän uludyr. Ol 1930-njy ýylda «Negritýud» atly edebi hereketi esaslandyryjylaryň biridir. Hereketiň wekilleri halkyň milliligini, özboluşlygyny saklamagy özlerine parz bilýärdiler. Sengor özüniň ilkinji goşgulary bilen 1934-nji ýylda Parižiň ýerli metbugatynda çykyş edip ugrady. Onuň ilkinji şygyrlar ýygyndysy «Tümlükdäki aýdym» ady bilen 1945-nji ýylda neşir edildi. «Efiop äheňleri», «Güýz hatlary» atly goşgular ýygyndylary, «Şemallara elegiýa» poemasy Senegal edebiýatynyň nusgawy eserleri hasaplanýar. Sengoryň eserleri dünýäniň birnäçe dillerine terjime edildi. 2005-nji ýylda Sengoryň adyna halkara edebiýat baýragy hem döredildi.
Afrikanlylar öz şahyrlaryny ruhy öňbaşçylary hasaplaýarlar. Özleriniň döredijilik ýoly bilen halka ýol görkezen şahyrlaryň arasynda Sengordan başga Angolanyň prezidenti bolan şahyr Agostinýo Neto, Kongo Demokratik Respublikasynyň premýer-ministri Patris Lumumba hem bar. Günorta Afrika Respublikasynyň öňki prezidenti Nelson Mandela bolsa 1995-nji ýylda «Azatlyga uzak ýol» atly terjimehal powestini neşir etdiripdir.
Tanzaniýada şygryýet has hem suahili dilinde ösüpdir. Bu ýurduň şahyrlary arap-musulman şygryýetiniň däplerini dowam etdirýärler. Amri Abedi, M. E. Mnýampalu ýaly şahyrlar Tanzaniýa şygryýetiniň esasy ýyldyzlary hasaplanylýar.
Edebi tankytçylar gambiýaly şahyr hem romançy Piter Lenrini Afrikanyň iň ussat şahyrlarynyň biri diýip ykrar etdiler. Kongo döwletiniň premýer-ministri Patris Lumumbanyň, jibutili şahyr A. Waisiň, Günorta afrikaly şahyr Kristofer Okigbonyň şygryýet döredijiligi-de afrikan edebiýatynyň agramly bölegini düzýär. Günorta afrikaly, afrikaans hem iňlis dilinde ýazýan şahyr-ýazyjy zenan Antýie Kroga bolsa, Afrikanyň Pablo Nerudasy hasaplanýar.

Dramaturgiýa

Afrika yklymynyň Kot-d-Iwuar we Gabon ýaly döwletlerinde edebiýatyň kemala gelmeginde dramaturgiýanyň täsiri uly bolupdyr. Günbatar Afrikada kot-d-iwuarly dramaturg Bernar Dadýeniň ady uly meşhurlyga eýedir. Ýöne bu ýazyjy diňe sahna eserlerini ýazmak bilen oňman, özüniň fransuz dilinde ýazan «Klembýe» romany bilen hem meşhurdyr.
Gabonda bolsa 1940-njy ýyllaryň ortalarynda, Ž. R. Aýýune, G. Anşuýe we Kowe Desminu ýaly dramaturglaryň ýazan sahna eserlerinden soň, okyjylarda edebiýata gyzyklanma döreýär. Ganaly ýazyjy Ata Aýdonyň «Janserek arwah» sahna eseri dramaturgiýanyň bu ýurtda-da kemala gelendigine güwä geçýär. Günorta afrikaly şahyr hem galamgär Eýs Kriheniň iňlisleriň hem burlaryň arasyndaky uruş (1899-1902) hakynda ýazan «Ak diwar» sahna eseri hem Afrikada XX asyryň ortalarynda döredilen iň meşhur sahna eserleriniň biridir. Mundan başga kongoly ýazyjy Soni Labu Tansi, nigeriýaly dramaturg Tolu Adžaýi, malili dramaturgy Musa Konate we madagaskarly ýaş ýazyjy Mişel Rakutusonyň döreden sahna eserlerini hem agzap geçmek hökmanydyr. Emma Afrikada iň ussat dramaturg hökmünde nigeriýaly ýazyjy Wole Soýinka ykrar edilýär. Onuň «Ýolbars we hazyna», «Batgalykda ýaşaýanlar», «Tokaý tansy» we «Ägirtler oýny» sahna eserleri afrikan edebiýatynyň altyn hazynasyna girizildi. Soýinkanyň sahna eserleri diňe bir Afrikada däl, iňlis teatrlarynda-da sahnalaşdyrylypdyr. 1986-njy ýylda Soýinka edebiýat ugry boýunça Nobel baýragy berlen ilkinji afrikan ýazyjysy boldy.

Afrikanyň «ýyldyzlary»

Afrikan edebiýatynyň iň ajaýyp eserleri garaşsyzlyk döwründe döredilendir. Bu döwrüň ilkinji eserlerinde milli däp-dessurlary goramaga, Watany söýmeklige çagyrylyp, afrikan halklarynyň azat, bagtly, täze durmuşy wasp edilýärdi. Emma 1950-nji ýyllaryň ahyrlarynda edebiýatda eýýäm lapykeçlik duýgusy mese-mälim göze batýar. Muňa ýurtlarda bolýan eden-etdilikler hem zulumkärlikler sebäp bolupdyr. Halkyň çekýän jebirleri, adalatsyzlyk, açlyk, garyplyk — bularyň ählisi afrikan ýazyjylarynyň iň esasy mowzugyna öwrülýär. Emma bu ýagdaý Afrikada edebiýatyň has hem ösmegine, dünýä edebiýat meýdanyna çykmagyna itergi berýär. Şeýlelikde, dünýä belli afrikaly ýazarlary peýda bolýar. Çinua Açebe, Jon Makswell Kutzeýe, Piter Abrahams, Nadin Gordimer, Wole Soýinka, Ngugi Wa Thiongo ýaly ýazyjylar diňe bir afrika edebiýatynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň hem göz guwanjyna öwrülýär.
Bu ýazyjylaryň ählisi şu gün hem aýatda diri gezip ýörler. Olaryň arasynda iň tanymaly Günorta afrikaly ýazyjy Piter Abrahamsdyr.

Piter Abrahams (1919 ý. d.) — Günorta afrikaly ýazyjy. Aparteide hem rasizme garşy galamy bilen göreşýär. Onuň «Gümmürdiniň ýodasy bilen» (1948), «Maýkl Udoma bogulan çemen» (1956), «Tümlükde ýaşaýanlar» (1965) romanlary dünýä bellidir. Mundan başga-da Abrahams «Ada bu günler» (1966) atly syýasy garaşsyzlyk üçin göreşýän ada döwletleri hakdaky romanyň, «Hasratly ýeňiş» (1950) atly taryhy romanyň, birnäçe hekaýalaryň hem goşgular ýygyndysynyň ýazarydyr. Abrahamsyň «Magdançylar» (1946) romany Günorta Afrika edebiýatynyň ilkinji tankydy realistik eseridir. Aparteide garşy bolany sebäpli Abrahamsyň eserleri öz Watanynda neşir edilmändir. Muňa garamazdan, afrikaly kitap söýüjileriniň arasynda ýazyjynyň «Gümmürdiniň ýodasy bilen» romanyny okamadyk ýok bolsa gerek.

Wole Soýinka (1934 ý. d.) — Edebiýat ugry boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolan (1986) ilkinji afrikan ýazyjydyr. Baýragy oňa, esasan, sahna eserleri üçin beripdirler, emma Soýinka ýoruba dilinde ýazylan birnäçe ajaýyp goşgularyň, iňlis dilinde ýazylan kyssa eserleriniň hem ýazarydyr. Onuň «Düşündirijiler» romany, nowellalary birnäçe dillere terjime edilip, meşhurlyk gazandy.

Nadin Gordimer (1923 ý. d.) — iňlis dilinde ýazýan Günorta afrikaly zenan ýazyjy. Ajaýyp döredijiligi bilen bütin adamzada uly peýda getireni üçin, 1991-nji ýylda oňa edebiýat ugry boýunça Nobel baýragy berilýär. Nadin Gordimer hem öz eserlerinde aparteide hem jynsparazlyga garşy çykyş edýär. Onuň «Gadyrly myhman» (1970), «Goragçy» (1974, «Buker» baýragy), «Julaýyň halky» (1982), «Oglumyň hekaýaty» (1990), «Ahmal galma» (2005) romanlary, «Alty ädim ýer» (1956), «Saýlanan hekaýalar» (1975) we beýleki birnäçe hekaýalar ýygyndysy bütin dünýä okyjylary tarapyndan gyzgyn garşy alyndy.

Çinua Açebe (1930 ý. d.) — iňlis dilnde ýazýan nigeriýaly ussat ýazyjy, şahyr, edebi tankytçy. Afrikaly ýazyjylaryň arasynda iň dünýä bellileriniň biridir. Edebiýaty öwrenijileriň köpüsi, şol sanda-da ýazyjy Nadin Gordimer Açebeni afrikan edebiýatynda realizm akymyny esaslandyryjy hasap edýär. 1958-nji ýylda neşir edilen «Ähli zatlar pytraýar» romany ýazyjynyň adyny dessine dünýä ýaýdy. Kitap 50-den gowrak dile terjime edildi, 10 million nusgalyk bilen satuwa çykaryldy. Ýazyjy bu romandan soň hem «Hudaýyň oky», «Halkdan bir adam» atly romanlary ýazypdyr. 2007-nji ýylda Açebä halkara Buker baýragy berilýär.

Ngugi Wa Thiongo (1938 ý. d.) — keniýaly meşhur ýazyjy hem dramaturg. Ol öz eserlerini iňlisçe hem kukuýýu dilinde ýazýar. «Aglama, balam!» (1962) atly ilkinji romanynda ýazyjynyň öz ömür ýoly yzarlanýar. Bu roman şol bada ýazyja üstünlik getirdi. «Ganly ýaprak», «Bugdaý dänesi», «Haçlanan şeýtan» eserleri ýazyjynyň adyny dünýä belli etdi.

Jon Makswell Kutzeýe (1940 ý. d.) — iňlis dilinde ýazýan Günorta afrikaly, asly ýewropaly ýazyjy. 2003-nji ýylda edebiýat boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolýar. Ol iki gezek Buker baýragyna eýe bolan ilkinji ýazyjydyr. Kutzeýeni bütin dünýäde döwrümiziň iň beýik ýazyjylarynyň biri hasaplaýarlar. Käbir tankytçylar ony «Afrikaly Dostoýewskiý» diýip atlandyrýarlar. 1974-nji ýylda Kutzeýe «Garaňky ülke» atly ilkinji romanyny neşir etdirýär. Ýazyjynyň «Wagşylaryň geler çagy» (1980), «Mihael K-nyň ömri we döwri» (1983), «Peterburgyň eýesi» (1994), «Biabraýçylyk» (1999) romanlary eýýäm dünýä edebiýatynyň nusgawy eserleriniň hatarynda orun eýeledi. Kutzeýe öz eserlerinde diňe bir Afrikany däl-de, bütin adamzady gyzyklandyrýan sowallara jogap gözleýär.
XX asyryň aýaklarynda şeýle ussat ýazyjylary bilen dünýä adygan Afrika yklymynyň geljekde ýene birentek ussat ýazyjylary bilen dünýäni haýran galdyrjakdygy şübhesizdir. Olar özleriniň milli aýratynlyklaryny açyp görkezýän hem-de bütin adamzat gymmatlyklaryna goşant goşýan ajaýyp eserleri bilen dünýä ýüzündäki edebiýaty söýýän okyjylaryň söýgüsini gazandylar. Afrikanyň ussat edebiýatçylary öz ýeňil bolmadyk durmuş şertlerinde şeýle naýbaşy eserleri döretmek bilen, dünýä halklaryna edermenligiň, batyrgaýlygyň, adamkärçiligiň nusgasyny görkezdiler.




#Article 370: Nemes edebiýaty (2039 words)


Nemes edebiýaty Merkezi Ýewropa ýurtlarynda ýaşaýan we nemes dilinde gürleýän halklaryň edebiýatydyr. Germaniýada, Awstriýada, Şweýsariýada we bu ýurtlaryň goňşy serhetleri: Fransiýa döwletiniň Elzas-Lotaringiýa, Çehiýa Respublikasynyň Bogemiýa hem-de Polşanyň Silziýa welaýatlary ýaly sebitlerde dörän çeper eserler bu edebiýata degişli hasaplanýar.

Nemes edebiýatynyň kemala gelen örüsi Ýewropanyň beýleki edebiýatlary bilen deňeşdireniňde has giňdir. Munuň sebäpleriniň biri hem, XIX asyryň başlarynda Berlin şäheriniň düýbi tutulýança nemes dilinde gürleýän halklaryň belli bir paýtagtynyň bolmandygydyr. Has dogrusy, nemes halky köp asyrlap agzalalygyň we bölünişikleriň pidasy bolupdyr. Şular ýaly agzalalyklar XVII asyrda dini uruşlarda-da, XX asyryň ortalarynda başlan Sowuk uruşda-da ýowuzlyk bilen gaýtalanypdyr.
Germaniýa döwleti «Reform» atly dini hereketiň merkezi bolany üçin, 1500-nji ýyllarda protestantlyk hem şu ýurtda döräpdir. «Reform» adamyň ruhunyň azatdygyny nygtapdyr. Nemes edebiýatynyň özenini emele getirýän pelsepede ýa-da bu edebiýatyň hakykata akyl ýetirmäge ymtylyşlarynda «Reform» hereketiniň täsirleri saklanyp galypdyr.

X asyrda german taýpalary demirgazyk Ýewropanyň üsti bilen häzirki Germaniýa aralaşypdyrlar. Bu taýpalar öz rowaýatlaryny we tymsallaryny nesilden-nesle geçirip gelipdirler. O döwürlerde kiliseler bilimiň hem edebiýatyň merkezi bolupdyr. Ruhanylar Injilden we hristian rowaýatlaryndan täsirlenip ýazan goşgularyny il arasynda ýaýradýardylar. «Halasgär» (820-840-njy ýyllaryň arasynda döräpdir diýip çaklanylýar) atly eposda hezreti Isa sakslaryň (gadymy nemes taýpalarynyň biri) baştutany bolup çykyş edýär. Otfrid fon Waýsenburg atly ruhany ilkinji nemes ýazyjysy hasaplanýar. Ol şygyr görnüşinde «Dört Injiliň biri» (863-871-nji ýyllar) atly uly göwrümli eser ýazypdyr.
Galyberse-de, ruhanylar köne gahrymançylykly eposlary dikeltmäge we wagtyň geçmegi bilen feodal lordlaryny wasp edýän täze-täze eposlary ýazmaga girişipdirler. «Hildebrande hakda aýdym» nemes dilinde ýazylan şular ýaly gahrymançylykly eposlaryň ilkinjisi hem-de häzirki günümize gelip ýetenidir. Bu eposda ata bilen ogluň arasyndaky oňşuksyzlyk beýan edilýär. IX asyrda «Gaýduwsyz Elli Water» atly nemes eposy latyn rowaýaty bolan «Walteriuse» öwrülipdir.
Sankt-Gallenli (Şweýsariýanyň kentony) ruhany Notker Labeo rimli pelsepeçi Boesiniň we gadymy grek pelsepeçisi Aristoteliň käbir eserlerini nemes diline terjime edipdir.

Eposlar nemes edebiýatynyň Birinji altyn döwrüniň esasy edebi eserleridir. Olaryň iň bir meşhury Passau şäherinde (Awstriýanyň serhet ýakasynda ýerleşýän Bawariýanyň bir şäheri) ýazylypdyr diýlip çaklanylýan 12000 setirlik, «Nibelunglar hakda aýdymlar» atly epiki poemadyr.

Irki nemes edebiýatynda yz galdyran akymlaryň biri hem rysarlar edebiýatydyr. Rysar diýlende, ilki bilen jeňparaz keşp göz öňüne gelýär. Emma rysarlar hem döredijilik bilen meşgullanyp bilýärdiler, edebiýata we sungata düşünýärdiler. Nemes edebiýatyny öwrenijiler orta asyrlarda rysarlaryň söýgüsini, gaýduwsyzlygyny, pähim-parsatlylygyny beýan edýän nemes lirik şahyrlaryna «Minnezengler» diýip at berýärler. Olaryň aglabasy söýgini hem-de mertligiň wasp edýän fransuz trubadurlara (ozanlara) öýkünipdirler. Minnezengleriň eserlerinde, esasan, köşk zenanlaryna aşyk bolýan rysarlaryň hekaýatlary gürrüň berilýär. Iň meşhur trubadur Walter fon der Fogelwiýdedir. Bu şahyr adaty trubadurlaryň harsal goşgularynyň tersine, söýgini sada hem ýokary duýguçyllyk tewsirleýän goşgulary ýazypdyr. Walter şol döwürde Papa hökümeti bilen uzak wagtlap söweş eden Merkezi Ýewropadaky asly nemes bolan Rim imperatoryny taryplap hem goşgy ýazypdyr.

Bagban Werneriniň «Täze göçüp gelen Gelmbreht» (takmynan 1250-1280-nji ýyllarda ýazylan) eposy rysarlyk döwrüniň yzda galandygyny tassyklaýar. Şondan soň, esasan-da, öwüt-ündew, terbiýeçilik ähmiýetli basnýalar uly ähmiýete eýe bolýar. Muňa mysal hökmünde «Reýnard tilki» (1487ý.) atly satiriki eposy, Sebastýan Brantyň «Akmaklaryň gämisi» (1494ý.) atly ahlaky hem satiriki poemasyny we Till Ulenşpigeliň (1500 ý.) gülküli hekaýalaryny görkezip bolar. Nýürnbergli köwüş ussasy Gans Saks antik aýdymçylara öýkünip, ýüzlerçe aýdym hem sahna oýunlaryny ýazypdyr. «Redentiniň pashasynyň aýdymy» (1464 ý.) we «Oberammergau şäheriniň joşgunly aýdymy» (1634 ý.) ýaly dini aýdymlarda dini düşünjeler degişmeleriň üsti bilen halka ýetirilýär.  
Renessans (Täzeden döreýiş) bilen nemes ýazyjylary daşky gurşawy we adamyň tebigatyny öwrenmäge ymtyldylar. Şu intellektual akymy «Gumanizm» diýip atlandyrýarlar. Nemes Renessansynyň gumanizmi Ýewropanyň taryhyndaky iň wajyp täzeçillik hereketleriniň biri bolan «Reformyň» örç almagyna getirdi.

 

Barokko Ýewropada XVI-XVIII asyrlar aralygynda ýaýran sungatyň bir görnüşidir. XVII asyrda nemes edebiýaty mowzuk hem galyp babatda öz ýoluny tapman kösenýär. Bu babatda Barokko döwrüniň nemes edebiýatçylary uly işler bitirýärler. Olar hakyky çeper eseriň döremegi, nemes diliniň edebi diliň ölçeglerine gabat gelmegi, beýleki halklaryň edebiýatyna öýkünmezden hakyky milli ruhly eserleriň ýüze çykmagy üçin uly zähmet çekýärler. 
Barokko döwrüniň goşgulary ynanjyň we çäresizligiň, materializmiň we ylahylygyň, ýagşylygyň we ýamanlygyň arasynda mäki ýasaýar. Andreas Grifius Barokko döwrüniň iň beýik lirik şahyry hasaplanýar. Nemes edebiýatynda çeperçilik hem mazmun taýdan iň kämil dini goşgular hem şol döwürde ýazylypdyr. 
Gans Ýakob Kristoffel fon Grimmelsgauzeniň «Simplisissimus» (1668 ý.) atly eseri janly we juda ynandyryjy dilde ýazylan romandyr. Bu roman nemes ilatynyň üçden biriniň ömür tanapyny kesen «Otuz ýyllyk uruş» (1618-1648 ý.) baradadyr. Romanyň gahrymany Simplisissimus ilki başda gögeledir, ýöne gowgaly durmuş onuň ruhuny taplaýar. Soňunda bolsa, baş gahryman dünýäniň eşretlerinden el üzýär-de, ruhany bolup ýaşaberýär.

XVIII asyryň ahyry bilen XIX asyryň başlaryny öz içine alýan döwür nemeslerde «Alymlaryň zamanasy» hasaplanýar. Bolfgang Amadeý Mosart we Lýudwig wan Bethowen ýaly kompozitorlar, Immanuel Kant we Georg Wilgelm Fridrih Gegel ýaly pelsepeçiler nemes sungatyna bimöçber goşant goşýarlar. 
Ýewropaly beýleki ýazyjylardan tapawutlylykda, nemes ýazyjylary sungaty bilime eltýän ýol saýýardylar. Beýik dramaturg Fridrih Şiller «Adamyň estetikasynyň okuwy» (1795 ý.) atly hatlarynda sungatyň adamy we jemgyýeti özgerdýändigini nygtady. Immanuel Kant hem özüniň «Derňewiň seljerilmesi» (1790 ý.) atly eserinde bu pikiri doly goldaýar.

Bu döwürde nemes ýazyjylary «Hakykata barmagyň iň ygtybarly ýoly sebäpleri çuňňur öwrenmekdir» diýen garaýşa gulluk edipdirler. Bu garaýşyň ömri Germaniýada, Fransiýa bilen Anlgliýa garanyňda, has gysga boldy (XVIII ortalaryna çenli). Sowatly reformaçylaryň emele getiren edebi ruhy nemes edebiýatynyň milli öwüşginini ýiteldip, ony fransuzlaryň täsirinden hem doly saplady.
Germaniýanyň ady belli edebiýat tankytçylarynyň ilkinjisi Gothold Efraim Lessing XVIII asyryň ahyrlarynda çalt depginde ösüp başlan nemes milli edebiýatynyň düýbüni tutujylaryň biridir. Lessing owal-başdan antik grek hem rim nusgawy edebiýatlaryna öýkünýän fransuz neoklasizm akymyny inkär etdi. Ol bu akyma yňdarylmagyň ýerine, iňlis dramaturgy Wilýam Şekspiriň sahna oýunlaryny nusga edinip, mill sahna oýunlaryny ýazdy. «Paýhasly Natan» (1779 ý.) onuň iň belli sahna eseridir.

Fridrih Şiller we Iogann Wolfgang Gýote şu akymyň esasy iki dramaturgydyr. Şilleriň ilkinji romany «Talaňçy» (1781 ý.) iki doganyň başdan geçiren wakalaryny gürrüň berýär. Şilleriň özüniň ähli romanlarynda jemgyýeti ezýän kanunlary, zulumlary we syýasy göýdükligi ýazgarýar. «Söýgi we höwes» (1784 ý.), «Don Karlos» (1787 ý.) ýaly romanlary hem şu mowzukda ýazylandyr.  
Gýotanyň ilkinji gussaly romany «Aşyk Werteriň hasratlary» bütin Ýewropany lerzana getirdi. Roman, esasan, Werteriň bir aýala ýazan gussaly söýgi hatlaryndan durýar. 
Şu akymyň pelsepewi ylham çeşmesi, Gýotanyň halypasy meşhur pelsepeçi hem taryhçy Iogann Gotfrid Gerderdir. Gerder nemes ýazyjylaryny gadymy grek tragediýalaryna öýkünýän fransuz neoklasistleriniň täsirinden çykarmaga çalyşdy. Şekspir onuň üçin tebigatyň kanunlaryna düşünýän alymdy. Gerder dünýäniň dürli halklarynyň şygyrlaryny jemläp, nemes diline terjime edipdir we her halkyň öz milli gözelliginiň bardygyny subut edipdir.

Gýote, Şiller we Germaniýanyň iň beýik lirik şahyry Iogann Hristian Fridrih Gýolderlin nemes klassisizminiň kerwenbaşylarydyr. 
Gýotäniň «Wilgelm Meýsteriň şägirtleri» (1795-1796 ý.) romanynda Wilgelm atly bir artistiň dünýä akyl ýetirmek ugrundaky çeken mähnetleri gürrüň berilýär. Wilgelm özüni tanajak bolýar, adamyň bütin adamzadyň öňünde nähili borçlarynyň bardygyny anyklajak bolýar. 
Şiller nemes edebiýatynyň «Şekspiri» hasaplanýar. Ol özüniň sahna eserleri bilen nemes klassisizimine uly goşant goşdy. Şilleriň sahna eserlerinden pelsepe, taryh we edebiýat eriş-argaç bolup geçýär. Onuň iň meşhur taryhy sahna eserleri şulardyr: şotland patyşasy Meri bilen şotland şa gyzy barada «Meri Sýuart» (1800 ý.) we fransuz gahrymany Žanna Darkyň ajy ykbalyny gürrüň berýän «Orleanly gyz» (1801 ý.).
Gýolderliniň goşgularynyň inçeligi pelsepäniň çuňluklaryndan gözbaş alyp gaýdýar. «Çörek we şerap» (1800 ý.) we «Patmos» (1802 ý.) ýaly elegiýalarynda we mynajatlarynda ol gadymy grek edebi tärlerini ulanypdyr.

Romantizm nemes edebiýatyna 1790-njy ýyllaryň ahyrlarynda aralaşyp başlaýar. Romantikler hyýalbentligi hem-de güýçli duýgulary ulanyp, edebi beýan edişiň has erkin görnüşlerine çemeleşdiler. Fridrih fon Gardenbergi (edebi lakamy «Nowalis») nemes romantikleriniň iň bellisi hasaplasa bolar. Nowalis öz şägirdi Fridrih Şlegel bilen birlikde ynsana mahsus bolan hyýaly dünýäniň çägini kesgitlemäge çalyşdy. «Gijä bagyşlanan namalar» (1800 ý.) atly goşgular çemeninde şahyr garaňky gijäni bakylyk gapysynyň bosagasy bolan ölüme meňzedýär. 
Şu döwrüň nemes ýazyjylarynyň köpüsi romantiki, liriki goşgular ýazdylar. Nowalisden soň, romantik şahyrlaryň iň bir adygany Iozef Karl Benedikt baron fon Eýhendorfdyr. Onuň goşgulary göräýmäge juda sada ýaly, emma üns bilen okanyňda, olar giden ummandyr. 
Nemes romantizminiň esasy aýratynlygy hem ýazyjylaryň ählisinde-de juda köp gabat gelýän milletçilikdir. XIX asyryň başlarynda Ýakob Grimm bilen Wilgelm Grimm tarapyndan ýazga geçirilen nemes rowaýatlary diňe bir nemes milletçiligini däl-de, şol bir wagtyň özünde, romantikleriň rowaýatlardyr halk döredijilikleri bilen hem gyzyklanýandyklaryny görkezdi. Bu iki doganlar nemes edebiýatynyň taryhynda ilkinji lingwist alymlar hökmünde galýar. 
XIX asyryň başlarynda nemes ýazarlary döredijilige şeýle bir erkin çemeleşipdirler welin, olary belli bir toparlara bölmegem hyllalladyr. Şu zeýilli ýazyjylaryň arasynda Gýote, Genrih fon Kleýst we Georg Býuhner dagy bar. 1808-nji ýylda Gýote özüniň dünýä belli «Faust» eseriniň birinji bölümini, ikinji bölümini bolsa, 1832-nji ýylda  tamamlaýar. «Faustyň» özeninde XVI asyrda il arasynda ýoň bolan, jadygöýlikde şeýtany halypa tutunyp, oňa öz erkine aldyran bir dindar hakdaky rowaýat ýatýar. 
Gýotede nemes milletçiligi ýokary derejede ösdirilen hem bolsa, ömrüniň soňky ýyllarynda ol Aziýa edebiýatyna ýüzüni öwrüpdir. Hytaý romanlaryny gowy görüp okapdyr, pars şahyry Hafyzyň goşgularyna öýkünip, ençeme şygyrlar ýazypdyr.

Ýewropanyň beýleki ýerlerinde realizm, esasanam, şäher halkynyň durmuşyna gönükdirilendi. Nemes realizmi bolsa, öz çägini giňden tutup, öri meýdanlarda, çetki obalarda ýaşaýan adamlaryň durmuşyna çenli syrygypdyr. Belli realist ýazyjy Adalbert Ştifter «Gadymy golýazma» (1857 ý.) atly romanynda alym bolmagy arzuw edýän ýigidiň başdan geçirmelerini gürrüň berýär.

Impressionizm, neoromantizm (täze romantizm) we simwolizm, esasan, suratkeşlik sungatynda has ýaýbaňlanan adalgalar bolsa-da, olar çeper eserlere dürli öwüşgin bermekde hem ulanylypdyr. Impressionistler bir zady bolşy ýaly suratlandyrmagyň ýerine, onuň ynsanda oýarýan duýgularyny öwrenýärler. Neoromantikler adamyň duýgularyny hem-de hyjuwlaryny wasp eden romantiki akymy täzeden oýardylar. Simwolistler bolsa, realizmi ret edip, hakykaty logiki pikirlenme esasynda ýüze çykaryp bolmajakdygyny, onuň diňe nyşanlar arkaly halka ýetirilýändigini nygtadylar. Bu döwürde akymlar baş-başdyklyk edeni üçin, ýazyjylaryň pikirlerini biri-birinden tapawutlandyrmak juda kyndyr.
Gugo fon Gofmanstal we Raýner Mariýa Rilke, şygyrlarynyň ruhy howasy zerarly, impressionist hasaplanýar. Üstesine, Gofmanstal neoromantikdir. Sebäbi ol naturalizme garşy çykýar. Gofmanstal, esasanam, dünýä belli nemes kompozitory Rihard Ştrausyň «Bägülleriň kawalerasy» (1911 ý.) atly operasy üçin ýazan librettolary bilen meşhurlyk gazanýar. 
Tomas Mannyň romanlary giň möçberli tärlere hem mowzuklara baýdyr. Jemgyýetçilik mowzukdaky ilkinji romany «Buddenbroklar» (1901 ý.) söwdagär maşgalanyň durmuşyny gürrüň berýäni üçin, başdan-aýak realistik eserdir. Mannyň «Jadyly dag» (1924 ý.) romany hasam pelsepewidir. Bu romanyny ol impressionist hem-de simwolist ýazyjy hökmünde ýazypdyr. Romanda inçekesellileri sagaldyş merkezindäki hassalar, XX asyryň başlaryndaky Ýewropa halklarynyň syýasy «bolsadylary» bilen olaryň özlerini alyp baryşlarynyň çapraz gelýändiginiň simwoliki meňzetmeleridir. 
Artur Şnisler Wenada ýazan impressionist sahna eserlerinde we «Düýş hekaýaty» (1926 ý.) ýaly romanlarynda jynsy gabanjaňlygyny öňe sürýär. Ol adama mahsus bolan duýgularyň tebigatyny açmaga synanyşýar.

Ekspressionizm sungatyň ähli ugurlarynyň gözbaşy hasaplanýar. Ekspressionist ýazyjy öz içki dünýäsini sözüň üsti bilen adamzada açyp görkezýär. Ol öz duýgularyny has aýdyň beýan etmek üçin, adaty edebi tärleri inkär edýär we hakykaty öz görşi ýaly düşündirýär. Ekspressionizm Birinji Jahan urşuna (1914-1918 ý.) garşy çykmak netijesinde ýüze çykan akymdyr. Bu akymyň wekilleri ählumumy jemgyýetçilik we syýasy gurluşlaryň dagamagy netijesinde möwç alan bulaşyklyga (haosa) garşy göreşipdir. 
Frans Kafkany ekspressionist ýazyjylaryň iň beýigi hasaplasa bolar. Onuň gahrymanlary hyýalbent, ruhy taýdan jebir çekýän adamlar. Manysyz, absurd dünýäsi hem geň-taň gahrymanlary bilen Kafka edebiýat taryhynda uly yz goýdy. Onuň ady-sory eşidilmedik bir kazyýet tarapyndan tussag edilýän adam hakynda gürrüň berýän «Proses» (1925 ý.) romany dünýä edebiýatynyň taryhyna ägirt uly täsir ýetirdi. 
Bertolt Breht ekspressionist dramaturglarynyň iň beýigidir. Otuz ýyllyk uruşlaryň taryhy wakalary esasynda ýazan «Gaýduwsyz ene we onuň çagalary» atly pýesasy onuň iň meşhur eseridir.

Gitleriň «Üçünji reýhliginde» (1933-1945 ý; nasistler Germaniýany şeýle diýip atlandyrýardylar) diňe nasist düşünjesini wagyz edýän kitaplar neşir edilýärdi. Şonuň üçinem bu döwürde edebi eserler juda az ýazyldy. Leo Waýsgerber nasistleriň arşa göteren ýazyjysydyr. Tomas Mann, Genrih Mann, Bertold Breht we Stefan Zwaýg ýaly beýik ýazyjylar göçüp gidýärler. Olar göçen ýerlerinde-de öz eserlerini nemes dilinde ýazýarlar. Ýurtda galan ýazyjylar bolsa, ele düşüp, jeza beriş lagerlerine sürgün edilýär.

Ikinji Jahan urşundan soň (1939-1945 ý.), nemes edebiýaty uruş zerarly ýer bilen ýegsan bolan Germaniýanyň sussupes, ruhy taýdan şikesli halkynyň durmuşy bilen gyzyklanyp başlady. Uruşdan soň, Germaniýa ikä – SSSR tarapyndan gözegçilik edilýän Gündogar Germaniýa we Amerikanyň ýoluny tutýan Günbatar Germaniýa bölünýär.  Bu döwrüň iň meşhur nemes ýazyjylary Henrih Teodor Böll bilen Günter Grassdyr. Böllüň «Suratda aýal hem bardy» (1971ý.) we «Katerina Blumyň basgylanan mertebesi» (1974 ý.) ýaly romanlarynda halkyň arasynda abraýdan gaçan aýallaryň ykballary dogrusynda gürrüň açylýar. 
Uruşdan soňky nemes edebiýaty nasizmiň eden-etdiligini ýazgardy. Tomas Mann «Faust» baradaky rowaýat esasynda «Faustus Hekim» (1947 ý.)  romanyny ýazdy.  Romanda bir kompozitor sungatyň hatyrasyna söýgi hem ahlak ýörelgelerini büs-bütin inkär edilýär. Mann özüniň eserlerinde nasistleriň ýüze çykmagynda nemes edebiýatynyň taryhynyň günäkärdigini düşündirmäge çalyşdy.  Karl Sukmaýeriň «Şeýtanyň serkerdesi» (1946ý.) atly pýesasynda nasist häkimiýeti tarapyndan jezalandyrylan nemes serkerdesi Ernes Udetiň durmuşy sahnalaşdyrylýar. 
Gündogar Germaniýanyň edebiýaty Günbatar Germaniýanyňkydan bütinleý tapawutlanýardy. Gündogar Germaniýanyň ýazyjylary sosialist garaýşa eýediler we olar Günbatar Germaniýanyň edebiýatyny tankytlaýardylar. Krista Wolfuň «Kassandra» romany (1983 ý.) uruşdan halys ýadan bir şäheri Gündogar Germaniýa meňzedip, Troýanyň basylyp alnyşyny täzeden gürrüň berýär.  




#Article 371: Fýodor Dostoýewskiý (276 words)


Fýodor Mihaýlowiç Dostoýewskiý
(1821-1881)

Dünýä edebiýatynyň iň belli kyssaçylarynyň biri, beýik rus ýazyjysy we akyldary Fýodor Dostoýewskiý 1821-nji ýylda, Moskwada dünýä indi.

Ol 1837-nji ýylda Imperator Nikolaýyň adyny göterýän inženerçilik orta hünärmenlik mekdebine okuwa girip, ony 1844-nji ýylda tamamlaýar. 1843-nji ýylda Fýodor meşhur fransuz ýazyjysy O.Balzagyň «Ýewgeniýa Grande» romanyny terjime edýär. 1845-nji ýylda bolsa özüniň ilkinji eserini - «Garyp biçäreler» romanyny ýazyp gutarýar. Roman eýýäm çap edilmänkä rus edebiýatynyň iň meşhur tankytçysy W.Belinskiýniň öwgüsine mynasyp bolýar, şahyr N.Nekrasow bolsa 1846-njy ýylda eseri özüniň redaktirleýän «Peterburg ýygyndysy» almanahynda çap etdirýär. 1849-njy ýylda, «Ak gijeler» powestiniň çap edilmeginden biraz wagt geçeninden soň Dostoýewskiý syýasy sebäpler boýunça tussag edilýär we Omska sürgüne ýollanylýar. 1854-nji ýylda ol azat edilýär we harby gulluga çagyrylýar. 1859-njy ýylda ýazyjy gulluk borjyndan boşadylýar, şol ýylyň özünde hem «Stepançikowo obasy we onuň ýaşaýjylary» powestini çap etdirýär. 1861-nji ýylda ýazyjy dogany Mihail bilen birlikde «Wremýa» žurnalyny, ol ýapylanyndan soň «Epoha» žurnalyny çykarýarlar. Bu žurnallarda ýazyjynyň «Kemsidilenler we ýekirilenler» (1861), «Zyndan hakda ýazgylar» (1860-62), «Tomusky täsirler hakda gyşky bellikler» (1863), «Garasöýmeziň ýazgylary» (1864) ýaly meşhur eserleri çap edilýär. Emma 1865-nji ýylda «Epoha» ýapylýar. Ýazyjy agyr ýagdaýa düşýär, howlukmaçlyk bilen iň belli eserleriniň birini - «Jenaýat hem jeza» (1866) romanyny döredýär, «Humarbaz» (1866) romanyny bolsa 21 günde ýazyp ýetişmeli bolýar. Bu eserleri okyjylar örän gyzgyn garşylapdyrlar. Alan gazanjyna ýazyjy aýaly bilen Ýewropa syýahat edýär. Ol ýerden özüniň «Tentek» (1867) atly ajaýyp romanyny tamamlap getirýär.

Ömrüniň soňky sekiz ýylyny ýazyjy Staraýa Russa şäherinde ýaşaýar. Bu ýerde ol birnäçe ajaýyp eserleri döredýär. Olardan «Melgunlar» (1872), «Ýetginjek» (1875), «Doganlar Karamazowlar» (1880) romanlaryny, birnäçe powestdir hekaýalary we «Ýazyjynyň gündeligi» atly essedir hekaýalar ýygyndysyny agzaman geçip bolmaz.

Fýodor Dostoýewskiý 1881-nji ýylda aradan çykýar.




#Article 372: Çarlz Dikkens (280 words)


Çarlz Dikkens

(1812-1870)

Iňlis hem dünýä edebiýatynyň iň beýik ýazyjylarynyň biri Çarlz Dikkens 1812-nji ýylyň 7-nji fewralynda, Angliýanyň Portsmut şäherinde dünýä inipdir. Onuň ene-atasy juda gurply ýaşaýan ekenler, çagany mähir-muhabbet bilen terbiýeläpdirler. Çarlz eýýäm çagalykdan akyly hem ugurtapyjylygy bilen özüniň ýaşdaşlaryndan saýlanypdyr. Emma Dikkensiň kakasy bahym bergä batyp, ol döwrüň kanunyna görä, bergidarlaryň türmesine salynýar. Maşgalanyň ýagdaýy agyrlaşýar. Şonuň üçin geljekki ýazyjy çaga halyna agyr işlerde işläp, gazanç etmeli bolýar, emma boş wagtyny ýitirmän, diňe okuwa, kitaba sarp edipdir. Bu agyr ýyllar barada ýatlamalar soň-soňlar ýazyjynyň birnäçe ajaýyp eserleriniň gözbaşyny tutupdyr.
Döredijilik ýoluna Dikkens juwan ýaşlarynda aýak basypdyr. Ilki ol parlament stenografy, soňra birnäçe gazetlerde habarçy bolup işlemeli bolýar, emma diliniň baýlygy, wäşiligi hem-de adam häsiýetlerini açyp görkezmekde ýeten ussatlygy ýaş habarça derrew meşhurlyk getirýär. 1836-njy ýylda «Bozuň oçerkleri» atly ilkinji kitaby çap edilende, onuň ýazarynyň ady okyjylaryň köpüsine bellidi. Emma hakyky şöhrat Dikkense «Pikwik klubynyň miras galan ýazgylary» (1836-1837) kitaby çap edileninden soň gelýär. Dünýä edebiýatynyň iň göwün galkyndyryjy eserleriniň biri hasaplanýan bu eserde Dikkens birnäçe ýatdan çykmajak keşpler döretmegi başarypdyr. Ondan soňky döreden eserleri, şol sanda-da «Oliwer Twistiň başdan geçirmeleri» (1838), «Nikolas Niklbi» (1839),«Martin Çezlwit» (1843), «Dombi we ogly» (1848),«Dewid Kopperfild» (1849-1850), «Iki şäher hakda hekaýat» (1859), «Uly umytlar» (1860) romanlary we beýleki birentek eserleri Dikkens aýatda diri gezip ýören wagty hem dünýä edebiýatynyň altyn hazynasy hasaplanylýardy. Ömrüniň soňky ýyllarynda ýazyjy «Edwin Drudyň syry» atly romanyň üstünde işleýärdi. Ol bu eserini tamamlap ýetişmän, 1870-nji ýylyň 9-njy iýunynda, 58 ýaşynda aradan çykýar. «Edwin Drudyň syry» romanyny käbir tankytçylar ýazyjynyň iň kämil eseri hasaplaýarlar.
Dikkensden soň ýaşan iňlis ýazyjylarynyň hiçisi hem onuň täsirini inkär edip bilmändirler. Hatda, Dostoýewskiý we Lew Tolstoý ýaly beýik ýazyjylar hem Çarlz Dikkensi özüniň halypasy hasaplapdyrlar.




#Article 373: Daniel Defo (248 words)


Daniel Defo (); doglandaky ady Daniel Foe; 1660 töweregi, London — 26 aprel, 1731, London) Londonda, söwdagäriň maşgalasynda dünýä inipdir. Oňa ilki dini bilim berlipdir, emma Daniel çagalykdan çeper edebiýaty okamagy halaýan eken. Ol Nýuington akademiýasynda grek, latyn dillerini, nusgawy edebiýaty öwrenipdir. Okuwy tamamlanyndan soň Daniel ilki birnäçe ýyllap söwda edýär, soňra ep-esli wagtlap galamgär, neşirýatçy, içaly we başga-da dürli-dürli kärlerde işleýär. Üstesine-de döwrüň ähli syýasy çarelerine işjeň gatnaşyp, syýasatçy hökmünde-de tanalypdyr. Has hem galamgär hökmünde uly meşhurlyk gazanypdyr. Onuň häli-şindi çap edilýän makalalary ýurduň syýasaty-jemgyýetçilik durmuşyna uly täsir edipdir.
Ýazyjy diňe 59 ýaşanynda çeper edebiýat bilen ymykly meşgullanyp ugraýar. Defo uzak wagtlap galamgär bolup işlänsoň, onuň ýazyş usuly çeper eserlerine-de öz täsirini ýetiripdir, eserler sada hem düşnükli, dogruçyl dilde ýazylypdyr. Ýazyjynyň ilkinji döreden romanlary gaty bir uly üstünlik gazanmandyr. Diňe 1719-njy ýylda, «Robinzon Kruzo» romany çap edileninden soň, Defo diňe bir Angliýada däl, bütindünýä meşhurlygyna eýe bolýar. Üstünlige başyny aldyran ýazyjy derrew eseriň dowamyny ýazypdyr, emma olar zehini bilen hem, şöhraty bilen hem romanyň birinji kitabynyň derejesine ýetip bilmändir.
Defonyň başga-da birnäçe belli eserleri bardyr. Olaryň arasynda has hem «Meşhur Moll Flendersiň begenji hem hasraty»(1722), «Gyrgynly ýylyň gündeligi»(1722), «Roksana»(1724), «Deňiz galtamançylygynyň taryhy»(1724) romanlary, «Jonatan Waýldyň ömri we etmişleri» atly öz döwrüniň belli jenaýatçysy baradaky kitaby hem üns berilmäge mynasypdyr. Bu eserler häzir hem özüniň gymmatyny ýitirmediler. Emma bu eserleriň hiçisi-de bütin adamzat medeniýetinde yz galdyran «Robinzon Kruzo» romany bilen bäsleşip bilmez.
Daniel Defo umuman 200-e golaý kitap çap etdiripdir. Ol 1731-nji ýylda, 70 ýaşynda, Londonda aradan çykypdyr.




#Article 374: Onore de Balzak (129 words)


Onore de Balzak

(1799-1850)

Beýik fransuz ýazyjysy Onore de Balzak 1799-njy ýylda Tur şäherinde, daýhan maşgalasynda dünýä inýär. 
Kakasy ogluny aklawjy edip ýetişdirmekçi eken, şonuň üçin Balzak ilki Wandom kolležinde, soňra Parižiň hukuk mekdebinde bilim alýar. Emma özdiýenli Balzak eýýäm ýetginjeňlik döwründen ömrüni edebiýata bagş etmek kararyna gelýär. 

Onore de Balzagyň döwürdeşlerine ýetiren täsiri örän ulydyr. Stendal, Gýugo, Lew Tolstoý ýaly ýazyjylar onuň ägirtligini ykrar edipdirler. F.M. Dostoýewskiý ýaş wagty Balzagyň “Ýewgeniýa Grande” romanyny rus diline terjime edipdir.
Balzak 1850-nji ýylda Parižda aradan çykýar.
Edebiýatda Balzak iň bir zähmetsöýer ýazyjylaryň biri hasaplanylýar. Ol eserleriniň üstünde günde 15-16 sagat işleýän eken. Her ýyl azyndan üç, dört, käwagtlar bolsa bäş, alty kitap dagy çykarýan eken. Ol “Adamzat komediýasy” üçin 115 sany roman ýazmakçy eken, emma diňe 98 sanysyny doly tamamlap ýetişipdir.




#Article 375: Gýustaw Flober (137 words)


Gýustaw Flober

(1821-1880)

Meşhur fransuz ýazyjysy Gýustaw Flober Fransiýanyň demirgazygynda ýerleşýän Ruan şäherinde dünýä inipdir we çagalyk hem ýetginjeklik ýyllaryny şonuň ýaly kiçeňräk şäherçelerde geçiripdir. 1840-njy ýylda ol Pariž uniwersitetiniň hukuk hünärine okuwa girýär, emma 1843-nji ýylda okuwy taşlaýar. 1851-nji ýylda Flober özüniň ilkinji romanyny ýazyp başlaýar. Bu eseri 1856-njy ýylda «Hanym Bowari» ady bilen çap edileninden soň ýazyja uly şöhrat getirýär. Üstünlik gazanan ýazyjy indiki eserini ýazmak üçin Demirgazyk Afrika syýahat edýär, Gadymy Karfageniň taryhyny öwrenýär. Netijede, ol «Salambo»(1862) atly taryhy romanyny döredipdir.

Gýustaw Flober birnäçe zehinli ýazyjylara, şol sanda-da Gi De Mopassan, Edmon Abu ýaly belli kyssaçylara halypalyk edipdir. Ol Wiktor Gýugo, Žorž Sand, Iwan Turgenew ýaly dünýä belli ýazyjylar bilen ýakyn aragatnaşyk saklapdyr.

Gýustaw Floberiň döredijiligi Ýewropa edebiýatynyň ösüş ýoluna örän uly täsir ýetirdi. Edebiýatçylar Gýustaw Floberi edebiýatyň modernizm we naturalizm akymlarynyň «atasy» hasaplaýarlar.




#Article 376: Horhe Luis Borhes (117 words)


Horhe Luis Borhes

(1899-1986)

XX asyr dünýä edebiýatynyň iň beýik ýazyjylarynyň biri hasaplanýan argentin kyssaçy-şahyry Horhe Luis Borhes 1899-njy ýylyň 24-nji awgustynda, Buenos-Aýresde dünýä inýär. Özüniň aýtmagyna görä, ýazyjynyň damarynda ispan, irland, portugal, bask, andaluz, ýewreý, iňlis, norman ganlary aýlanýar. Borhesiň atasy-da ýazyjy eken, emma gözi gapylanyndan soň ol hiç zat döredip bilmändir. Şonuň üçin kiçijik Horhe onuň kesbini dowam etmek kararyna gelipdir.

Geljekki ýazyjy eýýäm alty ýaşynda goşgy ýazyp ugraýar. On ýaşyndaka Oskar Uaýldyň “Bagtly şazada” ertekisini terjime edýär(bu terjimesi “Pais” gazetinde çap edilipdir).

Horhe Luis Borhes dünýä edebiýatyna örän uly täsir etdi. Hulio Kortasar, Umberto Eko, Žoze Saramago, Orhan Pamuk ýaly ussat ýazyjylar Borhesi özleriniň halypasy hasap edýärler.

Ýazyjy 1986-njy ýylda, Ženewa şäherinde dünýeden ötdi.




#Article 377: Karel Çapek (129 words)


Karel Çapek

(1890-1938)

Çehiýanyň iň meşhur ýazyjylarynyň biri Karel Çapek 1890-njy ýylyň 9-njy ýanwarynda Mala-Swatonowitz şäherçesinde, lukmanyň maşgalasynda dünýä inýär. Ilki Grades-Kralow şäherindäki gimnaziýada, soňra Pragada bilim alýar, 1915-nji ýylda Karl uniwersitetiniň filosofiýa hünäriniň doktorlyk derejesini gazanýar, soňra Berliniň hem Parižiň uniwersitetlerinde-de filosofiýany öwrenýär. 1917-nji ýylda «Narodni listy» gazetinde žurnalist bolup işe başlaýar. 1921-1923-nji ýyllar aralygynda Praganyň «Winogradeh teatrynda» dramaturg bolup işleýär.

Mundan ötri, Karel Çapek ussat fotosuratçy hem jemgyýetçilik işgäri hökmünde-de bellidir. Ýazyjy öz döwrüniň iň bir erjel antifaşisti hökmünde-de tanalýar. Ol eýýäm 1920-nji ýylda ýazan eserlerinde faşizmiň dünýä halklaryna nähili jebir ýetirjekdigini duýdurypdyr. Faşistik režimine garşy, hususan-da, Gitleriň hut özüne ýazan awuly tankytlary sebäpli, fýurer ýazyjyny özüniň « şahsy duşmany » diýip yglan edipdir.

Karel Çapek 1938-nji ýylyň 25-nji dekabrynda, faşistleriň Çehoslowakiýany basyp almagynyň öňüsyrasy dünýeden ötdi.




#Article 378: Jeýms Joýs (128 words)


Jeýms Joýs (1882-1941)— Irlandiýanyň beýik ýazyjysy, XX asyryň iň täsirli ýazyjylarynyň biri Jeýms Joýs 1882-nji ýylda, Dublin şäherinde dünýä indi. Maşgalasynyň agyr ýagdaýyna garamazdan, Jeýms örän gowy bilim alypdyr. 1902-nji ýylda ol Dublin uniwersitetini tamamlapdyr. 1900-nji ýylda, Dubliniň «Iki hepdelik maglumatlar» gazetinde Joýsyň ilkinji eseri, Ibseniň «Biz, ölenler, oýananymyzda» atly pýesasyna bagyşlanan esse çap edildi. Şol wagtlar hem Joýs liriki goşgylar ýazyp başlapdyr. 1916-nji ýyldan başlap ýazyjy «Little review» atly amerikan žurnalynda çykyş edýär. 20 ýaşynda Joýs Pariža göçýär. Ol ýerde žurnalist, mugallym we başga-da birnäçe kärlerde işläp görýär.

Ýazyjynyň bu eseri biziň döwrümizde-de edebiýatçy alymlaryň arasynda gyzgyn jedeller döredýär.

Ömrüniň soňunda batyl bolan ýazyjy keseli sebäpli gaty bir öndümli işläp bilmändir. Ikinji Jahan urşy başlananyndan soň Joýs Fransiýadan Sürihe göçüp, şol ýerde hem 1941-nji ýylda dünýäden ötýär.




#Article 379: Alberto Morawia (282 words)


Alberto Morawia

(1907-1990)

XX asyr italýan edebiýatynyň iň tanymal ýazyjylarynyň biri Alberto Morawia 1907-nji ýylda Rimde dünýä inýär. Onuň hakyky familiýasy Pinkerle, Morawia bolsa ýazyjynyň edebi lakamydyr. 9 ýaşyndaka Morawia erbet keselläpdir, diňe 17 ýaşynda düzelipdir. Geljekki ýazyjy şol ýarawsyz wagty örän köp kitap okapdyr. Has hem XVII, XVIII asyr ýazyjylaryny (Goldoni, Şekspir, Molýer ýaly ýazyjylary) ürç edip okapdyr. Dilleri hem öwrenipdir: italýan, fransuz, nemes, iňlis dilini suwara bilýär eken. Ol 17 ýaşyndaka ýazyjylyk senedine baş goşupdyr. Hassahanadan çykarylandan soň, Morawia Bressanon atly şäherçede ýaşap, şol ýerde “Biperwaýlar” atly ilkinji romanyny ýazmaga girişipdir. Bu eser 1929-nji ýylda çap edilip, döwrüň syýasy gapma-garşylyklaryna garamazdan, ýazaryna derrew şöhrat getirýär. Mundan soň ýazyjy özüniň pikirdeş italýan ýazyjylary Korrado Alwaro we Massimo Bontempelli bilen dostlaşýar, “XX asyr” žurnalyna işe girip, ol ýerde “Ýadan Kortijiana” atly nowellasyny çap edýär. Ol wagtky Italiýada häkimýetlik eden faşistler “Biperwaýlar” romanynda özlerine garşy pikirleri tapyp, ýazyja garşy göreşip başlaýarlar. Şonuň üçin ýazyjy uzak wagtlap syýahat edýär, ýol ýazgylarydyr makalalaryny “La Stampa” gazetinde çap etdirýär. Morawia Gresiýada, Hytaýda, ABŞ-da, Fransiýada, Meksikada bolýar, ol ýerleriň ýokary okuw jaýlarynda I.Niewo, A.Mandzoni, J.Werga ýaly ýazyjylar baradaky leksiýalar bilen çykyş edýär.

Alberto Morawianyň uruşdan soňky döwürlerde ýazan eserlerinden “Rimli”(1947), “Konformist”(1951), “Ýigrenç”(1854), “Gam-gussa”(1960), “Üns”(1965), “Men we ol”(1971), “Içki durmuş”(1978) romanlary, “Boýunegmezlik”(1948), “Är-aýalyň durmuşyndan”(1949) powestleri, “Rim hekaýalary”(1954), “Täze Rim hekaýalary”(1959), “Atom”(1962), “Jennet”(1970), “Başga durmuş”(1873), “Bäh”(1976), “Zat”(1983) atly hekaýalar ýygyndylary bütin dünýäde meşhurlyk gazanyp, okyjylar tarapyndan söýülip okalýan eserlere öwrülýär. Morawia “Täze deliller” atly žurnal açýar, onda Sartr, Wittorini, Italo kalwino ýaly ýazyjylar öz eserlerini çap etdirýärler. 1958-nji ýylda ýazyjyny Nobel baýragyna dalaşgär saýlaýarlar. Ol iň mynasyby hasaplansa-da, baýrak döwrüň ýagdaýy sebäpli Pasternaga gowşurylýar.

Morawia 1990-njy ýylda aradan çykýar. Ol dünýeden öteninden soň hem täze hekaýalar ýygyndylary çap edilýär.




#Article 380: Ernest Hemigueý (288 words)


Ernest Hemingueý

(1899-1961)

Beýik amerikan ýazyjysy Ernest Miller Hemingueý XX asyr dünýä edebiýatyna iň uly täsir ýetiren ýazyjylaryň biridir. Onuň ömri dartgynly we tolgundyryjy wakalardan doly. Şonuň üçin ýazyjynyň ömri – onuň iň esasy eseri diýse bolar.

Ernest Hemingueý Illinoýs ştatynyň Ouk-Park şäherçesinde dogulypdyr. Ol örän zehinli çaga bolupdyr, tebigaty söýüpdir, eýýäm sekiz ýaşyndaka ähli ösümlikleriň, haýwandyr guşlaryň atlaryny ýatdan bilipdir, ýöne esasy ünsüni edebiýata gönükdiripdir. Okaýan wagty Ernest mekdep žurnallarynda hekaýalary we makalalary bilen häli-şindi çykyş edipdir, şol wagt eýýäm ýazyjy bolmagy göwnüne berk düwüpdir. Orta bilimini alanyndan soň, ene-atasynyň talap etmegine garamazdan, uniwersitete girmändir, Kanzas şäherine göçüp, «Star» gazetine işe giripdir. Ýazyjylyk ussatlygyny kämilleşdirmek üçin birnäçe wagt galamgär bolup işläpdir.

Hemingueý Birinji Jahan urşuna gatnaşmak üçin Gyzyl Ýarymaý birleşigine ýazylyp, Italiýa barýar. Uruşdan ýaralanyp gaýdýar. Amerikada gahryman kibi garşylanýar. Bu uruş baradaky ýatlamalara Hemingueý soň döreden birnäçe hekaýalarynda we «Ýarag bilen hoşlaşyk» atly meşhur romanynda ýüzlenýär. Watanyna dolananyndan soň «Toronto Star» gazetinde we «Cooperative Commonwealth» žurnalynda işleýär. 1921-nji ýylda ýazyjy birwagtky arzuwyny amala aşyrýar – Pariže gidýär. Bu ýerde Hemingueýiň ylhamy joşýar, ol her hepde «Toronto Star» gazetine täze hekaýa iberýär. Parižde ol F.S.Fitzjerald, Jeýms Joýs, G. Staýn ýaly ýazyjylar bilen tanyşýar. Ömrüniň bu döwri barada, birnäçe ýyl geçeninden soň, Hemingueý «Mydam ýanyňda galýan şagalaň» kitabynda gürrüň beripdir.

Ýazyjy asyr bilen deň aýak basýar eken. Ispaniýada raýatlyk urşy başlanynda, Hemingueý ol ýere barypdyr-da, respublikanlaryň tarapyny tutup, faşistlere garşy göreşmäge kömek edipdir. Ikinji Jahan urşy döwründe-de ýazyjy çetde durmandyr, Karib deňzinde özüniň gämisinde nemesleriň suwasty gämilerini gözlemäge kömekleşipdir, Fransiýany, Belgiýany, Elzasy azat etmek üçin söweşlere gatnaşypdyr. Başga wagt bolsa Afrikada haýwanlary awlap, Kubada balyk tutup ýaşapdyr. 1949-njy ýylda ol Kuba göçýär. «Goja we deňiz» powesti üçin 1953-nji ýylda Pulitzer baýragyna, 1954-nji ýylda bolsa Nobel baýragyna mynasyp bolýar.




#Article 381: Gomer (543 words)


Gomeriň hakykatdan-da ýaşap geçen şahs bolandygy barada biziň döwrümize anyk maglumat gelip ýetmändir. Şonda-da onuň gadymy döwürde ýazylan birnäçe terjimehaly bar. Olardan Gerodotyň, Plutarhyň, Pawsaniniň we beýleki taryhçylaryň ýazanlary biziň zamanymyza çenli saklanyp galypdyr, ýöne olar hem köplenç rowaýata çalym edýär.

Gadymyýetde Gomer miladydan öňki XII (Troýa urşy döwri) ― VII asyrlar aralykda ýaşapdyr diýlip hasaplanypdyr. Alymlaryň soňky döwürde geçiren dürli seljermeleri «Gomer miladydan öňki VIII asyrda ýaşan bolmaly» diýip çaklamaga esas berýär.

Şol döwürde ýedi şäher ― Smirna, Hios, Kolofon, Salamin, Rodos, Argos we Afiny Gomeriň dogduk mekany diýen hormatly ady götermek ugrunda öz arasynda bäsdeşlik edipdir. Gerodot bilen Pawsaniniň ýazmagyna görä, Gomer Ios adasynda dünýäden ötüpdir.

Has irki döwürlerde Gomeri kör hasap edipdirler. Emma bu maglumat şübheli hasaplanýar. Şu ýerde adamzadyň ýene-de bir geň aýratynlygy barada aýdyp geçmäge esas bar, ýagny antik döwürde dana, akyldar, şahyr adamlar, köplenç, kör edilip şekillendiriler eken.

Eposlaryň döreýşi babatda edebiýat dünýäsinde birnäçe asyr bäri jedel dowam edýär. Nemes alymy Fridrih Wolfuň pikirine görä, bular ýaly uly eserleriň heniz ýazuwyň oýlanyp tapylmadyk döwründe ýüze çykmagy mümkin däl. Olar dürli döwürlerde dürli şahyrlar tarapyndan döredilip, dilden-dile geçip, Pisistrat döwründe, ýagny miladydan öňki VII asyrda bitewi eser görnüşde jemlenilip ýazylyp alnan aýry-aýry eserlerden ybarat bolmaly. Bu alymyň tarapdarlaryna «analitikler» (grekçe «analysis» ― parçalara bölmek) diýilýär. Olaryň garşydaşlary, «unitariler» (latynça «unitas» ― bitewülik) bolsa, eposlaryň diňe ýeke-täk ýazarynyň bolandygyny subut etmek üçin, eserleriň bir bitewüligine, beýan ediş aýratynlygyna salgylanýar. Unitarileriň arasynda Gýote, Foss, Şiller, Gegel, Puşkin, Žukowskiý, Gnediç we beýleki beýik ýazyjy-şahyrlar we alymlar bar.

Eposyň başy gadymy greklerde Ylham ylahysy hasaplanan Muza mynajat etmek we Ahillesiň gazaby beýan edilýän sözler bilen başlanyp, Gektoryň jaýlanmagy bilen tamamlanýar. Bu ikarada ýyldyrym tizliginde birentek dartgynly waka bolup geçýär, Gomer olaryň ählisini ýokary çeperçilik we taýsyz ussatlyk bilen beýan edýär.

XIX asyryň ortalaryna çenli Troýa baradaky ähli maglumatlar rowaýat hasaplanýardy. Emma arheolog Genrih Şlimanyň Türkiýede, Gyssarlyk atly baýyrlykda geçiren gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde bu gadymy şäheriň haraba galyndylary tapyldy. Gomeriň «Iliadasyny» karta hökmünde peýdalanmagy Şlimanyň tagallalarynyň rowaç almagyna köp ýardam edipdir.

Tanymal rus kinorežissýory A. Mihalkow ― Konçalowskiniň 1997-nji ýylda surata düşüren çeper telewizion filmi örän köp adama «Odisseýanyň» özüne çekiji wakalary bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi. «Iliada» eposy esasynda bolsa «Troýa» atly belli film surata düşürildi we dünýäniň ähli künjeklerinde ýaşlaryň söýgüsini gazandy. Gomeriň beýik eserleri bu gün bütin dünýäde dürli derejeli mekdepleriň okuw meýilnamalaryna goşuldy, ýöne okuwçylaryň we talyplaryň köpüsi 15700 setirden ybarat «Iliadany» we ondan sähelçe gysga «Odisseýany» okamaga ýaltanyp, agzalan filmleri görüp oňaýýar. Ýöne «Eşiden deň bolmaz gören göz bilen» diýlişi ýaly, olar bu ajaýyp eserleri okanlara miýesser bolan ýatdan çykmajak lezzetden özleriniň mahrum bolýandygyny bilmeýän bolsalar gerek.
Bu poemalardan başga Gomer birnäçe gimniň we «Margit» poemasynyň hem ýazary hasaplanýardy. Emma alymlaryň köpüsi bu eserler has soň döräpdir diýen takyk netijä gelenden soň, bu mesele öz çözgüdini tapdy.

Gomeriň täsirini tutuş dünýä edebiýatynyň taryhynda görmek bolýar. Wergiliý öz «Eneida» poemasyny döredende, Gomeriň eserlerinden ugur alypdyr. Dante Aligýeri «Ylahy komediýasynda» Gomeri dowzahyň birinji aýlawynda, ýagny hristianlyk heniz ýaýylmanka ýaşan oňat adamlaryň arasynda görkezipdir. Mundan başga-da Owidiý, Katull, Gorasiý, Lýudowiko Ariosto, Torkwato Tasso, Milton, Lessing, Gýote, Şiller, Žukowskiý, Puşkin, Lew Tolstoý, «Uliss» romanyny ýazan Jeýms Joýs we ençeme beýleki ýazyjylaryň eserlerinde Gomeriň täsiri has äşgär duýulýar. Gýote hatda «Iliadanyň» wakalar ýordumyndan peýdalanyp, «Ahillaida» atly eposy ýazmak küýünde hem bolupdyr.

Awtor: Maksat Bäşimow.




#Article 382: Aleksandr Kuprin (206 words)


Aleksandr Iwanowiç Kuprin (1870-1938) — Meşhur rus ýazyjysy Kuprin 1870-nji ýylda, Penzen guberniýasynyň Narowçat obasynda dünýä inýär. Kakasy çaga bir ýaşyndaka aradan çykanyndan soň, ejesi Aleksandry alyp Moskwa göçýär. Geljekki ýazyjynyň çagalyk hem ýetginjeklik ýyllary bu şäherde geçýär. Ol Moskwanyň harby gimnaziýasyny tamamlaýar, soňra Aleksandr harby uçilişesine okuwa girýär. Özüniň harby okuw jaýlarynda geçen ýaşlygyny ýatlap, birnäçe ýyl geçeninden soň ýazyjy “Kadetler” powestini we “Ýunkerler” romanyny döredýär. Eýýäm şol döwürde Kuprin şahyr ýa-da ýazyjy bolmagy arzuw edýän eken.

Kuprin ilki şygyr ýazypdyr, emma olar çap edilmän galýar. Ilkinji çap edilen eseri – “Iň soňky debýut” hekaýasy 1889-njy ýylda okyjylara ýetirilýär. Okuwyny gutaranyndan soň, Kuprin dört ýyllap harby gullukda bolýar. Ol esger durmuşy baradaky eserleri bilen, şol sanda hem “Garaňkylykda” powesti, “Aýly gijede”, “Derňew”, “Düşelge” hekaýalary bilen gazet-žurnallarda çykyş edip ugraýar. 1894-nji ýylda Kuprin gullukdan boşaýar. Ol Russiýanyň dürli şäherlerinde ýaşaýar, dürli kärlerde işläp görýär, eserleri üçin maglumat ýygnaýar. 90-njy ýyllarda onuň “Olesýa”, “Aldajy”,“Ket” powestleri çap edilýär. Bu ýyllar Kuprin Peterburga göçýär, Çehow, Bunin, Gorkiý ýaly ýazyjylar bilen tanyşýar.

Ýazyjy rewolýusiýany kabul etmeýär, 1919-njy ýylda Fransiýa göçýär. Ýöne Watanyndan uzakda ol öňki eserleriniň derejesinde hiç zat döredip bilmändir. 1937-nji ýylda, agyr halda Russiýa dolanyp barýar, 1938-nji ýylda hem aradan çykýar. Ony beýik rus ýazyjysy IwanTurgenewiň ýanynda jaýlaýarlar.




#Article 383: Boleslaw Prus (233 words)


Boleslaw Prus

(1847-1912)

Polşanyň nusgawy ýazyjysy, dünýä belli kyssaçy Boleslaw Prus (hakyky ady — Aleksander Glowaskiý) 1847-nji ýylda, Polşanyň Lýublin şäheriniň golaýyndaky Hrubeşuw obasynda, garyp galan begzadanyň maşgalasynda dünýä inipdir. Çaga ir ýetim galypdyr, onuň yzygiderli bilim almaga mümkinçiligi bolmandyr. 1863-nji ýylda ol Polşa halkynyň Russiýa imperiýasynyň agalygyna garşy turzan gozgalaňyna gatnaşypdyr, ýaralanypdyr.

Boleslaw Lýublinde ýörite orta okuw jaýy tamamlanyndan soň, 1866-njy ýylda Warşawanyň Esasy mekdebiniň (häzirki Warşawa Uniwersitetiniň) fizika-matematika hünärine okuwa girýär, emma iki ýyldan soň pul ýagdaýy sebäpli okuwyny taşlamaga mejbur bolýar.

Ýazyjy gazetler üçin müňe golaý felýeton döredipdir, ýüze golaý hekaýalar ýazypdyr. Bu hekaýalaryň ählisinde Prus öz iliniň agyr ýaşaýyş şertini suratlandyrypdyr, iň wajyp jemgyýetçilik meselelerini orta atypdyr. «Nälet siňen bagt» (1876), «Ýetim haky» (1876), «Antek» (1881), «Çagalygymyzyň günäleri» (1883), «Ýalňyşlyk» (1884), «Dünýä zeňi» (1884), «Saýa» (1885), «Düýş» (1890) we beýleki nowelladyr hekaýalary Boleslaw Prusy Ýewropanyň iň ussat ýazyjylaryň hataryna goşupdyr. Emma powestleri hem romanlary ýazyja hakyky şöhraty getiripdir. «Forpost» (1885) atly ajaýyp powestinden soň ýazyjy özüniň dünýä belli eserlerini — «Gurjak» (1887-1889), «Erkinleşen zenanlar» (1890-1893), «Faraon» (1895-1896), «Çagalar» (1908) romanlaryny döredýär. Beýleki iri eserleriniň ählisini öz döwrüniň ahlak hem jemgyýetçilik meselesine bagyşlan ýazyjy «Faraon» romanynda gadymy Müsüriň taryhyna ýüzlenipdir.

Ýazyjynyň soňky ýazan «Özgerişler» romany tamamlanman galypdyr. Ol 1912-nji ýylda, Warşawada aradan çykypdyr.

Boleslaw Prusyň eserleri birnäçe dillere terjime edilip, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna girizildi. Lew Tolstoý, Emil Zolýa, Genrik Senkewiç, Iosif Stalin ýaly şahsyýetler ýazyjynyň eserlerini ürç edip okapdyrlar.




#Article 384: Romen Gari (145 words)


Romen Gari (hakyky ady – Roman Kasew) XX asyr fransuz edebiýatynyň iň meşhur ýazyjylarynyň biridir. Ol Russiýa imperiýasynyň Wilno şäherinde (häzirki Wilnýus, Litwa), söwdagär bilen aktrisanyň maşgalasynda dünýä inipdir. 1928-nji ýylda ol ejesi bilen Fransiýa, Nissa şäherine göçüpdir. Roman Eks-an-Prowans şäherinde we Parižde hukuk hünärini öwrenipdir. Ýaşlyk ýyllary ol uçarman bolmagy arzuw edipdir, bu ugurdan ýörite okapdyr. Ikinji Jahan urşy başlanyndan soň Roman Beýik Britaniýa göçmeli bolýar, bu ýerde Şarl De Gollyň goşunyna goşulyp, Ýewropadaky we Afrikadaky birnäçe söweşlere gatnaşýar. Uruşdan soň Fransiýa dolanyp, ilçihana işe girýär.

Romen Gari döwrüň iň bir möhüm meselelerini aýny wagtynda duýup, gozgap we olaryň hakyky realistik çözgütlerini orta atyp, zaman bilen aýakdaş gidip bilýändigini subut eden ýazyjydyr. Onuň döredijiligini başga bir ýazyjynyň döredijiligi bilen garyşdyrjak gümanyň ýok. Ýazyjynyň ähli eserleri özüniň labyzlylygy, ýeňil okalyşy hem-de galdyrýan täsiri bilen okyjynyň ýüreginde aýrylmaz yz galdyrýar.

Ýazyjy 1980-nji ýylda, Parižde aradan çykypdyr.




#Article 385: Leonid Andreýew (233 words)


Leonid Andreýew

(1871-1919)

XX asyr rus edebiýatynyň görnükli wekili, ekspressionizm akymynyň gözbaşynda duran meşhur ýazyjy Leonid Nikolaýewiç Andreýew 1871-nji ýylda, Rus imperiýasynyň Orýol şäherinde dünýä inýär. Leonid Orýol şäheriniň klassiki gimnaziýasyny tamamlaýar, eýýäm çagalyk ýyllaryndan kitap okamaga höweslenýär. Onuň juwan kalbyny Artur Şopengauer hem Eduard fon Gartman ýaly nemes pelsepeçileriň eserleri bendi edýär. Pessimizm we panpsihizm ýaly taglymatlara eýeren bu pelsepeçiler geljekki ýazyjynyň häsiýetine hem dünýägaraýşyna, döredijiligine örän uly täsir ýetiripdirler.

Leonid Andreýew Moskwadaky hukukçylyk uniwersitetini 1897-nji ýylda tamamlaýar, soňra 1902-nji ýyla çenli aklawçy bolup işleýär, emma bu işini taşlap, žurnalist hem ýazyjy bolmak kararyna gelýär. 1898-nji ýylda onuň ilkinji hekaýasy «Bargamot we Karaska» çap edileninden soň ýazyja Maksim Gorkiý üns berýär, ony ýaş ýazyjylar birleşigine çagyrýar. Emma diňe 1901-nji ýylda, «Bir bar eken, bir ýok eken» atly hekaýasy çap edileninden soň Andreýew okyjylaryň söýgüsine mynasyp bolýar. 1902-nji ýylda «Kurýer» gazetine redaktor bellenýär, Watanynyň jemgyýetçilik çärelerine işjeň gatnaşýar.

Leonid Andreýewiň eserleri çuňňur gumanizme, pasifizme hem watansöýüjilige, şol bir wagtda-da skeptisizme hem pessimizme ýugrulandyr. Ýazyjy özüniň «Diwar», «Pikir», «Gyrmyzy gülki», «Gubernator», «Ýedi sany asylanlar hakynda» atly hekaýalary, «Wasiliý Fiweýskiýniň ömri», «Iuda Iskariot» powestleri bilen rus edebiýatynyň altyn hazynasyna girmegi başardy.

Andreýew özüni F.M.Dostoýewskiýniň şägirdi hasaplaýardy. Ol öz döwründe L.N.Tolstoý, A.P.Çehow, A.S.Blok, D.S.Merežkowskiý ýaly ýazyjylaryň öwgüsine mynasyp bolupdy.

Bolşewistik rewolýusiýasyny kabul etmänligi sebäpli, Andreýew ömrüniň soňky ýyllaryny Finlýandiýada ýaşapdy, şol ýerde hem 1919-njy ýylda dünýeden ötýär.

Ýazyjynyň soňky eseri bolan «Şeýtanyň gündeligi» powesti tamamlanman galýar.




#Article 386: Mihail Zoşenko (203 words)


Mihail Zoşenko

(1894-1958)

Russiýanyň meşhur satirik ýazyjysy Mihail Mihaýlowiç Zoşenko 1894-nji ýylda, suratkeşiň maşgalasynda dünýä inipdir. 1913-nji ýylda Mihail gimnaziýany tamamlapdyr, soňra Sankt-Peterburgyň döwlet uniwersitetiniň hukuk hünärinde bir ýyl okapdyr. Birinji Jahan urşuna, 1917-nji ýylyň raýatlyk urşuna gatnaşypdyr. 1919-njy ýylda harby gullukdan boşap, 1920-1922-nji ýyllar aralygynda dürli kärleri çalyşýar, hatda milisiýa işgäri we aýakgap ussasy bolup hem işleýär, üstesine-de Korneý Çukowskiýniň alyp barýan edebi sapaklaryna gatnaşýar. 1922-nji ýylda Zoşenko ilkinji eserini çap etdirýär. Ýazyjy W.Kawerin, W.Şklowskiý, K.Fedin, N.Tihonow, Wsewolod Iwanow ýaly ýaş kyssaçylar bilen bilelikde «Serapionyň doganlary» atly edebi birleşigi esaslandyrýar.

Bu döwür ýazyjy özüniň gülküli hem satiriki hekaýalaryny döredýär. Zoşenko hekaýalarynyň özeninde adatdan daşary üýtgeşik waka goýup, ony halky dilde, dürli şiwe sözleri ulanyp, eseriň ýeňil okalmagyny hem-de gülkünç bolmagyny, şol bir wagtda-da çuňňur oýlandyrmagyny gazanýar. Onuň «Asylzada gyz», «Söýgi», «Adamyň göwnüne degdiler», «Jenap Sinebrýuhow Nazar Ilýiçiň hekaýalary», «Limonad», «Elhenç tümlük» ýaly onlarça hekaýalary bu žanryň nusgawy eserleri hasaplanylýar.

Ýazyjynyň durmuş ýagdaýy agyrlaşýar. Ol esasan hem terjimeçilik bilen, käwagtlar hem köwüş ussasy bolup gazanç edýär. Terjime eden eserlerinde hem terjimeçiniň ady görkezilmeýär.

Mihail Zoşenko 1958-nji ýylda, Leningradda dünýeden ötdi. Onuň 1943-nji ýylda çap edilip başlanan «Günüň dogmagyndan ozal» powesti ilkinji gezek diňe 30 ýyl öteninden soň, 1973-nji ýylda ABŞ-da dolulygyna çap edildi.




#Article 387: Per Lagerkwist (167 words)


Per Lagerkwist

(1891-1974)

Dünýä belli şwed ýazyjysy, edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi Per Fabian Lagerkwist 1891-nji ýylyň 23-nji maýynda, Smoland prowinsiýasynyň Wekşö şäherinde dünýä indi. Onuň ene-atasy edebiýaty halamaýan ekenler, şonuň üçin geljekki ýazyjy çaga wagty ilkinji eserlerini bukulyp ýazar eken. Onuň «Ene söýgüsi» atly ilkinji hekaýasy 15 ýaşyndaka çap edilipdir. Gimnaziýada okaýan wagty Lagerkwist biologiýa hem edebiýat, has hem A.Strindbergiň we neoromantik ýazyjylaryň eserleri bilen gyzyklanyp ugraýar. Okuwyny Upsala şäheriniň uniwersitetinde dowam edýär, edebiýatyň we sungatyň taryhyny öwrenýär. Bu döwürde ýazyjy «Adamlar»(1912) atly eksperimental powestini, «Durmuş hakda iki erteki»(1913), «Mukamlar»(1914) kitaplaryny çap etdirýär.  1913-nji ýylda ýazyjy Pariže syýahat edýär. Bu ýerde ol kubist nakgaşlarynyň eserlerinden täsirlenýär. «Demir we adamlar»(1915) we «Gorky»(1916) kitabynda Lagerkwist kubizmi edebiýatda ilkinji gezek edebi tär hökmünde ulanmagy başarypdyr. Bu usulda döreden goşgydyr nowellalary Lagerkwisti Şwesiýanyň iň öňdebaryjy ýazyjylarynyň hataryna goşýar. Munuň daşyndan, Lagerkwistiň birnäçe belli pýesalary dünýäniň iň öňdebaryjy teatrlarynda sahnalaşdyrylýar.

Ýazyjy 1974-nji ýylda, 83 ýaşynda dünýeden ötýär. Onuň hiç bir ýazyjynyňka meňzemeýän özboluşly döredijiligi bu gün dünýä edebiýatynyň altyn fonduna girizildi.




#Article 388: Ýozef fon Aýhendorf (212 words)


Ýozef fon Aýhendorf

(1788-1857)

Nemes romantizminiň beýik ýazyjy-şahyry Ýozef Karl Benedikt fon Aýhendorf dworýanlaryň maşgalasynda, Lýubowitz galasynda dünýä inipdir. 1801-1805-nji ýyllarda ol Breslau şäheriniň katoliki gimnaziýasynda  okaýar, soňra Galle şäheriniň uniwersitetinde, Geýdelberg uniwersitetinde, Wena uniwersitetinde hukugy öwrenýär. 1813-1815-nji ýyllarda Aýhendorf Watan goragyna çykyp, Napoleona garşy söweşlere gatnaşýar. Uruşdan soň ol birnäçe ýyllap harby guramalarda işleýär, ýurduň jemgyýetçilik we syýasy meselelerine işjeň gatnaşýar. Emma ýaşlykdan ömrüni edebiýata bagyş etmek kararyna gelen Aýhendorf ýazyjylygy özüniň esasy borjy hasaplapdyr. Onuň «Güýz jadysy» atly ilkinji iri eseri 1808-nji ýylda çap edilipdir. Ýazyjynyň «Syzgy we hakykat»(1815) we «Mermer heýkel»(1819) ýaly kyssa eserleri okyjylar we tankytçylar tarapyndan örän gyzgyn garşy alnypdyr. Emma hakyky şöhraty ýazyja diňe «Ýaltanyň ýatlamalary»(1826) nowellasy getiripdir. Aýhendorfyň «Ýok ýerden turan galmagal»(1833), «Şahyr we onuň ýoldaşlary»(1834), «Dürande galasy»(1836), «Garamaňlaý», «Talaň» (1839) , «Garadan gaýtmaz»(1841) ýaly powestdir nowellalaryny eýýäm bütin dünýä okyjylary uly gyzyklanma bilen garşylaýarlar. Aýhendorfyň bu kyssa eserleri häzir hem özüniň döwrebaplygyny ýitirmän, elden düşürilmän okalýar.

Mundan ötri, ýazyjy şygryýet dünýäsinde hem ägirt uly miras goýupdyr. Onuň «Ýulian»(1853) we «Lusiý»(1857) eposlary romantizm žanrynda döredilen iň ajaýyp eserleriň hatarynda bolup, XIX asyr nemes ýazyjylaryna uly täsir ýetiripdir. Şygyrlary bolsa F.Mendelson, R.Ştrauss, R.Şuman, H.Wolf ýaly beýik kompozitorlar tarapyndan saza goýulypdyr.

Öz döwrüniň iň şöhratly ýazyjylarynyň biri bolan Aýhendorf  1857-nji ýylda, Ýokarky Sileziýanyň Naýse şäherinde aradan çykypdyr.




#Article 389: Waşington Irwing (219 words)


Waşington Irwing

(1783-1859)

Meşhur amerikan ýazyjysy Waşington Irwing Nýu-Ýork şäherinde, baý söwdagäriň maşgalasynda dünýä inýär. Ol çagalyk ýyllary hem kitap okamagy gowy görýän eken. Hukukçylyk boýunça bilim alyp, aklawçy bolmagy niýet edinipdir, emma bahym ýazyjy bolmak kararyna gelýär. 1802-nji ýylda ol «Morning Kronikl» gazetinde ilkinji eserleri, şol sanda hem «Jonatan Oldstaýlyň hatlary» atly degişmeli oçerkleri bilen çykyş edip başlaýar. 1804-1806-njy ýyllarda Ýewropada syýahat edýär. ABŞ-na dolanyp baranyndan soň, «Salmagundi» atly almanahda esselerini hem oçerklerini neşir etdirýär. 1809-njy ýylda Irwingiň ilkinji kitaby – «Didrih Nikerbokerden Nýu-Ýorkuň taryhy» atly romany çap edilýär. Roman Walter Skottyň öwgüsine mynasyp bolýar we Irwingi amerikan edebiýatynyň iň öňdebaryjy ýazyjylarynyň hatarynda goýýar. Emma şöhrat ýazyja şatlyk getirmeýär, sebäbi şol ýyl onuň gelinligi aradan çykýar. Mundan soň Irwing hiç haçan öýlenmändir.

Waşington Irwingiň iň belli eserleri – onuň «Rip wan Winkl» hem «Ukuly Köw hakda rowaýat» hekaýalarydyr. Olaryň esasynda dürli döwürlerde birnäçe kinofilmler düşürildi. Ýazyjynyň «Breýsbrij-holl»(1822), «Syýahatçynyň  hekaýalary»(1824), «Hristofor Kolumbuň ömri we syýahaty»(1828), «Algambra»(1832), «Oliwer Goldsmit»(1849), «Muhammediň we onuň mirasdüşerleriniň taryhy»(1850) kitaplary şu gün hem elden düşürilmän okalýar. Irwing öz döwründe täze zehinlere, şol sanda Nataniel Hotorn we Edgar Allen Po ýaly ýazyjylaryň eserlerine okyjylaryň ünsüni çekipdir, ýaş ýazyjylara elinden gelen kömegini ýetiripdir. Onuň soňky kitaby - «Jorj Waşingtonyň ömür beýany» tamamlanman galypdyr. Ýazyjy 1859-njy ýylyň 28-nji noýabrynda aradan çykýar.

Biziň döwrümizde ýazyjyny «amerikan edebiýatynyň atasy» hasaplaýarlar.




#Article 390: Oskar Waýld (206 words)


Oskar Waýld

(1854-1900)

Irland ýazyjysy Oskar Waýld öz döwrüniň iň meşhur ýazyjylarynyň biridir. Ol Irlandiýanyň paýtagty Dublinde, lukman Wilýam Waýldyň maşgalasynda dünýä inipdir. Oskaryň ene-atasy sungata berlen adamlar eken. Olaryň täsiri bilen Oskar eýýäm çaga wagty köp kitap okap, şahyr-ýazyjy bolmak kararyna gelýär.

Dokuz ýaşaýança ol bilimi öýünde alýar, fransuz, nemes dillerini öwrenýär, soňra Enniskillen şäherindäki Portor mekdebinde okaýar. Mekdebi altyn medal bilen tamamlap, Dubliniň Triniti kollejine okuwa girýär. Bu ýerde ol antik edebiýatyny, medeniýetini we taryhy öwrenýär, 1874-nji ýylda bolsa okuwyny Oksford uniwersitetinde dowam edýär. Şol döwürde Oskar özüniň ilkinji eserlerini ýazyp başlaýar. 1878-nji ýylda oňa «Rawenna» poemasy üçin Nýudigeýt baýragy berilýär, şol ýyl hem ol uniwersiteti tamamlap, Londona göçýär. Bu ýerde Oskar Waýld özüniň dilewarlygy, ugurtapyjylygy, bezemen geýinjeňligi hem-de geň häsiýeti bilen uly ile özüni tanadypdyr.

Şahyryň ilkinji şygyrlar kitaby 1881-nji ýylda çap edilýär. Waýldyň irki eserleri prerafaelitleriň we impressionistleriň täsirinde döredilipdir.

Angliýa gaýdyp baranyndan soň Waýld öýlenýär, onuň iki ogly bolýar. «Bagtly şazada» (1888) we «Nar jaýy» (1891) ertekiler ýygyndysyny Waýld ogullaryna bagyşlapdyr.

 
Waýld diňe bir şygryýetde hem kyssada däl, eýsem dramaturgiýada hem uly kämillige ýetipdir. Onuň «Salomeýa» (1891) dramasy, komediýalary häzir hem tomaşaçylaryň göwnüni galkyndyrýar.

Oskar Waýld özüniň ahlaksyzlygy sebäpli durmuşynda birentek görgüler görmeli bolupdyr. Ahyrsoňy ýazyjy 1900-nji ýylda, Parižde dünýeden ötýär.




#Article 391: Roald Dal (238 words)


Roald Dal

(1916-1990)

Welsiň iň meşhur ýazyjysy Roald Dal 1916-njy ýylda, ýurduň paýtagty Kardiff şäherinde dünýä inipdir. Onuň ene-atasynyň asly norweg bolupdyr. Çaga üç ýaşyndaka ilki uýasy, soňra kakasy aradan çykypdyr. Mundan soň ejesi Roaldy alyp, Angliýa göçüpdir.

Roald ýöriteleşdirilen ýapyk okuw-terbiýe jaýynda bilim alypdyr, emma ony tamamlanyndan soň okuwyny dowam etdirjek hem bolmandyr, 1933-nji ýylda «Şell» kompaniýasyna işe giripdir. Ýigrimi ýaşyndaka ol Tanzaniýa gidýär. Ikinji jahan urşy başlanynda Roald Keniýanyň paýtagty Naýrobide harby gulluga ýazylyp, birnäçe uly söweşlere gatnaşýar.

Uruş döwri Roald Dal «Gremlinler» atly ilkinji powestini çap etdirýär. Bu eser oňa şol bada şöhrat getiripdir. Şonuň üçin uruşdan soň ýazyjy ömrüni edebiýata bagyş etmek kararyna gelýär, uly hem kiçi ýaşly okyjylar üçin hekaýadyr powestler, pýesalar döredýär. Bahym tankytçylar oňa  «paradoksal hekaýanyň ussady»  diýen derejäni berýärler.

Roald Dal «Jeýms we äpet şetdaly» kitabyny öz çagalary üçin ýazypdyr, ilki ony çap etdirjek bolmandyr, emma maşgalasy bu eseri okyjylara ýetirmeli diýip, ýazyjyny kynlyk bilen ynandyrypdyrlar. Eser 1961-nji ýylda kitap bolup çykanyndan soň ýazyjynyň ady dünýä belli bolýar. Ýazyjynyň ylhamy joşýar, ol yzly-yzyna nusgawy eserlerini döredip başlaýar. «Çarli we şokolad kärhanasy» , «Täsin jenap Foks», «Ägirt krokodil», «Matilda», «Päk ýürekli äpet adam», «Twit maşgalasy», «Denni – dünýä çempiony», «Jorj Marwelusyň saglygynyň bejerilşi» ýaly romandyr powestler okyjylary özüne bendi edýär. Olar boýunça filmler düşürilýär. 

Roald Dal XX asyryň iň meşhur we özboluşly zehinli ýazyjylarynyň biri hasaplanylýar. Onuň kitaplary häzir hem okyjylaryň elinden düşmeýär.

Ýazyjy 1990-njy ýylda, Angliýanyň Oksford şäherinde aradan çykypdyr.




#Article 392: O'Genri (281 words)


O'Genri

(1862-1910)

Amerikan ýazyjysy O.Genri (hakyky ady – Wilýam Sidni Porter) 1862-nji ýylyň 11 sentýabrynda, Demirgazyk Karolina ştatynyň Grinsboro şäherinde dünýä inýär. Üç ýaşynda enesi ýogalýar, daýzasynyň elinde terbiýelenýär. Mekdebi tamamlanyndan soň farmasewtika hünärine okaýar, daýysynyň dermanhanasynda işleýär. Üç ýyldan Tehasa göçýär, ol ýerde ştatyň ýer dolandyryş edarasynda işleýär. Soňra Ostin şäherinde, bankda gaznaçy hem hasapçy bolup işe girýär. 1980-nji ýyllaryň ahyrlarynda edebiýat bilen meşgullanyp başlaýar. 1894-nji ýylda “Rolling Stoun” atly žurnal esaslandyryp, ony tutuşlygyna diýen ýaly özüniň oçerkleri, oýunlary, goşgulary hem-de çeken suratlary bilen doldurýar. Bir ýyldan žurnal ýapylýar, ýazyjy bolsa işden çykarylyp, bankyň kemçilikleri sebäpli kazyýet jogapkärçiligine çekilýär. Ilki ýarym ýyllap Gondurasda bukulyp ýaşaýar, soňra Ogaýo ştatynyň Kolumbus türmesinde üç ýylyny geçirýär(1898-1901). Türmäniň keselhanasynda işläp, şol ýerde hekaýalaryny döredip ugraýar, özüne “O.Genri”edebi lakamyny alýar. Bu ady bilen 1899-njy ýylda çap etdiren “Dik-Sykylykçynyň täze ýyl sowgady” atly ilkinji hekaýasyny hem türmedekä döredipdir.

O.Genriniň “Şalar hem kelemler” atly birinji romany 1904-nji ýylda neşir edilýär we derrew ýazaryna meşhurlyk getirýär. Mundan soň ýazyjynyň jomart galamyndan tiz wagtyň içinden “Dört million”(1906), “Ýakylgy çyra”(1907), “Günbataryň ýüregi”(1907), “Şäheriň sesi”(1908), “Wyždanly kezzap”(1908), “Ykbal ýollary”(1909), “Saýlananlar” (1909), “Takyk hasaplar”(1910), “Pyrlawaçlar”(1910) ýaly hekaýalar ýygyndylary çykýar we ýazyjynyň adyny dünýä belli edýär. Bu hekaýalaryň hemmesi degişme äheňinde, satiriki žanrda ýazylan. O.Genriniň gahrymanlarynyň arasynda ähli kärdäki adamlara diýen ýaly duş gelse bolýar. Ýazyjy amerikan edebiýatynda gysga hekaýany kämilletmekde biçak uly iş bitiren ýazyjy hökmünde tanalýar. Onuň «Wyždanly kezzap», «Saýlaýan ýollarymyz», «Gyzyl tenlileriň serdary», «Söýgüniň sowgady» ýaly 200-den gowrak hekaýalary, «Şalar hem kelemler» romany ýazyjy eýýäm aýatda diri gezip ýörkä dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna girizildi.

O.Genri Nýu-Ýork şäherinde, 1910-njy ýylyň 5-nji iýunynda, bagryň sirrozy hem  süýjikeseli sebäpli aradan çykýar.

Bu gün O.Genriniň hekaýalary bütin dünýäde ýokary okuw jaýlaryň okuw maksatnamasyna girizilen.




#Article 393: Astrid Lindgren (282 words)


Astrid Lindgren

(1907-2002)

Şwed ýazyjysy Astrid Anna Emiliýa Lindgren 1907-nji ýylyň 14-nji noýabrynda, Şwesiýanyň Günortasyndaky Wimmerbýu atly kiçeňräk şäherçede, fermeriň maşgalasynda dünýä inipdir. Ýazyjynyň «Meniň toslamalarym» (1971) atly awtobiografik oçerkler ýygyndysynda ýatlap geçişi ýaly, ol bagtly çagalyk ýyllaryny agzybir maşgalasy bilen Wimmerbýunyň gözel tebigatynyň içinde ýaşap geçiripdir we bu ýerler baradaky ýatlamalar onuň döredijiligine bütin ömür ylham çeşmesi bolup galypdyr. Çaga wagty gyzjagaza halk döredijiliginden dürli eserler, ertekiler okap beripdirler. Ertekileriň jadyly dünýäsi gyzjagazy özüne ömürlik bendi edipdir. Ol eýýäm mekdepde okap ýören wagty öz zehinini görkezmegi başarypdyr. Bu ýerde ony «Wimmerbýunyň Selma Lagerlöfi» diýip atlandyrypdyrlar.

Astrid Lindgreniň ilkinji belli eseri «Peppi Uzynjorap» 1945-nji ýylda, birnäçe çaphanalar golýazmany yzyna gaýtaranlaryndan soň, «Raben we Şögren» neşirýatynda çap edilýär we dessine ýazyja meşhurlyk getirýär. Şol ýyl hem bu neşirýat Lindgrene çagalar edebiýatynyň redaktory wezipesini hödürleýär. Ýazyjy 1970-nji ýyla, tä pensiýa çykýança bu wezipede işläpdir.

Agyr redaktorlyk işine garamazdan, Astrid Lindgren döredijilik öndümligini togtatmaýar. «Kalle Blümkwistiň başdan geçirmeleri» trilogiýasy (1946; 1951; 1953), «Mio, meniň Miom!» (1954), «Körpe we üçekde ýaşaýan Karlson» trilogiýasy (1955; 1962; 1968), «Ýolbars ýürekli doganlar» (1973) we beýleki powestleri hem ertekileri yzly-yzyna peýda bolup, ýazyjynyň adyny bütin dünýä meşhur edýär.
Astrid Lindgreni Şwesiýada örän hormatlapdyrlar, çünki ýazyjy halkyň asuda ýaşaýşy üçin, çagalaryň dogry terbiýesi üçin, tebigaty goramak üçin irginsiz göreşipdir. Ol öz döredijiligi we haýyr-sogap edijiligi bilen Hans Kristian Andersen medalyna, Russiýanyň Lew Tolstoý medalyna, Çiliniň Gabriela Mistral we Şwesiýanyň Selma Lagerlöf premiýalaryna, Şwesiýanyň edebiýat boýunça döwlet premiýasyna, nemes çaphanalarynyň Parahatçylyk premiýasyna we başga-da birnäçe uly sylaglara mynasyp boldy.

Bütin ömrüni parahatçylyk üçin göreşip, mätäçlere ýardam berip geçiren Astrid Lindgren 2002-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda, Stokgolmda aradan çykdy. Onuň ertekileri 70-den gowrak dillere terjime edilip, bütin dünýäde iň söýülip okalýan eserleriň hataryna goşuldy.




#Article 394: Premçand (168 words)


Premçand

(1880-1936)

Ussat hindi ýazyjysy Premçand 1880-nji ýylda, Benares şäheriniň golaýyndaky Lamhi obasynda dünýä inýär. Onuň hakyky ady Dhanpatraý Şriwastaw. Ýaş wagty Premçand mugallym hem mekdep jaýlarynyň gözegçisi bolup işledi. Ýazyjy 13 sany powestdir romanlaryň, 40-a golaý hekaýalar ýygyndylarynyň, birnäçe publisistik eserleriniň ýazary hökmünde meşhurdyr. Hindistanyň milli azat edijilik hereketi ýazyja örän uly täsir etdi.

Premçandyň «Watana bolan söýgi» atly ilkinji hekaýalar ýygyndysy 1909-nji ýylda çap edildi, emma iňlis basybalyjylarynyň häkimýeti bu neşiri gadagan edip, otda ýakdylar.

Premçandyň «Söýgi aramgähi»(1922), «Meýdança»(1925), «Uruş meýdany»(1932), «Gurbanlyk sygyr»(1936) romanlarynda, «Ýedi lotos»(1917), «Söweş ýoly»(1932) hekaýalar ýygyndylarynda hindi halkynyň azatlyk üçin alyp baran göreşi, syýasy gapma-garşylyklar barada gürrüň berilýär. Ýazyjy öz eserlerinde gahrymanlarynyň çuňňur psihologiki häsiýetnamalarynyň üsti bilen ýönekeý halkyň agyr durmuşyny ussatlarça açyp görkezmegi başarypdyr.

Premçand eserlerini hindi hem urdu dilinde döredipdir. Ol 1930-36-njy ýyllarda «Hans» žurnalyna, 1932-34-nji ýyllarda «Jagaran» žurnalyna baştutanlyk edýär. Premçandyň publisistik eserleri hem Hindistanda realistik we demokratik edebiýatyň ösmegine güýçli itergi beripdir. 1936-njy ýylda ýazyjy Hindistanyň progressiw ýazyjylar birleşiginiň döredilmegini gazandy, şol ýyl hem Benares şäherinde aradan çykdy.




#Article 395: Wasiliý Ýan (254 words)


Wasiliý Ýan (1875-1954) —Meşhur rus ýazyjysy Wasiliý Grigorýewiç Ýan (hakyky familiýasy - Ýançeweskiý) 1875-nji ýylda, Kiýew şäherinde dünýä inipdir. Onuň kakasy latyn hem grek dili mugallymy bolup işleýän eken, Wasiliý hem onuň okadýan gimnaziýasynda bilim alypdyr. 1897-nji ýylda geljekki ýazyjy Peterburg uniwersitetiniň taryh-filologiýa fakultetini tamamlapdyr. Wasiliý Ýan syýahat etmegi halapdyr. Ol uniwersitetden  soň iki ýyllap Russiýada syýahat edip, başyndan geçirenleri barada «Pyýadanyň ýazgylary»(1901) atly ilkinji kitabynda gürrüň beripdir. Soňra ýazyjy bir ýyllap Angliýada ýaşaýar, syýahat edýär, Britaniýa muzeýiniň kitaphanasynda işleýär.

Wasiliý Ýan soňra ýene birnäçe ýerleri syýahat edýär, Sankt-Peterburgda, Daşkentde, Türkiýede, Birinji Jahan urşy döwri Rumyniýada, soňra Sibirde, Minusinskde, Samarkandda işleýär. Ahyryn 1928-nji ýylda Moskwa dolanyp, taryhy hekaýlaryny we powestlerini ýazmaga girişýär.

Wasiliý Ýanyň iň esasy we iň meşhur eserleri - «Mongollaryň çozuşy» trilogiýasydyr. Onuň birinji bölümi - «Çingiz han» romany 1939-njy ýylda çap edildi. Ýazyjy bu eserinde rehimsiz mongollaryň serdary Çingiz handan ötri, birnäçe edermen türkmen gerçekleriniň, şol sanda Jelaleddin Meňburnuň ýatda galyjy keşpini döredipdir. Trilogiýanyň ikinji kitaby «Baty han» 1942-nji ýylda okyjylara ýetirildi. Bu eserleriň ikisi hem türkmen diline terjime edildi. ««Iň soňky deňze» sary» atly üçinji kitap Wasiliý Ýan aradan çykanyndan soň, 1955-nji ýylda okyjylara gowuşdy.

Uruş döwri ýazyjy Watan goragyna gitjek bolupdyr, emma ýaşy gartaşan ýazyja ýol bermändirler. Ol wagt ýazyjy Daşkentde ýaşapdyr. 1942-nji ýylda ýazyja «Çingiz han» romany üçin birinji derejeli Stalin baýragy berildi.

Uruşdan soň Ýan birnäçe hekaýalar ýygyndysyny, powestlerini, «Aziýanyň mawy alyslyklary»(1947-1948) ýol ýazgylaryny  çap etdirýär. Emma soňky ýazan eserleriniň hiçisi hem kämilligi boýunça «Çingiz han» romany bilen bäsleşip bilmez.

Wasiliý Ýan 1954-nji ýylda, Moskwada aradan çykypdyr.




#Article 396: Ömer Seýfettin (235 words)


Ömer Seýfettin

(1884-1920)

Meşhur ýazyjy Ömer Seýfettin 1884-nji ýylda, Türkiýäniň Balykesir welaýatynyň Gönen şäherinde dünýä inipdir. Ilki ol Gönende, ýönekeý mekdepde okapdyr, emma soň harby wezipede işleýän kakasynyň iş ýeriniň üýtgedilmegi bilen maşgala Stambula gelýär. Bu ýerde Ömeri ilki Osmany mekdebine, soňra 1893-nji ýylda harby lukmançylyk rüştiýesine (ýöriteleşdirilen orta okuw mekdebine) ýerleşdirýärler. Geljekki ýazyja harby bilim berlipdir. 1903-nji ýylda okuwyny tamamlanyndan soň Seýfettin Izmirde gulluk edipdir. Bu ýerde 1911-nji ýylda onuň «Täze dil» atly ilkinji makalasy çap edilýär. Balkan uruşlaryndan (1912-1913) soň Seýfettin harby gullugyny taşlaýar, 1914-nji ýyldan başlap Stambulyň ýöriteleşdirilen Kabataş orta okuw jaýynda edebiýat mugallymy bolup işleýär. Ol ömrüniň ahyryna çenli bu wezipede işläpdir, üstesine-de hekaýadyr makalalaryny döredipdir. Onuň eserleri «Yeni Mecmua», «Şair», «Donanma», «Büyük Mecmua», «Yeni Dünya», «Diken», «Türk Kadini» ýaly žurnallarda, «Vakit», «Zaman» we «İfham» gazetlerinde çap edilipdir.

Ömer Seýfettiniň döredijiligi türk edebiýatynda realistik nowellanyň döremegine uly itergi berdi. Ol edebiýatda «Türkçülük» akymynyň gözbaşynda durýar. Onuň eserleri şäher we oba durmuşyndan, jemgyýetiň dürli synpynyň wekilleri, dürli kärdäki adamlar hakda söz açýar. Olaryň ählisi sada dil hem-de joşgunly, şahandaz wäşilik bilen ýazylan. Seýfettiniň gysga ömründe döreden eserleri türk edebiýaty üçin ägirt uly goşant bolandyr.

Ýazyjy aýatda diri wagty onuň diňe «Eremhana»(1918) atly hekaýalar ýygyndysy we «Efruz beý»(1919) romany kitap bolup çykdy. «Beýik ökjeliler», «Gizlin ybadathana», «Ak çigildem», «Asylzadalar», «Bahar we kebelekler» ýaly hekaýalar kitabynyň, «Ýalňyz batyr» romanynyň çap edilendigini görmek ýazyja miýesser etmedi. Ol 1920-nji ýylda agyr kesele sezewar bolup, aradan çykdy.




#Article 397: Paul Heýs (145 words)


Paul Ýohan Ludwig Fon Heýs (1830-1914)

Dünýä belli nemes ýazyjysy Paul Heýs Berlinde, mugallymlaryň maşgalasynda dünýä indi. 
Italýan edebiýaty boýunça ýokary bilim alyp, doktorlyk işini gorapdyr.

Heýzeniň ilkinji hekaýasy 1852-nji ýylda çap edilipdir.

Onuň “Garalama kitaby”, “Aýdymlar hem suratlar”, “Italiýadan goşgular” atly goşgy ýygyndylary, “Soňky kentawr” powesti, “Dünýä çagalary”, “Jennetde” hem-de “Merlin” romanlary öz döwründe uly meşhurlyga eýe boldy. Emma dünýä edebiýatynyň taryhyna Heýs özüniň ajaýyp nowellalary bilen girmegi başardy.
Bulardan ötri Heýs italýan hem-de ispan dilindäki eserlerden eden şowly terjimeleri bilen hem bellidir.

Bütin ömrüniň dowamynda Heýs altmyşa golaý sahna eseri bilen bir ýüz ýetmişden gowrak nowella döredipdir. 1910-njy ýylda oňa Nobel baýragy berildi. Nobel baýragyny gowşuryjy toparyň şol wagtky ýolbaşçysy Wirsel ol hakda: «Germaniýada Gýoteden soň bular ýaly zehin döremändi» diýip belleýär.

Onuň ýazan «Soňky nowellasy» 1914-nji ýylda çapdan çykýar. Şol ýylyň hem 2-nji aprelinde Paul Heýs Mýünhen şäherinde 84 ýaşynda aradan çykýar.




#Article 398: Şolom-Aleýhem (107 words)


Şolom-Aleýhem

(1859-1916)

Dünýä belli ýewreý ýazyjysy, idiş dilindäki edebiýatynyň kerwenbaşysy Şolom-Aleýhem (hakyky ady – Solomon Naumowiç Rabinowiç) 1859-njy ýylda Russiýa imperiýasynyň Pereýaslaw şäherçesinde dünýä inýär. Oglanjyk 13 ýaşyndaka ejesi dünýeden ötýär. 15 ýaşynda ol «Robinzon Kruzo» romanyny okap, onuň ýewreý görnüşini döretmek küýüne düşýär we ýazyjy bolmak kararyna gelýär. 1876-njy ýylda mekdebi tamamlanyndan soňra Şolom-Aleýhem birentek kärlerde işläp görýär. Üstesine-de, idiş dilinde birnäçe žurnal esaslandyryp, olarda ýaş ýazyjylar bilen bilelikde öz eserlerini hem çap etdirýär. Ýazyjy bütin dünýäde syýahat edip, häli-şindi adamlaryň öňünde çykyş edip ýöreni üçin bahym bütin dünýä meşhur bolýar. Tankytçylar ýazyjyny «ýewreýleriň Mark Tweni» diýip atlandyrypdyrlar. Mark Twen bolsa özüne «amerikanlaryň Şolom-Aleýhemi» diýer eken.




#Article 399: Ýuriý Oleşa (150 words)


Ýuriý Oleşa

(1899-1960)

Tanymal rus ýazyjysy Ýuriý Oleşa Rus imperiýasynyň Ýelisawedgrad şäherinde, belorus dworýanlaryň maşgalasynda dünýä inipdir. Onuň kakasy salgytçy bolup işleýän eken. 1902-nji ýylda maşgala Odessa göçýär. Bu ýerde Ýuriý gimnaziýa okuwa girýär. Eýýäm 16 ýaşyndaka onuň «Klarimonda» atly goşgusy çap edilipdir. 1917-nji ýylda Oleşa Odessa uniwersitetine kabul edilýär. Okuwynyň daşyndan gälämgär bolup işleýär, goşgy ýazýar. 1922-nji ýylda ýazyjy Moskwa göçýär. Bu ýerde ol ilkibada felýeton hem makalalary bilen çykyş edip ugraýar.

Beýik Watançylyk urşy döwri Oleşa Aşgabatda ýaşapdyr. Soň ýene Moskwa dolanypdyr. Halkymyz uruş döwri görkezen ruhy berkligi, gujur-gaýraty hem tutanýerliligi bilen ýazyjyny haýran galdyrypdyr. Bu ýerde ol «Türkmen» atly hekaýasyny döredýär.

Ömrüniň ahyrynda Oleşa özüniň ömri barada, döwri barada kitap ýazyp ugrapdyr. Ol ýazyjynyň ýogalmagyndan bir ýyl geçeninden soň, 1961-nji ýylda «Setirsiz günüm geçmez» ady bilen çap edilipdir.

Oleşanyň ussatlyk bilen döredilen, metaforadan we allegoriýadan doly eserleri soňky dörän hem indiki dörejek ýazyjylara özboluşly mekdep bolup galdy.




#Article 400: Zigfrid Lenz (128 words)


Zigfrid Lens (1926–2014) — Meşhur nemes ýazyjysy Zigfrid Lens 1926-njy ýylyň 17-nji martynda, Germaniýanyň Elk şäherçesinde dünýä indi. 1943-nji ýylda okuwyny tamamlanyndan soň harby gulluga çagyrylýar.  Uruşdan soň ol Gamburg uniwersitetiniň pelsepe, iňlis dili we edebiýat fakultetini tamamlaýar. «Asmandaky çaýkeller»(1951) atly ilkinji romanyndan gazanan galamhakyna ýazyjy Keniýa syýahat edýär.

Günter Grass, Genrih Böll, Günter Aýh ýaly belli ýazyjylar bilen birlikde, Zigfrid Lenz hem Germaniýanyň ýazyjylar bileleşigine goşulypdyr. 1968-nji ýylda çap etdiren «Nemes sapaklary» romany Lense bütindünýä meşhurlygyny getirýär. Bu eser tiz wagtyň içinde, takmynan, 30 dile terjime edilip, nemes diliniň iň meşhur eserleriniň hataryna goşulýar. «Ülkäni öwreniş muzeýi»(1978) we «Arneniň mirasy»(1999) romanlary hem okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanypdyr. Ýazyjy Gýöte baýragyna, Frankfurt çaphanaçylarynyň baýragyna, Halkara Nonino baýragyna mynasyp bolýar.

Ýazyjy biziň döwrümizde hem okyjylary häli-şindi täze kitaplary bilen begendirýär.




#Article 401: Isabel Alýende (138 words)


Izabel Alýende

Häzirkizaman latinamerikan edebiýatynyň iň şöhratly zenan ýazyjylarynyň biri, Çili edebiýatynyň guwanjy Izabel Alýende Lima şäherinde, 1942-nji ýylda dünýä inipdir. Onuň kakasy Çiliniň prezidenti Salwador Alýendeniň garyndaşy eken. Ene-atasy ilçihanada işlänsoňlar, Izabel çaga wagty Peru, Wenesuela, Liwan ýaly ýurtlarda ýaşapdyr. Bilimini Çiliniň paýtagty Santiago şäherinde alypdyr. 1959-njy ýyldan başlap žurnalist bolup işleýär, BMG-nyň habar beriş gullugynda, Çiliniň gazet-žurnallarynda, telewideniýesinde çykyş edip, meşhurlyk gazanýar. 1973-nji ýylda Alýende «Ilçi» atly pýesasyny döredýär. 1975-nji ýylda ýazyjy Wenesuela göçmeli bolýar, ol ýerde mekdepde mugallym bolup işleýär, «El Nasional» gazetinde publisistik makalalary bilen çykyş edýär.

Ýazyjy öz eserlerinde öz halkynyň milli özboluşlygyny, medeniýetini, halkynyň çeken jebir-jepasyny ussatlyk bilen suratlandyrmagy başarypdyr, şonuň üçin Ýewropada ony «Zenan Garsia Markes» diýip atlandyrýarlar.

Alýendeniň soňky döwürde döreden eserlerinden has hem «Toslanan ýurdum» (2003), «Günleriň jemi» (2007), «Deňiz astyndaky ada» (2009) romanlary okyjylaryň uly söýgüsine mynasyp boldylar.




#Article 402: Durdy Haldurdy (343 words)


Durdy Haldurdy - türkmen ýazyjysy, şahyr, terjimeçi.

Haldurdy Durdyýew (hakyky ady) 1909-njy ýylda Marynyň etegindäki Goňur obasynda daýhan maşgalasynda dünýä indi. Ol ilki Magtymguly internatynda, soň Türkmenabadyň mugallymçylyk tehnikumynda okaýar. Tehnikumy tamamlanyndan soň gazetde işleýär. Goşun hatarynda gulluk edýär. Uruş başlanmazynyň öň ýanlarynda «Sowet Türkmenistany» (häzirki «Türkmenistan») gazetinde jogapkär kätip, edebiýat bölüminiň müdiri wezipelerinde işleýär, urşa-da şol ýerden gidýär. 1941-nji ýylda Haldurdy Durdyýew hereket edýän goşuna çagyrylýar. Pulemýotçylar mekdebinde okan leýtenant H. Durdyýew öz serkerdelik edýän wzwody bilen aldym-berdimli söweşleriň ençemesine gatnaşýar. Onuň Noworossiýsk şäherinden başlanan söweş ýoly 1942-nji ýylyň baharynda Krasnodaryň eteginde tamamlanýar. Injikden degen mina bölegi zerarly sag aýagy dyzynyň aşak ýanyndan kesilen esger söweş meýdanyndan gaýtmaly bolýar.

Durdy Haldurdynyň XX asyryň kyrkynjy ýyllarynyň ortalarynda gazet-žurnallarda, ýygyndylarda çap edilen goşgulary onuň adyny özboluşly şahyrlaryň biri hökmünde okyjylara tanadýar. Şahyryň 1947-nji ýylda «Meniň ýaragym» ady bilen neşir edilen ilkinji goşgular ýygyndysynyň özeni Beýik Watançylyk urşy baradaky eserlerden ybaratdyr. Şahyryň döredijiliginde häzire çenli iň gowy eserler hasaplanýan «Garry saýlawça», «Gaçgak», «Maşat gijesi», «Dnepr», «Dostumyň ýadygärligine» ýaly belli goşgulary şol kitapda jemlenipdir. Şahyr döredijiliginiň esasy ugry bolan harby-watançylyk mowzugyna ömürboýy wepalylygyna galdy. Muny onuň «Goja soldat», «Edermenlik ýoly», «Ömür ýoly», «Dorja ýaby» atly kitaplaryndaky goşgularydyr poemalary hem subut edýär.
 
Şahyr türkmen edebiýatynda diňe bir döredijiligi bilen däl, eýsem çeper terjimeleri bilen hem uly yz goýdy. Uzak ýyllaryň dowamynda terjime bilen iş salyşmagy, saýlap terjime eden nusgawy eserleri, ýokary talapkärçilik duýgusy D. Haldurdynyň ýurdumyzyň iň ussat terjimeçileriniň biri hökmünde ykrar edilmegine getirdi. 1962-nji ýylda onuň Terjimeler kitaby çap edildi. Bu kitabyň sahypalarynda D.Haldurdynyň rus ýazyjylary Aleksandr Puşkinden, Nikolaý Nekrasowdan, Iwan Krylowdan, ermeni ýazyjylary Ýegişe Çarensden, Awetik Isaakýandan, ukrain ýazyjylary Agata Turçinskaýadan, Maksim Rylskden, Hamyt Alymjandan, azerbaýjan Samat Wurgundan, belorus Ýanka Kupaladan, gazak şahyry Jambyldan hem gyrgyz şahyry Togtoguldan eden terjimeleri ýerleşdirildi. Onuň şu hili dürli halklaryň şahyrlarynyň goşgularydyr poemalaryny terjime etmekden başlanan ýoly kem-kemden has uly göwrümli eserlere tarap uzaýar.

D.Haldurdy beýik rus şahyry Wladimir Maýakowskiýniň goşgularynyň iň ökde terjimeçileriniň biri hasaplanylýar.
 
Aleksandr Puşkiniň «Poltawa» poemasynyň terjimesi D. Haldurdynyň bu ugurda bitiren işleriniň esasylarynyň biridir.

Şahyr segsen ýedi ýaşynyň içinde, 1996-njy ýylda (?) aradan çykdy.




#Article 403: Wiktor Gýugo (323 words)


Wiktor Gýugo (1802-1885) - fransuz ýazyjysy (şahyr, kyssaçy, dramaturg),fransuz edebiýatynda romantizm akymynyň düýbüni tutujy. Fransuz akademiýasynyň agzasy (1941)

Beýik fransuz ýazyjysy Wiktor Gýugo Bezansonda dünýä inipdir.Kakasy -Napoleonyň serkerdesi Žozef Leopold Sigisber Gýugo we ejesi hanym Gýugo (gyz ady Sofi Fransuaz Trebýuşe de la Renodýe).

Ene-atasy aýrylyşan körpe Wiktor iki sany uly agasy bilen kä kakasynyň, kä ejesiniň ýanynda ýaşady, olar bir şäherden beýlekä, Fransiýadan kä Italiýa, kä Ispaniýa göçüp-gonýardy. Wiktor bäş ýaşynda kakasynyň harby polkuna ýazylypdyr.

Ýetginjekkä Wiktor Gýugo goşgulary hem-de latyn şahyrlaryndan eden terjimeleri bilen on sany depderi doldurypdyr, emma olary ýakypdyr.Ol wagtlar Wiktor Parižde, keramatly Margarita köçesindäki pansionda okaýardy.

Fransuz akademiýasy tarapyndan yglan edilen bäsleşikde ýaş Gýugo üç ýüz otuz dört setirden ybarat poemasy üçin Hormat hatyna mynasyp boldy. Tuluz akademiýasy «Genrih IV heýkeliniň dikeldilmegi» atly odasy üçin ony «Altyn liliýa» baýragy bilen sylaglapdyr.

Tizara Wiktor Gýugo agasy Abel bilen bile «Edebiýat konserwatory» ady bilen edebi žurnal neşir etmäge synanyşdy. Bir ýarym ýylyň dowamynda Wiktor bu žurnalda on bir tahallus bilen 112 sany makala, 22 sany goşgy çap etdirdi. Abel öz hasabyna Wiktoryň ilkinji kitabyny neşir etdirdi, ol «Odalar we başga goşgular» diýlip atlandyrylýardy.

Ömrüniň otuzynjy ýylynda Gýugo eýýäm «Gündogar äheňleri», «Güýz ýapraklary» atly goşgular ýygyndylarynyň, «Islandiýaly Gan» (W. Skottuň usulynda we iňlis gotiki romanynyň täsirinde) romanynyň, «Ölüme höküm edileniň iň ahyrky güni» powestiniň, «Kromwel», «Marion Delorm» (çap etmäge rugsat berilmedik) we «Ernani» atly dramalarynyň ýazarydy.

Otwil-Hausdaky öýünde ol «Ýekirilenler» romanyny ýazyp tamamlady, «Asyrlaryň rowaýaty» atly göwrümli epopeýasy üçin birgiden goşgulary we poemalary ýazdy. Şeýle hem «Deňziň zähmetkeşleri (Jersiniň balykçylary hakynda) we «Gülýän adam» atly romanlaryny döretdi.

Şol wagt onuň aýaly-da, ogullary-da, uly gyzy-da aradan çykypdy. Onuň körpe gyzy bolsa akyl taýdan näsaglaryň hassahanasyna ýerleşdirilipdi. Gýugo agtyklary Žoržy hem Žannany diýseň eý görerdi we olara «Ata bolmak sungaty» atly goşgular toplumyny bagyşlapdy.

Ýakynlarynyň güwä geçmegine görä, Wiktor Gýugo ölüm ýassygynda ýatyrka şeýle diýipdir: «Günüň ýagtylygy bilen gijäniň tümlüginiň arasynda tutluşyk gidýär... en garaňkyda ýagtylygy görýärin». Bu ýazyjynyň iň ahyrky sözleri bolupdyr...




#Article 404: Reý Bredberi (188 words)


Reý Bredberi - amerikan ýazyjysy, şahyry.

Reý Bredberi häzirki döwrüň iň meşhur ýazyjylarynyň biridir. Ol 1920-nji ýylyň 22-nji awgustynda, ABŞ-nyň Illinoýs ştatynyň Uokigan şäherinde dünýä indi. Ýazyjynyň doly ady Reýmond Duglas Bredberi.

Mundan soň ýazyjy ir säherden agşama çenli kitaphanada oturyp, täze eseriň üstünde işleýär. Netijede, 1953-nji ýylda «Playboy» žurnalynda onuň «Farengeýt 451°» antiutopik romany çap edilip, ýazyja bütindünýä meşhurlygyny getirýär. Ýazyjynyň ýiti öňdengörüjilik, welilik bilen ýazylan bu eseri 1957-nji ýylda döreden «Tozga şeraby» powesti bilen bilelikde dünýä edebiýatynyň nusgawy eseri hasaplanylýar.

Emma ýazyjyny, esasan hem, hekaýalary üçin söýýärler. Bredberiniň jemi 400-e golaý hekaýasy bar. «Günüň altyn almalary»(1953), «Tukatlykdan derman»(1959), «Şatlyk mehanizmleri»(1964), «Ýary gijeden esli wagt geçensoň»(1976), «Toýnbi konwektor»(1988), «Körüň sürşi»(1997), «Tomus sabasy, tomus gijesi»(2007) ýaly onlarça ýygyndyda ýerleşdirilen hekaýalar özüniň pelsepewi dünýägaraýşy bilen okyjylaryň köp nesline ahlak terbiýesini berdi. Olaryň esasynda 70-e golaý çeper film surata düşürildi.

Geçen ýyl 91 ýaşan Reý Bredberiniň bir eli ysmaz bolandygyna garamazdan, häzir hem galamyny taşlanok. 2009-njy ýylda onuň «Biziň mydama Parižimiz bolar» atly täze hekaýalar ýygyndysy çap edildi.

Bredberi öz eserleri arkaly adamzadyň ahlak arassalygy, gözel tebigatyň goragy, sungata bolan söýgi ugrunda göreşýär. Onuň eserleri birnäçe ýurtlaryň okuw mekdeplerinde öwrenilýär.




#Article 405: Annamuhammet Kirşen (191 words)


Annamuhammet Kirşenow — 1961-nji ýylyň 10-njy awgustynda, Tejen şäherinde, edebiýat mugallymynyň maşgalasynda dünýä indi. 1978-nji ýylda ol Tejeniň Garaja Burunow adyndaky 2-nji orta mekdebiniň 8-nji synpyny tamamlap, agşamky işçi ýaşlar mekdebinde orta bilim alýar. Eýýäm 4-nji klasda okaýan wagty edebiýat bilen gyzyklanyp ugraýar. Inžener-gurluşukçy hünäri boýunça gaýybana ýokary bilim alýar. 

Bu döwürde şahyr öz goşgulary bilen Türkmenistanyň etrap welaýat merkezi gazetlerinde çykyş edýär, türkmen radiosynda birnäçe gezek goşgylary okalýar. Emma 1992-2006-nji ýyllar aralygynda şahyryň döredijiligine böwşenlik düşýär, ol hiç zat ýazmaýar, ýazan zatlaryny hem çap etdirmeýär. 
Kirşenow lirik şahyrdyr. 400-den gowrak goşgylaryň awtory. Häzir şahyryň dürli eserleri “Watan”, “Nesil”, “Edebiýat we Sungat”, “Türkmen dünýäsi” ýaly gazetlerde, “Diýar”, “Garagum”, “Zenan kalby” žurnallarynda çap edilýär, türkmen radioýaýlymlarynda yzygiderli okalýar. 
Häzirki wagtda şahyr “Dünýä edebiýaty” žurnalynda kyssa bölüminiň müdiri bolup zähmet çekýär. 2011-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijisi – şa serpaýynyň eýesi. Mundan ötri ýazyjy terjimeçilik bilen hem meşgullanýar. Ol Ýeseniniň, Blogyň, Ruben Darionyň goşgylaryny, belli ýapon ýazyjysy Kobe Abäniň Keseki ýüz romanyny, Karel Çapegiň, Alberto Morawianyň, Zigfrid Lensiň hekaýalaryny türkmen diline geçirdi.

A.Kirşeniň şygyrlary özüniň çuňňur pelsepewiligi, durmuşylygy, akgynlygy hem-de metafora baýlygy bilen okyjylaryň uly söýgüsine mynasyp boldy.




#Article 406: Nurmyrat Saryhanow (247 words)


N.Saryhanow türkmen prozasynyň  taryhyna “Şirin”, “Kitap”, “Arzuw”, “Soňky öý”, “Ak tam”, “Giýew” ýaly hekaýalary, “Şükür bagşy”, “Ýagtylyga çykanlar”, “Gyzgyn günler” ýaly powesleriň Hossarlygy”, “Aýjemal”, “Garaş aga”, “Ene” ýaly oçerklerini goşmak bilen özüne müdümi ýadygärlik galdyrdy. Olar çuň ideýaly, joşgunly watançylyk, dostluk, gumanistik, internalistik ideýalary duýgulara ýugrulan eserlerdir. 
N.Saryhanowyň eserleri türkmen dilinde we goňşy halklaryň birnäçesiniň dilinde ençeme gezek neşir edildi we edilýär.
 

Ýazyjynyň döreden powestleriniň arasynda onuň adyna şöhrat getireni “Şükür bagşy” powestidir. Bu eseri N.Saryhanow urşa gitmeziniň öň ýanynda (1942) ýazyp gutarýar. Bu powest türkmen halkynyň milli saz sungatyna, onuň at owazasyny ýokary derejä göteren belli sazanda Şükür bagşy barada. Eserde suratlandyrylýan waka  hakyky durmuşdan, ýagny XIX asyryň ahyrlarynda – 1871-nji ýyl töwereginde Duşak sebitinde bolup geçipdir. 
Halkyň arasynda ady belli bolan sazanda Şükür bagşy şol ýyllar otuz ýaşlary töweregindedi. Şükür bagşy sazandady. Ol obama-oba aýlanyp, halka hezil bererdi. Ýaryşda Şükür bagşy hem Gulamyň başlan heňini çalyp başlaýar. Gulam kowýar. Birnäçe heň çalynýar. Gulam hem elde baryny edýär, asla galar ýaly däl. Soňky heň çalynýar. Bu heňi Şükür şu jedelli ýaryş edip otyrka döredipdir. Ol “Ellerini başynyň üstünden aýlap-aýlap çalýar. Şunuň ýaly edip, Gulam bagşyny eýerdip barýarka, birden elini ýöne dutaryň ýüzünde aýlap-aýlap göýberdi-de, çalyp barýan heňiňiň soňuny perdelerden çykýan ses bilen doldurdy”. Gulam bu sesiň nirelerden çykýandygyny duýman galýar. Ol “Hyrçyny dişläp, başyny ýaýkady-da?”-Ah-ah, myhmanyň pylly-pyllysy çohdy” diýip, ýüzüni aşak salýar. Şükür bagşy üstün çykýar, doganyny azat edip, obasyna dolanyp gelýär. 
Powestiň baş gahrymany Şükür bagşy 97 ýaşap 1928-nji ýylda aradan çykan tanymal saz ussady.




#Article 407: Din (109 words)


Din - Taňry tarapyndan esaslandyrylýandygyna ynanylýan kanundyr. Ol ynsana ýaradylyş maksadyny, barlygynyň hikmetini bildirýär, Taňrynyň öňünde nähili ybadat etmelidigini öwredýär.

Din ynsanyň Men kim ? Nireden gelip, nirä barýaryn? diýen sowallaryna jogap berýän çeşmedir.

Din adalat , ýagşylyk, fazylet, dogrulyk, pidägärlik ýaly duýgularyň çeşmesi, ynsan wyždanyndaky ynanç mätäçligini kanagatlandyryjydyr.

Din kişilere ýaradylyş maksadyny bildirýän, olary öz erk-eradasy bilen Taňrynyň ilçisiniň dogry ýol görkezmegi esasynda ýagşylyga, rahatlyga, kämillige, ösüşe ugrukdyrýan, şeýle hem olaryň maddy we ruhy zerurlyklaryny üpjün edýän ylahy kanunlaryň kodeksi diýmekdir. Başgaça aýdylanda: din erk-erada eýesi bolan baýlyklaryň magnewi, sosial, dolandyryş, ykdysady we duýgy taýdan tutuş durmuşlaryny düzgüne salmak üçin ynsanyň bilip we isläp tabyn bolan düzgünleriniň toplumydyr.




#Article 408: İman (109 words)


Iman bir zada ynanmak, bir zady tassyklamak, bir kişiniň aýdanlaryny kabul etmek diýmekdir. Iman sözi ygtykat bilen manydaş bolup, teslim bolmak - boýun egmek manysyny hem öz içine alýar.

Iman ynsanyň ýaradylmagynyň sebäbidir. Ýagny, ynsan Allahy imany bilen tanamak we Oňa ybadat etmek üçin ýaradylypdyr. Ynsan ýaradylyş maksadyna laýyklykda ýaşasa, ahyrýetde ebedi sagadata ýeter, jennete girer. Tersine, ýaşan ýagdaýynda, jähenneme atylar, ebedi şowsuzlyga, betbagtçylyga uçrar. Bu nukdaýnazardan iman ynsan ebedi sagadaty gazandyrjak sebäpdir we jennetiň açarydyr. Jennete imansyz girilmeýär. Bu jahetden insanyň iman getirmegi we şol imanyny soňky demine çenli ýitirmän, pese gaçyrman goramagy gerekdir. Ol, ýagny, iman älem-jahandan we onuň içindäki ähli zatdan has wajyp we gymmatly nygmatdyr.




#Article 409: Gadymy Gresiýa taryhy (5226 words)


Mowzuk: Gresiýa b.e.öň III-II müňýyllyklarda.

M E Ý I L N A M A:

Gadymy Gresiýanyň taryhy üç sany uly döwre bölünyär:

Ilkinji döwletler Kritde döräpdir. Olaryň ösüşi gadymy gündogar  ýurtlarynyňka meňzeş bolupdyr. Kritiň ilkinji ilaty  grekler bolmandyr. Olara esasy orun degişlidir. Balkan ýarym adasyndaky Gresiýada esasy ilat demirgazykdan, Dunaý töwereginden b.e.oň III müňýyllygyň ahyrynda göçüp gelen grek-aheýlar bolupdyr.

Krit-aheý döwri hem  öz içinde 3-e bölünyär. Krit üçin onda hökümdarlyk eden patyşa Minasyň ady boýunça bu döwürler şeýle atlandyrylýar:

Balkan Gresiýanyň esasy üç döwri şulardyr:

B.e.öň II-I müňýyllyklaryň sepgidinde Balkan Gresiýasynda durmuş-ykdysady, syýasy we etniki özgerişlikler bolup geçýär. B.e.öň XII asyrda demirgazykdan grekleriň döri taýpalary günorta tarap çozup girýärler. Olar entek ilkidurmuş gurluşynda ýaşaýan ekenler. Aheý döwletleri pese düşüp, heläk bolýarlar. Ykdysady, syýasy taýdan jemgyýetiň ösüş derejesi pese düşýär.

Şeýlelikde Gadymy Gresiýanyň taryhynyň şäher-döwletler döwri döriler gelensoň, aheý döwletleriniň hem heläk bolanyndan soň, ugur-taýpa gatnaşyklarynyň dargamagy bilen başlaýar. Ol hem öz gezeginde 3-e bölünýär:

B.e.öň IV asyrda gadymy grekleriň şäher-döwlet gurluşynyň we gadymy gündogar jemgyýetiniň gurluşynyň görnuşlerini özünde jemleýän ellinçilik döwletler emele gelipdir.  Olar Aleksandr Makedonskiniň imperiýasy dargansoň döräpdirler.

Gadymy grekleriň taryhynyň ellinçilik döwri hem  üçe bölünýär:

Gadymy Gresiýanyň taryynyň çeşmeleriniň dürli görnüşleri bar: ýazuw, maddy, etnografik we ş.m.

Krit we Aheý döwletleriniň (b.e.öň II m.ý) taryhyna degişli çeşmeleriň esasan 3 görnuşi bar:

B çyzykly ýazuwynda ýazylan hat Kritde arheologik barlaglar wagtynda A.Ewans tarapyndan 1901-nji ýylda tapyldy. Ony 1953-nji ýylda iňlis alymy M.Wentris okady. B ýazuwynda ýazylan ýazgylaryň  müňlerçesi Kritdäki Knoss köşgünde, Pilosda, Mikenyda, Fiwyda, Tirinfde tapyldy. Olaryň köpüsi b.e.öň XIV-XII asyrlara degişlidir. Olaryň mazmuny köplenç hojalyk hasabatlary bilen baglanyşykly.

Arheologik barlaglar netijesinde Knossda, Festde (Krit adasy), Mikenyda we Pilosda (Peloponnes) köşk toplumlary we dürli zatlar tapyldy. Olarda    başga-da arheologlar tarapyndan birnäçe şäherçeler, obalar we olaryň ilatynyň durmuşy öwrenildi. Aheý we Krit patyşalyklary  barada Gomeriň polmalarynda, Gerodotyň, Fukididiň, Aristoteliň, Strabonyň, Plutarhyň, Pawsaniniň eserlerinde, gadymy gündogar ýadygärliklerinde hem maglumatlar bar.

Arhaiki we nusgawy Gresiýanyň taryhy boýunça  çeşmeler has köpdür. Ýazuw çeşmeleriniň dürligörnuşleri bolup, olardan möhüm orun Gomeriň “Odisseýa” we “Iliada” polmalaryna degişlidir. Onda aheý patyşalyklarynyň durmuşy we däpleri, gomerçilik döwrüniň (b.e.öň XI-IX a) jemgyýetçilik gatnaşyklary we palmalaryň düzülen wagty (b.e.öň IX-VIII a) barada maglumatlar bar.

Gesiodyň “Zähmetler we günler” diýen polmasynda ekerançylyk we oba durmuşy “Teogoniýa” polmasynda bolsa grekleriň dini duşünjeleri beýan edilipdir.

Ilkinji grek taryhçylaryna logograflar diýlipdir. Has meşhur logograflar Milletden bolan Gekateý (b.e.öň 540-478 ý) we Mitilenadan bolan Gellanik (b.e.öň 480-400) bolupdyr. Logograflar öz şäherleriniň iň gadymy taryhyny beýan edipdirler. Ýöne bularyň işlerinde rowaýatlar bilen hakykatyň tapawudy güýçli bolmandygy üçin, ähmiýetini peseldipdir.

Ilkinji hakyky taryhy işi Galikarnasdan bolan Gerodot (b.e.öň 485-425 ý) ýazypdyr. Gadymyýetde ony “taryhyň atasy” diýip hasap edipdirler. Ol barly maşgalada doglup, gowy bilim alypdyr. Syýasy göreşe gatnaşyp, üstün çykan garşydaşlary tarapyndan şäherden kowulýar. Şeýdip ol köp syýahat edýär. Ol orta ýaşlarynda Afinyda ýaşap, Perikl bilen dostlaşýar.  Gerodot işini grek-pars uruşlaryna bagyşlapdyr. Ol dokuz kitapdan ybarat bolan, b.e.oň III asyrda          9 muzanyň ady boýunça atlandyrylýar. Ilkinji dört kitapda aýry-aýry halklarynyň, ýurtlaryň, Kiçi Aziýanyň  şäherleriniň, Wawilonyň, Midiýanyň, Müsüriň, Şkifleriň, Balkan Gresiýasynyň şäherleriniň taryhy, soňky bäş kitapda bolsa uruşlaryň taryhy (b.e.öň 479-njy ýyla çenli) beýan edilýär. Ilkinji grek taryhçylarynyň birem Fukidid bolupdyr. Ol bilimleri, wezipeli adam bolup, öz döwrüniň syýasatyna gowy duşünipdir. Ol Afinyda strateg bolup, b.e.öň 424-nji ýylda şowsuz uruş alyp barandygy üçin, sürgün edilýär. Ol Frakiýada ýaşap, ömrüni “Taryh” işini ýazmaga bagyşlaýar.

Fukididiň (b.e.öň 460-396 ý) işi sekiz kitapdan durup, Peloponnes urşuna bagyşlanypdyr.

Fukididiň özünden kiçi döwürdeşi Ksenofont Afinyly (b.e.öň 430-355 ý) hem ýokakylara meňzeş ykbaly başdan geçiripdir. Ol “Grek taryhy” atly işinde Fukididiň işini dowam edýär. Onuň beýleki taryhy işleri dürli mowzuklara bagyşlanypdyr.

Bu taryhçylaryň işlerinden başga-da, b.e.öň V-IV asyrlarda ýaşan belli we näbelli taryhçylaryň işleri, oratorlaryň çykyşlary, ylmy we pelsepewi häsiýetdäki işler möhüm taryhy çeşmeleridir.

Pelsepeçi Platon (b.e.öň 427-347 ý) “Döwlet” we “Kanunlar” diýen işlerinde öz döwrüniň durmuş-syýasy  gatnaşyklaryny seljerip, grek jegyýetini täze, adalatly esaslarda gaytadan gurmagy teklip edipdir.

Aristotel hem ylmyň dürli ugurlary boýunça işler ýazypdyr. Ol “Syýasat” diýen işinde 158 sany grek şäher-döwletiniň syýasy taryhyny umumylaşdyrypdyr. Başga-da ol taryhy ähmiýeti uly bolan “Afinynyň döwlet gurluşy” diýen işini ýazypdyr.

B.e.öň V-IV asyrlaryň taryhy hakykaty Eskiliň, Sofoklyň, Ýewripidiň, Aristoanyň çeper eserlerinde-de  beýanyny tapypdyr.

B.e.öň VIII-IV asyrlaryň grek taryhy ellinçilik we rim döwrüniň ýazyjylary tarapyndan hem öwrenilipdir. Olara Diodor Sisiliýaly (“Taryhy kitaphana”), Tezeý, Likurg, Solon, Femestokl, Perikl, Alkiwiad, Kimon, Nikiý, Pawsaniý (“Elladanyň beýany”), Plutarh degişlidir.

Epigrafiki ýazgylar hem möhüm çeşmedirler. Ýazgylaryn bütin Gresiýa boýunça 200 müňden  gowrak ýazgynyň üsti açylyp, olar köptomly ýygyndy görnüşinde gaýtadan işlenilip çap edildi. Taryhy mazmunly ýazgylary iňlis alymy M.Tod ýygnap çapdan çykardy (“Grek taryhy ýazgylaryn ýygyndysy” 1946-1948, t 1-2).

Numizmatiki tapyndylaryň her ýyl ençemesi tapylýar. 1973-nji ýylda amerikan numizmatika jemgyýeti Britan muzeýiniň we ähli grek kanunlarynyň teňňeleriniň maglumatlaryny çap ediler.

Arheologiki çeşmeler hem gitdigiçe köpelyär. Ençeme şäheriniň üsti açyldy. Her ýyl ýüzlerçe arheologiki ekspedisiýalar işläp, dürli görnüşli tapyndylardan ençeme maglumatlar alynýar.

Gresiýanyň ellinçilik döwrüniň taryhy boýunça çeşmeleriň sany barha köpelip, olaryň täze görnuşleri-de peýda bolýar.

Taryhy işlerden Polibiniň we Diodoryň işleri möhüm çeşmelerdir. Polibiý (b.e.öň 200-118 ý) ajaýyp grek taryhçylarynyň biri bolup, ýaşlykda syýasy iş  bilen meşgullanýar. B.e.öň 168-nji ýylda ýesir bolup Rime duşýär we ömrüniň  ahyryna çenli şol ýerde ýaşaýar. Ol Rimde iri döwlet işgäri Ssipion Emilian we beýlekiler bilen ýakynlaşypdyr. Köp syýahat edipdir. Müsürde, Rimiň Afrika ýerlerinde, Ispaniýada bolupdyr. Onuň işinde Ortaýer deňziniň harby-syýasy taryhy b.e.öň 280-146-njy ýyllar aralygynda beýan edilýär. Diodoryň “Taryhy kitaphana” diýen işi 40 kitapdan ybarat bolup, onuň XVIII-XX kitaplary doly saklanyp galypdyr. Onda nusgawy Gresiýanyň we ellinçilik döwletleriň     harby-syýasy taryhyndan başga-da, ykdysady ýagdaýlary hem görkezilipdir.

Strabonyň “Geografiýa” işinde hem baý maglumatlar berilýär.

Plutarh öz işlerinde b.e.öň III-I asyrlarda ýaşan meşhur grek we rim syýasy işgärleriniň terjimehallaryny beýan edipdir.

Pawsaniý (b.e. II a) “Elladanyň beýany” diýen işini Balkan Gresiýasynyň  medeni ýadygärliklerine bagyşlapdyr. Onuň beýan  eden ýadygärlikleri arheologik işler netijesinde  tassyklanylýar. Bulardan başga-da Makedoniýanyň taryhy barada Pompeý Troguň 44 kitapdan ybarat “Filippiň taryhy” işi, Kursiý Rufiň “Aleksandr Makedonskiniň taryhy” Flawiý Arrianyň “Aleksandryň anabasisi” diýen işleri möhüm çeşmelerdir.

Gadymy Gresiýanyň taryhynda çeşmelrini ilkinjiler bolup, iňlis alymy R.Bentli, nemes alymlary F.Wolt we G.B.Nibur dagylar öwrenip başladylar.

XIX asyrda gadymy Gresiýanyň taryhyny öwrenmek Germaniýada has çalt ösýär. Gadymy sungatyň taryhynyň ylmy esaslarynyň düýbi nemes alymy I.Winkelman tarapyndan tutulýar. Nemes alymlary A.Býok, K.Mýuller, I.Droýzen, E.Kursius dagylar öňkileriň işlerini dowam  edipdirler. XVIII asyryň ahyrlarynda, XIX asyryň I ýarymynda Angliýada Gadymy Gresiýanyň taryhy boýunça U.Mitfordyň we J.Grotuň köptomly işleri çap edilipdir.XIX asyryň II ýarymda Troýada, Mikenyda, Tirinfde G.Şlimanyň we W.Dýorpfeldiň, Kritde A.Ewansyň  arheologik barlaglary netijesinde b.e.öň II müňýyllyga degişli ýadygärlikler açyldy.

XIX asyryn II ýarymynda fransuz alymy Fýustel de Kulanjyň “Antik raýat jemagaty”, “Antik dünýäde gulçulygyň taryhy” diýen işleri çykýar. Gresiýanyň ellinçilik döwrüniň taryhyny B.Nize, Ýu.Krest, J.Magaffi, A.Buse – Leklerk, U.Wilken, E.Biwen ýaly alymlar öwrendiler.

XX asyrda Gadymy Gresiýada taryhyny öwrenmekde G.Glots, H.Bolkenşteýn, G.Mitsell, E.Will, M.Finli, U.Uesterman, Ý.Fogt, J.Haksli, W.Forrest, Dž.Sen Krua, P.kartlej, W.S.Sergeýew, S.I.Kowalýow, O.O.Krýuger, K.K.Zelin, Ýa.A.Zensman, M.K.Trofimowa, N.N.pikus, A.S.Şofman, A.G.Bokşanin we beýleki alymlar uly işler bitirdiler.

Demirgazyk Gresiýa Orta Gresiýadan darajyk Fermopil geçelgesi bilen baglanyşýar.

Orta Gresiýa Attika, beotiýa, Fokida, Dorida, Lokrida, Etoliýa, Akarnaniýa degişlidir.

Embeýa adasy hem oňa degişlidir.

Pelopennese Ahaýýa, Elida, Argolida, Arkadiýa, Messeniýa, Lakoniýa degişlidir. Balkan Gresiýasynyň 20 göterimi jülgeler we düzlükler bolup, galan ýerleri daglyklardyr. Jülgelrin deňze çykalgalary köp eken.

Gresiýada mermer, demir, mis, kümüş, toýun ýaly gazma baýlyklar köp duş gelipdir. Gresiýanyň topragy daşly, hasyllylygy pesräk. Ýene gün şöhleleriniň  köp duşmegi we subtropiki howa şertleri üzüm we zeýtun agaçlaryny ösürmäge mümkinçilik beripdir. Iň möhüm ekerançylyk jülgeleri Beotiýada, lakoniýada we Fessaliýada ýerleşipdir.

Ilaty Gresiýada aheý, doriý, ioniý, ioliýa taypalary ýaşapdyr. Bularyn     bir-birinden tapawudy uly bolmandyr. Olar özleriniň bir halka we siwilizasiýa degişlidiklerini aňladypdyrlar. Iň gadymy taýpa toparlary aheýler bolup, olar Günorta Gresiýa b.e.öň III müňýyllygyň ahyrlarynda gelipdirler.

Olar II müňýyllygyň ahyrlarynda Demirgazykdan gelen dorileriň zor salmagy bilen bir bölegi olara siňipdir, galany bolsa daglyk ýerlere çekilipdir. Doriler Lakanikada, Messeniýada, Argolidada, Efidada, Egeý deňziniň günorta adalarynda (Krit, Rodos), Kiçi Aziýadaky kariýada ýaşapdyrlar. Ioniýa taypalary Attikada, Ewbeýada, Egeý deňziniň merkezindäki adalarda (samos, Hios, Lemnos), Kiçi Aziýanyň kenaryndaky Toniýada ýaşapdyrlar.

Greklerden başga-da bu ýerlerde öňden ýaşaýan lelegler, pelasgalar, kariler ýaly taýpalar bolupdyr. Grek döwletlerine Günorta Frakiýanyň ýaşaýjylary hem uly täsir edipdirler.

Ýewropada siwilizasiýanyň iň gadymy ojagy Krit bolupdyr. Juda ir zamanlarda bu ýerde Balkan  ýarym adasyny we Egeydäki adalary Kiçi Aziýa, Siriýa we demirgazyk Afrika bilen baglanyşdyrýan deňiz ýollary kesişipdir. Olar Kritiň medeniýetine öz täsirini ýetiripdirler. Minoý siwilizasiýasy III-II müňýyllyklaryň sepgidinde ýüze çykypdyr. Bu döwürde bürünçden ýasalan zähmet gurallary we ýaraglar daş daş gurallary gysyp çykarypdyrlar. Oba hojalygynda ekerançylyk esasy orun tutupdyr. Kritde (“ortaýer deňiz üçlügi”) esasan, arpa, üzüm, zeýtun ekilipdir.
Kritde hünärmentçilik we söwda hem ösüpdir.

Ykdysadyýetiň ösmegi bilen adanyň hasylly ýerlerinde ilaty çalt köpelipdir. Aýry-aýry jemagatlarda esasan, Serdarlardan we žserlerden ybarat barly gatlak döräpdir. Şol döwürde Kritde syýasy gatnaşyklaryň hem täze görnüşleri döräpdir. Has iri taýpa bileleşmeleri emele gelip, onuň netijesinde bolsa, b.e.öň III-II müňýyllyklaryň sepgidinde birnäçe “köşk” döwletleri emele gelipdir. Oba jemagatlarynyň onlarçasy arheologlara mälim bolan 4 sany koşgüň: Knossyň, Festiň, Malliniň köşkleriniň we Kato Zakro köşgüniň töweregine jemlenipdir. Olar “köne köşkler” bolup, soňky gurluşyklar zerarly yzlary ýitipdir. Diňe Festiň koşgüniň günbatar howlusynyň bir bölegi saklanypdyr. Bu döwürde piktografik ýazuw hem  ýüze çykypdyr. Ol kem-kemden çyzykly hat bolan A ýazuwyna geçipdir.

B.e.öň 1700-nji ýyl töwereginde uly ýertitremesi we ýangyn sebäpli köne köşgler ýykylypdyr. Ýöne soňra olaryn ýerinde öňküsi ýaly koşkler gaýtadan salnypdyr. Bu döwür taryhda “täze koşkleriň döwri” ýa-da giçki minoý döwri diýip atlandyrylýar. Bu dörüň iň ajaýyp ýadygärligi A.Ewans tarapyndan açylan Knossdaky Minosyň köşgüdir. Ony grekler “Labirint” diýip atlandyrypdyrlar. Onuň meýdany 10 000 m2 bolup, 300-den gowrak hem otaglary bar eken. Köşk birnäçe gezek gaýtadan gurlupdyr.

Kritliler köp hudaýlara çokunypdyrlar. Kritde ýer titremeler we deňiz tutanlary köp bolupdyr. Tebigy betbagtçylyklardan, açlykdan we kesellerden goranmak üçin köp hudaýlara sadakalar beripdirler. Esasy hudaýy “hökümdar aýal” diýip atlandyrypdyrlar. Onuň tersine tebigatyň weýran ediji güýçlerini özünde jemleyän hudaýa hem ynanypdyrlar. Köp alymlaryň hasap etmegine görä, Kritde patyşa häkimiýetiniň aýratyn görnuşi bolupdyr. Ylymda ony “teokratiýa” (dünýewi we dini häkimiýetiň bir adama degişli bolmagy) diýip atlandyrýarlar.

Patyşanyň şahsyýeti “keramatly we eldegrilmesiz” hasaplanypdyr. Onuň ýüzüne seretmek ýönekeý adamalr uçin gadagan ekeni. Patyşanyň tagtynyň durýan diwarlary grifonlaryň (guş kelleli we ýolbars göwreli mahluk) şekilleri bilen bezelipdir.

Kritiň zähmetkeş halky kiçiräk obalarda ýaşapdyrlar. Jaýlary pagsadan salnyp, köçeleri egri hem dar bolupdyr. Käbir öýleriň hojalyk jaýlary bolup, olarda pifoslar azyk önümlerini saklamak üçin gaplar, üzüm sykmak we zeýtun ýagyny almak üçin pressler saklanypdyr. Gazuw agtaryş işlerinde misden we bürünçden ýasalan köpsanly zähmet gurallary tapylypdyr. Kritdäki ekerançylyk bilen meşgullanýan ilat köşklere salgytlar töläpdirler we borçlary ýerine ýetiripdirler. Koşge getirilen däne, mal, ýag, çakyr we beýleki önümler toýun kerpiçjiklere ýazylyp hasaba alynypdyr.

Minoý siwilizasiýasynyň iň ýokary derejede gülläp ösen döwri b.e.öň XVI asyra – XV asyryň I ýarymyna gabat gelýär. Bu döwürde koşkler öň         görlüp-eşidilmedik derejede owadan hem ajaýyp görnuşde gaýtadan gurulýar. Bu döwürde bütin Krit Knossyň patyşalarynyň golastynda birleşdirilipdir. Owadan hem giň köçeleriň ulgamynyň guralmagy we Knossyň adadaky iň uzak ýerler bilen hem ýollar arkaly birleşdirilmegi muňa şaýatlyk edýär. Şu döwürde Knossda we beýleki köşklerde goranyň berkitmeleri hem gurulmandyr. Kritde bitewi ölçeg birligi hem bolupdyr. Alyş-çalyş uçin ýüzünde osminog şekillendirilen daşlar, “krit talanty” diýilýän öküz dersi görnüşindäki bürünç tokgalary ulanylypdyr. Bularyň agramy 29 kg bolupdyr. Kritiň döwletlerini birleşdirýän patyşanyň Minos bolan bolmagy hem mümkin. Minosyň uly harby deňiz goşunyny döredendigi, garakçylygy ýok edendigi, Egeý deňzinde, onuň adalarynda we kenarlarynda öz agalygyny ýola goýandygy barada rowaýatlar aýdylypdyr. B.e.öň XVI asyrda Kritiň Egeý deňziniň adalarynda, Kikladlarda, Rodosda, Kiçi Aziýanyň kenarlarynda Minoý koloniýalarynyň bolandygyny arheologik barlaglar subut edyärler.

Mifleriň birinde Minosyň Sisiliýa eden ýörişleriniň birinde heläk bolandygy we onuň şo taýda ajaýyp guburhanada jaýlanandygy habar berilýär. Şol döwürlerde Krit bilenMüsür we Siriýa – Finikiýa kenarlarynyň döwletleriniň arasynda  söwda we diplomatik gatnaşyklarynyň bolandygyny arheologik tapyndylar subut edýär.

B.e.öň XV asyryň ortasynda Kritde elhenç heläkçilik bolupdyr. Knoss köşgünde başga ähli binalar weýran bolupdyr. Krit pese düşüp, öz ähmiýetini ýitiripdir. Heläkçiligiň sebäbini grek arheology S.Marinatos Fera adasynda wulkan atylmagy bilen düşündirýär. Alymlaryň bir topary bolsa Krite Peloponnesden grek-aheýler çozup girip, ony weýran edipdirler diýip çaklaýarlar. Bu iki pikiriň utgaşan bolmagy-da ahmal. Wulkan atylyp, adada weýrançylyk bolansoň, aheýleriň ony garşylyksyz eýelan bolmagy hem mümkin diýipçaklanylýar. Bu döwürde minoý küýze gaplarynyň ösümlikler güller, deňiz jandarlary ýaly şekilleriň ýerine çyzykly şekiller (“köşk stili”) peýda bolýar. Mundan başga-da, Knossyň töwereklerinde minoý guburlaryna mahsusu bolmadyk gylyçlar, gamalar, tuwulgalar, oklaryň we naýzalaryň uçlary goýlan mazarlar tapylýar. B.e.öň XV asyrlaryndan başlap Kritde minoý däl-de grek (aheý) dilinde ýazyp başlanandygyny arheologik tapyndylar subut edyär. Arheologlara minoý sungatynyň eserleriniň diňe ujypsyz bölegini dikeltmek başrtdy.

B.e.öň XV asyryň ahyrlarynda XIV asyryň başlarynda minoý siwilizasiýasy heläk bolansoň, ol 500 ýyllyk ösüşiň yzyndan boşap galan yzagalak welaýata öwrülýär. Indi medeni ösüşiň ojagy materik Gresiýadaky Mikeny bolupdyr.

Mikeny medeniýetini grek-aheýler döredipdirler. Olar b.e.öň III-II müňýyllyklaryň sepgidinde demirgazykdan, Dunaý çöketliklerinden günorta tarapa hereket edip, ýerli ilat pelasgalaryň (moniýlylara garyndaş halk) bir bölegini ýok edipdirler, beýleki bölegini özüne siňdiripdirler. Pelasgalaryň medeniýeti grekleriňkiden pes bolmadyk hem bolsa, grekler olara wagşylar diýipdirler.

Baryp b.e.öň III müňýyllygyň başlarynda Balkan Gresiýasynyň ilatynyň häzirki Balgariýanyň, Rumyniýanyň irki ekerançylyk ilaty we “tripoli medeniýeti” bilen ýakyn arabaglanyşygy bolupdyr.

Bürünç eýýamynyň başlanmagy bilen, b.e.öň III müňýyllygyň ortalarynda Gresiýanyň medeniýeti Günorta-Gündogar Ýewropanyň beýleki medeniýetlerinden has çalt ösüp başlapdyr.

Irki ellada döwrüne degişli olatly ýerlerden Lernadaky (Argolidanyň g.o. kenary) baýyrlykda ýerleşen goranyş diwarly göniburçly ymarat arheologlar tarapyndan öwrenildi. Onda urug-taýpa begzadalary ýaşapdyrlar. Ilatly ýerleriň ýene bir görnuşi bolsa Rafina (Attikanyň g.d. kenary) we Ziguriýes (D.g – G.d Peloponnes) obalary görnüşinde bolup, olarda ekerançy dayhanlar ýaşapdyrlar. Obalar gür ýerleşip, öýleriň arasynda darajyk geçelgeler-köçeler bolupdyr. Olaryň käbiri berkidilipdir, beýlekileriniň bolsa hiç hili goranyş desgalary bolmandyr.
Öýleriň köpüsinde däne saklamak üçin işi toýun bilen suwalan çukurlar we dürli önümleri saklamak üçin ullakan toýun gaplar tapylypdyr. Irki ellada medeniýeti hakyky siwilizasiýa ösüp ýetişmändir. Onuň ösüşi aheýleriň hereketi bilen kesilipdir. B.e.öň 2200-nji ýyl töwereginde lernadaky berketme we beýleki obalar ýangynda ýok bolýarlar. Birnäçe ýerlerde täze obalar ýüze çykypdyr. Aheýleriň peýda bolmagy bilen ilkinji gezek küýzegärlik stanogynda ýasalan önümler, atlar peýda bolupdyr. Grekler bilen pelasgalaryň we lelegleriň medeniýetleri özara täsir edipdirler. Meselem, grek diline ösümlikleriň atlaryndan kapiris, giasint, narsiss ýaly sözler pelasgalaryň we lelegleriň dilinden geçipdir.
Küýzegärlik stanogynyň ýa-da arabanyň peýda bolmagyna garamazdan, orta ellada döwründe medeniýet pese düşüpdir. Metal önümler juda seýrek duş gelip, daşdan we süňkden ýasalan gurallar köpelipdir. Iri binalara derek, pagta jaýlar peýda bolan. Obalar berkidilipdirler we kert belentliklerde ýerleşipdirler.

Orta ellada döwrüniň ahyrynda ykdysady we medeni ýokary göteriliş başlanypdyr. Peloponnesiň, Orta we Demirgazyk Gresiýanyň dürli ýerlerinde ilkinji döwlet birleşmeleri döräp başlapdyr. B.e.öň XVI asyrda Gresiýa öz taryhynyň Mikeny döwrüne gadam basypdyr.

Mikeny medeniýetiniň ösüşiniň ilkinji döwürlerine minoý siwilizasiýasynyň täsiri uly bolupdyr. Aheýler Kritden käbir dini dessurlary, köşklerdäki şekillendiriş sungatyny, suwgeçirijileri, aýal we erkek eşikleriniň görnüşlerini, ýaraglaryn käbir görnüşlerini, çyzykly bogunlaýyn haty kabul  edipdirler.

Mikeny medeniýetiniň gülläp ösen döwri b.e.öň XV-XIII asyrlar bolup, ol Peloponnesi, Orta Gresiýany, Demirgazyk Gresiýadan hem Fessaliýany öz işine alypdyr. Egeý deňziniň birnäçe adalary hem oňa degişli bolupdyr. Bu ýerleriň medeniýeti umumy görnüşde bolupdyr.

Mikeny medeniýetiniň hem esasy merkezleri köşkler bolupdyrlar. Iň esasy köşkler Mikenyda, Tirinfde (Argolida), Pilosda (Messeniýa), Afinyda (Attika), Fiwyda we Orhomende (Beotiýa), Iolkada (Fessaliýa) tapylypdyr. Mikeny köşkleriniň berkitmeli bolup, olar ýylmanylmadyk ägirt uly daş böleklerinden (12 tonna çenli) gurlupdyrlar. Gala diwarlarynyň galyňlygy 4,5, beyikligi 7,5 metre ýetipdir. Tirinf galasynyň gurluşygy islendik ýagdaýda howpdan goranar ýaly oýlanyşykly ýerine ýetirilipdir.

Pilosdaky Nestoryň köşgünde hammamlar, suwgeçirijiler, arhiw hem bolupdyr. Pilos köşgi zeýtun ýagyny köp mukdarda daşary ýurtlara çykayrpdyr.
Mikeny döwrüniň binalarynyň biri-de toloslar ýa-da patyşalaryň gümmesli guburhanalary bolupdyr. Olar köşge golaýda ýerleşdiripdirler. Pilos arhiwiniň resminamalarynda gullar we gurnaklar barada maglumatlar berilýär. Ýöne gullaryň sany az bolupdyr.

Mikeny döwletlerinde esasy ilat daýhanlar we  hünärmentler bolupdyr. Olaryň köşge zähmet we önüm görnüşinde borçlary bar eken.

Köşkde köpsanly günärmentler işläpdirler. Pilos patyşalygynda köşk ýa-da döwlet ýerleri, aýry-aýry ýerleriň jemagatyna degişli ýerler bolupdyr. Döwlet ýerleri harby we ruhany begzadalara şertli peýdalanmaga berlipdir. olar hem alan ýerlerini beýleki adamlara kärendesine beripdirler.

Oba jemagatynda ýerler girdejililigine görä deň paýlanypdyr. Galan ýerleri kärendä beripdirler. Hünärmentçiligiň möhüm pudaklary döwletiň monopoliýasynda bolupdyr.

Pilos patyşalygy 16 sany salgyt etraplaryna bölünip, olara koreterler (häkimler) baştutanlyk edipdirler. Olar özüne degişli ýerlerden salgytlaryň patyşa  köşgüne iberilişine gözegçilik edipdirler. Koreteriň golastynda aýry-aýry obalary dolandyrýan basileýler bolupdyrlar. Olar önümçilige gözegçilik edipdirler. Koreterlere we basileýlere hem merkezi häkimiýet dyngysyz gözegçilik edipdir.

Köşk döwletiň baştutanyna “wanoka” (grekçe “W” anakt, “jenap”, “hökümdar”, “patyşa” sözüne gabat gelýär) diýlipdir.

Pilosda harby baştutana “lowaget” diýlipdir.

Aheý döwletleriniň arasynda dartgynly ýagdaý dowam edipdir. Grek miflerinde olaryň öz aralarynda alyp baran ganly çaknyşyklary barada gürrüň edilipdir. Her bir mikeny köşgüniň kuwwatly gala bilen gurşalmagy ýöne ýerden  bolmandyr. Öz aralarynda hasylly Argos düzlügini Miken we Tirinf köşkleriniň diwarlary bularyň dyngysyz duşmançylykda bolandygynyň şaýadydyr.

Mifleriň birinde bolsa 7 patyşanyň Fiwa garşy ýöriş endikleri barada aýdylýar.

Käwagtlar bilelikde ýöriş etmek üçin aheý döwletleri özaralarynda birleşip hem hereket edipdirler. Troýa garşy uruşmak üçin demirgazykdaky Fessaliýada günortadaky Krit we Rodosa çenli aralygyň esasy aheý welaýatlary gatnaşyp, umumy baştutan miken patyşasy Agamemnon bolupdyr.
B.e.öň XIV-XIII asyrlarda aheý obalary ortaýer we Egeý denizleriniň dürli kenarlarynda peýda bolupdyr. Aheý Gresiýasynda b.e.öň XIII asyryň ahyrlary galagoly bolupdyr. Makedinoýada we Epirde ugur-taýpa gurluşynda ýaşaýan halklar yzagalak bolsalar-da, ýaraglary grekleriňkiden hem bolmandyr.

B.e.öň XIII asyrda Demirgazyk Balkanda ýaşaýan taýpalar (şol sanda doriler hem) günorta tarap hereket edipdirler. Olar öz ýolunda köp obalary ýakypdyrlar. Pilos köşgi ýangynda weýran bolan. Şeýlelikde b.e.öň XIII-XII asyrlaryň sepgidinde mikeny medeniýeti pese düşýär we aýňalmaýar.
Ýöne näme üçin aheý döwletleri basybalyjylaryň öňünde durup bilmediler? Onuň sebäpleri aheý döwletleriniň agzalalygy, içerki gazanylýan serişdeleriň bolsa, köşge we uzaga çeken Troýa urşuna sarp edilendigi bilen baglanyşyklydyr.

Şondan soňraky ýagdaýlar doly anyk däl. Ýöne basybalyjylaryň sanynyň köp bolmagy sebäpli olaryň köpüsiniň yzyna dolanan bolmagy mümkin. Dorileriň we olara ýakyn günbatar grek halklarynyň toparlary Peloponnesde ornaşypdyrlar. Mikeny medeniýetiniň iň soňky adajyklary b.e.öň XII asyryň ahyryna çenli dowam edipdirler.

Mowzuk: Gresiýa b.e.öň XI-IX asyrlarda.

M E Ý I L N A M A

Dorileriň çozup görmegi Gresiýany birnäçe asyr yza çekdi. Mikeny eýýamynyň gazananlaryndan az sanly önümçilik endikleri we tehniki enjamlar galypdyr. Olara küýzegärçilik stanogy, metal işläp bejeriş usullary, ýelkenli gämi, zeýtun we üzüm ösdürip ýetişdirilişi degişlidir.
Bu döwürde Mikeny köşklerinde ýaşalmandyr. Olar harabalyga öwrülipdirler.

Bu döwrüň binalary agaçdan ýa-da çig kerpiçden salnypdyr. Hünärmentçilik we söwda pese duşüpdir. Gresiýany Ýakyn Gündogar we Ortaýer deňziniň galan ýerleri bilen birleşdirýän deňiz söwda ýollary kesilipdir. Keramika önümlerinde geometrik şekiller agdaklyk edipdir. Ilkinji we ýönekeý adam hem haýwan şekilli b.e.öň IX asyryň ahyrynda duş gelýär. Bu döwürde medeniýet pese duşen-de bolsa, öňegidişlikler hem bolupdyr. Eger Mikeny döwründe demir gymmatbaha metal hökmünde bolup, ondan bezeg şaý-sepler ýasalan bolsa, b.e.öň XII-XI asyrlarda demir ýaraglaryň iň gadymy görnüsleri peýda bolýar. B.e.öň X-IX asyrlarda bolsa, ilkinji demir zähmet gurallary ýasalypdyr. Demiriň peýdalanylmagy tehniki öňegidişlik bolupdyr. Umuman alanda gomer döwrüniň medeniýeti krit-miken döwründen has pes bolupdyr. Muny diňe bir arheologik tapyndylar däl-de, Gomeriň poemalarynda hojalygyň ýaşaýyş durmuşynyň beýan edilişi hem tassyklaýar.

Gomerçilik döwrüniň ykdysadyýetinde maldarçylyk esasy orun tutupdyr. Malynyň baş sanyna görä, köplenç adamyň jemgyýetindäki orny kesgitlenipdir. Odisseý Itakanyň gahrymanlarynyň içinde ilkinji hasaplanypdyr, sebäbi onuň 12 süri iri şahly maly, şonça-da goýundyr geçişi, doňuzy bolupdyr. Mal alyş-çalyş birligi hökmünde-de  ulanylypdyr.

Gomeriň eserlerinden gelip çykýan netijeleri, arheologiýa hem tassyklaýar. B.e.öň XI-IX asyrlarda Gresiýada söwda we hünärmentçilik juda pes derejede bolupdyr. Her maşgala ýaşaýyş üçin zerur zatlary özünde öndüripdir. Hünärmentler az sanly bolup, Gomer olary “demiurglar” (halk üçin işleýänler) diýip atlandyrypdyrlar.

Grekler gomerçilik eýýamynda özlerine gerek bolan kese ýerli zatlary edinmek uçin talaňçylykly ýörişler gurapdyrlar. Deňizok galtamanlar köp bolupdyr. Garakçylyk, gatlamançylyk özüňi görkezmek üçin mümkinçilik, gahrymana we aristokrata mynasyp iş hökmünde görlüpdir. Gomer hakyky söwdagärlerden finikiýalylary agzap geçipdir.

Bu döwürde patyşalar hem ýönekeý agaç oýlerde ýaşapdyrlar. Olar işden hem gaçmandyrlar. Gomerçilik döwründe  gullaryň sany az bolupdyr. Hojaýynlar öz gullary bilen bile işläp, bile ýaşapdyrlar. Gulçulygyň esasy çeşmeleri uruşlar we galtamançylyk  bolupdyr. Wepaly gullaryň gadyryny bilipdirler. Gulak asmaýan, hojaýyna dönüklik edýän gullary jezalandyrypdyrlar. Bu döwürde erkek adamlary uruşda kän ýesir almandyrlar, sebäbi olary boýun egdirmek kyn bolupdyr, aýallary bolsa höwes bilen alypdyrlar. Owadan we işine ezber gyrnagyň bahasy 20 öküzli sürä deň bolupdyr.

B.e.oň XI-IX asyrlara degişli ýazuw çeşmeleri ýok diýen ýalydyr. Mikeny medeniýeti heläk bolansoň, ylymda belli bolan ilkinji ýazgylar b.e.oňki VIII asyryn II ýarymynda degişlidir. Ýöne bu ýazuw çyzykly  B  ýazuwy däl-de, täze döräp başlan elipbiýi ýazuwydyr. Gomeriň polmalarynda hem hat-ýazuw barada agzalmaýar. Mikeny medeniýeti heläk bolansoň, ýazuwyň ýok bolmagy ýöne ýerden däl. Kritde we mikenyda merkezleşen döwletde ähli maddy we adam serişdelerini hasaba almak zerurlygy netijesinde hat-ýazuw ulanylypdyr. Emma b.e.öňki XI-IX asyrlarda bolsa, aýry-aýry jemagatlar ykdysady we syýasy taýdan özbaşdak ösüpdirler. Olarda dolandyryş ulgamy bolmansoň, ýazuwa mätäçlik bolmandyr we ol ýatdan çykarylypdyr.

Gomeriň maglumatlary esasynda b.e.öň XI-IX asyrlarda Gresiýada  jemgyýetiň syýasy gurluşy ýönekeý oba jemagatlary görnuşinde bolupdyr. Olaryn ýerleşen ýerleri uly bolman, bir-birinden üzňe bolupdyrlar. Jemagatyň  syýasy we ykdysady merkezine polis (şäher) diýlipdir. Bu dowrüň polisi hem şäher, hem oba ýaly bolupdyr. Onuň esasy ilaty daýhanlar we maldarlar bolupdyrlar.

Aýry-aýry jemagatlaryň arasynda dartgynly gatnaşyklar bolupdyr. Goňşulara duşman hökmünde garapdyrlar.

Gomerçilik döwründe ýerler bütin jemagatyň eýeçiligi hasaplanypdyr. Jemagatdake erkin adamlaryň paý ýerlerine “klerler” (“bijeler”) diýlipdir. Jemagatyň içinde köpýerli we ýersiz adamlar hem bolupdyr. Uly bolmadyk paý ýerinde hojalyk ýöretmäge serişde tapmadyk adamlar ýerini beý goňşularyna beripdirler. Özleri bolsa ýetrsiz fetlere (batraklara) öwrülipdirler. Gomeriň eserlerinde  urug begzadalary “gowylar” (“aristo”) diýlip atlandyrylýar.

B.e.öňki XI-IX asyryň grek patyşalary bu sözüň dowaly manysyna eýe däldirler. Uruglaryň baştutanlary “basileýler” bolup, olar urug kethudalary bilen wagtal-wagtal şäher meydançasynda (agorada) halkyň gatnaşmagynda dowalary cözüpdirler. Uruş wagtynda basileýleriň birini (ýa-da ikisini) harby serkerde saýlapdyrlar. Ýöriş wagty basileýler gorkaklara we gulak asmaýanlara ölüm jezasyna çenli çäre görüp bilipdirler. Kä ýagdaýlarda basileýiň harby wezipelerine ýokary ruhany we baş kazy wezipeleri hem goşulyp “patyşa” bolan ýagdaýlary-da duşýar. Olara feak basileýleriň arasynda Alkinoý, Itaka basileýleriň arasynda Odisseý, Troýanyň etegindäki akeý goşun serkerdeleriniň arasynda Agamamhon mysal bolup biler. Gomerçilik döwrüniň özbaşdak jemagatlaryndan soňra ilkinji-şäher döwletler ýa-da polisler emele gelipdir.

Umuman alanda gomerçilik döwri medeni taýdan pese gaçan hem bolsa, bu döwürde geljekki batly ösüş üçin güýçler jemlenipdir. Grek jemgyýetiniň mundan beýläk ösmegi üçin demiriň giň ýaýramagy we önümçilige girizilmegi möhüm ähmiýete eýedir.

Aheýler Kritiň daglarynda, Kiprde, Pamfiliýada özbaşdaklygyny saklapdyrlar. Orta Gresiýada aheýler Attikany elde saklap galypdyrlar. Afinynylaryň dorilere garşy tutan ýerlilik bilen göreşendigini XX asyryň 30-njy ýyllarynda geçirilen arheologik barlaglar subut edýärler. Afinyda b.e.öň XI asyrda kuwwatly goranyň diwarlary gurulýar. Bu ýere Peloponneden hem aheý bosgunlery gaçyp gelipdirler.

Ähli Günorta Gresiýadan gaçyp gelen bosgunlara Attikada eklenmek mümkin bolmandyr. Olaryň patyşa Ionyň ady boýunça ioniler diýen bir bölegi Egeý arhipelagynyň merkezi adalaryna we Kiçi Aziýanyň günbatar kenarlaryna göçüpdirler. Miletde, Efesde, Kolafonda, Samosda we Hiosda gülläp ösýän ioniý obalary döräpdir.  Tizden bu ýerlerde grek medeniýeti gaytadan ýokary göterilipdir.

Kiçi Aziýanyň Egeý kenarynyň demirgazyk bölegi ýagny Eolida, Lesbos adasy Fessaliýadan göçüp gelenler tarapyndan ilatlaşypdyr.
Rowaýatlara görä, Eolida Pilosyň legendar patyşasy Nestoryň nesilleri gidipdirler.

Mowzuk:  Gadymy Gresiýa b.e.öň VIII-VI asyrlarda.

M E Ý I L N A M A

Gadymy Gresiýanyň taryhynda b.e.öňki IX-VIII asyrlaryň sepgitlerinde çuňňur özgerişlikler bolup geçýär. Bu döwürde ownuk biri-birinden üzňe urug we oba  jemgatlarynyň içinde ykdysadyýet çalt ösüp başlaýar. Döwlet organlarynyň ulgamy, ösen medeniýet döräp başlaýar. Bu täze durmuş – syýasy gurluşa polisler diýilýär. Polisler öňki jemagatlardan, täze ilatly ýerleriň döredilmeginden (koloniýalardan) emele gelipdirler. Polisleriň içerki düzümi birnäçe asyrlaryň dowamynda kemele gelip, b.e.öňki VI asyrda köp şäherlerde, esasan, tamamlanýar.

Şäher-döwlet görnuşinde irki döwletleriň emele gelmegi b.e.öňki VIII-VI asyrlarda bolup, oň arhaik döwür diýip at berilýär.

B.e.öň VIII-VI asyrlarda ykdysady özgerişlikler oba hojalygynda, önümçilik tilsimatynda, hünärmentçilikde we söwdada bolup gecýär.

Oba hojalygynda önümçilik we zeýtun ösdürmek üçin has köp serişde we işçi güýjüniň sarp edilmegi hojalykda gereginden artyk, bazarda satar ýaly önüm öndürmäge mümkinçilik beripdir.

Oba hojalygynda esasy orun daýhan hojalyklaryna we urug begzadalarynyň iri hojalyklaryna degişli bolupdyr.

Oba hojalygyndan hünärmentçilik bölünip aýrylypdyr. Hünärmentçilik şäherlerde jemlenipdir. Onuň esasy pudaklary metal işläp bejermeklik, keramika önümçiligi, gämi gurluşygy bolupdyr. Demriň we poladyň öndürilişiniň özleşdirilmegi ekerançylygyň ösdürilmegine ýardam edipdir. Harby işde hem öwrülişige getiripdir. Öňkibegzadalaryň atly goşunynyň ähmiýeti pese duşüp, agyr ýaraglanan pyýada goşun (goplitler) uly orun tutup başlapdyr.

Grek küýzegärleri kermaika önümleri ýasamakda uly ussatlyga ýetipdirler. Olaryň küýze önümleri bütin ortaýer deňzinde meşhur bolupdyr. Grek ussalary gaplaryň daşyny gara lak bilen örtüp, olarda dürli sahna we bezeg şekillerini şekillendiripdirler.

Korinfiň we Afinynyň keramikasy aýratyn şöhrat gazanyp, Egeýden has uzak ýerlere-de ýaýrapdyr. B.e.öň VIII-VI asyrlarda gämi gurluşygy möhüm ähmiýete eýe bolýar. Bu döwürde Gresiýada uly harby flot bolmandyr, sebabi olar deňiz uruşlaryny entek alyp barmandyrlar. Gurulýan gämiler, esasan, ýolagçylar we söwda üçin niýetlenipdir. Gämileriň dürli görnuşleri bolupdyr: pentekonterlerde 50 kürekçi, triýerlerde 180 kürekçi bolup, olar gäminiň tizligini sagatda 10 deňiz miline ýetiripdirler.

Döwda hem ösüp ugraýar. Haryt alyş-çalşygyny b.e.öň VII asyrda Lidiýada we Gresiýanyň Egina adasynda ilkinji teňňeleriň ýüze çykmagy has ýeňilleşdiripdir. Gresiýada teňňeler belli bir agramy bolan tegelek görnüşli kümüş bölejigi bolup, olaryň bir ýüzünde haýsy-da bolsa bir hudaýy, beýleki tarapynda onuň bilen baglanyşykly simwollary şekillendiripdirler.

Hünärmentçiligiň we söwdanyň ösmegi şäherleriň dolandyryş we dini merkez hökmünde hem ösmegine ýardam edipdir.

B.e.öň VIII-VI asyrda Gresiýada şäher öwrülişigi bolup geçýär,  ýagny köp şäherler dolandyryş-dini we söwda-hünärmentçilik merkezleri hökmünde esaslandyrylýarlar we berkidilýärler. Şäherlerde hünärmentçilik ussahanalary işläpdir, agorada gyzgalaňly sowda bolupdyr, gämi duralgalarynda uzakdan gelen gämiler durupdyr. Ilatyň arasynda hünärmentleriň, söwdagärleriň, deňizçileriň, kürekçileriň, ussahana we gämi eýeleriniň sany artýar, ýagny söwda-hünärmentçilik gatlagy emele gelýär. Şäherlerde ýer eýeleri we ýönekeý daýhanlar hem ýaşapdyrlar. Olar ýerlerini gidip işläpdirler. Obada ýaşaýan daýhanlar hem şäher bilen ýakyn gatnaşykda bolupdyrlar. Olar şäherdäki ýygnaklara., baýramçylyklara gatnaşypdyrlar. Başgaça aýdylanda, şäher bütin polisiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni ösuşiniň möhüm merkezine öwrülýär.

Grek polisleriň ykdysadyýeti öz düzümi boýunça gadymy gündogar we aheý döwletlerindäkiden tapawutlanypdyr. Ol has hereketjeň, söwdanyň we hünärmentçiligiň, haryt önümçiliginiň uly orny, hususy hojalyklaryň köplügi, hojalyk durmuşyna döwlet häkimiýetiniň gowşak täsiri bilen möhümdir.

Öň hem belläp geçişimiz ýaly, b.e.öň VII asyryň ortalarynda atly we arabaly goşunyň ähmiýeti pese duşüp, pyýada agyr ýaraglanan goşun esasy harby güýje öwrülipdir. Gaplitleriň goşuny ortaça ýaşaýan daýhanlardan düzülipdir. Bu bolsa olaryň jemgyýetde syýasy täsiriniň artmagyna ýardam edipdir.

Demosyň esasy ýeňişleriniň birem adat hukuklarynyň we dowam edýän hukuk düzgünleriniň kadalaşdyrylmagy we ýazga geçirilemgi bolupdyr. Bu bolsa birnäçe eden-etdilikleriň öňüni alypdyr. Kanunlarda ýere we emläge hususy eýeçilik berkidilipdir. Esasy ähmiýete eýe bolan zat hem raýatlarybergidarlygy uçin gul etmegiň gadagan edilmegi bolupdyr. Bergidar bolan garyp şahsy taýdan azat bolupdyr. Jemgyýetiň aňynda kem-kemden grekleriň gul bolmaly däldigi baradaky duşünje kemala gelipdir.

B.e.öň VII-VI asyrlarda Gresiýanyň syýasy ösüşinde polisleriň köpüsinde urug begzadalaryny häkimiýetden çetleşdirmek we söwda-hünärmentçilik toparyň häkimiýetde berkleşmegi bolup gecýär. Şäher-döwletlerde häkimiýeti güýç bilen eýelän we dolandyryş organlaryny özüne tabyn eden adamlara tiranlar diýipdirler.

B.e.öň VII asyryň II ýarymynda tiranlyklar ilki bilen karinfde, Sikionda berkarar bolupdyrlar. B.e.öň VI asyrda bolsa tiranlyk düzgüni Miletde, Afinyda, Samos we beýleki adalarda, Günorta Italiýanyň birnäçe polisinde we Sisiliýada bolupdyr. Tiranlaryn ýöredýän syýasaty, esasan, köne urug begzadalarynyň agalygyna garşy bolupdyr. Tiranlar olary häkimiýetden çetleşdiripdirler, emlägini we ýerini alypdyrlar, polisden kowupdyrlar we olara garşly adamlary erkinlige goýberipdirler. Olar söwda-hünärmentçilik toparlary we ownuk daýhanlary goldapdyrlar. Hünärmentçiligi, söwdany, gämi gurluşygyny ösdüripdirler. Gämiduralgalaryny abadanlaşdyryp, deňiz ýollaryny howpdan goramaga çalşypdyrlar, teňňe zikgeläpdirler.

Şu işleri geçiryän wagtlary olary halk goldapdyr. Ýöne tiz wagtdan öz bähbitlerini arap, zorluk edip başlapdyrlar. Ilat olary goldamagyny bes edipdir. Tiranlar kowlupdyrlar ýa-da göreşde ölüpdirler. B.e.öň VI asyryň ahyryna çenli ähli grek şäherlerinde diýen ýaly tiranlyklar ýok ediplipdir.

B.e.öň VIII-VI asyrlarda grek jemgyýetiniň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni ösüşi netijesinde Beýik koloniýalaşdyryş herketi emele gelipdir. Grekler Egeý deňziniň we onuň töwregindäki ýerleşen şäherlerinden Ortaýer deňziniň we Gara deňziň kenarlarynda köpsanly koloniýalary                  (grekçe-apoýkiýalary) döredip, göçüp barypdyrlar.

Grekler Ortaýer deňziniň we Garadeňziň kenarlarynda giň ýerleri özleşdiripdirler we ýerli ilatlar bilen ykdysady, medeni aragatnaşyklary ýola goýupdyrlar.

Koloniýalara, esasan, ýersiz halan garyplar, syýasy göreşde ýeňlen toparlar, ýagny närazylar we syýasy garşydaşlar gidipdirler. Olar täze ýerlerde şowlulyk we bagt gözläpdirler. Metropoliýalar (“ene şäherler”) üçin koloniýalar bilen aragatnaşyk saklamak amatly bolupdyr.

B.e.öň VIII-VI asyrlarda  Gresiýada ilatyň sany juda artypdyr.

Beýik grek koloniýalaşdyryş hereketinde üç ugur tapawutlanýar:

Günbatar ugurda bu hereket has güýçli bolupdyr. Grekleriň günbatar ilkinji koloniýasy Pitekussa adasyndaky oba we Kumy şäheri bolupdyr. Soňra iň iri we ösen polisler bolan Sirakuzy, Zankla, Regiý, Tarent, Sibaris, Kroton, Gela, Silimint, Akragant we beýleki koloniýalar esaslandyryplypdyr. Günorta Italiýada we Sisiliýada grekler şeýle bir köp ornaşypdyrlar welin, ol ýerleri Beýik Gresiýa diýip atlandyryp başlapdyrlar.

Fransiýanyň günorta kenarynda Massaliýa esaslandyrylypdyr. Onuň üsti bilen Galliýa we häzirki Pariže çenli grek harytlary äkidilipdir.
Günbatarda koloniýalar döretmekde Korint şäheri aýratyn orun tutupdyr.

Ikinji ugurda Milet şäheri uly ähmiýete eýe bolupdyr. Ol 100-den gowrak koloniýa esaslandyrypdyr. Propontidada Kizik, Halkedon, Wizantiý, Gara deňziň günorta kenarynda Sinop we Gerakleýa, günbatar kenarynda Istriýa, Pont Apollaniýasy, Odessos, Tomy, Kallatiýa, demirgazyk kenarynda Tawrika, Pantikapeý, Fanagoriýa, Tira, Bospor, Feodosiýa, Hersanes, Gorgippiýa esasy grek şäher-döwletleri bolupdyrlar.

Üçünji ugur boýunça koloniýalaşdyryş herketi has gowşak bolan, sebäbi grekler bu toýda finikiýa söwdagärleriň güýçli garşylygyna duş gelipdirler. Şonuň üçinem diňe Siriýada Al-Mina, Finikiýada Sukas, Müsürde Nawkratis we Dafta şäherleri esaslandyrylypdyr. Diňe b.e.öň 630-njy ýylda esaslandyrylan Kirena şäheri has ösen grek polisi bolupdyr. Grek koloniýalary ýaşamak üçin amatly, bol hasylly, gowy göni duralgaly, tebigy taýdan berkidilen we agyz suwy bilen üpjün bolan kenarýakalarda esaslandyrypdyrlar. Olar ilki ornaşjak ýerlerini öwrenipdirler. Ýer tapylansoň, metropoliýadan oňa göçüp gitmek işleýänleri hasaba alypdyrlar. Olara şäher häkimiýetleri tarapyndan baştutan-oýkis bellenipdir.
Ilkinji koliniýalarda ilat az bolupdyr. Olar ýerli halklar bilen aragatnaşyga giripdirler.

Täze ýurtlar we täze taýpalar bilen tabyşlyk grekleriň medeni dünyägaraýşyny giňeldipdir.

Täze şaherleri guramak, ýerleri özleşdirmek zerurlygy binagärligiň we şekillendiriş sungatynyň ösmegine itergi beripdir. Grek medeniýeti beýleki ýurtlaryň täsirinde täze pikirleri, bilimler bilen baýlaşypdyr.

Grek polisleriniň emele gelmegi täze medeniýetiň ruhy gymmatlyklarynyň täze ulgamynyň döremegi bilen bolup geçipdir. Grek medeniýetiniň esaslarynyň kemala gelmegi boş ýerden döremändir. Sebäbi oňa b.e.öň II müňýyllykdaky Krit we Aheý medeniýetleriniň we gadymy gündogar siwilizasiýasynyň täsiri ýetipdir. Grekler bu mirasy başarjaň peýdalanypdyrlar we gaýtadan işläpdirler. Umuman alanda b.e.öňki VIII-VI asyrlardaky grek medeniýeti özboluşly, täze taryhy hadysa bolupdyr.

Her bir halkyň medeniýeti özüne ýazuwy we edebiýaty, şekillendiriş sungatyny we binagärligi, dini ulgamyny, filosofiýany (pelsepäni) we ylmy öz içine alýan çylşyrymly we köptaraplaýyn toplum bolup durýar.

Grekler özboluşly dini ulgam döredipdirler. Olaryň düşünjelerine görä, hudaý bu kuwwatly barlyk bolup, ol ähli zady başaryp bilmeýär we ýokary guýç bolan ykbala tabyn bolýar. Grekler hudaýy adama meňzeş hasaplapdyrlar. Olaryň wezipesine bolsa, adamlara kömek bermek diýip duşünipdirler. Olaryň duşünjelerine görä, adamlar bilen hudaýlaryň nikasyndan gahrymanlar-ýarymhudaý adamlar emele gelip, olar ajaýyp edermenlikler görkezipdirler. Grekleriň hudaýlar we olaryň dünýewi işlere goşulyşy baradaky gürrüňlerine mifler diýilýär. Grek duşünjelerine görä, adamlaryň we hudaýlaryň dünýäleri göze görünmeyän birnäçe sapaklar arkaly baglanyşýar. Olar hudaýlary ajaýyp ybadathanalarda  ýaşaýan owadan adamlaryň keşbinde göz öňüne getiripdirler we aýal hem erkek heýkellerinde beýan edipdirler.

Gadymy Gresiýada b.e.öňki IX-VIII asyrlaryň sepgidinde harpdan ybarat elipbiý döräpdir, onda çekimli we çekimsiz sesler bolupdyr.

B.e.öň VIII-VI asyrlarda grek edebiýaty hem döräpdir. Ilki bilen epiki poeziýa emele gelipdir. Olar aýdymçy-aetler tarapyndan  ýerine ýetirilipdirler. Ýazuwyň döremegi bilen olary ýazga geçiripdirler. Epiki poeziýanyň iň gowy nusgalary “Iliada” we “Odisseýa” polmalarydyr. Bularyň b.e.öň VIII asyrda mazmuny gutarnykly görnuşe gelip, b.e.öň VI asyrda bolsa ýazga geçirilipdir.

Ilkinji awtory belli bolan eserler Gesiodyň “Zähmetler we günler”, “Teogoniýa” poemalarydyr.

Liriki poeziýanyň ilkinji wekilleriniň biri Paros adasynda bolan Arhiloh (b.e.VII a) bolupdyr. Başgada Alheý we (Lesbosa), Anakreont (Teos şäh.) ýaly şahyrlary mysal getirmek bolar.

Liriki eserlerde söýgüni, tebigaty, durmuşyň şatlyklaryny beýan edipdirler.

Syýasy liriki eserlerde bolsa, içerki göreş, syýasy wakalar beýan edilip, oňa Solonyň (Afinydan), Feognidiň (Megaradan) eserlerini mysal görkezmek bolar.

Spartaly Tirteý öz eserlerinde watançylyk mowzugyna ýüzlenip, edermenligi,  batyrlygy wasp edipdir.

Poeziýanyň beýleki görnüşlerine gimnler, odalar, ýarym epiki, ýarym kyssa görnuşindäki ahlak terbiýe beriji hekeýatlar (basnýalar) degişli bolupdyr.

Gresiýada şäher gurluşygy we binagärlik anyk meýilnama esasynda alnyp barlypdyr. Grek şäher gurujylary şäheriň agyz suwy bilen üpjünçiligine uly üns beripdirler. B.e.öň VII asyryň ortalarynda Megarada, soňra Korinfde, Afinyda we beýlekiýerlerde guralypdyr. Iň ajaýyp suw geçirijisi Samos adasynda gurlup, dagyň içinden 1 km uzynlykda nagym (tonnel) gecirilipdir.

Grek binagärliginde ybadathanalara esasy üns beriplipdir. Olar belent ýerde-akropolda gurlup, süntünler bilen gurşalypdyr, relýefler we heýkeller bilen bezelipdir.

Binagärlikde ybadathanalaryn gurluşygynda meşhur order ulgamy diýilýän binagärlik usuly öz beýanyny tapypdyr. Ol Gresiýada ösdürilip, soňra Rimde hem ýaýrapdyr. Sütünleriň (orderleriň) doriý, ioniýa, korinf görnüşleri bolupdyr.

Heýkeltaraşlykda mifiki gahrymanlaryň, hudaýlaryň, olimpiýa oýunlarynyň ýeňijileriniň, aýal hudaý şekilleriniň heýkellerini ýasapdyrlar.
Irki grek filosoflaryna (pelsepeçilerine) naturfilosoflar (natur-tebigat) diýipdirler. Sebäbi şol wagtlar ylym we pelsepe bitewi ekeni. Naturfilosoflara Fales, Anaksimandr, Anaksimen, Geraklit, Pifagor degişlidir.




#Article 410: Sparta (2516 words)


Gadymy Sparta
 

Doriler Lakoniýany basyp alansoň, öz aralygyny ykrar eden ilaty lakedemon döwletiniň düzüminde periekler (“töwerekde ýaşaýanlar”) hukugy bilen girizipdirler. Periekler ilatlardan tapawutlylykda, şahsy taýdan azat bolup, öz ýaşaýan jemgatyndaky ýa-da polisindäki raýat-hukuklaryndan peýdalanypdyrlar.

Spartanyň döwlet gurluşynyň esaslary b.e.öňki VIII asyrda goýlupdyr. Onuň irki taryhynda Messeniýa uruşlary uly orun tutýar. B.e.oň VIII asyryň ortalarynda, beýleki grek döwletlerinde bolşy ýaly, Spartada hem ýer ýetmezçiligi  bolupdyr. Spartalylar bu meseläni özleriçe çözüpdirler. Olar uzaklarda täze ýerleri özleşdirmän, goňşularyň ýerlerini basyp alypdyrlar. Esasy basylyp alnan ýerem, Peloponnesiň günorta-gündogar bölegindäki baý we giň Messeniýa welaýaty bolupdyr.

I Messiniýa urşy b.e.oň VIII asyryň II ýarymynda bolup 20 ýyl töweregi dowam edipdir. Uruşda spartalylar ýeňip, Messeniýanyň ilatyny ýyllyk hasylyň ýaryşyny paç görnuşinde tölemäge mejbur edipdir.

B.e.öň VII asyryň II ýarymynda messeniýalylar gozgalaň turzup, öňkiçeräk uzaga çeken we gazaply bolan II Messeniýa urşy nolupdyr. Messeniýalylar ýene-de ýeňlip, ilotlara öwrülipdirler.

Messeniýa basylyp alansoň, Sparta demosy harby goplitleriň ýapyk gatlagyna öwrülipdir. Olar ýaragyň güýji bilen ilatlaryň üstünden agalyk edipdirler. Spartalylar döwlet we harby iş bilen meşgullanypdyrlar. Messeniýalylar we beýleki ilotlar spartalylar garşy gozgalaňlar turzupdyrlar. Ilotlaryň sany spartalylardan köp ekeni. Plutarhyň maglumatlaryna görä, sparta hökümeti wagtal-wagtal ilotlaryň  üstüne duýdansyz dökülipdirler. Ony “kriptiýalar” (“kroptos” – “gizlin”) diýip atlandyrypdyrlar. Gysga gylyçlar bilen ýaraglanan ýaş spartalylar iň güýçli ilotlary duýdansyzlykda öldüripdirler.

Sportada “Likurgyň kanunlary” adyny alan möhüm durmuş özgerdişleri geçirilipdir. Onuň netijesinde Sporta döwleti bitewi harby lagere öwrülýär. Diňe likurgyň kanunlaryny berjaý edyän adamlar Spartanyň doly hukukly raýatlary bolupdyrlar. Kanun boýunça her bir spartaly öz ogluny 7 ýaşyna ýetirende ýörite “agel” (“süri”) diýilýän lagerlere bermeli bolupdyr. Soň olary şol ýerlerde terbiýeläpdirler. Ähli uly ýaşly spartalylar bile naharlanypdyrlar (sissistiýalar). Sparta döwletiniň doladyryjy toparlaryna ageller we sissistiýalar ýönekeý raýatlara gözegçilik etmäge mümkinçilik beripdirler. Spartada döwlet raýatlarynyň şahsy durmuşyna-da goşulypdyrlar.

Spartada iň ýokary häkimiýet organy Halk ýygnagy-apella  bolupdyr. Halk ýygnagy ýaraşyk we uruş, kanuny mirasdaryň bolmadyk ýagdaýynda mirasdar bellemek, ilotlary azat etmek, wezipeli adamlary we harby baştutanlary bellemek ýaly meseleleri çözüpdir. Kanunlardaky üýtgeşmeler hem apella tarapyndan ylalaşylypdyr.

Spartanyň döwlet dolandyrylyşynda ýaşulularyň Maslahaty ýa-da gerusiýa möhüm orun tutupdyr. Gerusiýada 30 adam bolup, şolaryň 28-I 60 ýaşdan geçen we saýlananlar bolupdyr. Gerusiýada saýlananlar bu wezipede ömürlik galypdyrlar. Gerusiýadaky beýleki ikisi Spartanyň patyşalary bolupdyrlar. Halk ýygnagynyň kenarlaryny ýatyrmaga haky bolupdyr. Hakykatda gerusiýa ähli meseleleri cözüp, diňe kämahal tassyklamak uçin apella hödürläpdirler. Gerusiýanyň maslahaty her gün bolupdyr. Döwlet dolandyrylyşygynyň ähli sapaklary gerontlaryň-ýaşulularyň elinde jemlanipdir. Eforlar hem öz wezipesiniň möhleti geçensoň, olara hasabat bermeli eken.

Spartada 5 efordan ybarat topar hem täsirli bolupdyr. Olar bir ýyl möhlet bilen saýlanypdyrlar. Iň uly eforyň ady bilen Spartada şol ýyly atlandyrylypdyrlar. Eforlaryň topary apella we gerusiýa garaşly bolmandyr. Olar sparta kanunlarynyň berkligine we durnuklylygyna gözegçilik edipdirler. Sparta kanunlary boýunça, eforlar patyşalara hem gözegçilik edipdirler. Olar her aýda bir gezek patyşalaryň kanunlary ýerine ýetirjekdigi baradaky berýän kasamyny kabul edipdirler. Iki sany efor harby ýöriş wagtynda patyşalaryň ýanynda bolupdyr. Eforlar patyşany gerusiýanyň suduna çekip bilipdirler. Olar beýleki döwletleriň ilçileri bilen gepleşikler geçirip, apellany we gerusiýany çagyryp we mejlislerine başlyklyk edip bilipdirler. Eforlar sparta terbiýesine-spartalylaryň durmuşyna we özüni alyp barşyna hem gözegçilik edipdirler.
Sportada üýtgeşik syýasy guramalaryň biri-de patyşa wezipesi bolupdyr. Spartada Agiadlar we Ewripontidler nesilşalyklaryndan bolan iki patyşa dolandyrypdyr. Olaryň gelip çykyşy juda gadymy ekeni. Patyşalaryň häkimiýeti çäklendirilýän hem bolsa, olaryň esasy wezipeleri harby we dini baştutanlyk bolupdyr. Patyşalar gerusiýanyň agzasy bolmak bilen möhüm döwlet işlerini çözmekde möhüm orun tutupdyrlar.

Olaryň harby baştutan hökmünde uruş ýok wagty hem goşunda täsiri uly bolupdyr. Patyşanyň köp ýer almaga, nahary iki esse köp almaga käbir belli günlerde saýlama mal we arpa uny bilen çakyr almaga, mirasdar gyzlary durmuşa çykarmaga baky bolupdyr. Şeýle ýagdaýdaky patyşanyň häkimiýetiniň manarhiýa öwrülmezligi üçin, olara aýratyn üns berilipdir.

Sparta jemgyýeti harbylaşan jemgyýet bolupdyr. Ýokary harby wezipeleriň birine nawarha diýlip, ol sparta deňiz goşunlaryna baştutanlyk edipdir.aristotel nawarha wezipesini “ilkinji patyşa hökümiýeti ýaly” hasaplap, nawarhlary bolsa patyşanyň bäsdeşleri hasap edipdir. Ýöne nawarhlar hem eforlaryň gözegçiliginde bolup, olaryň buýruklaryny berk ýerine ýetiripdirler.

Spartada guryýer goşunlarynyň düzüminde 500-900 esgerli topara “mora” diýlip, oňa polemarh baştutanlyk edipdir. 150-200 adamly harby topara “logah” diýlip, oňa loh, 50-60 esgerli topara “pentekostiýa” diýlip, oňa pentokosterler, 25-30 esgerli topara “enomotiýa” diýlip, oňa enomotarhlar baştutanlyk edipdirler. Polemarhlar patyşanyň töweregindäki we harby maslahaty emele getiripdirler. Patyşanyň ýanynda harbylardan başga-da gomeýler-palçylar, tebipler, fleýtaçy sazandalar; pafiýalar, hakynatutmalaryň harby baştutanlary, goşun uçin ýukleriň baştutanlary bolupdyrlar.

Patyşany 300 ýaş spartalydan ybarat atly goşun gorapdyr. Harby ýolbaşçylaryň kimtarapyndan saýlanylýandygy barada maglumat az. Ýöne olary ilki patyşanyň hödürlemeginde apellada saýlan bolmaklary mümkin.

Ilotlar bilen bolan II Messeniýa urşundan soň, Spartada Lakaniýanyň we Messeniýanyň bol hasylly ýerlerini 9000 sany meňzeş bölege bölüp, şonça-da spartala paýlanypdyrlar. Bu ýerler üýtgewsiz galmaly ekeni. Ony böleklere bölüp, satyp, sowgat berip bolmandyr. Ýer bilen bilelikde, ilotlar hem ýerlere berkidilip paýlanypdyr. Ilotlar şol ýeri işläp bejerip, hojaýyny we öz maşgalasyny eklemeli ekenler. Öndüren önüminiň, takmynan, ýaryşyny ilot spartala töläpdir.

Beýleki grek ýerlerindäki gullar bilen deňeşdirende ilotlar hojalyk taýdan has özbaşdak bolupdyrlar. Eger olar tölegini töleseler, spartalylar olaryň işine goşulmandyrlar.

B.e.öň VII asyrda – VI asyryň I ýarymynda Spartada çeper hünärmentçiligiň esasy merkezi ýerleşipdir. Lakoniýaly hünärmentçiligiň önümleri ýokary derejede bolupdyrlar.

Spartalylaryň özleri işlemändirler we söwda etmändirler. Olar boş wagtynda döwlet işleri we harby türgenleşik bilen meşgullanypdyrlar. Ähli spartalylar ýönekeý we gödek geýnipdirler, bile iýip-içipdirler. Spartada bezeg we owadanlyk uçin ýasalan zatlary ulanmak we öndürmek gadagan edilipdir. Perieklerden ybarat bolan ýerli hünärmentler iň zerur we ýönekeý zatlary, zähmet gurallaryny, ýaraglary ýasapdyrlar. Sparta kese ýerli önümleri getirmek gadagan edilipdir.

Sporta terbiýesi űç basgançakdan durupdyr. Birinji basgançakda 7-12 ýaşly oglanlar agelalarda terbiýelenipdirler. Plutarhyń ýazmagyna görä, 7 ýaşan çagalar bilen oýnapdyrlar we okapdyrlar.

	Iń ýiti we batyr oglany agelanyń baştutany edip belläpdirler. Çagalar terbiçiden görelde alyp, buýruklaryny ýerine ýetiripdirler, jezasyny çekipdirler, terbiýäniń maksady boýun egmegi öwretmek bolupdyr. Garrylar olaryń oýnuna tomaşa edip, hemişe olary uruşdyrypdyrlar, her bir  oglanyń batyrlygyny we ukybyny öwrenipdirler.

	Çagalara dińe zerur bolan sowady öwredipdirler, çagalaryń terbiýesine umumy gözegçi we baştutan – pedonom bolupdyr.

	12-20 ýaşlaryndaky ýetginjekler II basgançakda terbiýelenipdirler. Bu döwűrde terbiýe has gazaply  bolupdyr we harby häsiýete eýe bolan. Olary ulaldygyça gazaply terbiýeläp, saçlaryny gysga kesdirip, aýakýalań we ýalańaç gezmegi gezmegi öwredipdirler. 12 ýaşdan son hiton (grekleriń guşakly ýűń eşigi) geýmegi bes hapa  gezipdirler. Dińe ýylyń kä wagtlary ýuwunmaga, geýinmäge rugsat berlipdir. Hemme ýetginjekler  bilelikde Ewrotyń  kenaryndan öz elleri bilen ýolup getiren gazmyslarynyń űstűnde ýatmaly bolupdyrlar.. ikinji basgançakda harby okuw  özleşdirilipdir, ilotlara  bolan ýigrenç terbiýelenipdir. Uly ýaşly  ýetginjeklere kriptiýleri (ilotlary öldűrmek) geçirmek tabşyrylypdyr. Terbiýeçileriń pikiriçe, bu çäre ýaş spartalylaryń çakganlygyny, mekirligini, gulak asyjylygyny we harby taýýarlygyny görkezipdir. Űçűnji basgançak 20-30 ýaş aralygynda bolup, ol ýaş spartala sissistiýalara girmäge  rugsat bermekden başlapdyr, ýagny ýaş spartaly ýer paýyny we ilatlary alypdyr. Ol öz girdejisinden bellenen mukdarda arpa we bugdaý ununy, çakyr, ýag, peýnir we gök önűleri sisristiýalara getiripdir. Her sissistiýada 15 töweregi adam bolup, olar harby bölűm ýaly bolupdyr. Ońa girýänler bile iýmitlenip, köp wagtyny özara söhbetlerde, harby tűrgenleşiklerde geçiripdirler, agşamyna öýűńe dolanypdyrlar.. eger spartaly sissistiýa tölemeli önűleri töläp bilmese, onda ońa gatnaşmak hukugyndan we ähli raýatlyk hukuklaryndan kesilipdir. 30 ýaşda  spartaly sissistiýalara gatnaşsada käbir zatlary entek gadagan edipdirler. 30 ýaşda olar öýlenipdirler, öý gurupdyrlar. Soń bularyń öńűnde dűrli wezipeleri eýelemek űçin ýöl açylypdyr.

	Bular özara garşydaşlara bolupdyrlar. Peloponnes bileleşmesi b.e.öń VI asyryń II ýarymynda emele gelipdir. Ilkibaşda ońa Lakonika, Arkadiýa, Elida giripdir.

	B.e. V asyryń ortalaryna çeli Peloponnes bileleşigine Argasdan başga Gűnorta Gresiýanyń köp polisleri giripdir. Ońa girýän polisleriń köpűsi hűnärmentçiligiń gowşak ösen ekerançylyk ýerleri bolupdyr. Olaryń içinde Korinf, Megary, Sikon ýaly ykdysadyýetiń we gulçulygyń ösen ýerleri-de  bolupdyr. Olar  Pelannoes bileleşiginiń harby – syýasy kuwwatyny ýokarlandyrypdyrlar.

	Bileleşmä giryänler özbaşdaklygyny uruş ýagdaýyna çenli saklapdyrlar.

	Bileleşmä girýänleriń esasy borky ugurdaş daşary sysyýasat ýöretmek we harby hereketleride billelikde çykyş etmek űçin urşujylary, atlt goşuny gämileri we pul töleglerini bermek bolupdyr. Her goşun özűni azyk, ýarag we beýleki zatlar bilen űpjűn edip, olara öz serkerdeleri baştutanlyk edipdir.

	Peloponnes bileleşiginiń ýokary organy ähli ońa girýäńleriń ýygnagy bolupdyr. Her pilisiń bir sesi bolupdyr. Ýygnagyń kararlary sporta apellasy tarapyndan tassyklanypdyr. Pelopannes bilelşmesine girmek we çykman erkin bolupdyr.

	Bileleşmäniń agzalarynyń özbaşdaklygynyń hormatlanmagy, içerki işlerine beylekileriń goşulmazlygy, maliýe taýdan gysylmazlygy Peloponnes bileleşmesinin berkligini űpjűn edipdir. Ol 200 öweregi dowam edipdir.

Mowzuk: Attika biziň eramyzdan öň VIII-VI asyrlarda

Meýilnama:

 

	Gomerçilik döwründe bu ýerde birnäçe urug jemagatlary bolup, olar basileýler we ýaşulularyň maslahatlary tarapyndan dolandyrylypdyr. Ilat 4 taýpa, her taýpa 3 tirä, her tire hem onlarça uruglara bölünipdir.

	B.e.öň IX-VIII asyrlarda Attikada säherler we döwletiň ilkinji alamatlary peýda bolup başlapdyr. Hasylly jülgäniň merkezinde ýerleşen Afiny çalt ösüp ugrapdyr. Bu ýerde keramika önümçiligi üçin gowy hilli toýun bolupdyr.

	Afiny deňiz kenaryndan 5 km uzaklykda ýerleşip, Akropalda kuwwatly berkitmeleri bolupdyr. Afinynyň töweregine kä meýletin, käte güýç bilen beýleki Attikadaky şäherler we urug jemagatlary birleşdirilipdir. Attikanyň birleşdirilmegini Tezeý bilen baglanyşdyrýarlar. Döwletiň syýasy gurluşynda hem özgerişikler bolup geçýär. Taýpa baştutany basileý arhontlar bilen çalyşýar. Ilki bir arkont bolup, soňra olaryň sany dokuza ýetipdir. Iň köp häkimiýet I arkonta – eponime degişli bolupdyr.

II arhont – patyşa (basileý) bolup, ol ruhany wezipesini  ýerine ýetiripdir. III arhont – polemark bolsa goşuna we Afinynyň beýleki döwletler bilen aragatnaşyklaryna ýolbaşçylyk edipdir. Soňra alty * - besofetler kanunlary saklaýjylar bolup, dürli ýygnaklara başlyklyk edipdirler.
 
	Ýaşulularyň maslahaty areopaga öwrülipdir. Möhleti gutaran arkontlar areopaga geçipdirler.

	Afinyda agalyk ediji ýagdaýy eýeläp urug begzadalaryna ewpatridler diýipdirler. Olar köplenç arhont wezipesini eýeläpdirler.

	Biziň eramyzdan öň 621-nji ýylda Afinyda öňden hereket edýän kanunlar ilkinji gezek ýazga geçirilipdir. Bu işi amala aşyrmak arhont Drakonta tabşyrylypdyr. “şonuň üçinem oňa” Drakonyň kanunlary” diýipdirler. Kanunlar biziň günlerimize doly gelip ýetmändir. Bu kanunlara Drakont täze durmuş we ykdysady ýagdaýlary beýan edýän bir näçe düzgünleri hem girizipdir. Öňki gan almak hukugy ýatyrylypdyr. Kazyýet işiniň yäze düzgünleri girizilipdir. Bilkastlaýyn we bilkastlaýyn däl adam öldurmeleriň arasynda tapawut goýulupdyr. Drakonyň kanunlaryna görä jenaýatlaryň aglabasy üçin, adam öldürmek ýa-da gök önüm ogurlamak bolsun, tapawut goýmazdan ölüm jezasy girizilipdir. Plutarkyň berýän maglumatlaryna görä, Drakditdan näme üçin jenaýatlaryň köpüsüne ölüm jezasyny berendigini soranlarynda, ol ownuk jenaýatlaryň şoňa mynasypdygyny, iri jenaýatlar üçin bolsa ondan artyk jeza tapmandygyny aýdypdyr.

	Afinyda Drakonyň kanunlarynyň kabul edilmegi ewpatridleriň ezýän ýönekeý raýatlary üçin has möhüm bolupdyr. Sebäbi ewpatridler döwlet tarapyndan köneden gelýän düzgünleri öz bähbitleri üçin ulanypdyrlar.

	Ýöne ilatyň köpüsiniň ýagdaýy agyrlygyna galypdyr. Ýerleriň esasy bölegi ewpotridlere degişli bolupdyr.

	Aristoteliň berýän maglumatlaryna görä kärende tölegini töläp bilmedik we bergidar adamlar tä şolaryň özgerdişlerine çenli şahsy baknalykda bolupdyrlar.

	Şolaryň özgerdişleri afiny jemgyýetine hemme taraplaýyn: ykdysady we durmuş gatnaşyklaryna, harby işe we döwlet dolandyrylşyna täsir edipdir.

	Ykdysady babatda Solon Attikanyň aba-hojalygynda suw üpjünçiligini gowulandyrmak, zeýtun ösdürmekligi giňeltmek we zeýtun ýagyny daşary döwletlere satmak ýaly işlere üns beripdir.

	Solon hünärmentçiligi giňeltmäge, biderek çykdaýjylaryň edilmeginiň öňündi almaga (jaýlaýyş dessurlary sadakalar üçin çykdaýjylary azaltmaga) hem üns beripdir.

	Solon ýerden alýan girdejisine görä Afinynyň erkin ilatyny 4 bölege bölüpdir.

 

I-II topara girýänler atly goşunda, zewfgitler agyr ýaraglanan tyýada goşunda gulluk edipdirler. Fetleriň bolsa Halk ýygnagynda ses bermäge hukugy bolupdyr.

	Solon bergidarlygy we bergidarçylyk gulçulygyny ýtyrypdyr. Karz üçin göterimleri peseldipdir.
 
	Solonyň durmuş özgertmeleriniň ýene biri-de gösgöni mirasdaryň bolmadyk ýagdaýynda emlägiňi birine wesýet edip galdyrmaga rugsat berilmegidir. Öň şeýle ýagdaýda emläk we ýer urgugda galýan ekini Kanunda bellenen möçberinden artyk ýer edinmek hem gadagan edilýär.

	Öň goşun urug toparlary boýunça düzülen bolsa, indi jemgyýetiň 4 topara bölünişi esasynda düzülipgir. Solonyň döwründe Halk ýygnagy hem ähmiýetini güýçlendiripdir. Onda möhüm döwlet işleri çözülipdir. Solonyň özgerşlerini hem halk ýygnagynda hem tassyklapdyrlar. Halk ýygnagynyň işini has gowy guramak üçin solon her taýpadan 100 adam girýän 400 adamdan ybarat täze Maslahat döredipdir. 400 –leriň maslahaty halk ýygnagynda seredilmeli işleri taýýarlamaga baştutanlyk edipdir. Käbir dolandyryş işlerini alyp barypdyr.

	Täze döwlet organy “Gelieýeýa” dörwdilipdir. Ol ähli raýatlaryň arasyndan saýlanan kazylar topary bolup, wezipeli adamlaryň hasabatlaryny barlapdyr, raýatlaryň arasyndaky dawalary seljerilipdir. Ol iň demokratik gurama bolupdyr. Polisiň mali işlerine ýolbaşçylyk eder ýaly gaznaçylaryň, politleriň (döwlet emlägini kärendesine beripdirler), kollaketleriň (sadakalaryň maliýe wezipelerine gözegçilik edipdirler) wezipeleri we polisiýa wezipelerini ýerine ýetirýän 11 adamdan ybarat topar döredilipdir. Solonyň girizen syýasy täzelikleri döwlet dolandyrşyna halk köpgünlüginiň gatnaşmagyna mümkinçilik beripdir. Şeýle gurluşa demokratiýa diýipdirler. Solonyň özgerdijilik işi netijesinde Atinyda polis demokratiýasynyň esaslary goýulypdyr. Bu bolsa  nusgawy (klassyk) döwürde Atiýanyň  gülläp ösmegine  getiripdir.

Bularyň syýasy göreşi netijesinde  Pisitrat üstün çykyp, b.e. öň 560-njy  ýylda  özüni  tiran diýip  yglan edýär. Ol öz  düzgün ler ini  ila tyň  ähli  gatnaşyklarynyň  göwünden  turar ýaly  edip guramak  isläpdir.  Pisistrat  ekerançylygy we  hünärmentligi  ösdürmek  üçin  çäreler  gör ýär. Ol  gazna  üçin  hasylyň 10  göterimi  möçberinde  sal gyt hem  girizýär.  Gurluşyk  işlerini hem alyp  barýar. Akropolda  Afinanyň  ybadathanasy  gurulýar. zewsiň we Apallonyň  ybadathanala rynyň gurluşygyny  hem başlaýar. Agyz ybadathanalarynyň  gurluşygyny  hem başlaýar. Agyz  suwy  bilen Afinany  üpjün eder  ýaly  gurluşygyny  ösdürýär. Küýzegärleriň ýasaýan  ýeri bolan Keramikada  täze  ussahanalar  açylýar. Gara  şekilli  wazalar indi  has owadan gyzyl şekilli wazalar bilen çalyşýar.

Pisistrat  Panafineý we  Dionisiý baýramçylyklaryny  aýratyn dabara bilen  bellemegi  ýola  goýyar. Afiny, tiranlarynyň  daşary syýasaty üstünlikli bolupdyr. Olaryň  esasy  maksady bogazlara we ondan  aňry  Gara deňiz  kenarlaryna  barýan  esasy   ýerleri eýelemekbolupdyr.  Pisistrat Frakiýanyň  kenaryndaky  baý  magdan  känlerini,  Lemnos we  Imbros adalaryny, aziýa  kenarlarda Sideň  şäherini e ýeläpdir. Pisistratyň  garşydaşy, afinaly ewpatrid Miltiad Frakiýadaky Hersonesi eýeläp, bu ýerde afiny bähbitlerini öňe sürüpdir.

	Pisistrat Samsyň tiranlary, Fessaliýanyň begzadalary, Argos we Korint şäherleri bilen dostlukly gatnaşyklar saklapdyr. Pisistratyň we onuň  ogullarynyň döwründe Afinynyň üstünlikli daşary syýasaty ony grek dünýäsiniň halkara gatnaşyklarynda möhüm orun tutan güýçli polise öwrüpdir.

Pisistratyň ogullary Gippiý we Gippark biziň eramyzdan öň 527-nji ýylda häkimiýeti miras alyp, kakasynyň işini dowam edipdirler. Biziň eramyzdan öň 514-nji ýylda dildüwüşik netijesinde Gippark öldürilipdir. Gippiý bolsa düzgüni gazaplandyrypdyr. Şu döwürde Afinynyň daşary syýasaty hem ýaramazlaşypdyr. Eýran döwleti Kiçi Aziýadaky grek şäherlerini, Egeýdäki adalaryň bir bölegini basyp alypdyr. Afinylylar Frakiýadaky Hersonesden hem çykyp gitmeli bolupdyrlar. Daşary syýasatyň şowsuzlygyndan Alkmeonidler urugy peýdalanypdyr. Olar Delfy bilgijini we Sparta döwletini öz tarapyna çekip bilipdirler. Sporta patyşasy Kleomen uly goşun bilen Attika giripdir we akropoly gabapdyr. Gippiý boýun egipdir we Eýrana sürgünlige gidipdir. Biziň eramyzdan öň 510-njy ýylda Afinyda tiranlyk ýykylypdyr.

Ol Attikany administratiw taýdan 10 welaýata bölüpdir. Her welaýatda 3 etrap bolup, olaryň hem hersinde birnäçe dem (iň kiçi administratiw birlik) bolan, Welaýatlar bitewi bolan, olaryň ýerleri Attikanyň dürli ýerlerinde – bir etraby Afinyda, beýlekisideňiz ýakasynda, üçünji Attikanyň içerki böleginde bolandyr. Netijede taýpadyr – uruglar garym – gatym bolup gidipdir, urug gatnaşyklary ýok bolupdyr, we olar syýasy ähmiýetini ýitiripdir. Biziň eramyzdan öň VI asyrda Afiny köp ilatly iri şäher merkezine öwrülýär. Afinyda dürli hünärdäki we kärdäki adamlar bilen beýleki şäherlerden göçüp gelen metekler hem ýaşapdyrlar. Olaryň raýatlyk hukuklary bolmandyr.

	Biziň eramyzdan öň VI asyryň ahyrynda Afinyda ýer meselesi ýüze çykypdyr, öz ýerli daýhanlaryň sany artypdyr. Klisten afiny raýatlarynyň hataryna metekleri hem goşupdyr. Attikanyň ähli ýerlerini gaýtadan paýlamaga Klisten ýürek edip bilmändir. Ýöne başga çykalga tapylypdyr. Biziň eramyzdan öň 506-njy ýylda Afiny çozup gelen halkidalary derbi-dagan edipdir we Halkidanyň bir bölegini basyp alypdyr. Ol ýere 4000 sany garyp afinylyny göçürip eltipdirler. Olar zewgitleriňki ýaly girdeji alypdyrlar.

	Klisfen 400-leriň Naslakatyny ýatyryp, onuň ýerine täze 500-leriň Maslahatyny döredipdir. Oňa her welaýatdan 50 adam giripdir. Saýlawly wezipeleriň köpüsinde indi 10 adam bolupdyr. Täze wezipeler girizilipdir. Olara 10 apadektiň (maliýe wezipesi) we 10 strategiň (harby baştutanlar) wezipeleri degişlidir. 500-leriň Maslahatynyň mejlisi hemişelik bolupdyr. Ol Halk ýygnagy üçin işleri taýýarlapdyr we dolandyryş işleri bilen meşgullanypdyr.

	Areopagyň syýasy täsiri pese düşüpdir, ol kem-kemden kazyýet edarasyna öwrülmäge başlapdyr.

	Tertip – düzgüni goramak üçin, häkimýeti basyp almak howpuny salýan adamy  ýüze çykarmak ostrakizm girizilipdir. Halk ýygnagynda güýze döwüklerine howply hasaplanýan adamyň adyny ýzyp, ses beripdirler. Eger 6000 küýze döwüginde bir adamyň ady ýazylan bolsa, ony Afinydan 10 ýyllyk kowupdyrlar.

	Klisfeniň özgerdişleri Solonyň başlan işlerini tamamlapdyr. Attikada gulçulyk jemgyýeti we döwleti demokratik polis görnüşinde emele gelipdir.




#Total Article count: 409
#Total Word count: 197768